Latin

Altynjan hatyn I - 21

Total number of words is 3615
Total number of unique words is 1961
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Herhal, soltan Masuda ýüz tutmakdan başga seljuklylarda
alaç ýokdy.
Seljuk begleri özara geňeş etdiler. Geňeşde soltan Masut
Gaznala gulluga durmak, Şamälikden ar almak makul bilindi.
Belki, Mawerannahra dolanmaga, Afrasýap şalygyny ýok et­
mäge mümkinçilik dörär?!
Allatagala seljuk beglerine başga kysmat taýýarlap goýan eken...
Ikinji hekaýat
GORKYNYŇ GÖZI KÖR
G
yş geçip, ýaz geldi. Ýazyň gelmegi bilen Nusaýa gelýän
masyllar-da köpeldi.
Bu gezekki gelen bundar-masyllary Anuşirwan garşylady.
Galada Togrul beg bilen Çagry beg ýokdy. Olar Parawa –
Musa begiň ýanyna gidipdiler.
Ybraýym beg dümewläp ýatyrdy.
Anuşirwan bundarlara ýagdaýy mälim etdi: Togrul begiň
galada ýokdugyny, Parawa gidendigini, ol gelýänçä özüniň hiç
iş edip bilmejekdigini aýtdy.
Arkasynda soltan Masut duran bundar – Nyşapur
diwanynyň muhtasyby Kubat ibn Kuwal diňe öz bähbidi üçin
Nusaýa gelipdi. Ol ýüz müň dinary jantaýyna urmakçydy.
Eger şu maksady başa barmasa, onda ol seljuklylaryň ellerine,
aýaklaryna gandal urup äkidip, gul bazarynda deger-degmez
bahasyna satmakçydy. Garasaý, eýdip-de bolsa, beýdip-de
bolsa baýamakçydy. Ol Horasanyň häkimi Abul-Fazl Surydan
ygtyýarnamalydy.
Ybraýym beg ýarawlygy bolmasa-da daşaryk çykdy. Bundarlara:
– Bizde indi size tölär ýaly bir hepbe-de ýok – diýdi.
343
Kubat ibn Kuwaly Ybraýym begiň jogaby kanagatlandyr­
mady. Ybraýymyň aýagyna, eline gandal urdular, garşylyk gör­
kezendigi, hapadan-hapa sögendigi üçinem tä özünden gidýän­
çä ýençdiler.
– Salgyt tölemeseňiz, onda biz sizi zamun hökmünde äkide­
ris, ýygnan pullarymyzy bolsa beýtilmala geçireris – diýip, Kubat
ibn Kuwal haýbat atdy.
Sahybyň sözi boş haýbat däl eken. Ol salgyt ýygnajak bolup,
nusaýlylary gyran-jyran edip gördi, barybir, çolpusyna ilen oňly
zat bolmady. Şonuň üçinem ol Seljuk begleriniň iň ýakyny ha­
saplan on iki adamynyň aýagyny gandallady. Olaryň arasynda
Ybraýymdan başga Anuşirwan bilen Nasyr beg-de bardy. Masyl­
lar: «Şu on iki kişini zamun alsak, bulary halas etmek üçin sel­
juklylar derrew salgytlaryny tölärler» diýip pikir edipdiler.
Dogrudanam, seljuklylar bu on iki kişini halas etmek üçin
barja-ýokjalaryny orta dökdüler.
Ýygnalan baýlyklar Kubat ibn Kuwala az göründi.
Altynjan Anuşirwany alyp galmak üçin Kubat ibn Kuwala
göwher monjugyny, altyn bilezigini, gulakhalkasyny berdi:
– Merhemetli sahyp, siz meniň daýymy halas ediň!
Sahyp Altynjanyň beren zatlaryny alyp, onuň üstüne haýbat
atdy:
– Güm bol! Häziriň özünde şu ýerden güm bolmasaň, senide gandallap, äkidip, gyrnak edip sataryn!
Altynjan aýagyna gandal urlan Ybraýym begiň ýanyna ylgap
bardy:
– Näme edeli?
– Men Togrulyň yzyndan çapar ýolladym. Çagry bilen Tog­
rul bir çykalga tapaýmasa, men-ä nätjegimi bilemok. Soltanatyň
garşysyna gitsek, onda bular ýowuzdan ýowuz betbagtlyk tapar.
***
Bolýan ahwalata, gözüň görýän zadyna ynanar ýaly däldi:
gaznalylar namazşam aýagyna gandal urlan, biri-birine çatylan
on iki seljuklyny alyp gitdiler.
344
Zamun alnanlaryň yzyndan aýal-ebtatlar, oglanjyklar yzanda-çuwan bolşup barýardylar, orlaşýardylar. Agy seslerinden
ýaňa depe saçyň syh-syh bolýardy.
Gaznaly bundarlar aýallary, oglanjyklary öz yzlaryndan gal­
dyrjak bolup, olary gamçylap urýardylar.
Galadakylar hernäçe gamçylansalar-da, ep-esli aralyga çenli
zamun alnanlaryň yzlaryndan gitdiler.
Dolanyp gelen adamlar Altynjanyň daşyna üýşdüler. Adam­
laryň bir topary Altynjandan delalat isleýärdi:
– Altynjan, olary halas et!
