Latin

Altynjan hatyn I - 16

Total number of words is 3763
Total number of unique words is 1914
32.2 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gowudyr.
– Git, git! Gümüňi çek! Sen akgyz bolmaga mynasyp däl!
– Menmi?! Dünýäde meniň ýaly gowy akgyz – keniz ýokdur!
Muňa täze akgyz alaňda göz ýetirersiň. Saňa ärem, akgyzam çy­
damaz! Saňa diňe men çydadym, indi menem çydamok.
– Men seni gaty lälik sakladym. Men seni ýanymda joram
ýaly, syrdaşym ýaly sakladym!
– Sende jora bolmasa näme! Sende syrdaş bolmasa näme!
Ýekeöýliň horazam senden gowudyr. Sen, asyl, özüňden başga
hiç kimsäni göreňog-a.
– Sen meniň eden ýagşylyklarymyň gadyryny bilmediň. Men
seniň, heý, bir ýerde göwnüňe degdimmi? Ä, aýt?
– Aýtsam – aýdaryn, aýtmasam – aýtmaryn. Maňa «Aýt!» diýen
bolma! Men indi seniň akgyzyň däl. Näme edýänim bilen seniň
işiň bolmasyn! Besdir! Mäkimiýan gopbam horaz sen! Sen daşy
ýaldyr-ýuldyr edýän içi boş tulum sen! Saňa ýaranmak mümkin
däl. Saňa Hudaýam ýaranyp bilmez. Sadyllanyň eşigini geýseň,
näme, erkek bolaryn öýtdüňmi? Hudaýyň edenine garşy giden
bolýarsyň. Sen Hajar hatynyň basyp giden aýak yzyna-da degeňok.
Hajar hatyn – perişde. Sen bolsa melgun. Öwf! Aýtdym, içimi so­
watdym. Aýtmadyk bolsam, gözümi açyp giderdim. – Gül­ýüzli uly
bir ýüküň aşagyndan çykan dek rahatlandy. – Indi o dünýä rahat
giderin men.
– Sen rahat gitmersiň.
255
– Eý, guşkelle, boşkelle urkaçy! Öldüriber! Bol bahym,
ärsirän tula – diýip, Gülýüzli sesiniň ýetdiginden zowladyp
goýberdi. Soňam gözlerini ýumdy. – Menden razy boluň, adam­
lar. Men gitdim! Wah, enemi ýene bir gezek görüp, gujaklap,
hoşlaşyp, soň ölen bolsam, has gowy bolardy. Wa hasrat-a, ene,
men saňa köp ýagşylyk edip bilmedim. Seni arkama hopba edip,
Mekgä haja äkitsemem azdyr. Sen özüň iýmän maňa iýdirdiň.
Meniň akgyz bolmagym üçin öýüň düşeklerini satyp, maňa so­
wat öwretdiň. Hoş, ene! Hoş, sag boluň, adamlar! Menden razy
boluň! Men şu ýelni kesilmişden başga ähli kişiden razydyryn.
Waý-eý, gamçyň degen ýeri janymy alyp barýar. Men ölýärin.
– Urup başlabereýinmi, eý, çişik Eflatun?!
– Başlaber, mäkimiýan horaz!
– Maňa: «Mäkimiýan horaz!» diýme!
– Diýjek, näçejigimem diýjek! Sen maňa näme üçin «Çişik
Eflatun» diýdiň? Mäkimiýan horaz! Ýok, dogrusy, horazsyraýan
mäkiýan. Horazsyraýan mäkimiýan! – Gülýüzli ýene symygyny
görkezdi. – Sen muny görýäňmi? Ine, saňa! Arwah sen!
Gülýüzli urga garaşdy. Altynjan näme üçin öldürmäge
başlanok?!
– Bol, öldür-dä!
– Nämä howlugýarsyň?
– Seniň ýanyňdan çaltrak gidesim gelýär. Onsoňam häzir
öldürmeseň, soň garaňky düşer, meni jaýlamaga ýetişmezler,
uzak gije bärde ýatmaly bolaryn.
– Öleňsoň, nirede ýataňda saňa näme?!
– Mynasyp ýerimde, seniň ýok ýeriňde, ömrem barmajak
ýeriňde ýatjak men.
– Dowzaha düşäýerin öýdýärsiňmi?
– Seniň ýanyňda ýatanymdan dowzaham gowudyr.
– Näme, näme?!
– Bagyşlaň, bu sözi gaharyma aýdaýdym...
– Gözüňi açyp gürle!
– Ýok, ýok, indi gözümem açjak däl, gürlejegem däl. Öl­
dür, wessalam! – Gülýüzli ikidyz oturyp, Altynjanyň öldürerine
garaşdy.
– Näme bilen öldüreýin?
256
– Menden maslahat sorama, barybir, maslahat berjek däl.
Nädip öldüresiň gelse, öldüriber. Gamçy bilen urup öldür.
Gygyrybersem üns berme. Özümden gidemsoň, seniňki aňsat
bolar. Iň gowusy, döşümden hanjar sok.
– Başaramok.
– Senmi? Öz doganynyň gözüne hanjar sokan şereňňiz ur­
kaçy, heý, meniňkä sokmazmy?
– Men Habylyň gözüne atdanlykda sokdum.
– Diýmek, tejribäň bar. Meniň ýüregime bilip sok! Bol bahym!
