Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 1784
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
batyrmaga-da ýol bermeýärdi. Hany, sumat boluň hany şu ýerde!
-Hym-m…-diýip söze başlan Attikus Betnyşana tarap gözüniň gyýtagyny aýlady:-Ýörüň eýwana
gideliň, Gek. Ol ýerde näçe diýseň oturgyç bar, onsoňam entek daşary beýlebir çigreklije-de däl.
Näme üçin Attikus bizi myhman otagyna däl-de eýwana çagyrýarka? Hä, düşnükli, myhman
otagynyň çyralary öte ýiti.
Biz hümer bolup otagdan çykdyk-da, jenap Teýtiň yzyna eýerdik. Attikus oňa gapynyň agzynda
garaşyp durdy, ol ilki birinji çykmak isledi, emma soň pikirini üýtgetdimi nämemi, ony öňe goýberdi.
Şu adamlaryň endiklerine haýran galaýmaly – iň bir adatdan daşary täsin ýagdaýlarda-da özlerini
edil hiç zat bolmadyk ýaly alyp barýarlar. Görüp otursam meniň özümem şeýle ekenim.
-Ýörüň, jenap Artur,-diýip men oslagsyz dillendim:-Ýogsa birden siz biziň öýümizde azaşaýmaň.
Sebäbi siz ýoly gaty bir gowy bilýänem dälsiňiz. Häzir meniň özüm sizi eýwana ugradaýyn, jenap.
Ol maňa ýokardan aşak garady-da, baş atdy.
Men ony daşky otagdan alyp gitdim-de, myhman otagynyň deňesinden eýwana çykardym.
-Belki-de siz oturarsyňyz, jenap Artur? Bu hiňňildik kürsi oturmaga örän ynjalykly.
Birmahallar bu duşuşygy men hut şunuň ýaly edip göz öňüme-de getirýärdim, ine ol eýwanda
otyr…bu howanyň ajaýypdygyny, şeýlemi, jenap Artur?
Hawa, howa diýseň ajaýyp. Men edil alasarmyk düýşdäki ýaly hereketler bilen ony Attikusdan we
jenap Teýtden uzagrakda duran hiňňildik kürsä eltdim. Ol eýwanyň iň garaňky künjünde durdy. Şol
garaňkylykda Betnyşan has rahat oturar.
Attikus hiňňildikde oturdy, jenap Teýt onuň ýanyndaky kürsä geçdi. Olaryň üstüne myhman otagynyň
penjiresinden ýiti ýagtylyk düşýärdi. Men Betnyşanyň ýanynda oturdym.
-Ine onsoň, Gek,-diýip Attikus söze başlady:-meniň göwnüme bolmasa, ilkinji nobatda zerur…Eý
Hudaý-eý, men pikirlerimi hiç bir ýere çugdamlap bilmeýärin…-Attikus äýnegini maňlaýyna galdyrdyda, barmaklary bilen gözüniň üstünden basdy:-Jimiň heniz on üç ýaşy dolmadyk…ýa-da eýýäm
doldumyka…hiç ýadyma salyp bilmeýärin. Ýöne her niçik-de bolsa, bu iş bilen okrug kazyýeti
meşgullanar…
-Näme bilen meşgullanar, jenap Finç?-diýip jenap Teýt öz kürsüsinde biraz öňe ümzük atdy.
-Elbetde, öz-özünden düşnükli bolşy ýaly, bu arassa zerur goranyş, öz-özüňi goramak, ýöne barybir
maňa iş ýerime gidip, degişli maddany gaýtadan okap çykmak gerek…
-Jenap Finç, size näme bolýar-a? Näme siziň pikiriňizçe Bob Ýueli Jim öldürdimi? Näme size
şeýledir öýdýärsiňizmi?
-Gözlüjäniň näme aýdýandygyny siziň özüňiz eşitdiňiz ahyry, bu ýerde hiç hili şek-şübhe bolup
bilmez. Ol: “Jim kömege ýetişdi we öz üstünde Ýueli dartyp aýyrdy” diýip aýdýar…megerem, ol
tümlükde eýdip-beýdip Ýueliň elinden pyçagyny alandyr-da…ertir biz munuň anygyna ýeteris.
Jenap Teýt:
-Duruň, jenap Finç,-diýdi:-Bob Ýueli pyçak bilen düýbünden Jim urmady.
Attikus birsellem dymyp oturdy. Ol jenap Teýte edil onuň sözlerini terezide ölçäp görýän ýaly
dikanlap seretdi. Soňra kellesini ýaýkady.
-Bu siziň tarapyňyzdan örän oňat teklip, Gek, men hatda size düşünýänem, bu mahal siziň aňyňyz
däl-de rehimdar ýüregiňiz gepleýändir, ýöne şuňa meňzeş bir zatlar, bir zatlar oýlap tapmaga miltem
edäýmäň.
Jenap Teýt örboýuna galdy-da, germewiň ýanyna bardy. Aşakdaky nahallaryň arasyna tüýkürdi,
soňra ellerini jalbarynyň kiselerine sokdy-da, Attikusa tarap öwrüldi.
