Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07

Total number of words is 3792
Total number of unique words is 2132
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
depä çykdy, oglum. Ite ýardyrsalaram, gije-girim öýüňe
gelip, ejiz maşgalaň sagrysyny sypaýanlarynda hem bularyň
towugyna «tok» diýjek ýok. Urşuň gidip duran mahaly,
döwletiňem bu wenezzynalara eli süýşmeýän borly».
Donly aga bu gürrüňi Mele şeýtan bilen Sumsar wagany
göz öňüne tutup aýdypdy. «Men bütüki ýerinden gelme
şeýtanyň atasyna beletdirin, o-da arryk sygryny urup-urup,
janaweriň endamyna çiş ýöränsoň: «Sygrym bogaz, bu günerte gölelejek» diýip, satanlaryň biridir ol». Donly aga şonda
şeý diýdi-de, Mele şeýtany pisindi oturmazlyk bilen ýatlap
geçdi.
104
Bu sözler şu iki-üç günüň içinde, telim gezek meniň
beýnimde gaýtalandy. Her zatlar göwnüme geldi. Indi
gijelerine hem oňly uklap bilmeýärdim.
Şol günleriň birinde men gije öýe bir horjun gawun
getirdim-de, ir ertir öýden oýandym. Göwnüme, şu gezek
men onuň oglunyň bu etmişini görmedik bolaýsam: «Aý,
entek bujagaz agzysary ekeni, her iş edäýenimde-de mundan
maňa garaw ýok» diýip, gelnejelerimiň töwereginde
aýlanybererli göründi.
Şeýtanyň oglunyň bu etmişiniň aňyrsynda men onuň
özüniň bardygyna birjik-de şübhelenmeýärdim.
Elim paltaly Mele şeýtanyň howlusyna giren mahalym,
onuň heleýi abşarylyp sygyr sagyp oturan ekeni. Poşşuk heleý
boýnuny süýndürip, meniň gelýänimi görse-de, dilegçilige
gelýändir öýtdümi-nämemi, birbada üns bermedi.
- Hany, bar, heleý, ol sokudaş ogluňy getir, itini
küşgürip, gelnejemi ýardyrany üçin men ar aljak!
Biraz tolgunanym üçin bolsa gerek, geplän wagtym sesim
sandyrap eşidildi. Meniň paltamy sypalap duranymy gören
mahaly poşşuk heleýiň tas ýüregi ýarylypdy. Gulagynyň
eşiden zadyna ynanman, alarylyp-alarylyp meniň ýüzüme
seretdi.
- Bar, ogluňy getir diýilýär saňa ýa-da öýüňe girip,
ukuda ýatyrka çapaýynmy?! Men poşşuk heleýiň üstüne
ikilenç herreldim.
Aýal bilen ýokaryk göterilen süýtli bedre alaşakyrdy
bolup onuň elinden gaçdy. Sygyr ürküp, ýüpüniň ýeten ýerine
çenli ylgap gitdi-de, şol ýerdenem möle gözleri bilen meniň
hereketlerimi howpurganyp yzarlamaga durdy.
- Heý, waý, oglum, oglum bilen näme işiň bar, gelnejeňi
nä meň oglum ýardymy, it ýardy ony, it. Hol-ha it, zoruň
bolsa şoňa görkez - diýip, niräk gitjegini bilmän aljyrap
duran heleý eli bilen maňa ot küdesiniň gapdalynda ýatan
iti görkezip walalaýlady. Gopguna başyny göteren it meni
105
ýat gördi-de, ýüzüni mojuk edip, ýakynlap hyňrandy. Men
paltany itden salsamam saldym welin, o-da wagtynda towsup,
öz agramy bilen meni ýere ýazmaga ýetişdi. Alagowurdy
bolup dyzanyp durşuna tutsaply paltany hatladyp-hatladyp
dişleşdirdi.
Men şol barmana, itiň badyna serlip ýatan ýerimden
janhowluma sag elime ilen bir penje gumy itiň ýüzüne
okladym. Onuň gazaply lowurdaýan gözleriniň öňi garalyp
gitdi. Maňa itiň az wagtlygam bolsa, garagynyň gapylan
wagty şol arada tasap turup hol beýledäki ota dürtülgi duran
çarşagy almaga maý boldy. Sançmak ýadyma düşmän,
ýokarymda aýlap-aýlap ony itiň depesinden inderdim. It bir
çaýkanan ýaly etdi-de, iki-üç ädim ädip-ätmänem kese ýykyldy. Men düýrmekligim bilen onuň üstüne özümi okladym.
Soňundanam üstünde atlaý oturyp, bar gahar-gazabym bilen
onuň demliginden bogdum.
Töwerekde goh-galmagal köpeldi. Şol arada kimdir biri
meni ýeňsämden penjeläp, itiň üstünden göterdi-de, beýläme
öwrülmäge ýetişmänkäm, owurdyma doňdurdy.
Men galgap, hol beýläk düşdüm.
Meni uran heleýiniň galmagalyna ukudan turup gelen,
Mele şeýtan ekeni. Men birsalymdan Dostmuhammet
başlygyň hem töwerekde üýşüşen märekäniň öňünde özüme
tomaşa edip duranyny gördüm. Üst-başymy kakyşdyryp,
ýerimden turdum-da, gaharyma Mele şeýtanyň ýerde
togalanyp ýatan bagana telpegini top depen ýaly bat bilen
depip, pyzyp goýberdim.
