Latin

Altynjan hatyn I - 13

Total number of words is 3732
Total number of unique words is 2010
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
len başlan, asla başa barmajak ýaly görnen işleri mydama şow
tapýardy.
– Başbugluk ygtyýarlygyny bersem, bäş ýylda haýsyňyz näçe
atly taýýarlap biljek? – diýip, soltan Mahmyt oturanlara soragly
bakdy.
Arslan hanyň unamagy bilen Dawut Çagry beg ýerinden turdy:
– Merhemetli soltan, men ynamyňyzy ödärin, Balkandan
baş­bugluk ygtyýaryny berseňiz, çen-takmyn elli müň atly ýygnaryn.
Arslan hanyň makullamagy bilen Gyzyl ýerinden turdy:
– Balkan daglaryndan başbugluk berseňiz, men bäş ýylyň
içinde ýigrimi müň atly ýygnaryn. Her aýda oljadan hams böle­
gini-de size ugradaryn.
202
Arslan hanyň makullamagy bilen Ýagmyr ýerinden turdy:
– Balkandan başbugluk ygtyýarlygyny berseňiz, arkamda
dur­saňyz, Hindiguş dagyny Hindistanyň depesinden ahyrza­
man edip indererin! Goşunyň esgerleriniň sanyny çen-takmyn
ýüz müňe ýetirerin.
Arslan hanyň makullamagy bilen Gökdaş beg ýerinden turdy:
– Men diýen ýaşym, soltan Mahmyt patyşam, seljuk jema­
gatym barka meniň bitirmejek işim bolmaz. Siz maňa bil baglap
bilersiňiz. Goşunyň atlylarynyň sanyny ýüz müňden geçirerin.
Arslan hanyň razylygyny alan Enesiogly ynam bilen ýerin­
den turdy:
– Jibalda 13, Azerbaýjanda ýerli ilat deýlemlilerden ýaňa gan
aglaýar. Olaryň tepbediniň okaljagyna azda-kände gözleri ýetse,
siziň gullugyňyzda durjak musulmanlaryň sany ýüz müňdende geçer. Başbugluk ygtyýarlygyny berseňiz, söweşe tejribeli
atlylaryň sanyny çen-takmyn ýüz müňden-de geçirerin.
Arslan hanyň ygtyýar bermesinden soň Buka beg ýerinden
turdy:
– Musulmanlar sizi, merhemetli soltan, özleriniň Alla tara­
pyndan ýörite iberilen halasgäri hasap edýärler. Musulmanlar
özleriniň büweýh, kaku hanedanlygynyň eden-etdiliklerinden
dyndarmagyňyza gününi sanap garaşýarlar. Musulmanlaryň
ezýetden halas bolmagyna, Hindistan ülkesiniň ilatynyň musul­
man bolmagyna goşant goşmak, sogap gazanmak üçin gije-gün­
diz yhlas ederin. Islän pursadyňyz elli müň atly bilen huzuryňyza
bararyn. Ýöne munuň üçin maňa bäş ýyl möhlet gerek.
Arslan hanyň razylygyny alan Mansur Dana bilen Gyzoglyda ýerinden turup, eger özlerine başbugluk ygtyýarlygy beril­
se, bäş ýylyň içinde on müň atly ýygyn taýýarlap biljekdiklerini
aýtdylar.
Soltan Mahmyt Gaznaly seljuk begleriniň eden töwekgel­
liklerine, merdi-merdana gep uruşlaryna çoh hoşal boldy. Sol­
tan oturanlara garaşylmadyk sowal berdi:
– Siz näme üçin Balkan daglarynda, Hazar deňziniň sebit­
lerinde başbugluk etmekçi bolýarsyňyz? Näme üçin Maweran­
nahr, Hotan, Fergana, Baýköl, Balasagun, Kawkaz, Itil sebitle­
rinde başbugluk etmek islemeýärsiňiz?
203
– Onuň düýpli sebäbi bar, kyblaýy älemim – diýip, Arslan
han sözüne dyngy berdi.
– Nähili sebäp ol?
– Biz kynyklar – Deňiz hanyň nebereleri. Ganymyzda
Deňiz hanyň gany aýlanýar. Şeýle bolansoň, ýüreklerimiz Hazar
deňzine talwaslanýar. Biz diňe deňze ýakyn sebitde rahatlyk ta­
pyp bileris. Deňiz bize güýç-kuwwat berýär.
Arslan hanyň jogaby soltany kanagatlandyran bolarly, ol
makul­laýjy baş atdy:
– Siz meniň şalygymyň büweýh şalygy bilen serhetleşýän
sebitlerinde Balkanda, Balkan daglarynda – türkmenleriň
arasynda erkin hereket edip bilersiňiz. Meniň goragçy goşunym
size päsgel bermez. Her jemagat her ýyl maňa paç tölesin.
Ylalaşyldy.
Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan hana ýüzlendi:
– Arslan han, bu başbuglar ähtine ikilik etseler, men hasa­
baty kimden soramaly, kime jeza bermeli?
– Biziň beglerimiz ähtine ikilik etmezler. Şu ýigitleriň ähtle­
rine wepaly boljakdyklaryna men gara başymdan güwä geçýärin.
Jezany maňa beriň.
