Latin

Altynjan hatyn I - 18

Total number of words is 3709
Total number of unique words is 2070
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dym-dyrslyk.
Altynjan dähedem-dessemläp barşyna on bäş-ýigrimi zirag
aralykda Muhammet Togrul begiň durandygyny aňdy. Çünki
ol aşak bakyp barşyna adamlaryň donlarynyň synlaryndan çen
tutdy. Bu donlaryň eýeleri serkerdeler, atly-abraýly adamlar bol­
maly.
Altynjan şindem dähedem-dessemläp barýardy.
Bu ýere jemlenen halaýygyň köplügi hem toýuň tutumy –
Muhammet Togrul begiň Altynjana söýgüsiniň alamaty! Muny
kim duýmasa-da Altynjan duýýar!
Eý, Hudaý, dünýäde Altynjan ýaly söýülýän başga bir zenan
barmyka?
Altynjany beýik Rahman ezizleýär. Beýik Rahman bendesini
eziz­lände, ine, şeýle merdi-merdana gerçege duşurýar. Şeýle toý
edýär. Altynjanyň bu derejä ýetmesi şeýlekin bir tötänlik däl! Ýok,
ýok, bu beýik Perwerdigäriň emri! Bu beýik Perwerdigäriň ýalkawy!
Altynjan dünýä inende soltan Mahmyt Gaznalynyň Za­
ma­hşara barmagy, howla ilkinji ädimini ädende onuň jägildäp
dünýä inmegi beýik Perwerdigäriň eradasy!
Şonda beýik soltanyň ýaňyja dünýä inen çagajygyň gula­
gyndan üç mertebe çala çekip, «Altynjan» diýen ady bermegi
hemem «Beýik bege hemra bolmagyny» dileg etmegi beýik
Perwerdigäriň eradasy!
Patyşa – Allatagalanyň Ýerdäki wekili. Allatagala öz işlerini
şol wekiliniň eli bilen edýär.
Bu gün Allatagalanyň – onuň ýerdäki wekili bolan soltan
Mahmyt Gaznalynyň (onuň ýatan ýeri jennet bolsun!) mundan
on sekiz ýyl owalky islegi amal bolýar.
Bu gün soltan Mahmyt Gaznalynyň mundan on sekiz ýyl
owalky dilegi bilen Altynjan «Beýik bege hemra bolýar!»
Wah, şu toýy soltan Mahmyt gören bolsady!.. Arman!..
Ine, Altynjan soltan Mahmyt Gaznalynyň pata beren «beýik
beginiň» ýanyna barýar!
292
Ol Togrulyň üç-dört ädim garşysyna baryp saklandy.
Ol Muhammet Togrul begiň mährini duýdy. Sandyramasy
öňkü­sindenem artdy.
Egilip tagzym etdi.
– Aý, ýok, bolanok, täzeden tagzym etsin! – diýip, Togrul
begiň ýanyndakylar gygyryşdylar.
Altynjan öňküsindenem has yhlasly tagzym etdi.
– Bolanok!
– Aýagyňa ýykylsyn. Aýagyňy ogşasyn!
Bu çakyr ses Altynjana juda tanyşdy. «Eý, Hudaý, bu kimkä?
Öz-ä gaty tanyş. Men bu sesi öň nirede eşitdimkäm?!» diýip,
Altynjan içini gepletdi. Ýadyna salyp bilmedi, ses çykan tarapa
göni seretmegi bolsa gelşiksiz gördi.
Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Altyn gyz, mähelläniň näme isleýändigini eşidýärmiň?!
Altynjan tekepbirdi, ýöne bu ýerde ol tekepbirlik etmedi.
Ikidyz oturyp, Togrul begiň ädigini taýly gezek öpdi. Maňlaýyny
degirdi. Barybir, göwnüne makul bolmady, begiň sag aýagyny
garsa gujaklady.
Beýle sadykatlylyga, megerem, hiç kim garaşmadyk bol­
sa gerek, adamlar tolgunma bilen gelniň bolşuny synladylar,
oňladylar:
– Ine, indi boldy!.. – diýip, çakyr sesli kişi seslendi.
Altynjan Togrul begiň özüni urmalydygyny ýatlady-da,
biraz yza çekildi.
– Togrul beg, gelniňi uraňok-la? – diýip, ýerli-ýerden
soradylar.
Togrul beg biline gysdyrylgy gamçysyny alyp, elinde oý­
natdy, soňam Altynjany ýuwaşjadan gamçylandan boldy.
– Ur!
– Ur, Togrul beg! Dözümliräk ur!
– Aý, muňa urduk diýmezler. Hatynyň nähili hatyn bol­
jakdygy häzirki urşuňa bagly bolar – diýip, çakyr sesli kişi janykdy.
– Häzir urmasaň, soň öz buduňa urmaly bolarsyň!
– Hatynyň iň gowusy gözüňe tüsse gapdyryp lezzet alar.
Ýene çakyr sesli dillendi:
293
– Hatyn bilen şeýtanyň gowusy bolýan däldir. Ur! Ur!
Adamlaryň sesi tapba kesildi, Togrul beg olara gaharly se­
reden bolarly.
