Latin

Altynjan hatyn I - 23

Total number of words is 3754
Total number of unique words is 2030
29.9 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
malarymyzda ýeke gezegem ýalňyşmandyk.
Altynjan Togrul begiň bu sözüni geň galyp diňledi. Begendi:
– Agzyňyzdan Hudaý eşitsin, hernä! Adyna näme dakarys?
– Ady taýýar onuň: Seljuk!
378
– Adyna mynasyp ogul bolsun, hernä!
– Adyna mynasyp bolar. Sen oňa ýunan, arap, pars dillerini
öw­redersiň.
– Öwrederin, ýöne atabegem-ä gerek bolar.
– Atabeg taparyn, arkaýyn bolaý, özem gaty gowy atabeg ta­
paryn.
***
Altynjan nirä gidilse, begiň ýany bilen gitmek isleýärdi,
ýöne soňky günler şazadanyň rahatlygyny alada edip, beg ony
uzak ýörişlere gidilende galada galdyrýardy.
Agzy bimaza günleri Altynjanyň yzgyty artypdy, hiç kime
görnesi, hiç kim bilen gürleşesi gelmändi. Özem içerde uzak
oturman daşaryk çykardy, gije-gündiz daşarda gezdi.
Her gün aw awlamak isledi. Togrul beg onuň ata köp mün­
mezligini talap etdi. «Münme» diýlensoň-a onuň atdan düşesi
gelmedi.
Togrul beg Altynjanyň ähli kejirliklerine kaýyl geldi. Bir gü­
nem Altynjan Togrul begiň iň gowy görýän şahyn elguşuna işdä
bildirdi.
Beg şahyny öz eli bilen öldürip, arassalap, közde kakmaç
edip bişirip berdi.
Şahyny iýensoň, Altynjan rahatlanypdy.
– Enem göwresinde Dawut galanda barsy, men galanym­
da bolsa bürgüdi işdä saýlapdyr – diýip, Togrul beg Altynjana
gürrüň berdi.
– Nesip bolsa, biziň Seljugymyz bihal adam bolmaz. Ol
atasyna mynasyp beg bolar. Külli Oguz ýurduna patyşalyk eder.
***
Togrul beg, göräýmäge, göwnaçyk serkerde, degişmegem,
gülüşmegem gowy görýär, hiç zat ýok ýerinden gülki tapmagy,
adamlary gyzyl-gyran güldürmegi başarýar, hoş sözli: hiç kime
aňsat-aňsat agyr söz, degnasyna deger ýaly söz aýtmaýar. Dog­
rusy, ol diňe bir göwnaçyk däl, elaçyk hem. Göwnüniň ýeten
379
adamyna ýanyndaky barja-ýokja dinarynam eçilýär goýberýär ol.
Ýöne ol şeýle göwnaçyk, hoşamaý bolsa-da, ýylsaýyn bir ýagdaý
äşgärleşýär: begiň diňe özi degişýär, diňe özi güldürýär, kynyk ýi­
gitleri welin, onuň bilen aňsat-aňsat degişmeýärler, degişmekden
saklanýarlar. Olaryň beg bilen degişmeýändikleriniň aňyrsynda
onuň gaharlanmagyndan heder edilýänligi däl, ýok, onda
hökümdarlyk symmatynyň, hökümdarlyk güýjüniň agdyklyk
edýändigi ýatýar. Onuň ýüzünde özüne hormat goýdurýan nu­
ranalyk bar. Onda hakyky hökümdarlyk symmaty bar. Höküm­
dar bilen diňe bagty ýatan kişi henek atyşyp biler. Hökümdary
diňe alasamsyklar güldürjek bolýandyr. Beg nirä barsa, adam­
lar özleri bilmezden salykatlaşmak bilen bolýarlar. Nähilidir bir
resmiligem döreýär. Onsoň adamlar özleri duýmazdan oňa ýa­
raýjak sözleri aýtmaga çalyşýarlar, oňa ýaranmak isleýärler.
Beýik Perwerdigär ähli kişini hökümdar saýlamaýar, hö­küm­
dar saýlan bendesine bolsa, aýratyn sypatlary, symmatlary eçilýär.
Beýik Perwerdigär pire keramat; pygambere gudrat; hökümda­
ra, serkerdebaşa bolsa gahrymançylyk görkezmek başarnygyny
berýär. Allatagala Togrul bege gahrymançylyk, merdanalyk gör­
kezmek başarnygyny beripdir, Farabynyň 2 «Hökümdar pygamber
donuny geýen ylahy Eflatun bolmalydyr» diýmesine laýyk ol. Onuň
boluşlary, edýän işleri köplere, köplenç, syrly görünýär.
Togrul begiň Eflatunyň arapça terjime edilen iki kitabyny
3
bäş sany ulama müň dinar töläp türkmençä terjime etdirme­
sine-de kynyk serkerdeleri tykyraşdylar. Ýüz dinara, gör, näçe
ýatagan, näçe kösse ýasadyp boljak! Müň dinara müň gulam
saklap boljak!
