Latin

Altynjan hatyn I - 22

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2108
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelmejekdigine oňa gözi kaklyşan dessine akyl ýetirýärdi.
Bu gezek söweşe ähli seljuk begleri girdi.
Jylawdar goşunyň salary Çagry begdi.
Sag ganatda Togrul beg, sol ganatda Musa beg ogullary
Hasan hem Ýakut bilen durýardy.
Altynjan bilen Anuşirwan ýiglewük bölüme serkerdelik etdi.
Bu söweş Altynjan hatynyň gatnaşýan ilkinji uly söweşidi. Ol
gazaply, rehimsiz söweşdi. Onuň söweşe gatnaşmagyna Tog­rul
beg başda razy bolmandy. Şonda ol özüniň ýöne-möne söweşiji
däldigini bege ýatlatmaly bolupdy. Wah, Togrul beg Altynjanyň
söweşmäge ussatdygyny bilmesine bilýärdi, ýöne ony söweşe sal­
man, goramakçy bolýardy.
– Ýiglewük bölümde söweşersiň – diýip, beg göwünligöwünsiz razylyk berdi.
Altynjan söweşde bölümiň bölümden tapawudy ýokdur
öýdüpdi, görüp otursa, bar eken. Ýiglewük bölümiň ikinji
ady ökje eken. Bu bölümiň esasy işi serkerdäni hemem tugy
yzdan howpsuzlandyrmak eken. Mundan-da başga duşmanyň
esgerleriniň söweşde ileri-gaýrany tanaman söweş meýdanyndan
ökje ogurlap ugranda öňünden çykyp paýhynlamak eken.
360
Nusaý söweşinde hem ýiglewük bölümiň esgerleriniň işi
ýeterlik boldy. Olar gaçyp gelýän gaznalylaryň öňünden çykyp,
ýeke-ýekeden paýhynladylar. Bu söweşde Altynjanyň göhi gel­
di. Şeýle bir çalasynlyk bilen ýataganyny işletdi, gaty köp gaz­
nalyny pürreledi.
***
Soltan gulamlary nämä garaşsalar-da öz üstlerine çozulma­
gyna garaşmandylar. Olar bu mahal ýazylyp-ýaýrap ýeňiş toýuny
toýlaýardylar ahyryn!
Hana, birtopar gyr atly bolsa, toý toýlap, aýdym aýdyp, çişlik
iýip oturan gulamlaryň kellelerini eginlerinden pyzlandyryp
düşürip ýör!
– Bu nädogry. Häzir hiç bir gaznalynyň ynjalygyny bozmaly
däl, azar bermäň! – diýip, dünýäden bihabar, badyhowa gulam­
lar nägilelik bildirdiler.
Mes gaznalylaryň nägileligine ähmiýet beren bolmady.
Görlüp oturylsa, ýagdaý erbet eken, nägile bolanyň bilen
üýtgejek zat ýok eken!
Gözleriniň görýän zatlaryna ýeke gaznalynyň hem eger-eger
ynanasy gelmedi, ýöne islemeýän zatlaryna ynanmaly boldular.
On ýedi müň gulam basga düşdi.
Näme etjeklerini bilmän iki ýana elewräp ugradylar.
Baýlyk süýji, olja has süýji. Baýlykdan-da, oljadan-da jan
süýji, janlarynyň didiwana münendigini aňan gaznalylar olja­
dan-beýlekiden ellebizar geçip, ýeriň pesi bilen zyk gaçdylar.
Seljuk ýigitleri aýak ýalaň, baş açyk gaçyp barýan soltan
gulamlarynyň yzyndan ýetip gyrmak gyrdylar.
Begdogdy başarjaň, ugurtapyjy serkerdedi, ýöne onuň bir as­
gyn tarapy bardy. Ol hem edil Subaşy atly egindeşi ýaly, şerap içip
mes bolmagy gowy görýänligidi, däli-diwana bolýanlygydy. Şerapmeý içenden soň ol hakyt başga Begdogda öwrülýärdi. Onuň
gözüne owadan hüýr-melekler görünýärdi 9. Onsoň şol hüýr-me­
lekler bilen kowalaşmaga, hemsöhbet bolmaga başlaýardy.
Uly ýeňiş gazanan Begdogdy Nusaýda içdi meýi, içdi meýi.
Gyzyl däli, muhammar boldy. Onsoň: «Hana, bir owadan peri
361
bar!» diýip, öz gulamlarynyň yzyndan kowalap, olary tutup,
bagryna oýkap, hyjuwyny gandyrmaga başlady. Gulam görgüli­
ler oňa ýok diýip bilenokdylar.
Seljuklylary görende Begdogdy walalaýlap gygyrdy:
– Görüň-ä, görüň-ä, owadan periler geldi. Ählisini maňa ge­
tirip beriň! Olaryň ählijesi meniňki!
Salaryň çawuşlary ony alyp gaçjak bolýardylar, Begdogdy
welin, çawuşlary depip-dişläp, olaryň elinden sypjak, «üýşüp ge­
len perileriň» – seljuklylaryň öňünden gujak açyp çykjak bolup
dyzaýardy.
Herhal, çawuşlar salaryň ähli sütemine, patanaklamasyna,
çem gelen ýerlerine urmasyna garamazdan ony gyrgynçylygyň
içinden alyp çykmagy başardylar.
