Latin

Altynjan hatyn I - 15

Total number of words is 3787
Total number of unique words is 1968
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özüni danyşment hasaplaýardy. Sebäbi ol laçynyň häsiýeti hak­
da atabeglerinden, kakasyndan, mirşikärden örän köp zatlary
eşidipdi. Mirşikär laçyny şa elguşy atlandyrýardy.
Laçyn – et iýýän guşlaryň şasy, at – dört aýakly ot iýýän
janawerleriň şasy, göwher – zynatlaryň şasy. Ygtyýarynda şu üç
zady bolan kişini nähili atlandyrmaly?!
Gör, Altynjanda ähli dört aýakly dürrendeleriň şasy hasap­
lanýan bedew aty – Akgary bar.
Onda ähli et iýýän guşlaryň – perrendeleriň şasy hasap­
lanýan şahyn bar.
Onda ähli zynatlaryň, gymmatbaha daşlaryň şasy hasap­
lanýan göwherden nagyşlanan bilezik bar. Bu göwherden na­
gyşly bilezigi oňa Togrul beg hedýe berdi.
Altynjanyň elguşy şahyn diýilýän laçynlardandy. Onuň elguşy
agymtyldy. Agymtyl şahyn iň gowy laçyn hasaplanýardy. Diňe bir
agymtyl däl, sarymtyl hem gyzylymtyl laçynam gowy laçyn hasap­
lanýardy. Iň ýaramaz laçyn alabeder reňkli laçyn bolmaly.
Agymtyl şahyn awda juda açgöz, kesellegiç hem häsiýetsiz
bol­ýar eken. Awçylar Altynjanyň elguşuny synlap, ony mydama
taryp­laýarlar. Kellesi gysga hem kiçi; maňlaýy giň, az ýelekli,
ýiti hem gyzyl gözli; gözleri kepderileriňki ýaly kellesiniň iki
tarapynda däl-de, çüňküne tarap öwrülip duran; boýny ýogyn;
döşi ýasy hem aý­law; guýrugy ýaýraw, injikleri ýogyn hem gysga;
butlak; budunyň etleri çeýe; penjesi uly; aýaklary ýaşyl reňkli;
barmaklary güýçli; dyrnaklarynyň reňki gara laçyn iň gowy laçyn
bolmaly. Bu hakda mirşikär köp aýdardy. Şol diýilýän iň gowy
alamatlaryň öz laçynynda bardygyna Altynjan begenýärdi.
Habyl bilen Kabylyň laçynlary gyzylymtyldy. Sadyllada elguş
ýokdy. Ol awda ejesi bilen diňe janköýerlik ederdi. Olaryň
janköýerlik edişleri göwünli-göwünsizdi, dogrusy.
Emiriň şahyny sarymtyldy. Ol aňsat-aňsat çyrçyklamaýardy, Al­
tynjanyň laçyny welin, sähel zat üçinem çyrçyk tapjak bolup durdy.
Abdylmälik han yrymçyl adamdy. Şonuň üçin bolsa gerek,
laçyn bilen baglanyşykly yrymlaram köp bilýärdi: laçynyň gözü­
ne gözüň düşmegini ýagşylygyň alamaty hasaplaýardy. Şeýle hem
laçyn ele gonanda eýesiniň ýüzüne seretse, bu ullakan bir hazy­
na eýe boljakdygyň, hökmürowanlygyň giňejekdiginiň alamaty
237
hasaplaýardy. Eger laçyn asmanda kellesini aşak sallap uçsa, bu
ýaramazlygyň alamaty. Eger asmana göterlende ýa awuny alyp
gelenden soň gykylyk etse, onda bu eýesiniň durmuşynda nähi­
lidir bir oňşuksyzlygyň, dawa-jenjeliň boljakdygyny aňladýar.
Altynjan ilkagşam laçynynyň ýanyna bardy. Eýesini gören
laçyn alagykylyk etdi. Wagty bilen köşeşmedi. Altynjan guşuň
bu bolşuny halamady. Onuň bu biynjalyklygynda nähilidir bir
ýaramazlygyň alamaty bar ýaly duýuldy. Ol derrew elguşunyň ýa­
nyndan gitmek bilen boldy.
Ähli zat gowulyga bolsun hernä!
Adamyň akylynyň ýetmeýän ýerinden pelsepe başlanýan
bolmaly, Alla başlanýan bolmaly. Yrymlar-da şol çäkden
başlanýan bolsun gerek!
***
Keski Kelew şahandaz adamdy. Ol her gün awdan soň
düşlegde emire aýdym aýdyp bererdi, şirinden-şirin sazlardan
çalyp bererdi. Kimiň ýanynda açylmasa-da, emir Keskiniň ýanynda
açylardy. Özem ol aňsat gülýän däldir welin, Keskiniň şorta sözle­
rini diňlände gözlerini ýaşardyp gülýän gezekleri az bolmaýardy.
Şadyýan kişi bilen dymma, agras kişiniň dostlugy Altynjan
üçin gaty düşnüksizdi. Bu diňe Altynjan üçin däl, başga-da köp
adam üçin düşnüksizdi. Syrlydy.
Keski Kelewiň gelmegi – Zamahşara şadyýanlygyň, gülkiniň,
aýdym-sazyň geldigidi. Bu her gezek şeýle bolýardy. Ol durşuna
gülki, durşuna şadyýanlyk bolup howla girerdi, ýöne bu gezek
onuň gelmegi öýlänçi ýagşynyň gelşine meňzedi.
