Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25

Total number of words is 3946
Total number of unique words is 1886
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“E-he-heý!” diýip mekdep ýene-de bize hä berdi.
Bu boluş birhili Sesil-ä çalym etmeýärdi, eger-de onuň haýsy-da bolsa bir hokgasy ýerine düşäýse ol
ony azyndan kyrk gezek dagy gaýtalaýardy. Eger-de yzymyzdaky çybşyldy Sesil bolan bolsa ol onda
eýýäm häli biziň üstümize bökerdi.
Jim ýene-de meni sägindirdi. Soňra örän pessaý pyşyrdady:
-Gözlüje, sen bu zadyňy egniňden sypyryp bilersiňmi?
-Bilerin, ýöne meniň egnimde şondan başga zat ýok diýen ýaly ahyry.
-Seniň köýnegiň mende.
-Garaňkyda men ony geýip bilmerin.
Ol:
-Ýeri bolýar-da,-diýdi:-Hiç-le.
-Jim sen gorkýarsyňmy?
-Ýok. Biz, megerem, eýýäm dub agajyna ýakynlandyrys. Ol ýerden bolsa iki ädim ätseň ýol geçýär.
Köçämiziň çyrasy hem görnüp durandyr.
Jim bilgeşleýin haýaljakdan hem öte kadaly ses bilen gepleýärdi. Be-e, ol entek uzak wagtlap maňa
Sesil barada erteki aýdyp berip gorkýandygyny gizlejek bolarmyka?
-Gel aýdym aýdyp başlaýaly-la, Jim, hä?
-Gerek däl. Ýuwaş, Gözlüje, gohlama.
Biz öňkümiz ýaly haýaljakdan ýöräp barýardyk. Sebäbi eger-de şunuň ýaly ýagdaýda ädim urşuňy
gataldyberdigiň hökman ýa barmagyňy agyrdarsyň ýa-da daşa büdrärsiň. Jim muny menden gowy
bilýärdi, onsoňam ol meniň aýakýalaňaçdygymy unutmaýardy. Belki-de bu çybşyldy şemalyň
agaçlaryň şahalarynyň arasyna çolaşyp döredýän şagyrdysydyr. Elbetde, bolup biler, ýöne bu mahal
şemal düýbünden ýok diýen ýalydy, onsoňam golaý-goltumda şol garry dub agajyndan özge bagbeýleki-de ýok ahyry.
Biziň arkamyzdan gelýän, edil aýagynda agyr köwüs bar ýaly, aýaklaryny ýerden süýräp,
şarkyldadyp gadam urýardy. Özi-de onuň jalbary kendir matadan bolmaly, men ilkibada bu baglaryň
ýapraklary şagyrdaýandyr öýdüp çak etdim, emma hakykatda welin onuň her ädiminde jalbarynyň
gonçlary sürtülip ses çykarýan ekeni.
Meniň aýagymyň aşagyndaky çäge sowukdy, diýmek biz hut dub agajynyň aşagyna ýeten bolmaly.
Jim ýene-de meniň süýr depäme basdy. Biz aýak çekdik-de, çar-töwerege diň saldyk.
Bu gezek ýaňky şarkyldy dowam etdi. Kendirden jalbar bolsa şol şygyrdady geldi, şygyrdady geldi.
Soňam birdenkä hemme zat dym-dyrs boldy. Birdenem ol ylgap başlady, ol agyr-agyr ädimler bilen
bize tarap ylgap gelýärdi, oglanjyklar munuň ýaly gödeňsiz ylgamaýardylar.
-Gaç, Gözlüje! Gaç!-diýip Jim çirkin gygyrdy.
Men birden äpet ädim ätdim-de tas ýykylýardym. Eşigimiň içinde meniň ellerim daňylgy bilen desdeňdi, daş-töweregiň bolsa tümluk, onsoň şunuň ýaly ýagdaýda nädip deňagramlylygyňy
saklamagyň hötdesinden geljek diýsene.
-Jim, kömek et! Jim!
Şol pursadam nähilidir bir agyr zat meniň daşyma geýdirilen geýmiň simden gözenegini garbap
mynjyratdy, nähilidir birhili demir bölegi gözenegiň demrine degip, uçgun syçradyp, jytyrdady, men
ýere ýykyldym-da, biraz daşraga togalandym. Men bar güýjüm bilen bulanjyrap, towlanjyrap,
däbşenekläp, özümiň daşyma çolaşan gözenekden çykmaga çytraşýardym. Meniň ýakyn
gapdalymda bolsa kimdir birleri uruşýardylar, aýaklaryny tarpyldadyp ýere urýardylar, ýeriň ýüzünde,
kökleriň arasynda süýrenýärdiler. Şol wagtam kimdir biri meniň alkymyma togalanyp geldi. Jim! Ol
ýerinden böküp turdy-da, meni yzy bilen süýräp ugrady, ýöne men gözenegiň simine şeýlebir
çolaşypdym welin, gaty haýdap bilemokdym. Şol gidip barşymyza men ahbetin kellämi hem
eginlerimi sypdyrmagyň hötdesinden geldim, emma biz gaty uzaga gidip bilmedik.
Biz eýýäm ýola ýetip barýarkak, birdenkä Jim elini menden sypdyrdy-da, ýere zyňlyp gitdi. Ýene-de
kimdir birleriniň uruşýandygynyň sesi eşidildi, şol pursadam nämedir bir zat şatyrdap gitdi welin,
Jimiň çirkin sesi daş-töweregi ýaňlandyryp gitdi.
