Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 2044
29.2 of words are in the 2000 most common words
41.1 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ybadathana gelmeýärdi. Olaryň arasynda hatda jenap Anderwud hem bardy. Jenap Anderwud öň
hiç haçan „Meýkomb tribýun“ gazetinden başga hiç ýere gitmeýärdi we şondan özge hiç zat bilen
meşgullanmaýardy, onuň ýekeje özi gazetiň hem eýesidi, hem redaktorydy hem-de harp ýygyjysydy.
Ertirden agşama çenli ol özüniň çaphana enjamyndan kämahal garbak-gurbak edinmek ýa-da
gapdalynda hemişe doly duran golçadan ülje şerabynyň bir owurdyny içmek üçin bolaýmasa, galan
wagt ýeke ädimem aýrylmaýardy.
Ol adamlaryň arasyna täzelikleri bilmek üçin örän seýrek çykýardy, adamlaryň özleri onuň ýanyna
gelip, wakalary gürrüň berýärdiler. Gazetiň tutuş sanyndaky maglumatlary onuň ýeke özi düzýär we
özüniň çaphana enjamynda neşir edýär diýip gürleýärdiler. Bu gep-gürrüňler hem hakykata örän
ýakyndy. Megerem, eger-de jenap Anderwud özüniň synmaz galasyndan Taňrynyň döreden ýagty
jahanyna çykmaga mejbur bolan bolsa, diýmek onda bu gezek nähilidir bir adatdan daşary täsin
waka bolan bolmaly.
Men Attikusy öz bosagamyzda gapyp alyp, soradym welin, ol Tom Robinsonyň Meýkombyň
türmesine geçirendiklerini aýtdy. Ýene-de pyşyrdady: „eger-de ony ilkibaşdan başlap şu ýerde
saklan bolsalar onda hiç hili bolgusyzlyk ýüze çykmazdy“. Ýöne dogrusy, onuň soňky sözleri maňa
däl-de onuň özüne niýetlenen ýalydy. Ol ybadathanada özüniň üçünji hatardaky ornuna geçip
oturdy-da: „Men saňa ýakynlaşaryn, Perwerdigär“ diýen aýdym-doganyň sözlerini gaýtalady, ol
aýdym aýdanda hemmelerden biraz yza galýardy, şonuň üçinem onuň ýogyn, goýy sesiniň ýeke özi
aýratyn ýaňlanýardy. Ol hiç haçan biziň bilen bile oturmaýardy. Ol ybadathanada ýeke özi özbaşyna
bolmagy halaýardy.
Ýekşenbe günleri öýdäkileriň ählisi hemme zat gülala-gülluksirän bolýarlar, Aleksandra ejem bize
göçüp geleninden soň bolsa bar zat öňküdenem beter ýurekbulanjy bolup başlady. Günorta nahary
tamamlanyp-tamamlanmanka Attikus öz iş otagyna gaçyp gidýärdi, biz käwagt onuň ýanyna
baranymyzda bolsa onuň pyrlanýan kürsüsinde arkanlygynaýaplanyp, nämedir bir zat okap
oturandygyny görýärdik. Aleksandra ejem bolsa nahardan soň bir-iki sagatlyk gözüniň awusyny
almak üçin ýerine geçýärdi, özem gidip barýarka bize goňşularymyzyň hemmesi dynç alýarkalar
howluda goh turuzmaga het edip bir göräýiň diýen äheňde haýbat atyp gidýärdi. Jim hem ulalypulalyp, ahbetin öz otagyna ýeke özi futbol žurnallarynyň bir gujagy bilen gitmek ýaşyna ýetdi. Şol
sebäpli-de Dill ikimize ýekşenbe günleri diňe Sugun sonarlygynda özbaşymyza pessaýja oýunlar
bilen güýmenäýmek galýardy.
Ýekşenbe günleri bize oýnawaç jysmygymyzdan atmag rugsat berilmeýärdi, şoňa görä-de Dill ikimiz
sonarlykda birsellem Jimiň pökgüsini depip oýnadyk, ýöne bu pişe juda tukat bolandygy zerarly örän
tiz ýüregimize düşdi. Onsoň Dill: „Ýör gideli, belki biz Betnyşan Redlini görüp bileris“ diýdi. Men:
„Meniň pikirimçe onuň degnasyna degmesek gowy bolarmyka diýýän“ diýdim-de Dille geçen gyşda
bolup geçen wakalary gürrüň bermäge başladym. Ol diňläp durşuna agzyny açyp geň galýardy.
Agşam naharyna ýakyn biz öýli-öýümize dagadyk, agşam şamlygyndan soň bolsa Jim ikimiz ýaňybir
hemişekimiz ýaly ýatýançak kitap okamaga çemelenipdik, welin, Attikus bizi geň galdyrdy. Ol
myhman otagyna çykanda onuň elinde uzyn elektrik simi bardy. Simiň bir ujy çyralydy.
Ol:
-Men birsalym gitjek-diýdi:-Haçan-da dolanyp gelenimde bolsa siziň hemmäňiz düşegiňizde
bolarsyňyz, şonuň üçinem men şu wagt size gijäňiz rahat bolsun diýäýjek.
Ol sypal başgabyny geýdi-de, jaýymyzyň arka ýüzündäki gapysyndan çykdy.
Jim:
-Ol ulagy alýar-diýdi.
