Latin

Altynjan hatyn I - 24

Total number of words is 3687
Total number of unique words is 1984
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Altynjan «Zamahşar gijesi» Togrul begiň ýeňsesinde iki
gözüniň bardygyna geň galypdy, ol şondan bäri geçen döwür
içinde ýeňsesinde iki göz edinmegi başaran bolmaly, yzyna
öwrülmän Kuýaşyň her bir hereketini gördi, ajal bolup gelýän
mizragyň öňünden sowulmaga, bilindäki hanjaryny Kuýaşyň
jugdanyndan urmaga ýetişdi.
Kabyl dagy gelende boljak iş bolupdy.
Kuýaş bir wagşyýana gygyryp, ýykyldy:
– Dag arman! Dag arman!..
Altynjan gözlerini petredip ýatan on ýedi – on sekiz
ýaşlaryndaky jahyla seretdi. Ol bu jahylyň ýanyndan ýaňyja ge­
çip gaýdypdy. Jahyl oňa ýylgyryp salam-da beripdi. Özem ol ýeke
däldi, onuň ýanynda başga-da bir jahyl bardy. Hany, ol?!
Altynjan jahyllar bilen salamlaşan ýerine seretdi. Görse,
Kuýaşyň ýanyndaky ikinji jahyl gaty-gaty ýöräp, Günbatara tarap
gidip barýar.
– Saklaň şol oglany! Çyrlak, Ýatmaz, saklaň ony! – diýip,
Altynjan oglana bakan elini uzatdy.
Kabyl dagy ýetip geldi.
Kuýaş eýýäm jan beripdi.
Hiç kimden ses çykmady:
– Kim bu? – diýip, Altynjan Kabyla ýatan jesedi görkezdi:
– Kuýaş!
– Janymy ýakma meniň! Adynyň Kuýaşdygyny eşitdim, ýöne
munuň meni öldürjek bolandygynyň sebäbini bilmeýärin. Bu
ýigit näme üçin meni öldürmekçi boldy? Onuň mende näme
ary bar?
Altynjanyň bu sowalyna hiç kim jogap berip bilmedi. Belki,
Kuýaşyň ýanyndaky ýigit bilýändir?!
Gaçyp barýan jahyly tutup, Altynjanyň huzuryna getirdiler.
Jahyl başyny dik tutup, gahar-gazap bilen bakyp durdy.
– Sen kim?! – diýip, Altynjan jahyla dikanlap bakdy.
395
– Sadyk Batman!
– Kuýaş näme üçin meni öldürjek boldy?
Sadyk Batman göwünli-göwünsiz jogap berdi:
– Özünden soraň!
– Sen näme üçin meniň bilen gaharly gürleşýärsiň? Men­
den göwnüň galan ýeri barmy?!
– Edeniňi edip, indem utanman: «Menden göwnüň galan
ýeri barmy?!» diýip soraýarmyň?
– Üstümde Alla bar, men seni öň nirede görenimi ýadyma
sylyp bilemok. Seniň göwnüňe-de degendirin öýdemok.
– Sen meniň babamy öldürdiň, babamy! Indem: «Seniň
göwnüňe-de degendirin öýdemok» diýýärsiňmi?
– Babaň adyny aýt!
– Batman!
Altynjan uludan demini aldy:
– Düşnükli, düşnükli. Kuýaşyň babasynyň ady hem Tahyr
bolmaly!
– Eýse näme!
– Diýmek, ikiňiz ar almakçy bolupsyňyz-da?!
– Näme, binamyslyk edip, başymyzy aşak salyp gezibermeli
ekenikmi?!
– Men saňa, Sadyk, hakykaty düşündireýin – diýip, Altynjan
janykdy.
– Maňa düşündiriş gerek däl... Bu ýerde düşünip-düşünmez
ýaly hiç zat ýok. Babamy Zamahşarda öldüreniň hakmy? Hak!
Oguz han: «Myhman – ataňdan uly» diýipdir. Sen bolsa,
ataňdan uly adamy – meniň mährinden ganmadyk babamy
nähak öldürdiň.
– Diýmek, seniň maksadyň hem meni öldürmekmi?
– Men Togrul begiň hatyrasy üçin saňa hiç zat diýemok. Beg
saňa talak berse, şol gün ýa arymy ýerine salaryn ýa-da Kuýaşyň
gününe düşerin...
***
Askudar Altynjana Togrul begden bir bukja getirip ber­
di. Onuň içinde iki sany ýowşan baldagy bar eken. Altynjan
396
ýowşanlary öwran-öwran ysgady, ysgadygyça agysy tutdy. Ol agla­
mak aglady.
Iki günden soň Togrul beg geldi.
Ähli emeldarlar daşary çykyp, begi dabaraly garşylady.
Altynjan daşaryk çykmady, ýöne gabsadan jyklap, Tog­
rul begiň gelşini, atdan düşüşini, adamlar bilen hal-ahwal
soraşyşyny – her bir hereketini ünsli synlady, begiň aram-aram
hareme bakan seretmesinden onuň özüni agtarýandygyny aňdy.
Beg adamlaryň öňüne düşüp karargähine bakan ugrady,
ýöne uzak gitmän, haremine bakan gönükdi.