Togrul beg täze döräp gelýän türkmen şalygynyň janly
alamatydy. Şonuň üçinem onuň diňe bir ýüreginiň, kalbynyň,
akyl-paýhasynyň däl, eýsem bedeniniň üstündenem täze şalygyň
dogluş dowamaty özüne ýol gurup geçip barýardy. Bu keremli
dowamatyň öňe çykaran gerçegi ýöne bir üýtgeşik adam bol­
man, eýsem, juda üýtgeşik, ýöne bir beýik bolman, eýse juda
beýik kişi bolmalydy. Beýiklik – sygymlylyk gabarasydyr. Allata­
gala ynsanyň beýiklik derejesini kesgitläninde, megerem, esasy
ölçeg edip şol sygymlylygy alýandyr. Eger ol bir oba üçin beýik
380
ynsany ýaratjak bolsa, onda bir obanyň ruhy gujuryny, akyl
çuňlugyny öz birligine sygdyryp bilýän kişini ýarad­ýar, ol bir
millet üçin beýik beg gerek bolsa, onda bir adama şol milletiň
gujur-gaýratyny jemläp berýär.
Ynsan özüne näçe sygdyryp bilýän bolsa, şonça-da beýikdir.
Togrul diňe bir türkmeniň däl, eýsem tutuş yslam ymmatynyň
gujury bilen gabz bolup biljek adamdy. Asmanyň beýikligi, her­
näçe belentlik bolsa-da, olaryň baryny öz goýnuna sygdyryp bil­
ýänligindedir. Ummanyň beýikligi juda köp dür-göwheri, janlyjemendäni öz göwsüne sygdyryp bilýänligindendir. Gowuzlyk,
boşluk ölümiň alamatydyr. Sähel zat bilen derrew dolmaklyk bol­
sa pesligiň, ejizligiň görkezijisidir. Sähel suw bilen dolýan hana­
dan beýik dere döremeýär. Sygymlylyk – beýiklikdir. Giňelip hem
çuňalyp bilmeýän närseleriň dirilik mümkinçiligi çäklijedir.
Togrul begiň birbada hem ylma, hem danalyga, hem sö­
weşjeňlige, hem beden saglygynyň berjaýyna ymtylmagy onuň
özüne köp diriligi sygdyrmak hyjuwyndandy. Zenan giňelmese,
täze ýaşaýşy – çagany berip bilmez. Asman çuňalmasa, täze pe­
lekleri berip bilmez. Külli ýaşaýyş köne ymtylmadan, bir kiçijik
nokadyň daşyna giňelmeginden hem içine çuňalmagyndan peý­
da edendir. Togrul beg täzeden döreýän türkmen dünýäsiniň
ähli çuňluk hem giňlik gujuryny özüne sygdyran kişi. Onuň
hyjuwlylygy hemem köpe topulmagy ol gujurlary daşa çykaryp,
olar bilen bütin türkmen dünýäsini doldurmagyň ugrudy.
– Beýik Perwerdigär bize jahan şalygyny berendir. Agzybir
bolsaňyz, ýedi yklym siziňki bolar, öňüňizde durup biljek güýç
bolmaz. Agzyňyz alarsa welin, tumaýak galarsyňyz. Babaňyz My­
kaýyl sagadatyňyz hem salawatyňyz üçin öz ömrüni size goýup
gidendir. Siz babaňyzyň ýaşamadyk ýaşyny ýaşamalysyňyz, ýet­
medik, telwas eden maksadyna ýetmelisiňiz – diýip, Seljuk beg
birmahallar öwüt ederdi, Togrul beg atasy Seljuk begiň Alp Är
Töňňe, Tonýukuk 4, Bilge han 5 Gün eždatlarymyz, şeýle hem iki
jahangir dogan Atylla bilen Bleda 6, olaryň gözel gyz döwletleri­
ni 7 dyza çökerişleri hakdaky gürrüňlerini aýratyn hatyralaýardy.
Alp Är Tonga öldümi?
Yssyz Ajun galdymy,
381
Özlük öjün aldymy,
Imdi ýürek ýyrtylar 8
– diýen mersiýeni Togrul beg oduň başynda jemlenilende
köp­lenç aýdardy.
Ol Beýik Perwerdigäriň özüni telwas edýän maksadyna
ýetir­jekdigine düýrmegi bilen ynanýardy. Bäş wagt namazyny
yrman okaýardy. Ýanynda ulama adamlaryň bolmagyny iň uly
hazyna hasaplaýardy. Olary diňleýärdi. Käbir ulamany bir hep­
deläp, hiç ýerik çykman diňlärdi. «Hakyky dana adamy sabyrtakady bilen tanap bol­ýar» diýen pikire uýýardy. Dogrusy,
onuň islegi soltan Mahmyt Gaznaly deýin aşa sowatly soltan
bolmakdy. Arman, bolmasa bolmajak eken: herçent yhlas edip,
ulamalaryň söhbetlerini diňlemäge başlasa, teshyrlyk, harby
tilsim oýlanmalary, aladalary aňynda rüstemlik ederdi: ulamaha janygyp sözläp durandyr, begiň aňy bolsa haýsydyr bir gala­
da teshyr eýläp ýörendir. Beg ukudan oýanan ýaly bolar, ýene
ulamanyň söhbedini diňlemek üçin ünsüni jemlär, ýöne bu sa­
param uzak wagt geçmänkä aňy ýene bir zada gider. Togrul beg
ulamalary soltan Mahmyt deýin diňläp, hatyralap bilmeýändigi­
ne gynanýardy. Soňam öz-özüni köşeşdirýärdi: «Jibal ýurduny
teshyr edip bolanymdan soň, bir ýylymy ulamalara bagyş etjek».