Iki razdar ylla kyrk ýylyň aýraçylygyndan soň ilkinji gezek
duşuşýan dek, gujaklaşyp görüşdiler, hal-ahwal soraşdylar.
– Haý, razdar, ertir awa gideýin diýip maksat edinen günüm
geldiň.
– Abdylmälik, onuň sebäbini bileňokmy? Onda aýdaýyn.
Ýürek­ler bir, ýürekler. Awa ýene bile gideris, bir aýlap aw
awlarys, meýlis gurarys.
– Wa-weýla, özümem şony isledim...
– «Isledim» diýmäň näme?
238
– Ýaňyja Altyndaşdan habar geldi.
– Näme habar?
– Gyssagly ýanyna çagyrýar?
– Onuň üçin gynanma, üç-dört günden köp eglenmän
gelersiň, oňa deňiç men garaşaýaryn.
– Wa-weýla, üç aý eglenmeli boljak.
– Üç aý?! Üç aýlap näme etmekçikä ol?
– Anyk bilmedim, ýöne askudaryň habary şeýle.
– Bileje hemsöhbedi küýsäp gelipdim, haýp, bolmady...
– Geleniňi görüp, menem begendim, ýöne, görýärsiň-ä!
Hany, düşek üstüne geçsene, razdar. Daňdana çenli wagtymyz bar.
– O näme üçin daňdana çenli?
– Daňdan men Jürjaniýa ýola düşmeli. Ýene üç aýdan soň
men öýde bolaryn, gel! Hökman gel!
– Üç aýdan soň sen ýene bir ýere ýörişe gitmeli bolarsyň.
– Soltan Mahmyt ölensoň, döwür-döwran üýtgedi, wagt ta­
pylar, gowy niýetde bolaly.
Ot başynda agyr meýlis başlandy, ýöne onuň gyzygy bolmady.
– Eý, dogan, nä, içiňi hümledip otyrsyň? Sen öňki Abdyl­
mälig-ä däl. Içiňde bir tüweleý-ä gopýar seniň. Hany, açylsana
– diýip, Keski agyr oýa batyp oturan razdaryna ýüzlendi.
Esli salym içini hümledip oturan emir özbaşyna hüňürdedi:
– Burun ýüzden düşmez.
– Näme, näme? Bu näme diýdigiň bolýar?
Bu sowal jogapsyz galdy.
Daňdan Keski Kelew öýüne, Abdylmälik bolsa «Jürjaniýa»
sary ýola düşdi.
239
On birinji hekaýat
URGYNYŇ GÜÝJÜNI URÝAN
DÄL-DE, URULÝAN BILÝÄR
1.
D
aňýyldyzy öz ornuny Kerwengyran ýyldyzyndan ýaňy
alyp, ýiti ýalkymyny saçyp ugranda mirşikär bäş-alty
öýdeniçer bilen galadan çykyp, emiriň düýnki salgy beren oýta­
gyna sary ugrady. Olaryň gidenini hiç kim duýman galdy. Olar
howludan çykyp gidende Sadylla ukudan oýandy, ejesini, Altyn­
jany, soňundan ekizleri oýardy. Olar atlaryna atlananda jahanyň
ýüzi ýaňy agaryp ugrapdy.
Gala entek ukudady.
Gije gar tozgalary ýeriň üstüne galyň düşek düşäp çykypdyr.
Awçylar bu pursady aw etmek üçin iň amatly pursat hasaplaýarlar.
Ähli ýer agaryp ýatyrdy.
Kabyl bilen Habyl atyň üstünde possunlaryna çümüp,
nirä barýandyklaryna pisint etmän, seretmän, gözlerini süzüp
otyrdylar, olar uky bolup ukuda, oýa bolup oýa däldiler.
Anuşirwan welin, garyň agramyna şahalaryny aşak egip
oturan burundyk tokaýlyga seredip barşyna awa howlugýardy.
Onuň keýpi kökdi, Sadylla dagy bilen degişesi-gülüşesi gelýär­
240
di, ýöne bu mahal olara habar gatmaly däldigini gowy bilýär­
di. Ol häzir gep goşsa, iňirdi eşitjegini bilýärdi. Iňirdini bol­
sa eşideniňden eşitmäniň gowy. Şonuň üçin atyny debsiläp,
Altynjanyň gapdalyndan ýöredi.
Säheriň ümsümligini guşlaryň hoşnowaz jürküldileri, saý­
ramalary bozýardy. Howanyň şeýle amatsyz pursady guşlaryň
saýramasy, jürküldeşmegi Anuşirwan üçin gaty düşnüksizdi.
Altynjan göz astyndan Anuşirwany synlap barýardy, onuň
göwnüni götermek maksady bilen nähilidir bir hoşter söz aý­
dasy gel­ýärdi, ýöne haýsy hoşter sözi aýtjagyny teý bilmeýärdi.
Göräýmäge, hoşter sözler şeýle köp ýaly, ýöne köp däl bo­
larly, idän pursadyň hiç tapylanok olar.
Awlaga geldiler.
– Damulla, hany, babam?! – diýip, Habyl Sadylladan sorady.
– Babaň işli adam, wagty bolsa geler, wagty bolmasa gelmez.