– Gelýär! – diýip, Altynjan pyşyrdady, näme etjegini bilmän
doňan ýaly bolup durdy.
Işik şarka açyldy:
– Altyn gyz, halyň niçik?
Altynjan sesini çykarmady, duran ýerinden gozganjak hem
bolmady.
Togrul beg içişikde durup, ahmyrly sözledi:
– Muhammet alaýhyssalamyň hatyny Aýşa-da töhmet
atypdyrlar22, saňa töhmet atylandygyny-da men soň bildim, haýp,
giç bildim. Soň arkaýynçylykda gürleşeris, men seniň halyňdan
habar almak üçin geldim. Kesek diňe miweli agaja atylýandyr.
Näme üçin dymýarsyň? Nämedir bir zatlar aýt ahyryn.
Altynjan şindem doňan ýaly boldy durdy.
Togrul beg uludan demini aldy, Altynjana seredip, birmeý­
dan durdy, goltugyndan bir düwünçek çykaryp, ojakbaşynyň üs­
tünde goýdy-da, çykdy gitdi.
Altynjan özüni aşak goýberdi, sojap-sojap aglamaga başlady,
agladygyça aglasy geldi.
Garaňky düşdi.
Wagt ýarygije boldy.
Ýöne Togrul beg gelmedi.
Daňdanlar uka gitdi.
Ol özüne seredilýändigini duýup, ukudan oýandy, gözü­
ni ada açyp, töweregine garanjaklady, diňşirgendi, üstüne
397
ýorgan ýapylandygyny duýdy. Görse, başujunda Togrul beg
aýbogdaşyny gurap, seredip otyr.
Adamsynyň seredip oturandygyny gören Altynjan birbada
aljyrady, damagy hykga doldy.
Togrul beg Altynjanyň ýüzüni emaý bilen sypady, gözün­
den paýrap dökülýän gözýaşy üznüksiz syldy.
Bu mahal Altynjanyň kemligi tutupdy, agladygyça aglasy
gelýärdi.
Togrul beg onuň elinden çekip gujagyna aldy, şeýlebir yh­
las bilen gujaklady:
– Sen nika gijämiz meniň ýüregim bolmak isleýändigiňi
aýdypdyň. Şonda men muny asla mümkin zat däl diýip hasap
edipdim. Görüp otursam, mümkin eken. Indi, hakykatdan hem
sen – meniň ýüregim. Indi sen meniň üçin öňki Altynjan däl,
düýpgöter başga Altynjan. Men orta ýaşan adam, sen welin, entek
ýaş. Ýaş hem bolsaň, maňa uly sapak berdiň. Indi hiç kim töhmet
atyp meni ynandyryp bilmez, çünki ýüregi aldap bolmaýar.
Altynjan mundan artyk hiç zat aýtma diýen terzde Togrul
begiň agzyna elini ýetirdi.
Sebäbi ol bolup geçen ahwalaty öz maňlaýyndaky ýazgyt
hasap­laýardy, Gurhandaky: «Alla ynsana diňe güýjüniň ýetjek
möçberinde ýük ýüklär» diýen pähimine ynanýardy, Allanyň
maňlaýyna ýazan ýazgydyny merdemsilik bilen çekmek isleýär­
di, çekýärdi hem. Çünki ýaşaýyş dowamatynyň baş manysy
Allatagalanyň dünýäni ýaratmakda, öňünden biçen tutumynyň
amala aşmagydyr. Öňden biçilip goýlan ol tutuma ýazgyt diýil­
ýär. Ýazgyt şeýle alanyňda, adatdan daşary bir zadam, adam aky­
lyna sygmajak bir zadam däldir. Ýazgyt – bu Wagt hem Giňişlik
arasyndaky üzülmez baglanyşyklardyr, bar bolany. Düýn şu
güni, şu gün ertiri, ertir birigüni… şertlendirip, kesgitläp gidip
otyr. Arman, bu şertlendirmäniň ähli jikme-jiklikleri akylymyza
sygmansoň, olary bölmek mümkin däl bolansoň, bize ýazgyt öz
çykaran gorkuly hokgamyz ýa-da haýran galdyryjy geň-taňlyk bo­
lup görünýär. Wagt bitewüdir, öňünden kesgitlenendir, çünki
diňe öňden kesgitlenen zat bitewi bolup biler, ýazgyt bolsa şol
bitewüligiň biziň paýymyza düşenje bölegidir.
398
Adamy ýazgyda ynanmak ýa-da ynanmazlyk däl-de, ýaşaýyş
hyjuwy ýaşadýar. Bu hyjuwyň çeşmesi bolsa Alladandyr. Bu
hyjuw ýazgydyň hökmürowanlygyny göz öňünde tutulyp, sarp
edilse, munuň özi akyl-parasatlylykdyr. Töwekgellik – ine, iň ýo­
kary parasat. Töwekgellik özge barça närseden geçip, diňe Hu­
daýa bil baglamakdyr. Togrul begiň Altynjany urup, göwresin­
däki çagasyny düşürmegi ýazgytdy, sebäbi bu hereketiň ujy gaty
aňyrlardan gaýdýardy. Bir hereket beýlekiniň esasynda döreýär,
şeýdip, dowamat höküm sürýär.
