Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24

Total number of words is 3825
Total number of unique words is 2038
30.4 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düýbünden bilmeseler nätjek, olarda asyl tutuş taýpa – bir ullakan maşgala ekeni. Obada näçe erkek
kişi bolsa çaganyň şonça-da kakasy, näçe aýal bolsa şonça-da ejesi bar ekeni. Graýms Ewerett
bolsa olara akyl-paýhas berjek bolup halys güýçden gaçyp barýarmyş, şonuň üçinem ol biziň özi
üçin edýän doga-dileglerimiz bolmasa hiç oňup biljek dälmiş.
Meýkomb ýene-de öňküsi ýaly boldy. Ol indi, eger-de iki sany ujypsyzja üýtgeşmäni hasap etmeseň
edil geçen ýylkysy we ondan öňki ýylkysy ýaly. Birinjiden-ä, dükanlaryň görnüş aýnasyndan we
ulaglaryň aýnalaryndan Senagaty galkyndyrmagyň milli dolandyryş bölüginiň “Biz öz goşandymyzy
goşýarys” diýen şygarly mahabat ýazgyjyklary ýom-ýok boldy. Men Attikusdan olary näme üçin
aýrandyklaryny soradym welin, ol: “SGMDB amanadyny tabşyrdy” diýip aýtdy. Men ondan: “Ony kim
öldürdi” diýip soradym welin, ol: “Dokuz goja” diýdi.
Ikinji üýtgeşmäniň bolsa Meýkombda döwlet ähmiýeti ýokdy. Öňler Ähli ýagşyzadalaryň gününiň
öňüsyrasyny Meýkombda gabat gelşine görä belleýärdiler. Çagalar ellerinden gelşine görä
güýmenýärdiler, eger-de nirädir bir ýere nämedir bir zady oturtmak barada, mysal üçin, ýeňiljek çaga
arabasyny şäheriň tölegli athanasynyň üçeginde dikmek hakda kimdir biriniň kellesine garagol pikir
gelse, onda ol kömekçileriň ýetmezçiligi diýilýän zad-a düýbünden duçar bolmaýardy. Ýöne, geçen
ýyl hanym Tutti bilen hanym Fruttiniň rahatlygy bozulandan soňra ene-atalar suw seňrikden agdy
diýip hasap etdiler.
Uýalar Barberler hanym Tutti we hanym Frutti ikisi-de ötüşen garry gyzlardy, olar tutuş Meýkombda
ýeke-täk ýerzeminli jaýda ýaşaýardylar. Olar barada, hamana olar respublikaçylardanmyş diýip gep
edýärdiler, sebäbi olar biziň şäherimize Alabama ştatynyň Klenton okrugyndan 1911-nji ýylda göçüp
gelipdiler. Olaryň endikleri biziň hemmämizi geň galdyrýardy, ýerzeminiň olaryň nämesine derkar
bolandygyna hiç kes akyl ýetirip bilmeýärdi, ýöne ol olaryň haýsy-da bolsa bir najadyna derkar
bolupdy we şonuň üçinem gazylypdy, olar galan ömürlerini bolsa diňe şol ýerzeminden ýaşajyk
meýkomblylaryň täze-täze nesillerini kowup çykarmak bilen meşgul bolup geçirýärdiler.
Iň beteri-de öz endikleri boýunça hanym Tutti we hanym Frutti (hakykatda olaryň atlary Sara we
Frensisdi), ýankilerdi, üstesine-de olar kerdiler hem. Hanym Tutti muny boýun almaýardy we dymdyrslygyň dünýäsinde ýaşaýardy, emma ine hanym Frutti welin, örän bilesigelijidi, şoňa görä-de ol
özüne eşitmäge ýardam berýän tokurtgajygy edinipdi. Ýöne ol şeýlebir mähnetdi welin, Jim: “bu
grammofonyň tokurtgasy” diýýärdi.
Çagalaryň ählisi bu zatlara beletdiler we hiç haçan ýatlaryndan çykarmaýardylar. Ähli
ýagşyzadalaryň güni eýýäm ýetip gelýärdi, ine günlerde bir günem bezzatlaryň birnäçesi hanym
Barberler gaýym uka gidýänçäler garaşypdyrlar-da, assyrynlyk bilen olaryň myhman otaglaryna
giripdirler (bütin şäherde gijelerine diňe Redliler gapylaryny temmeleýärdiler), soňam ondaky ähli
goş-golamlary emaý bilen jaýyň ýerzeminine daşapdyrlar (bu duýdansyz alamana özümiň hem
gatnaşygynyň bolandygyny men düýpgöter, doly, aýgytly hem gutarnykly inkär edýärin).
-Men olary eşitdim!
Bu çykylyk daň atyp-atmanka hanym Tutti bilen hanym Fruttiniň goňşularyny örüzipdir.
-Ýük ulagy edil işigiň agzyna gelip durdy! Olar edil at sürüsi ýaly aýaklaryny tarpyldadyp ýere
urýardylar. Indi bolsa olar megerem, eýýäm Täze Orleana dagy ýetip barýan bolsalar gerek!
Hanym Tutti öz goş-golamlaryny iki gün mundan ozal Meýkombyň içinden geçip giden ykmanda
söwdagärleriň ogurlandygyna doly ynanýardy.
-Olar şeýlebir ş-a-p-ş-a-r-ga-ra-a,-diýip ol janygýardy:-Megerem siriýalylar bolaýmasa.
