Latin

Altynjan hatyn I - 06

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 2037
33.2 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Halwaçy ýuwaş gürleýärdi, kiçigöwündi, Kabyl bilen Haby­
la, Sadyllaga gep goşardy. «Nesip bolsa, her biriňiz bir etrabyň
raýisi bolarsyňyz» diýip, hoş söz aýdardy. Onuň sözleri Kabyl
daga hoş ýakýardy.
Ol ogullarynyň urlandygy üçin öňem birki gezek arz edip
gelipdi. «Meniň ogullarym mydama siziň gullugyňyzdadyrlar.
Siz näme buýursaňyz ýok diýmezler, aýdanyňyzy ederler, ýöne
siz beýdip möçükdirip urmaň olary» diýip, özelenmek özele­
nerdi. Kabyl dagy halwaça indi gaýdyp urmazlyga söz bererdi­
ler, ýöne şol günüň ertesi, babasyna ýamanlandygy üçin, onuň
ogullaryny ýene urmak urardylar.
Bu gezek jeza çökder boldy!
Janahyr halwaçynyň öýi otlandy! Bu habar hökman Abdyl­
mälik hana ýeter. Soňunyň nähili boljagyny göz öňüne getirme­
gem gorkuly! Hudaý saklasyn!
Öýüň ýanyp durşy Altynjanyň göz öňünden gidenokdy.
***
Altynjanyň uklamasy aňsatdy, islän pursady uklap, islän pur­
sady-da oýanyp bilýärdi. Öňler aňsatlyk bilen uklan-da bolsa, ol
6*
81
bu gije teý uklap bilmedi. Kellesine gum dykylan ýalydy. Ilkagşam
çala ymyzgandam, ýöne sähel salymdan oýandy. Indem ukusy tut­
masa näme! Uklamak üçin her iş edip gördi: sagyna ýatdy, çepine
ýatdy. Gözlerini ýumup, hiç bir zat hakda oýlan­mazlyga çalyşdy,
üstüne ýorgan örtdi, barybir, uklap bilmedi.
Altynjan hiç wagt ýorgany başyna büräp ýatmazdy, şeýtse
demigerdi. Howa hernäçe sowuk bolsa-da, ýorgan ýapynman
ýatardy. Has sowuk gijelerem ol ýorgandan kellesini çykaryp ýa­
tardy. Akgyz onuň üstüni daňdana çenli zol-zol ýapmaly bolardy.
«Durmuşdan gorkýan, ýöwsel adamlar ýatanlarynda ýorgana
çümüp ýatýarlar. Gaýduwsyz, tekepbir, özdiýenli adamlar ýa­
tanlarynda ýorgandan kellelerini çykaryp ýatýarlar. Kelleleriniň
üstüniň ýorgan bilen örtülmegini olar sütem hökmünde duýýar­
lar. Melikäm, seniň ýatyşyňdan gaýduwsyzlygyň duýulýar»
diýip, Gülýüzli birki gezek aýdypdy. Altynjan akgyzyň bu sözle­
rini ýadyndan çykarmandy, ony köplenç öz ýanyndan ölçeripdökýärdi hem bu pikiri makul hasaplaýardy.
Akgyz pelsepe otarmagy gowy görýärdi. Sebäbi melike­
si onuň pelsepelerine maýyldy. Ony käteler akyldar Faraby,
Eflatun diýip atlandyrardy. Melikesiniň özüni diňleýänligine
gylawlanyp, Gülýüzli hasam joşup gürlärdi. Asylam ol gürleme­
gi gowy görýärdi. Gürlemese, hiç zat iýesem gelmezdi. Wah,
onuň özünde pikir ýokdy. Onuň artykmaçlygy – ýatkeşligidi. Bir
eşiden sözüni aňsat-aňsat ýadyndan çykarmaýardy. Melikesiniň
gowy görjek sözlerini bilýärdi ol. «Gije ýatanda käbir kişi sag ta­
rapyna ýatýar, başga birleri bolsa sol tarapyna ýatýar. Sag tarapy­
na ýatmagy endik edinen kişilere ýalan-aldaw, mekirlik mahsus
bolýar. Sol tarapyna – ýüreginiň üstüne ýatýan kişiler hyjuwly,
her bir işe düýrmegi, ýüregi bilen ýapyşýan, batyr adamlar ha­
sap edilýär. Özem beýle kişileri aldamak hem asan hasap edil­
ýär. Olar ýumurtga saç çykypdyr diýilse-de ynanýarlar...» Gül­
ýüzli bu sözleri aýdanda Altynjan onuň sözlerini makullapdy:
«Dogry şol, dog­ry. Sen meni mydama aldap ýörsüň!»
Hana, häzir Altynjanyň akgyzy Gülýüzli işigagyzda süýji
uklap ýatyr, özi welin uklap bilenok. Ol bir eýlesine, bir beýle­
sine agdarylyp, uklamak üçin gara çyny bilen çalyşdy. Tümen
daýysy alasarmyk halda göz atuwynda janlandy. Ol gyzyl oduň
82
içinde oňa nämedir bir zatlar diýip gygyrdy. Altynjan näçe
mukym bolsa-da, daýysynyň aýdýan sözlerini eşitmedi. Birden
şatyrdap ýanýan oduň sesi eşidilýän ýalydy. Uklap bilmejegini
aňan Altynjan garysyna galdy. Içeride öçügsije çyra ýanýardy.
