Latin

Altynjan hatyn I - 10

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 1951
30.2 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
men! Men senden gut dileýärin. Bir günlük ömür berseňem,
mertebeli ömür ber. Näme berseň, Altynjana ber. Goý, uýamyz
maksadyna ýetsin.
– Wiý, Habyl, näme üçin beýle diýýärsiň? – diýip, Altynjan
geňirgendi.
– Altynjan, men munuň ýaly zatlara ynanmaýaryn.
Altynjan Habylyň mynajatyna üns bermän, özi guşa ýene
dileg etdi:
– Eý, guş, ber gut. Ber gut! Mertebe ber! Şöhrat ber! Tü­
men daýymyň aryny almaga daldaw ber! Hökmürowanlyk ber!
Saglyk ber!
Altynjan Haldanyň mölterilip seredip durşuny halamady,
azmly buýurdy:
– Bar, derwezäni ýap!
Haldan bu söze garaşmadyk bolarly, tisginip gitdi, ellerini
hereketlendirip, nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, sakawlady:
– Näme üçin? Neme-eý?! Häzir Abdylmälik han gelýär. Ol:
«Derweze açyk dursun» diýdi.
– O näme üçin ýalan sözleýärsiň? Ýogsa-da sen näme üçin
topardan galdyň?
– Han maňa galmagy buýurdy. Men ferraş.
– Bar, derwezäni ýap!
– Ýok, ýok, mäligim, siz maňa: «Derwezäni ýap!» diýmäň.
Soň maňa han hezretleri käýär.
– «Derwezäni ýap» diýýärin men saňa!
– Ýok, ýok! ... – Haldan derwezä ýakynlaşmaň diýýän terzde
elini hereketlendirdi.
Habyl bilen Altynjan derwezä bakan ýöräp ugrady.
Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdileri eşidildi.
– Gördüňizmi, Abdylmälik han eýýäm gelýär. Derwezäni ýa­
pan bolsam, ol size däl-de, maňa käýärdi.
152
Atlaryň dükürdisi ýakynlaşdygysaýyn, näme üçindir, Altyn­
janyň ýüreginiň gürsüldisi artdy. Göýä ýüregi agzyndan çykaýjak
ýaly, batly dükürdedi. Endamynda galpyldy peýda boldy, gula­
gynda kakasynyň günortanky sözleri gaýtalandy: «Öýde dönük
bar. Kim ol meniň duzumy iýip, meni köşge eltip satýan? Kim?»
Altynjan yzyna gaňrylyp seretse, şol dönügiň kimdigini göräýjek
ýalydy, ýöne yzyna seretmekden heder etdi. Heder etmez ýaly
däldi: eşidilýän at toýnaklarynyň dükürdileri gaty nätanyşdy,
ol dükürdilerde hyrsyzlyk, ganhorluk duýulýardy. Atlaryň öz
maýdalyna däl-de, sütem görüp çapýandygy dükürdilerden gaty
açyk duýulýardy.
Altynjan howlynyň derwezesini ýapmaga girişdi.
Birtopar atly gelip, derwezäniň öňünde saklandy. Gelen­
leriň içinden kimdir biri haýbatly gygyrdy:
– Biz talaňçylyk üçin gelmedik. Biz Abdylmälik han bilen
düşünişmäge geldik. Näme üçin derwezäni ýapýarsyň?
– Abdylmälik han häzir ýok. Siz oňa galanyň daşynda garaşyň.
– Derwezäni aç! – diýip, bir deşlek kişi elindäki ýatagany
bilen Altynjana hemle atdy.
– Içerik goýberjek däl!
– Goýberersiň!
– Goýbermerin!
– Biz gowy niýet bilen geldik.
– Kim siz?!
– Biz kynyklar.
– Togrul Seljuklymy?
– Hawa, hawa, Togrul Seljukly.
– Senmi şol?!
– Kim bolanymda saňa näme? Aç derwezäni!
– Sen Togrulmy?
– Togruly näme etjek? Derwezäni aç!
– Ýok, ýok!
– «Derwezäni aç!» diýýärin men saňa!
– Howla goýberjek däl!
– Goýberersiň! Ýatagany böwrüňden geçirerin – diýip, deş­
lek kişi gaty arkaýyn süründi. Elindäki ýataganyny Altynjanyň
döşüne diredi.
153
Altynjanyň aňynda amatly pursadyň dörändigi barada pikir
peýda boldy. «Aryňy al, Altynjan! Bürgüt saňa doldaw berýär,
aryňy al! Häzir­ki pursady elden berseň, soň bürgüt saňa beýle
pursat döredip bermez!
Belki, bu Togrul däldir?!
Ikirjeňlenme, Altynjan! Gör, bu deşlek kişiniň ýaramaz­
dygyny, ol gyz maşgalanyň döşüne ýatagan direýär! Beýle nejisli­
gi diňe Tog­rul edip biler».
Altynjan gaýrata galdy: elindäki hanjaryny bat bilen bulady.
Hanjar deşlek kişiniň bokurdagyny kesdi. Bokurdagyndan
al gan tüwdürilip akýan, üznüksiz hakyrdap gorkunç ses edýän
deşlek kişi – Togrul beg yza serpildi.
