Latin

Altynjan hatyn I - 09

Total number of words is 3789
Total number of unique words is 2067
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Gökhun maňa däl-de, saňa hyrydar. Eger maňa söz aý­
dan bolsa, men oňa sen ýaly garşy çykyp durmazdym... – Ine,
Kalbynanyň gahar ýüzüne tapan sözi.
133
Bu söz Gökhuna güýçli täsir etdi. Ol Kalbynany ilkinji ge­
zek görýän ýaly, boýdan-başa synlady.
Gökhun esli salym dymyp, soň dillendi:
– Saňa öýlenmek isleýänligim hak, Altynjan. Men agyr sy­
nag isleýärin...
– Onda näme üçin ýöwselleýärsiň? Ur meni!
– Sen: «Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgit­
leýär» diýip rast aýtdyň. Ýöne naçary, ejizi urmak merdanalyk­
dan däl, men merdana synaglary isleýärin.
– Men özümi naçar, ejiz hasaplamaýaryn. Men özümi ja­
nymak, çydamly hasaplaýaryn. Maňa hökümdar boljak kişä
özümiň ňähili çydamly gyzdygymy iliň öňünde görkezmek is­
leýärin.
Gökhun gamçyny ýerden götermäge gaýrat tapan-da bolsa,
ony Altynjanyň depesinden indermäge gaýrat tapmady. Gaýtam,
Altynjany ýakyndan synladygyça lagşady. Hakyt lagşady. Altynjan
onuň göz öňüne getirişinden has dilnowaz hem has dilruba eken.
Dogrusy, Gökhunuň Altynjandan döwi pes geldi. Ol elindäki gam­
çyny ýere oklady:
– Ýok, gözel gyz, seniň bu şertiň dürs däl. Başga şert tap.
Isle, meni ursunlar. Men yh-çoh etmän çydaýyn, ýöne seni urup
biljek däl. Saňa gamçy göterer ýaly däl.
– Bu şertiň bolmaýar, başga şert tap! – Ýigitler ýerli-ýerden
gygyryşdylar.
– Üçünji şertiňi-de aýt!
– Maksadyň gamçy iýmek bolsa, bu islegiňe äre baraňsoň
her gün ýetersiň. Üçünji şertiňi aýt!
– Meniň üçünji şertim – ömrümiň baş maksady bilen
baglanyşykly. Eger şol maksadyma ýetmesem, men bu dünýä­
den ahmyrly öterin...
– Aýt, aýt!
Gökhun has ynamly gürledi:
– Altynjan, aýt maksadyňy! Men seni şol maksadyňa ýeti­
reýin.
– Hiç ýerde orun-ojak tapmaýan, baran ýerinden kowulýan,
soňky gezek Mawerennahrda Alytegin bilen oňuşman Horasa­
na gaçyp barýarka Altyndaşyň hossar çykan bir alaman jema­
134
gaty bar. Ol alaman, ganhor jemagat kynyk jemagaty. Onuň
başynda Togrul diýen kellekeser durýar. Bu jemagata Altyndaş
Gauhor, Şaruhan, Rabat-Maşe sebitlerini mülk beripdir. Bu
gün köp emirler olardan ýaňa gan aglaýar. Togrul meniň Tü­
men daýymy öldürdi. Meniň şol ganhorda arym bar. Hunum
bar. Ras, batyr bolýan bolsaňyz, şol alamanyň özüni ýa-da kelle­
sini getiriň!
Ýigitler Altynjanyň bu sözüni makulladylar, ýeňil dem aldylar.
Olaryň bolşy Zamahşardan uzakda bolmadyk Gauhorda
taýýar kelle ýatan, ol kelläni hiç hili gypynçsyz mura-mugt alyp
gaýdybermeli ýalydy.
Ýok, Togrul kynygyň kellesini alaýmak aňsat düşmez. Ýöne
Altynjana ýetmek üçin şol kyn söwda baş goşanyňa degýän bolmaly.
Belki, ähli zat oňuna bolar, Allatagala: «Omyn!» diýse, müşgil asa­
na öwrüler.
– Men Togrulyň kellesini getirerin ýa-da şu ýolda ölerin –
diýip, Dowalat ynamly öňe omzady.
– Men Togrulyň kellesini getirerin, hökman getirerin –
diýip, Bahram Kyýas öňe omzady.
Ýigitleriň arasynda Altynjanyň dogany Sadylla-da bardy. Ol
nowruz baýramyna Jürjaniýadan Bahram Kyýas bilen bile gelipdi.
Sadylla uýasyndan beýle töwekgellige garaşmandy, uýasy
ony aňk edipdi. Ol aňkarylyp, bolup geçýän wakalary synlap
durdy. Gökhundan soň hiç kim orta çykyp gamçyny götermäge
milt edip bilmejekdigini aňdy-da, Altynjanyň ýanyna bardy:
– Bar, öýe gaýt! Babam görse, damagyňy çalar.
– Goý, çalsyn!
Gamçy şol ýatan ýerinde iki günläp ýatdy. Ony ýerden gö­
termäge, näme üçindir, het eden tapylmady, ýöne Togrul begiň
kellesini kesip, Altynjanyň öňüne taşlamak, şeýdibem merdana
iş bitirip, oňa mynasyp är bolmak üçin eli ýataganly Gauhor se­
bitine sary at salan ýigitler-ä az bolmady.
