Latin

Altynjan hatyn I - 25

Total number of words is 3686
Total number of unique words is 2069
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
howalylyga eýe bolýar, birem alamaty zatlar ýygjamlaşýar. Birin­
jisi ýaşaýyş hyjuwynyň Asman giňligine tarap, ikinjisi bolsa onuň
zemin çuňlugyna baka joş urmasydyr. Şeýle pursatlar adam öm­
ründe, şeýle döwürler halkyň taryhynda seýrek bolýar. Munuň
özi ýaşaýyş ummanynyň girdabyndaky akymlaryň ugrunyň we
tizliginiň ummany ýüzleýligindäki akymlaryň ugry hem tizligi
bilen gabat gelmegidir. Bu gabatlaşykdan ýaşaýyş many, dünýä
maza tapynýar. Togrul begiň hatyny babatdaky bu göze gözel
görünýän hereketi diňe bary-ýogy gözellik däl. Ol türkmeniň gel­
jekki beýik ykbalynyň çuňlugyndan gelýän tejelli.
***
Togrul beg uzynly gün adam kabul edýärdi. Onuň ýanyna
gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi: iş salyşýan adamlarynyň sany,
hökümdarlyk edýän ýerleriniň çägi günsaýyn artyp gidip otyrdy.
412
Ol her gije ähli kişiden soň ýatardy.
Ýatanda-da uzak ýatmazdy. Bir görseň, ýaňy uka giden
ýalydyr, ýöne biraz salymdan soň mirşepleriň arasynda aýlanyp,
olara gözeg­çilik edip ýörendir ýa-da niredendir bir ýerden ge­
len çapar bilen gürleşip durandyr. Togrul beg çaparlary – gijegündiziň haýsy wagty gelse-de, parhy ýok: «Bimahal geldiň»
diýmän, kabul edýärdi, habaryny alýardy.
Beg gije uklap bilmedik bolsa-da, daňdan ähli kişiden öň
aýak üstündedi. Hyzmatkärler, diňe hyzmatkärler däl, Altyn­
jan hem köplenç begden ir oýanmaga çalyşýardylar, ýöne olar,
barybir, begden ir turmagy başarmaýardylar.
Onuň uzynly gün, köplenç uzynly gije aýak üstündedigine,
dynç almaýandygyna Altynjanyň nebsi agyrýardy, ýöne beg näçe
köp işlese-de, gijelerine oňly uklamasa-da, özünde ýadawlyk
duýmazdy.
Az uky bilen oňňut etmegi başarýan Togrul begiň käteler
aýy ukusyna gidäýmesem bardy. Onuň aýy ukusy birki hepde­
läp, käteler kyrk günläp dowam ederdi.
Dynç alýan günleri ol hareminden eger-eger çykmazdy.
Nähili möhüm iş ýüze çyksa-da, geleň etmezdi. Altynjandan
özge ýeke kişi bilenem gürleşmezdi. Altynjanyňam başgalar bi­
len gürleşmegini islemezdi.
Beg dynç almalaryny iki görnüşe bölýärdi: uly uky hem kiçi uky.
Onuň uly ukusy kyrk güne çekse, kiçi ukusy bir hepde töwe­
regi dowam ederdi.
Begiň uklamasy-da, oýanmasy-da ýeňildi. Islän pursady
uklamagy, islän pursady oýanmagy başarýardy.
Altynjan beg uly uka gidende ýatmakdan ýaňa ýadardy.
Togrul begde üýtgeşik bir başarnyk bardy: ol edil Mäne
baba deýin, adamlaryň näme pikir edýändigini duýýardy, takyk
bilýärdi.
Altynjan ýatmakdan ýaňa ýadandygy hakda oýlandy welin,
Tog­rul beg bürgüt bolup onuň üstüne gerildi…
413
***
Olaryň ümleri, jynlary alyşýardy. Biri-birine sözsüz düşü­
nişýär­diler. Özem bile bolanlarynda wagtlary bedew ata atlanan
dek gaty çalt geçýärdi.
Beg käteler açylýardy. Ol:
– Zenanlar – pelegiň tagamy, manysy. Zenanlar – pelegiň
gyzygy. Eger sen bolmasaň, kyrk günläp ýatybam bolmaz.
Ýanyňda hatynyň bolsa, islendik işiň rowaç tapýar. Sen meniň
rowaçlygym – diýip, Altynjanyň uzyn şamar saçlaryny öz boýnu­
na dolardy.
Bu begiň lezzet alýan zadydy.
Altynjan bolsa begiň murtundan ýolmagy gowy görýärdi.
Ýolmak hem ýoldurmak iki tarapa-da lezzetlidi.
Göräýmäge, murtdan ýolmakda güler ýaly hiç zat ýokdy.
Ýöne är-aýal üçin beýle däldi.
Olar gözlerini ýaşardyp gülşerdiler.
– Ýol, ýol! – diýip, beg buýrar.
– Ýok, ýok, gerek däl. Birden, öňki ýaly, burnuňyz ganaý­
masyn.
– Ganamaz, ýoluber.
– Ýekejesinimi?
– Ýok, ikisini ýol!
– Aý, gerek däl!