Yzdaky haşym bokurdagyndan gan çogup akýan ýoldaşynyň
ýykylmazlygyna hemaýat etmekçi boldy, ýöne ýetişmedi: böw­
ründen yzly-yzyna urlan hanjaryň yzasyna çydaman, aýylganç
bir waňkyrdy. Onuň waňkyrmasyna Altynjanyň depe saçy üýşüp
gitdi. Böwründen yzly-yzyna hanjar urlan haşym gözlerini petre­
dip Altynjana seretdi durdy, soňam sessiz ýykyldy.
Üçünji haşym bolan ahwalaty görüp, walalaýlap gaçmak bi­
len boldy.
Atlylaryň serkerdesi atdan düşüp, derwezäniň ýanyna geldi:
– Eý, bu tula şunuň ýaly gabahatlyk etdimi?
Serkerde eli hanjarly, üst-başy gara gan Altynjany görüp
sakga saklandy.
Altynjan ýüzüne pürkülen gany ýeňine çalyp, garpyşyga hä­
zirlendi.
Ilkinji gezek aw patasyny berenlerinde eliňi, ýüzüňi gana
bulaýarlar. Altynjanyň üst-başynyň gana bulaşmagy, meger,
mundan buýanky ärdemli gadamlarynyň patasy bolsun gerek!
Ol garşysynda duran serkerdäni elindäki hanjaryny öňden batly
atyp öldürip biljekdi, çünki ol on-on bäş ädim aralakdan han­
jar urmaga gaty türgendi. Ýöne, şeýtse, soňundan ýaragsyz gal­
jakdy. Şu-da ony töwekgellikden saklady.
Ol töwereginden hanjardyr ýatagan gözledi, tapmady, iki
alaman öz ýataganlarynyň üstünde hykyrdaşyp ýatyrdylar.
– Taşla eliňdäkini! Taşla diýýärin men saňa, ganjyk!
154
– Näme bogazyňa bat berýärsiň? Gorkýarsyňmy? Hanjarymy
taşlaýynmy? Erkek bolsaň, göni gel-dä!
– E-eý, byradarlar, eşidýärsiňizmi bu tulanyň diýýän sözle­
rini! Durşy bilen dogum-a bu. Birinji gezek görýärin men beýle
dogumly urkaçyny. Biziň Tahyrymyz bilen Batmanymyzy öl­
dürdi bu! Bu tula meniň kellämi almak islän gyz bolmaly! Şol
gyzdyr! – diýip, serkerde öndedi.
– Bularyň içinde Togrul ýokmy? – diýip, Altynjan serkerdä
iki maslygy görkezdi.
– Hä, Altyn gyz, saňa Muhammet Togrulyň kellesi gerekmi?
Altynjan pert jogap berdi:
– Gerek!
– Ynha, seniň ideglän kelläňi men elin getirdim. Al, şu gara
kelle seniňki! – Togrul beg çyngartdy: – Aýt, sen meniň kellämi
alyp näme etmekçi? Ýassyk edinjekmi?
– Tepük1 etjek!
– Näme, näme?.. Tepük?
– Seniň küýze kelläň tepüge-de, güýe-de2 ýarar öýdemok
men.
– Hasan, Nasyr, eşidýärsiňizmi, meniň kelläm tepüge-de,
güýe-de ýarajak dälmiş – diýip, Togrul beg şyg-şyg edip güldi.
– Iliň halal gazanjyny talap ýaşandan ölen ýagşydyr. Entek
siz päliňizden taparsyňyz. Ili agladyp, gan gusduryp, elindäki
iň soňky tötegini zorluk bilen alyp pälinden tapmadyk ýokdur.
Alamanyň soňy sakar dowzahdyr.
– Gapyl, ganjyk! – diýip, atlylaryň birisi ik ýaly pyrlanyp geldi.
Togrul beg oňa garşy çykdy:
– Peýkam, goý, gürlesin. Bu, görýän welin, ýönekeý gyz däl,
owadan bu, dogumly bu, özem bu perizat hakykaty aýdýar. – Ol
Altynjana bakan ýöräp ugrady.
Altynjan özüne bakan gorky-ürküsiz ýöräp ugran egni gyr­
myzy donly, başy oraýany peşli, pälwansypat nazarkerde serkerdä
garşy nähili tilsim ulanjakdygynyň pikirini eýýäm edip ýetişipdi.
Wah, elinde ýatagany bolanlygynda onda ol ýanyna ýeke kişinem
getirmezdi. Ýöne bu gyýan-gyssagda ýatagany nireden tapjak?!
Altynjan hanjaryny gorkusyz-ürküsiz gelýän serkerdäniň jugda­
nyndan urmak üçin bar güýjüni jemläp towusdy, ýöne, haýp,
155
isleýşi ýaly bolmady: hanjaryny garşydaşynyň döşünden urmaga
ýetişip bilmedi. Serkerde zor geldi, bir tilsim-ä ulandy ol, şeýle bir
çalasynlyk bilen Altynjany egnine alyp, üç-dört gezek daşyndan
pyrlandyryp-pyrlandyryp aýlady-da, honda zyňyp goýberdi.
