Latin

Altynjan hatyn I - 20

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 2196
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
19. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretul ahbar
(Habar­laryň mejlisi).
20. Kunýe – familiýasy, nesebiň aýdylyşy. Ibn, bin – ogly diý­
mekdir. Abu – kakasy; umm – ejesi; bin, ibn – ogly; bint – gyzy
diýmegi aňladýar.
21. Diýe (diýet) – öldürilen adamyň huny üçin tölenýän
pul.
22. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
23. «Dört ýüz ýigriminji hijri ýylynyň (1029-njy ýyly) aşyr
aýynyň birinji güni, söweşe ugraljak güni daňdan şazada Al­
parslan dünýä inipdi. Şonda onuň dogluşyny mübärekläp,
onuň täleýini gowulyga ýorupdylar». Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji
jilt. TMMMM. A., 2005.
24. Wežde-çillä oturmak – wežde – ruhy taýdan göçgünliöwçli ýagdaý. Çillä oturmak – derwüşdir sopularyň 40 günläp
ýekelikde iýip-içip, Gurhany okap, ybadat etmegi.
25. Jyza – naýza.
26. Askudar – çapar.
325
Onunjy hekaýat
1. Alty aýda bir, bir aýda alty garyş – gadymdan gelýän bu
pähim bugdaý hakda. Hakykatdan hem ýylyň ahyryna ekilýän
bu ekin alty aýda bir garyş ösýär. Togsan dolup, ýere ýylyň gir­
megi, ýazyň gelmegi bilen bugdaý bir aýda alty garyşlyk boý
alýar, onsoň hasyla durýar.
On birinji hekaýat
1. Nyşan – gelinlik bellenen gyz.
2. Kedisi mawlamak (frazeologiki jümle) – (kedi – pişik)
ärsiremek.
On ikinji hekaýat
1. Bikir – durmuşa çykmadyk päk gyz.
2. Tuwak – gelniň başyna atylyp, ýüzi ýapylýan seçekli ör­
tük, nykap.
3. Arguwany ýakut – goýy gyrmyzy reňkli gymmatbaha daş.
4. Mil – 1852 metre deň bolan uzynlyk ölçegi.
On üçünji hekaýat
1. Gerdek – çatynjalar öýi.
2. Maşşate – durmuşa çykýan gyzy geýindirýän-bezeýän
hünärmen aýal.
3. Nisar – gelniň üstüne gymmatbaha altyn-kümüş hem-de
gül seçmek dessury.
On dördünji hekaýat
1. Gypjak çöli – Aral deňzi bilen Gara deňziň aralygy.
2. Posdek – düşek, ojakbaşy.
3. Tübbet (Tibet) müşki – Tübbet (Tibet) dördünji yklym­
da Hindistan bilen serhetleşýän bir ýurtdur. Bu ýurduň müşki
hytaý müşkünden has ýakymly hasaplanýar. Bu müşk gymmat ba­
halanypdyr. Ony satyn almaga – peýdalanmaga diňe patyşalaryň
326
gurbaty çatypdyr. Müşk jerenleriň göbeginden iki hili ýagdaýda
alynýar: bir-ä awçylar jerenleri tor gurup tutup, olaryň göbek­
lerini dilip, müşk suwuk­lygyny alýarlar; ikinji ýagdaýda jeren­
ler bişen müşklerini gaýalaryň ýiti daşlaryna süýkäp aýyrýarlar.
Jerenleriň süýkenip daşlarda goýup giden, guran müşkleri iň
ýokary hilli müşk hasaplanýar. Beýle müşkler iň gymmatbaha
müşklerdir.
4. Gumguma – çüýşe.
5. Rakiýa – üzümden ýasalan arak. Boza – darydan ýasalan
güýçli, serhoş ediji içgi.
6. Asfury hanjary – asfury – ýiti sary reňkli ýakut. Barjam­
ly adamlar hanjarlarynyň sapyny ýakudyň mişmişi ýa-da asfury
görnüşlerinden edýärler. Asfury ýakutlary gaýgy-gamdan sap­
laýan, göwnüňi göterýän güýç hasaplap, adamlar ony ýanlarynda
göterýärler. Asfury ýakudyň düzüminde adamyň ruhuna oňyn
täsir edip, ony galkyndyrýan, şatlandyrýan ylahy madda bar ha­
saplaýarlar. Togrul beg asfury hanjaryny Altynjan hatyna sowgat
berýänçä ýanyndan aýyrmady. Onuň işi mydama şowuna boldy.
7. Degirmen – bu ýerde Asman göz öňünde tutulýar, çünki,
asman sözi degirmene meňzeş diýen manyny aňladýar. As – de­
girmen, man – meňzeş.
8. Jumag (şöhwet, küwen) – är-aýallyk gatnaşygy, jübüt­
leşmek.
9. Jent – şäheriň, emirligiň ady. Şeýle hem bugdaýdan atyň
ýagyna gowrulyp taýýarlanylýan tagama «jent» diýilýär.
10. «Zamahşar gijesi» – şeýle aýylganç gyrgynçylyk dünýä
taryhynda 1572-nji ýylyň 24-nji awgusty gijesi Parižde bolýar. Bu
gan döküşligi «Warfolomeý gijesi» adyny alýar.