-Nämäni oýlap tapmaga?-diýip ol sorady.
-Meniň kesgitliligimi bagyşlaň,-diýip Attikus adaty äheňinde aýtdy:-ýöne men bu wakanyň üstüniň
bassyr-ýussur edilmegine ýol bermerin. Meniň üçin bu mümkin däl.
-Hiç kim hiç zady bassyr-ýussur etmekçi bolmaýar, jenap Finç.
Jenap Teýt parahat äheňde gepleýärdi, ýöne ol aýaklarynyň arasyny giň açyp, şeýlebir keçjallyk
bilen dim-dik bolup gönelip durdy welin, ol göwnüňe bolmasa, edil aýaklary bilen eýwanyň agaç
astyna gögeren ýalydy. Meniň kakam bilen şerifiň arasynda nähilidir birhili düşnüksiz ýekme-ýek
garpyşyk bolup geçýärdi.
Indi Attikusyň ýerinden turup, germewiň ýanyna barmak nobaty gelipdi. Ol: “ähhüm” etdi-de, howla
tüýkürdi. Ellerini jübüsine salyp jenap Teýte tarap öwrüldi.
-Siz muny daşyňyzdan aýtmadyňyz, Gek, ýöne men siziň näme pikir edýändigiňizi bilýärin. Munuň
üçinem size taňryýalkasyn, Jin Luiza…-diýip ol maňa tarap gaňryldy:-Sen öz üstüňde jenap Ýueli
Jim çekip aýyrdy diýýärsiňmi?
-Hawa, jenap, men şonda şeýledir öýdüp pikir etdim…men…
-Ine görýärsiňizmi, Gek? Size munuň üçin ullakan taňryýalkasyn, ýöne men öz oglumyň ynsaby
şunuň çökder agyr ýükli durmuşa gadam basmagyny islämok. Iň gowusy – ähli zady aç-açan etmek.
Goý adamlar hemme zady bolşy-bolşy ýaly bilsinler, goý kazyýet mejlisi hem geçirilsin. Men bütin
ömrüne onuň arkasyndan hyşy-wyşy etmeklerini hem-de kimidr biriniň ol barada: “Hä, bi Jim
Finçmi…Ony şol ýaramaz wakadan alyp çykmak üçin onuň kakajygy jübüsini çöwürmeli bolan bolsa
gerek” diýip bilmegini islemeýärin. Biz bu zatlar näçe bahym başymyzdan sowsak şonça-da oňat
bolar.
Jenap Teýt kakamyň aýdanlaryna jinnek ýalyjak-da myzaýyk etmän:
-Jenap Finç,-diýdi:-Bob Ýuel öz pyçagynyň ujuna gabat gelipdir. Ol öz-özüni pyçaklapdyr.
Attikus eýwanyň çetki burçuna süýşdi. Ol glisiniýa gülüniň şahasyna dikildi. Bäh, bularyň
kesirdiklerini diýsene, her haýsy hem özboluşly! Hany, olaryň haýsy biri ilkinji bolup ýan bererkä.
Attikusyň hötjetlig-ä birhili ümsüm hötjetlik, hiç haçan diýen ýaly onuň hatda keçjallyk edýändigini-de
aňşyryp bolmaýar, ýöne ol barybir käte-käte Kaningemlerden beterrägem kesire öwrüläýýär. Jenap
Teýt bolsa özüne beýle erk edip bilmeýär, alýar-da kejeňeklik gürzüsini garşydaşynyň depesinden
inderip goýberýär, ýöne ol hem meniň kakam ýaly tutanýerli.
Attikus, henizem bize arkasyny öwrüp duran ýerinden:
-Gek,-diýdi:-bu işi bassyr-ýussur etmek – diýmek Jim üçin meniň ony yhlas bilen taýynlaýan ýolumy
ýapmagy aňladýar. Käbir ýagdaýlarda meniň göwnüme bolmasa, belki men derde ýaramaýan kaka
ýaly bolup hem görünýändirin hem, ýöne olaryň menden başga hiç kimsi ýok. Kimdir birinden
görelde almazyndan öňürti, ilki bilen Jim maňa seredýär, şonuň üçinem men hemişe onuň göni
gözüne seredip bilerim ýaly ýaşamaga çalyşýan…Ýöne eger-de, men şeýle bassyr-ýussurlyga,
ejizlige ýol bersem, men şondan soň öňküm ýaly onuň göni gözüne garap bilmerin, şol pursatdan
başlabam men ony ýitirerin. Meniň bolsa ony we Gözlüjäni ýitiresim gelmeýär, sebäbi olardan başga
meniň hiç zadym ýok. Barja zadym diňe şolar.
-Jenap Finç,-diýende jenap Teýt henizem şol bir durşy bilen aýaklarynyň arasyny giň açyp, edil
aýaklary bilen eýwanyň agaç astyna gögeren ýaly bolup durdy:-Bob Ýuel ýykylypdyr we öz
pyçagynyň ujuna gabat gelipdir. Men muny subudam edip biljek.