– Emirimiz Jürjaniýa gitdi – diýip, mirşikär dillendi.
– Menem eşitdim şu habary. Men-ä: «Keski Kelew geldi,
indi awumyz aýdym-sazly geçer» diýip begenipdim – diýip,
Anuşirwan gynanandygyny ýaňzytdy.
– Aýdym-sazly geçerdem... – Mirşikär nämedir bir zat aýt­
makçy boldy, soňundanam goýbolsun eden bolarly, dymdy.
– Keski begem ýokmy?! – diýip, Habyl Sadyllaga ýüzlendi.
– Ýok.
– Wa-weýla, Keski beg biz bilen awa gaýdaýmaly eken-dä.
Mirşikär ýene dillendi:
– Keski çykanym awa gaýtmak isledi, ýöne bu hakda emir
ýeke gezegem ýaňzytmandan soň, öýüne gaýtdy.
Hajar hatyn mirşikäriň sözüni halamady:
– Emiriň ýadyna düşen däldir, ýogsam hökman aýdardy.
Keski oňarmandyr, ol biziň öýümize ýat adam däl ahyryn. Emir
ony özüne dogan saýýar. Şeýle ýakyn adamlar biri-birinden
aýyp-syn etmeli däl.
Häliden bäri sesini çykarman duran Altynjan ejesini goldady:
– Emir näme etse, bilip edýär.
– Hany, awa başlalyň – diýip, Sadylla tazylaryny awa salmak
bilen boldy.
– Babam gelmezmi? – diýip, Kabyl Sadylladan sorady.
16*
241
– Gelmegi-de, gelmezligi-de mümkin.
– Emir gelmez. Ol üç aýdan soň geler – diýip, mirşikär
Babyr Sadylla üçin Kabyla jogap berdi.
– Eý, mirşikär, sen gaty köp bilýän ýaly-la?! Öz işiňi etseň,
gowy bolar – diýip, Anuşirwan gaharlandy.
2.
Aşak tarapdan gara göründi. Çar ýan ap-ak bolansoň, gara
has açyk göründi.
Birtopar atly gelýärdi.
Gelýänler Abdylmälik han dagydy.
Hiç kim handan näme üçin Zamahşara gitmändigini sora­
maga het edip bilmedi. Şadranç müňbaşynyň aýtmagyna görä,
Altyndaşdan habar gelenmiş: Jürjaniýa barmak zerurlygy ýok.
Altynjan kakasynyň alkymyna dykylyp bardy.
Emir gyzynyň möhüm bir habar aýtjagyny aňyp saklandy:
– Näme aýtmakçy bolýarsyň?
– Baba, siz han ahyryn, nämeden gorkýarsyňyz?
Emir geňirgendi:
– Näme diýmekçi bolýarsyň?
– Siziň özüňiz magat bilýärsiňiz, sizi Altyndaşa satýan ýega­
na razdanyňyz – Keski Kelew. Elbetde, ol şadyýan adam, ýöne
bize duşmanyň şadyýanlygy däl-de, wepadarlyk gerek! Keski
Kelew sizden habar almak üçin Zamahşara gelýär. Oňa habar
berýän çykany – mirşikär Babyr! mirşikärem, Keski Kelewem
Zamahşardan kowmaly! Ýok bolsunlar! Siz oňa «Git!» diýip
bilmän, «Altyndaş üç aýlyk çagyrýar» diýen bolduňyz. Bu size
gelşenok, baba! Bu siziň mertebäňize gelşenok. Siz näme üçin
Keskiniň ýüzüne geleňzok?!
– Gapyl! Gapyl! – Abdylmälik hanyň şeýle gaharlanan pur­
sadyny ýanyndakylaryň hiç haýsysy öň görmändi. Bu pursat emir
gözünde oky bolsa, gyzyny sähel emgenmezden atyp öldürerdi.
Ol gyzyny bat bilen itdi. Altynjan ýykyldy, ýerinden galjak bolup
howlukmady. Ol kakasynyň gaharlanmasyny halamady. «Men-ä
ýagşylyk isledim» diýip, ol kakasyndan öýkeledi: ýalan dünýäde
ýalan ýaşamaly!
242
3.
Emiriň pikir edişi ýaly, aw biçak ganly boldy: günortana
çenli gaty köp towşandyr keýik, sülgün awladylar.
Sülgünleriň dördüsini Altynjanyň şahyny awlady. Ol şahyny
iki gezekden artyk awa salmaly däldigini bilýärdi. Kakasam oňa
mydama: «Elguşuňy awa köp salma!» diýýärdi.
Bu gün welin, Altynjan göçgünlilik etdi. Şahynyny sekiz-on
gezek awa salyp usurgatdy. Onuň ýanyndakylar her gezek şahyn
dolanyp gelmez öýdüp howatyrlandylar. Megerem, guş eýesiniň
aşa göçgünlidigini aňdy. Her sapar awa salnanda özüniň ökdeli­
gini görkezdi, gaçmady.
Altynjan öten agşam şahynynyň ýanyna baranda ol tebil ta­
pyp, alagykylyk, alapasyrdy edipdi, özem wagty bilen köşeşmändi.
Altynjan elguşuň bu bolşuny bir ýaramaz wakanyň boljakdygynyň
alamaty hasaplap, uzynly gije rahat ýatyp bilmändi.
