Latin

Altynjan hatyn I - 17

Total number of words is 3728
Total number of unique words is 2001
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dip gürlemesine gaharlandy, herhal, giňlige saldy. Gyzynyň jo­
gaba garaş­ýandygyny aňyp, kesgitli gürledi:
– Içeri girmän, daş işikde biraz garaş, şonda babaň ýüzüne
seredip, tuwagyňy nätmelidigiňi aňarsyň.
– Men gitdim, onda! Eflatun, yzyma düş!
– Mensiz bolmaz-a.
Altynjan eýýäm kakasynyň otagynyň öňünde durdy. Kakasy
ony içeri çagyrdy.
Ýüzi tuwakly Altynjanyň içeri girenini gören Ahmet Dehis­
tany howlukmaç ýerinden galdy.
Mansur gapynyň sag gapdalynda münder-münder bolup du­
ran zatlaryň içinden üç-dört sany düwünçegi ynaga alyp berdi.
18*
273
Ahmet Dehistany orta ýaşlaryndaky adamdy. Uzyn boýludy,
galjaňdy. Uly peşiniň aşagynda gök gözleri ýyldyrap görünýär­
di. Onuň ýüzüne seredeniňde nazaryň eglenýän zatlar: uly bu­
rundy, inçeden çüri eňekdi, kiçi gök gözdi. Sesi göwresinde­
nem ýogyndy. Şonuň üçin giň otagyň içinde sesi hasam ýogyn
ýaňlandy:
– Melikäm, menden, ilki bilen, merhemetli begimiň dogaýy
salamyny kabul ediň. Togrul begiň jany sag, işi rowaç. Beýik Per­
werdigär begimiň tarapynda bolup, onuň beýik tutumlarynda
mydama ýardam berýär. Begimiziň size bolan aýratyn hyjuwyny,
yhlasyny biz her gün duýýarys. Togrul beg – Hakyň nazar salan
begi. Hakyň nazary düşen adamyň gullugynda bolmak ýeke-täk
dogry ýoldur. Biz öz kyblaýy älemimiziň ýanynda mydama siziň
bolmagyňyzy isleýäris. Biz ähli tutumlarymyzy bir gyra süýşürip,
Hak nazary düşen begimiz Togrul begiň ganatlanmagy – sizi
ýassykdaş edinmegi üçin üýşüp Zamahşara geldik. Özem biz gaty
uly toý taýýarlygy bilen geldik. Niýetimiz bütin Horezmin iline
kyrk gije-gündiz toý bermek. Men ilki Harun Altyndaşyň ýanyna
bardym. Biz onuň bilen gowy aragatnaşyk saklaýarys. Ol biziň
maksadymyz hakda eşidip, çoh şat boldy: «Kyrk gije-gündizläp
ediljek toýuň çykdajysyny özüm çekjek» diýdi. Ýöne Muhammet
Togrul beg muny göwnemedi. Nesip bolsa, toýumyza Harun
Altyndaş hem geler. Harun Altyndaşyň aýtmagyna görä, Jendiň
emiri Şamälik Abdylmälik hanyň Togrul bege gyz bermegini
islemändir, arz edipdir. Harun onuň arzyna gulak asmandyr.
Şamälik bilen pikirdeş bolany, ondan rişwet alany, haýbat at­
mak üçin Zamahşara geleni üçin sahyby Aşyk Garkyny zyndana
atypdyr. Harun Altyndaş öz hökümdarlygyndaky ähli häkimle­
re, emirlere Abdylmälik hanyň toý edýändigi barada habar ýol­
lapdyr, olary toýa çagyrypdyr. Nesip bolsa, uzakdan-ýakyndan
toýa geljek abraýly myhmanlar kän, musulman halklarynda
görlüp-eşidilmedik toý tutarys, enşa! Ähli zat gülala-güllük bo­
lar. Ähli zadyň aladasyny etdik. Biz toý taýýarlygyny görýänçäk,
biziň Alla nazarly beýik begimiz hem ýetip geler. Beýik begimiz
maňa örän wajyp bir tabşyryk berdi. Ol, ynha, şu düwünçekleri
size elin gowşurmagy hem-de isleg-telwasyny beýan etmegi maňa
274
yşandy. Beýik Muhammet Togrul begiň isleg-telwasy şudurki,
ýagny ol öz elin düwen şu düwünçeginiň içinde toý güni siziň
geýnip çykmagyňyzy telwaslan lybaslary, dakynmagyňyzy tel­
waslan zynatlary bar. Ine, bu düwünçegiň içinde ak atlaz mata
bar. Şeýle hem köýnegiň üstünden geýilýän jüpbe eýýäm taýýar.
Ony özümiz tikdirdik. Şeýle hem bu düwünçegiň içinde sap
altyn-göwher bilen bezelen köwüş bar. Şeýle hem başyňyza geý­
mek üçin pöwrize gaşly jyga bar. Muhammet Togrul beg toý
güni, ine, şu düwünçekleriň içindäki lybaslary geýip öňünden
çykmagyňyzy telwaslaýar. Şu lybaslardan başga hiç bir zadyň bol­
maly däldigini gaýtalap-gaýtalap sargyt etdi. Muhammet Togrul
beg üstüňizden bürenjek atynmagyňyzy asla islänok. Höküm­
dar siziň ýüzüňiziň açyk bolmagyny – bagtyňyzyň açyklygynyň
nyşany hasaplaýar. Bu gülýakany bolsa Muhammet beg ýörite
arguwany ýakut 3 bilen bezetdi.