Altynjan gamçynyň şuwwuldysyny eşitdi. Şuwwuldy yza
öwrülip, Altynjanyň ýagyrnysyny ýakyp-ýandyryp gitdi. Eý, Hu­
daý! Tog­rul beg akylyndan azaşdymyka? Heý, beýdibem bir ur­
mak bolarmy? Altynjan görgüliniň näme günäsi bar? Urmalymyş
diýseler, Togrul beg yrym-yrym, ýom-ýom edäýmän, gara çyny
bilen urýar.
Üç!..
Bäş!..
Dokuz!
Musa beg saklanyp bilmedi:
– Togrul beg, sen gelniňi-hä öldüräýdiň öýdýärin.
– Altyn gyz bu, altyn gyz. Çydamly bu.
Altynjanyň gözüniň alnyndan kinniwanja uçgunjyklar
gaýmala­şýardy. Ýöne Togrul begiň şol sözünden soň, şol sözler
bilen uçgunjyklar gamçynyň awuşan ýerlerine melhem bolup
çaýyldy.
Altynjanyň eltileri ylgap gelip, hersi bir goltugyndan tekge
berdi.
Adamlar jem bolup gygyryşdylar:
– Gelniň ýüzüni görkez!
Togrul beg gelip, Altynjanyň tuwagyny aýyrdy-da, çekgesi­
ne elini goýdy.
– Başyňy galdyr, Altyn gyz. Goý, bu kynyk begleri Togrulyň
hatynynyň dilir dilguşalygyny görsünler. – Togrul beg Altynjany
bir «hop» diýende çep egnine mündürdi-de, halaýygyň görme­
gi üçin öz daşyndan ýuwaşja aýlandy.
Altynjanyň sahypjemalyny gören mähelle uly gowur tu­
ruzdy. Kynyk begleri Togrul begiň hatyndan oňandygyny,
Altynjanyň biçak hoşmanzardygyny nygtadylar. Togrul bege lez­
zetli aýşy-eşretleri dileg etdiler.
Togrul beg Altynjany egninden eda bilen düşürip, Gyzbibi
bilen Peýkertuwaga ýüzlendi:
294
– Gelnejelerim, meniň Altyn gyzymy gerdegime eltiň, näme
islese, mähetdel bitiriň, göwnüne degäýmäň!
– Begiň hatynynyň göwnüne, heý, degip bolarmy?! – diýip,
eltiler Altynjany giň gerdege alyp bardylar.
Bu mahal Altynjanyň aňynda diňe bir pikir öwç alýardy, ol
hem çakyr sesli kişini bogup öldürmek, kerçem-kerçem etmek
pikiri. «Men ony hökman taparyn. Hökman taparyn» diýip, ol
öwran-öwran gaýtalady. Çakyr sesli kişiniň sözleri welin, onuň
aňynda zol-zol gaýtalanýardy: «Hatyn bilen şeýtanyň gowusy
bolýan däldir. Ur! Ur!»
***
Altynjanyň garaşan täze ömri başlandy.
Ikinji ömür başlandy.
Altynjanyň hakyky ömri başlandy.
Beýik Biribar diňe gowusyny etsin!
Ýaramaz günler duşmanyň başyna lagnat bolup insin.
Allatagala şerapatly, mürewwetli ömri-deraz bersin!
On dördünji hekaýat
ŞOL GIJÄNI «ZAMAHŞAR GIJESI»
DIÝIP ATLANDYRDYLAR
Ş
eýlebir adam kän, şeýlebir adam kän, Altynjan olaryň
hiç birinem tananok. Asyl, oňa bu ýerde tanyş hiç kim,
hiç zat ýok.
Nisar dessury bilen giren gerdegi-de oňa nätanyş. Ol bir­
meýdan butnaman durup, içerä göz aýlady. Giň gerdegiň içi
ylla köşkdi. Ýere köz deýin gyzyl halylar düşelipdir. Olaryň üs­
tünde altyn-kümüşlerden ýaňa aýak basara ýer ýok. Gerdegiň
tärimleri şaý-sepler bilen bezelipdir.
Içeri giren ýeriňde ojak bar, onda ojar odun alawlaýar.
Ojagyň iki gyrasyna gypjak sährasynyň 1 gaplaňlarynyň derisin­
den posdekler2 düşelipdir.
Çep böwürde, iki zirag çemesinde gat-gat düşek gyzyl mah­
mal bilen örtülipdir.
Ortada, iki zirag çemesi beýiklikde sypa, onuň üstünde
bolsa öýüň içindäki öýe meňzäp duran telär bar. Sypanyň dört
burçundan ýogyn agaçdan sütün galdyrylyp, olar daşy nagyşly
agaçlar bilen birleşdirilipdir. Teläriň üstüne aňrysy görnüp du­
296
ran ak atlaz atylypdyr. Gerdegiň içindäki gerdek – telär erteki­
lerdäki patyşalaryň şebistanyny ýatladýardy. Gerdegiň içindäki
gerdekde – sypanyň üstünde ak-gara-gyzyl ýüpek sapaklar bilen
jäheklenen iki sany ýassyk goýlupdyr. Diýmek, bu ýerde Altyn­
jan bilen Togrul beg ýatmaly bolar. Sypa gerdegiň ep-esli ýerini
tutup durdy.
Altynjany ojagyň çep tarapyndaky posdekde oturtdylar.
