Latin

Altynjan hatyn I - 08

Total number of words is 3711
Total number of unique words is 2111
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýöne kowlan şeýtanlar häzir nirede ýaşaýar? – diýip, Altynjan so­
raglary bilen damullanyň enterpelegini aýlaýardy. Abdylmälik
han gyzynyň din bilen gyzyklanmagyny, damullasyna, atabegleri­
ne sorag berip kösemezligini ündeýärdi. Onsoňam Abdylmälik
han gyzynyň zenanlara mahsus mylaýym, geçirimli, rehimli bol­
magyny isleýärdi. Gyzynyň rehimsizdigini bilýärdi. Has anygy,
ol gyzynyň käbir rehimsizligini görýärdi. Onuň Gülýüzlä nebsi
agyrýardy. Gyzynyň ony näme üçin urýandygyna teý düşünip
bilmeýärdi. Altynjan welin, özüni rehimsiz erkek kişi deýin
alyp barýardy. Gyzynyň rehimsizliginiň ony bir betnamçylygyň
üstünden eltmeginden heder edýärdi. Ol şol günem owal hem
gyzynyň rehimsizliginiň üstünden barypdy.
Mekdebiň mähraby döwlüpdir. Razzak damulla mähraby
Altynja­nyň döwendigini gönüläp aýdyp bilmän, ýöne sakynyp,
elewräp dur. Abdylmälik han özüne soragly nazarlary bilen
bakyp duran çagalara seretdi-de, haýbatly seslendi:
– Damullanyň mährabyny kim döwdi?
Içerdäki oglanjyklardan hem gyzlardan ses çykmady.
– Mähraby kim döwdi diýýärin men? Eger kimiň döwendi­
gini aýtmasaňyz, her biriňizi on gamçy urdurjak.
Altynjan öňe çykdy:
– Hiç kimi urmaň, diňe meni uruň! Mähraby men döwdüm.
– Näme üçin keramata hyýanat etdiň? – diýip, arap dilinde
soran Abdylmälik han gaharyna sandyrady.
– Ony Haýdar bozahor ýasady. Haýdar bozahor halal adam
däl, ol boza içýär. Halal däl adamyň ýasan zady Perwerdigäriň
öýünde durmasyn.
116
Öňem özi ýörişdekä Haýdar neçjaryň galadan çykarylyp
goýberilmegine jany ýanyp ýören emir gyzynyň bu eden etmişine
teý köşeşip bilmedi. Şonuň üçin şol gün ikindinara gyzy bilen
aýalyny salamlygyna çagyrdy. Gyzynyň müýnsüz durmagy, özü­
ne aşa göwnüniň ýetmegi emiriň myrryhyny atlandyrdy. Diňe
bir mähraby döwendigi üçin däl, tekepbirligi üçin han ilkinji
gezek gyzyna el göterdi. Gyzyny urmagy hatynyň borjy hasa­
plardy. «Togrul Suljuk­lyny öldürip, Tümen daýymyň aryny al­
jak» diýip, kyrk kişiniň öňüne düşüp, Mansuryň aýdanyny et­
män, aldap Gauhora gidendigi üçin hem ol gyzyny urmandy,
oňa jeza bermegi hatynyna goýupdy. Ogullaryna welin berk jeza
beripdi. «Siz erkek kişi, näme üçin aýal maşgalanyň yzyna düşüp
gitdiňiz?» diýip, ogullarynyň hersine ýigrimi gamçy urupdy.
Ýig­rimi gamçydan soň olar bir aýlap galyp bilmän ýatypdylar.
Ýok, onuň gyzyna birjik-de nebsi agyranokdy. Asyl, oňa
nebsi agyrmak diýen düşünje ýatdy. Ony gozgalaňa salýan zat
gyzyny urup günä gazanan bolmagynyň mümkinligidi. Ol ähli
zatdan beter günä gazanmakdan gorkýardy. Birini bile-göre
betbagt etmek günä ahyryn! Ol bütin ömründe günäden daşda
bolmaga çalyşdy.
Her bir zat babatda hanyň öz pelsepesi, garaýşy bardy. Onuň
dünýä baha beriş, dünýä akyl ýetiriş terezisi haýyr bilen şerdi, günä
bilen sogapdy.
Öz nesebi babatda-da ýyllaryň geçmegi bilen aňynda
durnuk­laşan garaýşy bardy: babakelanlaryna Alla müň ýyla golaý
patyşalyk mertebesini berdi, soň nesilşalygy gyrdy, nesil tanapyny
uşlyba getirdi. Nesebiň beýle näletlenmegi, gan çaýkalyp uşlyba
gelmegi – nesilden diňe bir adamyň aman galmagy haramylyk
hem şer bilen baglanyşykly bolmaly diýip han pikir edýärdi, bu
pikirine-de berk ynanýardy. Allanyň öňündäki şol näletini aýyr­
magy özüniň nesebiniň, çagalarynyň öňündäki juda mukaddes,
juda möhüm borjy hasaplaýardy. Ol gaty yhlas edýärdi. Ähli zat­
dan beter ýalňyşmakdan, çagalarynyň, geçen hanedanlygynyň
öňündäki parzyny amal etmäge ýetişmezlikden gorkýardy.