Beýik Taňrynyň: «Men bu gün diniňizi size kämil edip ber­
dim, men nygmatlarymy size rysgal etdim, men size dinlerden
yslam dinini mynasyp tapdym» 9 diýen sözlerini öz ýanyndan köp
gaýtalaýardy, özünde Farabynyň tekrarlaýan on iki sypatynyň 10
bolmagy üçin çalyşýardy.
Ýyllar Seljuk begiň diýenleriniň hakdygyny, Farabynyň nyg­
taýan zatlarynyň zerurlykdygyny aýan edip barýardy. Her bir
tutumda Seljuk agtyklary beýik Perwerdigärden yganat – tekgegoldaw tap­ýardylar.
Togrul beg Söbükteginiň «Pentnamasyny» 11, Utbynyň 12
terjimehal kitabyny gaýtalap-gaýtalap okady. Diňe bir Utbynyň
ýazanlary bilen çäklenmän, soltan Mahmydyň gullugynda du­
ran ulamalaryň söhbetlerini-de diňledi.
Mahmyt Gaznalynyň Jeýhunyň üstünden ýigrimi kurur 13
dinar harç edip guran köprüsini 14, urdu atly dil döretmegini 15
Muhammet Togrul beg aýratyn hormatlaýardy. Soltan Mahmyt
382
– Farabynyň diýýän hakyky «pygamber doňuny geýen ylahy
Eflatuny», özem ol beýik şahyr. Onuň ýazan gazallary diwany
Unsurynyň gazallaryna gaýra dur diýdirýär.
Şahyrlary soltan Mahmyt ýaly arzylap biljek ikinji bir sol­
tan hem bolmaz. Onuň köşgünde diňe şahyrlaryň sany ýüz elli­
den aňry bolupdy diýýärler. Gazna şäheri ulamalar, şahyrlar
şäherine öwrülipdir. Soltan iň ýakyn hasaplan şahyry Unsuryny
«Mälekil şugrasy» – «Şygyr mülküniň şasy» hasaplap, onuň
agramyna barabar gyzyl beripdir. Şeýle bolansoň Unsurynyň sa­
çagyndaky gap-gaçlar diňe altyndan hem kümüşden bolupdyr.
Soltan Mahmyt Zibeni şahyra hem bir pil ýüki kümüş pul (1 ku­
rur dirhem) baýrak beripdir. Iş başarýan adamyň gadyryny bil­
mek beýiklikden nyşan.
Togrul begiň tabşyrygy boýunça hajyp Abdyrahman Agajy
16
öz askudarlaryny, köplenç, Gazna ugradýar. Ol ýerden gelen
şahyrlar, ulamalar Muhammet Togrul bege Zabulistan 17 şalygy,
şasy, onuň neberesi, çaryýarlar oňşuksyzlygy 18, karmatlar 19,
mezhepler, sopuçylyk hakda gürrüň berýärdiler. Beg, herhal,
ýolda haýsy hem bolsa bir zat hakda gyzykly rowaýat, söhbet
diňläp gitmegi, şeýdip ýol kesmegi kada öwrüpdi. Ýol kesmek­
de göwnüniň ýeten ulamasyna, şahyryna dinar gaýgyrmazdy.
Altynjanyň göwnüne, ýanynda özi bolmasa, Togrul beg
çykgynsyz güne düşüp kösenäýjek ýalydy, adamsyna nebsi agyr­
ýardy, ony durmuşda ýeke hasaplaýardy.
Hakykatdan hem Togrul beg ýekedi, ýalňyzdy.
Ol juda ýalňyzdy.
Bürgütler, şirler mydama tenha-ýalňyzdyrlar.
Allatagala beýik edip ýaradan bendelerini-de tenha-ýal­
ňyzlykda saklaýar!
Göräýmäge, Togrul beg ýeke-ýalňyz däldi, onuň janyny
ynanýan, ýegana nedimleri – razdanlary az däldi.
Togrul begiň Dodurga Merwezi, Seýit Rawendi, Ärdeşir
Magmarany, emir Uhjury, Hapban endikäni, ýyldyrym Seb­
zewar diýen meslekdeşleri, serkerdeleri bardy. Olar sowatly
kişilerdi, arap, pars dillerini kämil bilýärdiler. Togrul näme iş
etmekçi bolsa, olar bilen maslahatlaşýardy.
383
Ejesiniň doganlary Peýkam bilen Bekdaş hem onuň iň
ýakyn, ynamdar maslahatçylarydy.
Özünden on bir ýaş kiçi bolan Ybraýym ynal Togrulyň ja­
nyny ynanýan iň ýakyn adamydy, ony ýanyndan hiç mahal aýyr­
maýardy.
Ybraýymyň bir üýtgeşik başarnygy bardy: ol juda ýatkeşdi.
Bir gören adamyny, bir eşiden habaryny aňsat-aňsat ýadyndan
çykarmaýardy.
Şeýle bolansoň, Togrul beg köplenç Ybraýymyň ýatkeş­
liginden peýdalanýardy.
Gylyçlaşmakda Ybraýym juda ökdedi. Söweş tilsimlerine-de
ökdedi, gözsüz batyrdy. Aýylganç gygyryp giren söweşinde hök­
man ýeňiş gazanardy.
