Latin

Altynjan hatyn I - 05

Total number of words is 3743
Total number of unique words is 2102
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pesi pes ýerinde, sünnäsi ýetirilen hakyt bir dilnowaz periň bar-da!
Hudaýtagala zenanlara eçilmeli bolanda-da, olardan al­
maly bolanda-da iki paý, Altynjana-ha Hudaýtagala on-on bäş
5*
65
paý gözelligi tarhanlyk edipdir. Uzyn boýly, inçe billi, seýkin
ýöreýişli, ala gözli, galam gaşly, hüýrsypat Altynjan atlaz eşigini
geýip, toýa-tomga görünse, men-men diýen goç ýigitler süňňüni
saklap bilmän elewräberýärler. Ýöne Altynjan men-men diýen
ýigitleriň hiç birine-de gabak galdyrmaýar. Ol toýa-tomga bar­
magy-da halamaýar. Megerem, halamaýanlygy üçin bolsa gerek,
ol toýa barsa, köplenç dawanyň tapylmagyna sebäp bolýar, sähel
zat üçinem gykylyklaşmakdan gaýtmaýar.
Gyz diýeniň edaly bolar, ol-bu zada baş galdyryp ýör­
mez. Erkek kişileriň duran tarapyna seretmez. Altynjan
welin oglanlaryň üýşüp duran toparyny öz topary hasaplaýar.
Ýigitleriň haýsy-da bolsa biri göwnüne ýaramaýan bir söz
aýtdygy bes, onsoň ol ýigidiň dat gününe: Altynjan sen-men ýok,
ýigidiň gulaktozuna ýelmäp goýberýär. Ýigit sähel gaýtargy ber­
jek boldugy – onda ýigidiň ikinji ýola bagtynyň ýatdygy – hälki
ýigidiň birki ýumrukda ýerde bulaşyp ýatandyr. Altynjan bolsa
ýigidiň turaryna garaşar, niýeti ýene urmak. Guma bulaşyp ýa­
tanam samsyk däl, tursa uruljagyny bilipjik dur ol, şonuň üçin
süýşenekläp-süýşenekläp garşydaşyndan ara açar. «Wah, sen bir
meniň elimde bolan bolsadyň!» diýip, ýigit hüňürdär-de, zut
gaçmak bilen bolar. Ýigidiň sözi düşnükli: ýigidiň elinde bol­
mak – ýigidiň hatyny bolmak. Hatyn ärine el göterip bilmez. El
göterip görsün!
Altynjanyň gözünde ot ýakmak isleýän, jany ýanyp ýören
japy ýigitlerem az däldi. Diňe bir Zamahşardan däl, töwerek­
de, gör, näçe oba, gör, näçe kent bar? Şol obadyr kentleriň4
emirleriniň, amidleriniň ogullarynyň käbiri Abdylmälik hanyň
gyzynyň näjüre gyzdygyny görmek üçin, ýörite gelipdiler he­
mem gyzy ogryn-dogryn ýagdaýda synlap gidipdiler. Abdyl­
mälik han bu zatlary bilýärdi. Bilensoň ol gyzyna: «Gyzym, er­
tirki günüň barada hem oýlan!» diýipdi.
Abdylmälik hanyň aýtmadyk sözlerini, ertirki günüň näme­
si hakda oýlanmalydygyny Altynjana akgyzy Gülýüzli takyk «ter­
jime» edip berdi:
– Melikäm, Hudaýtagalanyň kyrk ýylda sünnäläp ýaradan öz
adamyna söýgüsi, yhlasy uludyr. Ol öz perişdelerine-de adamyň
hyzmatynda boluň diýip tabşyrandyr. Adamyň hyzmatynda bol­
66
mak islemedik bir Iblis atly sowathon hem akyldar perişdesini öz
ýanyndan näletläp kowandyr hem onuň nebereleri bilen ýaşap
ýören ýerini – Ýeri adama ýaşamak üçin alyp berendir. Hudaýta­
gala adama: «Şu ýer şu günden beýläk Iblis neberesiniň däl-de,
seniň ýeriňdir» diýendir. Onsoň Hudaýtagala erkege hyzmatkär
hem höwür bolsun diýip, çep gapyrgasyndan hatynlary ýasandyr
hem olara: «Mydama erkege garaşly boluň, mydama erkekle­
ri sypap-sermäp, olaryň göwünlerini awlaň, hyzmat ediň» diýip
buýrandyr. Erkek kişileriň Hudaýy ýokardadyr. Zenanlaryň Hu­
daýy ýanyndadyr, olar – erkek kişilerdir. Enem pahyr aýdardy: «Er­
kek diýmek – hargulak diýmek» diýip. «Erkek görgüliniň göwnü­
ni tapmak – tüwüden çertik saýlandanam aňsatdyr» diýip. Erkek
görgüliniň – hargulagyň iňňäň gözi ýaljak göwni bardyr. Ol göwni
tapmak zenanlaryň ýanynda eşik çykarmak ýaly gaty aňsatdyr. Äriň
göwnüni tapmak üçin näme etmeli? Ýüzüne gülüp, bakyp, gorkan
kişi bolmaly. Wagtly-wagtynda iýdirip-içirmeli! Aýal­lar, ine, şuny
etmeýänligi üçin köplenç taýak iýýärler. Äriňiz gelende öňünden
çyksaňyz, ol oturýança siz oturmasaňyz, görgüliniň keýpi çag-çag
bolar. Soň erkegiň aýaly bilen işi ýok, garnyny doýuransoň-a oňa
ýassyk berseň, asyl aýal gerek däl. Asyl hiç kim gerek däl. Oňa aýaly
azar bermese, ol şonça hoş. Är haýranyňyza garnyny doýransoň
ýekeje oýnam hoş söz oklasaňyz, onsoň-a bolany, o görgüli seni
hoş etjek, saňa ýaranjak bolup, Çyn-Maçyna gitmelem bolsa gider.