- Häzir men seniň itiňden gelnejemiň aryny aldym. Meni
uranyň üçin bolsa seniň otuňy, soň bir günem gelip öýüňi
otlajak. Bir çeträk ýerde duşsa bor, ogluňyň hem depgi
sanyny ýüze ýetirip, garnyny ýaraýmagymam mümkin.
Men şeý diýdim-de, onuň otuna topuldym.
- Wiý, büý-ä bir duran gyzylym däli ekeni - diýip,
poşşuk heleý alawlap ot alyp duran ot küdesini göz öňüne
106
getiren borly, ylgaşlap gelip, meniň aýagymdan ýapyşyp
nadaralyk etdi. Aglamjyrady.
- Il-gün-uw, tutuň, tutaweriň-uw bu ýaşlary kesilmişi!
Meni ýerli-ýerden gelip tutdular. Mele şeýtan töwerekde
köwejekläp ýörşüne ýangynly hüňürdedi. Gaharyna bäs gelip
bilmän saňňyldady.
- Goýberiň hany şony, näme edýän bolsa edenini göreýin!
Bolduň meň başyma Pilmahmyt. Otuny saňa otladyp, şu
adamlaryň içinde jany ýokdur öýdýäňmi, sümükli poh.
«Agzyndan süýt ysy gitmedik» diýen wagty ol burunlarynyň deşiklerini giňeldip, hamala meniň agzymdan süýt
ysyny alýan ýaly hereket etdi.
- Barybir, bir gije il ýatansoň gelip, külüňi göge
sowyryn. Ertir şu köçeden gelnejem geçen mahaly itiň
üýräýse-de, soň oňlulyk tamasyny etme!
Men bu sözleri Dostmuhammet aganyň duranyny hasaba
alman, Mele şeýtanyň gözüne seredip aýtdym.
Şol arada bir ýerden Donly aga hem hasasyny süýräp
peýda boldy. Meniň elimi gysymlap, hiç kime seretmän
gepledi:
- Men siziň toparyňyzda galan ýeke-täk garry töňňe,
sen mana «hä» diýäýmelisiň, oglum. Men seniň ataň bilen
basalaşyp ulalan adam. Demiňden düşüş, oglum! Gyssanmazlar, kasas kyýamata galmazmyşyn, bu gün şarpyk iýen
bolsaň, erteki gün sen ony eýesine, taňryýalkasyny bilen iki
edip gowşurarsyň. Oglanlar sag-aman başbitin gelsinler
bakaly...
Töwerekdäki adamlar hamala gepläp-gepläp dilleri ýadan
ýaly, erjellik bilen dymýardylar. Üşerilişip, meniň
hereketlerimi gözleri bilen yzarlaýardylar:
- Ala-mula şeýtan, entek ikimiz hasaplaşarys!
Men ýene-de depilen telpegine ýapyşan çöpleri çöpläp,
aýryp duran Mele şeýtana gözümi alardyp, onuň adyny ýaňsa
aldym.
107
Başlygyň duran ýerine sereden wagtym onuň heniz hem
elini arkasyna tutup, şol duran ýerinde duranyny gördüm.
Donly aga bilen tirkeşip, düz ýola çykamsoň, ol meni
öwdi.
- Şir ýigitleriň hemmesi Orsýete, Meskewi goramaga
gitdi diýip ýördüm weli, hudaýa şükür, ýek-ýarym obada
galanam bar ekeni. Ömrüň uzak bolsun! Şeýtanyň-a agzyna
uçuk gaýnan bolsa gerek...
Meni işigimiziň öňünde köpden bäri ýoluma seredip
duran uly gelnejem garşylady. Onuň nazarynda «Hemme
görkezjek oýunlaryňy görkezip gutardyňmy?» diýen äheň
bardy. Ýöne ol dili bilen maňa ýagşydan-ýamandan hiç zat
diýmedi.
Häzir onuň ýerine ejem pakyr bolanlygynda hemme
zatlar başgaça bolardy.
- Näme, dälirediňmi? Heý, başlygyň «güjügi» bilenem
bir agyz deňäp menjeşerlermi. Başlyk başlykdyr, onuň
adamlary bilen ýaka tutuşyp mamla bolasyň ýok... Garaz,
barara gapy goýma-da» - diýip, käýinip küpürsärdi.
Gelnejem meniň it bilen urşan mahalym, sallam-sajak
bolan köýnegime seredip biraz duransoň, içerik girdi-de,
agamyň negada bir egnine geýen ajarly köýnegini getirip
berdi.
- Al, egniňdäki sylhaňy çykar-da, şuny geý. Onsoňam
Ýussyny çagyr, eliňdäki ýaralaň üstüne siýsin!
Bilesim gelse-de, bu etmişime gelnejemiň garaýşyny
aňyp bilmedim. Onuň ýüzi adatdakysy ýaly parahat hem
durnuklydy. Hereketleri goýazy hem ynamlydy. Uly gelnejem
hiç mahalam, kiçi gelnejeme meňzäp mähirli ýylgyryp,
alçaklyk etmegi başarmazdy. Az geplärdi, çagalaryny berk
tutardy.
