Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19

Total number of words is 3785
Total number of unique words is 2138
31.8 of words are in the 2000 most common words
48.0 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol gyz indi bireýýämden bäri özge bir gapyny açyp-ýapýar.
Bu gün-erte sary esgi salynjak bolup ýören aýal. Ol hemişe
onda-munda gabat gelende, Aganazarly günleri Amangül
ejäniň ýadyna salýardy. «Wah... näme üçin şol wagt bulary
bir-birine duşuryp jüp etmedimkäm? Şeýdäýen bolsam, hiý
bolmanda, göwün aldarlygym, agtyjagym-a bolardy. Ýeke
özüm, beýdip gugaryb-a oturmazdym» diýip, oýlanmagyna
sebäp bolardy.
Amangül eje Aganazary ýola salanda, «Gullugy gutaryp
geldigi öý-işik ederin» diýen pikir bilen ýola salypdy.
Aganazaryň ilki-ilki «Gulluk edip ýörün» diýen habary
geler durardy. Bir ýyldan soň, «Meni komandirlik okuwyna
iberdiler» diýen haty bir salym geldi. Uruş başlanandan soň,
onuň hatlary göz-görtele gysgaldy. Şeýle-de indiki gelýän
hatlar arkaýynçylykly günleriň hatlaryna düýbünden
meňzemeýär diýen ýalydy.
Bir gije ol işden gelip, ýerine girip ýatmakçy bolup
otyrka aý aýdyňa bir oglanjygyň ýoda bilen ligirdäp öz öýüne
tarap gelýänini gördi. Ol ýeke aýak poçtalýonyň hemişe özüne
derek oba aýlanyp, hat paýladýan oguljygydy. Şol arada, hoş
habara garaşyp, indi telim wagtdan bäri sandygyň bir
böwründe ýatan iki düwür şahanabat Amangül ejäniň ýadyna
düşdi. Ol sandygy açyp-ýapyp başyny göteren mahaly
oglanjygyň elindäki hatyň iç işikde galgap ýatanyny,
oglanjygyň bolsa aýak aldygyna ylgap, öz öýünden daşlaşyp,
gaçyp barýanyny gördi. Bu hat düýbünden Aganazaryň
hatlaryna meňzemeýän del bir hatdy...
310
Aganazar barkan, sary esgi salnyp galanyny ýatlap, ol
soň-soňlaram telim gezek şükür etdi. Ýogsam, Aganazara
garaşan bolsa, ol başyndaky sary esginem atynyp bilmejek
ekeni.
Ol hemişe şu zatlar barada pikir edenden soň: «Häý,
petigara, şol wagt munuň şeýle boljagyny syzan eken» diýip
ýüregine käýinerdi.
Amangül eje uzak ýaşady. Müň aýy gördi. Ol özüniň uzak
ýaşap, oglunyň juwanamerk ölümini kimdir birinden däl-de,
öz akylynyň ýetmeýän bir gudratdan gördi: «Meniň ýeke
dikrarymyň janyny öçürip, onuň ýaşamaly ömrüni meniň
sanalgyma goşup sanaýandyr şol» diýip oýlandy.
Ýöne ýere il-gün diýilmeýän ekeni. Il Amangül ejäni
özüniň şatlygyndan-gaýgysyndan çetde galdyrmady.
«Aganazaryň enesi, baryp bäbegimizi bir çileden çykaryp
berseňiz!», «Aganazaryň enesi, biz gelin edinmekçi,
sähedimizi belläp beriň!». Şuňa meňzeş aladalar bilen
töweregiň aýallary häli-şindi gelip, onuň gapysyny açardylar.
Obada zenan maşgala ýogalanda, hemişe ony suwa tutýan
dört aýalyň birisi hem onuň özüdi.
Aganazary aldyraly bäri, onuň üçin ölümiň jinnek ýaly-da
manysy ýokdy.
Ol käte oturyp, öz ýagdaýyndan çen tutup: «Ýene-de iliň
hyzmatyna üç-dört ýyldan köp ýaramasam gerek. Onýança
ýer menem abraý bilen özüne alaýsady...» diýip oýlanardy.
Hemişe bolşy ýaly ýene-de onuň çaky çykmady. Obada
maşyn köpeldi, motorly köpeldi. Gerekli adamlar ýene-de
onuň agramy bardyram öýtmediler. Her aýda berilýän on
iki manat pensiýa göz dikip garaşmaly bolmady.
Ol segsenden geçen ömründe bary-ýogy bir gezek baryp
kolhoz başlygynyň gapysyny açdy. Oturan jaýyna ýagyş
geçýänini aýdyp, ondan şifer sorady. Ýöne şol gezek ýüzüni
eline alyp edara jaýyna baranyna, ol soň ömri ötýänçä ökünip
gezdi. Başlygyň sözi şonda diýseň minnetli eşidildi.
311
- Näme, sen entegem ýaşajak ýörjekmi?
- Nädeýin, alanok...