Togrul begiň janyny ynanýan adamlary kändi, dost-nedim
hökmünde bile gezip ýören adamlary-da kändi. Ýöne şol kän
kişileriň arasyndan dört kişi ýeganalygy bilen parhlanýardy.
Olaryň ilkinjisi Ýusup Bazyrganydy.
Ikinjisi, Mübärekdi.
Üçünjisi, Şirpenje Tabgaçdy.
Dördünjisi, Dürnazardy. Ol Ýagmyr başbuguň süýtdeş inisidi.
Ýusup Bazyrgany-da, Şirpenje Tabgaç-da, Mübärek-de beg­
zada ogullarydy, olar Togrul bilen bir ýerde ösüp-ulalypdylar,
çagalykdan bäri biri-birinden aýrylmaz razdandylar.
Togrul begiň başga-da iki sany çagalyk razdany bardy,
olaryň biri Gutulmyşdy, ikinjisi Nasyrdy.
Gutulmyş – Arslan hanyň uly ogludy. Soltan Mahmyt Gaz­
naly Arslan hany ýüz otuz sany ýoldaşy (meslekdeş adamlary)
bilen Hindistandaky Kelejar galasyna agöýli hökmünde ugra­
danda Gutulmyş hem olar bilen bile gidipdi, soňky gelip ýeten
habarlara görä, ol kakasyny galadan alyp gaçypdyr, ýöne ýolda
azaşyp ele düşüpdir. Şondan soň soltan Masut Arslan hany öldü­
ripdir, Gutulmyşy bolsa zyndana atypdyr.
Togrul begiň ikinji dosty Nasyr Nusaý söweşinde wepat
edipdi.
Şondan bäri Togrul beg her ýyl Nasyryň wepat eden güni
matam tutýardy, Gurhan okadyp, sadaka berip, degsin edýärdi.
384
Togrul begiň razdanlary bilen gatnaşyklarynda bir aýra­
tynlyk bardy. Ol aýratynlyk – bu bäş kişiniň aralarynda Togrul
begiň aýratyn hatyralanandygyndady, mydama olara baştutan
bolanlygyndady.
Olar bütin ömürlerine Togrul begiň ýanynda, gullugynda
boldular, sözünden çykmadylar, öz gezeginde, Togrul beg hem
olaryň sözlerinden çykmady. Olar mydama, nirä gitse, bile git­
diler, bile naharlandylar.
Togrul begiň işleriniň rowaçlygynda dört kişiniň hyzmaty
az bolmady. Soňky döwürler Togrul beg dört razdanyna-da ýü­
regini doly açmaýardy. Olar bilen degişýärdi, gülüşýärdi, ýöne
onuň näme etmekçi bolýandygyny özünden başga hiç kim bil­
meýärdi.
Togrul beg açylmak isleýärdi, şol bir wagtda-da içki örten­
melerini örtmek isleýärdi.
Ol içki pikirlerini birki gezek razdanlaryna – nedimlerine
ynanypdy.
Üçünji kişi bilýän bolsa, oňa syr diýmek bolmaýan eken.
Näme ýerde ýatsa-da, altyn bilen syr ýerde ýatmaýan eken. On­
da-da paty­şanyň, begiň syry!
Adam patyşa bolsa-da, ýürekdeş, syrdaş küýsär eken.
– Näme üçin sen erkek däl? – diýip, Togrul beg käteler
degişmä salyp, Altynjana ýüzlenerdi, aslynda welin, onuň gara
çynydy. – Allatagala sen babatda ýalňyşlyk goýberipdir. Ýogsam
bir hatynda üç zadyň – akylyň, görküň hem baýlygyň jemlenme­
gi mümkin zat däl. Şu üç sypatly zenana öýlenmek isleseň, onda
üç gezek öýlenmeli, üç hatyn saklamaly...
Ýaşy geçdigiçe adamyň söhbetdeşi azaljak eken. Ýaşlykda
gürrüň-gürrüňden uşlyp tapyp, teý tükenmezdi, indi dört raz­
dany bilenem söhbedi süýjäp gidiberenok. Seljuk beg hem ag­
tyklaryny daşyna üýşürip köp-köp pent ederdi:
«Bize Beýik Biribaryň hamdu-senasy birle Gündogar
deňzinden Günbatar deňzi aralygyna hökümdarlyk etmek ýaz­
gytdyr 20. Beýik Biribaryň bu ýazgydynyň amaly üçin – Oguz ýur­
duny öz şalygymyza öwürýänçäk bize dynç karamdyr. Durmuşy
akyl-paýhas dolandyrýan däldir, ýazgyt dolandyrýandyr. Eger
akyl-parasat dolandyrýan bolsa, akyldar ulamalar itiň art aýa­
25*
385
gyndan suw içip ýörmezdiler, patyşa bolardylar. Akyldara har
ýaşamak ýazgyt edilendir. Pählewan, batyr, gaýduwsyz beg
patyşa bolmaga mynasypdyr. Emma Allatagala ýazgyt etmese, ol
Allanyň ýalkan beginiň gullugynda durup ömrüni geçirer. Alla­
tagala bendesini betbagt etmek islese, üç zada – çakyra, meýlise,
şöhwete melul eder».
