Latin

Altynjan hatyn I - 26

Total number of words is 3417
Total number of unique words is 1991
27.9 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Abu Seýidiň patasyndan soň, heý, işiň rowaç almazmy?!
Onuň her bir aýdan sözi amal alýar!
Ol aýtsa – Hak aýdýar!
Esgerler biri-birine buýsançly bakdylar.
Olar üç seljuk beginiň sözüni üç mertebe gaýtaladylar:
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Togrul beg ýanyna getirilen atyna böküp mündi, ýataga­
nyny bulaýlap, daş-töweregindäkilere ýüzlendi:
– Byradarlar!
Birpaýyz dym-dyrslyk boldy.
Bu dym-dyrslyk ýöne bir dym-dyrslyk däl eken, ol esgerleriň
batly gygyrmak üçin howany uludan demlerine soran pursady
eken:
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Bu seljuk begleriniň Aý hem Gün hezretlerine bakyp eden
kasamlarydy.
Kasamdan soň, Togrul beg gysgaça nutuk sözledi:
– Byradarlar! Bize sütem edildi. Biz öz mertebämizi,
namysymyzy goramak üçin ata çykdyk. Zulumhor mat bolar,
biz maksadymyza ýeteris. Gaznalylary Horasandan kowup
çykaryp, özümiziň döwletimizi dörederis. «Mümkin, siziň
halamaýan zadyňyz siziň bähbidiňizdir»11. Biziň döwletimiz
dünýäde iň adyl döwlet bolar. Biziň döwletimizde gurt bilen
430
goýun bir güzerden suw içer. Biziň döwletimiz garyp-gasarlara
howandar çykýan, olary goraýan, adam şekilli ýaşamagy üçin
aladalanýan döwlet bolar. Biziň döwletimizde hökümdaryň
gapysy halk üçin gije-gündiz açyk bolar. Biziň döwletimizde
adamlar bolçulykda ýaşarlar, parahat ýaşarlar. Alkyş alyp, so­
gap gazanarys. Bu gün külli musulmanyň göz-guwanjy, allama
Abu Seýit gelip, bize rowaçlyk patasyny berdi. Biz allamamyzyň
ýüzüni ýere salmarys. «Şübhesiz Alla tarapynda bolanlar üstün
bolarlar» 12, biz üstün bolarys.
***
Günüň dogup gelýän çagynda Abu Seýit Abylhaýyryň pata
bermegi bilen seljuklylaryň durmuşynda täze döwür başlandy.
Şondan soň seljuk begleriniň durmuşynda düýpli
özgerişlikler bolup geçip ugrady.
Olar anyk karara geldiler: oglan-uşaklaryň, haremhananyň
gaznalylara ýesir düşmezligi üçin öňünden aladasyny etmeli –
olary söweş boljak ýerden uzak mekana äkitmeli, iň ygtybarlysy,
Oguz çölünde gizlenmeli!
Altynjan bu tutumy aňlaýardy, ýöne ol özüniň, hareminiň
Oguz çölüne ugradylmagyndan ätiýaç edýärdi. Muhammet
Tog­rul beg geňeşleriň birinden soň, Altynjanyň eşitmekden
gorkup ýören sözüni aýtdy:
– Altynjan, soltanyň goşuny biziňkiden dört-bäş esse artyk.
Bu deň bolmadyk söweşleriň birinde meniň şehit bolmagym
mümkin. Süňňüm bir zatlary syzýar meniň... Gylyç ýa kepen
resimi boýunça men saňa talak bermeli. Sebäbi entek biziň
çagamyz ýok. Meniňem saňa talak beresim gelenok, ýanymda
bolmagyňy isleýärin, ýöne maksat jandan ileri. Herhal, men
saňa talak bermeli bolaryn.
– Meni öldüriň, ýöne öz ýanyňyzdan aýyrmaň, begim. Men
siziň diri ýeriňizde diri, öli ýeriňizde öli bolmak isleýärin. Maňa
başga ýaşaýyş gerek däl.
– Altynjan, maňa dogry düşün, men seni hatyndygyň
üçin guma ugratmakçy bolamok, ýok, men seni şirin janym­
431
dan hem eziz görýändigim üçin goramakçy – ugratmakçy bol­
ýaryn. Düşünýärsiňmi? Meniň bu dünýäde senden başga ýüre­
gime ýakynym ýok. Seniň ornuňy tutup biljek hatyn-da ýok.
Düşünýärsiňmi? Sen meniň ýeke-tägim, ýüregim! Sen meniň
üçin ähli zat! Sen meniň şu dünýämiň manysy! Saňa bir zat bol­
sa, – Hudaý saklasyn! – men çekip-çydap bilmerin. Saňa derek
söweşjekler tapylar, ýöne seniň ornuňy tutup biljek hatyn, adam
bu dünýäde tapylmaz! Geregem däl! Seni goramak meniň bor­
jum! Sen guma git! Ol ýerde ýaşajyk gyzlardan özüňe kyrk sany
keniz taýýarla! Atabeg mekdebimizde ýaşlara sapak ber!