Oglunyň hatyrasynyň depelenmegine sebäp bolanyna, ol
puşman ede-ede aňyrsyna çykyp bilmedi. Aganazaryň
gözünde galan nazary oňa närazy seretdi:
«Ene, sen şiferi nätjekdiň-ä? Ykbal şiferli jaýda ýaşatjak
bolsa, meni beýdip irgözinden ýygnarmydy nä? Ata-babamyz
gara öýde ýaşap geçipdir, ýaşaber!...» Bu ýagdaý ýada
düşende, Amangül eje käte oturyp, özüni kolhozyň edara
jaýyna äkiden aýaklaryna gargardy. Özüni göz öňünde tutup:
«Erkekler saňa ýöne ýere heleý» diýmeýän eken. Bir ýerde
bolmasa, heleý bolaňsoň, şeýdip bir ýerde heleýlemeli-dä.
Ýeri, seniň kontorda nä görüň bar...» diýip, öz-özünden ar
alardy. Başlygyň sözi bilen işi deň çykmady. Odun gerek
wagty onuň iberen maşyny işigine münder edip odun düşürip
gitdi. Jaýyňam depesini bir gün başlygyň iberen ussalary
gelip, nem syzmaz ýaly edip gitdiler.
***
Amangül ejä hemişe: «Işiň ileri!» diýen il içinde kän
gaýtalanýan söz «Işigiň ileri» bolup eşidilerdi. Sebäbi onuň
ilersinde Ogulbibi eje ýaşaýardy. Her gün ol ir bilen oýanyp
bildigi Ogulbibi ejäni ýatlap, çoýun peje ot salmak bilen
bolardy. Onuň tüýnüginden tüssäniň göterilmegi goňşular
üçin garrynyň sag-salamat örendiginiň alamatydy.
Sähel bir gün ol bir sebäp bilen ot ýakmaga gijä galaýsa,
Ogulbibi eje gelip: «Aganazaryň enesi, turduňyzmy?» diýip,
onuň gapysyndan garardy.
Ogulbibi eje öz gara güzerany bilen gydyrdanyp ýören
zenandy. Onuňam öňünde urşuň uly müýni bardy, adamsy
Sähetdurdy fronta gidip, gelmedikleriň biridi.
Ýyllar, gara günler iki goňşyny has-da ysnyşdyrdy.
Ogulbibi ejäniň gyzy bilen ogly salyhatly-sarpaly, maşgalaçyl
312
adamlar bolup ýetişdiler, obada gowynyň gürrüňi edilse,
hemişe ilki ýatlanýanlaryň biri Ogulbibi ejäniň maşgalasydy.
Olara düşen gelnem alçak, süýji dilli, biş-düşi eliniň
ujunda oňarýan bolup çykdy. Ol käbir gelinlere meňzäp, iki
garryny köpürgenmedi. Gerek bolanda, olaryň çaýlaryny
demläp öňüne goýmagy-da, olardan keçe gülläp, ýorgan
köpemegi öwrenmegi-de özüne kemlik bilmedi.
Ine, şeýdip on ýyl geçdi, ýigrimi ýyl geçdi... Amangül
eje Aganazaryň oduna ýanyp ýaşamagy ýene-de dowam
etdirdi.
Köp gezek garyndaşlar toýlarynda oňa ak hasa sowgat
etdiler. Amangül ejäniň ak hasa salynmak, bagtly bolmak
arzuwy är ömürden bäri gursakda baram bolsa, ol bu
hasalaryň hiç birisini salynmady. Beýtmek, onuň göwnüne,
ýerliginde ýok bagty bar edip görkezjek bolýana meňzeýärdi.
Ak hasa zenan maşgalanyň ogul-gyzlydygynyň, agtyk
görendiginiň, abraý bilen düýnüň dowamyny süňňünden
geçirip, ertire goşandynyň alamaty. Ak hasa - munuň özi
bagt...
Ençeme ýyllaryň dowamynda berlen hasalar şeýle bir
köpeldi welin, onuň uruş döwri boşan sandygyny doldurdy.
Ol özüne hasa salýan öýleriň öz synyk göwnüne delalat edesi
gelýänini bilýärdi. Munuň öz saklap oturan ojagynyň
hormatydygyna-da düşünýärdi. Ýöne ak hasa salynsa, kimdir
biriniň nazarynyň: «Sen nä günüňe ak salyndyň?» diýip
ýaňsyly seredäýjek ýalydy...
Amangül eje gyşyň başky ýagyşly günleriniň birinde jan
berdi. Ir bilen Ogulbibi eje gelip gapyny açan mahaly onuň
agşamky «Kelläm agyrjak bolýar...» diýip, alyp gaýdan
dermanyny gysymyna gysyp, dem-düýtsüz ýatanyny gördi.
Şonda Ogulbibi ejäniň Amangül ejä: «Aganazaryň enesi!»
diýip ýüzleneniniň iň sonky gezegi boldy.
Amangül ejäniň jaýlanan güni, obadaşlary ony ak salnyp
bilmän, armanly öten zenanlaryň hataryna goşup ýatladylar.
313
***
...Ak ýelkenlije gaýyk ýüzüp, ses ýetime gelen çagy
men öz ýanymdan ol kenara gelse gerek diýip oýlandym.
Bir salymdan onuň oýtarlap, saga - Günüň batar ýerine
ýüzüp barýany belli boldy. Ony golaýa getiren tolkunlar
ýene-de ony kenardan daşlaşdyryp äkitdiler. Gaýyk kemkemden gözden ýitip, giňişlige siňip gitdi. Men soňundan
näçe garaşsam-da, ak ýelkenlije şol gaýyk meni ýatlap yzyna
dolanyp gelmedi...
