Latin

Altynjan hatyn I - 03

Total number of words is 3774
Total number of unique words is 2119
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyzy Altynjan dakypdy, Mansur hakykatdanam polady – semiz­
di) çözýärdi. Ol Abdyl­mälik emiriň diňe bir gapydany däldi:
naýybydy18 hem işigagasydy19.
Mansur Abdylmäligiň şirin janyny ynanýan iň ýakyn adamydy.
Diňe bir emiriň öýünde däl, Zamahşar galasynda hem köplenç,
onsuz çöp başy gymyldamaýardy. Öýüň ähli keşigi onuň gerde­
nindedi. Mansur haçan görseň howlukmaçdy. Onuň ýazylypýaýrap arkaýyn gülüp oturanyny görmek juda çetindi, köp zatlary
Abdylmälige ýetirmän özi hem çözýärdi. Kim näme gerek bolsa,
kim näme etmekçi bolsa Mansura baryp ýüz tutýardy.
Mansur kyrk ýaşlaryndaky, gysga boýly, berdaşly kişidi. Gür­
lände alkymyňa dykylyp: «Meni aldaýan bolaýma» diýen terzde
bäbenegiň içine dikarynlap seretmek edehädi bardy. Ol ähli
zada müňkürdi, özem näme haýyş edilse: «Ýok, ýok!» diýip, endi­
gi boýunça başda garşy çykýardy. Şeýle bolansoň onuň «Mansur
ýok», «Mansur müňkür» diýen lakamlary-da bardy. «Ýok» – onuň
iň köp ulanýan sözüdi. Şeýle-de bolsa, biraz wagtdan soň – me­
gerem, oýlanýandyr – «Ýok, etjek däl» diýen zadyny-da edýärdi.
Iň gowy tarapy, ýüreginde adamlara ýigrenç ýokdy. Onuň «ýok»
diýmeginiň sebäbi ýalňyşaýmaýyn diýen ätiýaçdan bolsun gerek,
sebäbi ol gaty uly hojalygy dolandyrýardy. Halwa, nişalla öndür­
mekde üç ýüz, ok-ýaý ýasamakda iki ýüz, maldarçylykda iki ýüz
elli, ekerançylykda müňden gowrak adam Mansur ýokdan –
Mansur poladan – Mansur müňkürden – Mansur gapydandan
hak-heşdek alýardy. Howlynyň sag tarapyndaky hatar otaglaryň
biri Mansur polanyňkydy. Onuň otagynda galanyň, sebitiň hasaphesibini ýöredýän on sany hasapçy işleýärdi. Mansur diňe agşam
öýüne gaýdýardy. Daň bilenem gelýärdi. Onuň öýi uzakda däldi.
Ol Zamahşara başda wagtlaýyn gelipdi. Onuň bilen Abdylmäligiň
35
ümi alyşdy. Soň Abdylmäligiň towakgasy bilen ol galada hemişe­
lik galdy. Abdylmälik Mansur bilen edil dogan deýin gatnaşyk
saklaýardy. Onuň aňsat-aňsat gahary gelmeýärdi. Bu, megerem,
çişik kişilere mahsus aýratynlyk bolansoň şeýledir.
Näçe ýyllap emiriniň hyzmatyny edenem bolsa, Mansuryň
goşuny towuga ýükläbermelidi. Munuň sebäbi ol baýlyga gyzyk­
maýardy. Gününiň geçeni bilen kanagatlanýardy. Ol maşgala-da
edinjek bolmaýardy.
Dogrusy, ony on alty ýaşynda öýeripdiler, ýöne alan gelni ilkin­
ji gije ölüpdi. Şondan bir ýyldan soň ol ýene öýlenipdi. Ikinji gelni
hem ilkinji nika gijesinde ölüpdi, munuň hikmeti ähli kişä aýandy.
Şonda oňa: «Saňa öýlenmek, şöhwete girmek bolmaýar»
diýipdiler. Mansur janygypdy: «Allatagala uly zat beribem, kiçi zat
beribem, asyl bermänem adamy betbagt edip biljek eken-ow».
Ana, şondan soň Mansur terkidünýälige ýüz urupdy. Ýog­
sam özüne berlen miras ýere-göge syganokdy. Onuň öz obasyna
barasy gelenokdy. Sebäbi obasyna barsa, köpler ony göz astyndan
synlamak synlap, hyşy-wyşa başlaýardylar. Şeýle bolansoň, ol
Zamahşarda dünýäni unudyp işlänini gowy görýärdi.
Mansur Zamahşarda üçünji gezegem bagtyny synap görüp­
di, asyl daýaw, uly göwreli bir aýal Mansura äre çykmaga höwes
bildiripdi, özem öň birinji gije iki aýalyň ölendigini eşidenden
soň. «Men ähli zada döz gelerin» diýdi, Mansuryň gürrüňine
ynanmadyk bolarly ol, höwesjeň gelniň göwresiniň ululygyna
bil baglan bolmagy-da mümkin. Mansur seresap bolmagy ýüre­
gine düwdi. Ähli zady ätiýaçly başlady, ýöne, barybir, bolmady,
hyjuw hyňzap, öwç möwje gelende hatynyň öljegi, seresap bol­
mak hakdaky özüne eden ähdiň ýadyňa düşmez eken...