Onsoň jenap Gek Teýt çagyryldy. Ol hadysanyň bolan ýerine serediş geçirdi-de:
-Bu biziň özümiziňkileriň, meýkomblylaryň işi,-diýdi.
Hanym Tutti bolsa, meýkomblylary özüniň elmydama-da gepleýişleri boýunça tanajakdygyny, gije
bolsa olaryň myhman otaglarynda hiç kimiň meýkombça gepleşmändigini aýtdy.
Hanym Tutti yzçy itleriň getirilmegini talap edýärdi we şondan pes çäreleriň hiç birine razylyk
bermeýärdi, onsoň jenap Teýt aýagyny süýräp on mil daşlyga ýol söküp gitmeli boldy. Haçan-da
jenap Teýt yzçy itleri yzlary görkezip, olara buýruk berip goýberdi welin, itler jaýyň baş girelgesinden
bada-bat ýere bökdüler-de jaýyň daşyndan aýlanyp, ýerzemine girilýän gapa tarap üýrüp başladylar.
Jenap Teýt olary üç gezek täzeden jaýyň baş girelgesiniň agzyna getirdi, hemme gezeklerde-de olar
ýerzeminiň işigine tarap ylgadylar. Onsoň ahbetin onuň aňyna ýetdi. Şol gün günortana çenli, tä itleri
alyp gidýänçälär oglanlaryň ýekeje biri-de köçe-de aýakýalaňaç görünmedi we olaryň hiç haýsy
köwüşlerini çykarmadylar.
Ine şonuň netijesinde-de meýkombyň asylly hanymlary bir çukura tüýkürdiler-de bu ýyl hemme zat
başgaça bolar diýen netijä geldiler. Mekdebiň uly dabaralar otagyny açarlar, ulular-a diri şekiller
görkeziler, çagalar üçin bolsa “almagapdy”, “ýüptutdy”, “eşegiň guýrugyndan tutdy” ýaly dürli
tomaşalar, oýunlar gurnalar. Ondan başga-da dürli nikaply tomaşanyň iň oňat nikaply geýimi üçin
ýigrimi bäş sent baýrak hem berler.
Jim ikimiz begenjimizden hem sabyrsyzlykdan ýaňa tas uwlaşyp başlaýardyk. Biz elbetde nikaply
geýim ýa-da şoňa meňzeş bir hokga goparaly diýip ýörmeýärdik, ýöne bu ýerde hemme zat uýulýan
pikiriňden dänmezlikdedi. Jim eýýäm özüni Ähli ýagşyzadalaryň gününi bellärden ullakan diýip
hasap edip ýördi, ol: “şol gijä-hä oňa näçe hajyk-hujuk etseler-de ony mekdebe eltip bolmaz” diýdi.
Menem öz ýanymdan: “Ýeri bolýar-da, gitmeseň gitmän geç” diýdim, meni Attikus ugradaýar-da.
Ýöne bahym men şol gije sahnada nähili oýun goýmakçy bolýandyklaryny eşitdim. Hanym Greýs
Merriuzer “Meýkomb okrugy – per aspera ad astra ” atly aklyňy haýran edýän diri şekili oýlap
tapypdyr, menem şol diri şekilde bir but etiň şekilini ýerine ýetirmelidim. Ol öz ýanyndan eger-de
çagalar dürli eşiklerde biziň okrugymyzyň oba hojalyk önümlerini şekillendirseler örän ajaýyp bolar
diýen netijä gelipdir. Sesil Jeýkobs sygry şekillendirmelidi, Egnes Bun örän owadan nohut boljakdy,
ýene-de kimdir biri pisse, beýlekileri bolsa tä hanym Merriuzeriň hyýalbentlik gory tükenýänçä ýa-da
çagalar gutarýança ýene-de köp-köp zatlary şekillendirmelidiler.
Men kynçylyk çekerin öýdüp näçe garaşsam-da, bizden talap edilýän zat diňe, hanym Merriuzer (ol
diňe bir diri şekili dörediji däl-de eýsem alypbaryjydy hem) biziň ýerine ýetirýän şekilimiziň adyny
tutup çagyran dessine çep tarapdan sahna çykyp, öz ornumyzda durmakdy. Ine ol: “But!” diýip
gygyrar welin, şol pille-de men sahna çykmalydym. Iň ahyrynda bolsa biz dabara bilen “Meýkomb,
Meýkomb, biz saňa ömürbaky wepadar” diýen aýdyma gygyrmalydyk, hanym Merrriuzerem şol
pursat biziň ştatymyzyň baýdagyny giň gerip, galdyrmalydy.
Meniň şekilimiň geýmini oýlap tapmak kyn däldi. Şäheriň tikinçisi hanym Krenşonyň hyýalbentligini
hanym Merriuzeriňkiden jinnek ýaly-da peslär ýaly däldi. Hanym Krenşo simden gözenegi aldy-da,
ony kakadylan buduň şekilinde epleşdirdi. Onuň daşyny bolsa goňur mata bilen örtdi-de, buduň reňki
bilen reňkledi. Meniň ony geýşim bolsa şeýleräkdi. Men aşak oturýan, kimdir biri bolsa ony meniň
depämden meniň üstüme geýdirýärdi. Ol özboluşly gapyrjak meniň tas dyzyma çenli ýetýärdi diýen
ýalydy. Hanym Krenşo aladaçyllyk bilen maňa sereder ýaly iki sany deşik deşip berdi. Ol hemme
zady şeýlebir gowy tikip taýýarlapdy welin, Jim: “sen hakyky aýaklyja but” diýdi. Ýöne dogrusy, bu
eşigiň käbir oňaýsyzlyklary bardy, onuň içi demiňi tutup gelýäň dymyk hem yssydy, dardy, üstesine
burnuňam gaşap bolmaýardy, özge biriniň kömegi bolmasa onuň içinden çykar ýaly hem däldi.