Biziň kakamyzyň özüne ýetik geň-taňlyklary bardy: birinjiden, ol hiç haçan süýji zatlary iýmeýärdi,
ikinjiden, ol hemişe pyýada ýöremegi halaýardy. Men özümi bilelim bäri biziň ulaghanamyzda
arassaja, rejelije „şewrole“ durdy. Elbetde Attikus işi çykanda ony sürýärdi, ýöne Meýkombda öz
işine we yzyna, öýmüze, günde iki gezek ol hemişe pyýada ýöreýärdi, bu bolsa azyndan iki mil dagy
bardy. Ol: „ýöremek – meniň meşgullanýan ýeke-täk sportum“ diýip aýdýardy. Meýkombda bolsa
eger-de adam ýöne, hiç bir maksatsyz aýaklaryna agram salýan bolsa diýmek ol hiç zada
ymtylmaýan we hiç haçan hiç bir sepgitlere ýetip bilmejek bikär adam diýip hasaplaýardylar.
Kakam gidenden soň men ejekeme we doganyma gijeleriniň rahat bolmagyny arzuw etdim-de
ýerime geçdim, düşegimde ýatan ýerimden okap ýatanyma esli wagt geçenden soňra birdenkä Jimiň
otagynda nähilidir birhili düşnüksiz gowruň başlandygy gulagyma ildi. Adatça ol düşegine geçmäge
beýle sesli taýýarlanmaýardy, men günde gije onuň otagyndan eşidilýän her bir owaza beletdim,
şonuň üçinem men ýerimden turdum-da onuň işigini kakdym.
-Sen näme uklamaýarsyň?
-Biraz wagtlyk şähere gidip gelmekçi-diýip ol jalbaryny geýip durşuna hüňürdedi.
-Näme üçin? Eýýäm sagat on bolup gelýär ahyry.
Ol muny bilýärdi, ýöne barybir gitmekçi bolýardy.
-Onda menem seniň bilen gitjek. Eger-de sen gitmersiň diýseňem barybir giderin, eşidýäňmi?
Jim meni çalak-çulak haýbat bilen öýde galdyryp bolmajakdygyna, meniň bilen uruşmaly
boljakdygyna, beýle etse-de ýene-de ejekemiziň gaharyny getirjekdigine düşündi. Ol zoraýakdanam
bolsa garaz meniň özi bilen gitmegime razy boldy.
Men göz açyp-ýumasy salymda geýindim. Biz iki bolup ejekemiziň otagynyň çyrasy öçýänçä
garaşdyk, soňra pişik basyşyny edip assyrynlyk bilen öýümiziň ýeňse tarapyndaky işikden çykdyk.
Aýsyz gije tüm-garaňkydy.
-Megerem Dilliňem gidesi gelerdi-diýip men pyşyrdadym.
-Goý gitse gitsin-dä-diýip Jim gaharlysyrap jogap gaýtardy.
Biz pessejik haýatdan aşdyk-da, hanym Reýçeliň howlusyna geçip, Dilliň penjiresiniň öňüne bardyk.
Jim bedenäniňkä çalymdaş ses etdi.
Penjiräniň aňyrsynda Dilliň ýüzi göründi-de, bada-badam sumat boldy, sähel pursat geçipgeçmänkä-de ol penjiräni açdy-da, daşaryk aşdy. Köpi gören adam hökmünde ol tä biz köçä
çykýançak bizden hiç zat soramady.
-Näme boldy?
-Jimiň ykmandalyk tutgaýy tutýar.
Kelpurniýa: „Jimiň ýaşyndaka hemme oglanjyklara sergezdanlyk keseli ýokuşýar“ diýýärdi.
Jim:
-Ýöne şeýle,-diýdi:-ýöne şeýle.
Biz hanym Dýubozyň öýüniň deňesinden geçdik, ol boşdy, penjireleriniň gabsalary ýapykdy, onuň
söýgüli gülleri bolsa pajarlap ösen çitçitidir-ýowşanyň arasyndan zordan görünýärdi. Köçäniň
künjüne, poçta çenli ýene-de sekiz jaý bardy.
Şäheriň baş meýdanynyň günorta tarapy gum-guklukdy. Meýdanyň her çüňkünde äpet araukariýalar
ýapraklaryny syh-syh edip durdylar, olaryň arasyndan bolsa köçe çyralarynyň ýagtysyna at daňylýan
demir ýylpyldap görünýärdi. Jemgyýetçilik hajathanasynda henizem çyra ýanyp durdy, ýöne
kazyýetiň binasynyň şu tarapynda şonda başga ýekeje-de ýylpyldy ýokdy. Kazyýetiň binasynyň
öňündäki meýdança inedördül dörtburçlukdy, onuň çar tarapyny bolsa dükanlar gallaýardylar, olaryň
niresindedir hol içinde-de ysgynsyzja yşyjaklar görünýärdi.
Haçan-da Attikus aklawjy bolup işläp başlanda onuň edarasy kazyýetiň binasynda ýerleşipdir, emma
birnäçe ýyldan soň ol şäher bankynyň binasyna göçüpdir, sebäbi ol ýerde kazyýete garanyňda
ümsüm we rahat bolupdyr. Biz köçäniň künjünden aýlanan dessimize bankyň öňünde
„şewrole“ ulagynyň durandygyny gördük.
Jim:
-Ol şu ýerde,-diýdi.