327
Ikinji kitap
Heminzaman
Birinji hekaýat
ülker düşse, gyş bolar
H
er bir zadyň soňy bar: ähli perrendelere hem der­
rendelere1 soltanlyk eden bürgüdiň ahyryl-ahyr soňy
geldi, çünki garrady – petekesiniň perleri agardy. Bürgüdiň
petekesiniň perleriniň agarandygyny – garrandygyny gören per­
rendeler hem derrendeler ondan öňküleri ýaly elheder-gorky
etmän, erkana ýaşap ugradylar.
Öň welin onuň al-asmanda sudurynyň çala görünmegi ýer­
de uly howsala dörederdi. Janly-jandarlar haýdan-haý öz hinle­
rine, sürenlerine sümülmäge howlugardylar. Bürgüt ok deýin
şuwlap barýan towşandyr torsuklaryň üstünden şaglap inip
şeşper bolup urlardy, awuny alyp bilmedik gezegi ýokdy. Ýöne
soňky günler ol diňe çem gelen perrende höwürtgelerindäki
gyzyletene jüýjeler bilen oňňut etmeli bolýardy.
Bir gezek beýik dag gerşindäki öz höwürtgesinden nobat­
daky aw gözlegine gitjek bolup durka, onuň ýanyna hüwi geldi.
Özem ol hiç bir gorkusyz-ürküsiz geldi, köne hüwi tanşynyň ýa­
nyna gelen deýin, gaty arkaýyn gürledi:
328
«Eý, bürgüt, sen garrap, halys awdan galdyň. Sen öňkiň
ýaly awuňy alyp bilmäniňden soň, diňe höwürtgelerden jüýje­
leri iýip gün görýärsiň. Meniň saňa nebsim agyrýar. Oýlanypoýlanyp, saňa kömek etmegi makul bildim. Men saňa öz awlan
syçanlarymdan, mör-möjejiklerimden ölmezödülik bereýin,
ýöne bir şert bilen...»
«O nähili şert?!»
«Şertim şeýle: men saňa öz awumdan aç ölmeziň ýaly berip
duraryn, ýöne sen meniň höwürtgämdäki jüýjejiklerime gözüňi
gyzdyrma!»
Bürgüt ýanynda hüwiniň gorkusyz-ürküsiz durmasyny, pe­
tekesini gaýşardyp gürlemesini özüne namys bildi. Ol özünden
döwranyň geçendigine magat düşündi. Hüwä ýagşydan-ýamandan
jogap bermedi. Ýeri, hüwiniň teklibini kabul etmelimi? Bürgüt
birmahal garganyň aýdan pikirini ýatlady. Garga: «Öli arslan bo­
landan diri syçan bolanyň müň paý gowy» diýipdi, şonda.
Belki, bu pikir garga üçin dogrudyr. Bu dünýäde ýaşamak
üçin her hili kysmatlara kaýyl geljekler kän ahyryn! Ýöne şeýle
ýaşaýyş bürgüt kowumyna uslypmydyr?!
Bürgüt ähli guşlaryň şasy. Şaha bolsa ýalňyzlyk mahsus. Hut
şonuň üçin bürgütler mydama ýeke-ýalňyzdyr. Şa bolup dünýä
geldiň, eý, bürgüt, şa bolup hem bu dünýäden git! Bürgütkäň
hüwi bolup ýaşamak, ýa garga, syçan bolup ýaşamak bürgüt
kowumyna asla gelişmeýär. «Bürgüt bolup ýaşadyň, bürgüt bo­
lup ölmegi-de başar» diýip, bürgüt öz-özüne pent etdi.
Bu pendini makul bilen bürgüt bar güýjüni jemläp asma­
na galdy. Ol tä ysgyndan gaçýança ýokary galdy. Soňam kert
gaýanyň üstüne özüni goýberdi.
Bürgüt şuwlap aşak gaýtdy. Ýokardan gelip urlan bürgüt daşyň
ýüzüni gyrmyzy gana boýady. Ana, şol gyrmyzy gan gyrmyzy lagla
öwrülipdir. Lagyl daşlary bürgütleriň gyrmyzy ganyndan döreýärmiş.
***
426-njy (1034–1035) ýylyň gyşynyň ikinji rebi-us-sani (ýan­
war) aýynyň on ýedisinden başlap, üç günläp gar ýagdy. Garyň
galyňlygy dyzdan geçdi.
329
Togrul beg garly günleri, gary biçak gowy görýärdi. Gar
ýagsa, hökman meýdana çykýardy. Garyň üstünde aýakýalaň
ýöremekden, ýüzin düşüp ýatmakdan, aw awlamakdan, gar ýa­
gyp durka oduň başynda iň ýakyn adamlary bilen üýşüp otur­
makdan, çişlik, kebap bişirip iýmekden lezzet alýardy. Arman,
garly günler türkmen topragynda juda seýrek bolýar, kä ýyllar-a
gar ýaganogam.
Üç günläp garyň ýagandygyna seretmezden Etegiň ýakyn-udaş obalaryndan, Mawerannahrdan, Horezminden gelen adam­
lary ertirden agşama çenli kabul edenden, olar bilen baglanyşykly
meseleleri çözenden soň, Togrul açyk meýdanda – Garagumuň
amatly bir oýunda oturyp, kakmaç iýmek, göwün hoşlamak pikiri
bilen dört-bäş işşegiň etini pudarladyp, öňünden ugratdy.
