Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24

Total number of words is 3747
Total number of unique words is 2121
33.2 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Täze tanşymyz garryja aýal bilen onuň agtyjagyny taksä
mündürip ugranymyzdan soň hem biz öz barmaly ýerimize
gitmäge gyssanmadyk. Köçelerde aýlaň-çaýlaň edip,
töweregiň ýagşy ýagtylaryna, şäheriň ukudan oýanaryna
garaşyp güýmendik. Başagaý bolup ukudan oýanýan şäher
bu ýerde, biziň ýaly obalylaryň ilkinji gözüne ilýän zatlaryň
biridi.
Biz ýene biraz aýlanyp, derwezesi haňlap, açyk duran
seýil baga gelip girdik. Indi ýapraklaryň arasynda süzülip
gelýän maşyn sesleri bu ýerde basyksy eşidilýärdi. Daş-töwerekdäki
ýere gaçan ýapraklaryň arasyndaky akjaryp görünýän
kömelege meňzeş, başly-barat zyňlan doňdurma gaplary öten
agşam bu ýerde agyr märekäniň bolanyndan habar berýärdi.
Biz birsalym häli-şindi şahalardan tänip, biraz howada
galgansoň, gelip ýere düşýän alagury ýapraklaryň gaçyşyny
synlap oturdyk. Ýapraklaryň bolşy täsindi. Olar asmana
göterilen, indem öz keýpine aşyrym atyp oýnaýan kepderilere
meňzeşdi. Töwerek durlanyp, biziň giren derwezämizden eli
uzyn sübseli bir aýal peýda boldy-da, köçäniň ýüzündäki
sargylt çaň sineň ýapraklary bir ýanyndan syryp ugrady.
Şundan soň Güne hem köp garaşmaly bolmady. Gün ilki
belent jaýlaryň aýnalaryna düşüp, gyzylymtyk reňk bolup
göz gamaşdyryjy ýalpyldady. Daş-töwerek öňki-öňkülik bolup
hakyky durkuna geldi.
Men Gülnara bilen tirkeşip, köçä çykdym. Obadan
gelim-gidimiň köplüginden bolsa gerek, şäher meni öz pikir
edişim ýaly nätanyş saýyp geňirgenmedi. Çar tarapymyz
belent başly jaýlar. Ol jaýlaryň arasy bilen gidip barýarkaň,
sen özüňi dag jülgesiniň arasy bilen barýan ýaly duýýarsyň.
Bir ýerlerden süňňi ýumşaşan asfaltyň, onda-munda
bişirilýän çişligiň ysy gelýär.
Öz hat-peteklerimizi tabşyrmaga gelen okuw mekdebimize biz şol gün öýländen soň gözläp tapdyk. Dokumentler
397
kabul edilýän jaýda maňlaý saçy düşen bir adam derläp çaý
içip oturan eken. Ol bizi görüp, öňünde ýatan galyň aýnaly
äýnegi bilen özüniň ýemşigräk burnuny: gaňňalap, soň şonuň
anyrsyndan bize täzeden seretdi.
- Size kim gerek, ýaşlar!
- Biz-ä siziň okuw mekdebiňizde okamaga geldik. Men
Gülnaraň hem ýüzüne seredip gepledim.
- Hany, ilki bir hat-petekleriňizi tabşyryň, okuwam soň
görüberersiňiz-dä - diýip, äýnekli adam meniň sözüme
düzediş berip gepledi.
Men öz dokumentlerimi çykaryp, äýnekli adamyň öňüne
süýşürdim.
- Meni kebşirleýjileri hasaba alýan sanawyňyza goşuň!
- Şeý diýsene, kebşirlejek-dä onda.
- Hawa.
- Şeýle bolsa näme, alaýmaly bor-da onda. Äýnekli adam
meniň uzadan resmi kagyzlarymy birin-birin görüşdirip
oturyşyna, «şeýle diýsene» diýen sözi ýene-de birnäçe gezek
gaýtalady.
Ýöne Gülnara elindäki sumkasyny açyp gözlense-de,
onuň içinden öz resmi kagyzlaryny tapmady.
Onuň stansiýanyň saklaw jaýyna berlen çemedanda
galandygy belli boldy.
Meniň Gülnaradan öň hat-petegimi tabşyrasym gelmedi.
Äýnekli adama uzadan zatlaryma elimi uzatdym-da,
sen-men ýok, yzyna aldym.
- Hä, näme?
Äýnekli adam geň galyp, meniň ýüzüme içgin seretdi.
- Menem dokumentlerimi ertir, Gülnara bilen bile
getirin.
Äýnekli adam geň galyp, egnini gysdy. Soňundanam:
«Eý, käbşirleýji! Ertir geleňde, suratyň ýok ekeni, suratyňam
getirmelisiň, how!» diýip, biziň yzymyzdan gygyryp galdy.
398
Myhman bolup gelen öýümiziň öý eýesiniň, gelen
wagtymyz bizi görüp: «Ýene-de adaty garlawaçlar» diýen
sözüne men birki gün soňundan düşünip galdym.