117
Her müňýyllygyň çatrygynda Hudaý türkmen nesebine uly
synag salýar. Abdylmälik emir şöhratly nesepden galan ýeke-täk
mirasdüşerliginde uly hikmet görýärdi, uly borç görýärdi.
– Eprikogullary neberesiniň adamlaryndan üç müňden
gowragyny öldüren Mamun Bugrajygy-da öldürip bilerdi, ýöne
onuň şol öldürişlikden ýedi ýaşly ogly bilen aman galdyrylmagy
Allanyň islegi bolmaly. Hawa, bu Allanyň emri bolmaly. Allanyň
islegi şeýle bolandyr.
Allanyň Abdylmäligi diňe bir iýip-içsin, mes bolsun diýip
galdyrmandygy köre hasa. Çünki biri iýip-içip mes bolan bolsa,
onda müň ýyla golaý şalyk mertebesinde ýaşan Eprikogullaryça
iýip-içip, mes bolmandygy düşnükli ahyryn.
Abdylmälik emir öz ömür manysyny neberesiniň gazanan
gü­nälerini ýuwmakda görýärdi. Şeýle hem köp-köp sogaplary
gazanyp, neberesiniň dowamata girmegini ýola goýmagy mu­
kaddes borjy hasaplaýardy. Ýogsam näme, bir neberäniň üç
müň agzasynyň agzyny gum garbadan Biribar ýaňy örňejek bo­
lup duran täze neberäni ýoklap bilmezmidi?! Bilerdi!
Abdylmäligiň on iki ýaşyndan bäri bar maksady – Allanyň
hoşuna gelmek. Köp-köp sogap gazanyp, köp-köp haýyr işleri
edip, üç oglunyň, Altynjan atly gyzynyň durmuş aýlawyna gir­
meklerini gazanmak.
Ol öz ýazgydyny akyl mizanyndan geçirmegi gowy görýärdi.
Başdan geçiren ähli ahwalatlaryny Allanyň synagy hasaplaýardy.
Gaznaly soltanlygynyň emri bilen Hindistana jihat edilmegi­
ni Abdylmälik Allanyň synagy hem ýalkawy hasaplaýardy. Çünki
bu jihat ýörişlerinde gaty köp adam yslam dinini kabul edýärdi,
musulman bolýardy. Şeýle sogap iş edýändigi üçin emir Alladan
müň keren razydy.
Dünýäni ahlak kanunlary dolandyrýar. Ahlak kanunlaryny
adam döredenok, şolar adamy kemala getirýär. Olar adama dälde, adam şolara bagly. Adamyň ýazgydy, ykbaly şolara bagly. Şonuň
üçinem öz ömrüňde olary bozman, olary berjaý edip ýaşamaly,
diňe şonda seniň bagt ýyldyzyň hiç mahal öçmän, şuglasyny saçar.
Olary bozanyň döwleti gaýtmak bile, olary äsgermezlik edeniň to­
humy tükener, soňy puç bolar.
118
Allatagala adamzat ýaşaýşyny hut şeýle gurnapdyr: seniň
geljegiň sogabyňa ýa günäňe, halallygyňa ýa haramlygyňa bagly.
Gözi bagly guş kimin etjegiňi edibermeli däl, göwnüňe gelen
işleri – halalmy-harammy – saýgarman gaýyrybermeli däl. Adam­
zat özüne oýlanyşyksyz, ýeňles ýaşamaga rugsat bererden has
akyl­ly, has çynlakaý jandar. Ol biparh hem biagyry ömür ötürer­
den has parhly edilip ýaradylan närse. Abdylmälik han hem bir
zady bilýärdi: adamzat bu dünýä öz islän zatlaryny etmek üçin
däl-de, Allanyň buýruklaryny amal kylmak üçin iberilendir. Şeýle
borç boýna goýlan bolsa, onuň ýerine ýetirilmezligi üçin jogap
soraljagy ikuçsuzdyr. Haram iş etseň, iru-giç netijesini görersiň,
sen ömrüňde görmeseň, haramlyk seniň nebereleriňden çykar.
Iň ýowuzy-da şol! Diňe kysmatdaky çözgüdiň däl, şu dünýädäki
görjegiň, seniň nesilleriň-de görjegi – halal-haramlygyňa bagly.
Öz göwün islegiňe görä däl-de, Biribaryň buýruklaryna görä
ýaşamaly! Göwün islegiň yzyna düşseň, iki dünýäde-de saňa
şumluk garaşýar, Hudaýyň buýrugyna laýyk ýaşasaň, iki dünýä­
de-de ýüzüň abraýa hem mertebä düşer. Bu – ýaşaýşyň ýeke-täk
kanuny, ýaşaýyşda başga hiç hili kanun ýok. Bu kanuny aşa ýö­
nekeý hem aşa ýüzleý görüp, göwün islegini bolsa düýpli hem
manyly hasaplap, diňe şol boýunça ýaşanlaryň gününe – waý!
Öz ýaşaýşyňda, öz pikirleriňde, öz islegleriňde boýnyýogyn­
lyk däl-de, boýun bolmak mertebäňi göterýär, abraý hem rysgaldöwlet getirýär, ömrüňi uzaldýar, nebereleriňe dowamat berýär.