Altynjan başky sözlerini gaýtalady:
– Meni öldüriň, ýöne meni öz ýanyňyzdan aýyrmaň!
Muhammet Togrul beg dymdy, diýmek, ol hatynynyň gal­
magyna razy boldy.
Altynjanyň Togrul begden aýratyn bir howatyr edýän zady
bardy. Ol hem begiň söweşe çykanda başyna tuwulga 13, egnine
çaraýnadyr 14 sowut geýmeýänligidi: «Gara başym gerek bolsa,
Perwerdigär hernäçe gorasam hem aparar, ýogsam hem özi go­
rar» diýip, ol Altynjanyň özelenmelerine jogap berýärdi. Togrul
beg Taňrynyň her bir han göteren kişisine bäş peşgeşi berýändi­
gine 15 ynanýardy. Şu ynam hem oňa güýç berýärdi.
– Allatagala bil baglasaňyzam baglaň welin, özüňizdenem
biraz alada bolsun. Ähli keşigiňizi Allatagala çekdirjek
bolýarsyňyz. Daşdan seretseň, «Bu kişä jan gerek däl bolarly»
diýen pikir döreýär. Şeýle pikir Allatagalada-da döräýmesin.
– Dul galmakdan gorkýarsyňmy?
– Gorkýaryn.
Hasan beg Altynjanyň sözlerini goldady.
– Melike dogry aýdýar...
– Baş söweşe girenimde geýerin, häzirki maksat – göç –
diýip, Togrul beg jogap berdi.
Göç üç günläp dowam etdi. Altynjan seljuk begleriniň
haremhanasynyň, oglan-uşaklarynyň Oguz çölüne çekilmegine
ýardam berdi.
Özi Togrul begiň ýanynda galdy.
432
***
Seljuk türkmenleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen däbi­
ne eýermekleri milletiň alaçsyzlygynyň, ýagny ejizliginiň dälde, güýjüniň, içki ýaşaýyş mümkinçilikleriniň herekete girip
başlandygynyň alamatydy. Diňe ruhy hem beden taýdan güýçli
halk üçin ömür bilen ölüm deňleşip biler. Erkinlik diňe bir
ýaşaýşa, dirilige bolan ymtylma däldir. Erkinlik ölüme gorkusyz
garap bilmekdir. Ruhy taýdan iň azat adamlar ölüme dözüm­
li, ölümden rüstem bolup bilýär. Seljuklylaryň bolşundaky çyk­
gynsyzlyk diňe daşky, aldawçy alamatdy. Gylyç ýa kepen däbi
milletiň juda güýçlüliginiň ýüze çykmasydy. Ölümden gorkýan
adamlar güýçli hasaplanyp bilinmez. Beýik maksatlaryň, uly
tutumlaryň öňünde ölüm hiç zat bolup galýar. Ynanç ölümi
gorkusyz, howpsuz bir närsä öwürýär, ýogsa diňe ynsan däl, ähli
janly-jemende üçinem ölümden gorkuly, ölümden uly betbagt­
lyk ýok ahyryn. Bu – tebigatyň, ýaşaýşyň adatylygynyň kanuny.
Bu ýowuz kanundan diňe beýik ruhy maksatly adamlar ýokary
galyp bilýär. Şonda halkyň ikinji bir göteriji ruhy şahsy bite­
wilikde kemala gelýär. Onsoň milletiň öňünde hiç bir zat du­
rup bilmeýär. Şonda öňündäki päsgelçilik derýasy kiçijik ýaba
öwrülýär. Bu güýç-kuwwat asmandan gelýär. Asman güýjüniň
öňünde zemin böwedi joşup gelýän siliň ýolundaky kesege
çalym edýär...
28*
DÜŞÜNDIRIŞLER
Birinji hekaýat
1. Perrende – guşlar, uçýan ähli janly-jandarlar. Derrende
– ýyrtyjy, wagşy haýwanlar.
2. Ibn Esir. Kämil taryh. Türkmenistanyň milli medeniýet
«Miras» merkezi. 1 jilt. A., 2005.
3. Tabarystan – palta ýurdy diýen manyny berýär. Bu adyň
gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýat bar. Tabarystanyň häzir­
ki ady Mazenderan.
4. Falak al-ma aly Manuçihr – 1012 – 1029 ýyllar aralygynda,
ogly Anuşirwan 1029 – 1049-njy ýyllar aralygynda şalyk edýär.
Anuşirwan meşhur «Kowusnama» kitabyny döreden KeýKowusyň atasydyr. Keý-Kowus 1041-nji ýylda seljuklylaryň gelme­
gi bilen Gazna gaçýar, soltan Maududyň nedimi bolup işleýär.