Gürrüňçilige gelen goňşy aýallar ejemiň ýanynda ony
«Gala sesi ýok, işine ygtyýar gelin» diýip öwerdiler.
108
Meniň üçin bolsa ol tapmaça ýaly adamlaryň biridi. Şeýle
adamlaryň pikirini ýüzünden okamak hemişe kyn bolýar.
Içerden bir işlere güýmenip çykan gelnejem, henizem
meniň ýanymda jigimiň ýokdugyny görüp, onuň gözlegine
özi çykdy.
- Ýussy. Ýusub-uw...
- Mäme, eşege mündiýjekmi? - Öýüň arkasyndan bir
ýerden Ýusubyň sesi eşidildi.
- Hawa, gel bärik, ine, agaň Görogly bolup gelipdir.
Gelnejem ahyr ýaryldy. Jigim ylgap, begenip gelen wagty
gelnejem: «Hany dyz-z et, köşek» diýip, başardygyndan
mylaýym gepläp, oňa meniň ganjaran ellerimi görkezdi.
Beýle ýumşa garaşmadyk Ýussujyk yza tesdi-de, «Ä-ä,
dyz-z edesim gelenok» diýip ýüzüni çytdy.
- Gerek bolsa, şu-da tezegini derman eder. Utanan
bolýar-a. Görülmedik zadyň barmy diýsene - diýip, gelnejem
Ýusupdan tutup duran elini silkeläp: «Bol!» diýip, ony
gyssady.
Gelnejem el-aýagymdaky ganjaran, häzir bolsa sowaşyp
biraz agyryp ugran ýaralaryma «em edensoň» men yzyma,
gelnejem hem Sarygyz bilen suw tutýan ýerime köwlenmek
bilen boldum.
Jigilerimi obanyň çetine çykýançam taýharyma
mündürip, olaryň göwnüni awladym.
Özümem geň galýan, Donly agaň şol aýdan sözleri
ýadyma düşse-de, indi ol sözler maňa öňküsi ýaly täsir
etmedi. Öz-özüme sorag berdirip, ýüregimi aldym-berdime
salmady. Agalarymyň göz öňüme gelen keşbi, indi olaram
maňa minnetdaryk bilen seretdi.
Men häzir öz ýüregimiň owunjak tolkunly parahat
Murgaba meňzeýänini çak etdim. Özümçe içiňi sowatmak
şu bolsa gerek - diýip oýlandym. Oturyp, oturyp bu agyr
harasatly derýadan çykanyma begendim.
109
V
Brigadir suwuň azalmagyny ýabyň hanasyny dolduryp
ösen gamyş-gajawlardan göreni üçin, biz öz suw alýan
ýabymyzy çöpsyrdy etmeli bolduk.
Gelnejem bilen Sarygyz meniň daş ýoldan tapyp gelen
çaluwdaşym bilen ellerindäki oraklaryny ýitilänsoňlar, gelip
suwa girdiler.
Ir ertirdigine seretmezden, suw meniň çaklaýşym ýaly
däl ekeni, onuň içi ýorganyň içi ýaly mylaýymdy hem-de
ýakymlydy. Iş gyzyşdy. Ep-esli mahallap, hiç kim, hiç zat
barada dil ýarmady. Geň galaýmaly, ol-bi aýlawly gep atman
oňmaýan Sarygyz hem häzir öz diliniň eýesi boldy. Oraklar
biri-birleriniň hereketlerini gaýtalaşyp, sazlaşykly işlediler.
Eger häzir biziň öňümizden bir agzy diri gurbagaly suwýylan
ýüzüp geçmedik bolsady, onda biz bu işi hä diýmän,
günortana galyp-galman gutaraýjagam ekenik. Ýylan suwuň
ýüzi bilen taýyp barýan bat berlen taýaga meňzäp, ýabyň
ileri ýüzünden gaýralygyna ýüzüp geçdi. Biziň elimizi işden
sowatdy. Sarygyz bilen gelnejem şundan soň özleriniň ýabyň
raýşyna çykaýanlaryny kem görmediler. Kalbyma gorky
aralaşanyny olara bildirmezlik üçin: «Suwýylanyň zäheri
bolmazmyş, onuň bize edip biljek zyýany ýok» diýsem-de,
şundan soň meniňem işläp mazam bolmady.
Ýöne Sarygyz bilen gelnejemiň yzysüre ýapdan
çykmagyň ebeteýini tapmadym. Häzir meniň ýapdan
çykmagym gönüden-göni özümiň gorkandygymy olaryň
öňünde boýun aldygymdy.
Içimden öz-özüme käýindim, ýüregime basalyk berdim.
Bular-a iki sany ejiz maşgala, a saňa näme, sendenem bir
erkek bormy. Eger hälki ýylan aždarha bolup geläýende-de,
suwdan çykaýyjy bolma!
Göwnüme welin şol ýylan suwuň aşagy bilen bir ýerlerden
gelip, aýagymdan hatladaýjak ýalydy. Şeýle-de bolsa men
110
syr bildirmezlik üçin gürlän mahalym arkaýynsyrap
gürledim.