Günortanlar Altynjan bilen özlerine garaşylýan guýnak oýa
ugra­dylar.
Diňe dört tarap däl, oguzlaryň aýdyşy deýin, alty tarap hem
ap-akdy, göýä Asman bilen Zemin aklyga bürenip, başga bir
älem döretmekçi bolýan ýalydy.
Galyň gar atlaryň ýöremegini kynlaşdyrýardy.
Howa o diýen sowuk däldi, arassady, tämizdi. Bu eşrepi
howa janyňa tenekar deýin ýakymly täsir edýärdi, ondan dem
aldygyňça alasyň gelýärdi.
Togrul begiň-de, Altynjanyň-da atlary dor reňkdedi. Olaryň
eginlerindäki eşikleri-de, esasan, al reňkdäki eşiklerdi.
Al reňk olaryň kynyk neslindendigini aňladýardy.
Altynjan durmuşa çykmazyndan burun Akgar atly ak reňkli
at münüpdi. Ak reňk Oguz hanyň Owşar agtygynyň reňki eken.
Ähli owşar neberesi ak reňkli at münýän eken, ak reňkli eşik
geýýän eken.
Altynjanyň kakasy Abdylmälik han gara reňkli at münýärdi,
onuň gullugyndaky adamlar hem gara reňkli at münýärdiler,
esasan, gara reňkli eşik geýýärdiler. Abdylmälik han gyzynyň
ak reňkli owşar atyny münmegine garşy bolman eken. Han
özleriniň Gaýa hanyň neberesindendigini, olaryň gara reňkli
at münmeklerini Oguz hanyň wesýet edendigini gyzyna aýt­
mandyr. Näme üçindir, bu hakda Altynjana Habyl bilen Kaby­
lam, Sadylla-da, atabeg Omar-da aýtmandy.
330
Ol soltan Mahmyt Gaznalynyň Zamahşara gara atda, lowur­
dap duran gara eşikde gelendigi, şol pursat özüniň dünýä inendi­
gi barada eşidipdi. Soltanyň yzyndaky atlylaryň hem gara atlydyk­
lary, gara eşiklidikleri hakda hem eşidipdi. Özem kän gezekler
eşidipdi, ýöne herçent eşitse-de, olaryň näme üçin diňe gara at
münendiklerine, näme üçin diňe gara eşik geýendiklerine pi­
sint etmändi. Çünki, Altynjanyň kakasy-da, onuň atlylary-da gara
reňkli eşik geýýärdiler. Şeýle bolansoň ol şeýle at münmek, şeýle
reňkde eşik geýmek parzdyr, şeýle reňkli eşik geýmegi özleri is­
leýändirler öýdýärdi. Indi görüp otursa, Oguzyň her kowumy
wesýet edilen dokuz reňk boýunça geýinýän eken.
Altynjan durmuşa çykansoň, öňki mümkinçilikleri daraldy:
Akgary bilen hoşlaşdy, indi dor at münmeli, al reňkli eşik geý­
meli boldy.
Dogrusy, ol soňky günler ähli zatda al reňki görýärdi. Hana,
düşlegde kakmaç taýynlap oturan adamlaryň ýakýan otlaryndan
hem al ýalyn dillerini Asmana uzadýar.
Ýaýbaň oýtakda düşleg edinen adamlaryň egin-eşikleri
al reňklidi, ýöne gar olaryň-da üst-başyny ýetişibildiginden
Altynjanyň gowy görýän ak reňkine öwürjek bolup çalyşýardy.
Togrul beg düşlege gelensoň, atyndan böküp düşdi, jylawy
haşymlarynyň birine tabşyrdy. Soňam atyň üstünde uzaklara
seredip oturan Altynjana elini uzatdy, onuň atdan düşmegine
tekge berdi.
Garyň dyzdan ýokardadygyna seretmezden, pyýadalap,
gündogara bakan ugradylar, bir depe aşdylar.
Bu ýerde durup seretseň, alty tarapyň diňe aklykdy.
Bu oýtakda özlerinden başga hiç kimse ýokdy.
Bu ýeri başga bir pelek ýalydy.
Howada göçgünlilik, badyhowalyk bardy.
Altynjan Togrul begiň bu mahal näme isleýändigini ma­
gat bil­ýärdi. Sebäbi ol bu pursat barada oňa düýnem, şu gün
daňdanam aýdypdy. Begiň islegi – Altynjanyň-da islegidi.
Togrul beg üç-dört ädim öňden ýöräp, Altynjana ýol ar­
çaýardy. Onuň keýpi kökdi, hatynyna beýik soltan Mahmyt Gaz­
naly bilen Jürjaniýa eden ýörişi, şol ýörişde bolan käbir wakalar,
Zamahşara baryşlary, derwezeden girenlerinde täze dünýä inen
331
çaganyň jägil­disiniň eşidilişi, täze doglan çaga soltanyň «Altynjan»
diýip at dakyşy, «Beýik bir begiň hemrasy bolmagyny» pata berşi,
patyşalaryň dileg­leriniň mydama amal bolýandygy, çünki, olaryň
Allanyň ýerdäki wekilleridigi hakda göçgünli gürrüň berýärdi.