Allatagala erkegi güýçli, pähimli, zenany bolsa duýgudar, üşükli ýa­
radypdyr. Erkek hatynlaryň ýanynda açyk kitapdyr, ýöne okap otur­
malydyr. Hiç ýerde açylmaýan erkek aýalynyň ýanynda açylýandyr.
Hakyky hatyn ärini külbikesinde pyrlandyryp bilýän hatyndyr.
Sen, melikäm, özüňi kişi maşgalasynda ýaşamaga taýýarlaber. Äre
barmak – taýýar aşyň eýesi bolmakdyr. Äre baraňsoň öýüň eýesi
sensiň. Äriň öýe myhmandyr. Äriň seniň hyzmatkäriňdir. Ol ertir­
den agşama çenli her edip-hesip edip, baýlyk gazanar, gazananynyda öýe – saňa getirer. Sen onuň ähli getiren zadynyň eýesisiň. Sen
onuň getiren etinden gowrup öňünde goýarsyň. Ol bolsa senden
minnetdar bolar.
Akgyzyň öwüt-ündewlerinden bihabar Hajar hatyn hem
adamsynyň: «Gyzym, ertirki günüň hakda hem oýlan!» diýen
sözlerini özüçe düşündirmäge başlar:
67
– Balam, Hudaýtagala deň etmän, duş etmezmiş. Oturypoturyp oýlanýaryn, hiç akylyma sygdyryp bilemok: saňa özüň pi­
sint birini duş eýlejek bolsa, onda Hudaýtagalanyň günem aňsat
däl. Saňa eýe çykjak sendenem-ä bäş beter, aznawur, guduman
bolmaly bolar. Eý, Hudaý, men-ä gorkýaryn, balam. Seniň ýaz­
gydyň maňa tüm görünýär.
– Wa-weýla, ene, men soltan Mahmyt Gaznalynyň guja­
gyna alyp, at beren, pata beren gyzy ahyryn! Men soltandan –
Hudaýyň Ýerdäki wekilinden pataly gyz. Soltanyň ýalkan gyzy
bagtly bolman, eýsem, kim bagtly bolsun?! Soltan: «Bu gyz bihal
bolmaz» diýipdir-ä.
– Bihal däldigiň-ä görüp-bilip ýörün, ýöne ärde nädip oň­
jagyňy göz öňüne getirip bilemok. Är bolan ýigid-ä hatynyna
boýun sunmak islemez, senem-ä äre boýun sunjak gyz däl.
– Men ýöne-möne adamyň gyzy däl, men Abdylmälik hanyň
gyzy! Soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaç gadamy bilen dünýä
inen gyz men! Men – soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaçlyk
ýyldyzy! – diýip, Altynjan sesine nazym berdi, enesiniň boýnun­
dan gujaklady. – Ene, maňa är gerek däl. Maňa enem gerek.
Men şu ojakdan çykyp hiç ýerigem gitjek däl. Kowsaňyz, Ho­
rezm kölüne5 giderin. Şol ýerde-de ýaşaryn. Ýogsamam ömrüm
ötýänçä siziň ýanyňyzda ýaşajak.
– Wagtynda äre barmasaň bolmaz, gyzym. Senden çaga önmeli.
– Maňa çaga-da gerek däl, ärem.
– Säher çagy beýle diýme, gyzym, beýle diýme. Birden
perişdeler eşidip: «Omyn!» diýäýmesinler.
– Goý, diýsinler. Şu ýaşaýşym gowy meniň. Men hiç ýerigem git­
jek däl – diýip, Altynjan agy gatyşykly dillendi. Soňam aglap ugrady.
– Aglama, gyzym, aglama.
– Ene, ýalbarýaryn, meni kowmaň. Meniň hiç ýerik gidesim
gelmeýär.
– Seni kowýan adam barmy näme?! – diýip, Hajar hatyn
gyzynyň gözüniň ýaşyny sylyp, köşeşdirmäge çalyşdy. – Men diňe
seniň bir eliňde ot, beýleki eliňde suwuň bardygyny, saňa olaryň
haýsam bolsa birini saýlamagyň zerurdygyny aýtmak isledim.
Adamzat hem-ä rahatlykda, şol bir wagtda-da hyjuwlar
içinde ýaşamak isleýär. Adamzat hem-ä ýaşamak isleýär hem68
de ölmezlik isleýär. Adamzat munuň mümkin däldigine akyl
hem göz ýetirse-de, barybir, bir elde iki garpyz tutmak islegi,
düşünjesi bilen ýaşaýar.
