Latin

Altynjan hatyn I - 19

Total number of words is 3579
Total number of unique words is 2077
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Daşardan her hili sesler eşidilýärdi:
– Çozdular!
– Öldürýärler!
– Turuň, ýagy döküldi!
Ahy-pygan, ýataganlaryň sesleri artyp ugrady.
– Hany, meniň asfury hanjarym?
Altynjan hanjary ätiýaçdan posdegiň aşagynda goýupdy,
ony goýan ýerinden tapdy, ýöne bege bermäge ýetişmedi.
– Başyňa peş geý, meniň donumy-da geý! – Togrul beg ýata­
ganyny alyp çykyp gitdi.
Iş işden geçipdi. Serhoş bolup uka giden esgerleri Şamä­
ligiň gulamlary wagşylyk bilen paýhynlap ýördi.
Togrul beg gazap bilen gygyrdy:
– Oýanyň, byradarlar! Oýanyň! Şamälik üstümize çozdy. Şa­
mäligiň adamlaryny paýhynlaň! Gyryň! Biz köplük! Biz ýeňeris!
Gerdegiň ýalny barha ulalýardy.
Altynjan haýsy zadyny alyp, haýsy zadyny galdyrjagyny bile­
nokdy. Eýýäm bu ýerde durmak howpludy. Dymyljyk tüsseden
ýaňa dem alar ýaly däldi.
Togrul beg Şamäligiň gulamlarynyň iki-üçüsini ýataganyn­
dan geçirdi, ýöne onuň bilen gulamlar azalar ýaly däldi. Biriniň
308
ýerine bäş-altysy gelýärdi. Gelýänleriň ählisiniň ümzügi hem
gerdege tarapdy.
Altynjan bir eli ýataganly, bir eli asfury hanjarly towsup
daşaryk çykdy.
Togrul begiň garşysynda dört gulam peýda boldy. Olar gaty
okgunlydylar. Ýeňiş gazanjakdyklary görnüp durdy. Sebäbi sel­
juk ýigitleri serhoşlukdan hem ukudan henizem oňly açylyp
bilenokdylar. Şamäligiň gulamlary hem şu ýagdaýdan peýdala­
nyp, aldygyna paýhynlyk edýärdiler.
– Byradarlar, üstümize ýagy döküldi. Goranyň!
– Seljuklylar, turuň! Üstümize Şamälik çozdy. Öldüriň olary!
– Turuň!
– Byradarlar, oýanyň!
– Barat Alçagy öldürdiler, Barat Alçagy öldürdiler! Sibir
begi öldürdiler! – diýip, kimdir biri waweýla eýleýärdi.
– Sesini kesiň! Sesini kesiň! – diýip, Togrul beg dowulça ba­
kan ylgady.
Dowulçy biçak gorkupdy, höre-köşe bilen ony köşeşdirip
boljak däldi. Şonuň üçin ony sem etmegiň ygtybarly ýoluny
tapdylar, sem etdiler.
Altynjan bu pursat boş durmaly däldigini bilýärdi, ýöne
ol Togrul begiň Şamäligiň gulamlaryny paýhynlaýşyny görüp,
aňkaryldy galdy. Aňkarylmazça däldi. Togrul begiň göwresi
garşydaşlarynyňkydan görnetin uludy. Ýatagan işledişi-de gör­
netin tapawutlydy. Keseden seredeniňde Togrul begiň üstüne
topulýanlar emelsiz, özem ýumruk ýalak oglanlardy. Togrul
beg olary gypynç etmesizden, özüne aşa bir agram salmasyzdan
keýpine paýhynlap duran ýalydy. Özem onuň ýatagan işledişine
seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Beýle ussat darkaşy Altynjan
hakykatdan hem öň görmändi.
Häzirki görnüş boýunça Togrul beg möjekdi, jentlilerem
tilkilerdi. Arman, tilkiler köplükdi. Durmuşda, gör, nämeler
bolanok! Ýolbarslary garynjalar ýeňýärler, öldürýärler ahyryn!
Jentlileriň yzy üzülenokdy, Togrul beg öldürip ýetişse, olaram
ölmäge gelip ýetişýärdiler.
Hana, bir gulam Togrul begiň arka tarapyndan barmakçy
bol­ýar. Togrul beg ýeňseden gelýän gulamy ýa görenok, ýa
onuň özüne ýakyn gelerine garaşýar.
309
Altynjan ýüregi ýarylan ýaly bolup, ýatagandyr hanjary bi­
len gulama bakan ylgady, sekiz-on ädim aralykdan gulamy ny­
şanlap, hanjaryny bat bilen atdy.
Togrul beg nämäniň-nämedigine düşünmedi.
– Näme etdiň ony? Men onuň ýakynyma gelerine garaşyp
durun-a.
– Gören dälsiň öýtdüm.
– Allatagala maňa dört göz beripdir: ýeňsämde-de iki gözüm
bar meniň!
Togrul beg Şamäligiň gulamlarynyň edip ýören gyrgynçy­
lygyny hyrçyny dişläp synlady. Soňam ahmyrly pyşyrdady:
– Altyndaş dogmasy bižlik etdi!..