– Akgyz?!
Ikinji gezek ady tutulanda Gülýüzli tisginip oýandy:
– Melikäm, size bir zat gerekmi?
– Men uklap bilemok. Näme üçinkä?
– Maňa aýdaýmaly ekeniňiz. Uky damaryňy owkalap berip,
ýumşatsam, derrew uklardyňyz. – Gülýüzli uky damaryny owka­
lamak üçin melikesiniň ýanyna gelip otyrdy.
– Düýşüňde ýalyn görmek nämäniň alamaty bolmaly?
– Ýalynmy ýa ot?
– Näme tapawudy bar onuň? Ikisem bir zat dälmi?
– Däl. Ot bilen ýalnyň parhy bar. Onsoňam nähili göreniňe
bagly...
– O nähili?..
– Wa, melikäm, ýalny, ody her hili ýagdaýda görüp bolar.
Ot ýakmak – yşka ulaşmak. Melikäm, siziň düýşüňize ýalyn gi­
ren bolsa, onda bu – bir goç ýigide şu günde-ertirde göwün
berjekdigiňiziň alamaty. Hakyt şeýle bolar bu, melikäm! – diýip,
akgyz Altynjany garsa gujaklady.
– Dur, dur, eý, Eflatun, sen meni aldama.
– Men sizi aldamok, melikäm.
– Sen maňa hakykaty aýtmaýarsyň. Sen şatyrdap ýanýan
oduň nämedigini bilýärsiň. Sen ot diýdiň, ýalyn diýdiň, ýöne
sen olaryň tapawudyny aýtmadyň...
– Men häzir aýdaýyn, melikäm. Ot ýakmak – söýgä uçra­
mak ýa gowy ýigide äre çykmak, ody söndürmek – äriňden
aýrylyşmak, şowsuzlyga uçramak.
– Men öçürmedim...
– Men bilýärin-ä, siziň hiç wagt ody öçürmeýändigiňizi.
Awa gidenimizde-de siz ýeke gezegem ody söndürmediňiz,
«Goý, doly ýansyn» diýdiňiz her gezek. Oduň alawlap ýanmagy
– şatlyk, nämedir bir zada begenjekligiň alamaty; oduň tüsseläp
ýanmagy – bir ýalňyşlyk goýberjekdigiň alamaty; oduň içinden
ylgamak – ýalançylaryň aldawyndan halas bolmak; bedeniň oda
83
ýanmagy – ile metdi-ryswa bolmak. Ýalyn bolsa – bagty çüwmek­
lik, köp tyllaly bolmaklyk.
– Köp tyllaly bolmak?!
– Hawa, melikäm, ýalyn – köp tyllaly bolmak. Köp tyllaly
bolmak diýende harwar-harwar tylla düşünmeli däl.
– Onda nämä düşünmeli?
– Harwar-harwar tyllaly äre durmuşa çykmaga düşünmeli.
– Eý, Eflatun, seniň aňyňda ärden başga pikir ýok. Sen düýş
ýorsaň, hökman är bilen baglanyşykly bolaýýar-la?
– Siziň görýän düýşüňiz şeýle-dä, melikäm. Men siziň düý­
şüňizi nädip üýtgedeýin?
– Sen maňa güýçli ýalnyň nämäni aňladýandygyny aýdyp ber.
– Güýçli ýalyn – güýçli gorky. Meger, bir zatdan aşa gork­
magyňyz mümkin. – Gülýüzli bu sözüni aýdyp gutarmanka
daşardan kimdir biriniň aýak sesi eşidildi.
Altynjan eline hanjaryny aldy.
Işik ýuwaşja açyldy:
– Ýegen! Altynjan!..
– Wa, kim bar?!
– Altynjan! Bu men – daýyň Tümen!
– Daýym! Geliň!
Tümen beg çekinjeňlik bilen içerik girdi.
– Uklamanmydyň? Men-ä uklap ýatansyň öýtdüm.
– Geljek diýip giden günüňizden bäri uklap bilemok. Maňa
bir zad-a boldy. – Altynjan sypasyndan düşdi-de, daýysynyň ýany­
na geldi.
– Onuň sebäbini men çala çak edýärin.
– Näme?!
– Sen: «Daýym derrew geljek diýip gitdi. Şindem gelenok.
Oňa bir zat bolan bolaýmasyn?!» diýip howsala düşensiň.
– Gözlerim ýoluňyzda boldy.
– Garaşandygyňy bilýärin.
– Eýgilikmidir, daýy?
– Mesaýkysy, ähli zat gülala-güllük. Pikir edişimdenem kän
gowy boldy. Käbir zatlary seniň bilen maslahatlaşaýyn diýibem,
görşüň ýaly, ýanyňa geldim.
– Şeýle nahanmy? Şeýle gyssaglymy?
84
– Şeýle gyssagly, şeýle nahan bolmasa, ýarygije ýanyňa gel­
mezdim-ä, ýegençäm.
– Siziň üçin men özümi oda urmaga-da taýýardyryn, daýy.
– Özüňi oda urmagyň geregi ýok. Hany, aşak oturaly – diýip,
Tümen beg ellerini hereketlendirip öndedi. Aşak oturan Tü­
men beg içerde ýegeniniň ýeke däldigini – akgyzyň hem serasy­
ma bolup durandygyny saýgardy. – Akgyzyň öz otagyna gitsin!