Günäden gaça durmazlyk ýaşyňy syndyrýar, tohumyňy tü­
kedýär. Başa bela azaşyp tötänden, öz-özünden gelenok, ýok, ol
diňe haramylykdan hem günäden gelýär. Allatagalanyň guran
bu dünýäsinde hiç hili tötänligem, ýalňyşlygam, düşnüksizligem
ýok. Barça zadyň sebäbi-de, netijesi-de bar. Netijäňi iki dünýäde
görýärsiň, ondan gaçyp gitjek gümanyň ýok.
***
Abdylmälik han özüniň, maşgalasynyň atasynyň – nebere­
siniň gününe düşmeginden biçak gorkýardy. Gyzynyň mekdep­
däki mähraby döwmegi-de onuň gözüne juda ýowuz etmiş bo­
lup göründi.
119
Mekdepde edilen etmişe jeza bermese, öz çagam diýip geçi­
rimlilik etse, Hudaýtagalanyň gahar-gazaba münmegi mümkin.
Şonuň üçin gyzyny jezalandyrmagy Abdylmälik han keramatly
Perwerdigäriň öňündäki hökmany ymmatlyk parzy hasaplady.
Han gyzynyň etmişi üçin aýalyny gamçylamak bilen çäklen­
mekçidi. Emma Altynjan tekepbirlik etdi:
– Baba, enemde günä ýok, enemi urma! Ursaň, diňe meni ur!
Meni öldür, ýöne, ýalbarýaryn, eneme degme! Men näçe ursaňam,
«wäk» diýmerin.
Gyzynyň tekepbirligi emiriň ganyny çüwdesine çogdurdy:
onda sähelçe-de müýn ýok. Onda sähelçe-de gorky ýok. Ol urul­
sa-da «wäk» diýmejekdigini tekrarlaýar.
Han urdy.
Gamçysyny yzly-yzyna gyzynyň depesinden inderdi.
Altynjanyň çyny eken: ol doňan ýaly bolup, aglaman, gozgan­
man dur. Onuň bolşy göýä gamçynyň agyrysy ýok ýalydy. Han köp
kişini gamçylap görüpdi. Hiç kim gamçynyň awusyna döz gelip
bilenokdy, walalaýlap aglamaga başlaýardylar. Abdylmälik han
gözlerine ynanmajak boldy. Şol ynamsyzlyk bilen ol ýene birki
gamçy urdy. Altynjan dişini gysyp, sandyr-sandyr etdi. Abdylmälik
han gyzynyň özüne zor salyp, agyra döz gelýändigine düşündi.
Hajar hatyn äriniň aýagyndan gujaklap zar-zar aglady:
– Babasy, gyzyňy urma! Babasy ursa, gyz betbagt bolar.
– Ýok boluň şu ýerden...
Altynjanyň doňan ýaly bolup entegem şol bir durşudy. Ejesi
gyzyny içerden alyp çykdy. Hareme bardylar. Öz otagyna giren
Altynjan özüne gelip bilmeýän bolarly, ümsüm, gymyl­daman
durdy. Zary-binowa elewreýän Hajar hatyn gyzyna el degirmäge
gorkýardy. El degren ýeriniň gamçynyň urlan ýeri bolmagy
mümkin diýen pikir bilen ol gyzynyň hiç bir ýerine-de elini de­
grip bilmän, töwereginden galpyldap aýlandy, soňam gyzynyň
sag elinden tutup çekdi.
Hajar hatyn gyzynyň ýüzüne naýynjar garap, gözünden paý­
radyp ýaş dökdi.
Gülýüzli akgyz iki ýana zowzanaklaýardy hem aglaýardy.
Urlan hemem aglamaly Altynjan bolsa-da, onuň ýanynda du­
rup, hünübirýan gözýaş dökýän Hajar hatyn bilen Gülýüzli akgyzdy.
121
3.
Garaňky gatlyşýança harem tarapda hiç kim görünmedi.
Garaňky gatlyşandan soňam hiç kim görünmedi. Gyzynyň ýüzkeşimi emiriň aňyndan aýrylmady. Onuň şirigana nazaryny, sars­
man durşuny ýatladygyça özünde nähilidir bir näsazlyk duýuldy.
Göwnüne bolmasa, ol öz hökmürowanlygyna daýanyp, adalatsyz­
lyk eden ýalydy, öz-özüne sowal berýärdi: «Men adalatsyzlyk et­
dimmi? Ýok, sen adalatly iş etdiň. Gyzyň metjidiň-mekdebiň
mährabyny döwüp, günä iş edipdir. Sen şol günä iş edeni, hut
öz gyzyň bolsa-da jezalandyrdyň. Gyzyňy şol eden günäsi üçin
jezalandyrmadyk bolsaň, ana, onda seniň adalatsyzlyk etdigiň
bolardy. Etmiş eden jezasyny çeksin! Eger adalatsyzlyk etmedik
bolsam, onda men näme üçin özümi müýnli duýýaryn?!» Emir
özüniň bu sowalyna welin jogap tapyp bilmedi.
Ol agşam ýatmak üçin düşegine geçende ýene Altynjanyň
şirigana nazaryny ýatlady. Gyzyna näçe gamçy urandygyny anyk­
lamaga çalyşdy. Ýöne näçe gamçy urandygyny takyk bilmedi.
