Latin

Altynjan hatyn I - 14

Total number of words is 3816
Total number of unique words is 2051
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
täjiriň on ýedi ýaşyndaky ýalňyz ogluny elli dinaryna göz gyzdyryp
öldüripdir. Şonuň üçin hem bu gün şäheriň ortarasynda Alp
Garany dardan asýardylar. Alp Garanyň jezalandyrylyşyny gör­
mek üçin Hazaraspyň golaý-goltumyndaky obalardan hem ge­
lipdiler.
Bu jeza berişligiň geçiriljek güni Togrul beg dört ýüz haşy­
my bilen Hazaraspdady.
Togrul beg Alp Garanyň elewremesini hyrçyny dişläp synlady.
Hana, dar agajynyň aşagynda her egninde bir adam ýerleş­
jek peşeneli, uzyn boýly, otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky nazarker­
de bir kişi gözünden boýur-boýur ýaş döküp, eden etmişine
ökünýändigini öwran-öwran nygtap, Ärsabyr Ärsakdan, şäher
kazysyndan aman soraýardy.
Ajalyň öňünde Alp Garanyň oguz adyna mynasyp durup
bilmeýändigi üçin Togrul begiň myrryhy atlanýardy. Alp Gara
Togrulyň içki pikirine jogap berýän ýaly, ýygnananlara ýüzlendi:
– Adamlar, men ölümden gorkup aglamaýaryn. Ýok, men
yzymda bäş sany çyrçykly çaganyň eklençsiz ýetim galjakdyk­
laryna ýüregim awap aglaýaryn. Ýaşajyk çagalarym, garlawajyň
jüýjejikleri ýaly bolup, her gün meniň bir zat eltip bererime
garaşýarlar. Men bolmasam, bigünä çagajyklarym aç ölerler.
219
Adamlar! Maňa haýpyňyz gelmese-de, çagajyklaryma haýpyňyz
gelsin. Hunumy töläp, meni halas ediň! Men siziň gapyňyzda
ömrümiň ahyryna çenli mutyg guluňyz bolaýyn.
Alp Gara bu sözlerini zol-zol gaýtalaýardy.
Togrulyň Alp Gara nebsi agyryp, onuň hununy töläp, ha­
las etmek isledi. «Görgüliniň ýaş çagalary hossarsyz galmasyn»
diýip, ol ýanyndaky ýigitlere sala saldy. Hiç kim oňa kesgitli söz
aýtmady. Kesgitli netijä özi gelmeli boldy.
– Men bu kişiniň hununyň diýesini töläýin. Bu ýigit gaýrat­
ly görünýär. Köp-köp işleri bitirip biljek ýigide meňzeýär bu.
Muny özümiz üçin peýdalanaly. Beýle gaýratly ýigitler köp däl.
Togrul beg Alp Garanyň hununyň diýesini – üç ýüz dinar
töledi.
Şäheriň kazysy Togruldan ýene ýüz dinar talap etdi.
– Ähli ýerde hunuň bahasy bir nyrh ahyryn? – diýip, Togrul
nägilelik bildirdi.
– Üç ýüz dinar – bu hunuň öwezi. Biz nyrhdan çykmaýarys.
Ýöne Alp Garany aldap, Hazaraspa getirmek üçin Bahadur Päh­
lewana ýüz dinar berdik.
Bahadur Pählewan diýlen kişi kazynyň sözlerini tassyklap
baş atdy.
Alp Gara Togrulyň yzyna düşdi. Onuň hyzmatynda boldy.
Iki aýdan soň: «Çagalarymdan habar alyp geleýin» diýip, Buha­
ra gitdi. Dört aýdan soň Togrulyň tölän dört ýüz dinarynyň üs­
tüne otuz dinar goşup berdi:
– Togrul, meni halas eýle. Men çagalarymyň ýanynda bo­
laýyn. Sen maňa doganyň edip bilmejek ýagşylygyny etdiň. Bu
ýagşylygyň üçin men islän pursadyň gelip hyzmatyňda duraryn.
Men seniň mutyg guluňdyryn – diýip, ol Togrul begiň öňünde
dyza çöküp, özüniň wepadarlygyny tekrarlady.
Olar öz aralarynda ähtleşdiler. Şol äht boýunça Alp Gara
Aly­teginiň gullugynda durmaly we ol ýerde näme gürrüň edilse,
seljuk­lylara habar ýetirmeli. Şeýdibem Alp Gara özüne edilen
ýagşylygyň öwezini dolmaly. Alp Gara özüniň seljuklylara garşy
hiç wagt gylyç götermejekdigini, gaýtam, goldaw berjekdigini
zol-zol gaýtalap, wepadarlyk antyny içdi. Şondan soň Togrul beg
Alp Garany azat eýledi.
220
Alp Gara Alyteginiň gullugynda durdy, seljuk beglerine
Alytegin barada üýtgeşik maglumat gerek bolsa, başarnygyny
gaýgyrmady.
***
Alytegin Ýusup bin Seljugyň ýanyna çapar ýollap, köp-köp
zatlary wada berip, özüne imrindirmäge çalyşýardy.
Togrul begiň adamlary Alp Gara bilen ogryn duşuşdy, on­
dan Alyteginiň näme üçin Ýusup ýabgu bilen duşuşmak isleýän­
digini soradylar.