– Ähli zat siziň aýdyşyňyz ýaly bolsa, onda bu meniň üçin
has hem gowy, ýöne men her hili ahwalata duş geldim. Şonuň
üçin men Arslan hanyň iň ýakynlarynyň birini, belki-de, özüni
öz ýanymda agöýli hökmünde saklamaly bolaryn.
– Merhemetli soltan, biz siziň emriňize kaýyldyrys. Siz näme
diýseňiz, biz şonuň bilen bolarys, size sadykat gulluk ederis. –
Oturanlar Arslan hanyň sözüni makullap baş atdylar.
Biraz oýlanan soltan gutarnykly karara geldi:
– Araňyzdan agöýlüni özüm saýlap aljak.
Soltan bu hakda soň goşmaça habar berjekdigini aýtdy.
Şunuň bilen gürrüň gutardy.
Soltan seljuklylary Heýtelede galdyryp, goşunynyň öňüne
düşüp Gazna gitdi.
Seljuklylaryň begençleriniň çägi ýokdy. Olar gazanylan
ýeňiş bilen biri-birini mübärekleýärdiler.
204
***
Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan hanyň ýabgulygyny hem
ykrar edipdi, ony ähli seljuk jemagatlarynyň ýabgusy diýip at­
landyrypdy.
Soltanyň bu ynamy – gaty uly ynamdy. Başbuglaryň wezipesi
soltanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekdi.
Wezipe gaznaly şalygynyň çäklerini giňeltmekdi. Günba­
tardaky büweýh, kaku, rawwat, bawan, musafir (salar), ziýar
şalyklaryny 14 gaznaly soltanlygynyň tabynlygyna girizmekdi. We­
zipe bu kiçi soltanlyklary Gazna soltanlygynyň tabynlygyna ge­
çirmek bilen hem çäk­lenmeýärdi. Başbuglar petih kylan ýerle­
rinde gaznaly soltanlygynyň tarypyny ýetirmelidi we Hindistana,
Rumustana jihat etmek üçin köp esger, gulam taýýarlamalydy.
Arslan han soltan Mahmyt Gaznala bäş ýylyň içinde öz­
lerine ynanylan zatlaryň ýerine doly ýetiriljekdigine, Günba­
tardaky kiçi döwletleriň, nesip bolsa, teshyr kylynyp, gaznaly
soltanlygynyň tabynlygyna geçiriljekdigine kepil geçdi.
***
Seljuk jemagatlary Balkanda Mahmyt Gaznalynyň tabşy­
rygyny ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmadylar,
köpsanly galalary, şäherleri petih kylyp, olardan alnan oljalary
Gazna gönderdiler. Iki-üç ýyldan soň Gazna soltanlygynyň ýyl­
lyk girdejisiniň köp bölegi seljuk jemagatlarynyň ýygnaýan olja­
laryndan ybarat boldy.
Seljuk jemagatlary has uzaklara gitdiler. Çagry begiň baş­
buglygyndaky jemagat üç ýylyň içinde Wizantiýa kaýsarlygynyň
tabynlygynda bolan ermenileriň Waspuragan we Ani korollyk­
lary bilen gazaply darkaşlar gurup, olary özüne tabyn eýledi we
olary uly möçberlerde paç tölemäge mejbur etdi 15.
Çagry beg özüne tabşyrylan işi üç ýylda bitirip, mundan
buýanky etmeli işleri Dana Mansura tabşyryp, Azerbaýjandan
Mawerannahra dolandy.
205
***
Soltan seljuk başbuglaryndan, jemagatlaryndan hoşaldy.
Onuň uly hormat goýmagy, musulman dünýäsinde at-abraýlary­
nyň artmagy garşydaşlaryň döremegine sebäp boldy. Pyntygyň gel­
jekki miwäniň alamaty bolşy deýin, at-abraý gazanmak, iliň öňüne
düşmek hem özüňe duşman, garşydaş gazanjakdygyň alamaty.
Hakykatdan hem seljuklylaryň at-ab­raýlary artdygyça garşydaşlaryda köpeldi. Olar kä açyk, kä misginlik bilen seljuklylaryň bagt­
laryna boran ýagdyrmagyň kül-külüne düşdüler, soltan Mahmy­
da seljuklylaryň «eden-etdilikleri» hakda birsyhly habar ýetirip
durdular. Soltanyň iň ýakyn emiri, Hyradyň gaýduwsyz häkimi
Ahmet Jazyp pikirini açyk aýtdy:
– Siz kynyklara gaty uly ynam bildirýärsiňiz, soltanym. Olar
birden size garşy baş göteräýmesinler?! Meniň eşiden habarlary­
ma görä, olaryň pygyllary düzüw däl. Seljuklylary, iň gowusy,
Amyderýadan Horasana geçirmeli däldik, olary Amyderýa gark
etmeli ýa-da ok atyp bilmezleri ýaly, ählisiniň başam barmak­
laryny kesmeli.
– Olar biziň doganlarymyz ahyryn! Olar hem edil biz ýaly
oguzlar ahyryn! Gör, sen nähili doňýürek ekeniň – diýip, soltan
iň ynamdar, iň batyr emirine garşy çykdy 16.