Kethuda hoja Hüseýin Aly Mykaýyl welin, ýesir düşdi.
Kethudanyň wezipesi söweşde ýeňiş gazananlara heýde-baýrak
gowşur­makdy. Bir tarapdan seredeniňde, hoja wezipesini ýe­
rine ýetirdi: ýeňşi seljuk begleri gazandy. Şonuň üçin soltanyň
sahylygy seljuk beglerine nesip etdi.
Begdogdy şol günüň ertesi özüne geldi. Bolan wakalar hakda
eşidip ynanmady. Birki günläp tükge düşüp ýatdy. Soňam Gazna
sary ýola düşdi. Gaznada şindem toý-baýram dowam edýärdi.
– Ýeňildik! On ýedi müň atly goşunymyz gyryldy. Ähli zat­
larymyzy seljuklylar olja aldylar. Sanalgyja adam bilen men haz­
zar gaçyp gutuldym.
Soltan gözüniň görýän zadyna, gulagynyň eşidýän sözlerine
hiç ynanyp bilmedi, ynanasy hem gelmedi.
Ol görýän zatlaryna müňkür gelip, gözlerini ýumdy. Berk
ýumdy. Onuň bolşy indi gözlerini açsa, hälki eşiden habarlary
owalbaşky eşiden şatlykly habarlaryna öwrüläýjek ýalydy.
Haýp, öwrülmedi!
Nusaýyň etegindäki bolan zatlara salar Begdogdynyň özem
şindem teý ynanyp bilenokdy. Ol gazanan ýeňşine biçak yna­
nypdy, begenipdi, biçak ruhlanypdy. Ýeňlen atlylardan özge
atly bu jelegaýda başga bardyr öýdüp, ol eger-eger pikirem et­
mändi. Onuň gyran seljugy juda kändi ahyryn! Oňa: «Ähli sel­
jukly gyryldy, tohumlyk galmady» diýdiler ahyryn! Ýedi ýüz mas­
lygy hut onuň özi ýeke-ýeke sanady ahyryn!
363
Begdogdynyň ömri söweş meýdanlarynda geçdi. Şol
söweş­lerde ýeňen gezeklerem az bolmandy, ýeňlen gezekle­
rem. Şol söweşlerde her hili tilsimler ulanylypdy, ýöne beýle
ahwalata ol ýeke gezegem gabat gelmändi, eşitmändi hem!..
***
Bu ýeňiş Togrul beg bilen Çagry begiň ilkinji uly ýeňşidi.
Bu tilsim iki doganyň ilkinji harby tilsimidi.
Ele salnan oljalar uly bir oýtakda ýaýylyp ýatyrdy. Olary
bir-iki günde tükelläbem tükeder ýaly däldi. Soltan Masudyň
söweşde ýeňiş gazananlara bermek üçin niýetläp ugradan hal­
ta-halta altyn dinarlary, gymmatbaha harytlary göreniň akylyny
haýran edýärdi.
Bu baýlyklary görüp halyfyň ilçisi Nejah-as-Fazlyň tüýsi
hakyt üýtgedi:
– Bir zada-da el degirmäň! Bir zada-da el degirmäň! Bu
baýlyk­lar merhemetli halypanyň Perwerdigärden eden dilegle­
ri bilen amal tapdy. Bu baýlyklar Perwerdigäriňki. «Ýeňiş diňe
Allanyňkydyr».10 Ilki bilen, bu baýlyklary Bagdada ugratmaly.
Goý, bu baýlyklaryň näçesiniň size, aýratyn hem Musa bege, Tog­
rul bege, Çagry bege degişli hums paýyny, esgerleriň paýlaryny
kesgitläp bersin. Bu baýlyk­lardan her bir esgere ýetjekdigine
men yşanýaryn. Ýöne sabyrly boluň. «Alla sabyr edýänler bilen
mydama biledir». 11 Allatagalanyň ýalkawy bolmasa, on ýedi saý
haşamy üç müň esgeriň ýeňmejekdigi köre hasadyr, ýöne Alla­
tagala islese, mümkin däl zatlary-da mümkin edýändir – diýip,
pikirini çalt aýtmasa, bar baýlyk alnyp gidiläýjek ýaly, gözlerini
petredip, agzyndan köpük syçradyp, çalt-çalt gürledi.
–Çaşyp ýatan ähli baýlyklary arabalara derhal ýükläň. Ýeke­
jesinem aljak bolaýmaň.
Nejah-as-Fazlyň bu hokgasyna ähli esgerler ör-gökden geldi.
– Eý, munuň nämeler samraýandygyny gulagy beri
eşidýärmikä? Munuň-a baýlyk görerligi ýok eken. Geplemäge
ýaltanyp ýören bedibagtyň sarnaýşyna bir serediň-ä!
– Ybraýym, Nejas-as-Fazl dogry aýdýar. Allatagalanyň ýal­
kawy bolmadyk bolsa, üç müň esger on ýedi müň gulamy beýle
364
aňsat ýeňmezdi. «Ýeňiş diňe Allanyňkydyr». Goý, halypanyň
näme edesi gelse, şony etsin – diýip, Togrul beg Ybraýymy
köşeşdirmäge çalyşdy.
– Ýekeje zadam gozgaman, ähli emlägi şu gün Bagdada
ugratmaly – diýip, Nejas-as-Fazl ariziň 12 üstüne gygyrdy, onuň
elindäki zatlary kakyp aldy.