– Içerik hiç kim girmez, indi içki kürtekçäňi çykaraý – diýip,
Musa begiň aýaly Peýkertuwak ýylgyrdy. – Urlup görmänden
soň, Togrul beg gamçynyň awusynyň nähili agyrylydygyny bile­
nok. Ol urşy bilen içki kürtekçe dagy geýdirmedik bolsak, seni
öldüräýjek eken, ol.
– Altynjan, sen bizden uýalma, içki kürtekçäňi çykar,
gamçyň yzyna melhem çalaly. Bizem bir mahal edil seniň geçen
ýoluňy geç­dik. Ýöne bize içki kürtekçe geýdirmediler. Şonuň
üçin ýagyrnylarymyzda gamçynyň besse-besse yzy häzirem bar.
Onsoň, saňa nebsimiz agyryp, sygryň eýlenen iki gat derisini
kürtekçe edip geýdirdik – diýip, Gyzbibi Altynjana eşigini çy­
karmaga ýardam berdi.
– Wa-weýla, wa-daryg-a, beýtmeli däl ekeniňiz-dä.
– Şeýtmedik bolsak, sen bu mahal biz bilen häzirkiň ýaly ar­
kaýyn gürleşip oturyp bilmezdiň. Ýa öli bolardyň ýa öliniň bäri ýany.
– Altynjan, sen özüň üçin taýýarlanan bu sypa bir seret
– diýip, Peýkertuwak sypanyň gyrasyny sypady. – Beýle sypa
dünýäde hiç bir patyşanyň hatynynda-da ýokdur. Bu diňe sen­
de bar. Bizde-de ýok. Bilýärsiňmi, näme, Altynjan, Togrul bu
sypa üçin gaty yhlas etdi. Ýigrimi düýe mahmaly gat-gat edip
düşetdi şu ýere, şunuň üstünde ýatsaň, soň turasyň gelmez.
Togrulyň özem ýatyp görenok entek bu düşekde. Yrym edip,
seniň geleriňe garaşdy.
Altynjan göz astyndan eltilerini synlady: Peýkertuwak oral
bolsa-da, hoşaýandalygyny saklapdyr, hereketlerinde näziklik
bardy, eti-gany ýerindedi, uzyn boýludy, berdaşlydy, dilkeşdi, ak
ýüzli zenanyň päk ahlaklylygy, uýaljaňlygy, hoşmanzarlygy edimgylymyndan äşgär duýulýardy. Çep gözi çalaja gyzaryp durdy.
Gyzbibi maňyzly-meňzeşikli, gülerýüzli, orta boýly nurana
hem janperwer hatyndy. Ol gyýa-gyýa bakyp, hoşnigähli gür­
297
leýärdi. Sesi janyňa ýarap, hoşuňa gelýärdi. Dili süýjüdi. Ol gür­
lände sözleri biri-biriniň yzyna şeýlebir sepleýärdi welin, onuň
mylaýym sözlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. Ullakan ala
gözleri özüne imrindirýärdi. Köp zada diýeniniň bolýandygy
duýulýardy. Hereketleri, agyp-dönmesi Peýkertuwagyňky ýaly
ýaýal hem agras däl-de, dilirlidi hem ynamlydy. Özem edeni
gelşip durdy. Başga biri bolanlygynda Altynjan piliň üstün­
de eşigini çykaryp ýalaňaçlanmazdy, ýöne Gyzbibide söz bilen
düşündirip bolmaýan bir jady bardy. Altynjan Gyzbibiniň na­
zaryna nazary kaklyşanda jadylanan ýaly bolup, onuň ähli emri­
ni gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetiripdi. Indi gerdekde oturyp, keje­
bede eden zatlaryna öz ýanyndan hopugýardy.
Eltilerine seredip, Altynjan özüne giňlik bermäge, olaryň
her bir sözüni ýatda saklamaga çalyşdy.
Peýkertuwak bilen Gyzbibi gaty arkaýyn hem ynamly here­
ket edýärdiler. Olar Altynjany uly çelekde ilki suwa, soňundan
süýde düşürdiler. Altynjan süýde çümüp oturyp bolýandyram
öýtmändi, süýt diňe içilýändir öýderdi. Ýöne seljuk gelinleri
ullakan bir çelegi geçi süýdünden dolduryp, içine Altynjany
saldylar. Soňundan ony ýene gyzgynja suwa düşürip, endamyna
tübbet müşküni 3 çaldylar.
– Bu hökmanmy? – diýip, Altynjan Gyzbibä ýüzlendi.
– Hökman, jigerim, hökman. Bu enaýyja gumgumadaky 4
tübbet müşküni tapjak bolup, Togrul beg kösenmek kösendi.
«Getirip berjek» diýip söz beren bezirgenler köp bolupdyr, ýöne
olaryň beren sözleriniň yzy gelmändir. Eh, jigerim, bu erkekler
üýtgeşik ýaradylypdyr. Men-ä bulara, teý, düşünip bilmeýärin.
– Nämesine düşünmeýärsiňiz?!
– Erkekler hatynlarynyň ýekeje ýylgyryşy üçin ähli baýlygyny
orta dökerler. Ýurt aşyp ýa birnäçe ýyl yhlas edip, müşk göz­
läp, hatynyna bagyş ederler. Hatyn üçin döwletleri, köp-köp
şäherleri, kentleri, obalary tozdurarlar, darkaş gurarlar, ençe
adamlar pida bolar. Zenanlary depelerine täç ederler, wasp
ederler. Seniň begenmegiň üçin uzak ýerlere ýörite gidip, ker­
wenläp mata getirerler ýa getirderler. Erkek zenana edýän yh­
lasyny özüne-de etmez, ýekeje dostuna-da etmez. Ata-enesine298
de etmez. Hatyna gowy görünmek üçin Çyna gider, Käbä gider.