Men ses çykan tarap gözüm ýok ýaly okduryldym welin, batly barşyma kimdir biriniň garnyny
süsdüm. Ol adamyň demi tutuldy, emma ol meniň ellerimden tutmaga dyrjaşdy, ýöne meniň ellerim
eşigimiň gözeneginiň aşagyndady. Onuň garny ýumşakdy, elleri welin, demir ýalydy. Ol meni
şeýlebir berk gysdy welin, meniň hatda demim tutulyp gitdi. Men gymyldabam bilmedim. Birdenem
nähilidir bir göze görünmeýän güýç ebşitläp tutdy-da, bir gapdala pyzyp goýberdi, ol ýere ýazylanda
tas menem ýykýardy. Megerem, bu Jim maňa kömege ýetişendir.
Käbir ýagdaýlarda çar-töweregiňde bolup geçýän zatlara örän haýallyk bilen akyl ýetirýärsiň. Men
seňseläpdim, şonuň üçinem söm-saýak bolup durdum. Urşulýan ýaly ses ýatypdy, diňe kimdir biri
hyrkyldaýardy, soň bolsa biziň daşymyzy ümsümlik gaplap aldy.
Daş-töwerek dym-dyrslyk. Diňe kimdir biri sojap-sojap agyrdan-agyr dem alýar, özem her ädiminde
diýen ýaly büdreýär. Göwnüme bolmasa, ol dubuň ýanyna baryp, oňa ýaplanan ýaly. Soňra gaty
erbet üsgürip başlady, ol birhili gyzylödegi agzyndan çykaýjak bolup üsgürýärdi, özem on iki süňňi
bilen gagşaýardy.
-Jim?
Hiç hili jogap bolmady, diňe kimdir biri gaty ýakynjagymda sojap dem alýar.
-Jim?
Jim jogap bermeýärdi.
Ol adam dub agajyndan aýryldy-da, tümlükde sermenip ugrady, megerem nämedir bir zat gözleýän
bolara çemeli. Soňra ol iňläp diýen ýaly uzyn dem aldy-da, ýeriň ýüzünden nähilidir bir agyr zady
süýräp ugrady. Ine şu ýerde-de men dub agajynyň aşagynda biziň indi dört adamdygymyza göz
ýetirip başladym.
-Attikus?...
Kimdir biri agyr hem gowuşgynsyz ädimler bilen ýola tarap gidip barýardy. Men özüme onuň ýapýaňyja-da duran ýeri bolup görnen ýerine bardym-da, aýaklarym bilen topragy sermeläp başladym.
Bahym meniň aýaklarym nämedir bir zada galtaşdy.
-Jim?
Ýalaňaç aýagym bilen men sermeläp jalbara, kemeriň ildirgijine, ilige, soňra ýene-de bir düşnüksiz
bir zada, onsoň köýnegiň ýakasyna we ýüze degdim. Ýüz tiken ýaly sanjylýan syh-syh bolup duran
irimçik tüýden doludy, ýok bu Jim-ä däl. Şol wagtam ýaňyrak içilen şerabyň ýakymsyz porsy ysy
hapylap burnuma urdy.
Men onsoň dagy näme etjegimi bilmän ýoluň ýerleşýän tarapydyr öýden ugruma süssenekläp
ugradym. Men dogry barýanymy-barmaýanymy-da bilmeýärdim, sebäbi meni näçe gezek dürli
ugurlara öwrüp-çöwrüpdiler. Ýöne men ahyrsoňy ýola çykdym, ilkinji gözüm düşen zat köçämiziň
sütünli çyrasy boldy. Onuň aşagyndan bir adam ýöräp barýardy. Ol edil nähilidir bir agyr ýüki göterip
barýan dek tagaşyksyz gadam urup barýardy. Ol köçäniň künjünden aýlandy. Ol asyl Jimi göterip
alyp barýan ekeni. Jimiň eli öňlügine sallanyp ýatyrdy we birhili düşnüksiz iki ýana hallan atýardy.
Haçan-da men köçäniň burçuna ýetenimde ol adam eýýäm biziň howlymyzyň içi bilen gidip barýardy.
Şol pursat gapymyz jarkyldap açyldy-da onuň ýagtysy daşaryk düşende men ýeke pursatlyk Attikusy
gördüm, ol eýwandan ylgap düşdi-de, olar iki bolup Jimi öýe saldylar.
Men ahyry öz aýagyma özüm çolaşyp işigimiziň agzyna bardym, olar eýýäm biziň dälizimiziň ugry
bilen ylgaşlap barýardylar. Maňa garşy bolsa Aleksandra ejem topulyp gelýärdi.
-Lukman Reýnoldsa jaň et!-diýip Attikus Jimiň otagyndan gygyrdy:-Gözlüje nirede?
-Ol bärde!-diýdi-de Aleksandra ejem meni hem telefona tarap süýräp ugrady. Ol şeýlebir
howlugýardy welin, men bu bolşum bilen onuň yzyna eýgerer ýaly däldim.
Men:
-Meniň özüm bararyn, ejeke!-diýdim:-Siz gowusy jaň ediň.
Ol topulyp baryp telefona ýapyşdy.
-Maňa lukman Reýnoldsy beriň, Ýula Meý, bahymrak! Kakaň öýdemi, Egnes? Eý Hudaý-eý, ol
nirede ahyry? Haýyş edýän, ol yzyna gelen dessine, oňa aýdyň, goý ol bize gelsin. Haýyş edýän, bu
örän howlukmaç!