Bu gürrüňleri diňlemek Altynjan üçin öňem ýakymlydy,
häzirem ýakymly. Ol Togrul begiň joşgunly gürrüňini ýylgyr­
jaklap, gözlerini süzüp, heziller edip diňleýärdi.
Togrul beg birden saklandy:
– Altyn gyz, başlalymy? – diýip, ol ýanýoldaşynyň ýüzüne
ýylgyryp bakdy.
Altynjan töweregine garanjaklady, hiç bir zatda nazary
eg­lenmedi, ol göwünjeň dillendi:
– Sen näme diýseň, şol hem bolar!
Olar eginlerindäki possunlaryny çykardylar.
Altynjan ýene töweregine garanjaklady:
– Töweregiňe köp garanýarsyň-la? Kimdir biri bardyr öý­d­
ýärsiňmi?
– Aý, ýok.
– Şu oýda ikimizden başga hiç kim ýok. Başlabereli!
Altynjan begiň pikirini oňlady:
– Bolýar...
Togrul beg ilki başyndaky peşini, soň aýagyndaky keçe
ädigini çykardy. Gary penjeläp alyp ýüzüne sürtdi. Ol ilkinji
gezek görýän deýin, esli salym Altynjany mähir bilen synlady.
Ýaňagyndan, saç­laryndan sypady. Soňam oňa daşky eşiklerini
çykarmaga kömekleşdi.
– Özüm çykararyn.
– Meniň kömegim zyýan etmez.
Togrul beg Altynjanyň çenberini gapdala zyňyp goýberdi:
– Soň taparmykam?
– Taparys.
Togrul beg hatynynyň gözlerinden nazaryny aýyrmaýardy.
Başlandy!
Beg başda howlukman hereket etdi.
Olar kem-kemden gyzyşdylar.
Garyň üsti torç edildi.
Olaryň bedenlerinden bug göterilip ugrady.
332
Togrul begiň Altynjana seretdigiçe seredesi, mährini gan­
dyrasy gelýärdi, ony biçak gowy görýärdi. Oňa: «Altyn gyz, sen
eýýäm maksadyňa ýetdiň, sen meniň ýüregim» diýýärdi. Kyrk ýaşa
ýetip, özüniň Altynjana kökerilmeginiň, imrinmeginiň sebäbi­
ne teý düşünip bilenokdy. Dogrusy, ol ýaşlykda Mahym atly gyza
göwün beripdi. Mahym Gökdaş begiň gyzydy. Togrul beg Mahym
bilen gar ýaganda açyk meýdana çykyp, baş açyk, aýak ýalaň ylga­
mak ylgardy. Olar ýaşlykda biri-birine biçak imrinipdiler.
Günleriň bir güni Mahymy afrasýaplylar bilen garyndaşlyk
gatnaşygyny açmak, berkitmek maksady bilen Kadyr hana ber­
diler. Çünki Kadyr han Gökdaşyň gyzyny hatyn edinmek isleýän­
digini açyk aýdypdy. Şondan soň alaç galmandy.
Mahym iki aýdan soň afrasýaplylarda ýogaldy. Nädip ýo­
galdy? Keselläp ýogaldymy ýa öldürildimi, seljuklylar bu ba­
rada hiç zat bilip bilmediler. Üç ýyldan soň Togrul beg Nur
welaýatynyň walysy Isgender ibn Nurjanyň Altyn atly gyzyna
öýlendi. Ähli zat gülala-güllükdi, ýöne bu uzaga çekmedi: sekiz
aýlyk göwreli Altyn hatyn agyr derde uçrady, ony Ezraýylyň elin­
den alyp galjak bolup Togrul beg iki ýana çapdy, ýöne Ezraýyl
göni gelse, lukman-da täsir edip biljek däl eken. Altyn hatyn
Togrul bilen bir ýyl ýaşaşyp, göräýmäge, ýönekeý bir keselden
– içki sanjydan ýogaldy.
Şondan soň Togrul begiň durmuşynda, diňe bir onuň
durmuşynda däl, ähli seljuk neberesiniň durmuşynda galagoply
durmuş başlandy. Alp Garanyň Ýusup ýabguny öldürme­
gi Togrul bege gaty agyr urgy boldy, ol üç günläp wujde-çillede
oturdy. Şonda köp zatlar oňa oraşan göründi.
Şonda Altynjanyň öz täze durmuşyna täze bir güýç, täze bir
hyjuw bolup girjekdigini-de gördi.
Ol Altynjanyň gözelligine, başarjaňlygyna, alçaklygyna ma­
ýyl­dy, onuň ilkinji nika gijesindäki dogumly hereketleri Togrul
begiň göz atuwynda köplenç janlanýardy, gaýtalanýardy.
Ol Altynjany eliniň aýasynda saklamak isleýärdi. Bu isleg
onda toýdan öň hem bardy. Şu maksat bilen ol Altynjana köp
mukdarda jamy-jambar alypdy, ýöne ol alan zatlarynyň barysy
Şamälik emire olja boldy. Megerem, onuň Altynjana niýetläp
333
alan zatlaryny bu gün Jentde Şamäligiň hatynlary göwünlerini
şatlap geýip ýörendirler?!