– Kömek et!
– Näme etmeli?
Kabylyň başda durmagyndaky birtopar adam zamun alnan­
lary darkaş gurap halas etmegi Altynjandan talap etdi:
– Masyllaryň yzyndan ýetip, olary öldüreli, öz adamlarymyzy
halas edeli.
– Togrul begiň yzyndan çapar ugradaly!
Altynjan olaryň ählisine ýeke jogap berdi:
– Togrul begiň yzyndan çapar ýolladym, ol geler, bir çykal­
ga tapar.
Bu jogap adamlary kanagatlandyrmady. Elbetde, bu pikir
Altynjanyň özünem kanagatlandyranokdy. Galadakylaryň ga­
labasy gaznalylaryň yzyndan gitmek, olary gylyçdan geçirmek,
şeýdibem öz adamlaryny halas etmek pikirini ýeke-täk dogry
çykalga hasap­laýardy. Özem bu pikir wagt geçdigisaýyn möwç
alýardy, pikiriň tarapdarlary-da köpelýärdi.
Altynjan uzak gijäni ýatman, Togrul bege garaşyp, zamun
alnan adamlary halas etmek üçin her hili ýollary gözläp geçirdi.
Ömrüň manysy onuň üçin pitige münüpdi. «Bu gün
Ybraýym beg bilen Anuşirwany zamun alyp giden gaznaly er­
tirki gün Togrul beg bilen Altynjanam alyp gider» diýen pikir
onuň aňynda ezýet berýärdi.
Eh, Altynjan, beýle bus-busy ýaşaýyş saňa nämä gerek?!
Birnäçe serkerde Altynjanyň daşyna egele boldy:
– Melikäm, gol gowjap oturmak size gelşenok, Anuşirwany
halas edeliň! – diýip, Bekdaş Rudbar janykdy.
345
– Gidenleriň yzyndan ýeteliň! – diýip, Ýyldyrym Sebze­
war Bek­daşy goldady.
– Altynjan, Anuşirwanyň gul bazaryna salynmagyna ýol ber­
mek – bize namysdyr – diýip, serkerde Hapban Endikäni hyr­
çyny dişledi.
– Bundarlary öldürsek, biziň başymyza ahyrzaman gopar,
soltan Masut bizi uçdantutma gyrar – diýip, Ýusup Bazyrgany
aýtdy. – Öldürmek – iň soňky çykalga. Başga bir çykalga gözlä­liň.
– Başga çykalga barmy? – diýip, Altynjan Ýusup Bazyrgany­
dan sorady.
– Satyn almak ýoly bar... Maňa pul tapyp beriň. Men gidip
olary boşadyp geleýin.
– Ýusup, men Anuşirwany azat etmek üçin Kubat ibn Kuwa­
la göwher monjugymy, altyn bilezigimi, gülakhalkamy berdim,
ýöne sahyp meniň bu zatlarymy alyp, soňundan meni kowup
goýberdi. Sen muny gördüň ahyryn!
– Gördüm!
– Onda näme etmeli?
– Melikäm, bu meseläni siziň özüňizden başga çözüp biljek
adam ýok. Siz näme diýseňiz, biz siziň bilen!
Altynjan ýanyna gelýänleriň ählisiniň häsiýetine belet.
Şonuň üçin olaryň her biriniň aýtjak sözlerinem bilýär ol.
Kabyl – göçgünli, gany gyzgyn. Ol ertirki gününi gaýgyrmaýar.
Ýatmaz bilen Çyrlakda pikir ýok, olar näme buýrulsa şony
ederler. Şonuň üçin hem olar geplemez.
Akgaýa pelsepeçi. Ol oýlanyşykly hereket etmegi ündär.
Altynjanyň pikir edişi ýaly boldy.
Ýatmaz bilen Çyrlak näme buýruk bolsa, özleriniň taý­
ýardygyny mälim etdiler.
Akgaýa Altynjana ýedi ölçäp bir kesmegi maslahat berdi.
Kabyl badyhowa gürledi:
– Uýam, gaznalylaryň eden-etdiliklerine men çydap bile­
mok. Men Ýyldyrym Sebzewar bilen gidip, bundarlary dogramdogram etjek!
– Näme etmelidigini özüm aýdaryn!
– Aýt-da aýdýan bolsaň!
346
***
Uzynly gün Togrul bege garaşdylar, ol gelmedi. Ýene
Altynjanyň ýanyna üýşüp geldiler. Bu mahal Altynjan özüniň
kyrk adamy – çilteni bilen ýörişe ugrajak bolup durdy.
– Altynjan, sen kyrk atly bilen nirä barýarsyň? Eger halas et­
mek üçin gitmekçi bolýan bolsaň, onda bizem ýanyňa al. Olar
size eýgertmez, çünki olar köplük – diýip, müňbaşy Ýyldyrym
Sebzewar aýtdy.
– Togrul beg geler. Ol gelýänçä biz hiç iş edip bilmeris. Bize
garaşmakdan başga alaç ýok.
– Siz nirä gitmekçi bolýarsyňyz?
– Meniň özüm hem anyk bir zat bilemok. Biz uzak eglenmän
geleris.
