Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 1993
29.9 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Şerif,-diýdi:-siz ol mazaly ýenjilen ekeni diýýärsiňiz. Anyk nähili ýenjilipdir.
-Ýeri-i...
-Gek, siz diňe onda urulmagyň nähili yzlaryny görendigiňizi suratlandyryp beräýiň.
-Ýüzi gök-alady. Elinde, tirseginden ýokarrakda gök yzlary bardy, äý onsoňam şol pille ýaňy ýarym
sagat geçipdi ahyry...
-Siz nireden bilýärsiňiz?
Jenap Teýt gülümsiredi.
-Bagyşlaň, men bu ýerde olaryň sözlerini gaýtaladym. Ýöne her niçik-de bolsa ol mazalyja ýenjilen
ekeni, sebäbi haçan-da men ol ýere baranymda onuň gözüniň aşagynyň ep-esli ýeri gögerip durdy.
-Haýsy gözüniň aşagy?
Jenap Teýt gyrpdy-da, iki eli bilen saçyny sypaşdyrdy.
-Hany ýatlajak bolaýyn bakaly,-diýip ol pessaý aýtdy-da, Attikusa: „nähili biderek zatlar barada
soraşdyrýar-a“ diýýän ýaly seretdi.
Attikus:
-Belki ýadyňa salarsyňyz?-diýdi.
Jenap Teýt göni gabat-garşysynda duran göze görünmeýän kimdir birine barmagyny çommaltdy-da:
-Çep gözi-diýdi.
Attikus:
-Ýekeje pursat, şerif,-diýdi:-Çep gözi – eger-de ol siziň öňüňizde duran bolsamy ýa-da ol siziň
seredýän tarapyňyza seredýän bolsamy?
Jenap Teýt:
-Hä, hawa, dogry,-diýdi:-has takygy sag gözi bolmaly. Onuň sag gözüne urlan ekeni, jenap Finç. Indi
meniň ýadyma düşjek bolýar, onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy sypjyryklardan doludy
we çişendi...
Jenap Teýt birdenkä nämedir bir zada düşünen ýaly gözlerini çalt-çaltdan gyrpyp başlady. Öwrüldide Tom Robinsona tarap dikanlady. Tom Robinsonam edil onuň nazary duýan ýaly başyny galdyrdy.
Megerem, Attikusam nämedir bir zada düşünen bolara çemeli, ol bat bilen ýerinden galdy.
-Şerif, haýyş edýän, öz sözleriňizi ýene-de bir gezek gaýtalaň.
-Men onuň sag gözüne urlupdyr diýip aýtdym.
-Ýok, ony däl...
-Attikus kätibiň ýanyna bardy-da onuň eliniň kagyzyň ýüzünde neneňsi çalt hereket edişine seredip
ugrady. Kätip togtady-da, mejlisiň beýany ýazylan ýandepderçesiniň sahypalaryny agdaryşdyryp,
okady:
-„Jenap Finç, indi meniň ýadyma düşjek bolýar, onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy
sypjyryklardan doludy we çişendi“.
Attikus göneldi-de jenap Teýte garady.
-Gek, haýyş edýän, ýene-de bir gezek gaýtalaň, haýsy tarapy?
-Sag tarapy, jenap Finç, ýöne onuň başga-da gögeren ýerleri bardy, olar barada-da aýtmalymy?
Megerem, Attikus, eýýäm başga sowal bermekçi bolan bolara çemeli, emma ol pikirini üýtgedip:
-Hawa, onuň ýene-de nähili gögeren ýerleri bardy?-diýdi. Jenap Teýt jogap berýänçe-de Attikus: „Bu
nähili oslagsyz täzelik boldy-a?“ diýmek isleýän ýaly Tom Robinsona tarap öwrüldi.
-...elleri gök-ala hem sypjyryk-sypjyrykdy, ol maňa boýnuny hem görkezdi. Onuň bokurdagynda
barmak yzlary edil tagma basylan ýaly bolup galaýypdyrlar...
-Bokurdagynyň tutuş daşyndamy? Boýnunyň ýeňse ýüzünde-de bardymy?
-Hemme tarapynda, jenap Finç, özem muňa geň galyp oturasy işem ýok.
-O nähili?
-Hawa-da, jenap, onuň boýny şeýlebir inçejik welin, ony garbap gysyp bolar, hatda...
-Haýyş edýän, soraga diňe „hawa“ ýa-da „ýok“ diýip jogap beriň, şerif,-diýip Attikus guraklyk bilen
aýtdy welin, jenap Teýt dymdy.
Attikus ornuna geçip oturdy-da, prokurora baş atdy, ol kaza tarap kellesini ýaýkady, kazy jenap
Teýtde baş atdy, ol oňaýsyzlyk bilen ýerinden turup, münberden düşdi.
Aşakda adamlar kellelerini ýaýkaşdyryp, aýaklaryny tapyrdadyşyp başladylar, bäbeklerini has
ýokarraga göterdiler, birnäçe körpejeleri bolsa ylgadyp diýen ýaly mejlisler otagyndan çykardylar.