- Ýylanyňam akyly gözündedir-le, sähel päliniň
azaýdygy alaw ýaly oragyň özüni tike-tike edip dograýjagyny
bilýändir-le.
Endamyna ýelmeşen öl köýnek Sarygyzy gözilginç
hem-de gyzykly edip görkezdi. Häzir onuň köýneginiň
ýeňsesindäki gyz göwüsleri dyňzaşyp, bili inçelip, baldyry
baldyr, omzy-omuz ýerinde aýyl-saýyl bolşup gözýagyňy
iýýärdi. Erkek adamdygyňy ýadyňa düşürýärdi. Ýüregimiň
hoşamaý duýgular bilen dolany üçin men özümiň suw boýlap
duranymy hem, hut birki minut mundan öň ýanymdan
suwýylanyň bir kenardan beýleki bir kenara ýüzüp geçenini
hem unudyberen ekenim.
Häzir meniň öňümde zeberdes Sarygyz däl-de, inçesagt
uzyn, diňe gözleri hem hereketleri bilen meniň tanaýan
Sarygyzyma çalym edýän başga bir Sarygyz çöplüge gaçyran
iňňebagjygyny gözlän bolup, güýmenjiräp dur.
Etegini sykyp duran gelnejemiň, aşaklyk bilen özümi
synlaýanyny duýan wagtym bada-bat özüme geldim,
soňundanam utandym.
Şundan soň tizräk olaryň ýanymdan gidäýenlerini kem
görmedim.
- Gelneje, bolmasa siz gaýdyberiň, ýabyň içinde indi
bary-ýogy dört-bäş sany çöp galdy, olaram özüm çalgylaşdyryp çykaryn.
Men ilki gelnejemiň ýüzüne, soňundanam şu gep saňa
hem degişli diýýän manyda Sarygyzyň ýüzüne seretdim.
- Ýör, senem biz bilen gidäý. Oňa-muňa güýmenen
bolalyň, ýaňky ýeksurun biraz ýatdan çykyşansoň, täzeden
gelip başlabiris!
Sarygyz şeý diýdi-de, meniňem suwdan çykyp, özleri
bilen gitmegimi isledi.
111
- Ýör, şeýdäýeliň! - diýip, gelnejem hem Sarygyzyň
pikirini unady.
Gelnejem bilen Sarygyzy arkaýyn edip ýanymdan
ugratsamam ugratdym welin, şundan soň meniňem işläp
wejim bolmady.
Gyssanmaç ýabyň içindäki görnüp duran gamyşlary
çalak-çulak kakyşdyryp, ýapgyra çykyp arkaýynlandym.
Soňundanam özüme «Gaty tiz geldiň-le, ýa senem gorkup
gaýdyberdiňmi?» diýläýmezligi üçin şu golaýda biraz
eglenmeli diýen netijä geldim.
Gün depä ýarmaşdygyça kölegesi kemelýän hyşalaryň
biriniň kölgeliräk tarapyny peýläp ýerleşdim.
Ýöne daş-töwerekdäki sygyr lapbaçlarynyň töweregine
üýşüşen mör-möjejikler meni bu ýerde uzak oturtmadylar.
Assa-ýuwaş ýöräp yzyma dolanmak bilen boldum. Emma saýa
ýetip-ýetmän otuz-kyrk ädimlikde ýene-de biygtyýar
saklanmaly boldum. Hyşalaryň arasy bilen gelenim üçin
saýada oturan Sarygyz bilen gelnejem meni görmedi. Bu
ýerde töwereginiň çolalygyny alan Sarygyz gelnejemiň
börügini öz başyna geýip, gelin bolup görýän ekeni. Ol «Hany
seret, gyz, ýapy ýaly gelin bolaýandyryn görseň!» diýip,
özüni gelnejeme güjeňleýärdi, bälçireýärdi.
Gelnejem börüksiz, mojap oturmagy gelşiksiz hasap edip,
mahal-mahal ellerini Sarygyzdaky börügine uzadyp:
- Getirsene gyz, şol ireniň nämesine höwes edýäň-ä,
kelläňe soky geýen ýaly edip, nämedir öýdýäň şol sebili!?
Saýanyň gamşyna sokulgy aýna bölegini alyp, öz gelin ýüzüni
görýän Sarygyz bolsa gelnejemiň börügini özüne bermäge
gyssanmaýardy. Aýna seredip oturyşyna, ol saçynyň
maňlaýyna düşen tarlaryny aýasy bilen sypalaşdyryp, tertibe
salyşdyrýardy, gozganan wagty ýeňsä agan börügini dikeldip,
şahyna geýen bolup gülümjireýärdi. Börükdäki ýaşmagy
dodaklarynyň arasynda gysyp, gelinsiräp, kimdir birine eglip
salam beren bolýardy.
112
Gelnejem Sarygyzyň gyz höwesine düşünip, bu gezek
oňa göwünlik berip gepledi.
- Gyssanma, gyz, uruş-gykylyk bir gutarsyn bakaly.
Oglanlar uruşdan gaýdyp gelerler. Ana, onsoň seniňem
gurduň gündiz uwlar. Olar bize: «Hany, heleýler, orak-piliňizi
bäri beriň-de, öz heleýligiňiz bilen boluň. Besdir, esli mahal
erkeksiräp gezdiňiz, indi ýene-de çaga dogurmagy ýadyňyza
salyň, arlyk-kirlik ýuwuň» diýerler - diýdi.