Az-a däl. Ol gyzynyň mertligine buýsandy. Neneň buýsanma­
jak, urgynyň öňünde Altynjan waweýla eýlemedi! Hakykatynda
onuň ýaly urgynyň öňünde men-men diýen ärler hem durup
bilmez. Özi zenan maşgala bolsa-da, Altynjanyň çydamlylygy er­
kek kişileriňkiden zyýada. Emiriň göwnüne, gyzynyň waweýla
eýlemezliginiň aňyrsynda hikmet bar ýalydy, ol hikmet gyzyny
Allanyň goranlygyndady. Allatagala gamçynyň nähak urlanlygy
üçin onuň agyrysyny özüne alandyr, Altynjan agyryny asyl duýan
däldir, şonuň üçinem şirigana durandyr. Ýogsam ol urgularyň
öňünde ses etmän durmak mümkin däl.
Emiriň gyzyna näçe gamçy urandygyny anyklajak bolmasyda ýöne ýere däldi. Onuň göwnüne, gyzyna urlan her bir gam­
çy – bir günädi. Ol gyzyna el göterip näçe günä gazanandygyny
anyklamakçy bol­ýardy. Bu gorky emiri gaplap alypdy.
«Häzir Altynjanyň ýagdaýy nähilikä? Öz-ä gamçynyň degen
ýerleri agyrýandyr. Näzik bedeni bar onuň, gamçynyň degen
ýerleri pazza-pazza gabaran bolmaly öz-ä! Ýok, gamçynyň degen
122
ýerleriniň derisi soýlup, ol ýerlerden gan akýandyr. Ol ganyny
nädip sakladyka? Sakladymyka beri? Mansur tebip çagyraýmaly
eken. Ol görnenok welin, eýgilikmikä? Akgyzam-a görünmedi».
Abdylmälik han daş çykdy. Maksady howlynyň içinde du­
rup, harem tarapa diň salmakdy.
Dym-dyrslyk.
Adatça, derwezäniň mirşepleri özara hümürdeşip otur­
ýardylar, olardan hem bu mahal ses-üýn çykanok. Entek uklar­
dan-a irräk.
Abdylmälik han hareme bakan ugrady. Onda dörän
gorky barha örç aldy: «Gyzym özüni bilmän ýatan bolaý­
masyn?» Emir gyzynyň bolýan şebistanynyň gapysyndan çala­
ja jyklady, Aýyň ýagtysyna gyzy Altynjanyň çugutdyryp otu­
randygyny saýgardy. Ol näme üçin çugutdyryp otyr? Ýa ýatyp
bilmeýärmikän?! Emir gyzyna seredip esli salym durdy, seret­
digiçe oňa nebsi agyrdy, özüniň gelenini duýdurmak üçin iki
gezek ardynjyrady.
Kakasynyň ardynjyramasyny eşiden Altynjan zöwwe ýerin­
den galdy. Onuň nazary gapa gönükdi. Sähel salymdan Abdyl­
mälik han içeri girdi. Hanyň sesi pessaý çykdy:
– Gyzym, ýataňokmy entek?
Gyz näme jogap berjegini bilmän aljyrady:
– Ýok, baba, ýatamok...
Ara ep-esli dymyşlyk düşensoň, han pessaý gürledi:
– Ýagdaýyňy biläýeýin diýip geldim men...
Kakasynyň bu mylaýym sözüne Altynjanyň günortandan
bäri tar-tar bolup duran göwün kirişleri tarsa-tarsa üzüldi, da­
magy hykga doldy-da, günortanky gamçynyň agysynyny indi
aglarly göründi. Ol ilki kemiş-kemiş etdi. Aglamazlyk üçin zolzol ýuwdundy, ýöne her näçe dyrjaşsa-da, agysyny saklardan ejiz
geldi, gözýaşy sil bolup akdy. Ol kemiş-kemiş edip, soňundan
möňňürip goýberdi.
– Meniň gyzym mertdir. Saňa aglamak bolmaz!
– Men mert, babam. Men aglamok, indem aglamaryn. Meni
gowy görýändigiňizi bilýärin-ä men. Babam, men siziň hiç wagt
123
gaharyňyzy getirmerin indi. Babam, siz näme diýseňiz şony ede­
rin – diýip, Altynjan ýetişibildiginden gözleriniň ýaşyny sylyp
samrady. Ýöne gözýaş Altynjana entegem sakladanokdy.
Şol gije Altynjan bigam çagalyk dünýäsinden çykyp, «ýalan­
çy dünýä» atlandyrylýan gamly hem datly dünýä gadam basdy.
Bäşinji hekaýat
üç şert
A
ltynjan Tümen daýysynyň wepatyndan soň öňki Altyn­
jan däldi, ol indi öňküleri ýaly gudumanlyklaryny,
şereňňizliklerini etmeýärdi, bir howlukmaçlyk çyksa-da, ylga­
jak, gaty ýörejek bolmaýardy, horam edip, efsun atyp ýöreýärdi.
Özem ol indi öňküleri ýaly, hiç kim bilen erjeşmeýärdi. Öň deňiduşlarynyň başgaplaryny kakyp alyp, elýetmez ýere – köplenç
öýüň üstüne taşlamagy gowy gören bolsa, indi ol-a oglanlaryň
ýeňsesine kakmak ýa başgabyny elýetmez ýere zyňmak eken,
oglanlar bilen aňsat-aňsat gürleşmeýärdem. Ol diňe iki sany
gyz – Kalbyna hem Balnäz bilen ýürek açyşýardy, raz aýdyşýardy.