– Meniň oglanlarym – saýlama atlylarym halypanyň ilçisini
dört-bäş günlük «ogurlap» guma äkidäýsinler? Oňa çenli olja­
lary paýlaşyp, ýerbe-ýer edip ýetişeris? – diýip, Ybraýym Togrul
bege ýüzlendi.
– Allatagala-ha saňa jahan şalygyny uzadýar, senem müň ara­
ba baýlygyň gürrüňini edýärsiň! – diýip, Togrul beg Ybraýymy
oňlamady.
Hasan beg beglere ýüzlendi:
– Bu söweşde dört-bäş Rüstem Zallyk güýçli bir söweşijini
görüp aňkarylyp galypdyryn. Aňkarylyp durkam tas kellämi pyz­
landyrypdylar...
Hasan beg gürrüňiň haýsy söweşiji hakda gidýändigi­
ni soramak­laryna garaşyp, sözüne dyngy berdi. Togrul beg
gürrüňiň kim hakda gidýändigini bada-bat aňyp ýylgyrjaklady.
– O Rüstem Zalyň kimdigini näme üçin aýtmaýarsyň? –
diýip, Çagry beg gyzyklandy.
– Kim bolar öýdýärsiňiz, Altynjan melike ol. Eý, Hudaý,
garşydaş bolup öňünden çykar ýaly däl onuň. Togrul, öňünden
çykan bolsaň, seniňem kelläňi pyzlandyryp goýbererdi ol. Eý,
ol säginmän, öňünden çykany ýeke kakuwynda tükgerdip göni
gidip barýar. Boýnuma alaýyn, men sag ganatda söweşen-de bol­
sam, Altynjan melikeçe gaznalyny pürrelemändigimi bilýärin.
Ýiglewük bölümi öň darkaşlarda oňly iş etmezdi, ýöne şu gezegä bu bölüm ylgary bölümdenem, sag ganatdanam köp iş bitirdi.
– Togrul bege mynasyp hatyn! – diýip, Musa beg buýsançly
aýtdy. – Goý, ýeňişlerimiz köp bolsun!
– Hany Altynjan?! – diýip, Togrul beg töweregine garan­
jaklady.
Altynjan bu mahal Anuşirwanyň ýanyndady. Lukmanlar ýaş
ýigidiň üç ýerinden düşen ýeňil ýara em edýärdiler.
365
– Oglum, juda agyrýarmy? – diýip, Altynjan odanýardy.
– Käbäm, maňa hiç döwem çalmaz, nesip bolsa, ömri-deraz
ýaşarys – diýip, Anuşirwan ýylgyrjaklady.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin.
– Altyn gyz!..
Bu sese Altynjan tisginip gitdi:
– Men bärde – diýip, ol syçrap ýerinden galdy.
– Sag-amanmyň?!
– Sag, begim, sag!
– Görünmediň, ýüregim ýaryldy.
– Men sizi synlap, görüp otyryn.
– Anuşirwan, sen nähili?
– Birki sany gyltyz ýara düşdi, gorkuly zat ýok – diýip,
Anuşirwan merdemsi jogap berdi.
– Hany, ýörüň onda, bitiren işlerimizi ýene bir gezek göz­
den geçireliň. Biz bu gün gaty uly iş bitirdik. Çybyn bolup, pili
çakdyk, gorkuzdyk: soltanyň ýüregine gorky-wehim saldyk. Ine,
biziň ikinji uly ýeňşimiz şu!
– Şirler-babyrlar diňe garynjalardan ýeňilýärler, gaçýarlar.
Nesip bolsa gaznalylary bu ýerden hemişelik gaçyp gider ýaly
ederis.
– Şeýle bolsun hernä, Anuşirwan jan – diýip, Togrul beg
hoşter seretdi.
Dördünji hekaýat
UMYT BAR ÝERINDE – BAGT BAR
1.
T
ogrul beg Ýazyr galasynda 1 emirlik edýän Hasanyň
myhmany boldy.
Hasan seljuk begleriniň hiç haýsyna meňzemeýän dünýe­
wi bir ýigitdi, söweşmegi, teshyr etmegi halamaýardy. Ol
ylym adamydy, okumyşdy. Ýedi dil bilýärdi. Ýatkeşdi. Köpköp akyldarlaryň hadyslaryny, pähim-parasatlaryny, köp-köp
şahyrlaryň goşgy-gazallaryny ýatdan bilýärdi.
Haýsy ýerde meýlis-oturylyşlyk bolsa, oňa hökman Hasan
çagyrylýardy. Ol baran ýerini alaýaz etmegi başarýardy. Joşupjoşup şygyr okaýardy. Eline haýsy saz guralyny alsa, oňa dil biti­
rýärdi. Ol asyl şadyýanlyk, aýdym-saz, suhangöýlük üçin dörän
ýalydy. Eline ýatagan alyp söweşmegi welin, asla halamazdy.
Hasan Ýazyrda häkim-de bolsa, garyp ýaşaýan eken. Ol
Togrul beg gelende zyýapaty uludan ýapyp bilmedi. Nädip zyýa­
paty uludan ýapsyn! Ol el serip gelen her gedaýa saçagyndaky iň
soňky kesemen tötegini berip goýberýär. Ýüreginiň ýukadygyny
eşiden mähelle bolsa, çar ýandan Hasanyň dergähine gelýärdi.
