Latin

Altynjan hatyn I - 01

Total number of words is 3649
Total number of unique words is 2038
28.0 of words are in the 2000 most common words
40.1 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
OSMAN ÖDÄÝEW
ALTYNJAN
HATYN
Roman
Birinji jilt
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Aşgabat – 2012
UOK 894. 361
Ö 16
Ö 16
Ödäýew Osman.
Altynjan hatyn. /Roman/. Birinji jilt. A.: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy, 2012.
„Altynjan hatyn“ romany XI asyrda beýik şadöwlet döreden, adalaty,
yslamy goramakda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň
ýakynlary hakda söhbet açýar.
Altynjan hatyn Togrul begiň hatynydyr. Awtor Altynjanyň durmuş
ýolunyň, başdan geçirmeleriniň üsti bilen Togrul begiň hem onuň
ýakynlarynyň keşplerini açyp görkezýär.
Romanda dartgynly, adaty bolmadyk wakalar teswirlenýär. Şol waka­
lar gahrymanlaryň keşplerini has inçeden açyp görkezmäge hyzmat edýär.
Romandaky dartgynly wakalar göz öňüňde janlanýar, seni özüne bendi
eýleýär. Gahrymanlaryň başdangeçirmeleri, beýik gahrymançylyklary hak­
da okap, ilkinji gezek edebi dolanyşyga giren birgiden taryhy maglumat­
lar bilen tanyşýarsyň, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly, gahrymançy­
lykly taryhynyň bolandygyna, onda merdana pederlerimiziň öçmejek yz
galdyrandygyna guwanýarsyň, romandaky taryhy şahsyýetleriň belent ah­
laklylygy, deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygy, mertligi, wepalylygy türkmendigiňe
buýsanjyňy goşalandyrýar, şeýle ajaýyp şahsyýetler durmuşyňa nur-many
çaýýar.
TDKP № 237 2012
KBK 84 Tür 7
© O. Ödäýew 2012.
şöhratly türkmen
taryhynyň çeper Keşbi
S
oňky ýyllarda edebiýatymyz hormatly Prezidentimiziň
goldawy, hemaýaty bilen barha kämilleşmek ýolunda.
Geçen döwür içinde birnäçe kyssa hem şygryýet eserleri çap
edildi, halk köpçüligine hödürlendi. Ol eserlerde kämil­leşmek,
bagtyýarlyk äşgär duýulýar. Men bu kämilleşmäni diňe bir
romanyň – ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” atly trilo­
giýasynyň mysalynda açyp görkezmek isleýärin.
Romanyň çeperçiligi, täze-täze keşpler toplumy, taryhy täze­likleri
barada köp gürrüň edip boljak. Çünki romanda entek şu güne çenli
çeper dolanyşyga girmedik täze taryhy maglumatlar, täzeçe garaýyşlar,
del pikirler, pähimler, adalgalar, düşünjeler, sözler kän.
Romanyň esasy aýratynlyklary hökmünde men turuw­başdan
şu aşak­dakylary nygtamak isleýärin:
– türkmen edebiýatynda täze, özboluşly keşpleriň ençeme­
siniň döredilenligi;
– dil çeperçiligi, sünnäligi;
– del pikire, filosofiki oýlanmalara baýlygy;
– beýan edýän döwrüne beletligi;
– edebiýatda öz ýoluny döredenligi;
– taryha täzeçe garaýyş.
3
Meniň bu nygtan pikirlerimiň her biri barada aýratyn
söhbet etsem gerek, ýöne bu gezekki söhbedim ýazyjynyň roma­
nyndaky nygtan alty aýratynlygymyň iň soňkusy – taryha täzeçe
garaýşy hakda.
Men ýazyjynyň taryha täzeçe çemeleşişi, taryhy wakalary
logiki yzarlap, olardan dogry, ynandyryjy netijeleri çykaryşy –
taryhyň müň bir sowally ýazuw boşluklaryny dolduryşy hakda
öz pikirimi buýsanç bilen aýtmakçy. Çünki kalbyňy heýjana
salýan duýgulardyr pikirler hakda ýazmak ruhy goldaw, ruhy
hörek berýär. Elbetde, ýazyjynyň türkmen edebiýatyna getiren
täzelikleri hakda has düýpli gürrüň etmek zerur, ýöne muňa
mümkinçiligiň çäklidigini göz öňünde tutup, men Osman
Ödäýewiň “Altynjan hatyn” atly romanynda taryhy maglumatla­
ra täzeçe çemeleşişi we çykaran netijeleri, oýlanmalary barada
gysgaça söhbet etmegi müwessa bildim, men bu babatda häzir­
likçe diňe ýedi sany pikiri aýdyp çäklenmekçi.
1.
Meniň birinji aýtmakçy pikirim XI asyrda beýik seljuk türk­
menleri diýen şadöwleti döreden Muhammet Togrul begiň
keşbiniň Görogly begdigi hakdaky täze pikirdir.
Türkmeniň milli taryhynyň şöhratly sahypasy bolup durýan
Seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyran beýik Soltan Mu­
hammet Togrul beg hakyndaky epos “Görogly” ady bilen meş­
hurlyga eýe boldy.