Hatyna ýaranmak üçin ähli zatdan gaýtmaz. Patyşa ýaranjak bol­
maz, ýöne hatyna patyşalaram ýaranmak üçin gara gündedir.
Arman, şeýdip eziz­leýän hatynynyň depesinden gamçy urmagy
hiç zatça bilmeýär. Eýsem, şu geň dälmi? Emma depäňden gam­
çy urýan şol erkek seniň tabşyran işiňi wagtynda etmändigi üçin
müňläp gulamy gylyçdan geçirer. Seniň göwnüňi awlamak üçin
köp-köp adamy öldürer...
***
Daşarda «Gelin» sazy çalnyp, rakys oýnalýardy.
Toý mähellesi garaňky düşensoň her ýüz-iki ýüz ziragdan uly
ot ýakyp, olaryň töweregine üýşüp, meýlislerini dowam etdirdiler.
Ýagly-ýagly goýun etlerinden kakmaç bişirilýärdi. Çar ýan­
dan bişen hem köýen etleriň ysy hap berýärdi.
Zamahşarlylar bir hepdeläp toý üçin halwadyr nişalla
taýýarlapdylar. Hyzmatkärler ullakan mejimelerde myhmanla­
ra zamahşar halwalaryny, nyşallalaryny hödürleýärdiler.
Arabalarda şerapdyr çakyr, bozadyr rakiýa 5 getirýärdiler. Bu
arabalaryň nireden gelýändigi belli däldi. Biljek bolýanam ýokdy.
Rakiýalar, bozalar derýa bolup akýardy.
Togrul beg hem bu gün pyrlanmak pyrlandy. Topar-topar
bolup oduň başynda oturan seljuk begleriniň ýanlaryna baryp,
olar bilen boza içdi, raks oýnady.
Seljuk begleri raks oýnanlarynda wagşyýana gygyrýardylar.
Wagt ýarygijä baran-da bolsa, toý dowam edýärdi. Sazanda­
lar ýagşydan-ýagşy sazlary çalýardylar.
Aýdymçylar göçgünli aýdymlar aýdýardylar.
Ýekeje-de serhoş däl adam ýokdy. Ähli kişi serhoşdy.
Goşun serhoşdy.
Esgerleriň rakiýa içmegine Çagry bilen Baýgu Kelan rugsat
beripdi, çünki üstlerine abanýan howp ýokdy.
Altynjan daşardaky aýdym-saza, serhoş esgerleriň gykylygy­
na diň salyp, şindem gerdekde çugutdyryp otyrdy. Eltileriniň
degdim-gaçdym gürrüňleri-de onuň ünsüni çekip bilmeýärdi.
299
Tümen daýysy göz atuwynda peýda bolup, asyl aýrylanokdy. Ol
Altynjana nämedir bir zatlar diýýärdi.
Megerem, ol ogly Anuşirwan barada soraýandyr?
Oglunyň Zamahşarda ýeke galdyrylandygyny eýýäm duýaý­
dymyka? Ol ýeke däl ahyryn! Onuň ýanynda Abdylmälik han
bar, Habyl bar, Kabyl bar! Onuň kem zady ýok. Ejesi Şaýürek-de
ertir gala dolanyp barar.
Anuşirwana galada hiç kim ala göz bilen seredenok. Dog­
rusy, ol alçak, suhangöý, gaýduwsyz, mähirli ýigit bolup ýetişdi.
Ol şeýle mähirli welin, nämäň bar bolsa oňa beresiň gelýär!
Anuşirwan adamyň göwnüni awlamaga ökde. Onuň baş ýaragy
– hoş sözi!
Tümen begem hoş sözlüdi. Ol Altynjanyň hoşuna geljek
sözleri aýdýardy. Özem oňa mynasyp baha berýärdi.
Adamlara ähli döwürlerde iň ýetmeýän zat özlerine
mynaşyp bahanyň, ünsüň berilmeýänligidir. Adamlar özlerine
gowy baha berilmegine mydama teşne. Şol teşneligi gandyrýan
kişiler iň gowy kişilerdir.
Altynjana ýetmeýän zat mynasyp sözdi, mynasyp bahady.
Ol özüniň ýönekeý gyz däldigini ähli kişiniň, şol bir sanda Tog­
rul begiň hem bilmegini isleýärdi. Ýöne gapdalynda oturan şu
üç hatyn: Gyzbibi, Peýkertuwak, Şaýürek hem onuň üýtgeşik
gyzdygyny bilenoklar. Gaýtam ýaňy Peýkertuwak: «Gyz bilen
gelniň tapawudy näme?» diýip soraýar. Soňam: «Gyz bilen
gelniň tapawudy – ýeke gije. Nesip bolsa, senem ertir biz ýaly
hatynlaryň biri bolarsyň» diýýär.
Ýok, ýok, Altynjan bu üç hatyn ýaly bolmaz, olardan görne­
tin parhly bolar.
Üç hatynyň degdim-gaçdym söhbedini daşardan çykan ses
kesdi:
– Togrul bege nika gyýmaly.