Ýyldyrym Sebzewar elewredi:
– Altynjan hatyn, wagt ýitirmäli. Gaznalylaryň üstüne gide­
li, olary öldürip, öz adamlarymyzy halas edeli.
– Ýeri onsoň? Soltan Masudyň goşunynyň öňünde nädip
durjak!
– Bize ýöwsellemek ýaraşýan däldir, Altynjan hatyn. Bu
gün gaznalylar biziň bilen ylalaşyga gelmejekdiklerini, bizi ýok
etmek isleýändiklerini açyk aýtdylar. Bize ölümimizi boýnumy­
za alyp, gaznalylaryň garşysyna çykmakdan, olary Horasandan
kowup çykaryp, özbaşdaklyk gazanmakdan başga ýol ýok!
Adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar:
– Ýyldyrym müňbaşy hak aýdýar!
– Biz gaznalylary ýeňeris!
Ýyldyrym Sebzewar atlylara bakyp, «Meni diňläň» diýen
terzde elini ýokary göterdi.
– Altynjan hatyn, maňa rugsat ber, men öz atlylarym bilen
gaznalylaryň janlaryny jähenneme iberip, öz adamlarymyzy yzy­
na alyp geleýin.
– Altynjan hatyn, bize rugsat ber! – diýip, atlylar ýerli-ýer­
den gygyryşdylar.
Altynjan hatyn olara ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman,
kyrk atlysy bilen Abywerde bakan ýola düşdi.
347
Adamlar Altynjany geleňsizlikde aýypladylar. Aslynda Altyn­
jan geleňsiz däldi. Onuň içinde harasat gopýardy. Anuşirwanyň
keşbi onuň göz öňünden aýrylmaýardy. Ol tä daňdana çen­
li daýysy Tümen bege beren wadasyny ýatlady: «Oglum,
Anuşirwan, men seni Altynjana tabşyrýaryn. Altynjan özünem
gorar, senem gorar, seni gowy adam edip ýetişdirer» diýipdi.
Altynjan bu gün daýysynyň ruhunyň öňünde beren wa­
dasynda tapylyp bilmändigine ýanyp-bişýärdi.
Altynjan Togrul begi hatyralady, daňdana çenli garaşdy.
«Geler!» diýen inçe umyt bilen günortana çenli garaşdy.
Günortandan soň welin, Altynjanyň sabyr käsesi dökülip
ugrady.
Ol ýola düşdi. Onda ikinji ýol ýokdy!
Altynjan gidip barýardy.
Garaňky düşdi.
Olar uzak gije ýörediler.
Gije birmahalky «Zamahşar gijesine» meňzeýärdi. Şol
gyrgyn­çylygyň bolan nika gijesinde-de Aý şeýle aýdyňdy.
Asyl Altynjanyň aýgyt edip ata atlanmagy-da şol «Zamahşar
gijesi» bilen baglanyşyklydy.
Şamälik özüniň dört müň adamy bilen Togrul begiň on müň
haşamyndan rüstem çykypdy: serhoş bolup ýatan seljuklylaryň
üstüne duýdansyz çozan Şamälik adamlary gyrmak gyrypdy.
Altynjan Şamäligiň şol sabahun tilsimini ulanmak isleýärdi.
Öten agşam onuň aňynda şu pikir peýda bolupdy. Ol bu gije
aňynda peýda bolan öten agşamky pikiri amal etmekçidi.
Ol daňdan süýji ukuda ýatan gaznalylary duýdansyzlykda
baryp öldürmekçidi.
Iň esasy zat – maksadyňa ýetmek!
Iň esasy zat – zamun alnanlary halas etmek, Anuşirwany,
Nasyr begi, Ybraýym begi halas etmek!
Altynjanyň maksady düýn, bu gün ýol ýöräp, ýadan, süýji
uka giden gaznaly bundarlary güpbasdy edip öldürmekdi. Ol
Alla sygyndy. Mejbury bolansoň edýän häzirki işinde özüni go­
ramagyny, goldamagyny Biribardan dileg etdi.
348
Olar daňdanlar bundarlaryň düşlän ýerine bardylar.
Altynjan atdan düşüp, kyrk çilteni daşyna egele edip, olara
düşündiriş geçdi:
– Gaznalylar bilen başa-baş söweşmeli däl. Olary gapdalda
durup, dowla salyp, ýaý bilen atyp öldürmeli, öz adamlarymyzy
halas etmeli.
Altynjanyň isläni o diýen başa barmady: olar Şamäligiň
adamlary deýin düşlege duýdansyz ýakynlaşmagy başarmadylar.
Gaznaly mirşepler sak eken, olar gije-de bolsa, özlerine bakan
bir topar adamyň ýakynlaşyp gelýändigini aňdylar. Ähli bun­
darlary ukudan oýaryp, söweşe taýýarladylar, ýöne söweş olaryň
isleýşi ýaly bolmady. Nireden atylýany belli bolmadyk keýmir
oklar olaryň depesinden ajal bolup indi.
Beýle gaýtawula garaşmadyk gaznalylar basga düşdüler.