Attikus hyrra yzyna aýlandy-da, ellerini jübüsine has çuňrak sokdy.
-Gek, siz heý maňa düşünip bilmeýärsiňizmi? Siziň özüňizde-de çaga bar, ýone men sizden uly
ahyry. Haçan-da çagalarym ulalandan soňra men eýýäm gojalyp giderin, eger-de aslyýetinde şol
günlere çenli ýaşym ýetse, ýöne häzir welin, men…eger-de olar maňa ynanmaklaryny bes etseler,
olar soň düýbünden hiç kime ynanyp bilmezler. Jim bilen Gözlüje ähli zadyň hakykatda nähili
bolandygyny bilýärler. Eger-de olar meniň hemmelere bolan zatlaryň başgaça bolandygyny aýdyp
ýörendigimi eşitseler…men olary hemişelik ýitirerin, Gek. Düşüniň ahyry, men öýümd-ä birhili adam
köpçülikde-de başga hili adam bolup bilemok.
Jenap Teýt daraklygyna galdy-da, ýene-de öňki kaddyna gaýdyp gelip, sabyrlylyk bilen aýtdy:
-Ol Jimi ýere oklap goýberipdir, soňra oňa garşy topulmakçy bolanda-da dub agajynyň ýerden çykyp
duran köküne büdräpdir, ine serediň, men size görkezeýin.
Jenap Teýt gapdal jübüsinden uzyn eplenýän pyçagy çykardy. Şol pursadam eýwana lukman
Reýnolds çykdy.
-Ol köpeý ogl…merhum şol dub agajynyň aşagyndadyr, lukman, siz mekdebiň howlusyna giren
dessiňize görersiňiz,-diýip jenap Teýt oňa habar berdi:-Siziň elçyraňyz barmy? Ine, gowusy
meniňkini alyň.
-Men mekdebiň howlusyna ulagym bilen baryp, onuň çyralaryny-da ýakyp bilerdim,-diýse-de lukman
Reýnolds barybir jenap Teýtden elçyrasyny aldy:-Jimiň ýagdaýy oňat. Irdene çenli, ol oýanmazmyka
diýip pikir edýärin, şonuň üçinem siz ynjalykdan gaçmaň. Bu şonuň öldürilen pyçagymy, Gek?
-Ýok, jenap, ol pyçak onuň özünde somalyp dur. Ol pyçagyň sapyndan çen tutsaň-a ol adaty aş
pyçagy bolmaly. Ken, özüniň itleri bilen, eýýäm şol ýerde bolsa gerek, lukman, şonuň üçinem ýenede görüşýänçäk.
Jenap Teýt duýdansyz pyçagy tygyny çykardy.
-Ine nähili bolan bolmaly,-diýip ol büdreýän kişi boldy, soňra aşak egildi, onuň pyçakly çep öňe,
ondanam aşaklygyna dartyldy:-Ine şeýle, görýärsiňizmi? Onuň özi pyçagyny özüniň gapyrgalarynyň
arasyndan sokupdyr. Soňra bolsa onuň üstüne özüniň ähli agramy bilen ýykylyp sapyna çenli
gidiripdir.
Jenap Teýt pyçagyň tygyny epledi-de, ony kisesine saldy.
Ol:
-Gözlüjäniň ýaňy sekiz ýaşy doldy,-diýdi:-Özem ol gaty gorkan bolmaly, nämeleriň bolup
geçýändigine-de doly düşünen däldir.
-Siz entek onuň nähilidigini bilmeýärsiňiz,-diýip Attikus tutuksy hüňürdedi.
-Men ol ähli zady toslap tapypdyr, özünden düzüpdir diýmeýärin, men diňe ol gaty gorkupdyr we
daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýändigine anyk düşünip bilmändir diýýärin. Onsoňam şol
wagtky tümlükde hiç zat saýgarar ýaly däl. Bu ýerde bolsa şaýat hökmünde diňe tümlüge endik eden
we garaňkylykda pişik ýaly görüp bilýän adam çykyş edip biler…
-Men muňa ýol bermen,-diýip Attikus pessaý pyşyrdady.
-Wah, al kakmyş-a, diýmäýin diýsem, men Jimiň aladasyny edemok-how!
Jenap Teýt aýagyny şeýlebir bat bilen ýere urdy welin, hanym Modiniň ýatýat otagynyň çyrasy
ýanaýdy. Soň hanym Stiweni Krouforduň çyrasy hem ýandy. Attikus bilen jenap Teýt ilki ýoluň
aňyrsyna, soňra biri-birine seredişdiler. Dymyşdylar.
Soňra jenap Teýt pessaýdan-pessaý pyşyrdap ugrady:
-Jenap Finç, maňa siziň bilen jedelleşmek juda ýaramaýar, hasam siz şunuň ýaly ýagdaýdakaňyz.