Altynjanyň tas jany çykypdy, hyk etdi, hyr berip başy aýlandy,
özüni hem demini dürsemek üçin ýekedyz bolup esli salym
durdy. Başyny aşak salyp duran-da bolsa, serkerdäniň ýaky­
nynda özüne seredip durandygyny – aýaklaryny gördi. Üstüni
al don örten al ädikden gözüni aýyrman, butnaman durdy. Ol
wagt ýitirmeli däldigine, çalasyn hereket etmelidigine düşündi:
ikilenç bat alyp, serkerdäniň üstüne towusdy, bokurdagydyr
diýen çen bilen hanjaryny bulady.
Serkerde beýle çalasyn herekete asyl garaşman eken, yza çe­
kildi, ýöne eýýäm giçdi.
Altynjan hanjarynyň iş bitirendigini aňdy, begendi. Ol gar­
şy­daşyna göni seretmekden saklandy, onuň ýykylaryna garaş­dy,
ýöne garşydaşy ýykylmady.
Ondan gan akýardy. Hana, ýer gana boýalyp ugrady, ýöne
ol gan bokurdakdan akýan gan-a däl. Sebäp garşyda duran ho­
kurdanok.
Altynjan bilesigelijilik bilen serkerdä seretdi. Görse,
Altynjanyň bulan hanjary bokurdagy däl-de, serkerdäniň döşüni
kesip geçipdir. Togrulyň döşünden gyrmyzy gan akýardy.
Togrul beg ýaş ýigid-ä däl eken: ýaşy durugşan, daýaw
göwreli, inçe ýüzli, dogumly, haýbatly, nazarkerde kişi eken.
***
Togrul beg garşysynda duran bu şirigana gyzda özüne
ýakynlyk duýdy. Göwnüne bolmasa, indi, gör, näçe ýylyň içidir,
agtaryp tapyp bilmän ýören iň ýakyn razdaryny, ýürekdeşini
tapan ýalydy. Altynjanyň «Muhammet Togrul Seljuklynyň kel­
lesini getirene durmuşa çykjak» diýen şertinden soň Togrul
beg öz ýanyna baran Gökhunuň: «Sen bir gezek Altynjanyň di­
daryny gör. Ana, şondan soň näme etseň ediber» diýip, ynamly
aýtmasynyň hikmetine edil şu pursat düşündi. Altynjany gören­
de Togrul begde ruhy sarsgynyň bolup geçjekdigine Gökhun
156
doly göz ýetiren bolsa gerek. Gökhun ýalňyşman eken! Togrul
Seljuklyda güýçli ruhy sarsgyn gopdy.
Serkerde döşünden akýan gana ünsem bermän, şindem
Altynjana seredip durdy. Üç-dört kynyk ýataganlaryny öňe tu­
tup, Altynjana bakan ugrady.
– Bu gyza degmäň!
Serkerde ganyny akdyryp, ýere gaçan gamçysyny garbap alyp,
Altynjanyň üstüne süründi. Altynjan üç-dört ädim yza çekildi:
– Indi gelseň, öldürerin! Saklan! Saklan!
Serkerde saklanmady. Ol elindäki gamçysyny birki ýola oý­
natdy, soňam Altynjana gönükdirip, bat bilen aýlap goýberdi.
Gamçynyň ujy şuwlap gelip, Altynjanyň hanjarly eline dolaşdy.
Altynjan nädip beýle bolanyna oňly düşünmän galdy: serker­
de gamçysyny bir çekende Altynjan hakyt onuň gujagyna doldy.
Serkerde ony gujagyna berk gysdy, butnatmady, elindäki
hanjaryny gaňryp aldy. Soňam ony itip goýberdi-de, depesin­
den gamçy inderdi.
Bu mahal Altynjan agyry duýanokdy. Duýaýanda-da mert­
lik bilen döz gelmäge çalyşjakdygy hakdy. Ol ölümini boýun
almaly boldy. Häzir onuň ýeke bir islegi bardy, ol hem depe­
sinden gamçy inderýän ýigrenji serkerdäni öldürmekdi. Ol
başda hanjar atyp serkerdäni öldürmändigine puşeýman edýär­
di, aňynda daýysy Tümen begiň pendi ýaňlandy: «Söweşde hiç
wagt ikirjeňlenmeli däldir. Ikirjeňlenmek, edýän işiň soňy hak­
da oýlanmak, soňuny gaýgyrmak, dözümsizlik etmek – özüňi
ölümiň, ganhoruň eline bermekdir. Özem aňyňda peýda bolan
birinji pikire-duýga gulluk etgin, çünki birinji pikir ýüregiň
pikiridir». Tümen begiň bu sözi öň adaty söz ýalydy, ýöne ol
sözleriň nähili wajyp sözlerdigine bu gün, ýok, ýok, şu pursat
Altynjan has oraşan düşündi. Daýysynyň pendini amal etmän­
digi üçinem ganhoruň pidasy bolmaly boldy.
Serkerde uranda men-men diýen ärlerem yza çydap bil­
meýärdi, zaryn-zaryn bagyryp ugraýardy. Ýöne erkek kişileriň
döz gelip bilmeýän urgusyna ýaş gyzyň döz gelmegi, sarsman
durmasy ony haýrana goýdy. Iki gezek uransoň, serkerde göz­
lerine ynanman, gamçysyny barlap gördi. Öz-ä şol gaýyş gamçy!
157
Altynjan öňem häzirkisi deýin gamçynyň öňünde durupdy.