Altynjanyň baş şertini bitirip, oňa är boljak, inçe bilin­
den guçjak, ýyly gujagynda meýmiräp, bugaryp ýatjak japy
gerçek kimkä?!
Muny diňe bir Razzak damulla däl, ähli zamahşarly bilmek
isleýärdi.
135
Muny Altynjanyň özi-de bilmek isleýärdi.
Ýene näçe gün garaşmaly bolarka?
Altynjanyň hasaby boýunça ýene alty günden özüne eýe
çykjak gerçek Zamahşar galasynyň derwezesinden dabara bilen
girmelidi.
Şol günden başlap, Zamahşarda dabaraly pursada garaşyp
ugra­dylar.
Iň esasy zat hunuň alynmagy, Altynjan bu maksadyna ýet­
mek üçin tapan çykalgasyna begenmek begenýärdi
Alma ýokary atyldy, ol ýere düşýänçä iş gaýyrmaly.
Altynjy hekaýat
ÝAKYNYŇ ÝOLAN SAKGALY BITMEZ
1030 (422)-njy ýyl musulman dünýäsinde agyr ýyl boldy:
möminleriň emiri Halypa Kadyr Billa Abulapbas ibn Abdylmut­
talyp Haşymy Apbasyly Bagdatly aradan çykdy, onuň halypalygy
kyrk bir ýyl üç aýa çekipdi. Ýerine ogly Kaýym geçdi.
Şol ýyl soltan Emineddöwle Abulkasym Mahmyt ibn Söbük­
tegin hem dört tirkeşleriň üçünji aýynda dünýäden ötdi. Onuň
hökümdarlygy otuz ýyla çekdi. Ýerine ogly Muhammet, ýigrimi
bäş günden soň, Masut geçdi.
Iki görnükli şahsyň ölümi hakdaky habar Zamahşar ga­
lasyna baranda Abdylmälik han ýedi günläp matam yglan etdi.
Olaryň aşyny-suwuny berdi.
Altynjan soltan Mahmydyň wepadyny eşidende has gy­
nandy, aglamak aglady, kyrk günläp matam tutdy. Kyrk günläp
oňly iýip-içmänden soň horlanmak horlandy. Onuň bar arzuwy
özüne ak pata beren mertebeli soltanyň didaryny görmekdi. El­
betde, oňa «Soltan Mahmydyň nurana keşpli, görmegeý ýüzli,
kiçi gözli, gyzylymtyl saçly adam bolandygy, ogly Muhammediň
agynjak özüdigi, ogly Masudyň bolsa dolmuş göwreli, uzyn boýly
adamdygy»1 hakda telim ýola gürrüň beripdiler.
137
Altynjan matam tutan günlerinde bilegindäki siňňiliň aýry­
landygyna haýran galdy, bu ahwalaty nämä ýorjagyny bilmedi.
Soltan Mahmydyň ýogalmagy, tagta ilki Muhammediň,
yzysüre-de Masudyň geçmegi bilen Altyndaşyň, şol sanda Ab­
dylmälik hanyň güni-de ýeňilleşdi.
Altyndaş Horezmini özbaşdak şalyk etmegiň kül-külüne
düş­di, ýöne bu maksadyna ýetip bilmän, soltan Mahmydyň we­
patyndan iki ýyldan soň bu dünýäden göç etdi. Onuň tagtyna ogly
Harun ibn Altyndaş geçdi.
Abdylmälik han Harun bilen arasyny sazlajak bolup köp yh­
las etdi. Oňa ýaranmak aňsat däldi. Ol hedýe kabul etmegi ähli
zatdan beter gowy görýärdi. Şeýle bolansoň han galada süýji nyg­
matlary, ok-ýaý öndürip, lomaý gazanç etmek, şol gazanjyň ujun­
dan Haruna aýma-aý hedýe, has dogrusy, rişwet ýollamak bilen
meşgul boldy. Yhlasy ýerine düşdi: ol bir ýylyň içinde Harunyň iň
hormatly emirleriniň birine öwrülmegi başardy. Köşkde uly da­
baralar geçirilende Harun Abdylmälik emiri hökman çagyrýardy
we oňa hormatly orun berýärdi. «Bu dünýäde rahat ýaşamagyň
iň derwaýys şerti häkimiň – ýolbaşçyň bilen araňy sazlamak. Her
etmeli-hesip etmeli häkimiň bilen gowy gatnaşykda bolmaly: iň
esasy, islendik pursat oňa rişwet bermäge mümkinçiligiň bol­
maly. Onuň saňa yşanmagy, seniň näjüre adamdygyň ölçegi – şu
işi näderejede başarýanlygyňda» diýip, han ogullaryna aýdýardy.
Han Hudaýa şükür edýärdi, ogullaryndan razydy. Ogullary onuň
sözünden çykanoklar, wesýetine eýerýärler.
Kakasynyň ýardamy hem maslahaty bilen Sadylla Jürjaniýanyň
baş medresesini tamamlap, şol ýerde işe galdy. Abdylmälik han
oňa şäherden üç otagly howly satyn alyp berdi, Gazanpar Takyň
gyzyna öýerdi.