Muhammet Togrul beg türkmen halky üçin beýik hyzmat­
lar bitiren görnükli şahsyýet. Bu şahsyýet türkmen taryhynyň
üçünji eýýamynda türkmeniň iň beýik döwletleriniň birini esas­
landyrdy. Şeýle taryhy hyzmaty eden merdana ogluny türkmen
halky ýatdan çykaryp biljek däldi. Şonuň üçin hem oňa bagyşlap
şadessan döreden halk bu esere Togrul begiň şahsyýetiniň köp
taraplaryny siňdirdi. Bu gün Görogly bilen Togrulyň şahsyýetini
deňeşdirip, gaty köp umumylyklary tapyp bolar.
Birinjiden, ikisi hem bir menzil-mekanda – Balkan daglarynyň
eteklerinde, Uzboýuň aşaky akymlarynda kemala geldiler.
4
Ikinjiden, olaryň ikisi hem asyl gelip çykyşy boýunça beg­
dir, batyr ogullarydyr.
Üçünjiden, olaryň ikisiniň hem kakalary juda ir ýogaldy.
Dördünjiden, olaryň atalarynyň ykballary meňzeşdi.
Bäşinjiden, Togrul hem, Görogly hem atasynyň elinde terbiýe­
lendi.
Altynjydan, olaryň ikisi hem serkerdedir we soltandyr.
Ýedinjiden, olaryň ikisi hem perzentsizligiň dagyny çekipdir.
Sekizinjiden, Göroglynyň Agaýunusa, Togrul begiň Altyn­
jana öýlenişi gaty meňzeşdir.
Dokuzynjydan, Agaýunus hem, Altynjan hem ýanýoldaş­
larynyň iň ýakyn maslahatçylarydyr, ikisi hem ýurdy edara et­
mek işine gatnaşýandyrlar.
Onunjydan, Togrul beg Alparslany, Görogly beg Öwezi
ogullyga alýandyr.
On birinjiden, Agaýunusyň, Altynjanyň pendine gulak ga­
bartmadyk gezekleri Görogly beg, Togrul beg ýeňlişe sezewar
bolýarlar, ýalňyşýarlar, soňundan puşman edýärler...
Bu sanawy ýigrimä-de, ýüze-de ýetirse bolar, ondan-da köp
delil tapyp bolar, ýöne subut edilen hakykaty subut etmegiň
näme zerurlygy bar?!
Elbetde, taryhy ösüşiň dowamynda “Görogly” eposy çeper
eser hökmünde köp üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Soňky
nesiller Görogla öz döwrüniň aýratynlyklaryny siňdiripdirler.
Emma şoňa garamazdan, Göroglynyň esasynyň Togrul begdi­
gi taryhy maglumatlardan äşgär görnüp duran hakykatdyr. Bu
hakykat romanda edebi dolanyşyga getirilipdir.
Biz Göroglyny edebi gahryman däl-de, türkmeniň üçün­
ji orta asyrlar eýýamynyň şahsyýet görnüşi hökmünde görýäris.
Şonda ol tutuş eýýamyň ruhuny özünde saklaýan umumylaşdyryjy
şahsyýete öwrülýär. Beýle şahsyýet bolsa bize şol döwrüň taryhy
ruhuna aralaşmaga, ony tutuş milli taryhyň bir eýýamy hökmünde
aňlamaga, türkmeniň geçmişini bilmäge mümkinçilik berýär.
Romanda Altynjanyň hereketleri, oý-pikirleri Agaýunus pe­
riniňkiden görnetin hakyky, görnetin parhly, söweşjeň, durmu­şy.
Ol parhlylyk, söweşjeňlik, durmuşylyk Altynjanyň oý-pikirleriniň,
gaýduwsyzlygynyň, batyrlygynyň, alyp baran söweşleriniň geri­mi­niň
5
buýsandyryjylygyndadyr. Adamsynyň başyna agyr iş düşen­de Altyn­
jan hatyn ägirt uly güýje, gaýduwsyzlyga öwrülýär, aňyndan ölüm
gorkusy aýrylýar. Altynjanyň maksada okgunlylygy, gaýduwsyz­
lygy okyjyda guwanç hem buýsanç duýgusyny döredýär. Altynjan­
da türkmeniň mertligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy dartgynly, tol­
gundyryjy wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär.
Ýeri gelende aýtsam, Altynjan hatynyň keşbi türkmen ede­
biýatynda täzelikdir, täze keşpdir, hemme taraplaýyn açylyp
görkezilen bitewi bir gahryman keşbidir.
2.
Ikinji nygtamakçy pikirim Soltan Mahmyt Gaznaly bilen
baglanyşykly. XI asyrda, ondan soňraky döwürlerde, şeýle hem
häzirki döwürde ýazylan taryhy kitaplarda Ysraýyl ibn Seljugyň
Hindistandan iberen habaryna esaslanylýar. Ol habarda: “Eý,
seljuklylar, Mahmyt Gaznaly asylsyz, onuň aňyrsy gul, seljuk­lylar
bolsa begzada neberesi. Soltan Mahmyt Gaznaly patyşa bolma­
ga mynasyp däl. Siz iň soňky demiňize çenli oňa garşy söweşiň,
şonda siz hökman ony ýeňersiňiz” diýilýär. Ýazyjy Osman
Ödäýew hiç hili taryhy özeni bolmadyk bu maglumaty esassyz
hasaplaýar. Bu garaýşyň nädog­rudygyny subut etmek üçin köp
sanly taryhy kitaplara salgylanýar.
