Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11

Total number of words is 3773
Total number of unique words is 2085
31.2 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
meni ölendir öýden, päkize gelni ele salmak höwesi bilen
galkynan göwre ýene-de bir zat diýmek üçin çemelenen
mahaly, men ol göwräniň çemesini aldym. Tüpeň atylan
dessine Aýnabat ýene-de ýere ýüzin düşdi. Wagty bilen
garşydan jogap eşidilmedi. Şeýle-de bolsa men öz okumyň
170
nyşana degenine ynanyp bilmän, esli oturdym. Jogap
hökmünde ok atylmady. Jülgäniň içine ümsümlik aralaşdy.
Turmaga hyýallananymam şoldy welin, bäş-alty sany atly
jülgäniň ol başynda peýda boldy. Ol atlylar tüpeň sesine
sowlan öz adamlarymyz bolup çykdy. Olar Derwezäniň üsti
bilen Zäklä, şol ýerden çykan kükürt magdany bilen gyzyklanyp barýan adamlar ekeni. Soraşyp-ideşilenden soň men
olaryň biri bilen ok atylan ýeri ýörite barlamaga gitdim. Ol
ýerde Ahmet aganyň kükregini otlan adam kiçiräk tümmegiň
gapdalynda demsiz-düýtsüz tükge düşüp ýatan ekeni. Ol
saçynyň eteginden ýaňy ak girip ugran, dykyz, togalak kelleli
adam bolup çykdy. Men çemini alyp atan okumyň boş
geçmändigine diňe şundan soň ynandym. Onuň beýle
ýanynda bir oý ýerde Ahmet aganyň atynyň duranyny
gördüm.
Ahmet aga ok degen badyna jan beren ekeni. Men onuň
kellesini dyzymyň üstüne alyp, açyk gözleri sypalap
ýumduran mahalym, ol eýýäm ölülere mahsus sowuklyk bilen
basyrylypdy.
Biz ony sürüp gelýän jülgämiziň sag ganatynda, öten-geçene
bu ýerde şehit ýatany uzakdan görünjek, jülgäniň beýgelýän
ýerinde ýer-jaý etdik.
Alty atly biz bilen sagbollaşyp, ýüzlerini gündogara Kükürtlä tutup ugransoňlar, meniňem bu büdrän ýerimizde
uzak eglenesim gelmedi.
Ýagyş bolsa ýüzüni gijä tutup, hünübirýan ýagyp durdy.
Biz goş-golamlarymyzy jemläp, gamgyn, alasarmyk halda
ýola düşdük. Ahmet aganyň başujy älemli mazary biziň
yzymyzdan hasratly seredip galdy.
***
Gijäniň bir mahaly ýagyş diňip, alaňlaryň üstünde
ýene-de aşyrym-aşyrym aşyp gelýän şemal peýda bolupdy.
Bu şemal ýagyşdan öň ösen, iniňi tikeneklediji sowuk şemal
171
däldi. Ýaz şemaly ýaly hoştap hem-de mylaýym şemaldy.
Biziň synymyzy galgadyp, süňňüne mahsus mylaýymlyk
bilen ýüzleri sypalaýardy. Şemal açyk ýakadan kürsäp içime
giren mahaly öl geýim bilen beden aralygyna howa düşüp
ýagyrnyma sowuk suw dökülen ýaly bolup gidýärdi.
Gelip bir açyklykda goş düşürdik. Bize ot ýakmak, öl
geýimleri çalşyrynmak hem-de bir zatlar tamşanmak gerekdi.
Ýagyş biziň eýimizi ýetiripdi. Şeýle-de, biz juda ajygypdyk.
Meniň gözüm garaňkyrap ugrapdy, bu ýagdaýdan çykmak
üçin nämedir bir zatlar garbanmak gerekdi.
Özüm garaňka çekilip, Ahmet aganyň goşunda galan
geýim-gejimi bile çalşyrynyp gelemsoň, horjunymdaky
özüme tagallyk geýimlerimi Aýnabadyň öňüne zyňdym.