Ýöne ony uran häzirki ýaly nätanyş däldi, mähriban kakasydy. Ol
öň eden etmişi üçin urlupdy, hak urlupdy. Häzir nähak urulýar.
Nähak urgynyň awusy iki esse artyk bolar eken.
Altynjanda günä bolmasa näme?!
Bar günäsi öz ojagyny gorajak bolanlygymy?
Altynjan garşysyndaky wagşylardan herki zadyň çykjagyna
ynandy.
Ol ölüme garaşýardy. Depesinden gamçynyň däl, gylyjyň
inmegine garaşýardy. Sebäbi ol iki sany kynygy öldürdi ahyryn!
Altynjan eden işine – iki sany kynygy öldürendigine – Abdyl­
mälik hanyň gyzy diýen ada mynasyp iş bitirendigine buýsandy.
Iki alamany öldürdi!
Iki alamany!
Wah, ol serkerdänem öldürjekdi, ýöne, arman, serkerde
zor çykdy.
Zor eken!
Ony Allatagala gorady, ýogsam soňuny gaýgyrman elindä­
ki hanjaryny zyňan bolsa, onda bu wagt serkerde sekiz görnüşli
dowzahyň iň erbediniň işiginden säginmän içeri girip giderdi.
Altynjan öz-özüni gönertledi: «Näme üçin ol nejisi eliňdäki
hanja­ryňy atyp öldürmediň? Sen on ädimden islendik noka­
da hanjar urup bilýärdiň-ä? Näme üçin ony ýakynyňa getirdiň?!
Hanjaryňy atmakdan – soňundan hanjarsyz galmakdan gorkduň!
Daýyň pendini tutmadyň!»
Goşunyň serdary ölse, darkaş gutarýar. Serdary öldürilen
tarap – ýeňlen tarap hasap edilýär. Men bu nejis alamany öl­
dürip bil­ýärdim-ä! Tümen daýym hak aýdan eken: «Hiç wagt
soňuňy gaýgy etme! Hiç wagt soňuň hakda pikir etme! Myda­
ma heminzaman bilen ýaşa. Pikiriň bilen ýaşama, pikiriň bilen
hereket etseň, betbagtçylyga uçrarsyň. Mydama duýgyň bilen,
ýüregiň berýän salgysy bilen ýaşa! Iň dartgynly pursat süňňüňde,
kalbyňda peýda bolýan duýgy, salgy – Allatagalanyňkydyr. Iň dart­
gynly pursat duýgynyň yzy bilen gelýän pikir – şeýtanyňkydyr!» –
Altynjan ahmyr bilen hyrçyny dişläp, agzyny gara gan etdi. – Wa159
weýla, ýeňip bilýärkäň, ýeňildiň, Altynjan! «Türgenleşiklerden
ýadadym, hakyky darkaş isleýärin!» diýip, hut şu gün sabada
aýtdyň. Allatagala saňa hakyky darkaşda özüňi görkezmäge şert
döretdi. Sen Allanyň wekiline – bürgüde aryňy almaga daldaw
dilediň. Alla maksadyňa ýetmegiň üçin daldaw döretdi. Sen bol­
sa, hanjarsyz galmakdan gorkup, döredilen daldawdan peýdala­
nyp bilmediň. Nesebiňi masgara etdiň!
Indi bary giç!
Indi nämä garaşýarlar?
Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzynyň nähili çydamly­
dy­gyny, nähili merdanadygyny, nädip ölýändigini görsünler.
Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzyny hernäçe sütem
edilende-de, ejizledip bolmajagyna göz ýetirsinler! Goý, olar
Altynjanda synmaz erkiň bardygyny bilsinler!
«Näçe gün ýaşan bolsa, Tümen daýysy deýin, öz adyna my­
nasyp bolup ýaşady» diýsinler.
Altynjan garaşmakdan ýadady:
– Eý, ganhor, öldür öldürjek bolsaň! – diýip, gazap bilen ser­
kerdä seretdi. Görse, garşysyndaky serkerdäniň edýän işi wagşy
bolsa-da, ýüz keşbi wagşyýana, hyrsyz däl, nazarkerde ol. Ýüzüne
seredip bu kişi şeýle webal iş edýändir, alamandyr öýder ýaly däl,
törüňde oturyp, «Kulhulallany» okap oturjak ulama meňzeýär.
Gör, onuň ýüz keşbi içki hapa dünýäsiniň üstüni örtýär.
– Men hatynyň akylyna etagat bolmaýaryn.
– Seniň ýaly ganhor bolandan hasy hatyn bolan hem müň
mertebe gowudyr. Eger özüňi erkekdirin öýtseň, ynha, men, ýek­
me-ýeke çyk!
– Ýekme-ýeke diýdiňmi?
– Eý, kerrew, eger özüňi azda-kände mert, erkek saýýan
bolsaň, maňa ýatagan ber. Soňam ýekme-ýeke çyk. Eger sen
çöňňe bolsaň, goý, meniň garşyma araňyzdan gylyçlaşmaga iň
ökdäňiz çyksyn.
– Byradarlar! Eşidýärsiňizmi bu altyn gyzyň diýýän sözleri­
ni! Ýatagan beriň bu gyza!