Men pikir etdim, haçan-da Ähli ýagşyzadalaryň güni gelip ýetende biziň tutuş maşgalamyz biziň
görkezýän sahnamyzy synlamag gelerler öýtdüm, ýöne meniň bu niýetim puç boldy. Attikus meniň
göwnüme degmejek bolup juda jan çekdi, ýöne ahyrsoňunda barybir özüniň bu gün öte
ýadawdygyny, özüniň häzirki ýagdaýynda diri şekilleri synlamaga gurbunyň çatmajakdygyny aýtdy.
Ol tutuş hepdäni Montgomeride geçiripdi we diňe agşamara dolanyp gelipdi. Ýöne onuň pikiriçe,
eger-de men Jimden özümi ugratmagy haýyş etsem, ol onuň pikiriçe, meniň towakgamy ýerine
ýetirse gerek.
Aleksandra ejem bolsa özüne bu gün irräk ýatmak gerekdigini, özüniň uzakly günläp sahnany
bezemek bilen başagaý bolandygyny, şonuň üçinem halys sütüniniň süýnendigini aýtdy…Birdenem
ol sözüniň ýarysyny aýdyp-aýtman dymyp galdy. Soňra ýene-de nämedir bir zat aýtmak üçin agzyny
açdy, emma hiç zat geplemedi.
-Ejeke, size näme bolýar?-diýip men soradym.
Ol:
-Ýok, ýok, hiç-le,-diýdi:-Birhili meniň inim dyglap, endamym sowap gitdi.
Men-ä dogrusy, oňa birdenkä, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden näme bolandygyna-da düşünmedim,
ýöne ol bada-bat özüni dürsedi-de, myhman otagynda meniň çykyşymy synlap görmegi teklip etdi.
Jim meni basyp-büküp ýörite taýýarlanan geýmiň içine dykdy-da, myhman otagynyň bosagasynda
durup, “But!” diýip gygyrdy. Özem sesini bilgeşleýinden edil hanym Merriuzeriň sesine meňzetdi.
Onsoň men dabara bilen myhman otagynyň ortarasyna çenli ýöredim. Meniň çykyşym Attikus bilen
Aleksandra ejemiň tüýs hoşuna geldi.
Soňra men aşhana gitdim we Kelpurniýanyň öňünde özümi sereşledim, olam maňa: “Seni görmäge
göz gerek” diýdi. Men soňra ylgap gidip hanym Modä-de görünmek isledim, ýöne Jim: “Ol megerem,
barybir dabara barar we şol ýerde seni synlap biler” diýdi.
Şondan soň özümiziňkileriň dabara barjagynyň-barmajagynyň ähmiýeti ýokdy. Men olaryň
hemmesine görnüpdim. Jim bolsa meni ugratjakdygyny aýtdy. Ine şeýle ýagdaýda-da Jim ikimiziň iň
uzak syýahatymyz başlandy.
xxxxx
Şondan öň hiç haçan oktýabryň iň soňky güni beýle ýyly bolmandy. Şonuň üçinem biz hatda ýyly
keltekçelerimizi hem geýmedik. Ýel turup başlady welin, Jim: “Yzymyza gaýdanymyzda, görýän
welin, biz ýagşyň astynda galaýmasak” diýdi. Gije tüm-garaňkydy, aý görünmeýärdi.
Köçäniň künjündäki çyra Redlileriň jaýyna uzyn-uzyn gara kölegeleri düşürýärdi. Jim pessaýja güldide:
-Jedel edeli, şu gün olary hiç birahat etmez,-diýdi.
Jim meniň geýmimi alyp barýardy, demir gözenek zerarly ony götermek juda oňaýsyzdy. Biziň
Jimimiz nähili edepli hem salyhatly diýsene. Ýogsa maňa: “özüň göter” diýibem bilýär ahyry.
Men:
-Barybir bu ýer birhili gorkunç, dogrumy?-diýdim:-Betnyşan, elbetde, hiç kime ýamanlyk islemeýär,
ýöne men barybir seniň ýanym bilen gaýdanyňa begenýän.
Jim:
-Näme, dagy seniň ýeke özüňi Attikus goýberer öýtdüňmi?-diýdi.
-A näme üçin goýbermesin? Bu ýerde bary-ýogy-da, köçäniň burçundan mekdebiň howlusyna
öwrülýänçäň ýol bar ahyry.
-Mekdebiň howlusy öte uly we kiçijik gyzjagazlaryň ýeke özleri garaňkyda gezmeli däl,-diýip Jim
meni gižželedi:-Ýa-da sen al-arwahlardan gorkmaýarsyňmy?
Biz hahahaýlaşyp gülüşdik. Biz eýýäm birmahaldan bäri ullakan adamlardyk. Salgymlar, howurpowur, jadygöýlük, syrly belgiler – bularyň barysy edil gün doganda duman dagaýşy ýaly dagap
gidipdiler.