Galadakylara hakykaty aýtmakdan saklandylar, «Gelni gije
gara möý çakypdyr» diýdiler.
Mansur şondan soň öýlenmekden Allatarapyn mahrum­
dygyna boýun sundy.
Onuň durmuşdan alýan ýeke-täk lezzeti awdy. Ol elguşly
awa gidip, awlan sülgünleriniň gyzgyn ganyny joralandyryp
içip, hezil edýärdi.
Galada öýlenmekden, hatyn bilen şöhwetde bolmakdan keskelläm boýun gaçyrýan ýene bir kişi bardy. Ol atabeg Omardy.
36
Elli-elli bäş ýaşlaryndaky köseleç Omaryň bar bileni-biteni bilim­
di hem ylymdy.
Omar uzynak boýly, eti-gany ýetik kişidi. Ýüzi mähirlidi,
gürlände ýuwaş gürleýärdi. Onuň gaharlanan çagyny gören
adam ýokdy. Ol boýdy, ýigit çykyp ýeke gezegem zenan ysyny
ysgap görmändi, öýlenmändi.
Altynjanyň on sekiz ýaşly akgyzy Uzperi Omara magşuk
bolupdy.
Uzperi Omaryň kirini ýuwup, çägini çatýardy, otagyny süpür­
ýärdi, çagalara sapak geçende daş işikde oturyp, ony synlaýardy,
gürrüňini diňleýärdi. Omar sypaýy kişi bolansoň, Uzperi bilen
gaty mylaýym gürleşýärdi. Olar däli porhan bolup, biri-birlerini
söýdüler. Emir Uzperini Omara alyp bermäge, toý etmäge döw­
talapdy, ýöne Omar öýlenmek islemedi: «Atabegleriň ata-baba
gelýän däbine ysnat getirmäýin. Atabeg ömrüni sallahlykda ge­
çirmeli, menem ömrümi sallahlykda geçireýin» diýip, ol özüne
ýowuz çemeleşdi. Herhal, ol Uzperini görende süňňüni saklap
bilenokdy, ony bagryna basasy, hyjuwyny egsesi gel­ýärdi. Ol bir­
ki gezek özüne erk edip bilmän, Uzperini bagryna basypdy hem.
Altynjan hem öz akgyzynyň Omara durmuşa çykarylmagyny is­
leýärdi, atabegden toý tutmagy towakga ederdi.
Bir gün Omar Uzperi barada emiriň dergähine ýörite bardy:
Uzperi ikisiniň bir howluda ýaşamaklarynyň mundan beýläk müm­
kin däldigini, çünki ol gyzy görüp dursa, hyjuwyna erk etmegiň özü­
ne juda agyr düşýändigini, şonuň üçin ýa özüniň ýa-da Uzperiniň
şu howludan gitmeginiň hökmandygyny aýtdy. Abdylmälik hernäçe
islemese-de, gadymdan gelýän türkmen atabeglik mekdebiniň
kada-kanunynyň saklanmagynyň hatyrasyna Omaryň islegini ýakyn
günlerde amatly bahana tapyp kanagatlandyrmaga söz berdi.
7.
Altyndaş Abdylmäligi ýanyna çagyryp, ony özüne tümenbaşy
belleýändigini, han20 adyny, gerek wagty bir tümen goşun jem­
lemegi üçin Zamahşar sebitini ykta21 berýändigini aýtdy.
Altyndaşyň bu ynamy Abdylmälik emiriň abraýyny sebitde
has ýokary göterdi. Ýöne goňşy şäherleriň, galalaryň häkimle­
37
ri, emirleri oňa gözügidijilik bilen seredýän-de bolsalar, emir
– ol indi Abdylmälik handy! – öz gününden razy däldi. Sebäbi
galada şugul bardy. Ol şugul Abdylmälik hanyň bagtyna boran
ýagdyrmak üçin aşa yhlas edýärdi. Ana, şol şugul hanyň iki aýa­
gyny bir gonja sokýardy, ynha indi on dört ýyl bäri hernäçe yhlas
etse-de, onuň kimdigini anyklap bilenokdy. Altyndaş Ürgençde
oturan ýerinden Zamahşar galasynda bolup geçýän ähli zatlary
hanyň özünden takyk bilýärdi.
Emir her üç aýdan öz sebitindäki ýagdaý barada hasabat
bermek üçin Altyndaşyň ýanyna baranda, ondan özi hemem
sebitde bolýan wakalar bilen baglanyşykly gürrüňleri eşidip
haýranlar galýardy. Özem Altyndaşa ýetirilýän habarlar dog­
rudy. Ol gürrüňleriň hemmesini aýdyp soňuna çykar ýaly däldi.
Altyndaş gürläp başlanda emir girere deşik tapanokdy.
Altyndaş Zamahşar sebitinde bolup geçen ähli wakalary
jikme-jik bilýärdi. Haýsy obada ogry bar? Ol ogrular kimler?!
Kimiň zady ogurlandy? Kim kimi näme üçin öldürdi? Haýsy
emir kim bilen gatnaşýar. Heýteleden22 Horezmine kim haýsy
maksat bilen gelipdir. Bu zatlary Altyndaş gaty takyk bilýärdi.