Olar bilen ýegana jorady.
Altynjan indi öňküleri ýaly, Gülýüzli akgyza zulum etjek bo­
lubam ýörmeýärdi. Oňa diňe käte bir hykarat bererdi: «Eňegiňe
jaň dakylan ýaly seniň, azrak gürle!» diýip. Öň şowhun-şagalaňy
gowy gören Altynjan indi hylwaty ümsümligi gowy görüp ugrady.
Onuň uzynly gün ýeke agyz söz aýtmaýan gezeklerem bolýardy.
Üç-dört aý geçdi welin, Altynjanyň öňki şereňňizligi hem er­
kek kişileriň eşigini geýip goňşy obanyň oglanlary bilen başa-baş
125
ýumruklaşmalara gatnaşmasy-da selçeňleşdi. Ol indi owadandanowadan zenan lybaslaryny geýýärdi. Altynjan hanyň gyzy ahyryn,
onuň özüni alyp barşy, geýim-gejimi ähli zenanlaryňkydan,
boýdaşlarynyňkydan parhlanmasa – elite hüllepuş1 geýinmese
bolmaz ahyryn!
Altynjan zünnar2 kemerine çalymdaş altyn tirme kemeri­
ni hiç wagt bilinden aýyrmaýardy. Sag tarapyndan sapy pöwrize
daşyndan nagyşlanan şemşeri mydama asylgy durardy. Bu şemşer
oňa Tümen daýysyndan teperrik galypdy. Geýmesine agasy
Sadyllanyň eşiklerini geýýärdi, ýöne bir tilsimjagazy ulanýardy: ol
Sadyllanyň köýnek-dyzdanynyň üstünden özge gyz-gelinleriňkä
meňzemeýän biçüwde uzyn eşik geýýärdi. Onuň egninde gyrmyzy
reňkli kumaşdan tikilen köýnegi bardy. Köýnegiň üstündenem
uzyn, ýukajyk, ak haluf ýüpeginden3 edilen çenberi geýýärdi. Ol
egin-eşigine aýratyn üns berýärdi. Ussat tikinçilere özüne nähili
biçüwde egin-eşik tikmelidigini birin-birin öwredýärdi. Tikinçi
işe başlansoň, aňsat-aňsat onuň ýanyndan aýrylmaýardy. Altyn­
jana ýaranmak aňsat däldi. Muny ähli tikinçiler bilýärdi. Şonuň
üçin ähli biçüwi, ähli tikimi Altynjanyň öwredişi ýaly edýärdiler,
ýogsam öz bilişleri ýaly etjek bolsalar, muňa Altynjanyň gahary
gelýärdi, olaryň başynda harasat gopdurýardy. Iň gowusy, et diý­
lişi ýaly edip dynmak, başyňy gutarmak.
Altynjanyň üç sany ak ädigi bardy. Bu ädikleri nädip tikme­
lidigini, biçüwiniň nähili bolmalydygyny ol ädikçä birin-birin
öwredipdi. Ädikleriň gonjuna tylladan nagyş etdiripdi.
Geýnişi boýdaşlarynyňkydan görnetin tapawutly bolansoň,
nirä barsa, Altynjan saýlanar durardy (zenanyň ýarym görki
egin-eşiginde, dakynýan şaý-seplerinde!), onsoň ähli kişiniň na­
zary ondan aýrylmazdy. Ol özüne gözügidijilik bilen seredilme­
gini isleýärdi, şol seretmelerden çäksiz lezzet alýardy, öýünden
çykanda mydama bezenip-beslenip çykýardy. Saçlaryny gyrmyzy
dilbent4 bilen daňardy. Bilegine dakynýan bilezigi, bilindäki
şemşerli kemeri, aýagyndaky tylla halhaly5 oňa biçak ýaraşyk
hem haýbat berýärdi.
Altynjan herki zatda boýdaşlaryndan, adamlardan tapawut­
lanmagy gowy görýärdi. Ol ähli zat babatda tapawutlanmak islegi­
ne-de ýetýärdi.
126
Geýinmekde onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy.
Owadanlykda onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy.
Batyrlykda oňa taý ýokdy.
Gylyçlaşmakda oňa taý ýokdy.
At üstünde oýun görkezmekde oňa taý ýokdy.
Arap, pars, ýunan dillerinde arassa, şirin gürlemekde oňa
taý ýokdy.
Sowatlylykda, okunlykda, önjemlilikde, üşüklilikde oňa taý
ýokdy.
Eger aýtmaly bolsa, badyhowalykda-da, özüne göwnüýetiji­
likde-de oňa taý ýokdy.
***
Razzak damulla Altynjanyň her bir hereketini göz astyndan
synlaýardy, onuň soňky günler edaly gyza öwrülmegini bolaý­
maly zat hasaplaýardy.