314
BERDI JEDELIŇ ATY
Nyşan aga bilen men Kislowodskiniň Narzan galereýasynyň öňünde tanyşdym. O-da bu ýere ýüreginiň aladasyny
etmäge gelen ekeni. Garaýagyzdan gelen dolmuş, başy
könelişip ugran şlýapaly togalak adama men onuň
gürrüňlerini diňläp höwrügdim. Ilkiler ýekeräk giden
ýerlerime hem soňra onuň bilen bileräk gidäýenimi kem
görmedim.
Biz öz bolýan «Oržanikidze» sanatorimizden şäheriň
ortasyndaky Narzan galereýasyna her gün günorta
naharyndan soň biraz dynç alyp, pyýadalap gürleşip giderdik.
Yzymyza gaýdanymyzda bolsa duralgada garaşyp, ýörite
taksi bilen dolanyp gelerdik. Maňa galsa-ha, şeýle gowy
gürrüň bolsa ol ýerdenem pyýadalap gaýtjak-la, ýöne Nyşan
aga: «Pyýadalap ýapy ýokary ýerlere çykybersem, demim
ýetenok» diýensoň nalaçdym.
Şu gürrüňi aýdyp berende-de biz ýoldadyk. Biraz
ýöränimizden soň Nyşan aga öz-özünden «hys» edip başyny
ýaýkap güldi-de: «...Hä, biziň türkmen aga-da, bi munuň
her töwre adamlary bolan...» diýip, meniň ýüzüme seretdi.
- Sen eşiden dälsiň, biz-ä oglanrakkak ol adamyň özünem
görüpdik.
...Onuň bir gowy aty bar ekeni. Biz ony göremzok, ýöne
obada kakam deňi ýaşulular ol atyň gürrüňini köp ederdiler.
Görseň, gadamy gerimli, kellesi kiçiräk, balykbeden bir
owadan, ýöne sygyryp synlap oturmaly atmyşyn. Ol aty
315
taýçanak wagty Berdi jedeliň ogluna bir ýola ejesi bilen
gezelenje mamalaryna baranda babasy inji berenmişin.
Mamasy agtyjagynyň barmajygyny sorýanyny görüpdirde, ony adamsyna-da görkezipdir. O-da agtygyny synlap, oňa
soraýan zadyny, inji bermelidigini duýupdyr-da: «Şol
taýçanak, oglum, seniňki bolsun» diýip, öýüň töwereginde
dabyrap çapyp ýören taýçanagy görkezipdir. Birki aý
geçip-geçmänkä ýaşulynyň ogullary taýçanagy Berdi jedeliň
öýüne getirip gidipdirler. Şeýdibem, Berdi jedel oguljygynyň
arkasyndan gapysy atly bolupdyr. Taýçanak aňyrsy bir ýyldan
aýagulag bolmaga ýarap ugrapdyr. Soňundan ony onuň-munuň
toýunda baýraga çapyp ugrapdyrlar. Aňyrsy iki-üç ýyldan
bolsa ol obada öňüne at geçirmändir. Deň-duşlary: «Berdi,
sen beýle gowy aty nädip ýetişdirdiň?» diýse, ol: «Göroglynyňky ýaly ýerküme gazyp, Gün görkezmän kyrk gün
sakladym» diýip ili gülüşdirýärmiş. Ol at üç-dört ýyl
gazygynyň töweregini depelänsoň, pukararak ýaşaýan Berdi
jedeliň egnini galdyranmyş. Goňşy obalaryň toýlarynda hem
soňabakan onuň öňüne geçen at tapylmandyr. Ilki ugralan
mahaly beýleki atlar bilen deňräk çapýan-da bolsa, pellehana
sesýetim galanda, Berdi jedel bir ýapyrylan ýaly edermiş
welin, ana, onsoň at hemmeleri tozanyna garyp süýnüp
gidibirmiş. Oňa soňra: «Biziň obanyň aty» diýip ýaryş
mahaly obadaşlary janköýerlik edişip ugrapdyrlar.
Berdi jedeliň atyna gözi gidip ony satyn almakçy bolan
pully-mally adamlaram bolupdyr. Ýöne Berdi jedel atyny
özünden başga hiç kime rowa görmändir. Elbetde ilçilik, onuň
atynyň söbügini basyp pellehana gelýän, onuň at-abraýyna
bäsdeşlik edýän atlar obada başga-da birdir-ikidir bolupdyr.
Has-da Nurjuma atly bir ýigidiň demir gyr aty onuň bilen
irginsiz bäsleşipdir.
Oba adamlarynyň arasynda «Ýene birki ýyldan bu at
jedeliň atyny tozanyna garar» diýýänler-de bar ekeni. Berdi
jedel bolsa «Nurjumaň aty ýene birki ýyldan däl, on ýyldanam
316
meniň atymyň yzyndan ýetip bilmez... » diýip, olar bilen
eňekleşer ekeni.