Näme etjeklerini bilmän elewreşdiler. Gaçmak üçin atlary­
na bakan ugran bäş-on kişiniň çawyp gelen oka pida bolanyny
gören bundarlar ýer bagyrtlap ýatdylar. Eginlerinden ak mytgal
köýneklerini çykaryp, galgadyp, aman soradylar, ýöne olaryň
ýekesine-de aman berilmedi, ählisini uçdantutma gyrdylar.
Altynjan aýaklary gandally adamlaryň arasyndan mähri­
ban Anuşirwanyny agtaryp tapdy, derrew onuň aýagyndan gan­
dalyny aýyrdy.
– Daýy, dirimisiň?
– Altynjan atly enesi bolan gerçek, heý, diri bolmazmy?
Saňa döneýin, ene! – diýip, Anuşirwan Altynjany gujaklady. –
Yzymdan hökman geljegiňe, halas etjegiňe ynanýardym.
Adamlar begenip biri-birini gujaklaýardylar, biri-birini gut­
laýardylar.
– Ýaşasyn Togrul beg!
– Ýaşasyn Ybraýym beg!
– Ýaşasyn Altynjan!
Ysgynsyzlykdan, keselden ýaňa hazzar aýak üstünde duran Yb­
raýym beg minnetdarlyk bildirmek üçin Altynjanyň ýanyna geldi:
– Altynjan, gel, bir zady öňünden gepleşeli: bu eden işiň hak­
da eşitse, Togrul saňa ýowuz jeza berer. Onuň saňa jeza berme­
349
zligi üçin men Çagry beg bilen Togrul bege: «Bundarlary men
öldürdim, adamlary men halas etdim» diýjekdirin. Sen Togrula:
«Men öýden çykman oturdym» diý. Gepleşdikmi, Altynjan?!
Altynjan syrly ýylgyrdy:
– Gepleşdik.
Ybraýym beg ýagdaýynyň agyrdygyna seretmezden
ýolbaşçylygy öz üstüne aldy: aýgytly hereket etdi: birnäçe ada­
ma bundarlaryň öten agşamky pudarlap goýan etlerinden ow­
kat edinmek üçin çişlik taýýarlamagy buýurdy. Başga bir topar
adama bolsa gaznaly bundarlaryň, gulamlaryň jesetlerini depin
etmegi tabşyrdy. Depin edilmedik diňe bir adamyň jesedidi, ol
hem sahyp Kubat ibn Kuwaldy.
Onuň maslygyny Nyşapura ugratmagy makul bildiler. Jan­
lary ýanan adamlar sahybyň jesediniň wejera edilen görnüşde
Abul-Fazl Sura ugradylmagyny teklip edýärdi, Altynjan sahybyň
jesediniň nähili görnüşde iberilendigi bilen anyk gyzyklanmady.
Onuň diňe bir bilýän zady bardy, ol hem sahybyň jesediniň
Nyşapura ugradylmagy üçin ýedi sany atyň gerek bolanlygydy.
Seljuklylaryň bu ýerde naharlanmak üçin duraslary gele­
nokdy, her kim Nusaýa tizden-tiz dolanmak isleýärdi.
Nusaýda olary sust garşyladylar.
Garşy alanlaryň arasynda Togrul beg-de, Musa beg-de,
Çagry beg-de, Gurt beg-de, Hasan beg-de, Ýakut beg-de bardy.
Olaryň ýüzlerinden gar ýagýardy.
Altynjan göz astyndan Togrul begiň her bir hereketini
synlaýardy.
Olar Ybraýym begiň üstüne gygyrmak gygyrdylar.
Altynjan olaryň ýanyna dähedem-dessem ýöräp bardy:
– Ybraýym Ynançda günä ýok, baryna men günäkär.
Seljuk begleri Altynjandan bu söze garaşmadyk bolarly,
çünki bu söze olar gaty geňirgendiler. Togrul beg ilkinji gezek
hatynyna gazap bilen seretdi.
Musa beg töwellaçylyk etdi,
– Boljak iş boldy! Puşeýmandan diňe zelel bar.
Musa beg karargähe tarap ýöräp ugrady.
350
Seljuk begleri onuň yzyna düşdi.
Iň soňunda Anuşirwan bilen Ybraýym beg gitdi.
Altynjan ýeke galdy. Ol gidenleriň yzyndan birki ädim
ätdi-de sak­landy. Soňam haremine göwünli-göwünsiz ga­
dam urdy. Onuň nazary üýşüp duran kyrk ýigidinde, olaryň
arasyndaky Ýyldyrym Sebzewar-da saklandy. Olar Altynjana
sessiz duýgudaşlyk bildirip durdular.
Musa begiň yzyna düşüp karargähe barýan seljuk begleri
durup, Altynjana geň galyp seretdiler.
Üçünji hekaýat
ÇYBYN ÇAKSA, PIL GORKAR
Nusaý söweşi
S
oltan Masuda seljuklylardan köp mukdarda salgyt, paç
ýygnalandygyny, munuň garaşylan netijäni bermändigi­
ni, olaryň öňki seljuklylar däldigini – uly güýje öwrülendikleri­
ni, Parawda, Nusaýda soltanatyň bundar toparlaryny öldüren­
diklerini habar berdiler.