Dogrusy, Razzak damulla özüni ýiti synçy, ýiti pelsepeçi ula­
ma saýýardy. Altynjanyň agraslaşmagyny onuň çagalykdan saýlan­
magy diýip hasap edýärdi. Bu müçe – yşky müçe. Bu müçede
her ýaş juwan yşk ataşyna uçramaly. Altynjan yşk ataşyna haçan
uçrar? Razzak damulla Altynjanyň yşk ataşyna uçraryna sabyr­
syzlyk bilen garaşýardy. Eýsem, Altynjan bilen dünýäsi birleşjek
ýigit barmy? Edil Abdylmälik han deýin Razzak damulla hem
hyýalynda Altynjana mynasyp gerçek agtarýardy. Horezmin
şalygynda özüniň deňsiz-taýsyz batyrlygy, önjemliligi, pählewan­
lygy, edermenligi bilen şan-şöhrat gazanan ärler, gerçekler juda
kän. Razzak damulla özüniň tanaýan okun kişilerini birin-birin
göz öňünden geçirip çykdy, ýöne hiç bir gerçekde ol Altynjana
mynasyplyk görmedi.
Altynjanyň hyrydary welin günsaýyn köpelýärdi. Gaýradan
gelýän ýigitlerem bardy, olar Jeýhundan geçmegi ýüksünmeýär­
ler, näme üçin gelýändiklerini asyl ýaşyrjagam bolup duranoklar.
Olar üçin Altynjan elýetmez şaha. Wah, adama mahsus häsiýet
şeýle-dä: ol özüne ýokary baha berip, dagyň kert gaýasyndaky
mumyýa hyrydar çykýar. Her kim öz deňini tapmaly. Ýok, kül
üstünde oturan garyp hem şanyň ýa hanyň gyzyna öýlenmek
islär eken. Onsoň seniň ýaşaýşyň ony kanagatlandyrjakmy?
127
Bezirgeniň oglumyň, bezirgeniň gyzyna öýlen, baýyň oglumyň,
baýyň gyzyna öýlen. Öýüňdäki düşegiň boriýa6, iýýäniň ýegesi
bilen tötek bolsa şanyň gyzyna, hanyň gyzyna seretme. Ýöne
adamyň tebigatynda bar ýokary ymtylmak. Murty taban, başy
dumanly goç-goç ýigitler Abdylmälik hanyň gyzyna aşyk. Herýe­
ten Altynjanyň özüne ýylgyrap bakmagyny, özüne magşuk bol­
magyny isleýär. Gijelerine güpjekleri gujaklap, ýorganyny iki
satanynyň arasyna salyp arzuwa çümerler. Göräýmäge, güpjek
Altynjanyň bili, ýorgan aýaklary ýalydyr. Aňlarynda Altynjandan
başga hiç kim ýokdur.
Gyzlaryň güni kyn, juda kyn. Olara erkek kişilere ýylgyryp
seretmek bolmaýar. Öz deň-duş oglanlaryna ýylgyryp seretmek
asla-da bolmaýar. Sähel ýylgyryp seretdigiň, ýigitler ony özleri­
ne osýarlar. «Bu gyzyň mende göwni bar, maňa hatyn bolmak
isleýär, ýöne ol söýýändigini aýdyp bilenok. Dogry edýär, asylly
gyz şeýle-de bolmaly. Bu gyz maňa durmuşa çyksa, bagtly bol­
jagyny bilip durandyr» diýip pikir eder, soňam gyzyň şol ýyl­
gyryp bakmasyna esaslanyp, gyza hyrydar çykar, gyzyň öýüne
sawçy ugradar. Ana, onsoň gyzyň öýüne şol sypaýyçylyk üçin
ýylgyrylyp bakylan ýigidiň hossarlary sawçylyga gelip durandyr.
Eý, Hudaý, sähelçe sypaýyçylyk ýylgyryşy üçin, gör, näçe peripeýker gyzlaryň bagty ýatdy. Gyzyň pikiri diňlenilýärmi näme?!
Oguzda ata-enesine: «Ýok!» diýip biljek gyz dogulýarmy näme?!
Gör, näçe garry mamalar, eneler ömründäki ýeke sypaýyçylykly
ýylgyryşyna nälet okap gitdiler bu dünýäden.
Razzak damulla Altynjanyň agraslanmagyna esaslanyp,
ony haýsydyr bir ýigide magşuk bolandyr öýdýärdi. Gyzyň özü­
ni edepli-ekramly alyp barmasyny hem magşuklyga ýorýardy.
Ýöne Altynjanyň söýgüsine mynasyp bolan är ýigit kim? Herhal,
zamahşarly ýigitler-ä Altynjanyň özleri üçin elýetmez şahadygyny
magat bilýärler, şonuň üçin «ýuwdunmazlyga» çalyşýarlar. Bi­
lesigelijilik Razzak damullany halys heläk edýärdi. Altynjan
baradaky pikiriniň anygyna ýetmek üçin ol gala gelýän ähli ýi­
gitleri mukym synlaýardy. Altynjan kim bilen gürleşýär? Öýüne
gaýdanda ýolda duşuşýan gerçegi barmy? Haýsy ýerden sawçy
gelipdir? Razzak damulla şu zatlaryň anygyna ýetjek bolup gara
128
gündedi. Bu örtenmelerinden özüne jinnek ýaly peýdanyň ýokdu­
gyny bilmesine bilýärdi, ýöne özüne: «Bes et!» diýip bilenokdy ol.
Herhal, Razzak damulla uzak kösenmeli bolmady. Altyn­
jany Gauhor etrabyndan çiltenleri bilen yzyna alyp gelenlerin­
den iki aýdan soň, ol özüniň pelsepe, adamyň içini bilmek ba­
batda asgyn adam däldigine açyk göz ýetirdi.