Her kim maksadyna bir ýol bilen ýetýär. Kim başa-baş
söweşlerde darkaşyp ýetýär, başga biri köşkde «saman astyndan»
suw goýberip ýetýär. Seljuk begleri Balkanda söweş-petih edýär­
diler, olaryň duşmanlary bolsa köşkde olara garşy göreşmegiň –
ýeňmegiň her hili ýollaryny gözleýärdiler. Soltanyň seljuklylaryň
wepadarlygy hakdaky berk ynamyna talaň salýardylar. Sel­
juklylaryň edýän «talaňçylyklary» hakda ýerli ilatdan köşge bir­
syhly arza-şikaýat barmagyny gurnaýardylar, ol arza-şikaýatlar
günübirin soltana ýetirilýärdi.
Farawda ýerli ilat gozgalaň etdi. Bu gozgalaňy eden ýerli ilat
bolsa-da, soltana seljuklylaryň eden-etdiliginiň biri hökmünde
habar berildi.
Seljuklylar işleriniň küşatlygy, rowaçlygy üçin bahyllaryň
duşmançylygynyň ejirini çekmeli boldular.
206
Ikinji duşuşygyň beýany
1022-nji ýyl.
Soltan Mahmyt Gaznalynyň Ysraýyl ýabgu – Arslan han bilen
ikinji duşuşygy Samarkant şäheriniň eteginde bolup geçdi. Sol­
tan özüniň Arslan hanyndan onuň tabynlygyndaky başbugluk
ygtyýarlyklaryny alyp, Balkan daglaryna giden seljuk begleriniň
bäş ýyldan gowrak wagtyň içinde bitiren işleri hakda hasabat so­
rady. Gürrüň örän gysga boldy.
«Soltan Arslan hany mynasyp garşylap:
– Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip bilersiňiz? – diýip,
Ysraýyldan soraýar.
Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp:
– Şu oky ýollasaňyz, Balkandan otuz müň goşun geler – diýipdir.
– Eger köpräk gerek bolsa?
– Onda şu oky ýollasaňyz, ýene on müň atly-ýaragly ýigit geler.
– Eger has köpräk goşun gerek bolsa?
– Şu oky Balkan daglaryna iberseňiz, ýüz müň goşun geler.
– Has köp goşun gerek bolaýdy-da?
– Şuny Türkmenistana iberseňiz, bäş ýüz müň atly-ýaragly goşun
diýseň-de geler – diýip, Ysraýyl başga bir ok berýär».
Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi.
Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty. 1-nji jilt.
Arslan hanyň başarnygy – mundan bäş ýyl öňki beren sözün­
de tapylanlygy, hiç hili nyýaz bermesizden şeýle köp mukdarda
goşun jemläp biljekligi soltan Mahmyt Gaznalyny howpurgatdy,
wezir-wekilleriniň birsyhly maslahatlaryndan soň, ony agöýli
hökmünde saklamagy makul tapdy. «Ýabguny ýanyndaky ýüz
otuz sany haşymy hemem ogly Gutulmyş bilen mundan bir ýyl
öň teshyr eýlän Hindistandaky Kelejar galasyna ugratdy» 17.
Soltan seljuklylara ilçi iberdi. Ilçi soltanyň seljuklylary hor­
matlaýandygyny, bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berýändi­
gini, şeýle-de bolsa ata-baba resimine eýerip, Ysraýyl ýabguny
207
ýüz otuz haşymy, ogly Gutulmyş bilen agöýli hökmünde sakla­
maga borçludygyny, bu hakda öň aýdandygyny, ylalaşandygyny,
«tabynlygyňyzy we çyn ýürekliligiňizi öňküden hem artdyran
ýagdaýyňyzda, mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde olara
patyşa sowgatlaryna laýyk derejede yzyna gaýtmaga rugsat beril­
jekdigini» 18 aýtdy.
Seljuklylar «soltan Mahmydyň abraýyny, güýjüni we beren
sözüni ýerine ýetirjekdigini göz öňünde tutup, ilçä köp möçber­
de sylag-serpaý berip, özleriniň mundan beýlägem gulluga çyn
ýürekden taýyndyklaryny, edýän hyzmatlaryny kemmejekdikle­
rini aýan etdiler. Olar ilçä: «Soltanyň ähli permanlaryny ýerine
ýetirmegi özümiziň wezipämiz hasaplaýarys. Biziň hemmämiz
onuň sadykat gullarydyrys» diýdiler. Soltan Mahmyt dirikä oňa
garşy çykmadylar» 19.
3. Hun
Birinji rowaýat
Möjek özünden ejiz bolan şagaldyr tilkini dalap-dalap ça­
lajan edensoň, sürenine eltip, güjükleriniň ygtyýaryna berýär.
Güjük­ler başda howatyrlanýarlar, soň nätanyş bilen basalaşyp
görýärler welin, görseler, olarda asyl ysgyn-deramat ýok. Gü­
jükler garşylyk görkezmäge ragbaty bolmadyk şagaldyr tilki­
ni dalamaga başlaýarlar, derrewem ýyrtyjyny çekeläp-çekeläp
öldürýärler. Şeýlelikde, möjek güjükleri gorkyny bilmän,
ynam bilen topulmagy endik edinýärler. Ynam – ikinji güýç.