Aleksandra ejeme jaň edende-de özüni atlandyrmak gerek däldi, Meýkombda hemmeler biri-birini
seslerinden tanaýardylar.
Oňa çenli Jimiň otagyndan Attikus çykdy. Aleksandra ejem telephony goýmaga ýetişmänkä, Attikus
ony garbap onuň elinden aldy-da, oňa kakyşdyryp:
-Haýyş edýän, meni şerif bilen birikdiriň, Ýula Meý. Gek? Bu Attikus Finç. Kimdir biri meniň
çagalarymyň üstüne topulypdyr. Jim ýaralanypdyr. Biziň öýümiz bilen mekdebiň arasynda. Men
oglumyň ýanyndan aýrylyp bilmeýärin. Haýyş edýän, ol ýere meniň deregime-de baryp görüň,
serediň, belki, ol daşa giden däldir. Bilemok, siziň ony şu mahal tapjagyňyz-a gümana welin, eger-de
tapaýsaňyz, meniň ony göresim gelýär. Indi bolsa men gitmeli. Taňryýalkasyn, Gek.
-Attikus, Jim öldümi?
-Ýok, Gözlüje. Onuň bilen meşgullansana, uýam!-diýip ol däliziň ugry bilen haýdap barşyna gygyrdy.
Aleksandra ejem sandyr-sandyr edýän barmaklary bilen meniň egnimden mynjyradylan, birnäçe ýeri
ýyrtylan simden gözenekli geýimi aýryşdyryp başlady. Ol wagty bilen meni boşadyp bilmedi.
-Sen abatmy, gyzym?-diýip ol gaýtalap-gaýtalap menden şol sorap durdy.
Ol gysyp-gowrup gelýän gözenegiň ýesirliginden erkinlige çykmak neneňsi eşret ekeni! Meniň
ellerim dagy gurşup gidipdiler, gollarymda gyzyl altyburçluklar hem besse-besse bolup tagmalanan
ýaly bildirip durdy. Men derrew olary owkalaşdyryp ugradym welin, olar biraz soluşdylar.
-Ejeke, Jim öldümi?
-Ýok…ýok, gyzym, ol diňe huşundan gidipdir. Ine häzir lukman Reýnolds geler, şondan soň biz onuň
näderejede agyr ýaralanandygyny bileris. Siz bilen nämeler gopdy, Jin Luiza?
-Bilemok.
Şondan soň ol sowal bermedi. Ol ýerinden turup gitdi-de, maňa eşik getirip berdi. Eger-de şol wagt
meniň kelläme gelen bolsady, men soň ejekeme şol pursat eden hereketini hiç mahal ýatdan
çykarmaga goýmazdym. Ejekem şol wagt şeýlebir aljyraňňydy welin, ol maňa oglanjyklaryň geýýän
ýörite iş geýimini getirip beräýdi!
Ol:
-Al, gyzym, geýin,-diýdi-de maňa şondan öňem-soňam gözüne ilse aňyrsy bärsine gelýän geýmimi
uzatdy.
Soňra ol hem Jimiň ýanyna ylgady, ýöne göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä ýene-de daşky
otaga, meniň ýanyma çykyp, aljyraňňy halda meniň hemme ýerimi sypaşdyryp-sermeşdirip çykdy-da,
ýene-de Jimiň ýanyna ylgady.
Birhaýukdan soň öýümiziň öňünde ulag saklandy. Men lukman Reýnoldsyň aýak seslerini
Attikusyňkydan erbet bilmeýärdim. Ol Jim ikimize dünýä inmäge kömek edipdi, ýeriň ýüzünde bar
bolan ähli çaga kesellerinden bizi bejerip gelýärdi, ol haçan-da Jim biziň çynardaky öýjagazymyzdan
ýere gaçanda-da ony bejeripdi, şol sebäpli-de biz onuň bilen hemişe dostlugymyzy saklap gelýärdik.
Lukman Reýnolds eger-de biz şeýle itjanly bolmadyk bolsadyk onda ähli zat başgaça bolardy
diýýärdi, ýöne biz oňa gatybir ynanyp barmaýardyk.
Ol maňa gözi düşenden içerik girmegi-de unudyp, bosagada söm-saýak bolup galaýdy:
-Rehimdar Taňrym, muny-y!-diýdi-de ilki bir maňa tarap ýönelen ýaly hem etdi, emma birdenkä:-
Sen-ä her näme-de bolsa aýak üstünde!-diýip hyrra yzyna öwrüldi. Ol biziň öýümiziň her bir deşigine
beletdi. Özem bilýärdi, eger-de men şunuň ýaly erbet ýagdaýda bolsam, onda diýmek Jim
mendenem beterdir.
Şondan soň on sany müňýyllyk düzüm-düzüm bolup geçdi. Ahbetin lukman Reýnolds dolanyp geldi.
-Jim öldümi?-diýip men soradym.
-Sähelçe-de ölmändir,-diýdi-de lukman meniň öňümde çommalyp oturdy:-Onuň maňlaýynda edil
seniňki ýaly çiş bar, onsoňam eli döwlüpdir. Hany, bärik seret bakaly, Gözlüje…Ýok, kelläňi aýlama,
diňe gözüň gyýtagy bilen seret. Indi, hanha, hol tarapa. Meniň häzirlikçe çaklaýşyma görä onuň
döwügi biçak ýaramaz, edil tirseginde. Görýän welin, kimdir biri onuň elini towlap, düýbünden
goparmakçy bolan ýaly…Indi bolsa maňa seret.