Geçen ýyl olardan bir ogul dünýä indi. Oňa Kerem diýip at
goýdular. Agtygy dünýä inende han hatyny bilen gyzyny şähere
alyp geldi. Olar çaga çileden çykýança – kyrk günläp ýaş enä ýar­
damçy boldular.
Abdylmälik han her sapar köşge hasabat bermäge gelende
og­lunyň howlusynda ýatyp-turýardy.
Sadylla otagyň birini «Babamyň tamy» diýip aýratyn hatyralap
saklaýardy. Onda Abdylmälik hanyň egin-eşiklerine çenli durdy.
138
Bu otag Abdylmälik hanyň Zamahşardaky otagynyň kiçel­
dilen görnüşine çalym edýärdi, hakykatdan hem şäheriň otagy
galadaky otagdan görnetin kiçidi.
Abdylmälik han uly oglunyň öz ýanynda bolmagyny isleýär­
di, ýöne Eprikogullary neberesiniň çar ýana kök urmagy onuň
üçin has möhimdi, şonuň üçin ol Sadyllanyň paýtagtda işe gal­
magyny gurnapdy.
Indiki ýyl, nesip bolsa, Kabyl bilen Habyl hem Jürjaniýa okama­
ga gelerler. Abdylmälik han ekizleriniň durmuş ýoly, etmeli işleri
hakda köp oýlanýardy, olar bilen maslahatlaşýardy. Soňky gelnen
pikir boýunça okuwlaryny gutaranlaryndan soň Habyl mirasdüşer
hökmünde Zamahşarda ýaşar, işlär, Kabyl golaý-goltumdaky
obalaryň birinde raýis bolar.
Han Kabylyň haýsy ýerde bolsa-da horlanmajakdygyna,
gününi görjekdigine ynanýardy. Kabyl bilen Altynjanyň hä­
siýetleri meňzeşräkdi: hyjuwlydylar, okgunlydylar, batyrdylar,
töwekgeldiler. Habyl olara seredende biraz ýöwseldi.
Han Habylyň entek-entekler taplanjakdygyna ynanýardy,
çünki, Sadylla-da başda ýöwseldi, sadady, myllykdy.
Bu gün Sadylla öňki Sadylla däl. Şäher durmuşy ony birkem­
siz taplapdyr, indi onda öňki myllyklyk ýok. Asyl, ol baş bazardaky
iki sany halwa dükanyny gül ýaly dolandyryp otyr. Abdylmälik han
Sadylladan täjir çykar, halwa dükanyny dolandyrmagy oňarar öýt­
mändi. Hudaýa şükür, Sadylla aýsaýyn baýaýar.
Abdylmälik hanyň uly oglunyň dogumyna begenjiniň çägi
ýok, onuň işiniň mundan beýlägem şow almagyny dileg edip, iki
gezek galada sadaka berdi. Şäherdäki howlusynda-da iki gezek
sadaka berdi. Sadaka diňe bir goňşy-golamlar däl, Sadyllanyň
ähli işdeş müderrisleri-de üýşüp geldi.
Sadylla kyrk-elli müderrisi Abdylmälik hanyň ýanyna getirdi:
– Baba, ine, bu kişiler meniň işdeş ýoldaşlarym – diýdi.
Epeý-epeý ulamalar, müderrisler Abdylmälik han bilen gelip
salamlaşdylar. Olaryň biri Sadylla hakda ýörite söz açdy:
– Tagsyr, siz gowy ogul ýetişdiripsiňiz. Sadylla hafyz çykdy.
Biz Sadylla guwanýarys, onuň röwşen geljegi bar. Nesip bolsa,
Sadylla fykh ylmyndan hem nassdan2 düýpli işleri eder.
– Eýýäm birnäçe işi bitirdi – diýip, ikinji bir ulama başky
gürlän girdenekje ulamanyň sözüniň üstüni ýetirdi.
139
Ogluň hakda gowy sözler aýdylsa, ata üçin şondan datly
başga näme bolup bilsin?! Ulamalaryň, müderrisleriň hoş söz­
leri hana hakyt ganat bekletdi. Ol Zamahşara guş bolup uçup
geldi.
Han aýalyny, ekizlerini, gyzy Altynjany daşyna egele edip,
olara Jürjaniýada Sadyllanyň abraýynyň uludygy, sadakasyna
kyrk-elli sany ulamanyň, müderrisiň üýşüp gelendigi, oňa gu­
wanýandyklary, fykh hem nass ylymlaryndan uly işler edýändigi,
bu zatlardan daşgary baş bazardaky iki halwa dükanynyň işinem
birkemsiz dolandyrýandygy, agtygy Keremiň janynyň sagdygy
hakda guwanyp gürrüň berdi.
Nesip bolsa, han Kabyly-da, Habyly-da, Anuşirwany-da öýe­
rer. Hudaý şol günlere ýetirsin!
Ýöne, haýp, ähli isläniň bolup duranok...
***
Abdylmälik han öz tabynlygyndaky sebitiň ýagdaýy hakda
Altyn­daşa hasabat bermäge Jürjaniýa şäherine gitdi. Ol on gün­
den soň ýadaw hem gaharly dolandy, «Sag-salamat geldiňizmi,
tagsyrym?!» diýip, sadykan garşylan, atyny tutan gapydan Mansuryň
üstüne jabjyndy:
– Men-ä saňa halal ojagymy, galamy yşanýaryn, sen bolsa
öýde dönük saklap, ýal berýärsiň. Kim ol meniň duzumy iýip,
soňundan meni köşge eltip satýan? Kim?
