Latin

Altynjan hatyn I - 02

Total number of words is 3682
Total number of unique words is 2065
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Onuň hyzmatyndaky kişiler: «Emirimiz ýoz atyndan gözüni aýyr­
man seredip ýatyr, megerem, münmek isleýär, ol ata münse, derdin­
den saplanar. Eždatlarymyz näsagy atda gezim etdirip bejerýän eken­
ler. Bizem emirimizi ata mündürip, gezim etdireliň» diýdiler.
Ine, şu pikir bilen ysgyn-deramatsyz emiri küýsän ýoz atyna
mündürip, Jeýhunyň kenarynda gezdirdiler.
Söwedin Bugrajyk Abdal ýoz atynyň üstünde äwmän-teles­
män, gözlerini süzüp oturdy, töweregine seretjek, ýanyndakylar
bilen gürleşjek bolmady. Hyzmatyndaky hadymlar hem bir söz
aýdyp, ony biynjalyk etmekden saklandylar.
Ony uzak gezdirdiler.
Salýat al-magryp namazyna – namazşama çenli gezim etdi­
rip, soň atyň ugruny gala sary gönükdirdiler.
Kyrk ýedi ýaşy arka atan Bugrajyk Abdalyň düşen kysmaty Horez­
min ilinde ähli kişä äşgärdi. Köp kişi oňa nebsagyryjylykly sered­ýärdi.
18
Ol şu ýaşa çenli uly hormatda, uly mertebede ýaşady. Bug­
rajyk – Eprikogullary hanedanlygyndandy1, dogany Horezmin
şalygynyň şasydy, özi Gawşfinj şäheriniň2 häkimidi.
Horezmin iline hökümdarlyk eden Eprikogullary hane­
danlygy indi ýok. Bu hanedanlygy Horezmin şalygynyň Ürgenç
(Köneürgenç) şäherine häkimlik edip ýören Abu Aly Mamun3
özüne goýulýan hormatdan, ynamdan peýdalanyp tagtdan ag­
dardy, şalygyň paýtagtynda – Käs4 şäherinde şanyň nebereleriniň
ganyny Jeýhun derýa deýin akdyrdy. Şondan soň Käsi taşlap,
Jürjaniýany5 özüne paýtagt edindi.
Akhun şalygyny agdaryp, özüni şa yglan eden Abdylla Ma­
mun Eprikogullary hanedanlygyndan diňe bir adama aman ber­
di, ol hem Bugrajyk Abdaldy. Mamun ony häkimliginden aýryp,
diňe öz mülki Zamahşar galasyndan 6 çykman ýaşamagy emr etdi.
Mamunyň Bugrajyk Abdalyň üç ogluny öldürip, özüne
aman bermegi köplere syrly göründi. Köpler muny Bugrajygyň
dymma, ýuwaş, hiç bir zada geleň etmeýän töwraýy häsiýeti,
patyşa bolmak höwesiniň ýoklugy üçindir öýtdi. Aslynda welin
onuň aman galmagy diňe bir häsiýetiniň ýuwaşlygy üçin däldi.
Abu Aly Mamun Jürjaniýa (Köneürgenç) şäherine Bugrajyk
Abdalyň gönüden-göni güwädarlyk-ýardam etmegi bilen häkim
bellenilipdi. Hanedanlykdan ýeke özüniň aman galdyrylmagy,
ana, şol güwädarlygy-ýardamy üçindi.
Bugrajyk Abdal öz hanedanlygynyň pajygaly soňlanyl­ma­
gynda özüni ýeke-täk ýazykdar saýyp, şol ýazygyna ahmyr edip,
özüni ökünç ataşyna atypdy.
Ol dalanynda üç aý ýatdy. Bagyr agyrysy ony ysgyn-deramat­
dan aýyrdy. Üç aýlap geplemän, huk ýaly bolup ýatan emire hiç
hili em peýda bermedi.
Atly gezim oňa tenekar bolar öýdüldi. Hakykatdanam emi­
riň atyň üstünde gözüni süzüp oturmagy oňa ýaran-tenekar bo­
lan ýalydy.
Her kim onuň rahatlygyny bozmazlyga çalyşdy.
Ýoz at hem emiriň rahatlygyny bozmazlyga çalyşýana meňze­
ýärdi: şeýle bir edaly, sallanjyrap, käkilik deý ýorgalap barýan ýalydy ol.
Ýoz bedewiň edaly ýöremeginiň hikmeti başga eken...
19
Bugrajyk beg Allatagaladan alan amanadyny Jeýhunyň ke­
narynda Ezraýyla elin tabşyryp gaýdan eken. Bedewiň edaly
ýöremesiniň hikmeti öz eýesiniň jesedini üstünden gaçyrman
gala getirmek üçin eken.
***
Bugrajyk Abdalyň yzynda ýedi ýaşly ogly Abdylmälikden
başga hiç kimi galmady.
Bigam ýaşap ýören oglan giden mirasa – Zamahşar galasy­
na, ýedi ýüz elli hojalyga nädip emirlik etsin?!
Wagt – rawy, ýeri gelende ol ähli zady düşündirýär. Bugra­
jyk emir babatda-da şeýle boldy.