Adamlar ömürleriniň, ýaşaýyşlarynyň rahaty üçin durmuşyň
birsydyrgynlygyny isleýärler, ýürekleriniň, hyjuwynyň kanagat
tapmagy üçinem durmuşyň üýtgeşikligini isleýärler. Birinji is­
leg olarda gorkak bolmak, ikinjisi batyr bolmak höwesini bir
wagtda döredýär. Birinji isleg olary heminzamana, ikinjisi gel­
jege tarap çekýär. Şu iki tarapa çekişligiň arasynda adamzadyň
ýaşaýşynyň bütin gyzygy hem manysy ýüze çykýar.
Diňe asudalygynyň, rahatlygynyň bozulmagyndan gork­
maýanlar durmuşy ösüşiň täze basgançagyna getirip bilýär.
Şeýle adamlar ýaşaýyş hyjuwyny, ýaşaýyş gujur-gaýratyny bede­
ninde hem kalbynda göterýän kişilerdir. Adamlar, näme üçin­
dir, şu hili adamlaryň erkek kişileriň arasyndan çykmagyna ra­
zylyk hem isleg bildirýärler.
Bu müňlerçe ýyllyk erkek kişileriň hökmürowanlygynyň
netijesimikä ýa-da öz ýaradylyşy, öz tebigaty boýunça erkeklige
geljek, aýallyga heminzaman degişlimikä?! Heminzaman – aýal­
lyk, geljek – erkeklik jynsynda bolmalymyka?! Türkmen «aýal
– maşgala» diýen pikire gulluk edýär, maşgala bolsa üýtgewsiz­
lik kanunydyr, çünki üýtgemeklik maşgalanyň dargamagyna ge­
tirýär. Onda hut aýal, zenan adaty durmuşyň, däp-dessurlaryň
aman saklanmagynyň esasy daýanjy, bar umydy bolmaly-da?!
Altynjan türkmeniň heminzaman – aýalyňky, geljek
– erkegiňki diýen düşünjelerine çapraz gelýärdi, özem bü­
tinleý çapraz gelýärdi. Onuň hereketleriniň hem bolşunyň,
häsiýetiniň hem düşünjesiniň göze gelmeýänliginiň aňyrsynda
şol düýpli sebäp ýatýardy.
Heminzaman – asudalygy, geljek – nämälimligi sebäpli ho­
watyrlylyk bolup duýulýar. Howatyrlylygy diňe töwekgel ellere
ynanyp bolar diýen ynanç Altynjanyň ähli ýakynlarynyň oňa bo­
lan garaýşyny kesgitleýärdi.
Emma Altynjanyň hulky, ýaradylyşy bu gyzyň durmuşy öz­
gerdip bilýän güýje eýedigini görkezýärdi. Onuň bütin durky
adamzadyň adata öwrülen ýaşaýşyny özgertmek üçin beýik
Biribaryň adamyň ýadyna-oýuna düşmeýän, adamzadyň erkine
69
garamaýan nähili geň-taňlyklary kemal edýändiginiň ýene bir
gezek göze görkezilmesidi. Oňa alyşmaýan gapma-garşylyklary
alyşdyrmak, birikmeýän nokatlary birikdirmek ukyby ýazy­
lypdy. Ol üýtgewsiz ululyk bolan maşgala esasynda üýtgeýän
ululyklaryň täze-täze ýüze çykmalaryny amal etmelidi. Munuň
üçin Allatagala oňa üýtgeşik hulk, üýtgeşik ykbal, üýtgeşik paý
berdi. Durmuş paýy adata laýyklykda gorkaklyk hem boýun eg­
meklik bolmaly bu zenan batyrdy hem boýun egmezekdi, adata
laýyklykda paýy asudalyk hem mal-mülk bolmaly bu gyz hyjuwa
hem mal-mülkden has ýokardaky beýikliklere telwas edýärdi.
3.
Hajar hatyn ogullaryndan arkaýyndy. Olaryň ählisi ylym al­
mak, soňam öýlenmek, aýratyn öý-işik bolmak, baýamak mak­
sady bilen ýaşaýardy. Olaryň islegem, özlerini alyp baryşlaram
musulmançylygyň kada-kanunyndan – sünnetinden çykanok­
dy. Ýöne Altynjanyň islegem, özüni alyp barşam, maksadam
musulmançylygyň hiç bir sünnetine laýykat gelenokdy. Hajar
hatyny gynandyrýan iň esasy zat Altynjanyň baýlyk, gyzyl, maşgala
bilen gyzyklanmaýanlygydy. Eger şu zatlar gyzyklandyrmasa, onda
bu dünýäde adamy başga haýsy zadyň gyzyklandyryp biljekdigine
teý akyl ýetirip bilenokdy. «Bu dünýäde baýlykdan, maşgaladan
başga gyzyk ýok ahyryn!» diýip, Hajar hatyn odanýardy.
«Baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk bolmasa – Alla ýar­
dam bermese, maksadyňa ýetip bilmersiň. Baýlyk ýok ýerinde,
mertebe-de ýok!» Bu sözleri Altynjana daýysy Tümen beg aýdypdy.
Şonda Altynjan daýysynyň aýdanyna garşy çykanam bolsa, näme
üçindir, onuň sözleri soň-soňlaram gulagynda ýaňlandy durdy.
Soň-soňlar ol baýlyk bilen mertebäniň arasyndaky mynasybet
barada öz pikiri bilen Tümen begiň pikiriniň arasynda aslynda
hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyna göz ýetirdi. Has dogrusy,
durmuş oňa bu dünýäde baýlygyň mertebe şertidigini göz etdi.