– Meniň adamlarym-a dönüklik etmez...
– Onda kim ol dönük? Belki, men ýalan sözleýändirin?!
– Ýok, ýok!
– Belki, Altyndaş ähli zady düýşünde oraşan görendir?! Ä?!
– Yşanar ýaly däl...
– Meniň sözüme yşanar ýaly dälmi?
– Size yşanýaryn, begim, yşanýaryn.
– Onda näme üçin «Yşanar ýaly däl» diýýärsiň?
– Men beýle diýjek bolmadym...
– Onda näme diýjek bolduň?! Men ýalan sözleýärin, şeý­
lemi? – Emiriň gahary ýetjek derejesine ýetdi.
140
Mansur öz emirine belet. Ol gahary gelende her sözüňe yrsa­
ramaga ökde. Şonuň üçinem emiriň gahary gelen pursady geple­
meli däl. Şondan gowusy ýok. Şeýle pursat gürlemek, düşünişjek
bolmak – onuň hasam gaharyny getirmek. Başga hiç zat däl.
Mansur dymdy. Ähli zadyň günäkäri özi deýin, egnini
ýygryp, başyny aşak saldy.
– Garşyma gidip, janymy ýakma, Mansur. Dönügi tap, dö­
nügi! Özem derrew tap!
Hanyň sözleri howludakylary serasimalyga saldy: ähli kişä
wehim aralaşdy. Her kim özüne atyljak bolunýan töhmetden
goranmaga häzirlenýän dek, ýuwdundy.
Mansur handan beýle habara garaşmadyk bolarly, huk bo­
lup, sömeldi durdy. Han yzyna öwrülip gelmedik bolsa, onuň
howluda ýene näçe wagtlap durjagy belli däldi:
– Mansur! Arada Gazanpar Tak gelip gideninden soň, öýde
hyzmat edip ýörenlerden kim nirä gitdi, kim kim bilen gürleşdi?
Ine, şuny maňa derrew anyklap ber. Onsoňam Babyr görnenok-la?
Mansur geňirgendi:
– Haýsy Babyry soraýarsyňyz?
Emir bu sowala hasam gaharlandy:
– Näme, indi Babyry-da tanamaýarsyňmy?
– Bizde üç sany Babyr bar. Biri seýis, ikinjisi mirşep...
– Men seýis bilen mirşepi başyma ýapaýynmy?! Men senden
mirşikär Babyry – Keski Kelewiň çykanyny soraýaryn.
– Hä, mirşikärmy, bar, bar.
– Nirede?
– Hekemgähde, elguşlara iým berýär.
Emir pyşyrdap sorady:
– Soňky bir aýyň dowamynda galadan çykdymy?
– Çykdy, çykdy. Bir gezegem däl, telim ýola çykdy.
– Nirä gitdi?
– Tazylaryna, elguşlaryna iýer ýaly zat tapmak üçin çykdy.
Emir öz otagyna bakan ýöräp ugrady:
– Ähli zadyň anygyna ýet! Babyr galadan çykyp nirä gidip­
dir? Kim bilen duşuşypdyr, näme üçin duşuşypdyr. Anykla, ähli
zady anyk­la! Eşidýärmiň, maňa meniň bagtymy ýatyrmak isle­
ýän adamy tapyp ber! Uzak garaşdyrma meni!
141
Her kim başarýan işine girişdi: adamsynyň «Meniň bagtymy
ýatyrmak isleýän» diýen sözüni eşiden Hajar hatyn haremha­
nasyna girip, gözýaş dökmäge başlady. Altynjan beýleki zenanla­
ra goşulyp ejesiniň ýanynda bolmalydygyny bilýärdi, ýöne häzir
ejesiniň ýanynda oturyp, aglap biljek däldi. Onuň aglasy gele­
nokdy, gahary gel­ýärdi. Ejesi aglap durka gapdalynda aglamaz­
lyk hem gowy däldi. Aglamajak bolsaň, iň gowusy, ejeň ýanynda
görünmezlikdi.
Bagtyýatan hatynyň aglamakdan başga elinden näme gel­
ýär?! Hiç zadam gelenok. Bagty ýatanda, belki, erkek kişilerem
aglasa aglaýandyr. Abdylmälik hanyň hem şu mahal gülüp otur­
mandygy hak. Ähli ýük hana düşýär.
Bir hakykata galada ähli kişi düşünýär: Abdylmälik hanyň
bagtynyň ýatdygy – Zamahşar galasynyň bagtynyň ýatdygy.
Abdylmälik hanyň bagtynyň ýatdygy – onuň ähli neberesiniň,
onuň ähli adamlarynyň bagtynyň ýatdygy.
Bagtyň ýatmasy – kimdir biriniň öýünde gyrnak bolup hars
urmak. Wah, bagtyň küle çökse, gyrnaklyga-da razy gelersiň, kim
bilýär, ertir seniň damagyňy kyhladyp çalarlar. Damak çalmaga
Mamunlar ökdedi. Altyndaşlaram ökde, bokurdagyňdan ganyň
pöwhüldäp akmasyndan lezzet alýarlar. Diňe olar däl, olaryň
ýanyndakylaram hezil ederler. Eý, Hudaýa hudawende, şolara
tomaşa bolmakdan daş edeweri!