– Gözüňi aç! Näme üçin gözüňi ýumýarsyň?
– Seniň ýaly ganhora näme tapawudy bar onuň?
– Tapawudy bar.
– Näme?
– Gözüňi açmasaň, gaharym gelenok.
– Ýok, ýok, indi meniň bu dünýäden gitdigim. Indi maňa
siziň ýaşaýan dünýäňizi görmek ýok. Bahymrak öldür!
– Näme üçin howlugýarsyň?
– Seniň bilen gürleşip durmak islämok.
– Gözüňi açmasaň, gaharym gelenok diýdim-ä. Meniň gö­
züme seret.
– Ýog-eý, hälki aýdan sözlerimden soň seniň ýüzüňe hijem
seredip bilmerin. Ýüzüňe seredere ýüzüm ýok indi meniň.
– Sen hakykaty aýtdyň-a. Seniň aýdan zatlaryň ählisi dogry.
– Hakykaty diňe öljek wagtyň aýdyp bolýar.
– Onda sen meni on ýyllap aldadyňmy?
– Men hiç zadam edemok, melike... – Gülýüzli ilkinji gezek
Altynjana «melikäm» diýmän, «melike» diýdi, sebäbi ol eýýäm
onuň melikesi däldi. Ol işden kowlan. – Men şu güne çenli – sen­
den kowulýançam ak ýürekden hyzmat etdim. Hyzmatymda ikilik
etmedim. Nähili pikir edýändigimiň bolsa saňa – size parhy ýok.
– Gözüňi aç!
– Weýla, masgara, sen nähili özi?
– Nähili?
– Entegem öldüreňok-la sen meni? Öldür bahym!
– Hökman öljekmi?
– Hälki aýdan sözlerimden soň men siziň dünýäňizde ýaşap
bilmerin-ä!
17*
257
– Näme üçin «Siziň dünýäňiz» diýýärsiň? Sen entek ol
dünýä gideňog-a?!
– Indi men islesem-islemesem o dünýä gidäýmeli.
– O dünýä gidip näme etjek?
– Ýatjak hezil edip. Saňa hyzmat etmekden-ä dynaryn. Ýog­
sam saňa ýaranjak bolmakdanam halysan beze-bez boldum
men. Muhammet Togrul begiň başyna-da apy-tupan getirersiň
sen. Ol görgülä-de nebsim agyrýar meniň. Olam bir gün edil
men ýaly ölmäge kaýyl bolar. Wiý, dym-dyrslyk-la?! Hanyň gyzy,
öňki melikäm, sen nirede? Näme üçin geplemeýärsiň?
– Ölmeziň öň ýany näme isleýärsiň? Belki, isleýän zadyň
bardyr?
– «Isleýän zadyň bardyr» diýdiňmi? – Gülýüzli tekjede duran
iki sany almany ýatlady, ýuwdundy. – Näme islesem, berermiň?
– Ölüp barýan adam guşuň süýdüni islese-de tapyp berýär­
ler. On ýyl hyzmatymda bolduň. Seni razy edip o dünýä ugrat­
mak meniň borjum.
– Razy edip o dünýä ugratmag-a saňa kyn düşer, ýöne
tekjäniň öňündäki almanyň birini berseň-ä, senden azajyk razy
bolup giderin men, mäkimiýan horaz!
Altynjan almanyň ulusyny alyp, Gülýüzlä berdi.
Gülýüzli gözüni açman almany derrew lak-luk atdy.
– Ýene biri bar. Onam iýäý.
– Iý diýseň, iýerin welin, soň saňa galmaz.
– Me, sen indi meni gaýgy etme.
– Onyňam dogry, mäkimiýan horaz. Behişdem şeýle gowy
däldir. Hezil edäýdim – diýip, Gülýüzli ikinji almany hem gözle­
rini açman iýdi. Altynjan Gülýüzlüden gorka sorady:
– Men şeýle erbetmi?
– Erbedem senden gowudyr.
– Erbet bolsam, onda näme üçin meni urmaýarsyň?
– Sebäp men seni gowy görýärdim, hakyt saňa magşuk bo­
lupdym, mäkimiýan horaz!
– Wa-weýla, sen maňa başda perişde diýdiň, soň maňa ýa­
man diýdiň. Indem başga sözleri samrap otyrsyň.
– Ýaramazam bolsaň, özüňe imrindir­ýän bir mähirlilik,
hoşreftarlyk jadyň bar seniň. Bagryňa basaýasyň gelýär. Er­
258
kek bolan bolsam, döşüňe döşümi oýkap-oýkap, içimi sowa­
dardym.
Altynjan ikidyz oturan Gülýüzliniň garşysynda ikidyz oturdy:
– Gülýüzlim, men seniň günäňi geçeýinmi?!
– Sen geçseňem, men geçmeýärin. Mekejin! Mäkimiýan
horaz!
– Özüňe beýle ýowuz-jeberut bolma. Sen mähriban ahyryn.
Men seni indi on ýyl bäri saklaýaryn. Naçarlygyňdan başga
aýbyň ýok seniň, sen durşuňa mähirdar sen, hakyky hoşreftar
sen, ýüzüňde janperwer mährewlik bar seniň. Sen hiç wagt
gaharlanmaýarsyň. Sen geçirimli. Men saňa on ýylyň içinde juda
köp gezekler sütem etdim. Sen meniň eden sütemlerimi hiç
kime aýtmadyň. Mydama: «Daşa büdräp ýykyl­dym» diýdiň. Şol
wagtlar seni bagryma basaýasym geldi. Sen örän dogry aýtdyň:
men oňşuksyz, kejir men. Gedem men. Onam dogry aýtdyň.