Şu gijeki ýaly wakany başyňdan geçirmegi hiç kese Hudaý görkezmesin. Men hatda siziň nädip
henizem aýak üstünde gezip ýörendigiňize-de haýran. Ýöne men bir zady welin anyk bilýärin, ine
şunuň ýaly ýagdaý dörändigi seäplimi nämemi siz iň bir ýönekeýje zatlara-da göz ýetirip
bilmeýärsiňiz, emma welin biziň wagtymyz ýok, biz şu zatlary bilen hut şu gün, hut şu pursat
gutarnykly anyklaşdyrmaly, çünki ertir eýýäm giç bolar. Şonuň üçinem men diňe bir zady bilýärin:
Bob Ýuel öz pyçagynyň üstüne ýykylypdyr.
Onsoň jenap Teýt Attikusyň Jim ýaly boýly hem beden gurluşly oglanjygyň, üstesine-de eli döwükkä,
şonuň ýaly gözedürtme tümlükde, ullakan erkek kişiniň hötdesinden gelip, ony öldürmäge güýjüniň
ýetjekdigini bihuda ýere aýdýandygyny aýtdy.
-Gek,-diýip Attikus birdenkä onuň sözüni böldi:-bu sizdäki tygy eplenýän pyçak näme? Siz ony
nireden aldyňyz?
-Bir lül-gammar serhoşyň elinden aldym,-diýip jenap Teýt sowukganlylyk bilen jogap gaýtardy.
Men bar güýjüm ýadyma salmaga çytraşdym. Jenap Ýuel meniň üstüme topuldy, soň
ýykyldy…megerem, her niçik-de bolsa şonda Jim maňa kömege gelip ýetişendir. Iň bolmanda şol
pursed-a men hut şeýle pikir edipdim…
-Gek?
-Men aýtdym ahyry, men bu pyçagy şu gün, şäheriň içinde entäp ýören bir lül-gammar serhoşyň
elinden gaňryp aldym. Ol aş pyçagyny bolsa, Ýuel megerem, zibilhananyň niresindendir bir ýerinden
gözläp tapandyr. Ony mazaly ýiteldibem amatly ýagdaýy peýläp ýörendir…hawa, hawa, hut şeýle
bolmaly, amadyny peýläp ýören bolmaly.
Attikus haýallyk bilen hiňňildige dolandy-da oturdy. Onuň elleri ysgynsyzlyk bilen dyzlarynyň
arasynda sallandylar. Ol başyny aşak salyp, ýere seretdi. Ol şol gije, türmäniň gapysynyň öňünde-de
ine şunuň ýaly haýaljakdan hereket edipdi, şonda meniň göwnüme bolmasa ol tutuş bir müdimilige
barabar wagtlap gazetini epleýän ýaly bolup görnüpdi.
Jenap Teýt tagaşyksyz ümsümlik bilen eýwanda gezmeleýärdi.
-Onsoňam muny siz çözmeýärsiňiz, jenap Finç, men çözýärin. Men çözýärinem, jogabam berýärin.
Nätjek, şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykypdyr-da, siz meniň bilen ylalaşmaýan bolsaňyzam, barybir bu
ýerde hiç zat edip bilmersiňiz. Eger-de nämedir bir zatlar etjek bolup synanyşaýsaňyzam, men siz
ýalan sözleýärsiňiz diýip siziň ýüzüňize aýdaryn – ine-de bar bolany. Siziň Jimiňiz Bob Ýueli pyçak
bilen urmagy kellesine-de getirmändir, ol taýda hatda şoňa meňzeş hereketem bolmandyr, şuny hem
bilip goýaýyň. Jim diňe öz uýajygy bilen sag-aman öýlerine gowuşmak isläpdir.
Şu ýerde jenap Teýt eýläk-beýläk gatnamagyny bes etdi-de, Attikusyň öňünde, bize tarap arkasyny
öwrüp saklandy.
-Men bilýän, men beýlebir gowy adam däl, jenap, ýöne men Meykomb okrugynyň şerifi. Men bu
şäherde ömürboýy ýaşap ýörün, meniň bolsa bahym kyrk üç ýaşym dolýar. Men bu şäherde bütin
ömrüme näme bolan bolsa, hatda özüm dogulmazymdan öň bolup geçen wakalary-da ýekän-ýekän
bilýärin. Ýakynda, biziň şäherimizde hiç bir sebäpsiz ýerden bir garaýagyz wepat boldy, onuň şeýle
bolmagyna günäkär adam hem ýogaldy. Şonuň üçinem, goý şu gezek, ölüler ölüleri jaýlasynlar-la,
jenap Finç. Goý, ölüler ölüleri jaýlasynlar.
Jenap Teýt hiňňildige tarap ätdi-de özüniň sypal başgabyny aldy. Ol Attikusyň gapdalynda ýatyrdy.
Jenap Teýt alyn saçlaryny yzyna gaňtardy-da sypal başgabyny geýdi.
-Men hiç haçan, şunuň, ýagny jenaýatyň amala aşyrylmazlygy üçin ynsanyň güýjüniň ýetýän ähli
zadyny etmegiň kanuna garşydygy barada hiç zat eşitmedim, ol bolsa hut şeýle-de hereket etdi.
