Latin

Altynjan hatyn I - 04

Total number of words is 3686
Total number of unique words is 2117
32.2 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
män ýatdy. Onuň synalarynda şikes ýetmedik ýeri ýok diýen ýalydy.
Altynjan ähli şikesleriň içinden çep çekgesiniň üstünden
salnan şikese gynanýardy. Onuň özünden gitmegine-de çep
çekgesine daş bilen urulmagy sebäp bolan bolsun gerek.
Tümen daýysynyň beren aýnasy bilen ol zol-zol ýüzüne
sered­ýärdi. Göwnüne bolmasa, ol ýara ömür aýrylmajak ýalydy.
Abdylmälik emir gyzyny uran adamlaryň kimlerdigini anyk
bilmese-de, çak edýärdi.
Ol dawanyň ula ýazmagyndan ätiýaç edip, hiç kime hiç zat
diýmedi.
Altynjan welin zol-zol özüne kast edenleriň kimlerdigini
anyklamagy Mansurdan talap edýärdi. Naýyp söz berýärdi, ýöne
sözüň yzy gelenokdy.
Altynjan kakasyna ýüzlendi:
– Baba35, meni uranlar kimler?! Näme üçin olar şindem
belli däl? Men çak edýän olaryň kimlerdigini! Aýaga galsam,
men olaryň gözlerinde ot ýakaryn!
– Gyzym, hiç kime hiç zat diýme! Bu dünýäde bihasap zat
ýok. Her kim edenini görmeli dünýä bu. Allatagalanyň islegi
şeýledir. Senem urduň-a olaryň çagalaryny!..
14.
Altynjanyň ýagşy hulklary köpdi. Iň esasysy, ol öz galasynyň
oglan-gyzlaryny goňşy galalaryň, obalaryň urşagan oglanlaryn­
dan döş gerip goraýardy.
50
Zamahşaryň oglanlary goňşy galalaryň, obalaryň oglanlary
bilen topar-topar bolup urşardy. Ana, şonda goňşy obanyň,
galanyň oglanlary zamahşarly oglanlara gyjyt bererdiler: «Hä,
günüňiz şuňa galdymy? Hany, sizde erkeklik namysy ýokmy?
Bir naçaryň arkasyna bukulmaga utanaňzokmy?», «Belki, sizem
heleýsiňiz?!»
Aýratynam galanyň aşak tarapyndaky Buruntak obasynyň
oglanlarynyň dili şerebelidi. Şeýle bolansoň, Altynjan garşy­
daşlarynyň ünsüni çekmezlik üçin Sadyllanyň eşigini geýmäge
mejbur bolýardy.
Oglanlaryň topar-topar bolup uruşmalarynyň yzy tüken­
meýärdi. Her aýda iki-üç gezek uruşmaly bolýardy. Şonda Altyn­
jan kyrk sany zamahşarly oglana baş bolýardy. Olara köplenç
çiltenler36 diýerdiler.
Ýumruklaşyp başlananda ol hiç kimseden kem däldi, gaý­
tam, ähli deňi-duşundan ökdedi. Çünki ol uruşmagyň tilsimleri­
ni bilýärdi. Onsoňam rehimsizlik bilen uruşýardy. Soňky darkaş
– mundan alty gün öň Janahyr halwaçynyň Iman diýen ogly bilen
boldy. Imanyň yzynda altmyşdan gowrak oglan bardy. Altynjan
dagy bolsa çiltendi. Uruşmaga sebäp bolan zat – Iman Kabylyň
ýanynda özüni ulumsy alyp barypdyr, sadyklyk etmändir. «Näme
üçin buruntaklylar zamahşarlylary görende egilip tagzym etmän­
dirler?! Iman: «Egilip tagzym etdim» diýýär. Kabyl: «Edenok!»
diýýär, ol ýalan sözlemez ahyryn.
Üýşüp bardylar. Buruntaklylaryň öňem gözleriniň otlary
alnan. Barybir, uruşdylar. Uruşda çiltenler altmyş buruntakly­
dan rüstem geldi. Ýeňlen altmyş buruntaklyny hataran durzup
urmak urdular. Altynjan Imana ýer bagyrtlap ýatmagy buýurdy,
özem ýedi gezek ötünç soratdy.
Zamahşarlylar näme buýursalar, buruntaklylar soňky gezek
sadyklyk bilen ýerine ýetirdiler.
Altynjan dagy Buruntaga bir gün öňem gelipdiler. Onda
Palta diýen kişini urupdyrlar. Sebäbi Palta Altynjanyň jorasy
Balnäziň kakasynyň münüp barýan ýabysyna göwnüýetmezlik
edipdir.
51
Zamahşarly oglanlar bir hakykata göz ýetiripdiler. Olar
darkaşa Altynjansyz çykan gezekleriniň ählisinde wejera bolup
ýeňildiler, uruldylar. Altynjan barka welin – haýran galaýmaly –
ýeke gezegem ýeňilmändiler.
Buruntak obasynyň kethudasy Janahyr Geçdeki Abdyl­
mälik emir bilen ýegana dost. Ol, gör, näçe gezek emiriň ýa­
nyna zamahşarly oglanlaryň eden-etdiliklerinden arz edip gel­
di, ýöne ýeke gezegem Altynjanyň ady tutulmady. Näme üçin?