Ol bolsa, her gün ençe gazan ataryp, sadaka berýärdi.
Togrul beg bu ýere Musa ýabgunyň towakgasy bilen gelip­
di. Ol Hasana töwella-tagsyr etmekçidi, Ýazyry hem Dehistany
367
dolandyrmak işine ýardam bermekçidi. Elbetde, Hasan ýeke
däldi, onuň ýanynda inisi Ýakut-da bardy.
Ýakut ot ýalydy, hajyrawdy, işine çulumdy. Ýaňy on bir
ýaşynda bolsa-da, islendik ülkä häkimlik etmegi başarjakdy.
Özem ol Anadoly sebitlerine gitmek, ol ýerlerini teshyr etmek
isleýärdi. Onda gorky-ürki diýen zat ýokdy. Paýhaslydy. Hakyky
serkerdedi, Ýakut Hasanyň tarhandökerliginden juda nägiledi.
Togrul beg iki dogany bir ýerde saklamagyň biri-biri üçin
zulumdygyna düşündi. Şonuň üçinem Ýakuty öz ýanyna aldy.
2.
Beg hareme girende aňynda müň bir pikiri bolýardy.
Onuň şol pikirleri aňyndan belli bir derejede aýyrmagy, rahat­
lanmagy üçin biraz wagt gerekdi. Hut şonuň üçin Altynjan bege
aýtmak isleýän sözlerini aýtmaga hiç mahal howlukmaýardy,
adamsynyň rahatlanaryna – henek ataryna garaşardy. Çünki
Togrul begiň henek atmagy rahatlanandygyny aňladýardy.
Şondan soň ol Altynjanyň her bir sözüni ýürekden diňleýärdi,
ýürekden jogap berýärdi.
Togrul beg ýatmazyndan öňürti günüň dowamynda bolup
geçen wakalary aňynda pikir eleginden geçirýärdi, bu onuň
ýaşlyk endigidi, bu endigi ömrüniň ahyryna çenli dowam edip­
di. Özüniň oýlanmalaryna Altynjanyň goşulmagyny isleýän
hem islemeýän pursatlary bol­ýardy. Bu gün Altynjanyň adamsy­
na ýetirmeli, aýtmaly örän möhüm habary bardy. Başga bir ýag­
daý bolanda ol birki gün garaşsa-da garaşardy, ýöne bu habary
welin, tizden tiz bege ýetirmek isleýärdi.
Altynjan Paraw şäherindäki Parawbibi atly tebip gyz bi­
len tanyşdy, onuň tebipligine biçak syny oturdy, göwni ýetdi.
Ikisiniň jyny-da alyşdy. Birki günüň içinde hakyt köne razdana
öwrüldi, olar. Altynjan tebipden adamsynyň saglygyny – näme
keseliniň barlygyny anyklap bermegini sorady. Tebip ylalaşdy.
Indiki wezipe tebip bilen begi duşurmakdy, ýöne Togrul beg
ertirden agşama çenli işlidi, boş wagty ýokdy onuň.
Altynjan bege agşam saglygyny barlatmak hakda aýtmak­
çydy, haýp, bolmady, şol gije Hasan uly meýlis gurady, gijä­niň
368
ýaryna çenli aýdym aýdyp, saz çaldylar, soňam her kim otu­
ran-oturan ýerinde uklady.
Togrul beg geçen gije haremine gelmekçidi, geljekdigini
Altynjana ýaňzydypdy hem. Ýöne namazşam galaga Musa ýabgu
geldi.
Ýene daňdana çenli oturdylar, ýene her kim oturan-oturan
ýerinde uklady.
Bu gün Togrul beg haremine ilkagşam geldi.
Altynjan habaryny aýtmaga juda howlugýan-da bolsa, begiň
düşeginiň biraz ýumşamagyna – ýazylyp-ýaýramagyna garaşdy.
– Görýän welin, seniň maňa aýtmak isleýän sözüň bar, seniň
aňyň başga ýerde – diýip, beg mylaýym ýylgyrdy.
Altynjan begiň sözüni makullap, çala baş atdy.
– Aýtjak habaryň möhüm bolmaly.
– Dogry. Begim, dag eteginde Parawbibi atly güýçli tebip
bar eken.
– Saňa derdiň bar diýýärmi?
– Aý, ýok...
– Onda näme diýýär?
– Hökümdara bir duşaýsam gowy boljak, oňa aýtjak ha­
barym bar diýýär.
– Gabanmasaň duşaýaryn.
– Ýok, gabanmaryn.
– Habaryny saňa aýdanda bolanokmyşmy?
– Bilmedim...
– Bilýärsiň, ýöne, näme üçindir, aýtmaýarsyň.
– Ýüzbe-ýüz gürleşseňiz, hem özüňiz, hem meniň üçin
gowy boljak.
– Ine, indi maňa düşnükli, tebibiň aýtjak sözi sen hakda
bolmaly. Dogrumy?
– Menem şeýle pikir edýärin.