– Şahynyň öten agşamky bolşy Keski şugul üçin meniň
uruljagymyň alamaty eken – diýip, Altynjan uludan demini aldy.
– Gyzym, sen soňky günler aşa yrymçyl bolupsyň. Sähel za­
da-da biynjalyk bolup ýörsüň.
– Hajar hatyn, siz hak aýdýarsyňyz... – Keniz Hajar hatynyň
ýanyna bardy.
– Hana, towşan gaçyp barýar! – diýip, keniziň ýanyna gel­
megini halamadyk Hajar hatyn gaçyp barýan towşany görkezdi.
Üç zenan gaçyp barýan towşanyň yzyndan at saldy.
Altynjan dessine elguşuny awa saldy.
Şahyn towşany sähel salymda awlady...
Olar Gün günortadan agansoň, oturmak üçin amatly –
odunlak ýerde düşläp, uly ot ýakdylar, aw etlerini çişe düzdüler.
Taýýar çişlikden ilki hana äberdiler. Han ogullary hem
Anuşirwan bilen bile naharlandy.
4.
Iýlip-içilensoň, emir Hajar hatyny, gyzyny, hyzmatkärlerini
düşlegde goýup, ogullary, mirşikäri hemem jandarlary bilen ta­
zyly saýgak awlamaga gitdi.
243
Düşleg boşap galdy. Zenanlar täzeden meýlise başladylar,
iýip-içip, soňundan aýdym aýtdylar.
Gülýüzliniň şeýlebir mylaýym sesi bardy. Oňa birki gezek
«Seniň mylaýym, şirin owazyň bar» diýlensoň, ol gaty yhlaslydy:
aýdym aýtmakda Hajar hatyndyr melikesine gezek berenokdy.
– Gülýüzli, men erkek bolan bolsam, diňe sesiň hatyrasy
üçin seni satyn alardym, soňam naharlanan wagtym saňa aýdym
aýtmagy buýrardym – diýip, Hajar hatyn akgyzyň aýdymlaryny
gözlerini süzüp diňledi.
Oduň başynda uzak oturmak olary irizdi, akgyzyň aýdym­
laram irizdi. Göräýmäge, gowy zat adamy irizmejek ýaly, ýöne
iriz­ýän eken, özem degnaňa deger eken. Oturanlar gezim etme­
gi makul bildiler.
Ejesi hernäçe jöwlan ursa-da, Altynjan possunyny düşlegde
goýup, sährada çyplaň gezim etdi. Birki gezek aşyrym atdy. Soň
ejesiniň gapdalyndan iki eliniň üstünde ýöredi.
– Eliňe tiken bataýmasyn, gyzym – diýip, Hajar hatyn gap­
dalyndan başaşak ýöräp barýan gyzyna aýtdy.
– Meýdanlardaky tikenler maňa batmaýarlar, ene. Batsa,
maňa diňe dil tikeni batar.
5.
Gündogar tarapdan Jeýhunyň kenary bilen bir topar atly
göründi. Altynjanyň ini jigläp gitdi:
Togrul beg!
Hakyt Togrul beg!
Ahyryl-ahyr geldi!
Laçyn bildi, Togrul begiň geljegini!
– Ene, seret, Togrul beg gelýär! – diýip, Altynjan gygyrdy: –
Akgyz, görýärsiňmi?
– Görýärin, melikäm, görýärin. Hakyt şolar! Men aýtdym-a,
Tog­rul beg geler diýip! Gelendir görseň, sen maňa yşanmadyň.
Men aýtdym-a...
Altynjan depä bakan ylgady.
Ol depä çykyp, gelýänleri içgin synlamaga, garaşmaga
durdy.
Atlylar Altynjanyň ýanyna göni gelýärdiler.
245
Hakyt şolar!
– Gyzym, Altynjan, gaýt bärik! – diýip, Hajar hatyn jöwlan
urdy.
– Ene, Togrul beg gelýär. Eşidýärmiň, ene, Muhammet
Togrul beg gelýär!
– Utan, gyzym, utan! Togrul begiň ýanyndakylar näme
diýer, bolup durşuňy görüp?!
– Näme diýseler, şony diýsinler! Men Togrul begiň ýa­
nyndakylar üçin däl-de, onuň özi üçin ýaşaýaryn.
– Eneňe gulak as, gyzym! Derrew gel ýanyma!
Hajar hatynyň sözi alynmady.
Atlylar ýakyn geldi.
Wa daryg-a! Atlylaryň arasynda Muhammet Togrul beg ýog-a!
Wa-hasrat-a! Altynjanyň ejesi dogry aýdan eken-ä!
Weýl-waý, weýla! Altynjanyň yhlasynyň ýüzüne uruldy!
Wa weýleta! Atlylaryň öňüne düşüp gelýän Şamälik emir-ä!
Altynjan Şamäligi öň birki ýola görüpdi. Ol Altynjanyň
kakasy Abdylmälik han bilen gowy gatnaşykdady. Zamahşara
ge­lende kakasy oňa zyýapat ýapypdy, köp-köp engamlar gow­
şurypdy. Kakasy Şamälige ýigrimi sany at hem engam beripdi.
Altynjan ol atlary biçak gowy görýärdi.
Şamälik ýigrimi aty sowgat äkidensoň, Altynjan ony öz ýa­
nyndan ýigrenipdi.