Elbetde, aslynda mertebäň ýok bolsa, baýlyk seni mertebeli edip
bilmeýär. Ýöne ol öz ömründe iliň-günüň öňüne düşjek bolsaň,
zatly-mally kişi bolmalydygyna köp gezek göz ýetirdi. Adamlaryň
70
ýaşaýşyna täsir etmek eli boş kişileriň mümkinçiliginiň daşyndaky
artykmaçlyk. Öz öňünde, özüň üçin adam saýynmaga mertebäňi
duýmagam adam bolmak üçin ýeterlik. Emma jemgyýet, köp­
çülik seniň mertebeliligiň üçin başga talaplary-da öňde goýýar.
Adamlar malyň bolmanda-da, seni sylabam bilerler, hormatla­
bam bilerler, ýöne seni öz ykbalyny çözüji hökmünde görmez­
ler, seniň diýeniň bilen bolup, seniň aýdanyň bilen gitmez­ler.
Altynjana bolsa ýöne sylag däl-de, adamlaryň öz emrine boýun
bolmagy gerekdi. Bu eýýäm hulkuň däl-de, hökmürowanlygyň,
häkimligiň meselesidi. Gany, asly boýunça Altynjan hökmüro­
wanlyga dalaş etmelidi. Onuň maksady uludy, juda uludy. Uly
maksatlar, köpçüligiň ýaşaýşyna dahylly niýetler hökmany surat­
da baýlyk hem häkimlik bilen baglanyşykly bolýar.
«Döwlet» jümlesiniň baýlyk manysyny-da, häkimlik many­
syny-da bermegi durmuşyň öz emele getiren hakykatydyr.
Baýlykdan ýüz döndermek häkimlikden ýüz döndermekdir,
häkimlikden geçmek bolsa durmuşyň ykbalyny kesgitlemekden
ýüz döndermekdir, diýmek, ony başgalaryň eline bermekdir.
Altynjan bolsa öz ýasawy boýunça, näme etse-de, şony edip bil­
jek däldi. Onuň dyňzap duran gujury, bimöçber dogumy diňe
beýik serişdeleriň – baýlygyň hem häkimligiň üsti bilen amal bo­
lup biljekdi. Baýlyk ýok ýerinde häkimlik, häkimlik ýok ýerinde
bolsa ykbal çözüjilik, beýiklik ýokdur.
***
Altynjanyň göwnüni galkyndyrýan bir adam bardy. Ol hem
daýysy Tümendi. Tümen ýegeni Altynjan üçin hoş sözlerini gaýgyr­
maýardy. Eline düşen geň-enaýy şaý-sepleri-de ýegençisine sahylyk
bilen eçilýärdi. Onuň ýanynda hiç bir zadyň müşgili ýokdy.
Bir gün Tümen beg özüniň ýedi-sekiz ýaşlaryndaky ýalňyz
ogly Anuşirwany Zamahşara alyp geldi.
– Mesaýkysy, Arsahuşmisende oglumyň içi gysýar. Şonuň
üçin men ýalňyz oglumy size getirdim. Goý, ol iki aýlap sizde
bolsun! Men oglumy Altynjana tabşyrýaryn. Ol Anuşirwanymyň
lalasy6 bolsun.
71
Altynjan daýysyna sygynýardy. Ony Rüstem Zal hasapla­ýardy.
Tümen beg ýegeniniň özi hakda nähili pikirdedigini, onuň
nähili sözleri gowy görjekdigini aňýardy, şonuň üçin, köplenç,
onuň göwnünden turaýjak sözleri aýdýardy:
– Adam dünýä bir gezek gelýär. Şonuň üçinem ýaşanyňda
hiç bir zatdan heder etmän, göwnüň isleýşi ýaly ýaşamaly. Kim
göwnüňe degse, maňa aýtgyn. Men seniň aryňy ýerine salyp be­
rerin. Hiç kimiň seniň göwnüňe ýa meniň göwnüme degmäge
haky ýokdur. Kim-de kim bize ýamanlyk etjek bolsa, men onuň
gözünde ot ýakaryn. Adalat, ine, meniň şu gylyjymyň ujundadyr
– diýip, Tümen beg haýbatly gürleýärdi.
– Daýy, men hiç kime göwnüme degmegine ýol bermerin –
diýip Altynjan ynamly aýtdy.
– Giýew! – diýip, Tümen beg soň Abdylmälik hanyň ýanyna
bardy: – Bu bäş günlük dünýäge myhman gelendiris. Myhmançy­
lykda uzak oturylýan däldir. Biz hem bu dünýäde uzak myhman
bolmarys, uzak ýaşamarys. Şonuň üçin her günümizi gowy ge­
çireli. Men gelenimde Zamahşarda toý-baýram bolsun! Çagalary
alyp, awa gideli.
Abdylmälik han gaýynagasyna garşy çykmady, mirşikäryna7
awa ugramaga taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
4.
Abdylmälik emir Mansur bilen awa çykardy. Ýany bilen ogul­
larynam, aýalynam, gyzynam alyp giderdi. Ogullaryny ilkinji
gezek awa çykaranda öňden gelýän däbe eýerip, olaryň ellerini
gana hem ýaga bulapdy. Olara aýratyn dabara bilen pata beripdi.