Ol Abdylmäligiň özi hakda-da köp zatlary bilýärdi. Özem gaty
ynamly gürleýärdi:
«Sen gaýynataň Tahyr Afrasýabyň ýanynda: «Soltan
Mahmydyň asly gul, onda asyl ýok, asyl» diýipsiň. Sen gaty
ýalňyşýarsyň, Abdylmälik. Soltan Mahmyt seniň bilen ykbaldaş.
Ol Gün hanyň ogly Gaýalardandyr. Gaýa han hakda Oguz
hanyň wesýeti bardyr. Ol: «Biziň neberämize Gün han patyşa
bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýa han patyşa bolsun. Gaýa uru­
gyndan han barka Baýat han patyşa bolmasyn, ol diňe öz boýu­
na beg bolsun»23 diýendir. Ine, Oguz hanyň şu wesýeti boýunça
Mahmyt – soltan. Seniň nesebiň hem şa nesilşalygyndan, ýöne
ol nesilşalyk syndy. Soltan Mahmydyň nesebiniň kysmaty-da
edil seniň nesebiň kysmaty ýaly. Kakasy Söbüktegin öz ogullary­
na «Pentnama»24 atly kitap galdyrypdyr. Men ol «Pentnamany»
ençe gezek diňledim. Ine, şol kitap! – Altyndaş daşyna mahmal­
dan daşlyk edilen kiçeňräk kitaby Abdylmälige berdi. – Oka,
38
hökman oka! Söbükteginiň kakasynyň adyna Bejkem Barsan
diýer ekenler. Olar türkmenleriň Barshan25 taýpasyndan eken.
Barshan barjamly beg eken. Çaga-çugasy köp eken. Söbüktegin
Bejkem Barshanyň üçünji ogly eken. Bejkem awa gidende oba
türkmenleriň tahsylar diýilýän bir taýpasynyň adamlary dökü­
lip, öýleri talap, oba adamlary bilen birlikde Söbüktegini hem
ýesir edip alyp gaýdýarlar. Söbüktegin ýesirlikde dört ýyllap
mal bakypdyr. Soň ony Heýtelä eltip satypdyrlar. Söbüktegini
ilki Nasr Çäçi diýen adam satyn alypdyr. Soň ony emir Alpte­
gin satyn alypdyr. Alpteginiň ýanynda-da Söbüktegin uly sylagderejä ýetdi. Onuň başdan geçiren günlerini diňläňde nebsiň
agyrýar. Onuň ykbaly bilen deňeşdireniňde, herhal, seniňki
ganymat. Ullakan gala emirlik edip otyrsyň. Hiç kim seni gul
edip bazara salmady. Gün kowumyndan, şa hanedanlygyndan
bolanyň üçin soltan seni, biler bolsaň, hatyralady. Saňa hoş söz­
lerini gaýgyrmady».
«Jürjaniýanyň baş bazarynda halwa satýan Derýa Bahram­
gulyny garyp düşürmek, jüt galdyrmak üçin gawşfinjli hem burun­
takly iki sany halwaçy bilen agyz birikdirip, halwalaryňy arzan baha­
dan satyp başlapsyňyz. Birine bilkastlaýyn ýamanlyk etmek ýaramaz
häsiýet. Derýa Bahramguly diýen halwaçyny men tanamaýaryn,
ýöne şoňa ýamanlyk etjek bolmagyňyzy unamaýaryn».
«Altynjan atly gyzyňa: «Ýaňra bolma!» diý. «Seni Altyndaş
emire äre bermeli» diýilse, seniň gyzyň: «Gul soltan bolsa-da –
guldur. Gul gelip aýagymy öpse-de, şa nesebime çirk ýetirtmerin.
Ondan-a abdal bezirgenine hatyn bolanym hem müň esse gowy
bolar» diýýärmiş. Meniň aslym gul däl. Men hem edil siz ýaly ak­
gunlardan. Men begzada nesebindendirin. Atam Balh şäheriniň
marzbanydy, ýöne sasan şasy bolgusyz bir bahana sebäpli – ol
bahananyň nämedigini men saňa doly aýdyp oturmaýyn – atamy
zyndana atdy, gul bolup ýaşamak belasyndan meni kyblagähim,
iki jahan serwerim, beýik soltan Mahmyt ibn Söbüktegin halas
etdi. Men ömrümiň ahyryna çenli halasgärime mutyglygymy,
sadyklygymy birjik-de kemmerin. Beýik Perwerdigär, goý, soltan
Mahmydy öz penasynda hamdu-senalykda saklasyn!».
39
«Çagalaryňa üç dili öwredýärsiň, näme, şalyk özüme dola­
naýar öýdýärsiňmi? Bil, uly bagtlar hiç wagt yzyna dolanýan däl­
dir, diňe kiçi bagtlar dolanýandyr».
«Dört tirkeşleriň ikinji aýynyň bäşinde Käs şäheriniň hä­
kimi Gazanpar bilen bagyň içinde günortandan namazşama
çenli ikiçäk gürrüň edipsiň, kimdir biri ýanyňyza barjak bolsa,
biçak gaharlanypsyň, kowupsyň. «Ýanymyza hiç kim gelmesin!»
diýipsiň, näme, gürrüňiňiz şeýle pynhanmydy?»