Biziň arkamyzdaky garaýagyzlar pessaýja pyşyrdaşýardylar. Dill hormatly ata Saýksdan bu bolup
geçýän zatlaryň manysyny sorady, ýöne ol özüniň bilmeýändigini aýtdy. Häzirlikçe hemme zat
içgysgynçdy, hiç kim gykylyk turuzmaýardy, haýbat atmaýardy, hukukçylar öz aralarynda
jedelleşýärdiler, hemme zat göwnüňe bolmasa ähli ýygnananlary lapykeç edip adaty hem ýönekeý
dowam edýärdi. Attikus bärde edil bir bolgusyzja gozgalmaýan emläk barada jedel gidýän ýaly özüni
parahat hem ýumşaksy alyp barýardy. Onuň möwç urup ugraýan duýgulary köşeşdirmeklige örän
üýtgeşik ukyby bardy, şoňa görä-de jynsy taýdan zorlamak baradaky iş edil ybadathanadaky wagyz
ýaly guraksy hem içgysgynç bolup görünýärdi. Men eýýäm aragyň, mal ýatagyň porsy ysyny, ukusy,
hyrsyz nätanyşlary, „Jenap Finç! Olar gitdilermi?“ diýýän garaňkylykdan çykan gyryk sesi eýmenç
wehim bilen ýatlamaýardym. Gündiziň ýagtysynda biziň gara basmaly düýşümiz dyr-pytrak bolupdy
we ähli zadyň gülala-güllük bilen tamamlanjakdygyna ynam döräpdi.
Mähelläniň içinde hemmeler özlerini edil kazy Teýlor ýaly arkaýyn duýýardylar, Jimden özge
hemmeler. Ol köpmanyly gülümsiredi-de, daş-töweregine gözüni aýlap, gönüden-göni hem
gytaklaýyn dahylly subutnamalar barada nämedir bir zatlary aýtdy, „munuň gomparan
bolaýşyny“ diýip men pikir etdim.
-Robert Li Ýuel!-diýip kazyýet kätibi çasly çagyrdy.
Şol pille-de öňe bentam horazyna çalymdaş adamjyk bökjekläp çykdy-da, tekepbir keşp bilen
şaýatlaryň münberine ýöneldi, haçan-da öz adyny eşidende onuň hatda boýny-da çym-gyzyl bolan
ekeni. Ol Injilde kasam etmek üçin öwrülende bolsa biz onuň ýüzüniň hem tutuşlygyna dymgyzyldygyny gördük. Ol şanyna ady dakylan generalyna jinnek ýalyjagam meňzemeýärdi.
Maňlaýynyň ýokarysyndan golaýda ýuwulan selçeň saçyň bir çogmagy syh-syh bolup dur, inçejikden
ýiti jüýkburny ýylpyldaýar, eňegi düýbünden görünmeýär diýen ýaly, sebäbi ol arryk, gasyn-gasyn
boýny bilen bitişip gidene dönüpdir.
-...we goý maňa Taňrynyň özi ýardam bersin,-diýip ol gyryk sesi bilen garga kimin gagyldady.
Meýkomba kybapdaş her bir kiçijik şäherde özleriniň ýuelleri tapylýar. Hiç hili ykdysady gaýtgynlar
we daşgynlar olaryň ýagdaýyny üýtgetmeýär, şeýle maşgalalar edil okruga gelen myhmanlar ýaly, ol
pajarlap össün ýa-da günbe-günden çöksün, göwnübir ýaly biparh ýaşaýarlar. Ýekeje iň talapkär
mekdep gözegçisi hem şeýle maşgalanyň köpsanly çagalaryny mekdebe gitmäge mejbur edip
bilmez, ýekeje arassaçylyk gözegçisi-de läbik-zibiliň içinde ýaşaýanlary ahyrsoňy alyp ýatýan pese
düşmegiň yzlaryndan, adamzada mälim bolan ähli hapa-hupa mör-möjeklerden, kesellerden olary
halas edip bilmez.
Meýkombyň Ýuelleri şäheriň zibilhanasynyň aňryýanynda öň garaýagyzlaryň biriniň köne hütdüginde
ýaşaýardylar. Ol çalamydar hütdügiň agaç diwarlary büdür-südür demirden ýamalardan doludy,
üçegi bişirilen toýundan örtgä derek ýemşerdilen galaýy gutular bilen basyrylgydy, diňe onuň umumy
keşbini mazaly synlanyňdan soňra ol dört sany gyradeň bolmadyk çage depeleriniň üstünde
ýegşerilip duran hütdügiň ilkibaşda nähili bolandygyny, ýagny ählisiniň gapysy uzyn we darajyk
dälize çykýan dört sany çaklaňja otagjyklara bölünen, inedördül şekillidigini çen edip bolýardy. Onuň
penjireleri penjire-de däldi-de ýöne bir diwarda hoňkaryp duran deşiklerdi, tomus ol deşiklere zir-zibil
üýşmekleriniň daşynda wag berýän siňekler bosuşyp girmez ýaly hapa hasa tutýardylar.
Ýueller zerarly siňekleriň gün-güzeran aýlamagy juda hupbatlydy, sebäbi olar her gün tutuş
zibilhanany haýsydyr bir diňe özlerine mälim oljanyň (iýmäge ýaramly näme-de bolsa bir zatlaryň)
gözleginde gyzyl-dörjük edip, tapan-tupan taşlandylaryny öz kepbeleriniň ýanyna daşaýardylar,
kepbäniň daş-töwereginde bolsa edil haýsydyr bir aklyndan azaşan çagajyk oýnan ýalydy, haýadyň
deregine döwlüp alnan gury şahalar, köne sübseleriň saplary we şuňa meňzeş ýarag-esbaplar syhsyh bolup durdylar, olaryň çür başlaryny bolsa posly çekiçler, gyşyk-çaýşyk çarşaklar, döwük piller,
paltalar, dyrmyklar bezeýärdi, ol „şaý-sepleriň“ ählisi hem posly sim bilen „haýada“ pugta daňylgydy.