Hajar hatyn aw bilen onçakly gyzyklanmaýardy. «El ýaly et diýip
ylgap ýörjek däl men-ä» diýip, Hajar hatyn aýdýardy. Hatynynyň
bu sözüne Abdylmälik emir gaharlanýardy: «Gaçyp barýan keýigi
ýetip almagyň, uçup barýan sülgüni elguşly awlamagyň lezzeti bir
aýry ahyryn, bu ýaşaýşyň ikinji bir görnüşi ahyryn!» «Öldürmek­
denem bir lezzet bolarmy!», «Adam diňe öldürmekden – gandan
kanagat tapyp biler!» diýip, emir janygýardy. Bu babatda hanyň öz
pelsepesi bardy. Mansuryň awlan awunyň gyzgyn ganyny içmekden
lezzet alşy deýin, Abdylmälik hanam käteler togdarynyň, sülgüniň,
72
keýigiň gyzgyn ganlaryny içýärdi, ýöne ol muny görer gözden,
aýratyn hem ogullaryndan ýaşyryn saklaýardy.
Abdylmälik emir çagalarynyň mydama bir işiň başynda
bol­mak­laryny, wagtlaryny bähbitli iş bilen geçirmeklerini is­
leýärdi. Çünki bikärlik adamy sandan çykarýan iň ýowuz ýagy.
Çagalarynyň awa gözükmekleri üçin olary ýaşlygyndan öz
ýany bilen awa alyp gid­ýärdi. Olara eldekileşdirmek üçin la­
çyn jüýjesini satyn alyp beripdi. Birinji gezek laçyn jüýjesini
eldekileşdirmegi ogullarynyň ýekesem başarmandy. Getirilen
dört jüýjäniň dördüsem ganat çykaranlaryndan soň, üçüsi awa
öwredilip ýörkä, soňkusy kapasasyndan çykyp gaçyp gidipdi.
Emir öz ogullaryna Käsiň perrende bazaryndan8 togrul
guşlary­nyň jüýjelerini getirip berdi, ýöne ähli ýyrtyjy guşlaryň
arasynda bürgüdiň bir görnüşi bolan çagry guşy bilen togrul
guşy aňsat-aňsat eldeki bolmaýan eken, adama boýun sunandan
olar ölenlerini gowy görýän eken. Olar kapasadan çykjak bolup,
diwara özlerini urup-urup ölýärler. Şeýle bolansoň, hiç kim ol
guşlardan elguş edinjegem bolmaýar. Abdylmälik han bu hakda
bilýärdi, ýöne togrul guşuň jüý­jesiniň satylýandygyny görüp, bel­
ki, eldeki etmegi başararyň di­ýen inçe tama bilen satyn alypdy.
Togrul guşy daglaryň uçut gaýalarynda höwürtge edinýär.
Jüýjeleri howpuň ýakynlaýandygyny görseler, özlerini höwürtge­
lerinden aşak goýberip heläkleýärler, kesekiniň eline düşmegi
namys bilýärler, öz ene togrulynyň agzyndan başga ýerden hiç
zat iýmeýärler.
Abdylmäligiň satyn alyp gelen togrul jüýjejikleri hem hiç
zat iýmediler. Özem olar bir aý hiç zat iýmän aç oňdular, soň
bir gijede jan berdiler. Öljek gijeleri ysgynsyzja ses edip, uzak
jürküldediler. Bu olaryň gije öljekdikleriniň alamaty eken. Tog­
rul jüýjeleriniň tekepbirligi hem ölümi diňe bir Altynjana däl,
Habyl bilen Kabyla-da ýaramaz täsir edipdi.
Emir inçe tama bilen getiren jüýjeleriniň ogullaryna ýara­
maz täsir edendigine gynanmak gynandy. Öz eden telek işiniň
öwezini dolmak üçin üç-dört bezirgene niredenem bolsa, laçyn,
aýratyn hem şahyn9 jüýjelerini tapyp getirmeklerini tabşyrdy,
olar üçin puluny gysganmajakdygyny gaýta-gaýta nygtady.
73
Emire bäş sany şahyn jüýjesini getirip berdiler. Şondan soň
emir getirilen şahyn jüýjeleriniň eldekileşdirilmegine gaty yhlas
etdi. Onuň yhlasy bilen ogullary hem Altynjan awa gözükdiler.
***
Bu gezekki aw ýigrimi güne çekdi. Ýigrimi güni Altynjan
ömrüniň iň sapaly günleri hasaplady. Ol daýysynyň hemaýaty bi­
len ýigrimi günüň içinde on bir keýik, ýedi sülgün awlady.
Olar wagtlaryny aýdym-sazda geçirdiler. Tümen beg şeýle
bir gowy aýdymlary aýdýardy. Eline haýsy saz guraly düşse,
şirinden şirin çalmagy başarýardy, gözlerini süzüp aýdyma
başlanda, oduň başynda oturanlaryň tas hemmesi diýen ýaly
onuň bilen goşulyşyp aýdym aýdýardy.
Altynjan togdarydyr käkilik awlap, sazak syhyna düzüp otda
bişirmegi öwrendi. Çişlik, kakmaç gyzgylt öwüşgin bilen lowur­
dap ugranda Altynjan olaryň bişendigini bilýär. Ana, şondan
soň olary iýdigiňçe iýesiň gelýär.