«Şadranç diýen müňbaşyňy beýleki müňbaşylaryňdan gowy
görmegiň sebäbi näme? Onuň bilen ogryn gürrüňleri köp
edýärsiň, ony nirädir bir ýere iberýärsiň. Men onuň haýsy oba­
dan näçe paç alandygyny, haýsy galalaryň emirleriniň üstüne az­
gyrylandygyny bil­ýändirin. Şadranç diýen müňbaşyňa aýt, indi
Mätel raýisiň, Dogan raýisiň obalaryna barmasyn!»
«Görýän welin, seniň gyzyň burnuna ýel düşen bolmaly,
ol Altyndaşyň ähli atly goşunyny bir ýana, aty bilen özüni bir
ýana hasaplaýarmyş. Ýa, Abdylmälik, seniň gyzyň at üstünde
gylyçlaşmaga şeýle ökdemi? Gyzyň hakykaty aýdýan bolsa, onda
ony atly goşunyma hyýlbaşy edip gulluga alaýyn. Ha-ha-ha!»
Diňe bir emir Altyndaş däl, onuň umury istihbarat sahyby26
hem birnäçe gezek Abdylmälik hana, esasan, Altynjan babatda
duýduryş beripdi. Olar Altynjanyň üç gyzy, iki oglany urup, olara
şikes ýetirendigini, urlanlaryň hossarlarynyň bir gije garaňkylykdan
peýdalanyp, Altynjany özünden gidýänçä urandyklaryny bilýärdiler.
Altyndaşyň hem sahybyň sözleri Abdylmälik hanyň dünýäsi­
ni lerzana salypdy. Indi han gürlemäge gorkýardy, nämedir bir
iş etmäge gorkýardy. Gijelerine gözüne uky gelmeýärdi. Hana,
onuň içki harasadyny aňan Hajar hatyn adamsynyň gatap, daşa
dönen ýeňsedamaryny ýumşatmak, göwnüne giňlik bermek
üçin birki gije bäri şebistanyna27 gelýär...
8.
Ýazda emire soltan Mahmydyň buýrugy geldi: han bir tü­
men goşun bilen Nyşapura barmaly, ähli welaýatlaryň goşunlary
hem şol ýere barar, şol ýerden Hindistana jihada ugralar.
40
Abdylmälik tä gyşa çenli şugulçynyň azaryndan azat bol­
jakdygyna begendi. Elbetde, bu çykalga däl, ýöne ýaman öz pälin­
den tapýar, ol uzak gitmeýär. Gyşa çenli pälinden tapar. Abdyl­
mälik han şu pikir bilen bir tümen goşun jemläp, Nyşapura, ol
ýerden hem Hindistana sary jihada ugrady. Zamahşary dolandyr­
magy bolsa Mansur müňküre ynandy.
Adam bende başyna düşen kysmatdan käte gaçyp gutul­
jak bol­ýar. Uzak bir ýere gitse, üns bermese, göwnüne, başyna
düşen iş öz-özünden aýrylaýjak-galaýjak ýaly duýulýar, ýöne
sakyrtga ýapyşan ýerinden aýrylýar, başyňa düşen kysmat welin
aýrylmaýar.
Şol işi özüň düzedäýmeseň, Alla-da düzedenok.
Özüň düzedip bileňokmy, diýmek, saňa başga kysmat garaşýar.
Abdylmälik emir ähli zatdan beter durmuşynda şowsuzly­
gyň gopmagyndan gorkýardy...
Kakasy Bugrajyk Abdalyň aýylganç kysmaty, onuň gözgyny
halda ýatyşy şol wagt sekiz ýaşynda bolan Abdylmäligiň aňynda
gorky bolup galypdyr. Şol gorky onuň aňyndan aýrylmaýardy.
Gaýtam, adaty bolmadyk herki zat onda gorky döredýärdi.
Göwnüne bolmasa, ýakyn günleriň birinde özi, çagalary, hyz­
matyndakylar öldüriläýjek, galasy otlanylaýjak ýaly duýulýardy.
Onuň häsiýetindäki gaharjaňlygy şol gorkusy sebäplidi.
9.
Abdylmäligiň ilkinji iki çagasy öli doguldy. Sadylla onuň
üçünji çagasydy. Sadyllanyň gözi çyrçykdan açylmady, ol beden
taýdan sagdyn bolsa-da, biraz myllykdy. Oturan ýeri özüniňkidi.
Abdylmälik ogluna din ugrundan sowat öwretmegi ýüregine
düwdi. Din hadymy bolmak üçin güýç gerek däl.
Altynjan welin sagat ösdi. Ýedi aýlykka ýöräp ugran-da bolsa, giç
dil çykardy. Daýysy Tümen ýaly galjaň hem urşagan boldy.
Abdylmälik gyzynyň urşaganlygyna, dogrusy, guwandy. Ýa­
ňy alty ýaşy dolanda oňa kiçeňräk gylyç ýasadyp berdi, nädip
gylyçlaşmalydygynyň tilsimlerini görkezdi, uzak wagtlap gylyçlaşdy.
Altynjan agasy Sadyllanyň eşigini geýdi, özüniň gyzdygyny
adamlardan ýaşyrmaga çalyşdy. Altynjanyň agasy Sadyllanyň
41
eşigini geýmegini görenler geňlediler, oňlamadylar. Käbir kişiler-ä
göni aýtdy: «Emir, sen gyzyňa söweş tälimlerini öwretme. Gyz
maşgalanyň orny gazan-çanagyň ýanyndadyr». Emir güldi: «Gyzy­
ma öz siňegini goramagy öwredýärin. Munda näme aýyp bar?! Kä­
millik ýaşyna ýeter welin, ana, şonda: «Eliňe gylyç al!» diýseňem
almaz, ejap eder. Oňa çenli, goý, bekesin».
