Latin

Altynjan hatyn I - 11

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 1875
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Emir dergazap bolup kynyklara bakan ýöräp ugrady. Bäşalty ädimden soň onuň nazary haremhananyň şahnişininden
ýylgyrjaklap garap duran gyzy Altynjana düşdi, sakga saklandy.
169
Han ikinji gezek oňaýsyz ahwala düşdi. Dogrusy, nyzamda
duranlaryň ençemesi hanyň haýbatly gelşini görüp, hatarlaryny
bozup, derwezä bakan gaçmaga häzirlenipdiler.
Abdylmälik hany düşen oňaýsyz ýagdaýyndan halas etmek is­
län ýaly, at toýnaklarynyň dükürdileri ýene ýer sarsdyryp ugrady.
Bu gezekki gelenler kyrk-elliden hem köpdi.
– Musa beg!
– Dawut beg!
– Resultegin beg!
– Ybraýym beg!
– Hasan beg!
– Nasyr beg!
Kynyk ýigitleri bäş kişiniň adyny tutup, bäş-alty gezek gaýta­
ladylar. Aý, ýok, bäş-altydan hem köp gaýtalandy.
Hana, bezemen-bezemen japy ýigitler!
Özlerem kileň murtly!
Özlerem kileň uzyn saçly. Saçlary eginlerine dökülip dur
olaryň.
Özlerem uçdantutma uzyn boýly, deşli, arjanak gerçekler!
Her tapgyryň adamlarynyň öz egin-eşigi bar: öňki gelen
tapgyrdaky gerçekleriň eşigi bilen soňkularyň egin-eşiklerinde
parh bar. Hiç bolmanda gylyç dakynyşlarynda parh bar. Soňky
gelenleriň ählisiniň billerindäki gylyçlardan başga guşaklaryna
gysdyrylan, sapy şirmaýydan ýasalan hanjarlar, gamçylaryň hem
birmeňzeş. Gylyçdyr hanjarlaryň durşy, gamçylaryň tirme guşaga
gysdyrylyşy hem birmeňzeş. Özlerem biri-birine juda meňzeş olar.
Emiriň tyzlaýandygyny aňan ýaly, olar salamlyga bakan
topar­lanyşyp ýöräp ugradylar. Hana, olaryň öňüne düşüp
gelýän-ä hakyt ýesir düşen Togrul bilen bir almany iki bölen
dek meňzeş. Diňe ol däl, onuň iki gapdalyndaky gerçeklerem
meňzeş. Olaram Togrulyň doganlary bolsa gerek.
Eý, Hudaýa hudawende, «sawçylyga» gitmeli diýse, kynyk­
laryň ählisi eňäýen bolmaly Zamahşara sary. Syrgynlarynda er­
kek göbekli galan däl bolsa gerek. Eý-ho! Eý, Hudaý, olaryň-a
ählijesem gelýär.
Abdylmälik han derwezeden çykyp barýan Mansury görüp
geňirgendi. Eý, Hudaý, ol bu mahal näme iş edýärkän? Man­
170
sur myhman gelen çagy hanyň ýakynynda bolmaly ahyryn!
Gör-ä, häzir emiriň ýanynda bäş-alty serkerde bilen Şandranç
müňbaşydan başga hiç kim ýok. Haldan ferraşam ýok, ýog­
sam olam hanyň ýanyndan aýrylman «Näme ýumuş bar?»
diýip ýumşa mähetdel bolar durardy. Ýaňydan bäri Haldanam
ýetişiksiz günde. Ol hem nirädir bir ýere gidýär-gelýär. Ýaňy
Haldan birtopar aýaly yzyna tirkäp haremhana eltdi. Olar näme
etjek bolýarkalar?! Ýa Altynjan: «Meni şu gün äkiderler» öýdüp,
taýýarlyk görýärmikä?! Hana, Mansur yzyna iki sany aýaly tirkäp
dolandy. Olara bir zady-ha düşündirýär ol. Altynjan bir hokga
çykarjak bolýan bolaýmasyn?! Şeýledir, ol nämedir bir hyýala
münendir. Bir hokga tapmasa, ol rahatlanmaz! Hokgasyz bolsa
onda oňa «Altynjan» diýiljekmi diýsene! Ýok, ýok, Mansur bi­
len Haldana kynyk begleri ýumuş tabşyrdy. Ikisem kynyklar bi­
len gürleşenden soň gorsaň-gozgalaň tapyp ugrady. Belki, olara
nagara gerekdir?!
Abdylmälik han derwezäniň ýanyndan özüne bakan gaýdan
kynyklary gaşlaryny bürüşdirip synlamaga durdy.
Musa beg diýilýän Togrulyň agasy bolmaly. Togrulyň ka­
kasy ir ýogalypdyr. «Iki dogan – Dawut Çagry bilen Muhammet
Togruly atasy Seljuk beg terbiýeläpdir» diýip Abdylmälik hana
aýdypdylar. Seljuklylar hakda, aýratyn hem Muhammet Togrul
hakda has düýpli bilmek üçin Abdylmälik han Buhara ýörite
adam ugradypdy. Ugradan adamy ýigrimi günüň içinde sel­
juklylar, Muhammediň Togrul, dogany Dawudyň Çagry diýen
oguz adyny hünär görkezip almagy başarandygy hem olaryň
edim-gylymlary, ýaşaýyşlary hakda maglumat getiripdi.