Altynjy hekaýat
IKINJI BASGANÇAK
A
ltynjan melike – nedim. Özem bu wezipäni Togrul beg
käti­biniň üsti bilen resmileşdirdi, halyfyň wezirleriniň
haky bilen deň hak – müň dinar hak belledi. Şeýle hem oňa
dabaraly ýagdaýda hatyn unwany berildi. Seljuk zenanlarynyň
içinde bu ada ilkinji gezek Altynjan mynasyp boldy.
Ol her gün bir eşik geýýärdi, ýöne ýörişe gidende diňe
adamsynyň nika gijesindäki beren eşigini geýýärdi, bu eşigi ähli
eşiginden eziz görýärdi, ony ýassygynyň aşagynda ezizläp, na­
han saklaýardy.
Togrul beg Altynjan üçin ýöriş hem söweş eşigini tikdirdi. Bu
eşik ata münmek, ýöremek üçin gabyldy. Eşigiň bir artykmaçlygy
bardy, ol artykmaçlyk erkek kişileriň egin-eşikleriniň biçüwinde
zenanlaryň geýýän gymmatbaha atlaz matasyndan tikilenligidi.
Altynjan altyn guşagyndan Tümen daýysyndan galan altyn
saply hanjaryny asardy. Beg hatynynyň ýörişlerde hanjarly,
ýarag­ly bolmagyny unasa-da, haremhanada hanjarly gezip ýör­
megini unamandy. Şonuň üçin ol hatynyna şeýle diýdi:
– Öýde hanjar göterip ýörme. Batman neressäniň ogly
baradaky howatyryňy aňyňdan aýyr. Men onuň bilen gowy
düşünişdim. Ol indi seniň ýakynyňa gelmez. Onsoňam men ony
Balhana 1 amid edip ugratdym.
400
Altynjan bu sözden soň – hanjaryny haremhanada goýup,
ilkinji gezek daşaryk çykanda, öwrenişmänligindenmi-nämemi,
göwnüne, garaşylman durka begiň janyna kast ediläýjek ýaly
boldy durdy.
Dogry, begi goraglap ýörmegiň zerurlygam ýokdy, çünki
ony dört ýüz adam goraýardy.
Beg ýörände üç hatar mufrat – haşam 2 öňden, üç hatar jan­
dar sagdan-soldan, üç hatar şatyr hem yzdan ýöreýärdi.
Begi goraýan şatyrlar, jandarlar ynamdar, daýaw, türgen,
batyr ýigitlerdi. Olar goraga alnanda wepaly hyzmat etjekdikleri
barada Gurhandan ant içýärdiler.
Antyň bozulan ýerinde erkek kişiniň mertebesi gutarýardy.
Seljuk jemagatynda jandarlar, şatyrlar, haşamlar, mufratlar
çagalykdan ýörite bilim-tälim berlip ýetişdirilmäge başlandy.
Olar öz ata-eneleriniň kimlerdigini, özleriniň nirede dünýä
inendiklerini bilmeýärdiler. Ýabgulyk agyr söweşlerde ata-ene­
leri wepat eden ümbülmez ýetim çagalary haşamlyk üçin ýörite
ýygnaýardy. Olary durmuşdan üzňelikde ýaşadýardylar, terbiýe­
leýärdiler. Olaryň hossary-da, arkadagy-da – Togrul begdi.
Haşamlaryň yhlaslylygyny Altynjan mundan bir ýyl öň
görüpdi. Şonda bir obanyň adamlary bilen Togrul beg gürleşip
durka köpçüligiň içinden eleşan eşikli bir juwanmert kişi begiň
aýagyna ýykylyp tagzym etmek üçin öňe çykdy, ýöne jandar­
lar onuň maksadyna ters düşündiler: ony begiň janyna kast
etmekçi bolandyr öýtdüler. Haşamlaryň iki sanysy wagşyýana
gygyryp, eleşan görgüliniň üstüne towusdy, çem gelen ýerin­
den hanjar urdy. Eleşanyň bedeninde hanjar sokulmadyk abat
ýer galmady. Ony öldürmek üçin hanjaryň ýeke gezek jaýdar
sokulmagy hem ýeterlik welin, haşamlaryň her biri ol eleşanyň
endamyny eşigindenem bäş-on esse eleşan etdiler. Haşamlar
wagşylaşypdylar: howandar-keramat hasaplap ýören begleriniň
janyna kast ediljek bolunmagy olary gazap atyna atlandyrypdy.
Eleşanyň eleşan eşikleriniň arasyndan zogdurylyp gan akýardy.
Bu aýylganç görnüşiň şaýady bolan halaýygyň haýýady
göçüpdi, olaryň içinde özünden gidenleri-de az däldi.
26*
401
Şol görnüş Altynjanyň hem göz atuwyndan aýrylmaýardy.
Ol dogany Kabyla, çiltenlerine her gün hüşgär bolmagy sar­
gaýardy.
***
Begiň goragynyň sahyby Peýkamdy. Ol Altynjany hala­
maýardy, oňa göwni-de ýetmeýärdi. Görer göze welin, ýalym-ýu­
lumdy: her gezek duşuşanda «Gelin, manlykmydyr? Hudaýtaga­
la seni Togrul üçin ýaradypdyr. Siz biri-biriňize mynasyp jübüt.