Sebäbi Altynjan Sadyllanyň eşigindedi. Wah, erkek eşigini
geýende-geýmände buruntaklylar onuň kimdigini magat bilýär­
diler, ýöne «Bizi gyz urdy» diýmek olar üçin masgaraçylyk bol­
jakdy. Şonuň üçin hem ol hakda hiç zat aýtmaýardylar. Gürrüň
zamahşarly çiltenler hakda giderdi.
Dogrusy, Altynjan darkaşdan çäksiz lezzet alýardy, ýöne
ulal­dygysaýyn ýumruklaşmalar oňa lezzetsiz duýuldy. On iki
ýaşdan soň, ol ýumruklaşmagy däl-de, ýataganly37 darkaşy has
gowy gördi, has uly darkaslara gatnaşmak isledi, doganlary bi­
len her gün ýataganda güýç synanyşdy. Özem bir dogany ýada­
sa, ikinjisi bilen, ikinjisi ýadasa, Anuşirwan bilen gylyçlaşmaga
başlady. Doganlary, Anuşirwan dagy gylyçlaşmak islemese, ola­
ra ýalbarmak ýalbarýardy, olary özi bilen darkaş gurmaga razy
edýärdi. Dogrusy, käteler haýbat atýardy. Olary zorluk bilen
türgenleşik geçmäge mejbur edýärdi. Özem ol gylyçlaşanda
gaty rehimsizdi. Garşydaşynyň bir ýerinden gan çykarmasa,
aňsat-aňsat rahatlanmaýardy.
Oýnagyň gylyçdyr ýatagan bolsa, betbagtlyk alysda däl. Şol
gezek hem Habyl darkaşmak islemeýändigini telim ýola aýtdy.
Ýöne, barybir, ony Altynjan gününe goýmady. Habyl göwünligöwünsiz eline ýatagan aldy, goranan boldy.
Bar zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi.
Altynjanyň ýataganynyň ujy sähel aşak egilen Habylyň görejine
gürsüldäp çümdi. Habyl «Waý» diýip çirkin gygyrdy. Altynjan
ýataganynyň ujuny gözden azarsyz almak üçin towlap özüne çek­
di. Wa daryg-a, towlamaly däl eken: göreç iki bölek bolup patlap
ýere gaçdy. Habyl elindäki ýataganyny ýere taşlady, agyrysyna çy­
dap bilmän gygyrdy.
52
– Gygyrma, ýerine goýup berjek häzir! – Altynjan Habylyň
waweýla eýlemegine, elindäki ýataganyny ýere taşlamasyna ga­
hary geldi, ony düýt-müýt edäýerli göründi, ýöne gözden çogup
akýan gany görüp, inisiniň çirkin-çirkin gygyrmasynyň ýöne
ýerden däldigine, telek iş edendigine, guma bulaşyp ýatan gözi
indi ýerine goýup bilmejekdigine biraz düşündi.
Altynjan dokuz ýaşyna çenli gorky diýen zadyň nämedigi­
ni bilmän ýaşady. Ýöne dokuz ýaşa gadam urup, ýedi ýaşly jigisi
Habyly bir gözünden mahrum edip, gorky duýgusyny başdan ge­
çirdi. Altynjan bir hepdeläp ýeke döwüm çöregem iýmedi, uzynly
gününi hem uzynly gijesini Habylyň başujunda oturyp, gözýaş
döküp geçirdi. Her edip, hesip edip Habyla ýaranmaga çalyşdy.
Ol doganyň ýürege nähili ýakyn bolýandygyny duýdy. Şu waka
hem Abdylmälik hana Omar atabegiň islegini kanagatlandyrmaga
– «Altynjana ýeterlik gözegçilik etmändigi üçin» Uzperini akgyz­
lykdan kowmaga bahana boldy. Görgüli daldaw istäp Omara ýüz
tutupdy. Kowdurýanyň Omar atabegdigini ol bilmese näme!
15.
Altynjan on iki ýaşynda berdaşly, uzyn boýly bolansoň, atyň üs­
tüne bir bökende münüp bilýärdi. On üç-on dört ýaşlarynda bolsa,
ol çapyp barýan atyň üstüne böküp münmegi-de öwrendi. Ol at üs­
tünde gylyçlaşmagy, Jeýhun derýasynyň jülgesinde at çapdyrmagy
biçak gowy görýärdi.
Derýa Zamahşaryň gapdaljygyndan geçýärdi.
Bu ýeriniň derýa howasy, derýanyň şogurdap akyp dur­
masy, onda her hili balyklaryň aşyrym atyp görünmeleri, tokaý­
da bilbilleriň saýramalary Altynjanyň göwnüne hoş ýakýardy.
Guşlaram, balyklaram, suwam, tokaýam oňa ýaranmak üçin
yhlas edýän ýalydylar. Göýä bu ýere Altynjanyň göwnüni awla­
mak üçin Berbed Merweziniň38 şägirtleri ýetmiş iki saz guralyny
çalýan ýalydylar. Bu sazy diňläp ganar ýaly däldi, diňledigiňçe
diňläsiň gelýärdi. Göýä bu mukamda Berbediň üç ýüz altmyş
mukamy jemlenen ýalydy.
Derýanyň aňyrsy-da – sagy-da, soly-da giden tokaýlykdy.