Sarygyz gelnejemi diňläp, ynamsyz gürledi.
- Hullasy, ýag iýip-ýalaňaç ýatybermeli boljak-da onda!
- Sabyr edeli, bolar enşalla.
- Torly keliň-ä är tapylmadyk Käkiliginiň başyny
düýn-öňňinlikde yrym üçin boganmyşlar...
Şundan soň gürrüňdeşleriň hersi özüçe oýlanyp, birnäçe
minutlap sessiz-üýnsüz oturdylar.
Gelnejem boýnuny uzadyp, daş-töweregine sereden
wagty, men özümiň ýatlananymy çak etdim. Ýöne gamyşlaryň arkasynda duranym üçin men onuň gözüne ilmedim.
Dymyşlykdan soň, Sarygyz öz gürrüňini menden başlady.
- Tüweleme, gelneje, gudumanja ýüwürjiň-ä bar. Muny
gyzlar halasa gerek.
- Biraz gyzmarak diýäýmeseň - diýip, gelnejem öz
makullaýjy gürrüňini meniň kemçiligimden başlady. - It
haýyr görmez züwwetdin-ä däl, şoňa-da şükür. Haýsy iş
bolsa-da, güýji ýetse-ýetmese tomalanypjyk ýör. Öýe düşen
günlerim munuň läliksiredilişini görüp, meniň-ä agyzlarym
açylypdy, gyz. Şol günler öz ýanymdan, mundan öňde-soňda
hem oňly adam çykmasa gerek diýip oýlanardym. Döwlet
neresse bolsa: «Ýazlynyň ýüregi uly, şo-da muny kakabaş
görkezýär. Hemişe ýüregi uly adamlar serkerde bor ekenler»
diýip, oňa özüçe guwanardy.
- Özge zadyňy-ha bilemok welin, gelneje, bi Mele
şeýtanyň-a hut hakyndanjyk çykypdyr. Şol günüň ertesi
şeýtan baryp, Akjemal tebibe ýüregini görkezenmiş. O-da
8. Sargyt
113
şeýtana ýüreginiň süýşenini aýdyp, aýagyny göterdip, daş
bilen dabanyna uranmyş. - Mele şeýtanyň gülkünç ýagdaýy
göz öňüne gelen borly, Sarygyz sözüniň arasynda guwançly
ýylgyrdy. - Hälem Donly aga wagtynda baraýan ekeni,
ýogsam ol şeýtanyň öýünem otlaýjak ekeni. Şeýdäýen bolsa,
ana, bir iş bitiren ýigit bordy.
Ol soňra bir tarapa seretdi-de, hamala, şol oda çoýunyp
durana meňzedi.
- Mele şeýtan şol gijäni çirim etmän geçirenmiş. Uzakly
gije «häli geler, şindi geler» bilen öýüniň töweregiňde
aýlanyp geçiripdir. «Şuny bir bahana tap-da, tizräk obadan
ýok et, boýa esli bar, bolmasa-da ýaşy ýetdi edip munam urşa
ibereliň, bu bulam-bujarlykda kim bu zatlaryň yzyny derňäp
dur» diýip, başlyga hem ýalbaranmyş.
Açlygymdan içegelerimiň jugurdaşyp durany üçin,
saýada edilýän gürrüňleriň gulagyma ýakymlydygyna
seretmezden, hyşanyň kölegesi bolup bu ýerde uzak durasym
gelmedi.
Gelnejemiň börügini geýip, gelin bolup oturan Sarygyzy
utandyrmazlyk üçin yzyma gidip, hol allowarradan «Ine, men
barýan!» edip, haýsydyr bir ýadyma düşen aýdyma gygyryp
gaýtdym.
VI
Gijäniň birmahaly kimdir biri adymy tutup meni yralady. Gözümi açan wagtym uly gelnejemiň üstüme abanyp
duranyny gördüm. Men işden gelen wagtym ol öýde ýokdy,
diňe kiçi gelnejem ýorgançasynda süýnüp, uklar hyýal bolup
ýatan Ýussujygyň arkasyny sypalaşdyryp oturan ekeni.
Uly gelnejem indi iki günden bäri Ogulnäz mama bilen
agyz-dilden galyp ýatan Donly agany saklaýardy. Indi iki
günden bäri men işden gelip, «Donly akgaň taby nähili, bäri
bakarlymy?» diýen soragyma «Şol bir ýatyşy» diýen gysgajyk
jogaby alýardym. Her gezek Donly aganyň halyny sorap
114
gaýdamsoň, onuň kesel zerarly tapdan düşen ýüzüni,
bulançak göreçlerini göz öňüme getirip, Donly akganyň ogly
Ýakubyň gelerine garaşyp bilmejegini gyýlyp ýatlaýardym.
Gelnejem töwerekdäkileri oýarmazlyk üçin pyşyrdap diýen
ýaly gepledi:
- Olaryň-a haly pes, kimdir birini gözläp, gözüni işige
dikip ýatyr.
Men ol ýerde özümiň gerekdigimi bilip, gözlerimi
owkalaşdyryp, gelnejemiň yzysüre daş çykdym.