Allatagala haýsydyr bir merdana kişini ýalkajak bolsa, ilki
bilen oňa mynasyp hatyn berer eken. Togrul beg Çagry begdede, Musa begde-de, mahlasy, ähli seljuk beglerinde özüniňki
deýin başarnykly, özüniňki deýin ökde hatynyň ýokdugyny bil­
ýär. Muny ähli seljuk begleri Togrul begiň ýanlarynda boýun­
laryna hem alýarlar.
Togrul beg Altynjana guwanýardy. Çünki ol onuň köp
işlerini ýeňilleşdirýärdi. Kimedir birine arap ýa pars dilinde hat
ýazmaly bolsa, adam agtaryp ýörmeli däldi. Altynjan bu işi sähel
salymda oňarýardy. Arap, pars, ýunan dilleri boýunça terjuman
gerekmi, baş üstüne, terjuman hem gözläp ýörmeli däl, Altyn­
jan ol dillere edil türkmen dilinde gürleşýän ýaly erkin gürleşip
otyr. Onsoň Togrul beg oňa neneň: «Altyn gyz, sen durşuň bi­
len hazyna» diýip aýtmasyn?!
«Zamahşar gijesinden» soň aman galan seljuklylar Merwiň
üsti bilen Etege gelipdiler. Merwde soltan Masuda hat ýazylypdy
2
. Şol haty hem pars dilinde Altynjan ýazypdy. Togrul begiň de­
biri hem nedimi ulama Seýit Rawendi Altynjanyň ýazan haty­
na: «Aperin!» diýipdi. Seýit Rawendi özüne aşa göwni ýetýän,
ýüz görüp gapyrga syrmaýan, hortap, ylymuran kişidi. Ol hiç
kimiň göwni üçinem sypaýyçylyk etjek kişi däldi. Iňirdegendi,
iňirdeýändigi, kemçiligiňi göni ýüzüňe aýdýandygy üçin ony
köpler halanokdy, ýöne işini gül ýaly edýänligi, aşa sowat­
lydygy üçin onuň iňirdilerine göz ýumýardylar. Soňky döwür­
de ol nähili hat taýýarlasa, Altynjana görkezýärdi, onuň bilen
maslahatlaşýardy.
Altynjan welin, soltan Masuda ýazan hatynyň gowy dereje­
de ýazylandygyna ynanyp bilenokdy. Sebäbi ol hata şindem jo­
gap gelenokdy.
Hata jogabyň gelmeýändiginiň sebäbi Altynjanyň pikir
edişi ýaly däldi.
Soltan Masut seljuklylary ähmiýete mynasyp hasaplamandy.
Ýogsam Merwde seljuklylardan hat alan Horasanyň emiri AbulFazl Sury közüň üstüne düşen deýin elewräberdi, haty haýdanhaý Gazna ýollady.
334
Şol mahal soltan Masudyň aladasy başyndan agdykdy.
Ol, esasan, iki ýyl bäri soňa goýup ýören bir möhüm me­
selesini çözmek pikiri bilen başagaýdy. Ol mesele Tabarystan 3
bilen baglanyşyklydy.
Mundan iki ýyl öň Gazna soltanlygynyň tabynlygyndaky
Tabarystan we Gürgen sebitlerinde hökümdarlyk edýän Ziýar
şalygynyň şasy Manuçihr 4 ýogalypdy. Manuçihrini öz salary,
ejesiniň dogany Bakalanjar birki sany köşk emeldary bilen
dilleşip awy berip öldüripdi 5. Soňam şalygyň wezir-wekilleriniň
adyndan soltan Masuda hat ýazypdylar, şalyga şa goýmak mesele­
sini çözüp bermegini towakga edipdiler, eger ýurda Bakalanjar
şalyk etse, onda ýurduň gülläp ösjekdigini, Gazna köp mukdar­
da salgyt-paç, hedýe-engam iberip biljekdiklerini nygtapdylar.
Şonda soltan Ziýar şalygynyň merkezi şäherine – Gürgene ýakyn
wagtda barjakdygyny, olaryň meselelerini ýerinde çözjekdigi­
ni wada beripdi. Ondan bärem iki ýyl geçipdi. Ýakynda soltan
Masut Balhdaka onuň ýanyna Gürgenden uly wekilçilikli topar
ýörite barypdy, Gürgendäki meseleler hakda aýdypdy, ol mese­
leleri çözüp bermegini soltandan ýene towakga edipdi. Soltan
Ziýar şalygy baradaky meseleleri mundan beýläk yza çekmezligi
makul tapdy, Gürgene tarap ýola düşdi, şalygyň tabynlygyndaky
Saryýa, Amul, Gürgen, Astrabat şäherlerine paç salyp, köp muk­
darda baýlyk gazanmak isledi. Oňa berlen maglumatlara görä
şäherleriň hersinde «bäş ýüz müň sany hojalyk» ýaşaýardy. Şäher
ilatynyň hersi bir dinardan paç tölände «bäş ýüz müň sany bäş
ýüz müň» dinar boljakdy 6.