– Ahyr ýatlaryna düşdi, nikany ilkagşam gyýmalydy – diýip,
Altynjanyň daýzasy Şaýürek hüňürdedi.
– Wa-weýla, Şaýürek, ikimiziň aýdanymyzy etseler, erkek­
leriň erkekligi gaçyp galaýjak ýalydyr.
Köp wagt geçmänkä öýlenýän gerçegi gerdege getirdiler.
Gülki-şowhun al-asmana göterilýärdi.
300
Içerde ojar ot belentden ýanýardy.
– Gelnejelerim! Meni öldürjek bolan Altyn gyzy saklap
otyr­syňyzmy? – diýip, Togrul «lah-lahlap» güldi. – Hakyt meni
öldürjek boldy, şu Altyn gyz. Özem bu Altyn gyz: «Kim-de-kim
Togrulyň kellesini getirip berse, men şol gerçege äre barjak»
diýipdir. Bu Altyn gyzyň mahýasy – meniň kelläm. Beýik Per­
werdigär-ä bu Altyn gyzy meniň üçin dünýä inderipdir, bu-da
näme üçin dünýä inendigini bilmän, meniň kastymda ge­
zip ýör. Bilýäňizmi näme, bu Altyn gyz dünýä inende soltan
Mahmyt Gaznaly şu ýerdedi – Zamahşardady. Menem onuň
ýanyndadym. Soltan howla giren badyna bu Altyn gyz jägil-jägil
edip dünýä indi. Onsoň soltan bu gyza at dakdy, soňam «Beýik
begiň hemrasy bolsun!» diýip, pata berdi. Soltanyň: «beýik beg»
diýeni men ahyryn, men! Düşnüklimi?
Altynjan bu sözleri eşidip doňdy galdy. Sebäbi Togrul begiň
aýdan bu habary onuň üçin biçak ýakymlydy.
Dünýä inen pursadynda soltan Mahmyt Gaznalynyň ýa­
nynda Togrul begiň bolandygyna Altynjan begenmek begendi!
Nika gyýdylar.
Ähli dessur berjaý edildi.
***
Gerdekde çatynjalary galdyrdylar.
– Dyza çök! Aýagyma ýykyl! – diýip, Togrul azmly seslendi.
Altynjan begiň bu sözüne ör-gökden geldi. Dogrusy, begiň
bu tekepbirligini biçak ýokuş gördi.
Buýruk ikinji gezek gaýtalandy.
Altynjan bege: «Akylyň ýerindemi?» diýen terzde seretdi.
Wah, Altynjan owadandan-owadan geýnipdi. Ol şol owadan
eşikde Togrula görünmekçidi, ýöne Togrul oňa seretmedi.
Wah, oňa eltileri bolluk bilen tübbet müşküni çalypdylar.
Altynjan Togrulyň tübbet müşküni ysgap, melul bolşuny görjek­
di. Togrul müşküň ysynam almady, aljak-da bolmady!
Altynjan eltisi Gyzbibiniň erkek kişiler hakdaky aýdan
söz­lerini ýatlady. Birdenem onuň garaşmadyk ikinji ahwalaty
gopdy: Togrul beg ony batly itip goýberdi.
301
Altynjan hatar duran sandyklara baryp uruldy. Ol tarsa ýe­
rinden turdy, titir-titir edip, Togrula gazap bilen seretdi.
– Gylyç gerekmi ýa hanjar? – diýip, Togrul güldi. Bilinden
asfury hanjaryny 6 alyp, Altynjanyň öňüne oklady.
Altynjanyň gany çüwdesine urupdy. Onuň garşysynda yhlas
edip garaşan begi däl-de, Jendiň ýigrenji emiri Şamälik duran
ýalydy. Altynjan bir hanjara, birem Togrul bege seretdi. Birde­
nem aşak çökdi. Sandyga degip möçügen böwrüni sypady.
– Tur ýeriňden!
Altynjan gozganmady.
«Beýle ganhor, beýle wagşy adam bilen ýaşap bolmaz. Men
ýalňyşypdyryn. Bu adam meniň pikir eden adamym däl eken.
Bu hakyky wagşy, hakyky ýyrtyjy eken. Meniň başky pikirim dog­
ry eken. Daýymy-da şu ganhor öldürendir. Men bu ýyrtyjynyň
hatyny bolmaýyn. Ýok, ýok, bu ganhor bilen bile ýaşap bolmaz.
Men gideýin, iň gowusy, ömrümi ýekelikde geçireýin, gaýdyp
hiç wagt äre-de barmaýyn. Babamyň aýagyna ýykylaýyn. «Meni
öýden kowma» diýeýin. Ol meni öýden kowmaz. Ýöne häzir nä­
deýin? Men nädip öýe aşyp bilerin?! Men häzir ylgap daşaryk çy­
kaýyn. Şaýürek daýzamy tapaýyn. Ýok, oňa duşmaýyn. Ol meniň
pikirimi oňlamaz. «Yzyňa dolan» diýer ol».