Gülýüzli gaty-gaty ýöräp, içerden çykyp gitdi.
– Men näme etmeli, daýy?!
– Altynjan! Mesaýkysy, men uzak oýlandym: kime ynanmaly,
kime syrymy açmaly diýip. Onsoň men kän-kän adamlaryň,
ýegenlerimiň içinden diňe seni saýladym. Meniň saňa göwnüm
ýetýär. Sen – ot-ýalyn. Mesaýkysy, sen ýalyndan dörän ýegenim
meniň. Sende ýekeje aýp bar, ol aýbyňy özüň hem bilýänsiň, ol
aýbyň – gyz maşgaladygyň. Ýöne sen gyz maşgala bolsaň hem
men-men diýen janymak är ýigitlerden birjik-de kem däl. Gaý­
tam, artyk sen! Allatagala seni erkek edip ýaradan bolsa, men ge­
lip saňa gulluga durardym. Garaçynym, hyzmatyňda durardym.
– Teý ukym tutmady, megerem, siziň geljekdigiňiz üçin
bolsun gerek.
– Men seniň bihal däldigiňi bilýärin-ä! Sen soltan Mahmyt
Gaznalydan – beýik soltandan pataly gyz! Sen hökman baý
bolarsyň.
Altynjan daýysynyň bu sözüni halamady:
– Men baýlygy başyma ýapaýynmy?
– Ýegençäm, beýle diýme. Baýlyk – uçar ganat! Baýlyk –
samsam gylyç! Baýlyk – Hudaýyň ýardamy, ol hökmürowanlyk!
– Men sizi baýlykdan beýik hasaplaýaryn.
– Wa, ýegençäm, baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk
bolmasa – Alla ýardam bermese, maksadyňa ýetip bilmersiň.
Baýlyk ýok ýerinde mertebe-de ýok.
– Daýy, ýalňyşýarsyňyz. Meniň baýlygym ýok, ýöne özümi
mertebeli11 duýýaryn.
Tümen beg Altynjanyň kejirligini halamady, biraz dymyp,
toşaňly dillendi:
– Ýeri, esasy gürrüňe geçeli.
– Hyzmatyňyza taýýar men, daýy.
85
– Meniň häzirki aýtjak sözümi sen hiç kime aýtmaly dälsiň.
Eneňe-de aýtmaly dälsiň. Hiç kime!
– Hiç kime aýtmaryn diýip öň aýtdym-a, daýy.
– O gürrüňimiz hasap däl. Ant iç!
– Hökmanmy?!
– Hökman!
– Hezreti Günden ant içýärin! Enemiň ak süýdünden ant
içýärin: öldürselerem hiç ýerde hiç zat aýtmaryn.
– Indi meni ünsli diňle. Ýene sähel salymdan şu ýere altmyş
düýeden ybarat bir kerwen geler. Ol düýeleriň ýüklerini howla
düşürerler. Kerwen gidip, mirşepler gelen ýükden ünslerini so­
wanlaryndan soň, ähli kişiden nahan ýigrimi düýäniň ýüküni –
kyrk haltany seniň şebistanyňa getirmeli.
– Şu ýerikmi?
– Şu ýere!
– Näme üçin?
– Seniň ýatan sypaňyň aşagyny gazyp, çukur edip, şol çuku­
ra şol haltalary gömmeli.
– Köp wagtlap durmaly bolarmy?
– Belli däl.
– Uzak wagtlap dursa, haltadaky zatlaryňyz çüýremezmi?
– Tylla, lagl-jowahyr, gymmatbaha daşlar çüýräpdir diýip,
heý, eşitdiňmi?
– Ýok, eşitmedim, gymmatbaha daşlar çüýremeýär.
– Mesaýkysy, öz sowalyňa özüň jogap berdiň. Öz beren joga­
byň bilen kanagatlanjakmy ýa şerribasy bilen gürrüň bereýinmi?
– Wa, daýy, onça-da bir baýlyk bolarmy?
– Howlukma, onça baýlygyň bolýandygyny-bolmaýandy­
gyny içeri getirenlerinde görersiň.
– Men näme edeýin olary?
– Hiç zat etme.
– Meniň wezipäm näme?!
– Gorap saklamak.
– Soň?
– Soňuny soň göreris, arkaýynçylykda gürleşeris.
– Babam näme diýer?
86
– Babaň hiç zat bilmeli däl. Men onuň bilen ýüküň geljekdi­
gi hakda eýýäm gürleşdim.
– Ol bilýärmi?
– Ol diňe kerweniň ýarygije geljekdigini bilýär.
– Kerweniň ýüki bilen gyzyklanar-a ol?!
– Elbetde. Goý, gyzyklansyn. Men ähli zady oýlandym. Seniň
sypaňyň aşagyna gömjek-gizlejek bolýan kyrk halta tyllamyz hak­
da diňe ikimiz bilýäris. Başga hiç kim bilenok. Mysaýkysy, meni
diňle! Esasy ýük ýigrimi düýede. Galan kyrk düýedäki ýük esasy
ýükden göreniň gözüni güýdüşdirmek, ünsüni sowmak üçin
gerek. Mysaýkysy, kerwen Arsahuşmisenden gelýär. Onuň için­
de temençeden başlap, kündüge çenli bar. Kumaç bar, ýüpek
bar. Hurma bar. Owadan gap-gaçlar bar. Adyny tutan zadyň
bar. Häzir kerwen geler. Mirşepler ýükleri düşürmäge ýardam
bererler. Bilýärin, Abdylmälik hem gelip ýüke sereder. Soň gi­
der, ýatar. Mirşepler hem ýüküň ýanyndan giderler. Daň atyp
ugramazyndan sähel öň meniň oglanlarym nahanlyk bilen kyrk
haltany şu ýerik getirer.