Berdi jedeliň «jedel» lakamyny almagyna-da hut şu atly,
baýrakly gürrüňler sebäp bolupdyr. Ol gazy-haşar işlerine
gidilen wagty hem atyny ýanyndan goýmaz ekeni. Ony
golaýynda örkläp, otuna-suwuna seredip, şeýle gowy atynyň
bardygyna öz ýanyndan begenip gezer ekeni. Bir gezek Gara
mirabyň: «Haý oglanlar, ýetişiň, at gidendir how» diýen sesi
gazyçylary ýabyň raýşyna çykarypdyr. Görseler Berdi jedeliň
atyna gözi gidip, amat peýläp gezen ogrularyň birisi ony
münüp, jylawyny deňläp baýra bakan tutduryp barýarmyşyn.
Haýal etmän atly adamlaryň birnäçesi onuň yzyndan
kowgy bolup gidipdirler. Berdi jedeliň özi-de biriniň atyny
münüp, olaryň birisi bolup gidipdir. At ogrusy bu ýerli däl
bolarly. Ol ýol yzarlap, onuň egrisini egri, dogrusyny dogry
basdyryp gaçypdyr. Şonuň üçinem gönüläp kowan ýola belet
kowgular, ol bir düz meýdana ýeten mahaly arany has
ýygrypdyrlar. Has-da Nurjumanyň demir gyr aty ony özge
kowgulardan saýlanyp kowupdyr. Berdi jedele soňabakan ol
indi öz atyny kowup alarly bolup görnüpdir: «Ol Nurjumanyň
aty meniň atymy kowup ýetäýse, muny oba üýşüp gürrüň
eder» diýip, öz mertebesi hakynda şübhä gidip ugrapdyr.
Şol barmana-da, kimdir biri onuň ýüzüne: «Seniň şol öwgüli
atyňy, ine, häzir kowup ýetýäs» diýen manyda gyjalatly
seredibem goýberenmişin. Berdi jedel atynyň yzyndan ýetilse
özi bilen deň-deprenişip jedelleşýän adamlaryň soňundan:
«Äý, sen goýsana, atyňy öwme, seniň atyňy-ha kowup
yzyndan ýetse-de bolýar...» diýip, şu wakany ýatladyşyp,
özüne ýeň berilmejegini ýatlapdyr.
Bu bolsa onuň özündenem ileri görüp apalap ýören
mertebesine howp salypdyr. Ol ýapyrylyp at çapyp barşyna,
birdenem: «Haý, zaluwat ogry, penjäň bilen kak atyň sag
gerşine, pellehana golaý gelnenini duýdur!» diýip,
janköýerlik edip, aty has tijenip çapmagyň wagty gelenini
317
aýdyp, gygyryp goýberipdir. At ogrusy onuň diýenini edipdir
welin, şundan soň onuň alyp barýan aty sapandan sypan ýaly
bolupdyr-da, yzyndan ýetip gelýän goh-galmagally
kowgulary tozanyna garyp gidipdir. Tizden indi onuň
yzyndan hiç bir kowgynyň ýetmejegi kowguçylara belli
bolupdyr. Kowguçylar at başyny çekipdirler. Berdi jedel
garasuw bolan atynyň üstünde oturan ýerinden: «Dogry-da
walla, Aty kowup ýetmek hara gelişmez» diýip, aýtmadymmy
näme? Meniň atym bu atlaryň çaky däldir» diýip,
göwnühoşluk bilen töweregine seredip keýpihon ýylgyrypdyr.
318
ÇÖL KANUNY
Gyzyl goşun otrýady düýn özüniň onlarça esgerini pida
berip, Garagumuň jümmüşinde bolan söweşden dolanyp
gelipdi. Şondan bärem gyzyl esgerler öz komandirleriniň biri
Semýon Platonowy at ýatagynyň gapdalyndaky garaňkyja
jaýjagazda gulp astynda saklaýardylar.
Ol söweş bolan ýerde, öň özüniň ýüzbe-ýüz durşup atyşan
duşmanlarynyň birini öz eli bilen hormat edip jaýlapdy.
Ýoldaşlary onuň gözlerinden togarlanan iki damja gyzgyn
gözýaşyň çägäniň üstüne damyp gara nokat bolanyny hem
görüpdiler. Hut şonuň üçinem, komissar gele-gelmäne ony
ýaragsyzlandyryp, duşmana rehimdarlyk eden adam
hökmünde tussag etdi.
Semýon Platonowyň tussaglygy tussag bolan güni däl-de,
şol günüň ertesi irden başlandy. Düýn ol ýadawdy, uzak ýol
süňňüni bogun-bogun söküpdi. Onuň hiç zat barada
aladalanasy-da gelenokdy, oýlanasy-da. Aýagyny uzadyp, bir
ýerde ýatsa razydy. Ol hütdüjek jaýyň burçundaky pahaly
ädiginiň burny bilen seçişdirensoň pahal düşegiň üstünde
gyşardy. Ir ertir, oýanan mahaly ol ýene-de düýnki söweş
meýdanynda bolan wakany ýatlap, öz eden hereketlerini
aňynda saldarlamaga oturdy...
***
Jüneýit hanyň goşunyndan bölünip gaýdan bir toparyň
Tejen etrabyna gelendigi baradaky habar Mara ýeten mahaly,
Maryda ýolbaşçy işgärleriň gyssagly maslahaty bolup geçdi.