Altynjan Togrul begiň özüni erkin duýmasyny, şeýle gala­
goply pursatda mesawy gürlemesini geň gördi. Juda geň gördi.
Togrul beg sowukganlydy: Şamälik çozmadyk ýalydy. On­
da, keýeden seredeniňde, häzir içki nägilelik-de onçakly
ýokdy. «Altyndaş dogmasy bižlik etdi!» diýlen sözde Altynjan
hiç hili galagop-gondalaw duýmady, hut häzirki darkaş imi­
salalyk bilen gutaraýjak ýalydy. Üstüne topulýan gulamlary
öldüren­de hem zähreteleklik, irniklik duýulmaýardy.
Togrul begiň bu sowukganlylygy Altynjanyň akylyna hiç sy­
ganokdy.
Beg bilen güýji deň geljek ýagy ýokdy. Barybir, Altynjan ho­
watyrlanýardy.
Ol bege buýsandy.
Hana, ýene iki pählewan bar. Olar hem edil Togrul beg deýin
söweşýär. Olaryň birine Ybraýym, ikinjisine Nasyr diýýärler.
Ybraýym beg üç-dört sany haşymy bilen Togrul begi pena­
laýar, Nasyr dünýäni unudyp, jentlileri öldürýär.
Çagry beg göründi, ol Togrul begiň ýanyna bardy:
– Togrul, biz ät galdyk, bu ýerden gideli.
Ybraýym söweşip ýörşüne öz adamlaryna görkezmeler ber­
ýärdi. Çagalary, aýallary alyp guma çekilmeli adamlary howluk­
dyrýardy.
Adamyň ömründe ýeke gezek gaýtalanýan arzyly, mukaddes
pursatlary bolýar. Adam arzyly, mukaddes pursatlaryndan lez­
zet alýar. Altynjan bu güne – durmuş toýuna, gör, nähili yhlasly
311
garaşypdy. Indi, görüp otursa, ol bagtynyň ýatmasyna garaşan
eken. Altynjan Şamälik emir bilen tötänlikde duşuşan pur­
sadyny onuň diýen sözlerini ýatlady. Altynjan emiriň haýbatyny
boş haýbat hasaplapdy, Şamälik başky sözünde tapyldy: toý
aşyna awy gatdy.
«Eý, Hudaý, bu gün meniň bagtym ýataýarmyka?» diýip,
Altynjan Şamäligiň gulamlarynyň edýän gabahat işlerini hyr­
çyny dişläp synlady. Şeýle aýylganç gyrgynçylyk 10 hiç bir ýerdede bolan däldir.
Her bir zadyň çykalgasy bolmaly. Çykalgasyz hiç bir zat bol­
maly däl.
Alagaraňkyda adam adamy tananok. Bu alagaraňkylykdan
näme üçin diňe Şamäligiň gulamlary peýdalanmaly?
Altynjan şu güne çenli ýalandan gylyçlaşypdy. Bu gije ol
hakyky söweşe girdi. Şeýle garpyşyk gaty köpden bäri göwün
telwasydy ahyryn onuň!
Ol hakykaty aýdypdy: onda hem edil Togrul begiňki deýin
ölerin diýen gorky ýokdy, ölüm hakda pikir hem ýokdy. Onda
diňe bir pikir bardy. Ol hem Şamäligiň adamlaryny gyrmakdy,
ýeňmekdi! Şamäligi öldürmeli! Sebäbi ol Altynjanyň ilkinji mu­
kaddes gijesini weýrana saldy.
***
Muhammet Togrul beg töweregine garanjaklady, galawut
eýläp. Altynjany agtardy. Onuň adyny tutup gygyrmagy bolsa
gelşiksiz gördi. Ol ýanyndaky Ybraýyma ýüzlendi.
– Eşider bolsaň, men ýüregimi ýitirdim.
– Näme?
– Men gelnimi ýitirdim. Ol ýaňyja-da şu ýerdedi.
– Ol ýitenok.
– Nirede ol?
– Han-ha, Şamäligiň gulamlaryny paýhynlap ýör ol. Yşan,
men onuň söweşişini birpaýyz synladym welin, haýranlar
galdym, edil bugdaý oran ýaly edip barýar ol. Öňünden duşman
bolup çykar ýaly däl onuň...
312
Seljuklylaryň göçüşini Jendiň häkimi Şamälik öz hemişeki duş­
mançylygy üçin peýdalanmak isledi. Ol uly bir goşun alyp, Horezme
geldi we daň bilen bularyň üstüni basdy (1034-nji ýyl). Seljuklylar
gapyl galyp, agyr ýitgi çekdiler. Taryhy çeşmeler bu basgyda 7-8 müň
seljuklynyň öldürilendigini, köp adamyň ýesir alnandygyny görkezýär.
Faruk Sümer,
«Oguzlar – türkmenler».
Rukneddin Abu Talyp Togrul ibn Mykaýyl ibn Seljuk – batyr, sabyrly
we jomart adamdy, Allanyň edenine kaýyldy, juma namazlaryny sypdyr­
mazdy, duşenbe we çarşenbe günleri oraza tutardy, göwni galkyberjek bol­
sa, ony özüniň ýagşy hulky bilen basardy. Ol al-wazary (Samarkandyň
bir obasynda dokalýan) matasyndan eşik geýerdi, onuň üstünden ak
örtük geýnerdi. Sogabyna seredende onuň günäleri miweli bag ýalydy. Ol
adamlary jezalandyrmagy halamazdy, gan dökmezdi, haramdan dat­
mazdy. Ol örän çydamly we çyn gepli adamdy, sadaka bermäge sahydy.