Ýöne bärde Attikus ýok ekeni. Onuň edarasyna uzyn däliz eltýärdi. Eger-de onuň gapysynyň
aňyrsynda çyra ýanyp duran bolsady, onda biz gaty uly bolmadyk, düşnükli harplar bilen „ATTIKUS
FINÇ, AKLAWJY“ diýen ýazgyly tagtajygy görerdik. Ýöne häzir ol ýerde tümlükdi.
Jim ýene-de bir gezek bankyň aýna gapysynyň aňyrsyndaky garaňkylyga siňe-siňe seretdi. Işigiň
tutawajyny aşak basdy. Gulplydy.
-Hany köçäniň ugry bilen gidip göreliň. Belki ol jenap Anderwudyň ýanyna barandyr.
Jenap Anderwud diňe bir „Meýkomb tribýun“ gazetini neşir etmän, eýsem gazetiň redaksiýasynda
ýaşaýardy hem. Has takygy redaksiýanyň ýokarsynda. Kazyýetde we türmede nämeleriň bolup
geçýändigi bilmek üçin oňa diňe özüniň ikinji gatdaky otagynyň penjiresinden garamak ýeterlikdi.
Onuň öýi meýdançanyň demirgazyk-günbatar burçunda ýerleşýärdi, onuň öýüne barmak üçin bolsa
türmäniň deňesinden geçmelidi.
Türme tutuş Meýkombda iň köne we iň betnyşan ymaratdy. Attikus hemişe: „beýle ymaraty diňe
dolananymyz Joşua Sent-Kleriň oýlap tapyp bilmegi mümkin“ diýýärdi. Hakykatdanam ol ymarat edil
gara basmaly düýşde görlüp gurlan ýalydy.
Şäherde hemme jaýlar ýönekeý we adaty jaýlardy, öň taraplary göni hem giňdi, üçekleri eşekgeriş
ýapgytdy, birdenem hiç bir sebäp ýok ýerden olaryň arasynda boýy inine iki esselik, somalyp öňe
zomap duran çykgytlar hem-de diş-diş bezeg minarajyklary bilen diwarlarynyň üsti ýetirilen gotik
şekilinde salnan keşişjik zompa çykýar. Türmäniň penjireleri diňe ybadathanalarda ulanylýan gyzyl
kerpiç bilen haşamlanandygy sebäpli ýogyn polat gözenekleri göze dürtülip duran penjireler bolsa
birhili hasam alasarmyk düýş duýgusyny döredýärdi. Bolanyna görä, bu alasarmyklyk özbaşyna,
haýsydyr bir ýalňyz depäniň üstünde dikeldilen bolsady, garaz ýene-de elhal gelişjekdi, ýöne ol
Tindeliň „Ownuk demir haryt önümleriniň“ we „Meýkomb tribýunyň“ redaksiýasynyň arasyna dykylyp
salnypdy. Meýkombda türme hemişe üznüksiz jedelleri döredýärdi, ýazgaryjylar: „ol şa zenany
Wiktoriýanyň döwründäki hajathana edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş“ diýýärdiler, olaryň
garşydaşlary bolsa: „şeýle ymarat şäheriň keşbine has asylly, azmly görk berýär, özge ýerden gelen
adam bolsa hiç haçanam onuň içiniň garaýagyzlardan dos-doludygyny bilip bilmez“ diýip
ynandyrmaga çalyşýardylar.
Biz pyýada ýodasy bilen ýöräp barýardyk welin, birdenkä hol allaowarrada ýalňyz yşyjaga gözümiz
kaklyşdy.
Jim:
-Geň zat,-diýdi:-türmäniň daş ýüzünde çyra ýok ahyry.
Dill:
-Göwnüme bolmasa bu işigiň üstündäki çyrajyk ýaly-la-diýdi.
Ikinji gatyň penjiresiniň gözenekleriniň arasyndan uzyn sim sallanyp durdy. Ýalaňaç, daşy örtüksiz
çyrajygyň yşygynda, edil işigiň agzynda Attikus otyrdy. Ol, megerem öz edarasyndan oturgyç getirip,
ony türmäniň işigine dirän bolara çemeli. Ol öz depesinde gaýmalaklaýan kebeleklere hem-de gaýry
gijeki mör-möjeklere üns bermän nämedir bir zat okap otyrdy.
Men oňa tarap ylgamakçy boldum, emma Jim meniň golumdan şapba tutdy-da:
-Onuň ýanyna barma,-diýdi:-gaharyny getirersiň. Ol bärde, diýmek hemme gülala-güllük, ýörüň öýe
gaýdalyň. Men diňe onuň nirededigini görmek isledim.
Biz meýdançany gytaklap kesip geçip başladyk, şol pille-de Meridian ýolunyň ugry bilen haýaljakdan,
biri-biriniň yzyndan dört sany ulag çykdy. Olar meýdançanyň daşyndan aýlandylar-da, bankyň
deňesinden ötüp, türmäniň gabat-garşysynda togtadylar.
Ulaglardan hiç kim düşmedi. Attikus okap oturan gazetinden başyny galdyrdy. Ony emaý bilen epläp,
dyzynda goýdy, sypal başgabyny ýeňsesine süýşürdi. Megerem, ol şu ulaglaryň gelerine öňden
garaşyp duran bolara çemeli.
-Ýörüň-diýip Jim pyşyrdady.