Derýadan aňyrda – gündogarda onuň babasy, mamasy, Tümen
53
daýysy ýaşaýardy. Altynjan olaryň ýaşaýan ýerlerindäki tokaýlyk­
da bolup görüpdi. Ol ýerde köp-köp keýikleriň bardygyny-da
bilýärdi. Altynjan günbatar tarapdaky tokaýlykda welin entek
gezelenç edip görmändi. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň şol
ýeriniň tokaýlygynyň içinde ýöräsi gelýärdi. Ýöne derýa jülgesi
soňky döwürler hatarly-howply hasaplanýardy. Rehimsiz alaman­
lar barmyş. Olar sähelçe zat üçinem adamlary öldürýärmişler.
Entek şol diýilýän rehimsiz alamanlar Zamahşar galasynyň
golaýyndan-a gelenoklar, bar bela-beter gaýrada – derýadan
aňyrda, Heýtelede, ýöne günleriň bir güni geläýmekleri gaty
mümkin olaryň, belki, şu gün geler?!
Abdylmälik han Altynjanyň heder edýän şol alamanlaryny
jezalandyrmak üçin ýörite atly topar döredipdi, topara alaman­
lary rehimsizlik bilen gyrmagy tabşyrypdy. Alamanlaryň dörän­
digi, kä kerwenleri, käte obalary talaýandygy hakdaky habar Ür­
genje – Altyndaşa-da ýetipdi, ol öz adamlaryna alamanlary ýok
etmegi özüniň umury emeniteti şähri39 boýunça sahybyna berk
tabşyrypdy.
Abdylmälik han ekizlerini, gyzyny ýanyna çagyryp, olara
galadan çykmazlygy berk tabşyrypdy, çünki ol çagalarynyň şol
alamanlara gabat gelmeginden heder edýärdi... Kakasynyň söz­
lerinden soň Altynjan galadan çykmasyny ýygjamlatdy. Sebäbi
ol parahat durmuşdan ýadapdy. Göwni darkaşlary, üýtgeşiküýtgeşik ahwalatlary küýseýärdi.
Ol Däli Domrul deýin, özüne garşy çykyp biljek garşydaşa
sataşmak isleýärdi.
Ýa ähli kişi Altynjança ýokmuka, ondan ejizmikä?!
Belki, Däli Domrul-da, Rüstem Zal-da Altynjança ýokdur?!
16.
Anna güni Mansura goňşy Buruntak obasyndan ýowuz ha­
bar getirdiler. Bu habary naýyp dessine hana ýetirdi:
– Emir, Buruntak obasyndaky dostuňyz Janahyr halwaçynyň
ogluny öldüripdirler.
Abdylmälik han uludan demini aldy. Ol nädip uludan
demini almasyn, alada galmasyn?! Ol sebitiň hany ahyryn. Bu
54
sebitiň asudalygy üçin, ilki bilen, jogap bermeli adam – Abdyl­
mälik han. Bir bolmasyz iş bolsa, ony Abdylmälik handan so­
rarlar. Han derejesini sebiti parahat, asuda sakla diýip berdiler
oňa. Ondan: «Näme üçin seniň tabynlygyňdaky sebitde pa­
rahatçylyk ýok?! Alamanlar nireden döredi? Näme üçin olary
tutup jezalandyrmaýarsyň? Ýa bu habaryň soltanata ýetmegini
isleýärsiňmi?» diýip sorarlar.
– Kim öldüripdir?
– Entek kimiň öldürendigi anyk däl, ýöne Janahyr hal­
waçynyň ogluny öldüren kişini gören adamlar bar...
– Derrew kimdigini anyklaň! Kim öldüren bolsa, Oguz
hanyň wesýeti boýunça jezasyny beriň 40, başyny kesiň, goý,
görene göz, eşidene gulak bolsun.
– Wa-weýla, şaýatlaryň sözüne ynanar ýaly däl, höküm­
darym. Sadylla duşenbede Ürgenje okuwa gitdi, şondan bärem
ol Zamahşara gelenok.
– Sadyllanyň näme dahyly bar?
– Şaýatlar: «Janahyr halwaçynyň ogluny Sadylla ýaý bilen
atyp öldürdi» diýip, heňe gelmejek gürrüň edýärler. Sadyllanyň
atam duşenbeden bäri teblehanadan çykarlanok. Elbetde, ony
Altynjan sähel salym gezdirip geldi...
Mansur gapydan soňky sözüni aýtmadyk bolanda emir şa­
ýatlary töhmet atandyklary üçin jezalandyrjakdy. Ýöne işigaga­
synyň soňky sözünden soň ol dymmak dymdy.
Altynjan geçip barýan kişini gep-gürrüňsiz öldüräýermikä?
Nä­me üçin?
– Ine, Janahyr halwaçynyň oglunyň arkasyndan sogrulyp al­
nan peýkam – diýip, Mansur gara gana boýalan peýkamy hana
uzatdy.
– Mundan tutaryk bolmaz. Biz bu peýkamlary ähli ýere
satýarys.
– Dogry aýdýarsyňyz, onsoňam...
– «Onsoňamyň» näme?
– Buruntaklylaryň aýtmagyna görä, hökümdarym, Iman
peýkamdan-a ölmändir.
– Onda nämeden ölüpdir?