Belki-de siz, bu barada dymman ähli zady tutuş şähere gürrüň bermek meniň borjum diýersiňiz. A
siz bilýärsiňizmi şonda nämeler bolar? Biziň ähli asylly hanymlarymyz, olar Meýkombda näçe
bolsalar-da olaryň hemmesi, şol sanda meniň aýalym hem onuň öýüne girjek bolup süsdürilip
başlarlar, özleriniň ajaýyp kökeleridir-dürli-dümenleri bilen onuň üstüni gömerler. Men şeýle
düşünýän, jenap Finç, adam size hem-de bütin şähere örän beýik hyzmat edip berdi, onsoň ony, ine
şeýle ýygra ýuwaşjany, alaga-da hemmeleriň öňüne sereşlemek üçin süýräp çykarmak, meniň
pikirimç-ä günä bolýar. Bu günä, menem şol ýazygyň öz wyždanymyň üstüne labyryny atmagyny
islemeýärin. Eger-de ondan başga kim bolsa bolaýsyn – men başgaça hereket ederdim. Ýöne bu
adam bilen welin, beýle etmek düýbünden bolmaýar, jenap Finç.
Jenap Teýt biziň eýwanyň agaç astyny köwşüniň ökjesi bilen deşjek bolup yhlas baryny siňdirýärdi.
Şol bolup durşuna-da ol öz burnundan çekişdirip gördi.
-Belki-de meniň baham gara şaýydyr, jenap Finç, ýöne häzirlikçe men Meýkomb okrugynyň şerifi,
Bob Ýuel bolsa ýykylyp, öz pyçagy onuň özüne sünjüldi. Gijäňiz rahat bolsun, jenap!
Jenap Teýt eýwanymyzy tarpyldap kesip geçdi-de, howlymyzdan çykdy. Ulagyň gapysy açylypýapyldy. Ol gitdi.
Attikus ýene-de ep-esli wagtlap öz aýaklarynyň astyna seredip otyrdy. Ahyrsoňy ol başyny göterdide:
-Gözlüje,-diýdi:-jenap Ýuel büdredi hem-de öz pyçagy onuň özüne sünjüldi. Sen şuňa düşünýärsiňmi?
Attikusyň ýüz-keşbi şeýlebir birhilidi welin, men bada-bat düşündim, oňa biraz göwünlik bermelidi.
Men onuň ýanyna ylgap bardym-da, ony bar güýjüm bilen gujaklap, ogşadym.
-Elbetde, elbetde, düşünýän,-diýip men ony köşeşdirdim:-Jenap Teýt ähli zady dogry aýtdy.
Attikus meniň gujagymdan sypdy-da, gözlerime garady.
-Sen munuň bilen näme diýmekçi bolýarsyň?
-Neme-le…bu bar-a edil bilbili öldürmek ýaly bir zat-da, dogry dälmi?
Attikus ýaňagyny meniň kelläme süýkedi. Soňra ýerinden turdy-da, tutuş eýwanymyzy kesip geçip,
eýwanyň garaňky künjegine ýöneldi, ýöräp barýarka-da onuň gadam urşy ýene-de juwan hem ýeňil
bolup göründi. Ol ilkibada öýe girmekçi boldy, emma birdenkä Betnyşan Redliniň öňünde sägindi-de:
-Meniň çagalarym üçin size taňryýalkasyn, Artur,-diýdi.
xxxxx
Betnyşan Redli aýaklaryny süýräp alyp, haýaljakdan dikeldi, myhman otagynyň penjiresinden
düşýän ýagtylyk onuň maňlaýynda ýyldyrady. Ol birhili, edil eli ýa-da aýagy bilen başga bir zatlara
degerin öýdüp gorkýan ýaly, ynamsyz hem gowuşgynsyz hereket edýärdi. Ol jübüsini barlady-da,
elýaglygyny çykardy. Ony agzyna tutup üsgürdi, soňra maňlaýyny süpürdi.
Men onuň hiç ýerde görünmezligine şeýlebir öwrenişipdim, ol bolsa, hälden bäri meniň
gapdaljygymda otyrdy – ynanar ýaly hem däl. Hatda ýekeje sapar gymyldamady hem.
Ine-de ol aýaga galdy. Maňa tarap öwrüldi-de, gapa garşy baş atdy.
-Siz Jim bilen hoşlaşmak isleýärsiňizmi, hawamy, jenap Artur? Ýörüň.
Men ony daşky otagdan alyp geçdim. Jimiň düşeginiň ýanynda Aleksandra ejem oturan ekeni. Ol:
-Giriberiň, Artur,-diýdi:-Ol henizem ýatyr. Lukman Reýnolds oňa örän güýçli uky dermanyny berdi.
Kakaň myhman otagyndamy, Jin Luiza?
-Hawa, hanym, megerem, şol ýerdedir.
-Gideýin-de oňa bir zat aýdyp gaýdaýyn. Lukman Reýnolds käbir zatlary goýup gitdi…-ejekemiň sesi
dälizde uzaklaşyp ýitip gitdi.