Abdylmälik hana bakan gelýän topar birden ikä bölündi:
toparyň üçden iki bölegi nyzama düzüldi, galan bir bölegi bolsa
howlynyň ortasynda saklandy.
Abdylmälik han topar bolup duran kişileriň öz ýanyna gele­
rine garaşdy. Ýok, olar hanyň ýanyna geljek bolanok, asyl hana
ünsem berenoklar, seredenoklaram.
– Musa beg diýýäniňiz ýene gelmedimi? – diýip, Abdylmälik
han gaşlaryny bürüşdirdi.
Ähli nyzamda duranlaryň nazary Abdylmälik hana gönük­
di, ýöne hanyň sowaly jogapsyz galdy.
171
Ine, derwezeden dalana – emiriň duran ýerine çenli aralyk­
da kynyk ýigitleri janly däliz döretdiler.
Musa beg derwezäniň ýanyndan dalana çenli aralygy janly
däliziň içinden ýöräp geçip gelmelidir. Iki tarapy hem adam bolar.
Owadan görünýär!
Abdylmälik han haşşyldady. Munça adam barka içeri gir­
megem gelşiksiz gördi. Garaşmagam kiçilik bildi.
– Seljuk ýabgusy Musa beg gelýär!
Bir seljukly-ha geldi.
Özem ýeke geldi.
Lowurdap duran dor bedewiň üstünde sarsman otyr ol.
Onuň atyny sakladylar.
Soňky gelen kişi topar bolup duranlar bilen birin-birin
salamlaşyp çykdy. Gülüşýärlerem. Keýpleri çag-çag olaryň.
Abdylmälik hanyň garaşmakdan ýaňa sabyr käsesiniň pürepür
bolandygyndan habarla meňzänok olar. Gaty arkaýyn olar.
Agnap-dönüşleri myhman bolup gelene meňzänok. Öz öýleri­
ne gelen ýaly olar.
Öz-ä ahyryl-ahyr ýöräp ugradylar.
Öňde Musa beg, (belki, Musa beg däldir, ynam bilen aýdar
ýaly däl!) yzynda-da dört-bäş adam.
Gelýär olar.
Iki tarapyndaky kynyklar bilen baş atyp salamlaşyp gelýär­
ler. Käsi bilen-ä durup gürleşýärlerem. «Gürleşjek, salamlaşjak
bolsaň, äl, öz öýüňde wagt bolan däldir-ow saňa. Hökman
meniň howlyma gelip salamlaşmalysyň-ow, gürleşmelisiň-ow
sen» diýip, emir özbaşyna hüňürdedi.
Abdylmälik han öňden gelýän Musa begi (goý, ol Musa beg
bolsun-da hernä!) içgin synlady. Onuň geýnişi özgeleriňkiden
parhly. Başynda peşi ýok. Uzyn saçy Muhammet pygamberiňki
ýaly eginlerine dökülip dur. Saçlarynyň ýüzüne dökülmezligi
üçin başyna tylla çyzmyk geýipdir. Ol çyzmyk däl-de, jyga bolaý­
masyn?! Bolsa bolar. Lowurdab-a dur. «Gedem kişi bolmaly –
diýip, emir Musa bege (has takygy, Musa begdir diýip çak edýän
kişisine) öz ýanyndan baha berdi. – Şöhrat başyny aýlapdyr. Sa­
çyny Muhammet pygamberiňki ýaly uzyn goýberip, başyna altyn
jyga geýmegi: «Özüme göwnüm ýetýär, edenimi edýärin» diýdigi
172
bolmaly onuň. Eňegine äňet! Eňegi başga kişileriňkiden görne­
tin uzyndyr. Uzyn eňek diňe gopbam kişilerde bolýar. Onsoňam
uzyn eňek açgözlükden, doýmaz-dolmazlykdan nyşan».
Musa beg janly däliziň ýakynyna geldi-de, hana bakyp,
şelaýyn ýylgyryş bilen baş atdy, soňam ony tanamadyk deýin yzy­
na öwrüldi, töweregine garanjaklap, derwezä bakan ugrady.
– Musa beg, men bärde! – diýip, Abdylmälik han gygyrdy.
Nyzamda duranlaryň biri ýuwaşja gürledi:
– Ol Musa ýabgu däl!
Bu habara Abdylmälik han serpmeden gaýdan ýaly boldy:
– Onda kim ol?!
– Ol Peýkam beg – Togrulyň daýysy.
– Hany onda Musa ýabgu diýýäniňiz? Hany?!
Hanyň bu sowalyna hiç kim jogap bermedi.
«Peýkam beg» atlandyrylan başy altyn jygaly kişi atyna
münüp, hil bir iş goparan dek zut gitdi.
Ol gidensoň howla üsti ýükli düýeler gelip ugrady.
Bir düýe, iki düýe...
Köp olar!
Düýeleri idip, howla getirip çökerdiler. Her kimiň öz etme­
li işi bar. Biri düýeleri çökerýär, başga biri düýeleriň ýükleriniň
ýüplerini çözýär, biri ýükleri dalanyň öňüne daşaýar.