Şol agyr günlerde Bugrajyk Abdalyň köne dosty – Arsahuş­
misen7 şäheriniň emiri Tahyr Afrasýap ýedi ýaşly Abdylmälige
howandarlyk etdi: ilki bilen, ir öýerilen oglanlaryň ýa agyn sam­
syk bolýandygyny, ýa ir kämil çykýandygyny göz öňünde tutup,
mirasdüşeri öýermegi makul bildi. Şu niýet bilen ol Bugrajyk
Abdalyň ýalňyz mirasdaryny ilki sünnet etdirdi, üç-dört aýdan
soň bolsa oňa özüniň on ýedi ýaşly maňyzly-meňzeşikli janymak
gyzy Hajary nikalap, gelin edip berdi. Mansur atly doganoglany­
na Zamahşary dolandyrmagy ynandy.
Öýlenensoň, dogrudanam, Abdylmälik ir «molla» çykdy.
Deň-duşlarynyň arasynda ilkinji kaka bolan, sümüklije oglan
halyna perzende ýüzi düşen ýaş emir galany dolandyrmak
başarnygyny ele alyp ugrady. Tahyr Afrasýap her aý Zamahşara
geldi: birki günläp galanyň işlerini tertibe salmak bilen
meşgullandy, ýaş giýewisine etmeli işlerini birin-birin öwretdi.
Her çaga dünýä inende Tahyr Afrasýabyň hatyny agtygy çi­
leden çykýança gyzynyň ýanynda ýardamçy boldy.
Galanyň ýaş emiri ir kämil çykansoň, öz neberesi, peder­
leri, olaryň pajygaly kysmaty, Käş şäherinden Zamahşar galasy­
na gelişleri barada gyzyklanyp ugrady, gaýynatasynyň, diňe
bir onuň däl, ýaşlary bir çene baran galadaky garry adamlaryň
gürrüňlerini diňledi.
20
2.
Zamahşar galasy Jeýhun derýasynyň çep kenarynda burundyk to­
kaýlyga çümüp otyrdy. Galanyň günbatar tarapynda agaçdan ýasalan
äpet uly derwezesi bardy. Derwezäni otuzdan gowrak sakçy goraýardy.
Galanyň derwezesi gündiz açyk durýardy, gijelerine welin Ab­
dyl­mälik emiriň ýa Mansur gapydanyň8 emri bolaýmasa, aňsat-aňsat
açylmaýardy. Jürjaniýada, öndürilýänlerden birjik-de kem bolma­
dyk, aramy-jan ysy ýarym kerwe9 aralykdan özüne çekip, agzyňy su­
wardýan halwa bilen nişalla10 taýýarlanylýardy, şeýle hem keýmir
peýkamlardyr ýaýlar ýasalýardy. Bezirgenler galada öndürilýän zat­
lardan her gün kerwenläp-kerwenläp satyn alyp gidýärdiler.
Galada, galanyň daş-töwereginde ýaşaýan ilatyň gün-güze­
rany gowudy, çünki olar ok-ýaý, halwadyr nişalla taýýarlap gazanç
edýärdiler. Goňşy obalardan gazanç etmek üçin gelýän adamlar
hem az däldi. Galada işleriň rowaçlygynyň hatyrasyna emir her
juma güni derwezäniň öňündäki meýdanda saýak-saýakdyrak
adamlara sadaka berýärdi.
3.
Abdylmälik daýaw, dogumly, pähimli, ynanjaň, kakasy ýaly
dymma, käteler zoňtar, gödek ýigit bolup ýetişdi.
Ol ir ertirden giç agşama çenli işe najagaý bolup, galadaky
her bir işe gözegçilik edýärdi. Bezirgenler bilen söwdalaşmagy
hiç kime ynanmaýardy, ýalan sözlemeýärdi, hiç kime ikilik et­
meýärdi. Şeýle bolansoň, ol gatnaşýan adamlarynyň hem ýalan
sözlemezliklerini, özüne ikilik etmezliklerini isleýärdi. Ol bezir­
genlere ynanýardy, bezirgenlerem oňa ynanýardy.
Abdylmälik emiriň dost hökmünde oturyp-turuşýan, köplenç,
meý­lisleri bile geçirýän üç sany ýeg dosty bardy. Olaryň ilkinjisi,
Käş şäheriniň häkimi Gazanpar Takdy. Ikinjisi, Keski Kelewdi, ol
yktadardy, ykta oňa on müň atly goşuny aýdylan pursady soltan
Mahmyt Gaznalynyň huzuryna eltmegi üçin berlipdi. Onuň yktasy
Sebzewar, Dargan sebitlerindedi. Üçünji dosty Zamahşaryň aşak
21
tarapyndaky Buruntak obasynyň raýisi Janahyr Geçdekidi. Emiriň
her dosty bilen özboluşly gatnaşygy bardy. Ol Gazanpar Tak ge­
lende on-on bäş günlük awa giderdi. Myhmançylyk şunuň bilen
soňlanardy, käteler emiriň özem Gazanparyň ýanyna awa giderdi.
Olar awda wagtlaryny diýseň şagalaňda geçirerdiler.