319
Maslahat uzak çekeleşmän, «Merkeze sala salmaly
hem-de hüşgärligi artdyrmaly» diýip, gysgajyk netijä geldi.
Bu ýagy ýöne-möne ýagy däldi. General Galkin bilen bolan
söweşden bäri at üstünde «möjek ýaşaýyş» edip ýören,
içinden ýalyn öten ýagydy. Häzirki ondan bölünip gaýdan
bu bölegiň maksady Marynyň üsti bilen Pendi welaýatyna
aşyp, ondanam aňyrlygyna Owganystana - Balamurgap
töwereginde jemlenen türkmenleriň arasyna özüni atmakdy.
Jüneýit hanyň aýry-aýry toparlara bölünip, göze-başa
düşmezden, dürli ýollar bilen serhetden aşmak meýliniň
barlygy, ýol ugruna bolşewiklerden dowul alyp, çöle çykan
adamlaryň hasabyna hem öz sapyny berkitmegi göz öňünde
tutýandygyny Maryda bolan maslahat belläp geçdi.
Olaryň gonup-göçäýmegi mümkin hasap edilen guýularyň töweregine gözegçilik etmek bellenildi. Ýörite ýanyna
ýolbelet goşulan toparlar döredildi.
Semýon öz topary bilen iki gün ýol ýöräp «Kyrkgulan»
guýa ýeten mahaly, jokrama günortandy. Iňlär siňeksiz
töwerek çolady. Agyr ýol atlary horlapdy, has-da bili giden
alaşalaryň eňkamy agyp, gözleri çylpyklapdy.
Esgerler guýy suwundan gereklerini edinensoň, onuň
üstüni ýene-de öňküsi ýaly edip çöp-çalam bilen ýapdylar.
Soňundanam Semýonyň görkezen ýerine - alaňlaryň arasyna
çekilip ymykly ornaşdylar. Bu ýeri guýyny dürbüde ýakynyňa
getirip synlamak üçin amatlydy. Ýolbelediň aýtmagyna görä,
bu jelegaýda «Kyrk gulandan» özge ýerde süýji suwly guýy
bolmaly däldi. Şonuň üçinem bosgun şu öwrä sekäýse, onuň
ýoly «Kyrkgulandan» sowa geçmeli däldir. Guýynyň
töwerek-daşy tegelenip oturan tekizlikdi. Tekizligiň gutaran
ýerinden ýene-de beýikli-pesli adaty çöl görnüşi özüni dowam
etdirýärdi. Bir süri düýegeriş alaň bolup, guýynyň töweregine ýaýraýardy.
Atlar durup biraz sowaşansoň, esgerler olary guýynyň
başyna getirip suwlardylar. Soňundanam syzadan ýasan
320
sübseleri bilen guýynyň töweregine düşen yzlary bozup,
gelen ýollary bilen yzlaryna dolandylar.
Semýon esgerleri bilen üç günläp, gündizlerine guýynyň
töweregini dürbüde synlap, üýtgeşik atlylaryň gara bererine
garaşyp oturdy. Gijelerine ýer diňläp, at toýnagynyň
dükürdisini gulaklady. Dördünji gün hem töwerekde düýnki
görnen suratlardan özge görnen del zat bolmady. Şol düýnki
gyrgy bu günem guýynyň depesinde ýaltalyk bilen uçup ýör.
Ol düýn hem Semýonyň pikirini özünde egläpdi. Töwerekde
bir ölen malyň süňkleriniň pytrap, çalam-çaş bolup ýatanyny
hemmeler görüpdi.
Gyrgy şol pytrap ýatan çakyrap ugran süňklerden çylka
etiň ysyny alýan borly. Ol bu günem ürç edip öz aýlawyny
dowam etdirýärdi.
Ilkinji gijedäki şagal bilen bolan duşuşyk diýäýmeseň,
dört günüň dowamynda ýatda galarlyk waka bolmady.
Şagal ilki atlaryň töwereginde bir ýerde uwlady.
Töwerekden hiç hili garaw görmänsoň, ol gohuny has-da
köpeltdi.
Birnäçe wagtdan ol şeýle bir ýakyna gelip uwlady welin,
şagalyň beýle batyrlyk etmegi esgerleri hem-ä geň galdyrdy,
hemem olaryň gaharyny getirdi.
Geň görmezçe hem däldi, şagal mundan ozal gabat gelýän
adam gördügi ot-çöpe siňip ýitmek bilen bolýan şagallara
düýbünden meňzemeýär diýen ýalydy. Ilki bilen Haýrulliniň
çydam käsesi çat açdy. Ol tüpeňine ok sürdi-de, sögünip
şagaldan çenedi:
- Possunyňa ot bermesem bolmady.
- Haýrullin, Haýrullin, bu nä boluş! - Komandiriň
buýruk äheňli dözümli sesini eşitmedik bolanlygynda, ol
şagaly bir oka tabşyrmakçydy. Bu ses nirede oturandygyny
onuň ýadyna saldy. Tüpeň atmak, onda-da gijesine, bu bir
günlük ýola özüniň şu ýerde bardygyny habar bermek
ahyryn. Haýrullin tüpeňini gapdalynda goýdy-da, iki eplenip
21. Sargyt
321
güberilip oturdy. Taranenko sessiz hereket etdi, ol
goşhaltasyny sermenekläp, tut saply paltany alyp, bükdekläp
şagalyň söbügine mündi. Şagal diňe şundan soň rejäniň geň
däldigini aňdy-da, garaňka goşulyp ýitmek bilen boldy.