Näme gerek-ýaragyň bolsa, çekinmän aýtgyn, seniň möhümiňi
hökman bitireris» diýerdi.
Altynjan hem öz gezeginde hoşamaýsyrardy:
«Hudaýa şükür, siziň barlygyňyzda biz örän arkaýyn. Bir ze­
rurlyk ýüze çyksa, hemaýatyňyzy gaýgyrmajakdygyňyzy bilýärin.
Siziň ýaly garyndaşlarynyň, siziň ýaly razdanlarynyň barlygy –
Togrul begiň rowaçlygy!»
Altynjan içinden başga zat diýerdi. «Eý, garry ýigrenji,
aýagyňy göre sokup otursyň. Pisiňi aşyryp, özüňi ýigrendirip
ýörmän, galan ömrüňi agtyklaryň arasynda öýüňde geçirseň bo­
lanokmy? Ölmek niýetiň ýokmy seniň?!»
Peýkam – ýaşynyň bir çene barandygyna seretmezden bady­
howa, sögünjeň kişidi.
Altynjan Togrul beg ilkinji gezek düşünişmek üçin Zamah­
şara baranda, Peýkam: «Gapyl, ganjyk!» diýip, Altynjana azgyry­
lypdy. Şondan bäri Altynjan Peýkamy ýigrenýärdi.
Togrul begiň öz goragyny Peýkama ynanmasy Altynjan üçin
düşnüksizdi. «Ol Dürnazar ýa Bekdaş ýaly düşbi, duýgur däl
ahyryn!» diýip, içini gepledýärdi. Daşyndan welin, bege hiç zat
aýtmaýardy.
Käteler Togrul beg:
– Altyn gyz, sen maňa ýüregiňi doly açmaýarsyň. Munyň
nädogry. Seniň menden ýaşyryn pikiriň bolmaly däl – diýýärdi.
– Sen nämedir bir zada garaşýan ýaly.
Altynjan begiň duýgurlygyna haýranlar galardy. Hakykat­
dan hem ol begiň ýanynda doly açylmaýardy, näme üçindigini
özi-de bilmeýärdi.
402
***
Namazşamyň öňüsyrasydy.
Goşun Tusuň 3 dört kerwe günbatar tarapyndady. Altynjan
da­şarda Kabyl bilen durdy.
Kabyl öwünýärdi. Şeýlebir göçgünli öwünýärdi welin,
aýdýan zatlaryna häzir hakyt özem hezil edýärdi.
Altynjanyň ýanynda duran çiltenleriň serkerdesi Akgaýa
bilen Çyrlak onuň diýýän zatlaryny diňläp duruşlaryna syrly
ýylgyrýardylar. Kabyl ol ikisine ünsem berenokdy, onuň ünsi
Altynjandady. Ol gürrüňi Altynjana berýärdi. Rast, ol ynanýar­
my, Kabyl üçin ýeterlik şol! Altynjan hakykatdan hem Kabylyň
başdan geçirmeleriniň hakdygyna ynanýardy, oňa guwanýardy.
Kabylyň gürrüňine görä, ol ýolbars ýalydy, öňünden çy­
kany öldürip gidip barýardy. Ol ýalan sözlemeýärdi, haky­
katy aýdýardy. Aýdylýan hakykat – bitirlen iş şöhratlydy, şeýle
bolansoň, ol öwünme ýaly bolup eşidilýärdi.
Togrul beg Anuşirwan, Şirpenje Tabgaç, Abylkasym Buýany,
serkerde Halaç daga nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi.
Olaryň duran ýerlerinden ýigrimi-otuz ädim aňyrdan
goşunyň hymalary başlanýardy. Esgerler öz aladalary bilen
başagaýdylar. Olar begiň duran ýerine ýakynlaşmaýardylar.
Togrul beg dagy özara gürleşip hymalara bakan dähedemdessemläp ugrady. Olar hymalara o diýen ýakynlaşman yzy­
na öwrüldiler. Serkerde Halaç sesini çykarman aýdylýan zat­
lary düýrmegi bilen diňleýärdi. Muhammet Togrul beg bolsa
oňa nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi. Serkerde begiň
aýdýan sözlerini baş atyp öwran-öwran makullaýardy, mahalmahal hem ýüzüne gonýan siňekleri elini galgadyp kowýardy.
Jandarlar serkerdäniň elini galgadyp siňek kowmasyny kimi­
dir birini çagyrmak diýip düşündiler. Şundan peýdalandymy ýa
bu zatlara üns bermezden maksat tutdumy-nämemi, hymalaryň
arasyndan ýeňil geýnen ýigrimi bäş-otuz ýaşlaryndaky hortap,
köseleç gulam aýakýalaň, baş açyk halda Togrul bege bakan
ýylgyrjaklap gaty-gaty ýöräp ugrady. Gulam Altynjanyň inini
jünbüşe saldy.
403
Altynjan Togrul bege bakan gönügen bu köseleç gulamyň
ýüzi gülüp dursa-da, içinde tüweleý gopýandygyny onuň tebsi­
räp duran dodaklaryndan aňdy, onuň her bir ädimini, her bir
hereketini mukytlyk bilen yzarlady, uly howpuň abanýandygyny
on iki süňňi bilen syzyp, özi bilmezden begiň öňüne galkan bol­
mak üçin ylgamaga başlady.