Keski Kelew (onuň özüni alyp barşynda kelewligi – merte­
beli kişidigi äşgär duýulýardy) aýdym-sazyň, her hili ýaryşlaryň
muşdagydy. Ol gelende Zamahşarda her gün ir ertirden giç
agşama aýdym aýdylyp, saz çalynýardy, ýaýdan nyşana ok atmak,
gylyçlaşmak boýunça gyzykly ýaryşlar geçirilýärdi. Käte awa gi­
derdiler. Raz aýdyşmagy, käte-de gybat etmegi gowy görýärdi.
Janahyr halwaçy bilen emiriň meýlisi köplenç suwamaý hylwatda
geçerdi, özem gürrüň söwda-satyg, peýda hakda bolardy. Ol emiriň
öýünde hiç wagt bir günden artyk bolmaýardy. Oňa derek aýda iki-üç
gezek gelerdi. Onuň bilen iş salyşmak emir üçin bähbitlidi.
Abdylmälik emiriň Gazanpar Tak, Keski Kelew, Janahyr
Geçdeki (onuň ýörgünli ady Janahyr halwaçydy) bilen dostluk­
ly gatnaşygy köpler üçin geňdi, çünki olaryň häsiýetleri, gyzyk­
lanmalary bilen emiriň häsiýeti-de, gyzyklanmasy-da deň gele­
nokdy. Emir özünde ýok häsiýetleri dostlarynyň häsiýetleriniň
üsti bilen doldurýan bolsun gerek. Ýaşlykda söýgi, mähir al­
man ulalan kişi söýmegi-de, mähir siňdirmegi-de başarmaz
eken. Emir-de sowuk mähirdi. Dostlary gelende welin ýazylypýaýrap, hakyt başga adama öwrülýärdi. Has takygy, başga ada­
ma öwrülmäge çalyşýardy. Eli uzadan ýerine ýetensoň, ol öz­
geler deýin aw lezzetini, aýdym-saz lezzetini, meýlis lezzetini
almaga çalyşýardy. Hakykatynda ol bu üç lezzetiň içinde awdan
özgesini isläp baranokdy, ýöne begzada kişä meňzäp ýaşamagy
borç hasaplaýardy. Emiriňki-de düşnükli: bu dünýäde il şekilli
ýaşamak üçin birgiden islemeýän işleriňi etmeli bolýarsyň! Şol
ýönekeý etmeli işleriň ilkinjileri: ähli kişä gülüp bakmaly, köp­
ler bilen dost bolmaly.
Elbetde, emiriň bezirgen, serkerde dostlary-da az däldi. Dos­
tuň köplügi onda, köplenç, garaşylmadyk kynçylyk döredýärdi.
22
***
Mansuryň yhlasy birle Abdylmäligiň işiniň rowaç alyp ugrama­
gyna göriplik edip, ýaş emiri gaýynatasyna garşy goýmagy başardylar.
Ýogsam Mansur onuň bahylçylykly gep-gürrüňlerden daşda
bolmagy üçin köp yhlas ederdi, ýöne hakykata görä ýalan adam­
lary özüne tiz ynandyrýar, tiz imrindirýär, ýalan ýaş emiriň hem
ynamyna aňsatlyk bilen girdi. Başda Tahyr Afrasýabyň, Mansuryň
sözünden çykman, olary özüne hossar saýyp ýören Abdylmälik hal­
wadyr nişallasyny satýan bezirgenleriniň har-hamyryndan ýel aldy.
Olaryň sözüne hem maslahatyna eýerip: «Sen meniň baýlygyma
göz gyzdyrýarsyň. Sen gala eýe çykjak bolýarsyň. Men hemmesini
bilýärin. Gyzyňy-da äkit, özüň-de git» diýip, dokuz ýyldan soň – on
alty ýaşda Abdylmälik emir Tahyr Afrasýabyň hakyt ýüzüne durdy.
Ýagşylygynyň ýamanlyk hökmünde görülmegine jany ýanan Tahyr
Afrasýap gaharyny hazzar içine salyp, sesini çykarman, gyzyny hem
agtygyny, doganoglany Mansury alyp, Arsahuşmisene dolandy.
Bozuk araba bilen uzaga gidip bolanok. Ýalan – bozuk ara­
ba, onuň bilenem uzaga gidip bolanok. Ýaş emir hem gödek
ýalňyşandygyna biraz giç – ýüz ýigrimi günden soň düşündi.
Ara tow salan kişileriň matlaplary-da aýdyň boldy.
Goýberlen ýalňyşlygy nädip düzetmeli? Özüň-ä hiç kimsäniň
ýalňyşandygy hakdaky özelenmesini diňlemek isläňok, ýeri,
seni diňlärlermi?! Tahyr Afrasýap günäňi geçermi? Abdylmälik
gije-gündiz oýlandy, gije-gündiz çykalga gözledi. Ahyry Tahyr
Afrasýabyň dergähine barmagy, gepe gidendigini boýun alma­
gy ýüregine düwdi. Onuň Tahyr Afrasýabyň ýanyna gitmegini
islemediler, ýolundan sak­lamak üçin her hili sözleri aýtdylar.
Ähli sözler Abdylmäligiň soňky gelen pikirini üýtgedip bilmedi.
Maňlaýy daşa degen, öz ýalňyşyna düşünen Abdylmälik gaýyna­
tasy Tahyr Afrasýabyň dergähine ugrady. Gaýynatasynyň ýanyna
barýarka nätanyş kişiler ony ýolda öldürdim edip gitdiler.