– Enem görer?!
– Eneňi rahatlandyrmak seniň işiň. Onsoňam haltalary ge­
tirenimizden soň sen eneň ýanyna gidip ýat. Sebäp bu ýerde ra­
hat uklap bilmersiň.
Böwrüne biraz salym diň salyp duran Altynjan kesgin gür­
ledi:
– Aýdyşyňyz ýaly ederin.
– Senden tamam hem şeýle.
– Daýy, kimdir birini taladyňyzmy?
– Ýok, talamok.
– Onda bu baýlyklar kimiňki?!
– Men saňa düşündireýin, ýegenim. Bu baýlyk talaňçylyk
bilen gazanylan baýlyklar däl. Bu baýlyklar – babam Tahyr Af­
rasýabyň maňa galdyrýan mirasy. Zamana parahat bolan bolsa,
onda bu baýlyk­lary bu ýere getirmesem-de bolardy, ýöne ertirki
güne ynamym ýok. Şonuň üçin häzirki döwürde bu baýlyklary
öýde saklamak örän gorkuly. Iki gezek meniň hem babamyň
öýde ýok­lugyndan peýdalanyp talaň etjek, ogurlajak bolup
synanyşdylar. Üçünji ýa dördünji synanyşygyň şowly bolmagy
87
mümkin ahyryn! Men bu baýlyklaryň ogrulara, kellekeserlere
şam bolmagyny islämok. Onuň üstesine-de, meniň kastyma çy­
kanlaram köp. Näme üçin? Sebäbi men ogrulara, kellekeserlere
geçirimlilik edemok. Olary rehimsizlik bilen jezalandyrýaryn.
Şonuň üçin hem men bu baýlyklary saňa tabşyrýaryn. Ýalňyz
oglum Anuşirwany-da saňa tabşyrýaryn. Eger meniň başyma
bir ýowuz kysmat düşse, mysaýkysy, ölsem, sen meniň oglum
Anuşirwana eýe dur. Ony hiç zada hor-zar etme. Ýegenim, sen bir
zady bek bil: seniň daýyň Tümen beg Allatagalanyň beren ömrü­
ni halal ýaşady. Ýeke gezegem haram iýmedi, çagasyna-da haram
iýdirmedi. Daýyň babatda seniň, oglum Anuşirwanyň, nesip bol­
sa, hiç ýerde ýüzi gyzmaz! Men sebäpli aýagyňyza tiken batmaz!..
– Size hiç zat bolmaz, daýy. Halal adamlary Alla goraýar.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin, ýöne Allanyň haramylary goran
gezek­lerini hem kän gördüm men. Men Allanyň özüme eçilen
kysmatyndan müň keren razy. Men özümi bilip merdi-merdana
ýaşadym, haýra ýaran, şere galkan bolup ýaşadym. Ejize ýaran
boldum, haýyr işleriň ugrunda gezdim. Şere garşy darkaş gur­
dum. Şerbazlaryň ýüzüne durdum, ýüregimdäkini aýdyp, islä­
nimi edip ýaşadym. Sen entek ýaşawa, wagty gelende, bu dünýä­
de ýüregiňdäkini aýdyp, isläniňi edip ýaşamagyň nähili manyly,
eşretli hem kyn zatdygyny bilersiň. Mysaýkysy, bu dünýä geldiňmi,
adam diýen ada mynasyp bolup ýaşamaly. Goý, adamlaryň saňa
gözleri gitsin – ine, durmuşyň manysy şunda!
– Men size guwanýaryn, daýy! Siz näme etmegi buýursaňyz,
buýrugyňyzy gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin.
– Häzir meniň üç sany jansyzym çukur gazmaga girişsin.
Tümen beg daşarda garaşyp duran üç sany jansyzyny ýany­
na çagyrdy. Jansyzlar içeri girdi. Tümen beg olara etmeli işlerini
pyşyrdap düşündirdi.
Jansyzlar işe girişdiler: sypany duran ýerinden süýşürip, çu­
kur gazmaga başladylar.
***
Kerwen geldi.
Ýüki howlynyň ortasynda düşürdiler.
88
– Ertir günortan alyp gitjekmi? – diýip, egnine çuha – çäk­
men ýelbegeý atynan Abdylmälik han Tümen bege ynamsyzlyk
bilen ýüzlendi.
– Hökman, hökman äkitmekçi. – Tümen beg ýantgap gürledi.
Altynjan daýysynyň bu sözüne çalaja ýylgyrdy. Sebäbi ol ertir
gidilmejekdigini bilýärdi. Bu gije çukur gazyp gutarmazlar, ertir
hem gazmaly bolar. Çukurdan çykan gumlary haltalara gapgar­
maly. Kyrk halta gumy gündizlikde daşaryk çykaryp bolmaz. Ony
gije çykarmaly bolar, howlynyň ortasyndaky ýükleriň içine eltip
goýmaly. Bu işleri erte agşam, ýok, erte ýarygijeden soň etmeli
bolar. Kerwen birigün ýola düşer. Kerwen bilen daýysy gidermi?