- Bar, senem git-de, guruja geýim geýnip gel!
- Gerek däl. Oňaryn...
- Göwnüňe zat getirme, ol meniň öz geýimlerim, Ahmet
aganyň geýimlerini meniň özüm geýdim.
- Şonda-da geýjek däl. - Ol ýene-de boýun gaçyrdy. Onuň
bu bolşy, meniň kakynymy tutdurdy.
- Geýinmeseň, ters geýin! Saňa hezzet ýaraşmaz diýerler,
aýallaryň eşek gatanjy bar diýerdiler welin men ynanmaýardym, şol gaty dogry söz eken. Asyl geýäýmegin, buý-da
öl! Ertir men seniň ene-ataňa jesediňi eltip beräýerin.
Men bu sözleri gahar bilen zarply-zarply aýdyşdyran
mahalym, Aýnabadyň oduň aňyrsynda görünýän ýüzüniň
hurmaýy gyzyl bolanyny görýärin.
Aýnabat meniň gaty görýänimi görüp, öňüne taşlanan
geýimli düwünçegi aldy-da, oduň başyndan turup gitdi. Men
uky arasynda onuň öl geýimleri oduň töweregindäki
çöp-çalamlaryň üstüne atyp serişdirip ýörenini gördüm. Ertir
oýanan mahalym, gurapmy-ýokmy, öňki zenan geýimleri
ýene-de onuň egnindedi. Ol oduň başynda özi üçin atylan
horjunyň üstünde çaýy, gowurmadan bişiren naharyny
172
taýynlap, meniň turaryma garaşyp oturan ekeni. Onuň ýüzi
uky alanyň ýüzüne meňzemeýärdi.
- Sen ýatdyňmy, Aýnabat?
- Ýok.
- Birsellem gözüň awusyny almaly ekeniň-dä!
- Ukym gelmedi. Bu ýerde biz öň düşläp öten ekenik...
- Göwnüňe bolaýmasyn. Çölde meňzeş ýer kändir.
- Ýaňy gezip ýörkäm, öz düşlän, ot ýakyp nahar bişiren
ýerimizi tanaýdym. Biziň ýerleşen depämiziň beýleräginde
Gulmet aganyň düýesi ýykylyp boýnuny omurypdy. Erkek
adamlaryň: «Orta ýolda atyň durmasyn, orta ýaşda aýalyň
ölmesin» diýşip, düýäniň töwereginde aýlanyşlary ýadymda.
Aýnabat soňundan elini uzadyp, maňa töwerekdäki
gijäniň eteginden çykan depeleriň birini görkezýär.
- Ana, hol üsti giňiş depe bolmaly...
Men görýän diýen manyda «hüm-m» diýýärin. Özüm
bolsa göz astyndan Aýnabadyň agydan, ukusyzlykdan
ýellenen gabaklaryny, mahal-mahal çytylyp-çytylyp gidýän
ýüzüni, özüme näbelli sebäplere görä, ýaňaklarynyň gyzaryp
gidýänini görýärin.
Atlanyp ugramazymyzyň öňüsyrasy, Aýnabat sorap
meniň gutulyşyp ugran, mahal-mahal gijäp ýüregime düşýän
ýaramy ýadyma saldy. Ol melhemläp ýarany saraşdyrýan
mahaly, maňa ýene-de bir gezek onuň gije-gündiz göz
öňümden gitmeýän gelşikli ak boýnuny, buýralanyşyp duran
saçlaryny synlamaga mümkinçilik boldy.
Adaty çöl görnüşiniň arasy bilen biziň herimiz öz
pikirimize gümra bolşup, aýry-aýry dillerde sözleşýänler
ýaly, söz alyşman diýen ýaly gidip barýarys.
Indi tizden Hywa obalarynyň biriniň üstünden baryp
düşjegimiz, Aýnabat bilen aýrylyşmaly boljagym ýadyma
düşýär. Söýgi diýilýän zat hut şu bolsa gerek. Meniň
Aýnabatdan aýrylyp, hol ýerigem gidesim gelenok. Onuň
ýanynda bolmak, şelaýyn mähirli süýji-süýji gepleşmegem,
173
meniň üçin hemişe ýakymly. Aýnabat ýanymda bolsa, men
uzakly ömrümi şeýdip at üstünde gezip ötürmäge razydym.