– Men saňa buýurýaryn! Ýol!
– Agyrar!
– Goý, agyrsyn!
– Agyrmasyn!
– Barybir ýol!..
***
Togrul beg Altynjana seredip uzak oturdy.
– Nämä üçin seredýärsiňiz, begim?
– Eý, Altynjan! Allatagala saňa erkek kişiniň edermenligini,
pähimini, hatynlaryň owadanlygyny, näzikligini beripdir. Soltan
Mahmyt Ýusup atly bir aşa görmegeý oglany ýanynda saklapdyr,
414
oňa seredip, kalbyna giňlik, röwşenlik tapypdyr, oňa seredip
mylaýymlaşypdyr, gaharly bolsa köşeşipdir, oňa seredip tutan tutu­
my ýylgaý oňuna bolupdyr, ýeňiş gazanypdyr. Soltan Mahmydyň,
biler bolsaň, şol aşa görmegeý Ýusup atly jahyly meniň üçin,
Altyn gyz, sen! Seniň mübärek jemalyňy görüp saba bilen başlan
tutumymyň şow tapmadyk ýekeje saparam ýok. Sen meniň asfury
hanjarym! Meniň ýeňişlerimiň tumary – sen! – Togrul beg haty­
nyny birmeýdan synlap oturansoň, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady:
– Ýaşamak – söweşmek. Bu söweşde seniňki has kyn...
– Ýok, maňa kyn zat ýok.
– Häzir sen hakykaty aýtmaýarsyň. Sen meni biynjalyk et­
mezlige çalyşýarsyň.
– Siziň näme diýmekçi bolýandygyňyza düşünmeýärin.
– Sen meniň hatynym hökmünde köp zatlara özüňiň
hukuk­lydygyňy, özüňiň naçar hatyn däldigiňi, beýik şahsdygyňy
subut etdiň. Boýun alasymyň gelmeýän zatlarymy sen bile ýaşan
bäş ýylymyzyň içinde ýüzüme basyp, boýun aldyrdyň. Sen şu gün
meniň dünýäme diňe bir hatynym hökmünde däl, eýsem, ne­
dimim, iň ýakyn maslahatçym hökmünde girdiň, özüňi ykrar
etdirdiň. Sen meniň ýüregim! Indi öňüňde ikinji basgançak –
iň kyn basgançak dur: sen indi özüňi meniň köşgümde – salam­
lygymda ykrar etdirmeli.
– «Ikinji basgançak» diýdiňizmi?
– Hawa, indi seniň öňüňde ikinji basgançak dur. Gö­
räýmäge, begiň hatynynda hiç hili alada bolmajak ýaly, ýöne
bu beýle däl. Köşkdäkileriň biri saňa göriplik eder, ikinjisi,
bahyllyk, üçünjisi, günüňi bulamakdan lezzet gözlär. Wezirwekilleriň aýallaram saňa ýaranjaňlyk edýän, seni gowy görýän
ýalydyr, ýöne olaryň aňlaryndaky pikirler ötlem-ötlemdir. Sen
indi wezir-wekillere, olaryň hatynlaryna özüňiň mynasyp ýerde
oturandygyňy, her bir zady görýändigiňi, ýamanlyk edilen ýag­
daýda ýagşylyga garaşmaly däldigini subut etmeli. Boş gürrüňler
bilen ýüregimi çişirip, çagajygymyzyň ölümine sebäp boluşlary
ýadymdan çykanok meniň, çykaram öýdemok.
Altynjan biygtyýar dillendi:
– Kimdi şol?
Togrul beg birsellem dymdy:
415
– Geçeniň geçdigi bolsun, köne saman sowurmaly.
– Men onuň kimdigini aňýaryn.
– Kim?
– Ýyldyrym Sebzewar bolmaly ol!
– Ýok, ýok, ol däl! Sebzewar meniň şatlygym, gülkim. Ol
degişýär, ýöne gybat etmeýär. Men oňa bäş barmagym ýaly belet.
– Şol, şol! Onuň bar maksady meniň şowsuzlygym. Onuň
dilini kesmeli, dilini!
– Altyn gyz, sen maňa yşan, nähak töhmet erbet zat! Dogry
aýdýarsyň, Ýyldyrym Sebzewar biraz köpräk gepleýär, ýöne
ol saňa, maňa juda wepadar. Men ony kän gezekler synagdan
geçirdim. Sen giň bol! Geçeni geçdi bil! Biziň günümiz gowy.
Mundan beýlägem gowy bolar. Men öz maksadymy saňa gürrüň
berdim ahyryn! Nesip bolsa, göwnümizdäki ýaly bolar, Reýde 9
ýaşarys. «Adamlara peýdaly zat bolsa, onuň dünýäde galjakdygy»
10
, ýöne ýere aýdylmandyr. Biziň bitiren işlerimiz baky galar.
Men saňa uly umyt baglaýaryn, Altyn gyz!
– Men düýrmegim bilen rowaçlyk isleýärin.
– Men bilýärin, Altyn gyz. Men seni indi bu gün tanamaly
däl-ä! Ýöne käbir zatlarda ahmyrym bar.