Tahyr Afrasýap Abdylmäligiň dadyna Hydyr ata bolup ýetiş­
di: ölümden alyp galdy, bir ýarym aý öýünde saklap, bejerdi,
aýaga galdyrdy.
23
Erkek kişiler üçin dünýäde iň kyn zatlaryň biri ýalňyşyňy boýun
alyp, ötünç soramak. Abdylmälik gaýynatasynyň öýünde näsag ýa­
tan bir ýarym aýynyň içinde ten agyrysynyň ezýetindenem bäş be­
ter wyždan ezýetini köp çekdi. «Ýalňyşypdyryn» diýmäge boýny aşa
ýogynlyk etdi. «Oguz ýalňyşyny boýun alandan takga jan berenini
gowy görýär» diýleni çyn bolarly, Abdylmälik dymdy. Herhal, Ta­
hyr Afrasýap giýewiniň goýberen telek işi üçin ony berk ynanjyna
esaslanyp kötekläp durmady: erkek erkekdir-dä! Oňa ýalňyşmak
gelişýär. Asyl ýalňyşmaýan bolsa, ol erkegem däldir. Beýik Taňry
erkek kişileri iş etmek üçin ýaradypdyr. Işleýän adam käte ýalňyşar
hem. Rast, şeýle bolsa, goý, her kim öz işini etsin!
4.
Tahyr Afrasýabyň üç gyzy, Tümen atly bir ogly bardy. Ab­
dylmälik Tümen bilen gözli ýaşytdy.
Olar deň-duş bolsalar-da, biri-biri bilen mäşleri bişiş­me­
ýärdi. Tümeniň bolşuny Abdylmälik, Abdylmäligiň bolşuny-da
Tümen halamaýardy.
Tahyr Afrasýap hajyraw ýigit bolup ýetişen ýalňyz oglunyň bir
bela-betere ýolukmagyndan gorkuda gezerdi. Ol «Haktagala maňa
ýeke ogul berdi, onam ikinji gezek berdi. Indi alsa, yzyna gaýdyp
bermejegini bilýärin» diýip janygýardy. Häkim bu sözleri bolup
geçen bir ahwalaty nazarda tutup aýdýardy. Ol ahwalat Tümen bir
aýlyk çagajykka bolupdy. Ýazlaga çykylanda gundagdaky çagajygy
eneke birpaýyz daşarda goýup, haýsydyr bir iş bilen çadyra giripdi.
Şonda ak gundagly çagany ýokarda aw gözläp ýören bürgüt görüp­
dir-de, göni aşak gaýdypdyr. Ýazlagdaky adamlar bürgüdiň näme­
dir bir zat alyp ýokary galanyny görüp, gygyryşmaga başlapdyrlar.
Bürgüdiň alyp gideniniň hakyt Tahyr Afrasýabyň ýalňyz ogludygyny
derrew bilipdirler, haýdan-haý bürgüdiň giden ugruna bakan at
salypdyrlar. Bürgüt iki çakrym11 aralyk geçip, bir seňňeriň üstüne
gonupdyr. Adamlaryň alagykylyk edip gelýändigini görüp, awuny
alyp ýene asmana galypdyr. Bürgüt esli aralygy geçip, bu gezek
bir aklaňyň üstüne gonupdyr. Çaga çirkin aglapdyr. Çaganyň çyr­
lap aglamasyna bürgüdiň gahary gelipdir, onuň sesini goýdur­
24
jak bolup gundagy ýyrtypdyr. Bürgüdiň ýiti dyrnagy Tümenjigiň
maňlaýyndan eňegine çenli aralykda uzyn, mesaňa yz galdyrypdyr.
Bürgüt üznüksiz ses edip aglaýan awuny ikinji gezek äkitjek bol­
mandyr: özüne bakan gel­ýän atlylar ýakynlaşyberenlerinde çagany
goýup, uçup gidipdir. Gundag welin eýýäm gara gan eken.
***
Tümen akylly, pähimli ýigit bolup ýetişdi, häkimiň ogludyryn
diýip, hiç kimiň ýanynda özüni ilden ýokary tutjak bolmady. Gaý­
tam, ol özüniň kimdigini ilden ýaşyrmaga çalyşdy. Köpüň biri
bolup, il içinde hormata-sylaga ýetdi. Rehimdardy. Elinden gel­
se, adamlara ýagşylyk etmäge çalyşýardy. Men-menligi, tekepbir­
ligi, güýje baýrynmagy, eden-etdiligi halamaýardy, ýöne özüniň
käteler men-menlik edäýmesi, göçäýmesi bardy. Kim baýlygyna,
abraýyna, tanyş-bilişlerine bil bag­lap, adalatsyzlyk etse welin, ol
garşy çykmagy başarýardy. Asyl şeýle kişilere ýowuz jeza berýärdi.
Şeýle bolansoň, kakasy ony şäheriň muhtasyby12 wezipesine bel­
läpdi, ýüzden gowrak oglan13 beripdi. Tümeniň borjy şäherde
tertip-düzgüni ýola goýmakdy. Ol gerek ýerinde juda rehimsizdi.
Jenaýat eden adamlary dardan asmagy ýa olaryň kellelerini çapgy
ýassygyna goýmagy eşekden palan alança-da görmeýärdi.