Bu germewiň aňyrsyndan hapa howly görünýärdi, onuň bir çetinde daşlaryň hem töňňeleriň üstünde
gadymy döwürlerden biziň eýýamymyza şu görnüşde sag-aman gelip ýeten „ford“ ulagynyň gören
dessiňe nebsiňi agyrdýan galyndylary durdy, onuň beýle ýanynda diş lukmanynyň döwük kürsüsi,
hatda köne diýmäge-de diliň barmaýan öte dagan doňduryjy hem-de ýene-de bir topar: ýyrtyk
köwüşler, birmahal ulanylandygyna ynanyp bolmajak radioenjamlar, suratlaryň çarçuwalary, galaýy
gutular ýaly dürli zatlar depe turup ýatyrdylar, olaryň çar ýanynda bolsa arryk çypar towuklar yhlas
bilen ýer dörjeleýärdiler.
Şonuň bilen birlikde-de bu howlynyň bir künjegi öz görnüşi bilen bütin Meýkomby oýurgandyrýardy.
Haýatyň ugrunda dört sany syrçasy gopan setil durdy, olaryň içinde bolsa yhlas bilen ideg-yssywat
edilen gülgüne geran gülleri, edil hut hanym Modi Etkinsonyň hut özüne degişli ýaly bolup (eger-de
hanym Modi öz bagynda haýsydyr bir geran gülleriniň ösüp-örňäp oturmagyny çekip-çydap bilse!)
paşyrdap gülläp otyrdylar. Ol gülleri Meýella Ýuel ekip ýetişdiripdir diýip gürrüň edýärdiler.
Bu öýde näçe çaganyň bardygyny hiç kim anyk bilmeýärdi. Birleri – alty sany diýýärdiler, beýlekileri
bolsa – dokuz, haçan-da kimdir biri bu öýüň deňesinden öten wagty onuň penjirelerinden hemişe
garagäzje tumşujyklar jyklaşyp durýardy. Dogrusy, diňe täze ýylyň öňisyrasynda ybadathananyň
geňeşi garyp-gasarlara sowgat paýlanda bolaýmasa, bu öýüň deňesinden hiç kim düýbünden
gatnamaýar diýen ýalydy. Käte bolsa Meýkombyň meri bizden şäheriň zibilçisine az-maz kömek
etmegi haýyş edýärdi, şonda-da biz baýramçylykdan soň galan arçalary we galan-gaçan hapahupalary şäheriň zibilhanasyna daşaýardyk.
Geçen täze ýylda Attikus bizi-de ýanyna alyp gidipdi. Çagylly ýol gatnawly uly ýoldan sowlup,
zibilhananyň deňesinden geçip, Ýuelleriň jaýyndan takmynan bäş ýüz ýard çemesi aňyrda ýerleşýän
garaýagyzlaryň kiçeňräk şäherçesine tarap uzalyp gidýärdi. Zibilhana gatnawly uly ýol bilen ýa-da tä
şäherçä çenli ýetip, soňam öwrülip barmak bolýardy, hemmeler diýen ýaly-da garaýagyzlaryň
külbejikleriniň deňesinden ötýän soňky ýoly saýlap alýardylar. Sowuk dekabr alagaraňkylygynda olar
täp-tämizje hem ýakymly bolup görünýärdiler, tüsseçykarlaryndan mawy tüssejik göterilýär, ojakda
ýanýan alaw zerarly açyk gapylar ýap-ýagty bolup lowurdap durlar, özi-de aýazly howada örän
tagamly, ýagda şytyrdaýança gyzardylyp gowrulan towuklaryň yslary bark urýar. Jim ikimiz ýene-de
gowrulan awysiýdigiň ysyny hem saýgarmagyň hötdesinden geldik, kakam bolsa (ol ýöne ýere
şäherden alysrakda önüp-ösmän ekeni) munuň üstesine hatda uzynguýruk, haltaly alaka bilen
towşanyň ysyny hem almagy başardy. Ýöne bu tagamly yslar biz Ýuelleriň mülkleriniň deňesinden
yzymyza gaýdanymyzda zym-zyýat boldular.
Ine şu wagt şaýatlaryň münberinde duran adam hem öz ýakyn goňşularynyň öňünde ýekeje
artykmaçlyga eýedi, eger-de ony garaýagdan taýýarlanan sabyn bilen gyzgyn suwda uzak wagtlap
dowamly ýuwsaň onuň hamy agarjakdy.
-Siz jenap Robert Ýuelmi?-diýip jenap Jilmer sorady.
-Edil özüňiz bilmeýän ýaly,-diýip şaýat jogap berdi.