Gündizlige çykylansoň ker şagalyň agşamky gözsüz
batyrlygynyň sebäbi hemmelere mälim boldy. Esgerler gelip,
şagal küreniniň gapdalynda goş düşürendiklerini gördüler.
Ýeňsede bir ýerde pöwhüldäp tüpeň atylan mahaly, dört
günläp çölde şöwür çeken esgerler gaýtmak aladasy bilen
otyrdylar. Semýon Platonow gije salkynda ýol ýöremegiň
topar üçin amatly boljakdygyny göz öňünde tutupdy. Ol häzir
çal-çul bolup ugran töweregiň ýagşy garaňkyramagyna
garaşyp otyrdy.
Ýol keýpi bolup oturan esgerler hem «atlanyň» diýip,
onuň agzyndan eşidiljek ilkinji talaply buýruga garaşýardylar. Atlar bireýýämden bäri eýerlenip, ýola taýyn edilip
goýlupdy. Tüpeň sesiniň yzysüre bir atly, at segredip
gözýetimdäki alaňa çykdy-da, elindäki tüpeňini bulaýlap
gygyrdy.
- E-eý-eý bolşewik, kelläňe bek bol!
Sonundanam göz açyp-ýumasy salym içinde ol ýene-de
atyny debsiläp gözden ýitdi. Atlynyň bu hereketleri özüne
göwni ýetýän - öz güýjüne masaýynýan duşmanyň edäýjek
hereketleridi. Esgerler ýerli-ýerden duşman bilen atyşyp
ugradylar. Oklar ikarada gaýmalaşyp sykylyk atdylar. Goňşy
guýa habara gitmeli Haýrullin emedekläp baryp bir atyň
üstüne towsup münse-de, ony ýüzin salyp çapmaga ýetişmedi.
Basmaçylaryň atan oky onuň öňüni dolady. Ikinji gezek bu
tabşyrygyň ugruna çykan Taranenkony bolsa duşman oklary
atlaryň ýanyna hem ýetirmedi, orta ýolda saklady. Ähli tama
ýele sowruldy. Duýdansyz başlanan uruş uzak dowam etmedi,
garaňka duwlanyp bukdaklap gelen seleň telpek basmaçynyň
oky komandir Semýon Platonowyň süňňüne hem sarsgyn
berdi. Ol nili gyzan naganyny elinden gaçyryp, abat eli bilen
322
ok degen çignini tutup, ýapydan aşak togarlandy. Ruslaryň
row bolan sögünji bilen, kimdir biriniň ejesine ýetip sögündi.
Bir mahaldan soň ol esger Çaryýewiň özüni bir ýere yzy bilen
süýräp barýanyny gördi. Suw sorasy geldi, ýöne taplap kepän
dili onuň diýenini etmedi. Onuň eden ümüne bolsa
gyssagarada Çaryýew düşünmedi. Ol komandirini bir
çukuryň gyrasyna getirensoň, özi yza çekilibräk ony iterip
goýberdi. Tapan çöp-çalamlaryny onuň üstüne atyşdyrdy.
Şondan soň ýene-de özi bir ýana çekildi-de, duşman bilen
atyşygy dowam etdirdi...
Semýon Platonow gözüni açan mahaly daş-töweregiň
imisalalykdygyny, Günüň özüne seredip lowurdap duranyny
gördi. Boljak iş bolup, apyla-sapyla sowlupdy, düýnki tanyş
gyrgy bu günem hemişeki adaty göterilýän belentligine
göterilip uçup ýördi. Ol aýak üstüne galan mahaly özüniň
bir wagtlar çopanlar tarapyndan guzujyklar üçin gazylýan
körpeçleriň birinde ýatandygyny gördi.
Şeýle körpeçleriň bu töwerekde başga-da birnäçesi bardy.
Sapançasynyň öz ýanynda bardygyny gören wagty ol, bir
tötänligiň özüni halas edendigini bildi. Ogry saly gowşak
diýleni. Çaky, basmaçylar bu ýerde uzak eglenmändirler. Olar
atlary, olja düşen ýaraglary alyşdyryp, gyssagly göterilen
bolmaly. Onuň göreçleri ilki ýarpy göwresini çägeden
çykaryp, hinden çykyp gelýän pyşbagany ýatladyp ýatan
suwgabynda saklandy. Onda bary-ýogy üç-dört owurt
mylaýym suw bar ekeni. Semýon Platonow sägimläp
daş-töweregine aýlanan mahaly, bir körpeje gaplanyp
üstlerine çäge sürlen, öz wepat bolan esgerleriniň üstünden
bardy. Olardan kimdir birisiniň çukura sygmadyk ýalaňaç
aýagy somalyp görnüp durdy. Ol gum sürüp esgeriň aýagyny
çägede gizlänsoň, birsalym näderini bilmän, bolan-goýany
ýatlap, gözüne ýaş aýlap oturdy.