Soltan Masut agyr goşun bilen Gürgene bardy. Iki ýyllap
garaşan ýerli ilat soltany gülerýüz, duz-çörek bilen garşy aldy.
Soltanyň öňünde adamlar öz begençlerini bildirmek mak­
sady bilen aýdym aýdyp, saz çaldylar, ýerli sungat ussatlary öz
başarnyklaryny görkezdiler 7. Gürgen welaýatyna häkim bol­
mak isleýän Bakalanjar soltanyň öňünde pyrlampaç bolup
aýlanýardy: ýaranmak üçin gaty yhlas edýärdi. Ol biçak görme­
geý, biçak edaly gyzynyň bardygyny, ony soltana mynasyp hasap­
laýandygyny aýtdy. Soltan garşy çykyp durmady. Bakalanjaryň
gyzy hakykatdanam soltanyň hoşuna geldi.
335
Soltanyň gürgenlilere giýew bolýandygynyň hormaty­
na uly toý tutuldy. Toýdan soň soltan Masut Balhda ýüregine
düwen maksadyny amal etmegiň ugruna çykdy. Bu babatda
öz başarjaňlygyny görkezdi: gysga wagtyň içinde özüne her bir
ziýarlydan bir dinar ýygnap getirip berilmegini talap etdi.
Ine, şu ýerde-de ýagdaýlar bulaşdy. Salgytdan, paçdan, haraç­
dan ýaňa öň beze-bez bolan adamlar alabasga düşdüler. Wah,
bar bolsa ýerli ilat berjek, ýöne berere zatlary bolmasa nätsin?!
Entek ýüzlerinden şatlygyň alamatlary aýrylmaga ýetişmedik
ilat birden pajyga ahwalatyna düşdi.
Soltanyň gulamlary paç ýygnamak maksady bilen öýme-öý
girip, adamlaryň öý goşlaryny towsa göterdiler, paç töläp bilme­
dik kişileriň öýlerini otladylar, köp adamy öldürdiler. Garasaý,
ilatyň elinde baryny almak üçin gaty yhlas etdiler.
Ziýar şalygynyň şäherleriniň ilaty, aýratyn hem Gürgen,
Saryýa, Astrabat şäherleri gaznalylara tabyn bolmazyndan bu­
run Apbasy halyfyna ýylda on müň dirhem töleýärdi 8, soltan
Masut bolsa ol şäherleriň hersinden öňki tölegden on esse köp
paç talap edýärdi.
Ilat öýden-öwzardan geçip, çem gelen tarapa gaçmak gaç­
dy. Şäherler boşap galdy. Çolpusyna suwytly zat düşmedik sol­
tan gazap atyna mündi. Ziýar şalygynyň her şäherinden «bäş
ýüz müň sany bäş ýüz müň» dirhem ýygnap boljakdygyny ha­
bar beren salgyt diwanynyň hemem habar beriş umurysynyňgullugynyň sahyplaryny, işgärlerini – ýüze golaý adamy huzury­
na getirtdi. Olary galp maglumat berip, soltany betnam ýagdaýa
salan­dyklary üçin ýeke-ýekeden piliň aýagynyň aşagyna oklap
öldürtdi 9. Barybir, soltanyň olardan ýaňa içi sowamady.
Soltan Gürgenden Nyşapura lapykeç dolanyp gelende oňa
seljuk­lylar hakda ýatlatdylar.
– Eger seljuklylary gyssagly kowmasak, onda Horasan biziň
elimizden gider – diýip, beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abd-as-Sa­
mat sandyrady.
Soltan:
– Olary kowmak gaty aňsat, siz, näme, olary nädip kow­
malydygyny bileňzokmy? – diýip, ajy ýylgyrdy.
Wezir-wekiller biri-biriniň ýüzüne soragly bakdylar, soňun­
336
dan adamlary ýaşaýan ýerlerinden nädip aňsatlyk bilen kowup
bol­ýandygyny bilmeýändiklerini boýunlaryna aldylar.
Soltanyň sözi gysga boldy:
– Adamlaryň öýlerini taşlap gaçyşlaryny men Tabarystan­
da hakyt gözüm bilen görüp geldim. Seljuklylar diýýänleriňizi
tabarystanlylaryň gününe salmaly: olary agyr salgyt, agyr paç
tölemäge borçly etmeli. Ana, şonda siziň seljuklylar diýýänleriňiz
zut gaçar.
Bu pikir mejlisdäkileriň ählisine makul göründi. Soltanyň
bu inçe syýasatyny, pähim-parasadyny öwmek öwdüler.
Şondan soň bundar 10 toparlary seljuklylaryň üstüne aç gurt
bolup okduryldylar.
Tahyrlylardan 11 bäri her ýylda Paraw elli bäş müň, Nusaý
sekiz ýüz togsan müň, Abywert ýedi ýüz elli müň dirhem paçdyr
salgyt töleýärdi 12. Tölegiň bu möçberi saffarylar, samanylar
döwürlerinde-de üýtgemändi. Dogrusy, bu möçberi gaznalylar
hem saklapdylar, ýöne seljuklylar gelensoň salgydyň möçberini
tas on esse möçberinde artdyrdylar.