Awtor Söbükteginiň ogly Mahmyda niýetläp ýazan, öz şeje­
resini giňişleýin beýan edýän “Pentnama” kitabyndan başga-da,
köp sanly taryhy çeşmelere salgylanýar. Ýazyjy çykgytda haýsy
taryhy çeşmä salgylanýandygyny takyk ýazypdyr. Taryhy anyklyk,
takyklyk eseriň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar.
Romanda peýdalanylan ähli taryhy çeşmeleri men sanap çyk­
jak bolmaýyn, olaryň köplügini romany okan okyjylar görerler.
Ine, Soltan Mahmyt Gaznalynyň asly barada romanda nyg­
talýan pikir: Oguz hanyň kada-kanuny boýunça onuň birinji
hatynyndan dog­lan üç oglunyň – Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz
hanyň nebereleri patyşa bolmaly; ikinji hatynyndan bolan üç
oglunyň – Gök (toprak) hanyň, Deňiz hanyň, Dag hanyň nebe­
resi patyşanyň hyzmatyny etmeli, özem her bir neberäniň etme­
li işi öňünden jikme-jik kesgitlenilen.
6
Şu nukdaýnazardan aýtsak, kynyklaryň neberesi (seljukly­
lar) patyşanyň hyzmatynda bolmaly. Has takygy, olar şalygyň
serhetleriniň goragynda durmaly. Sebäbi seljuklylar Oguz
hanyň körpe ogly Deňiz hanyň neberesi. Başgaça aýdylanda, Ky­
nyk – Oguz hanyň iň körpe, iň soňky, ýigrimi dördünji agtygy,
Deňiz hanyň körpe ogly.
Soltan Mahmyt Gaznaly bolsa Oguz hanyň birinji Gün han
oglunyň neberesi. Özem Gün hanyň birinji ogly Gaýalardan.
Oguz hanyň agtyklary Gaýadan başlanýar. Gaýalar şalyk sürmeli.
Oguz hanyň bu kanuny boýunça Soltan Mahmyt Gaznaly
patyşalyk edýär. Özem ol bu Oguz han kanuny 1038-nji ýyla çen­
li sak­lanylýar. Oguz han kanuny boýunça gaýalara gulluk etmeli
kynyklar ata-baba gelýän kanuna garşy gitmeli bolýarlar. Başda
seljuklylarda tagta geçmek pikiri ýok. Olaryň esasy pikiri Oguz
han düzgünini berjaý etmek, gaýa neberesiniň – Soltan Mahmyt
Gaznalynyň şalygynyň serhetlerini ygtybarly goramak we bu hyz­
maty üçin patyşadan ýalkaw görmek.
Bu şeýle hem bolýar.
Seljuklylar soltanyň hyzmatynda durup köp ýeňişleri ga­
zanýarlar, soltanyň ýalkawyna mynasyp bolýarlar.
Iki tarap biri-birinden razy, hoşal. Onda bu düýpli öwrülişik,
gahar-gazap nireden peýda boldy? Seljuklylaryň tagt üçin ata
çykmaklarynyň aňyrsynda Soltan Mahmyt Gaznalynyň beg ne­
beresinden däldigi hakdaky galp maglumat bilen Masudyň
emelsizligi ýatyrmy?
Bu sowala “Altynjan hatyn” örän esasly, düýpli jogap berýär.
3.
Seljuk ýabgusy Ysraýyl üç ýüz atlysy bilen Soltan Mahmyt Gaz­
nalynyň ýanyna görme-görşe gelýär. Soltan ony mynasyp garşylap:
– Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip biler­
siňiz? – diýip, Ysraýyldan soraýar.
Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp:
– Şu oky ýollasaňyz, Balkandan otuz müň atly goşun geler
– diýipdir.
– Eger köpräk gerek bolsa?
– Onda şu oky ýollasaňyz, ýene on müň atly-ýaragly ýigit geler.
7
– Eger has köpräk goşun gerek bolsa?
– Şu oky Balkan daglaryna iberseňiz, ýüz müň atly goşun geler.
– Has köp goşun gerek bolaýdy-da?
– Şuny Türkmen diýaryna iberseňiz, bäş ýüz müň atly goşun
diýseň-de geler – diýip, Ysraýyl başga bir ok berýär”.
Soltan Mahmyt Gaznaly bilen seljuk jemagatynyň ýabgusy
Ysraýyl (Arslan han) bilen bolup geçen bu duşuşyk taryhy
kitaplaryň galabasynda gabat gelýär, sözme-söz gaýtalanýar,
ýöne olaryň hiç birinde hem bu duşuşygyň aňyrsynda ýatan
hakykat açylyp görkezilmeýär. Men “bu duşuşygyň aňyrsynda
ýatan hakykat” diýenimde, nämeleri göz öňünde tutýaryn?!