Al-Hüseýni,
Zubdat at-tawaryh /Taryhyň gaýmagy/.
(Birinji kitabyň soňy).
DÜŞÜNDIRIŞLER
Birinji hekaýat
1. Eprikogullary, (akhun, akgün, eftalit, afrigit, abdal)
şalygy – Daşoguz topragynda 305 – 995-nji ýyllarda dowam eden
şalyk. Köp taryhy kitaplarda bu şalyk «Afrigitogullary» diýip at­
landyrylýar (F.Sümer). Reýhan Biruny özüniň «Eserul-Bakyýýe»
atly eserinde bu nesilşalygyny Eprikogullary nesilşalygy diýip at­
landyrýar we bu nesilşalygyň ýigrimi iki neberesiniň höküm sü­
rendigini ýatlaýar. Afragit şalygy Samany şalygynyň tabynlygynda
bolýar. Hunlar, gunlar – Oguz hanyň ogly Gün hanyň neberele­
ridir. Akhun – Günortaly hun diýmekdir.
2. Gawşfinj şäheri – «Horezmiň Jürjaniýa şäheri bilen
arasynda ýigrimi farsah uzaklykda ýerleşýän bir şäher. Bu şäher
meniň döwrümde abadan we gözel şäherleriň biridi. Men ony
1236-njy ýylda gördüm. Soňra bu ýurda mongol-tatarlar gelip
girdiler. Soň bu şähere näme bolandygyny men bilmeýärin».
Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen obalary).
3. Mamunlar – 995-nji ýylda Afrigit şalygyny ýykyp, öz
şalygyny döredýärler. Olar şalygyň paýtagtyny Käs şäherinden
Jürjaniýa (Köneürgenç) şäherine geçirýärler. Mamunlar şalygy
1017-nji ýyla çenli dowam edýär.
Samany döwleti iň soňky günlerini ýaşaýardy. Bu döwletiň
ýerlerini üç emir öz aralarynda paýlaşdylar, ýöne olara Söbük­
tegin rahatlyk bermedi. Gaçyp Hazaraspa gelen Abu Aly Sim­
juryny Abu Aly Horezmşa ýesir aldy.
«Abu Aly Simjury ýesir alnanda onuň habary Gürgenjiň hä­
kimi Abu Aly Mamuna baryp ýetdi we ol bu wakalar sebäpli gaty
ynjalyksyzlanyp başlady. Ol esgerlerini jemledi we Horezmşanyň
üstüne ýörişe gitdi. Käs şäherine ýetdi we ony gabap, şäheriň
ilaty bilen söweşdi. Ony rehimsizlik bilen basyp alanyndan
314
soňra, Abu Abdylla Horezmşany ýesir aldylar. Abu Alyny ge­
tirdip, onuň gandallaryny we tanaplaryny çözdüler hem-de
ýanlaryna alyp, Gürgenje geldiler. Mamun Gürgenje gelende
özüniň käbir ýaranlaryny bu ýere häkim belledi. Horezmşany
getirdi we ony Abu Aly ibn Simjuryň öňünde öldürtdi». Ibn
Esir. Kämil taryh. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras»
merkezi. 1 jilt. A., 2005.
4. Käs şäheri – «Köneürgenjiň (Horezminiň) iň uly
şäherleriniň biri. Ol Jeýhunyň gündogar kenarynda ýerleşýär.
Köneürgenç bilen onuň arasy ýigrimi parsahdyr» «Mujem albuldan» 4-nji jilt. 422 sah. Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi
(Türkmen obalary).
5. Jürjaniýa – Köneürgenç.
6. Zamahşar – Horezmin etrabynda ýerleşen bir oba. Hä­
zirki Görogly (öňki Tagta) etrabynda gumuň içinde ýerleşýär.
Häzir ol gala harabalyk bolup ýatyr. Bu gala häzirki döwürde
Yzmykşir ady bilen meşhurdyr. Yzmykşir öwlüýäsine adam­
lar sygynýarlar, zyýarata barýarlar.Görnükli türkmen ulamasy
Mahmyt Zamahşary (1075 – 1144 ý.) hem şu obada doglandyr.
Bu ulamanyň mazary häzirki döwürde Türkmenistanyň kera­
matly ýerleriniň – öwlüýäleriniň biri hasaplanýar. Görnükli
syýahatçy ibn Batuta 773-nji ýylda özüniň meşhur «Geografiýa»
atly kitabynda Köneürgençde bolan günleri hakda ýazypdyr. Ol
özüniň kitabynda Zamahşar galasy Jürjaniýadan (Köneürgen­
çden) 4 mil uzaklykda ýerleşýär diýip ýazypdyr. Öz döwründe
Köneürgenjiň ýakynynda ikinji Zamahşar obasy bolsa bolandyr.