«Saňa Hudaýam ýaranyp bilmez» diýibem suwamaý dogry
aýtdyň. Enemiň sözüni diňlemän telek iş edendigimem dogry
aýtdyň. Seniň aýdan ähli sözleriň dürs, ýüregime jüňk boldy.
Sen maňa düşünýärsiň. Sen meniň ýalňyz ýürekdeşim. Eger sen
dagy bolmadyk bolsaň, onda ýeke akgyzam meniň şatyma çydap
bilmezdi. Sen bolmasaň, men bu dünýäde mundan beýläk nä­
dip ýaşaryn?! Bu jahanda meniň ýeke-täk daýanjym sen, söýen­
jim sen, Gülýüzlim.
– Şu aýdýanlaryň ýarysy dagy çynyňmy, mäkimiýan horaz?!
– Çynym, Gülýüzlim, barysy-da çynym.
– Meni ýeke-täk ýürekdeş joraň hasaplaýarsyňmy eý, mütrük?
– Sen meniň ýeke-täk ýürekdeşim.
– Dogry aýtdyň, saňa mensiz ýaşamak kyn-a düşer, zalymjeberut?
– Eger sen ölseň, onda menem öljek.
– Wiý, masgara! Bu nädip beýle boldy-a?! Masgara-a! Onda
men ölmäýinmi, mäkimiýan horaz?!
– Ölme, akgyzym, ölme! Gözüňi aç!
– Men saňa sögdüm-ä?! «Mekejin, mekejin!» diýdim. «Mä­
kimiýan horaz» diýdim. Kän zat diýdim. Sen meniň günämi öt­
jekmi?
– Sen meniň günämi ötjekmi?
259
– Ötjek, näçejigimem ötjek. Men jinnekçi däl. Sizde günä
ýok. Siz – perişde!
– Men seniň günäňi ötýärin.
– Çynyňmy?
– Çynym, gül ýüzli Eflatunym.
Olar şapba gujaklaşdylar, soňam ýer sarsdyryp, aglamaga
başladylar.
Babyr atly hyzmatkär agy seslerini eşidip, ýüregi ýarylan
ýaly bolup, kürsäp içeri girdi. Görse, Altynjan bilen Gülýüzli
gujaklaşyp, aglap otyr.
Hyzmatkär hyjyl çekip, sesini çykarman daşary çykdy.
7.
Garaňky gatlyşyberende awa gidenler geldi.
Hajar hatyn atdan düşüp-düşmänkä Gülýüzlä ýüzlendi:
– Hany, Altynjan?
– Ýatyr, hatyn.
– Näme, näme? O näme üçin bimahal ýatyr?
– Ol: «Endam-janym agyrýar» diýdi.
– Näme bolupdyr oňa?
– Siziň ýanyňyzdan gaýdyp öýe gelenimizde ol atdanlykda
daşa büdredi. Arkasy daşa degdi, daraw-daraw, hatyn...
– Mansur, howlyň içinde ýeke daşam bolmasyn!
Mansur gapydan kösenmek kösendi: howlynyň içinde
ygym-sagym ýatan ýekeje daşam ýokdy...
Ýöne Altynjanyň arkasynyň daraw-darawdygy hakykatdy...
On ikinji hekaýat
nesibä zowal ýokdur
1.
A
bdylmälik hanyň keýpi çagdy, çünki ol düýn Harun
ibn Altyndaşdan toýa çakylyk alypdy. Aýyň soňky anna
güni Harun ogluna sünnet toýuny edýärdi.
Abdylmälik han ol toýa hökman barar!
Özem hökman dolup-daşyp barar.
Ýöne Şadranç müňbaşysynyň oslagsyz habary hany biçak
ge­ňirgendirdi:
– Merhemetli han, Jürjaniýadan – hökümdar Harun ibn
Altyn­daşdan ýörite askudar geldi, ol siziň dergähiňize höküm­
dar Harun ibn Altyndaşyň gelýändigini habar berdi.
Bu habar han üçin biçak geňdi. Şonuň üçinem ol Şadranç
hajyba çapary öz ýanyna alyp gelmegi tabşyrdy.
Çapar hanyň ýanyna gelende-de Şadranja aýdan sözlerini
gaýtalady.
Han çaparyň sözlerinden soň, habaryň hakykatdygyna göz
ýetirdi. Elbetde, ol Şadranja-da ynanýardy, hut şonuň üçin ony
özüne hajyp edip işe alypdy, ýöne ol Harunyň Zamahşara näme
üçin gelýändigini akylyna sygdyryp bilmän örtenýärdi.
261
Han bir hakykaty bilýärdi: hökümdar aňsat-aňsat ýola çyk­
maýar. Çyksa, tozdurmak, weýran etmek, jeza bermek üçin
çykýar. Harun – ot. Ol baran ýerini ýakyp-ýandyrýar.
Diýmek, ol Zamahşara ýakyp-ýandyrmak üçin gelýän bolmaly.
Abdylmälik han hökümdary iki çakrym öňünden garşy­
lamak üçin ata atlandy.
– Zyýapata taýýarlyk görüberelimi? – diýip, Mansur hana
ýüzlendi.