Tümen meýlisi, meýlis gurmagy gowy görýärdi. Abdylmälik
bilen häsiýetleri, esasan, şu babatda çapraz gelýärdi. Çaprazlyk,
biriniň meýlisi gowy görýänligi, beýlekisiniň bolsa muňa höwe­
sek däldigi üçindi. «Seniň gülüp duran wagtyňa gabat gelmedim.
Sen mydama öz iş-aladaň bilen başagaý, ýüzüňden ýylgyryşyň yzla­
ram ýitip gidipdir. Seniň bilen otursam, özümi ýasda oturan ýaly
duýýaryn» diýip, Tümen Abdylmäligi kötekleýärdi.
Aýdylýan tankyt hak bolsun-bolmasyn, tapawudy ýok, ony hiç kim­
se halanok. Ähli kişiniň halamaýan zadyny, elbetde, Abdylmälik hem
halanokdy.
Hoş söz aýdan kişi gözüňe mähriban bolup, kemçiligiňi
ýüzüňe aýdýan kişi senden nähilidir bir kitüwli ýaly bolup
görünýär. Tümeniň käbir sözem Abdylmälige göwnüýetmezçi­
lik ýaly bolup duýulýardy.
25
Göwnüň suw içmeýän kişiniň ýanynda durasyň gelmeýär.
Emiriň hem gaçgyny Tümen muhtasypdy.
Onsoňam Abdylmälik bilen Tümeniň arasynda dostlugyň
ýoklugy geňem däl, çünki türkmende gaýyn-guda arasynda
dostluk bolmaýar, diňe sylaşyk saklanýar...
5.
Abdylmälik emir ýaşan ýaşyndan garry görünýärdi. Ýokary ga­
baklary gözüniň üstüniň köp bölegini örtüp durdy, ýörände gara
ýerde ary köýüp ýatan ýaly, gadamyny batly urýardy, köplenç, başyny
aşak salyp ýöreýärdi. Özem hiç mahal yzyna hem töweregine garan­
jaklamaýardy, donunyň iki synyny guşagyna gysdyryp, maňlaýy se­
killi gara atyna ýolbars deýin bir bökende münýärdi. At janawar esli
aralyga tapyrdap gidýärdi.
Ol mydama möhüm bir zat hakda oýlanýan ýaly bolup
görünýärdi, içini hümleder ýörerdi.
Hakykatdan hem ol, köplenç, şol bir zat – nesebiniň şum
takdyry hakda oýlanardy, zamananyň özgermegine – öz neberesini
ýok eden Mamun­laryň hökmürowanlygynyň soňlanmagyna gününi
sanap garaşardy, günegargan deýin, öz hanedanlygyny gyran adam­
lara nälet okardy.
Ýigrimi ýyldan soň Abdylmäligiň ahy Haktagalaga gowuşdy.
Soltan Mahmyt Gaznaly 14 onuň dadyna ar alyjy bolup ýetişdi:
Mamun şalygyny syndyryp, Horezmin ilini özüne tabyn eýledi,
bu ilde gapydany Altyndaşy15 şa tagtynda oturtdy.
***
Soltan Mahmyt Gaznaly uly goşun bilen Horezmini teshyr
kyl­mak üçin barýarka Zamahşar galasynyň deňinde düşledi.
Şonda soltana Abdylmälik emir, onuň neberesiniň pajygaly
kysmaty hakda gürrüň berdiler.
Abdylmälik emiriň begzada neberesi hakda eşiden soltan
Mah­myt Gaznaly Zamahşar galasyna bardy.
Soltany duz-çörekli garşy aldylar.
Ol emiriň howlusyna giren pursady aýal maşgalanyň gyky­
26
lygy eşidildi. Ähli kişi nämäniň-nämedigini anyklamak üçin
diňşirgendi: çaga jägildisi ähli zady düşnükli etdi.
– Abdylmälik emir, gözüňiz aýdyň, çagaňyz boldy! – diýip,
Mansur ylgap geldi.
– Merhemetli soltan, siziň Zamahşara ilkinji mübärek
gadamyňyz maňa perzent berdi – diýip, Abdylmälik emir soltana
özüniň çäksiz minnetdardygyny bildirdi. Elbetde, onuň Mamun
kowumyndan elhenç zulum görendigini, zulumyň ýigrimi ýyl­
dan gowrak wagtlap dowam edendigini, bu gün Allatagalanyň
özüni ýalkandygyny – diňe bir özüni däl, külli Horezmin halkyny
Mamunyň zulumyndan azat eýleýändigini, munuň üçin soltan
Mahmyt Gaznalydan çäksiz minnetdardygyny aýdasy geldi,
herhal, saklandy. Öňde gazaply darkaş bar, ol darkaşda ýeňşiň
haýsy tarapa ýar boljakdygy entek belli däldi.
Şeýle bir pähim bar: «Ertesini gaýgyran kapyr» diýip. Ertesini
gaýgyran kapyr bolýan bolsa, onda Abdylmälik bu gezek kapyrlyk etdi.
Omar atabeg ýaňyja dünýä inen, akja kumaja dolangy çaga­
jygy emire gowşurdy. Emir çagajygy gujagyna alyp soltana ýüzlendi.