Indi Aýnabat hem şol Pendiden gaýdylandaky, bize syny
oturmaýan gelin däl-de, ýüregi düşüşen, biziň özi üçin gören
görgülerimizi hasaba alýan, soran zadyňa mylakatlylyk bilen
jogap berýän adaty zenandy. Ýolda men ýene bir gezek ýüregi
bire baglap, bagtymy synap gördüm. Atymy sürüp,
Aýnabadyň münüp barýan aty bilen deňleşdim.
- Aýnabat, men-ä...
Ol meniň ýüzüme seredenden, ýüregimi aňdy.
- Gerek däl - diýip, başyny aşak egdi. Soňundan
ýuwdunyp, ýene dillendi:
- Ýolboýy seniň küý-pikiriň men, Magsut, ony bilýän.
Irde-giçde barmaly bolaýsamam, senden gowa bararyn
öýdemok. Ýöne ynan, maňa özge gapyny açardan juda ir.
Meniň entek aglamaly agym juda kän... Maňlaýa kim ýazylan
bolsa, men şonuňky bolaryn. Sen ýazgytda bolsaň, bir gün
seniň ojagyň başyna bararyn. Ýogsa-da, hiç zady göwün-kine
etme, menden razy bol, Magsut.
Yzyndanam ol perişan bolup, gije bir irkilende gören
düýşüni ýatlady. «...Agşam ýene ol neresse meniň düýşüme
giripdir. Ikimiz biziň obamyzyň ýeňsesindäki alaňyň
üstünde, aýagymyzy çägä sokuşyp, bir-biregiň mährine
humar bolup otyrmykak diýýän. Düýş bolsa, onda düşnüksiz
bir zatlaram boluberýär. Birdenem, biziň oturan depämiz
edil ikimiziň aralygymyzdan çat açyp, japba bölünip, ugruna
boldy.
Ol-a alaňyň ol böleginde galdy, men bolsa ikinji böleginde
otyryn. Men oňa howlugyp: «Bök, böksene bärik!» diýip, alaň
bölekleriniň bir-birinden süýşüp daşlaşýanyny görüp
gygyrdym. Näderimi bilmän, depäniň üstünde ot-elek bolup
elewredim. Ol yzyna gidip, bat bilen bökerli görünse-de,
nämüçindir, bökmedi. Alaňlar bir-birlerinden daşlaşdygyça,
aralykdaky açyklyk şonça-da giňedi. Birnäçe wagtdan bolsa,
174
ol ada şol neressäniň özi bilen meniň gözümdenem ýitdi.
Özi-de meniň duran alaň bölegimi nämedir bir zat arkasyna
alyp, akdyryp barýan ýalydy. Birsalymdan men birtopar
adamyň başga bir depäniň üstünde üýşüşip, özüme seredişip
duranlaryny görýärin. Olaryň arasynda ilki Arnageldi agany,
soňundanam onuň ýanynda duran şol orus komandiri
tanaýan. Bir görsem, senem, Ahmet aga-da ol ýerde bar. Ol
bende meniň kakamdyr dogan-garyndaşlarymyň beýleräginde murtuny sypalan bolup, bir pikire maýyl bolup dur.
Özi-de ähliňiz üýşüşip, meniň ýoluma seredişip duranmyşyňyz...».
Biz şol gün gijaralar bir açyklykda ot ýakyşyp, töweregi dürbüleşip oturan üç-dört sany adamyň üstünden geldik.
Olar oba habar düşüp, bizi garşylamaga çykan, Aýnabadyň
dogan-garyndaşlary ekeni.