Näme üçin Orta Aziýada ýeke-täk kuwwatly şalygyň Soltany
Mahmyt Gaznaly Buharadan 18 kilometr (F. Sümer) uzaklykdaky
Nur etrabynda ýaşaýan seljuk jemagatynyň kethudasyndan kö­
mek soraýar?
Ol näme üçin kömegi Garahan döwletiniň hökümdary
Gadyr handan ýa Ilek handan soranok? Geň gerek?
Geň, juda geň.
Şeýle seretseň, ynandyryjy hem däl. Sebäbi bir obanyň ket­
hudasy nire, müňläp-müňläp atly goşuna ygtyýarly bolmak nire?
Beýle köp atly goşuny bolan kethuda näme üçin bir etrapda
oňňut edip ýör?
Ysraýyl hanyň berip biljek goldawyny Gadyr han-da, Ilek
han-da edip biljek däl. Ýogsam biri goldaw etse, olar etmeli.
Hawa, Ysraýyl bäş ýüz müň atly goşuny bir peýkam bilen
getirip bilýän bolsa, onda ol Soltan Mahmyt Gaznalydan birjikde asgyn däl.
Akylly-başly serkerde Soltanyň ýanynda bäş ýüz müň atly
güýjüniň bardygyny gizlemeli, ýöne Arslan han gizlänok. Näme
üçin gizlänok? Näme üçin aç-açan aýdýar? Şeýle uly goşuna
ygtyýarly kişi özüne abanjak howpy bilmezmi?! Beýle köp güýji
bolan kethuda näme üçin özbaşdak döwlet döretmeýär?! Näme
üçin ol Soltanyň ýanyna barýar?! Beýle köp güýji bar bolsa, onuň
ýanyna Soltan barmaly. Kömek bermek üçin çagyrylmaýar, kö­
mek soramak üçin boýun burup barylýar.
Taryhy kitaplarda bu näme üçinlere jogap ýok, ýazyjy Osman
Ödeýew ilkinji gezek şol hikmetli duşuşygyň uşlybyny logiki taý­
dan yzarlaýar.
8
Ýazyjy taryhy kitaplardaky maglumatlary içgin öwrenipdir,
netijede täze açyşyň üstünden barypdyr.
4.
Dördünji täzelik reňkler bilen baglanyşykly. Awtoryň nygtaýşy
ýaly, “Her bir täzelik wagtyň geçmegi bilen könelişen täzelikdir”.
Bu durmuş kanuny. Biz wagtyň geçmegi bilen käbir zatlary unud­
ýarys, käbir unudan zadymyzy täzeden, täzelik hökmünde peýda­
lanmaga girişýäris.
Reňkler babatda-da şeýledir: Oguz han özüniň ogullaryna,
agtyk­laryna oňondyr nyşan bilen bir hatarda reňk hem paýlap
beripdir. Oguz hanyň agtyklaryna paýlap beren reňkleri dokuz
sanydyr. Mysal üçin, Gaýa, Baýada, Alaöýlä, Garaöýlä gara reňk
beripdir, şeýle hem olara eşikleriniň, münýän atlarynyň hem
gara reňkde bolmalydygyny wesýet edipdir. Oguz han Owşara
ak reňkdäki at münmegi, şeýle hem ak eşik geýmegi, Igdire,
Begdilä, Ýiwa, Kynyga al at (has dogrusy, dor at) münmegi, al
reňkde geýinmegi wesýet edipdir. Oguz hanyň bu sargydy diňe
bir XI asyrda, Togrul begiň döwründe däl, eýsem XIII asyrda –
Jelaleddin Meňburnuň döwründe-de berk saklanypdyr. Muňa
Jelaleddin Meňburnuň kätibi Muhammet Nesewiniň “Jelaled­
din Meňburnuň ömür beýany” atly meşhur kitabynda hem duş
gelmek bolýar. Onda şeýle setirler bar: “Bellenilen gün soltan
goşunyny söweş nyzamyna düzdi. Goşunyň merkezi diňe gara
atly, gara geýnen ýigitlerdendi, sag ganat dagyň sili ýaly uçga­
naklap duran ak atly, ak geýnen nökerlerdendi, çep ganaty bol­
sa mele atly, mele geýnen nökerlerden ybaratdy” (254 sah.).
Eýsem, mele reňkli geýnenler we atlylar Oguz hanyň haýsy
agtygynyň neberesi?!
Gysgaça aýtsam, Oguz han mele reňki agtyklary Ýazara,
Dügere, Dodurga, Ýaparla berýär.
Şu ýerde möhüm bir täzeligi hem nygtamakçy: ol türkmen
halysynyň Oguz hanyň elipbiýiligidir. Halydaky dokuz reňk
Oguz hanyň agtyklaryna beren reňkleri bolmaly. Türkmen
halysy – Oguz hanyň agtyklaryna beren dokuz reňki esasynda
döräpdir. Ine, “Altynjan hatyn” romanynyň pikir ýaýrawynyň
çuňluklary, maňyz-mazmuny nirelerde köwsar urýar!