Tebigatyň demi bolan otuz iki görnüşli şemalyň häzirki
öwüsýäni Şamälik emiriň Altynjana imrinmegini isläp, gyzyň
egnindäki eşigini endamyna ýelmeşdirip, beýigini beýik, pesini
pes etjek bolup çalyşýardy. Altynjan çuw-ýalaňaç bolaýanda-da,
hiç kimse şundan artyk zat görüp bilmezdi. Şemalyň hemaýaty
bilen Altynjany kemsiz synlan Şamälik emir bu hoşlaka peýkerkeşmerli gyza syny oturdy. Hakyt imrindi. Hyjuwy hyňzady, ony
bada-bat özüne hatyn edinmegi ýüregine düwdi. Doňan ýaly bo­
lup duran gyzyň ýanyna baryp, onuň hoşmanzarlygyny boýdanbaşa ýene synlady. Ýöne-möne adamyň gyzy däldigini onuň
geýiminden, merdemsi hereketinden aňdy. Şonuň üçinem ony
sen-men ýok atyň syrtyna basmakdan saklandy.
– Eý, sähra perisi! Bu adam-ebdatsyz sarsar meýdanda ýeketenha näme iş edýärsiň? Ýa azaşdyňmy sen?!
246
– Ýok, men azaşamok!
– Onda ýarym ýalaňaç halda nireden çykdyň sen?! Kim sen?
Hany seniň eýäň? Kimiň gyzy bolarsyň?
Altynjan şindem aňk bolup durdy. Ol Şamälik emiriň näme
diýýändigine düşünip bilmedi. Şamälik sowalyny ikinji gezek
gaýtalady:
– Sen kimiň gyzy?! Bu ýerde näme iş edip ýörsüň? Üşäňokmy?
Altynjan merdi-merdana jogap berdi:
– Abdylmälik hanyň gyzy men. Altynjan men.
– Hä, Abdylmälik emiriň, tümenbaşynyň gyzy diýsene. Ol
mertebeli han. Bolubilýär. Ol meniň söwer dostumdyr.
Altynjan atyň üstünde hondanbärsi bolup oturan Şamäligiň
sustuny basmak niýeti bilen:
– Men seljuk begi – Muhammet Togrul begiň nyşany 1 men
– diýdi.
Bu habara Şamälik emiriň bar keýpi gaçdy. Onuň gaşyndaky
sarç keýik birden wagşy ýolbarsa öwrüldi:
– Näme, näme?
– Men seljuk begi – Muhammet Togrul begiň nyşanydyryn,
gelnidirin! Näme, gulagyň kerleçmi?
– Hany Togrul? Nirede ol?
Altynjan Şamäligiň sesine bat bermesini halamady, şonuň
üçin onuň sowalyna jogap berjegem bolmady.
– Nirede ol? Belki, sen meni aldaýansyň? Eger sen Togrulyň
nyşany bolýan bolsaň, onda näme üçin saçyň öňüňde?
– Saçymyň eýesi Muhammet Togrul begdir. Ol näme islese,
şonuň ýaly hem bolar.
– Hany, Togrul?
– Beg hatynyna hasabat bermeýär.
– Wa-hasrat-a, elime ilse, her tikesini kyrk bölek etjek-le
men onuň. Toýumy ýasa öwrenini ömürem unutmaryn men.
Onda meniň arym ýatyr. Arymy almasam, bu dünýäden gözü­
mi açyp giderin. Ol balyk ýaly her sapar elimden sypýar meniň.
Ýöne men ony ir-u-giç tutaryn. Men onuň aşyna şeýlebir awy
gataryn, bütin ömrüne ýadyndan çykmaz. Togruly öldürerin.
Näme üçin Abdylmälik meniň duşmanym bilen guda bolýar?
Näme üçin kynyklara gyz berýär? Abdylmälik oňarmandyr,
247
hiç oňarmandyr – Şamälik biraz içini hümledip durandan soň,
Altynjana ýüzlendi: – Eý, hanyň gyzy, men saňa babaň hatyrasy
üçin hiç zat diýmäýin. Başga bir hanyň gyzy bolan bolsaň, onda
men seni häzir atyň syrtyna basardym.
Altynjan hyrra yzyna öwrüldi-de, düşlege bakan ylgady.
Şamälik emir Altynjanyň yzyndan birmeýdan seredip dur­
dy-da, ýoluny dowam etdirdi.
Düşlege laçyn deýin atylyp gelen Altynjan Gülýüzlä azm urdy:
– Atymy getir!
– Näme boldy, melikäm?
– Atymy getir, atymy!
– Atyňy näme etjek, melikäm?
– Merez etjek, merez! Atymy getir! Gidýäris!
Hajar hatyn gyzynyň bu sözüne ör-gökden geldi:
– Bu näme diýdigiň bolýar, gyzym? Babaň awdan gelýänçä
biz şu ýerde garaşmasak bolmaz. Gitseň, babaň gahary geler.
– Ene, maňa hiç zat diýme. Gitmesem bolmaýar – diýip,
Altynjan ejesini gujaklap hünübirýan aglady. – Meni öldürme­
li, ene, meni öldürmeli. Men seniň pendiňi tutmadym. Hut
şonuň üçinem Hudaý meni jezalandyrdy. Ene, men häzir gi­
deýin. Enesiniň pendini tutmadyk gyzy kerçem-kerçem etmeli.