Barat Alçak diýlen agyr ýüzli, ämert kişi haýsy zady nirede
goýmalydygyny görkezýär.
Sähel salymyň içinde Abdylmälik hanyň giň howlusy gyzan
bazara döndi.
Ýigrimi düýe ýük.
Ýükleri düşürilen düýeleri howludan alyp çykdylar. Ab­
dylmälik han ýalňyşan eken: seljuklylaryň biri-birine bakyşyp
döreden janly dälizi Musa begiň dabaraly ýöriş bilen Abdyl­
mälik hanyň ýanyna gelmegi üçin edilmän eken: düýelerden
düşürilen ýükleri – Altynjanyň mahýasyny5 Abdylmälik hanyň
ýanyna dabaraly görnüşde getirmek üçin edilen eken.
Mahýany janly däliziň içi bilen hanyň gapdalyna çekip
ugradylar. Sähel salymda hanyň iki gapdaly seljuklylaryň geti­
ren hedýe-engamlaryndan depe boldy.
173
Emiriň nazary getirilen zatlaryň içindäki iki sany kiçeňräk
san­dykda saklandy. Ol sandyklar altyn-kümüş saklamak üçin
ulanyl­ýar. «Seljuk begleri bu iki sandykda Altynjanyň mahýasy
diýip altyn-kümüş getiräýdilermikä? Şeýledir-le. Bularyň içi
gyzyldan doly bolsa, onda bularyň Altynjana goýýan hormaty
gaty ýokary».
Abdylmälik hanyň içki pikirini aňan bolsalar gerek, Barat
Alçak diýlen ämert kişi gelip, sandyklaryň ikisinem açyp gitdi.
Sandyklar gymmatbaha daşlardan, altyndyr göwherlerden
doly eken!
Abdylmälik han sag tarapynda depe edilip goýlan zatlara
göz aýlady. Gymmatbaha matalar, donlar, abalar, çuhalar, ýüň
matalar depe bolup ýatyrdy. Onuň aňyrsynda her dürli nogulnabatlardan doldurylan sebetler giden meýdany tutupdyr. Bu
dürli-dürli gap-gaçlar Çyn-Maçyndan getirilen bolsa gerek, Ho­
rezminde, Mawerannahrda ýasalan zatlar-a däl bular.
Abdylmälik hanyň sol tarapynda owadan-owadan Gunduz
halylary depe bolup ýatyrdy. Olaryň aňyrsyndaky iki üýşmegiň nä­
medigini emir anyklap bilmedi, çünki olar birmeňzeş haltalardy.
***
Täze tomaşa başlandy: ýük getiren düýeleriň çykyp gideni­
ne onçakly köp wagt geçip-geçmänkä howla iki örküçli düýeler
gelip ugrady. Düýeleriň her biriniň üstünde owadandan-owadan
kejebeler bardy, kejebeleriň üstünde bolsa zenanlar otyrdy.
Zenanlar kejebelerden düşüp, uzyn bir hatar bolup durdu­
lar. Olaryň her biriniň elinde gymmatbaha atlaz, ýüpek matalar­
dan tikilen, aýal maşgala niýetlenen lybaslar bardy. Ol lybaslargeýimler Altynjana niýetlenilip tikilen bolmaly.
Abdylmälik han üçin seljuk begleriniň sawçylyga gelişleriniň
başy içgysdyryjy görnüpdi, ýöne ol kem-kem şüweleň alyp
ugrady. Özem olar sustuňy basýar. Seljuklylaryň sarsman hata­
ran duruşlarynda resmi dabaralylyk bar.
Hany haýrana salýan zatlar yzly-yzyna bolup durdy.
Hany owalan janly däliz geň galdyran bolsa, indi kejebeli
zenanlaryň herdürli lybaslary ellerinde göterip, nyzama düzülip
175
duruşlary geň galdyrdy. Ol erkek kişileriň nyzama duruşlaryna
seredip öwrenişip gidipdi, ýöne ol zenanlaryň nyzama düzü­
len ýerine heniz gabat gelmändi. Özem ol nyzam ýöne-möne
nyzam däldi. Hana, saltman zenanlar iki hatara düzülipdirler.
Ol hataryň sag tarapdaky zenanlaryň başlaryna atylan ýapynjasy
gyrmyzy, eşikleri kileň ýaşyldy. Çep tarapdaky zenanlar boýdanbaşa al geýnipdirler. Olaryň hokgalaryna çenli aldy, eginlerin­
däki geýimleri birmeňzeş al atlazdy, şeýlebir ýalkym saçýardy.
Zenanlar nyzama düzülenlerinden soň kejebeli düýeler
howludan çykyp gitdi. Olaryň iň soňkusy çykandan soň howla
kernaýdyr surnaýly, dumbelekli, raddyr nagraly sazandalar ge­
lip ugrady, olar ikä bölünip, derwezäniň sagynda hem solunda
nyzama düzüldiler.
Sazandalar saz çalyp öz ýerlerine geçenlerinden soň, howla
iki hatar bolup otuz-kyrk sany tapbala6 geldi. Tapbalalaryň
ählisem on alty-on ýedi ýaşlaryndaky bugdaýreňk, inçesagt,
birmeňzeş gyzlardy, özlerem birmeňzeş al geýnipdirler. Ähli­
sinden gözüňi aýrasyň gelenok. Olar hem derwezäniň sagyna,
soluna bölünip, sazandalaryň öňünde aýratyn bir hataran bo­
lup durdular.