Han içki pikirini daşyna çykardy:
– Zyýapatyň geregi bolarmyka?!
– Bolar, bolar! – diýip, çapar gürrüňe goşuldy. Onuň gü­
r­üňe goşulmagyny hiç kim halamady.
– Onuň ýaly bolsa, taýýarlyk görüber – diýip, han göwünligöwünsiz dillendi. Ol belent mertebeli myhmanyň yzzaty üçin
edilmeli işleri ýüzugra düşündirip, galanyň otuzdan gowrak
ýaşulusy, bäş ýüz esger (parahat döwürde galada bäş ýüzden
artyk haşym saklamak soltan Masut Gaznaly tarapyndan ýörite
perman bilen gadagan edilipdi) bilen ýola düşdi.
Abdylmälik han Jeýhunyň akymynyň ugry bilen gidip barşyna
özüne şol bir sowaly zol-zol berýärdi: «Hökümdar näme üçin
Zamahşara gelýär?» «Meniň köşkdäki gowy gatnaşyk saklap ýören
adamlarym bu ýöriş hakda maňa näme üçin öňünden habar gön­
dermediler? Eý, Hudaý, Eprikogullary nesilşalygyna mundan
otuz ýyl owal uran paltaňy ýene urmakçy bolýarsyňmy? Horezmin­
de tas ýedi asyrlap patyşalyk süren Eprikogullary nesilşalygyndan
galan ýeke-täk daragt bu gün ýykylmaly bolarmyka?! Eý, Hudaý,
näme üçin biziň neberämize şeýle ýowuz daraşýarsyň?»
Abdylmälik ýedi ýaşyndaka neberesiniň başyndan inen bet­
bagtçylyk gorky bolup aňynda galypdy. Onuň şondan soňky ömri
gorkuda geçipdi, ýöne Abdylmälik bütin ömrüne aňyndaky
gorky bilen darkaş gurap geçirdi. Özüni gorky-ürküni bilmeýän
adam hökmünde görkezmäge çalyşdy. Ogullaryna-da, gyzyna-da
batyr bolmagy, hiç bir zatdan heder etmän ýaşamagy ündedi.
Hanyň iň esasy gorkusy Mamunlaryň Käs şäherindäki eden
gyrgynçylygynyň Altyndaş tetelliler tarapyndan gaýtalanmagydy.
Ol Eprikogullary neberesiniň täzeden örňemegini düýrmegi bi­
len isleýärdi. Onuň içki gorkusyny hiç kim aňanokdy, ony ilki
bolup gyzy Altynjan awda Keski Kelew babatda aňdy...
262
***
Abdylmälik han ömründe ýeke gezegem şu günki deýin how­
sala düşmedik bolsun gerek. Ol Jürjaniýadan gelenleriň arasynda
Harun hökümdaryň ýokdugyny görüp begenmek begendi.
Gelenler Harun hökümdaryň sahyby Aşyk Garkyn bilen
Jendiň häkimi Şamälik eken.
– Biziň saňa möhüm habarymyz, gürrüňimiz bar – diýip,
sahyp Aşyk Garkyn galkyjaklady.
– Habar iberene-de, habar getirene-de hamd-u-senalar bolsun.
– Hökümdar meni Şamäligiň ýany bilen Jende ýollady. Ýo­
lugra seniň bilen-de gürleşmegi makul tapdym. Sen bize zyýa­
pat ýaparsyň-a, Abdylmälik han? Ýa şu duz-çörekli garşy alşyň
bilen oňaýjakmy?
– Size hökman zyýapat ýaparyn, ýörüň. Çapar maňa: «Hö­
kümdar gelýär» diýdi.
– Çapar saňa dogry aýdypdyr. Biz seni synaga salyp görmek
isledik. He, he-he! Abdylmälik, sen indi han dälsiň? Sebäbi indi
zamana üýtgedi, jihada, ýörişe gitmegiň zerurlygy ýok. Munuň
üçin menden öýke-hä edýän dälsiň?
– Ýok, ýok.
– Sen bize dogry düşün.
Abdylmälik emir Aşyk Garkyny öňem bir halap baranokdy,
çapardan ýalan habar ýollap, howsala salansoň-a ony hasam
ýigrendi.
Aşyk Garkyn dynuwsyz gürleýärdi, çakyr gülýärdi. Şamälik
welin gürlänokdy, onuň bolşy emire geň göründi:
– Şamälik, seniň ýüzüň salyk görünýär-le?
– Şamälik senden öýkeli – diýip, sahyp Aşyk Garkyn aýtdy.
– Bar gürrüň hem Şamäligiň öýkeliliginde. Sen onuň göwnüne
degipsiň.
– Menmi? – diýip, Abdylmälik emir bir Aşyk Garkynyň, bi­
rem Şamäligiň ýüzüne seretdi: – Şeýlemi, Şamälik?
– Elbetde, şeýle! – Aşyk Garkyn janykdy. – Şamälik bar zady
hökümdara aýtdy. Hökümdar bu meselä goşulmak islemedi,
ýöne maňa seniň bilen düşünişmäge rugsat berdi. Men meselä­
ni gaty nagt çözerin.
263
– Haýsy meseläni?
– Ony seniň desterhanyň başynda aýdaryn.
– Şamälik, menden göwnüň galan bolsa, ony maňa göni aý­
daýmaly ekeniň. Bu ara hökümdary goşmak nämä gerek?