Ynam – güýjüň ýarysy, ýeňşiň ýarysy. Ynam bilen garpyşylanda
garşydaşyň howy basylýar.
Mykaýyl beg ogullary Dawutdyr Muhammet bilen gündegünaşa basalaşardy, «gäwür-gäwür» oýnuny oýnardy, şonda iki
dogan äpet göwreli Mykaýyl begi ýeňerdiler. Olar kakalarynyň
üstlerine çykyp, aman soramagyny talap ederdiler. «Gäwür»
aman berilmegini özelenip-özelenip sorardy. Gardaşlar: «Gäwü­
re aman bermelimi ýa bermeli däl?!» diýip, maslahat ederdiler.
«Gäwür» sähel maý tapsa, turup gaçardy. Doganlar «gäwüriň»
yzyndan kowardylar, yzyndan ýetip, «öldürýän» pursatlary köp
14*
209
bolardy. «Gäwür» birmeýdan ýatardy-da, soň ýerinden turardy.
Ýöne bu gezek ýagdaý başgaça boldy. Ýagdaýyň başgaçadygyny
doganlar bada-bat duýdular, duýmaz ýaly-da däldi.
Ine, Muhammediň kakasy arabanyň üstünde «gäwürgäwür» oýnundaky ýaly, süýnüp ýatyr. Gözleri açyk. Döşüne
hanjar urlupdyr, eşikleri, arabanyň köp ýeri gara gan. Muham­
met kakasynyň öňki gezekdäkileri ýaly ýene ýerinden turma­
gyny isledi, ýöne kakasy turmady. Muhammet erbet bir zadyň
gopandygyny syzyp howpurgady.
Seljuk ibn Dukak Muhammediň kakasynyň döşünden han­
jary sogrup aldy-da, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi.
– Babam turanok! – diýip, Muhammet çirkin bagyrdy.
Onuň sesine Dawut ylgap geldi. Ol kakasyny yralap-yralap oýar­
jak boldy.
Seljuk beg töweregindäkilere azgyryldy:
– Nireden çykdy bular? Äkidiň başga ýere!
Dawut bilen Muhammediň haýyna-waýyna bakman olary
daýzalarynyňka äkitdiler. Olaryň özleri aglap, özleri diňdi, ola­
ra hiç kim üns bermedi. Çünki şol wagt her kim Mykaýyl begi
depin etmek bilen başagaýdy.
Şol günüň ertesi iki dogan gana bulaşyp ýatan hanjary
atasynyň zyňan ýerinden tapyp aldy. Şol hanjar olaryň iň pynhan
syryna öwrüldi.
Iki dogan alty ýyllap kakasyny öldüren adamy tapmak hem
ondan hun almak maksady bilen ýaşady:
«Kakamyzy öldüren adam kim?»
Şol gezek Mykaýyl beg Jent şäherine giden eken. Onuň
Aly patyşanyň ýegeni Ýylmaz Ok bilen bazaryň derwezesiniň
öňünde nämedir bir zadyň dawasyny edip durandygyny görüp­
dirler. Iki dogan kakasynyň Ýylmaz Ok bilen dawalaşyp duran
pursadyny gören adamlar bilen duşuşdylar. Başga-da köp adam­
lar bilen gürleşip gördüler.
Ýylmaz Ok diýlen adamyň näjüre adamdygyny anyklady­
lar. Ýyl­maz Okuň süri-süri dowary, gylýaly bar eken. Şamälik
Jendiň emiri bolansoň, onuň ýegeniniň towugyna tok diýip
210
bil­ýän adam ýok eken. Ýylmaz Ok Jent şäheriniň bir kirwe gü­
nortasynda ýerleşýän Meleket atly kiçeňräk obada ýaşaýan eken.
Ýyl­maz Okuň ejesi nämedir bir zada gahar edip, gije uklap ýa­
tan ärini pyçaklap öldüripdir. Ýylmaz şondan soň ejesinden
gorkuda ýaşapdyr.
Ol meýlis guramakdan, şol meýlislerde özüni wasp etdir­
mekden aşa lezzet alypdyr.
Dawut Meleket obasyna gelip, kakasynyň döşünden sog­
rulyp alnan hanjary obanyň dört-bäş adamyna görkezdi. Adam­
lar hanjary içgin synlap: «Bu hanjar Işşat demirçiniň ýasan
hanjary. Häzir demirçi ýok. Ol mundan üç ýyl öň ýogaldy. Işşat
ussanyň kime ýasap berendigini takyk bilmeýäris. Hanjar gaty
yhlas edip ýasalypdyr. Diýmek, hanjar garamaýak adam üçin-ä
ýasalan bolmaly däl» diýdiler.
«Kimiňki bolup biler?»
«Obamyzyň kethudasy, Şamäligiň ýegeni Ýylmaz Okuňky
bolmagy mümkin»
***
Ýylmaz Ok bir gün uly toý edip, Daşpolat atly ýalňyz ogluny
öýerdi. Toýa Şamäligiň hut özi bekewüllik etdi.
Jent sebitinde öň köp görünmedik Muhammet toýa beze­
nip-beslenip bardy. Egnindäki eşigine, saý atyna seredip, ony
dereje-mertebe bilen garşy aldylar. Ol özüni «Balhly bezirgen»
diýip atlandyrdy.