Betnyşan ýene-de künjege ýöneldi, ol ýere baryp durdy-da, boýnuny süýndürip, hol uzakdan Jimiň
ýüz-keşbini synlamaga çytraşdy. Men onuň elinden tutdum, geň galaýmaly, onuň eliniň akdygyny,
özem mylaýymja gyzgyn. Men ony ýuwaşjadan çekip ugradym, ol aýak diräp durmady welin, men
ony Jimiň ýatyş sekisiniň gapdalyna getirdim.
Lukman Reýnolds Jimiň eliniň üstünde bassyrma çalymdaş bir zat gurnapdyr, megerem onuň ýaraly
eline ýorganyň degmezligi üçin bolsa gerek. Betnyşan egildi-de, şol bassyrmajygyň üstaşyr garady.
Onuň ýüzi hem şol pursat bilesigelijilikden hem wehimden şeýlebir dolup durdy welin, ol edil dogupdöräli bäri diri oglanjygy görmedik ýalydy. Ol hatda agzyny-da öweldip galyşyna, Jim dabanyndan
depesine çenli birlaý synlaýardy. Soň ol elini galdyrdy-da, dessine-de aşak goýberdi.
-Siz ony sypalabam bilersiňiz, jenap Artur, ol uklap ýatyr. Ine eger-de ol uklap ýatmadyk bolsady,
onda hiç haçanam maý bermezdi,-diýip men özümem bilemok, näme üçin Betnyşana düşündirdim:Siz gorkmaň ahyry!
Onuň eli ikirjiňlenip Jimiň kellesiniň ýokary ýanynda doňup galdy.
-Bu hiç-le, jenap, gorkmaň, ol ýatyr.
Betnyşan emaý bilen Jimiň başyny sypady.
Men eýýäm oňa hiç hili sözsüz düşünip ugrapdym. Beýleki eli bilen ol meniň elimi berkräk gysdy-da
baş atdy, diýmek gidesi gelýär. Men ony eýwana çykardym, ol öňküsi ýaly gowuşgynsyz ýöreýärdi,
bärde bolsa düýpgöter togtady. Şol durşuna ol entegem meniň elimi goýbermeýärdi.
-Sen meni öýmüze äkidersiňmi?
Ol şeýlebir ýuwaş gepleýärdi, edil pyşyrdaýan ýaly, edil garaňkylykdan gorkýan körpeje ýaly.
Men birbada bökjekläp basgançakdan düşübem ugradym, ýöne ilkinji basgançakda saklandym.
Biziň öýümiziň içinde men ony isledigiçe elinden tutup idip bilerin, ýöne köçe-de welin, bolaýmaz!
-Jenap Artur, hany eliňizi epiň, ine şeýle. Ine indi oňat boldy, jenap.
Men onuň tirseginden elimi geçirdim.
Maňa ynjalyklyrak bolar ýaly ol birneme egilmeli boldy, ýöne eger-de hanym Stiweni Krouford
penjiresinden yşyklap duran bolsa, onda ol, goý görsün, Artur Redli meni ýoluň ugry bilen edil
hakyky asylly erkek kişi kimin alyp barýar.
Biz köçäniň burçundaky çyra sütüniniň deňesine ýetdik. Gör näçe gezek Dill şu ýerde çyra sütüni
bilen gujaklaşyp durupdy, garawullapdy, garaşypdy hem-de umyt edipdi. Gör näçe sapar, Jim ikimiz
şu ýol bilen geçipdik, ýöne köçeden Redlileriň howlusyna welin men ömrümde ikinji gezek girip
görýärdim. Biz Betnyşan bilen eýwanyň basgançagyndan ýokaryk galdyk. Ol gapynyň tutawajyny
sermeläp tapdy. Ýuwaşjadan meniň elimi goýberdi-de, öýe girip, yzyndan gapyny ýapdy. Şondan
soň men ony hiç haçan görmedim.
Eger-de siziň öýüňizde kimdir biri aradan çyksa goňşularyňyz size iýer ýaly hödür-kerem getirýär,
eger-de kimdir biri kesellese, gül getirýärler, kämahal bolsa hiç bir sebäpsiz size nämedir bir zat
sowgat berýärler. Betnyşanam biziň goňşymyzdy. Ol bize sabyndan ýasalan iki sany gurjajyk,
zynjyrlyja döwük sagat, şowlulyk üçin iki penni şaýy sowgat berdi, ýene-de ol bize biziň janymyzy
peşgeş berdi. Ynsanlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem bir ýazylmadyk, ata-baba
dowam edip gelýän dessury bar: goňşularyň sowgadyna sowgat, hödürine süýjülik, hormatyna sarpa,
hyzmatyna hyzmat, ýakymyna mylaýymlyk bilen jogap bermeli. Biz bolsa şol jadyly köwekden diňe
alýardyk, ýekeje saparam ol ýere hiç zat goýmadyk, biz oňa hiç zat sowgat bermedik, ine şu hem öte
gussaly.