Köseleç gulam sag elini donunyň içine sokanda onda bet
matlabyň bardygyna Altynjanda birjik-de şübhe galmady, ol çir­
kin gygyryp, bege bakan ok bolup atyldy.
Gulam Altynjanyň wagşyýana gygyryp, begiň öňüne galkan
bolmak üçin gelýändigini görüp aljyrady: ät galmazlyk üçin
howlukdy. Begiň on-on iki ädim ýakynyna gelende çala sägindide, bege bakan ak saply hanjary bat bilen atdy. Altynjan özüni
begiň üstüne oklady.
Altynjanyň badyna Togrul beg ýykyldy.
Hanjar yzda duran Halaç serkerdäniň döşüne çümdi.
Atan hanjarynyň bege degmändigine jany ýanan gulam gol­
tugyndan ikinji hanjaryny çykaryp, begiň üstüne topuldy.
Altynjan Togrul begiň bilindäki hanjary çakganlyk bilen
sogrup aldy-da, gulama bakan wazyrdadyp atyp goýberdi.
Hanjar köseleç gulamyň boýnuna çümdi. Ol sähel säginip boý­
nuna çümen hanjary batly sogurdy, boýnundan akýan gany seçeläp,
ylgawyny dowam etdirdi. Uzak ylgap bilmän, entirekläp ýykyldy.
Köseleç gulama biraz salymdan güýç geldi, hokurdap ýerin­
den galdy. Şol wagt Kabyl ýetişip gelip, köseleç gulamyň depe­
sinden şeşperini inderip, kelleçanagyny paçak-paçak etdi.
Togrul beg garysyna galyp, Altynjanyň hanjar zyňyşyny,
köseleç gulamyň üstüne ýaraly ýolbars ýaly bolup topulyşyny
görüp, aňk boldy.
Şirpenje Tabgaç bilen Anuşirwan Togrul begiň ýerden tur­
magyna tekge berdi.
Sähel salymyň içinde bolup geçen ahwalata ynanar ýaly däl­
di. Hiç kim bu ahwalatyň täsirinden çykyp bilenokdy.
Ähli kişi doňan ýaly bolup sarsman durdy.
– Begim, size hiç zad-a bolan däldir? – diýip, Anuşirwan
saňňyl-saňňyl etdi, begiň üst-başynyň tozanyny kakyşdyrdy, oňa
Kabyl-da ýardam berdi.
404
– Ýok, maňa bolan zat ýok.
Özüni dürsän Togrul beg töweregine garanjaklady. Onuň
nazary Altynjanda saklandy. Beg oňa näme diýjegini bilmeýän
ýaly, birpaýyz dymdy, başyny aşak saldy. Soň ýene töweregine
garanjaklady. Nazary ýene Altynjanda saklandy:
– Sen meniň askudarymy nädäýdiň?
Altynjan nämä garaşsa-da, begden bu söze garaşmandy. Ol
bege geň galyp seretdi.
Kabyl öz uýasyny hasam geň galdyrdy:
– Altynjan ýalňyşdy, size kast ediljek bolunýandyr öýtdi,
hökümdarym, ýöne siziň ýakynyňyza guş gelse, ganatyndan,
ýagy gelse, kel­lesinden mahrum bolar. Men size howp aban­
magyna ýol bermerin. Siz meniň doganymyň günäsini geçiň,
hökümdarym! Askudara men: «Beg ýanyna çagyrýança garaş!»
diýip buýrupdym. Olam garaşdy. Askudar ýanyňyza gelmekçi
bolanda Altynjan ony tanamady. Onuň Altynjany öldürmek
üçin atan hanjary-da Halajyň bagtyny ýatyrdy.
Halajyň ölümi bege agyr degdi. Ol serkerdä ertirden bäri
etmeli işle­rini birin-birin düşündiripdi. Indi ol düşündirişleriň
boş geçdigi bolýar.
Serkerde Halaç ýaly ýigitleri ýetişdirmek aňsatmy näme? Onuň
ýaly edermen, ugurtapyjy serkerdeler seýrek dogulýar. Ýöne çawyp
gelen hanjar garaşman durkaň ömür tanapyňy üzäýýär. Ol hanjary
Allatagalanyň saňa sary haçan göňderjegi belli däl...
Herhal, bolup geçen bu ahwalat goşunyň arasynda serker­
de Halajyň janyna kast edildi diýlip ýaýradylsa ýerlikli boljak.
Goý, gulamlar Togrul begiň, onuň hatyny Altynjanyň janyna
kast edip boljakdygy barada pikirem etmesinler!
– Halaç batyr, gaýduwsyz serkerdedi. Ol gäwürleriň,
karmatlaryň, zyndyklaryň 4, şerigat ýoluny bozýanlaryň üstüne
ýolbars-babyr bolup topulardy. Ýöne Halajyň öz duşmanlary
bardy. Bekdaş bilen Dürnazar birki gezek oňa hüşgär bolmagy
tabşyrypdyr, ýöne Halaç geleň etmändir. Ol duşmanlary bara­
da bize habar bermedi. Olar bilen özi haklaşmakçy boldy. Bizi
habardar etmänden soň, biz Halajyň ýagylarynyň näme etjegini
bilmän, ät galdyk. Halajyň duşmany üç aýlap yzyndan galman,
amatly pursada garaşyp gezipdir. Her bir serkerdäniň Togrul
405
begden ýaşyryn zady bolmaly däldir. Her bir serkerde Togrul
begiň ganatynyň aşagynda berk goragda bolmalydyr. Halaçly
ýagdaý indi gaýtalanmaly däldir.