– Ahmyr geljege güýç berýär.
– Şol güýç özümize garşy bolmasyn!
Iki göreç biri-birini ezizledi, olar biri-birine sözsüz dü­
şündiler.
Ýürekler bir bolanda söz gerek däl eken. Söz ýürekler biribirinden daşlaşandan soň dörän bolmaly.
Ýedinji hekaýat
GYLYÇ ÝA KEPEN DÄBI
S
oltan Masut Nusaýdaky masgaraçylykly ýeňlişden soň,
gaçyp gider ýaly etmek üçin agyrdan-agyr salgyt sa­
landygyna, seljuk begleriniň islegini kanagatlandyrmandygyna
– düşleg bermändigine ökünmek ökündi, gulamlarynyň, wezirwekilleriniň, serkerdeleriniň bu ýeňlişden soň ýüreklerinde
seljuklylardan gorkynyň galandygyna göz ýetirdi. Gorky bilen
ýeňiş gazanyp bolmaz, ýöne gorkyny nädip aýyrmaly?!
Gaznaly gulamlar bu söweşe juda uly umyt baglapdylar, çün­
ki soltan darkaşa gatnaşan, darkaşda tapawutlanan her bir gu­
lamy sahylyk bilen sylaglamak hakda ýörite perman beripdi. Şol
perman esasynda goşunyň gapdaly bilen üç ýüz araba ýüküň –
altynyň, her hili gymmatbaha baýlyklaryň alnyp barylýandygyny,
şol arabalardaky baýlyklarda özleriniňem paýlarynyň bardygyny
gulamlar bilip-görüp durdylar ahyryn. Şol baýlyklara eýe bolmak
hyjuwy bilenem olar Nusaýda gaýduwsyz söweşipdiler, ýeňşem
gazanypdylar, ýöne darkaşdan soň, ýaraglaryny beýlede goýup,
ýaňy arzyly sylaglaryna gowşan pursatlary seljuk esgerleri üstleri­
ne ýaz çabgasy bolup, ýok, ýok, has takygy, Ezraýyl bolup dökü­
lipdi. Soltanyň gulamlary oljalaryny ýerde goýup, ýaraglaryny
ele almaga-da ýetişip bilmediler. Gulamlaryň arasynda arzyly
27*
417
ýeňişden soň dynç almak maksady bilen ýaňy uka batanlary-da
bardy. Olaryň şol ukulary baky uka öwrülipdi.
Üstüne Ezraýyl abanyp geliberse, adam görgüli nätsin?! Ol
gaçmak bilen bolýar. Seljuk atlylaram gaznaly gulamlara gaçma­
gy ýeke-täk çykalga hökmünde zol-zol ýatladýardylar.
Gaznaly gulamlar baş-başa, jan-jana bolup gaçdylar. Seljuk at­
lylary bolsa, gaçyp barýan görgülileri ýeke-ýekeden pürrelediler!
Nusaý söweşindäki masgaraçylyk soltan Masudy endiretdi,
gijelerine rahat uklap bilmedi.
Seljuklylar bilen bellisini bilmeli!
Uly goşun jemläp, olary düýt-müýt etmeli!
Haşar ýygnamaly!
Nusaýda gorkan soltan gulamlary seljuk esgerleri bilen ikin­
ji gezek ýüzbe-ýüz söweşmäge gujur-gaýrat taparmykalar? Soltan
üçin iň erbet ýeri, «Seljuk esgerleri ýeňilmezek. Çünki olaryň
arkasynda Allatagala dur» diýen hopukdyryjy myş-myşlar jik-jiki
ýaly ondan-oňa bökýärdi: dilden dile geçýärdi. Soltan bu «myşmyşyň» seljuk begleri tarapyndan ýörite ýaýradylýandygyny bil­
ýärdi, ýöne ol «myş-myşlaryň» nädip öňüni aljagyny bilmeýärdi.
Bu günem, ine, Çagry begdir Togrul begiň adyndan ýazylan
haty soltana getirip gowşurdylar. Hatda seljuk begleriniň uruş is­
lemeýändikleri, gaýtam, soltana wepalylyk bilen hyzmat etmekçi­
dikleri nygtalýardy: «Eý, mülk we döwlet eýesi bolan Alla, Sen is­
län kişiňe mülk berýärsiň we islän kişiňden ony gaýtaryp alýarsyň.
Sen islän kişiňi eziz, güýçli, islän kişiňi bolsa har-zelil edýärsiň.
Ähli ýagşylyk ýalňyz seniň eliňdedir. Sen ähli zady başarýarsyň». 1
Togrul begiň gönderen hatyny okan soltan Masut seljuk
beglerini haýbat bilen gorkuzyp bolmajakdygyna düşündi. Haty
baş diwanynda maslahata goýdy. Onda seljuk begleriniň hatda
soralyşy esasynda üç bege: Togrul bege, Çagry bege we Musa bege
üç welaýatyň berlendigini ykrar etmek makul bilindi. Üç welaýaty
seljuklara soltan Mahmyt ykta beripdi, ýöne ony ogly soltan Ma­
sut ykrar etmän ýördi. Bu gün üç bege üç welaýatyň berlendigini
ykrar etmek ýeke-täk dogry çykalga hasaplandy. Şeýdip, ýaman­
dan boýnuňy satyn almak islediler. Soltanyň külah menşurlaryny
2
Bu Nasr Mişkan taýýarlady. Şol külah menşurlar boýunça:
Nusaý welaýaty – Togrul bege;
418
Dehistan welaýaty – Çagry bege;
Farawa welaýaty – Musa bege berildi.3
Her welaýat boýunça aýratyn perman, şeýle hem her bege
aýratyn beglik dony, tug taýýarlanyldy.