Şamälik ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady.
Abdylmälik ýeňil dem aldy: herhal, ýagdaý, oňuşmazça däl.
Bu ýerde ölüm howply hiç zat ýok.
Han myhmanlary bilen Zamahşara ugrady, Şadranjy ýany­
na çagyrdy:
– Bizden öň gala bar, Altynjany tap-da, oňa: «Häzir myh­
manlar gelýär. Şolar galadan çykyp gidýänçä saňa haremiňden
çykmak gadagan. Bu babaňyň ýörite tabşyrygy» diý, berkdenberk diý.
– Lepbeý, tagsyrym!
2.
Abdylmälik hanyň öýüne iki sany nätanyş atly geldi. Olary
ferraş Haldan garşylady.
– Abdylmälik han barmy? – diýip, atlylar ferraşdan soradylar.
– Emirimiz häzir galada ýok, ol giçlik geler. Hanlyk näme
işiňiz bar?
– Biz emiriň ýanyna habarly geldik.
– Näme habaryňyz bar bolsa, maňa aýdyberiň.
– Ilki siz aýdyň, Abdylmälik hanyň gyzy barmy?
– Bar, ýöne häzir galada ýok...
– Hanyň gyzy äre çykan däldir-ä?!
– Näme, näme? Emiriň gyzy Altynjanmy? Size nähili diý­
semkäm, oňa äre çykan diýsegem boljak. Siz äre çykan diýip ha­
sap edäýiň. Äre çykan ol, äre çykan!
Bu habary eşiden iki atly serpmeden gaýdan ýaly boldy.
Biri-biriniň ýüzüne soragly bakdy.
Haldan mürehet etdi:
– Geliň, geçiň, oturyň!.. Dem-dynjyňyzy alyn!
– Onuň ýaly bolsa, biziň oturmagymyz gelşiksiz bolar, biz
gaýdaly!
264
– Bu nähili beýle bolýar-aý?! Masgaraçylyk ahyryn bu. Muny
bege nädip aýtjak? Onuň ýüregi tarka ýarylar.
Ikinji atly ýoldaşynyň sözüni makullady:
– Apy-tupan tursa gerek.
– Hökman turar!..
– Gaýdyberiň, gaýdyberiň – diýip, Haldan, näme üçindir,
atlylary howlukdyrdy.
Soňam derwezeden çykyp, atlylar gözden ýitýänçä seretdi.
Atlylaryň alnyndan Altynjan dagy çykdy. Olar nätanyş atlyla­
ra seredip, deňlerinden geçip gaýtdylar.
Howla giren Altynjan Haldana ýüzlendi:
– Hälki atlylar näme üçin gelipdirler?
– Men-ä olaryň näme üçin gelenine-de düşünmedim. «Ab­
dylmälik han barmy?» diýip soradylar. «Han tiz geler, garaşyň»
diýsem, seslerini çykarman gitdiler.
– Daýy, hälki atlylaryň yzyndan git. Olar uzak bir ýerden
gelipdirler. Ýadap gelipdirler. Goý, öýde dynç alsynlar – diýip,
Altynjan Anuşirwana ýüzlendi.
– Ýok, ýok, gerek däl! – diýip, Haldan elewredi. – Olar häzir
geler.
– O nähili geler?!
– «Häzir biraz işimiz bar, soň geleris» diýip gitdi olar. Olar
Abdylmälik hana duşuşmak isleýärler. Hana aýtjak ogryn ha­
bary bar olaryň.
Altynjan Haldana seredip biraz durdy-da, hiç zat aýtman
haremhana bakan gitdi.
Haldan aýbynyň açylmagyndan howatyr edýän ýaly, iki ýana
zowzanaklaýardy. Isleginiň başa barmaýandygy ony örteýärdi.
Ol Altynjanyň yzyndan sawçylaryň gelmezligini, onuň bagtynyň
açylmazlygyny isleýärdi. Şu isleginiň amaly üçin anyk bir iştöwekgellik edip bilmeýändigine gynanýardy. Haldanyň ýüregi
Altynjandady. Ony düýrmegi bilen söýýärdi. Onuň özüniňki
bolmagyny isleýärdi, bu isleginiň başa barmajakdygyny-da bil­
ýärdi. Alaçsyzdy. Arzyny kime aýtsyn ol?!
265
***
Mansur bazardan geldi, Haldan onuň öňünden çykdy.
– Iki sany atlyny-ha gören dälsiň?
– Ýok, görmedim. Hä, näme boldy?
– Aý, bolan zat ýok, ýöne soraýdym. – Haldan bu sözi aýdyp
gutaryp-gutarmanka hälki iki atlynyň biri derwezäniň ýanynda
peýda boldy. Ony gören Haldan aljyrady:
– Eý, saňa näme gerek?!
– Dogan, aýt, Abdylmälik han gyzyny kime äre berdi?
Haldanda çykalga galmady:
– Altynjan hatyn bikir 1 entek, ýöne ol nyşanly. Ýaňy sy­
paýyçylykly aýdanymda düşünmediňmi?
– Kimiň nyşanlysy?
– Be, şonam bileňokmy?! Altynjan hatyn seljuk begi Mu­
hammet Togrul begiň nyşanlysy.