Men yzyma öwrüldim-de, öýmüze tarap gaýtmak isledim. Biziň köçämiz, hol allaowarra, şäheriň
merkezine çenli uzalyp gidýärdi, onuň tutuş boýunda-da çyralar gyrpyldaşýardylar. Men öz ýaşaýan
toplumymyzy şu tarapdan ilkinji gezek synlap görýärdim. Ine hanym Modiniň öýi, ine hanym
Stiweniňki, ine bu bolsa biziňki, hanha biziň eýwanymyzdaky hiňňildik, ol jaýlaryň aňyrsynda bolsa
hanym Reýçeliň jaýy oňat görünýär. Men hatda onuň daşky şekilini hem saýgaryp bildim.
Men yzyma gaňryldym. Işigiň çep tarapynda gabsalary ýapyk penjire bardy. Men ol ýere bardym-da,
penjiräniň öňünde durup, daş-töweregi synlap ugradym. Gündiz, megerem, bu penjireden poçtanyň
ýerleşýän künji görünýän bolsa gerek.
Gündiz…Birdenkä meniň göz öňüme geldi – çar-töwerek ýap-ýagty. Daşarda gündizlik, hemme
goňşular hem öz işleri bilen gümra. Hanym Stiweni soňky täzelikleri paýlaşmak üçin hanym Reýçeliň
ýanyna garşy, dazyrdyklap köçäni kesip barýar. Hanym Modi howlusynda öz söýgüli gülleriniň
üstüne eglip dur. Tomus, iki sany çaga bökjekläp pyýada ýodasy bilen ylgaşyp barýarlar, ep-esli
daşlykdan bolsa olara garşy bir adam ýöräp gelýär. Ol elini galgadýar, çagalar biri-biri bilen ýaryşyp,
oňa tarap at salýarlar.
Henizem tomus, şol iki çaga has ýakynraga gelýärler. Oglanjyk ýüzüni sallap, yzyndan çeňňegiň
sapyny süýräp, pyýada ýodasy bilen mytdyldap barýar. Kakasy bolsa ellerini bykynyna diräp garaşyp
dur. Tomus, ýaňky çagalar öz dostlary bilen howlularyndaky baglykda nähilidir bir täze, düşnüksiz
oýny oýlap tapyp, oýnamak bilen başagaý.
Güýz, şol iki sany çaga hanym Dýubozyň jaýynyň öňünde, pyýada ýodasynda gyzyl-gyran bolşup
uruşýarlar. Oglanjyk gyz jigisine ýerinden turmaga kömek edýär-de, olaryň ikisi hem öýlerine
gaýdýarlar. Güýz, ýaňky iki çaga mekdebe howlugýarlar, köçäniň burçundan aýlanyp gözden
ýitýärler, soňra öýlerine dolanyp gelýärler, olaryň ýüzlerinden olar üçin bu günüň begençli ýa-da
gaýgyly bolandygy mese-mälim bildirip dur. Olar wirgin dubynyň öňünde säginýärler, olaryň
ýüzlerinde-de haýran galmak, begenç hem gorky.
Gyş, onuň çagalary derwezäniň agzynda, ýanyp duran jaýyň ýalkymyna hüýt-gara bolşup, sowukdan
ýaňa titreşip durlar. Gyş, adam köçä çykýar-da, äýnegini gaçyrýar, soňam iti atýar.
Tomus, ol öz çagalarynyň ýürekleriniň para-para bolýandygyny görýär. Ýene-de güýz, indi
Betnyşanyň çagalaryna onuň kömegi gerek, olary halas etmeseň bir näkes olary ýok etmekçi bolýar.
Attikus dogry aýdýar. Bir gezek ol: “adama diňe haçan-da onuň hamyna girip, onda birsalym
gezeniňden soň hakykatdan hem düşünip, oňa akyl ýetirip bolýar” diýipdi. Men bolsa Redlileriň diňe
penjiresiniň öňünde az-owlak durup gördüm, ýöne şu hem meniň üçin ýeterlik boldy.
Ysgynsyz ýagyş çisňäp başlady welin, köçe çyralarynyň ýagtysy edil ümür-dumana beslenen dek
buýr-bulaşyk bolup galaýdy. Men öýe barýaryn, özümem özümiň biçak garrydygymy duýýaryn,
soňra gözümi çaşardýan-da öz burnumyň ujuna seredýärin, onuň üstünde ýagyş damjajyklary bar,
soň bolsa meniň başym aýlanyp başlaýar welin, men gözümi çaşardmagymy bes edýärin. Men
öýmüze barýaryn, özümem: “Jime gürrüň berere birneme zad-a bar” diýip pikir edýärin. Munuň ýaly
gyzykly ähli zatlardan galyp aňňalak gapanyna baý, gahary geler-ow, megerem meniň bilen tutuş bir
hepdeläp dagy gepleşmese gerek. Men öýmüze barýaryn, özümem: “Jim ikimiz ýene-de ulalarys,
ýöne indi biz bu başymyzdan geçiren wakalarymyzdan soň juda az zatlary öwrenmeli bolaýmasak,
diňe şu algebrany diýäýmeseň” diýip oýlanýaryn.