Togrul beg atasynyň bu sözleriniň hakdygyny durmuşda
gördi: ähli zat Allatagalanyň ýazgydyna bagly eken. Birmahal
Togrul begiň göwnüne Arslan ýabgu bütin ömrüne ýabgulyk
edäýjek ýalydy. Ol batyrdy, pählewandy, gaýduwsyzdy, akyllydy,
ugurtapyjydy, süýji dil­lidi. Onuň ömri armanly soňlanar diýseň,
ynanar ýaly däldi.
Allanyň edýän öwrümlerini bendesi edip bilmez, asyl
aňyna-da getirip bilmez!
Togrul beg soltan bolmak isleýärdi. Ýöne onuň öňünde
Arslan ýabgu bardy. Ýusup bardy! Gutulmyş bardy!
Bu gün Allatagala ol gaýduwsyz seljuk gerçeklerini aradan
aýyrdy-da, Togrul begi öňe çykardy.
Bu gün ol atasy Seljuk begiň, kakasy Mykaýyl begiň, aga­
lary Arslan ýabgunyň, Ýusubyň asylly sypatlaryny özünde jem­
lemäge çalyşdy. Onuň etmeli işleri kän. Ol maksadyna ýetmek
üçin Allatagaladan uzak ýaş, berk jan saglyk dileg edýärdi. Atasy
Seljuk beg deýin ýüz ýedi ýaşamak miýesser edermikä? Seljuk
begiň: «Uzak ýaşamagyň dört sany şerti bardyr. Şol dört şerti
amal etseňiz, men siziň ýüz elli ýaşajagyňyza kepil geçip bilerin.
Dört şertiň birinjisi, hepdede bir gün, iň gowusy, iki gün ora­
za tutmak; ikinji şert, aýda bir gezek içiňi arassalamak; üçünji
şert, bahar hem güýz pasyllary ganyňy arassalamak-aldyrmak.
Dördünji şert, göwnüňi gala tutmak. Şu dört şert amal edilse,
adamyň ýanyna ne garrylyk geler, ne-de kesel» diýen sözlerini
ýadyndan çykarmaýardy, nähili ýagdaý bolanda-da, dört şerti
amal etmäge çalyşýardy, saglygynyň aladasyny edýärdi.
***
Ybraýym Anuşirwany gowy görýärdi. Söweşe bile giderdiler.
– Anuşirwana özüm lala boljak. Dogrusyny aýtsaň-a, onuň
eýýäm ýüňi ýetipdir. Muňa lalalyk gerek däl. Özi lala bolup bil­
386
jek gerçek bu. Altynjan, men saňa bir zat aýdaýyn. Ýene on-ýig­
rimi ýyl­dan soň meniň häzirki aýtjak zadymy ýatlarsyň hemem:
«Tüweleme, Ybraýym weli adam eken, şu boljak ahwalatlary
öňünden gören eken» diýersiň. Men aýdaýyn: Anuşirwanyň par­
lak geljegi bar. Oňa uly-uly derejeler, uly-uly ýeňişler garaşýar.
Nesip bolsa, Anuşirwanyň musulman dünýäsine, ýedi yklyma
hökümi ýörär. Anuşirwan – musulman ymmatynyň Anuşirwan
Adyly 21 bolar, enşa. Ine, men size welilik satýaryn. Ýene ýigrimi
ýyldan Anuşirwan şeýlebir beýik adam bolar. Anuşirwan Adyl­
dan hem beýik bolar. Onuň donunyň synyna el degren kişi özü­
ni dünýädäki iň bagtly ynsan saýar. Muny size Ybraýym aýdýar.
Muny size men – seljuklylaryň gylyjy aýdýar. Seljuk atam maňa:
«Köşegim, sen meniň ähli neberämiň hak howandary bolarsyň.
Sen meniň neberämiň gylyjy bolarsyň» diýipdi. Atam hak aý­
dan eken. Siz hem maňa: «Ybraýym – seljuklylaryň gylyjy bolar»
diýip Seljuk beg hak aýdan eken» diýersiňiz.
Altynjan Anuşirwanyň Ybraýym bilen özara gatnaşygyny
keseden synlardy. Onuň diňe bir Ynal bilen däl, beýleki seljuk
begleri bilen gatnaşygyny-da synlardy. Şonda ol Anuşirwanyň
aýratyn hatyralanýandygyny duýýardy.
Anuşirwan alçakdy, alçaklygy bilenen adamlaryň göwünle­
rini awlamagy başarardy.
Altynjan onuň bir häsiýetinden howatyrlanýardy: ol hem
onuň adamlar bilen nahan, syrly gürrüňleri köp edýänligidi,
oňa köp mukdarda hedýe-engamyň berilmegidi, näme üçin
berilýändigini welin, beg takyk bilenokdy.
Anuşirwan günsaýyn baýaýardy. Ol dinarlarynyň köpüsi­
ni Altynjana getirip berýärdi. Altynjan onda gizlin pullaryň-da
bardygyny aňýardy.
Adamlar Anuşirwana näme üçin lomaý-lomaý hedýe-engam
berýärler?! Altynjan bu hakda köp gezek sorady, Anuşirwan
ýeke gezegem anyk jogap bermedi.
Soňky günler Altynjan Anuşirwanyň syryny Ybraýym ynalyň
üstünden anyklamaga çalyşdy: hedýe-engamlaryň näme üçin
berilýändigini osmakladyp sorady, ýöne ynal her gezek anyk zat
bilmeýändigini nygtady.