– Maşalla-a, bize geregi-de şol! Bizi şu ýere ugradanam
Muhammet Togrul beg-dä – diýip, bu habara keýpi gül-gül açy­
lan atly ýylgyrjaklady.
– Onuň ýaly bolsa, has gowy, geliň, geçiň! Ýaňy gönüläp,
düşnükli edip aýtmadyňyz. «Altynjan biziň begimiz Togrulyň
nyşany, şonuň üçinem ol bikir gezip ýören bolmaly» diýme­
li ekeniňiz. Men sizden howatyr etdim. Men sizi Şamäligiň
adamysyňyz öýtdüm. Siz ýadap gelensiňiz. Dynjyňyzy alyň! Ýaňy
alnyňyzdan Altynjan hatyn çykdy ahyryn siziň. Görmediňizmi?
– Gördük-le. Şoldur öýtdük, dogrusy.
– Wa-weýla, siz ýaňy özüňizi Togrul begiň ugradandygyny
aýtmadyňyz. «Bizi Togrul beg iberdi» diýseňiz, men begenjime
bag­ryma basjag-a sizi. Biz Togrul begden habara garaşyp ýörüs-ä.
– Biz Togrul begiň habaryny getirdik, onuň gelýändigini
size öňünden aýtmaga gaýtdyk.
– Onuň ýaly bolsa, gözümiziň üstünde ornuňyz bar. Bu
gün bizde toý! Bu gün bizde baýram. Bize Togrul beg gelýär.
Atyňdan düş, doganym. Gel, men seni bir gujaklaýyn-la.
– Eý, sen gapydanmy ýa ferraş? – diýip, Mansur azm urdy. –
Bar, öz işiň bilen bol!
Ferraş gapydanyň bu sözüni gulagynyň ýele ýanyndan geçi­
rip goýberip, haremhana bakan ýumlukdy:
266
– Altynjan melikäm! Altynjan melikäm! Buşluk! Söýünji!
Muhammet Togrul beg gelýär. Men: «Atlylar derrew gelerler» diý­
dim-ä. Men saňa: «Anuşirwan daýyny ugratma, olaryň özleri der­
rew gelerler» diýdim-ä. Gelendirler görseň! Togrul beg gelýär. Ol
uly toý edip, kejebeläp sizi alyp gitjekmiş. Sizi köşkde ýaşatjakmyş!
Altynjan melikäm, eşidýärsiňizmi?! Togrul beg siziň yzyňyzdan
gelýär. Ol Zamahşarda şeýlebir uly toý etjekmiş. Buşluk!
Altynjan Haldanyň begenişini görüp, dilden-agyzdan ga­
laýdy. Ol sesini çykarman Haldana seredip dur.
– Melikäm, hälki iki atlyň birisi gaýdyp geldi. Ol – Togrul
begiň çapary. Ýörüň, çaparyň habaryny özüňiz diňläp görüň.
Altynjan Haldanyň yzyna düşdi.
– Eý, çapar, hany, habaryňy Altynjan melikämize-de aýt! Bol!
– Muhammet Togrul beg gelýär, melikäm. Ol bizi öňden
iberdi. «Men barýançam sizler taýýarlyk görüberiň. Toý edeliň!»
diýdi – diýip, çapar ýylgyrjaklady. Ol Abdylmälik hana niýetleni­
lip ugradylan nyşanlyk bukjany gapydana, ikinji nyşanlyk bukjany
Altynjana gowşurdy. – Bu nyşanlyk bukjasy size ugradyldy, bikäm.
Altynjan içerden kiçeňräk ýaşyl mahmal haltajygyny alyp
geldi. Ol haltajyk – içi teňňeli haltajyk. Altynjan haltajygy elinde
bökdürip, Haldanyň ýanyna bardy:
– Haldan, seniň begeneniň hemem maňa şeýdip janköýer­
lik edýänligiň üçin men saňa altyn berjek.
– Men bütin ömrüme saňa janköýer bolaryn, melikäm. Gi­
deňde menem ýanyň bilen äkitgin. Men saňa wepaly hyzmat ederin.
– Hany, agzyňy aç!
– Taňryýalkasyn, melikäm, bütin ömrüm siziň hyzmatyňyz­
da bolaryn – diýip, Haldan agzyny açdy.
– Älhepus, agzyň uludygyny! – Altynjan gülüp, Haldanyň
agzyna haltajygyndan altyn teňňelerini jugurdadyp guýdy. –
Agzyň beýle uludyr öýdmändim.
Haldan agzyny açyp, doňan ýaly bolup durdy. Agzy tylladan
dolansoňam gozganmady. Onuň bolşuna Altynjan geňirgendi:
– Indi nä dursuň? Bar, git indi.
Altynjanyň bu sözünden soň, Haldan baga bakan gaty-gaty
ýöräp gitdi.
267
***
Çapar Mansur bilen gadyrly saglyk-amanlyk soraşandan soň:
– Biz nirede düşlesekkäk? – diýip sorady. – Biziňkiler ýene
dört-bäş günden gelerler. Şoňa çenli taýýarlyk görsek, gowy bol­
jak. Biziň hymalarymyz bar.
– Haý, dogan, Abdylmälik han myhmanyny hymada
ýaşatmaz. Siz arkaýyn geliberiň. Myhmanlar üçin ýörite uly
otaglarymyz bar biziň.
– Biz myhmantama ýerleşmeris.