Megerem, birki gün Zamahşarda galsa gerek. Eden işiniň nähili
ýagdaýdadygyny anyklamasa, rahat ýatyp-turup bilmez-ä ol.
Aýallar özleri babatda däl-de, başgalar babatda duýgur,
juda duýgur bolýar. Hajar hatyn gyzynyň içki harasadyny der­
rew duýdy:
– Gyzym, sen öňki Altynjan-a däl. Bir ünjiň bar seniň. Men­
den gizleme, gyzym, aýt.
– Ýok, ene, meniň hiç hili ünjim ýok.
– Sen menden bir zad-a gizleýärsiň?
– Gizleýär, gizleýär, hatyn. Melikämiň näme gizleýändigini
men bilýärin – diýip, Gülýüzli ýylgyrjaklady. – Uzak gije ukla­
mady...
Wah, Gülýüzli görgüli öz melikesiniň düýş görendigini, ýakyn
wagt yşka uçrajakdygyny, maňlaýynyň açyljakdygyny, bir janymak
gerçege göwün berjekdigini aýtmakçydy. Şeýdibem hem Altynjanyň,
hem Hajar hatynyň göwnüni awlamakçydy. Haýp, ýetişmedi. Altyn­
jan daýysy bilen baglanyşykly syryň üstüniň açylmagyndan gorky
edip, akgyzyň üstüne ýaraly ýolbars deýin arlap atyldy.
Adam bu dünýäde ýaşap ýörse, her hili zady görýär, her hili
ahwalatlaryň üstünden barýar. Käte görmeli däl zatlaram görýär.
«Wah, şol pursady görmedik bolsam gowy bolardy» diýip, ahmyr
edýär. Gülýüzlüniň düşen kysmatyny-da görmedigiň, eşitmedigiň
gowy. Bu hakda däl-de, başga-başga zatlaryň gürrüňini edeniň
ybaly. Şonuň üçin Altynjanyň akgyzyň üstüne nädip özüni
zyňandygy hakda-da hiç zat aýdylmasa gowy boljak. Edere başga
gürrüň kän ahyryn.
89
Mansur gapydan uzynly gün howlynyň içinde doňuz diňini
salyp geçirdi.
– Bir ýerden ses çykýarmy ýa meniň göwnümemi? – diýip,
Mansur ýüküniň ýanynda duran Tümen bege birki gezek sowal
berdi.
– Men-ä ses eşidemok. Hatynlar eşitgir bolýar. Altynjan, sen
ses eşidýärsiňmi?
– O nämäniň sesi? Men-ä eşidemok.
– Size bir zad-a bolýar. Ýüzüňizem-ä duw-ak. Janyňyz beri sag­
my siziň?! Altynjan, Mansur daýyň ýüzüne seret, öz-ä öňki ýüz däl.
– Dogry, dogry. Mansur daýy, size bir zad-a bolupdyr. Gula­
gyňyza ses eşidilip ugran bolsa, bu gowulygyň alamaty däl.
– Altynjan dogry aýdýar. Biziň diwanymyzda Gaýyp diýip
biri bardy. Şolam «Gulagyma ses eşidilýär» diýip günortana
çenli birki gezek aýtmaga ýetişdi, günortandan soňam neresse
boldy. Biçak gowy ýigitdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun.
– Wa, daýy, şo dag ýaly Gaýyp gaýyp bolaýdymy?
– Wa-daryg-a!.. Wa-hasrat-a!..
– Gülaýym neressäniň hem, Sökmen pälwanyň hem ölmez­
lerinden öň gulaklaryna ses eşidilipdir. Özüňi tebibe görkezäý,
Mansur daýy – diýip, Altynjan halymsyrady. – Ýüzüňizde adam
peşweri galmandyr.
– Golaý-goltumda tebip barmy?
– Bar, bar – diýip, Mansur Tümeniň sowalyna jogap berdi.
– Mansur, saňa hiç zat bolmasyn hernä! Saňa bir bolmasyz
zat bolsa, men-ä gaty gynanjak.
– Menem gynanjak...
Mansur polanyň, dogrudanam, haly perişanlaşyp ugrady.
Öýleden soň ýagdaýy hasam beterleşdi. Ony göterip tebibe äkit­
diler...
5.
Şol günden iki aý soň Arsahuşmisenden habar geldi: Tahyr
Afrasýabyň aýaly – Altynjanyň mamasy agyr syrkaw ýatyr, ol gyzy
Hajary görmek isleýär.
90
Abdylmälik han mundan on bäş gün öň soltan Masut
Gaznalynyň çakylygy bilen jihada gidipdi, yzynda Mansury
goýupdy. Mansur pola Omary baş edip Hajar hatyny, Kabyly,
Habyly, Anuşirwany, Altynjany Arsahuşmisen şäherine ugratdy,
olary Jeýhundan geçirip goýberdi.
Tahyr Afrasýabyň hatyny gyzy Hajar bilen hoşlaşmak üçin
garaşan bolarly. Ol gyzyny görüp, gözünden ýekeje damja ga­
çyrdy. Ýekeje damja! Altynjan gözden çykan sol ýeke damjany
eda bilen syl­dy. Ene dilden-agyzdan galan eken. Şol ýeke damja
enäniň diriliginiň ýeke-täk alamaty boldy. Gije bu dünýä bilen
hoşlaşdy.