Abdylmälik Altynjana ogryn wesýet bererdi: «Gyzym, og­
lanlaryň haýsysy aýdanyňy etmese, göni urgun! Özem uraňda
gazap bilen urgun! Goý, ikinji gezek seni görende gorkudan
ýaňa titresin. Bir zat aýtsaň, dessine ýerine ýetirsin. Hiç zatdan
gorkmagyn. Gorky erbet zatdyr, ol adamy göýdük edýändir».
Altynjan kakasynyň pendini ýerine ýetirmäge çalyşýardy.
Ol gaýratlydy, hyjuwlydy. Bir ýerde uzak durasy gelenokdy.
Onuň bolşy gyz maşgalanyňka meňzänokdy, ot ýalydy. Ýörjenýörjenlikde, gör, näçe gezek ýykyldy. Bir ýeri ganap dursa-da,
aglamalydyr hem öýtmedi ol. Özem gaty urşagan, urmagy gowy
görýär. Özünden ep-esli uly çagalaram derrew urup agladýar.
Üç-dört ýaşynda ondan elheder edip ugradylar.
Altynjan öz deň-duş oglanlary bilen göreş tutup, olary uç­
dantutma ýykýardy. Özünden güýçlüräkleri bolsa urup aglad­
ýardy. Onuň bu bolşuna Abdylmälik heziller edýärdi, gyzynyň
öz deň-duşlaryny urmasyndan lezzet alýardy.
Abdylmälik emiriň hasaby boýunça on iki-on üç ýaşa ýe­
tende Altynjan çaga kakabaşlygyny goýmalydy. Ýöne ol on üç
ýaş­da-da, on dört ýaşda-da kakabaşlygyny goýmady, gyz eşigini
geýmelidigi hakda aýdylsa, utanyp, dym-gyzyl bolýardy. Bir gün
ertir Abdylmälik han agasynyň eşigini geýen Altynjana «Öz
eşigiňi geý! Sadyllanyň eşigini alan ýeriňde goý!» diýip azgyry­
landa, gyzyň uzynly gün aglap oturanyny gördi. Iki günden
soň, görse, Altynjan şol öňki oturan ýerinde şindem aglap otyr.
Ony ejesem, doganlaram köşeşdirip bilmedi. Ana, şondan
soň Abdyl­mälik han hötjet gyzyna ýagşydan-ýamandan käýe­
mesini goýdy. Näme aýtmak islese, Altynjanyň ejesine aýtdy.
Gyzynyň özünden öýkeläp iki günläp aglamasyny Abdylmälik
han hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Ol gyzynyň bäş ýaşyndaka
Arsahuşmisen bazarynda kellesi kesilen aýalyň saçlaryny ýylana
meňzetmesini-de akylyna sygdyryp bilmändi.
42
Han ogullaryndan arkaýyndy, gyzynyň täleýi welin ony
howsala saldy. Bu howsalasyny hiç kime aýdyp-da bilmedi.
Göwnüne bolmasa, Altynjan hiç kimsäniň akylyna sygmajak
bir ýowuz etmiş edäýjek ýalydy. Han, ana, şol ediljek ýowuz
etmişden juda gorkýardy.
10.
Geçen ýyla çenli Abdylmäligiň öýünde üç atabeg bardy. Üç
atabegiň hersi emiriň çagalaryna bir dili – arap, pars hem ýu­
nan dillerini öwredipdi, olaryň üçüsem üç dili suwara bilýärdi­
ler. Atabegleriň sahyby Omar emiriň çagalaryny arap dilinden
okadypdy. Atabegler bilen baglanyşykly mesele ýüze çyksa, emir
diňe Omardan soraýardy.
Geçen ýyl emir atabegleriniň Omardan özgesini Altyndaşyň
islegi boýunça köşge ugradypdy. Emiriň Omary öýünde alyp
galmasynyň sebäbi bir ýa ikiden köpdi. Omar indi diňe bir
emiriň çagalarynyň atabegi däl-de, nedimidi28 hem. Ol emiriňde nedimidi. Ol emiriň hajybydy, Mansuryň kömekçisidi.
Emiriň islegi boýunça Omar atabeg Sadylla dagy bilen bir hepde
ýunan dilinde gürleşse, soňky hepde arap dilinde gürleşýärdi,
ondan soňky hepde bolsa pars dilinde gürleşýärdi. Emiriň ça­
galary, atabeg berk talap edensoň, öz aralarynda-da başga dil­
de gürleşýärdiler. Olaryň başga dilde gürleşmelerinden käteler
Hajar hatyn, gapydan Mansur kösenmek kösenýärdiler.