Toý desterhanyna her dürli tagamlar çekildi, iýlip-içildi.
Toý beýemçisi Togrula ýüzlendi:
– Balhly ýigit, biziň ilde şeýle bir äp-däbi bar: toýdaky agyr
naharlardan soň, alysdan gelen myhmana kesdirip, buz ýaly
garpyz iýýäris.
– Çoh gözel dessuryňyz bar eken. Siziň bu dessuryňyz hak­
da eşidipdim. Dogrusy, häzirem garpyz iýip bolmazmyka diýip
göwün ýüwürdip otyrdym. Belki, maksadyma ýeterin... – diýip,
Togrul bilindäki lowurdap duran hanjary eline aldy. Ol toýa
baranda-da garpyzly dessura bil baglap barypdy. Togrul hanjary
oturanlara güýjeňleýän ýaly, galgadyp-galgadyp, garpyz dilim­
211
ledi. Oturanlaryň nazary hanjarda eglenen bolsa-da, ol hakda
ýagşydan-ýamandan dil ýarylmady. Onsoň onuň özi dil ýarmaly
boldy: ol gapdalynda oturan ýüzi birki sany tyg yzly goja ýüzlendi:
– Tagsyr, hanjarymy neneň gördüňiz? Men bu hanjary
mundan alty ýyl owal siziň obaňyzdan o diýen uzakda bolmadyk
düşlegden tapdym. Kimdir biri ýadyndan çykaryp gidipdir
muny. Dogrusy, bu hanjary menden köp gezek satyn aljak bol­
dular, ýöne men satmadym, eýesini tapyp gowşurmak isledim.
Ýüzi tyg yzly goja hanjary synlady:
– Hanjaryň-a şu töweregiň hanjary. Işşat ussa ýasardy şeýle
hanjarlary.
– Dogry, dogry, Işşat demirçiň ýasan hanjary ol – diýip, otu­
ranlar ýerli-ýerden ýüzi tyg yzly gojanyň sözüni makulladylar.
– Ýylmazyňky bolaýmasyn?!
– Be, şo hanjaryň-a maňa gaty tanyş görünýär – diýip, Ýyl­
maz Ok hanjary eline aldy, eýlesine-beýlesine seretdi. Soňam
Togrula şübheli nazar aýlady: – Beg ýigit, sen Balhdan geldim
diýdiň-ä?!
– Biz bir gezende adam, tagsyr – diýip, Togrul sowuk jogap
berdi.
– Hanjar meniňki. Muny Işşat ussa ýasapdy. Ol görgüli
ýogaldy. Ýöne obamyzyň adamlarynyň ählisem onuň ýasan han­
jarlaryna beletdir.
– Tagsyr, seniňkidigine doly göz ýetirmesem, men bu hanjary
saňa berip bilmerin. Men bu hanjaryň hakyky eýesini tapmaly.
– Haý, balhly bezirgen, sen bir hanjaryň gürrüňini edýärsiň.
Meniň beýle hanjary galdyran, zyňan ýa sowgat beren gezekle­
rim az bolan däldir, durmuşda. Bermeseň, berme. Goý, bu han­
jar seniňki bolsun. Meniň bu gün ýiten bir hanjaryň dawasyny
edesim gelenok.
– Dogry aýdýarsyň, gep hanjarda däl, gep adalatda.
– «Adalatda» diýdiňmi? Ol nämäniň adalaty? Şu günki
alýan hatynymyzyň ady Adalat. Sen şonuň-a gürrüňini edýän
dälsiň? Ha-ha!
Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler.
Ýylmaz Ok elindäki hanjary balhly bezirgene berermen bo­
lup uzatdy, ýöne soň ýene yzyna alyp, hanjary synlady:
212
– Şuş-şu pilleki ýaly ýadymda, hanjaryň ýüzüniň, ine, şu
ýeri gädilip durandyr. Muny oglum ümbilmezlik edip daşa
urup-urup gädipdi. Daşpolat, ýadyňdamy, şu gädik – diýip, ol
öýlenýän ogluna – özünden üç adam aňyrda oturan mor sakgalmurtly, deşli ýigide ýüzlendi. Öýlenýän ýigit, megerem, ýadyna
salyp bilmedi, ol esli salym böwrüne diň salyp oturdy, soňam
kakasynyň göwni üçin makullap öwran-öwran baş atdy.
– Bezirgen ýigit, ýitigimi tapanyň üçin sen menden näme­
dir bir zat hantamamyň?
– Elbetde. Hökman bermeli bolarsyň. Hantamaçylyk däl bu.
– Näme isleýärsiň?
– Ony kazy çözsün!
– Bir hanjar üçin kazylaşyp ýörüp bolmaz-a!
– Bolar! Beriň maňa hanjary!
– Hanjar meniňki, ýöne onuň maňa geregi ýok, goý, ol
seniňki bolsun, bezirgen.
– Maňa başganyň zady gerek däl. Eger hanjar hakykatdan
hem seniňki bolsa, onda ony ynandyrmaly bolarsyň.
– Ine, şu oturanlar meniň şaýatlarym. Saňa başga nähili
şaýat, başga nähili ynandyrma gerek?