Arsahuşmisene Anuşirwanyň hem gelendigini görende Tü­
men beg gaharlandy:
«Sen näme üçin geldiň? Men saňa Zamahşarda gal!» diý­
dim ahyryn! Sen näme üçin meniň aýdanymy etmediň?!»
«Daýy, Anuşirwany men alyp gaýtdym. Sebäbi siz ony maňa
tabşyrdyňyz. Men ony Zamahşarda goýup gaýdan bolsam, bu
ýerde arkaýyn oturyp bilmezdim».
***
Altynjan babalarynda bolup, daýysy Tümeni ilkinji gezek
tukat keşmerde gördi. Öň onuň ýüzi mydama ýylgyrjaklap du­
rardy. «Daýymyň ýylgyrmaýan, gaharlanýan pursady ýokdur»
öýdýärdi. Altynjan daýysynyň gamly keşpde bolmasynyň
sebäbiniň diňe ejesiniň ölümi sebäpli däldigini bu ýerde bolan
onunjy güni bildi. Kakasy Tahyr Afrasýabyň ýanynda:
– Kynyklardan Seljuk ýabgu diýip biri döräpdir. Ol ýogalyp,
onuň ýerine uly ogly Ysraýyl ýabgu bolupdyr. Çägede san bar,
olaryň neberesinde san ýok. San-sajaksyz ýygyn olar. Ak çekirtge
deýin, baran ýerini ýalap-ýülmäp barýarlar. Olardan Gutulmyş,
Tog­rul, Çagry diýip üç sany garadangaýtmaz serkerde döräpdir.
Olar biziň başymyza towky bolup indiler – diýip, Tümen beg odukdy.
– Kynyklar diýip köp eşitdim, ýöne Seljuk ýabgu diýip,
Ysraýyl diýip, Gutulmyş diýip, Togrul, Çagry diýip, men birinji
gezek eşidýärin – diýip Tahyr Afrasýap agyr dem aldy.
91
Altynjanyň zenan bilesigelijiligi örç aldy:
– Kynyklar diňe Dargan sebitlerinde ýaşaýarmy, daýy?!
– Olaryň ýetmedik ýeri ýok. Olar diňe Heýtelede, Horez­
minde däl, Horasanda-da kän. Ýöne biziň başymyzdan towky
bolup inen ganhorlar – kynyklaryň Seljuk neberesi. Nämemiş,
seljuklylary soltan Mahmyt Gaznaly gowy görenmiş. Soltan olara
Balkanda bäş-alty sany welaýaty ykta-başbugluk berenmiş.
– Soltan olary näme üçin gowy gördükä?
– Eşidişime görä, seljuklar soltanyň Mamuny mugyra getir­
megine kömek edipdirler. Olar indi islendik wagty Altyndaşyň
dergähine baryp bilýärmişler, özlerini Altyndaşdan kem gör­
meýärlermiş. Olar gaty okgunly, gije-gündiz ýatanoklar. Özem
olar baran ýerlerinde kelete eýläp, ýakalaryny tanadýarlar,
oňşanoklar. Şeýle bolansoň, olary kowýarlar. Olary başda
Ýaňykentden kowdular. Ýaňykentden gaçyp Jende geldiler.
Jentde Aly patyşa bilen oňuşmadylar. Soň olar gaçyp Buharanyň
Nur welaýatyny mekan tutundylar. Olar bu ýerde-de garahanly
Alytegin bilen oňuşmadylar. Soň bular gaçyp Horasana gider­
men boldular. Ana, şonda-da Altyndaş olara howandar çykdy:
Gauhor, Rabat-Maşe, Şaruhan etraplary12 ykta berdi. Olar diňe
akyn13 bilen gün görýärler, olar diňe barjamly adamlary talap,
tumaýak galdyrýarlar, ellerinden iň soňkuja hepbesine çenli
zomluk bilen alýarlar. Mesaýkysy, men olaryň akynlaryna ýol
bermeýärin, ölerin welin, olary Arsahuşmisene gelmez ýaly ede­
rin. Gaty hüşgär bolmaly, ýogsam köp ogrular, kellekeserler, ga­
rakçylar galp ada dulanyp, etjegini edýärler. Galp ada duwlan­
mak soňky döwür bu ýerde ýoňa öwrüldi. Masudyň adamlary
topar-topar bolup aýlanyp ýörler. «Men soltan Gaznalynyň ser­
kerdesi» diýip, yzyna otuz-kyrk kellekeser tirkäp ýörenem bar.
Alyteginiň adamlaram bar. Şamälik hem bir ýerde duranok.
Mysaýkysy, gara der döküp gazanç etjek bolýan az-az, yzyna bi­
wazy meslekdeş ýygnap, barjamly adamlaryň öýlerini talaýarlar.
Biziň şäherimizde dört sany barjamly adamyň öýi kelete edil­
di. Öýdäki ähli adamlary öldürip, baýlyklaryny alyp gidipdirler.
Beýik Perwerdigäriň izni-goldawy birle, men dört öýi tozduran,
92
adamlaryny öldüren kellekeserleriň ählisini tapdym, tutdum.
Jezalandyrdym. Şu eden işim üçin şäher ilaty maňa alkyş okaýar,
Janahyr pisintler bolsa, maňa ýamanlyk etjek bolýarlar.
– Halwaçynyň garakçylar bilen näme dahyly bar?