Ol guýynyň başyna gelip suwdan ganansoň, tä bu ýerde
uzak galmagyň özi üçin howpludygy baradaky pikir kellesine
323
gelýänçä, ýarasynyň derdini çekip, atylan bürgüde meňzäp,
bir gapdalda serlip ýatdy.
Goňşy guýularda goýuşdyryp gaýdan ýigitleri barada,
Mary hem ol ýerde galan gelni Polina barada üzlem-saplam
oýlandy. Semýon gün gijigýänçä guýudan sesýetim uzakda
ýerleşen iki alaňyň aralygyndaky jülgä çekilip görer gözden
gizlenip, eglenç etdi.
Gün gijigip, garaňky gatlyşyp ugransoň bolsa, ol guýy
bardyr diýip çak eden tarapyny yzarlap ýola düşdi.
***
Üsti basyrykly gum depeleri Semýon Platonowyň
daş-töwereginde agyl bolup otyr. Şol birmeňzeş, türkmen
öýüne çalymdaş düýegeriş depeler. Üsti adaty çöl tukatlygy
bilen örtülen depeler.
- Heý, bu depeleriň yzy gelmezmikän? - diýip, Semýon
bir alaňyň üstünde dünýäň aýagujuna ýeten adama meňzäp,
aýaklaryny sallap oturyşyna oýlandy: - Indi men ýene-de
näçe wagt şu depeleriň arasynda pyşbaga bolup emedekläp
ýörmeli borkam? Öňümde-de, gapdalymda-da şu depeler.
Ýöresemem süri bolşup yzyma düşüşip ýörler...
Şol gijeki nadara şagal ýadyna düşen mahaly, ol birden
hopukdy. Ony şol gezek esgerlerine ýok etdirmedigine
ökündi. Sebäbi häzir şol şagal Semýonyň hyýalynda özüniň
meýdanda galan läşine tumşugyny sokup, iç goşuny iýip
durdy.
Ýokarda öwrüm edip ýören gyrgyny gören mahaly, ol
ilki öz töwereginde bir janly-jandaryň barlygyna, özüniňem
dünýäde ýeke däldigine begendi. Arkan düşüp ýatyşyna,
gyrgynyň öwrümlerini yzarlap sanady.
Hemişe çöle çykdygy, ol birki gezek, käte-de ondanam
köpräk zemzen bilen pete-pet gelerdi. Zemzeniň özi ýakynda
atly görse, ýat obanyň itine menzäp, hebs edip topulardy.
Uzyn dili bilen monjuk gözleriňiň töweregini ýalaşdyryp,
324
guýrugyny gamçy edinip ýeri saýgylap, topalaň turzardy.
Zemzeniň ojar şahalaryna münüp, Güne çoýunyp-meýmiräp
ýatanyny hem Semýon birnäçe gezek görüpdi.
Ýaňy ýolda gelýärkä hem ol zemzeni birnäçe gezek
ýatlapdy, onuň bilen duşuşmagy - ýüregine düşen ýekeligi
paýlaşmagy arzuw edipdi.
Birsalymdan gyrgylaryň sany köpelip, ikä-üçe ýetdi.
Gykylyk-zenzele köpeldi. Olar kem-kemden pesleşip, ýere
ýakynlaşyp ugran mahaly, Semýona gyrgylaryň her
ardynmasy özüçe bir many bolup eşidildi.
- Gak - aşakda bir läş ýatyr.
- Gak - diri bolaýmasyn!
- Gak - sag gözi meniňki.
- Gak - çep gözi meniňki...
Semýon gara basan ýaly hopugyp ýerinden turdy. Ol elini
somlap, özüniň diridigini, bet niýetliler bilen entekler gidişip
biljekdigini gyrgylaryň öňünde nygtady.
Şundan soň onuň bu ýerde uzak oturasy gelmedi. Bir
salym ýöräp-ýöremänkä hem ol özüniň nireden gelip, niräk
barýanyny unutdy. Haýsy tarapa ýöremek aňsat bolsa,
aýaklary ony şol tarapa äkitdi, şeýle-de bolsa, ol öz ýanyndan,
öz niýet eden guýusyna, şol ýerde goýup gaýdan esgerleriniň
ýanyna barýanyna, olaryň özüne garaşýandygyna ynandy.
Garry adam ýaly oturyp-turup barşyna, ol ýarym gijä
çenli ýykylyp-sürşüp ýol ýöredi. Halys tapdan düşüp, çägäniň
üstüne süýnen mahaly, asmandaky ýyldyzlaryň maslahaty
has gyzyşypdy - jöwheri ýitelipdi. Ol öz tanaýan ýyldyzy
«Uly ýedigeni» ýyldyzlaryň arasyndan gözläp tapdy. Onuň
ikinji bir tanaýan ýyldyzy, o-da Ömrüzaýady. Ömrüzaýanyň
baryp bir wagtlar batyp, ýyldyzlar mähellesini taşlap gideni
ýadyna düşen borly. Semýon ony gözläp, nazaryny
ýyldyzlaryň arasynda gezdirip azara galmady. Üsti
gaýmaklap, sowap ugran çägäni sypalap, biraz oturansoň,
çiň-arkan düşüp uklady. Ol gijäniň bir wagty üşäp oýandy.
325
Töweregiň henizem gijäniň gysby agylynda oturanyny gördi.