Soltanyň Sini atly wekili Nusaýa ýörite geldi. Togrul bege,
Çag­ry bege, Musa bege üç welaýatyň resmi taýdan berilýändigi
hakdaky kulah menşurlaryny ýörite gowşurdy. Perman esasynda
üç seljuk begi soltanlygyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem
olara daýhan 4 unwany berildi.
Daýhan unwanyny alan begleriň özlerine berlen welaýatlar­
da doly ygtyýarly adamlardygy şalyk tarapyndan resmileşdirildi.
Sini üç bege öz welaýatlarynda ýüze çykan meseleleri isleýişleriçe
çözmäge doly ygtyýar berilýändigini gaýtalap-gaýtalap aýtdy.
Ol üç daýhana – bege soltanyň aýdan başga-da bir pikirini
mälim etdi: soltan seljuklylara Jeýhunyň kenarlaryna göçüp bar­
maklaryny maslahat berýär; ol ýerlerde seljuklylara bu ýerlerdä­
kiden has amatly mümkinçilikleri, şertleri döredip berip biljek.
Sini welaýat daýhanlarynyň her birine aýratynlykda birmeňzeş iki
şahly lat, ýagny telpek, aýratyn eşik, bedew at, eýer, guşak, şeýle
hem egin-eşik tikdirip geýmek üçin otuz görnüşli mata gowşurdy.
Ýöne üç seljuk begi özlerine berlen egin-eşikleri, iki şahly laty,
permany soltanyň wekiliniň gözüniň öňünde oda ýakdylar 5.
– Soltan Mahmytdan özüne mynasyp är nesil galmady.
Ogly Masut nanýagy. Ol keýpi-sapadan – şöwhetden başga hiç
bir zady bilmeýär. Goý, ol Gaznada keýpi-sapada ýaşabersin.
Beýik babasynyň hatyrasy üçin biz ony öldürmeris, tagtdan-da
düşürmeris, Gazna ýöriş hem etmeris. Ýöne indi Horasany
ýadyndan çykarsyn. Çünki Horasan biziňki! – diýip, Togrul beg
Sini wekile aýtdy.
Bu habary soltana doly aýtmaga Sininiň gaýraty çatmady,
ýöne ol bolan wakalaryň gylyny gyşartman beýik hoja Ahmet-iAbd-as-Samada ýetirdi.
Sininiň habary ýetirilmedik hem bolsa, soltan seljuk begleriniň
edýän ähli işlerinden habarlydy, çünki Horasan sahyp beriddin­
den hem sahyp diwanyndan oňa günde-günaşa ýowuzdan-ýowuz
habarlar gelip durdy. Ähli zada ygtyýary ýetýän soltanyň seljuk
beg­lerine ygtyýary ýetenokdy. Köşkde hem şolardan başga gürrüň
419
ýokdy. Muňa onuň jany ýanýardy. Gijelerine ýatman, çykalga göz­
leýärdi, Hajy Mälige 6 öwrülen seljuk beglerini ýok edip biljek kişä
soltanlygynyň gylla ýaryny bermäge razydy.
***
428-nji hijri ýylyň muharrem aýynda7 soltan Masudyň diwa­
nyna seljuk beglerinden ilçiler geldi. Seljuk ilçileriniň biri öň
samanly şalygynyň köşgünde işlän buharaly ulama Seýit Rawen­
didi, ikinjisi bolsa Togrul begiň nedimi emir Mübärekdi.
Iki ilçini ilki weziriň diwanyna eltdiler. Olary beýik hoja
(wezir) Ahmet-i-Abl-as-Samat kabul etdi.
Seljuk ilçileriniň getiren hatynda Çagry beg bilen Togrul
begiň serdarlygyndaky seljuk jemagatlarynyň Horasandaky
akynlarda elleriniň ýokdugy, ol akynlary başga toparlaryň edýän­
dikleri, özleriniň parahatçylykly, ylalaşykly, agzybir durmuşyň
tarapdarydyklary, şeýle durmuş ugrunda göreşýändikleri, bu
islegiň amala aşmagynda soltana ýakyn ýardamçy bolmak is­
leýändikleri, ýöne bu islegleriniň amaly üçin özlerinde hiç hili
şertiň ýokdugy, ýagny soltanyň özlerine beren ykta ýerleriniň
juda azlyk hem darlyk edýändigi, şonuň üçinem özlerine Merw,
Sarahs welaýatlarynyň berilmeginiň zerurdygy, mundan-da
başga, özleriniň ygtybarly ýardamçy-goragçy bolmaklary üçin kä­
bir zatlaryň ýola goýulmalydygy: ilki bilen, soltanyň öz sahyp be­
ridlerini, sahyp kazysyny, sahyp diwanyny Etege ugratmagynyň,
olaryň ilatdan salgyt-mal bistegany ýygnap bermekleriniň
möhümdigi, ýygnalan salgytlaryň hasabyna özleriniň Horasan­
daky topalaňçylary sebitden kowup çykarjakdyklary aýdylýardy8.