– Sen ýaradar. Sen eýýäm ýarymjan mahluk. Meniň garşyma
ýaradar däl, pählewan çyksyn.
160
– Adyň näme seniň? – Serkerdäniň sesi mylaýym çykdy.
– Merdumhorlar! Imansyzlar! Gedaýlar!
– Biz merdumhoram däl, gedaýam däl!
– Merdumhoram, gedaýam sizden ibalydyr! Gedaý sizden
imanlydyr!
– Gapyl! Ýogsam şu ýatagan bilen kelläňi pyzlandyraryn häzir.
– Ýaragsyz biçäräni öldürmegi siz başararsyňyz. Elimde ýa­
taganym bolan bolsa, bu wagta çenli kelläň aýagymyň aşagynda
guma bulaşyp, gözlerini petredip ýatardy. Özüňi mert saýýan
bolsaň, meniň bilen ýekme-ýeke çyk!
– Ine, şirigana dogum! – Serkerde Altynjana hyrydar göz bi­
len garady. – Ýönekeý gyz däl bu. Hakykatdanam soltan Mahmyt
Gaznalydan pataly gyz bu. Dogumy soltanyňka meňzeýär. Altyn
gyz, sen maňa ýaraýarsyň.
– Men welin, seni itden beter ýigrenýärin, öldür meni!
– Ýok, ýok, seniň ýaly merdanalar seýrek dogulýar. Seni öl­
dürsem, Allatagalanyň öňünde günä iş etdigim bolar.
– Günä-sogaby bilýän mahluk bolsaň, bu ýere gelmezdiň.
– Adyňy aýt.
– Men saňa, heý-de, adymy aýdarynmy, nejis!
– Seniň bolşuňa synym oturýar...
Togrul beg nämedir bir zat aýtmakçydy, ýöne seljuk ýigitle­
ri ýerli-ýerden seslendiler:
– Gideliň!
– Bu gyz biziň iki sany bigünä ýigidimizi – Tahyr bilen Bat­
many öldürdi. Biz bu ýere darkaş gurmak üçin gelmändig-ä.
– Hanyň gyzy akylyndan azaşypdyr.
– Guduzlan bolaýmasyn?!
– Hudaý saklasyn!
– Abdylmälik han bilen duşuşmasak bolmaz indi. Ýogsam
ol bize ters düşüner. Kynyklar akyn etmäge, kelete etmäge ge­
lipdir öýder. Eger häzir düşünişip gitmesek, onda ol soň biziň
başymyzda kyýamat gopdurar, han gelýänçä garaşalyň!
– Togrul, gideli – diýip, ýaňy keselden turan ýaly hor,
ige meňzeýän Peýkam atly kişi hem atynyň üstünden Togruly
11*
161
howlukdyrdy, ýöne Togrul howlugarly däldi. Ol Altynjandan
gözüni aýyrman şindem seredip durdy. – Sen Abdylmälik hanyň
ganjygyny haladyň öýdýärin. Isleseň, soň sawçylyga geläýeris.
– Ýok, ýok, maňa hatyn gerek däl – diýip, Togrul garşy
çykdy. Soň Altynjana ýüzlendi: – Sen Abdylmälik hanyň gyzymy?
– Bu eden etmişiňiz jezasyz galar öýtmäň. Alty tarapa3 gaçsa­
ňyz hem taparys. Asmana uçsaňyz aýagyňyzdan, ýere girseňiz
bokurdagyňyzdan tutarys. – Altynjanyň nazary ýene garşysyndaky
serkerdä düşdi. Onuň döşünden ganyň şol bir akyp durşudy.
Gan ýene biraz şeýdip aksa, serkerdede gan galmaly däldi. Ýöne
ol özüniň öljekdigi barada pikirem edenokdy. Ýa ol Altynjanyň
nebsi agyrar, ýarasyny sarap berer diýip pikir edýärmikä? Eger
beýle pikir edýän bolsa, onda ol gaty ýalňyşýar.
– Baryň, baryň, gidiberiň, men häzir han bilen düşünişip,
yzy­ňyzdan ýeterin – diýip, Togrul gapdalynda duran atlylara az­
gyryldy.
Sähel salymda alamanlar jesetleri atlaryna ýükläp, zut gitdi.
Altynjanyň ýanynda diňe Togrul galdy.
Bir owadan dor bedew gelip, tumşugy bilen Togrulyň eg­
ninden itdi. Togrul yzyna gaňrylyp seretdi, atyny görübem
onuň boýnundan gujaklady.
– Altyngyrym, şu gyzy nähili görýärsiň? Gowumy? – diýip,
Tog­rul ýuwaşja sorady.
Haýran galdyran zat: at Altynjany biraz synlady-da, soň
eýesiniň pikirini unaýan dek, birki ýola başyny talawlatdy.
– Gördüňmi, altyn gyz, Altyngyrymyň näme diýýänini?
Altyngyrym seni gowy gördi.
– Gümüňi çek, ýerçeken! Ýok bol!
– Men nirä gideýin?
– Gelen ýeriňe gümüňi çek!
– Meniň gelen ýerimde sen ýok. – Togrul beg birpaýyz
dymyp, soň sözüni dowam etdirdi. – Sen gaty tekepbir gyz ekeniň.
Hanyň gyzy agzyna näme gelse samrabermelidir öýdýärsiňmi?