Jim:
-Şol wagtlar biziň nähili dogamyz bary-a?-diýdi:- “Diri, öli däl, janyň enweri, bogma, goýber meni”.
Men:
-Bes etsene,-diýdim. Biz edil şol wagt Redlileriň jaýynyň deňesinden geçip barýardyk.
Jim:
-Megerem, Betnyşan öýde ýok bolaýmasa. Diňle,-diýdi.
Biziň hol depämizdäki tümlükda ýalňyz bilbiljik özüniň ähli mukamjyklaryny bir ujundan saýraýardy,
ol özüniň kimiň agajynda oturandygyny asla şübhe-de etmeýärdi, ol birden-ä geçiguş bolup sykylyk
atýardy, birdenem gazaba münen garasar ýaly jürküldeýärdi, birdenem gündizkör ýaly ajydan-ajy
zeýrenýärdi.
Biz köçäniň burçundan öwrülenimizde men ýerden çykyp duran agajyň köküne büdredim. Jim maňa
tekge bermek islände meniň eşigimi tozana gaçyrdy. Men barybir ýykyldym, emma bada-bat
ýerimden turdum welin, biz ýene-de ýolumyzy dowam etdik.
Soňra biz mekdebiň howlusyna öwrüldik. Ol ýeri hasam gözedürtme garaňkylyk ekeni.
-Jim, a sen nirä gitmelidigini nireden bilýärsiň?-diýip men bäş-on ädim ädenimizden soň soradym.
-Biz häzir şol uly dub agajynyň aşagynda, syzýarsyňmy, bärisi biraz salkynrak? Seret, seresap bol,
ýene-de büdräýme.
Indi biz agajy süsmezlik üçin haýaljakdan, her basjak ýerimizi barlap diýen ýaly ýöreýärdik . Ol dub
agajy ýalňyzdy we garryňam-garrysydy. Biziň ikimiz-ä her näme edenimizde-de onuň daşyndan
gujaklamaga elimiz ýetjek däldi. Ol mugallymlardanam, şugulçylardanam, bilesigeliji
partadaşlardanam daşdady, elbetde, dogrusy ol Redlileriň gapdaljygynda ösüp otyrdy, ýöne Redliler
kesekileriň işlerine burunlaryny sokup ýörmeýärdiler. Onuň kölegeleriniň astynda şeýlebir köp
uruşlar we gadagan edilen humar oýnunyň söweşleri bolup geçipdi welin, ol ýerde depgilenipdepgilenip zynç edilen toprak daşa dönüpdi.
Öňümizde mekdebiň dabara otagynyň uly penjireleri lowurdap durdy, ýöne olar bize ýol
görkezmekden geçen gaýta gözümizi gapýardylar.
Jim:
-Öňe seretme, Gözlüje,-diýdi:-Aýagyň aşagyna gara, ýogsa ýykylarsyň.
Men:
-Sen nähak elçyrajygy almadyň, Jim,-diýdim.
-Men beýle tümlük bolar öýdüp pikir etmedim. Men pikir etdim, biz barýançak heniz ýolumyzy aýylsaýyl edil bolar öýtdüm. Bu garaňkylayk bar-a bulutlar sebäpli. Olary, megerem, şemal entekentekler dagytmasa gerek.
Şol pille-de biziň üstümize kimdir biri bökdi. Jim şeýlebir çirkin gygyrdy welin, meniň tas gulagym
gapylypdy.
Dessine-de biziň ýüzümize ýiti ýagty düşdi, bu Sesil Jeýkobs bize tarap elçyrasy bilen ýagty saçyp,
piriminiň paşandygyna begenip, duran ýerinde bökjekleýärdi.
-Hä, aldandyňyzmy!-diýip ol sesinde baryny edip gygyrýardy:-Men siz hut şu ýoldan gelersiňiz
diýibem garaşdym-da!
-Seniň ýeke özüň bu ýerde näme işleýärsiň? Näme sen Betnyşan Redliden gorkmaýarsyňmy?
Enet-atasy Sesili sag-aman mekdebe getirip giden ekenler, ol bolsa biziň ýokdugymyzy görüp, dub
agajynyň aşagyna eňipdir, ol biziň hut şu ýoldan geljekdigimizi anyk çaklan ekeni. Ýöne ol bizi
Attikus ugradar öýdüp pikir edipdir.
Jim:
-Hymh, munuň diýýän zadyna serediň-ä! Bu ýerde bary-ýogy-da ýöremelisi ynhajykga dälmi,
köçäniň burçundan aýlandygyň ýetdigiň,-diýdi:-Ýeri bu ýerde nämeden gorkjak diýsene?
Äý, ýöne her näme diýseňem şu gezeg-ä Sesiliň oýny başa bardy. Ol hakykatdanam bizi gaty erbet
gorkuzdy, indem bu barada bütin mekdebe jar etmäge onuň doly hukugy bardy.
Men:
-Diňle,-diýdim:-sen bu gün sygyr ahyry. Hany seniň şekil eşigiň nirede?
Ol:
-Şol ýerde, sahnanyň aňyrsynda,-diýdi:-Hanym Merriuzer aýdýar: “diri şekil entek beýlebir tiz
görkezilmez” diýýär. Senem öz eşigiňi sahnanyň aňyrsynda meniňkiniň ýanynda goý, Gözlüje, ýör,
özümem oglanlaryň ýanyna gideliň.