***
Meniň Hywadan dolanyp gelen günüm ýerde urpajyk gar
ýatyrdy. Bu gar gyşyň ilkinji, il içinde «it gary» atlandyrylýan gardy. Şol günüň ertesi men Hywadan özüm bilen
getiren horjunymy egnime atdym-da, Arnageldi aganyň
huzuryna bardym.
Horjuny görkezip: «Ine, bu bolsa Hywaly garyndaşlaryň
bar beren zatlary» diýýärin. Hälem siziň sargydyňyzy
ýatladaýdym, ýogsam-a muny-da bermezlikleri mümkin
ekeni - diýip, getirilen zadyň azdygyndan müýnürgäp,
sözümiň üstüni ýetirýärin.
Horjunyň içinden derňelende depesinde gurt seribermeli
üsti meýdanly, daşoguzly türkmenleriň halap geýýän
biçüwindäki bir telpek çykdy, soňundanam hywa dony, içine
duz garylan jöwenli düwünçek çykdy. Gözüm bolsa, bu
zatlary synlap duran Arnageldi aganyň ýüzündedi. Bu
getirilen zatlary az görse, özüme serpaý edilen don bilen
ädigem beräýerin-dä diýip, aýratyn bir alada bilen
175
oýlanýaryn. Arnageldi aga bu zatlary «hümm» diýip
durşuna, bir-bir gözden geçirensoň, başyny göterip, meniň
ýüzüme seretdi.
- Sag boluň, ýigitler, ýumuş ýerine ýetipdir.
Onuň nazary hem sözündäki minnetdarlygy gaýtalady.
Dogrudanam, Arnageldi aganyň özi düşündirensoň,
görüp otursam, biz hut komandirleriň ýüregi bolan ekenik.
Olaryň bu hyzmatlary üçin biziň çaklaýşymyz ýaly at münüp,
serpaý ýapynmak pikiri ýok ekeni. Bu zatlar pähimli adamlaryň uzak aralykdan özara bir-birleri bilen sözleşmesi biziň bolsa Hywa baranymyz, maşgalany dogan-garyndaşlaryna gowşuranymyzy mälim edýän alamatlar ekeni.
Beýle telpek, beýle don biz töweregiň ýörgünli geýimleri
däldi. Duz goşulan jöwen bolsa, tagam öz duzy bilen alyşdy
ýa-da gyzymyz sag-aman, agyraman-ynjaman gelip gowuşdy
diýmek ekeni.
Ahmet aga pahyryň şol gezek diýenini edip, Aýnabady
Tejende birine dakyp, bu zatlaryň ýerine komandirlere at
serpaý alyp, iş bitiren adam bolandan bolup geläýen bolsak,
tüýs öz jürümizi dikäýjegem ekenik...
176
Meniň size häzirki okamakçy bolýan eseriňiziň mazmunyny
aýdyp bermek maksadym ýok. Ýöne ol eseriň gahrymany sadaja,
şol bir wagtda bolsa batyrja, bir sebäp bilen asmana uçan Möngöz
atly güjüjek hakyndaky hekaýatyň welin size ýarajagyna
ynanýaryn. Sebäp, bir asmana göterilmek gerek, ana, onsoň ozalky
adaty zatlaryň hemmesi erteki täsinligine öwrülýär. Iň esasam,
uçan mahalyňda diýseň aýdym aýdasyň gelýär. Eýsem, senem şu
zatlary arzuw etmeýärmiň näme?
Adam düýşünde ösýär. Ag. Allanazarowyň «Şol bir gezek uçan
it» atly kitaby size huşda ösmäge kömek eder. Hawa, meniň esasy
aýdasym gelýän zatlarymyň biri-de, ine, şu: sen ata-eneňiň hem
bu kitaby okamagyny sora. Şonda sen olaryňam pikirlerinde
Möngöz ýaly uçup bagtyýar bolanlaryny görersiň.
Çagalara uly bolup görmegiň hökman bolşy ýaly, ululara hem
çaga bolup görmek hökman.
Bu kitabyň hemişe ulularyň çagalar bilen duşuşyp, ýylgyryşyp,
has gowy düşünişýän şol çatrygy - pursady bolmagyny isleýärin.