Sen maňa hapa söz aýtsaň, ertirki gün ökünmeli bolarsyň. Men
hatynlar bilen gürleşmeýärin. Seniň bilen-de gürleşmek isle­
162
meýärin. Men Abdylmälik hanyň ýanyna geldim. Senem zenan
sammyklygyňy edip, iki sany bigünä haşymy öldürdiň.
– Sen meniň Tümen daýymy öldürdiň. Sende meniň Tü­
men daýymyň ary bar...
– Men, ine, seniň şu sözüň üçin şu ýere geldim. Men seniň
bu hakdaky habaryňy eşitdim. Gurhany-kerimden ant içýärin:
men Arsa­huşmisen şäheriniň häkimi Tahyr Afrasýabyň ogly Tü­
men begi öldürmedim. Men ol kişini ýeke gezegem görmedim.
Ol kişi hakda ýeke gezegem eşitmedim. Asyl, biz Arsahuşmisene
baramzok. Tümen beg diýilýän kişini kimiň öldürendigini-de
men bilmeýärin. Tümen begi öldüren kişi meniň adyma duwla­
nypdyr. Zamahşara gelip, meniň Abdylmälik emire bar aýtjak
sözüm şudy. Men alaman däl. Düşündiňmi?
Togrul beg bu sözleri şeýle bir ýürekden janygyp-odugyp
aýtdy welin, ynanmazlyk asla mümkin däldi. Onuň bu sözlerin­
den soň Altynjan sesini çykarmady. Ýanyndaky atlylaryň giden­
liginden, ganynyň akyp, güýjüniň azalanlygyndan peýdalanyp,
Altynjan Togrul begiň üstüne hüjüm etmäge bar güýjüni jem­
läp, häzirlenip durdy, ýöne begiň janyndan syzdyryp aýdan söz­
leri ony oýa batyrdy: «Bu ýigrenji çynyny aýdýan bolaýmasyn?!»
***
Abdylmälik han atlylary bilen howla gelip girdi.
Şadranç müňbaşynyň haşymlary haýdan-haý Togrul begiň
daşy­na aýlandy. Onuň elini arkasyna daňdylar.
Togrul beg gelenler bilen gylyçlaşjagam bolmady,
garşylygam görkezmedi. Garşylyksyz duran adamy gylyçlap öl­
dürmegem erkek­likden däl. Şeýle bolansoň, serkerdäni öldür­
mediler.
Şadranç müňbaşy Altynjanyň ýanyna geldi:
– Melikäm, amanmysyň?
– Aladaňyz üçin taňryýalkasyn – diýip, Altynjan hykaratly
tosaň­lady. – Siz meni maksadyma ýetirdiňiz.
– Dogry, dogry. Sen Togrul Seljuklynyň tutulyp getirilmegi­
ni islediň. Ynha, onuň özi geldi.
163
– Siz uly iş etdiňiz: ýumşumy bitirdiňiz. Men size başda äht
eden dinarymy bererin.
– Siz onça dinary nireden tapjak?
– Muny näme üçin soraýarsyňyz?! Babam: «Sora!» diýdimi?!
– Maňa hiç zat gerek däl, melikäm.
– Meniň öňünden beren iki düwünçegimi näme etdiňiz?
Şadranç bu sowala garaşman eken, näme jogap berjegini
bilmän, esli salym dymdy. Altynjan sowalyny ýene gaýtalady.
– Melikäm, düwünçekleri siz maňa berdiňiz. Olary näme
edendigimi menden soramaň.
Altynjan Şadranç müňbaşynyň asla garaşmadyk ikinji so­
walyny berdi:
– Siziň ogluňyz barmy?
– Oglummy? Bar. Üç oglum bar.
– Iň kiçisi näçe ýaşynda?
– On ýedi.
– Ömür bir gezek berilýär. Allanyň beren bu ömrüni aras­
sa, hiç kime ýamanlyk etmän ýaşamaly, ýüzüňe eden etmişiňi
aýdýan bolsalar, onda ol ömre ömür diýip bolmaz.
Şadranç Altynjanyň özünden göwnüniň galandygyna dü­
şündi. Nämeden? Bu hakda oýlanmaga pursat bolmady.
Altynjan oňa Togrulyň biline gysdyrylgy gamçyny getirip
bermegini tabşyrdy. Şadranç ýumşy bitirdi. Şondan soň Altyn­
jan gamçyny elinde oýnadyp, şindem döşünden gan akýan Tog­
rul begiň ýanyna bardy. Ol begiň depesinden şuwladyp gamçy
indermekçidi, ýöne bolmady: urmak üçin elini ýokary galdyran­
da onuň nazary serkerdäniň gözlerine düşdi.
Eý-ho!..
Serkerdäniň gözlerine ýakyndan sereden Altynjan jadyla­
nan dek doňdy galdy. Ol gözler adaty gözler däldi. Ol gözler­
de özüne tabyn ediji hökümdarlyk bardy. Ol gözler sustuňy
basýardy.
Henize-şu güne çenli Altynjanyň hiç kimden susty basyl­
mandy.
Ömründe ilkinji gezek onuň susty basyldy!
164
Ilkinji gezek!
Ol gamçysyny biygtyýar aşak goýberdi, hyrçyny dişläp, ha­
remhanasyna ugrady.