Altynjan açyk meýdanda, oduň başynda ýüzüni oda çoýup
oturmagy, çöregiň arkasyna çöp diräp oda gyzdyrmagy, soňundan
gyzgyn çöregi kitirdedip iýmegi gowy görýär. Şonda oduň başynda
iň ýakyn adamlaryň: ataň-eneň, daýyň, akgyzyň bar bolsa, eşretilik
babatda başga hiç zadam isläp bolmaz. Altynjan üçin dünýäde
şundan uly eşret ýok.
Tümen beg bilen Abdylmälik begiň aratapawudy awda has
açyk duýulýardy. Duýulmaz ýaly-da däldi.
Tümen beg degişýärdi, gülüşýärdi. Her kime bir henek
atýardy. Her hili sözler bilen güldürýärdi. Aýdym aýdan pursady
ýegenleriniňem özüne goşulyp aýdym aýtmagyny talap edýärdi.
Abdylmälik han agrasdy, hakyky handy. Degişmek-gülüş­
mek, dogrusy, oňa gelişjegem däldi.
Ol oduň başynda Afrigogullary nesebi, patyşa bolan ýig­
rimi iki neberesi, olaryň başdan geçirmeleri hakda gürrüň ber­
ýärdi. Ol aýratynam babakelanlarynyň Güne sygynyşlary, Ho­
rezmin, Horasan sözleriniň Günüň dogýan ýeri diýen manyny
aňladýandygy, bu topragyň mukaddesdigi, bu topraga göbek
ganynyň siňendigi, bu top­rakda ata-babalarynyň ýatandygy hak­
75
da köp nygtaýardy. «Biz Gün hanyň ogullarydyrys, her gün saba­
da täze dogýan Güne salam bermelidiris» diýýärdi, ogullary bi­
len hataran durup, dogup gelýän Güni maňlaýyna sylardy, egilip
tagzym ederdi, salam bererdi. Ol ogullaryna batyr, mert bolmak,
haramylykdan, şerden daşda durmak hakda pent edýärdi.
Abdylmälik hanyň çagalary köplenç Tümen begiň ýanyndady.
Onuň berýän gürrüňleri gyzyklydy. Ol dynç aljak diýip
oturmaýardy-ýatmaýardy, uzynly gün aýak üstündedi: bir
görseň, ogly Anuşirwana, ýegeni Altynjana gylyçlaşmagyň tilsi­
mini öwredip durandyr, bir görseňem, nädip uçgun döredip,
ot ýakmalydygyny öwred­ýändir. Kakmaçdyr çişlik bişirmekde,
göräýmäge, üýtgeşik tilsim ýok ýalydyr, görlüp otursa, ony gowy
bişirmegiňem tilsimleri bar eken. Tümen beg bilýänlerini ýe­
genleridir ogluna üznüksiz öwredýärdi.
Çapyp barýan atyň üstünden nyşana urmagy öwrenmäge
köp wagt gidýärdi.
– Çapyp barýan atyň iki öň aýagy ýerden üzülen pursady –
atyň üstüniň iň rahat pursady, ýöne bu örän az salymlyk pur­
sat. Atyň üstünde oturan kişi, ana, şol az salymlyk mümkinçiligi
peýdalanmaly. Atyň öňki iki aýagy ýerden üzülen wagty nyşana
atan okuň deger, galan pursatlar nyşana degmek mümkinçiligi
örän az bolýar – diýip, Tümen beg janygýardy. Her kimiň atyň
üstünde oturyşyna, ýaý tutuşyna, nyşana atyşyna baha berýärdi.
Tamasy çykmasa käýeýärdi.
– Nyşana urmak – soňky maksat. Siz ilki çapyp barýan atyň
üstünde oturyp, onuň ýerden öň aýagyny üzüşini öwreniň –
diýip, Tümen beg ogludyr ýegenlerini yzyna düşürip, sähra çy­
karýardy, olara atyň üstünde sapak geçýärdi.
Daýysynyň ýanynda bolmak, onuň gürrüňlerini, maslahat­
laryny diňlemek Altynjana diýseň hoş ýakýardy, mydama onuň
Zamahşarda bolmagyny isleýärdi.
***
Awdan gala dolandylar. Altynjan welin dolanmak isleme­
di, ýene on-on bäş günläp, Jeýhun jülgesiniň gür tokaýlygynda
aw awlamak, göwün hoşlamak isledi. Ol bu hakda kakasyna
76
aýtdy. Birinji gezek aýdanda kakasy ýagşydan-ýamandan hiç zat
diýmänden soň ikinji gezegem aýtdy.
Abdylmälik han ikinji gezegem hiç zat diýmedi, gyzyna
gaşyny gerjeşdirip seretdi.
Düşnükli!
Daýysy Altynjana ýakyn wagtda Zamahşara gelmäge, ýene
awa äkitmäge söz berdi.
Tümen beg Arsahuşmisene gaýtmakçy bolanda Altynjan
zarlady:
– Daýy, indi haçan geljek?
– Ýene iki aýdan gelerin, ýöne gelýänçäm gylyçlaşmagy
gowy öwren!
– Men ökde ahyryn, daýy!