Öý eýesi garynlak pyýada, öz çep tarapynda ýaşaýan
goňşusynyň öýüne obadan her ýyl okuwa höwes edip
gelenleriň topar bolup gelýändiklerini, goňşusynyň bolsa tä
ekzamenler geçip gutarýança onda-munda ýaban ýatyp gün
görýändigini aýdyp, soňundanam öz sözüne hezil edip
gülüpdi.
Şol gezek men bu sözleriň belli bir derejede özüme hem
degişlidigini bilemsoň, näderimi bilmän müýnürgedim.
Uçilişşede okuwyň başlanmagyna indi bary-ýogy on-on
bir gün galypdy. Okuwymyz başlanyp, ýatak jaý alýançak
biz şu öýde bolmakçydyk. Gülnara bilen ikiçäk maslahatdan
soň, meniň gelen netijäm şeýledi. Şonuň üçinem men bu
öýden başymy alyp gidibermäge howlukmadym.
Türkmeni dürtmeseň duýmaz diýleni-dä.
Eger biz wagtynda ýatak jaý aladasyny edip gidäýen
bolsak, onda bu günki goh, bu öýde turmasa-da turmazdy.
Şol gün öý eýesi, gijäniň bir wagty entirekläp gelen güni
men süýji ukuda ýatan ekenim. Derwezäniň şakyrdysy
oýardy. Hojaýynyň sesini tanap turup, derwezäni açdym. Ol
gele-gelmäne aýalyna sögünip, küpürsäp ugrady.
- Bu ýerinden gelmeleri sen henizem ugradaňokmy? ol şeý diýdi-de, elini sapança meňzedip maňa uzatdy.
- Bular indi şeýdişip meniň öýümde goş basyşyp
ýatjaklarmy. Ýa bular seniň körpe balaňmy? Indi meniň
howlym obaly süpükleň jaýymydyr?
Men sessiz-üýnsüz geýindim-de, bu goha oýanyp, indem
utanjyndan ýere giräýjek bolup oturan Gülnaranyň ýaýyna
bardym:
- Gülnara, bar içerik gir-de, çemedanyňy alyp çyk!
- Gijäniň içinde niräk gideris ahyry? - Gülnara ejizligini
edip ýaýdandy.
399
- Seni kakaň maňa tabşyrdy. Indi sen meniň diýenimi
etmeli borsuň! Men niräk gitsem, senem şol ýere gidersiň!
Men önki pikirimi ynam bilen ýene bir gezek gaýtaladym.
Gülnara sessiz-üýnsüz zatlaryny ýygnaşdyryp, meniň yzyma
düşmek bilen boldy.
Käte bir maşyn geçýär diýäýmeseň, köçeler imisalalykdy.
Kümsük şäher itleriniň köçelerde ygyp ýörenini görse
bolýardy. Käbir aňyrsy görünmeýän howlularyň içinde
janygyp üýrýän gürji sesleri eşidilýärdi.
Men yzda galan gohy ýatdan çykarmak üçin Aşgabat
hakyndaky aýdymlaryň ilki ýadyma düşen birine hiňlenip
gitdim.
Başlanmyş bir mahal şäheriň düýbün,
Aşyklaryň çöpden eden kepbesi.
Indi bu gün ajap şäher Aşgabat,
Garagumyň göwher gaşly gupbasy.
Biz bir sagada golaý ýol ýöräp şäheriň ileri çetine,
baýyrlyga ýetdik. Baýryň üsti sergindi, çolady. Gijäniň
aňyrsynda oturan Köpetdag tarapdan sowujak şemal
öwüsýärdi. Telewizor wyşkasyndan aňyrda bisaýhal şäher
çyralary gyzyl-ýaşyl bolşup lowurdaşýardylar.
Özüm üşäp ugramsoň, çemedanymy açdym-da, biraz
ýygyrt atan penjegimi Gülnaranyň egnine atdym.
- Gerek däl, sowuk däl-ä.
- Şemal deger ýerdir, egniňden aýyrma!
Gülnara meniň bilen ylalaşdy. Men iki-üç sagat mundan
öň bolan wakany ýatlap, bolan-goýan zatlary ýene-de bir
gezek pähim terezimde saldarlap gördüm.
Men asmandaky, ömrüniň ýarysyndanam gowragyny
geçip gutaran Aýy synlap otyrkam, Gülnaranyň aşaklyk bilen
özümi synlaýanyny duýup, düşnüksiz ýagdaýa düşdüm.
Şeýle-de bolsa, syr bermezlik üçin onuň özüme seredýänini
görmedik boldum.
400
Aýy, säher golaýlaşdykça, ýyldyzy azalýan asmany
synlamagymy dowam etdirdim. Haçanda men Gülnaranyň
beýleräginde gezim edip ýören mahalym, bir garanyň özüme
ýakynlap gelýänini gördüm. Bu mahal jahan ýagtylyp,
töwerek aýyl-saýyl bolup ugrapdy. Men ol adamyň çykyp
gaýdan jaýyny ilki gören mahalym, ony şu telewyşka degişli
bir zat saklaýandyr diýip, çak edipdim. Mahal-mahal şol
tarapdan it sesi hem eşidilýärdi. Häzir bu gelýän adam,
kimem bolsa şol jaýyň sakmany bolmaly. Ol ötüp barşyna
deňime gelen wagty maňa söz gatdy:
- Tersleşdiňizmi?
Maňa diňe ýylgyraýmak galdy.