Abdylmälik emir çagalaryna begzada terbiýesini29 berýärdi,
şa çagalary ýaly okadýardy, şa çagalary ýaly hiç bir zadyny kem
etmän iýdirip-içirýärdi, geýindirýärdi. Üns bermeýän ýaly bo­
lup ýörse-de, Omar atabegden her gün çagalary hakda hasabat
alýardy. Ol çagalarynyň erkin ulalmaklary, döwrüň pähimdar,
baý adamlary bolup ýetişmekleri üçin yhlas edýärdi. Olaryň
sowatly bolmaklary üçin puluny-da, wagtyny-da, gaýratyny-da
gaýgyrmaýardy. Uly ogly Sadyllany Arsahuşmisen şäheriniň
medreseleriniň birine okuwa ýerleşdirmek emire o diýen
müşgil däldi, ýöne ony Jürjaniýa äkidip, iň atly medreseleriň bi­
rine fykh30 ugrundan okuwa ýerleşdirdi. Her gezek Altyndaşyň
43
ýanyna hasabata baranda Abdylmälik bir gije ogly Sadyllanyň
ýanynda bolardy.
Abdylmälik han käteler çagalaryny daşyna üýşürip, olara
öwüt-ündew geçýärdi. Onuň öwüt-ündewi, köplenç, batyrlyk
hakda bol­ýardy:
– Hiç zatdan gorkmaly däl. Batyr bolmaly! Gorkaklyk –
göýdük­lik, batyrlyk – myradyňa ýetmek! Men hiç zatdan gork­
maýaryn, siz hem meniň ýaly batyr boluň! Gorkaklyk biziň ne­
berämize ýatdyr!
11.
Emiriň on üç-on dört ýaşlaryndaky Altynjan atly gyzy hak­
daky gürrüňler, çynaberimsiz, badyhowa rowaýatlar il içinde aý­
saýyn möwç alýardy. Özüne göwni ýetýän goç ýigitler Altynjanyň
sahypjemalyny görmek üçin ýöriteläp Zamahşara gelýärdi.
Altynjan hakdaky rowaýatlar dürli-dürlüdi. Olarda emiriň
gyzy özüne imrindirijiligi bilen men-men diýen ýigitleriň ag­
zyna siňek gondurýardy. Ol rowaýatlaryň galabasy Altynjanyň
owadanlygy hakda däl-de, onuň taýsyz batyrlygy, güýjüniň
deňsiz-taýsyzlygy, şemşerli31 söweşmäge ussatlygy, dünýäniň
ýetmiş iki diline suwaralygy hakyndady. Söwdada aldanan kä­
bir adamlaryň haklaryny kezzap täjirlerden yzyna alyp beren­
digi, nähak ezilenlere howandar çykandygy, Yspyhan, Merw,
Bagdat ýaly uly-uly şäherlere uçup gidip, günin dolanyp gelip
bilýändigi hakda bir görseň ertekä çalym edýän rowaýatlary
adamlar rawydyr bagşy diňlän ýaly bolup diňlärdiler. Şol ro­
waýatlary diňlän ýaş ýigitlerde gudratly hem owadan Altynjan
atly gyzyň didaryny birje ýola görmek sapasy döreýärdi.
Ol gyzy nädip duluňa geçirip bolar? Duluňa geçirmek üçin,
belki, Abdylmälik hanyň, belki-de Altynjan gyzyň şerti bardyr?!
Nähili şert bolsa-da, bagtyny synaga salmaga töwekgel ýigitler
bardy.
Altynjan özi hakdaky waspa mynasyp sahypjemal gyzdy. Bel­
ki, bir ýerlerde Altynjan ýaly görk-görmekli gyz barsa bardyr,
ýöne onuňky ýaly sustuňy basyjy peýkerdir keşmer hiç gyzda
45
ýok bolsa gerek. Altynjanda bir artykmaçlyk bardy. Ol artykmaç­
lyk onuň peýkerindedi, jadyly ala gözlerindedi. Onda sustuňy
basyjy bakyş bardy. Özem ol bakyşda ulamalaryň pähim-para­
sady, hökümdarlaryň hökümdarlygy bardy. Seni etmişiň üçin
ýazgarýan atabegiň nägileligi, merdana gahrymanyň buýsanjy
bardy. Altynjan bu panyýa hatyn bolup ýaşamak üçin däl-de, äle­
me hökümdarlyk etmek üçin inen ýalydy.
Altynjanyň ýüz keşbinde haýbatly hökümdarlyk keşmeri
on iki-on üç ýaşda has äşgär duýuldy. Onuň mähir-muhabbetli
ala hem talap­kär gözleriniň, haýbatly hökümdarlyk keşmeriniň
öňünde erkek kişi bolup durmak aňsat däldi.
– Wa daryg-a, wala32, Hudaýtagala weledanlaryny33 ymgyr
ileri tutýar: özüniň bir erkegi üçin şeýle owadan gyzy dünýä in­
deripdir. Bu hüýrjemal gyzy erkek kişä dözer ýaly däl-ä. Eliňi
degirmäge dözer ýaly däl, ýöne seredip oturmaly perizat bu –
diýip, Gülýüzli atly akgyz34 käteler Altynjana bakyp ah urardy.
– Wa weýleta, seniň diňe ýörişiňi kyrk gyza çalyşjak däl-ä men.
– Arkaýyn bolaý, men äre çykmaryn.
– Wa daryg-a, wala, men ýigit bolan bolsam-a bökerdim
üstüňe, «Ýa meniň hatynym bol, ýa al meniň janymy harladyp»
diýip – diýip, akgyz odanardy.
Hakykatdanam, Altynjana seretseň, Allatagalanyň erkek kişileri
biçak eziz görýändigini duýýardyň. Onuň akýagyz ýüzi buldurap
durdy. Ol ýüz biçak terdi, biçak owadandy. Çalaja ýylgyranda çep
ýaňagynda emele gelýän çukanajyk oňa hasam owadanlyk berýärdi.