Ol ýerdenem meni Söýünaly oba, Donly aganyň aýal
doganyny getirmäge iberdiler. Ýolboýy men Donly aga bilen
bagly pikirlerden başga hiç zadyň pikirini edip bilmedim.
Her gezek ol Görogly begdir, onuň kyrk ýigidi hakynda
gürrüň edende, men öz ýanymdan, Donly aga hem onuň
ýigitleriniň biri bolan bolsa gerek diýip oýlanýardym. Sebäbi
ol Görogly beg barada şeýle bir beletlik bilen gürlärdi welin,
şuň özem Görogly bilen at segredişip, bile gezen bolsa gerek
diýen pikir biygtyýar kelläňe gelýärdi.
Donly agany diňleýän mahalymyz bizem hyýalymyzda
gyr atlara münüp, Görogly begiň yzy bilen Çardagly
Çandybiliň daşyny gaban Hüňkaryň üstüne at goýardyk. Ol
bir ýola şähere parada giden gezegim maňa özüniň silkme
telpegini hem geýip gitmäge beripdi. Beýle gowy telpek ol
günler meniň ýaly oglanjyklara ynanylýarmydy näme? Ol
bolsa sorap baran mahalym, söz hem gaýtarman, sandygyň
üstünde duran telpegini alyp beripdi. Şol gezek şäherde
hemmeleriň gözi meniň telpegimde bolupdy.
Men Donly aganyň dogany bilen öwrülip gelen mahalym,
eýýäm boljak iş bolana meňzeýärdi, ýaşulynyň öýüniň
töwereginiň märekesi köpelipdi. Onda-munda üsti gaňňaly
del eşekler daňylgy durdy. Başlaryna köne bürenjek bürenen
aýallar Donly aganyň ýatan jaýy bilen gamyş kepbe
aralygynda gatnaýardylar. Obanyň ýagşysyna, ýamanyna
115
ýarap ýören Abdylla çolak, Gurt milise dagam eýýäm bu
ýerdedi.
Bu zatlaryň hemmesi gönüden-göni şumlugyň alamatydy. Sapar lal bilen Çerkez hem gelip, ikisi iki ýerden ses
etdiler.
Donly aganyň jesedi çykarylan wagty ýaşulular, häzir
onuň ogly Ýakubyň bu ýerde kemlik edýänini ýatlaşyp, onuň
ýakyn garyndaşy hökmünde, tabydyň öňüni götermegi maňa
ynandylar.
Dogrudanam, men öz serdarlar toparymyzyň erkek
göbeklileriniň arasynda iň ekabyrragydym. Toýlam meniň
ýaşytdaşym, o-da biziň serdarlarymyzdan, ýöne näme
üçindir, onda hiç kimiň gözi eglenmedi. Tabyt göterilen
wagty, ähli agram bir özüme düşýän ýaly, iki dyzymam
birden sandyraklady. Ýöne Donly aganyň indi eşegini
dikgirdedip, her gün salkynda öz ýanyma ota barmajagyna,
Görogly beg hakynda aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini
diňlemejegime birbada ynanmadym.
Donly agany baýra-öwlüýä getirenimizden soň, üst-başyny
ala çaň edip, jaý gazan adam çukurdan çykyp, bir gapdala
çekildi.
Serdarlardan girip görjegiň barmy?
Men daş-töweregime seredip, häzir bu ýerde serdarlardan
bir özümdigime ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Bir pursatlyk
üýşüşip göz önüme gelen, «Sen dur, men öleýin!» diýşip
duran hajraw ýaly serdarlaryň häzir bu ýerde hiç birisi
ýokdy. Olar duşman üstüne okdurylyp barýan ýagyrnysy
ýyldyzly tanklaryň yzy bilen «urra» gygyryşyp çozup
barýardylar.
Hawa, men olaň gözleriniň öçli ýalpyldaşyp gidenini hem
gördüm...
Men ol ýerde gazylan gubur jaýyny näme etmelidigimi
bilmesem-de, toparymyzyň erkek göbeklisinden häzir
bir-özümdigimi ýatlap çukura ýöneldim. Ýöne Gurt milise
116
çukura girmänkäm meni saklady. Görejini gözokarasynda
eýläk-beýläk togalap, eli bilen «Sen çekil, özüm!» diýen yşarat
etdi. Donly aga üçin gazylan uly jaýda süýnüp uzynlygyna
ýatyp gördi. Biz etrapda däp bolan düzgün boýunça
merhumyň iň ýakyn hossarlarynyň biri onuň üçin gazylan
jaýa girip görmeli, ony synlamaly hem-de öz göwnüne görä
jaýlamaly ekeni. Men öz etmeli işimiň hut şudugyna göz
ýetirip, duýdansyz bir bedre suw başymdan eňterilen ýaly
erbet hopukdym. Bogazym dolup, gaňşyrawugym tütäp gitdi.
Aglap, ejizlemezlik üçin asmana, ak bulutlaryň arasyna bir
ýere seretdim.
VII
Başlygyň kontora çagyrýanyny eşiden mahalym, elim
işden sowady. Pilimi egnime atyp ýapgyra geldim-de,
dabanyma, baldyrlaryma ýelmenen palçyk böleklerini ýuwuşdyrdym, bolan-goýan wakalary ýatlap, «Başlyg-a öz dostunyň
aryny almakçy bolýar-ow» diýip oýlandym.