***
Toý taýýarlygy başlandy.
Togrul begiň sargyt edişi boýunça galada uly sadaka beril­
di, Mahmyt Gaznala Gurhan çykyldy.
Altynjan Gawşfinj şäherine Kalbyna jorasynyň – Kalbyna bu
şäheriň häkiminiň ogly Gökhuna durmuşa çykypdy – hemem
Balnäz jorasynyň – Balnäz hem şol şäherde ýaşaýan bezirgene
äre çykypdy – yzyndan çakylykçy ugratdy. Bu şäherde gowy egineşikleri tikýän iki sany ussat tikinçi bardy. Bu tikinçileriň elle­
rinden çykan egin-eşik göreni haýrana goýýardy. Altynjan hem
Muhammet Togrul begi haýrana goýmak isleýärdi. Şonuň üçi­
nem ol joralary Kalbyna bilen Balnäze şol ökde tikinçileri ýan­
lary bilen tizden-tiz alyp gelmegi tabşyrypdy. Joralary onuň ta­
masyny ödediler. Olar ýanlaryna iki däl, üç tikinçi alyp geldiler.
Altynjan hiç kime uky bermedi. Ähli egin-eşik bir gije-gündiziň
dowamynda taýýar bolmaly. Eger geýimler bir gije-gündiziň
dowamynda taýýar bolmasa, onda dünýä gapyşaýjak ýalydy.
Muhammet Togrul beg ertir daň bilen geläýjek ýalydy.
Daňdan eşik taýýar boldy.
275
Geýilmeli egin-eşikler taýýar!
Ýöne Togrul beg gelmedi.
Togrul beg şol günüň ertesem, birigünem gelmedi.
Beg bir aý garaşdyryp geldi.
Onuň ýetip gelýändigini jarçylar habar berdiler.
Altynjan ejesidir akgyzy bilen üçege çykyp, Togrul begiň ýo­
luna bakdy.
Haldan diňiň üstüne çykyp, kim görünse, aşakdakylara ha­
bar berdi.
Gelýän goşunyň yzy üzülenokdy.
Galanyň daş-töweregi Togrul begiň esgerlerinden ýaňa
gyryň daşyna döndi.
Ir ertirden garaňky düşýänçä atlylar geldi.
Uzynly gije hem geldi.
Şol günüň ertesi günortanlar Abdylmälik hana Muhammet
Tog­rul begi garşylamak üçin galadan çykmalydygy aýdyldy.
Duşuşyga tomaşa kylmak üçin Altynjan dagy hem galadan
çykdy.
Altynjan Togrul begiň islegi boýunça geýnipdi. Pah-pah,
Togrul zalywat Altynjana haýsy reňkdäki eşigiň gelişjekdigini
anyk bilipdir: hakykatdan hem bu eşikde Altynjan hasam owa­
dan görünýärdi!
Hiç bir peri-de Altynjan ýaly ýalkym saçan däldir, görenleriň
akyllaryny şeýdip haýrana goýan däldir!
***
Muhammet Togrul beg elleri duz-çörekli zamahşarlylaryň
öňünde atdan düşdi, Abdylmälik hanyň tagamynyň öňünde ýe­
kedyz oturdy. Soňam han bilen gujaklaşyp görüşdi.
– Ol biziň ýanymyza gelmez. Musulmançylykda aýallaryň
ýanyna barmak aýyp hasaplanýar, otparazçylyk ýok indi – diýip,
Hajar hatyn pyşyrdady.
– Dünýäniň ähli ýerinde horazlar birmeňzeş gygyrýar. Mu­
sulmançylykda-da aýalyň ýanyna erkek barmaly. Ähli zady erkek
başlamaly. Ilkinji sözem erkek aýtmaly – diýip, Gülýüzli janykdy.
276
– Erkek ähli ýerde aýalyň ýanyna ilki barmaly, ýöne häzir­
ki ýagdaýda aýyp bolar. Eger häzir Togrul beg ýanymyza gelse,
onda onuň bu bolşuny hiç kim halamaz.
Gülýüzli Hajar hatynyň pikirini oňlamady:
– O näme üçin: «Hiç kim halamaz» diýýärsiňiz? Siz hala­
marsyňyzmy? Ýa Altynjan halamazmy? Halar, menem halaryn.
Togrul beg geler!
– Ol bu ýerden üç mil 4 uzaklykda açyk meýdanda düşläpdir
diýýärler – diýip, Altynjan hiç kimiň garaşmadyk sözüni aýtdy.
– Men aýtdym-a: «Togrul beg dolup-daşyp geler» diýip. Siz
maňa ynanmajak bolduňyz. Men aýtdym-a... – diýip, Gülýüzli
ýaňy joşup söze başlapdy welin:
– Akgyz, bir pursat saklan! – diýip, Hajar hatyn ony sak­lady,
boýnundaky monjugy çözüp alyp, oňa uzatdy: – Me, al!
– Wiý-weýla, näme üçin?
– Gülýüzlim, şu monjugy men saňa hedýe bereýin.
– Bu gaty gymmat ahyryn. Togrul begiň melikämize hedýe
ýol­lan gülýakasy ýaly, arguwany ýakutdan ahyryn bu!