«Siz uly güýç. Şonuň üçin hem Alytegin siziň bilen dogan
ýaly gatnaşmak isleýär. Gerek wagty ol sizden kömek almak, ra­
hat ýaşamak isleýär. Siz kömege mätäç bolsaňyz, ol sizden kö­
megini gaýgyrmajakdygyna ant içýär». Alp Garanyň bu sözleri
Alyteginiň öwredişi boýunça aýdýandygyny Togrul beg güma­
nam etmedi.
Geňeşiň unamasy boýunça Ýusup ýabgu Alytegin bilen
duşuşyga çykdy. Başda duşuşyk Alp Garanyň diýşi ýaly boldy: Aly­
tegin Alp Garanyň sözlerini gaýtalady. Ýusup ýabguwa kän-kän
hedýe-engamlar ýapdy, dabaraly ýagdaýda emir Ynanç Baýgu
diýen at berdi. Ony Nur etrabynyň ähli türkmenleriniň emiri
diýip yglan etdi. Nur etrabynyň sähralyklaryndaky ähli obalary
emir Ynanç Baýgunyň tabynlygyna berdi.
Alyteginiň çakdanaşa tarhanlygynyň aňyrsynda nähilidir
bir «çöpjagazyň» ýatandygy bellidi, ýogsam beýle köp mukdar­
da engamyň, mülk ýerleriniň berilmejekdigi köre hasady. Bu
hakda seljuk kethudalary köp kelle döwdüler. Ýöne olaryň ta­
pyp bilmedik «çöpüni» Alyteginiň özi tapmaga hemaýat berdi.
Ol söhbetdeşlikde Ýusup ýabguny öz dogany hasap edýändigi­
ni, ondan hiç bir zadyny gaýgyrmajakdygyny, parahat ýaşamak
isleýändigini, ýöne Mawerannahrda parahat ýaşamak üçin
Togrul beg bilen Çagry begiň aýyl­ganç howpdugyny, ol ikisi
öldürilmese, onda olaryň hiç bir zatdan gaýtmajakdyklaryny,
Mawerannahra hökümdar bolmak üçin Ýusup ýabguny-da, Aly­
tegini-de hökman öldürjekdiklerini nygtady. Soňam:
221
– Ynanç Baýgu, sen maňa yşan, Gurhandan ant içýärin,
ogullyklaryň Togrul bilen Çagry ikisiniň bar pikiri seni öldür­
mek, özem olar seni masgara-wejera edip öldürmekçi bolýarlar.
Hawa, hawa, olaryň maksady iki-üç aýyň içinde seni hökman
öldürtmek. Men bu hakda gaty ynamdar adamlardan eşitdim.
Togrul: «Gürrüň hiç ýere çykmasyn» diýip, birki razdanynyň ýa­
nynda ýüregini açypdyr. Sen bir gowy emir. Men seniň ölmegiňi
islämok. Sen öldürilseň, men biçak gynanjak. Şonuň üçin saňa
öňünden dostlarça, doganlarça duýdurmagy men öz borjum
hasaplaýaryn. Nähili güýç, näçe goşun gerek diýseň, men saňa
bereýin, men seni mydama goldaryn – diýdi.
– Men goşuny näme edeýin?
– Çagry bilen Togruly ýok etmegiň üçin!
– Olary men hut öz ogullarym ýaly görýärin, her hili ýagdaý
bolanda-da men olara kast etmerin.
– Yşan, olar seni ýigrenýärler. Seniň ogluň Ybraýymy-da ýig­
renýärler. Sebäbi sen olaryň enesine öýlendiň.
– Men resimi amal etdim.
– Men düşünýärin, ýöne seniň ogullyklaryň muňa düşün­
meýär. Men saňa açyk aýdýaryn, sen olary öldürmeseň, olar seni
öldürerler.
– Ýagynyň elinden ölenimden olaryň elinden ölenim müň
paý gowy. Olar meni ýöne ýere öldürmezler. Onsoň hem olara
ýabgulyk gerek bolsa, men olara islän pursady – häh-häzir hem
berip biljek. Çünki olaryň ýabgulygyň hötdesinden geljekdikle­
rine berk ynanýaryn.
– Ynanç Baýgu, sen emir. Sen howlukma. Oýlan.
– Onuň üçin oýlanmak nämä gerek?! Herçent oýlansam
hem olar babatda meniň pikirim üýtgewsiz bolar.
– Ýok, ýok, emir, sen oýlan. Men seni howlukdyrmak is­
lämok. Sen olary assyrynlyk bilen yzarla. Şonda sen olaryň
pygyllarynyň nähilidigine bahym göz ýetirersiň.
Ýusup kesgitli jogap berdi:
– Eger maňa beren engamlaryňyz şu maksat üçin bolsa, onda
men olary yzyna ugradaryn. Sebäp men siziň bu möhümiňizi
herçent oýlansam-da, bitirip biljek däl.
223
– Ol meniň möhümim däl, ol seniň möhümiň! Sen bahym
meniň aýdan zatlarymyň hakdygyna göz ýetirersiň. Ýeri, bolýar,
häzir desterhan başyna geçeli. Seniň üçin üýtgeşik tagamlar
taýýarladyk.