Meni öldürmeli. Men telek iş etdim. Men häzir giň dünýä sygyp
bilemok. Ene, sen meni golda. Sen meni gora, ene. Özüň bir
çykalga-söz tapyp, babamy köşeşdir.
Hajar hatyn gyzyna belet. Ol gyzynyň atylan okdugyny, bir aý­
dan zadyny – ýalňyş-u-ýalňyş däl – etmese, ynjalyk tapmajakdygyny
bilýär. Şonuň üçin ol gyzyna: «Gitme!» diýip ikinji gezek aýtmady.
Ol eýýäm Akgara atlanan gyzyna nägilelik bilen elguşuny alyp berdi.
6.
Ýolboýy sesini çykarman gidip barşyndan çen tutup, Gül­
ýüzli akgyz Altynjanyň gala baryp, bir ýowuz iş etmekçi bol­
ýandygyny aňdy. Näme etmek isleýärkä? Näme etse-de, eýgilige
bolsun hernä! Gülýüzli gala ýetilýänçä Altynjanyň näme etmek
isleýändigi barada oýlanyp gitdi, ýöne onuň näme etmek is­
leýändigini teý akylyna getirip bilmedi.
248
Akgyzyň tapyp bilmedik tapmaçasynyň çözgüdini şebista­
nyna girensoň, Altynjan aňsatja ýorup berdi.
Şebistanyň içi almanyň ysyndan burk urýardy. Bu ys düýn
tekjede goýlan iki sany almadan gelýän bolmaly. Bişen almanyň
ysyna melul bolan Gülýüzli ýeňil dem aldy.
– Şo gezek Muhammet Togrul begden alyp galan gamçymyz
nirede? – diýip, Altynjan Gülýüzlüden gaharly sorady.
Gülýüzli ýabaly agaçdan asylgy duran gamçyny bikesine
alyp berdi.
Altynjan gamçyny elinde uzak saklaman, Gülýüzliniň öňü­
ne oklap goýberdi:
– Hany, başla!
– Bu näme?
– Näme üçin bolgusyz sorag berýärsiň? Näme, şunuň gam­
çydygyny bileňokmy?
– Bilýärin...
– Onda nä soraýarsyň?
– Men: «Nämäni başlaýyn?» diýip soradym.
– Wa-weýla, saňa aýtmadymmy?
– Nämäni?
– Şu gamçy bilen başda on gezek ýagyrnyma ur. Eger ölme­
sem, biraz wagtdan soň, ýene on gamçy urarsyň. Eger gowşak
ursaň, onda özüňi uraryn.
Gülýüzli Altynjandan her hili hokga garaşsa-da, beýle emre
garaşmandy:
– Çynyňyzmy, melikäm?
– Çynym.
– Degişýän bolaýmaň?
– Ýok, degişme ýadyma düşenok meniň.
– Meniň elim agyr.
– Çydaryn.
– Melikäm, siz özüňize mydama ýowuz daraşýaňyz. Siz
perişde ýaly päk gyz. Sizi urmaga hiç kim dözüp bilmez. Diňe
ýüregi ýok jel­lat, özem batyl jellat urup biler sizi. Ýok, ýok,
ýalňyşdym, olar hem urup bilmez sizi. Siz urulmak üçin dälde, söýülmek, sypalmak üçin, bagra basylmak üçin dörän gyz.
Ýadyňyzdamy, nowruz baýramynda ýigitleriň öňüne gamçy
249
taşladyňyz?! Ýigitleriň birem sizi uran däldir şonda. Sizi urmaga
dözer ýaly däl. Siz – perişde. Ýigitler: «Altynjan, biz seni urup
biljek däl» diýdiler. Näme üçin? Sebäbi siz mähriban! Siz – eziz!
Isleseňiz, meni uruň, ýöne maňa başarmajak zadymy, rehimsiz
erkek kişileriň başarmadyk zadyny buýurmaň.
– Sen başararsyň!
– Menmi? Meniň başarýan zadym ýog-a bu dünýäde. Meniň
ýeke-täk bir başarjak zadym bar häzir?
– Näme?
– Içerä ysy ýaýran almalaryň birini iýmek.
– Hä, alma iýesiň gelýärmi?
– Gelýär öz-ä.
– Alma derek awynyň sapyny iýseň bolmazmy?!
– Ony onçakly halamok.
– Samyrdama-da, eliňe gamçyny al!
Gülýüzli bir gamça, birem Altynjana seretdi. Gamça bakan
bir ädim ätdi:
– Gygyrdyp urubereýinmi?
– Gygyranyma bakma, uruber, uruber!
– On gamçy uraýynmy?
– Hawa, on gamçy ur.
– Gaty ursam näme?
– Gaty ur, ýogsam özüňi uraryn.
– Ýok, meni urmaly bolmarsyňyz. Gözümi ýumup uruber­
sem, nähili bolar?
– Gowy bolar.
– Melikäm, şu ömrümde men hiç kimi urup görmedim.
– Diýmek, ömrüňde birinji hem iň soňky uranyň men bo­
laryn.
– Ýat onda!
– Näme üçin ýataýyn? Dik durkam uruber!
– Ýok, men ýatyryp urmagy gowy görýärin.
– Nirede ýataýyn?
– Tapawudy ýok. Dur, dur, tapawudy bar, gapynyň agzynda
– meniň oturýan ýerimde ýat.
Altynjan Gülýüzliniň oturýan ýerine baryp ýatdy.