Hatyň soňunda soltanyň hajyby Sübaşynyň Nyşapurda we Hyrat­
da goşun jemleýändigi, eger şol goşun seljuklylaryň üstüne çoz­
mak maksady bilen jemlenýän bolsa, onda özleriniň mejbury
ýagdaýda goranmaly boljakdyklary, ol goşuny kül-peýekun etjek­
dikleri, bu masgaraçylykly ýeňlişiň soltanlygyň abraýyny has-da
pese düşürjekdigi, soltanlygyň düşjek wejera gününe özleriniň
gynanjakdyklary, bu duýduryşyň boş duýduryş däldigi, diňe päk
niýetli, dostana duýduryşdygy sypaýyçylykly ýaňzydylýardy.
420
– Kimmiş olar maňa akyl-duýduryş berer ýaly? – diýip, sol­
tan Masut gazaplandy.
Seljuk beglerine geregi-de şoldy…
***
Seljuk begleri soltanyň goşuny bilen entek-entekler açyk
darkaşa girmezlik, diňe gaçyp söweşmek – türkmeniň gadymy
ur-gaç harby tilsimini ulanmak, howsala salmak hakda öz ara­
larynda ylalaşypdylar.
Olaryň Horasanda abraýynyň hem däsiriniň artýandygyna
jany ýanýan soltan Masut seljuklylary ýok etjekdigine açyk göz ýe­
tirse, bir günem durjak däldi, gitjekdi, tüýdüm-tüýdüm etmekçi­
di, bu maksadyna ýetmegi üçin ol hiç bir zatdan hem gaýtjak däldi,
ýöne onuň ýeňşe ynamy azdy, il arasynda soltanlyk üçin döş gerjek
adamlaryň köp däldigini bilýärdi. Welaýatlaryň raýisleri, amidleri
diňe öz bähbitleri bilen başagaýdylar. Duza gaçan hem duz boljak
eken. Soltan keýpi-sapany, agyr-agyr meýlisleri gowy görensoň,
welaýatlaryň dikmeleri-de onuň ýoluny tutýardylar, günde-günaşa
meýlis gurýardylar, hanafy mezhebine daýanyp, serhoşlykdan
aňsat-aňsat açylmaýardylar9. Ýarym ýalaňaç zenanlara rakys oý­
nadyp, aýdym aýtdyryp, göwünlerini hoşlaýardylar. Soltanyň per­
manlaryny ýerine ýetirmäge olarda wagt-da ýokdy, höwes-de.
Seljuklylar bilen söweşip ýeňiş gazanjagyna ynamy berk bol­
mandan soň, soltan ýeňiş gazanjak ýerine – Hindistana ýörişe
ugrady.
Ol Hindistana gidensoň wezirler we döwlet işgärleri öza­
ra geňeşdiler: «Seljuklylara geleň etmezlik – Horasanda olaryň
işleriniň rowaç almagyna, köp güýç toplamagyna, berkeme­
gine mümkinçilik döretmek. Olar Horasana ýylsaýyn berk
ornaşýarlar, güýçlenýärler. Birki ýyl towuklaryna tok diýilmese,
olar has hem güýçlenerler, biziň üstümizden öz hökümdarly­
klaryny gurarlar. Bu sähel üşügi bar adam üçin düşnükli. Olar
tiz wagtdan Horasanyň ähli ýerini eýelärler, soň biziň aýaga
galmagymyz peýdasyz bolar. Seljuklylar Horasany doly eýelän­
lerinden soň, Gazna ýöriş ederler. Şol wagt olary saklamaga
421
biziň küşdümiz ejiz geler. Häzirkimiz ýaly işsiz oturmagymyzy,
aýdym-saz, keýpi-sapa bilen wagtymyzy geçirmegimizi häzirlikçe
bes edip, seljuk kellagyrysyny aradan gutarnykly aýyrmasak, er­
tirki gün bize masgaraçylykly ölüm garaşýar».
Wezir-wekiller pikirlerini Hindistandan uly ýeňiş, uly olja
bilen dolanan soltana aýtdylar.
Wah, görgüli!
Hindistana gitse, seljuk kellagyrysy – meselesi öz-özünden
çözüläýjek, öz-özünden aradan aýrylaýjak ýalydy, ýöne ol özözünden çözülmedi, soltanyň bagryny iýýän gurt boldy.
***
Seljuk jemagatlarynyň öňki eden weýrançylyklary az görlen
deýin, soltana Gyzyl başbuguň, Ýagmyr başbuguň Reý şäherinde
edýän talaňçylyklaryny habar berdiler.