– Gymmadam bolsa, nämeden ýasalanam bolsa, men muny
saňa berýärin, ýöne meniň bir şertimi bitir.
– Men ähli şertiňizi bitirerin, hatyn.
– Meniň islegim – şu gün seniň gürlemezligiň.
– Isleseňiz, men erte-de gürlemerin, çydaryn!
– Gaýrat et! Altynjanyň kejebesi gidýänçä gürlemeseň bol­
ýar, soň gürläber.
– Bary-ýogy bir günmi? Iki günem geplemerin, kejebe gid­
ýänçä geplemerin. Meni indi urubam gepledip bilmersiňiz.
Men gaty hötjetdirin.
– Gülýüzli, getir men enemiň beren rişwedini dakyp be­
reýin – diýip, Altynjan monjugy aldy-da, akgyzyň boýnundan
dakdy: – Gutly bolsun!
– Rişwetmi bu?!
– Eýsem näme. Geplemezligiň üçin berlen rişwet.
Gülýüzli eli bilen agzyny ýapyp, Hajar hatyna, Altynjana
gaýta-gaýta minnetdarlyk bildirip, baş atdy. Dymybam gazanç
edip bolýan eken.
277
– Togrul begiň ynagy aýdypdyr: «Toýdan soň gyzyňyz Ny­
şapurda ýaşar» diýip. Sen bir göz öňüne getirip gör. Owadan
köşkde Togrul begiň gapdaljygynda oturarsyň. Başga döw­
letleriň begleridir hanlary gelip, size gymmatbaha engamlaryny
gowşurarlar, döwletleriňiziň, mertebäňiziň artyk bolmagyny di­
leg ederler...
Gürlemezlik Gülýüzlä müşgil bolmajak ýalydy, ýöne beýle
däl eken. Gürlemegiň gadyryny bilmän ýör eken ol, dünýäň ähli
lezzeti, dünýäň ähli eşreti islän sözüňi aýdyp bilmekde eken, ak­
gyzda eýýäm geplemek islegi döredi, zerurlyga öwrüldi ol islegi,
aňyna gelen pikiri nädip içinde öldürsin ol?!
Onuň şeýlebir gürläsi geldi, şeýlebir gürläsi geldi! Iň bärkisi,
gymmatbahaly monjukly bolandygynam, begenýändiginem hiç
kime aýtmaly dälmi?! Muny aýdaňda näme zyýany bar? Eý, Hudaý,
munam aýtmaly dälmi? Beýle-de bir jeza boljak eken. Men ýaman
gürrüň edemog-a?! Ählisiniň hoşuna geljek sözleri aýdýaryn men.
Oňa monjuk gerek däl. Näme etsin ol bu mahal monjugy?
Gülýüzli Hajar hatynyň ýüzüne: «Meni aldapsyň» diýen te­
rizde öwran-öwran seretdi, ýöne hatyn ony görmedikden boldy.
Ol hatyna: «Mekir mekejin, monjugyň çüýresin» diýip, içinden
sögdi, şeýlebir gürlemek isledi. Ol-a bir arguwany ýakutdan ýa­
salan monjuk eken, bu mahal ýekeje sözi aýtmagyň hatyrasyna
ähli bukjasyny bermeli bolsa-da berjek ol!
«Geplemezlikden Hudaý saklasyn! Lal adamlar nädip gür­
lemän oňýarkalar! Eý, Hudaý, lal etmändigiň üçin kän-kän alkyş
saňa!»
Gülýüzli Hajar hatyndan beýle ýowuz aldawa garaşmandy.
«Men Hajar hatyna hiç wagt ýamanlyk etmedim-ä. Gaýtam, men
onuň guragyryly aýagyny owkalap berýärin. Ol bolsa hiç zat ýok
ýerden meni gürlemesiz etdi goýdy. Eý, Hudaý, men oňa näme
ýamanlyk etdimkäm?!»
Gülýüzliniň gürläsi gelip içini it ýyrtyp ugrady, ol düşnüksiz
bir hereketler etdi. Nämedir bir zady düşündirjek bolýar ol gör­
güli. Gürlemänsoň, hiç kim oňa seredenogam. Ol içi-içine syg­
man, aýagyny tapyrdatdy.
278
Akgyzyň ýer depip, böküp durmasyny geňlän Altynjan
oňa syrly seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi,
duşuşygyň geçen ýerine seretmesini dowam etdirdi.
Gülýüzli ýene böküp ýer depdi. Altynjanyň böwrüne öwranöwran hürsekledi.
– Öldürýäň, böwrümi deşdiň, gyz, saňa näme bolýar? Näme
üçin ýer depýärsiň? Ýerde bir zat barmy? – diýip, Altynjan onuň
bolşuna geňirgendi. – Raks oýnalymy? Häzir raks oýnasak
gelşiksiz bolar.
Gülýüzli özüni görkezip, ellerini ýokary galdyrdy.
– Asmana uçjakmy?
Keniz başyny ýaýkady.
– Onda näme? Bürgüt barmy? Bürgütden gut dilälimi?!
Akgyz başyny ýaýkap, güňleç ses etdi.
– Diliňden ary çakdymy?
– Ýok, ýok – diýip, Gülýüzli haşşyldady. Boýnundaky mon­
jugyna elini ýetirdi. (Wah, ol iki oduň arasynda galdy: monjugy
beresi gelenok, ýöne şeýlebir gürläsi gelýär, şeýlebir gürläsi
gelýär!) – Hajar hatyn, men ýekeje gezek gürläýin. Soň gürlejek
däl. Ölýänem bolsam gürlemerin.