Ýöne häzirki döwre çenli saklanyp galan Zamahşar (Yzmykşir)
galasy Köneürgençden 150, Daşoguzdan bolsa 30 kilometr uzak­
lykda ýerleşýär. 2007-nji ýylyň maý aýynda bu galada dog­lan
Gündogaryň meşhur alymy Mahmyt Zamahşarynyň mawzoleýi
bina edildi. Romanyň baş gahrymany – Beýik seljuk türkmen­
leri soltanlygyny döreden Togrul begiň hatyny Altynjan hatyn
hem şu galada doglandyr.
7. «Arsahuşmisen – uly şäher. Horezminiň ýokary tarapynda
Jürjaniýa şäherinden üç menzil daşlykda ýerleşýän şäherdir. Bu
şäher özüniň möçberi boýunça Nasybyn şäherine deňdir, ýöne
315
ilaty onuňkydan köpdür, ol ondan has owadandyr». Ýakut Ha­
mawy. Ýurtlaryň sözlügi. (Türkmen obasy).
8. Gapydan – emiriň hyzmatyndaky hyzmatkärleriň
ýolbaşçysy. «Kapitan» sözüniň sözköki «gapydan» sözündendir.
9. Kirwe (farsah, agaç) – 6 kilometre barabar uzaklyk ölçegi.
10. Nişalla – wermişele meňzeş görnüşi bolan konditer
nygmaty.
11. Çakrym – 1,07 kilometre deň uzynlyk ölçegi.
12. Muhtasyp – şäheriň tertip-düzgünine gözegçilik edýän
emeldar.
13. Oglan – atly esger. Oglanlar – ýolbaşçynyň janyny
ynanýan iň ýakyn adamlary bolupdyrlar.
14. Mahmyt Gaznaly (970 – 1030 ý.) – 999-njy ýylda Gaz­
nada tagta geçýär we kuwwatly soltanlyk döredýär. Horasany,
Horezmini, Tabarystany özüne tabyn edýär. Mahmyt Gaznaly
soltan adyny göteren ilkinji türkmen patyşasydyr. Söbükteginiň
Nasyr, Mahmyt, Ysmaýyl, Ýusup, Hasan, Hüseýin atly alty ogly
we Hara atly bir gyzy bolupdyr. «Soltan Mahmyt Gaznaly diňe
bir kuwwatly hökümdar bolman, eýsem ol öz döwrüniň iňňän
sowatly adamlarynyň hem biri bolupdyr. Ol arap we pars dille­
rini suwara bilipdir. Muňa onuň arap dilinde ýazýan şahyrlaryň
bu hökümdary wasp edip ýazan goşgularyny petir bezän ýaly
edip düzetmegi-de şaýatlyk edýär. Galyberse-de soltanyň arap
dilinde şerigatyň pudaklaýyn meselelerini beýan edýän «At-ta­
kir fil-furug» atly kitap ýazandygyny meşhur türk alymy Ysmaýyl
Paşa Bagdady tassyklaýar». («Hidýet al-arifin, 2-nji jilt, sah. 401.
Stambul, 1955 ý.).
15. Altyndaş – Soltan Mahmyt Gaznalynyň gapydany
hem hajyby. 1017-nji ýylda soltan Mahmyt Gaznaly öň Samany
şalygyna garaşly bolan Mamun şalygyny – Horezmini basyp alan­
dan soň, Ürgençde (Köneürgençde) öz gapydany Altyndaşy
dikme goýýar.
16. Zirag – uzynlyk ölçegi bolup gelende 0,65 metre, göwrüm
ölçegi bolup gelende 0,42 kub metre deň bolan ölçeg birligi.
17. Hara bin Söbüktegin – soltan Mahmydyň uýasy, ilki Aly
bin Mamun Horezmşanyň hatynydy, Aly wepat edensoň, ol şol
316
döwrüň dessury boýunça Alynyň dogany Abul Apbas Mamunyň
aýaly bolupdyr.
18. Naýyp – orunbasar.
19. Işigagasy (gapydan) – köşkde, galada sakçylaryň başlygy.
20. Han – On müň goşunyň serkerdesine han diýilýär.
Goşunda on sany esasynda goşun döredilýär: onbaşy, ýüzbaşy,
müňbaşy. On müň goşuna tümen diýilýär. Her tümene bir han
serkerdelik edýär.
21. Ykta – patyşalyk tarapyndan berilýän mülk. Ykta yslamda
degişli ýerleriň diňe ýyllyk salgydynyň ýa-da girdejisiniň ondan
biriniň haýsydyr bir hyzmaty üçin, bir kişä berilmegidir. Ykta
hyzmat we iş bilen baglylygy üçin bu ýeriň hüşüri we salgydy ha­
zyna tarapyndan dolandyrylýardy ýa-da başga birine berlip bi­
linýärdi. Ykta, esasan, goşun serkerdelerine berilýär. Yktadar
söweş ýok wagty öz yktasynda bolýar, ol ýerde daýhançylyk bi­
len meşgullanýar. Patyşadan söweşe gitmelidigi baradaky habar
gelende yktadar öz yktasynda ýaşaýan oba adamlaryndan goşun
düzüp, patyşanyň salgy beren ýerine ugraýar. Uruşda öz adam­
laryna serkerdelik edýär. Iktadar öz tabynlygyndaky esgerleriň
iýip-içjek azygyny özi üpjün edýär. Döwlet tarapyndan iktadarla­
ra hiç zat berilmeýär. Yktadan gelen adamlaryň uruşda yhlasly
söweşmekleri üçin, alnan oljalar esgerleriň arasynda paýlaşylýar.