Biz meýdançany kesip yzymyza ylgadyk, badymyza köçedenem geçdik-de, dükançanyň arkasynda
gizlendik. Jim seresaplylyk bilen jyklap:
-Ýene-de has golaýraga süýşüp bilýäris-diýdi.
Biz Tindeliň dükanynyň ýanyna ylgadyk, ol ýerden ähli zat eliň aýasynda ýalydy, biziň özümiz bolsa
hiç kime görünmeýärdik.
Gelenler bir-birden ulaglaryndan düşüp başladylar. Olar ilki kölegeler ýalydy, ýüzlerini saýgaryp
bolmaýardy, soňra olar türmäniň işigine tarap ýöneldiler welin, çyrajygyň ýagtysyna olaryň ählisiniň
äpet we dykyz göwrelidikleri göründi. Attikus ýerindenem mizemedi. Gelenleriň mähnet arkalary
onuň öňüni ýapdylar.
-Ol şu ýerdemi, jenap Finç?-diýip kimdir biri sorady.
-Şu ýerde,-diýip Attikus ses berdi:-Ol uklap ýatyr, ony oýaraýmaň.
Şol wakadan kän wagt soň men şol oýundan-degişmeden juda daşdaky şol ýagdaýlarda kakamyň
sözleriniň nähili aýylganç hem gülkünç ekenidigine düşündim, ýöne şonda welin, soňky gelenler
kakama „gulak asyp“ seslerini biraz peseltdiler.
-Siz biziň näme üçin gelendigimizi bilýärsiňiz,-diýip kimdir başga biri gepledi:-Işikden aýrylyň, jenap
Finç.
-Öýňüze gaýdyň, Uolter,-diýip Attikus sypaýyçylyk bilen jogap berdi:-Gek Teýt hem şu ýakynlar-da
bolmaly.
-Göwnüň küýseýändir!-diýip ýene-de başga biri goşuldy:-Gek özüniň ýalýagylary tokaýda pelesaň
kakyp ýör, ertir irdene çenlem ol ýerden çykmasa gerek.
-Aý goý-a! O näme beýlekä?
-Meýdanda şemaly gözleýär-diýip gysgajyk jogap eşidildi:-Siz bu barada oýlanyp görmediňizmi,
jenap Finç?
-Oýlanyp gördüm, ýöne ynanmaýardym.
Kakamyň sesi öňküsi ýaly asuda eşidilýärdi:-Ýeri bolýar-da, barybir bu biziň ýagdaýymyza hiç hili
täsir etmeýär ahyry, şeýlemi?
-Elbetde-diýip ýene-de kimdir biriniň ýogyn sesi ýaňlandy. Garaňkylyk zerarly gepläni aýyl-saýyl eder
ýaly däldi.
-Siz çyndanam şeýle pikir edýärsiňizmi?
Men şu günüň dowamynda eýýäm ikinji gezek Attikusyň bu sowaly berýändigini eşidýärdim, diýmek
häzir kimdir biriniň mazalyja eýi ýetirilse gerek. Bu bolsa synlanyňa degýän tomaşa bolmaly! Men
towlanjyrap Jimiň elinden sypdym-da, güýjümde baryny edip Attikusa garşy ylgadym.
Jim çalaja gygyrdy-da, meniň yzymdan okduryldy, ýöne Dill ikisi meniň yzymdan ýetip bilmediler.
Men dürli-dümen dürüşde agyr yslar aňkap duran gara sudurlaryň arasyndan itenek-çomanak bolup,
dykyljyrap geçdim-de, ýagty ýere çykdym.
-Attikus, salam!
Men pikir etdim: „Baý, ol häzir begener-ow!“ diýip, emma onuň ýüzi şeýlebir birhili boldy welin, meniň
barça şatlygym göz açyp-ýumasy salymda zym-zyýat boldy. Onuň gözleri edil ýöne wadaryga
wehimden dolaýdylar, ýöne bu gorky tupany ýeke pursat towlanyp möwç urdy-da, hümer bolup
duranlaryň arasyndan Jim bilen Dill ikisi çykandan soňra dessine-de peýda bolşy ýaly sumat boldy.
Aragyň hem-de malýatagyň ysy aňkap durdy, men daş-töweregime göz aýladym welin, çar
ýanymyzy gallap duranlaryň hemmesiniň nätanyş kesekilerdigini gördüm. Bu adamlar düýn agşam
öýmüze gelenler däldi. Men utanjymdan ýaňa lowlap gyzyp gitdim, gör-ä muny, men şeýlekin bir
dabara bilen böküp öňe çykdym, maňa bolsa düýbünden nätanyş adamlar tiňkelerini dikip durlar!
Attikus oturgyjyndan turanda ol edil garrap halys tapdan düşen goja ýaly haýaljakdan gymyldaýardy.
Ol emaý bilen gazetini öňki epin ýerlerinden epledi-de, usullyk bilen bir gyrada goýdy. Onuň
barmaklary assaja sandyraýardy.
Ol:
-Bar öýe gaýt, Jim,-diýdi:-Uýaňy hem-de Dilli öýe alyp git.
Biz Attikus bir zat buýranda tabyn bolmaga endik edipdik, elbetde hemişe höwesek bolmasagam
tizlik bilen onuň ähli aýdanlaryny berjaý edýärdik, bu ýerde welin, Jim edil ýerinden butnaýynam
diýmän doňdy duruberdi.