– Meniň ýegenim ökdelerdenem ökde bolmalydyr. Ol iki-üç
gulama däl-de, on-on bäş gulama taý gelmeli. Sen bihal Altynjan
dälsiň! Sen soltan Mahmyt Gaznalynyň mübärek gadamyndan
dünýä inen gyzsyň. Sen Allanyň wekilinden – beýik soltandan
pataly gyzsyň. Hut şonuň üçinem men saňa oglum Anuşirwany
tabşyrýandyryn. Ol edil sen ýaly, gorky diýen zadyň nämedigini
bilmeli däldir, çünki gorky bar ýerinde ýeňiş ýokdur. Anuşirwan
garadangaýtmaz, juwanmert ýigit bolmalydyr. Dünýäniň eşreti
gorky-ürkini bilmeýän kişileriň öňünde açylýandyr. Çünki eşret,
bagt mülküniň gapysynyň sakçysy gorkudyr. Ol mülke diňe gor­
kusy bolmadyk kişiler goýberilýär. Allatagala aýdarmyş: «Batyr
ýigitlere zowal ýokdur. Olar üçin meniň ähli ýapyk gapylarym
açylar. Men olary islän maksatlaryna ýetirerin» diýip.
Altynjan daýysynyň sözüni böldi:
– Babam hem edil şu sözleri aýdýar. Ol gorkaklygy hala­
maýar, biziň batyr bolmagymyzy isleýär.
– Kim?! – diýip, Tümen beg ýantgylady.
– Babam!
Tümen beg nämedir bir zat aýtmakçy boldy. Taýly gezek
ýuwdundy, soňam başky gürrüňini dowam etdirdi:
– Ýegençim, men seniň aşyraw gözsüzbatyrlygyňy gowy gör­
ýärin. Seniň häsiýetiň Allanyň hoşuna geljek häsiýetdigine ynanýa­
ryn. Sen Anuşirwany juwanmert hem batyr edip ýetişdirmäge çalyş!
77
***
Tümen beg iki aýdan geljek diýip söz beren-de bolsa, üç
aýdan soň geldi, yzynda iki ýüz atly bilen geldi.
Beg ýegenlerine birgiden sowgat getiripdir. Altynjan üçin
keýigiň şahyndan sap edilen ýatagan sowgat getirdi. Daýysynyň
bu sowgady Altynjanyň hoşuna geldi, muňa biçak begendi.
Daýysy bilen darkaşyp gördi. Ýatagan darkaşmak üçin biçak
gabyldy, darkaşdygyňça darkaşasyň gelýär. Tümen beg owal
Altynjana ýüz görülýän aýna, hanjar sowgat beripdi. Altynjan
daýysynyň sowgatlaryny biçak gowy görýärdi.
Tümen beg geçen sapar gelende: «Indiki sapar gelenim­
de iki aýlap sizde boljak» diýip, Altynjana söz beripdi, ýöne ol
Zamahşarda uzak eglenmedi, Jürjaniýa gitdi. On günden dola­
nyp geldi. Habyl bilen Kabyly, Altynjany ýanyna alyp, derýanyň
akymynyň ugry bilen ugrady. Onuň nirä barýandygyny özün­
den başga hiç kim bilenokdy. Kabylyň «Nirä barýarys?» diýen
sowalyna Tümen beg: «Ynha bararys, şonda görersiň» diýip,
başdansowma jogap berdi.
Tümen beg uzaga gitmedi. Buruntak obasyndaky Janahyr
halwaçynyň öýüne bardy.
– Nirede bolsa-da, tapyp getiriň şol çopury! – diýip, Tümen
beg jabjyndy.
Dört-bäş kişi derrew Janahyr halwaçyny südenekledip getirdi.
– Şol tuda daňyň!
Janahyr halwaçyny tuda daňdylar. Tümen beg atdan düşüp,
çopur halwaçynyň ýanyna bardy.
– Eý, çopur, seniň Jürjaniýa, Arsahuşmisene ýetýän uzyn
diliň bar diýýärler. Näme, ony hökman men saňa kesip berme­
limi? Özüň kesip bileňokmy?
Janahyr halwaçy şelaýyn ýylgyryp dur. Onuň ýylgyrmasyndan
merdanalygy, gorkmaýanlygy duýulýardy.
– Meniň günäm näme?
– Wa, sen maňa eden ýamanlygyňy-da bileňokmy?!
Halwaçy ýene şelaýyn ýylgyryp, Tümen bege kinaýatly ýüzlendi:
– Men näme edipdirin?
78
Tümen beg ýanyndaky oglanlaryň eşitmezligi üçin Janahyr
halwaçynyň alkymyna dykylyp baryp, ýuwaşja gürledi. Onuň
näme diýenini Janahyr halwaçydan başga hiç kim eşitmedi.
Tümen beg öz aýdýan sözüni ýanyndakylaryň eşitmegini
islänok, diýmek, gürrüň onuň mertebesini masgaralaýan, deg­
nasyna deg­ýän söz bolmaly ol.
Janahyr halwaçy Tümen begiň sözlerinden soň bujagy çöz­
lene döndi. Aýdylan sözler hakykat bolarly, ony inkär etmedi,
ýagşydan-ýamandan hiç zat-da aýtmady. Şondan soň Tümen
beg hem gürlejek bolup durmady. Baryp atyna mündi. Birmeý­
dan töweregine garanyp durdy-da, öz ýigitlerine buýruk berdi:
– Öýüni kelete10 ediň, otlaň!