Togrul begiň bu sözleri esgerleriň arasynda öwran-öwran
sözme-söz gaýtalandy.
Altynjan begiň sözünden soň göwünli-göwünsiz haremine
girdi. Haremde onuň ýüregi agzyndan çykyp barýardy: özüniň
ýalňyşandygyna teý ynanyp bilenokdy.
Altynjan begiň diýen sözlerini içine sygdyryp bilmän, ga­
haryna titir-titir edýärdi, öwran-öwran hyrçyny dişleýärdi.
Altynjanyň bolşy özüni öldürjege meňzeýärdi.
Ol hanjaryny emaý bilen sypady, töweregine garanjaklady.
Onuň göwnüne ähli zatlaryň manysy gaçypdy.
Hana, sandyk-sandyk eşikler!
Hana, gymmatbaha şaý-sepler!
Olaryň bary indi Altynjana gerek däl. Ol öň egin-eşiklerine
buýsanardy, gymmatbaha şaý-seplerine-de buýsanardy. Nika gi­
jesinde Togrul begiň beren erkek eşigine-de buýsanardy. Indi
ol zatlaryň gyzygy gaçdy.
Altynjan şu güne çenli ömründen razydy, ýöne indi ömrüň
nämesinden razy boljak?
«Men ölsem, Kabyl bilen Anuşirwan Muhammet Togrul
begi terk ederlermikä?! Belki, galarlar, bege gulluk ederler?
Anuşirwan-a eder. Sebäp ol köşgi, soltanaty janyndan eziz
görýär. Ýöne olary beg sak­lamaz, kowup goýberer. Ýa beg olary:
«Meniň merhum hatynymyň doganlary» diýip hatyralarmy­
ka? Hatynyny hatyralamadyk är onuň dogan-garyndaşynyny-da
hatyralamaz. Meniň çiltenlerimiň güni nähili bolarka? Olaryň
güni kyn-a bolar...»
Togrul gadyr bilenok!
Altynjan bolmasa, ol nähili ýaşar?
Ony öldürerler.
Altynjan bolmasa, ony uzak ýaşatmazlar: Sadyk tetelliler
ýeke däldirler.
Haremiň daşarsynda kimdir biriniň ardynjyramasy eşidildi.
Begmikä?
Daşardaky ardynjyran kişi Togrul begiň gelýändigini habar
406
berýän bolaýmasyn?! Ýok, begiň gelýändigi üç gezek ýuwaşja
ardynjyramak bilen habar berilýär.
Daşardaky kişi iki gezek ardynjyrady.
Iki gezek ardynjyramak – bu Altynjanyň daşaryk çykmaly­dygy­
nyň alamaty. Altynjan çykmalydygyny bilse-de, gurt bolup ýatyrdy.
Altynjan oňa üns bermedi, ýatan ýerinden gozganmadam.
Daşardaky kişi zol-zol ardynjyrady.
Barybir, Altynjan daşaryk çykmady.
Gapy açyldy.
Altynjan göwünli-göwünsiz gapa seretdi.
– Altynjan!
Altynjan Kabyly gözleri bilen dalady:
– Nä ýüzüňe geldiň?
– Ýüzüme näme bolupdyr meniň?
– Utançsyz!..
– Sen hakykatdan hem ýalňyşdyň, Altynjan. Sen hiç bir
zadyň aňrysyna seretjek bolmaýarsyň. Sen mydama gyssanmaç.
Batman bilen Tahyr neresseleri-de nähak öldüripdiň. Bu gün
bolsa askudary nähak öldürdiň.
– Gözüme görünme!
– Saňa beglerbegi garaşýar!
– Näme?
– Togrul beg seni puta 5 çagyrýar!
Daşişikden Togrul begiň sesi eşidildi.
– Altynjan, bärik gel!
Altynjan ep-esli salymdan soň daşaryk çykdy.
Togrul beg putadan iki-üç arşyn çemesi ara daşlykda durdy.
Ol duran ýerinden puta bilen aralygy ädimläp ölçemäge başla­
dy. On-on bäş ädim ädip saklandy.
– Altynjan, hälki hanjar atyşyň şindem göz atuwymdan aýry­
lanok. Şol ussatlygyňy ýene görkez maňa.
– Hökümdarym, ýaşkak işimiz puta oýnamakdy. Nyşana at­
makda Zamahşarda meniň öňüme geçip bilýän ýokdy. Altynjan
hem menden köp zat öwrenipdi şonda – diýip, Kabyl göçgünli
gürledi.
Ol ýene köp zatlary aýtjakdy welin, Anuşirwan gürleme diýen
terzde onuň böwrüne hürsekledi. Soňam howlukmaç gürledi:
407
– Nyşana urmakda, begim, size taý geljek ýok. Men siziň
ussatlyklaryňyzy darkaşlarda görüp ýörün ahyryn.