Altynjan şebistanyna girdi, ýöne oturyp karary bolmady,
ýumşa taýyn bolup duran akgyzyna seretdi. Gülýüzli dessine
melikesiniň maksadyna düşündi:
– Häzir taýýar bolar – diýip, ol teblehana bakan ýumlukdy.
– Saklan! – Altynjan howatyrly gygyrdy: – Ilki ähli hyz­
matkärleri bagyň sypasynyň ýanyna jemle. Kimiň dönükdigini
men gaty bahym bilerin.
Abdylmälik hanyň öýünde hyzmat edýän serkerdelerden,
mir­şepdir sakçylardan hemem haşymlardan özge ýigrimi bir
kişi: alty aýal maşgala, on dört sany erkek kişi – dört ferraş, üç ak­
gyz, bir atabeg, bir mirşikär, bir seýis, iki bagban, aw tazylaryny,
guşlaryny idedýän üç hyzmatkär, iki sany atbakar, bir naýyp, bir
işigagasy, bir desterhançy bardy, olardan Mansurdyr Omardan
özgesi nyzama düzüldi.
142
Altynjan erkek kişileriň hataryny gözden geçirip:
– Hany, Dowguş nirede? – diýip, ýigrimi birinji hyzmatçyny
– atbakary sorady.
– Emir ony bir ýere ugratdy öýdýän, ol howludan gyssagly
çykyb-a gitdi – diýip, Haldan jogap berdi.
– Tapyň!
Her kim bir tarapa agtarmaga gitdi, ýöne atbakary tapyp bil­
mediler.
– Galadan çykyp gidipdir ol – diýip, Haldan gorkuly seslen­
di. – Ýok ol. Gürüm-jürüm bolupdyr. Ol indi tapdyrmaz.
– Uzaga giden däldir. Yzyndan kowsak ýeteris. Gideliň! –
diýip, Altynjan Mansura ýüzlendi.
Şadranç bilen Mansur bu pikiri oňlady.
Altynjan ata atlanyp, howludan çykyp ugranda yzynda
birtopar atly peýda boldy. Bu atlylar Altynjanyň jandarlarydy.
Olar Habyl bilen Kabyldy, Anuşirwandy. Ol Akgaýady, ol Çyr­
lakdy, ol Ýatmazdy. Galanlaram zamahşarly ýigitlerdi. Altynjan
olaryň serkerdesidi. Olar – çiltendi, özlerini «çiltenler» diýip
atlandyrýardylar.
Oglanlaryň galabasy başda oňa janpena bolmak isleme­
diler. Şonda Altynjan berk durdy: özüniň hemaýaty bolmasa,
olara ýaşaýşyň juda kyn düşjekdigini subut etdi. Dogrusy, hä­
zirki janpenalaryň içinde boýun sunmajak bolup Altynjandan
almytyny almadyk az-azdyr. Kabyl-da, Habyl-da, Anuşirwan-da
gepsiz-gürrüňsiz boýun sunmaýandygy, buýrugy dessine ýerine
ýetirmeýändigi üçin serkerdelerinden ýumruk iýipdiler. Ýat­
maz bilen Çyrlak-da ýumruk iýe-iýe boýun sunupdylar. Olaryň
içinde ýumrugy iň az iýen Akgaýady. Ol Ýatmaz bilen Çyrlak­
dan iki ýaş kiçidi, et diýlen işi etmese, sadykanlyk bilen boýun
sunulmasa, soňunyň nähili bolýandygyny telim ýola görüpdi.
Şeýle bolansoň, ol özgeleriň ýalňyşyny gaýtalajak bolanokdy.
Onsoňam ol beýleki ýigitlere görä polady ýumşakdy, hoşgylawdy.
«Hoşamaý söz süňk döwer» diýen pikiriň dogrudygyna ol gaty
berk ynanýardy, hoşamaýlygy özüne ýaran edinipdi.
Altynjanyň çiltene baş bolup ýörşi hakda eşidende Abdyl­
mälik han juda gaharlandy. Ol çiltenler hakda Altynjan ar al­
jak diýip Gauhor etrabyna giden gezegi eşidipdi. Han gyzynyň
143
yzyna janpena tirkemegini gadagan etdi. Şondan soň Altynjan
yzyndaky oglanlary kowdy. «Meniň yzyma düşmäň, öz günüňizi
özüňiz görüň» diýdi. Zamahşarly jahyllar Altynjanyň yzyndan,
barybir, aýrylmadylar, nirä gitse, yzy bilen gitdiler.
Häzirki döwürde janpenalar bir iş etmekçi bolanlarynda
onuň bilen maslahatlaşýardylar. Çiltenleriň oňa sygynmaklary
hem ýöne ýerden däldi: başlaryna iş düşende Altynjanyň şol işi
düzetmek üçin soňuny gaýgy etmän, özüni oda urýandygyny he­
mem urjakdygyny bilýärdiler. Özem olar Altynjanyň islän işini
bitirjekdiginem bilýärdiler. Onsoň şeýle serkerdäniň saýasynda
bolmak olar üçin ygtybarlydy, bähbitlidi. Onsoňam Altynjan
olary hiç bir zada mätäç edenokdy, mahal-mahal dirhemdir
dinar-da paýlaýardy.