Altynjan ejesiniň, Şaýürek daýzasynyň, eltileriniň öwüt-ne­
sihatlaryny ýatlady. Olar edil dilleşen ýaly, Togrul beg näme et
diýse, kaýyl gelmegi, boýun sunmagy sargyt edipdiler. Altynjan
ejesi dagynyň pendini tutmaga söz beripdi. Ýöne herki zadyň çe­
ni-çaky bar. Altynjan çory däl, gyrnak däl! Ol begzada neberesin­
den! Togrul näme üçin Altynjany kemsitmeli? Näme, Altynjan
adam dälmi? Näme üçin ol mertebesini depeletmeli? Nämäniň
hatyrasy üçin çydamaly! «Men Oguz hanyň ylahy ogullarynyň
neberesinden, bular – kynyklar – zemini ogullarynyň nebere­
sinden. Men patyşa neberesinden, bular hyzmatkärler nebe­
resinden! Men islesem, Togrulyň hatyny bolaryn, islemesem
bolmaryn. Ýok, beýle wagşy alamanyň hatyny bolmaryn. Itendi­
gi üçin hökman almytyny bermegim gerek. Dişinde et galdyr­
maýyn. Men ärsiz galmaryn. Eý, Hudaý, özüňden medet! Şu ala­
many öldürmäge maňa gaýrat ber! Maňa öz mertebämi gorap
ölmek takdyry ýazylypdyr...»
302
– Tur ýeriňden! Gürle! Näme, gorkýarsyňmy?
Altynjan öňünde ýatan hanjary garbap aldy-da, gazap bilen
begiň üstüne topuldy.
Gerdegiň gapysy bat bilen açylyp, içerik deşlek aznawur
kürsäp girdi: Togrul beg bilen Altynjanyň arasynda garalla boldy:
– Saklan!
Altynjan aznawuryň üstüne gygyrdy:
– Aýryl alnymdan! Mertebämi depeledip ýaşajaklardan däl
men!
Şaýürek ýüregi ýarylan ýaly bolup içeri girdi:
– Saklan, gyzym, saklan, öldürseň, meni öldür – diýip, ol
hünübir­ýan aglap ugrady. Altynjany gujaklady. Elinden hanjary
aljak boldy.
Altynjanyň eli daş ýalydy. Hanjary almaga Şaýüregiň güýji
ýetmedi:
– Akylyňa aýlan, Altynjan!
– Ganhorlar! Ýigrenjiler!
Togrul beg Altynjanyň haýkyrmasyna ýylgyrjaklady, sesini
çykarman uzak wagtlap gelnini synlady, daýysy Peýkama hem
Şaýürege daşary çykmagy öndedi. Şaýürek bilen Peýkam gorkagorka daşary çykdy. Daşişikde Gyzbibi bilen Peýkertuwagam
titreşip durdy.
Togrul beg hiç zat bolmadyk ýaly, gaty arkaýyndy:
– Talagyňy bererin!
– Ber talagymy! Seniň ýaly wagşy nekgende bilen ýaşaşa­
nymdan, ölenim müň paý gowudyr.
– Men ýene-de üç sany hatyn alaryn. Sen olaryň eline suw
akydarsyň.
Altynjan döşüni gaýşardyp duran Togrula gözlerini höwlen­
dirip seretdi: ol näme üçin Altynjanyň gaharyny getirýär? Näme
üçin onuň degnasyna degýär?
– Akytmaryn! Seniň bilen ýeke günem ýaşamaryn!
– Ýaşarsyň. Men seniň mahýaňy töledim.
– Beren zatlaryňy ertir iki esse edip yzyna alarsyň. Mahýaň
çüýresin seniň.
– Beren zatlarymy dokuz esse edip yzyna gaýtarmaly bolar­
syňyz.
303
– Dokuz esse awynyň sapyny alarsyň.
– Sen meniň gyrnagymsyň.
– Mertebämiň kemsidilýän ýerinde ýaşanymdan – gyrnak
bolanymdan ölenim gowudyr.
– Seni aýada saklamalymy?
– Ýok, ýürekde!
– Baý-bo, göwnüň degirmeniň 7 ýedi gatyndanam ýokardahow seniň. Sen ýürekde bolsaň, erkekde näme galýar? Erkek
– kelle ýüregiň – seniň emriňi ýerine ýetirmelimi? Seniň islegiň
äriňe hemra bolmak däl-de, hökümdar bolmak! Erkini beren
erkekden erkek bolmaz.
– Siz özüňize başga hatyn gözläň. Gyrnak boljak hatyn gözläň.
– Sen maňa ikinji hatyn almagymy ündeýärsiňmi? – diýip,
Tog­rul beg kinaýatly ýylgyrdy. – Daşarda näme üçin urandygymy
bilýärsiňmi? Bilmeýän bolsaň, bilip goý, ol gamçylary dogangaryndaşlarym Zamahşara gudaçylyga baranda olara her hili
hokgalary görkezeniň üçin urdum! Düşnüklimi, gyrnak?
Altynjan Togrulyň ýylgyrjaklamasyna teý akyl ýetirip bilme­
di. «Ol näme üçin meni gürletjek bolýar?! Ol näme üçin meniň
degnama degýär, näme üçin gaharymy getirýär?»
Altynjan Togrulyň nähilidir bir piriminiň bardygyny çaklady.
Togrul beg oduň ýagtysyna Altynjany synlady:
– Adam gahary gelende doly açylýar, ýüregindäkini, haky­
katy doly aýdýar. Sen häzir gaharyňa ýüregiňi açdyň. Men hak­
daky ýaramaz pikiriňi entegem aňyňdan aýyrmansyň-a sen?!