Togrul beg Altynjana buýsançly bakdy:
– Eý, mäkimiýan horaz, men seniň daýyňy öldürmedim.
Meniň kastyma çykmaňy bes et! Düşnüklimi?
Haşymlaryň biri Togrulyň üstüne gygyrdy:
– Düş öňe!
– Elbetde, öňe düşerin, eýsem, seniň ýaly pohly haşymyň
yzyn­dan ýörärinmi men?!.
Sekizinji hekaýat
DURMUŞ – GIZLENPEÇEK:
GIZLENÝÄN – ZENAN,
AGTARÝAN – ERKEK KIŞI
–K
ynyk begleri sawçylyga gelýär!
Mansur derbanlaryň bu habaryny Abdylmälik hana ýetirdi.
Han göwünli-göwünsiz ýerinden turup, üst-başyny tertibe saldy.
Desterhança saçak ýazmagy tabşyrdy, soňam: «Gelenleri nähi­
li garşylamaly? Daşary çykyp garşylamalymy ýa oturan ýerimde
garşylamalymy? Gelenler näçe adamka? Bar gelen ýigrimi töwe­
rek bolsa, onda oturan ýerimden garşylaýyn, eger gelen ýigri­
miden köp bolsa, onda howla çykyp garşylaýyn» diýip, içini
gepletdi.
Daşarda on sany atly göründi. Atlylaryň sanynyň azdygyna
Abdyl­mälik hanyň göwni galdy. «Bar gelen on sany atly boljak bol­
sa, onda men olary oturan ýerimde garşylaýyn» diýip ol netijä gel­
di, gapydan jyklap durşuna gelenleriň özüne tarap ýöräp ugrary­
na garaşdy, ýöne olar gaýdybermediler. «Mansur olary näme
üçin alyp gelmeýärkä? Gelenler atlaryndan düşüp serasima bo­
lup durlar. Ýa olar meniň ýanlaryna bararyma garaşýarmykalar?
Goý, olaryň özleri ýanyma gelsinler» Abdylmälik han Mansuryň
yzyndan ferraşyny1 ugratdy.
166
– Olar näme üçin gelenok?
Ferraş habar getirdi:
– Olar Musa atly kethudalarynyň gelerine garaşýarlar.
Bu habary eşiden Abdylmälik han biraz rahatlandy.
– Olar köplük ýaly-la?!
Abdylmälik han gymmatbaha perejini2 ýelbegeý atynyp,
howla çyk­dy. Onuň ýanynda Şadranç müňbaşy bilen bäş-alty
sany serkerdesi bardy.
On-on bäş sany atly geldi.
Ýiti ses howluda ýaňlandy:
– Baýgu Kelan öz kynyk begleri bilen Abdylmälik emiriň
dergähine sawçylyga gelýär!
Bu sözleri dikine zowladan şilliň uzyn kişidi. Sesi biçak ýiti­
di hem biçak çaslydy, gulagyňy deşim-deşim edip barýardy. Bi­
lal neressäniň3 sesem şu kişiniňkiçe ýa bolandyr ýa bolan däldir.
Aý, ýok, bolan däldir! Uly bir şäheriň ilatyna habar ýetirmeli
ýa muezzinçilik etmeli bolsa, bu şilliň uzyn kişi aňryýany bilen
oňarjak. Bu kişiniň sesi şäheriň diňe bir dört künjüne däl, go­
laý-goltumlaryndaky obalaryna-da kemsiz ýetjek. Älhepus, Alla­
tagala bendesini islän zady bilenem aňk edýär. Ol şilliň uzyn kişi
durşy bilen ses bolaýanda-da ondan onça ses çykmaly däl, ýöne,
görüň, çykyp dur, onuň sesi Abdyl­mälik hanyň gulagyny deşere
getirdi. Han öz-özüne sowal berdi: «Jarçy nämä gerek?»
Gelenler äwmän-telesmän atdan düşmäge durdular.
Abdylmälik han gelenleriň içinden Baýgu Kelany – Musa
begi agtardy:
«Gelenleriň haýsy birikä ol?»
Gelenleriň özüne bakan ýöräp ugraryna garaşdy. Ýok, ge­
lenler oňa ünsem berenoklar. Hakyt şeýle: oňa göwünli-göwün­
siz göz aýlap, soňundan seretjegem bolanoklar. Olaryň bolşy
bu howluda han hiç kim ýaly. Özüne pisint edilmezligi emiriň
myrryhyny getirdi. Olar kimdir birine garaşýarlar. Özem emiriň
howlusynda. Gelenleriň ählisi yhlasly. Nyzama düzülýärler. Soňky
gelenler öňki gelenleriň gapdalyndan nyzama düzüldiler.
Kynyk ýigitleri adam geçer ýaly bäş-alty ädim aralykdan biribirine bakyşyp iki hatar durup, janly däliz döretdiler. Megerem,
167
Musa begi biri-birine bakyşyp duran nyzamyň – janly däliziň
ortasyndan ýöretmekçidirler.
At toýnaklary ýer sarsdyryp ugrady.
Şilliň uzyn kişi ýer sarsgynyny goşalandyryp yzly-yzyna gygyrdy:
– Musa beg kynyk kethudalary bilen Abdylmälik hanyň der­
gähine sawçylyga gelýär!