Ýusup ýabgu Alyteginiň bu üýtgeşik teklibinden soň, onuň
tagamyny iýmek hem islemedi, ýöne zol özelenip duransoň,
onuň raýyny ýykmazlyk üçin saçak başyna geçdi.
Alytegin myhmanhanadan hajat zerurlygy üçin diýip çykyp
gitdi-de, wagty bilen dolanmady. Orta çekilen dürli tagamlar so­
wady gitdi. Ýusup ýabgunyň hem işdäsi kesildi.
Alytegin uzak garaşdyryp, ahyry emir Alp Gara bilen geldi.
Ýusup beg olary görenden pälleriniň düzüw däldigine
düşündi, ýöne eýýäm giçdi.
«Alyteginiň Ýusuby öldürmek baradaky emrini emir Alp
Gara ýerine ýetirdi». 22
***
Alyteginiň emri bilen Ýusup ýabguny Alp Garanyň öldüren­
digi baradaky habar Nura baranda jahan ýaňy ýagtylyp ugrapdy.
Seljuk kethudalary Musa begiň öýüne jemlenişdiler.
Hiç kimden ses çykanokdy.
Birden goňşy öýden – Çagry begiň öýünden çaga jägildisi
çykyp ugrady.
Daşardan bir oral aýal içerdäkilere eşitdirmek üçin gaty
gygyryp, hoş habaryny mälim etdi:
– Çagry begiň ogly boldy!
Içerdäkiler «Ýaşy uzyn bolsun!» diýen terzde Çagry bege
buýsançly bakdylar. 23
Çary begiň ikinji ogly Alparslan dünýä indi (Begiň uly
oglunyň ady Gurt (Kawurt) bolmaly).
Çaganyň dünýä inmegini gowulyga ýordular.
Geňeş başlandy. Ol uzaga çekmedi, çünki maksat aýdyňdy.
Ähli kişi şol bir sözi gaýtalady:
– Ar almaly!
– Beglerimize habar ýollaň!
224
Günüň dogup gelýän çagy otuzdan gowrak atly çapar çar
ýana at saldy.
Musa beg Çagry beg bilen Togrul bege ýüzlendi:
– Ikiňiz merkezde duruň. Nasyr bilen Barat Alçak, Sibir bi­
len Güneş sag ganatda, Bekdaş, Peýkam dagy çep ganatda dur­
sun. Ybraýym galsyn.
– Näme üçin men galmaly? – diýip, Ybraýym böküp ýerin­
den turdy.
– Ybraýym, sen düşün!.. – diýip, Musa beg sözüne biraz
dyngy berdi.
– Ýok, men düşünýärin, siz düşüniň, men babamyň jesedi­
ne seredip oturyp biljek däl. Arymy almasam, men hiç ýerde-de
özüme rahatlyk tapmaryn. Siz meni saklap bilmersiňiz. Men gi­
derin, hökman giderin.
Hiç kim hiç zat diýmedi.
Ýusup ýabgunyň, onuň ýanynda giden ýigrimi haşymyň
kellesini getirdiler.
Gana bulaşyp ýatan kelleleri, ahmyrdan doly açyk gözle­
ri gören Togrul beg dälirän ýaly bolup bagyrdy. Ýer bagyrtlap
nalyş etdi. Ýusup ýabgunyň kellesini bagryna basyp aglady.
Soňam ümdüzine gitdi. Onuň elinden Ýusubyň kellesini alyp
galmaga hazzar ýetişdiler.
Ony hiç kim saklamady.
Ony bu mahal hiç kim saklap hem biljek däldi.
***
Togrul beg obanyň atgaýtarym gündogaryndaky Ýekegazyk
diýip atlandyrylýan beýik depäniň üstüne çykdy.
Ol asmana ellerini serip, Allatagala mynajat aýtdy. Aýak
üstünde durmaga ragbaty galmansoň, ýer gujaklap, perýat
etdi. Ol üznüksiz samraýardy, onuň näme samraýandygyna hiç
kim düşünmeýärdi, ýöne din hadymlary, ulamalar, ýaşulular:
«Degmäň! Azar bermäň!» diýip, Togrula azar berdirmediler.
«Bu ýerde üýtgeşik bir gudrat bar. Togrulyň wežde-çillä otur­
masy 24 halatlylykdan alamat. Galanynam Wagt – Kadyr görke­
zer» diýdiler.
15*
225
Hiç kim onuň ýanyna baryp bilmedi. Ol uzynly gijäni ýer
bagyrtlap, üznüksiz dileg edip geçirdi. Şol günüň ertesi Togrul
begiň ýatan ýeriniň üstünden hyma dikdiler. Ol öz üstünden
hyma dikilendigini bilenokdy, göýäki erenler bilen gürleşýän
ýaly samraýardy.
Onuň iýip-içmegi üçin gapdalyndan suw hem nan goýdular.
Togrul begiň bolup ýatyşy seljuk beglerini howsala saldy:
onuň özüne gelmegine garaşdylar. Ýöne üç gije-gündizläp
Togrul beg hiç zat iýmedem, içmedem, ol öz serinde däldi.
Şol sebäpli hem onuň bilen hiç kim gürleşip-düşünişip bilmedi.