Jenap Jilmer galagoply göneldi welin, meniň oňa haýpym geldi. Megerem, käbir zatlary
düşündirmegiň pursaty gelip ýetdimikä diýýärin. Men eşidýärdim, hamana hukukçylaryň çagalary öz
ene-atalarynyň kazyýet mejlislerinde gazap bilen jedelleşişlerini görüp, garşydaş tarapyň aklawjysy
öz kakalarynyň şahsy duşmany diýip pikir edip başlaýarmyşlar we taraplaryň ot-ýalynly çekişmelerini
örän erbet içlerine salýarmyşlar, soňra bolsa ilkinji arakesmede kakalarynyň mejlisler otagyndan öz
sütemkär garşydaşy bilen gol tutuşyp çykyp gidişlerini görüp aňk bolup galýarmyşlar. Jim ikimiz
welin bu ýagdaý barada hiç hili ýalňyş pikirde däldik. Kakamyz işde utsun ýa-da utulsyn, bu biziň
üçin kyýamat däldi. Gynansamam, men bu mesele babatda biziň çakdan aşa çynlakaý
duýgularymyzy şekillendirip bilmeýärin, eger-de şeýle şekillendirmäni düzmäge synanyşaýan
ýagdaýymda bolsa meniň ýazanym ýalan bolar durardy. Biz, elbetde, eger-de taraplaryň çekişmeleri
hünär edebiniň talap edişinden artyk awuly, ýiti bolup başlasa bada-bat duýýardyk, ýöne şeýle
ýagdaý hemişe beýleki aklawjylar çykyş edende emele gelýärdi, kakam çykyş edende welin, beýle
zatlar hiç wagt ýüze çykmaýardy. Men bütin ömrüme ýekeje sapar hem Attikusyň şaýadyň gulagy
kerlewräk ýagdaýlaryndan başga halatlarda kazyýet mejlisinde sesini gataldanyny eşitmändim.
Jenap Jilmer öz işini edýärdi, Attikusam öz işini. Onsoňam Ýuel Jilmeriň öz şaýadydy, şonuň üçinem
biraz sypaýyrak jogap berse-de bolman durjak däldi.
-Siz Meýella Ýueliň kakasymy?-diýip jenap Jilmer indiki sowalyny berdi.
-Belki-de däldirinem, ýöne indi muny nädip biljek, sebäbi, onuň ejesi ýogaldy ahyry-diýen jogap
ýaňlandy.
Kazy Teýlor gymyldap ugrady. Ol özüniň pyrlanýan kürsüsini haýallyk bilen öwürdi-de,
göwnüýetmezçilik bilen şaýada garady.
-Siz Meýella Ýueliň kakasymy?-diýip ol sowaly şeýlebir üýtgeşik äheňde gaýtalady welin, oturanlaryň
gülküsine suw sepilen ýaly boldy.
-Hawa, jenap,-diýip Ýuel ilgeziklik bilen jogap bermäge gyssandy.
-Siz şu gün kazyýetde ilkinji gezekmi? Eger-de ýalňyşmasam men öň sizi görmändim.
Ýuel: „hawa, ilkinji gezek“ diýen manyda baş atdy welin kazy dowam etdi:
-Ine onda, geliň bir zady şertleşeliň. Men şu ýerde kazy hökmünde otyrkam otagda ýekeje adam
hem mundan beýläk ýekeje-de hapa-paýyş ýa-da wejera sözi hiç bir sebäp üçin diýmäge milt etmez.
Düşnüklimi?
Ýuel baş atdy, ýöne men dogrusy onuň düşünendigine doly ynanmadym. Kazy uludan demini aldyda:
-Dowam ediň, jenap Jilmer,-diýdi.
-Sag boluň, jenap. Jenap Ýuel, siz merhemet edip, öz sözleriňiz bilen ýigrimi birinji noýabr agşamy
nämeleriň bolup geçendigini aýdyp bilmersiňizmi?
Jim ajy gülümsiredi-de, maňlaýyndan alyn saçyny yzyna gaňtardy. „Öz sözleriňiz“ bilen diýen jümle
jenap Jilmeriň islendik çykyşyny başlaýan ebedilik ilkinji jümlesidi. Biziň ikimiz köplenç pikir edýärdik,
onuň pikiriçe şaýat başga kimiň sözleri bilen geplemelikä.
-Howwa, däninim, neme-dä, onsoň, bar-a, ine men neme-dä, ýigrimi birine agşam tokaýdan bir gujak
çöpleme çöpläp gelýärin, onsoň, ine welin, haýada ýetdim welin, ine onsoň, birden eşidäýdim, öýde
Meýella, edil doly damagy çalynmadyk doňuz ýaly bütüki bir çygyrýar...
Şu ýerde kazy Teýlor şaýada içiňi deşip gelýän ýiti nazar bilen siňe-siňe seretdi, ýöne, megerem, bu
sözler bilgeşleýin aýdylmady diýip hasap etdi öýdýän, diňe ukuly ses bilen:
-Bu aýdýanlaryňyz haýsy wagtda bolupdy, jenap Ýuel?-diýip soramak bilen çäklendi.
-Iňrik garalmazynyň öňysyrasy-la. Ine onsoň, birden eşidýän, Meýella şeýlebir çygyrýar welin, hatda
jynlaryň gulagyny kamata getirip gelýär...
-Şeýlelikde, ol örän gaty gygyrypdyr ekeni,-diýip jenap Jilmer şaýadyň agzyna salgy berdi.
Jenap Ýuel aljyraňňy halda kaza seretdi.
-Ýeri, onsoň, men onuň çygyryşyny eşitdim-de, çöplemämi taşlap aýagaldygyna şol tarapa ylgadym,
şol barşyma-da özümi haýata urupdyryn, zordan çolaşan simimden sypdym-da, penjirejigimiziň
ýanyna bardym welin, birdenkä gördüm...-diýdi-de Ýuel tutuş çym-gyzyl boldy, gös-göni göneldi-de,
barmagyny Tom Robinsona çommaltdy:-Gördüm, şu şar-garakirli meniň Meýellamy bogaz edip ýatyr!