5. Baýhaky Masut soltany Amul şäherinde garşy alan ilatyň
sanynyň 500 – 600 müňe ýetendigini ýazýar. Megerem, bu san
aşa artdyrylan san bolsa gerek. (Amul atly iki sany şäher bo­
lupdyr. Biri häzirki gürrüňini edýän Amul şäherimiz – Mazan­
deran welaýatynyň baş şäheri. Bu şäher tüwi we her hili dat­
ly ir-iýmişleri bilen şöhratlanypdyr. Ikinji Amul Türkmenabat
şäheridir).
6. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT.
Tom 1. L. – M. 1937.
7. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
8. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT.
Tom 1. L. – M. 1937.
9. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT.
Tom 1. L. – M. 1937.
434
10. Bundar (masyl) – salgyt ýygnaýan gullukçy, amil – paç
ýygnaýjy.
11. Tahyrlylar – 821-873-nji ýyllarda Horasanda hökümdar­
lyk eden şalyk.
12. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik».
MITT. Tom 1. L.M. 1937.
13. Sadakat (birlik sany sadaka) – bu ýerde raýatlaryň ho­
jaýynlaryna – ýer eýelerine berýän tölegleri göz öňünde tutulýar.
14. Haraç – esasy ýer salgydy. Bu salgyt boýunça ýerden
alynýan hasylyň üçden birinden üçden ikisine çenli aralykda
tabşyrmaly.
Hüşür – hasylyň ondan biri görnüşindäki ýer salgydy.
15. Rusum-i-marai – öri meýdanlary üçin salgyt.
Awariz – adatdan daşary ýagdaýda ýygnalýan pul.
Alaf – çaparlar, harby çindäkiler we goşun üçin ýygnalýan
azyk harytlary we ulag iýmiti. Seret: Nyzamylmülk. «Syýasatna­
ma». Ruh. A., 1998.
Kisam – paý, bölek. Adatdan daşary salgytlaryň bir görnüşi.
«Taufir» – I.P.Petruşewskiniň kesgitlemesi boýunça «sal­
gyt ýygnaýjylaryň adamlardan bellenilen möçberden artyk
tölemäge mejbur edip ýygnan salgytlary, şeýle hem goşmaça
tölegler netijesinde jemlenen pul».
«Hukuky maragy» – öri meýdanlaryny peýdalananlardan
alynýan salgyt. Bu salgyt, esasan, çarwalara degişli bolupdyr.
Töleg – gaýry dinliniň geýmini tapawutlandyran nyşan.
Orta asyrlarda gaýry dinliler musulman döwletlerinde musul­
man geýimlerini ýa-da donuny geýmäge borçly bolupdyrlar.
Jizýe – musulman dällere salynýan salgyt.
«Ähli zimmet» – yslam ýurtlarynyň çäklerinde ýaşaýan, jan
başyna salgyt tölemäge borçly gaýry dinli paç töleýjiler: isaýylar,
jöhitler, otparazlar. Şu tölegi töländikleri üçin gaýry dinliler mu­
sulman häkimiýetiniň goldawyndan peýdalanypdyrlar. Abre –
syýahatçylary goramak we derýadan geçirmek üçin alynýan salgyt.
16. Diwany yşrafy memleket – seljuk döwletinde ýokary
derňew-barlag guramasy. Bu guramanyň esasy wezipesi gelýän
pullara we salgyt hasaplaryna gözegçilik etmekden we olary bar­
lamakdan ybarat bolupdyr.
435
17. Diwany-amal – salgyt ýygnaýanlaryň üstünden garaýan
edara. Bu ýerde işleýän emeldarlar amyl diýlip atlandyrylypdyr.
18. «Hukuk wa rusumi diwani» – bu adalga diwanyň peý­
dasyna tölenýän salgytlaryň jemi diýen manyny hem aňladýar.
19. Nal baha – diwan işgärleriniň we salgyt ýygnaýjylaryňbundarlaryň, adatça, öz işlerini ýerine ýetirýän wagtlary
atlarynyň uzak ýol geçýändikleri, şol zerarly atlaryň nallarynyň
sürülýändigi üçin salynýan salgyt.
20. Pilmahmyt – Soltan Mahmyt Gaznalynyň il arasyndaky
ýörgünli ady. Bu at soltanyň göwresiniň uly bolandygy, mydama
pilde ýöriş edendigi, ýörişde pil münendigi üçin galan bolsun
gerek.
21. Hepbe – bir dirhemiň kyrk sekizden bir bölegi. Hepbe­
siz diýen söz türkmenlerde häzir hem ulanylýar. Hepbesiz – hiç
zat gazanmaga ukypsyz diýen manyny aňladýar.
22. Sowmagy – Çagry begiň müneçjimi: Ibn Esir Kämil
taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
Üçünji hekaýat
1. Tarih-i-Baýhaky. 585. MITT, tom I, M.-L., 1935.
2. Kethuda – goşunyň maliýe we hojalyk işleriniň mü­
diri şeýle atlandyrylýar (Baýhaky). «Kethuda» sözi başda uly
jemagatyň ýolbaşçysy manysynda ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi
bilen kethuda oba ýolbaşçysyna – obanyň suw ulgamyna, tertipdüzgünine, ýer eýeçiligine gözegçilik edýän adama aýdylypdyr,
gullar hem kethudalaryň garamagynda bolupdyr.