Togrul beg Hudaýtagaladan kakasy Mykaýyl begiň, kakasynyň
doganlary Arslan ýabgunyň, Ýusup ýabgunyň küýsän Derwezata
şalygyny döretmäge hemaýat bermegini mynajat etdi.
Mynajat – hylwaty söhbetdeşlikdi. Bu söhbet orny boýunçada, wagty boýunça-da başga älemiň hakykatydy. Mynajat etmek
bilen adam şu dünýäden arany açýar: dünýäniň giňişliginden
başga bir, mundakylara nämälim hem elýetmez barlyga geç­
ýär, ol wagtyň çäginden çykyp, älemüzre biwagtlyk mekanyna
aralaşýar. Ol mekanda diňe mynajat edýän hem-de onuň gaýyba­
na, ruhy söhbetdeşleri bar. Mundakydan bütinleý parhlanýan
ol özge wagt – giňişlik çäginde adam, has dogrusy, onuň ruhy
ýoklukdan barlyga – dünýä geçýär. Ol ýerde erenler-weliler bi­
len duşuşýar. Pany dünýäniň ýaşaýşyna serenjam berip, gözegçi­
lik edip duran erenleriň öňünde mynajatçy öz ýüregini açýar.
Welilere – Allanyň ýakynlaryna nazary düşen kişiniň kalbynda
täsin, başga hiç bir ýerde, başga hiç bir halatda bolup bilme­
jek özgerişler, täsinlikler bolup geçýär. Munuň düýp manysy
adamyň içinde – kalbynda baslygyp ýatan güýç-kuwwatyň ýo­
kary galmagyndan, onuň bütinleý başga bir şahsa öwrülmegin­
den ybarat bolýar. Munuň özi daşlaryň astynda ýatan suwlaryň
müňzäp, çeşme bolup atylyp çykyşyna meňzeýär. Ruhy gujury
ýokaryk çykarýan – welileriň keramatly nazarydyr. Bu nazar
seniň weliler tarapyn kabul edilendigiň, saňa dilegleriň amala
aşmagy üçin ejaza berlendiginiň alamaty. Bakylyk nazary bilen
panylyk nazary sataşanda, ynsan «hal» ýagdaýyna düşýär. «Hal»
oňa wagtyň çäginden çykmaga, geljegi eliň aýasyndaky ýaly
226
öňünden görmäge mümkinçilik berýär. Beýle görüş adamy
gudratla, keramatla öwürýär.
Niýetiniň päkligine, ýüreginiň halallygyna, iň esasy-da, Alla
üçin hoşnutlygyna göz ýetiren weliler ynsanyň niýetiniň amalyna
izin berýärler. Onuň jan-jöwheriniň bakylyk sypatlaryny kemal
edip, maksadyny berýärler. Bu gaýybana söhbetdeşlikden özge
adam bolup, pany barlyga dolanan kişiniň öňünde durjak zat
bolmaz! Çünki ol eýýäm halatly, onuň indi diýeni geler, edenide bolar. Erenleriň içiren şeraby onuň süňňüne dolup, ruhuny
jöwherlendirer. Onuň ähli dilegi biter, barça hakykat oňa aýan
görner. Onuň gören zatlary özgeler üçin syr bolar. Ol bu syry
hiç bir kişä açmaz, diňe özüne erenleriň ak pata berendigini
aýdyp, sözüni gutarar. Ol pany dünýäden giden ýerine, giden
pursadyna başga adam bolup gaýdyp geler. Mundan beýläk
onuň halatlydygy diňe ähli işleriniň rowaçlygynda belli bolar.
Hut şeýle-de boldy. Togrul beg üçünji gün namazşamlar
meýden serhoş bolan dek entirekläp, zol-zol asgyryp ýerinden
galdy, hymasyndan çykdy.
– Maňa ak pata berdiler! Eşidýärsiňizmi, maňa ak pata ber­
diler! Eşidýärsiňizmi? – Ol töweregindäki adamlary, gurlan hy­
many görüp geňirgendi: – Çadyry haçan dikdiňiz?!
Töweregindäkiler onuň sözlerini üç günüň açlygynyň, teşne­
li­giniň täsiridir, samramadyr öýtdüler. Oňa suw içirjek boldular.
– Gerek däl, men häzir meý içdim! – diýip, Togrul küýzäni
yzyna berdi. Ähli kişi ýene biri-biriniň ýüzüne syrly bakyp, hyr­
çyny dişledi. Ýakynynda bolanlar onuň üç gije-gündizläp hiç zat
iýip-içmändigini bilip durlar ahyryn.
Näme bolsa, diňe gowulyga bolsun!
***
Alyteginiň üstüne ýörişe ugralanda otuz-kyrk haşym Tog­
rul begiň hem Ybraýymyň daşyna gala boldy, goraglady. Ýog­
sam olar atly goşunyň öňüne düşjek, öňde – Musa ýabgunyň,
Çagrynyň ýanynda bolmak üçin okdurylýardylar. Her hili hažykhužuk bilen olary öňe goýbermediler.
227
Alytegin seljuk atlylarynyň öňünden uly güýç jemläp çykdy,
ýöne Ýusup ýabgunyň öldürilendigine gazap donuny geýen sel­
juklylar şir bolup söweşe girdiler. Gazaply söweş başlandy. Sel­
juk ýigitleriniň wagşyýana gygyryp, gorky-ürküsiz söweşmekleri
Alyteginiň gulamlarynyň howuny basdy. Gulamlar jyzadyr 25 gal­
kanlaryny, ýataganlaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçdylar.