-Öýe gaýt diýdim, men saňa.
Jim başyny ýaýkady. Attikus ellerini böwrüne diredi, Jimem onuň hereketini gaýtalady. Şeýdibem
olar biri-biriniň garşysynda biri-birinden düýpgöter üýtgeşik iki adam bolup doňňara-daşa öwrülip
duruberdiler. Ýumşajyk melemtil saçly, goňrumtyl gözli, gulaklary kellesine gaýym ýelmeşip duran,
tutuşlygyna ejemize meňzeýän oglanjyk – Jim we çal sepip ugran gara saçly, açyk, agajet ýüzli
erkek kişi – Attikus. Ýöne meniň göwnüme bolmasa şol pursat olaryň ikisi-de biri-birine juda
çalymdaş ýaly bolup göründiler. Megerem bu olaryň ikisiniň hem biri-birine tekepbir, hötjet
garadangaýtmazlyk bilen tiňkelerini dikip duranlary sebäpli bolaýmasa.
-Ogul, men aýdýan, öýe gaýt.
Jim ýene-de kelam agyz geplemän, başyny ýaýkady.
-Ine men häzir ony öýüne ugradaryn,-diýip haýsydyr bir pöňlek, syryk ýaly uzyn pyýada Jimiň
ýeňsesinden ebşitläp tutdy-da, ony südenekledip goýberdi welin, ol zordan ýykylman aýak üstünde
saklandy.
-Ol eliňi degirme!-diýdim-de men ýaňky pöňlek daýa aýagym bilen gütüledip goýberdim. Men
aýakýalaňaçdym, şonuň üçinem ol pöňlek pyýada iki eplenip, „wah-wahlap“ yza tesende juda geň
galdym. Men ony şeýle gaty depäýdimmikäm! Dogrusy men onuň dyzyna depmek isläpdim, ýöne
megerem dogry depip bilmän onuň satanlarynyň arasy bilen gereginden has ýokarraga gonduraýan
bolara çemelim.
-Besdir, Gözlüje,-diýip Attikus meniň egnimden ýapyşdy:-Depirjikleme-de, patanaklama-da. Ýuwaş.diýip ol men özümi aklamak üçin nämedir bir zatlar diýmekçi bolanymda agzymy ýumdurdy.
Emma men barybir:
-Goý olar Jime ellerini degirmesinler!-diýmäge ýetişdim.
-Ýeri bolýar, jenap Finç, olary bärden alyp gidiň,-diýip kimdir biri hüňürdedi:-Biz size munuň üçin on
bäş sekunt wagt berýäris.
Attikus birtopar düşnüksiz adamlaryň arasynda durup, Jimi gulak asmaga mejbur etjek bolup
dyrjaşýardy. Ol haýbat atýardy, ony ynandyrmaga çalyşýardy, ahyrynda bolsa hatda: „Men senden
haýyş edýän Jim, olary alyp git!“ hem diýdi.
Jim bolsa jogap deregine hötjetlik bilen şol bir diýenini gaýtalap durdy:
-Gitjek däl.
Bu zatlaryň barysy meniň ýüregime düşüp ugrady, ýöne men Jimiň bihuda ýere keçjallyk edýändigini
syzýardym, sebäbi ol ählimiz öýe baranymyzdan soň Attikusyň mazaly eýini ýetirjekdigini aňryýany
bilen bilýärdi ahyry. Men töweregime garanjaklap ugradym. Ýyly tomus gijesidi, emma çar-
töweregimizi gallap duran adamlaryň ählisiniň egninde galyň ýörite iş geýimleri bardy, içinden geýlen
gödek nah matadan köýnekleri bolsa äňleriniň aşagynda soňky iligine çenli ildirilgidi. „Megerem
olaryň hemmesi dümewlemekden çekinýän bolmaly“ diýip men oýlandym, olaryň ýeňleri welin
ählisiniňki çermelgidi. Kimiň sypal başgaby bar bolsa olar başgaplaryny tä gaşlaryna çenli
çümrüpdiler. Olaryň ählisi-de nähilidir birhili hyrsyz, tutuksy keşpdediler, edil şeýle giç wagtda aýak
üstünde bolmaga endik etmedik ýaly hemmesi-de ukuly garaýardylar. Men olaryň arasynda heý
ýekeje bir tanyş ýüzi tapmazmykam diýip olary birlaý synlap çykdym, olar biziň daşymyza ýarym
aýlaw şekilinde egele bolup durdylar, birdenem men hümeriň edil merkezinde duran adamy tanadym.
-Salam, jenap Kaningem!
Ol misli meni eşitmeýän ýalydy.
-Salam, jenap Kaningem! Siziň hukuklaryňyzyň kemsidilmegi bilen nämeler boldy?
Uolter Kaningem-ulusynyň işleriniň ýagdaýyna men örän beletdim, Attikus birmahal onuň
ýagdaýlaryny maňa jikme-jik düşündiripdi. Daýaw, her egninde bir adam oturybermeli äpet pyýada
bolan ol birhili aljyraňňy hala düşüp gözlerini çalt-çalt gyrpdy-da, başam barmaklaryny ýörite iş
geýiminiň egniniň üstaşyry geçirilen kemerleriniň aşagyna sokdy. Meniň hoşniýetli salamym
jogapsyz galdy.