9
Halynyň düşegi näme üçin gyzyl? Onuň sebäbini ýazyjy
örän aýdyň düşündirýär: Oguz han özüniň zemin ogly bolan
Gök (toprak) hana gyzyl reňki beripdir. Gyzyl reňk Gök hany –
ene ýerimizi, top­ragymyzy alamatlandyrýar.
Elbetde, Oguz hanyň dokuz reňki hakda, halylarymyzyň manymazmuny, hikmeti hakda “Altynjan hatyn” trilogiýasynyň esasynda
köp gürrüň etse boljak. Ýöne ol başga bir makalanyň söhbedi.
5.
Meniň bäşinji nygtamak islän pikirim oguz goşun düzümi
hem düzgüni bilen baglanyşykly.
“Altynjan hatyn” romanynyň ikinji kitabynyň on ikinji
hekaýaty “Bürgüt hüjümi” atlandyrylýar, onda Togrul begiň
goşuny, onuň hem-de Altynjan hatynyň harby ussatlygy hakda
söhbet açylýar.
Her döwrüň öz aýratynlygy bolýar. Oguz han döwründen
başlap, eždatlarymyzyň durmuşynda üç düşünje – halk, goşun,
döwlet biri-birine barabar derejede bolupdyr, çünki bu üçlük
ýaşaýyş usuly hasaplanypdyr. Goşun, esgerlik berk nyzamly bo­
lupdyr. Elbetde, goşunyň kämil, berk nyzamly bolmasa, ýedi
yklyma hökümdar bolmak başartmaz.
Ýazyjynyň gürrüňini edýän hekaýatymyza “Bürgüt hüjümi”
diýmesiniň hikmeti oguz goşunynyň bürgüt şekilli düzümden
ybarat bolanlygy üçindir.
Goşun edil bürgüt ýaly bolup düzülýär, bürgüt ýaly bolup
hüjüm edýär.
Ganatlaryny ýaýyp uçup barýan bürgüdi göz öňüne getiriň.
Oguz goşuny şol ganatyny ýaýyp uçup barýan bürgüdiň üç
synasynyň esasynda düzülýär.
Sag ganat (meýmene); sol ganat (meýsere); baş merkez (kalp).
Sag ganat – içoguz, bozuk; sol ganat – daşoguz, üçok.
Sag ganata – bozoka Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň;
sol ganata – üçoka Gök hanyň, Dag hanyň, Deňiz hanyň neberesi
girýär. Başda, merkezde (bürgüdiň kellesi) jylawdar (awangard)
goşun durýar.
Söweşe patyşa, soltan ýolbaşçylyk edýär.
Söweşde esasy agram merkeze, jylawdar goşuna hem-de sag
10
ganata düşýär. Sol ganat, ätiýaçlyk (rezerw) goşuny, olar, esa­
san, üpjünçilik bilen meşgullanýarlar.
Sag ganatda atly goşun ýerleşýär.
Başdaky jylawdar goşun bilen sag ganatdaky atly goşun saýla­
ma, harby tälim öwredilen sagdyn esgerlerden ybarat bolýar.
Goşun onluklar esasynda düzülýär.
Goşunda birnäçe bölümler bolýar: aňtawul bölümi; ga­
rawul bölümi; ýerawul bölümi; ýasawul bölümi; ýiglewük ýa-da
ökje; pygtarma, bekewül bölümleri. Bu bölümleriň her biriniň
etmeli wezipeleri anyk kesgitlenen.
Romanyň soňundan berlen düşündirişde goşun üçin salynýan
sal­gytlaryň pusum-u-maram; abaçiz, alaf, kisam, taufir, hukuky
maragy, jizýe, ähli zimmet, nal baha we beýleki görnüşleri; bun­
darlar, masyllar (salgyt ýygnaýan gullukçylar); amiller (paç ýyg­
naýjylar); jöwşen (simden ýasalan gadymy uruş geýimi), sowut,
tuwulga (söweşde başa geýilýän, bürünçden ýasalan başgap), ça­
raýna (söweşde ok geçmez­ligi üçin gursakdan we arkadan asyl­
ýan ýasy gural); goşun çinleri; köşk nökerleriniň mufrat, haşym
diýlip atlandyrylmasynyň sebäbi hakda gysgadan takyk ýazylypdyr.
Oguz harby düzgün-nyzamy türkmen edebiýatynda şeýle takyk,
şeýle düýpli görnüşde ilkinji gezek edebi dolanyşyga girizilýär. Bu
düşündirişlerde türkmen harby taryhyny öwrenýänler, giň okyjy­
lar köpçüligi üçin örän gymmatly maglumatlar köp.
Altynjan hatyn we Togrul beg haýsy sebite barsa bürgüt
al asmanda olaryň öňüne düşüp ýör. Togrul begiň, şeýle hem
Altynjan hatynyň berk ynanjyna görä, bürgüt öňden görnende
olaryň ýörişleri mydama ýeňişli bolýar.
Ýazyjy bürgüt sözüniň “ber gut” (bagt) diýen iki sözüň birleş­me­
sinden dörändigini nygtaýar we şunuň bilen baglanyşyklylyk­da türk­
menlerde unudylan Gün guşundan bagt dileniş däbini jana getirýär.