Jenap Teýloryň mejlisler otagynda hemişe ümsümlik we asudalyk höküm sürýärdi, şonuň üçinem ol
öz çekijini köplenç ulanmaly bolmaýardy, emma bu gezek welin, ol tutuş bäş minutlap dagy öňündäki
çekiç tagtajygyny ýençmeli boldy. Attikus onuň ýanyna bardy we oňa nämedir bir zatlary aýdyp
ugrady, jenap Gek Teýt okrugyň birinji resmi adamsy girelgede durup, depilip dykylan ýaly ýaly doly
otagda tertip-düzgüni ýola goýmaga dyrjaşýardy. Biziň arkamyzda duran garaýagyzlaryň arasyndada nägilelikden doly boguk hümürdi tolkun atyp gitdi.
Hormatly ata Saýks Dill ikimiziň üstaşyr egildi-de, Jimiň ýeňinden çekip:
-Jenap Jim,-diýdi:-siz bar-a, iň gowusy hanym Jin Luizany öýňüze alyp gidäýseňiz nädýär, jenap Jim
siz meni eşidýärsiňizmi?
Jim başyny öwürdi.
-Bar öýe gaýt, Gözlüje. Dill, ony öýe alyp git.
Men Attikusyň halas ediji tabşyrygyny buýsanç bilen ýadyma salyp:
-Hany, sen bir meni mejbur etmäge synaşyp gör, bakaly!-diýdim.
Jim gazaply nazary bilen meni dalady.
-Men pikir edýärin, munuň eşideniniň aýby ýokmuka diýýän, siziň merhemetliňiz, ol barybir hiç zada
düşünmeýär ahbetin.
Bu sözler meniň mertebäme ölüm ýarasyny saldy.
-Haýyş edýän, pakgarmasana! Men hemme zada sendenem gowy düşünýän!
-Ýeri goýsana. Ol aýdylýanlara dynnym ýalyjagam düşünmeýär, onuň heniz dokuzy hem dolmadyk
ahyry.
Hormatly ata Saýksyň gara gözlerinde howsala doňup durdy.
-A jenap Finç siziň bärdedigiňizi bilýärmi? Bu ýer hanym Jin Luiza üçin gelşikli ýer däl ahyry, siziň
üçinem şeýle ýaş ýigitler.
Jim başyny ýaýkady.
-Biz ondan öte uzakda otyrys, şonuň üçinem ol bizi görmez. Siz alada etmäň, siziň merhemetliňiz.
Men bilýärdim, bu jedelde Jim hökman üstün çykar, häzir hiç bir güýç ony bu ýerden gitmäge mejbur
edip biljek däldi. Belli bir wagta çenli Dill ikimiziň üstümize hiç hili howp abanmaýardy, ýöne eger-de
Attikus kellesini galdyraýsa welin, biziň onuň gözüne ilmegimiz mümkindi.
Kazy Teýlor ýetişibildiginden çekijini urýardy, jenap Ýuel bolsa öz-özünden göwnühoş halda
şaýatlaryň kürsüsine geçip joňkardy-da, öz goparan hokgasynyň tomaşasyny synlap ugrady. Onuň
iki agyz sözi bu ýere güýmenje gözläp gelen mähelläniň gahar-gazaba beslenip, kiriş ýaly dartylyp
duran sürä öwrülmegi üçin ýeterlik boldy, mähelläniň gohy çekijiň tarkyldysyna jadylanýan ýaly assa-
ýuwaşdan pessaýlap barşyna tutuksy gowura öwrülip barýardy, ahbetinem kazyýetiň mejlisler
otagynda diňe edil kazy öz münberine çalajadan galamyny tyrkyldadýan dek, „tyrk-tyrk-tyrk“ diýen
ýuwaşja ses eşidilip başlady.
Kazy Teýlor märekäniň ýene-de tabyn edilendigine göz ýetirdi-de, kürsüsiniň arkasyna ýaplandy. Şol
pille-de birdenkä onuň öte ýadandygy, özüniňem juda garrandygy mese-mälim görnüp gitdi, asyl
gör-ä muny, Attikus: „hanym Teýlor ikisi beýlebir ýygy-ýygydan ogşaşyp hem ýörmeýärler“ diýip
ýöne ýerden aýtmaýan ekeni-ä, megerem onuň ýaşy ýetmişe golaýlap ýören bolara çemeli.
Kazy Teýlor:
-Menden kazyýetiň mejlisler otagyny mähelleden saplamagy, iň bolmanda aýallary hem çagalary
çykarmagy haýyş edipdiler,-diýdi:-Ýöne men häzirlikçe bu towakganamany kanagatlandyrmakdan
ýüz dönderipdim. Adamlar, adatça özleriniň göresi hem-de eşidesi gelýän zatlaryny görýärler we
eşidýärler, eger-de şeýle sahna oýunlaryna tomaşa etmäge olaryň öz çagalaryny getiresleri gelýän
bolsa, ýeri nätjek, muňa olaryň haky bar. Ýöne bir zady welin, men size berk duýdurýaryn: siz ähli
zady jyňkyňyzy çykarman synlarsyňyz we diňlärsiňiz, eger-de tersine etseňiz, onda siz bu mejlisler
otagyny terk etmeli bolarsyňyz, ony terk etmegiňizden öňünçäsi bolsa men bu ýygyndydan
ýygnanan märekäni kazyýeti masgaralamak üçin jogapkärçilige çekerin. Jenap Ýuel, merhemet
ediň-de, mümkin boldugyça öz görkezmeleriňizi uslyplylygyň çäklerinden çykman berjek boluň.