– Seniň ýalňyşýan bolmagyň mümkin.
– Alla kessin, şu hanjar meniňki.
– Hany, hanjarly gürrüňi bes ediň – diýip, Şamälik emir
gaharlandy. – Eý, balhly bezirgen, isleseň, men saňa on-on bäş
hanjar bereýin, ýöne dawaňy goý indi. Iý, iç, göwnüňi hoşla.
Balhly bezirgen kejirlik etdi, ol Ýylmaz Oka ýüzlendi:
– «Hanjar meniňki» diýip ýalan sözlediň.
Balhly bezirgeniň bu sözi öý eýesiniň degnasyna degdi:
– Eý, bezirgen, sen näme diýýärsiň?! Men hiç wagt ýalan
sözlemeýärin. Bilip goý şuny!
– Hanjary ber! Kazynyň emri bolmasa, men saňa hanjary
bermerin.
– Kazy uzak ýerde däl! Ol hem, ynha, aramyzda otyr – diýip,
Ýylmaz Ok oturanlaryň arasyndaky oturan altmyş ýaşlaryndaky
hortap, köseleç kişini görkezdi.
Kazy özüniň bir söz diýerine garaşylýandygyny duýsa-da,
howlukman bir kesim garpyz iýdi. Soň başlabereýinmi diýen te­
213
rizde Ýylmaz Oka nazar aýlady. Onuň baş atyp öndemesinden
soň söze başlady:
– Eý, bezirgen ýigit, musulman aňsat-aňsat ant içýän däl­
dir. Ant – sözüň gutaran ýeridir. Ant – musulmanyň iň soňky
ynanç sütünidir. Musulmanyň antyna ynanmazlyk etmek külli
günädir. Siz häzir günä gazandyňyz, çünki uly iliň hormatlaýan
abraýly adamyna ynanmazlyk etdiňiz...
– Eý, kazy, alty ýyldan soň men şu ýere şu hanjaryň hak eýe­
sini idäp geldim.
– «Hanjaryň hak eýesi men» diýdim-ä men saňa! – diýip,
Ýylmaz Ok sesine bat berdi.
– Ýylmaz, biz hanjaryň seniňkidigine, seniň hiç wagt ýalan
sözlemejekdigiňe ynanýarys. Ýöne bu ýigidiň hanjary näme
üçin alty ýyllap gizläp saklandygy maňa gaty düşnüksiz – diýip,
kazy bir toý eýesine, birem Togrula seretdi.
– Hanjaryň hakyky eýesiniň Ýylmaz Okdugyna güwä geçýän
bolsaňyz, onda onuň sebäbini men size aýdyp bilerin.
– Aýt, aýt, güwä geçýäris.
– Meniň hak musulman adym Muhammet. Hünär görkezip
Tog­rul diýen oguz ady aldym. Meniň kunýam 20 Mykaýyl bin Sel­
juk bin Dukak. Men Seljuk begiň agtygy! Indi hanjary alty ýyllap
näme üçin saklandygymyň sebäbini aýdaýyn. Mundan alty ýyl
öň men on iki ýaşymdadym, ýaşdym. Ähli zat edil şu günki ýaly,
göz atuwymda dur meniň. Babam Jende arabaly gidipdi. Ony
ýolda Ýylmaz Ok öldüripdir. Özem şu hanjar bilen öldüripdir.
Babamy öldürip, arabasyna ýükläp gyşlagymyza ugradypdyr.
Men: «Babam geldi. Bazardan süýji getirendir» diýip begen­
dim. Atam dagy arabanyň daşyna aýlandylar. Baryp görsem, ba­
bam – Mykaýyl beg arabada ýatyr. Döşünde-de, ine, şu hanjar
bar eken. Atam Seljuk beg bu hanjary babamyň döşünden sog­
rup aldy-da, zyňyp goýberdi. Doganym Dawut bilen bu hanjary
gizläp sakladyk. Mundan alty ýyl öň men babamyň başujunda
durup, hununy almaga ant içdim. Şol mahal babamy öldüren
adam bilen ýüzleşmäge, hun talap etmäge men gaty ejizdim.
Ýöne men alty ýyl­lap ar almaga maýyl bolup ýaşadym. Bu gün
gerçek çykdym. Bu toýa men hun talap bildirmäge geldim.
Obaňyzyň daşynda meniň müň ýigidim yşaratyma garaşyp otyr.
214
Meniň arkamda häzir-ä müň atly ýigit dur. Zerurlyk dörese,
ýigitleriň sanyny on müňe, ýigrimi müňe-de ýetirip biljek Sel­
juk atly neberäm bar. Atam Seljuk beg ölmezinden burun ýöri­
te wesýet etdi. Ol: «Käbir kişi keramatly Allatagalanyň, arap
hökümdarlarynyň adyna duwlanyp, diňe öz bähbitleri, baýa­
mak, köpden-köp baýlyk ýygnamak üçin garamaýak kişilere
sütem edýärler, gözlerine ýakymly zat görseler, adam öldür­
mekdenem gaýtmaýarlar. Ogul­larym, siz Aly patyşa, onuň ogly
Şamälik ýaly diňe baýamak üçin hars urýan, ile sütem edýän
näletkerdelere garşy galkan boluň. Sogap gazanyň» diýdi. Ýyl­
maz Ok babamy diňe baýlygyna göz gyzdyryp öldüripdir, onuň
ýanyndaky ähli dinarlaryny alypdyr. Bu ojagyň baýlygy – nähak
gan dökülip gazanylan baýlyk.