Şilliň uzyn jarçynyň çeken jaryndan soň kyrk-elli sany atly geldi.
«Baý-ba, «sawçylyga» diýip, ähli kynyk gaýdyberipdir-ow»
diýip, Abdylmälik han başyny ýaýkady.
Bu saparky gelenler biçak howlukmaçdylar: atlaryndan
böküp düşüp, öz aralarynda nämedir bir zady maslahatlaş­
ýardylar. Hana, bir daýaw kişi ýanyndakylara tabşyryklar berýär,
megerem, şol kişi Baýgu Kelan diýilýändir. Tüweleme, ol kişä
Allatagala göwre-hä berip bilipdir. Kelan diýseň kelan – daýaw,
deşli eken! Ata münende aýagy ýere degýändir onuň. Hana, ol
kişi Mansur bilen gürleşýär, häzir Mansur olary hanyň ýanyna
alyp geler.
Emiriň pikir edişi ýaly bolmady: gelen kyrk-elli kişi öňki ny­
zama duranlaryň gapdalyndan hatara düzüldi.
Olaryň hatary howlynyň ortasyna ýetdi. Hana, derweze bi­
len Abdylmälik hanyň duran ýerinde janly däliz döredi. Gelen­
ler iki hatar nyzama goşuldylar.
Ýene at toýnaklarynyň dükürdileri eşidildi.
Howla bäş sany atly serkerde girdi.
Ylgap baryp olaryň atlaryny sakladylar. Uzyn jarçy: «Musa
beg!» diýip gygyrdy. Şondan soň nyzama duranlar jem bolup,
uzyn jarçynyň sözüni gaýtaladylar:
– Musa beg!
– Musa ýabgu!
«Bu gelen bäş kişiniň bäşisem serkerde bolmaly» diýip,
Abdyl­mälik han içini gepletdi. Haýran galaýmaly, ählisi saý
kişiler. Içinde gysga boýlusy ýok bularyň. Ählisi depäňden sere­
dip duran uzyn boýly, süňňi iri kişiler.
Gelen bäş kişi Mansur bilen gadyrly salamlaşdy, soňam
Abdylmälik hana bakan ugrady. Abdylmälik han olara bakan ga­
dam urdy. Çünki bu gelenleriň arasynda Musa begiň bardygy oňa
aýandy. Haýsysynyň ýabgudygynyň bolsa, dogrusy, oňa parhy ýokdy.
168
Bäş kişi Abdylmälik hana edep bilen baş atyp, salam berdi.
Abdylmälik han agraslyk bilen olaryň salamyny aldy.
Bäş kişi hana bakan uzaýan hataryň soňuna baryp saklandylar.
Şeýle bolansoň han olaryň ýanyna bardy, olar bilen ýekänýekän gadyrly salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy.
Mansur ylgap gelip, bu bäş kişiniň içinde Musa begiň
ýokdugyny aýtdy. Ýöne nyzama duranlaryň: «Musa beg gelýär»,
«Musa beg gelýär!» diýip gygyryşmalaryndan ýaňa, onuň aýdan
soňky sözi eşidilmän galdy.
Abdylmälik han bäşiň içinde Musa begiň ýokdugyny eşidip,
oňaýsyz ýagdaýda yzyna öwrüldi. Dalana baryp aýak çekdi. Onuň
öz-özüne gahary geldi. Anyk nämä gaharynyň gelýändigini özem
bilenokdy. Musa begiň gelmän, adamlarynyň tapgyr-tapgyr ge­
lip durany üçin gaharlanýarmy ýa «Haýsyňyz Musa?» diýip so­
randa kynyk begleriniň jogap bermändigi üçin gaharlanýarmy
– muny han anyk bilmedi.
Han: «Bular sawçylyga däl-de, uly bir dabara geçirmäge
gelýärlermikä bu ýere? Dabaralaryny, goý, başga ýerde geçir­
sinler, men mundan artyk garaşmaýyn, herki zadyň çeni bar,
çaky bar» diýip, içini gepletdi, içeri girmek üçin gapa bakan ýö­
neldi, ýöne düşnüksiz güýç ony saklady. Kynyk begleriniň bu
boluşlary, dog­rusy, hany hopukdyrdy, demini gysdyrdy. «Musa
diýilýän özüni Masutdanam ýokary tutýar-ow. Meniň howumy
basmak üçin bularyň edip ýören hokgalaryny gör. Ýeri, men
bir samsygyň masgarabazlygyna sary-sadylla bolup seredip dur­
malymy? Men tümenbaşy, han. Men Harun Altyndaşyň, has
anygy, soltan Masut Gaznalynyň hany. Meniň ygtyýarymda on
müň, hawa, hawa, on müň atly bar. Bu günem soltan Masut
Gaznalynyň tümenbaşysynyň öňünde atlysy bir müňüň astyüsti bolan, ondan-oňa göçüp-gonup ýören, baran ýerinden
kowulýan, hawa, baran ýerinden kowulýan bir oýnam jemagatyň
kethudasy özüni ýabgu4 atlandyrýar, özüni hanlar hany, ýabgu­
lar ýabgusy görkezjek bolýar, meni aňk etjek bolýar. Ýabgu un­
wanyny götermäge utanmaýar».
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 11
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.