– Dogry, darkaşlarda görüp ýörüs.
Açyk meýdanda dikilen agaçdan nyşana urmak – puta üçin
palawkädi asylypdyr.
Bir haşym begiň duran ýerine kiçeňräk sandyk getirdi.
Sandygyň içi durşuna hanjardy.
Beg wezir-wekilleri Abylkasym Buýany, Ahmet Dehistany,
Ýusup Bazyrgany, Dürnazar, Peýkam, Bekdaş, Şirpenje Tabgaç,
Magmarany, Mübärek, Ýyldyrym Sebzewar dagy bilen durdy.
Emir Uhjury, Kabyl hem Anuşirwan dagy bolsa, bir ýerde
durman iki ýana gaýmalaýardy. Olar begiň hoşuna gelmäge
çalyşýardylar.
Togrul beg Altynjan gelensoň haşymyň saklap duran
sandygyndan her eline bir hanjary aldy-da, olary ýeke-ýekeden
puta – palawkädä atdy.
Iki hanjar palawkädä biri-birine ýanaşyk çümdi.
– Aperin! Aperin! – diýip, Anuşirwan ibn Tümen gygyrdy.
Togrul beg ýylgyrjaklap Altynjana ýüzlendi:
– Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany, ýene görkez, Altynjan!
Altynjana begiň bolşy – sözleri gaty düşnüksizdi. Togrul beg
hakykaty bilýär. Bilmeýän bolsa: «Hälki hanjar atyşyň şindem
göz atuwymdan aýrylanok», «Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany,
ýene görkez» diýmez?! Rast, ökdelik görkezilip, aňk edilen bol­
sa, şol wagt minnetdarlyk bildiräýmeli eken-dä! Begiň bu sözleri
Altynjana belli bir derejede teselli beren-de bolsa, ony doly ka­
nagatlandyrmady, rahatlandyrmady. Ol özüniň aşa ökdeligini
Togrul begiň gözüne bazyrdadyp basmak isledi: şu isleg bilen
ýuwaşja ýöräp, elinde içi hanjarly sandyk saklap duran haşymyň
ýanyna bardy, hanjarlary ýeke-ýekeden saldarlap gördi.
Altynjanyň aňynda bu mahal diňe bir pikir hökümdar­
lyk edýärdi. Ol hem Togrul bege göz görkezmek pikiridi, tyg
zyňmakda özüniň begden ökdedigini aýan etmek isleýärdi,
elbetde, hökümdardan ökdedigiňi görkezjek bolmagyň öz
betbagtlygyňa bakan ädim ätmekdigi hakda Hajar hatyn, gör,
näçe gezekler oňa janygyp-janygyp aýdypdy. Barybir, bu mahal
özüniň ýöne-möne hatyn däldigini, hut öz ärinden ökdedigini
her edip-hesip edip görene göz etmek hyjuwy öwç alyp, öz er­
408
kine goýanokdy. «Eger ökdeligim meniň etmişim bol­ýan bol­
sa, goý, meni soňundan öldüräýsin, ýöne özümiň ökdedigimi
subut etmäge pursat döredeni üçin, men ondan minnetdar
bolmaly. Men häzir maksadyma ýeterin. Özümiň ondan ökde­
digimi subut ederin. Soň ölerin. Herhal, men maksadyma ýetip
ölerin. Maksadyňa ýetip ölmek – bu Allatagalanyň ýalkawy. «Isle
kynçylykdyr çykgynsyz ýagdaýa düş, isle-de hazynaly bol, höküm
sür, barybir, bu bäşgünlük dünýäden gidersiň» 6 Eý, Biribar, iň
soňky gezek ärimden rüstemdigimi aýan etmäge pursat ber!»
Altynjan masgara bolmazlygy, goldamagyny, göz görkezme­
gine goldaw bermegini Perwerdigärden pyşyrdap dileg etdi.
– Altynjan, pyşyrdap kim bilen gürleşýärsiň? – diýip, Togrul
beg Altynjana gep gatdy.
Ol pyşyrdamasyny goýdy.
Daýysy Tümen beg göz atuwynda janlandy. Eline ýatagan
alan ilkinji günlerinde Altynjana Tümen beg ýörite pent edip­
di: «Eliňe ýatagan alyp, söweşmäge başlanyňda aňyňdan ähli
pikiriňi-zikiriňi zyňyp taşlamaly, bar ünsüňi söweşe bermeli.
Garşydaşyň her bir hereketini, näme etjek bolýandygyny gözüň
bilen däl, ýüregiň bilen görmegi başarmaly. Ine, şuny oňarsaň,
ýeňiş ýylgaý seniňki bolar!» Bu pikiri Altynjana ömründe köp
kişiler aýdypdy, Togrul beg hem aýdypdy.
Altynjan juda bir kösenmezden aňyndaky pikirleri aýryp
taşlamagy başarýardy. Ol ýene aňyndaky pikirlerden saplanmak
üçin gözlerini çalaja süzdi. «Altynjan, sen bege göz görkezmeli!»
diýip, ol içinden bäş-alty gezek gaýtalady. Hanjarly eline seretdi.