Men saňa ilki duşanymda – Zamahşar sährasynda näme diýdim?
Saňa ýene gaýtalap aýdýaryn: men hakdaky ýaramaz pikiriňi
aňyňdan aýyr. Eger men seniň pikir edişiň ýaly ganhor, ýaramaz
adam bolan bolsam, onda daşardaky adamlar maňa sygynyp
şu ýere gelmezdiler. Adamlaryň goýýan hormatyndan meniň
nähili adamdygymy anyklajak bol! Iberen hedýe-engamlarym­
dan, şu günki tutýan toýumdan meniň seni näderejede hatyra­
laýandygymy aňmadyňmy? – Togrul beg Altynjanyň saçyndan
penjeläp tutdy: – Seniň bir talabyň bar bolsa, meniň bäş sany ta­
labym bar, şolary hergiz unutmagyn! Birinji: hiç wagt edenime
däl diýme! Ikinji: hiç wagt akyl beriji bolma! Üçünji: hiç wagt
bir aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji: … Bäşinji: hiç
304
wagt hiç zat sorama. Şu bäş talabymy bozsaň, günäňi geçmerin,
şol dem öldürerin. Düşündiňmi?
Togrul begiň bu sözleri Altynjana güýçli täsir etdi. Özüni
oňaýsyz duýdy. «Näme üçin gaharyňy getirip azmaýyş etmek äpdäbi hakda maňa öňünden aýtmadylar?!»
Gahar adamyň kalbynyň jümmüşinde ýatan duýgulary ýüze
çykarýar. Parahat halatda ol aňsat-aňsat ýokary galmaýar.
Türkmende «Gahar – kapyr» diýilýäni ýöne ýere däl.
Adam gaharlanan çagty, çuňlukda ýatan ýaramaz duýgular ýo­
kary galýar, özüne erk edip bilmeýän adam olaryň diýenine
gidip, etmejek hereketlerini edýär, aýtmajak sözlerini aýdýar.
Şonuň üçinem bilgeşleýinden gaharyňy getirip synaga salmak
iň ygtybarly, mydama hakykaty doly ýüze çykarýan usul hasap­
lanypdyr. Gaharyna erk edip bilýän adam erkli adam – erkek
adam hasaplapdyrlar.
Adam akyly bilen däl, duýgusy bilen ýaşaýar, diýmek, onuň,
sebäp dörände, gaharlanmagy tebigy zat. Wezipe gahar gelen­
de, kalbyň çuňlugyndan ýokaryk – dile hemem hereketlere gel­
jek ýaramaz duýgulardan halas bolmak. Gahary getirip synama
dessury şony maksat edinýär. Aňyrda – çuňlukda nälaýyk, nä­
dogry, gelşiksiz, ýaramaz netijelere getirjek duýgular, pikirler
ýok bolanyndan soň, gaharyň zyýany diňe gök gümmürdisiniň
zyýany bilen deň bolup galýar.
Togrul beg adamlary tanamagy, adamlaryň erkini öz eline
almagy başarýardy. Patyşa hökmürowanlygy adamlardan ýokary
galmak üçin iň zerur zat. Olardan ýokary galman, olaryň de­
pesinden seretmän, patyşa bolup bilmersiň. Ýokary galmasaň,
nämäniň-nämedigini, kimiň-kimdigini görüp bilmersiň. Onda
sen köpüň biri bolarsyň. Köpüň birinden patyşa çykmaz.
Patyşalyk – beýiklikdir, saýlantgylykdyr. Bu – men-menlik däl,
bu patyşalyk etmegiň gürrüňsiz hem kanuny şertidir. Togrul
bege-de ýassykdaşynyň kimdigini doly bilmek juda zerurdy.
Wah, ol ýassykdaşyna beýle ýowuz daramak – azmaýyş salmak
islänokdy, ýöne Tümen beg bilen baglanyşykly wakalar, özüne
berlen her hili maglumatlar şu azmaýşy geçirmäge ony mejbur
edipdi. Ol öz aslyna sapak bermegi başarmasa, özgeleri nädip
öz erkine boýun edip bilsin?
20*
305
Togrul beg maksadyna ýetipdi: Altynjan babatda bilmek is­
län zadyny bilipdi. Ol ýanýoldaşy, hemrasy boljak gyzyň hereket­
lerine, gaharlanmasyna buýsandy. Onuň päkligi, batyrlygy, ok­
gunlylygy begi biçak begendirdi. Indi nähak göwnüne deglen
– bilgeşleýin gaharlandyrylan Altynjany köşeşdirmelidi.
Häzir Altynjana ýakynlaşyp boljak däldi. Ol ýaraly ýolbarsdy.
Gaharyna nämedir bir soňundan düzedip bolmajak ýowuz­
lyk edäýmegi mümkindi. Şonuň üçin onuň biraz köşeşmegi
üçin oňa puryja bermelidi. Goý, oýlansyn. Togrul begiň özüne
ýamanlygynyň ýokdugyna düşünsin.
Togrul beg egnindäki eşiklerini howlukman çykardy. Oduň
başyna baryp, elini oda çoýdy. Soňam sypanyň üstüne özüni taşlady.
Altynjan oduň ýagtysyna mesaňa görünýän ýalaňaç Togrula
ýeke gezek seretdi, soň eger-eger seretmedi. Ýalaňaçka Togrul
bütinleý başga adamdy.