– Merhemetli soltan, ine, siziň ilkinji mübärek gadamy­
ňyzdan dünýä inen çaga. Eger şu çaga at dakmagy, pata ber­
megi rowa bilseňiz, meniň buýsanjymyň-begenjimiň çeni-çaky
bolmazdy. Çagama at hem pata berip, meni bagt bossanyna
salmagyňyzy towakga edýärin, merhemetli soltanym.
Soltan çagajygyň ýüzüne seretdi:
– Ogulmy?!
– Gyz, merhemetli hökümdarym – diýip, Omar atabeg
müýnli seslendi.
Soltan öňden gelýän dessur boýunça çagajygyň her gula­
gyndan üç mertebe çalaja çekdi:
– Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun! Beýik
bege mynasyp hemra bolsun. Adyny men berdim, ömrüni, mer­
tebesini Allatagala bersin! Omyn!
***
Bu gün Abdylmälik emiriň durmuşynda ýatdan çykmajak
bagtly günleriniň biri boldy. Soltanyň mübärek gadamynyň hor­
matyna uly toý tutdy. Toý ýedi gije-gündiz dowam etdi. Emir eçil­
27
mek eçildi. Täze dünýä inen gyzjagazy – Altynjany «Soltanyň gyzy»
diýip aýratyn eý gördüler.
Altynjan Zamahşara bagt getirdi.
Bagt getiren gyzjagaza aýratyn gözegçilik etdiler. Üç-dört
eneke Hajar hatynyň hyzmatynda durdy.
Abdylmälik emir gyzjagazy sekiz-on aýlykka – durdy-durdy
bolanda, soň ýörjen-ýörjen bolanda zamahşarlylary ýygnap toý
berdi. Ol toýlaryň yzy üzülmedi.
Altynjan ýöremäge ir başlan-da bolsa, geplemegi giç öwren­
di, bäş ýaşynda gepläp ugrady.
Gepläp başlanyna begenip, jedir-jedir edip geplemek gep­
ledi, onuň şeýle köp jedirdemesi birki ýyllap geplemediginiň
öwezini doljak bolýan ýalydy. Eneke görgüliler gyzjagazyň «Şu
näme, o näme?» diýip berýän üznüksiz sowallaryna jogap ber­
jek, oňa-muňa güýmejek, oýnatjak bolup ýadamak ýadaýardylar,
görgülileriň käsiniň daşarda duran-duran ýerlerinde usurgap,
uklap galýan pursatlary köp bolýardy.
Altynjan gepe-söze düşünip ugrandan soň, soltan Mahmyt
Gaznalynyň Zamahşara gelşi, özüne at dakyşy hakdaky gürrüň­
leri her gün diýen ýaly diňlemegi nysak edindi.
– Soltan näme diýipdir? – diýip, Altynjan enekesine ýüzlenerdi.
– Wiý, men saňa häzirjik gürrüň berdim-ä, özem üç gezek
gaýtaladym.
– Meniň ýene eşidesim gelýär-dä!
Eneke göwünli-göwünsiz gaýtalamaga başlardy:
– Hakyt ynanar ýaly bolmady, ol! Babaň soltan Mahmyt Gaz­
nalynyň öňünden duz-çörekli çykdy. Öýden duz dadyp geçmegi­
ni mürehet etdi. Soltan özüniň wezirleri, jandarlary bilen derwe­
zeden ilkinji ädimini ätdem welin, bir mähirlije jägildi eşidildi.
Ähli kişi üşerildi. Emirimiz boz-ýaz boldy, özüni gaty oňaýsyz
duýdy. Şol mahal Mansur ylgap geldi: «Abdylmälik emir, gözüňiz
aýdyň, çagaňyz boldy!» diýdi. Emirimiziň ýüzi açyldy, ol soltana
minnetdarlyk bildirdi:
– Merhemetli soltan, Zamahşar galamyza siziň ilkinji mü­
bärek gadamyňyz maňa perzent berdi.
Soltan emirimiziň sözlerinden soň akja kumaç gundagy eli­
ne aldy-da, seniň ýüzüňe mähir bilen seretdi.
28
– Näme diýdi? – diýip, Altynjan ýantgylady.
– Soltanmy? Soltan aýtdy: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin.
Ady Altynjan bolsun» diýdi.
– Hakyt şeýle diýdimi?
– Hakyt şeýle diýdi: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady
Altynjan bolsun» diýdi.
– Soň näme diýdi?! Aýdyber-ä!
– «Beýik bege mynasyp hemra bolsun» diýdi. «Adyny men ber­
dim. Ömrüni, mertebesini Allatagala bersin» diýdi. Omyn etdi. Dogadileg edildi.
Altynjan ýüzüni torsartdy:
– Indi näme üçin soltan gelenok? Goý, gelsin, meniň ony
göresim gelýär.
– Wiý, Altynjan, seniň diýýäniň näme? Ol – soltan, islese ge­
ler, islemese gelmez. Onuň iş-endişesi kändir.
– Gelsin!
– Biz oňa hiç zat diýip bilmeris.
– Näme üçin? Ol öň gelipdir-ä?! Ýene gelsin!
– Ony men aýdyp bilmerin.
– Kim aýdyp biler?!
– Babaň!
Altynjan kakasyndan talap etdi:
– Baba, soltan Mahmyt Gaznalyny göresim gelýär. Oňa: «Gel!» diý.