Ol ynam bilen nyşana atmaga girişdi.
Birinji gezek atdy.
Ikinji gezek atdy.
Perwerdigär Altynjany her gezek goldady: onuň zyňan sekiz
hanjary islän ýerinden çümdi. Olaryň biri Togrul begiň atan iki
hanjarynyň arasyna çümdi, galany bolsa şol iki hanjaryň daşyna
halkalaýyn aýlandy.
– Aperin! Aperin! Nähili takyklyk! – diýip, Abylkasym
Buýany dillendi, bir nyşana, birem bege seretdi. Onuň bu sözü­
ni duranlaryň köpüsi goldady, Altynjanyň halamaýan Peýkamyda goldady, ýöne Kabyl bilen Anuşirwan seslerini çykarmady.
409
– Anuşirwan, Kabyl, siz hiç zat aýtmak isläňzokmy? – diýip,
Altynjan çikjerip sorady.
– Melike, çoh takyk urduňyz! Aperin size! – diýip, ähli
kişiden aýry duran emir Hapban Endikäni ýalym-ýulum etdi.
– Men Kabyl bilen Anuşirwanyň pikirini bilmek isleýärin.
– Gowy, gowy! – diýip, Kabyl zoraýakdan aýtdy.
– Anuşirwan, sen näme diýjek?!
– Gowy! – diýip, Anuşirwan ysgynsyzja seslendi.
Togrul beg sesini çykarmady: şondan soň Altynjan ýene ha­
remine dolandy, içerik giren ýerinde aşak çökdi, bir çugdam
bolup, başyny aşak salyp oturdy. Togrul beg içerik girende, aňktaňk bolan dek gözlerini petredip ýerinden galdy.
– Altynjan, men bu gün atam Seljuk begiň asfury hanjaryny
saňa hedýe berýärin.
Altynjan Togrul begiň uzadan asfury ýakutdan saply han­
jaryny ör-gökden gelip aldy.
Beg hanjary näme üçin berýär?
Bu Seljuk begden galan miras ahyryn!
Seljuk beg ölmeziniň öň ýany hanjary ähli neberesini ýyg­
nap dabaraly ýagdaýda Togrul bege beripdi:
«Bu hanjar maňa daýymyl-wagt rowaçlyk getirdi, daýymylwagt ýeňiş getirdi. Men saňa uly umyt baglaýaryn. Pederlerimiz­
den galan şu mukaddes asfury hanjary saňa gowşurýaryn. Goý,
bu hanjar saňa daýymyl-wagt ýeňiş getirsin!» diýip, Seljuk beg
Togrul bege rowaçlyk patasyny beripdi. Şondan bäri Togrul beg
asfury hanjary ýanyndan aýranokdy.
Bu gün şol mukaddes hasaplanýan hanjaryň Altynjana gow­
şu­rylmagy – bu Togrul begiň aşa uly ynamynyň, aşa uly mertebe­
siniň alamaty! Muňa kim düşünmese-de Altynjan düşünýärdi.
Altynjan näme etjegini bilmän esli salym dymdy.
– Jöwşenimi 7 çykarmaga ýardam berjekmi?!
Begiň eşiklerini geýindirýän, tikýän, haýsy gün haýsy eşik geý­
se, gowy boljagyny maslahat berýän ýörite hünärmenleri bardy.
Altynjan olary halamazdy, dogrusy, olary begden gabanardy.
Olaryň begiň geýinmegine ýardam bermegine döz gelse-de, çy­
karynmagyna welin, hiç döz gelip bilmezdi. Togrul begi ýalaňaç
halda özünden başga ýeke kesiň hem görmegini islemeýärdi.
411
Togrul beg geýinmäge gaty uly üns berýärdi. Jamedaryň8
sahyp­lygynda otuz-kyrk adam onuň diňe geýim-gejimi, geýnip
ile çykmagy bilen meşguldy. Ol içki eşikde hiç kime görünmez­
lige çalyşýardy. Sähel salymlyk daşaryk çykyp gelmek üçin hem
ol hökman howlukman geýnerdi.
***
Togrul begiň Seljuk begden galan asfury ýakutdan saply
hanjary – döwletliligiň, mertebäniň hem-de hökümdarlygyň
alamatydy. Bu alamatyň Altynjan melikä bagyş edilmegi
döwletiň geljekki ykbalynyň şonuň bilen bilelikde çözüljekdigi­
ni aňladýardy. Bu aňlatmanyň hatda Togrul beg üçin aňasty bir
närse bolan bolmagy-da ähtimaldy. Belki-de beýle däldir, beg
özüniň näme edýändigini gaty oňat bilip, hereket edendir. Haýsy
biri bolanda-da, wakanyň düýpli alamaty – manysy hem ähmiýeti
göze görnüp durdy. Ýaşaýyş dowamaty iki ugur boýunça bolup
geçýärdi – ýaşaýşyň ýüzündäki adatylyk hem-de onuň düýbündä­
ki, teýindäki, çuňlugyndaky alamatylyk. Adaty ýaşaýyş gutaryp,
adamyň hem halkyň durmuşynda aýratyn döwür başlananda, iki
hili närse köpel­ýär: bir-ä, durmuşyň duýulyşy, kabul edilişi täsin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 25
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.