Otaglarymyzyň işiginden bir seredip gör, şonda bilersiň,
ýerleşjegiňi-ýerleşmejegiňi. Müň adam dälsiň-ä sen?
– Müňdenem köp biz. Müň gowrak esger bilen ýüz düýe ýükü­
miz bar. Ýüküň on düýesi şu ýere getirilmeli. Ol toý sowgatlary.
Geň galmadan ýaňa hiç kimden ses çykmady. Çapar göçgün­
li ýylgyrjaklady:
– Men özümkileriň ýanyna baryp, Altynjanyň bikirdigini,
Muhammet Togrul bege garaşyp oturandygyňyzy aýdyp begen­
direýin, ýogsam, olaryň hallary sal üstündedir häzir. Tas yzymy­
za gidipdik biz häli.
– Bar, bar, samahullap durma-da, on düýe ýüki bärik getir
– diýip, bagdan ýylgyrjaklap gelen ferraş gaharlandy.
– Kim aýtdy Abdylmälik hanyň gyzy äre çykdy diýip? – Man­
sur çapary saklady.
– Şu kişi aýtdy – diýip, çapar Haldany görkezdi.
– Men näbileýin seniň Muhammet Togrul begiň
adamydygyňy. Şamälik ýaly bir ýigrenjiniň aýýarysyň öýtdüm
men seni. Men saňa aýtdym-a: «Altynjan Muhammet Togrul
begiň nyşanlysy» diýip. Ant iç aýdaňok diýip. Ant iç! Sen maňa
töhmet atjak bolma. Şatlyga zäher sepjek bolma.
Çapar agyr ýagdaýa düşdi:
– Biz göni gelip: «Biz Muhammet Togrul begiň adam­
lary» diýip, aýtmaly ekenik, şony aýtmandyrys. Günä bizde. Siz:
«Altynjan – Muhammet Togrul begiň nyşany» diýip, aýtdyňyz
ýaňy. Dogry, dogry!
269
– Aýtdym, aýtdym, hawa, aýtdym. Göni sözüm bar meniň.
Ýüregimdäki dilimde meniň. Togrul begiň gelerine garaşyp
ýörün-ä men! Biziň hemmämiz garaşyp ýörüs. Şeýle bir toý ede­
ris. Gije ýatman hyzmat etjek!
– Ferraş, bar, desterhança aýt, goý, ol myhmanhanalarda
uludan saçak ýazsyn. Esasy myhmanlar şu ýerde bolarlar. Olar
ýadap gelendirler. Dynçlaryny alsynlar, iýip-içsinler. Esger­
ler hymada bolarlar. Men häzir çapar bilen gidip, esgerleri
ýerleşdirip gaýdaýyn.
Hälki Haldan bilen çaparyň gürrüňine hiç kim ähmiýet be­
rip durmady. Tanamadyk sylamaýar. Ähli zat gowulyk ahyryn.
Peşeden pil ýasajak bolmak kime gerek? Hiç kime-de gerek däl.
Haldan Muhammet Togrul begiň uly tutum bilen gelýändigini
nireden bilsin?! Wah, ýüregiňdäkini amal etdirip bolýan bol­
sady, onda Haldan bar zady bulaşdyrjakdy! Soňam Altynjanyň
gama batyşyny synlap, heziller etjekdi, lezzet aljakdy. Bolmady!
Özgäniň betbagtlygyny synlamakda çäksiz hezillik bar! Bet­
bagtçylyga uçran sen däl! Seniň ýagdaýyň onuňkydan gowy.
Ýoksul bolup, barjamlylaryň betbagtlygyna tomaşa etmegiň lez­
zeti has datly! Wah, Haldan içinde bertiklän bu pikirlerini hiç
kimsä aýdyp bilenok, ýöne kimdir birine şeýlebir içini dökesi
gelýär. Kim bar içiňi dökere?!
Eh, çaçgary çoh dünýä!
Bir nämynasyp adam-a baý edýärsiň, Zamahşar sebitine
emir, han belleýärsiň. Bir pähim-parasatly bendäňem onuň
gapysynda ferraş kylýarsyň? Hany seniň adalatyň? Wah, dünýä
meniň elimde bolsady!
***
Iň esasy zat – gelýärler!
Ýok, iň esasy zat – gelýär!
Togrul beg gelýär!
***
Ähli kişi Togrul begiň iberen on düýe ýüki bilen başagaý.
Her bir zady bir-birden gözden geçirýärler.
270
Haldan Altynjanyň haremine kürsäp girdi. Ol sandygyn­
dan nämedir bir zat gözläp duran Altynjanyň kamatyna gözügi­
dijilik bilen seretdi.
– Bu näme etdigiň seniň?! Näme üçin içeri girdiň?
– Seni görmek üçin geldim – diýip, Haldan sandyrady.
– Näme, näme?
– Saňa aýtjak sözüm bar.
– Nähili söz?
– Sen Togrulyň hatyny bolup, mertebede ýaşaryn öýd­
ýärsiňmi? Ol seniň gadyryňy bilermi?
– Diýýän zatlaryň näme seniň? Akylyňdamy beri sen? – diýip,
Altynjan gazaplandy.
Altynjanyň ýowuz jeza bermeginden ätiýaçlanan Haldan
başga perdeden gopdy:
– Togrul beg saňa on düýe engam iberipdir. Ol engam­
lar biri-birinden gowy. Men seniň Togrul begiň hatyny bolup,
uly mertebede ýaşajakdygyňa yşanýaryn. Onuň iberen engam­
laram muňa şaýat. Melikäm, towakga edýärin, daşary çykyp,
begiň ýollan engamlaryny görsene!