Soltan Reýdäki bozgaklaryň soňuna çykmak üçin öz ha­
jyby Subaşyny «Yrak oguzlary» diýlip tanalýan seljuk başbuglary
Gyzylyň hem Ýagmyryň jemagatlarynyň üstüne ugratdy. Merda­
wij atly uly emirini hem hajybynyň ýanyna goşdy.
Subaşy Reýde garşydaş tapmady, ol ýerde seljuk jemagaty
ýokdy. Sebäbi Gyzyl bilen Ýagmyr bir ýerde uzak durmaýardylar.
***
Subaşy Hyratda, Nyşapurda dynç alyp, Çagry begiň üstüne
– Merwe ýöriş etdi. Üç günde Merwe ýetdi.
Subaşynyň goşuny ýadawdy.
Çagry beg olaryň ýadawlygyndan peýdalanjak bolmady,
öňünden çykmady. Salyr Gazan usulyny ulandy: şäheri boşadyp,
çöle çekildi.
Hajyp Çagry begiň yzyndan kowup ugrady.
Çagrynyň maksady-da hajybyň gulamlary bilen gaça söweş
etmekdi. Onuň esgerleri Merwiň töwerek-daşyna beletdiler.
Şonuň üçin olar hajybyň goşunynyň garaşmadyk ýerinden zom­
pa çykyp, hüjüm edip, her gezek köp adamy öldürýärdiler, köp
mukdarda olja edinýärdiler.
422
***
Seljuklylar üçin çomry ýaşaýşynda ýaşamak mümkin däldi.
Sebäbi gaznaly gulamlar obama-oba aýlanyp ýördüler. Olarda
rehim-şepagat ýokdy, iň soňky kesemen tötegiňe çenli eliňden
gaňryp alýardylar, egniňdäki eşigiňe çenli «salgyt» diýip, «paç»
diýip sypyrýardylar. Şeýle bolansoň seljuklylaryň öýüdir rozysy
atyň üstündedi. Ýorgan-düşegi, iýip-içjek owkady atyň ganjy­
gasyndady.
Parahat ýaşaýyş ýokdy.
Ýaşamak welin gerekdi.
Gürrüň on-on bäş adam hakda gidenokdy, ähli kynyk nebe­
resi, jemagatlary hakda gidýärdi.
Gürrüň Horasandaky ähli türkmenler hakda gidýärdi.
Näme etmeli?
Nirä gitmeli?!
Elbetde, nirädir bir ýere gidip bolar. Nirä?! Ähli barjak
ýerleriň gaznaly soltanlygyna tabyn, diýmek, sen nirä barsaňam,
soltanyň rahat ýaşatmajakdygy görnüp dur.
Ýeke-täk bir ýol bar.
Ol ýol – Oguz hanyň gylyç ýa kepen ýoly!
Oguz han bu däbi pederlerine ýöne ýere ýol-resim edip
galdyrmandyr. Bu resim maksadyňa gowşurýar.
Gylyç ýa kepen ýoly näme?
Ol dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa ta­
lak berip, ölümiňi boýun almak, mydama täretli bolmak, egineşikleriňi çykaryp on alty gary biýze çolanmak hemem eliňe gy­
lyç alyp: «Ýa Alla!» diýip, duşmanyň üstüne topulmak, ýa ölmek
ýa-da ýeňmek!
Gylyç ýa kepen ýoly şu!
Ilki bilen-ä, soňundan ýapmasy kyn düşjek gapyňy açmaly
däl. Rast, gapa el uzatdyňmy, ony açmagy-da, ýapmagy-da başar.
Oguz ýurduny eýelemek – ony soltan Masutdan almak üçin eliňe
gylyç aldyňmy, orta ýolda böwrüňe diň salma! Ýa al, ýa öl! Türk­
mende: «Gaýtmyşym» diýen zat öňem bolan däldir, häzirem ýok,
soňam bolmasa gerek! «Gaýtmyşym» edýän türkmen däldir!
Ölen şehit bolar, ölen ýerinde depin ederler. Depin etmek
üçin ýuwmak hökman däl, çünki ol öňden täretli. Kepene çolan­
423
mak hökman däl, çünki egninde on alty gary biýzi – kepeni bar.
Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimi – ýa ýeňmeli, ýa ölmeli
diýildigi bolýar.
Bu pikir soňky döwür köp gaýtalanýardy.
Bu seljuk beglerine makul görnen ýeke-täk pikirdi.
Şu babatda geňeşmek üçin ähli seljuk begleri, ähli sel­
juk başbug­lary Merwiň etegine geldi. Gelenleriň arasynda
musulmanlaryň göz-guwanjy, görnükli akyldar Abu Seýit Abyl­
haýyr hem bardy.
Parawly Parawbibiniň maslahatyndan soň, Çagry beg bilen
Tog­rul beg Abu Seýidiň dergähine barypdylar.
Abu Seýit Parawbibiniň sözlerini gaýtalapdy:
– Men size ýedi ýyl bäri garaşyp otyryn.
Belli pir seljuk beglerini ganatlandyrdy: gaznalylara garşy
baş göterse, seljuklylaryň hökman ýeňiş gazanjakdyklaryny, öz
döwletlerini döretjekdiklerini, söweşlerde Allanyň ýaran bol­
jakdygyny gaty ynandyryjylykly aýtdy.