Dowam ediberiň, jenap Jilmer.
Jenap Ýuel güň açana çalym edýärdi. Men anyk bilýärin, ol öň hiç haçan kazy Teýloryň özüne
ýüzlenen sözleri ýaly jümleleri dogup-döräli bäri eşidip gören däldir, şonuň üçinem ol dodaklaryny
sessiz müňküldedip dursa-da ol sözleri gaýtalamagyň hötdesinden gelmeýärdi, ýöne göräýmäge
olaryň many-mazmunyna welin düşünen bolmaga çemeli. Öz-özünden göwnühoşlugyň alamatlary
onuň keşbinden sypyrylyp aýryldy-da, onuň ýerine küteksi ykjamlanmagyň alamaty peýda boldy,
emma bu kazy Teýlory aldamady, Ýuel şaýatlaryň münberinde duran tutuş wagtynda kazy ondan
gözüni aýyrman: „hany, ýene-de ýekeje gezek ýaňkyň ýaly hokga goparmaga synanyşyp gör
bakaly!“ diýýän dek tiňkesini dikip oturdy.
Jenap Jilmer bilen Attikus ikisi birek-birege garanjaklaşdylar. Attikus ýene-de öz ýerinde ýumrugyna
eňegini diräp oturandygy sebäpli onuň ýüzi bize görünmeýärdi. Jenap Jilmeriň lapynyň keç
bolandygy göz-görteledi. Ýöne ol kazy Teýloryň sowalyny eşidende biraz çuslandy:
-Jenap Ýuel, siz işi kazyýetde seljerilýäniň öz gyzyňyz bilen jynsy gatnaşygyna girendigini
gördüňizmi?
-Gördüm.
Märeke dymýardy, ýöne işi kazyýetde seljerilýän nämedir bir zady assaja pyşyrdap aýtdy. Attikusam
onuň gulagyna pyşyrdady welin, Tom Robinson dymdy.
-Siz penjiräniň öňüne bardym diýip aýtdyňyz?-diýip jenap Jilmer sorady.
-Hawa, jenap.
-Ol ýerden ýokarylygyna näçe beýiklikde ýerleşýär?
-Üç futa ýakyn.
-Onsoň size otagyň içi gowy görünýärdimi?
-Hawa, jenap?
-Otagyň içi şol wagt nähili ýagdaýdady?
-Neme-dä, hemme zat edil garpyşykdan soň bolşy ýaly akan-dökändi.
-Haçan-da işi kazyýetde seljerilýäni göreniňizden soň näme etdiňiz?
-Men neme-dä, neme etdim-dä, jaýyň daşyndan aýlanyp, gapa tarap ylgadym, ýöne ýetişmedim, ol
edil meniň öň ýanymda öýden çykyp gaçdy. Men ony oňat görüp ýetişdim. Ýöne onuň yzyndan welin
kowmadym, sebäbi Meýella üçin gaty gynandym. Men öýe kürsäp girdim, ol bolsa ýerde bulaşyp
ýatyşyna it bolup uwlaýar...
-Ýeri şondan soň siz näme etdiňiz?
-Neme-dä onsoň, men neme etdim-dä, aýagaldygyna Teýtiň ýanyna ylgap gaýtdym. Şar-garakirlini
bolsa men gözüme ilen dessine tanapdym, ol hol beýleki tarapda eşegary öýjüginde ýaşaýar we her
gün biziň deňämizden gatnaýar. Ine men size näme aýdaýyn, kazy, men, eýýäm on bäş ýyl bäri öz
okrug häkimiýet edaralarymyzdan talap edip gelýän, şol ýerden şar-garakirlileri güm ediň diýip, olar
bilen goňşulykda ýaşamagam hatarly ahyry, onsoňam meniň mülküme-de olardan diňe zelel gelýär...
-Size minnetdarlyk bildirýärin, jenap Ýuel,-diýip diýip jenap Jilmer onuň sözüni bölmäge gyssandy.
Şaýat münberden ylgap diýen ýaly düşüp barşyna oňa sowal bermek üçin ornundan turan Attikus
bilen süsüşdi. Kazy Teýlor oturanlara az-owlak gülüşmäge päsgel bermedi.
-Ýekeje pursat, jenap,-diýip Attikus hoşamaýlyk bilen ýüzlendi:-Siz özüňize iki-üç sorag bermäge
rugsat berermisiňiz?
Jenap Ýuel şaýatlaryň kürsüsine tarap götinjekledi, oturdy-da, Attikusa garşy tekepbir hem müňkür
nazaryny öwürdi – Meýkomb okrugynda şaýatlar garşydaş tarapyň aklawjylaryna hut şonuň ýaly
bakyş bilen garaýarlar.