Çingiz AÝTMATOW
ŞOL BIR GEZEK UÇAN IT
Erteki-powest
I
Ol güjüjek Pendi çölünde süri maly bilen gonup-göçüp
ýören bir çopanyň goşunda dünýä indi. Onuň enesi sürüdäki
beýleki iki köpekden has duýgur hasaplanýan Lakma lakamly
bir ganjykdy.
12. Sargyt
177
... Şol gün ýagyşly gündi. Ir ertirden üýşüşip-çaşyşyp
ugran bulutlar gijara ahyrsoňy bir netijä gelipdiler. Mahal-mahal
ýyldyrym çakyp, onuň gazaby emer-damar bolup asmanyň
ýüzüne ýaýraýardy. Töwerek biraz ýagtylyp, soňundan gije
ýene-de bada-bat öz ornuny eýeleýärdi... Güjüjegiň ilki
gözüni açyp göreni it ysly süreniň içinde togarlanyşyp ýören
özi ýaly üç sany güjüjek boldy. Bular onuň özi bilen bir günde
doglan doganjyklarydy. Bir aýa golaý olar dört bolup bir
enäni emipdiler. Ene süýdi ýyljakdy hem ýakymlydy. Şondan
soň bir-ä ukyň tutýardy, ikinjidenem, garynjygyň tümmerýärdi. Güjüjekler üçin üçünji bir hezil zat, o-da oýundy. Olar
ýagdaý boldugy bir-birlerini dözer-dözmez dişleşip, basalaşyp
oýnaýardylar. Güjükläni bäri olaryň enesi-de goşdan uzak
gitmezdi, hem-ä goşy saklardy, hemem özüniň çagalaryna
göz-gulak bolup gezerdi.
Bir ýola çoluk oba gidende, bir wagtlar ýegeni bilen
ogluna: «Ýazda size güjüjek getirip bererin» diýen sözüni
ýatlap, güjüjekleriň iki sanysyny horjunyň bir gözüne salyp
gitdi. Güjügi alnan wagty topulmaz ýaly eşegiň gara ýüpi
bilen daňlan Lakma ýüpden boşansoň, horjunda giden
çagalarynyň yzyndan «taparyn» tamasy bilen kowup gitse-de,
gijara derek tapman ýene-de çyňsap goşa öwrülip geldi.
Möngözlüje bilen onuň uýasy bolsa öz oba giden
doganlaryny hemmeden öň unutdy. Birinjiden-ä, bu bolan
zatlar entek olar üçin düşnüksiz, bolany-bolmadygy näbelli
alasarmyk bir wakady. Ikinjiden bolsa, ol güjüjekleriň gitmegi mönlügi-sadalygy sebäpli hemişe üleşikden öz paýyny
doly alyp bilmeýän güjüjek üçin bähbit boldy. Şundan soň,
enesiniň süýdi-de, mähri-de, onuň uýasyna-da, özüne-de
bolelin ýetdi. Şeýle-de Möngözlüje entek dünýäde çopandyr
çolukdan, sürüdir, her gün onuň gapdaly bilen örä gidýän
iki köpekden, tirkeşip goşa oduk-buduk çekýän eşekdir
düýeden başga janly-jandaryň barlygyndan habarsyzdy.
Möngözlüje üçinem, onuň özünden çakgan uýasy üçinem
178
dünýä töwerekdäki şu iki gyryň aralygynda ýerleşýärdi.
Görmek üçin bolsa ýol söküp gitmelidi. Ýöne hemişe
güjüjeklerinden dynmazjan bolup ýören Lakma olary gözüniň
öňünden hiç ýere sypdyrmaýardy. Has-da Möngözlüjäniň
möňlügi dünýäde erbetligiň barlygy hakynda hiç zat bilesi
gelmeýänligi, hemmeleri öz ýüregine osup, oňat hasap edip
ýörmegi ony hemişe alada goýýardy. Beýle mönlügiň ertirki
günde, bu möjekler-itler iki tarap bolnup ýaka tutuşyp ýörlen
döwürde gowulyk getirmejegi köpi gören Lakma aýandy.