Dogrusy, men häzirki çakylyga bu gün däl, şol Mele
şeýtanyň howlusynda goh turzan günümiň dek ertiri
garaşypdym. Ýöne başlyk sabyrlylyk edipdi. Belki, ol meniň
işimde bir kemçiligiň ýüze çykaryna garaşýandyr, amat
peýleýändir. Belki-de, gijeden-gije bukdaklap, kolhoz
harmanyndan däne ogurlap ele düşerime garaşýandyr.
Başlygyň öýümizi her günki adam başyna berilýän däneden
kesmändigi ýadyma düşen mahaly bolsa, men ýene-de öz
pikirime garşy boldum. Kontoryň howlusyna giren mahalym
ýürek urgym güýçlendi, birbada başlygyň oturan jaýynyň.
bosagasyndan ätlemäge aýagym çekmedi. Ýaýdanjymy
gizlemek üçin gapynyň öňünde eýläk-beýläk gezmeledim.
Ýarym-ýaş bolup aglap jaýdan çykan, indem başyndaky köne
çabydynyň etegi bilen gözüniň nemini süpürip barýan aýalyň
yzyndan «Uruşdan bir erbet habar gelen bolsa gerek» diýen
oý bilen seredip durdum.
117
Men jaýa giremsoň gapynyň golaýyndaky oturgyçlaryň
birine çökdüm. Çekinibräk ýüzümi göterdim-de, töweregi
synladym. Meniň gelenime bir howa Sumsar wagadan başga
hiç kim üns bermedi. Sumsar waganyň ýürek urgusynyň
üýtgändigi onuň hereketlerinden mälim boldy. Ol barmaklarynyň arasynda pyrlap oturan galamy bilen temegini gaşan
boldy, soňundanam ony agzyna sokup müşdük edinjek ýaly
etdi-de, ertibem gulagyna gysdyrdy. Häzir bu ýerdäki
üýşmeleň, ýygnak bolup ýygnaga hem meňzäp baranokdy.
Adaty, mesaýy gürrüňçilik hem däldi. Ortada, ýüzi güne
garalan bagyr ýüz aýal solak alaça köýnegiň içinde eginlerini
sallap, uly günä eden ýaly, bir ýere seredip durdy, öňdäki
üstüne gyzyl mahmal ýapylgy stoluň aňyrsynda Sumsar waga
bilen Dostmuhammet başlyk ýerleşipdi. Men göz astyndan
syn eden mahalym Dostmuhammet başlygyň ýüzüniň
ytygsap, horlanandygyny gördüm. Başyndaky sur bagana
telpegi indi oňa uly bolýana meňzeýärdi. Ol öz adatyna görä
ýüzüni aşak salyp, geplemän otyrdy. Garynlak Aýaz birgat
bilen ýanaşyk oturan Mele şeýtan, gözlerini jeljelledip,
ortada duran aýaldan sorag soraýardy. Ol aýal men şindi
gapydan girmänkäm, «Keselledim» diýen borly. Mele şeýtan
«Seni kesel näme etsin, sen itdenem sag» diýip, ortada
birtopar itiň arasyna düşüp, indem näderini bilmän bir
gysym bolup kiçelip duran aýalyň üstüne kükreýärdi. Aýal
öz ýanyndan «Bulary geplemedik ýeňer» diýen netijä gelen
borly. Ol ýene-de erjellik bilen dymmagyny dowam etdirdi.
Onuň ýer bolup dymmagy Sumsar waganyň ýüregine düşen
borly, ol elini salgady-da, ur-tut gepe goşuldy.
- Patma, näme gara sygyr bolup gazaryp dursuň. Geple-dä
bir zat!
Sygra meňzedilip kemsidilme Patmanyň därisine ot
berdi.
- Eneň gara sygyr, iki çagasy bilen ärinden aýrylyp gelen
bajyň gara sygyr!..
118
- Sem bol!
Sumsar waga ornundan gobsunyp, Patmany öjükdirdi.
- Sem bolman, sem edip bilşiňi et-dä, ýüzi gotur,
ýerçeken! Men öz topragymyň üstünde ýaşaýan, her bir atasy
at torbada gelen meni sem edip bilmez.
Patma soňky jümläni Sumsar waganyň kakasyny göz
öňüne tutup diýdi. Bary-ýogy sanlyja sekundyň içinde, ýaňky
ýüzi bilen ýer diläp oturan biçäre indi meniň gözümiň öňünde
gaýduwsyz, merdemsi zenana öwrüldi. Men bolsa öz
ýanymdan ol barada bu aýal ýene-de sanlyja minutdan tüsse
bolup çaşar, ýarym-ýaş bolup aglap başlar diýen netijä gelip
otyrdym. Patmanyň häzir güýç-gaýrat tapyp, özüni
goramagy meni begendirdi.
Bu galmagal başlygyň ýüregine düşen borly, ol kellesini
sähelçe göteren ýaly etdi-de, henizem gahardan ýaňa
sandyraklap duran aýala seretdi.