– Sen ol ýigrenjini tanaňok. Şäherdäki dört talaňçylygy eden
toparyň biri Janahyr halwaçynyň adamlary eken. Ol toparyň ser­
dary halwaçynyň inisi Dagbaşy bilen Gündiz diýen ogly eken.
– Men Gündizi tanaýaryn. Ol goýun ýaly ýuwaş. Men onuň
iki gezek urup burnuny ganatdym.
– Daşyndan ýuwaş görünýän adamlardan ägä bolgun, ýege­
nim. Meniň ýaly açyk, ýüregindäki dilinde diýilýän adamlardan
gorkup oturmagyn. Olaryň ýüregi arassadyr. Aşa sypaýy, aşa
ýuwaş adamlaryň welin, içi ýylan bilen içýandyr.
– Oglum, sen köp-köp barjamly adamlaryň galplyklarynyň üs­
tüni açyp, olary agyr güne saldyň. Onsoň olaryň saňa geçirimlilik
etmejekdigi düşnükli. Ar almak oguzyň ganynda bar. Olar bu gün
seljuk adyny tuwak edinip, sebitde goh turuzýarlar, aslynda bu
zatlardan seljuklylaryň habarlary-da ýoksa ýokdur – diýip, Tahyr
Afrasýap janykdy.
– Eýsem men olaryň galplyklaryna, edýän pyssy-pyjurlyk­
laryna gözümi ýummalymy, baba?
– Iliň öňüne düşýän kişi biraz kör, biraz ker bolmaly, Tü­
men. Ýogsam saňa rahatlyk bermezler, hyştly köpeler.
– Babam, maňa rahat ýaşaýyş gerek däl! Goý, az ýaşaýyn,
ýöne ýaşanymda ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman diýip ýaşaýyn.
***
Altynjan dagynyň Arsahuşmisene gelen ýigrimi birinji güni
Tahyr Afrasýabyň mülkünde işleýän adamlaryň ikisi atlaryny
elesledip geldi.
– Mülke Togrul Seljukly çozdy. Onuň adamlary mülkdäki
jaýlary otladylar.
Tümen beg haýdan-haý ata atlandy. Altynjan doganlary
bilen daýysynyň yzyna düşdi. Olar mülke barýançalar garaňky
gatlyşdy. Aramgäh, göz-göz otaglar gyzyl ot bolup ýanýardy.
93
Töwerekde öňden işläp ýören adamlar bolaýmasa, del
adam göze görünmeýärdi.
Tümen beg öz atlylaryna buýruk berdi:
– Kim eden bolsa, tapyp getiriň. Entek uzaga giden däldir­
ler. Ýeriň deşigine girenem bolsa, Asmana uçanam bolsa, tapyp
getiriň!
Her on bäş atly bir topar boldy, olar çar tarapa at saldylar.
Belki, Togrul Seljuklydan uç tapylar?!
Altynjan ýataganyny galgadyp, iki ýana at saldy. Ol bu ma­
hal Tümen daýysyna garşy çykan adamlary uçdantutma öldür­
mek hyjuwy bilen atyny howlukdyrýardy.
– Gözlerinde ot ýakaryn men olaryň! – diýip, ol zol-zol gaýta­
laýardy.
Toparlar dumly-duşa pytrandan soň, demirgazyk tarapdan
ýata­ganlaryň sesleri eşidilip ugrady.
Esli wagtdan soň garaşylmadyk habar aragaraňkylygy ýyl­
dyrym bolup kesip geçdi:
– Tümen begi öldürdiler!
– Tümen begi öldürdiler!
Hiç kim bu habara garaşmandy. Asyl beýle ahwalata Tümen
begiň özem garaşmandy. Bu dünýäde adamyň başyndan garaşýan
zady däl-de, garaşmaýan, asla garaşmaýan zady köp inýär. Bu ge­
zegem şeýle boldy. Tokaýlygyň içinden zompa çykan otuz töwe­
regi atly Tümen begiň toparynyň üstüne topuldy. Megerem, olar
tokaýlygyň içinden Tümen beg dagyny synlap duran bolmaly.
Ähli kişi darkaşyň bolan ýerine eňdi.
– Men Togrul Seljukly! Men entek gözüňize görkezerin siziň!
Bu ses has haýbatly, has wagşyýana ýaňlandy. Özem gaýtagaýta ýaňlandy.
Tümen beg gara gana bulaşyp ýatyrdy.
Ol diridi, ýöne ýagdaýy agyrdy. Endamyna çar ýanyndan
ýatagan sokulypdy. Ýataganyň sokulan ýerlerinden zogdurylyp
akýan gany hiç zat bilen saklap bolanokdy.
Tümen begi şähere getirdiler. Tebip Tümen begi gözden
geçirip, hyrçyny dişledi.
– Edip biljek alajym ýok. Onuň sagdyn ýüregi bar. Ol häzir
diňe sagdyn ýüreginiň hasabyna ýaşaýar. Iň gowusy, hoşlaşyň.
95
Daň atdy.
Tümen begiň töweregindäki başagaýlyk, gaýda-gaýmalaşyk
gal­dy. Adamlar bir gyra çekildiler. Ýakynlary ýeke-ýekeden
onuň bilen hoşlaşdylar.
Tümen begiň ýüzi, öňküsi ýaly, nuranady. Şadyýandy.
Ol göýä peýwagtyna ýatan ýalydy. Onuň ýylgyrjaklap ýatyşyny
göreniňde agyr derdi çekýändir öýder ýaly däldi.