387
Ol Altynjanyň göwnünden turmak üçin köp alada edýärdi.
«Melike, Togrul seniň gadyryňy bilenok. Seni depesinde göter­
se-de az oňa» diýip, janygýardy. Altynjan bu sözleri adamsynyň
eşidäýmeginden howatyr edip oda-köze düşerdi: «Goý, goý,
onuň ýaly mojuk söz aýtma!» diýip, ol elewräbererdi. «Näme,
men nädogry aýdýarynmy? Men hakykaty aýdýaryn» diýip,
Ybraýym sözüni delillendirmäge başlardy. Altynjan şeýle ýag­
daýda onuň gürrüňini ahyryna çenli diňlemän, turup gaýdardy.
«Altynjan melike, Abdylmälik hanyň Haldan diýen ferraşy
bar, ol kepderi bilen habar gatnatmaga gaty ökde diýýärler.
Özüň bilýärsiň, seljuk begleriniň hersi bir ýerde. Dawut bege
habar iberjek bolsaň, ýa Musa Ýabguwa habar ýetirjek bolsaň,
käteler birnäçe günläp ýol sökmeli bolýar. Iň gowusy, Haldany
çagyryp getireli. Goý, ol Togrul begiň berid waziretinde işlesin.
Rugsat berseň, men şol kişiniň yzyndan adam ibereýin» diýip,
Ybraýym beg bir gün Altynjana ýüzlendi.
Şol wagt Togrul beg peýda boldy.
– Näme mesele?
Ybraýym beg Haldan baradaky teklibini Togrul bege aýtdy,
beg muňa garşy çykmady.
– Ol näme üçin seniň ýanyňa köp gelýär? – diýip, Togrul
beg Altynjandan sorady.
Altynjan Togrul begiň bu sowaly ahyryl-ahyr berjekdigini
bil­ýärdi, ýöne näme jogap berjegini bilmeýärdi.
– Men ondan Anuşirwan hakda soradym.
– Altyn gyz, sen daýyňy alada etme. Ol, tüweleme, gül ýalak
ýigit. Dowzaha düşse-de, hor boljak däl ol.
– Dowzaha düşmesin-dä hernä.
– Elbetde, dowzaha düşmesin. Tüweleme, sen oňa gowy
terbiýe beripsiň. Özem aşa sowatly, ýatkeş ýigit ol!
– Ybraýym ynal hem Anuşirwan hakda kän gowy sözleri
aýtdy.
Togrul beg Altynjanyň Ybraýymy ýatlamagyny halamady:
– Ybraýym gül ýaly adam, söweşmäge ezber. Daýaw, dört
adam bolup daşyna aýlananlarynda ol garşydaşlarynyň dördü­
sinem öldürmegi başardy. Hakyt gözüm bilen gördüm. Ony
388
duşmanyň bir çetinden goýberseň, ol duşmanlary palaç ýatyran
ýaly edip, paýhynlap, derrew aňyrsyna çykýar. Ýöne şeýle eder­
men bolsa-da, gybat etmegi gowy görýär, köpräk gürleýär. Çem
geleniň gybatyny hem ediberýär. Onda aýdylmaly däl diýen
düşünje ýok. Onuň akyly elinde. Gaznaly soltany bilenok,
ýogsam ol Ybraýyma gep berip, köp maglumatlary alyp biler.
Ybraýymy işsiz oturtmaly däl. Işsiz bolsa iňirdisi, gepi-sözi köpe­
liberýär onuň.
Altynjan begiň bu sözlerine biçak geň galdy. Sebäbi beg
Ybraýymy jandan-tenden ezizleýärdi. Ol hakda hiç wagt häzirki
ýaly sözleri aýtmaýardy, ony mydama hoş sözler bilen mahabat­
landyrýardy.
«Hudaýtagala maňa seni ýörite goldaw hökmünde eçilip­
dir, sen bolmadyk bolsaň, men juda kösenjek ekenim» diýip,
Togrul begiň Ybraýyma aýdan sözüni Altynjan üç-dört gezek
eşidipdi.
– Ybraýym ynaldan size ýamanlyk gelmez.
– Gelmez!..
Ybraýym bütin ömrüni Togrul beg bilen geçiripdi, myda­
ma onuň ýanyndady, hyzmatyndady. Olaryň biri-birinden aýry
zatlary ýokdy. Togrul özüniň her bir tutumyny Ybraýym bilen
maslahatlaşýardy.
Altynjan adamsynyň özüni Ybraýymdan gabanýandygyny
aňdy. Şonuň üçin hem Ybraýym ynaldan gaça durdy.
Ybraýym ynal welin, tekepbirlik bilen onuň ýanyna bardy.
Şeýdibem Altynjany çykgynsyz agyr güne saldy.
Ybraýym soňky gezek Altynjanyň ýanyna gelip, Haldany ge­
tirdendigini, onuň işe başlandygyny, kepderileriniň aragatnaşyk
üçin gaty peýdalydygyny nygtady. Ol ýaňy başlan sözüni aýdyp
gutarmandy, sözüni aýdyp gutaransoň, Altynjan ondan özüniň
ýanyna gaýdyp gelmezligi telmirmekçidi.
Altynjan adamsynyň haýbat bilen ýöräp gelýändigini gördi.