- Ynanmagyn, näz edýändir, gyz näzidir! Men hiç zada
düşünmän egnimi gysdym. Bu pikiriň nireden kelläme gelenini bilemok. Ýaban ýatan günümiziň ertesi men Gülnarany
yzyma tirkedim-de, göni şol äýnekli adamyň huzuryna
geldim.
- Ýeri, kebşirleýji, indi näme üçin geldiň. Ýa-da
hat-peteini yzyna almakçymy? Öýlerini göresi gelen
ýigitleriň edäýýänjesidir şu özün-ä diýip, ol bizi tanandygyny
mälim etdi.
- Ýok, agam, bize hat-petegimiz gerek däl. Bize jaý
beriň!
- Jaý?
- Hawa, jaý beriň!
- O-ho-hoý, meniň näme artyk-süýşük jaýym barmy?
Jaýy myhmanhanalardan gözläň.
- Hemmesiniň berýän jogaby birmeňzeş.
- Ýer ýok.
- Edil özi.
- Onda şol jogaby ýene-de bir gezek eşitdim hasap edäý,
kebşirçi. Meniňem size edip biljek kömegim ýok.
Birsalym biziň üçimizem böwrümizi diňşirgenip utulan
komandanyň oýunçylaryna meňzeşip oturdyk. Äýnekli adam
26. Sargyt
401
bizi ýene bir gezek synlansoň, onuň bize haýpy geldimi,
nämemi, niräkdir bir ýerlerik jaň edişdirip ugrady. Kimdir
birine biziň uçilişä girmekçidigimizi, indi üç-dört günden
bäri şäherde onda-munda ýatyp, ygyp ýörenimizi aýdyp, öz
gepleşýän adamsyna düşündirdi.
Häli-şindi «Hä, gaýrat ediň, ikisem uzakdan gelen»
diýip, biziň aladamyzy etdi.
Gürleşip bolup trubkany ýerinde goýansoň, işleriň
ugrunadygyny mälim etdi, küti äýneginiň aňyrsyndan meniň
ýüzüme seretdi-de ýylgyrdy.
- Kebşirleýji, zaluwat, seňki gelginne. Direktor-a razy
bolaýdy.
- Näme, razy boldy?
- Ýoldaşyňam al-da, şu biziň oturýan jaýymyzyň çepine
öwrül, öňüňden üç gat jaý çykar. Şol ýerde bir aýal bardyr,
bar-da, biz şol direktoryň jaň edip aýdany diý. Siz
barýançaňyz ol hem jaň edip ýetişer.
Gülnara ikimiziň gökdäki dilegimiz ýerde gowuşdy.
Garryja aýal bizi kabul edip, herimizi bir jaýda ýerleşdirdi.
Hemem gaty akylly bolmagy, otagymyzy arassa saklamagy
ýaş çaga tabşyran ýaly aýratyn tabşyryp gitdi.
Sergezdançylyk meni halys ýadadypdy, aýaklarym laň
durupdy. Men uzak gijäni sarsman ýatdym.
Ertir Gülnara gelip meni oýaran mahaly, her gün şäheri
gyzgyn howry bilen doldurýan Gün al-asmana göterilipdi.
Daşarda şemal öwüsmeýän borly, penjireden görünýän
baglar bagyr reňk daş bölegine meňzäp doňup durdy. Uzyn
zalyň sag tarapynda, kimdir birine walalaýlap bir zatlar bir zatlar düşündirýän garryja aýalyň sesi gelýär diýäýmeseň, daş-töwerek imisalalykdy.
Agşamlaryna bolsa bu boş otaglara ýüregedüşgünç
tukatlyk aralaşýardy.
402
Men Gülnaranyň ýüzüne seredip, onuňam ine-gana dynç
alanyna göz ýetirdim. Onuň ýüzi düýnküden durlanyp,
göreçleri nurlanypdy.
- Siziň obada 10-15 sagatlap ýatýan adama näme
diýýärler - diýip, Gülnara meniň özüme meňzäp gürledi.
- Birinjiden-ä, öňki şertnama görä, sen diýip gepleşmeli. Ikinjidenem, biz obada, meniň ýaly ýaş ýigitler-ä, öz
gelni mylaýym elleri bilen yralap, «Senem turaý indi!» diýip
saçlaryny sypaýar. Kempirler bolsa öz ärini «Tur, turman
geçen, gelin geler, gyz geler, ryswa bolup ýatma, hana täret
gylsaň, ýyly suw» diýip, igenip turuzýarlar diýesim gelse-de,
Gülnarany öz jogabym bilen utandyryn diýen pikire
gelemsoň, başgaça gürledim.
- Biz obada hem seň oýaryşyň ýaly gelip, şeýdip
oýaraýýalar.
- Ýuwun-da bar onda, öz jaýymyzda ertirlik taýynladym.
- Ertirlik?
- Hawa, bir zat iýjek dälmi näme?
- Ine, häzir barýan. Men tabakdaky gowrulan kolbasa
bölejiklerini görüp, Gülnaranyň garryja aýalyň göwnüni
tapanyny bildim.
Biz naharlanyp bolup tirkeşdik-de, şähere gezelenje
çykdyk. Gün barha gyzýardy. Adamlar ýol ugrunda suw
satylýan ýerlerde üýşüşip suw içýärdiler. Uly köçelerden içi
kapas trolleýbuslar hyňranyşyp, biziň duşumyzdan geçip
gidýärdi.