– Ýeke gezek gürläniň zyýany ýok.
– Näme aýtmak isleýärsiň? – diýip, Altynjan towsaryp seretdi.
– Wiý-weýla, ýadymdan çykdy.
– Ýalan aýtjak bolansyň, sebäbi ýalan söz tiz ýatdan çykýar.
– Wiý-weýla, ýadyma düşdi.
– Näme?
– Aý, ýok, aýtjak däl!
– Aýt, aýt!
– Nyşapur näçe günlük ýolka?
– Bar aýtjagyňam şu sözmi?
– Ýok. Başga-da aýtjak sözüm kän... Men bir zad-a bilýärin
– Gülýüzli howlukmaç ýuwdundy. Özünden nämäni bilýändi­
gini sorarlaryna garaşdy, ýöne ondan Altynjanam, Hajar hatyn
hem hiç zat soramady. Gülýüzli olaryň soramandygy üçin öýke
etjek bolup durmady. Ýüregindäkini aýtmasa boljak däl, şonuň
279
üçinem aýtdy. – Men bir zad-a anyk bilýärin. Aýt diýseňiz, aý­
daýyn. Mensiz içiň gysyp ölersiň. «Gülýüzli dogry aýdýan eken»
diýersiň. «Gülýüzli öňdengörüji eken» diýersiň... Melikäm,
seniň geljegiň geldi. Sen bu gün geljek atly bedewe atlanýarsyň.
Bu bedewiň üstünde men seniň älemi haýrana goýjakdygyňa
ynanýaryn. Bürgüt bir ganat bilen uçup bilmeýär. Seniň bir
ganatyň mendirin, melikäm...
On üçünji hekaýat
DEPEGEN SYRTYNY
SÜSEGEN ÝYRTAR
H
Toý başlandy
arun Altyndaşyň toýa gatnaşjakdygyny eşidip, şalygyň
iň çet etraplaryndanam gelipdiler.
Abdylmälik hanyň dosty-ýarlary toýa dolup-daşyp geldiler,
köp-köp engam-hedýe getirdiler.
Janahyr halwaçy bir süri dowary bir çopany, iki çolugy bilen
toýa sowgat getirdi, Altynjana altyn ýüzük berdi. Gaty üýtgeşik,
owadan ýüzük. Bu ýüzügi hytaý zergärleri ýasapdyrlar.
Halwaçy toýa maşgalasy bilen geldi, onuň ýanynda üç ha­
tyny, ondan gowrak ogul-gyzy bardy.
– Abdylmälik, men seniň toýuňa öýiçi geldim – diýip, Jana­
hyr halwaçy göçgünli aýtdy. – Ikimiz ýaşlykdan bäri doganlarça
gatnaşýarys. Seniň toýuň – meniň toýum, meniň toýum – seniň
toýuň. Arada aramyza sowuklyk, töhmet düşjek boldy. Hernä,
onuň geçdigi bolsun! Aramyza düşse, diňe mähribanlyk düşsün,
aramyza garyndaşlyk düşsün. Meniň ýetişip ugran bir gyzym
bar, şol gyzymy saňa berip, dostluk gatnaşygymyzy garyndaşlyk
gatnaşygyna öwürmek isleýärin. Ýadyňda bolsa, maňa Tümen
begiň göwni gararypdy. Päkligimiň alamaty hökmünde gyzym
281
Tümen begiň oglunyň gelni bolsa, göwnüm has rahatlyk tapjak.
– Janahyr halwaçy on iki-on üç ýaşlaryndaky bir hoşlaka gyzjaga­
zy hanyň ýanyna getirdi.
Gyza göwni ýeten han:
– Hany, Anuşirwan?! – diýip, töweregine garanjaklady.
– Baba (Anuşirwan ekizler deýin Abdylmälik hana «baba»
diýip ýüzlenýärdi, han hem ony ogullaryndan aýry tutmaýardy,
oňa: «Oglum» diýýärdi), men bärde! – diýip, Anuşirwan hanyň
huzuryna ýylgyrjaklap geldi.
– Hany, şu gyzy synla!
Anuşirwan garşysynda duran on iki-on üç ýaşlaryndaky gyz­
jagazy ünsli synlady, eýjejik, inçesagt, ak ýüzli, ýuka dodakly, gür
galam gaşly, uly ala gözleri mähirden doly, näzli bakyşly gyzy
gören dessine halady. Asyl, ilkinji bakyş ýaş juwanyň kalbynda
harasat gopdurdy:
– Adyň näme?
– Göwheraý.
– Baba, synladym.
– Seni şu gyza öýeräýeli?!
– Men doganlarym Habyl bilen Kabyldan soň öýlenmeli.
Anuşirwanyň bu sözüni Göwheraý halamady, ol gözýaş
döküp ugrady.
– Göwheraý, näme üçin aglaýarsyň?
– Meni halamadyň.
Anyşirwan Göwheraýyň elinden şapba tutup, Abdylmälik
hana ýüzlendi:
– Baba, bu gyz diňe meniňki bolmaly!
– Razdan, men seniň çagalaryňdaky şu çürt-kesikligi ha­
laýaryn – diýip, Janahyr halwaçy hana aýtdy, Anuşirwanyň
başyny sypady.