-Jenap Ýuel,-diýip Attikus söze başlady:-şol gije, megerem siz köp ylgan bolara çemeliňiz. Eger-de
ýalňyşmasam, siz: „öýe tarap ylgadym, penjiräniň öňüne ylgap bardym, öýe ylgap, kürsäp girdim,
Meýellanyň ýanyna ylgap bardym, jenap Teýtiň yzyndan ylgap gitdim“ diýdiňiz. Ýogsa-da siz,
edähetiňize eýerip lukmanyň yzyndanam ylgap gitmediňizmi?
-Ol meniň nämäme derkar. Meniň özüm nämäniň nämedigini görüp durdum ahbetin.
Attikus:
-Men bir zada düşünmeýärin,-diýdi:-Sizi näme Meýellanyň ýagdaýy ynjalykdan gaçyrmaýardymy?
Jenap Ýuel:
-Onda-da nähili ynjalykdan gaçyrýardy,-diýdi:-Meniň özüm şol işde kimiň günäkärdigini gördüm
ahyry.
-Ýok, men ol barada däl. Siz oňa ýetirilen ten şikesleriniň oňa haýal etmän lukmançylyk kömeginiň
berilmegini talap edýändir diýip pikir etmediňizmi?
-O nähili?
-Siz onuň ýanyna bada-bat lukmany çagyrmaly diýip oýlanmadyňyzmy?
Şaýat jogap berdi: „Ýok, oýlanmadym, dogup-dörälim bäri öýe lukman çagyrmandym, sebäbi egerde olary çagyraýsaň bihuda ýere bäş dollary orta oklamaly bolýarsyň“.
-Şu bolanymy?-diýip ol sorady.
-Ýok, edil beýle-de däl,-diýip Attikus göwnübirlik bilen belledi:-Jenap Ýuel, siz şerifiň görkezmelerini
eşitdiňiz ahyry, şeýlemi?
-O nähili?
-Haçan-da jenap Gek Teýt siziň şu wagtky oturan ýeriňizde otyrka siz kazyýetiň mejlisler
otagyndadyňyz ahyry, şeýlemi? Siz onuň nämeler gürrüň berendigini eşitdiňiz ahyry, şeýlemi?
Jenap Ýuel esli salymlap oýlandy-oýlandy-da, ahbetin bu sowalda hiç hili howply hile ýok diýip
hasap eden bolara çemeli:
-Hawa, eşitdim-diýdi.
-Siz onuň Meýella ýetirilen şikesleri dogry suratlandyrandygy bilen razylaşýarsyňyzmy?
-Ýene-de näme?
Attikus jenap Jilmere tarap öwrüldi-de, ýylgyrdy. Jenap Ýuel bolsa megerem aklawjyny
sypaýyçylykly söhbetdeşlik bilen läliksiretmezligi ýüregine düwen bolara çemeli.
-Jenap Teýt Meýellaniň sag gözüne urlup şikes ýetirilendigini görkezdi, şeýle-de onuň ýüzüniň...
-Ýeri, onsoň,-diýip şaýat sokuldy:-Teýt dogry aýtdy, men hemmesi bilen ylalaşýan.
-Diýmek onda ylalaşýarsyňyz-da?-diýip Attikus ýumşaklyk bilen gepledi:-Men diňe has
anyklaşdyrmak isledim.
Ol kätibiň ýanyna bardy-da nämedir bir zatlar diýdi welin, kätip esli wagtlap bizi jenap Teýtiň
görkezmeleri bilen güýmedi, ol mejlisiň teswirnamasyny edil birža maglumatlaryny okap berýän ýaly
şeýlebir täsirli okaýardy welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin: „...haýsy gözi...çep...hä, hawa, dogry, has
takygy sag gözi bolmaly...onuň sag gözüne urlan ekeni, jenap Finç, indi meniň ýadyma düşjek bolýar,
onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy...(kätip sahypany agdardy) sypjyryklardan doludy we
çişendi...şerif, haýyş edýän, ýaňky aýdan zatlaryňyzy gaýtalaň...men onuň sag gözüne urlan ekeni
diýdim...“.
Attikus:
-Size minnetdarlyk bildirýärin, Bert,-diýdi:-Siz muny ýene-de bir gezek eşitdiňiz, jenap Ýuel. Siz
munuň üstüne bir zatlar goşasyňyz gelýärmi? Siz şerifiň görkezmeleri bilen ylalaşýarsyňyzmy?
-Teýt hemme zady dogry aýtdy. Onuň gözüniň aşagy göm-gökdi, özi bolsa mazaly ýenjilendi.
Bu adamjyk, megerem, başda özüni kazynyň nädip utandyrandygyny unudan bolara çemeli. Ol öz
ýanyndan Attikusy howpsuz garşydaş diýip hasap eden bolmaly. Şoňa görä-de ol çym-gyzyl bolup
gyzardy, çişdi, döşüni gaýşardyp, öňküsindenem beter çypar horaza meňzäp başlady. Meniň
göwnüme bolmasa ol häzir, ýene-de sähel salymdan, pakgarmakdan ýaňa ýarylaýjak ýaly bolup
göründi, ine şol müddetem Attikus oňa sowal berdi:
-Jenap Ýuel, siz okap we ýazyp bilýärsiňizmi?
-Garşylyk bildirýärin,-diýip jenap Jilmer goşuldy:-Bu ýerde şaýadyň sowadynyň näme dahylynyň
bardygy düşnüksiz, sowal wajyp däl we işe hiç hili degişli däl.