-Diýmek onda, ol ölmändir-dä?
-Ýok diýdim ahyry!-diýip lukman Reýnolds dikeldi:-Bu gün biz oňa ony ynjalykly ornaşdyrmakdan
özge kän bir kömek edip bilmeris. Ertir onuň döwüginiň roentgen suratyny almaly bolar…megerem,
onuň eline wagtlaýyn gips hem goýmaly bolarys. Ýöne sen alada etme, ol biziň elimizden
çykanyndan soň edil täp-täzeje ýaly bolar. Oglanjyklaryň endamynda ähli ýaralar sähel wagtyň
içinde yzsyz-tozsuz bitip gidýär ahyry.
Lukman Reýnolds maňa gürrüň berýärdi, özi bolsa meni gözden geçirýärdi hem-de seresaplylyk
bilen meniň maňlaýymdaky barha ulalyp barýan çişi elleşdirip görýärdi.
-Seniň hiç ýeriňde hiç zadyň döwlen däl gerek, seniň göwnüňe nähili?-diýip ol degişdi.
Men biygtyýar ýylgyrdym.
-Diýmek, siziň pikiriňizçe ol ölmändir-dä, ýokmy?
Lukman Reýnolds sypal başgabyny geýdi.
-Elbetde, men ýalňyşyp hem bilerin, ýöne meniň pikirimç-ä, ol örän diri ýaly. Has anyk aýdylanda,
munuň ähli alamatlary-ha bar. Bar, git-de ony gör, men dolanyp gelenimden soň bolsa biz onuň
diridigini ýa-da däldigini gutarnykly çözeris.
Lukman Reýnoldsyň ýöreýşi ýeňil hem juwandy. Jenap Gek Teýt bolsa başgaça ýöreýärdi. Onuň
agyr köwşüniň astynda biziň eýwanymyz hut duranja ýerinden iňläberdi, gapymyzy hem ol örän
tagaşyksyz açdy, ýöne ol hem edil lukman Reýnolds dek maňa gözi kaklyşan dessine içini çekdi-de,
bosagamyzda dikilgazyk bolup galdy. Soňam sorady:
-Sen abatmy, Gözlüje?
-Hawa, jenap, men Jimiň ýanyna gitjek. Attikus hem-de hemmelerem şol ýerde.
Jenap Teýt:
-Menem seniň bilen,-diýdi.
Aleksandra ejem Jimiň başujundaky gülçyranyň öňüni desmal bilen ýapandygy zerarly otagyň içi
alagaraňkydy. Jim arkanlygyna ýatyrdy. Onuň bir ýaňagy mazaly ýenjilen ekeni. Çep eli bolsa bir
gapdala gyşaryp, tirseginden egrerlip durdy, ýöne egrelmeli tarapyna däl-de ters tarapa. Jimiň
gaşlary çytylgydy.
-Jim?...
Attikus:
-Ol seni eşitmeýär, Gözlüje,-diýdi:-ol öçürilgi, bilýärsiňmi, radiony nädip öçürýärler. Ol eýýäm özüne
geldi, ýöne lukman Reýnolds ony uka gidirdi.
-Hawa, jenap.
Men diwara tarap süýşdim. Jimiň otagy uludy, inedördüldi. Haşamly ojak-pejiň ýanyndaky kürsüde
Aleksandra ejem otyrdy. Bir burçda bolsa Jimi getiren adam diwara ýaplanyp durdy. Ol maňa
nätanyşdy, megerem şäheriň eteginde ýaşaýanlaryň biri bolsa gerek. Megerem, ol biziň
tomaşamyza gatnaşandyr, soňam biziň başymyzdan şol ýaňky düşnüksiz bela-beter inende, biziň
golaý-goltumymyzdan geçip barýan bolmaly. Megerem, ol biziň gykylygymyzy eşidendir-de, kömege
ylgandyr.
Attikus Jimiň düşeginiň gapdalynda dik durdy.
Jenap Gek Teýt bosagada saklandy. Sypal başgabyny ol elinde saklaýardy, jalbarynyň kisesi bolsa
gabarylyp durdy, ol ýerde elçyrajygynyň bardygy mese-mälim bildirýärdi. Jenap Teýt özüniň aw
keltekçesini, ädik bilen geýilýän gysga gonçly jalbaryny hem-de belent gonçly ädigini geýipdir ekeni.
Attikus:
-Giriň, gek,-diýdi:-Ýeri, nämedir bir zat tapdyňyzmy? Men haýsy näkesiň şeýle zady etmäge
ukyplydygyny göz öňüme-de getirip bilmeýärin, ýöne umyt edýän, siz ony taparsyňyz-la.
Jenap Teýt burny bilen myşlady. Içiňden geçip gelýän ýiti nazar bilen burçda duran adama garady,
oňa baş atdy, soňra otagyň içini birlaý gözden geçirdi, Jime seretdi, Aleksandra ejeme dikanlady,
soňra ýene-de nazaryny Attikusa öwürdi.
-Oturaýyň, jenap Finç,-diýip ol teklip etdi.
Attikus:
-Geliň, hemmämiz oturalyň-la,-diýdi:-Ine size oturgyç, Gek. Men myhman otagyndan başgasyny
alnyp geleýin.