3. Bagdat halyfy – 749–1258-nji ýyllar aralygynda musulman
döwletleriň arasynda sünni mezhebini ýöredýär. Ol Abul Apbas
Abdylla bin Apbas bin Abdylmuttalyp tarapyndan esaslandyryl­
ýar. Abdylmuttalyp – Muhammet pygamberiň kakasynyň do­
ganydyr. Ol hijreden 3 ýyl öň Mekgede dünýä inýär, elmydama
pygamberiň ýanynda bolupdyr, 68-nji hijri ýylynda wepat edýär.
Oňa ylmynyň çuňlugy üçin «Ymmatyň syýasy» diýip at goýlupdyr.
Ol emewi halypalygyna garşy öz halypalygyny döredýär. Bagdatda
436
döredilen bu halypalyk 809-816-njy ýyllar aralygynda Mansur tara­
pyndan Merwden dolandyrylýar, ýagny halypalyk Merwde bolýar.
4. Oguz ýurdy – Oguz ýurdunyň serhetleri hakda 984-nji
ýylda näbelli awtor tarapyndan ýazlan «Hudud el-älem», ýagny
«Älemleriň serhedi» atly meşhur arap taryhy kitapda şeýle diýil­
ýär: «Başga bir çöl gündogarda Merw serhetleriniň gyrasynda
Jeýhuna inen çöldür. Bu çöl Bawert, Nusaý, Paraw, Dehistan
bilen Etil sebitine çenli uzalyp, Hazar deňzine bitişer. Bu çölüň
günbatary Etil derýasy, demirgazygy Jeýhun, Horezm deňzi bilen
Bulgar serhedine çenli aralyk Oguz ýurdudyr. Ady Horezm ýada Oguz çölüdir. Bu çöldäki çägeler Balh serhedinden başlap,
Jeýhunyň günortasyna, Horezm deňziniň aşagyna çenli uzalýar».
5. Gurt oýny – garaşman durka çar tarapdan duşmanyň
üstüne çozup, köp gyrgynçylyk edip, duşman garşylyk görkez­
mäge girişmänkä gürüm-jürüm bolmak.
6. Hums paýy – oljanyň patyşa degişli bäşden bir bölegi.
7. Muhsin bin Tak – seljuklylaryň görnükli serkerdeleriniň
biri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň kätibi Nasr Muhammet bin
Abdyljepbar Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly
meşhur kitabynda Muhsin bin Tak hakda anyk maglumatlar
berilýär. Şol maglumatlara görä, 1006-njy ýylda soltan Mahmyt
Gaznalynyň Multanyň patyşasy Dawut bin Nasr bin Şyh Hamydy
we onuň nesilşalygyny, şeýle hem karmatylary ýok etmek mak­
sady bilen Gaznadan gidenliginden peýdalanyp, garahanly
hökümdar Ilekhan Sübaşy Tegini Horasana gönderýär. Bu
habary eşiden soltan yzyna dolanýar, Sarahsyň ýolunda onuň
öňüni seljuk emiri Muhsin bin Tak kesýär. Gazaply söweş bol­
ýar. Söweşde seljuk emiri ele düşýär, soltan ony iki parça edip
öldürýär. Onuň bäş müň atlydan ybarat goşuny soltanyň tarapy­
na geçýär we onuň hyzmatynda durýar.
8. Gurhan. Ikinji süräniň 286-njy aýaty.
9. Tarih-i-Baýhaky. MITT, tom 1. M.-L., 1935.
10. Gurhanyň üçünji «Ymranyň öýi» süresiniň 126-njy aýaty.
11. Gurhanyň ikinji «Sygyr» süresiniň 249-njy aýaty.
12. Ariz – goşunyň azyk we maliýe üpjünçiligini gurnaýan
ýörite toparyň ýolbaşçysy.
437
Dördünji hekaýat
1. Ýazyr galasy – Abulgazy «Türkmenleriň şejere daragty»
diýen kitabynda ýazyrlaryň Durun sebitlerinde ýaşandyklaryny
ýazýar. A.Tumanskiý Abulgazydan şeýle bir mysal getirýär: «Ýa­
zyrlar Durun sebitlerinde ýaşadylar. Şonuň üçinem Durunyň
öňki ady Ýazyr ýurdy diýlip atlandyrylýar. Ýazyrlaryň bir böle­
gi Durunyň ýakynyndaky dagyň eteginde ekerançylyk bilen
meşgullanypdyrlar. Häzirki döwürde şol ýerde ekerançylyk bi­
len meşgullanýan ýazyrlara garadaşly diýilýär». «Durun» diýen
adyň XIV asyrda dörändigini ýazýar. Durundaky gala ilki başda
Oguz han eýýamynda Tak (Gün) gala diýlip atlandyrylypdyr,
yslamyň gelmegi bilen eždatlarymyzyň otparazçylyk bilen
baglanyşykly ýer-ýurt atlarynyň galabasy üýtgäpdir.