Akgyz bu çukanajygy weledanlary bendiwan etmek üçin Haktagalanyň
guran gapany hasaplaýardy.
12.
Howlynyň çep tarapyndaky göz-göz otagly haremhananyň
birinji otagynda Altynjanyň akgyzy Gülýüzli, ikinji otagda bol­
sa Altynjanyň özi bolýardy, üçünji otag Altynjanyň ejesi Hajar
hatynyňkydy. Altynjanyň şebistany uludy, ýagtydy. Ýere dört-bäş
gat haly düşelgidi. Işikden gireniňdäki çep diwarda keşdeli sandyk­
lar hataran goýlupdy. Ol sandyk­lar mundan bir aý öňem sekiz sa­
46
nydy. Häzir olaryň sany on dörde ýetipdir. Sebäp, geýim-gejimleri,
goş-golamlary sekiz sandyga sygmandan soň, Altynjanyň kakasynyň
buýrugy bilen gowy agaç sandyklary ýasamakda Horezminde at
alan netjar Haýdara alty sany sandyk ýasadypdy.
Şebistanyň töründe ini alty, boýy on iki zirag bolan sypa ýer­
leşýärdi, ol ýerden bir zirag çemesi ýokarydy. Her hili reňkdäki
atlaz matadan edilen ýorgan-ýassyklar içerä özboluşly gelşik
berýärdi. Sypanyň çar ýanyndan petige berkidilen, aňrysy gör­
nüp duran ýukajyk ak kumaş asylgydy. Altynjan üç-dört ýyl bäri
şu sypada ýatýardy.
Ol säherhyzdy, her agşam irgözin düşegine geçýärdi. Ala­
daňdandan soň asyl gözüne uky gelmeýärdi. Şeýle bolansoň, ol
köp­lenç ýuwaşlyk bilen baryp, ejesiniň ýorganyna girýärdi. Her
hili gürrüňler bilen, her ýerinden hürsekläp, ejesini ukudan
oýarýardy.
Altynjan jahan çala ýagtylyp-ýagtylmanka kakasy ýaly aýak
üstünde bolmagy gowy görýärdi. Akgyz sabada gymyz sagyp, gyz­
gynja gymyzdan bir şakäsäni dolduryp Altynjana getirip bererdi.
Melikesiniň ýanynda oturyp, onuň gymyzy içip bolaryna garaşýardy.
Şondan soň Gülýüzli Altynjanyň owsun atýan saçyny darardy.
Altynjan şadyýan gyzdy. Degişmegi-gülüşmegi gowy görýär­
di. Ol mydama akgyzyna «Köp gürleýärsiň» diýip igense-de, ol
gürlemese içi gysardy.
Oguzlaryň begzada nebereleriniň gyzlaryna öwredilýän
zenan edepleri bardy. Onda gysgajyk ädimler bilen keýik
deýin keýerjekläp ýöremek, näzik, inçe ses bilen gürlemek,
mylaýym, guş dili bilen erkek kişileriň ýüreklerini gobsundyr­
magy başarmak öwredilýärdi. Erkek kişilere haýsy sözleriň hoş
ýakýandygy, olar bilen gürleşilende haýsy sözleri aýtmalydygy-da
öwredilýärdi. Altynjan «Oguz begzadalarynyň gyzlarynyň ede­
bi» atlandyrylýan sapagy diňlemekden kes-kelläm ýüz öwürýär­
di. «Men weledanlara ýaranmak üçin ýörişimem, gürleýşimem
üýtgetjek däl. Weledanlaryň gowy görýän sözlerinem öwrenjek
däl. Goý, olar maňa hoş ýakjak sözleri, edepleri öwrensinler.
Men diňe söweş tilsimlerini, göreş tilsimlerini öwrenjek. Han­
jary nyşana atmagy öwrenjek» diýip tekepbirlik etdi.
47
Abdylmälik emir gyzynyň bu batyrlygyny, tekepbirligini go­
wulyga ýorup, onuň bilen öz ýanyndan ylalaşdy, ýöne sesini çy­
karmaýardy.
Altynjan köp wagty atabegiň ýanynda geçirdi. Ondan ylymbilim öwrenmäge çalyşdy. Atabeg başda Altynjana ylym-bilim,
daşary ýurt dillerini öwretjek bolup köp jan çekmedi, onuň
bar aladasy Habyl bilen Kabyldy. Altynjan ejesine arz etdi, soň
Mansura arz etdi. Barybir, atabeg öňki bolşuny o diýen bir üýt­
getmedi. Şeýle bolansoň Altynjan atabege garşy uruş yglan etdi:
gije baryp, onuň ýatan düşegine bir küýze suw döküp gaýtdy,
köwşüniň bir taýyny gürüm-jürüm etdi, onuň iýmeli naharyna
ogrynça kä galampyr, kä zäk atdy. Atabegiň eden «bolgusyzlyk­
lary» köpeldi: ol bişip duran gazany düňderip gaç­ýar. Teble­
hanadaky atlary çykaryp goýberýär. Bagyň dowçalaryny ýygyp,
elguşlaryň öňüne dökýär. Abdylmälik hanyň gowy görýän hytaý
çäýnekleriniň ýigrimi sanysyny döwüp, dalana zyňypdyr. Ähli
bolgusyzlyklary eden Omar atabeg. Onuň edendigi hakykat,
çünki ony Altynjan görüpdir. Diňe Altynjan däl, Altynjanyň
kenizem görüpdir. Habylam, Kabylam görüpdir. Gören kän.