Abdylmälik han «loh-lohlap» güldi.
– Ýör, men seni walydama görkezeýin – diýip, Anuşirwan
Göwheraýyň elinden tutup, hareme bakan ugrady.
– Men Altynjan melike hakda köp eşitdim, ýöne özüni
welin, ýekeje gezegem görmedim.
– Häzir görersiň – Anuşirwan hareme baryp, Altynjanyň
şebistanyna kürsäp girdi. – Walydam, bilýärmiň, men seniň ýanyňa
kimi getirdim?!
282
Altynjan Gülýüzlä nämedir bir zatlary tabşyryp dur eken.
Anuşirwanyň sözlerinden soň ol Göwheraýy hyrydar gözleri bi­
len synlady, gyzjagaza göwni ýetdi.
– Bu göwheri sen jennetiň haýsy bagyndan tapdyň?
– Haladyňmy?!
– Haladym, daýy, haladym. Bu gyz saňa yhlasly, wepaly bolar.
– Meniň üçin iň esasy zat seniň halanlygyň, käbäm.
– Mertebede ömri-deraz ýaşaň! – diýip, Altynjan Göwheraýyň
ýüzünden, eginlerinden sypady. – Sen kimiň gyzy?!
– Men Janahyr Geçdekiniň gyzy.
Altynjan bu söze boz-ýaz boldy:
– Näme diýdiň?
– Men Janahyr Geçdekiniň gyzy.
– Lalam, näme üçin geňirgendiň? Babam bilen aralarynda
bolup geçen düşünişmezlik üçinmi? Bu hakda ýaňy Janahyr
halwaçy-da aýtdy.
– Näme diýdi?
– Ol: «Arada aramyza sowuklyk, töhmet düşjek boldy.
Ýadyňda bolsa, Tümen begiň maňa göwni garaldy. Päkligimiň
alamaty hökmünde gyzym Göwheraý Tümen begiň oglunyň
gelni bolsa, göwnüm has rahatlyk tapjak» diýdi.
Altynjan dymdy, janperwer keşmerindäki ýylgyryş aýryldy.
– Lalam, saňa näme boldy?
– Daýy, babaň Janahyr halwaçyny halanokdy ahyryn.
– Men-ä size düşünýän däldirin. Eger Janahyr halwaçy haky­
katdan hem babamyň duşmany bolan bolsa, onda näme üçin
onuň bilen egana gatnaşýarsyňyz? Näme üçin ondan bir süri do­
war hedýe alýarsyňyz? Onda näme üçin sen onuň gymmatbaha
ýüzük hedýesini aldyň?
– Men babamyň islegini amal etdim.
– Indi näme üçin onda babamyň islegine garşy çykýarsyň?
Göwheraý aglap gapa bakan gönükdi:
– Göwheraý, saklan. Men seni hiç kime bermerin. Sen
meniňki bolarsyň – diýip, Anuşirwan Göwheraýy elinden çekip
saklady. – Käbäm, menden hiç zat ýaşyrma. Maňa açyk jogap ber.
– Men senden hiç zat ýaşyramok.
283
– Babamyň betbagtçylyga uçramagynda, wepatynda Jana­
hyr Geçdekiniň eli barmy?
– Ýok.
– Onda näme üçin meni bu gyzdan mahrum etjek bolýarsyň?
– Daýym Janahyr Geçdekini ýigrenýärdi, Anuşirwan.
– Babam kimdir biriniň gepine gidip, Göwheraýyň babasy­
na zulum etdi: öýüni kelete etdi, otlady. – Anuşirwan sesine bi­
raz bat berdi: – Şeýle-de bolsa, Göwheraýyň babasy geçirimlilik
etdi, babamy ýamanlap, Harun hökümdara arz etmedi. Eger ol
arz eden bolsa, biziň günümiz hasam erbetleşerdi.
– Bu pikiri saňa Janahyr Geçdeki aýtdymy?
– Kim aýdanda, näme?
– Kim aýtdy?
– Göwheraýyň babasy.
– Düşnükli.
– Näme düşnükli? Meniň üçin-ä düşnükli zat ýok.
– Anuşirwan, daýym Janahyr Geçdekini özüne duşman
hasap­laýardy. Ol göründe rahat ýatsyn ahyryn!
– Sen häzir bilgeşleýinden kejirlik edýärsiň, käbäm.
– Ýok, men kejirlik edemok, men seniň düşünmegiňi is­
leýärin.
– Men nämä düşünmeli? Babamyň ýalňyşandygynamy?
Onuň ýalňyşandygyny özüň menden gowy bilýärsiň!
– Anuşirwan, gaýtalap aýdýaryn. Hossarlar ýalňyşmaýarlar.
Ikimiz üçin iň esasy zat seniň babaňyň, meniň daýymyň näme
pikir edendigi. Onuň eden pikiri – ikimiz üçin iň möhüm zat.
Hossarlar mydama – gaýtalap aýdýaryn – hossarlar mydama
hakdyrlar. Ölmezinden burun Tümen beg haýsy pikire gulluk
eden bolsa, sen ogul hökmünde, men ýegen hökmünde şol
pikire gulluk etmelidiris. Pikiriň ýalňyşdygyny bilseňem, ogul
hökmünde ol pikire: «Ýalňyş pikir» diýmäge seniň hakyň ýok,
meniň hem ýegen hökmünde hakym ýok.