Birden dym-dyrslyk boldy. Şeýle dym-dyrslyklarda owadan
gyzlar dünýä inýär diýýärler. Howludaky ähli zenanlar dünýä
inen­de, megerem, edil häzirki ýaly dym-dyrslyk bolan bolsa
gerek.
Abdylmälik han indi owalandaky ýaly daryganokdy, sabyrly­
lyk hem gyzyklanma bilen mundan beýläk nämeleriň bolaryna
garaşýardy.
Nogul-nabatlaryň üstünde wazzyldaşýan siňekleriň sesi bo­
laýmasa başga ses ýokdy.
Howlynyň içi adamdan doly welin, şonda-da hiç kimden ses
çykanok.
Horazlar gygyrmakçy bolanlarynda Asmana seredip gygyr­
ýarlar. Şagallar asmana bakyp uwlaýarlar. Mahlasy, dürrendeler
hem perrendeler gygyrmakçy bolanlarynda Asmana bakýarlar.
Megerem, sesiň, çakylygyň Taňrysy Asmanda bolarly. Hana, sel­
juk begleri bilen gelen şilliň uzyn jarçy hem Asmana bakyp ýene
dikine gygyrýar:
176
– Musa beg gelýär!
Musa begiň ýigitleri şindem butnaman durlar. Olar birden
gygyr­dylar:
– Musa beg gelýär!
Howla iki sany al saý atly girdi. Olaryň biri ýaňy gelip, janly
däliziň içinden ýörän, başy altyn jygaly Peýkam beg diýlen hor,
uzyn kişi. Onuň ýanyndaky peşeneli ýigidiň boýy hem gysga däl­
di, hereketleri agrasdy, ýanyndaky ýigit ýaly çalasyn hereket ede­
nokdy. Peşeneli kişi başy altyn jygaly Peýkamyň öňüne düşüp,
janly däliziň içi bilen ýöräp ugrady.
Abdylmälik han Musa baýgunyň gelendigine ynanyp bile­
nokdy. Dogrusy, ynanmakdan çekinýärdi. Sebäbi indi ýalňyşmak
islänokdy. Ol-a gelen beg bilen salamlaşsa, salamlaşany hem
Musa beg däl bolsa, ana, şonda nätjek?! Öz-ä, bu sapar Musa
beg gelen bolarly, ol göni ýöräp gelýär!
– Ahyr gelipdir-ow! – diýip, Abdylmälik han ýeňil dem aldy,
özüne bakan göni gelýän begi içgin synlady. Onuň gadam urşy,
dog­rudanam, begiň gadam urşy, özüne göwnüniň ýetýändigi
görnüp dur.
Abdylmälik han ardynjyrady. Elleşip, gadyrly salamlaşdylar.
– Sag-aman geldiňizmi? – diýip, Abdylmälik han ýylgyrasy
gelmese-de, özüne zor salyp, çala ýylgyrjaklady.
– Aýyplaşmaweriň, sizi garaşdyrdyk...
– Aýby ýok, aýby ýok.
– Biraz öňräk geljekdik, ýöne engam-hedýe isleglerimizi
doly ýerbe-ýer edýänçäk wagt geçdi.
– Dabarany uludan tutupsyňyz, munça dabara, munça
endişe etmeseňizem bolardy.
– Ähli zady Togrulyň islegine görä etdik.
Han ýene sypaýyçylykly sözledi:
– Geljegiňizi öňünden aýdan bolsaňyz, taýýarlyk görerdik...
– Sizi biynjalyk etmezlik üçin, biz ähli zadyň taýýarlygyny
görüp geldik.
– Ähli zadyň taýýarlygyny? – Abdylmälik han myhmantama
bakan elini öndedi: – Hany, geliň, geçiň, içeri giriberiň!
– Musa beg gelýänçä garaşaýaly.
Bu söz Abdylmälik hany aňka-taňka etdi:
12*
177
– Sen Musa beg dälmi?
– Ýok, men Musa beg däl. Meniň adym Bekdaş Rudbary.
Men Togrulyň daýysy, enesiniň dogany.
– Ýaňy başga bir ýigide Togrulyň daýysy diýdiler.
– Ol Peýkamdyr. Peýkam – meniň süýtdeş inim.
– Musa beg şindem ýok diýsene.
– Musa beg häzir howlyňyza girer – diýip, Bekdaş Rudbary
yza çekildi. Soňam olaryň her biri dalanyň gapdalyna – janly
däliziň bir tarapyna geçip durdy. Peşeneli kişiniň Musa beg däl­
digine Abdylmälik han gynandy. Sebäp ol peşeneli kişiniň Musa
begdigine biçak ynanypdy. Ynamyňda aldanmak agyr degýär.
Aldanmagyň gowusy barmy näme!
Janly dälizi döredip duran gerçekler, şol sanda peşeneli
beg bilen uzyn saçly uzyn beg hem batly gygyrdy:
– Musa beg!
Abdylmälik hanyň ýakynynda duranlar kanagatlanma bilen
dil­lendiler:
– Musa beg geldi!
– Geldi!