Jim begendi. Mundan gowy nädip bolsun, men ýeke bolmaryn, deň-duşlarymyň arasynda gezerin, ol
bolsa öz ýaşytdaşlarynyň arasyna gidip biljekdi.
Biz mekdebiň dabara otagyna gelenimizde ol ýerde eýýäm diňe Attikusdan, mekdebi bezäp-bezäp
halys surnugan zenanlardan, garasöýmezletden hem ýekemenlerden özge tutuş Meýkomb
ýygnanan ekeni. Göwnüňe bolmasa, bu ýere tutuş okrug jemlenen ýalydy, binanyň äpet girelge
otagy golaý-goltumyň bezenip-beslenen ýaşaýjylaryndan ýaňa hyryn-dykyndy. Birinji gatda, giň
däliziň iki tarapynda dürli güýmejneler guranlypdyr, olaryň ählisiniň öňünde-de adamlar hümer
bolşup durdylar.
-Wah, Jim, men pul almagy ýadymdan çykaraýpdyryn!
Jim:
-Saňa derek Attikus welin ýadyndan çykarmady,-diýdi:-Ine, me şu otuz senti al, bu alty sany oýun
şaýlaryny almaga. Ýeri, bolýar, häzirlikçe!
Men özümiň otuz sentimiň we ýanymyň ýoldaşlydygyna göwnühoş halda:
-Ýeri bolýar,-diýdim.
Sesil ikimiz gapdalky gapydan dabara otagyna girdik, ondanam sahnanyň perdeleriniň aňyrsyna
geçdik. Men öz gödeňsiz eşigimi başymdan sowdum-da, özümi hanym Merriuzer görmänkä, ol
ýerden ökjäni göterdim, ol şol wagt tomaşaçylaryň orunlarynyň ilkinji hatarynyň öňünde durdy we öz
elindäki ýazgylara nämedir bir zatlary çyzyşdyryp ýazyşdyrýardy.
-Seniň näçe puluň bar?-diýip men Sesilden soradym.
Onda-da otuz sent bar ekeni, diýmek biziň ikimiz deňdik. Biz ilkinji nobatda bäş sentimizi
eýmençlikler otagyny synlamaga sarp etdik, ýöne ol bizi dynnym ýalyjagam gorkuzmady, biz ýedinji
synpyň tüm-garaňky otagyna girdik welin, şol ýerde wagtlaýyn ýaşap başlan gan sorujy diri merhum
bizi diwaryň ugry bilen ýöredip alyp gidip ugrady, ýüzugruna-da ol haýsydyr bir düşnüksiz zatlary
elläp görmegi buýurýardy, özem bizi şol galtaşýan zatlarymyzyň böleklere bölünen adam bedeniniň
dürli agzalarydygyna ynandyrmaga çalyşýardy.
-Ine bu gözleri,-diýip gan sorujy diri merhum haçan-da biz ýalpajyk tabajygyň üstünde goýlan,
daşynyň gabygy aýrylan iki sany üzümi ellänimizde aýtdy.
-Ine bu ýürek.
Bu élan zadymyz galtaşanyňda çig bagry ýatladýardy.
-Ine bu bolsa içegeler,-diýip diri merhum buz ýaly bolup sowap giden uzyn aşdan doly ýalpak tabagy
biziň elimize tutdurdy.
Şondan soň biz ýene-de birnäçe güymänjä aýlanyp çykdyk. Hanym Teýloryň äleme meşhur ajaýyp
tagamly kökejiklerinden adama bir haltajygyny satyn aldyk. Men toşapda ýüzüp ýören almany agzym
bilen tutup almak babatda öz bagtymy synap görmek isledim, emma Sesil: “bu gi-gi-ýe-na-nyň
talaplaryna laýyk gelmeýär” diýdi. Onuň ejesi şeýle etmek bilen haýsy-da bolsa bir kesele duçar
bolmak mükin diýen ekeni, sebäbi ol alma men ilkinji bolup agzymy degirmeýärdim ahyry.
-Şu mahal biziň Meýkombymyzda hiç hili ýokanç kesel ýok,-diýip men eňek diräp ugradym.
Emma Sesil öz ejesiniň: “özgeleriň agzyndan galanyny iýmegiň gi-gi-ýe-na-nyň talaplaryna laýyk
gelmeýär” diýip aýdandygyny aýtdy. Men şol wakalardan ep-esli soň bu babatda Aleksandra
ejemden soradym we gepiň arasynda Sesiliň ejesiniň haýsy sözleri diýendigini-de aýdan bolup
goýberdim welin, ol: “diňe hemişe öňe sokjarylyp ýören geçiniň öň aýaklary ýalylar şeýle pikir
edýärler” diýdi. Menem bu jogaba heziller edäýdim.
Şol gün biz dodaga çalynýan reňk hem satyn almak isledik, ýöne şol pursat hanym Merriuzeriň
çaparlary ylgaşyp geldiler-de biziň sahnanyň aňyrsyna çagyrylýandygymyzy, bahym diri şekiliň
görkezilip başlanmalydygyny aýtdylar. Tomaşaçylaryň orunlary adamlardan dolup barýardy,
meýkombyň mekdep saz topary sahnanyň öňünde, aşakda eýýäm öz orunlaryna geçipdi, sahnany
ýagtylandyrýan yşyklar ýakylypdy, gyzyl mahmaldan perde bolsa arkasynda turzulýan tüpgen zerarly
tolkun atyp, iki ýaňa çaýkanýardy.