Alytegin hem gaçyp, janyny aman gutardy: öz aty öldürilen­
den soň bir wisakbaşynyň atyna artlaşyp münüp gaçyp gitdi.
Seljuk begleri Alyteginden galan olja bilen yza dolanmaly
boldular.
– Häzir Alyteginiň goşunsyz galan pursady. Eger biz häzir
Alytegini doly ýok etmesek, Buhara baryp, köşgi eýelemesek,
onda ol ertir­ki gün köp mukdarda goşun jemläp, üstümize
hüjüm eder. Onsoň biz Mawerannahrda rahat ýaşap bilmeris.
Iki goçuň kellesiniň bir gazanda gaýnamajakdygy hak. Şonuň
üçin yza öwrülmän göni Alyteginiň yzyndan – Buhara gideliň,
köşgi doly eýeläliň. Ol ýerde öz adamlarymyzy goýalyň – diýip,
Çagry beg Musa ýabguwa ýüzlendi.
– Ýok, ýok! – diýip, Ybraýym ynal (Ynanç) bu pikire çürt-ke­
sik garşy çykdy: – Häzir syrgynymyza dolanalyň, babamyň aşynysuwuny bereliň.
– Alyteginiň yzyndan kowmaga bize yjaza ber! – diýip, Çagry
beg Ybraýym Ynanja ýüzlendi.
– Siz bolmasaňyz, babamyň aşyny-suwuny men kime be­
reýin?!
Şonuň bilen gürrüň gutardy.
***
Masgaraçylykly ýeňlişden bir gün geçenden soň seljuk
begleriniň adyndan köşge – Alyteginiň ýanyna iki sany çapar geldi:
– Biz, seljuk begleri siz tarapdan ykrar edilen ýabgumyz Ýu­
sup begiň hem onuň ýanyndaky haşymlaryň hununy bermegiňizi
talap edýäris! Hunuň berilmedik ýagdaýynda biz Buharany ýer
bilen ýegsan etjekdigimizi, siziň Garahan hökümdarlygyňyzy
jähenneme iberjekdigimizi öňünden duýdurýarys. Jeýhundan
ilerdäki, Balkandaky jemagatlarymyzy kömege çagyrmasak-da,
228
sizi tohum-tijiňiz bilen ýok edip biljekdigimize düýn göz ýetiren
bolsaňyz gerek!
Garahan türkmenleriniň hökümdary Alytegin bu çaparyň
geljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin berilmeli jogaby öňünden
taýýarlap goýupdy:
– Ýusup ýabguwa men uly hormat goýýardym, onuň bilen
mydama gowy gatnaşykda boldum, oňa emir Ynanç Baýgu un­
wanyny berdim. Agzybirlikde ýaşamagy ähtleşdim. Arman, ol
menden ýaşyryn emirim Alp Gara bilen nämedir bir zat bara­
da tersleşipdir, şol tersleşikde Alp Gara ony öldüripdir. Men
bu zatlardan habarsyz galdym, Ýusubyň ölümini – doganymyň
ölümi hasaplaýaryn. Bir hepdeläp ýas tutmak barada ýörite per­
man berdim. Men Alp Garany bu etmişi üçin tutup jezalandyr­
makçy boldum. Ýöne ol menden gaç­dy, ony tutan dessime siziň
ygtyýaryňyza ibererin.
Alp Garanyň berilmejekdigini seljuk begleri bilýärdi, ýöne
olaryň arlaryny – hunlaryny aljakdyklary gara çynlarydy.
***
Bäş ýyldan soň Togrul beg ýene Hazaraspa geldi. Çünki bu
ýerde Alp Gara gizlenýärdi.
Alp Gara öz meslekdeşleri bilen Hazaraspyň ilatyny dyza çö­
kermäge gelipdi. Ýöne Bahadur Pählewan ony ele salyp, ýene
ýüz dinar gazanç etdi.
Alp Garany mundan bäş ýyl öňki duran ýerine – şäheriň ba­
zaryndaky giň meýdanyň dar agajynyň aşagyna getirdiler.
Alp Gara bäş ýyl mundan öň Togrul begi maýyl eden sözle­
rini totuguş deýin gaýtalaýardy:
– Adamlar, men ölümden gorkup aglamaýaryn. Ýok, men
yzymda sekiz sany çyrçykly çaganyň eklençsiz, ýetim galjakdygy­
na ýüregim awap aglaýaryn. Ýaşajyk çagalarym garlawajyň jüýje­
leri ýaly bolup, her gün meniň bir kesemen tötek eltip bererime
garaşýarlar. Men bolmasam, bigünä çagajyklarym aç öler: adam­
lar, maňa haýpyňyz gelmese-de, çagajyklaryma haýpyňyz gelsin!
Hunumy töläp, meni ölümden halas ediň! Men siziň gapyňyzda
ömrümiň ahyryna çenli mutyg guluňyz bolaýyn!..
229
Bu sözler Togrul bege tanyş sözler. Bäş ýyl mundan öň bu
sözler onuň ýüregini elendiripdi, güýçli täsir edipdi. Bu gün
welin, Togrul begiň ýüregi elenmedi, gaýtam, ýüregi bulanyp,
myrryhy atlandy.