Şeýle bolansoň, adamlar urşa örän höwesek gatnaşypdyrlar.
Öňden gelýän berk düzgün boýunça alnan oljalaryň bäşden
biri şanyňky hasaplanýar. Bäşden ýene biri döwletiňki hasap
edilýär. Oljanyň galan bäşden üç bölegini esgerler öz serkerde­
leri bilen paýlaşýarlar.
22. Heýtele – Syrderýa bilen Amyderýanyň araly. VII asyrda
araplaryň gelmegi bilen bu ülke Mawennahr – iki derýa aralygy
diýlip atlandyrylýar.
23. «Oguznama» kitaby. Aşgabat, 2002 ý.
24. «Pentnama» kitaby – Söbükteginiň öz ogly Mahmyda
eden wesýeti. Bu kitap orta asyrda iň ýörgünli kitap bolupdyr.
25. Pars sözüniň bars sözkökündendigi hakda görnükli
alym Myrat Ajynyň «Ýewropa, týurki, Welikaýa step» (...každyý
wtoroý ýewropeýes imeýet týurkskiýe korni!..), Moskwa, AST
neşirýaty, 2004; «Týurki i mir: sokrowennaýa istoriýa (Týurki
317
nesli miru weru w Boga nebesnogo...), Moskwa, AST neşirýaty,
2004. Alym miladydan öňki 558-nji ýylda Ahemeni şalygyny
döreden Kiriň (kir – gadymy türkmen dilinde «başlangyç»
diýen manyny berýär) bars taýpasyndan bolandygy, onuň adam­
laryna barslar (parslar) diýlendigi hakda ýazýar. Kir öz ýurduny
Barsiýa (Persiýa) atlandyrypdyr.
26. Umury istihbarat sahyby – döwlet howpsuzlyk (razwed­
ka) gullugynyň ýolbaşçysy.
27. Şebistan – ýatakhana.
28. Nedim – maslahatçy, dost, patyşanyň, hanyň janyny
ynanýan hemşeri.
29. Begzada terbiýesi – aristokratik terbiýe. Gadymy döwür­
de ata-babalarymyz köşkleriň ýanynda ýörite atabeglik mek­
debini açypdyrlar. Ol mekdepde patyşanyň, şol sanda ýurduň
emirleriniň, barjamly, abraýly adamlaryň çagalary okadylypdyr
we terbiýelenipdir. Begzada terbiýesini alan ýigit özüniň asylly
häsiýeti, sowatlylygy, söweş tilsimlerine ussatlygy bilen adaty ýi­
gitlerden düýpgöter tapawutlanypdyr. Atabeglik mekdeplerin­
de birnäçe daşary ýurt dilleri hem öwredilipdir.
30. Fykh – şerigat hukuklary baradaky ylym.
31. Şemşer – ýarag ady, hanjar.
32. Wa daryg-a; wa hasrat-a; weýl-waý; weýla; wa weýleta –
gynanç aňlatmalary, «ah, wah» ümlükleri.
33. Weledan – oglan.
34. Akgyz – keniz, hyzmatkär gyz. Keniz bolup hyzmat etjek
gyzlar saýlanyp-seçilip alynýar. Keniz bolmak üçin ilkinji talap
owadanlyk, medeniýetlilik, edeplilik. Şeýle hem kenizler hyz­
matda wagtlary ak eşik geýipdirler. Türkmeniň «Akgyz ýoldaşyň
bolsun!» diýen dilegi şalaryň köşklerindäki akgyzlar – kenizler
bilen baglanyşykly döräpdir. Akgyz owadan, asylly, edepli bol­
maly. Diýmek, türkmenler ýaş ýigide arzuw edenlerinde «Akgyz
ýoldaşyň bolsun!» diýip, owadan, asylly, edepli gyzyň ýanýoldaş
bolmagyny dileg edipdirler.
35. Baba – kaka. Gadymy döwürde kaka sözüne derek baba,
orta asyrlardan başlap ata sözleri ulanylypdyr.
36. Çilten – kyrk adam.
318
37. Ýatagan, şeşper – ýarag atlary. Ýatagan – gylyç. Bu gy­
lyç soňky türkmen gylyçlary ýaly egri däl-de, göni. Ýatagan
sünçmek-sokmak üçin amatly bolupdyr. Şeşper – alty gyraňly
gürzi, tokmak. Bulardan başga türkmenlerde ýaraglaryň naý­
za, kargy, süňi görnüşleri-de bolupdyr. Ermeni awtory Arista­
gues türkmenleriň-oguzlaryň at üstünde bürgüt deýin gidýän­
diklerini, baryş ugurlaryna ýaraglaryny şeýlebir ezberlik bilen
işledýändiklerini haýran galma bilen ýazýar.
38. Berbed – Berbed Merwezi (VII asyr) görnükli türkmen
kompozitory we sazandasy.