Bu habar Altynjany oňaýsyz ýagdaýa saldy. Ol howatyr bilen
Habyla seretdi.
– Daýy! Janahyr Geçdekiniň öýüni näme üçin otlatmakçy
bolýarsyň? Halwaçy Iman diýen oglunyň ölüminem Sadylladan
– bizden görüp ýör, meni halanok ol, menden öçli ol. Öýüniň
kelete edilmeginem menden görer. Öýüni kelete etme, otlama!
– Haý, ýegenim! Men seni beýle towşantüýsüň öýtmeýär­
dim. Beýle towakgaň bar bolsa, öň aýtmaly ekeniň! Men indi
buýurdym. Buýrugymy nädip yzyna alaýyn?
– Onuň etmişi näme?
– Bu çopur pelit oguzyň iň ýekinde ýigrenýän işini edipdir.
– Näme?
– Meni Altyndaşa satypdyr.
Kabyl elewredi:
– Daýy, Janahyr Geçdeki halwadan başga zat satjak adam
däl. Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar.
Altynjan Kabylyň sözüni makullady:
– Kabyl dogry aýdýar. Biz Janahyr raýisi tanaýarys, ol diňe
halwa satýar. Onsoňam Janahyr babamyň aşnasy. Aşnasynyň
öýüniň kelete edilendigi, otlanandygy hakda eşitse, babam
ymgyr gaharlanar, bize-de söger.
– Näme, näme? Babaň şeýle şugul adam bilen aşnamy?
– Janahyr halwaçy bilen babam – içen suwy aýry geçmeýän
razdaş.
79
– Görer göze gowy adam ýaly bu, ýöne munuň içinde ýy­
lan bilen içýan mesgen tutupdyr. Seret, daşky sypaty garakçylyk
edýän adama meňzeýärmi? Daşyndan seretseň, ýamanlyk çykjak
adama meňzänok. «Daşy jäjek, içi möjek» diýilýänleri bu. Aşa
sypaýy adamlar iň ýaramaz adamlardyr. Aşa sypaýy adama gabat
gelseň, gaçgyn. Sypaýyçylyk – olaryň galkany, ýüzleriniň perdesi
. Ýamanlygyň döremegine ýol bermeli däl. Ot tutaşansoň öňüni
almak kyn düşýär. Men bu çopuryň bet matlabyna ýol bermerin.
***
Yza gaýdyşyn hiç kimden ses-selem çykmady.
Tümen beg Altynjanyň içki islegini bilenligi üçinmi ýa
gyssag­ly işiniň barlygy üçinmi, Zamahşarda uzak eglenmän git­
mek bilen boldy.
Tümen beg gitmekçi bolanda Altynjanyň ýanyna geldi:
– Ýegenim – erkeklerden ýegim meniň. Saňa möhüm ha­
bar aýdaýyn.
– Aýt, daýy. Men syr saklap bilýän mähekdaşydyryn.
– Ony aýtmasaňam bolar. Men seniň syr saklap bilýäniňi-de,
merdanalygyňy-da bilýärin. Mesaýkysy, ýegenim, gije ýatanyňda
işigiňi içinden kiltläp ýatýarsyňmy?
– Ýok, kiltlämok.
– Içerde senden başga kim bolýar?
– Işigagyzda kenizim ýatýar. Muny näme üçin soradyň, daýy?
– Derýanyň aňyrsyndan – öýden ýük geler. Şol ýüki saňa
tabşyrmakçy.
– Nähili ýük?
– Gelende görersiň. Ol işi diňe ikimiz bilmeli bolarys. Men
saňa öňünden hiç zat aýtmaýyn. Ýöne iş bitse, men ýanyňa –
şebistanyňa bararyn. Barsam, gorkaýmagyn.
Altynjan güldi:
– Daýy, gorky diýýän zadyň iýilýän zatmy?
– Mesaýkysy, men bararyn.
– Haçan?!
– Haçan geljegimi özümem takyk bilemok. Mesaýkysyny
diňe Perwerdigär bilýär. Gepleşdikmi?
80
– Gepleşdik.
Altynjan Rüstem Zal, ýagşyzada hasaplap ýören daýysy­
na garaý­şynyň sowaşmasyna teý doly akyl ýetirip bilenokdy.
Ol daýysynyň Arsahuşmisen şäheriniň bazarynda adamlary
jezalandyryşyny görende oňa guwanypdy. Bir aýalyň kellesi
öňüne togalanyp düşende gorkmandy. Ol aýalyň iki örüm sa­
çyny ýylana meňzedipdi. Ýöne Janahyr halwaçynyň öýüniň
başda kelete edilip, soňundan otlanmagy welin, onuň aňynda
harasat döredipdi, daýysyny rehimsiz hasaplapdy.
Janahyr emir hakykatdan-da çopurdy, atan-satandy, ýöne
sypaýy, hoşgylaw adamdy. Ol Zamahşara köp gelerdi. Abdyl­
mälik han bilen mesaýy gürrüň edip uzak oturardy. Ol gelen­
de emiriň göwni açylýardy. Aňsat-aňsat gülmeýän emir Jana­
hyr halwaçynyň käbir sözüne heziller edip gülýän pursatlary az
bolmaýardy. Şeýle bolansoň, Kabyl dagy Janahyr halwaçynyň
Zamahşara köp gelmegini islärdiler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 06
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.