Onda-munda burunlaryny agaçlara sokaýjak bolşup,
gysmyljyraşyp duran ýeňil maşynlary görse bolýardy.
Magazinleriň içi yssydy, ol ýerde uzak durasyň gelenokdy.
Magazinleriň birnäçesini gördük diýäýmeseň, ol ýerde biziň
eden söwdamyz bolmady.
Gülnara bir çaga geýimini jigisi üçin alarman görünse-de,
belki, «Başga bir magazinde mundanam gowusy bardyr»
403
diýen pikir kellesine gelendir-dä, söwdany soň bir gezege
goýdy. Köçäniň gyrasynda gara der bolup söwda edýän
aýaldan iki gap doňdurma aldyk-da, dynç almak üçin bir
bagyň kölegesine sowuldyk. Duşumyzdan ilki öten oglan
bilen gyzy men gözüm bilen on-on bäş ädime çenli ugratdym.
Ol gyzyň juda kelte tikilen ýubkasy, isleseňem, islemesenem
ünsüňi çekýärdi. Onuň egninden gujaklap, gapdaly bilen
ygamlap barýan saç-sakgaly ösgün ýigit derwüş sypatdy.
Doýgundy.
- Baý, bu yssyny, ýüregiňe dagy düşüp gelýär-dä bi diýip, Gülnara birsalym oturanymyzdan soň yssydan bez
bolanyny boýun aldy.
- Bölünişikde, biz türkmenlere Günden paý birneme
köpräk düşüpdir.
- Kölegede janyňy saklap bolanok, meýdanda işläp
ýörenler dagy nädýärkä. Göwnüme bolmasa, Aşgabat
obadanam birhili yssy ýaly.
- Siziň obaň-a bilemok welin, biziň obada-ha yssydan
dynma meselesi bir wagt çözüldi - diýip, men oýunlyga salyp
gepledim.
- O nähili çözülenmiş? - diýip, Gülnara meniň täze bir
zat aýdaryma garaşdy.
- Ýaba girmeli-de, kelläňi suwdan çykaryp oturybermeli.
Biz obada çaý-naharyňam salkynda taýyn edip, kenara getirip
goýýarlar-da, soňam islän wagtlary suwuň içinden ellerini
uzadyşyp iýişip-içişip otyrlar. Ine, bir hezillik.
- Onda bir gün biziň oba hem sizden bu açyşyňyzy
öwrener-dä.
- Gowusy, biziň oba göçüň-de geläýiň!
«Gülnara gep mundan çykd-ow» diýen manyda ýüzüme
seredip goýberdi-de, şeýle-de bolsa, ol maňa ýagşydan-ýamandan
hiç zat diýmedi.
Ýöne meniňem bu sözüm üçin ondan ötünç soramajagym
çynym. Belki, bu söz meniň irde-giçde Gülnara aýtmaly
404
bolaýjak sözümdir. Şol aýdylmaly söz biraz öňünden
aýdylaýan eken-dä.
Şekillendiriş muzeýinde bolup, yza dolanan wagtymyz
Gülnara menden biraz öňräkden ýöredi. Göwnüme bolmasa,
ol menden kinelirägem ýaly. Töweregi synlan bolup, oýlanyp
barýar.
Gowy maşgala, özem ulumsy ýa bir süwümsizem däl ýaly,
ýene üç-dört ýyldan maýa ýaly gelin bor bi - diýip, men
onuň yzyndan ýöräp gelşime pikir öwürýärdim. Onuň gelin
bolandaky sypat-syratyny özümçe göz öňüme getirýärdim.
Şu barmana, nämüçindigini bilemok, meniň Gülnara
Aşgabadyň döreýiş taryhyna degişli: bir obada bir-birlerine
göwün beren bir aşyk-magşuklar hakynda, olaryň müdimi
bile bolmak üçin öz obalaryndan gaýdyp, şu ýerde kepbe dikip
ýaşaýyşlary hakynda, şol kepbäňem häzirki Aşgabadyň
başlangyjy bolşy hakynda, eşiden rowaýatymy aýdyp beresim
geldi.
«Belki, ol bu rowaýaty bireýýäm eşidip goýandyr» diýen
pikir öňki pikirimiň yzysüre kelläme gelmedik bolanlygynda
men öz hyýalymy üýtgetmekçi däldim.
Ýatakhana golaý gelen mahalymyz Gülnara yzyna
öwrülip, maňa sorag berdi:
- Esen, siziň öýüňiz Saparly ýegenleň nirräginde?
Men diňe häzir Gülnaranyň hem ýolboýy özüm hakynda
pikir edip gelenini bildim.
***
Şu gün garaşylmadyk myhman, wahtýor daýza agşam
biziň ýanymyza gürrüňçilige geldi. Gülnara ikimiz okap
oturan kitaplarymyzy goýup, ikimiz iki ýerden onuň
gelmegine begendik.
Onda-munda duşan wagtymyz beren salamymyzy ugurly
almaýan adamyň bu günki gün bizi gözläp gelmegi,
hakykatdanam, garaşylmadyk zatdy.