Bolup bilse, daňlawuk bolmaly, häzir sag tarapda bir ýyldyz
gözüňi deşip barýan ýitilik bilen lowurdaýardy.
Bir ýerlerden mahal-mahal şemal bilen akyp gelýän it
sesini eşiden mahaly, Semýonyň pikiri durlandy. Ynamy
artyp, ýüregi tiz-tizden urmaga başlady. «Şu öwrede çopan
goşy bardyr, bu üýrýänem hut şonuň goýun itleriniň biridir.
Ýa ol meniň ysymy dagy alyp üýrýän bolmasyn? Hepbeli it
del zady bir günlük ýoldan bilermişin». Onuň ilki hakydasyna
gelen pikir şu boldy.
Sesi yzarlap gelýän Semýon birmeýdan ýöränsoň, çäge
tümmekleriniň arasynda ýitip oturan bir obajygyn üstünden
geldi. Sesýetim gapdalda bir beýigiň üstünde ot ýakylýanyny
hasap etmeseň, oba heniz ukuda ýatyrdy. Oňa bu obada ilki
eli kündükli täret gylmaga çykan soky topbuly aýal gabat
geldi. Ol aýal ilki kimdir biriniň ikindiniň kölegesini
ýatladyp, on-on bäş ädimlikde özüne seredip duranyny gören
wagty biraz eýmendi. Aýak çekip, ýetişip bildiginden doga
sanady.
Eger Semýon ýene-de iki-üç ädim öňe ýöräýen bolsa, onda
bu aýalyň jynssyz gygyryp, töwerege märeke üýşüräýmegi-de
mümkindi.
Semýon gozganmady.
Soky topbuly aýal yzyna dolanyp, öýüne girmäge
howlukdy. Onuň oturan ýerinde unudylan kündük somalyp
galdy.
Iki-üç minut geçip-geçmänkä hem eli bäşatarly dörtgyraň
pyýada Semýonyň öňünde hatdara boldy:
- Kimsiň?
- Suw ber! - Semýon çalgyrt dili bilen bildiginden
patdyk-putduk türkmençeledi. - Men adam, ýara bar, gaty
agyrdy bar.
Dörtgyraň pyýada töwerege aýlanyp, nätanşyň ýekedigine hem-de ondan hiç hili garaw bolmajakdygyna göz
326
ýetirensoň arkaýynlandy. Geýmäge howlugyp, aýagynyň
burnuna sokup çykan çokaýyny düzedişdirip, täzeden geýdi.
- Suw ber! - Semýon öz haýyşyny ikilenç ýene-de bir
ýola gaýtalady. Soňundanam başy aýlanyp ugrany üçin duran
ýerinde aşak oturdy.
Dörtgyraň pyýada gelip, elindäki bäşatarynyň gundagy
bilen Semýonyň bykynyna çalarak hütületdi:
- Tur ýeriňden! Haýýarlyk etjek bolma. Suw içesiň gelse,
iliň çölünde ne körüň bar. Öz ýurduň dar boldumy saňa?
Dözümli ses Semýonyň pikirini durlady. Ol indi ölüme
öz aýaklary bilen gelendigine ynandy. Onuň indiki etjek
zalym hereketlerine garaşdy.
- Oglum, o bende suw soradur, suw ber oňa! - Şol arada
gapdaldan bir ýerden pessaý zenan sesi eşidildi.
Dörtgyraň pyýada yzyna gözlän wagty özünden ynjalman
daş çykan enesiniň gapynyň öňünde duranyny gördi.
- Suw ber oňa, oglum, göni gelen keýigiň iki gözünden
özge günäsi bolmazmyşyn.
- Bu keýik däl, ene. Muňa guduz diýerler.
- Ol kimem bolsa, häzir delalat isläp seniň gapyňdan
gelen adam. Ol seniň myhmanyň boldy, oglum, ejize ganym
bolmaweri! Myhman ynjydan ojakdan döwlet göterilermiş.
Myhmanyň gargyşyny almajak bol. Gargyş alsaň, muramarsyň. Myhmany atasyndanam ileri görmek, türkmen agaň
asyl däbidir, oglum. Özüň bilorsyň-a, ýogsa-da sen onda
ýaşrakdyňam, ýazda Sertahda mal üstündedik. Orazgylyç
agaň öz myhmany üçin, aýmaklar bilen atyşyp ölmedimi
näme?
Enesiniň gepi özüniň hem şol myhmansöýer, gerek bolsa
myhmanynyň üstünde janyny berýän ata-babalaryň
dowamydygyny dörtgyraň pyýadanyň ýadyna salan borly.
Ol ýeňsesini tüňňerdip yzyna dolandy-da, enesiniň ýanyna
baryp, mahal-mahalam Semýona seredip, pyşyrdap gürrüň
etdi. Soňundanam bäşataryny öýe söýäp gelip, Semýony
egnine göterdi.
327
***
Semýonyň getirilen ýeri içi gözedürtme garaňky
ýerkümedi. Sähel ýöreseň, baryp haýsydyr bir zat bilen
süsüşäýjegiň ýalydy. Ýerkümäniň süňňüne ornan çölüň ysy
bu ýerde goýun-guzynyň saklananyndan habar berýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.