Häzirki maksat – nirä gaçan hem bolsa Dowguşy tapyp ge­
tirmekdi. Çiltenler topar-topar bolup, galanyň dört tarapynyda agtarmaga ugradylar. Galanyň derwezesiniň derbanlary
Dowguşuň demir gyr atly galadan çykyp, gündogar tarapa gi­
dendigini habar berdiler. Altynjan derbanlaryň salgy beren ta­
rapyna at saldy.
Hernäçe uzaga gitseler-de, Dowguşdan gördüm-bildim bol­
mady. Ol, megerem, tokaýlykda gizlenýän bolarly.
Altynjan garagörnüm alyslykda iki ýüz çemesi atlynyň üýşüp
durandygyny görüp, Akgarynyň jylawyny çekdi:
– Olar kimkän? – diýip, howsalaly seslendi. – Togrul Sel­
jukly bolaýmasyn?
– Altyndaşyň olara hossar çykmasy maňa gaty düşnüksiz –
diýip, Şadranç alysdaky atlylara ýiti-ýiti seretdi.
Mansur müňkür gürrüňe goşuldy:
– Aldap ele saljak bolýandyr olary.
Habyl ynamly sözledi:
– Ýok, Altyndaşyň maksady olary ele salmak däl, jellat
hökmünde peýdalanmak.
– Kynyklar gelen bolsa, indi bize rahatlyk bolmaz. Olar
düýn bizden halwa satyn alan bezirgenleriň kerwenini derýanyň
boýunda talapdyrlar. Beýle talaňçylyk öň bolmaýardy ahyryn! –
diýip, Mansur uludan demini aldy. – Altyndaşyň olara beren
144
Rabat Maşe, Şaruhan, Gauhor etraplarynyň Zamahşardan biraz
uzakdalygy-da bir gowy.
– Uzakda diýib-ä arkaýyn bolma. Ganhoruň aty – tüweleý.
Olarda serhet ýok. Tüweleý durar, olar durmaz. Şol görünýän
atlylaram seljukly kynyklar bolmaly. Ganhorlar! – diýip, Altynjan
hyrçyny dişledi.
– Siz bir oýnam ganhoruň gürrüňini edip dursuňyz. Olar
üns bereniňize degenog-a. Aýaklaryny sähel gyşyk basdyklary hut
özüm olaryň tepbedini okaryn. On müň atly nire – bir oýnam ga­
rakçy nire! – Kabyl badyhowa dillendi: – Olar dyp edip bilmez.
– Olar Tümen daýymy öldürdiler.
– Altynjan, daýymy seljuklylar öldürendir öýdemok men-ä!
Eger olar öldüren bolsa, tokaýlygyň içinden: «Men Togrul Sel­
jukly!» diýip gygyrmaz, özüniň kimdigini aýtmaz. Bu ýerde bir
pyrryldak bar.
Alysdan görünýän atlylara seredip duran Mansur müňkür
öz­başyna hüňürdedi:
– Eý, Hudaý, olar kimler? Abdylmälik hanyň günortanky aý­
dan betbagtlygynyň alamaty bolaýmasyn?!
– Şanyň nökerleri-hä däl.
– Abdylmälik hanyň nökerleri-de däl.
– Dogry, olar gaznalylardan, horezminlilerden däl. Görüň-ä,
olaryň geýimleriniň, atlarynyň reňki agam däl, gara-da.
– Onda haýsy reňkde olar?
– Uzak bolansoň, açyk saýgaryp bilemok. Öz-ä dor ýa al
reňkli olar.
– Dor, al reňk kimiňki bolmaly? – diýip, Anuşirwan gy­
zyklandy.
– Al reňk3 – iň soňky reňkleriň biri öz-ä.
– Oguzyň ýigrimi dördünji agtygy kynyklar dälmi? – diýip,
Anuşirwan Sadyllanyň ýüzüne soragly bakdy.
– Takyk ýadyma düşenok.
– Bä, damulla, seniňem bilmeýän zadyň bar eken. Men sen
ähli zady bilýänsiň öýdýärdim.
– Ähli zady bilýärin men. Biraz oýlanaýyn, häzir ýadyma
düşer.
10*
145
– Diňe bir gorkana däl, ýigrenene-de goşa görner eken.
Altynjan, sen ähli zatdan halamaýan zadyňy görýärsiň. O görün­
ýän atly­lar-a gara reňkli. Diýmek, olar gaýalaryňky – diýip, Habyl
atlylara bakan ýiti-ýiti seretdi.
– Bä, seniň ýeke gözüň biziň iki gözümizden gowy görýärow – diýip, Altynjan gaşlaryny gerjeşdirdi, ol Habyla paýyş söz
aýdarly göründi, jaýdar paýyş söz ýadyna düşmän örtendi.
– Pal atyşyp durman, ýörüň, üstlerine baralyň! – diýip,
Kabyl çynyrgartdy, atyna gamçy çaldy.
Alysdaky atlylar özlerine tarap birtopar atlynyň gelýändigi­
ni görüp, alagykylyk, alatozan turzup, gündogar tarapa at saldy­
lar, sähel salymdanam gözden ýitdiler.