Perdäniň aňyrsynda Sesil ikimiz elde ýasalan üçburçluk başgaplary, konfederatlaryň goşunynyň we
ispanlar bilen uruş döwrüniň gulakjynlaryny, jahan urşy döwrüniň kaskalaryny geýen ululardan
depilip dykylan ýaly doly darajyk dälize düşdük. Oba hojalygynyň dürli miwelerini şekillendirmeli
geýimleri geýen çagalar bolsa kiçijik penjirejigiň ýanynda dykylyşyp durdylar.
-Kimdir biri meniň eşigimi ýemşerdipdir-ä!-diýip men naýynjar gygyrdym.
Hanym Merriuzer edil çapylýan at ýaly darsyldap geldi-de, meniň geýmimiň gözenegini ýazyşdyrypepleşdirip öňki şekiline getirdi, soňam meni onuň içine saldy.
-Dirimiň, Gözlüje?-diýip Sesil sorady:-Seniň sesiň edil ýerzeminden gelýän ýaly.
Men:
-Seniňkem şeýle,-diýdim.
Saz topary dabaraly senanyň sazyny çalyp ugrady welin, hemmeleriň güpürdeşip ýerlerinden
turýandyklary eşidildi. Soňra türk depi kakylyp başlady. Hanym Merriuzer öz ornunda oturan
ýerinden yglan etdi:
-Meýkomb okrugy – per aspera ad astra.
Ýene-de türk depi kakyldy.
-Bu bolsa aňladýar,-diýip hanym Merriuzer latynçany bilmeýän nadanlar üçin terjime etdi:-hapaläbikden ýyldyzlara çenli ýol diýmegi.
Soňam näme üçindir üstüne goşup goýberdi:
-Diri şekiller.
-Şeýdip aýdybermeseň ýogsa düşünmezler-ow, şolar!-diýip Sesil ýaňsyly pyşyrdady, ýöne oňa
bada-bat hüşşüldediler.
-Munuň diri şekildigini bütin şäher bir aý bäri bilýär,-diýip menem kem galyp barýan dek eşidilereşidilmez pyşyrdap galdym.
Sesil:
-Şäher eteginde ýaşaýanlarammy?-diýdi.
-Eý, şol ýerde ýuwaşrak boluň!-diýip bir erkek kişi gygyrdy welin, biz lam-jim bolmaga mejbur bolduk.
Ýene-de türk depi gürpüldedi. Onsoň hanym Merriuzer gonamçylykda, mazaryň başujunda çykyş
edýän ýaly ses bilen Meýkomb okrugy hakynda gürrüň berip başlady. Ol ştatda iň goja okrug bolup,
birmahallar Missisipiniň we Alabamanyň bir bölegi bolupdyr. Akýagyz adamlaryň ilkinjisi bolup bu
adam aýagy sekmedik diýen ýaly tokaýlyklara miras işleri boýunça biziň kazymyzyň babadaş garry
atasy gelipdir we yzsyz-tozsuz ýitirim bolupdyr. Soňra bu jelegaýlara gaýduwsyz polkownik
Meýkomb gelipdir, şonuň hatyrasyna-da biziň okrugymyz şu mahalkysy ýaly atlandyrylypdyr.
General Endrýu Jekson oňa häkimlik ygtyýarlyklaryny beripdir, ýöne polkownik Meýkombyň ýerliksiz
gopbamlygy hem-de Zeminiň taraplaryny saýrgarmaga ukypsyzlygy onuň bilen bilelikde Derýajyk
taýpasynyň hindilerine garşy söweşlere gatnaşanlaryň hemmesiniň başyna betbagtlyk inderipdir.
Polkownik Meykomb hiç bir zatdan gaýtman bu ülkäni demokratiýa üçin basyp almak isläpdir, ýöne
onuň ilkinji ýörişi onuň üçin iň soňky ýörişe öwrülipdir. Çapar hökmünde dostlukly taýpadan bolan
hindiniň üsti bilen oňa günorta tarapa gitmek barada buýruk gowşurylypdyr. Zeminiň günorta
tarapynyň nirededigini kesgitlemek üçin polkownik agaçlarda ösýän heňpisint ösümliklerden ugur
alypdyr, özüne ýalňyşandygyny aýtmakçy bolan tabynlygyndakylara bolsa agyzlaryny açmaga-da
maý bermän, duşmany derbi-dagyn etmegi mäkäm ýüregine düwüp ýörişe ugramaga gyssanypdyr,
ýöne duşmanyň üstüni gapyl basmagyň deregine öz goşunlaryny demirgazyk-günbatar tarapa,
ilkidurmuş jeňňelliklerine alyp gidipdir. Diňe şondan kän soň olary şol okgeçmez gür tokaýlaryň
içinden ýurduň jümmüşine tarap barýan göçüň adamlary alyp çykypdyrlar.
Hanym Merriuzer polkownik Meýkombyň edermenlikleri hakynda tutuşlygyna ýarym sagatlap diýen
ýaly gürrüň berdi, men bolsa şol wagtyň dowamynda täze bir açyş etdim: eger-de dyzyňy epsem,
aýaklarym gödeňsiz eşigimiň aşagyna sygýan ekeni, onsoň şeýle ýagdaýda eýdip-beýdip, birsalym
oturyp boljak ekeni. Men oturan ýerimden hanym Merriuzeriň depregiň gümmürdisi bilen gatylypgarylyp gelýän ýüregedüşgünç wyzzyldysyny diňledim oturdym, ahbetinem munuň nädip beýle
bolandygyny özümem duýman irkilip, mäkäm uka gidipdirin.