Jenap Teýt Jimiň tekjesiniň başyna geçdi. Attikusa garaşdy, ol tiz dolanyp geldi-de oturdy. Näme
üçindir ol burçda duran adama oturgyç getirip bermedi, ýöne Attikus mülkdar daýhanlaryň edimgylymlaryny menden has gowy bilýär ahyry. Käte onuň ýanyna itiň ölen alysyndan kimdir biri
maslahat almak üçin gelerdi-de, öz gatyryny, howlymyzda, çynaryň astynda daňardy, onsoň
Attikusam onuň bilen jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki eýwanda gepleşer durardy. Bu adama-da,
megerem, şol ýerde, burçda has rahat bolaýmasa.
Şerif:
-Jenap Finç,-diýdi:-men häzir size ol ýerde näme tapandygymy aýdaýyn. Men haýsydyr bir
gyzjagazyň köýnegini tapdym, ol meniň ulagymda. Ol seniňkimi, Gözlüje?
-Hawa, jenap, eger-de ol bägül reňkli we epinli bolsa.
Jenap Teýt edil kazyýetde görkezme berýän ýaly özüni alyp barýardy. Ol islendik wakany-da özüçe
aýtmagy we gürrüň berýärkä, ne prokuroryň ne-de aklawjynyň özüne päsgel bermezliklerini halaýar,
käbir ýagdaýlarda şu endigi zerarly onuň gürrüňi biçak uzyn hem bolaýýar.
-Ýene-de men goňur matanyň nähilidir bir bölejiklerini tapdym…
-Bu meniň şekil üçin geýen eşigimden, jenap Teýt.
Jenap Teýt öz dyzlaryny sypalady. Çep elini owkalady-da, haşamly ojak-pejiň üstündäki tekjäni
synlap ugrady, soňra göwnüme bolmasa ony ojak-pejiň özi gyzyklandyryp başlan ýaly boldy.
Attikus:
-Näme boldy, Gek?-diýdi.
Jenap Teýt elini galdyrdy-da, ýeňsesini owkalady.
-O taýda, mekdebiň howlusyndaky dub agajynyň aşagynda Bob Ýuel ýatyr, onuň gapyrgalarynyň
arasyndanam aşhana pyçagy somalyp dikilgi dur. Ol öli, jenap Finç.
xxxxx
Aleksandra ejem ýerinden tarsa turdy-da, ojak-pejiň tekjesinden ýapyşdy. Jenap Teýt hem aýak
üstüne galyp, oňa tekge bermek isledi, ýöne ejekäm diňe kellesini ýaýkap oňaýdy. Ömründe birinji
gezek Attikus özüniň hemişeki salyhatlylygyny ýadyndan çykaryp, şol oturşyna gymyldaman
galyberdi.
Näme üçindir jenap Bob Ýueliň biraz puryja berseler, özüniň Attikus bilen haklaşjakdygy hakynda
aýdanlary meniň ýadyma düşdi. Ol hakykatdanam tas Attikusyň başyna ýetjek ekeni, ýöne şol pille
onuň nejislikleriniň müddeti doldy-da.
-Siz anyk bilýärsiňizmi?-diýip nähilidir birhili öçügsi äheňde Attikus sowal berdi.
-Hakykatdan hem ol jansyz jeset,-diýip jenap Teýt aýdanyny tassyklady:-Gutarnykly hem yzyna
dolanyp gelmesiz. Ol indi mundan buýana siziň çagajyklaryňyza hiç hili ýamanlyk edip bilmez.
-Men o hakda däl…
Attikus edil alasarmyk düýşdäki deýin gepleýärdi. Birdenkä onuň biçak garrydygy göz-görtele bildirip
gitdi, diňe şu alamat bilen onuň kalbynda çensiz-çaksyz galagoplugyň tuapn turuzýandygyna aňmak
bolýardy, onuň hötjet eňegi aşak sallanypdy, ýaňaklarynyň ugrundaky gasynlary has-da
çuňlaşypdylar, onuň saçlarynyň hem nebit şepbigi dek şar-garadygy hem eýýäm öňküsi ýaly gözüňe
dürtülip durmaýardy, onuň çekgeleriniň birmahal çalaryp gidendigi bada-bat gözüňe ilýärdi.
-Belki-de myhman otagyna geçeris?-diýip Aleksandra ejem ahbetin dillendi.
Jenap Teýt:
-Eger-de rugsat berseňiz, men şu taýda galmak islärdim, eger-de biziň bärde bolmagymyz Jim üçin
zyýanly bolmasa,-diýdi:-Men onuň ýaralaryny görüşdirmekçi, Gözlüje bolsa häzirlikçe nämäniň nähili
bolandygyny bize gürrüň berer…
-Siz maňa gitmäge rugsat berersiňizmi?-diýip Aleksandra ejem sorady:-Men häzir bärde gerek däl.
Attikus, eger-de men gerek bolsam men özümiňkide bolaryn.
Aleksandra ejem gapa ýöneldi, birdenem salga durdy-da, yzyna öwrüldi:
-Bu gün mende birhili howsalaly duýgy bolupdy, men öňünden duýupdym, Attikus,-diýip ol başlady:Men…bu zatlaryň ählisi meniň günäm. Olary ýeke goýbermeli däldim. Men…
Jenap Teýt elini galdyrdy.