– Boldumy?
250
– Melikäm, gözüňi ýum!
– Ýumjak däl.
– Onda urjak däl.
– Ýeri, bolýar – diýip, Altynjan gözlerini ýumdy.
Gülýüzli ýerden göteren gamçysyny elinde bökdürip, meli­
kesine ýüzlendi:
– Meni uran gezekleriň ýadyňdamy?
– Ýok.
– Ýadyňa salaýynmy?
– Ýadyma sal!
– Arkan ýat.
– Nähili ýatamda saňa näme?
– Arkan ýat!
Altynjan bu gezegem boýun sundy:
– Indi nä dursuň? Eý, çişik mekejin. Sen Mansur polada­
nam çişik, pola. Uruber! Eliňe okuma çyksyn hernä.
– Bu sözleri gaharymy getirmek üçin aýdýarsyň. Barybir, saňa
gaharlanyp bilemok, melikäm. Yşan, gara çynym meniň. Urup
bilemok, melikäm. Ýok, ýok, seni urmak – öwlüýäni urmak.
– Samahyllama, ur!
– Ýok, ýok.
– Onda näme üçin meni arkan ýatyrdyň?
Gülýüzli gamçyny alan ýerine oklady:
– Aý, arkan ýatyryp göräýeýin diýdim. «Melikäm Togrul
begiň öňünde nädip ýatarka?» diýip, oýlanyp, göz öňüme geti­
rip bilmän ýördüm.
– Gaharymy getirme!
– Öýüňizden kowuň, gideýin, ýöne başarmajak zadymy
aýtmaň.
– Saňa: «Diňe islän işiňi edersiň, islemedik işiňi etmersiň»
diýlip haçan izin berildi?
– Beýle izin berilmedi.
– Onda näme üçin buýrugymy amal etmän, bolgusyz takal
okaýarsyň?!
– Sen pikir et, men öz melikämi ursam bolmaz-a!
– Dünýädeň iň ýigrenji adam kim?
251
– Siziň öňki sözleriňiz bilen jogap bersem-ä, akyl berýän
adam.
– Akyl bermän, buýrugymy ýerine ýetir!
Gülýüzli işige bakan gönükdi. Altynjan onuň öňüne geçdi:
– Nirä?
– Daşaryk.
– Daşarda nä körüň bar?!
– Köşeşýänçäňiz men daşarda durubereýin.
– Hiç ýerik gitmersiň. Meniň köşeşmegimi isleseň, aýda­
nymy et. Bol!
– Ýok, ýok! Men onuň ýaly gabahat iş edip bilmerin. Şu öm­
rüme hiç kimi urmadym, indem urmaly bolmaýyn.
– Getir onda gamçyny!
– Ynha! – Gülýüzli ýerde ýatan gamçyny alyp, melikesine
gorka-gorka uzatdy. – Urmasaňyz-a gowy boljak. Ýaraman ýat­
sam, özüňiz üçin gowy bolmaz. Siziň ýumuşlaryňyz kän, men
olaryň hemmesine ýetişmeli. Men size gerek ahyryn! Meni ýat­
maly etmäň öz-ä...
Altynjan gamçyny Gülýüzliniň haýsy tarapyndan urjagyny bil­
meýän ýaly, içini hümledip onuň daşyndan bir gezek aýlanyp çykdy.
Sag tarapynda durup, bar güýjüni jemläp, ary köýüp ýatan ýaly ur­
maga başlady. Gamçynyň şuwwuldy sesi ýüregiňi dilip barýar.
– Aý, ene-eý, agyrýar-eý. Waý-waý, ölüp barýaryn-eý. Janym
çykyp barýar-ýeý. Öldüm-eý. Wa hasrat-a, melikäm, urmaň! Me­
likäm, urmaň! Men çydap bilemok. Men siz ýaly çydap bilemoga! Eý, Salyr babam, özüň ýetiş! Gün han atam, özüňden medet!
Bilge babam, özüňden medet! Ýoluňyza bir goýun menden!
Gara çynym, gowy baga bakylan goýun ýoluňyza aýdýaryn. Tiz­
räk ýetişiň, bu dikdüşdi ganjygyň elinden alyň meni! Salyr ba­
bam, size-de bir goýun menden! Ýetişiň! Gün han atam, bir
goýun berjek! Abdylmälik daýy, tizräk gel! Awy soň edäý! Man­
sur daýy, tiz gel! Habyl, gel, Kabyl, gel!
– Kömege gelip ýetişerler öýtseň, biraz puryja bereýin.
– Ýetişerler, enşalla! Eý, Gün han atam, özüňden medet!
Eý, Salyr babam, özüňden medet. Ýoluňyza bir goýun!
– Hany goýnuň?
– Işiň bolmasyn.
252
– Keramatly atalarymyzy aldap otyrmyň? Sen eýýäm üç
goýun bergidar!
– Ýuwaş! Işiň bolmasyn. Seniň demiňden sag-aman sypsam,
üç goýny, eýderin-beýderin, taparyn.
– Eýdip-beýdip goýun gözläp ýörmän meniň aýdanym bilen
boluber!
– Ýok, ýok!
– Onda aýdanymy edýänçäň urjak. Ölýänçäň urjak! «Urma­
ga razy» diýýänçäň urjak! Üç goýnuň hem ardurja gitdi.