Bu habary hyrçyny dişläp – gara gan edip diňlän soltan
Masut özüniň seljuklylary Horasandan gaçyp gider ýaly etmek
baradaky tilsiminiň başa barmandygyna biçak gaharlandy, öz
bundarlaryny öldürendikleri üçin seljuklylary nädip jezalandyr­
malydygy hakda ýörite geňeş geçirdi.
Geňeşe beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abd-as-Samat, resmi­
namalar sahyby Bu Sahy Zuzani, hajyp Begdogdy, Bu Nasr
Mişkan, Subaşy gatnaşdy. Geňeşde seljuklylaryň garşysyna uly
goşun ibermek, olary derbi-dagyn etmek karar edildi. Soltan
Masut goşuna ýolbaşçylyk etmegi iň ökde salarlaryň biri hajyp
Begdogda tabşyrdy.
Begdogdynyň on bäş müňlük atly goşuny we köşgüň iki müň
sany saýlama mufraty, jemi on ýedi müň atly goşun Meret aýynyň1
başynda Nyşapurdan Nusaýa – Togrul begiň üstüne ugrady.
352
Goşun bilen kethuda 2 hökmünde hoja Hüseýin Aly Mykaýyl
gitdi. Onuň ygtyýarynda köp mukdarda altyn-kümüş, her hili
egin-eşik, top-top mata bardy. Hojanyň wezipesi goşunda gahry­
mançylyk görkezen mufraty, gulamy soltanyň adyndan sahylyk
bilen sylaglamakdy. Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl goşunyň arasynda
bolup, gulamlara soltanyň bu ýörişe aýratyn ähmiýet berýändigi­
ni, söweşde tapawutlananlary sylaglamagy özüne tabşyrandygyny
öwran-öwran nygtaýardy, mufratlaryň, gulamlaryň söweşe, ýeňşe
bolan höweslerini artdyrmaga çalyşýardy.
***
Salar Begdogdynyň on ýedi müň gulamly goşun bilen
gelýändigini, häzir haýsy ýerdedigini seljuk beglerine bir­
syhly habar berip durdular.
Togrul begde bary-ýogy üç müň atly bardy. Üç müň atly bi­
len on ýedi müň atlynyň garşysyna çykmak hatarlydy, howpludy.
Durmuş olary çuň oýlanmaga, ýagdaýdan düýpli çykalgalary
tapmaga mejbur edýärdi. Soltana hoşamaý sözlerden dolduryp
nama gönderenlerinde seljuklylarda ýeke-täk bir maksat bardy.
Ol hem bu ýakyn döwürde soltan bilenem, başga bir topar bile­
nem söweşe girmezlikdi.
Isleg isleg bolýar, islegiň paşmasa, başga çykalga tapmaly
bolar­syň-da!
Näme etmeli?
Gaçmag-a çykalga däl, çünki düýä müneniňden soň hataba
bukulyp bolmaýar.
Diýmek, darkaş gurmaly.
Özem darkaşda ýeňmeli!
Ikinji ýol ýok!
***
Bagdat halyfy 3 al-Kaýym Biýemryllah (1031–1071 ý.) kynyk
beg­lerine öz ilçisini iberdi, olara uly üstünlikler, rowaçlyklar dileg
etdi. «Eger hamdu-sena, sagadatlyk, döwletlilik isleýän bolsaňyz,
meniň wesýetlerimi hem talaplarymy berk berjaý etmelisiňiz»
23*
353
diýip. Halyf, ilkinji nobatda, halyfata hüşür-zekat, ondan hem
daşgary her aýda köp mukdarda altyn-kümüş ugradyp durmak­
laryny talap edýärdi. Şeýle hem her bir ätmek isleýän ädimleri
hakda halyfaty habardar saklamagy, halyfatyň görkezmelerinden
çykmazlygy talap edýärdi, halyfatyň talaplarynyň amal edilmedik
ýagdaýynda Hudaýtagalanyň seljuklylardan ýüz öwürjekdigini,
häzirki ýeten derejelerini diňe halyfatyň ýalkawy hem ýardamy
bilen amal tapandygyny tekrarlaýardy.
Seljuklylar halyfyň ilçisine, adamlaryna öz aralaryndan
orun-ojak berdiler. Olara her bir işlerinde, her bir tutum­
larynda geňeş saldylar.
Ilçiniň ýigrimiden gowrak ýardamçysy bardy. Ýardamçylaryň
ählisi ýetişiksiz gündediler. Sebäbi her gün diýen ýaly Bagdada
çapar gidýärdi. Çaparlaryň günde iki gezek – ir ertir biriniň,
namazşamdan soň hem ýene biriniň ugraýan wagtlary-da bol­
ýardy. Aýda bir gezek Bagdada kerwen ugradylýardy. Onda ky­
nyk begleriniň halypaga hem onuň ýakyn adamlaryna ýörite
hedýe-engamlary gönderilýärdi.
Kynyk ýigitleri halypa, halypanyň ilçisine sygynýardylar,
olaryň göwünlerinden turmaga çalyşýardylar, her bir işi, her bir
ýörişi halypanyň ilçisiniň ak patasy bilen başlaýardylar.
Ilçiniň patasy bilen başlanan tutum, ýöriş, köplenç, oňuna
bol­ýardy.