Jenap Kaningem sypal başgapsyzdy, onuň maňlaýy çakdan aşa ap-ak bolup görünýärdi, şol sebäpli
güne gaýzygan tutuş ýüzi bolsa hasam garalyp durdy. Men: „megerem ol hemişe sypal başgaply
gezýär öýdýän“ diýip pikir öwürdim. Ol aýaklaryny gymyldatdy, onuň köwşi mähnet hem gödekdi.
-Siz meni tanamadyňyzmy, jenap Kaningem? Men Jin Luiza Finç. Siz bir gezek bize hoz getiripdiňiz,
ýadyňyza düşýärmi?
Görýän welin men biderek ýere jepa çekýän ýaly-la, haçan-da tötänden tanyş bolan adamyň soň
seni tanamasa juda oňaýsyz bolýar ekeni.
-Men Uolter bilen bile okaýaryn-diýip täze synanyşyk etdim:-Ol siziň ogluňyz ahyry, şeýlemi?
Dogrumy, jenap?
Jenap Kaningem çala bildirer ýaly baş atdy. Ahyry ol meni tanady-ow!
-Biz Uolter bilen bir klasda,-diýip men dowam etdim:-ol örän gowy okaýar. Onsoňam ol juda gowy,diýip men üstüne goşdum:-hawa, hawa, çypbakaý çynym ol gowy. Ol bir gezek bize günorta
naharyny iýmäge geldi. Belki ol size men barada gürrüň berse berendirem, bir sapar men ony
ýençmäge mejbur boldum, ol bolsa muny menden birjigem gaty görmedi, ol hiç neneň däl, ol
hakykatdan örän gowuja. Siz oňa meniň adymdan salam aýdyň, bolýarmy?
Attikus birmahal maňa eger-de sen edepli adam bolsaň, onda özgeler bilen saňa gyzykly zat barada
däl-de olara gyzykly zat barada gürrüň etmeli diýip öwredipdi. Jenap Kaningeme bolsa göwnüme
bolmasa öz ogly barada gepleşmek hem diňlemek düýbünden gyzykly däl ýalydy, men bolsa onuň
içiniň gysmazlygyny şeýlebir isleýärdim welin, gyssanjyma ony söhbetdeşlige çekmäge iň soňky
synanyşygy etdim, belki onuň üçin hukuklaryň kemsidilmegi barada söhbetdeşlik gyzykly bolar.
-Kemsidilmek – bu örän ýakymsyz zat,-diýip men oňa düşündirip ugradym.
Ine şu ýerde-de, özümiň tutuş mähelläniň öňünde söz sözläp durandygym meniň aňyma ýetdi.
Olaryň ählisi maňa aňk bolup seredişip durdylar, käbirleriniň bolsa hatda agyzlary-da öwelip galypdy.
Attikusam Jimi çekelemesini goýup, ikisi-de Dilliň ýanynda duran ýerlerinden edil jadylanan ýaly
bolup maňa seredýärdiler we meni diňleýärdiler. Attikusyňam agzy öwelip galypdyr, ýogsa onuň özi
hemişe bize beýle etmegiň gelşiksizdigini ýanjar ýörerdi. Ýöne biziň nazarlarymyz kaklyşanda ol
agzyny ýumdy.
-Bilýäňmi, Attikus, ine men bu taýda jenap Kaningeme, elbetde haçan-da hukuklaryň kemsidilse
biçak erbet diýip aýdyp berýärin, ýöne sen tolgunmaly däldigini aýtdyň ahyry, sebäbi şeýle işler öte
uzaga çekýärmiş...we siz eýdip-beýdip umumy güýçleriňizi birleşdirip, ony öz peýdaňyza alyp
çykjakmyşyňyz...
Şu sözlerden soň men doly hem gutarnykly dymdym-da: „men nähili samsyk“ diýip oýlandym.
Görýän welin, kemsidilmek barada diňe myhman otagynda gürleşseň ýerlikli bolaýjak ýaly.
Meniň hatda saçlarymyň düýpleri derläp gitdi, haçan-da maňa birtopar jemende dikanlap dursa men
düýbünden bolmaýardym. Hemmeler maňa seredip durdylar we dymýardylar.
-Näme boldy?-diýip men soradym.
Attikus jogap bermedi. Men jenap Kaningeme tarap garanjakladym, onuňam ýüzi kakamyňky ýaly
parahatdy. Soňra ol örän geň hereket etdi. Çommalyp oturdy-da, iki eli bilen meniň eginlerimden
tutdy:
-Men oňa seniň adyňdan salam aýdaryn, kiçijik hanym!-diýdi.
Örboýuna galdy-da, mähnet elini salgap goýberdi.
-Gitdik bu ýerde!-diýip ol gygyrdy-Ýörüň, oglanlar!
Olar edil gelişleri ýaly, ýeke-ýekeden, iki-ikiden aýaklaryny süýreşip özleriniň waragy çykyp,
çamalagy çaşyberen ulaglaryna garşy ýöneldiler. Ulaglaryň işikleri jarkyldady, hereketlendirijileri
asgyryp ugrady, ahbetinem olaryň ählisi gitdiler.
Men Attikusa tarap öwrüldim, görsem ol biraz yza tesip maňlaýy bilen türmäniň diwaryna ýaplanan
ekeni. Men onuň ýanyna bardym-da, ýeňinden çekdim.