Kazy Teýlor nämedir bir zatlar geplejek boldy, emma Attikus öňürtdi:
-Siziň merhemetliňiz, eger-de siz şu sowaly we oňa goşmaça ýene-de bir soragy bermäge rugsat
etseňiz, ähli zada düşünersiňiz.
Kazy Teýlor:
-Ýeri bolýar, hany synanyşyp göreliň,-diýdi:-ýöne serediň, biz hakykatdanam düşünmelidiris, Attikus.
Garşylyk bildirmek inkär edilýär.
Jenap Jilmer, göwnüme bolmasa, edil biziň ählimiz ýaly bilesigelijilik bilen şaýadyň jogabyna
garaşýan ýaly boldy, ýeri bu ýerde jenap Ýueliň biliminiň näme dahyly bar diýsene?
Attikus:
-Soragy gaýtalaýaryn,-diýdi:-Siz okap we ýazyp bilýärsiňizmi?
-Elbetde, başarýan.
-Onda siz merhemet edip bize öz familiýaňyzy ýazyp subut edip bilmersiňizmi?
-Elbetde subut ederin. Siziň pikiriňizçe men hemaýat puluny alanymda dagy nädip gol çekýändirin
öýdýärsiňiz?
Jenap Ýueliň jogaby onuň ildeşleriniň göwnünden turdy. Aşakda pyşyrdy-hümürdi köpeldi, käbir
ýerlerden kikirdi eşidildi, megerem onuň batyrlygyna buýsanýan bolaýmasalar.
Men ynjalykdan gaçyp ugradym. Göräýmäge Attikus näme edýändigini bilýänem ýaly-la welin, maňa
barybir onuň atan oky pys geçen ýaly bolup görünýärdi. Hiç haçan, hiç haçan, hiç haçan
garşylyklaýyn sorag berlişikde, eger-de jogabyň nähili boljakdygyny öňünden bilmeýän bolsaň
şaýada sowal berme – men bu düzgüni gundagdaky bäbekligimden bäri bilýärdim. Ýogsa jogap
isleýşiň ýaly bolman, tutuş işiň gorag sepgitleriniň külüni asmana sowrup biler.
Attikus goltuk jübüsine elini sokdy-da, nähilidir bir bukjany çykardy, şoňra penjeginiň keltekçesiniň
kisesinden syýagalam çykardy. Ol özüni oturdaşlaryň oňatja synlamagy üçin göze dürtülip duran
äwmezlik bilen hereket edýärdi. Ol syýagalamynyň gapajygyny aýyrdy-da, ony emaý bilen öz
öňünde goýdy. Syýagalamy çalaja silkeläp, ony bukja bilen bilelikde şaýada uzatdy-da:
-Siz merhemet edip ine şu ýere gol çekip bilmersiňizmi?-diýdi:-Özem, haýyş edýän, siziň gol
çekişiňiz oturdaşlara oňatja görnäýsin.
Jenap Ýuel bukjanyň ýeňse ýüzüne goluny çekdi-de, öz-özünden örän göwnühoş halda başyny
galdyranda kazy Teýloryň haýran galmakdan ýaňa doňup galan nazaryna nazary sataşdy, kazy oňa
tarap edil, birdenkä şaýatlaryň ornunda pajarlap bägül güllän ýaly aňk bolup seredýärdi, jenap Jilmer
hem geň galyp garaýardy, ol hatda haýran galmakdan ýaňa ýerindenem biraz dikeläýdi öýdýän.
Oturdaşlaryň hem ählisi Ýuele tiňkelerini dikip otyrdylar, olaryň biri bolsa hatda ümzügini öňe atyp, iki
eli bilen germewden ýapyşandygyny-da duýmaýardy.
-Näme bu görmedik zadyňyzmy?-diýip şaýat sorady.
Kazy Teýlor:
-Görýän welin, siz çepbekeý ekeniňiz ahyry, jenap Ýuel,-diýdi.
Jenap Ýuel oňa tarap gaharly öwrüldi-de: „ýeri bu ýerde çepbekeýligiň näme ähmiýeti bar, ol
hudaýhon adam, Attikus Finçiň hem onuň üstünden gülmäge we oňa ezýet bermäge hiç hili haky
ýok“ diýip hüňürdedi. Hamana Attikus Finç ýaly dumly-duşda entäp ýören kezzaplardyr-aklawjyjyklar
hemişe-de onuň üstünde gülüp, oňa hunaba ýuwutdyryp, ony aldap-oýnap gelenmişler. Ol eýýäm
ençe gezek wakanyň nähili-neneňsi bolup geçendigini gürrüň beripdi, indem gerek bolsa ýene-de
kyrk saparam şol bir aýdanyny gaýtalar. Ol şeýle hem etdi. Attikusyň täze sowallaryna ol şol bir
diýenini tutdy oturdy: ol penjireden garapdyr, şar-garakirlini gorkuzypdyr, soňra şerifiň ýanyna
ylagpadyr. Ahbetin Attikus ony goýberdi.
Jenap Jilmer bolsa oňa ýene-de bir sowal berdi:
-Ýogsa-da, siziň çep eliňiz bilen gol çekýändigiňiz barada, belki-de siz iki eliňizdenem birmeňzeş
peýdalanýansyňyz, jenap Ýuel?
-Elbetde ýok. Men diňe bir çep elim bilenem islendik adamdan erbet işlemeýärin. Islendik adamdan
pes däl,-diýip ol kakamyň tarapyna gazaply nazaryny aýlap, gaýtalady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.