39. Umury emeniteti şähri – şäher howpsuzlyk işleri.
40. Oguz hanyň wesýeti boýunça ähli kişi kanunyň öňünde
deň hasaplanýar. Kim-de-kim öz wezipesinden peýdalanyp
günäkäre hemaýat etse, onda şol kişini-de jezalandyrmaly.
«Oguznama».
43. Jansyz, jandar, çawuş – janpena, goragçy. Häzirki dö­
würdäki halkara sözi bolan «žandarm» sözüniň sözköki jandar
sözündendir.
Ikinji hekaýat
1. Afrasýaplylar – Garahan türkmenleri. Bu nesilşalygy
Mawerannahrda 840 – 1212-nji ýyllar aralygynda dowam etdi.
Afrasýap şäheri – Samarkant şäheriniň demirgazyk tarapynda
ýerleşýär.
2. Şamälik – Jent şäheriniň emiri. Jent şäheri – häzirki Pe­
rowsk şäheri. Seljuklylaryň şäheri. Ýöne bu şäheri seljuklylar­
dan Şamälik basyp alýar. Şamälik 1041-nji ýylda Köneürgenç
şalygyny Altyndaşdan basyp alýar. Köneürgenç şasy Ysmaýyl
Handin ibn Altyndaş gaçyp, Togrul begiň ýanyna barýar we öm­
rüni seljuk şalygynda geçirýär.
3. Rüstem Zal – Gündogaryň görnükli halk gahrymany.
Rüstem Zalyň we Rudabanyň ogly Siýawuş ençe Gündogar
halk rowaýatlarynyň we ertekileriniň söýgüli gahrymany. Sol­
tan Mahmyt Gaznaly Firdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gah­
rymany hakda: «Rüstem Zal ýaly batyr, pälwan gahrymanlar
meniň esgerlerimiň arasynda kän» diýende şahyr biçak gaharla­
319
nypdyr. «Beýle gahryman hiç ýerde ýokdur. Bu gahrymany diňe
men döretdim» diýip, şahyr soltany nadanlykda, çeper esere
düşünmezlikde aýyplapdyr. Aslynda, soltan ýüregini aýdypdyr:
hakykatdan hem soltan Mahmyt Gaznalynyň goşunynda päl­
wan, batyr adamlar juda kän eken. Soltan ol pälwanlaryna guwa­
nypdyr. Güýç synanyşmak, göreş tutmak boýunça ýaryşlary yzygi­
derli geçirip durupdyr. Ussatlara mahsus bir kemçilik bar: olar
eserlerine at daksaň halamaýarlar. Soltan Mahmyt Gaznalynyň
sözleri bilen aýtsam, adamy öwseň, ol «Gör, men nähili gowy!»
diýip guwanýar, eger «Seniň şeýle-şeýle kemçiligiň bar» diýseň,
onda adam: «Gör, bu adam nähili ýaramaz!» diýip, seni ýigre­
nip ugraýar.
4. Oba, kent – biz obadyr kent sözüni manydaş sözler hasap­
laýarys. Aslynda, bu sözleriň arasynda belli bir derejede tapawut
bar. Kent – daşyna daşdan diwar aýlanan obadyr. Daşyna palçyk­
dan diwar aýlanýan berkitmelere bolsa gala diýilýär.
5. Horezm köli – Aral kölüniň orta asyrda atlandyrylyşy.
6. Lala – terbiýeçi, atabeg, atalyk.
7. Mirşikär – awçylaryň ýolbaşçysy.
8. Perrende bazary – guş bazary.
9. Şahyn – ak reňkli laçyn.
10. Kelete (kelate) etmek – harap, weýran etmek.
11. Mertebe – bagt manysynda.
12. Tarih-i-Beýhaki. Abu-i-Fazlýa Beýhaki. Çagry begiň, Tog­
rul begiň, Musa begiň her birine bir etrap – Şaruhan, Rabat
Maşe, Gauhor etraplarynyň berlendigi hakda (1033 – 1034 ý.)
Fahr Razi hem ýazypdyr.
13. Akyn – gadymy türkmen çapawulçylygynyň atlandyrylyşy.
14. Muhammar – şerap içip mes bolan.
Üçünji hekaýat
1. Çilten – 1. Kyrk ten, kyrk adam; 2. Sopularyň kyrk adam­
dan ybarat “nujaba” ýa-da “abdal” diýilýän we keramatly hasap­
lanýan topary.
1. Damulla – mugallym.
320
2. Hindistana ilki bolup yslam dinini elten soltan Mahmyt
Gaznalydyr. Päkistan 1947-nji ýylda özbaşdak yslam döwleti
boldy.
Bäşinji hekaýat
1. Elite hüllepüş – elite – saýlanan, iň gowy; hüllepüş – owa­
dan geýim.
2. Zünnar – guşak; otparaz ruhanylarynyň guşagy.
3. Haluf ýüpegi – Haluf şäherinde dokalan ýüpek mata.
4. Dilbent (dülbendi) – boýna, başa daňylýan insizräk mata.
5. Halhal – aýal-gyzlaryň bezeg üçin aýaklaryna dakýan,
kümüşden edilen, nagyşly ýasy halka. Bu bezeg Horasana, türk­
menlere araplardan gelipdir.