-Indi biz öýmüze gaýdarysmy?
Ol baş atdy-da, elýaglygyny çykaryp, ýüzüni süpürdi, çasly sümgürindi.
-Jenap Finç,-diýip niredendir bir ýokardan, tümlügiň arasyndan gyryljak ses geldi:-Olar gitdilermi?
Attikus diwardan çekildi-de, başyny galdyrdy.
-Gitdiler,-diýdi:-Biraz ukla, Tom. Olar indi gelmezler.
Şol pille beýleki tarapdaky tümlükden hem ýene-de bir ses çykdy:
-Hymm, gelmejekdiklerine arkaýyn bolaýyň,-diýip ol ses kesgitli gepledi:-Men hälden bäri hatyrjem
durandyryn, Attikus.
„Meýkomb tribýun“ gazetiniň redaksiýasynyň ýokarsyndaky gatyň penjiresinden eli goşanil tüpeňli
jenap Anderwud kellesini çykardy.
Wagt giçdi, menem ýadawdym, gözlerim öz-özünden ýumlup gelýärdi, göwnüme bolmasa-da Attikus
bilen jenap Anderwud ikisi, biri penjireden kellesini çykaryp, beýlekisi oňa tarap başyny göterip, ertire
çenli gepleşip duraýjaklar ýaly bolup görünýärdi. Ahbetin Attikus biziň ýanymyza geldi-de, türmäniň
işiginiň ýokarsyndaky çyrany öçürip, oturgyjy eline aldy.
-Men götäreýeýin, mümkinmi, jenap Finç?-diýip Dill haýyş etdi.
Hälden bäri bu jümle onuň ilkinji sözleridi.
-Sag bol, oglum.
Biz banka tarap ýöneldik, Attikus Jim bilen öňden, meniň bilen Dill bolsa olaryň yzyndan. Dill oturgyjy
süýräp gelýärdi, şonuň üçinem ol haýal ýöreýärdi. Attikus bilen Jim ikisi bizden esli öňe gitdiler, men
oňa gaýt diýende öýe gaýtmandygy üçin Attikus ýolboýy käýinip gelýändir öýdüp pikir etdim, emma
ýalňyşan ekenim. Olar köçäniň ugrundaky çyranyň deňesine ýetenlerinde Attikusyň elini galdyryp
Jimiň saçlaryny mähir bilen buýr-bulaşyk edip goýberendigi görnüp gitdi. Ol mundan artyk suwjaran
bolmagy düýbünden halamaýardy.
xxxxx
Jim meni eşitdi. Ol gapydan kellesini uzatdy. Haçan-da meniň ýatyş sekime golaýlanda bolsa
Attikusyň otagynda yşyk ýakyldy. Biz duran ýerimizde doňup galyp, tä çyra öçýänçä gymyldamadyk.
Biz Attikusyň düşeginde agdarynjyraýşyna diň salyp esli durup, garaşdyk. Ahbetin ýene-de hemme
ýeri ümsüklik gaplap aldy.
Jim meni öz otagyna alyp gitdi-de, düşekde ýatyrdy:
-Uklamaga synanyş,-diýdi:-Birigün, belki-de bar zat tamamlanar.
Biz ejekemizi oýarmazlyk üçin örän assyrynlyk bilen dolanmaly bolduk. Attikus bize öwrülýän
ýodajykda ulagy öçürdi-de, ony eli bilen itip ulaghana saldy. Biz jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki
gapydan girdik-de, ses-selemsiz öz otagly-otagymyza dagadyk. Men öte ýadapdym we eýýäm uklap
barýarkam, birdenkä göz öňümde Attikus janlandy, ine ol gazetini epleýär-de, sypal başgabyny
ýeňsesine süýşürýär, soňra bolsa Attikus yns-jynssyz boşluk bilen sabyrsyz garaşmakdan dolup
doňup duran köçäniň ugrunda äýnegini maňlaýyna galdyrýar. Şol müddetem men edil külüň bilen
depäme urlan ýaly boldum, edil şol pursat, diňe şol pille men şu gije nämeleriň bolup geçendigine
düşündim we aglap başladym. Jime welin berekella, ol meniň ýarym-ýaş bolup hünibirýan
hynçgyrýanymy eşidip dursa-da: „haçan-da adamyň bahym dokuz ýaşy dolup barýarka oňa zörledip
ýatmak gelişmeýär“ diýilýäne çalymdaş kelam agzam gyjalat bermedi.
Irden hiç kimiň işdäsi ýokdy, diňe Jim üç sany ýumurtgany yzly-yzyna symyşlady. Attikus oňa açaçan guwanmak bilen seretdi, Aleksandra ejem kinniwanja owurtlar bilen şirpildedip kofe içýärdi,
onuň ýüz-gözünden bolsa hazan ýeli öwüsýärdi. Gijelerine ýaşyrynlyk bilen öýden gaçyp gidýän
çagalar – bu maşgala üçin wejeralyk! Attikus bolsa: „Şol wejeralygyň jaý wagtynda gelendigine men
örän şat!“ diýip jogap berdi, ýöne ejekem:
-Bolgusyzlyk, jenap Anderwud ilkinji pursatdan soňky pursada çenli öte hatyrjem durdy-diýdi.
Attikus:
-Ýogsa-da bilýäňmi, bu örän gülkünç,-diýdi:-Brakston bar-a, hakykatda garaýagyzlary düýbünden
jyny almaýar, olary hatda golaýyna-da getirmeýär.