– Onda näme üçin: «Daýymy öldüren ganhor» diýip, ýigre­
nen duşmanyňa – Togrul bege äre çykmaga şaýlanýarsyň?!
Altynjanyň bu sowala jogaby taýýardy, ýöne ol köp manyly
dymdy.
284
***
Keski Kelew toýa iki ýüz meşik şerap getirdi.
– Goý, toý güni içilsin, göwün açylsyn – diýip, Keski Kelew
dabaraly aýtdy.
Emir oňa minnetdarlyk bildirdi, saçak başyna çagyrdy.
Onuň bu tarhandökerligini Janahyr Geçdeki halamady, emiri
kesä çekdi:
– Doganym, sen göwnüňe hiç zat getirme, ýöne men içki
howsalamy saňa aýtmasam, rahat gezip biljek däl.
– Näme boldy?
– Enteg-ä bolan zat ýok, ýöne bolmagyndan gorkýaryn.
– Nämäniň bolmagyndan?
– Keski han – gowy han, ýöne onuň bolşy, ýüz düýe şerap
getirmegi maňa gaty syrly görünýär. Ol, göwnüme bolmasa, bir
ýowuz iş gaýyrmakçy bolýan ýaly görünýär.
– Näme?
– Hudaý saklasyn, Hudaý saklasyn. Meniň göwnüme herki
zatlar gelýär.
– Şeraplar zäherlidir öýdýärsiňmi?
– Belki, zäherlidir... Herhal, toý geçýänçä şeraplary buky
ýerde saklaly.
– Goý, seniň diýeniň bolsun!
***
Iki ýüz gassap aldygyna mal soýdy.
Seljuk begleri sawçylyga gelenlerinde giň howlynyň içine
düşäp çykan halylaryny meýlisden soň goýup gidipdiler, şol
halylar ýene howlynyň içine ýazyldy.
Beýle toýlar günde-günaşa bolup duranok. Şeýle bolansoň,
toýa gatnaşmaga Jeýhunyň iki tarapyndanam köp adam geldi. Go­
laý-goltumdaky obalaryň adamlarynyň-a tas ählisi diýen ýaly geldi.
Toý galanyň içinde-de, daşynda-da tutuldy.
Dogrusy, toýuň ulusy galanyň daşyndady. Aýdym-saz belent­
den ýaňlanýardy.
Uzynly gije aýdym-sazyň sesi ýatmady. Rakys oýnaldy.
285
Asyl zamahşarlylar toýa suwsap giden ekenler: olar gije ýat­
malydygynam ýatlaryndan çykardylar.
Gijeki rakslar, aýdym-sazlar toý gününiň aýdym-sazy, raksy
bilen utgaşyp gitdi.
Beýle toý soltan Hysrow Anuşirwan Adylda-da, Nuh Sama­
nyda-da, soltan Mahmyt Gaznalyda-da bolan däldir.
Bu mahal ähli kişi toý toýlaýardy, ýöne Altynjan şebista­
nyndan çykman çugutdyryp otyrdy.
Indi Zamahşardan gitmeli.
Altynjan ýany bilen alyp gitjek zatlary barada köp oýlandy.
Togrul begden galan gamçyny alyp gitmelimi?
Gelşiksiz bolaýmasyn?!
Altynjan gamçyny teblehananyň demirgazyk tarapyndaky
sütü­niň düýbüne gömdi.
Onuň Zamahşarda galdyrýan zady diňe bir gamçy däldi.
Tümen daýysynyň beren baýlyklary-da galmaly bolar. Bir
sähetli güni – eger ol gerek bolsa – Togrul beg bilen gelip, bilelik­
de alyp gider. Bu meseläni, goý, Togrul beg çözsün! Belki, göm­
len baýlygy Anuşirwana başybitin berer?! Muny wagt salgy berer.
Hoş gal, Zamahşar!
Hoş galyň, mähribanlarym!
***
Iki hili ýagdaýda: bir-ä agyr günde, birem mes gününde
kimiň-kimdigi tanalýar.
Altynjanyň toýy Haldana ezýet berýär: ol hyýalynda ezizläp
ýören gyzyny bu gün durmuşa çykarýar. Şu günden başlap, oňa
Altynjany görme ýok. Eýýäm ýüregi sogrulyp gidip barýan ýaly
bolup dur, onuň göwnüne. Altynjan Zamahşardan gitse, belki,
onuň üçin gowy bolar?! Parahat durmuşda ýaşar.
Onuň aňynda köwsar urýan ugur-utgasyz pikirler kändi, juda
kändi. «Erkekler aglamaly däl» diýýärler. Onuň welin, bagyrypbagyryp aglasy gelýär, kimdir biri bilen raz aýdyşasy gelýär.
Ol mes bolup, raks oýnady. Lüti çykýança oýnady. Soňam
gidip ýatmagy makul bildi.
286
Hana, çiltenler hyzmat edip ýör. Olara birpaýyz syn eden
Haldanyň myrryhy atlandy. Ol çiltenleriň onbaşylary Çyrlak bi­
len Ýatmazy ýanyna çagyrdy.
– Men näçe ýaşymda?
– Sen ýigrimi bäş ýaşyňda – diýip, Çyrlak ýylgyrjaklady.
– Sen näçe ýaşyňda?
– Menmi? On sekiz ýaşymda.