Altynjan asmanda pelpelläp duran bürgüde seredip: “Eý,
ber gut, ber gut!” diýip gygyrýar. Romanda bürgütden bagt
dileniş däbi täsirli beýän edilipdir.
Bürgüt romanyň başyndan ahyryna çenli uçup ýör. Ol ma­
hal-mahal ýatlanylýar.
Bürgüt – romanda göçme manyda getirilýär.
Bürgüt – bagt.
Bürgüt Görogly beg eýýämynyň oňony.
11
6.
Romanyň ikinji kitabynyň on altynjy hekaýaty «Talaň saça­
gy» atlandyrylýar. Gürrüň hem bu gün unudaňkyrlanan talaň
saçagy hakda barýar.
«Adam pahyr hemişe öz paýyna düşeni az görýär, özgäniňkini
özüniňkiden has köpdür öýdüp pikir edýär. Tas her bir ynsana
mah­sus bolan bu gylyk edil özge adam häsiýetleri ýaly, häkimlige
täsir edýän zatlaryň biri. Häkimlik diňe bir adamlaryň jemgyýet­
çilik gatnaşyklarynyň däl, eýsem, adamyň häsiýetiniň hem hadysasy
şeýle. Islegler, niýetler, päller, hyýallar hem duýgular häkimlige
gatnaşykda aýan bolýar, onuň ykbalyna oňat hem ýaramaz tarap­
dan täsir edip durýar. Gadymy oguzlar bu hakykata uly ähmiýet
berip, adamlarynyň içki niýetleriniň, boluşlarynyň jemgyýetiň
ýaşaýşyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin «talaň saçagy»
diýen dessury oýlap tapypdyrlar. Ýylyň bellibir gününde (nowruz­
da) patyşa öňünden yglan edip, öz öýüni adamlaryň ygtyýaryna
berýär. Adamlar ol öýden öz alyp bilen zadyny alybermeli. Mege­
rem, her gezekki talaň saçagyndan soň, adamlar-a öňküden rahat,
patyşa bolsa öz häkimligine öňküden has ynamly bolýandyr. Sebä­
bi mähelläniň: «Maňa az ýetdi, maňa az ýetdi» diýip urýan ýüregi
patyşanyň zadyndan özüne-de paý ýetensoň ynjalýandyr. Allataga­
la patyşa berýär, patyşa-da adamlara berýär. Şeýdip, Allanyň ber­
medigini adamlar patyşadan alýarlar. Ýürekleri ynjalyk tapýar,
duýgulary köşeşýär. Talaň saçagy oguzlara halk bilen patyşalygyň
biri-birine düşünişýänliginiň, ynanyşýandygynyň alamaty, des­
sury bolupdy. Togrul beg bu däbi doly berjäý edýärdi. Raýatlaryň
patyşadan öz paýyny alyp galmak islegi ýerine ýetenden soň,
häkimligiň öňküdenem berkejekdigini ol oňat bilýärdi. Şonuň
üçin her gezek talaň saçagyna ol öz patyşalygyny berkitmek işine
taýýarlyk gören ýaly taýýarlanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam
işjeň, içgin hem gyzyklanma bilen taýýarlanýardy. Ol hem Togrul
beg ýaly adamlara ýagşylyk etmekden çäksiz lezzet alýardy, zat be­
rip, onuň deregine has uly zeruryýeti – ynamy alsaň, bu söwdada,
heý, utdugyň bolmazmy?! Püçek berip, ýürege eýe bolmak akylly­
lykdan ahbetin!»
12
Öýüňi towsa götertmek, ýagmalatmak, netijede hiç zatsyz
galmak – gaty agyr zat, onda-da aýal maşgala üçin.
Öýüň borram-boşamagyna yjaza bermek üçin, gör, nähili
giňlik, gör, nähili sahawatlylyk gerek!
Ine, türkmeniň beýikligi!
Beýle dessuryň, bütin ömrüni ylma, bilime bagyş eden pro­
fessor hökmünde, dünýäniň hiç bir halkynda ýokdugyna güwä
geçip biljek. Togrul beg öz sahawatyny şeýle esaslandyrýar:
«– Eý, byradarlar, hany, aýdyň, Perwerdigär bir ýylyň do­
wamynda eçilen nygmatlaryny, baýlyklaryny bermänem – rysgal
eçilmänem bilerdimi?
Seljuklylar bir demde jogap berdiler:
– Bilerdi.
– Rysgal eçilmedimi?
– Rysgal eçildi, Alla bizi ýalkady...
– Nahanlykda üstümize ýagy gönderip, ähli zadymyzy weý­
rana salyp bilerdimi?
– Bilerdi.
– Weýrana saldymy?
– Weýrana salmady, ýalkady»
Soň Togrul beg öýleriniň zatlaryny bir näkes ogra göterdip;
sil-harasat gelip öýleriniň ýumrulyp; ýer goduklap, betbagtlygyň
gelip; ýangyn zerarly ähli zatlaryň küle öwrülip biljekdigi, şol
betbagtlyklaryň bolandygy ýa bolmandygy dogrusynda soraýar.