Pir Togrul begiň hatyny Altynjany ýanyna çagyrdy, oňa aýra­
tyn pata berdi. Ýakut daşlaryndan edilen monjugy engam etdi. Ol:
– Monjugy dakyn! – diýdi.
Altynjan monjugy dakynandan soň, pir ýene aýat okady,
ýagşy dilegler etdi. Soňundan oňa gyzgylt taýlesan engam etdi.
Altynjan çoh-çoh minnetdarlyk bildirip, taýlesany egnine atdy.
Bu gün pir pata bermek üçin Merwe Mähneden ýörite gelipdi.
***
Geňeşe Çagry beg kethudalyk etdi:
– Doganlar, gaznalylardan ýaňa bize gün ýok. Biz adam
ýaly ýaşamak isleýäris, ýöne olar bizi bilgeşleýinden agyr güne
salýarlar, agyr salgyt salýarlar. Olaryň bize salýan salgydyny Balh
welaýaty üç ýylda berýär. Gaznalylaryň maksady düşnükli, bizi
gyrmak, ýok etmek! Biz kysmata kaýyl bolup, başlarymyzy çapgy
agajyna goýmalymy?..
Çagry begiň sözüni böldüler, seljuklylar ýerli-ýerden gy­
gyryş­dylar:
424
– Gylyç ýa kepen!
– Gylyç ýa kepen!
Togrul beg ýerinden turdy:
– Gylyç ýa kepen!
Musa beg ýerinden turdy:
– Gylyç!
Ähli seljukly Musa begiň sözüni gaýtalady.
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Geňeş uzaga çekmedi. Gaznalylaryň eden-etdiliginden ýaňa
janlary ýanyp duran seljuklylar ölümlerini boýun alypdylar,
garpyşmak, ar almak isleýärdiler. Sebäbi bu ýere ýygnananlaryň
arasynda gaznalylardan zulum görmedigi ýokdy. Olaryň biriniň
atasy, beýlekisiniň agasy, ýene biriniň inisi, başga biriniň ogly
gaznalylaryň pidasy bolupdy.
Gaznalylar Muhsin Taky öldürdiler.
Ysraýyl Arslan hany öldürdiler. Onuň ýanyndaky ýüz elli
ýoldaşyny öldürdiler.
Zamahşarda sekiz müňe golaý seljukly öldürildi!
Barat Alçak öldürildi!
Güneş öldürildi!
Sibir öldürildi!
Nasyr öldürildi!
Nusaýyň eteginde gor, nijema seljuklyny öldürdiler.
Seljugyň gül ýaly ýigitleriniň bir müňe golaýy Sarahs ýolun­
da gaznalylaryň elinden wepat boldy...
Seljuklylar gaznalylardan kän-kän sütem gördüler.
Seljuklylar sebäpli Altynjanyň hossarlary Abdylmälik han
bilen Hajar hatyn wagşylyk bilen öldürildi.
Altynjanyň dogany Habyl dardan asyp öldürildi!
Zamahşaryň ilatynyň tas ýarysy öldürildi.
Abdylmälik hanyň öýündäki hyzmatkärler uçdantutma
gyryldy.
Altynjanyň akgyzy Gülýüzli, daýzasy Şaýürek öldürildi...
425
***
Seljuklylaryň aýaga galmaly, mundan buýanky ýaşaýşynyň
kepili üçin göreşmeli müddeti geldi.
Murgabyň kenaryna haýsy maksat bilen jemlenilişendigini
bu ýerdäkileriň ählisi bilýärdi. Olaryň aňynda ýeke-täk bir pikir
bardy: ol hem ähli kişiler bilen jem bolup, kasam etmek – gylyç
ýa kepen resimine girmek, pir Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny
almak.
Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny berjekdigi seljuklylaryň
ynamlaryna ynam goşýardy.
Seljuklylar Merwden iki mil daşlykda, Murgabyň kenarynda
jemlenişipdiler.
Alabahar paslydy, çeti-çerkezleriň aşaklarynda gyrtyçdyr
ýuwa ýaňy ýeriň ýüzüne düşek bolup ugrapdy.
Bu ýere gelen adamlar köpdi, olaryň aňrysyna-bärisine göz
ýeter ýaly däldi.
Adamlaryň hersi bir iş bilen başagaýdy. Olar topar-topar
bolup ornaşypdylar. Kim atyna iým berýärdi, kim ot ýakmak bi­
len gümrady, telpeklerini, peşlerini ýassyk edinip ýatanlaram,
üýşüşip naharlanýanlaram köpdi.
On-on bäş sany adam bolsa, toparyň içinde aýlanyp, gelen­
leri hasaba alyp ýördi.
Garaňky düşmegi bilen uludan ýakylýan otlaryň sany artdy.
Adamlar oduň daşyndan aýlanyp, Perwerdigäre mynajat
aýdýar­dylar:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu mynajatlar birsydyrgyn gaýtalandy.
Dolan Aý dogansoň ortada ýanýan ody has-da ulaltdylar.
Üç müňden gowrak kişi ellerini Aýa uzadyp, başky mynajat­
laryny gaýtalady:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu gije sähetli gijedi.