– Men onuň bilen hökman duşuşaryn, Altynjan…
Togrul beg Parawbibi bilen duşuşmaga söz beren-de bol­
sa, wagty bilen duşuşmady. Altynjan parawbibili gürrüň begiň
ýadyndan çykandyr öýtdi, ýöne ýadyndan çykman eken. Ol öz
24*
369
adamlaryna Parawbibiniň maşgala durmuşy, dogan-garyndaşy
hakda anyk maglumat ýygnamaklaryny tabşyrypdyr, anyk joga­
ba, maglumata bir hepdeläp garaşypdyr. Maglumat alansoň beg
mälik Hasana Parawbibini alyp gelmegi tabşyrdy.
Parawbibi uzyn boýly, inçe billi, saçlary döşünde seçelenip
duran, owadan ulugyzdy. Onuň mähirden püre-pür ala gözleri
adaty gözler däldi. Ol gözlerde nähilidir bir üýtgeşik jady bardy,
gudrat bardy.
Togrul beg gaşynda duran ulugyzy birpaýyz synlady-da, oňa
nähili mesele ýüze çyksa, Hasan emiriň ýanyna gelmegi masla­
hat berdi, emiriň ýardam etjekdigini ýaňzytdy. Soňundan beg:
– Maňa aýtjak sözüň barmy? – diýip sorady.
– Rugsat berseňiz, men size käbir zatlary aýtmakçy.
– Üýtgeşik habaryň bardygyny aňýaryn.
– Merhemetli hökümdar, biz siziň şu ýere gelmegiňize ýedi
ýyl bäri garaşyp ýörüs.
– Ýedi ýyl bäri? – diýip, Ybraýym geňirgendi.
– Hawa, ýedi ýyl bäri. Onsoňam garaşýan ýeke men däl.
– Başga kim garaşýar? – diýip, Ybraýym ýene gyzyklandy.
– Size Mänede şyh Abu Seýit Abylhaýyr 2 garaşýar. Siz ondan
pata alsaňyz, işleriňiz has rowaçlanar.
Gije düýşünde erenler Togrul bege Abu Seýit Abylhaýyr
hem Parawbibi bilen duşuşyşmalydygy hakda aýdypdylar.
Parawbibiniň sözünden soň Togrul beg gören düýşüniň ýöne­
keý düýş däldigine düşündi.
Ol Parawbibä minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen aýdyl­
maly ha­bar gutarandyr öýtdi. Gutarman eken. Aýdyljak esasy
habar öňde eken, asyl! Parawbibi begi ýene haýran galdyrdy:
– Hökümdar, men size möhüm bir habar aýtmak isleýärin.
Ol habary men Altynjan melikä aýtdym, ýöne, çakym çak bolsa,
melike ol habary size aýtmandyr.
– O näme üçin aýtmandyr öýdýärsiňiz? Aýtdy. Meniň sag­
lygym baradaky aladalaryňyz üçin sizi Taňry ýalkasyn!
Parawbibi syrly ýylgyrdy:
– Altynjan mundan bir hepde öňki aýdan buşlugymy size
ýetirmändir.
370
– O nähili buşluk? – diýip, Togrul beg bir Altynjanyň, bi­
rem Parawbibiniň ýüzüne bakdy.
– Men, eý, hökümdar, gelniňiz Altynjan bilen tanyşdym.
Onuň dört hepdelik hamyladardygyny size ýetirmek isledim...
Parawbibiniň bu habary Togrul begiň hem, ähli wezirwekilleriň hem garaşmadyk habary boldy.
Wezir-wekiller ýerli-ýerden Togrul begi gutladylar.
Peýkertuwak Altynjany taýly gezek gujaklady.
Togrul beg hoşal bolup, Parawbibä ýüzlendi:
– Sen meni hoş habaryň bilen begendirdiň. Hany, aýt, bu
hoş habaryň üçin menden nähili engam isleýärsiň?
– Eý, hökümdar, meniň engam hantamaçylygym ýok, tebip
hökmünde dünýä injek şazada babatda sizden bir zady towakga
etmegi parz bilýärin.
– Aýt parzyňy!
– Eý, hökümdar, siziň dowamatyňyz dünýä injek şazada
bilen baglanyşykly. Onuň sagja dünýä inmegi üçin şu günden
başlap alada etmeli.
– Sen anyk hem düşnükli aýt. Men näme etmeli?
– Gelniňize küýsän zadyny iýdirmeli, küýsän ýerine alyp git­
meli. Göwnüne degmeli däl. Agyr ýük götertmeli däl.
– Soňkyň kyn bolaýmasa – diýip, Togrul beg hezil edip gül­
di. Ýanynda duranlar onuň gülküsine goşulyşdylar.
– Mirasdar size gerek.
– Sen bu zatlary näme üçin çintgeýärsiň? Täleýimizde bir
ýaramazlyk ýokdur-da hernä?
– Ähli zat size bagly! Her hili näsazlyk bolaýanda-da, siziň
ony sazlamagyň alajyny tapjakdygyňyza men yşanýaryn.
– Maňa bagly bolsa, onuň bir alajy tapylar. – Togrul beg
gapdalynda duran Altynjana ýüzlendi: – Altyn gyz, sen meni
mydama haýran galdyrýarsyň. Hoş habary nädip bir hepdeläp
menden ýaşyryn saklap bildiň? Näme üçin aýtmadyň?
– Men ony çala ýaňzytdym ahyryn! – Altynjan utanyp gyzardy.