Bu gezek Alp Gara emire hiç kim kepil geçmedi: hun alyş
hökümi ýerine ýetirildi...
Bu dünýäde her kim öz emeliniň pidasy.
5. Horezmin
Alytegin seljuklylary doly ýok etmek maksady bilen gara­
hanly jemagatlary aýaga galdyrdy, goşun jemläp ugrady. Diňe
bir garahanly jemagatlary däl, eýsem golaý-goltumdaky beglik­
lere-de çapar ýol­lady. Şu gezekki seljuk ýagysyndan dynmagyna
hemaýat eden ýaranlaryny görlüp-eşidilmedik derejede sylagla­
magy wada berdi.
Baýlyk, tylla, dinar!.. Görlüp-eşidilmedik derejede beriljek
sylag-engamlar – diňe bir mawerannahrlylary däl, hotanlylaryda ata atlandyrdy.
Buhara gelýän atly esgerleriň yzy üzülenokdy. Olaryň ählisi
Alyteginden köp mukdarda hatynan hantama bolup gelýärdi.
Buhara gelýän atlylar hakdaky habar günübirin Nur etra­
byna ýet­ýärdi.
Seljuk begleri maslahat geçirdiler.
– Näme etmeli? Heýtelede galmak gaty howply. Alyteginde
rehim-şepagat ýok.
Şol howsalaly günleriň birinde Jürjaniýadan Harun Altyn­
daşdan askudar26 geldi:
– Eý, seljuk begleri! Men siziň Alytegin bilen araňyzdaky
oňşuksyzlyklar hakda eşitdim. Siz howsala düşmäň! Size sol­
tan Mahmyt – jaýy jennet bolsun – uly hormat goýýardy.
Horezminiň musahhar kylynmagynda, babamyň şu tagtda
oturmagynda hyzmatyňyz az bolmady. Men gadyr bilýän adam.
Geliň. Siziň ýaly başarjaň adamlar maňa gerek. Men size eýe
çykaýyn. Mallaryňyza öri meýdan, özüňiz ýaşaryňyz ýaly, ekin
230
ekeriňiz ýaly ýer bereýin. Siz maňa bil baglap bilersiňiz. Men
size Gauhor, Şaruhan, Rabat Maşe etraplaryny ykta bereýin. Siz
ol ýerde rahat ýaşarsyňyz. Hiç kim size azar bermez.
Togrul beg maslahatda şeýle diýdi:
– Harun Altyndaşyň dergähine, onuň bilen anyk pikir
alyşmaga men gideýin.
Şol günüň ertesi Togrul beg iki ýüz atlysy bilen Ürgenje
ugrady.
Onunjy hekaýat
BURUN ÝÜZDEN DÜŞMEZ
Ö
ň näme etjek bolsa, ejesine, akgyzyna, gapydana aý­
dardy, olara sala salardy.
Indi onuň nirä barýanyny, näme etjegini mydama hyz­
matynda ylgap ýören akgyzam bilenokdy.
Öň kimi ýigrenýändigini, kimi gowy görýändigini aýdardy. Indi
onuň Togrul beg hakda näme pikir edýändiginem bilip bolanokdy.
Öň Togrul bege nälet okardy.
Sawçylykdan soň welin, Togrul beg hakda ne ýagşydan, nede ýamandan hiç zat aýtmaýardy.
Akgyz Gülýüzliniň içini it ýyrtýardy, sebäp ol razdanlyga
halysan öwrenişipdi.
Soňky wagtlarda olaryň uzynly gün gürleşmeýän gezekleri
köp bolýardy.
Mundan ýedi aý öň – Musa ýabgu dagy guda bolup, zatlaryny
geçirip gidenlerinden soň Togrul beg iki gezek gelipdi. Abdylmälik
hanyň razylygy bilen Altynjany alyp, sähra atly gezelenje çykypdy.
Elbetde, olaryň ýanynda Gülýüzli hem bardy. Ol atyny
olaryň atlaryndan ýigrimi-otuz zirag yzdan sürüpdi. Şeýle bolan­
soň olaryň nämeleri diýendiklerini oňly eşidip bilmändi.
232
Dogrusy, olaryň arasynda hezil edip diňlär ýaly, oňly gürrüň
hem bolmandy.
Altynjan ýeke agyzam söz aýtmandy, esasan, Togrul beg
gürläpdi.
Öňli-soňly eşiden sözlerinden çen tutan Gülýüzli gürrüňiň sel­
juk nesebi, öňde goýlan maksat – ertirki gün hakdadygyny aňypdy.
Eşiden zatlarynyň Gülýüzlä jinnek ýaly-da gyzygy, geregi
ýokdy, sebäbi ol aýdylýan zatlary bäş barmagy ýaly bilýärdi.
Togrul beg şol gezek Altynjana şeýlebir owadan gülýaka
sowgat getiripdi.
Ol şondan on dört günden soň ýene Zamahşara gelipdi,
ýöne soňky gezek gezelenje çykjak bolmandy. Jürjaniýadan
gelýändigini aýdypdy, Altynjana bir horjun sowgat getirip­
di. Horjunyň içinde şirmaýy darak, iki jübüt zenan hokgasy,
sümsüledir silsile, altyn bilezik, ýeňlik, iki geýimlik kumaç, bir
geýimlik atlaz mata, herdürli süýji, kişmiş, hoz maňzy bardy.