426
Bu gije mynajatlaryň, islegleriň wysala gowuşýan gijesidi.
Gün – Hudaý!
Aý – Hudaýyň jübüti!
Aý – hökümdarlyk.
Aý – goşun, güýç.
Dolan Aý – hökümdarlyga, rowaçlyga ýol açýar, ugrukdyrýar.
Müneçjim Sowmagynyň aýtmagyna görä, şu günki dilegiň
wysal tapmagy bilen seljuklylaryň uly mertebä ýetmegi ähtimaldy.
Seljuklylar oduň daşyndan aýlanyp, bir oda, birem Aýa elle­
rini uzadyp mynajat edýärdiler, özlerine medet, mertebe, sol­
tan Masutdan rüstem gelmekde kuwwat bermegini dileýärdiler.
Elleri golçaly sakylar, şerapdarlar bolsa seljuklylaryň arasy­
na aýlanyp, olaryň jamlaryna meý guýup berýärdiler.
Wagt geçip durdy.
Wagt daňdana sandy.
Uklajak bolýan ýokdy.
Birden hereket togtady.
Üç beg – Çagry beg, Musa beg, Togrul beg öňe saýlandy.
Olar batly ses bilen gygyrmaga başladylar:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Ähli kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň sözüni gygyryp gaýtalady:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Üç seljuk begi ýene batly gygyrdy:
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, gylyç!
– Ýa Hu, Horasana hökümdarlyk etmäge medet ber!
Kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň aýdan sözlerini üç merte­
be gaýtaladylar.
Togrul beg, Çagry beg, Musa beg egnindäki eşiklerini çy­
karyp, lowlap ýanyp duran oda taşlady. Çuw-ýalaňaç bolan sel­
juk begleri Murgap derýasyna bakan gönükdiler.
427
Maksat – tämizlenmekdi, täretli bolmakdy.
Suw buz ýaly sowukdy, ýöne «Suw sowuk eken» diýýän ýokdy.
Üç seljuk begi derýada tämizlenip kenara çykdy.
Olaryň her birine on alty gary biýz mata berildi. Olar biýz
mata – öz kepenliklerine dolanyp, oduň başyna bardylar.
Oduň başynda belent mertebeli Abu Seýit Abylhaýyr bardy.
Ol ýanyna gelip duran üç seljuk begini ýeke-ýekeden gujaklady.
Olara hoşamaý sözlerini gysganmady. Şondan soň tämizlenmek
gezegi esgerlere ýetdi. Esgerler nyzama düzülip, ýeke-ýekeden
Murgap derýasyna girip ugradylar.
Olar derýa girip tämizlenýärdiler.
Suwdan çykanlarynda bolsa, olara on alty gary biýz – kepen
berilýärdi.
Her esgeriň suwa düşüp tämizlenmegi, on alty gary biýz
mata dolanmagy bilen jahan mazaly ýagtyldy.
Abu Seýit Abylhaýyryň ýaşynyň segsene ser urandygy – gar­
randygy duýulýardy: eli hasalydy. Boýy biraz hökgeren, uzyn ak
sakgally, inçesagt gojanyň elinden tutup, öz bedewine mündür­
diler.
Allama ýüzüni kybla – Käbä tutup durdy. Onuň atyny jylaw­
darlar saklaýardy.
Akyldaryň öňünde üç seljuk begi – Musa ýabgu, Çagry beg,
Tog­rul beg ikidyz bolup oturdy. Her bir seljuk beginiň bir elin­
de ýaý, beýleki elinde bolsa gylyç bardy.
Her bir hereket üç sany nagaranyň sazlaşykly kakylmagy bi­
len dabaralandyrylýardy. Akyldaryň ata münmegi, Käbä bakyp
durmasy, onuň öňüne ak pata almak üçin üç seljuk beginiň
ýeke-ýekeden gelip, ikidyz oturmagy, olaryň ellerine gylyç bi­
len ýaý berilmegi nagaranyň düňňürdileriniň astynda geçdi.
Nagaralaryň kakylmagy gylyç ýa kepen resiminiň geçirilişine da­
baralylyk, resmilik, mukaddeslik berýärdi.
Akyldar Abu Seýit seljuk beglerine rowaçlyk patasyny 10 ber­
di, soň atdan düşdi, her seljuk begini täzeden gujaklady.
Seljuk begleri görnükli akyldaryň öňünde tagzym etdiler, öz
minnetdarlygyny bildirdiler, ellerini Asmana serip gygyrdylar:
– Ýa Hu, medet!
429
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Abu Seýit Abylhaýyryň patasyndan soň, dünýä göýä ýalkym,
tejelli çaýlan ýaly boldy, diňe bir üç seljuk beginde däl, üç
müňden gowrak esgerde-de güýç-gaýrat goşalandy.
Patadan soň, diňe bir üç seljuk beginde – Musa begde,
Çagry begde, Togrul begde däl, üç müňden gowrak esgerde
gaznaly goşunyny ýeňjekdiklerine ynam goşalandy.
Abu Seýit geljegi öňünden oraşan görýän pir ahbetin!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 26
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.