Soňra maňa näme bolandygyny gürrüň berdiler: hanym Merriuzer öz diri şekiliniň aklyňy haýran ediji
ahyryna baranmyş-da: “But!” diýip parahat hem ynamly äheňde mylaýymja gepläpdir, sebäbi sosna
agaçlary hem-de nohut ol olaryň atlaryny tutan dessine haýal etmän sahnada peýda bolupdyrlar
ekeni. Meniň şekilimiň adyny tutup birinji gezek gygyrandan soň ol sähel salym garaşypdyr-da, ýenede, öňküsine görä az-kem gatyrak ses bilen çagyrypdyr. “But!”. Ýöne sahnada hiç hili but peýda
bolmandyr. Ine şonda-da ol bogazyna sygdygyndan bagyryp goýberipdir: “BU-T-T-T!!!”.
Megerem men ukynyň arasynda onuň sesini eşidendirin-dä, belki-de meni şol pursat günorta
ştatlaryň senasynyň sazyny çalyp ugran saz topary oýarandyr, bilemok, ýöne men özümiň sahnada
emele gelmeli pursadym hökmünde hut hanym Merriuzeriň ştatyň baýdagyny dabara bilen giň
gerýän pursatyny saýlap alypdyryn. Has takygy saýlap saýlanam däldirin-de, şol pille meniň ýöne,
hemmeler bilen bilelikde bolasym gelen bolaýmasa.
Soň maňa aýdyp bermeklerine görä, kazy Teýlor tomaşaçylaryň arasyndan atylyp çykyp, arasynda
dyzlaryna kakyp şeýlebir hahahaýlap gülüp başlapdyr welin, hatda tä hanym Teýlor oňa suw bilen
haýsydyr bir derman gerdejigini getirip berýänçä köşeşip hem bilmänmiş.
Hanym Merriuzer bihuda jepa çekmändir ekeni, üstünlik dag ýaly mähnet boldy, hemmeler
ýerlerinden turup çapak çalýardylar, gygyryşýardylar, ýöne barybir ol meni perdäniň aňyrsynda
gapyp aldy-da maňa: “sen meniň diri şekilimi kül-peýekun etdiň” diýdi. Utnajymdan ýaňa ýer-ä
ýarylmady menem girmedim, ýöne şol wagt meniň yzymdan Jim geldi-de, maňa duýgudaşlyk bildirdi.
Ol özüniň oturan ýerinden-ä meniň hatda göze-de ilmändigimi aýtdy. Men düşünemok, ol şol pursat
nädip meniň şeýle betbagtdygymy duýduka, sebäbi men şol wagt heniz öz eşigimden hem
çykmandym ahyry. Jim meni köşeşdirmek üçin meniň ähli zady bolmalysy ýaly edendigimi, ýöne
birazajyk gijä galandygymy aýtdy. Haçan-da düýbünden erbet bolan halatynda Jim indi edil Attikus
ýaly köşeşdirmegi oňarýar. Ýöne Jim näçe başarjaň bolsa-da ol meni adamlaryň gözüne görünmäge
yryp bilmän, hemmeler dabara otagyndan gidýänçäler maňa perdäniň aňyrsynda garaşmaga razy
boldy.
-Bi zady sypyrmak isleýärmiň, Gözlüje?-diýip ol sorady.
Men:
-Ýok, islämok,-diýdim:-Şeýle ýagdaýda gitjek.
Goý hiç kimiň bu mahal meniň halymyň neneňsi erbetdigini görmesin.
-Sizi öýňüze düşürmelimi?-diýip kimdir biri sorady.
Jim:
-Ýok, jenap, taňryýalkasyn,-diýdi:-Biz, ine şu golaýjaga barmaly.
-Gijeki kölegelerden ägä boluň,-diýip şol ses maslahat berdi:-Has takyk aýdanyňda, goý gijeki
kölegeler, Gözlüjeden ägä bolaýsynlar.
Jim:
-Ine, indi hiç kim galmady diýen ýaly,-diýdi:-Ýör gitdik.
Biz dabara otagyny kesip geçip dälize çykdyk, basgançakdan aşak düşdük. Köçe öňküsi ýaly tümgaraňkydy. Ulaglaryň birnäçesi heniz ugramandyr ekeni, ýöne olar mekdebiň beýleki tarapynda
durdylar, şol sebäpli-de olaryň çyralarynyň bize peýdasy ujypsyzdy.
Jim:
-Eger-de kimdir biri biziň tarapymyza gaýtsa, onda bize öňümiz biraz oňadrak görnerdi,-diýdi:-Diňle,
Gözlüje, gel, men seniň süýr depäňdäki süňkjagazyňdan saklaýyn. Ýogsa sen birden
deňagramlylygyň ýitirip, düňderiläýme.
-Maňa hemme zat görünýär.
-Hawa-la, elbetde, ýöne birdenkä sen deňagramlylygyňy ýitiräýme.
Nämedir bir zat meniň süýr depäme ýeňiljek basdy, megerem, Jim buduň injiginden ýapyşan bolsa
gerek.
-Duýýaňmy?