55
– Tebip peýkamy çykaryp, bir derman çalypdyr. Ana, şol
dermandan soň peýkamyň çümen ýeri gyzaryp eşen örüpdir,
çişipdir. Soň onda gijelewük döräpdir, dört günüň içinde-de
gaşanyp-gaşanyp ölüpdir görgüli.
Abdylmälik han ýegre dostuna gynanç bildirmek üçin Bu­
runtaga ugrady. Göz atuwyndan welin, näme üçindir, eli okýaýly Altynjanyň haýbatly keşbi aýrylmady.
***
Wah, Janahyr halwaçynyň ol görmegeý ogluny Altynjanyň
öldürmek niýeti ýokdy. Onuň ölüm hakda entek doly düşün­
jesem ýokdy. Entek ol ölinem görmändi.
Altynjan kenizi bilen süýji hyýallar ummanynda ýüzüp
Jeýhunyň kenaryndan gala sary gelýärdi. Ýolda Iman görün­
di. Megerem, jansyzy41 bolsa gerek, onuň yzynda bir atly ýigit
bardy. Iman hem nämedir bir zadyň pikirini edip gelýän bolar­
ly, ol başyny galdyryp Altynjana seretmedem, Taňry salamynam
bermedi.
Altynjan özüne seredilmegini, baş atylyp, tagzym edilmegi­
ni isleýär. Altynjan Imana: «Eý, oglan!» diýip gygyrdy. Iman oňa
jogap bermedi. Hawa, hawa, hakyt jogap bermedi! Onsoň Altyn­
jan Imany özüne bakdyrmak, hawa, bary-ýogy özüne bakdyrmak
niýeti bilen ýaýyna ok saldy-da, atyp goýberdi. Wessalam! Başga
eden ýekeje zadam ýok onuň. Ol şeýlekin atyp goýberdi.
Altynjan mydama agasy Sadyllanyň eşigini geýip ýörensoň,
oňa: «Sen hakyt Sadylla» diýýärler. Diýmek, Altynjan hakyt Sa­
dylla bolýan bolsa, näme üçin Abdylmälik hanyň tabynlygyndaky
sebitde ýaşaýan bir halwaçyjygyň oguljygy hanyň uly ogluna –
Sadylla bege tagzym etmeli däl? Ä? Tagzym etsin-dä. Etmese,
boljagy ölüm bolmaly bolar-da.
Altynjan gözlerine ynanmady: ok arkasyna çümensoň Iman
arkan gaýtdy, aýagy üzeňňide bolansoň, aty o görgülini süýräp
zut äkitdi. Altynjan doňan ýaly bolup galdy. Gülýüzli birden
hünübirýan aglamaga başlady. Altynjan: «Bes et agyňy! Ýogsam
öldürerin!» diýip oňa azm urdy. Akgyz görgüli özüne erk edip
bilmän, sandyrap ýöne bagyrdy durdy. Onuň agysyndan erbet
56
bir iş edendiginiň wehimi Altynjany gaplap aldy, ol hem gorkup
ugrady.
Altynjan akgyzy nädip köşeşdirjegini bilmän odandy. Bir­
denem şeýle galagoply pursatda adamyň erkini eline almak hak­
daky «özünden beter bolmak» tilsimi ýadyna düşdi, şol tilsimi
ulanmagy makul gördi, onda başga çykalga bolmasa näme?
– Men ölýärin, razy bol, Gülýüzli – diýip, Altynjan atdan
özüni aşak goýberdi. Gumaksy ýoluň üstünde gözlerini ýumup
esli salym ýatdy.
Waweýleta eýläp duran keniziň sesi tapba kesildi. Ol
gözüniň ýaşyny sylyp, Altynjana ýiti-ýiti seretdi, soňam onuň ýa­
nyna geldi. Sandyraýan elleri bilen melikesiniň elinden çekdi:
– Melikäm, aý, melikäm! Size näme boldy? Meni taşlamaň,
melikäm! Ýalbarýaryn. Niräňiz agyrýar, melikäm?! Size bir zat
bolsa, meni bigüman öldürerler.
Altynjan akgyzyň biraz elewremegine pursat bermek üçin,
gozganman ýatdy. Biraz salymdan soň akgyzyň hälki Imany
unudyp, bar aladasynyň özüne gönügendigini duýubam, ýerin­
den turdy.
– Demiň çykmasyn! Eşidýärmiň, demiň çykmasyn!
– Düşündim, melikäm, düşündim. Demim çykmaz meniň,
çykar ýaly, mende dem-de ýok – diýip, Gülýüzli ýetişibildiginden
mydyrdady.
Altynjan eden etmişinden gorkmak gorkdy. Ýaşadygyça
onda gorky artyp gidip otyr. Ol ilkinji gezek Habylyň gözüne
ýataganyň ujuny sünjende gorkupdy. Wah, ol üç gyzy, iki oglany
hem şikesli edipdi ahyryn! Indem Janahyr halwaçynyň ogluny
öldürdi, onuň çir­kin sesi, atyň gapdalynda süýrelip barşy teý
ýadyndan çykanok. Bu etmişleri üçin Hudaýtagala ony jeza­
landyrman-a goýmaz. Hökman jeza berer.