Meýkombda jenap Anderwudy düýp-teýkary bilen kapyr diýip hasaplaýardylar, kakasy ogluny
Brakston Bregg diýip atlandyryp onuň bilen juda rehimsiz henek edipdir, ol bütin ömrüne şuny daştöweregindäkileriň ýadyndan çykarmaga dyrjaşyp jepa baryny çekýärdi. Attikus: „Eger-de kim-dekimi Günorta goşunyň generallarynyň şanyna atlandyran bolsalar, şol ir-u-giç gutaran şeraphor
bolýar“ diýip aýdýardy.
Kelpurniýa Aleksandra ejeme ýene-de kofe guýup berdi, menem oňa tamakinlik bilen şeýlebir
delmuryp garasam-da, barybir bihuda boldy, ol diňe başyny ýaýkady-da oňaýdy. Ol:
-Sen entek kofe üçin juda kiçijik,-diýdi:-Haçan-da ulalarsyň, şonda men saňa haýyş etmeseň-de
guýup bererin.
Men:
-Belki-de kofe meniň aşgazanym üçin peýdalydyr-diýdim.
-Ýeri bolýar-da,-diýip Kelpurniýa tekjeden bulgur aldy. Oňa bir çaý çemçejik kofe guýup, üstünem
gyrpa-gyrp edip süýtden doldurdy.
Minnetdarlygymy mälim etmek üçin men bulgura dilimi görkezdim-de, gözlerimi göterdim welin,
ejekemiň gaşlarynyň arasynda duýduryş beriji gasynjyga nazarym kaklyşdy. Ýöne ol maňa däl-de
Attikusa gaşyny çytýan ekeni. Ol Kelpurniýa aşhana gidýänçä garaşdy-da:
-Olaryň ýanynda beýle gepleme-diýdi.
-Kimiň ýanynda we nähili?-diýip Attikus sorady.
-Kelpurniýa barka. Sen onuň ýanynda Brakston Anderwudyň garaýagyzlary düýpgöter jynynyň
almaýandygyny aýtdyň.
-Dogrusy muny Keliň özi-de bilýär ahyry. Munuň şeýledigi tutuş Meýkomba belli.
Şol günler men kakamda çala bildirýän üýtgeşmeleri duýup ugradym, ol üýtgeşme hasam ol
Aleksandra ejem bilen gepleşende syzylýardy. Dogrusy, ol edil ejekem gepläp ugran dessine
gaharlanybam başlamaýardy welin, birhili onuň al-petinden alasy gelip durdy. Ine häzirem onuň
äheňinde birhili gatyrganma bildirip gitdi.
-Biziň saçagymyzyň başynda aýdylyp bolunýan ähli zatlary Kelpurniýanyň ýanynda-da aýdyp bolýardiýip ol ejekemiň sözüniň arasyny şarpa böldi:-Ol biziň maşgalamyz üçin özüniň näderejede
gymmatlydygyny bilýär.
-Meniň pikirimçe bu erbet endikmikä diýýän, Attikus. Bu olary eljiredýär, höweslendirýär. Sen olaryň
nähili ýaňradyklaryny bir bilsediň. Günüň dowamynda şäherde bolup geçýän ähli zatlar agşama çenli
tutuş garaýagyzlaryň ýaşaýyş toplumyna jar bolýar.
Kakam nahar pyçajygyny gapdala goýdy.
-Men olara gepleşmegi gadagan edýän kanunyň bardygyny bilmeýärin. Belki-de eger biz olara gepgürrüň üçin şunça sebäp bermesek, olar gybat etmeselerem-etmezdiler. Sen näme üçin kofe
içmeýärsiň, Gözlüje?
Men çemçämi bulgurymyň içinde aýlaşdyran bolup otyrdym.
-Men jenap Kaningem biziň dostumyzdyr öýdüp pikir edýärdim. Birmahal sen maňa şeýle diýip
aýdypdyň.
-Hawa, ol biziň dostumyz hem.
-Ýöne öten agşam ol seni urmak isledi ahyry.
Attikus nahar çarşajygyny hem pyçagyň ýanynda goýdy-da, ýalpak tabagyny süýşürip:
-Jenap Kaningem, umuman oňat adam,-diýdi:-Ýöne onuňam edil biziň her birimiziňki ýaly gowşak
taraplary bar.
-Näme bu gowşak tarapmy nä?-diýip Jim oslagsyz gürrüňe goşuldy:-Öten gije, olar gelen batlaryna
ol seni öldürmäge taýýardy.
-Dogrudanam onuň maňa gaýym degmegi ahmaldy-diýip Attikus ylalaşdy:-Ýöne, düşünýäňmi ogul,
haçan-da sen biraz ulalanyňdan soň sen adamlara az-owlak gowurak düşünip ugrarsyň. Her niçik-de
bolsa her mähelle adamlardan ybarat bolup durýar. Öten gije bolsa jenap Kaningem mähelläniň bir
bölegidi, ýöne ol barybir adamlygyna galýardy. Günortadaky kiçijik şäherdäki her bir mähellede biziň
tanaýan adamlarymyzdan, iň adaty adamlardan ybarat, bu hem olar üçin beýlebir ýakymly däl bolsa
gerek, şeýlemi?
Jim:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.