Muhammet şanyň ejesi Türkan hatynyň Ýazyr galasynyň
basylyp alynmagyna aýratyn üns bermesiniň sebäbi ýazyr
türkmenleriniň hany Hindu han bilen garyndaşlyk gatnaşygynyň
bolandygy bilen esaslanyşdyrylýar (Nesewi).
2. Abu Seýit Abylhaýyr – Abu Seýit Abylhaýyr (7.XII.967 –
12.01.1049 ý.). Abu Seýit Mäne baba ady bilen meşhurdyr. Bu
ulamanyň aramgähi Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşýär.
Bäşinji hekaýat
1. At gaýtarym – üç kilometr töweregi uzaklyk.
2. Abu Nasr Faraby (874–950 ý.) – «El-Medine El-Fazyla»
atly eserinde patyşanyň, döwlet ýolbaşçysynyň pähimli, paýhasly,
şeýle-de «pygamber donuny geýen ylahy Eflatun» bolmalydygyny
nygtaýar. Faraby bu pikirini şeýle esaslandyrýar: eger döwlet
ýolbaşçysy ylymly, bilimli, adalatly we päk ahlakly bolsa, onda
raýat, ýurt ruhubelentligi bolar. Eger döwlet ýolbaşçysy erbet,
nadan, adalatsyz we zalym bolsa, raýatlar erbet ýaşarlar, ruhu­
pes bolarlar.
3. Eflatunyň (Platonyň) arapça terjime edilen «Döwlet» we
«Syýasat» kitaplary.
4. Tonýukuk – Günbatarly alymlar Tonýukuky Germa­
niýany döreden Bismarka meňzedýärler. Ol Hytaýyň içeri we
daşary syýasatyny gowy bilipdir. Bilge hanyň weziri.
438
5. Bilge han – 716–734-nji ýyllar aralygynda dogany Kulte­
gin bilen şalygy bile dolandyrýar. Bilge – hökümdar, Kultegin
– goşun serkerdesi bolýar.
6. Atylla (434–453 ý.) – görnükli hun hökümdary. Atylla on
bir ýyllap, dogany Bleda wepat edýänçä onuň bilen bilelikde
hökümdarlyk edýär.
7. Gözel gyz döwletleri – Ýewropa döwletleri. Ýewropa –
gyzyň ady.
8. Goşgynyň manysy: Alp Är Töňňe öldi, dünýä eýesiz galdy.
Indi onuň döwleti we döwri ýadymyza düşüp, ýüreklerimiz ler­
zana gelýär.
9. Gurhanyň «Manda» süresiniň 3-nji aýaty.
10. On iki sypat – Farabynyň hökümdara hökman mahsus
bolmaly hasaplaýan sypatlary şu aşakdakylardan ybarat: 1.Sagdyn
bolmaly; 2.Dogabitdi ýiti zehinli bolmaly; 3.Ýatkeş bolmaly;
4.Parasatly we öňdengörüji bolmaly; 5.Dilewar bolmaly, ýagny
pikirlerini aýdyň we ýeňil düşündirmegi başarmaly; 6.Öwretme­
ni we öwrenmegi gowy görmeli, goldamaly; 7.Çendenaşa köp
iýmekden, içmekden, şöhwetden, her hili humarly oýunlardan
daşda durmaly; 8.Dogruçyl we hakykatçyl ynsanlary söýmeli;
kezzaplary we ýalançylary ýigrenmeli; 9.Jomart we sahy bol­
maly; 10.Pula we beýleki dünýä nygmatlaryna göz gyzdyrmaly
däl; 11.Mydama adalatyň tarapynda bolmaly, zulumy ýigrenip,
zalymlara garşy çykmaly; 12.Gaýratly we erkli bolmaly. Eger bir
zadyň hakykatdygyna göz ýetirse, bu meselede berk durmaly,
hiç hili gowşaklyga we ruhupeslige ýol bermeli däl.
11. Pentnama – Söbükteginiň ogly soltan Mahmyt Gazna­
la beren pendi. Göwrüm taýdan uly bolmadyk bu Pentnama
esgerleriň, begzadalaryň arasynda biçak meşhur, ýörgünli bo­
lupdyr. Köp adamlar Pentnamany ýat tutupdyrlar.
12. Utby Abu Nasr Muhammet bin Abdyljepbar – «Soltan
Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur kitabyň ýazary. Utby
soltan Mahmyt Gaznalynyň debiri. Ol soltan Mahmyt Gaznaly­
dan on ýyl öň – 1020-nji ýylda aradan çykýar. Şol sebäpli kitapda
diňe 1020-nji ýyla çenli wakalar beýan edilýär. Soltan Mahmyt
439
Gaznalynyň soňky taryhy Baýhakynyň kitabynda beýan edilýär.