Raýatlar ýangynyň bolmandygy, ýeriň goduklamandygy, näge­
han ýagynyň üstlerine dökülmändigi, Allanyň ýalkandygy barada
minnetdar bolýarlar.
Diýmek, patyşanyň öýi biderek boşanok, öz mähriban ra­
ýat­larynyň göwünleriniň joşy üçin boşaýar. Togrul beg bilen
Altynjan hatyn muňa özleriniň razydyklaryny mälim edýärler.
Talaň saçagy – türkmeni türkmen edýän zatlaryň biridir.
Togrul begiň, Altynjanyň talaň saçagyndaky hereketlerin­
den, her bir sözünden olaryň içki dünýäleri ynandyryjy açylyp
görkezilýär.
13
7.
Meniň ýedinji aýtmakçy pikirim «Altynjan hatyn» roma­
nynyň ikinji kitabyndaky «Gylyç ýa kepen däbi» atly hekaýat
bilen baglanyşykly. Has takygy, şol hekaýatda gürrüňi edilýän
türkmeniň gylyç ýa kepen däbi bilen baglanyşykly.
Bu däp unudylan, täzeden edebi dolanyşyga girizilen däp.
Bu däbi ýazyjy gysgaça şeýle teswirleýär.
Ol dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa ta­
lak bermek, ölümiňi boýnuňa almak, egin-eşikleriňi taşlamak,
ýuwunmak, mydama täretli bolmak, egniňe on alty gary biýzi
dolamak we eliňe gylyç alyp, «Huw-Hak!» diýip, duşmanyň üs­
tüne topulmak: ýa ölmeli ýa ýeňmeli!
Seljuklylar gaznalylaryň garşysyna gylyç ýa kepen däbine gi­
rip çykýarlar. Netijede ýeňiş gazanýarlar.
«Gylyç ýa kepen däbi» atly bölümde türkmeniň bu dessury,
seljuklylaryň jemlenişip, bu ýola düşmek barada ähtleşişleri, Mäne
babanyň pata berşi, bu däbe girilişi örän täsirli beýan edilipdir.
* * *
Döredijilikde, meniň pikirimçe, iki usul bar: birinjisi,
gürrüň berme usulynda beýan etmek; ikinjisi, suratlandyrma,
wakany töwerek­leýin açyp görkezmek.
Meniň diýýän birinji usulym biziň dessanlarymyza, ertekilerimi­
ze mahsus. Ikinji usul romantizm, realizm bilen baglanyşykly dörän
usul. Häzirki döwürde dünýä edebiýatynda meşhurlyk gazanýan,
söýlüp okalýan eserler birinji gürrüň berme usulynda döredilen
eserlerdir. Birinji usulyň öňe çykmagy kinonyň, telewideniýäniň ýok
döwründe döredilen galyň-galyň çeper eserleriň möwritiniň geçen­
ligindendir?! Belki-de, geçmişe küýsegdir.
Uly göwrümli eserler döredýän dördijilik ussatlarynyň öňünde
okyjyny irizmän, ýadatman, gyzyklandyryp, hyjuwlan­dyryp, kitabyň
birnäçe günüň dowamynda okalmagyny gazanmak wezipesi durýar.
Okyjyny ele almak, imrindirmek babatda ýazyjy Osman
Ödäýewiň köp alada-yhlas edendigini romanyň ilkinji sahy­
14
pasyndan başlap duýup bolýar. Eýsem, anyk gürrüň edenimiz­
de ýazyjynyň okyjyny ele almak, romana imrindirmek babatda
eden işleri nämelerden ybarat?
1. Dartgynlylyk romanda birinji sahypadan iň soňky sahy­
pa çenli saklanýar. Okyjynyň “Indi nähili bolarka?”, “Yzy nähili
bolarka?” diýip oýlanmagy, galpyldamagy üçin ýörite tilsimler
edilipdir.
2. Romanda wakalardaky, iň esasy-da häsiýetlerdäki başdan­
geçirmeler ýiti gurnalypdyr.
3. Gahrymanlaryň häsiýetlerinde biziň şu günümize muwa­
pyk bolan-u-bolmadyk aýratynlyklar köp.
4. Okyjylary gyzyklandyrjak geň-enaýy pikirler, adalgalar.
5. Romanda tebigat hem gözellik geň-taňlyklary bar.
Men ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romany döre­
dijilikdäki usulyň birinjisi ýa-da ikinjisi boýunça döredilipdir
diýip güwä geçip biljek däl, çünki onda döredijilik usullarynyň
gezekleşip gelýän ýerleri az däl.
Eserler hil-hil bolýar, bir kitap seni arzuwlar ummanyna
çümdürýär, biri seni durmuş hakda çuň oýlandyrýar, başga biri
ruhlandyrýar, ýene biri gama batyrýar...