– Altynjan, ýör içerik!
Togrul beg aňsat-aňsat häzirkisi ýaly gaharlanmaýardy.
«Eý, Hudaý, onuň gaharyny getiren zat nämekä?» diýip,
Altynjan içini gepledip, Togrul begiň yzyna düşdi.
389
Içeri girdiler.
Togrul beg gazap bilen Altynjana ýüzlendi:
– Düýn namazşam nirede bolduň?
Bu sowal Altynjan üçin garaşylmadyk sowal boldy. Ol düýn­
ki bolan wakalary göz atuwyndan geçirmäge çalyşdy. «Beg haýsy
zady bilmek isleýärkä?» diýip, ol içini gepletdi.
Ol düýn bäş-alty ýerde boldy, bäş-alty adam bilen duşuşdy.
Elbetde, Altynjan näme etmekçi bolsa, soltana aýdýardy, ýöne
düýn soltanyň dergähinde adam köp bolansoň, ol: «Soňundan
habardar ederin» diýen niýet bilen birki ýere bardy, birki kişi bi­
len gepleşdi, ýöne begiň halamajak ýekeje işi-de edilmedi.
– «Düýn nirede bolduň?» diýýärin men saňa? Sen meniň
aýagymyň aşagyny gazyp ugradyňmy indi?
– Kimdir biri siziň ýüregiňizi nähak çişiripdir.
– Nähakmy?
– Nähak, begim, nähak. Heý-de, men siziň garşyňyza bir iş
ederinmi? Men özgäniň-de nähak iş etmegine ýol bermerin.
Togrul beg ýyrtyjy ýolbars bolup, Altynjanyň üstüne to­
puldy.
Altynjan özünden gitdi, begiň soňky urgularyny duýmady.
Togrul beg şol gün Humrana gitdi. Üç aýlap hatynyndan ha­
bar almady, bu Altynjana çekýän yzasyndan hem agyr urgy boldy.
Ýogsam onuň çep eli burkupdy.
Onuň dertleri biri-birinden ýowuzdy, agyrdy.
Iň agyry, iň ejirlisi başgady.
Togrul begiň adyna Seljuk dakmak islän çagasy düşüpdi.
Altynjan çagajygyň agysyny aglady.
Her gün gözýaş dökdi.
Ten agyrysy bir ýyl töweregi azar berse-de, Altynjan özüne
teskin bolýardy. Döwlen iki gapyrgasyny kesip aýyrsalaram ra­
zydy, esasy zat özüniň bigünädigine adamsynyň düşünmegidi.
Kabyl bilen Anuşirwan şol agyr günler onuň ýanyndan aýrylman,
göwünlik berdiler:
– Iň agyr zat – töhmet. Siz maňa töhmet atanyň kimdigini
anyk­lap beriň – diýip, Altynjan olara birnäçe gezek aýtdy.
390
Megerem, Kabyl bilen Anuşirwan Togrul begiň ýüregini
çişireniň kimdigini bilýän bolmaly, olar her gezek giň bolmagy
ündemek bilen çäklendiler. Olaryň bu sözlerine Altynjanyň ha­
sam gahary gelýärdi:
– Siz näme üçin maňa giň bolmagy ündeýärsiňiz? Siz
näme üçin maňa töhmet atan adamyň kimdigini anyklamakçy
bolmaýarsyňyz?
***
Kabyl bir gün Anuşirwanyň, kyrk çilteniň onbegileriniň
öňüne düşüp, Altynjanyň ýanyna geldi.
Düşekde mejalsyz ýatan Altynjan olaryň möhüm bir habar
bilen gelendiklerini aňyp, garysyna galdy, üst-başyny tertibe
saldy, ol gelenleriň näme habar bilen gelendiklerini aňýardy.
Şeýle-de bolsa, ilki olary diňlemegi, soňundan öz gelen netije­
sini mälim etmegi makul bildi. Şonuň üçin-de näme habaryňyz
bolsa aýdyberiň diýen terzde gaşynda duranlara seretdi.
– Altynjan, goşuňy ýygna! – diýip, Kabyl kesgin aýtdy.
– Näme üçin?
– Gideli.
– Nirä?
– Tapawudy ýok, bu ýerde-hä durarlyk galmady. Togrul
saňa nähak sütem etdi, onuň üçin uzur hem soramady.
Anuşirwan Kabylyň sözüniň üstüni ýetirdi:
– Goý, uzur sorasyn!
– Ýok, ýok. Hatynyndan uzur soraýan äre men är diýmerin –
diýip, Altynjan garşy çykdy. – Erkegiň maňlaýyna urmak, hatynyňka
urulmak ýazylypdyr. «Ärim urdy» diýip gitmek aýyp bolar.
– Sen ýönekeý hatyn däl. Sen biziň ýüzümiziň tuwagy. Sen
biziň mertebämiz. Begiň seni urmagy – bizi urmagy. Begiň seni
urmagy – biziň mertebämizi masgaralamagy.
– Gideli, lalam – diýip, Anuşirwan seslendi.
– Men siziň pikiriňizi goldaýaryn, ýöne başga bir mesele bar.
– Ol nähili mesele? – diýip, Kabyl heşerlendi.
– Men ýeňlip gitmegi namys bilýärin. Ýeňilmegi halama­
ýaryn. Gitsek, diňe ýeňip gitmelidiris.