Altynjan ýigrimi ýaşlaryndaky hyzmatkäri Dowguşy Burun­
tak obasyna ýollady: «Janahyr halwaçynyň ogly Imanyň ölen­
digini ýa ölmändigini anyklap gel. Eger ölen bolsa, onda ony
kimiň öldürendigini anykla». «Melikäm, ony öldüripdirlermi?»
«Kimdir biri Imanyň arkasyndan peýkam atanmyş». «Waweýla,
kimkä ol peýkam atan nejis ganhor?!» Altynjan bu söze çydap
bilmedi. Dowguşuň eňeginiň aşagyna şeýlebir batly suňşurdy.
57
Beýle batly urga garaşmadyk Dowguş görgüli honda uçup düşdi.
«Nämä sögünýärsiň? Samahullap durma-da, bar, ugra, bilip gel
derrew! Maňa seniň akylyň gerek däl!» Dowguş hasanak­lap ýe­
rinden turdy-da, zut gitdi. Köp wagt geçmänkä Imanyň ölmän­
digi hakdaky habary getirdi, muňa Altynjan begendi, ýöne onuň
begenmesi uzaga çekmedi. Dowguş birki günden soň Imanyň
ýagdaýynyň agyrdygy hakda habary getirdi. Tebip ýara em edip­
dir welin, şondan soň ýara beterläpdir, eşen örüpdir. Dowguş
soňky bir gün Imanyň ölendigi hakdaky habar bilen geldi. Şol
gije Altynjan uklap bilmedi.
– Ene, men gorkýaryn, juda gorkýaryn – diýip, daňdan
ejesiniň ýorganyna giren Altynjan pyşyrdady.
– Gork, gyzym, gork.
Altynjan ejesine geň galyp seretdi. Ejesi hiç mahal gyzyna
gorkmagy ündemeýärdi! Näme üçin gorkmaly?
– Gorkmak islemeýärin, ene!
– Gorkmasaň, ýaşamak kyn düşer, gyzym, ynan maňa. Gyz
maşgala towşan ýaly gorkajyk bolmalydyr. Gyz gorkaklygy –
asyllylykdyr, näziklikdir.
– Gorkaklyk gowşaklygyň alamaty, ene.
– Gorkaklyk – asudalykdyr, gyzym. Zenan güýji ejizligin­
dedir. Güýç bilen alyp bolmaýan kişini näziklik, gözellik bilen
alýandyrlar.
– Asudalyk meniň ýüregime düşýär, ýüregime! Men
düşünemok, diňe erkekler batyr bolmalymy?
– Erkek kişilere – batyrlyk, zenanlara – gorkaklyk gelişýändir.
Hudaýtagala ýaradanda-da erkekleri batyr, zenanlary gorkak edip
ýaradandyr. Iki batyr bir öýde ýaşap bilmez. Ýolbarsyň, şiriň tüýi
gatydyr. Hemem olaryň sürüsi ýokdur, olar mydama ýekedirler.
Towşanyň, pişigiň tüýüni sypap gör, ýumşakdyr. Tüýi ýumşaklyk
gorkaklykdan hem ejizlikden alamatdyr. Gyza ejizlik, näziklik,
owadanlyk ýaraşar.
Altynjan ejesiniň sözlerinden soň esli mahallap dymdy:
– Indi onda sen maňa: «Sen edil erkek kişi ýaly» diýip
aýtmar­syňmy?
58
– Gör-ä, gyzym, bedeniň nähili näzik seniň. Mahmal ýaly
ýumşak bedeniň bar. Hudaýtagala erkek kişiniň göwnüni
götermegiň üçin saňa şeýle eýjejik beden beripdir.
– Ene, men hiç kimi halamog-a?!
– Seniň halamagyň hökman däl, gyzym. Iň esasy zat, saňa
hyrydar çyksalar, bolany şol. Erkek kişilere ýaranmaga çalyş.
Olaryň ýaramazyna-da diňe gowy gyz gerek.
– Men hiç wagt erkek kişä ýaranjak bolmaryn. Goý, maňa
ýaransynlar!
– Ony durmuş görkezer, gyzym.
– Ýok, ene, ony saňa durmuş däl-de, men görkezerin!..
– Hudaýdan özüňe hyrydar çykjak äriň tapylmagyny dile.
– Eh, ene, seniň maňa gözüň öwrenişipdir. Babam hak
aý­dýar: «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler» diýip... Ynha,
görersiň, meniň hyrydarym şeýlebir köp bolar, şeýlebir köp bolar.
Meniň didarymy görmek üçin kerwen-kerwen gyzyl harçlarlar.
– Magtanmak aýypdyr, gyzym.
– Hakykaty aýtmak magtanmakmydyr?
Ikinji hekaýat
SOWAN DEMIR EGrelMEZ
1.
H
iç bir är hatynynyň özünden güýçli, özünden başarjaň,
özünden suhangöý, özünden batyr bolmagyny islemez.
Isleýän bolsa, ol erkek däldir. Erkek kişi üçin hatyny ejiz, gorka­
jyk bolmaly, kysmatyna kaýyl gelmeli. Işeňňir, mähirli, gaýratly
bolmaly. Iň esasy hem owadan bolmaly! Hatyn ärinden biçak
gorkmaly, oňa boýun sunmaly, mydama hyzmatynda durmaly,
özem bir zat soralmasa, eger-eger geplemeli däl. Elinde ýatagan
oýnadyp ýören hatyndan erkek kişileri Hudaýyň özi saklasyn!