Gawşfinj şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly Gökhun
bir gün asly ýunanly, ýöne Horezminde ýaşap musulmanlaşan,
ýerli dili, edim-gylymy öwrenen täjiriň gyzy Kalbynanyň üsti bi­
len özüniň hyrydardygy hakda Altynjana habar ugratdy.
Başga bir gün Balnäz Bahram Kyýas atly ýigidiň söýýändigini
aýtdy.
Şaýürek Altyndaşyň haýsydyr bir weziriniň oglunyň Altynja­
na öýlenmek isleýändigi hakdaky habary getirdi. Oňa hyrydar
bolup, osmakçy iberen ýigitleriň sany ýedä ýetdi.
Altynjan osmakçylaryň sözüni piňine alman, äre çykmak
barada oýlanman, asyl oýlanmagam islemän okuwa gatnaýardy.
Galan wagtyny hem harby türgenleşik bilen geçirýärdi. Asyl
onda boş wagt ýokdy. Ýöne ony duluna geçirmek üçin göwün
ýüwürdýän ýigitler onuň kä eýlesinden, kä beýlesinden geçip,
ünsüni özlerine çekmekçi bolýardylar, gürleşmek isleýärdiler.
Ony güldürip dagy bolaýsa, onda-ha öýlenmek meselesiniň doly
çözüldigi hasaplajakdylar. Arman, Altynjan Kalbynadyr Balnäz
bilenem kän bir gürleşmeýärdi.
Altynjanyň hyrydarlary boş oturmaýardylar. Olaryň öz os­
makçylary, öz sözaýdyjylary bardy.
***
Nowruz baýramçylygynda mekdepde ýigrimi bäş gazan
ataryl­dy. Galanyň adamlary metjide-mekdebe ýygnandy.
Erkek kişiler bir ýanda, gyz-gelinler bir ýanda aýratyn
düşekde naharlandylar.
Ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçdular. Altynjan hem hiňňildik
uçup göwün solpusyndan çykmak isledi. Ýigitler hiňňildige bat
berdiler. Kalbynadyr Balnäz hiňňildik sähel bat alsa titreşdiler,
9*
129
Altynjan welin hiňňildik näçe batly boldugyça, şonça hezil etdi.
«Gyzlar, gorkmaň!» diýip, ol joralaryny köşeşdirmäge çalyşdy.
Kalbyna bilen Balnäz oňa gorkmazlyga söz berselerem,
hiňňildik batlanyberse, gorkularyna alagykylyk etdiler. Olar bi­
len hiňňildik uçup göwün solpusyndan çykyp bilmejegine göz
ýetiren Altynjan gygyrdy:
«Saklaň hiňňildigi!»
Hiňňildik saklandy.
Altynjan joralaryna çikjerip bakdy. Olar Altynjanyň gaha­
rynyň gelendigini aňyp, şelaýyn dillendiler:
«Melikäm, bizde siziňki ýaly ýürek ýog-a! Biziň towşanyňky
ýaly, gorkajyk ýüregimiz bar».
«Menden daşrakda boluň! Şu gün meniň gözüme görün­
seňiz, eýgilige garaşmaň!»
«Melikäm!..» diýip, Balnäz nämedir bir zat aýtmakçy boldy,
ýöne ýetişmedi: Altynjan onuň elinden çekip, honda zyňdy:
«Ýok boluň diýdim-ä men size! Ýok boluň!»
Şondan soň Altynjan Anuşirwan hem doganlary Kabyldyr
Habyl bilen bir sallançakda uçdy. Olar sallançagy şeýlebir bat­
landyrdylar, şeýlebir batlandyrdylar, sallançak dik depä galyp,
birpaýyz doňan ýaly bolup durýar-da, soňam howany dilimläpdilimläp aşak gaýdýar. Onsoň sallançak beýleki tarapa atylyp gid­
ýär. Altynjan sallançagyň iň ýokary hetde ýetip säginýän sähel
salymlyk pursadyny has gowy görýär, ol şol ýokarky çäkde köpräk
durmak isleýär. Sallançagyň dik ýokary galyp, sähel salymlyk tog­
taýan pursadyny ejesiniň «gyz ömri» diýip atlandyryşyny ýatlaýar.
Sallançagyň iň ýokary galan pursady – gyzlyk döwri. Altyn­
jan bu pikiri içinden telim ýola gaýtalap, sallançaga bat berýär.
Sallançak her sapar ýokary çäge baranda ýüregi hopup gidýär,
ol muňa begenip, dowamly gülýär.
Altynjan sallançakdan düşende çilteniň onbegileri – jan­
darlar Ýatmaz bilen Çyrlak ony bir çete çekdi. Olar oňa Dowalat
atly ýigidiň duşuşmak isleýändigini aýtdylar. Altynjan olara anyk
jogap bermedi.
Onuň ýanyna ýaňyja kowlan Kalbyna geldi. Ol juda möhüm
bolmasa, häzir Altynjanyň ýanyna gelmeli däl. Meger, ony
gyssandyrlar. Kalbyna gorka-gorka gelip, bir ýigidiň Altynjana
130
aşyk bolandygyny aýtdy. Muňa Altynjanyň girre gahary geldi. Ol
hol gyrada üýşüp duran ýigitlere seretdi.