405
Öz ýanymdan men bu aýaly itgylyk hasap edip ýördüm.
Çakymyz ters bolup ugranyna begenenim üçin bolsa gerek,
men häzir wahtýor daýzanyň gelenine iki bolup bilmedim.
Dessine, Gülnaranyň özüme uzadan ýaşyl kitirini alyp
çaý gaýnatmagyň ugruna çykdym. Gülnara stoluň üstüni
tertibe salyşdyrdy.
Biz üçleşip, çaý içdik.
Wahtýor daýza ilki biziň okamakçy bolýan uçilişämiziň
direktorynyň frontçy, gowy adamdygyny aýtdy, hol gün bizi
ýerleşdirmek üçin hem onuň özüniň jaň edendigini ýatlady.
- Indi eýlekilerem tiz geler, ana onsoň, her günüň nähili
geçeninem bilip bolmaz. Wahtýor daýza şeý diýip, uçilişäniň
häzir kanikulda gezip ýören okuwçylaryny ýatlan wagty, men
onuň ýekesireýändigini bildim. Ony şu güne çenli özümiziň
«bärigel» etmänimize utandym.
Ol özi bilen getiren bankasyny açyp, ondaky kömelekden
hödür etdi:
- Alyň, dadyp bir görüň, bu kömelek biziň Wýatkamyzyň
kömelegi.
- Wýatka? - diýip, men wahtýor daýzaň aýdan sözüni
gaýtaladym-da, hemem kartada Wýatkanyň nirede ýerleşýänini ýadyma saljak boldum.
- Hawa, Wýatkadan, häzirki Kirow oblastyndan.
Alyň iýiberiň, gaty süýjüdir, siz üçin getirdim. Mundan
her ýyl şol ýerde ýaşaýan aýal doganym birnäçe posylka
iberýär. Soňundanam ol geçen ýyl özüniň hem Wýatkada
bolup gelendigini, ýegençileri bilen gidip, çagalygyny geçiren
tokaýlarynda aýlanyp, kömelek çöpläp gezendigini birin-birin
ýatlap bize gürrüň berdi.
Öz dogduk depäňi ýatlamak, onda-da ondan has uzakda
bolup ýatlamak lezzetli bolsa gerek. Garryja aýalyň
geplemekde agyzla gezek beresi gelmedi. Ýatar wagty biz
hoşlaşyp dargaşdyk. Öz jaýyma gelip, ýene-de ümsümlik
bilen ikiçäk galdym. Düýn şol gurasym gelýän köprim barada
406
köpräk oýlananym üçin bolsa gerek, gije köpri meniň
düýşüme girdi. Ol özüniň Symrug guşuň ganatlary ýaly äpet
ganatlary bilen iki kenary - iki dünýäni birleşdirip oturan
guşa meňzeşdi.
Ýene birde bolsa ol Saratow şäheriniň golaýynda
Wolganyň üstünde gurlan köprä meňzeýärdi. Bu köprini men
kakam bilen Moskwa gezelenje giden gezegim görüpdim.
Häzirki düýşüme giren köpriniň bir tapawudy, o-da şindi
doly gurlup gutarylmadyk köprüdi. Köpriniň endamynda
kebşirleýjileriň ýakýan ýyldyzjyklary ýylpyldaşýardylar.
Ýyldyzjyklar ak nur bolup, aşakdan akyp duran derýanyň
gujagyna dökülýärdi. Şol ýylpyldaşýan ýyldyzjyklaryň
birisini ýakýan bolsa mendim.
Ukudan oýanan mahalym men özümiň köpriniň üstünde
däl-de, bir jaýyň üçünji gatynda ýatanymy bildim.
Daş-töwerek ýagtylyp ugranda bolsa, Gün dogup, ýeriň
ýüregine giňlik salmandy. Ynjalyksyz serçeler aýak üstüne
örleşipdiler. Bu bolsa ertiriň ýakynlaşmagynyň alamatydy.
Bir ýerlerde turba girip çykan bolsa gerek, serçeleriň içinde
birisi has çarajürjendi. Ol bökjekläp, hemem guş dilinde
jürküldäp bilýän jadyly daşjagaza meňzeýärdi.
Men ýuwnup-ardynyp geldim-de, düýňki satyn alan
kitabymy okamagy dowam etdirdim. Bu kitap şu günüň
esgerleri hakdady. Eseriň gahrymanlarynyň biri türkmen
oglandy. Waka Türkmenistandan uzakda, Neman derýasynyň
boýunda harby desantçy goşun bölüminiň birinde bolup
geçýärdi.
Kitabyň gahrymany, bu ýerden uzakda bolsa-da, onuň
ýüregi şu biziň yssy hasaplaýan ülkämizdedi. Onuň
baýyrlaryň arasynda ýazylyp oturan obalaryny, ýüzi
çyrşaklyja jigilerini göresi gelýärdi. Onuň duran postunyň
golaýyndan başlary gülli öýmeli, aýdym aýdyşyp geçýän
litwaly gyzlar oňa işden gaýdyp gelýän obadaş gyzlary
ýatladýardy.