Emir gyzyna bermek islän bu öwütdir pentlerini atabegiň üsti
bilen bireýýäm aýdypdy. Hatyny Hajaryň, akgyz Gülýüzliniň üsti
bilenem köp-köp zatlary aýdypdy, özi-de aýdypdy. Ýöne gyzynyň
özüni alyp barşy aýdan öwüt-ündewlerini eşidene meňzänokdy. Ol
nähilidir bir bolgusyzlyk etse, emir jezany hatynyna bererdi.
Altynjan özüni bilmän ýatan ejesiniň başujuny alyp, gözýaş
döker oturardy. Ejesiniň düşen gününe özüniň günäkärdigini
bilýärdi.
60
«Atasy ursa, gyz betbagt bolar» diýen düşünje bardy, emir
gyzynyň betbagt bolmagyndan howatyrlanýardy. Onsoňam Altyn­
jan hanyň bu dünýädäki arzuwydy, umydydy. Ol ýöne-möne gyz
däldi, ol – hanyň içki dünýäsidi, han köňul telwasynyň amalyny
gyzynda görýardi . Emir gahary gelende gyzyna:
– Gyzym, ertirki günüň hakda hem oýlan! – diýmek bilen çäkle­
nerdi.
Emir ýagdaýy, çykalgasy bolsa, şu sözem aýtjak däldi, asyl
onuň bilen gürleşjegem däldi. Çagalaryna begzada terbiýesiniň
berilmegi üçin ol, gör, näçe adama hak-heşdek töledi, häzir
hem töleýär, goý, atabeg aladalansyn, goý, akgyzy, hatyny ala­
dalansyn. Onuň etmeli işi galada, öýde abadançylygy üpjün et­
mek, bolçulygy döretmek, Hudaýa şükür, diňe öýde ýa galada
däl, sebitde hem bir kesemen tötek tapman açlygyndan ölýän
ýok. Zamahşar galasynyň halwasyny, nogul-nabadyny, peýkam­
laryny Altyndaşam, afrasýaplylaram1, Şamäligem2 ýörite ker­
wenläp satyn alyp gidýärler. Indi Mahmyt Gaznalynyň bezir­
genlerem gelip ugrady. Özem göni Zamahşara gelip satyn alyp
gidýärler.
Abdylmälik tarhan ýaşaýşyndan müň keren razydy. Şu
ýaşaýşynyň üýtgewsiz uzak-uzak dowam etmegini isleýärdi, ýöne
şeýle süýji durmuşynda ýeke gyzyna isleýşiçe dyýgy berip bilmän­
ligine örtenmek örtenýärdi. Özem onuň örtenmesi ýylsaýyn
däl, aýsaýyn artýardy. Ol gözüne del begzada kaklyşsa, derrew
Altynjan hakydasynda peýda bolýardy. Ikisini göz atuwynda jan­
landyranda her gezek ýigit gyzyndan ejiz görünýärdi. Altynjana
mynasyp taý teý tapylmajak ýalydy. Wah, gyzyňa är gözläp ýör­
mek gaty gelşiksiz zat, musulmançylykda ýekinde ýigrenilýän
zat. Ýöne han özüni bu babatda çäresiz hasaplaýardy. Gyzyny
abraýly bir maşgala bermegi, onuň durmuşa gözügip gitmegini
gurnamagy özüniň atalyk borjy hasaplaýardy. Abdylmälik hanyň
aňynda Altynjana eýe çykjak Rüstem Zaldan3 ejiz bolmaly däldi.
Hanyň hajyraw-hajyraw serkerdeleri kändi. Soňky döwürdäki
pikiri gyzyny serkerdeleriniň birine bagyşlamakdy.
61
Altynjan deň-duş gyzlaryndan, şol sanda deň-duş oglan­
laryndan aşa dogumlylygy bilen saýlanýardy. Adatça, gyzlar edepekramy, ejap­lylygy, görk-görmegi bilen iliň diline düşse, Altynjan
dogumy, merdanalygy bilen göze ilýärdi. Onuň bütin bolşy oguzyň
gyz maşgala baradaky düşünjelerine çapraz gelýärdi. Bu bolsa
onuň geljekki ykbalynyň üýtgeşik boljakdygyny göz edýärdi. Çün­
ki geljek çaprazlyklardan uç alýar. Çaprazlygyň däl-de, sazlaşygyň
hökmürowan bolmagy durmuşyň birsydyrgyn akymynda hiç hili
üýtgeşikligiň, döwülmäniň bolmajakdygyna yşarat edýär. Geçmiş
bile heminzamanyň arasyna düşýän çaprazlyk täsin hem täze,
owal bolmadyk geçmişiň kemala gelmegine sebäp bolýar. Geçmiş
bile heminzamanyň arasyna düşýän çaprazlygyň ýok ýerinde gel­
jek mümkin däl. Heminzamana adatdan daşary garşylygyň, garşy
çykmagyň ýok ýerinde durmuş akymy öz ugruny üýtgetmeýär.