– Wah, sen-ä oňardyň! Seniň munyň Sowmagynyň: «Men
size «Zamahşar gijesinde» silterlenme boljagyny ýaňzytdym»
371
diýşine meňzeýär. Beýle habary ýaňzytmaly däl! Sesiň ýetdigin­
den zowladyp, gygyryp aýtmaly! – Togrul beg töweregine garan­
jaklady. Hazynadaryny tapyp, oňa tabşyryk berdi.
Hazynadar goja aýal maşgalanyň ýanyna barmagy, agzy­
na dinar salmagy biraz gelşiksiz görüp ýaýdandy. Onuň ýaý­
danýandygyny gören Togrul beg: «Haltajygy Altynjana ber, goý,
ol seniň etmeli işiňi etsin» diýen terzde öndedi.
Altynjan içi dinarly düwünçegi alyp Parawbibiniň ýanyna
bardy:
– Agzyňy aç, mähriban Parawbibi! Hoş habary aýdan altyn
zybanyňy altyndan dolduraly!
Parawbibi patyşalaryň sylaglamak islän adamlarynyň agyz­
laryna sygan gyzyly berýändigini eşidipdi, ýöne adamlaryň şeýle
sylaglanyşlaryny öň görmändi.
Parawbibi Togrul bege bakyp, minnetdarlyk bilen baş egdi.
Altynjan geň galdy: bäş sany dinar bilen Parawbibiniň agzy
doldy. Zamahşarda Haldanyň agzy ýigrimi bäş dinar bilenem
dolmandy ahyryn!..
3.
Seljuklylaryň Dehistany eýelemegi Gürgen welaýatynyň hä­
kimi Bakalanjaryň dünýäsini çepbe çöwrüpdi.
Dehistan onuň tabynlygyndady, bu gün bolsa, ol ýerde sel­
juklylar häkimlik edýärdi.
Bakalanjar Ziýar şalygynyň şasyny öldürip, tagtyny eýeläp,
soltan Masudyň uguny ýekeläp, oňa gyzyny gelinlik berip, ýaňy
rahat durmuşa başlapdy. Ol seljuklylar bilen hem arany sazla­
mak isleýärdi, ýöne anyk çykalga tapyp bilmän örtenýärdi.
Soňky günler saglyk ýagdaýynyň hem egbarlandygy üçin Pa­
rawbibini hatyn edinmegi, şeýdip, bir okda iki towşan urmagy
ýüregine düwüpdi: «Ony hatyn edinsem, saglygymy dikelderin,
seljuklylar hem elimden häkimligimi aljak bolup durmazlar».
Ol şu pikir bilen Togrul beg Parawdan gidensoň, ata atlandy.
Şa maksadyna ýetmek üçin ähli pyssy-pyjurlyklara taýýar
adam, tagta-da özüni ösdürip-ýetişdiren, howandarlyk edip,
372
özüne wezir bellän iň ýakyn adamyny öldürip geçipdi. Öňüňde
maksat goýduňmy, şol maksadyňa her edip-hesip edip ýetmeli
diýen pikire gulluk edýän Bakalanjar Parawbibi babatda inçe
syýasat ýöretmegi makul bildi: Paraw şäherine hossar çykdy:
uly sadaka berdi. Sadakada ýoksullara dinar paýlady, Parawbi­
bä eçilmek eçildi. Üç ýüz altmyş geýimlik mata, gymmatbaha
şaý-sep engam berdi. Täze metjidiň gurluşygyna başlady. Bir­
ki aýdan soň Bakalanjar ýene Parawa geldi. Parawbibä öýlen­
mekçidigini aýtdy. Tebip bu pikire çürt-kesik garşy çykdy. Şeýle
bolansoň, Bakalanjar güýje daýanmaly boldy.
Parawbibi gaçdy.
Bakalanjaryň gulamlary onuň yzyndan kowdy.
– Ölerin, ýöne saňa hatyn bolmaryn.
Bu söz Parawbibiniň iň soňky sözi boldy.
Ol daga bakan gaçdy. Yzyndan kowan elliden gowrak gu­
lam ony ele salmak üçin öňe okduryldy.
Parawbibi daga dyrmaşyp barşyna çykalga gözledi. Ol Alla­
tagala mynajat etdi:
– Eý, Biribar, meni özüne ýagşylyk eden adamy öldüren
ganho­ruň gujagyna girmeli etme!
Beýik Biribar Parawbibiniň mynajatyny eşitdi: dag elhenç güw­
ledi, soňam göwsüni açdy. Parawbibi dagyň göwsüne girip gitdi.
Kowup gelýän gulamlar dagyň elhenç güwlemesine, birden
iki bölünmegine, Parawbibiniň gürüm-jürüm bolmagyna akyl
ýetirip bilmediler.
Şol ahwalatdan soň Parawbibiniň özi däl-de, ady ýaşamaga
başlady.
Bu-da bir ýaşaýyş!..
4.
...Şamälik seljuk begleriniň serhoş bolaryna, gije ukynyň
süýjärine garaşypdy.
Ähli zat onuň isleýşi ýaly bolupdy.
«Erkek kişileri uçdantutma öldürmeli, aýallary öldürmeli
däl» diýip, ol ýörite buýruk beripdi. Onuň bu buýrugy Altyn­
373
jany ele diri salmak üçindi, ýöne jesetleriň içinden Togrul
begiň jesediniň tapyl­mazlygy, ýesir alnan aýallaryň arasynda
Altynjanyň ýoklugy onuň barja umydyny puja çykarypdy.