– Diýýäniň näme seniň? Ol soltan ahyryn!
– Bolsa bolsun!
– Soltana: «Gel!» diýmek bolmaýar.
– Näme üçin?
– Sebäbi ol soltan. Sebäbi ol gaty beýik adam.
– Ol sendenem beýikmi?
– Beýik!
Altynjan juda geň galdy:
– Sendenemmi?
– Hawa, mendenem. Oňa «Pilmahmyt» diýip ýöne ýere aýda­
noklar.
– Ol pil ýalymy?
– Ol pil ýaly.
– Ol öň gelipdir-ä?
29
– Geldi.
– Ýene gelsin.
– Ýok, ýok, bolmaz!
– Baba, «Gel!» diýäý!
– Men soltana: «Derrew gel, seni gyzym görjek bolýar» diýip
bilmerin.
– Näme üçin?
– Gelşiksiz bolar.
– Näme üçin «Gelşiksiz bolar?»
Emir näme diýjegini bilmän, göýä özüni halas etjek jogaby
tapaýjak ýaly, töweregine garanjaklady, halasgär jogap tapyl­
mady. Onsoň emiriň özi tersine tutup, sorag bermäge başlady:
– Näme etjek ony?
– Görjek.
– Görüp näme etjek?
– Görüpmi? Görjek.
– Näme üçin görjek?
– Göresim gelýär-ä, meniň.
– Näme üçin göresiň gelýär?
– Göresim gelýär... – diýip, Altynjan hem kakasy deýin anyk
jogaby gapdalyndan tapaýjak ýaly, töweregine garanjaklady.
– Bar, näme üçin görmek isleýändigiňi bilip gel.
Altynjan nämäni bilmelidigini anyk bilmän gitdi. Ýarygije
kakasyny yralap ukudan oýardy:
– Baba, baba, men bildim.
– Näme?! – diýip, ukudan doly açylmadyk emir garysyna galdy.
Aragaraňkylykda gyzynyň nirededigini saýgarmady. – Hany sen?
– Men ýanyňda, baba – diýip, Altynjan kakasynyň elinden tutdy.
– Näme gerek? Bar, ýat!
– Men kän-kän oýlandym.
– Sen oýlandyňmy? Näme hakda oýlandyň?
– «Soltany näme üçin görjek?» diýdiň-ä. Ana, men oýlan­
dym, soň bildim.
– Nämäni bildiň?
– Meniň soltany göresim gelýär.
31
Emir gyzynyň ýarygije ukudan oýarandygyna gahary geldi.
– Şu sözi aýtmak üçinem meni ukudan oýardyňmy?
– Indi soltan gelermi?
– Bar, ýat, ertir gürleşeris.
Emir ýene başyny ýassyga goýdy. Altynjan welin ýatmaga
gitmedi. Kakasynyň başujunda tä daňdana çenli irikgä bolup,
şöwür çekdi oturdy. Emir gözüni açsa, başujunda gyzy otyr.
– Nä otyrsyň?
– Ertir gürleşeris diýdiň-ä!
– Ýok bol! Görünme gözüme!
– Soltan haçan geler?
– Ýok bol!
Altynjan, megerem, uzak gijäni ýatman geçirip, kakasyndan
beýle haýbata garaşmadyk bolarly, görgüli gözlerine ynanmaýan
dek, kakasyna dikarynlap seretdi durdy.
– Indi nä dursuň? Ugra!
Altynjan sessiz aglady, şebistanyna baryp sesli aglady.
Birki günden soň Altynjan ýene kakasynyň bosagasyna bardy:
– Baba, men «Soltanyň pata beren gyzy».
– Bolaňda näme?!
– Soltany göresim gelýär meniň. Goý, gelsin!
Emir ahyr yşrar tapdy:
– Bar, atabegiňe aýt!
Bu gezek Altynjan kakasyndan gile etdi, sebäbi atabegiň
iş ba­şarmajakdygyny – soltany getirmegi başarmajakdygyny ol
bilýärdi, atabeg telim ýola başarmajakdygyny boýun alypdy.
Şonuň üçinem Altynjan ar almagy makul bildi, ojakdan ullakan
köz getirip, kakasynyň oturýan sypasynyň üstüne taşlady. Soňam
ýorgana bürenip ýatdy.
Birsalymdan başlandy bir başagaýlyk!
Emiriň salamlygy-myhmanhanasy gara tüsse bolup ýandy.
Onuň içindäki ýigrimiden gowrak haly-da ýandy.
Içerdäki on sany sandygy hazzar çykarmaga ýetişdiler.
Abdylmälik emir Altynjanyň üstüniň ýorganyny birýana ser­
pip, ezeneginden tutup, ýokary göterdi:
32
– Seniň işiňmi?
Altynjan mönlüge saldy:
– Baba, soltany göresim gelýär!
– Merez!..
Emir gyzyny honda zyňyp goýberdi-de, gahar bilen daşaryk
çykdy.
***
Altynjan özüniň eý görülýändigini duýýardy. Her bir islän,
her bir aýdan zady derhal amal edilensoň, ol muňa öwrenişip hem
gidipdi, özüni gaty erkin, hökmürowan alyp barýardy. Enekeler
ony öz aralarynda «Zamahşaryň soltany» diýip atlandyrýardylar.