Tölenmeli salgytlaryň görnüşleri kändi. Diňe sadakat 13 boýun­
ça Nusaýda ýerleşen seljuklylaryň tölemeli dirhemi öňki ähli salgyt
töleg­lerinden artykdy. Horezminden getirilen ähli dowarlary, ýyl­
kylary dirheme öwrüp bereniňde-de doly hasaplaşyp boljak däldi.
Bundarlar gaty ýowuzdylar, haýasyzdylar, ahlaksyzdy­
lar. Olar aýdan möçberindäki salgytlar tölenmese, öýleri toz­
durýardylar, ähli goş-golamlary alýardylar.
Özem bu gün bir topar bundary kanagatlandyryp yzyna
ugratsaň, ertesi bundarlaryň başga bir topary gelýärdi. Sebäbi
salgytlaryň görnüşleri ondan hem köpdi. Salgytlaryň esasylary
haraç bilen hüşür14 hasaplanýardy. Ýöne rusum-i-marai, awariz,
kisam, alaf, taufir, hukuky maragy, töleg, jizýe, ähli zimmet,
abre 15 tölegleri biçak agyrdy. Salgytlaryň tölenişine gözegçilik
edýärin diýip, «men diwany yşrafy memleketdendirin» 16 diýip,
«men diwany-amaldandyryn» 17 diýip, «men hukuk wa rusumi
diwanidandyryn» 18 diýip topar-topar bolup gelýärdiler. Nal
baha 19 diýibem salgyt almaga gelýärdiler. Hiç zady geň görer
ýaly däldi. Olara bundarlardanam köp gerekdi. Olaryň öňünde
soltan Masut-da durup bilmez.
22*
337
Bu gün hem bundarlar gelipdi. Olar tizden-tiz Togrul
begiň öz huzurlaryna gelmeklerini talap edýärdiler.
Yzyny üzmän gelýän salgytçylaryň-bundarlaryň-masyllaryň
öňlerinde durmak seljuklylara görgüdi.
Togrul beg howanyň häzirki amatsyzlygynda bundarlar
öýlerinden çykmaz, gelmez öýdüpdi. Ine, şu niýet bilenem säh­
ra dynç almaga çykypdy. Begiň niýeti bu gün dünýäni, iň esasyda, masyllary unudyp dynç almakdy.
Oýtakda ojar ody uludan ýakylypdy.
Bu mahal Togrul beg hatyny bilen düşlegden bir depe
aňyrda hylwaty «söweş» geçirýärdi.
Olar ýaňy gyzyşyp ugrapdy, biri-birinden nazarlaryny aýyr­
man hereket edýärdiler.
– Ýadadyňmy? – diýip, gara dere batan Togrul beg dillendi.
– Ýok, ýok – diýip, Altynjan jogap berdi.
Olar biri-birine gazaply daraşýardylar, göýäki biri-birinde
köýüp ýatan ary bar ýalydy. Togrul begiň ýatagany Altynjanyň
eline gyltyz degen-de bolsa ganadypdy. Onuň gyrmyzy gany
garyň üstüne seçelenýärdi.
– Senden gan akýar.
– Goý, aksyn.
– Eliňi saraly!
– Bir gezek Togrul beg şeýle diýdi: «Garşydaşyňa sähel re­
himdarlyk etmek – öz janyňdan dynmak».
– Hakyt şeýle diýdimi ol?
– Käte şeýle pikirleri aýdaýmak edähedi bar onuň.
Ýataganlardan uçgun syçraýardy, olaryň şarkyldy sesleri
uzaklara ýaňlanýardy.
Birden:
– Togrul beg, Togrul beg! – diýen ses eşidildi.
– Ýene masyllar gelendir – diýip, Togrul beg uludan demi­
ni aldy. – Mundan-a mydar bolmaz.
– Pilmahmydyň 20 dogmasy seljuklylaryň öz garşysyna çyk­
magyny, elinden Horasany almagyny isleýär öýdýän.
– Bizi mejbur edýär.
– Bu Allatagalanyň islegi bolsun gerek – diýip, Altynjan yzlyyzyna hüjüm etdi.
339
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, ýakyna gelen çapar äraýalyň gylyçlaşmalaryny goýaryna garaşdy, ýöne är-aýalyň bolşy
hiç zat eşitmeýän ýalydy. Çapar zol-zol gygyrmakdan heder
edip, Togrul begiň habar almagyna garaşdy.
– Men Horasan hökümdarlygyny döretmek isleýärin, ýöne
gaýalar barka kynyklaryň oňa haky ýok.
– Döwür-döwran üýtgäp-özgerip dur...
– Näme üýtgese-de, Oguz hanyň wesýeti üýtgänok. Biz
Oguz hanyň ikinji hatynyndan dörän nebere, hyzmat etmeli ne­
bere. Kynyklaryň işi gaýa neberesiniň – patyşanyň serhetlerini
gorap bermek. Wah, biz serhet gorajak welin, Masut bizi rahat
ýaşadanok...
– Bize bilgeşleýin sütem edilýär!
– Dogry, bize bilgeşleýin sütem edýärler. Ol bizi bir hepbe­
21
siz galdyryp, aýagyna ýykylmagymyzy isleýär.
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, çapar ýene gygyrdy.