Sekiz müň adamyň öldürilmegi emiri birjik-de begendir­
medi. Gaýtam, gynandyrdy. Rast, Togrul beg gaçan bolsa, onda
onuň birmahal güýç toplap gelip, ar-hun almagy mümkin. Ine,
bu pikir oňa otly köýnek geýdirýärdi, ol sekiz müň maslygy
Togrul begiň kellesine çalyşmaga taýýardy. Muhammet Togrul
begiň kellesini getirip beren gerçege ol özüniň ýigrimi müň
esgeriniň kellesini kesip bermäge-de taýýardy. Ol pursatdan peý­
dalanyp, Altynjany zor bilen hatyn edinmändigine ökünýärdi.
Şamälik daňdan Zamahşara baryp, Abdylmälik hany, hatyny
Hajary, gapydany Mansury, atabeg Omary, ähli hyzmatkärleri­
ni uçdantutma öldürdi, hanyň ogly Habyly bolsa, görene göz
edip dardan asdy.
Şamälik şol «Zamahşar gijesini» özüniň bagtynyň ymykly
ýatan gijesi hasaplapdy.
Togrul beg bu gabahat habary Altynjandan ýaşyryn saklady,
ýöne uzak saklap bilmedi.
Sebäbi Zamahşardan çiltenler gaçyp geldi.
Olaryň gelmegi Zamahşardaky gabahatlyklardan habar
berýärdi.
Altynjan kyrk günläp matam tutdy. Ol kyrk birinji gün at
çapyşygyny yglan etdi. Özem bu ýaryşa gatnaşmaga isleg bildir­
di. Ol ýaryşda ýeňjegine ynanýardy, çünki onuň bedewi saýdy,
ýyndamdy.
Altynjan hiç wagt ruhdan, umytdan düşmändi, düşmegi
halamaýardy hem. Ol umydyň bar ýerinde bagtyň bardygyna
ynanýardy. Umyt onuň bagt guşudy.
Umyt adama Wagty ýeňip geçmäge kömek berýär. Wagty
bolsa diňe onuň bilen aýakdaş gidip, ondan galman, onuň bi­
len gapdallaşyp gidip ýeňip bolýar, şu hili herekete-de ýaşaýyş
diýilýär. Togtamak, ýagny Wagtdan galmak ölümi aňladýar.
Külli älem ýaşaýşy ýaryşdyr. Her bir närse Wagt bilen ýaryşýar.
Ýaryşdan çykarmak üçin Wagt – Pelek elde baryny edýär. Wagt
374
bilen ýaryşdaky «gaç-ha-gaç», «kow-ha-kow» diriligiň aýdyň ýüze
çykmasydyr. Adam kowýar, Wagt yzyndan ýetdirmezlik, ýaşaýyş
bedewiniň üstünden adamy ýoklugyň girdabyna taşlap goýber­
mek üçin işleýär. Bu ýaryşda togtamak diňe bir zady – ölümi
aňladýar. Ynsan üçin ölüm – Wagt bile Giňişligiň biri-birinden
aýrylyşmagydyr. Wagt adamy diňe Giňişligiň erkine berende, diri
ynsan jansyz jesede öwrülýär. Ynsan üçin Wagt akmasyny goýýar.
Jan Wagtdadyr, Wagt bilendir. Wagtdan galmak jandan
mahrum bolmakdyr. Adamyň dünýädäki diriligi Wagt my­
nasybetlidir. Wagt bolsa ýylgaý adamy öz egninden zyňyp aýyr­
jak bolýar! Bu hakykat Wagty öz üstüne münen çapyksuwary
ýere pylçajak bolup urunýan sarç bedewe meňzedýär.
Wagt sarçdyr, ony hiç mahal eldeki edip bolmaýar. Ol
giriňe sygardanam has uly nägehandyr. Onuň bilen darkaş gu­
rup geçmek adam pahyryň maňlaýyna ýazylandyr.
Bu darkaşda adamyň iň uly ýaragy – serişdesi bolsa umytdyr.
Dünýäde hiç zat ýok, diňe umyt bar. Ahyretde hiç zat ýok, diňe
iman bar. Umyt Wagtdan ýeňlenini, ýeňiljekdigini boýun almaz­
lyk, ölümi ykrar etmezlik nyşanydyr. Umyt – geljege rugsatna­
madyr. Şonuň üçinem dirilik hyjuwynyň iň güýçli möwsüminde
– ýaşlykda umyt kesgitli, aýdyň hem jedelsiz bolýar.
Adamyň umydyny elinden al – ol şobada üpperut garra dö­
ner, janly jesede öwrüler. Ýaşaýyş, dirilik üçin bary-ýogy diňe
ýekeje zat gerek bolsady, ol ýekeje zat diňe umyt bolup bilerdi.
Umyt ýaşaýyş hyjuwynyň dyňzamasy, dirilik keýpiniň çag­
lygydyr. Ol daşyndan seredeniňde, pessaýdyr, goh-galmagal­
syzdyr, içden bakanyňda bolsa dyzmaçdyr.
Allatagalanyň öňünde edilýän iň soňky günä – umytsyzlyga
düşmek, sebäbi ol adamzadyň iň ýowuz duşmany bolan Pelek­
den ýeňleniňi boýun almakdyr.