Altynjan yzyna birtopar oglan-gyz tirkäp getirýär. Olaram hakyt
görüpdirler. Atabegiň «bolgusyzlygy» nädip edendigine, nädip
durandygyna, soň haýsy tarapa gidendigine çenli takyk aýdyp
otyr olar. Gören adam takyk biler-dä!
Biri hötjet bolsa, Omar hötjetdi. Üç dili hem hötjetliginiň
hasabyna öwrenipdi. Ýöne onuň hötjetligi Altynjanyň höt­
jetliginiň ýanynda gara şaýa-da degmeýän bolsa nätjek!
Hötjetliginiň ýol almajagyny bildi görgüli. Onsoň Altynjan
bir zat sorasa, islese-islemese, jogap bermeli boldy. Özem jo­
gap bereniň bilenem bolaýanok, Altynjanyň göwnünden tur­
maly. Garasaý, Altynjan doganlaryndan öňe omzady. Kabyl bi­
len Habyl atabegiň Altynjana sapak geçişine öwelişip seredip
oturdylar. Meýdanda serkerdelik hem söweş tälimleri öwreni­
lende-de Altynjan doganlaryndan öňe düşdi.
Doganlarynyň hiç birisiniň hem Altynjan bilen dawa edesi
gelenokdy. Sebäp Altynjan sähel zat üçin gyzylýumruga girmegi
48
hiç zatça görenokdy. Doganlarynyň içinde Altynjandan almytyny
almadygy-da ýokdy. Asyl, uranda agyrar, yzy erbet bolar diýen pikir
ýok onda. Ata-baba köýüp ýatan ary bar ýaly, bar güýjüni jemläp,
şeýle bir hykyldadýardy welin, ýumrugy degen ýerini böwsüp
aňrysyna geçäýjek-geçäýjek bolýardy. Hudaý saklasyn! Iň gowusy,
onuň gaharyny getirmezlik!
Altynjanyň gaharjaňlygy, gyzmalygy kakasynyňka meňzeýär­
di. Abdylmälik han hem sähel zat üçin gaharlanyp, gör, näçe ge­
zekler Hajar hatyny urdy! Gör, näçe gezekler ogullary Sa­dyllany,
Kabyly, Habyly urdy! Han uransoň, olar bir hepdeläp, käteler
ondanam köp wagtlap ýerlerinden galyp bilmän ýatardylar.
Altynjan hem edil kakasy ýaly rehimsizdi. Ol on iki ýaşynyň
içinde zamahşarly üç sany gyzyň, iki sany oglanyň käsiniň elini,
käsiniň aýagyny döwdi, käsiniň ýüzünde tyg yzyny galdyrdy. Olary
näme üçin şikes salyp urandygy hakda kakasy gyssap soranda, Altyn­
jan anyk jogap bermedi. Şeýle-de bolsa, han gyzynyň biçak gaharyny
getiren syryň nämedigini çak edýärdi hemem gyzyny öz ýanyndan
oňlaýardy. Hut şonuň üçin ol gyzyna käýejek hem bolmandy.
Altynjan üç gyz bilen iki oglana şikes salyp urandygy üçin
bir­jigem ökünmeýärdi, gaýtam, özüni geçirimlilik eden hasap­
laýardy. «Ikinji gezegem şol sözleri aýtsalar, onda men olary
hökman öldürerin» diýip, ol gazaplanýardy.
13.
Altynjan eden işi üçin özüne kast ediler öýtmändi. Sebäbi
ähli kişini ol kakasyna garaşly hasap edýärdi.
Galadaky ähli ýaşaýjylara Altynjanyň kakasy tötek berýär.
Eger tötek, ýegesi bermese, olar aç öler. Olary iýdirip-içirip
ýören adamyň gadyryny bilmeli! Abdylmälik hana hormat-gadyr
goýmaly. Çagama şikes ýetdi diýip ar aljak bolmaly däl!
Haýp, Altynjanyň pikir edişi ýaly bolmady.
Alagaraňky gijeleriň birinde Altynjan ýerli oglan-gyzlar
bilen daşarda gizlenpeçek oýnap ýördi. Şonda iki sany gara
Altynjanyň üstüne towusdy. Olar onuň çem gelen ýerine urmak
urdular.
4*
49
Iki garanyň ellerinde daş bar eken. Olar Altynjany tä özün­
den gidýänçä urdular.
Garaňkylykda özünden giden Altynjany agtaryp tapmadylar.
– Altynjan! Altynjan! – diýip, garaňkynyň içinde Habyl bilen
Ka­byl, Mansur bilen Omar, Babyr bilen Dowguş ony agtarmak ag­
tardylar.
Jahan ýagtylanda özüne gelen Altynjan:
– Akgyz! Akgy-yz! – diýip gygyrdy.
Mirşepler ylgap geldiler. Derrew Altynjanyň düşen ýagdaýy
hakda emire habar berdiler.
Altynjanyň ýagdaýy gaty agyrdy. Ol bir aýlap düşekden galyp bil­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 04
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.