407
Gün dogup, adam boýy ýokary göterilen mahaly men
bu kitabyň gahrymanynyň yzyna düşüp, uzak ýurtdan
Garaguma görme-görşe geldim. Ýigidiň uçarda uçup gelýän
mahaly uçaryň gözesinden seredip, goňur-sargylt öwsüp
oturan Garagumy gören wagty tolgunmasy kitaby okap
otyrkam meni ynandyrsa-da, soňundan ony ýazan bilen jedel
edesim geldi.
Millet-ä tomsuna bu ýerini yssy görüp Kawkaza,
Orsýetiň, bir ýerlerine gidýär. Esger ýigit bolsa şu jokrama
yssa höwes. Şu ülkä gelenine bolsa, ol enesini gören ýaly
begenýär.
Awtor öz gahrymanynyň gürrüňini asmanda uçarda
tamamlaýar. Eger ol gahrymanyny yzarlamasyny ýene-de
dowam eden bolsa, uçar Krasnowodskä gelip düşen mahaly
ol ýigidiň Hindistandan gaýdyp gelen rus syýahatçysy
Afanasiý Nikitine meňzäp: «Eý meniň eziz topragym!» diýip,
ak çägäni gujaklap ogşaýmagy-da mümkindi.
Gerek-ýarak zatlarymyzy getirmek üçin dükana gidip
gelen wagtym, Gülnaranyň ýanynda oturan adamy görüp,
men öz gözlerime ynanmajak boldum.
Onuň ýanynda kakasy Tagan aga otyrdy. Ol meni görüp
ýerinden turdy-da, «Ine, bu-da geldi» diýip, begençli iki elini
uzadyp görüşdi.
- Obalar saglykmy, Tagan aga!
- Hol gün kakaňam daýhan birleşigiň dolandyryş
sagynda gördüm, bir iş bilen-ä gelen eken. Saglyk-amanlyk
soraşyp durduk. Agaň dagy hem guraw, işläp ýör diýdi.
- Ýola çykypsyňyz-la ýa Aşgabatlyk işiňiz dagy
barmydy? Men Tagan agadan duýdansyz peýda bolmagynyň
sebäbini soradym.
- Saglyk, obalar gül ýaly.
Tagan aga şeý diýdi-de, Gülnaranyň öňündäki okalan
haty maňa süýşürip, ýagdaýy düşündirdi.
408
- Şu hat baransoň, ejesi otly köýnek geýdi oturdy. Menä aýtdymam-la, ýogsam, öz obamyzdan Esen diýibem bir
oglan ýanynda bar diýdim, şonda-da bu habary eşidip durup
bolýarmy näme? Hem-ä sizi görüp giderin, hemem bahana
bilen Aşgabady gören adam borun diýdim-de gaýdyberdim.
Men öňüme süýşürilen haty aldym-da, oňa gözümi
gezdirdim.
«Salam haty.
Tagana hem çagalaryna biziň tarapymyzdan köp dogaý
salam bolsun. Çagalar, hemme gurgun oturanmydyr?
Tagan jan, dogan, sen bizi bagyşlaweri, biz-ä seň öňüňde
ýüzügara bolandyrys. Baýak, gyzyň Gülnara bilen bir oglan
bize geldi. Iki-üç gün bir ýagşyja bolup ýaşadylaram. Ýöne
bir gün giýewiňiz serhoş bolup geldi-de, ähli zady bulaşdyrdy
oturyberdi. Gijäniň bir wagty gelip, meň üstüme heňkirip
ugrady.
Çagalar, daş-töwerek, hemmeler ördi. Ýeri, näme aýdyp,
näme diýersiň? Çaga-çugaň däl, birki şapbat berip, sem
edäýer ýaly. Ol şol zährimardan datsa, hemişe şoň ýaly,
adamçyl nere meňzäp gübürdäberýär.
Şol barmana-da, ol «Bu myhmanlaryň haçan gidýär?»
diýip gygyryp ugrady. Muňa Gülnara-da, ol gelen oglanam
birhili boldular. Ol oglana «Gijäniň içinde gitme!» diýsemem,
Gülnarany yzyna tirkäp gitdi. Ertesi garaşsagam olar
dolanyp gara bermediler.
Olar eýýäm baryp, bu zatlary size jikme-jik gürrüňem
berendirler. Siz bizi bagyşlaweriň. Men-ä indi şu bolgusyz
wakadan soň siziň ýüzüňize nähili seretjegimem bilemok.
Hoş sag boluň. Nabat.»
Tagan aganyň näme üçin geleni haty okamsoň, maňa belli
boldy.
- Siz bizi nädip tapdyňyz? - diýip, men Tagan agadan
özümi gyzyklandyrýan ikinji soragy aýdyp ýüzlendim.
409
- Hat-petekler kabul edilýän ýere geldim welin, siziňem
hat-petegiňiz bar diýdiler. Bir äýnekli adam oturan eken.
Ýöne, nämüçindir, tä şu haty okap görýänçä, siziň şu
ýerdedigiňizi aýtmady, bir töwra adam eken.
Şol gün öýlän bizi görüp arkaýynlanan Tagan aga yzyna
- oba gaýdarman boldy. Gülnara ikimiz hem «Özüm giderin»
diýse-de, tirkeşdik-de ony ugratmaga wokzala geldik.
Otlynyň ugrar wagty bolýança wokzalda güýmendik.