– Sen näçe ýaşyňda? – diýip, Haldan Ýatmazyň döşüne
süýem barmagyny dürtdi.
– Men Çyrlak bilen gözlüje ýaşyt.
– Altynjan näçe ýaşynda?
– Melikämizmi? Ol biziň bilen gözlüje ýaşyt.
– Çyrlak beg, sen Altynjana indi «melikämiz» diýme. Şu
günden başlap, ol siziň melikäňiz däl. Ýörüň, derýa gidip,
peşlerimizi oklalyň.
– Peşiňi derýaga näme üçin oklajak, Haldan?
– Wa-weýla, şonuň sebäbini-de bileňokmy, Ýatmaz beg?
– Bilemok-da şony, Haldan han.
– Zamahşarda erkegiň ýoklugy üçin peşlerimizi oklalyň.
– Sen erkek dälmi?
– Men erkek däl. Mendenem bir erkek bolarmy? Men içi
boş töňňe. – Haldan Ýatmaz bilen Çyrlagyň ellerinden çekdi. –
Ýörüň, gidip aglalyň. Ählimiz jem bolup aglasak, gözýaşymyzdan
ikinji Jeýhun derýasy dörär. Biz döreden derýamyz bilen Ür­
genji suwa gark edeliň! Gypjak düzüni gözýaşymyza gark edeliň.
– Haldan han, saňa näme bolýar? – diýip, Çyrlak Haldanyň
bolşuna, diýýän sözlerine geň galdy.
– Sen maňa jogap ber, Çyrlak beg! Sen Oguz hanyň haýsy
oglunyň nesebinden?
– Biziň ählimiz Gün hanyň Gaýa diýen oglundan.
– Oguz hanyň wesýeti boýunça Gün hanyň ogullarynyň bor­
jy näme?
– Ähli Oguz neberesine patyşalyk etmek.
– Oguz hanyň Deňiz diýen oglundan bolanlaryň borjy näme?
– Patyşanyň hyzmatynda bolmak.
– Olaryň patyşa gyzyna öýlenmäge hukugy barmydyr?
287
– Ýokdur.
– Oguz hanyň Gün han, Aý han, Ýyldyz han ogullary – ylahy
ogullar. Olar ýurda patyşalyk, ýolbaşçylyk etmeli. Oguz hanyň
Gök han, Dag han, Deňiz han ogullary – zemini ogullar. Olar –
patyşalaryň, hanlaryň, begleriň, ýolbaşçylaryň hyzmatynda dur­
maly ogullar. Olar mal bakmaly, suw çekmeli. Nahar bişirmeli.
– Eý, Eflatun han, hany, açyk gürlesene! Maňa şu mahal
boş takal gerek däl – diýip, Ýatmaz Haldanyň üstüne azgyryldy.
– Hany, onda aýt, şu gün kim-kime hyzmat etdi?
– Bes et, Haldan! – diýip, Çyrlak hem Ýatmazy goldady.
– Biz pederlerimize hyýanat edýäris. Pederlerimiz biziň
günämizi geçmez. Patyşa hyzmatkärine hyzmat etdi şu gün.
– Bar, git-de ýat! Toýy bulaşdyrjak bolma.
– Haldan bilmeýändir öýdüp ýalňyşýarsyňyz. Men hem­
me zady bilýärin: sizler – çiltenler – Altynjanyň aşyklary. Siziň
eliňizden Altynjany Oguzyň hyzmatkär bolmaly ogly alyp gid­
ýär. Siz hyzmatkäre hyzmat edýärsiňiz. Ediberiň! Ediberiň! Se­
bäbi Zamahşarda erkek ýok. Gün kowumynda erkek ýok. Indi
Deňiz kowumy hökümdar bolar. Çiltenler – binamyslar! Siziň
baryňyz binamys! Siz hyzmat...
Haldanyň aýtjak zady kändi. Ol ýaňy bat alyp ugrapdy. Çyr­
lak bilen Ýatmaz ony şeýlebir ýepbeklediler welin, ol soň asyl
geplejek bolmady. Ýerde parahat ýatyr. Çiltenler ony ýerine el­
tip ýatyryp gaýtdylar.
Dünýäni unudyp, myrlap ýatyr ol.
***
Kejebe geldi.
Üç sany äpet pil! Olar altyn-kümşe bezelipdir.
Salar Gazanyň: «Gerekli zadyň agramy bolmaz» diýeni
dogry eken. Seljuk gelinleri Altynjany emgenmän göterip pile
mündürdiler.
Piliň üsti Akgaryň üstündenem rahat eken. Sallançak çalaja
hüwdüleýän ýaly duýulýar.
Altynjan ömründe pile münüp görmändi. Ol bäş-on ýaşlaryn­
daka Arsahuşmisen şäherinde ilkinji gezek pili görüpdi. Şonda ol-a:
«Pile münjek» diýip, Sadylla bolsa piliň ýakynyna barmakdan gor­
288
kup aglapdy. Sadyllanyň gorkandygy üçin Altynjany pile mündür­
mändiler. Sadylla gorkmadyk bolanda olar pile münäýmelidiler.
Çagalygynda eden arzuwyna ol, gör, bu gün ýetdi.
Altynjan özüni piliň üstünde oňaýsyz duýdy. Hana, Tog­
rulyň gelnejeleri ylla piliň üstünde önüp-ösen ýaly, gaty arkaýyn
otyrlar. «Jykyr-da-jykyr» gülüşýärler.