Howla birmeňzeş dor atly bäş sany kişi geldi. Bäşiň birini
han şobada tanady: ol Hasan beg.
Hasan beg mundan üç aý öň hanyň ýeg razdarlary Gazan­
par Tak hem Janahyr Geçdeki dagy bilen osmakçy bolup gelip­
di. Şonda olar ýazylyp-ýaýrap oturypdylar.
Hasany hanyň sulhy alypdy, çünki ol alçak, şadyýan kişi
eken. Şüweleňli, gülküli gürrüňleri bilen oturanlaryň göwünle­
rini awlapdy. Ol saz çalyp, aýdym hem aýdypdy.
Hasan Musa Ýabgunyň uly ogly bolmaly.
Abdylmälik han peşeneli Bekdaş Rudbara ýüzlendi:
– Musa beg gelenleriň haýsysy?
Bekdaş Rudbary biraz garaşdyryp jogap berdi:
– Iň soňky atdan düşen Musa beg! Oňa Baýgu Kelan diýseňiz
hem bolar.
Bäş kişi häliden bäri topar bolup duran adamlar bilen
duşuşdylar. Birpaýyz nämedir bir zadyň gürrüňini edenlerin­
178
den soň, Musa beg janly däliziň içi bilen Abdylmälik hana ba­
kan keremara ýöräp ugrady.
Abdylmälik han Musa begi synlamaga durdy.
Musa beg ýaşy durugşan, sakgalyna gyraw sepilen ýaly,
deşli adamdy. Ýöreýşi dikdi, ynamlydy. Çep çekgesinde tyg yzy
ýalbyrap görünýärdi. Seljuklylaryň arasynda kelte boýly ýeke-täk
adam – Musa begdi. Han ony synlap, islän, has dogrusy, garaşan
serkerdelik alamatlaryny, keşmerini görmedi.
Abdylmälik han häzir gözüniň görýän zatlaryna akyl ýetirip
bilenokdy. Ine, hanyň ýanyna gelýän kişi bary-ýogy bir jemagatyň
begi. Abdylmälik hanyň ygtyýarynda bolsa Musa ýaly begleriň,
seljuklaryňky deýin jemagatlaryň onlarçasy bar. Ýöne, gör, bir
jemagatyň begi ýedi yklymyň soltany ýaly bolup gelýär. Gör, ol
özüne nähili hormat goýdurýar, oturan ýeri külüň üsti bolsada, özüni uja Hindiguş dagynyň depesinde duýýar. Eý, Hudaý,
özüň gowusyny et! Şu güne çenli ýalkadyň, galan ömrümde-de
metdi-masgara etme meni, eý, Biribar!
Herhal, Musa beg köpi gören kişidigini etdi: gelip, Abdyl­
mälik hanyň öňünde tagzym etdi.
Şuňa-da şükür!
Olar gara gadyr bolup saglyk-amanlyk soraşdylar. Saglykamanlykdan soň, Musa beg esasy gürrüňe geçdi:
– Merhemetli Abdylmälik han! Biziň atamyza Seljuk Dukak
diýerdiler. Seljuk Dukak Beýik Oguz şalygynyň şasy Baýgunyň
sübaşysydy. Biziň ganymyz sap beg gany. Biz Oguz hanyň agtygy
kynyklardandyrys, üçoklardandyrys, sol goluň kowumlarydyrys.
Biz Oguz hanyň körpe ogly Deňiz hanyň, körpe agtygy Kynyk
hanyň neberesidiris. Özüňiz bilýärsiňiz, türkmende körpe ogul
mirasdüşer hasaplanýar. Biziň eşidişimize görä, siz Oguz hanyň
uly ogly Gün hanyň neberesi ekeniňiz. Siz Gaýalardan, diýmek,
siz gaznalylar hanedanlygy deýin Gün hanyň uly ogly Gaýadan
gaýdýarsyňyz. Siz Bozoklardan ekeniňiz, sag goluň kowum­
laryndan ekeniňiz. Siz Oguzyň başy, biz soňy, çünki biz körpe
agtyk. Siz hem biz ýaly sap arassa ganly begzada nesebinden. Ky­
nyk bilen Gaýa bir atadan dörän! Size ullakan hormatymyz bar.
Şalykda hem, il-günüň arasynda hem ullakan hormat-sylagyňyz
179
bar. Meniň mus-mus diýip, näme aýtjak bol­ýandygymy özüňizem
bilýärsiňiz, Abdylmälik han. Meniň inim Muhammet Togrul är
ýigitdir, merdanadyr, batyrdyr, gaýduwsyzdyr. Ol Oguz adyna
mynasyp boldy: Togrul adyny gazandy. Onuň islegi hökman amal
tapmalydyr. Ine, biz – Togrulyň iň ýakyn adamlary: – agalary, ini­
leri, daýylary hem ýegenleri, ýegana dostlary. Ine, – Musa beg
ýanynda duran iki sany gujurly ýigide elini uzatdy: – Bu kişiler,
begler, – Dawut bilen Ybraýym – Muhammediň doganlary. Re­
sultegin – doganoglany. Garasaý, aramyzda ýat adam ýok. Hudaý­
tagala bize – Seljuk Dukak ogullaryna ýeňilmezek güýç-kuwwat
berdi, Hudaýtagala bizi goldaýar. Bizi, sizi, Haktagalanyň Ýerdä­
ki ýalkan wekili soltan Masut Gaznaly goldaýar. Eşidensiňiz, sol­
tan Mahmyt Gaznaly – ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun! – bizi
has hatyralaýardy. Ol biziň dogan-garyndaşlarymyza birnäçe ülkä­
ni ykta berdi. Men bu zatlary hakykaty bilmegiňiz üçin aýdýaryn.