Sypanyň üstünde serlip ýatan Togrul ýuwaşja pyşyrdady.
– Eşikleriňi çykaryp, meniň çep tarapymdan gel. Gorkma,
men seniň pikir edişiň ýaly murdumhor däl.
Altynjan Togrul begiň bu sözüne boýun sunmady, oturan
ýerinden gozganmady, beg hem ony howlukdyrmady.
Wagt geçip durdy. Altynjan uzak oturdy.
– Eşikleriňi çykar!
– Ýok! Ýok!
Togrul elinden çekdi, Altynjan garşylyk görkezdi.
Göräýmäge, sypanyň üsti giň ýalydy, ýöne giň däl eken, olar
basalaşyp, sypanyň kä bu gyrasyna, kä-de o gyrasyna çykdylar.
Altynjanyň eşikleri berk atlazdandy, ýüpekdendi, şeýle-de
bolsa, olar bölek-bölek bolup, her bölegi gerdegiň bir ýerine
düşdi. Onuň eşikleriniň bir bölegi-hä hakyt ojakdaky oduň üs­
tüne düşdi, içerini ysa dolduryp ýandy.
Togrul beg arlady, hakyt ýolbars bolup arlady.
Gerdegiň içi alagaraňkydy. Ojakda ýanýan ot pessaýdy.
Şeýle bolansoň, olaryň bedenleri lowurdap görünýärdi.
Wagt diýseň çalt geçýärdi. Çünki gowy pursatlar hümmetsiz
bol­ýar.
306
Bu mahal Togrul beg ýaşlyk hyjuwyna dolanyp gelipdi,
ja­mug 8 hyrujy öwç alypdy: köňli küşatdy, göçgünlidi, endamjanyndan bug göterilýärdi, ýadamaýardy, ýadajaga-da meň­
zemeýärdi.
Altynjan ýolbars penjesine düşen jeren deýin, ikiýana
urunýardy, waweýla eýleýärdi. Özem onuň waweýlasy kem-kem­
den köpelýärdi, kem-kemden batlanýardy.
Waweýlalar gerdegiň içini doldurdy. Soňy bilen bu ses
daşarda-da ýaňlanyp, batlanyp ugrady. Togrul beg Altynjanyň
waweýla eýlemezligi üçin onuň agzyny eli bilen ýapdy.
Ah-ohlar, waýlar töweregi gaplap aldy.
Altynjanyň gygyrmasyna Togrul begiň gahary gelýärdi,
onuň agzyny berkden-berk ýapýardy, ýöne sesler birjik-de ýat­
maýardy, kemelmeýärdi.
Beg birden haýykdy: sesleriň Altynjandan däl-de, daşardan
eşidilýändigine düşündi, towsup sypadan düşdi-de, daşara diň saldy.
Ahyr kadaly dem alan Altynjan titir-titir etdi, demini dür­
semäge çalyşdy.
Daşardan:
– Ýagy döküldi!.. – diýen ses eşidildi.
Nämäniň-nämedigine akyl ýetiren Togrul beg howul-hara
geýinmäge durdy.
Gaýra tarapdan iki sany ujy otly ok şuwlap geldi.
Sähel salymdan hem gerdegiň gaýra tarapy gyzyl ýalyn bo­
lup ýanmaga başlady.
– Ýagy!.. – diýip, Altynjan elewredi.
– Men barkam hiç zatdan gorkmagyn – diýip, Togrul beg
bir bökende Altynjanyň ýanyna geldi, onuň iki egninden tutup,
pert-pert aýtdy. – Özümi goramagy başarmasam hem seni go­
raryn. Düşnüklimi?
– Düşnükli! – Altynjan geýere eşik tapman elewredi:
– Ýesir düşenimden-ä ölenim gowudyr, öldüriň meni!
– Sen-ä gorkak ekeniň!
Bu söze Altynjanyň girre gahary geldi. Ol ýalaňaçdygyny
unudyp, laňňa ýerinden galdy.
307
– Ýok, men gorky diýen zady bilmeýärin, ýöne men ýesir düş­
mek islemeýärin. «Mertebämiň kemsidilýän ýerinde ýaşanymdan –
gyrnak bolanymdan ölenimi gowy görýärin» diýdim-ä.
Togrul beg:
– Meniň eşiklerimden geý! – diýip, oňa ýabaly agaçdan bog­
ma bilen köýnek äberdi.
Altynjan erkek eşigini birinji gezek geýenog-a! Erkek ki­
şileriň eşigini geýmek aňsat. Onsoňam lezzetli.
Erkek kişiniň eşiginde bolmak – azat bolmak!
Erkek kişiniň eşigini geýip ýaşamak – dünýäde zowalsyz
ýaşamak! Mert ýaşamak!
Ilkinji nika gijesi Altynjan çagalygyndan bäri ýüreginde bes­
läp ýören küýsegine ýetdi: erkek kişiniň eşigini geýmäge izin aldy!
– Meniň üstüme çozmaga, rahatlygymy, toýumy bozmaga
het eden kimkä?! – diýip, Togrul beg ýataganyny eline aldy.
– Jendiň emirinden başga hiç kim däldir!
– Şamälik Jendilimi? Jendiliniň jendini 9 ýakaryn men!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 19
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.