- Patma, bar öýüňe gaýt, özüňem her diýlen zada janyňy
ýakyp ýörme! Günortana çenli öýüňdäki işleriňi edişdir-de,
öýlän iş ýerinde bol!
Patma çykyp gidensoň, jaýda oturanlar gyssaga düşende
onuň boluberşinden hezil tapyşyp wakyrdaşyp gülüşdiler.
Hatda Dostmuhammet aganyň hem küti dodaklary biri-birinden
daşlaşyp, dişleri akjaryp göründi. Sumsar waga gülüp
bolansoň gözüniň nemini süpürdi-de, görejini meniň
töweregimde gezdirmäge başlady. Bu onuň «Indi nobat
seniňki, goç ýigit» diýdigi bolsa gerek. Dişini çokalap oturan
Mele şeýtan bolsa meni görmedik boldy. Ýöne içki harasady
ony öz gününe goýmady. Ol ardynjyrap, iki ýana oýkanjyrady. Men birnäçe sekuntdan özümi nazara aljak, bulançak,
soranjaň gözler barada oýlanyp otyrdym. Şu arada hem
ýüregimiň bir ýerlerinde bir garagol höwes döredi-de,
ynjalygymy gaçyrdy. Bu höwes, Mele şeýtanyň ýüzüne «Ar
almakçy bolýaňmy, şeýtan?» diýen manyda seredip, baş
atmak, onuň gaharyny getirmek höwesidi. Şeýle ýagdaýyň
119
özüm bilen öň hem bir gezek bolany meniň ýadymda. Ol
gezek bu ýagdaý hemişe saçymy agyrdyp syrýan Ahmet aga
bilen baglanyşykly bolupdy. Bir gün men Ahmet aganyň
kölegede uklap ýatanyny gördüm. Şonda onuň sakgalyny
şeýle bir syrasym gelipdi welin, tas göwnüme düwen zadymy
isleýşim ýaly hem edipdim.
Dostmuhammet aga gözi bilen meni oturgyçlaryň
arasyndan tapdy. Birnäçe minutlap ses-üýnsüz üst-başymy
synlap oturdy. Ýuwdundy.
- Geldiňmi, başlyk?
Gowaçalaryň ýagdaýy nähili?
- Oňat. Suwsatmajag-a bolýas.
- Pagtalary suwsatmaly däl. Ýogsam-da, näme üçin ol
meniň al diýen çaryklarymy sen henizem almansyň?
Men sesimi çykarmadym. Dostmuhammet aga Sumsar
waga tarap öwrülibräk sorady.
- Getirdiňmi?
- Hawa, getirmelimi?
- Äkel!
Sumsar waga ör turup gitdi-de, goňşy otagdan üç jübüt
çaryk bilen dolanyp geldi. Men özüme uzadylan çaryklary
aldym-da, rugsat berlenine mähetdel gapa ýöneldim. Hamala,
şol itli waka eýýäm hemmeleriň ýadyndan çykan ýalydy. Hiç
kim meniň garaşan zadym barada dil ýarmady. Men jaýdan
çykanymdan soň hem gapydan uzaklaşman, birnäçe minutlap
ýeňsämden eşidiljek gülki seslerine garaşyp durdum. Hiç
kim gülmedi.
Men welin özümiň şu üç jübüt çaryk üçin ýörite kontora
çagyrylanyma henizem ynanyp bilemokdym.
VIII
Giçlik işden öýe gelen mahalym uly gelnejemiň jigim
Ýussujygy gujagyna alyp, arkasyny diwara berip perişan
120
oturanyny gören wagtym, süňňüm bir ýakymsyz zady syzdy.
Gelnejemiň beýle ýanynda bolsa, her gün towuk ýaly ir
ýatýan gyz jigim mysylap, süýjüje uklap ýatyrdy.
Gelnejem biraz mundan öň haýsydyr bir zady ýüregine
sygdyryp bilmän aglan bolarly. Ortada jynyň yşygy ýaly
bolup ölügsi ýanyp duran çyranyň ýagtylygyna, men onuň
gabaklarynyň biraz ýellenendigini gördüm.
Iki gelnejem bir zadyň üstünde bir-birleri bilen hyňranyşan bolmaga çemeli, şeýledir. Kiçi gelnejem öýkeläp,
turup öz jaýyna ýatmaga gidendir. Ilki kelläme gelen pikir
şu boldy. Ejesiniň öňünde oýaly-ukuly ýatan Ýussujyk meniň
gelenimi görüp begendi. Ylgap gelip, boýnuma böküp
jedirdedi.
- Ýazly kaka, Ýazly kaka, biziňkä sakgallak baba geldi!
- Hany!
Men Ýussujygyň çyrşaklyja ýaňajygyny ysgap durşuma,
onuň özüne sorag berdim.
- Ol gelnejem bilen heý-läk... daş ýere gitdi. Ejemem
aglady, gelnejemem meni köp-köp ogşap aglady.
Bir bolmasy işiň bolandygyna indi kemsiz ynandym.
Ýüregim jigläp gitdi.
- Gelnejeň-ä kakasy gelip äkitdi, ýaňyja gitdiler, çykan
bolsalar ýaňy obadan çykandyrlar.
Uly gelnejem şeý diýdi-de, ýerinden gobsunjak ýaly edip,
ýene-de aglady.
- Näme üçin?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.