Otly ugrajak wagty Tagan aga: «Birek-biregi gözden
salmaweriň, agzybirje boluň!» diýip, gyzly adamyň aladasy
bilen aladalanyp sargady.
Otly ugransoň, biz tirkeşip ýatak jaýymyza gaýtdyk.
***
Bu ýyl güýzüň gelşi meniň üçin üýtgeşik bir pursat boldy.
Gülnara üçinem, meniň üçinem obamyzdan uzakda täze
bir durmuş başlandy. Güýzde biziň ikimizem hünär
öwrenmek üçin okuwa giren oglan-gyzlaryň biri bolduk.
Şeýdibem, biziň ömrümizde täze bir döwür başlandy.
410
JAŇ SESI
Sapar garaýaglyny keselhana mundan iki-üç gün öň
getiripdiler. Ol özüniň bu tanyş keselini 1945-nji ýylda
Kenigsberg şäherinden getiripdi. Herniçigem bolsa «faşist»
(Sapar garaýagly teninde göterip ýören oskolka bölegini
özüçe şeýle atlandyrýardy) gaýrat etdi. Ol öýüne-iline
gowuşdy, öýlendi-illendi, üç gyzyň, bir ogluň atasy boldy.
Yzly-yzyna bassyr-bassyr bolan gyzlaryna «Göwher,
Merjen, Dürdäne» diýip, öz islän atlaryny dakyp guwandy.
Käýarym işdeş ýoldaşlary oňa: «Ahow, Sapar, ähli
gymmatbaha daşlaň atlaryny öz gyzlaryňa dakyp gutardyňla, atlaryň biri-ýarymyny bize-de goýaweri, zaluwat!» diýşip
degşerdiler.
Dördünji gezekde onuň ogly boldy, özi-de garaşylan
wagtyndan iki aý öň boldy. Oglanjygy iki aýlap pamyga dolap
garaňkyda sakladylar. Sapar garaýaglynyň hele-hüle gepi
gaty görmeýäni üçin ogul toýuny eden güni işdeş ýoldaşlary
oýunlyga salyp, ýene-de onuň ogluny öwdüler:
- Ogul diýeniň biziň direktoryň ogly ýaly bor, ol iliň
çagasy ýaly «Dokuz aý, dokuz gün geçsin» diýibem durman,
ejesi-kakasynyň garaşýanyny bilip, iki aý öňünden gaýdyberipdir.
Sapar garaýaglynyň ogluna dakan ady welin, dogrudanam, adamlary geňirgendirdi. Gyzlaryny kemsitmezlik
üçinmi ýa-da «Oglum aýak bitip köçede oýnan mahaly adyny
eşiden nätanyş oglanlar «Hä-ä... munuň-a özünden uly ýene-de
üç agasy bar eken-ow, päliň azyp dagy degäýmeli däl-ow»
411
diýip eýmensin diýdimi, nämemi, ol aldy-da, ilkinji ogluna
«Töre» diýdi oturyberdi. Ýogsam, türkmençilikde Töre
adyňam, Çary adyňam, gyzlary hasaba almazdan, diňe
dördünji ogla dakylýanyndan ol habarsyzam däldi. Ýüzi
tutuksy Sapar garaýagly göräýmäge ynjyk adama menzesede, ol çagalarynyň dostudy. Mahal-mahal olar bilen
goşulyşyp, oýnamaga hem ýaltanmazdy. Ýassygy tirsekläp
çaý içýän mahaly çagalary guş bolşup, onuň aýagyna gonuşyp
oturardylar.
Aýaly kämahal: «Sen bulaňňy gaty elejiredýäň, akgasy,
soňrak görersiň, bular seniň telpegiňi ters geýdirer,
otursynlar-da näme, ýer göterenokmy?..» diýip, igenen
wagty ol eşitmedik bolardy ýa-da «Meniň özümem oglan
wagtym şulardan enaýy däldim - taýy suwa gaçan
garagoldym, indi şular nädenlerinde mençe bolmaz, mençe
bolsa-da bir adam katdy bolar» diýerdi, aýalynyň dözümli
sözlerine närazylyk bildirerdi.
Sapar garaýaglynyň aýdyşy ýaly hem boldy, onuň iki
ortanjy gyzy Aşgabatda medisina institutyny tamamlap,
lukman bolup çykdy. Olar durmuşa çykyp, şol ýerde hem
işlemäge galdylar. Uly gyzy bolsa oba - öz belet ýerinden
bir ýigide durmuşa çykypdy.
Töräni harby gulluga aldylar. Gullukdan soň ol şol ýerde
- Leningradda galyp, okuwa girdi. Sapar garaýaglynyň
oglundan göwni bitdi.
Töräniň okuwyny tamamlap öýli-işikli bolanyny Sapar
garaýagly görse-de, onuň aýaly pahyr görüp bilmedi. Töre
ejesi ýogalanyndan iki ýyl soň öýlendi. Toýuny gelip öýlerinde
geçirensoň, bir aý bolup-bolmanam işe bellenen ýeri Aşgabada
dolandy. Şeýdibem, Sapar garaýaglynyň çagalary bedene
çagalary ýaly pytradylar. Oňa diňe «Nirde gezseňizem, sag
geziň!» diýäýmek galdy. Birki ýyllykda ony obada ýaşaýan
gyzy öz ýanyna göçürip gitmäge yrmakçy boldy. Islese, oňa
öz öýüniň gapdalyndan aýratyn jaý gurup bermegi, şonda
412
bişirip-düşüreninden uzadyp durmaga özüne amatly
boljakdygyny aýtdy.