Çünki Baýhaky Utby aradan çykandan soň gönüden-göni soltan
Mahmyt Gaznalynyň, ol aradan çykandan soň bolsa, soltan Ma­
sut Gaznaly ibn Mahmyt ibn Söbükteginiň debiri bolup işleýär
we olaryň ömür ýoly hakda kitap ýazýar. Soltan Mahmyt Gaznaly
hakda öz döwründe ýazylan kitap köpdür.
13. Kurur – million.
14. Soltan Mahmyt Gaznaly 1013-nji ýylda 20 kurur dinar
harçlap Jeýhun derýasynyň üstünden köpri gurýar, bu köp
wagtlap saklanýar.
15. Goşun dili – Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda öz
goşunynda dürli halklaryň we halkyýetleriň wekilleri gulluk
edensoň, olaryň özara düşünişmekleri üçin arap, pars, türk­
men dilleriniň esasynda täze dil – urdu dilini döredýär. Soltan
bu babatda diňe bir perman bermek bilen çäklenmän, şol diliň
döremegine gönüden-göni ýolbaşçylyk edýär, döredýär. Häzir­
ki döwürde urdu dili – Pakystanyň döwlet dilidir.
16. El-Agajy – türkmen sözi bolup, patyşadan ýurduň ýaşu­
lularyna, ýurduň ýaşulularyndan patyşaga gelen hat-petekleri
gatnadyjylary, ýagny soltanlaryň ýörite hajyplary manysyndadyr.
(Mürze Muhammet Kazwyny. Gahar makal hatyýalary. 130 s.)
Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň rahady
– şatlyklaryň ganaty.
17. Zabulystan (Jabulystan) – Seýistan (Sejestan) bilen Hin­
distan aralygyndaky uly welaýat. Bu welaýatyň uly şäheri, merke­
zi Gazna şäheridir. Gazna sebitleri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň
şalygynyň atlandyrylyşy.
18. Çaryýarlar oňşuksyzlygy – Hezreti Abu Bekr (632–634 ý.),
hezreti Omar (634–644 ý.), hezreti Osman (644-652 ý.), hezreti
Aly (656–661 ý.) – ilkinji halyflardyr. Bu dört çaryýarlardan soň,
Emenileriň halyflygy başlanýar. Ol 661-nji ýyldan 750-nji ýyllar
aralygynda dowam edýär, jemi 14 halyf bolýar. Emenilerden
soň Apbasylaryň halyflygy başlanýar. Bu halyflyk 750-nji ýyldan –
1924-nji ýyla – Osman türkmenleriniň soltanlygy agdarylyp, ýeri­
ne Türkiýe Respublikasy döreýänçä dowam edýär. Mongollaryň
apbasylary ýok etmekleri netijesinde halyflyk Müsür türkmen
440
memluklarynyň eline geçýär we ol 1261-1516-njy ýyllara çen­
li dowam edýär. 1516-njy ýylda Osman soltanlygynyň soltany
Ýowuz Selim Müsür türkmenlerini özüne tabyn edýär we
halyflygy Stambula geçirýär. Netijede türkmenler Stambuldan
dünýä musulmanlaryna halyflyk – baştutanlyk etmäge başlaýar.
Has takygy, 1055-nji ýylda Seljuk döwletiniň soltany Muhammet
Togrul beg Bagdada girip, Büweýh döwletini ýok edeninden
1924-nji ýyla çenli 870 ýyla golaý wagtlap türkmenler dünýä
musulmanlarynyň din gylyjy, ýolbaşçysy bolup geldiler.
19. Karmatçylyk (karmat – ogryn, seýkin basyp ýöreýär
diýen manyny aňladýar) – IX asyrda Alynky Aziýada we Merke­
zi Aziýada feodal gurluşyň garşysyna dörän şaýylaryň bir akymy.
Karmatlar özlerini Ymam Ysmaýylyň (762-nji ýylda aradan çy­
kan) ýoluny dowam etdirijiler hasaplapdyrlar. Şeýle bolansoň,
karmatlary ysmaýylçylar diýip hem atlandyrypdyrlar. Ysmaýylçy­
lar ýerlerde feodal baýlaryň döremegine garşy çykypdyrlar. Olar
oba jemagatlarynda ýerleriň adamlaryň arasynda baýlygyna-ga­
ryplygyna seretmesizden deň paýlanmagyny, ähli zatda deňligiň
bolmagyny talap edipdirler. Bu talap garyp-gasarlaryň göwün­
lerinden turupdyr. Şeýle bolansoň olar karmatlara duýgudaş­
lyk bildirip, olaryň toparlaryna goşulypdyrlar. Karmatlaryň
ýolbaşçylygynda köp ýerlerde ýerli feodallar durupdyr, olar
garyp-gasyrlaryň köplügini öz bähbitleri üçin peýdalanypdyrlar.