– Ýok, ýok, görjek däl! Çyk!
Başga bir wagt bolanlygynda on düýe ýüki Altynjanam
birin-birin gözden geçirse geçirerdi. Ýükleriň arasyndaky lag­
ly-göwherleri hezil edip synlardy, her birini boýnundan asyp
görerdi. Mundan sekiz aý öň Musa begiň getiren engamlaryny
Altynjan her gün synlapdy, birini goýup, beýlekisini dakynypdy.
Ýöne soňky bir aý bäri Altynjan şol getirilen engamlary san­
dyklaryndan çykaryp ýeke gezegem tomaşa edip görmändi.
Hana, Altynjanyň ejesiniň ýanyndaky zenanlar, akgyzlar
engamlary haýran galyp synlaýarlar, ýöne ol gymmatbaha laglygöwherdir jowahyrlar, her dürli şaý-sepler özüne degişli däl ýalydy,
ol zatlar ony sähelçe-de özüne çekenokdy. «Altynjan, sen, ine,
muny bir gör!» diýip, oňa geň-enaýy zatlary görkezýärdiler. Altyn­
jan: «Juda owadan eken» diýip, başdansowma jogap berýärdi, ýöne
ol bu mahal Togrul begiň iberen habar nyşany bilen gümrady.
Bukjada ýowşan bardy.
271
Ýowşan oňa sähradaky ilkinji atly gezelenji ýatladýardy. Şol
gezelençde Togrul beg sorapdy:
«Sen bu gülleriň, gyrymsy otlaryň haýsysyny gowy görýärsiň?»
Altynjan bu sowala sobada jogap beripdi:
«Ýowşany!»
«Näme üçin?»
«Ýowşanda wysalyň ysy bar».
«Be, wysalyň ysynyň bolýandygyny bilmändirin».
Şondan soň Togrul beg atdan düşüp, bir düýp ýowşan
sogrup alypdy, uzak ysgapdy.
Bu gün Togrul beg wysalyndan nyşan ýollapdyr.
Altynjan bir düýp ýowşany üznüksiz ysgady.
– Muhammet Togrul Altynjana beýle köp engam ibe­
rip bilýän bolsa, onda ol juda uly hökümdar bolmaly – diýip,
Altynjanyň daýzasy Şaýürek aýtdy.
***
Haldan Altynjanyň şebistanyna ýene kürsäp girdi:
– Togrul begiň ynagy geldi.
– Nirede?
– Ony Polabeg (Mansur) alyp geldi. Häzir myhmantamda
dynç alýar. Ol şeýlebir üýtgeşik zatlary aýdýar, melikäm. Wah,
melikäm, ynagyň aýdýan hekaýatlarynyň tagamyny Polabeg
duýanogam. Ol ýöne hä-him diýip otyr – ýöne men bilipjik du­
run – onuň aňy allowarralarda. Hyýalynda kimdir biri bilen nä­
medir bir zadyň söwdasyny edýär ol. Men oňa beled-ä.
– Sen baryp, ynagyň hekaýatlaryny diňle. Soň maňa aýdyp
berersiň.
– Ony oňararyn, melikäm. – Ferraş birpaýyz säginip durdyda, yzyna öwrüldi: – Melikäm, ynagyň bir sözüni size ýetirmän­
dirin men.
– Näme habar ol? Möhümmi?
– Togrul beg ynagyna: «Men barýançam – toýdan burun
Zamahşarda uly sadaka beriň. Mahmyt Gaznala Gurhan çykyň,
ony mertebeläň. Soltan Mahmyt Gaznaly beýik soltan bolupdy.
272
Meniň mertebämiň rowaçlygy soltan Mahmyt Gaznalynyň ak
patasyndandyr» diýipdir.
– Hakyt şeýle diýipmi?
– Hakyt şeýle diýipdir, ine, şu iki herri gulagym bilen
eşitdim.
– Bar, ynagyň gürrüňlerini diňle!
Ferraş ok ýaly atylyp gitdi. Biraz wagtdan soň ol ýene geldi:
– Melikäm!..
– Näme habar?
– Melikäm, Abdylmälik han geldi. Muhammet Togrul
begiň ynagy Ahmet Dehistany siziň babaňyz bilen hal-ahwal so­
raşandan soň: «Merhemetli Abdylmälik han, men siziň gyzyňyza
öz patyşamyň iberen engamyny elin gowşurmaga borç­ludyryn»
diýdi. Abdylmälik han meni siziň yzyňyzdan iberdi. Olar size
garaşýarlar, melikäm.
Altynjan ejesiniň ýanyna bardy. Oňa Haldanyň habaryny aýtdy:
– Men nähili barsamkam, ene? Tuwakly 2 baraýynmy?
Hajar hatyndan öň Gülýüzli dillendi:
– Tuwaksyz bar, entek sen gelin däl-ä! Goý, ynak beginiň
nähili perizada aşyk bolandygyny görsün. Sen ynakdan gorkma.
Muhammet Togrul begiň ynagy diýmek, ol seniňem ynagyň diý­
mek bolýar. Goý, ol senden gorksun!
Hajar hatyn Gülýüzliniň pikirini oňlamady, özüňden öňür­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 17
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.