***
Mansur gören atlylary, olaryň gündogara bakan gaçyp gi­
dendikleri hakda hana habar berdi. Ol sözüni soňlap-soňlaman­
ka Haldan ferraş at çapdyryp geldi.
– Düýn bizden halwa satyn alan bezirgenleri talan kynyklar
häzir atgaýtarym gündogarda – suwuň boýunda meýlis gurap
otyrlar. Olary güpbasdy edip boljak. Sebäp, häzir olar serhoş.
Haldanyň bu habaryndan soň Abdylmälik han buýruk berdi:
– Begler ýygnansyn!
Çapar ugradyldy.
Sähel salymda hanyň alty ýüzden gowrak atlysy howlynyň
öňünde ýygnandy.
Abdylmälik han ogullary bilen gyzynyň ýörişe taýýar bolup
durandygyny görüp, kesgin gygyrdy:
– Habyl, Altynjan, siz öýde galyň!
Howly boşap galdy. Hana, atabegiň otagynyň gapysam açyk
dur, ol hem gidipdir.
Mansur pola öz otagyna girip-çykyp, nämedir bir zat bilen
gümra, ol gaty arkaýyn görünýär.
Şeýle galagoply pursatda Mansuryň hojalygyň ownukdöwnük işleri bilen gümra bolup ýörmesi, hiç hili howsalasynyň
ýoklugy Altynjanyň hoşuna gelmedi. Ähli kişi (ol «ähli kişi»
146
diýip, esasan, özüni göz öňünde tutýardy) ber-başagaýka näme
üçin ol hyrda zatlara güýmenen bolup ýör?
Emir ähli erkek kişileri yzyna tirkäp seljuklylardan hasabat
soramaga gitdi. Mansur, näme, erkek dälmi?
Altynjan gazap bilen Mansuryň otagyna girdi. Dogrudanam,
naýyp giň otagynyň içinde otyr . Özem öňi durşuna hazyna: dir­
hemdir dinar.
– Babam dagy gitdi!
Mansur Altynjanyň bu sözüniň manysyna düşündi. Ol: «Ka­
kam dagy gitdi, sen näme üçin olar bilen gitmediň?» diýmekçi
boldy. Naýyp bu söze jogap bermedi, sebäbi näme jogap berje­
gini bilmedi.
– Mansur daýy, siziň arkaýynlygyňyza meniň gözüm gidýär.
Men hiç ýerde rahatlyk tapyp bilemok.
– Seni näme biynjalyk edýär, gyzym?!
– Anyk bilýän zadym ýok. Diňe bir zady bilýärin. Ol hem
özümdäki düşnüksiz bir wehim. Göwnüme bolmasa, ýakyn wagt­
da aýylganç bir betbagtlyk depämden gopaýjak ýaly duýulýar.
– Näme bolup biler?
– Wah-weýla, bilemok-da, Mansur daýy!
– Eger sen gorksaň, onda biz-ä üstümizi bürenip ýatyber­
meli bolarys – diýip, Mansur şelaýyn ýylgyrdy.
– Babam hem mydama hiç zatdan gorkmazlygy ündeýär. –
Altynjan nämedir bir zat hakda oýlanýan ýaly, ýokaryk seretdi:
– Babam mydama gorkmazlygy ündeýär welin, ol bir gorkuly
wakanyň boljagyny öňünden duýýan ýaly...
– Giň bol, gyzym. Sen, iň gowusy, şahynyň barada alada et!
Ol şu gün ertir iýmini iýmedi, bir hylt tapaýan ýaly ol.
Yzyna öwrülmekçi bolan Altynjanyň nazary Mansur polanyň
sag gapdalynda ýatan iki sany haltajyga düşdi, ini dyglap gitdi.
O haltajyklar Altynjanyňky ahyryn! Olary Altynjan Şadranç
müňbaşa elin beripdi.
Altynjan bir bökende haltajyklary garbap aldy.
– Mansur daýy, bular size nireden düşdi?
– O saňa nämä gerek?
– Gerek, juda gerek! Şadranç müňbaşy berdimi?
147
– Ýok, muny maňa babaň berdi.
– Bu haltajyklar babama nireden düşüpdir?
– Saňa näme boldy, gyzym? Birden üýtgäýdiň-le?
– Muny men bilmeli, hökman bilmeli.
– Bu iki haltany babaňa Şadranç beräýdi öýdýän. Meniň
şeýle pikir etmegimiň bir sebäbi bar. Ol babaň ýanyna girip,
nämedir bir zat hakda uzak gürrüň etdi. Şadranç gidensoň,
babaň meni dergähine çagyryp, şu iki haltajygy berdi, hazyna
goşmagymy tabşyrdy.
– Men hakda hiç zat aýtmadymy şonda?
– Ýok, aýtmady.
– Gör, nähili nejislik! Dönük! Nejis, dönük!
– Kim?!
– Kim bolar öýdýärsiňiz? Şadranç!
– Beýle mojuk söz aýtma, gyzym! Kimden çyksa-da, Şad­
rançdan dönüklik çykmaz.
– Meni babama satypdyr ol!
– Babaň Şadranjyň hany ahyryn! Ol babaňa aýtman, hiç zat
edip bilmez. Ähli zady aýtmak, hasabat bermek – serkerdäniň borjy.