Toý ýasa öwrüldi.
– Toýumy ýasa öwürdiň! – diýip, Ýylmaz Ok hažžyk deýin
çişdi.
– Kazy, hunuň diýesini 21 aýt! – diýip, Şamälik azm urdy.
– Hunuň diýesini bilmeýän barmy näme! Bu seljuk ýigidi
hem bilýän bolmaly.
– Bilip soraýan bolsam, diýmek, şol gerekdir. Hunuň diýe­
sini aýt diýýärin men saňa!
– Üç ýüz dinar.
– Eý, Seljuk dogmasy! Eşitdiňmi! Häzir teblehana bakan
ugra. Saňa şol ýerde üç ýüz däl, alty ýüz dinar gowşurarlar.
– Maňa dinar gerek däl! Maňa başa-baş hun gerek. Dinarym
kän meniň. Men Ýylmaz Okuň diňe bir öýüni ýa özüni däl, Me­
leket obasyny bir depim gumy bilen satyn alyp bilerin. Dinar
diýeniň näme! Men babamy öldüren pelitden hun isleýärin. Ga­
nyny jorladyp akdyrmak, öldürmek isleýärin.
Bu ýerde edilen gürrüň eýýäm toýa gelenleriň ählisine ýe­
tipdi. Ähli kişiniň başy aşakdy. Topar-topar bolup, hyşy-wyşy
edýärdiler. Aýallar welin, zaryn-zaryn orlaşýardylar.
– Oba ýagy çozdy! – diýip, daşarda yzan-da-çuwanlyk döredi.
Atlaryň dükürdileri ýer sarsdyrýardy.
Şamälik emir Togruldan sorady:
– Seniňkilermi?
– Meniňkiler.
– Bu näme etdigiň?
215
– Meniň oba gan çaýkamak niýetim ýok. Maňa hunumy
berseňiz, bir adamyň hem burny ganamaz – diýip, Togrul beg
parahat jogap berdi.
Kazynyň kethudalygynda dört-bäş ýaşuly Togrula töwellaçy
boldy:
– Beg ýigit, alty ýyl garaşypsyň. Gaýrat edip, ertire çenli ýene
garaş. Toýy geçireli. Ertir hunuňy bereli.
Togrul esli salym oýlandy:
– Ýaşulular, men siziň töwellaňyzy alaýyn. Goý, siziň di­
ýeniňiz bolsun, häzir gaýdaýyn. Ertir daňdan gelerin.
– Gaýrat et, ogul!
– Ýaşulular, siz bir zady magat biliň! Hunumy alýançam
obaňyzdan ýeke adamy-da çykarjak däldirin.
– Myhmanlarymyz bar-a?!
Togrul beg sesine bat berdi:
– Hun alýançam, hiç kim obadan çykmaz! Düşnüklimi?
– Gidiber – diýip, Şamälik dişinden syzdyryp aýtdy.
Togrul beg ýigitleri bilen obadan çykyp gitdi.
***
Obanyň ähli adamy daň bilen Ýylmaz Okuň daş işigine ýyg­
nandy. Şamälik emir hem iki ýüz töweregi atly haşymy bilen hyr­
çyny dişläp durdy.
Ol elinden gelse, Oguz handan gelýän hun dessuryna boýun
sunjak däldi, Togruly düýt-müýt etmekçidi, ýöne seljuklylaryň
müň sany atlysynyň bardygy üçin dymmagy, ýaraga ýapyşmazlygy
makul bildi.
Hana, Togrul geldi!
Ýeke atly!
Arkasynda – obanyň daşynda müň atly bar!
Ähli kişiniň nazary Togruldady. Ol gaty arkaýyndy. Ol gaty
erkindi.
– Togrul, päliňden gaýt! – diýip, Şamälik emir azgyryldy.
Wezir-wekiller, oba kethudalary oňa töwella etdiler, köşeş­
dirmäge çalyşdylar.
216
Ýylmaz Ok düýnki Ýylmaz Ok däldi. Bir gijede gözleri içine
çöküp, egbarlapdy.
Ilkinji gijäniň mazasyny bilmän geçiren Daşpolat gahardan
ýaňa titir-titir edýärdi:
– Baba, saňa gaharym gelýär meniň. Toýumy ýasa öwürdiň.
Masgara etdiň meni. Bu masgaraçylygy çekenden ölenem
ýagşydyr. Saňa şo hanjar nämä gerek boldy?
– Wa-hasrat-a, maňa o hanjaryň gerek ýeri ýok.
– Onda näme üçin dyzadyň durduň?
– Ol meni mejbur etdi.
– Gysgançlygyň başyňa ýetdi seniň.
– Takdyr bu. Men ölmeli boldum. Yzyma eýe dur, oglum.
Ähli baýlyklarym seniňkidir.
– Hazynaň nirede?