6. Boriýa – ýekenden dokalan düşek.
7. Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda urdu dilini döred­
ýär. Soltanyň goşunynda köp halkyň wekilleri söweşipdirler.
Şonuň üçin hem soltan Mahmyt bu dili döretmek bilen esger­
leriň arasyndaky dil kynçylyklaryny, düşünişmezliklerini çöz­
megi maksat edinipdir. Urdu dili häzirki döwürde Päkistanyň
döwlet dilidir.
Altynjy hekaýat
1. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
2. Nass – yslam hukugynda Gurhan bilen hadysa aýdylýar.
3. Dor bedew – kynyklara dör bedew münmegi Oguz han
wesýet edipdi. Ýigrimi dört agtyga wesýet edilen atlaryň reňkiniň
sany dokuzdyr. Mysal üçin, Gaýa, Baýada, Alaöýlä, Garaöýlä
gara reňkdäki at; Owşara – ak reňkdäki at; Igdire, Begdüze,
Ýiwä we Kynyga dor at miras berilýär. Oguz hanyň bu harby sar­
gydy XIII asyrda Jelaleddin Meňburny döwründe-de bar eken.
Elbetde, bu hakda göni gürrüň edilmese-de, muny Jelaleddiniň
kätibi, Muhammet Nesewiniň «Jelaleddin Meňburnynyň ömür
beýany» atly kitabyndaky şu setirlerden: «Bellenilen gün soltan
goşunyny söweş nyzamyna düzdi. Goşunyň merkezi diňe gara
atly, gara geýnen ýigitlerdendi, sag ganat dagyň sili ýaly uçganak­
21*
321
lap duran ak atly, ak geýnen nökerlerdendi, çep ganaty bolsa
mele atly, mele geýnen nökerlerden ybaratdy» (254 sah.) hem
aňmak bolýar. Elbetde, bu aýratyn gürrüň, özem uly gürrüň.
Ýedinji hekaýat
1. Tebük – häzirki futbol oýnuna meňzeş oýun.
2. Güý – çöwgen hem tebük oýunlarynyň topy.
3. Alty tarap – gadymy döwürdäki durnukly söz düzümi.
Ata-babalarymyz yslamdan öý «dört tarap» diýmän, «alty tarap»
diýipdirler. Olar bäşinji we altynjy tarap diýip Ýeri we Asmany
göz öňünde tutupdyrlar.
Sekizinji hekaýat
1. Ferraş – içerini syryp-süpürýän hyzmatkär.
2. Pereç – ýelbegeý almak üçin tikilýän ýeňi kelte don.
3. Bilal – Ilkinji hebeşi azançy.
4. Ýabgu – patyşanyň wezipesini ýerine ýetiriji. Bu wezi­
pe paty­şalyk, şalyk berkarar edilýänçä wagtlaýyn berilýän at.
(L.Gumilýow).
5. Mahýa (maähr) – galyň.
6. Tapbala – depçi zenan.
7. Seljugyň hatynynyň grek gyzy bolandygy, şeýle hem
olaryň nesepleriniň nestorianlygy barada iki pikir bar: bir topar
bu pikiri öňlaýar, beýleki topar bu pikire garşy çykýar. (Rene
Grosse. Sähraýylaryň imperatorlygy. Türkmen diline terjime
edilen nusgasy).
8. Taýlesan – boýna atylýan ýaglyk. Bu ýaglyk köplenç na­
mazlyk üçin göterilýär. Zenanlar bu ýaglygy päklik, halallyk
manysynda atynýarlar.
9. Atyllanyň gününe salmak – neberesi öldürilenden soň,
bir görmegeý gyz aryny almak maksady bilen Atylla özüni bagyş
edýär we gije uklap ýatan Atyllany pyçaklap öldürýär.
322
Dokuzynjy hekaýat
1. Bu gysgaça maglumat ibn Esiriň «Kämil taryh» atly
kitabynyň birinji jildinden alyndy.
2. Samanogullary – bu nesilşalyk 892 – 999-njy ýyllar
aralygynda Merkezi Aziýada hökümdarlyk edýär. Bu döwletiň
esasynda Mahmyt Gaznaly öz şalygyny döredýär.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
4. Ýaňykent – 1964-nji ýylda belli bir alymlar topary tara­
pyndan Altyndepe diýlip atlandyryldy. Ýaňykent Beýik Oguz
döwletiniň paýtagtydyr. Syrderýanyň boýundaky Ýaňykent –
Abywertde suwuň kesilmegi sebäpli, Heýtelä göçen we ol ýer­
lerini mesgen tutunan oguzlaryň paýtagtynyň ikinji döreýşidir.
Taryhdan belli bolşy ýaly, oguzlar nirä göç etseler, baran ýerle­
rine öňki ýaşan ýerleriniň atlaryny dakypdyrlar.
5. «Nasr Ilig han 1013-nji ýylda aradan çykdy, onuň ýerine
gardaşy Mansur geçdi. Ol Arslan Ilig unwanyny aldy, kuwwatly
hökümdar boldy. Ýöne 1021-nji ýylda hanedana degişli Alytegin
Buharaga häkim bolanda özbaşdak hereketlere we öz ülkesini
giňeltmäge başlady. Bu wagtlar Seljugyň ogly Arslan ýabgunyň
öz ili bilen Jentden aşak inip, Buharadan 20 farsah (118 kilo­
metr) demirgazykdaky Nur etrabynda ýerleşendigini bilýäris».