– Diýmek, siz meniň häzirki sözlerimi-de babama aýdarsy­
ňyzmy?
– Eýsem näme? Hasabat bermek – meniň borjum.
– Satyň! Satyň meni! – diýip, Altynjan gazaplandy.
– Seni satarys. Özem gaty gymmat satarys. Seniň mahýaň se­
bitde iň ýokary mahýa bolar.
Altynjan atylyp daşaryk çykdy.
Onuň nazary diňiň üstünde egnindäki ak biýz köýnegini iki
ýana pasyrdadýan Haldanda hemem al-asmandan özüne sere­
dip duran gara bürgütde saklandy. Bürgüt öň görünmeýärdi. Ol
Altynjany özüne aw hasaplaýan ýalydy, ganatlaryny gerip durşy
ýene sähel salymdan aşak şaglap inäýjek ýalydy. Altynjan Tümen
daýysy entek gundagdaky çagajykka bürgüdiň alyp gidendigini,
babasydyr mamasynyň gutuny aljak bolandygyny eşidipdi. Asman­
da bürgüt görünse, bagt dilemelidigi barada Altynjana köp gezek
aýdypdylar. Bürgüdiň Allatagaladan bagt – gut getirýändiginem,
ýanyňda kim bar bolsa jemlenişip: «Eý, guş, ber gut, ber gut!» diýip
149
gygyrmalydygyny-da aýdypdylar. Bu guşy görenlerinde: «Ber gut,
ber gut!» diýenlerinden soň, onuň ady ber gut – bürgüt bolupdyr,
hakyky ady unudylypdyr diýýärler. Bürgüt – bagt-gut berýän guş!
Altynjan guşa elini uzadyp gygyrdy:
– Ber gut! Ber gut! Eý, guş, maňa Alladan gut getir!
Bürgüt gozganmady, şindem gerlen ganatlaryny gozga­
man asmanda doňan ýaly bolup durdy. Altynjan ýene gygyrdy:
– Eý, e-eý, guş! Ber gut! Ber gut! Maňa Alladan gut getir.
Men Altynjan! Men Abdylmälik hanyň gyzy! Allaga: «Altynjana
gut gerek» diý. Gut ber! Eý, guş! Ber gut! Daýymyň hununy al­
maga daldaw ber! Togrul Seljuklyny öldürmäge daldaw ber!
Pelit Togruly elime ber, men onuň gözünde ot ýakaýyn! Ber
gut! Ber gut!
Bürgüt ganatlaryny çala gymyldatdy.
Altynjany geň galdyran diňe bürgüt däldi, Haldan ony has
geň gal­dyrypdy, çünki ol elini bulaýlap kimidir birini yhlas bi­
len çagyrýardy.
Kimi?
Altynjan öýde dönügiň bardygy hakdaky kakasynyň janyk­
masyny ýatlady. Şol dönük Dowguş däl-de, Haldan bolaýmasyn?!
Belki, Haldan kimdir birini çagyrýandyr?
Altynjan ýuwaşlyk bilen bilindäki hanjaryna el ýetirdi.
Onuň sapyndan berk gysyp, birden garpyşmaly bolsa ät galmaz­
lyk üçin ykjamlandy.
Ýedinji hekaýat
DEŇ ETSE – DUŞ EDER
H
aldanyň gözi birden bürgüde: «Ber gut!», «Ber gut!»
diýip gygyryp duran Altynjana düşdi-de, doňdy galdy,
soňam aşak oturdy. Melikäniň özüne seredýändigini-seret­
meýändigini anyk­lamak üçin ýuwaşjadan boýnuny uzadyp se­
retdi. Altynjan ony görmedikden boldy.
Haldan janyny barlamak isläp, Altynjanyň ýanyna haşhaşlap geldi:
– Melikäm, melikäm, ýaňy meni gördüňmi?
– Gördüm – diýip, Altynjan sowuk jogap berdi.
– Näme soraýar? – diýip, Haldanyň ýanyna Habyl geldi.
Habyly gören Haldan hasam aljyrady.
– Hiç zadam däl, hiç zadam däl, men şo ýokardaky bürgü­
di kowjak boldum. Näçe kowsamam gidenok. Ol häliden bäri
howlynyň depesinde doňan ýaly bolup, Altynjan melikäme se­
redip dur. Ol bir zat ogurlamakçy bolýar.
Altynjan bilen Habyl bürgüde seretdi. Dogrudanam, bür­
güt şindem howlynyň depesinde ganatlaryny käte bir çala gy­
myldadyp durdy. Ol hiç ýerik gitjek bolanokdy.
Altynjan Habyla ýüzlendi:
– Eý, doganjygym, gel, bürgütden gut diläli.
– Gut?!
– Hawa, gut.
151
Iki dogan bürgüde bakyp, gut dilemäge başladylar:
– E-eý, guş, gut ber! Ber gut! Ber gut! Biz Abdylmälik ibn
Bug­rajyk ibn Abdalyň çagalary! Biz Altynjan bilen Habyl! Bize
ber gut! Bize ber gut!
Habyl bürgüde aýratyn dileg saldy:
– Men – Habyl! Men Abdylmälik hanyň körpe ogly – Habyl
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 10
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.