Ýerli feodallar döwlete garşy durup, özleri üçin ýeňillikleri ga­
zanmaga çalşypdyrlar. Karmatlary Müsüriň fatymy halyflygy gol­
dapdyr we olara ýolbaşçylyk edipdir. Bagdat halyflygy karmatlary
berk ýazgarypdyr we olara garşy göreşipdir. X asyrda karmatlar
ogryn iş alyp barypdyrlar. Soltan Mahmyt Gaznaly karmatlary
rehimsizlik bilen jezalandyrypdyr. Togrul soltan hem karmatla­
ra – ysmaýylçylara garşy berk göreşýär, ýöne olary doly ýok edip
bilmeýär. Ysmaýylçylar görnükli döwlet ýolbaşçylaryny gapyllyk­
da öldürmek bilen meşgullanýarlar, ysmaýylçylary – karmatlary
XIII asyrda doly ýok eden Çingiz handyr.
20. Bu pikir Kerimeddin Mahmyt Aksaraýlynyň «Musame­
retul ahbar» (habarlaryň mejlisi) kitabynda nygtalýar.
21. Anuşirwan (Nowşirwan) – sasanylar hanedanlygynyň
21-nji patyşasy. Onuň hakyky ady Hysrowdyr, Anuşirwan la­
441
kamydyr. Araplar oňa Kesra diýýärler. Ol 531-nji ýylda patyşa
bolýar. Bu patyşa adalatlylygyň simwoly hökmünde suratlandy­
rylýar. Gündogar hronologlary onuň adyny «adyl» epiteti bilen
tutýarlar. Ol kakasynyň şalygy döwründe dörän mezdekileri köp
gyrýar, olaryň soňuna çykýar. Ol 579-njy ýylda aradan çykýar.
22. Gürrüň Gurhanyň ýigrimi dördünji «Nur» süresiniň
11-nji aýatynyň döremegine sebäp bolan waka hakda barýar:
«Pygamber alaýhyssalam sahabalary bilen bile bir gazawat­
dan gelýärkä, Medinä golaýlaşanlarynda, garaňky gijede esger­
lere biraz aram-dynç almak üçin rugsat berýär. Şonda Pygamber
alaýhyssalam bilen bile gazawata çykan jübti-halaly Aýşa – Alla
ondan razy bolsun! – hajat üçin çykyp, esgerlerden uzaga gidýär
we gaýdyp gelende, kerweniň ýola düşenini görýär. Şol wagt,
endige görä, kerweniň yzynda galan närseleri ýygnamak üçin
goýlan bir sahaba gelip, Aýşany görýär we ony tanap, düýä mün­
dürip, özi pyýada ýöräp ony kerweniň yzyndan ýetirýär. Muny
gören käbir müňkür kimseler Aýşany betnam edişip, dürli myşmyşlar ýaýradýarlar. Muny eşidip, Pygamber alaýhyssalam hem,
Aýşanyň atasy Ebubekir Syddyk hem, başga musulmanlar hem
örän gamgyn bolýarlar.
Aradan bir aý geçenden soň Aýşanyň päkligi anyklanýar we
bu myş-myşlaryň töhmetdigi äşgär bolýar».
Altynjy hekaýat
1. «Balhan – Abywerdiň arkasynda ýerleşýän bir şäher». Ýa­
kut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen obalary). «Mujem albuldan. 1-nji jilt. 479 s.
2. Haşam – ýurduň patyşasynyň howpsuzlygyny goraýan
saýlama topar, goşun, janpena, şatyr, jandar. Haşam sözi käbir
taryhy çeşmelerde haşym görnüşinde alynýar. Haşam, haşym şol
bir manyny aňladýan düşünjelerdir. Taryhy çeşmelerde ulanyl­
ýan haşar sözi haşam, haşym sözleri bilen manydaş däldir. Haşar
– ilatdan gyssagly ýagdaýda ýygnalan adamlaryň toparyna aýdy­
lýar. Haşar sözi türkmen dilinde häzir hem ulanylýar. Goşun,
köplenç, haşar usulynda hakynatutma adamlardan düzülipdir.
442
Adamlar gazanç etmek maksady bilen söweşipdirler. Mufrat –
köşk nökeri. Nyzamylmülk. «Syýasatnama». Ruh. A., 1998.
3. Tus – Maşat şäheriniň golaýyndaky şäher. Häzir ol
şäherden diňe haraba yzlary galypdyr.
4. Zyndyk – zyndyk sözi Mazdagyň yzyna eýerijileriň ady bo­
lupdyr. Ol at Awestanyň tefsiri bolan «Zend» kitabynyň adyndan
gelip çykypdyr. Mazdak öz çykaran mezhebini zerdeşt we mani
mezheplerine düzedişler girizmek esasynda döredipdir. Syýasy
dilde we mezhep dilinde zyndyk döwletiň we ruhanylaryň
garşysyna çykan adamlara dakylypdyr, şeýle at bilen garşydaşyňy
ýok etmek bellibir derejede aňsat bolupdyr.