Faruk Sumer. Oguzlar – türkmenler.
6. Garahanly nesilşalygy – 382 – 607-nji hijri; 992 – 1211
milady ýyllary aralygynda Heýtelede höküm sürýär. Garahanly
türkmenleri – garlyk türkmenleridir, olar X asyryň ortalarynda
Merkezi Aziýada ilkinji bolup yslamy kabul edýärler. «Gara» sözi
«güýçli, köp» manysyndadyr. Ilek han samany şalygynyň paý­
tagty bolan Buhara şäherini basyp aldy we ol ýerde öňki şalygyň
neberelerini ýok etdi. Samanogullary şalygynyň tagtynda otu­
ryp, başyna täç geýdi. Bu waka 999-njy ýylda boldy. Ilek hanyň
täç geýmegi samanogullary şalygynyň ýaşamasyny bes edendigi­
ni alamatlandyrdy.
7. Seljuk ibn Dükakyň bäş oglunyň atlary: Ysraýyl, My­
kaýyl, Musa, Ýunus, Ahmet. Bu hakda Kerimeddin Mahmyt
Aksaraýlynyň «Musameretul ahbar» (Habarlaryň mejlisi) atly
kitabynda aýdylýar. Käbir taryhy çeşmelerde Seljuk begiň dört
323
oglunyň bolandygy aýdyl­ýar. Faruk Sümer bu barada şeýle ýaz­
ýar: «Seljugyň dört ogly bardy. Onuň oglunyň bäş bolmagy hem
mümkin. Zahiri Nişapuryň sözlerine görä şeýledir. Bäş oglunyň
atlary: Ysraýyl, Mykaýyl, Musa, Ýusup we Ýunus».
8. Ýurduny täzeledi – Taryhçylar Seljuk ibn Dükakaň ýüz
ýedi ýaşda aradan çykandygyny nygtasalar-da, onuň aradan çy­
kan ýylyny dürlüçe görkezýärler. Bir taryhçy Seljuk begiň ara­
dan çykan ýylyny 1007-nji ýyl diýip görkezse, başga bir taryhçy
ony 1011-nji ýyl diýip, ýene bir taryhçy 1013-nji ýyly görkezýär.
9. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler (taryhlary, tire-taý­
pa düzümleri, dessanlary) Aşgabat. 1999. Ibn Esir. Kämil taryh,
1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
11. Oguz hanyň pendi – edilen etmişe hökman jeza berme­
lidigi, eger wezipeli beglerden, serkerdelerden haýsydyr biri
etmiş edene howandar çyksa we ony jezadan alyp galmakçy bol­
sa, onda şol begi-de, serkerdäni-de patyşanyň ony nähili gowy
görýändigine, hormatlaýandygyna seretmezden jezalandyr­
maly. Kanun ähli kişi üçin deň bolmaly.
12. Musahhar (teshyr, petih) kylmak – eýelemek, boýun
egdirmek, basyp almak.
13. Jibal – daglyk ýer diýmekdir. Jibal ülkesi – Yspyhan, Zen­
jan, Kazwin, Hemedan, Dinawar, Harmysyn, Reý ýaly şäherleri
öz üçine alýan uly daglyk ülkedir.
14. Büweýh, Kaku, Rawwat, Şaddat, Bawan, Musafir, Zi­
ýar şalyklary – Günbatarda hökümdarlyk süren uly bolmadyk
şalyklar.
Büweýh şalygy – Eýranda we Yrakda 320 – 454-nji hijri,
932 – 1062-nji milady ýyllar aralygynda hökümdarlyk edýär. Bu
şalygy Togrul beg syndyrýar.
Kaku şalygy – 1008 – 1051-nji milady ýyllary aralygynda
Merkezi we Günbatar Eýranda hökümdarlyk edýär. Bu şalygy
deýlemli Duşmanziýar esaslandyrýar. Şalygy Togrul beg syndyrýar.
Rawwat şalygy – X asyryň başyndan başlap, 1071-nji ýyla
çenli Azerbaýjanda hökümdarlyk eden şalyk. Şalygy Alparslan
syndyrýar.
324
Şeddat şalygy – hijriniň 370 – 571-nji, miladynyň 951 –
1174-nji ýyllary aralygynda Arranda (Garabag), Gündogar Er­
menistanda hökümdarlyk eden şalyk.
Bawan şalygy – Hazar deňziniň kenarynda Tabarystanda
hökümdarlyk edipdir. Hökümdarlyk eden ýyllary 665 – 1349nji ýyllar.
Musafir (salarlar) şalygy – Deýlemde we Azerbaýjanda 916
– 1090-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden şalyk.
Ziýar şalygy – 927 – 1090-njy ýyllar aralygynda Tabarystan­
da we Gürgende hökümdarlyk eden şalyk.
15. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
16. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
17. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
18. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretul ahbar
(Habar­laryň mejlisi).
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 20
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.