Biz garyndaş bolalyň, Abdylmälik han. Biziň bilen garyndaş
bolsaňyz, rahat ýaşarsyňyz, towugyňyza: «Tok!» diýjek adam bol­
maz. Biz size mydama kömek ederis, biz sizi goldarys. Biz bir
begzada gyzynyň mahýasynyň ýigrimi dinardygyny bilýäris. Ýöne
biz size gyzyňyzyň mahýasy üçin birki müň dinarlyk mahýa getir­
dik. Diňe bir sandyklardaky dinarlary däl, şu görýän zatlaryňyzy
hem gyzyňyzyň mahýasy hasap ediň. Inim Tog­rul gyzyňyzy gaty
ýokary bahalaýar. Hana, şol iki sandykda herdürli gymmatbaha
daşlar, monjuklar, ysyrgalar, gulakhalkalar, ýüzükler bar. Biziň
bezirgenlerimiz iki aýlap Çyn-Maçyndan owadan-owadan mata
agtardylar. Bir aýlabam şol getirilen matalardan ökde tikinçiler
gyzyňyz üçin her hili biçüwlerde lybaslary tikdiler. Gyzyňyz üçin
üç ýüz altmyş geýim tikildi. Togrul gyzyňyzyň ýylyň her güni bir
täze geýim geýmegini isleýär. Biz öňräk geljekdik, ýöne gyzyňyzyň
mahýasyny Togrulyň göwnüne makullaýançak üç aý wagt geçdi.
Musa begiň: «Biziň bilen garyndaş bolsaňyz, rahat
ýaşarsyňyz, towugyňyza: «Tok!» diýjek adam bolmaz. Biz size
mydama kömek ederis, biz sizi goldarys» diýen sözlerini diňlän
Abdylmälik han badyhowalyga haýranlar galdy, özüni merte­
besi kemsidilen hökmünde duýdy. Onuň bu pikirini Şadranç
müňbaşy (ol diňe bir müňbaşy däl, eýsem, hanyň nedimidi)
hem makullady:
180
– Baý-ba, gürläýşini! Bu bir jemagatyň begi däl-de, ýedi
yklymyň soltany ýaly gürleýär. Bize howandar boljakmyş...
Hana meçew berlen ýaly boldy:
– Bä, maňa howandar çykjag-ow onda siz?! Hä, siz gaty
artykmaç adamlar-ow...
– Görýän welin, siz maňa ters düşünäýdiňiz öýdýärin –
diýip, Musa ýabgu aljyraňňy dillendi.
– Düşünip-düşünmez ýaly näme bar bu ýerde? Näme, han
ýönekeý zatlara-da düşünýän däldir öýdýärsiňmi?
Ähli kişiniň ýüzüne urlan ýaly boldy.
Seljuklylar biri-biriniň ýüzüne seretdiler.
Ýeri, indi näme etmeli?!
Gaýdybermelimi?
Mansur pola dörän oňaýsyzlygy özünden başga hiç kimsäniň
düzedip bilmejekdigine, hanyň kejirlik etjekdigine düşündi.
Ol iki ýana garanjaklady, soňam derwezäniň ýanynda duran
Haldanyň üstüne gygyrdy:
– Eý, berebekgeý, sen, nä, sömelip dursuň? Men saňa
diýýärin! – Mansur pola şeýle bir çakyr gygyrýardy welin, sesi
gulagyňy deşip barýardy: – Haldan, men saňa näme diýdim?!
Näme sömelip dursuň? Men saňa näme diýdim? «Näme üçin
sömelip dursuň?» diýýärin men saňa? Getir diýen zadymy näme
üçin şindem getireňok?!
Haldan, hakykatdan hem derwezäniň ýanynda näme getir­
melidigine düşünmän äm-säm bolup durdy.
Abdylmälik emiriň gahary Musa begiň sözi üçin däl, ýok,
bir sebitiň hanyny şeýle uzak garaşdyrany, özüni şeýle mahabat­
landyrany üçin gelipdi. Ol özüniň kimdigini, Musa begiň kim­
digini ähli kişiniň bilmegini isläpdi.
Herki zadyň çeni bar, çaky bar. Seljuk begleri döwrüň gö­
terýän çakyndan biraz – ýok, biraz däl, ep-esli – çykypdylar.
Musa beg nämäniň-nämedigine düşündi:
– Merhemetli han, hoşuňyza geljek bolup, göwnüňize de­
gendigime biçak gynanýaryn...
Musa beg bu sözi çyn ýürekden aýtdy. Emir muňa düşündi.
– Alla gowusyny etsin! – diýip, seljuk begleri ýerli-ýerden
dil­lendiler.
181
– Merhemetli Abdylmälik han, biz gyz-gelinlerimizem alyp
geldik. Ýok, dogrusyny aýtsak, bizden galmady olar – diýip,
Musa beg hatar duran gyz-gelinlere bakan elini uzatdy. – Ähli
gyz-gelinlerimiz: «Togrulyň gelinligini görjek!» diýip geldiler.