Barylmaly oba öz obalary bolsa-da, etrap merkezindäki
öý-öwzaryny taşlap gitmäge onuň ýüregi urmady. Ol bu ýere
uruşdanam öň gelipdi, MTS-de ilki traktorçynyň kömekçisi,
soňundanam traktorçy bolup işläpdi. Üç ýyl uruşda bolan
wagtyny hasap etmeseň, ol ömrüniň köpüsini şu edaranyň
gapysynda geçiripdi. Uruşdan gelibem, MTS-iň direktorlygyna seçildi. Sapar garaýagly bu wezipesinde bir ýyly kem
otuz ýyllap işledi. Işden aýrylansoň hem onuň öz atlandyryşy
ýaly, «döwlet tapan ýerinden» gidesi gelmedi. Edarada
garawul bolup galdy. Pensiýanyň daşyndan özüne bir
güýmenje tapyndy.
Onuň enteklerem işlejegi çynydy. Ýöne otuz ýyla ýakyn
teninde, ahmallygyna garaşyp ýatan «faşisti» ony öz gününe
goýmady. Sanja meňzäp dörän agyry ýuwaş-ýuwaşdan bütin
bedene yza bolup ýaýrady. Ol bu gezek «faşistiň» öz yzyndan
çyny bilen gelendigine ynandy.
... Kenigsberg, çalam-çaş bolup ýatan maşynlar, tüsseläp
ýanýan tanklar, gölerişip ýatan adam jesetleri... göz öňüne
geldi.
Bu şäheri ol iň soňky gezek şeýle ýagdaýda görüpdi.
Onuň teninde göterip ýören «faşisti» hem hut şol ýerdäki
duşman berkitmeleriniň birinden Moskwanyň ýüregine
çenelip atylan oklaryň biridi.
Lukmanlar barlag geçirip, Sapar garaýaglynyň teninde
«sowuk ýumurtga» bolup ýatan «faşistiň» töwereginde ýara
emele gelip ugranyny anykladylar. Operasiýa edip, «faşisti»
aýyrmalydygyny oňa aýtdylar.
Birwagtlar lukmanlaryň özleri tarapyndan «operasiýa
etmek howply» diýlip goýlan ýarany, bu gün operasiýa
etmegiň mümkindigine Sapar garaýagly birbada ynanyp
bilmedi.
413
- Oglanlar, ynansaňyz men-ä şu «faşist» bilen halys
öwrenişäýipdirin, indem siz ony kesip aýyrsaňyz, meniň bir
zadym kem ýaly bolup durmasa-da ýagşydyr?! - diýip,
oýunlyga salan bolup, operasiýa edilmegine göwnemedi.
Sapar garaýaglynyň özi rugsat berýänçä lukmanlar hem ony
operasiýa etmäge gyssanmadylar. Ýöne oňa irde-giçde
operasiýanyň hökmanydygyny, ýogsam, «faşistden»
ýazylganlygyň bolmajakdygyny aýtdylar.
Sapar garaýagly her hili oýlara çeňňek taşlap görse-de,
wagty bilen ýaz bulutlary ýaly dagynyk pikirini bir ýere
jemläp bilmedi.
***
Pasyllaryň arasynda tomsa Sapar garaýaglynyň şeýle bir
pisindi oturyp barmazdy. Her gün howur dünýäni dolduryp
endiräp ugransoň, ot-çöpler reňkini öçürip süllermek bilen,
gününe kaýyl bolmak bilen bolardy. Töwerekde howa azalyp,
dem almak kynlaşardy. Mahal-mahal Sapar garaýagly
penjireden töwerekde sary deňiz bolup oturan tomsa seredip
käýinerdi. Tomsuň dünýäni öz gazanynda, çydap bolmajak
derejede gaýnatjakdygy barada oýlanardy.
Gün guşluk galyberende, obada ýaşaýan gyzy çagalary
bilen ony soramaga geldi. Sapar garaýagly gyzynyň bişirip
getiren towuk çorbasyny, gök-agyny ýer-jaý edensoň, özi
olaryň ýanyna daşaryk çykdy, tuduň kölegesinde oturyp
agtyklary bilen degişdi, gepledip, olaryň täsin çaga diline
guwandy.
Agtyklarydyr gyzyny ugradansoň, Sapar garaýagly ýene-de
palatasyna dolanyp geldi. Bosagadan ätlän wagty ýene-de
keselhananyň süňňüne ornan däri-derman ysy haplap
burnuna urdy. Gyzynyň täzeje bişirip gelen naharynyň
tagamlydygyny, umumanam öz gyzlarynyň, ejeleri ýaly
tagamy süýji bişirýändigini ýatlady. Şeýle-de bolsa ol ilki
krowadyna geçip, biraz dem-dynç alaýanyny kem görmedi.
414
Ýöne onuň soňra ýene-de wagty bilen ýagyrnysyny ýerden
göteresi gelmedi.
Sekunt sanap öwjeýän gyzgyn howur ýene-de daş-töweregi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.