-Baryň, dynç almaga gidiň, hanym Aleksandra. Men düşünýän, siz çakdan aşa tolgunansyňyz. Ýöne
siz özüňize ezýet bermäň…eger-de her bir öňünden syzmaga üns berip ýörseň, onda hatda
ýeriňdenem gozganmaly däl, bilýärsiňizmi, edil öz guýrugyny tutmakçy bolýan pişik ýaly. Hany,
hanym Gözlüje, senem entek ýadyňdan çykarmankaň, bize wakanyň nähili bolandygyny gürrüň
bermäge synanyşyp gör bakaly. Bolýarmy? Siz onuň öz yzyňyza düşüp gelýändigini gördüňizmi?
Men Attikusyň ýanyna bardym welin, ol meni gujaklady. Men kellämi onuň dyzlarynyň üstünde
goýdum.
-Biz öýümize gaýtdyk. Men: “Jim, men köwşümi galdyrypdyryn” diýdim. Biz yzymyza dolanmak
isledik, ýöne şol wagt mekdepde çyralar söndürildi. Jim: “Köwşüňi ertir alarsyň” diýdi…
Attikus:
-Kelläňi galdyr, Gözlüje, ýogsa jenap Teýte hiç zat eşidilmeýär,-diýdi.
Men onuň dyzyna mündüm.
-Soňra Jim: “Ýekeje pursat gepleme” diýdi. Men pikir etdim, ol nämedir bir zat barada oýlanýandyr
öýtdüm, ol özüne pikirlenmäge päsgel berseler halamaýar…soň bolsa ol özüne nämedir bir zadyň
eşidilendigini aýtdy. Biz bu Sesildir öýdüp pikir etdik.
-Haýsy Sesil?
-Sesil Jeýkobs. Ol şu gün bir gezek bizi gorkuzypdy, onsoň bizem pikir etdik, bu ýene-de şoldur
öýtdük. Ol bu gün sygyr bolupdy. Iň gowy eşik üçin bolsa baýrak berýärdiler – çärýeklik şaýy. Men
ýöne ony kimiň alandygyny bilmeýärin.
-Siz bu Sesildir öýdüp pikir edeniňizde niredediňiz?
-Mekdep gaty golaýdadyk. Men oňa gygyrdym…
-Näme diýip gygyrdyň?
-“Sesil Jeýkobs – çişik towuk” diýdimmi nämemi. Ol hiç zat jogap bermedi…Şonda Jim hem “ehe-heheý” diýipmi ýa-da başga bir zat diýipmi, bogazyna sygdygyndan, gaty-y-na gygyrdy…
Jenap Teýt:
-Hany birje minut garaş, Gözlüje,-diýdi:-Siz olaryň gygyrandyklaryny eşitdiňizmi, jenap Finç?
Attikus: “ýok” diýdi. Onuň ýanynda radio işläp duran ekeni. Aleksandra ejemiň ýatýan otagynda-da
şeýle. Ol muny anyk bilýär, sebäbi Aleksandra özüne hiç zat eşidilmeýändigi zerarly ondan öz
otagyndaky radionyň sesini birazajyk peseltmegi haýyş edipdir. Attikus ýylgyrdy:
-Men elmydama-da radiony doly sesine işledýärin.
-A goňşularyň bir zatlar eşitmedilermikä?-diýip jenap Teýt sorady.
-Eşitmedik bolaýmasalar, Gek. Hemmeler diýen ýaly agşamlaryna radio diňleýärler ýa-da ilkinji
horazlar gygyranda ýatýarlar. Belki-de Modi Etkinson şol wagt ýatmadyk bolmagy mümkin, ýöne
meniň çak edişime görä ol hem ýatan bolaýmasa.
Jenap Teýt:
-Aýdyber, Gözlüje,-diýdi.
-Hawa, onsoň Jim gygyryşdyrdy, onsoň biz ýene-de bärligine gaýtdyk. Jenap Teýt, meniň kelläm, şol
buduň şekili ýaly tikilen geýmiň içindedi, ýöne men eýýäm şol pursat eşidýärdim. Aýak seslerini
eşidýärdim. Biz ýöreýäris, kimdir biri-de biziň yzymyzdan ýöreýär, biz durýarys, ol hem durýar. Jim
oňa meniň görünýändigimi, sebäbi hanym Krenşonyň meniň eşigimi şöhle saçýan reňk bilen
reňkländigini aýtdy. Men butdum.
-O nähili?-diýip jenap Teýt geň galdy.
Attikus meniň diri şekilleriň sahnasynda nämäniň şekilini ýerine ýetirendigimi hem-de meniň eşigimiň
nähili taýýarlanandygyny düşündirdi.
Ol:
-Siz ol öýe gelende bir gören bolsadyňyz,-diýdi:-Onuň geýimi tutuşlygyna ýemşerdilip helemege
dönderilipdir.
Jenap Teýt eňegini sypady.
-Men bolsa hälden bäri onuň endamyndaky alamatlaryň nireden peýda bolandygyna düşünip bilmän
otyryn. Onuň ýeňleri tutuşlygyna owunjak deşijekler bilen petir bezelen ýaly. Şol deşijekleriň
aşagynda birnäçe ýerde onuň elleri hem nämedir bir zat bilen deşilen. Hany maňa şol geýme bir göz
aýlamaga beriň bakaly, jenap.
Attikus meniň geýmimiň gözgyny galyndylaryny alyp geldi. Jenap Teýt ony eýlesine-beýlesine
öwrüşdirip gördi, onuň öň nähili bolandygyna göz ýetirmek üçin bükügini ýazdy. Ahbetinem ol:
-Görýän welin, bu zat Gözlüjäniň janyny halas edäýpdir öýdýän,-diýdi:-Serediň.