Allatagala erkek kişilere zenanlaryň ýanyna barmagy, ilki
bolup söz aýtmagy emr edipdir. Ýöne ol duran ýigitler göni
gelip söz aýdyp biljek japy erkek kişilere meňzänok. Şeýle bir
pähim bar: «Muhammet daga barmasa, dag Muhammediň ýa­
nyna barar» diýip. Altynjan ýöräp barşyna ýigitleri gözden geçir­
di. Ýigitleriň özüne gözügidijilik, hyrydarlyk bilen seredişleri
hoşuna geldi. Ýigitler gylyçlaşmakdan, garşydaşyny ýeňmekden
ymgyr datly lezzet alýarlar. Altynjan garşysynda duran ýigitleri
gylyjy bilen däl, özüniň gözelligi bilen bendiwan etmekden,
olary öz gözelligine kökermekden, ýeňmekden lezzet aldy. Ol
ýeňiji hökmünde gürledi:
– Eý, Allanyň sylanlary, meniň sylamagymy isleseňiz, ýanyma
osmakçy ibermäňizi bes ediň! Bir zat aýtmak isleseňiz, meniň
özüme açyk aýdyň! Men ker ýa lal däl, herki dile düşünýärin.
Siziň gürlejek dilleriňize-de düşünerin. Isleseňiz, arap dilinde
aýdyň. Isleseňiz, ýunan dilinde aýdyň. Isleseňiz, pars dilinde
aýdyň, men bu dilleriň haýsy birinde gürleseňizem, size gowy
düşünerin. Azan babam Soltan Mahmyt Gaznalynyň döreden
dilinde7 gepleseňizem düşünerin. Arada dellal gerek däl! Ara­
da terjuman gerek däl! Hakykatdanam maňa öýlenmek isleýän
bolsaňyz: «Men saňa öýlenjek» diýip, näme üçin meniň ýanyma
göni gelmeýärsiňiz? Ýa bir aýbyňyz barmy? Ýa gorkýarsyňyzmy?
Eger gorkýan bolsaňyz, onda maňa öýlenjek bolup oturmaň. Se­
bäbi men özümden döwi pes äre «Är!» diýmek islemeýärin.
– Osmakçyny ýanyňa men iberdim. Hany, aýt, sen nähili äre
«Är!» diýmek isleýärsiň? – diýip, Bahram Kyýas öňe saýlandy.
– Altynjan, men hem seniň göwnüňi awlamak isleýärin.
Seniň maňa göwün bermegiň üçin nähili şertiň bar bolsa, şol
şertiňi bitirmäge taýýar men – diýip, Dowalat atly ýigit hem iki-üç
ädim öňe saýlandy.
Kalbyna ýigitleriň ýakynyna bardy:
– Melikämiziň size üç sany şerti bar.
Ýigitler ýerli-ýerden heşerlenişip gygyryşdylar:
– Aýt üç şertini!
131
– Birinji şerti gylyçlaşyp ýeňmeli.
– Ikinji şerti näme?
Altynjan bilinden gamçysyny sogrup aldy-da, ýokarda gal­
gatdy:
– Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgitleýär.
Ikinji şertim şeýle: merdana ýigit maňa gamçy çalsyn. – Altynjan
elindäki gamçyny gerçeklere bakan oklap goýberdi.
Ýigitler gözlerini tegeleşip, Altynjana seredip durlar. Mege­
rem, olar Altynjandan beýle-beýle zada garaşmadyk bolarly. Oňa
aşyk bolup ýören ýigitleriň hiç birisiniň gamçyny ýerden göter­
mäge bogny ysmady.
Wagt welin geçip durdy.
Altynjan garaşdy.
Gamçyny götermeli aşyklar başyny aşak salaýdylar.
Ýok, duran ýigitleriň arasyndan bir jaýty murtly arjanak
öňe saýlandy. Ol apadaň-apadaň ýöräp geldi-de, hanyň gyzynyň
oklan gamçysyny ýerden göterdi. Ýigit elindäki gamçyny saldar­
lap gördi-de, Altynjanyň ýanyna geldi.
– Eý, Horezmin gözeli! Men saňa hak aşyk. Men sen diýip,
Gawşfinj şäherinden ýörite geldim. Adym Gökhun. Gawşfinj
şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly men.
– Eliňe gamçy almaga gaýratyň çatdy. Indi näme üçin
dursuň? Başlaber!
– Meniň durmagymyň sebäbi birinji şertiňi dürs hasapla­
sam-da, ikinji şertiňi dürs hasaplamaýanlygymda.
Kalbyna Altynjanyň gulagyna çawuş çakdy. Onuň aýdan
sözlerine Altynjanyň girre gahary geldi:
– Mende-de göz bar, Kalbyna. Görüp durun-a men. Näme,
beýle oda-köze düşýärsiň?! Beýle gowy ýigit bolýan bolsa, özüň
äre baraý.
Kalbyna Altynjanyň bu sözüni dönüklik hasaplady. Ol
utanjyna hem gaharyna çym-gyzyl boldy. Urmaga küşdüniň ýet­
mejegini bilensoň, dili bilen ýepbeklemäge häzirlendi. Ýöne
Altynjanyň ýüregine neşter bolup uruljak ýiti sözi tapmady:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 09
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.