Bagt diňe geljek zamanda bolanda, hakyky bagtdyr. Bagt
– bagta umyt edip ýaşamakdyr. Bagt duýgusy, bagt düşünjesi
hä­zirki zamana geçenden, ölümiň demini alyp ugraýar, onsoň
şeýle bagtdan berçikmek duýgusy peýda bolýar. Şeýdip, onuň
mazasy gaçýar hemem, ol dolulygyna sarp bolýar.
375
Umyt – üçe – geçmişe, heminzamana hemem geljege
bölünýän bölek­leýin Wagtyň girdabyndan çykyp, bölünmeýän,
bitewi, çyn Wagta barmagyň ýoludyr. Şonuň üçinem umydyň za­
many geljek zaman. Wagtyň beýleki iki zamanyna geçirip bolýan
zatlar bagt däldir, olar daşky görnüşi boýunça meňzeşdirler.
Umyt aty diňe bir şert berjaý bolanda – ynsany bakylyga
gow­şurandan soň, ölýär.
Seljuklylar umyt bedewine atlanyp, bagtly günlere ýetmäge
ok­duryldylar.
Beýik Perwerdigär gowusyny etsin!
Bäşinji hekaýat
DURMUŞY AKYL-PARASAT DÄL-DE,
ÝAZGYT DOLANDYRÝAR
T
ogrul beg galagoply gijeler öz düşeginde däl-de, ýerde
ýatardy. Aýratyn hem kimdir birinden habara garaşsa
ýa-da ýagy döküler öýtse, ýeri özüne çawuş, jandar edinerdi: ýeri
diňläp atgaýtarym 1 daşlykdaky çapuwdan näçe atyň gelýändigi­
ni anyklamagy başarýardy. Ol kä ýarygije garysyna galardy-da,
haşymlara kimdir biriniň gelýändigini, ony göni öz ýanyna alyp
barmalydygyny aýdyp, karargähine ugrardy.
Togrul beg turup gidensoň, Altynjan onuň ýatan ýerine
baryp ýer diňläp görerdi. Başda uzakdaky at aýaklarynyň dükür­
dilerini eşitmek başartmadyk bolsa-da, birki ýylyň dowamynda
diň salmaga ezberledi.
Bir gije Togrul beg ukudan oýanyp, hatynynyň ýer diňläp
ýatandygyny gördi:
– Näme üçin ol ýerde ýatyrsyň? Sen ýaňyja-da meniň gap­
dalymda ýatyrdyň-a?
– Begim, doganyňyz Ybraýym beg gelýär, özem, näme üçin­
dir, gaharly.
– Ýer diňlemegi haçan öwrenip ýörsüň? – diýip, Togrul beg
geňirgendi. Altynjanyň gapdalyna gelip ýer diňledi. Uzak diňledi.
Soňam garysyna galyp, hatynynyň ýüzüne seretdi, aýbogdaşyny gu­
rap, esli salym oturdy. Egnine jüpbesini ýelbegeý atyp, daşaryk çykdy.
377
***
Altynjan daşary çykan adamsynyň yzyndan seretdi. Han-ha,
Tog­rul beg nedimi Şirpenje Tapgaç bilen nämedir bir zat hak­
da gürleşip, karargähe bakan ugrady.
Olaryň yzyndan bakyp duran Altynjanyň içerik giresi gel­
medi, göwnüne, içerde howa ýetmeýän ýalydy. Ol Ybraýymyň
gelerine garaşdy.
Biraz salymdan soň Ybraýym Altynjanyň sözüni hakykata
öwürmäge howlugýan deýin, atyny çapdyryp geldi...
***
Togrul beg daňdan Ybraýym bilen nirädir bir ýere ugramak
üçin ata atlandy. Şol mahal emir Mübärek Muhammet Togrul
begiň gulagyna çawuş çakdy.
Togrul beg geň galyp seretdi, görse, hakykatdan hem Altyn­
jan haremiň daş işiginde çugutdyryp otyrdy.
Beg bir desse gül deýin bolup oturan hatynyna seredip, oňa
nebsi agyrdy, ony göterip içeri saldy, düşekde ýatyrdy.
– Men seniň beýdip, daşişikde garaşyp kösenjegiňi bilmän­
dirin – diýip, ol gelniniň ýüzünden sypady. – Men gelýänçäm
düşekden galman ýat! Şazada rahatlyk gerek. – Beg Altynjanyň
garnyny sypap, içki pikirini daşyna çykardy: – Ogul bolar!
– Menem şazada garaşýaryn, ýöne anygyny bir Alla bilýär.
– Ogul bolar, hökman ogul bolar. Men bu sözi çak edip däl,
magat bilip aýdýaryn. Ene rehminde gyzjagaz düýrlenip ýatýar,
oglanjyklar bolsa, Allatagalanyň eradasy bilen dik durýarlar.
Gör, içiňdäki çagajyk uzyn bolup dur. Bu – ogul. Biz oglankak
Dawut bilen kimiň gyzy, kimiň ogly boljakdygyny derrew kesgit­
lärdik. Haýsy hatynyň garny garpyz deýin tegelek-togalak bolsa,
onda onuň gyz, eger garny wirek gawuny deýin insizden uzyn
bolsa, onda onuň ogul dogurjakdygy diýip hasaplardyk. Çakla­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 23
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.