Çagrydyr Togrul halyfyň ilçisine aýratyn sarpa goýýardylar.
Çünki ilçi olaryň hoşuna gelýän sözleri aýdýardy, olar: «Siziň
ikiňizem Allatagalanyň nazar salan bendeleri. Siziň arkaňyzda
mömünler emini Kaýym halypanyň Allatagala mynajatlary birle
beýik Allatagala dur. Nesip bolsa, Beýik Allatagalanyň şerefi bir­
le siz bir kuwwatly döwletiň ýolbaşçysy bolarsyňyz. Biriňiz Basyl
şalygyny basyp alyp, ol ýerde öz şalygyňyzy ýöretseňiz, ikinjiňiz
Oguz ýurduna 4 soltan bolarsyňyz. Siz köp-köp kapyrlary musul­
man edip ýalkanarsyňyz» diýýärdi. Bu sözler iki dogana ganat
berýärdi. Olar ilçiniň sözlerini diňlemekden ýadamaýardylar.
Allatagalanyň özlerine biçak üýtgeşik ýazgyt berendigi üçin olar
çäksiz hoşnutdylar. Bäş rekat namazyny yhlas bilen okaýardylar.
Allatagala hoş geljek işleri köpräk bitirmäge çalyşýardylar.
354
***
Deň bolmadyk söweşde diňe harby tilsim bilen ýeňip bolýar.
Tilsim ulanmaly!
Seljuklylar ulanjak harby tilsimlerini ýedi ölçäp bir kesdi­
ler. Anyk bir pikirde, anyk bir tilsimde durdular.
Ulanylmaly tilsim gaty aýdyňdy: üç müň esgeri iki topa­
ra bölmeli. Birinji topar Begdogdyny garşylamaly we onuň
bilen darkaş gurmaly. Ikinji topar bolsa baýlyk bilen soltan
gulamlarynyň gözlerini güýdüşdirmeli: arabalarda her hili
gymmatbaha zatlary goýup, gaçan bolmaly. Goý, Begdogdy:
«Seljuklylar baýlyklaryny çöle alyp barýan ekenler. Olar bar
baýlyklaryny alyp gaçmaga ýetişmändirler, biz wagtynda olaryň
üstünden gelipdiris» diýip, pikir etsin.
Soltanyň goşuny «ýeňiş» gazanyp Nyşapura ugrar, şonda iki
topar birleşip, esasy söweşe başlamaly: Nyşapura barýança kä
o tarapyndan, kä bu tarapyndan duýdansyz hüjüm ede-ede on
ýedi müňlük goşunyň aňkasyny aşyryp, huguny çykaryp, soňuna
çykmaly, olardaky ähli baýlygy almaly. Gaznalylar Nyşapura
barýança bir hepde wagt gerek, şol bir hepdede seljuk begleri
hem syrtlan bolmaly, hem gurt 5 bolmaly.
Seljuklylar, ine, şu tilsimi makul tapyp gaznalylaryň
garşysyna çykdylar.
***
Salar Begdogdy Nusaýa gazap donuny geýip, şöhrat atyna
atlanyp geldi.
Nusaý galasynyň gündogarynda atlylaryny täzeden gözden
geçirdi. Soňam gala ilçi ugratdy:
– Galadan ýeke-ýekeden çykyň! Ýaraglaryňyzy galanyň
derwe­zesiniň sol tarapyna taşlap, meniň ýanyma gelip, günäňizi
boýun alyň, ýogsam ähliňizi uçdantutma gyraryn!
Ilçi gelip, galada dardan başaşak asylan bir gaznaly bun­
baryndan başga hiç kimsäniň ýokdugyny habar berdi.
– Çaga-çugalaram, garry-gurtularam ýokmy?
355
– Yns-jyns ýok. – Ilçi şu sözi aýdyp gutaryp-gutarmanka
goşunyň gündogar tarapyndan wagşyýana gykylyklar eşidildi:
– Seljuklylar!..
– Seljuklylar çozdy!
Başagaýlyk başlandy.
Gaznalylaryň ep-esli gulamy gaçdy, saý haşam goşun sö­
weşe girdi.
Ir ertirden başlanan söweş günortana çenli dowam etdi.
Seljuklylardan köp adam pida boldy.
Galan iki ýüz-üç ýüz töweregi seljukly bolsa, Oguz çölüne
sary gaçyp gitdi.
Salar gaçyp giden seljuklylaryň yzyndan kowgy ugratdy,
sel­juklylaryň ýekesinem diri galdyrman, uçdantutma gyrmagy
berkden-berk tabşyrdy.
Kowup barýan soltan gulamlary köp mukdardaky baýlygyň
üstünden bardylar.
Arabalara mas ýüklenen baýlyklar gaty kändi.
– Seljuklylar bu baýlyklary gizlemek isläpdirler, ýöne çöle äki­
dip ýetişmändirler. Biz wagtynda gelipdiris – diýip, salar çak urdy.
Bu pikiri salaryň ýanyndaky ähli kişi makullady.
Ähli baýlyklary jemlän gaznalylar ýeňiş sazyny çaldylar, sol­
tan Masut Gaznala fethnama ýolladylar, soňam dabara bilen
ýola düşdüler, ýöne uzak gitmän saklandylar.