-Hawa…
Biz mekdebiň garaňky howlusynyň içi bilen ýöräp ugradyk, men dähedem-dessemläp barşyma diňe
aýagymyň astyna seredýärdim, ýöne hiç zat saýgarar ýaly däldi.
Men:
-Jim,-diýdim:-men şol ýerde, sahnanyň aňyrsynda köwşümi ýadymdan çykarypdyryn.
-Ýeri bolýar-da, ýör yzymyza gideli.
Ýöne biz yzymyza öwrülen badymyza mekdebiň penjirelerindäki ýagtylyk söndi.
Jim:
-Ertir alarsyň,-diýdi.
-Ertir ýekşenbe ahyry,-diýip men Jim meni öýmüze garşy öwrende garşy çykdym.
-Garawuldan haýyş etseň, ol seni içine goýberer…Gözlüje…
-Hä?
-Ýok, hiç-le.
Jim ep-esli wagtlap dymyp ýöredi. Meniň içim byjyklap ugrady. Beh, ol näme hakda pikir edýärkä. Äý
bolýar-la, islän wagty özi aýdar-da, megerem öýe baranymyzdan soň aýdaýmasa. Onuň eli meniň
süýr depäme biraz gatyrak basdy, meniň pikirimç-ä gereginden artygam gatyrak ýaly. Men kellämi
silkip goýberdim.
-Jim, ýeri saňa näme bolýar-a?
-Azajyk geplemän dur, Gözlüje,-diýdi-de ol buduň injigini hasam gatyrak basdy.
Soň biz esli dymyp ýöredik.
Men:
-Seniň azajyk diýýän wagtyň eýýäm geçdi,-diýdim:-Sen hälden bäri näme hakda oýlanýarsyň-a?
Men Jime tarap öwrüldim, emma şeýlebir garaňkydy welin, men hatda onuň ýüzünem saýgaryp
bilmedim.
Ol:
-Meniň gulagyma nämedir bir zat eşidilen ýaly boldy,-diýdi:-Hany, dur hany.
Biz togtadyk.
-Bir zatlar eşidýärsiňmi?-diýip Jim sorady.
-Ýok.
Ýene-de bäş ädim geçip-geçmänkäk ol ýene-de meni saklady.
-Jim, sen näme, meni gorkuzjak bolýarsyňmy? Men eýýäm körpeje däl, men…
Jim:
-Ýuwaş,-diýdi welin, men dessine düşündim, ol meniň bilen oýun etjek bolmaýardy.
Gije şeýlebir ümsümdi welin, men hatda Jimiň dem alşyny-da ap-arkaýyn eşidýärdim. Kämahal bir
meniň ýalaňaç aýaklarymy ýalap şemaljyk öwsüp geçýärdi, onuň bady pelesipdir, ýogsa biz
mekdebe barýarkak ol güýjünde baryny edip öwüsýärdi ahbetin. Häizr bolsa edil tupanyň
öňüsyrasyndan bolşy ýaly ähli zat dym-dyrslyga beslenipdi. Biz diňşirgenişip durdyk.
Men:
-It üýrdi,-diýdim.
Jim:
-Ýok, ol ses däl,-diýdi:-Ol ses biz ýöräp başlasag-a eşidilýär, dursagam eşidilmeýär.
-Bu meniň eşigim şagyrdaýar. Hä, bildim, sen bar-a meni oýnajak bolýarsyň, sebäbi şu gün şeýle
gün-dä.
Men aýdanlarymy Jime däl-de özüme subut etjek bolup dyrjaşýardym. Sebäbi biz ýöräp başlan
badymyza onuň näme hakda gürleýändigine men düşündim. Yzymyzdan gelýän çybşylda meniň
eşigimiň jinnek ýalyjak-da dahyly ýokdy.
-Bu sesleriň hemmesi Sesil bolmaly,-diýip Jim birhaýukdan soň aýtdy:-Ýöne ol ind-ä bizi ahmalyna
salaýmaz. Gel gowusy haýalrak ýöräli-le, goý ol biz gorkýandyrys öýtmesin.
Indi biz edil pyşdyla dönüp süýrenip barýardyk. Men: “ol nähili eger-de Sesil biziň yzymyzdan şunuň
tümlükde ýöräp gelýän bolsa, onda näme üçin ol henize çenli biziň bilen süsüşmedi?” diýip soradym.
Jim:
-A men welin seni görýärin, Gözlüje,-diýdi.
-O nähili beýle? Maňa sen görünmeýärsiň.
-Seniň eşigiňdäki ýag zolaklary assaja ýyldyraýar. Hanym Krenşo olaryň lowurdamaklary üçin olary
ýagtylyk çykarýan reňk bilen reňkländir. Men seni örän oňat görýärin, Sesile-de megerem sen
görünýänsiň, ine şonuň üçinem ol biziň bilen çaknyşman yzymyzdan assyrynlyk bilen ýoräp gelýän
bolmaly. Ýeri bolýar-da, goý ol bizi aldawa salandyryn öýdüp pikirem etmesin.
Men birdenkä yzyma öwrüldim-de, bogazyma sygdygyndan gygyrdym:
-Sesil Jeýkobs – öl-myžžyk to-o-wu-u-k!
Biz togtadyk. Ýöne Sesil jogap bermedi, diňe nirededir bir hol allaowarrada, mekdebiň ýanyna
ýakynda ýaň “To-o-wu-u-k!” diýip jogap berdi.
Jim:
-Ine men häzir ony bir,-diýdi:-E-he-heý!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.