5. Puta – türgenleşmek hem-de göwün açmak üçin nyşana
ok we hanjar atyşmak.
6. A.Firdöwsi. «Şanama». 456 sah., 24 setir.
7. Jöwşen – simden ýasalan gadymy uruş geýimi, sowut, de­
mir don.
8. Jamedar – soltanyň egin-eşikleri boýunça – tikmek, sakla­
mak, geýindirmek, serenjam bermek boýunça müdir.
9. Reý – bu şäheriň harabalary häzirki wagtda Tähran
şäherinden sekiz kilometr günortada, Tähran şäheri bilen
Şaabdylazym şäheriniň aralygynda galypdyr. Reýiň ady Awes­
tada «Rakaý» ýa-da «Raga», Töwratda «Rajys» şekilinde gabat
gelýär. Ýunanlylar oňa «Raga» ýa-da «Ragaýy» diýipdirler. Ahe­
menliler döwründe ol «Rajis» atlandyrylypdyr. Miladydan 150
ýyl owal Parfiýa şalygyny döreden Ärsagyň paýtagtlarynyň biri
bolupdyr. Reýi XIII asyrda mongollar ýumrupdyr.
10. Gurhanyň 13-nji «Gök gümmürdisi» («Rad») süresiniň
17-nji aýaty.
Ýedinji hekaýat
1. Gurhan. «Imranyň öýi» süresi, 26-njy aýat.
2. Kulah menşur – Perman.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
4. Dehkan (dah han) – bu söz maly-mülki bolan gurply
mülkdar adamy aňladýar. Emma her döwürde ol täze mana,
täze öwüşgine eýe bolupdyr. Häzirki döwürde ol daýhan, eke­
443
rançy manysyna eýe. Daýhan sözköki «dah han» diýen iki söz­
den ybarat. Gadymy döwürlerde pederlerimiz dahlar diýlip at­
landyrylypdyr.
5. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
6. Hajy Mälik – jähennemiň garawulynyň ady (seret:
Gurhanyň 43-nji süresiniň 74-nji aýaty).
7. 428-nji ýylynyň muharrem aýy – 1036-njy ýylyň Alp Arslan aýy.
8. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
9. Mezhepleriň içinde diňe hanafy mezhebi şerap içmegi
günä hasaplamaýar.
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. Abu
Seýit Abylhaýyryň (Mäne babanyň) seljuklylara ak pata berendi­
gi hakdaky maglumat taryhy kitaplaryň tas ählisinde diýen ýaly
gaýtalanýar.
11. Gurhan. 2-nji süräniň 216-njy aýaty.
12. Gurhan. 5-nji süräniň 56-njy aýaty.
13. Tuwulga – söweşde başa geýilýän bürünçden edilen
başgap.
14. Çaraýna – söweşde ok geçmezligi üçin gursakdan we ar­
kadan asylýan ýasy gural. Ol dört bölek metaldan ybarat bolup,
sowuda dakylýar.
15. Bäş peşgeş – Göktaňrynyň han göteren kişisine bäş zat
berýändigi hakda Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Bilimna­
ma» eserinde aýdylýar. Taňry tarapyn berilýän bäş peşgeş şu
aşakylardan ybarat: 1. Gut – hökümdarlyk. 2. Ýarlyk – buýruk. 3.
Ülüg – ykbal. 4. Küç – güýç. 5. Paýhas.
444
MAZMUNY
Şöhratly türkmen taryhynyň çeper keşbi . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 3
Birinji kitap. Gelejek
Birinji hekaýat. Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler . . . . . . . . . . 17
Ikinji hekaýat. Sowan demir egrelmez . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 60
Üçünji hekaýat. Köp pikir astynda ajal bar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 104
Dördünji hekaýat. Aga gara tiz ýokar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 115
Bäşinji hekaýat. Üç şert . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 125
Altynjy hekaýat. Ýakynyň ýolan sakgaly bitmez . . . . . . . . . . . . . . . 137
Ýedinji hekaýat. Deň etse – duş eder . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 158
Sekinji hekaýat. Durmuş – gizlenpeçek: gizlenýän – zenan,
agtarýan – erkek kişi . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 166
Dokuzynjy hekaýat. Derwezata – Seýhun derýasy bilen
Anadoly aralygy . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 196
Onunjy hekaýat. Burun ýüzden düşmez . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 232
On birinji hekaýat. Urgynyň güýjüni urýan däl-de, urulýan bilýär . 240
On ikinji hekaýat. Nesibä zowal ýokdur . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 261
On üçünji hekaýat. Depegen syrtyny süsegen ýyrtar . . . . . . . . . . . . . 281
On dördünji hekaýat. Şol gijäni «Zamahşar gijesi»
diýip atlandyrdylar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 296
Düşündirişler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 314
IKINJI kitap. HEMINZAMAN
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 27
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.