Ilki bilen-ä, ýeňşiň gazanylandygy mynasybetli soltan
Masudyň gymmatbaha sowgatlaryny, iň esasy-da, seljuklylardan
olja alnan baýlyk­lary goşunyň arasynda paýlaşmaly, soňam ýeňiş
toýuny toýlamaly.
Soltan Masut Gaznaly: «Maňa hums paýy 6 gerek däl, ähli
oljany gulamlaryň arasynda paýlaşyň» diýipdi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl-da, salar Begdogdy-da açgözlük­
den, gysgançlykdan daşda durup, gulamlara eçilmek eçildiler:
uzynly günüň dowamynda on ýedi müň gulama dabaraly ýag­
daýda olja hem soltan sowgatlaryny paýladylar.
Her gulama dünýäniň baýlygy ýetdi.
Beýle baýlyk öň olara ýeke gezegem miýesser etmändi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl bilen salar Begdogdy oljalary,
soltan sowgatlaryny paýlap bolanlaryndan soň nutuk sözlediler.
356
Olar gulamlara soltan Masudyň adyndan çäksiz minnetdarlyk
bildirdiler hemem bu gün soltanyň adyndan gulamlara toý be­
rilýändigini aýtdylar.
Toý toýlandy.
Baýlykda jady bar. Ol adamy dälilik hetdine ýetirip bil­
ýär. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýilýär. Elbetde, on ýedi müň
gulamyň içinde Hydyry ýok, olar gyzyly, baýlygy görüp azmak
azdylar. Ine, soltanyň adamlaram ummasyz oljanyň, baýlygyň
üstünde öz aralarynda oňuşman, ýakalaşyp, ýumruklaşyp, biribirini öldürip, baýlygyny alyp ugradylar.
***
Begdogdynyň goşunynyň Nyşapurdan Nusaýa ugranyna iki
hepde geçip-geçmänkä soltan Masuda salar Begdogdudan ça­
par geldi:
– Seljuklylar derbi-dagyn edildi! Siziň goşunyňyz görlüpeşidil­medik ýeňiş gazandy!
Bu hoş habara gününi sanap garaşan soltan begendi.
Haýdan-haý wezir-wekillerini, atly-abraýly adamlary çagyryp,
ýeňiş toýuny toýlady. Toýda soltan uly nutuk sözledi. Hajyp
Begdogdynyň harby ussatlygyny wasp etdi. Şahyrlar onuň şanyna
goşgy düzdüler.
***
Nasyr beg birinji toparyň ýolbaşçysydy. Ol diýseň başarjaň,
ugurtapyjy, mert, daýaw serkerdedi, gaznalylardan öçlüdi, çün­
ki ol kakasy üçin ar algylydy.
Nasyr beg seljuklylaryň görnükli begi Muhsin bin Tagyň
ogludy. 1006-njy ýylda soltan Mahmyt Gaznaly Sarahsyň ýolunda
Muhsin bin Tagy 7 öldürende ogly Nasyr ýedi-sekiz ýaşlaryndaky
oglandy. Nasyr şol günden bäri gaznalylar bilen garpyşmak,
kakasynyň aryny almak maksady bilen ýaşaýardy.
Egindeşleriniň köpüsi onuň gözsüz batyrlygyndan heder
edýärdiler. Çagry beg onuň birinji topara serkerdelik etmegine
garşy-da çykypdy. Ol:
357
– Goý, Nasyr ikinji topara serkerdelik etsin – diýipdi.
Nasyr beg ylalaşmandy, dyzmaçlyk edipdi. Şonda, onuň
göwnüne degmezlik maksady bilen birinji topara ýolbaşçylyk
etmegine razy bolupdylar.
Nasyr begiň ygtyýarynda müň sany atly bardy. Onuň wezipe­
si gaç-kow söweş tilsimi boýunça hereket etmekdi: garaşylman
durka gaznalylaryň arka tarapyndan gelip, darkaşyp, biraz
dowul döredeninden soň gaçmakdy we gaznalylary çöl etekde
öňünden taýýar edilip goýlan harwar-harwar baýlyklaryň üstün­
den eltmekdi.
Ençe ýyllap kakasynyň aryny almagy ýüreginde besläp
ýören Nasyr beg dowul döredip gaçmagy ýadyndan çykardy.
«Öldüriň! Baryny öldüriň!» diýip, ol duşman leşgeriniň barha
jümmüşine girdi.
Netijede, özi-de öldi, ýanyndaky müň atlynyň ýedi ýüzden
gowragynyň-da ölümine sebäp boldy. Galan atlylar gaçan bo­
lup, öz öňlerinde goýlan wezipäni amal etdiler.
Nasyr begiň wepaty seljuklylara çökder agyr urgy boldy. Olary
galanyň demirgazyk tarapyndaky mazarlykda depin etdiler. Sel­
juklylar diňe bir öz wepat bolanlaryny däl, eýsem gaznaly gulam­
lardan wepat bolan iki müň gulamyň jesedini-de jaýladylar.