Geçmiş, heminzaman hem-de geljek bitewi, baky hem yrylmaz
Wagtyň diňe mukdar – ýyllaryň sany bilen tapawutlanýan bölekleri
däl, ol – Wagtyň hili boýunça parhlanýan bölekleri. Şol hil parhlylyk
çaprazlykdan gözbaş alyp örňeýär. Adaty düşünjelere, adaty endikle­
re, adaty ýaşaýşa bolan garşylykdan täzelik döräp, şol täzeligem he­
minzamanda ýok, täze, başga wagty – geljegi kemala getirýär.
Geljegiň özi gelmeýär, ony heminzamanda bolup geçýän
çapraz­lyklaryň çaknyşygy, könelik bilen täzeligiň, adatylyk bile
täsinligiň başa-baş darkaşy getirýär. Heminzaman geçmişe
howp salmasa, geljegiň geljegine umyt ýokdur. Aslynda wagtyň
jismi, pikir edişimiz ýaly, üç sany bölekden – heminzamandan,
geljekden, geçen wagtdan durýan däldir. Aslynda Wagtyň ýeke­
je görnüşi bardyr: ol heminzamandyr.
Biziň geçmiş diýýänimiz – wagt taýdan yza süýşürilen he­
minzamandyr. Biziň geljek diýýänimiz – öňe süýşürilen hemin­
zamandyr.
Şularyň özara gatnaşygynda geljegiň hiliniň başga bolmagy
adatylyk bilen täsinligiň mynasybetine baglydyr. Biz heminza­
mandaky adatylygy ileri tutsak, onda geljegiň üýtgeşikligi peýda
bolmaz. Geljegiň üýtgeşikligini diňe heminzamanyň täsinligini
ileri tutmak kemal edip bilýär.
62
Heminzaman geçmişe sygman başlanda geljege ýol açylýar. He­
minzaman öz-özüne sygman başlanda geljek kemala gelip ugraýar.
Geçmiş, heminzaman, geljek – bular bütewi Wagtyň aýryaýry döwürleridir. Döwür bolsa täze aýlawdyr, täze öwrümdir.
Wagtyň täze aýlawy adatylyk bilen täsinligiň çaprazlygyndan
başlanýar. Täsinligiň möwç urmagy Wagtyň öz-özüne, özüniň
öňki hanasyna sygman başlandygyndan habar berýär. Beýik
derýanyň, kakabaş hem däli derýanyň öňki hanasyna syg­
man, gözbaşyndan gelýän hyjuwy bile özüne täze hana edinişi
deýin, geljek hem adatylyk hanasyna sygman, täsinlik, adatdan
daşarylyk, möwrite garşy çykmak diýen täze hana ýasanyp, täze
depgin bilen akyp başlaýar.
Altynjan geljegiň alamatydy, şonuň üçinem ony gurşap
alýan heminzamany durmuş – ýakynlar, deň-duşlar, ýatlar – bary
ony gyýa göz bile garşy alýardylar. Çünki soňkular geljege geç­
män, heminzamanda galmaly endikleri, pikirleri, syzgylary,
aňlaýyşlary özünde sak­laýanlardy. Heminzamanda galýan her
bir närse bolsa, diňe geçmişe gidýändir. Adamlar Altynjany ha­
laman biljek däldiler, çünki geçmişe barýan adam hiç mahal
geljege atlanan adamy halaman bilmez.
Geljek hemişe heminzamana meňzeş dällikleriň jeminden
kemala gelýär. Şol sebäpdenem ýüzi geçmişe sary bolan adaty köp­
çülik özüne, öz pikirlerine, endiklerine meňzeş dälleri halamaýar.
Heminzaman özüne, öz içine sygmaýan närseleri halamaýar.
Heminzaman üýtgeşikligi, üýtgeşikleri halamaýar.
Heminzaman täsinligi, täsinlikleri halamaýar. Çünki ol
meňzeş dälligiň, üýtgeşikligiň hem täsinligiň öz süňňüne
dawa edýändigini, olaryň amal bolmagy bile öz ömrüniň
paýawlaýandygyny aňlaýar, syzýar. Ähli ýaşaýyş hyjuwy ýatan,
könelişen garry kimin ol adatylygyň rahat öýünde üýtgeýşiň,
täzeligiň, başgalanyşyň agyrysyny duýman ýaşamak isleýär.
***
Altynjan süňňi iri bolansoň, çagalykdan ir saýlandy. Me­
gerem, türgenleşigi ýeterlikligi üçin bolsa gerek, ol ýylanyň ag­
63
zyndan çykan deýin syrdamdy. Mydama gylyçlaşyk türgenleşigini
geçip, bekäp ýörensoň bedeni daş deýin gatydy. Näzik görünýän
akja elleriniň tokmak deýin agyrlygyny, berkdigini ähli kişiden
beter akgyzy Gül­ýüzli magat bilýärdi. Ähli zady başyndan geçiren
adam başyndan geçirmedikden has gowy bilýär. Habylyň gözi
sebäpli işden kowlan akgyz Uzperiden soň işde ýeke galan
Gülýüzli Altynjanyň ýumrugyny bir ýa iki däl, üç ýa dört däl, juda
kän gezekler «dadyp» gördi. Degen ýerini möçükdirip, göm-gök
çandyra öwräýýär onuň ýumrugy. Rüstem Zal bir ýum­ruk uranda
şol uran adamy soň ýerinden galmaýarmyş diýip akgyz eşidipdi.