Hajar hatyn bilen Altynjan, Tümen begiň hatyny Şaýürek
gözýaşlaryny saklap bilenokdylar, hünübirýan aglaýardylar.
– Wa-daryg-a! Wa-hasrat-a, daýy, saňa gelen dert maňa gelse
bolmaýarmy? – diýip, Altynjan bagyryp-bagyryp waweýleta eýledi.
Tümen beg çalaja ýylgyrjaklap ýatyşyna pessaý ses bilen
uýasyna ýüzlendi:
– Hajar, ýüksünmän meniň ýalňyz oglum Anuşirwana eýe
duruň.
– Anuşirwanyň depämde orny bolar, doganym – diýip, Ha­
jar hatyn Tümeniň ýanynda aglamakdan ýaňa gözleri gyzaryp,
çişip giden Anuşirwany bagryna basdy.
– Anuşirwan, men seni daýylaryňa, Altynjan daýzaňa
tabşyrýaryn. Şolaryň diýeni bilen bolgun. Bular seni hiç zada
hor-zor etmezler. Mysaýkysy, näçe baýlyk gerek diýseň, Altyn­
jan tapyp berer. Ol seniň baş hossaryň bolar. Unutma, Altyn­
jan seniň baş hossaryňdyr. Men seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy
oňa berendirin...
– Wah, daýy!..
– Dur, dur, aýtma. Men seniň näme diýmekçi bolýandygyňy
bilýärin. Seniň ol pikiriň nädogry – diýip, Tümen beg ýylgyrjaklap
Altynjanyň sözüni böldi. – Altynjan, sen Anuşirwana düşündir,
Beýik Allada bihasap zat ýok. Siz meni gowy görýärsiňiz, men size
gerek, rast Alla sizden meni aýryp alýan bolsa, onda Alla size men­
den has gowy, has peýdaly birini berjekdir. Ýitirmän tapyp bolanok.
Meni ýitirip, meniň ýerime tapjagyňyz menden has gowy bolar.
– Size taý tapylmaz.
– Altynjan, meniň şu sözlerimi, öz aýdan häzirki sözüňi ýene
on ýyldan soň hakydaňda aýlagyn. Ana, şonda daýym weli eken
diýersiň. Meniň weliligim – durmuşy bilýänligim. Aýralyksyz
96
wysal ýok. Men bir zady magat bilýärin: Alla uly ýük urýarmy,
diýmek, ol saňa uly ykbal taýynlaýar. Anuşirwanyň hem geljegi
parlak bolar. Ol, Altynjan, seni-de, ähli ýegenlerini-de öz ho­
wandarlygynda saklar. Men öljegime gynanmaýaryn. Ölsemem,
oglum Anuşirwana bürgüt bolup, ýol görkezerin, bagt görkeze­
rin. Oguz hana gökböri ýol görkezen bolsa, Anuşirwana bürgüt
bolup, men ýol görkezerin. Oglum Anuşirwan, başyňy belent
tut. Gözüň mende – bürgütde bolsun, men seni bagta ýetirerin.
Sen bolsa, öz ýegenleriňe howandar bolarsyň...
Şaýürek hiç zat diýip bilmän sessiz aglaýardy. Onuň gözýaş
döküşini gören Tümen beg kesgit aýtdy:
– Şaýürek, sen Anuşirwanyň, Altynjanyň ýanyndan aýrylma.
Maňa eden yhlasyňy indi bu ikisine et!
Erkek kişiler – Tümen begiň iň ýakyn adamlary Hajar hatyn
dagyny goňşy otaga geçirdiler.
Gün äpet göwresini ýaňy Ýerden göterende Tümen beg dem
almasy kynlaşýan ýaly, bir hokurdady. Bu iň soňky dem eken.
Tümen begiň ölümi Arsahuşmisen şäheriniň ilatyny gy­
nandyrmak gynandyrdy. Çünki beg diňe bir barjamly adamlaryň
däl, ähli garamaýak ilatyň-da çyn hossarydy, howandarydy.
Tümen begi jaýlamaga şäheriň tas ähli ilaty diýen ýaly geldi. Go­
laý-goltumdaky obalardan-da geldiler. Tümen begiň üýtgeşik adam,
beýik muhtasyp bolandygy barada aýtdylar. Altynjan adamlaryň
arasynda bolup, daýysy bilen baglanyşykly köp-köp gürrüňleri diňledi.
– Wa-hasrat-a, babam bu mahal soltan Masut Gaznalynyň
ýöri­şinde-dä, ýogsam ol daýyma kast eden nejisleri hökman ta­
pardy, olary hökman jezalandyrardy.
Altynjanyň aňynda diňe bir pikir bardy: Tümen beg üçin
ar almaly. Hökman ar almaly! Özem ary Abdylmälik han däl-de,
Altynjan almaly!
Altynjan özüniň bu pikirini ilki akgyzy Gülýüzlä aýtdy.
Gülýüzli bu pikiri oňlamady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn I - 07
  • Parts
  • Altynjan hatyn I - 01
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2038
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2065
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2119
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2117
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2037
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 1970
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2111
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2067
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1951
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1875
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2076
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2010
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2051
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1968
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 1914
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2070
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2077
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2196
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1961
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2108
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2030
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 1984
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2069
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Total number of words is 3417
    Total number of unique words is 1991
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Total number of words is 102
    Total number of unique words is 82
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.