Merhum jaýlamak däp-dessuryny amal edip, aýat-doga okan­
laryndan soň, seljuk beglerine salar Begdogdynyň goşunynyň
ýagdaýy hakda habar geldi.
– Gaznalylar başda ýeňiş toýuny toýladylar, indem oljalaryny
paýlaşyp bilmän, biri-birini öldürýärler. Megerem, namazşama
çenli olar biri-birini öldürip gutarsalar gerek.
Bu habary serinde aýlan Çagry beg Musa beg bilen Togrul
bege ýüzlendi:
– Olaryň soňuna çykmagymyz üçin Hudaý bize gowy mümkin­
çilik döredip berýär: olary Nyşapura çenli kowalap, talap gitmek
endişesinden halas edýär. Biz hut şu gün olaryň soňuna çykarys!
– Hüjüm etmeli pursadymyz geldi. Hudaýtagala biziň
işimizi ýeňilleşdirdi – diýip, Ybraýym galkyjaklady.
– Biz olary gyran-jyran ederis! – diýip, Togrul beg Ybraýymy
goldady.
358
– Bu babatda Sowmagydan sorap göreliň!
Oturanlar Hasanyň bu pikirini makul bildiler, derrew bil­
giji tapyp getirdiler, oňa gaznaly goşunynyň ýagdaýyny, öz mak­
satlaryny düşündirdiler.
Sowmagy Asmana seredip uzak oturdy. Oturanlar garaş­
makdan ýaňa, bez boldular. Sowmagy ahyryl-ahyr ýerinden turdy.
– Bu gün jahana Müşderi ýyldyzy gözegçilik edýär. Müşderi
ýyldyzy – ýeňiş ýyldyzy. Merhemetli Çagry beg, merhemetli
Togrul beg, siziň ikiňiz hem sahypkyranlar. Siziň ikiňizem bu
ýyldyzyň aşagynda doglanlar…
– Sen bize anyk jogap ber, biz çozsak, ýeňerismi? – diýip,
Çagry beg Sowmagynyň ýanyna bardy.
– Siziň ýyldyzlaryňyz...
– Dur, dur, maňa anyk jogap ber. Biz häzir gaznalylaryň
üstüne çozuş etsek, ýeňerismi ýa ýeňlerismi? Gaznalylar bizden
san taýdan bäş esseden-de köp.
– Ýyldyzlaryň berýän alamatlaryna görä, ýeňiş sahypkyra­
nyňky!
– Maňa, ine, şu sözüň lazym.
– Allatagalaga ýüz tutalyň, ondan ýeňiş diläliň! – diýip,
Togrul beg ýanyndakylara ýüzlendi.
Bu pikiri ähli seljuklylar makul bildiler.
Togrul beg dagdan gelýän çaýyň kenarynda taýlesanyny
öňüne namazlyk edinip, ikidyz oturdy. Seljuklylar Togrul begiň
yzyndan hatara düzüldiler.
– Eý, Beýik Biribar! Size alkyşlar we hamd-senalar bolsun!
Biz – Seljuk ibn Dukakyň neberesidiris. Bize ýaşamak mertebe­
sini berendigiňiz üçin çäksiz hurgantdyrys. Gurhanda: «Eger
minnetdarlyk bildirseňiz, men size eçilerin» diýen, «Dereje­
leri boýunça birlerini beýlekilerden belende göterdik» diýen
parasatlaryňyzyň amalyny bize eçilen, rowa bilen takdyrlaryňyzda
görýäris. Siz bize mydama göterip biljek ýüklerimizi ýüklediňiz
8
. Eý, Perwerdigär! Biz size sadykatdyrys, ýüreklerimiz diňe:
«Alla, Alla!» diýip urýandyr. Biz diňe siziň hoşuňyza geljek so­
gap işleri köp bitirmäge çalşyp ýaşaýarys. Bizi mundan beýlägem
öz penaňda aman hem mertebede saklamagyňy soraýarys. Bize
359
gaznaly soltan Masut köp-köp jebir-sütemler etdi. Ol siziň ajaýyp
dünýäňizde rahat, hözirli dünýäňizde ýaşamaga mümkinçilik
bermeýär, bize agyr salgytlar salýar. Biziň köp adamlarymyzy
öldürdi. Biz ýeňşiň siziňkidigine magat düşünýäris we sizden
häzirki başlamakçy bolýan darkaşymyzda ýeňşe ýar etmegiňizi
uzur soraýarys!
***
Togrul beg her gezekdäki ýaly, bu gezegem goşunyň öňüni
çekdi. Söwer gyr atyny debsiläp, çirkin-çirkin gykylyklap, ýata­
ganyny bulaýlap, gaznaly gulamlary parçalap ugrady. Onda asyl
gorky-ürki ýokdy, başa-baş söweşe biçak rüstemdi. Özem onuň
ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy, ýadandygyny ol köplenç darkaşdan
soň duýýardy. Söweş wagty göhi gelýärdi. Onuň batyrgaýlyk bilen
wagşyýana söweşişini görüp, duşmanyň haýýaty göçýärdi, eldenaýakdan galyp, aňsatja pida bolýardylar. Togrul begiň göwreside uludy. Garşydaşy bu äpet uly göwreli kişi bilen oýnunyň deň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 22
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.