Eltileriniň şadyýanlygy Altynjanyň hoşuna geldi. Yslamdan
öň durmuşa çykýan gelni birkemsiz bezelen saý ata mündürip
äkidipdirler. Indi pile, düýä mündürip äkidip ugradylar. Oguz
dessury üýtgäp barýar. Ýigit bilen gelniň alma atyşmasy-da
galaňkyrlady.
Pil ýöräp barýar welin, äpet bir öý süýşüp barýan ýaly.
Altynjanyň göwnüne, dünýäniň ähli adamy kejebäniň iki
ýanyna jemlenen ýalydy, sap-sap goşunyň hem aňyrsyna-bärsine
göz ýetenokdy.
Altynjan ýuwaş-ýuwaş öwrenişdi. Töweregine garandy. Ilkin­
ji gören eltisiniň ady Gyzbibidi. Maňyzly-maýaly hatyn Altynjany
sypap-sermäp jigerine salaýjak bolýar. Özem geplände «jigerim»
diýip ýüzlenýär, çekinmezligi öwran-öwran ündeýär. Özüniň gap­
dalynda boljakdygyny, hemaýat etjekdigini nygtaýar. Altynjan bu
gelni öň iki gezek gördi. Birinji gezek Togrul begi öldürmek niýeti
bilen Gauhora baranda bu gelin oňa gorküýzeden buz ýaly gymyz
guýup berdi! Altynjan Gyzbibini ikinji gezek gudaçylyga gelende
görüpdi, ol şol wagtam häzirkisi ýaly mähribandy, hoşmanzardy,
gujaklaşypdy. Olar köne joralar deýin ýene gujaklaşdylar.
Gyzbibiniň hoşamaýdan hoşamaý sözleri, hoşmanzarlygy Altyn­
jany rahatlandyrdy. Ýogsam ol başda aşa howsala düşüpdi, baran
ýerinde nämeleriň boljakdygyny, nähili ýaşajakdygyny takyk bil­
meýärdi. Gyzbibi bolsa oňa howlukman, ähli etmeli zatlaryny – pil
düşlege baryp duransoň, ýere nädip düşmelidigini, ýere ilki haýsy
aýagyňy basmalydygyny, onsoň nähili ýörmelidigini, Togrulyň ýa­
nyna baransoň nämeleriň boljakdygyny birin-birin düşündirýärdi.
Gyzbibi Altynjanyň egnindäki ähli eşigini çykaryp, galyň
içki kürtekçe geýdirdi.
– Siz maňa nähili içki geýdirdiňiz? Ol gaharlanar – diýip,
Altynjan garşy çykdy. – Ol «Öz iberen zatlarymdan başga hiç bir
zat geýmesin» diýipdir-ä.
19*
289
– Gorkma, jigerim, gorkma. Içki eşigiňi gerdege 1
gireniňden soň aýrarys. Özümiz maşşate 2 bolarys saňa.
– Maňa näme üçin içki kürtekçe geýdirýärsiňiz? Ol gam­
çylanda agyrmasyn diýipmi? Onuň ýaly bolsa, gerek däl. Men
gamçydan gorkamok.
– Ýok, ýok, onuň üçin däl. Bu häki bir kynyk yrymy. Biz Togrul
begden izinsiz hiç iş etmeýäris. Diňe onuň buýran zatlaryny edýäris.
– Içki kürtekçe geýmegimi-de ol tabşyrdymy?
– Onuň yradasy bolmasa, saňa el degrip bilmeris ahyry biz.
Kejebäniň içi daşardan görnenokdy. Daşaryny synlajak
bolsaň, tutyny syryp seretmelidi. Ýöne piliň üstünde uzak otur­
maly bolmady.
Üç mil geçilip, Muhammet Togrul begiň düşlän düşlegine
baryldy.
Adamyň köpi bu ýerde eken.
Surnaýdyr kernaýlar çalynýardy.
Süýjüden süýji sazlara göwünleri joşýan kişiler towsuşyp
raks oýnaýardylar.
Uly şowhun, uly dabara bilen Altynjany pilden düşürdiler.
Ol özbaşdak ýeke ädimem ätmeli bolmady. Ähli ätmeli ädi­
mini Gyzbibi öwretdi.
***
Giden mähelle!
Ähli kişi tomaşa görjek!
Ähli kişi Togrul begiň bikir nyşanlysyny görjek!
Ähli kişi gelniň garşylanyşyny görjek!
Ähli kişi Muhammet Togrul begiň gelnini gamçylap urşuny
görjek!
Altynjanyň her tarapynda bir eltisi ýöräp barýardy. Olar esli
aralygy bile ýöränlerinden soň, birki ädim yza çekildiler.
Indi Altynjanyň ýeke özi ýöremelidi.
Altynjanyň iki tarapy adamlardan ýaňa myg berýärdi. Onuň
ýöreýän ýoluna haly düşelipdi. Halynyň üstem durşuna güldi.
Her hili owadan güller. Nisar dessury 3 boýunça Altynjanyň
ýörejek ýoluna, üstüne gül seçeleýärdiler.
291
Bir seljuk begi (Kelan Baýgu) Altynjanyň üstünden dinar se­
çeleýär. Adamlar ol dinarlary ýere ýetip-ýetmänkä garbap alýarlar.
Sazyň sesi kesildi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 18
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.