Bäş ýaşlaryndaka Altynjanyň çep bilegine siňňil çykdy. Bu oňa
gaty ýokuş degdi. Siňňiliň aýrylmaýandygyna gaharlanyp, aglamak
aglady.
Ol ähli deňi-duş oglanjyklarynyň, gyzlarynyň ellerine sere­
dip çykdy. Olaryň hiç haýsynyň bileginde siňňil ýokdy. Onsoň
ol ilki enekelerinden, soň ejesinden, gapydan Mansurdan
siňňilini aýryp bermegini talap etdi. Olar yrymlar boýunça her
hili iş edip gördüler. Barybir, siňňil aýrylmady. Soň ol kakasyna
aýtdy. Ähli kişä hökümi ýöreýän Abdylmälik emir hem hiç zat
edip bilmedi.
Altynjan siňňilini aýyrjak bolup, bilegini garagan etdi.
Ol tekepbirlik bilen siňňilini aýyrjak boldy, ýöne siňňili
özündenem tekepbir çykdy.
Onuň siňňilini aýyrjak bolup şeýle bir yhlas etmesiniň esasy
sebäbi bardy.
Altynjan bir gezek soltan Mahmyt Gaznalyny görmek is­
leýändigi hakda aýdanda atabeg Omar şeýle diýipdi:
– Soltan Mahmyt Gaznaly maňa «Altynjanyň elindäki siň­
ňiller aýrylan güni men Zamahşara bararyn hem oňa üýtgeşik
bir soltan sowgadyny bererin» diýdi.
– Soltan meniň bilegimdäki siňňili görenog-a?!
– Soltan sen hakda hemme zady bilýär.
Şunuň bilen gürrüň gutarypdy, atabeg bu aýdan sözüni ýa­
dyndan-da çykardy, Altynjan welin ýadyndan çykarmady. Siňňi­
liniň aýryljak, soltanyň geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
3*
33
Göwnüne bolmasa, ähli kişi onuň siňňiline seredýän ýalydy. Ol
Mansuryň sözüne ynanypdy, Mansur ýalan sözlär öýdenokdy.
Altynjan entek ulularyň ýalan sözleýändigini, dünýäniň
hem «ýalançy» diýlip atlandyrylýandygyny bilenokdy.
6.
Galanyň derwezesiniň sakçylary – derbanlary Abdylmäligiň
garasy uzakdan göründigi hataran durup, sadyklyk bilen baş egip
tagzym ederdiler. Olar Abdylmäligiň boýnunyň möjegiňki deýin
gysgadygy sebäpli yzyna gaňrylyp bilmeýäninden habarly bolsa­
lar-da, ol derwezeden esli daşlaşýança butnaman durýardylar.
Abdylmäligiň howlusy derwezeden o diýen uzakda däldi,
iki ýüz-üç ýüz zirag16 aralykdady, howlynyň daşyna beýik haýat
aýlanypdy. Howly galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýärdi.
Ol galanyň içindäki galady. Oňa diňe bir derwezeden girme­
lidi. Derwezäniň iki tarapynda hem beýik küňreli diň bardy.
Derwezeden giren ýeriň giň meýdandy, ol on iki müň ziragdy,
howlynyň diwarlarynyň beýikligi ýigrimi ziraga barabardy.
Howlynyň sol tarapy aýal maşgalalaryň ýaşaýan haremidi,
sag tarapynda bolsa Abdylmäligiň salamlygy ýerleşýärdi. Sag
tarap on-on bäş sany gapysy bolan göz-göz otagdy. Olaryň tas
ýarysy diýen ýaly gelýän myhmanlara niýetlenendi. Giň otag­
lar gat-gat ýazylan halylardan doludy. Otaglaryň töründe kör­
peçedir ýassyklar, güpjekler münder-münder bolup durdy.
Howlynyň derwezesi, dalanlar, otaglaryň gapylary, otaglardaky
sandyklar – bularyň ählisi agaçdandy, olara sünnälik bilen kaşar
nagşy salnandy. Olara seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Mun­
dan on ýyl öň bu nagyşlary görüp, Mamun şanyň hatyny Hara
bin Söbüktegin17 hakyt haýran galypdy. Hara melikäniň gowy
görendigi üçin, emir özüniň ussat netjarlarynyň ikisini şanyň
köşgünde işlemäge bermeli bolupdy. Öňi kaşar nagyşlary bilen
sünnälenen dalanly otaglaryň ikinjisi beýleki otaglardan tas iki
esse diýen ýaly uludy. Ana, şol uly otag emiriň salamlygydy, emir
köp wagtyny şu ýerde geçirýärdi. Otagyň içinde bir zirag beýik­
likde, bäş-alty zirag inlilikde sypa bardy. Ol halylar bilen örtü­
34
lendi. Emir şol sypanyň üstünde oturyp, ýanyna gelen adamlary
kabul edýärdi, olaryň arzy-hallaryny diňleýärdi.
Diňe bir derwezede däl, bu otagyň gapysynyň öňünde-de
mydama jandarlar derbanlyk edýärdi. Kimi galanyň emiriniň ýa­
nyna goýberilmelidigini, kimiň sakçylygy galanyň haýsy ýerinde
etmelidigini Mansur pola (Mansura pola lakamyny Abdylmäligiň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 03
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.