Olaryň gyzyňyza elin gowşurjak hedýe-engamlary bar.
Musa begiň bu sözüni gapdalynda duranlaryň ählisi ma­
kullady.
Emir dymdy, onuň dymmasyny makullama hökmünde ka­
bul etdiler.
Abdylmälik han töweregine garanjaklady, Mansury agtardy.
Mydama gapdalynda bolýan Mansur edil şu pursat ýok. Möhüm
bir ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa-ha beýle ýagdaýda hanyň ýa­
nyndan gitmeli däl ol, Abdylmälik hanyň nazary derweze tarap­
dan gelýän ferraş Haldanda saklandy.
– Mansur näme bilen başagaý? – diýip, han Şadranç müň­
başa ýüzlendi.
– Bilmedim, bir ýerde duranok ol, gaty aladaly görünýär.
– Altynjany özüň çagyryp gel!
Ähli kişi Şadranjy gözleri bilen hareme ugratdy.
Içerä habar ýetiren Şadranç hanyň ýanyna dolanyp geldi.
– Häzir geler.
Içerden Haldan çykdy, ol derwezä tarap ylgady, sähel salym­
da gözden gaýyp boldy.
Abdylmälik han seljuk begleri gelip ugraly bäri Mansuryň
hem öýdeniçerleriň nämedir bir zada aşa başagaý bolup, iki
ýana hars urýandyklaryny görse-de, olaryň näme edýändikleri­
ne teý düşünip bilenokdy.
Han Şadranç müňbaşydan haremde näme edýändiklerini
sorady.
– Maňa hiç kim hiç zat aýtmady. Men Altynjana siziň garaş­
ýandygyňyzy aýtdym. Ol: «Häzir bararyn» diýdi.
Haldan biraz wagtdan soň yzyna bäş sany elleri dowully
kişini tirkäp, howla girdi. Abdylmälik han ol gelenleri tanady:
olar – Za­mahşaryň nagaraçylary, dowulçylary.
Elleri dowully bäş kişini haremhananyň öňünde hataran
durzan Haldan içeri girip gitdi.
182
Abdylmälik han düşündi: Altynjan haremden çykanda do­
wul ka­kylmaly. Goý, şeýle bolsun, sebäp, seljuklylar biraz het­
den geçdiler. Goý, biziňkilerem bularyň özlerine görä bolsun!
***
Mansur Abdylmälik hanyň ýanyna geldi:
– Hökümdarym, häzir gyzyňyz ýanyňyza geler!
Mansur bu sözüni soňlap-soňlamanka dowullar güňlenç
seslendi.
Birdenem ses kesildi. Dym-dyrslyk.
Howludaky ähli seljuklylaryň nazary ferraşyň girip-çykyp
duran haremine gönükdi.
Abdylmälik hany biraz galpyldy basmarlady. Ähli zadyň sagaman gutarmagyny beýik Biribardan dileg etdi. Häzir Altynjan
gelip bir hokga çykarmasa ne ýagşy. Ferraşlar, akgyzlar hem
Mansur seljuklylar gelip ugraly bäri iki ýana ot-elek bolup yl­
gadylar welin, ähli zat eýgilige bolsun-da hernä! Aý, ýok, Altyn­
jan kakasynyň ýanynda hokga çykarjak bolup durmaz.
Abdylmälik han haremden gözüni aýyrman seredip, gara­
şyp durdy.
Altynjan näme üçin çykmaýarka?
Ýa ol haýsy eşigini geýjegini bilmän, birini çykaryp, beýleki­
sini geýip otyrmyka?
Hanyň içini it ýyrtyp ugrady: heý, beýle-de garaşdyrmak bo­
larmy? Gör-ä, birgiden adam garaşyp dur.
– Ýok, ýok, Abdylmälik han, biynjalyk bolmaň, biziň how­
lugýan ýerimiz ýok. Garaşarys – diýip, hanyň howsalasyny aňan
Musa beg sypaýyçylyk etdi.
Ep-esli wagt geçdi, Altynjan görünmedi. Han rahat durup
bilmedi, ýanyna Mansury çagyrdy. «Bu ne boluş? Gelsin der­
rew!» diýip, azm urdy.
– Lepbeý, begim! – diýip, Mansur pola elini döşüniň üstün­
de goýup, eglip yzlaýyn, topuň oky deýin atylyp gitdi. Mansur
baransoň, haremhanada janlanyş döräýmeli ýaly welin, üýtgän
zat bolmady.
183
Mukymlyk bilen hareme bakan seredip duran Musa beg
hem garaşyp ýadan bolarly, töweregine garanjaklamaga başlady.
Abdylmälik hanyň gaharlanyp ugrandygyny aňan ýaly,
dowullar ýer sarsdyryp düňňürdedi.
Gapydan Altynjanyň gelýändigini yglan etdi.
Han bu resmilige, bu dabara ör-gökden geldi: «Bu nä boluş?!