Togrul beg içeri girip naharlandy, uzak eglenmänem
gitdi. Şol gezek Togrul beg Altynjan bilen howluda duşuşyp,
hal-ahwal soraşmak bilen çäklendi.
Şol gezekden bärem beg gara berenokdy.
Gülýüzli melikesinden ýeke bir zat bilmek isleýärdi (bu
emiriň tabşyrygydy): Altynjan Togrul bege durmuşa çykjagyna
begenýärmi ýa-da gynanýarmy?
Hernäçe islese-de, Gülýüzli melikesiniň içki pikirini teý
anyklap bilenokdy. Bir görseň, ol Togrul bege durmuşa çyk­
jagyna nägile däl ýalydy: «Men Togrul bege nähak töhmet
atypdyryn» diýip örtenipdi. Ýöne ol soň Togrul beg hakda hiç
zat aýtmady. Onuň bolşy Togrul beg ýadyna düşmeýän ýalydy.
Eger beg hakda bir zat diýilse, sesini çykarman diňleýärdi,
ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtmaýardy.
Şeýle bolansoň, onuň Togrul beg hakda nähili pikiriniň
bardygyny biler ýaly däldi.
Ýedi aý geçdi, Togrul şindem gara berenokdy, ýöne ol hak­
daky myş-myşlaryň welin, yzy üzülmeýärdi.
Altynjanyň güni geçmeýärdi. Ýogsam ol gaty köp zat bi­
len gyzyklanýardy. Boýdaşlary bilen bagda gezelenç edýärdi.
Wagtynyň köpüsini Anuşirwan bilen gylyçlaşmakda, pyçak at­
233
makda, ýaýda nyşana urmakda türgenleşikde geçirýärdi. Çapyp
barýan Akgaryň üstünde her hili oýunlary etmegi öwrenýärdi.
Altynjanyň galada gowy görýän, ezizleýän ýeke-täk adamy
Anuşirwandy. Tüweleme, Anuşirwan pähim-paýhasly, alçak,
suhangöý, nazarkerde, peşeneli ýigit bolup ýetişjek. On dört
ýaşynda ol äpet bir ýigide meňzeýär. Öwrenmek maksady bilen
haýsy bir zadyň başyna barsa, emgenmän maksadyna ýetýär.
Onda tebigy üşük bar. Ýaýda nyşana urmakda Zamahşarda onuň
bilen deňleşip biljek adam ýok. Gurhanyň ýarysyndan gowragyny
ýatdan bilýär. Ýatkeşligi şeýle gowy bolansoň, arap, pars, ýunan
dillerini öwrenmek oňa o diýen kyn düşmedi. Altynjan dagynyň
ýedi-sekiz ýylda öwrenen dillerini Anuşirwan bäş ýyldan gowrak
wagtyň içinde özleşdirdi. Altynjanyň göwnüne bolmasa, öwre­
dilýän zatlary Anuşirwan öňem bilýän ýalydy. Bu gün Sadyllanyň,
ekizleriň, Altynjanyň bilýänlerini Anuşirwanam bilýär.
Altynjan Anuşirwany aşa gowy görýärdi, ony gözüniň göreji
deýin goraýardy, aňsat-aňsat biynjalyk etmezlige çalyşýardy.
Ol kenizi Gülýüzlini-de gowy görýärdi. Käteler gylyçlaşmak
türgenleşigini Gülýüzli bilen geçýärdi. Gylyçlaşmak babatda pola
akgyz çöňňedi. Ol haçan görseň şikeslidi: bir görseň, ol agsak­
lap ýörendir, ýene bir gün görseň, şikesli elini boýnundan asyp
ýörendir, ýene bir gün gözleriniň aşagy göm-gökdür, çişden ýaňa
gözem görünýän däldir, gözüniň görmeýändigi üçin, Gülýüzli
nirä gitse, Altynjan onuň elinden tutup, idip ýörendir.
Köp kişi Altynjanyň bolup ýörşüne düşünmeýärdi: kim
kime akgyz?! Göräýmäge, Gülýüzli Altynjana hyzmat etmeli­
dir welin, ýok, beýle däl, Altynjan köplenç Gülýüzliniň hyz­
matynda, elbetde, sylaşyk bir gowy zat. Adam birini gowy görse,
onuň baýdygyna, garypdygyna seretmez eken...
Gülýüzliniň beýle dertli halyna gyýlyp, Hajar hatyn soraýar:
«Altynjan, Gülýüzlä näme boldy? Maňlaýy çilik ýaly-la, onuň?»
diýip. Altynjan derrew jogap berýär: «Öten agşam daşary çy­
kanda daşa büdräp maňlaýyny ýardyrdy, görgüli». Ene birki
günden soň, ýene gyzyndan soraýar: «Altynjan, akgyzyňa indi
näme boldy? Öten agşam-a: «Daşa büdredi» diýdiň. Bu gün ol
ag­saklap ýöreýär-le?»
«Aladaňdanlar daşa büdräp aýagyny agyrdypdyr».