391
– Nädip?
– Nädip ýeňjekdigimi bilmeýärin, diňe ýeňjekdigimi bil­
ýärin. Urulmak – täzelik däl. Maňa ejir berýän zat ten awusy däl,
ýok, begiň maňa müňkür bolmagy, ynanmazlyk etmegi maňa
ejir berýär. Eger häzir gitsem, bu ejir meni uzak ýaşatmaz. Men
bege özümiň päk, halal hatyndygymy subut etmeli, hökman
subut etmeli.
– Düşnükli, sen gitmek islemeýärsiň. Urulsaňam, çydamak
isleýärsiň.
– Kabyl, sen mydama gyşyk gürrüň edýärsiň. Näme etmeli­
digimizi men size Togrul beg gelen güni aýdaryn, ýöne siz maňa
begiň ýüregini çişiren nejisiň kimdigini anyklap beriň!..
***
Altynjan bir aýlap düşege baglandy, döwlen gapyrgalary
aňsat bitäýmedi.
Ol kyrk günden soň, daşary çykyp ugrady. Barybir, ysgyn­
syzlykdan ýaňa ýörese başy aýlanýardy.
Ol ýatmakdan ýaňa bez bolupdy, daşary çykasy, bedewli säh­
ra aýlanasy gelýärdi, şu maksat bilen ada ýöräp teblehana bardy.
Akgar (täze berlen at dor reňklidi, şeýle-de bolsa, Altynjan
ony «Akgar» diýip atlandyrypdy) eýesini görüp hokrandy.
Dogrudanam, Akgar Altynjany görüp begendi, birki gezek çar­
paýa galyp kişňedi.
– Eý, ganjyk! Saklan!
Altynjan ýeňsesinden çykan bu nätanyş sese ör-gökden
geldi. «Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Kimkä maňa beýle ýüz­
lenmäge het edip bilýän?!»
Ses ikinji gezek ýaňlandy:
– Yzyňa öwrül, ganjyk! Men seni häzir öldürjek!
Altynjanyň yzyna öwrülesi, özüni öldürmek isleýän gan­
horyň ýüzüni göresi gelmedi, gozganman durdy.
– «Yzyňa öwrül!» diýýärin men saňa!
– Maksadyň öldürmek bolsa, nämä dursuň? Eli ýaragsyz
hatyny ýeňsesinden gelip, namartlyk bilen öldürmäge ynsabyň
çatýan bolsa, sen erkek däl!
392
– Men namart däldirin, men mertdirin. Hut şonuň üçin
hem men saňa: «Yzyňa öwrül!» diýýärin.
– Eli ýaragsyz hatyny öldürmegi özüne mertebe bilýän na­
marda men erkek hem diýmeýärin. Beýle kişiniň ýüzüni görme­
gi ölümdenem agyr jeza hasaplaýaryn.
– Gepleme! Men seniň sözüňe mätäç däl! Kelemäňi öwür!
– Sen Togrul begiň hatynyny öldürmäge gorkaňokmy?
– Sen indi Togrul begiň hatyny däl! Bilmeýän bolsaň, bil,
Tog­rul beg senden ýüz öwürdi. Ol indi seni görmek hem isle­
meýär. Hut şonuň üçin ol köşge gelenok. Ol seniň bu ýerden
gideriňe garaşýar.
– Seniň bu aýdýanlaryň pikirlenmegi başarmaýan gybat­
keşleriň gybaty. Bilmeýän bolsaň, sen-de bil, Togrul hatyndan
gaçyp ýören är däl!
– Bä, sen entegem özüňi Togrul begiň hatyny hasaplap
ýörsüň-ow?!
– Elbet! Men Togrul begiň hatyny! Özem ýeke-täk hatyny!
Özem begiň ýüregi!
– Ýüregi bolýan bolsaň urmazdy, gapyrgalaryňy döwmezdi!
– Erkegiň urmasy – hatynyň mertebesidir.
– Gapyl, loly!
– Ine, bu sözüň üçin hasap bermeli, jezaňy çekmeli bolarsyň.
Sen maňa «Loly» diýip töhmet atdyň. Sen meniň lolulyk eden
ýerimi gördüňmi ýa bu hakda eşitdiňmi?
– Gapyl, loly! Kellemäňi öwür!
– «Loly» diýip töhmet atmadyk bolsaň, men seniň günäňi
geçsemem geçerdim, ýöne indi men seniň günäňi geçip biljek
däl. Kelemäňi seniň özüň öwür.
– Besdir, seniň bilen gepleşip oturjak däl men! Men sen­
den arymy almakçy! Goý, soň meni öldürseler öldürsinler!
Kabylyň sesi eşidildi:
– Kuýaş, Kuýaş, saklan!
Anuşirwan gorkuly gygyrdy:
– Kuýaş, Kuýaş dogan, saklan!
Akgaýa gygyrdy:
– Kuýaş, edýäniň näme seniň?!
Ylgap gelýän adamlaryň aýak sesleri eşidildi.
393
– Ýa, Alla!
Bu Kuýaşyň iň soňky sözi boldy. Ol elindäki mizragyny öňüne
tutup, Altynjana bakan batly ylgady. Onuň maksady ata seredip
duran Altynjanyň içinden mizragyny parran geçirmekdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 24
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.