Uzyn barmagy bilen ol meniň eşigime dürtdi. Solgun simden gözenegiň ýüzünde sypjyryklar
lowurdaşyp durdylar.
-Bob Ýuel özüniň näme isleýändigini bilýän ekeni,-diýip jenap Teýt hümürdedi.
Attikus:
-Ol öz akylynda däl bolmaly,-diýdi.
-Siz meni bagyşlaň welin, jenap Finç, siz ýöne biçak ýalňyşýarsyňyz. Ol hiç hili hem däli däldi, ol
diňe barypýatan näkesiňem näkesidi. Süýrenip ýören nejis, lül-gammar bolup çagalary öldürmäge
batyrsyran bolupdyr, ol. Siziň bilen ýüzbe-ýüz durmaga bolsa edermenligi ýetmändir.
Attikus başyny ýaýkady.
-Men hiç göz öňüme getirip bilemok, adam bolan adamyň şunuň ýaly zatlary etmäge bognunyň
ysmagyny…
-Adamlaryň şeýlebir hili bar, jenap Finç, şolar ýalylary duran ýerinde, hiç hili buýtar-suýtar ýok etmeli,
ýöne olar ýalylara hatda gülläňi sarp etmäge-de dözmeýärsiň. Ine Ýuel hem şolar ýalylaryň biridi.
-Men onuň maňa öldürmek barada haýbat atan güni içini boşadandyr öýdüp ýördüm, şonluk bilenem
ikimiziň aramyzdaky algy-bergi tamamlanandyr öýdüp pikir edýärdim. Eger-de oňa şol edeni az
bolsa ol iň bolmanda meniň özüm bilen haklaşjak bolmaly ekeni-dä.
-Äý ýog-a! Betbagt garaýagyz aýala biderek bolgusyzja ýamanlyk eden bolmak – ine ol muny, baş
üstüne hemişe-de edip biler, kazy Teýlora-da, eger-de ol öýde ýokdur öýdüp pikir etse ýamanlyjak
etmegiň hötdesinden geler. Ýöne, siziň pikiriňizçe, ol heýem bir siziň bilen gündiziň günortany
ýüzbe-ýüz gabatlaşmaga het edip bilermi diýsene?
Jenap Teýt uludan demini aldy:
-Hany yzyny aýdyber, Gözlüje. Diýmek, sen onuň öz yzyňyzdan gelýändigini eşidipsiň-dä…
-Hawa, jenap. Haçan-da biz garry dub agajyna ýetenimizde…
-A sen şol tümlükde özüňiziň garry dub agajyna ýetendigiňizi nireden bilýärsiň?
-Men aýakýalaňaç ýöräp barýardym, Jim bolsa agajyň aşagynda hemişe-de toprak biraz sowugrak
diýýärdi.
-Görýän welin, ony şerifiň kömekçisi etmeli boljak öýdýän. Ýeri bolýar, yzyny dowam ediber.
-Şonda-da birdenkä nämedir bir zat meni garbap aldy-da, meniň eşigimi mynjyradyp taşlady…Anyk
bilemok welin, men aşak oturdym-da, towlanyp onuň elinden sypdym…Soňra eşitdim, birhili dub
agajynyň aşagynda kimdir birleri uruşýan ýaly boldy…edil olaryň ählisi dub agajyna tarap topulyp,
ony bat bilen süsýän ýaly. Soňra Jim meni tapdy-da, ýola tarap süýräp ugrady. Şonda kimdir
biri…megerem, jenap Ýuel bolaýmasa, ony dartyp aldy-da, ýere ýykdy. Olar ýene-de biraz uruşdylar,
soňra birhili geň şatyrdy eşidildi…Jim bolsa şeýlebir çirkin gygyrdy…
Men lam-jim boldum. Hä, gör şol şatyrdy, ine näme ekeni, şonda Jimiň elini döwüpdirler ekeni-ä.
Men ýene-de dowam etdim:
-Hawa, onsoň, Jim şeýlebir çirkin gygyrdy, şondan soňam men onuň sesini eşitmedim, soňra
bolsa…jenap Ýuel meni tä ölýänçäm mynjyratmakçy bolan bolsa gerek…soňra kimdir biri ony meniň
üstümden dartyp aldy-da, zyňyp goýberdi. Men bu Jim maňa kömege gelendir öýdüp pikir etdim.
Şondan soň näme bolandygyny welin men bilmeýärin.
-A soň näme boldy?-diýip jenap Teýt maňa tiňkesini dikip galaýdy.
-Kimdir biri şol ýerde gezmeleýärdi, büdreýärdi, haşlap demini alýardy, üsgürýärdi…onuň edil öýkeni
ýarylyp gelýärdi. Ilki men pikir etdim, bu Jimdir öýtdüm, ýöne onuň bolşy Jimiňkä çalym etmeýärdi,
onsoň men Jimi sermeläp ýerden gözläp ugradym. Men pikir etdim, bu Attikus bize kömege gelendir
öýtdüm, özi-de öte ýadap demini dürsäp bilmeýändir diýip çak etdim…
-Ol kimdi?
-Ine ahyry ol, jenap Teýt, goý onuň özi size öz adyny aýtsyn.