234
«Wa-weýla, görgülä näme bolsa garaňkylykda bolýar. Ga­
raňkyda hiç zat saýgarýan däldir-dä?!»
«Dogry, Gülýüzli garaňkyda eger-eger hiç zat görenok. Haçan
görseň, daşa büdräp ýör! Ol onda gijekör diýilýänleri bolmaly.»
Altynjan ýok wagty Gülýüzlüden soralsa, ine, iň kyny şol. Ol
görgüli näme jogap berjegini bilmän gara heläk bolýar. Sebäbi
ol nobatdaky şikesi hakda öýdäkilere Altynjanyň näme bahana
tapjagyny bilenok. Ýalňyşmakdan bolsa Hudaý saklasyn! Onsoň
Gülýüzli ýalňyşmakdan heder-ätiýaç edip, gysgaça jogap berer:
«Maňa näme bolandygyny Altynjandan soraýsaňyzlaň. Meniň
derdimi şondan gowy bilýän ýok».
Gülýüzli käte hüňürdär: «Eý, Hudaý, mende näme günä
bar? Tog­rul ýerçeken gelmese, bu urkaçy meni urup-urup öl­
dürjek».
Ýokarda bagt – gut getirýän guşuň peýda bolandygyny,
meli­kesiniň Habyl bilen gut bermegini dileýändiklerini eşiden
Gül­ýüzli teblehananyň aňyrsyna – bagyň içine bakan ýumlukdy.
Ol bagda bir giňiş ýer tapyp, bürgüde dileg saldy:
– Eý, guş! Meni diňle, meni! Günde telim ýola zulum
hem sütem görýän naçaryňy diňle! Öňde-soňda meni ýalkajak
bolsaň, onda şu gezek ýalka! Ber gut! Ber gut! Ber gut! Eý, guş!
Kynyklarda Tog­rul diýen bir beg bolmaly, şol beg tizden-tiz
meniň melikäme eýe çyksyn. Özem ony her gün gamçylap ur­
sun! Özünden gid­ýänçä, jyn uran ýaly edip ursun, ursun, gije­
lerine bolsa myžžygyny çykaryp ursun! – Birden Altynjan geler
öýdüp gorkýan bolarly, Gülýüzli telim ýola töweregine garanjak­
lady, durşuna gulaga öwrülip, bagyň içine diň saldy. – Maňa
haýpyň gelsin. Eger meniň ýumşumy bitirmeseň, onda hanyň
bu ganjygy meni urup öldürer! Eý, guş, meni halas eýle! Maňa
berjek gutuň – melikämiň zulumyndan halas etmegiň! Maňa bu
dünýäde başga gut gerek däl!.. Togruly getir! Tiz getir!..
***
Altynjan mahal-mahal biçak gaharjaň bolardy, sähel zat üçi­
nem alagykylyk ederdi. Bar sütemem Gülýüzlä düşerdi.
235
Altynjanyň kimdir biri bilen gürleşesi, raz aýdyşasy gel­
ýärdi. Soňky günler onuň iň ýakyn razdany – özüdi, özi bilen
gürleşmegi gowy görýärdi. Ol özüne ähli syryny açýar, özi-özü­
ne düşünýär. Özi-özüniň üstünden güljek bolmaýar. Ulumsylyk
etmeýär. Onsoň özi bilen razdar bolmak Altynjana ýakymly,
amatly. Ýöne Altynjan özi bilen gürleşip, soňundan akylyndan
jyda düşmekden gorkýar. Ol her alabaharda galanyň daşyndaky
bir garyş bolan ýaşyl maýsalyga barýardy, ýeriň ýüzüni örten
mahmal deýin ýakymly maýsalygyň üstünde ýatmagy, agna­
magy gowy görýärdi. Daýhanlar onuň agnaýşyny görenlerinde
elewräberýärdiler. Oňa: «Ekinimizi zaýa edýärsiň» diýmäge het
edip bilenokdylar. Alty aýda bir, bir aýda alty garyş ösýän bu
ekiniň1 maýsasynyň üstünde ýatmakda jana ýakymlylyk bardy.
Altynjan maýsanyň üstünde ýatyşyna tä ýadaýança togalanýardy.
Bahym bu-da ony irizýärdi. Ol durmuşdan gözleýän lezzetiniň
bu ýerde-de ýokdugyna düşünýärdi.
***
Weýl-weýla, gala oňa biçak darlyk edýärdi. Ol uzak-uzak ül­
kelere gitmek isleýärdi.
Ol geljegine gitmek isleýärdi.
Gala – heminzaman.
Ýaşaýyş, durmuş – heminzaman. Altynjan heminzamandan
ýadapdy.
Ol özüniň rahatyny diňe geljekden tapyp biljekdi.
Ol özüni düşen agyr gününden halas edip biljek ýeke-täk
bir adamy görýärdi.
Ol özüni gelejegine alyp gidip biljek adam hökmünde bir
adamy göz öňüne getirýärdi.
Ol adam – Togrul begdi.
Altynjan üçin Togrul beg – geljekdi.
***
Altynjan kakasynyň şahynyny awa salmagy biçak gowy gör­
ýärdi. Elguşuny awa salanda ol hakyt özi uçup, awa okdurylýan
ýaly, düýrmegi bilen göze öwrülerdi, şahyn (ak laçyn) hakda
236
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 15
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.