– Altynjan, türgenleşigimizi bu günlükçe goýbolsun edeli.
Gel, men eliňi sarap bereýin.
Çapar howlukmaç gürledi:
– Togrul beg, meni dergähiňize Ybraýym beg ugratdy.
Nyşapurdan masyllar geldi. Size garaşýarlar.
– Men häzir bararyn, sen yzyňa gaýdyber.
***
Täze durmuş başlandy
Mundan üç aý owal Sowmagy 22 Çagry beg bilen Togrul
bege: «Siz häzir gaflatda ýaşaýarsyňyz. Ýakyn wagtlarda Jeýhun
derýasynyň boýunda sizi şeýlebir siltärler welin, ana, şondan
soň siziň täze ömrüňiz başlanar» diýipdi. Sowmagynyň bu sözü­
ne şonda Çagry-da, Togrul-da o diýen ähmiýet bermändi. Ýöne
iki dogan Sowmagynyň diýen «silterlemesiniň» beýle wagşyýana
boljakdygyny akyllaryna sygdyryp-da bilmeýärdiler.
Aýylganç Zamahşar gyrgynçylygyndan gaçyp, seljuklylar
Rabat-Nysanda düşläpdiler. Ol ýerde kimiň bardygy, kimiňnämäniň ýoklugy tükellendi. Hasan beg aşa sypaýy müneçjim
Sowmagynyň üstüne gygyrdy:
340
– Şeýle gyrgynçylygyň boljagyny öňünden bilen bolsaň,
näme üçin düşnükli edip aýtmadyň?
– Iki gezek gaýtaladym.
– Ondan gaýtaladym bolmaz. Aýdanyňda gaty düşnükli
edip aýtmaly.
– Men silterleme bolar diýdim-ä!
– Muňa silterleme diýilmeýär. Muňa gyrgynçylyk diýilýär,
gyrgynçylyk! – diýip, aňsat-aňsat gaharlanmaýan Hasan beg se­
sini gataltdy.
Hasan begiň janykmasyny synlan Togrul beg Sowmagynyň
soňky sözlerini aňynda aýlady. Onuň sözleri göwnüne makul
geldi. Ol sözlere ýürekden ynanmak isledi. Ýöne onuň ertirki
güni gaty garaňkydy. Çünki düýn köp mukdarda baýlygy, on
müň esgeri bolan Togrul bu gün bary-ýogy ýedi ýüz sany atly
bilen galdy.
Ýeri, indi nirä gitmeli?!
Seljuklylaryň üçünji gezek maňlaýlary daşa degdi.
Üç gezek!
Birinji gezek seljuklylar Ýaňykentde Aly patyşa bilen
oňuşmady.
Patyşanyň hatynynyň tekepbirligi zerarly Seljuk beg öz
ýaranlary bilen Ýaňykentden Jende göçüp gaýtdy.
Bu masgaraçylyk ýaňy unudylyp ugralanda seljuklylaryň
depesinden ikinji masgaraçylyk indi: Garahan türkmenleriniň
patyşasy Alytegin seljuklylaryň garşysyna aýaga galdy. Ol meselä­
ni nagt goýdy: «Mawarannahrda ýa siz hökümdarlyk edersiňiz ýada biz. Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz». Ol şu pikiriniň
subutnamasy hökmünde seljuklylaryň ýabgusy Ýusuby öldürdi.
Seljuklylar ikinji gezegem ýeňlişi boýun aldylar, gaçmak bi­
len boldular.
Olar Garahanlylar hökümdarlygynyň tabynlygyndaky ýer­
leri – Mawerannahry terk edip, Horezmine geldiler. Bu ýeri
gaznaly soltanlygynyň tabynlygynda. Bu soltanlygyň öňünde
seljuklylaryň bitiren, bitirýän hyzmaty az däl. Seljuk jemagatlary
Balkanda gaznaly soltanlygyny wagyz edýärler, beren wadalary­
na wepaly bolup, salgytlaryny-paçlaryny wagtly-wagtynda töläp
ýörler. Şonuň üçinem olar Altyndaşyň çakylygyny göwünjeň ka­
341
bul etdiler. Emma olara bu ýerde-de rahatlyk bolmady. Jendiň
emiri Şamälik ejesine beren sözünde tapyl­dy, seljuklylary aýyl­
ganç gyrdy. Gör, näçe baýlyk Şamälige olja galdy.
Süri-süri mallar!
Süri-süri ýylkylar!
Bary Şamäligiň tabynlygyna geçdi.
Seljuk begleriniň belli bir bölegi diňe gara başlaryny halas
etmäge ýetişdi. Olaryň ýanlary bilen alan zatlary ýok!
Bu üçünji ýeňliş!
Masgaraçylykly ýeňliş!
«Üçden soň puç» diýilýär!
Indi näme etmeli?!
Nämeden başlamaly?!
Kime bil baglamaly?!
«Wah, soltan Mahmyt diri bolan bolsady, onda ol hökman
bize eýe çykardy. Şamälikden arymyzy-da alyp bererdi, ýöne Ma­
sutdan degirmen (asman) ýakyn. Ondan diňe bize däl, hiç kimede howandar bolmaz» diýip, Togrul beg örtenmek örtenýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 21
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.