– Teblehanadyr – diýip, Ýylmaz Ok pyşyrdap aýtdy. – Meň­
sepen gysragyň duran ýeriniň günbataryndan iki zyrag gazsaň,
taparsyň.
Kazy öz işine girişdi:
– Eý, seljuk begi! Ine, hun almaly adamyň – Ýylmaz Ok –
Meleket obasynyň ýaşaýjysy, elli dört ýaşynda. On dokuz ýaşynda
bir ogly bar. Üç sany gyzy bar, gyzlaryndan ýedi sany agtygy bar.
Üç gyzy durmuşa çykan, körpe gyzy entek öýünde. Ynha, ogly,
ynha-da, gyzlary, agtyklary – diýip, kazy ýeke-ýekeden görkezdi.
– Hunuňy nähili almak isleýärsiň?
– Babamy öldüren haýynyň haýy gidip, waýy galypdyr, maňa
onuň jany – ýalňyz ogly gerek.
– Eý, meniň günäm näme? – diýip, Daşpolat ör-gökden gel­
di. – Näme üçin men ölmeli? Men hiç kimi öldürmedim!
– Mert bol, oglum, mert bol!
– Ýok, ýok, meniň ölesim gelenok. Özüň mert bol, özüň öl!
– Ýuwaş, adamlar bize seredip dur!
– Seretse seretsin! Meni hapa işleriňe goşma! Goý, kim
günäkär bolsa, şol hem jezasyny çeksin. Men hiç kimi öldürme­
dim. Men ýaşajak. Düýn öýlendim-ä men. Maňa ölmek bolmaýar.
Daşpolat ýaraly ýolbars bolup kakasynyň üstüne topuldy, çem
gelen ýerine urmaga başlady. Ony bäş-alty kişi zordan saklady.
217
Düýnki töwellaçylar ýene Togrulyň ýanyna geldi:
– Seljuk begi, senden ýeke towakgamyz bar.
– Indi näme?
– Hunuň jesedini bize ber. Biz ony musulmançylyk sünneti
bilen depin edeli.
– Bu haramynyň özem, neberesem musulman mazarly­
gynda ýatmaga rowa däl.
– Senden towakga edýäris: ilki bilen-ä, çagalaryň ýanynda
öldürme. Ikinjidenem, jesedimizi özümize ber.
– Birinji towakgaňyzy kabul edýärin. Ikinji towakgaňyzy meniň
ýeke özüm çözüp bilemok. Men muny häzir öz kethudalarymyň
ýanyna elterin. Şolar näme etmelidigini çözerler.
– Onda öz kethudalaryňa biziň towakgamyzy ýetir.
Togrul Ýylmaz Okuň janyny – ýalňyz ogluny atyň öňüne
salyp, alyp gaýtdy.
Daşpolat – daş-polat däl eken, ol kakasyna nälet okaýardy,
oňa hapadan-hapa sözleri aýdyp sögýärdi. Ýylmaz Ok bagryny
paralap, hünibirýan aglaýardy.
Şondan iki gün geçensoň aladaňdanlar Ýylmaz Ok bagryny
paralap amanadyny tabşyrdy.
Meleketliler Ýylmaz Oky jaýlamak üçin obadan alyp çykdy­
lar. Obadan çykan ýerlerinde gölegçileriň öňünde üsti tabytly
düýe peýda boldy. Bu üsti tabytly düýe mundan iki gün owa­
lan bu obanyň ýaşulularynyň Togruldan eden ikinji towakgasy
boýunça ugradylypdy...
4. Ýusup ýabgunyň huny
Ikinji rowaýat
Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan ýabguny agöýli hökmünde
Hindistanyň Kelejar galasyna ugradansoň, seljuk begleriniň ag­
zybirligi gowşar öýdüpdi, garahanlylar hem şu pikirdediler.
Seljuk begleri geňeş geçirdiler, Ýusup begi ýabgu göterdiler.
Ýusup beg Seljuk begiň üçünji ogludy, ol duşmanlaryň pikirtalwaslaryny ýalana çykardy: hersi bir kelle, hersi bir dünýä ha­
saplanan kynyk begleriniň özüne tabyn bolmaklaryny başardy.
218
Seljuk begleriniň garadangaýtmazlygy, jebisligi Buharanyň
häkimi Alytegini biçak howsala saldy. Ol şäheriň on sekiz agaç
demirgazygynda öňünde durup bolmajak ýowuz jemagatyň
aýsaýyn güýjemeginiň, köpelmeginiň nädip öňüni alyp bolar
diýen pikir bilen ýaşaýardy. Ol bu hakda öz adamlary bilen
günde-günaşa geňeş edýärdi. Gutarnykly çözgüt tapyp bile­
nokdy. Seljuklylaryň gaznalylar bilen gowy gatnaşykda bolmagy
onuň kejebesini hasam daraldýardy. Bu gowy gatnaşygyň arasy­
na çöp atmagyň zerurdygyna düşünýärdi.
***
Alyteginiň Alp Gara atly emiri bardy. Ol samanlylar döwrün­
de özüniň gözsüz batyrlygy, rehimsizligi, harsydünýäligi bilen
ýakasyny tanadandy.
Alp Gara Hazarasp şäherinide ýaşaýan Ärsabyr Ärsak atly bir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 14
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.