Elewräp duran Gülýüzli nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly
çuň oýa batdy. Kem-kemden dogumlandy, biraz arkan gaýyşdy.
Altynjan onuň bu bolşuna geňirgendi.
– Saňa näme bolýar? Kömege geläýdilermi ýa?
Gülýüzli merdemsi jogap berdi:
– Ýok, ýok, men öljek-ýitjek, ýöne gamçyň agyrysyna döz
geljek, özüme erk etjek. Senem Togrulyň öňünde gamça döz
gelip durupdyň. Seniň döz gelen zadyňa, men döz gelmesem
bolmaz. Sebäbi men seniň akgyzyň, men saňa mynasyp akgyz
bolmaly. Men sebäpli saňa gep geläýmesin..
– Ganymy çogdurma meniň!
– Ganyň çogsa, çoguplar geçsin, dökülsin! Gülýüzlüden
saňa mert jogap: urjak däl. Urjak däl! Iň soňky gezegem aý­
daýyn: urjak däl!
– Urarsyň!
– Urmaryn!
– Böke-böke urarsyň!
– Böke-böke urmaryn!
– Men saňa aýdýaryn: ölseňem urarsyň! Ölseňem!
– Ölemsoňmy? Ony entek bilemok, soň aýdaryn!
Altynjanyň gany depesine uran bolarly, gamçylap urmasy
oňa az göründi. Ol bir bökende Gülýüzliniň depesine mündi.
Birmeýdan onuň çem gelen ýerine urdy. Soňam onuň bokurda­
gyndan tutup, bogmaga girişdi.
Gülýüzli özünden gitdi.
Altynjan ýüzi göm-gök bolup ýatan akgyzyna ýigrenç bilen
seretdi, onuň ýerinden turaryna garaşdy. Akgyz uzak garaş­
dyrman özüne geldi, ýerinden turdy:
253
– Urarsyň ýa ölersiň.
– Öldüräý! – diýip, Gülýüzli parahat jogap berdi. – Ganjyk!
Altynjan oňa gözlerini petredip seretdi:
– Saňa näme bolýar?
– Sen meniň üstüme gygyrma! Eşidýärsiňmi, üstüme gygyr­
ma meniň!
– Näme, näme?!
– Näme eşiden bolsaň – şol! Men seniň aýdanyňy etjek däl.
Bolsaň bolupsyň-da han gyzy!
– Onda ölmeli bolarsyň.
– Ölerin! Öljek! Öldür!
– Men saňa mundan artyk çydap bilemok. – Altynjan ýene
gamçyny Gülýüzliniň depesinden yzly-yzyna inderdi. – Öldür­
jek! Öldürjek! Öl!
Gülýüzli agyrydan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökdi,
esli salym doňan dek bolup Altynjana seretdi durdy, birdenem
elewräp ugrady:
– Bolýar, bolýar, men öleýin. Ýazgytdyr bu. Bimahal öl­
meli boldum. Men razy. Men ölmeli boldum. Allatagalanyň
amanadyny yzyna tabşyrýaryn. Men mertlik bilen ölýärin! Men
erkek­lerçe ölýärin! Eý, halaýyk, eý, Babyr, eý, Mansur daýy,
menden razy boluň, hoş galyň! Eý, Babyr, enem menden razy
bolsun! Gyzyň iň soňky deminde seniň adyňy tutup mert öldi
diý. Otagymdaky ýorganlaryň iň aşagyndakynyň ikinji epininde
otuz dirhem pulum bardyr, ony metjide haýyr-yhsan edip beriň.
Hajar hatyn agşam ýatjak wagty guragyryly sag aýagyna ýylanyň
zäherinden edilen melhemi çalmagy ýadyndan çykarmasyn,
her gün ýatjak wagty çalynmasa, peýdasy az bolar.
– Munça edeniňe görä kelemäňem öwür.
– Puryja berseň, öwürjek.
Altynjan puryja berdi, Gülýüzli kybla bakyp kelemesini
okady.
– Başga aýtjak zadyň barmy?
– Rast, öljek bolsam, özüm bilen äkitmäýin, käbir aýtman
ýören zadymy göni ýüzüňe patladyp aýdyp, içimi bir sowadaýyn,
hanyň gyzsumagy! Wa-hasrat-a, gamçynyň yzasy janymy alyp
barýar. Basymrak öläýmesem, çydap bilemok.
254
– Aýdanyň bilen içiň sowaýan bolsa, sowat! Aýt!
– Sen ärsirän, kedisi mawlan 2 ganjyk sen! Eşitdiňmi? Sen
erkek görseň, öňünden ylgap ýörmän, likirbuduňa köz bas!
Köz! Togrul beg saňa: «Mäkiýan horaz» diýip örän dogry aýtdy.
Mäkiýan horaz sen. Gedem sen! Saňa är gerekmi? Ärsiz oňup,
ýaşap bileňokmy? – diýip, Gülýüzli Altynjana symygyny görkez­
di. – Me, saňa är! Enesiniň garşysyna giden ganjyk mertebe tap­
maz, betbagtlyk tapar. Hiç bir är seni ojagynda uzak saklamaz!
Bir aý saklap-saklaman gülberiňi arkaňa atyp goýberer.
– Sen işden boş! Gümüňi çek! Gözüm görmesin seni!
– Giderin. Senden saýak-saýakdyrak kaňkap ýören item
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 16
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.