Akgyz bolup işläp, ol birmahalky eşiden zadyny durmuşda-da
görmeli boldy. Bir uranda galmaz ýaly etmegi Rüstem Zal deýin
gahrymanlar başarýandyr öýdüp ýören Gülýüzli Altynjanyň-da
hiç bir gahrymandan, hiç bir pähliwandan kem däldigini, gaý­
tam, hakyt artykdygyny bildi hem gördi.
Haktagala zenanlara çäksiz çydamlylyk, çäksiz sabyrlylyk be­
ripdir. Olar işe duran ýerlerinde her hili süteme, ezýete döz ge­
lip işlemäge çalyşýarlar. «Baran ýerinde oňuşmandyr» diýilse,
hiç kim Altynjany günäkärlemez, Gülýüzlini günäkärlär. Gül­
ýüzli muňa juda gowy düşünýär. Şonuň üçin ol melikesiniň ähli
sütemine merdi-merdanalyk bilen döz gelýär, özüniň çekýän
sütemini ýeke erkek kişiniň hem çekip bilmejegini-de bilýär.
Ol melikesiniň jebirlerini çekmekden başga çykalga-da göre­
nok. Gidere ýeri-de ýok. Ol Altynjanyň göwnünden turmak,
ýaranmak üçin gije-gündiz gaty yhlas edýär. Ýöne, hernäçe yh­
las etse-de, käteler Altynjanyň gazabyna duçar bolýar. Dogrusy,
Altynjana ýaranmak hupbat. Eger-eger onuň göwnüne ýaranyp
bolanok. Diňe akgyz däl, Altynjan köplenç öz-özüne-de ýaranyp
bilenok. Şonuň üçin diňe akgyzdan däl, özündenem närazy ol.
Käteler özünem düýt-müýt edäýesi gelýär onuň. Hakyt özüni
gamçylap uran gezeklerem boldy onuň!
Göwre babatda akgyz Gülýüzli Altynjandan artyk bolma­
sa, kem-ä däl, ýöne gep göwrede däl eken. Billeşmeli bolsa,
Altynjan iki sany Gülýüzlinem bagyrdadyp bagrynyň aşagyna
aljak. Durşuna gujur bilen güýç ol. Kabyl bilen Habylyň-a
gürrüňem ýok, sebäp olar ekizler, Altynjandanam iki ýaş kiçi,
ýöne özünden dört ýaş uly Sadyllanam ýere pylçap urýar ol.
64
Ýöne Sadyllanyň tebigatynda göreş tutmak, güýç synanyşmak,
gylyçlaşmak, at üstünde oýun görkezmek diýen ýaly zatlar ýok.
Ol «ylym uran» diýilýänlerden. Ol pelsepe otarmaga, kitap oka­
maga ýykgyn edýär. Ürgençden gelende Kabyl bilen Habyly
hemem Altynjany ýanynda oturdyp, olaryň gyzyklanýandygynagyzyklanmaýandygyna bakman (käteler zoraýakdan), ola­
ra medresede öwrenen geň-enaýy zatlary hakda joşup-joşup
gürrüň berýär. Şeýle bolansoň galada galan üç dogan medre­
sede öwredilýän zatlary Sadylladan eşidip özleşdirýärler. Omar
atabeg Sadyllanyň köp zatlary doganlaryna gürrüň bermesine
juda begenýär, oňa zol-zol minnetdarlyk bildirýär. Sadylla gala
dynç almaga gelýär, ýöne doganlary soňky aýlar bilgeşleýinden
oňa dynç berenoklar: ol gelýänçä agyrdan agyr sowallary taýýar­
lap goýýarlar. Maksat Sadyllanyň: «Şu soragyň jogabyny bile­
mok» diýmegi, ony mugyra getirmek. «Sadylla, sen Ürgenje
gidip okasaňam, gör, biziň sowallarymyza jogap berip bileňok.
Seniň bilýän zadyň ýok. Utanaňokmy?» diýip, Altynjan dagy
Sadyl­lany utandyrmak isleýärler. Şeýle degişmeleri ähli kişiden
beter Kabyl gowy görýärdi. Hokgabazdy ol. Okuw okasy gel­
meýärdi. Okamazlyk üçin ähli zada kaýyldy. Kimdir biriniň üs­
tünden gülmek onuň iň gowy görýän zadydy.
2.
On iki ýaş – oglanyň, dokuz ýaş – gyzyň ýetişenlik ýaşy hasap­
lanýar. Tüweleme, Altynjan on dört ýaşa ýetdi. Bu ýaş gyzyň
kükräp başlaýan ýaşy. Bu ýaş – ýigitleriň gyzlar bilen gyzyklanyp
ugraýan ýaşy. Bu ýaşda Hudaýtagala gyzy bägüle öwrüp, erkek
kişileri ymsyndyrýar.
Altynjandan-a gözüňi aýyrar ýaly däl. Nazary düşen erkek
kişini galpylda saljak janperwer gözelligi bar onuň. Haktagala
bolsun edipdir oňa. Ol kakasynyň sowgat beren gyzyl atlaz ma­
tasyndan özüne tikdiren eşigini geýipdir welin, bu eşik oňa hasam
gelşik berýär. Hakyt bir açylan bägülüň bar-da! Hana, beýigi beýik,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 05
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.