Men eýwanymyza ylgap çykdym-da, içerik girdim. Aleksandra ejem eýýäm ýatypdyr, Attikusyň otagy
hem garaňky. Belki-de Jim eýýäm özüne gelendir? Jimiň düşeginiň ýanynda Attikus otyrdy. Ol
haýsydyr bir kitaby okaýardy.
-Näme Jim entek oýanmadymy?
-Gaty mäkäm ýatyr. Ol ertire çenli oýanmaz.
-Hä-ä. Senem onuň ýanynda oturarsyňmy?
-Bir sagatjyk oturaýaýyn diýdim. Bar, Gözlüjäm, git-de ýat. Bu gün seniň üçin örän kyn gün boldy.
-Menem birazajyk seniň bilen oturaýsammykam?!
Attikus:
-Gaýrat edeweri,-diýdi.
Megerem eýýäm ýarygijeden geçen bolmalydy, geň galaýmaly, ol nähili çalt razylyk berd-ä. Dogrusy,
ol maňa garanyňda öňden görüji ekeni, men aşak oturan dessime gözlerim öz-özünden ýumlup
başlady.
-Sen näme okaýarsyň?-diýip men soradym.
Attikus kitabyň daşyna seretdi.
-Bu Jimiň kitaby. “Çal albassy”.
Meniň ukym zym-zyýat boldy.
-Sen näme üçin ony aldyň?
-Özümem bilemok, körpeje. Ýöne elime ileni şu bolaýmasa. Dogrusy men öň munuň ýaly zatlary
okabam görmeýärdim,-diýip Attikus maňa jikme-jik jogap berdi.
-Ony daşyňdan okap beräýsene. Ol öte gorkunç.
Attikus:
-Gerek däl,-diýdi:-Häzirlikçe sen gorkma keýpinden çykan bolsaň gerek. Bu öte…
-Attikus, men birjigem gorkmadym ahyry.
Ol gaşlaryny gerdi.
-Hawa, men elbetde gorkdum, ýöne diňe haçan-da ähli zat barada jenap Teýte gürrüň berip
başlanymda. Jimem gorkan däl bolmaly. Sen ondan sora, onuň özem saňa şeýle diýip aýdar.
Onsoňam hakyky gorkunçlyk diňe kitaplarda bolýar ahyry.
Attikus nämedir bir zat aýtmak isläp agzyny açdy, emma ýene-de ýapdy. Kitabyň birinji sahypasyny
täzeden açdy. Men onuň golaýragyna süýşüp, kellämi dyzyna goýdum.
Attikus:
-Ühümm,-etdi-de okap ugrady:-Sekeýteri Houkins. “Çal albassy”. Birinji bap…
Men öz-özüme uklamazlyk hakynda buýruk berdim, ýöne penjiräniň aňyrsyndaky ýagyş şeýlebir
asuda şybyrdaýardy, otag bolsa şeýlebir ýylydy, Attikusyň sesi bolsa şeýlebir ümsüm hüwdüleýärdi,
onuň aýagy bolsa şeýlebir ýumşakdy welin, men nädip uklandygymy hem duýman galdym.
Göwnüme bolmasa, göz açyp-ýumasy salymdan kän wagt geçmedik ýaly boldy welin, ol daraklygy
bilen meniň böwrüme çalaja hürsekledi. Meni aýak üstüne galdyrdy-da, öz otagyma alyp gitdi.
-Men hemmeje-hemmeje zady eşitdim,-diýip men hümürdedim:-Özümem birjigem uklamadym…Bu
kitap gämi hakda, onsoňam Üçbarmakly Fred hakda, onsoňam şol oglanjyk Stouner hakda…
Attikus meniň egnimdäki ýörite geýmiň egnaşyr kemerini sypdyrdy. Ol bir eli bilen meni saklaýardy,
beýleki eli bilen bolsa meniň ýatanymda geýýän eşigime ýetmekçi bolýardy.
-Hawa, hawa, olaryň hemmesi şol olaryň öýlerinde ähli zady agdar-düňder edýändir, syýalary
döküşdirýändir öýdýärdiler…
Ol meni ýatyş sekisiniň ýanyna eltdi-de oturtdy. Aýaklarymy galdyrdy-da, ýorganyň aşagyna saldy.
-Şonuň üçinem olar ony tutmak islediler, ýöne hiç tutup bilmediler, sebäbi onuň nähilidigini
bilmeýärdiler, onsoňam bilýäňmi, Attikus, ahyrsoňunda olaryň barysy düşündiler, görüp otursalar ol
ýaňky bezzatlyklaryň hiç birini-de etmändir eken-ä…Attikus, ol hakykatdan hem gowy…
Ol meni eňegime çenli ýorgan bilen örtdi-de, daş-töweregime ýorganyň çetlerini gysdyryşdyryp
çykdy.
-Hemme adamlar diýen ýaly oňat, Gözlüjäm, haçanam bolsa, ahyrsoňy olara düşünseň.
Ol çyrany öçürdi-de, Jimiň ýanyna gitdi. Ol şol ýerde uzakly gijäni çirim etmän oturar, irden Jim
oýananda-da şol ýerde bolar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.