“Altynjan hatyn” romanyny okap çykanyňdan soň, Togrul
begiň, Altynjanyň keşpleri, olaryň ýaşan döwri göz öňüňde
janlanýar, şol ýaşaýşa gözüň gidýär, olaryň durmuşy, başdan
geçirmeleri aňyňdan aňsat-aňsat aýrylmaýar, ruhlanýarsyň, şol
döwürde bolasyň, ýaşasyň gelýär, şol döwre, Togrul bege, Altyn­
jana we beýleki gahrymanlara, şöhratly, gahrymançylykly türk­
men taryhyna buýsanýarsyň, köp-köp zatlary öwrenýärsiň.
Öwredýän, ruhlandyrýan, arzuwa atarýan eser – maksadyna
ýeten eser. Ýazyjy Osman Ödäýewiň üç kitapdan ybarat “Altynjan
hatyn” romany-da öz öňünde goýan maksadyna ýeten eserdir.
Bagtyýarlyk eýýamymyzda şeýle eserleriň höwri köp bolsun!
Jora ALLAKOW,
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet
uniwersitetiniň professory, filologiýa
ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at
gazanan halk magaryf işgäri.
15
Birinji kitap
Gelejek
Horasanda milleti arap bolmadyk, nurana ýüzli häkim peýda bolar.
Onuň ady menin adym ýaly Muhammet bolar we büweýhlileriň
agalygynyň soňuna çykar. Horasandan beýik Derwezata /Seýhun
derýasy bilen Anadoly aralygy/ çenli basyp aljakdyr, gylyjyny
iň soňuna – ýeňşe çenli elinden hiç düşürmejekdir. Onuň ady
Eýranda, Yrakda we Mekgede hutbada /namazlarda,
doga-dileglerde/ ýatlanjakdyr.
Muhammet pygamberiň hadyslaryndan.
16
Birinji hekaýat
BALYŇ BAL BOLSA, SIŇEK
BAGDATDAN GELER
1.
A
dama wagt hemişe az ýaly, ýöne ol gutaranok, ömür
hemişe uzak ýaly, ýöne ol derrew gutarýar. Göräýmäge,
ömrüň uzak-uzak wagtlap dowam edäýjek ýalydyr, ýöne ol köp­
lenç ät galdyryp, armanda goýup geçýär, üýtgemeýän zat ýok.
Wagt Jeýhun derýasyna meňzeş: akyp-geçip barýar. Haýsy ýeriň
çuňdugyna, haýsy ýeriň saýdygyna, haýsy ýerde burgunyň bol­
jakdygyna welin, öňünden bahabar bolabilmersiň. Akylyňa gel­
meýän, sygmaýan zatlar başyňa gel­ýär. Garaşman durkaň, gör,
nämeler bolanok!
Bal kölünde hoşyýana döwran sürüp, her gün gyralaryna,
ýeňine al-elwan zerden parawuz aýlanan täze don, başyna atlaz­
dan selle, aýagyna oraýany gaýyş ädik geýip, taýly pişge murtuny
her gün ýaglap, asyl, dünýäni topugyna çykarman najyrap ýören
Bugrajyk Abdal hem ömrüniň beýle öwrümine-burgunyna
eger-eger garaşmandy. Oslagsyz gelen diýdimzor kysmat ony
bu gün kül üstünde oturtdy. Elinden sandyk-sandyk lagly-jowa­
hyrlaryny zomluk birle aldy, ol baýlyklary kör iýip, köse gägirdi.
2*
17
Aňyrsy-bärsi bir aýlyk mezilli Horezmine ýöreýän hökümi kiçe­
lip-kiçelip, Zamahşar atly gürleňgüjügiň öýüne meňzeş kiçijek
bir galanyň çägi bilen çäklendi.
Ol öňem köp gepläp ýören kişi däldi, başyna düşen ýowuz­
lykdan soň-a, bir zat soralsa jogap bermän, ýüzüňe müňkürlik,
syrlylyk bilen hukjaryp seredip dymýan, hakyt lal kişä öwrüldi.
Özem öýünden çykmady, ýowuzlygy içine salanlygyndan bol­
sun gerek, ýarym ýyl geçip-geçmänkä ýanyny ýere berdi, soňky
günler ellerini öndäp düşündiren ýeke-täk zady – içerde içiniň
gysýanlygy, dalana çykmak isleýänligi boldy.
Şeýle hem edildi: ony giň dalana çykardylar. Bu ýerde onuň
bar ünsi howlynyň otuz-kyrk zirag gündogarynda ýerleşýän tebleha­
nasyndaky ýoz atynda boldy. Ol ähli wagtyny şol ýoz atyna tiňkesini
dikip geçirdi. Diňe bir gündizlerine däl, akrabyň çigrekli uzyn gi­
jelerinde-de ýoz atyndan gözlerini aýyrmady. Gatap, tirpildisi galan
gabaklaryndan onuň haçan uklaýandygyny aňar ýaly däldi. Möjekler
gijelerine bir gözüni açyp, bir gözi bilen ukusyny alýan bolsa, Bugra­
jyk iki gözüni-de açyp ukusyny alýardy. Içine çöken şol mön gözlerde
gyldan inçe tenha umyt bardy: ajal gylyjyny bulaýlap gelýän Ezraýyl­
dan halas eýläp biljek ýeke-täk halasgär – şu ýoz at bolmaly.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 02
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.