Men tasdanam çüňkde duran şol adama barmagymy çommaldýardym, ýöne Attikusyň gahary
gelmänkä bahymrak elimi aşak goýberdim. Sebäbi adama barmagyňy çommaltmak edepsizlik ahyry.
Ol adam bolsa henizem diwaryň ýanynda durdy. Ol men otaga girelim bäri şol ýerde diwara
ýaplanyp, ellerini döşünde çilşirip gymyldaman durdy. Haçan-da men ony görkezip ugranymda ol
ellerini aşak goýberdi-de, diwara galtaşdy. Onuň elleri edil olar hiç haçan günüň aşagyna çykmadyk
ýaly ap-akdylar. Jimiň otagy gowy garaňkydy, diwaryň reňki bolsa sarymtyldy, şonuň üçinem onuň
ýüzünde bu akdanam ak elleriň mese-mälim tapawutlanyp bildirip durşy geňdi.
Onuň ellerini synlap bolanymdan soň men onuň goňrumtyl-sary reňkli jalbaryna üns berdim, onuň
balagy guma bulaşypdyr, gödek nah matadan köýnegi hem ýyrtylypdyr. Ol örän arrykdy, ýüzi hem
edil elleri ýaly duw-akdy, diňe eňegi ýüzüne görä sähel gararakdy. Hor ýaňaklary içine çöküp durdy,
agzy uly, çekgeleri çökgündi hem-de olarda çukanajylar bar ýalydy, ala gözleri bolsa şeýlebir
ýagtydylar, şeýlebir ýagtydylar welin, meniň göwnüme bolmasa ol kör ýaly bolup göründi. Onuň süýr
depesinde-de seýrek, reňksiz saçlary bardy, özlerem ýaňy etenelikden saýlanyp ugran jüýjejigiň
ýelegi ýaly ýumşak bolup görünýärdi.
Haçan-da men oňa barmagymy çommaldyp ugranymda onuň elleri diwaryň ýüzünden tyrpyp aşak
gaýtdylar welin, diwaryň ýüzünde tegmiller galdy. Sebäbi onuň aýalary gaty derläpdir ekeni. Ol
başam barmaklaryny guşagyna gysdyrdy. Özi-de birhili edil kimdir biri pyçak bilen aýnanyň ýüzüni
çyzan ýaly tisginip, dartylyp gitdi. Men bolsa oňa henizem agzymy öweldip aňkaryp durdum.
Ahyrsoňy onuň ýüzi öňküsi dek agaçdan çapylana çalym etmesini bes etdi. Ol ysgynsyzja ýylgyrdy
welin, näme üçindir meniň owalarym gözýaşdan doldy-da, birdenkä biziň goňşymyzyň ýüzi bulaşyp
gitdi. Men:
-Salam, Betnyşan!-diýdim.
xxxxx
-Jenap Artur diýmeli, körpeje,-diýip Attikus ýumşaklyk bilen düzediş berdi:-Jin Luiza, bu jenap Artur
Redli. Pikir edýän, sen-ä ol eýýäm tanaýan bolmaly.
Eger-de şunuň ýaly pursatda Attikus ähli adatlara hem dessurlara laýyklykda meni Betnyşan Redli
bilen tanyş etmegi başarýan bolsa, onda…äý hawa-da, şonuň üçinem ol Attikus-da.
Men biygtyýar Jimiň düşegine tarap okduryldym. Betnyşan bolsa maňa seretdi-de, ýene-de mylaýym
gowuşgynsyzlyk bilen ýylgyrdy. Utanjymdan ýaňa men yssylap gitdim, ýöne şonda-da sepimi
açmazlykdan ötri, diňe Jimiň üstündäki ýorganyny düzetmek islän kişi bolan boldum.
Attikus:
-Ýok, ýok, oňa degme!-diýdi.
Jenap Gek Teýt, özüniň buýnuzdan äýneginiň içinden Betnyşana göni dikilip äňetdi. Ol ýaňybir
nämedir bir zat diýmek isläpdi welin, daşky otagdan lukman Reýnoldsyň aýak sesleri eşidildi.
-Siziň ähliňiz bärdemi,-diýip ol bosagadan ätläp-ätlemän gepledi:-Agşamyň haýyrly bolsun, Artur,
ilkinji gezek gelenimde men size aňam salmandyryn.
Täsin galaýmaly, onuň gepleýşi hem edil ýöreýşi ýaly öňküsi dek adaty hem erkin, ol edil ine şeýle
edip, Betnyşan bilen ömürboýy her gün salamlaşyp ýören ýaly. Bu, görýän welin, Betnyşanyň ine şu
ýerde, biziň otagymyzda oturandygyndan hem geňräk ýaly…ýogsa-da…äý hawa-la, şeýledirle…Betnyşan Redli hem megerem, käwagtlar keselleýändir. Belki-de kesellemeýän bolmagy-da
ähtimal.
Lukman Reýnolds ýany bilen nähilidir birhili uly, gazette dolangy zady alyp gelipdir. Ol şol zadyny
Jimiň tekjesiniň üstünde goýdy-da, penjegini çykardy.
Lukman Reýnolds maňa:
-Näme, hanha, indi özüň onuň diridigini gördüňmi?-diýdi:-Men häzir özümiň nädip onuň diridigini
bilendigimi aýdaýyn. Haçan-da men onuň endamyny barlaşdyryp başlanymda ol meni gowuja edip
depip goýberdi. Onsoň ony mäkäm uklatmaga mejbur bolduk, ýogsa ol özüne hatda barmagyňy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.