Beýdip yglan ediler ýaly, Altynjan bir ýurduň patyşasymy? Heý,
beýle-de bir hokga bolarmy? Bu ýeňleslik ahyryn!» diýip, ol öz
ýanyndan janykdy, çalaja gyzaryp, seljuklylara gabak astyndan
seretdi. Olaryň boluşlaryny görüp geň galdy. Asyl dowul kakyl­
masyny hiç bir seljukly geňlemändir, olar sabyrsyzlyk bilen, uly
gyzyklanma, tolgunma bilen Altynjanyň haremden çykaryna
garaşýar. Seljuklaryň bu boluşlary hana gyzynyň hokgasyndanam
geň göründi. Näme üçin Altynjanyň bu bolşuny geňlänoklar?!
Bu dünýäniň oýunlygy, hokgalygy, ýeňlesligi üçinmi?!
Seniň ýeňleslik, oýun hasaplan zadyň başga biri üçin agras­
lyk eken, çyn eken!
Bu dünýäde hiç bir zady geň görmeli däl! Çünki seniň geň
hasap­lan zadyň – başga biri üçin adaty zat!
Gizlinlikde, gizlenmekde many bar: asyl durmuş – gizlen­
peçek oýny. Zenan-a oýunçy, gizlenýär, erkek kişi – gahryman,
ol gizlenýän oýunçyny tapýar.
Gizlenpeçegi diňe bir halkyň däl, dünýäniň ähli halklarynyň
çagalary oýnaýar. Bu oýny olara hiç kim öwredenok. Muňa
olarda zerurlyk-da ýok. Sebäbi gizlenpeçek olaryň ganlarynda
aýlanýar.
***
Altynjan ahyryl-ahyr haremhanadan çykdy, ýöne ol ýeke
çykmady, yzynda iki sany akgyzy bilen çykdy.
Abdylmälik han gyzynyň özüne bakan gelýändigine gözi
kaklyşandan soň, ol: «Ynha, Altynjan gyzym-a gelýär!» diýýän te­
rizde Musa bege seretdi.
Seljuklylar dünýäni unudyp, yzy iki sany akgyzly Altynjany
synladylar.
184
Seljuklylaryň ählisiniň nazary haremden çykyp gaýdan Altyn­
janda bolansoň, Abdylmälik han pursatdan peýdalanyp, seljuk
beglerini içgin synlady: olaryň Altynjana göwünleriniň ýetendigi­
ni gördi. Gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly, ýeňil dem aldy.
Peşeneli-peşeneli kişileriň üýşüp gelip, bir gyzy mahabat­
landyryp duruşlary, dogrusy, han üçin geňdi. Özem diňe ýönemöne geňem däldi, juda geňdi.
Oguz, bir görmäge sada görünse-de, çylşyrymly halk! Juda
çylşyrymly halk! Şerigatyň berk kada-kanunyna seretmezden
hatynlarynyň ýüzlerini tuwak bilen örtmedik ýeke-täk musul­
man halk bu. Oguz – adamyň jany ýaly halk. Oguza düşünen
– dünýä düşüner! Abdylmälik han welin, seljuklylaryň bu
boluşlaryna teý düşünmedi.
Oguzlaryň häzirki boluşlaryny oguza-türkmene muwapyk
häsiýetem-ä diýer ýaly däl. Megerem, bu seljuklylaryň ganynda
grekleriň hem ganynyň barlygy7 üçindir: Seljuk begiň hatyny
grek bolupdyr diýen gürrüňem bar-a! Özem ol hatynyny aşa
söýüpdir diýýärler. Şol grek gözeli üçin ol Beýik Oguz şalygynyň
şasy Baýgunyň ýüzüne durupdyr, subaşylyk wezipesini taşlap,
öz adamlary bilen aýrylyp çykypdyr.
Elbetde, Beýik Oguz şalygy şol grek gözeli üçin synan däl­
dir, onuň sebäpleri köp bolandyr, ýöne şol döwürde Seljuk
subaşyny grek gözeli üçin Beýgu patyşanyň hatynynyň näletlän­
digi, ony her edip-hesip edip öldürmek islänligi welin hakykat.
Seljuk begiň grek hatynynyň raýyny ýykman ogullaryna Ysraýyl,
Mykaýyl diýen ýaly atlary dakandygy-da hakykat!
Altynjan Abdylmälik hanyň otuz zirag çemesi ýakynyna ge­
lip sak­landy. Ol edep bilen duranlara baş egdi. Yzdaky akgyzlar
Altynjanyň hereketlerini gaýtaladylar.
– Altynjan, uýam, uýalma, ýakynrak gel! – diýip, Musa beg
elini öndedi. – Biz saňa ýat adamlar däl indi. Biz Togrulyň aga­
lary hem inileri, daýylary hem garyndaşlary.
Musa begiň bu sözüni eşitse-de, Altynjan duranlara ýakyn­
laşjak bolmady. Ol-a ýakynlaşmak eken, seretmedem. Şeýle bo­
lansoň Çagry beg hem Musa begiň sözüni gaýtalady:
185
– Altynjan, uýam, men Togrulyň agasy. Biz seni Togrulyň
şu ýakyn dogan-garyndaşlary bilen tanyşdyrmakçy.
Altynjan Çagry begiň sözüne-de pisint bermedi: ol iki ak­
gyzy bilen dalana däl-de, howla bakyp durdy.
Musa beg Abdylmälik hana soragly bakdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 12
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.