Möngözlüjäniň uýasy goýun-guzynyň, düýedir eşegiň ysyny
bir-birinden aýyl-saýyl etmegi tiz öwrendi. Biraz soňrak
bolsa ol ejesi ýaly çopanam, çolugam ýatan ýerinden ysyndan,
aýak sesinden tanamagy oňarardy. Möngözlüje bolsa, özüniň
mönlügi üçin, itleriň, hökmany bilmeli bolan bu endiklerini
hem has soň öwrendi. Ýöne eneleri oturan-turan ýerinde
janygyp sakyrdasa-da, diňe Möngözlüje däl, onuň uýasam
tä başlaryna iş düşýänçäler, eneleriniň: «Duşman bardyr, ol
siziň janyňyza-da kast edip biler, habardar boluň, hüşgär
boluň!» diýen sözlerine ynanmadylar.
Ine, bir günem Möngözlüjäniň enesiniň hemişe garaşýan,
Möngözlüje bilen onuň uýasy ikisiniň bolsa hiç wagt
garaşmadyk betbagtçylygy boldy duruberdi.
Şol gün Möngözlüje ukudan turanda Gün eýýäm al-asman
bilen tigirlenip barýardy. Güneş ýapyda ýaşaýan nakys
murtluja, daş sypaty ulumsyja alaka hin gazanda çykaran,
indem gapdalynda depe bolup duran guma ýaplanyp, hondan
bärsi bolup, sykylyk atyp, töweregi synlap durdy. Möngözlüje
daşaryk çyksa-da çykdy welin, ol ýene-de bada-bat ýyljak
ýatagyna dolanmak bilen boldy. Bu gün açyk gün bolanda
üstüniň gary agaryp görünýän Garly dag tarapdan şemal
öwüsýärdi. Şeýle bolanda bu töwerek hemişe sowuk bolýardy.
Möngözlüje ýene-de dört aýakda, iki gulak bolup, ylgap,
ligirdäp üşeýänini mälim edip, gelip enesiniň gujagynda
ornaşdy. Möngözlüjäniň soragsyz gidip, daşardan üşäp
179
gelenini görüp, hemişe her bir zatda onuň bilen basdaşlyk
edýän uýasy oňa enesine bir zat diýdirmek üçin ýarym ýaňsy
bilen gürledi:
- Ýeri, näme tiz dolandyň, geziberseň bolmaýamy?
- Sowuk-laý.
- Ejem saňa aýtmadymy näme?
- Men eşitmändirin...
- Bu mönlügiň bolsa bolmanda-da seniň ne-hä eşiden
zadyň bor, ne-de bilen.
- Eşidýän, näme eşitmän, häzirem eşidýän.
- Nämäni eşidýämişiň?
- Senem az-kem dymmagy oňar, senem eşidersiň.
- Näme barmyş?
- Goňşy alaka hininiň gapdalynda durup, sesini howada
hallanlatdyryp, sykylyk atýar.
- Hüm, onuň şol sykylyk atmadan başga başarýan zady
barmy näme.
Gürrüňiň çygry öz küreninden çykyp, iliň üstüne
baransoň, çagalarynyň çitde-mit gürrüňlerini göwnübirlik
bilen diňläp ýatan ganjyk gobsundy-da, gybata ýazyp barýan
gürrüňiň öňüni dolady.
- Ýeri, ýeri, aşa geçibermäň, goňşular bilen işiňiz
bolmasyn. Köp gepli bolsaňyz halamaryn. Her kim özüni
oňarmalydyr. Her kim özüni oňaranlygynda, onda bu
dunýäniň kem zady bolmazdy. Sizem özüňizi oňaryň,
goňşularyň ýalagy bilenem işiňiz bolmasyn, aşy bilenem.
Şu gürrüňden soň Möngözlüjä-de, onuň uýasyna-da il
gybatyny etmegiň gowy häsiýet däldigi, gybat edilse, enelerine ýaramajagy belli boldy. Möngözlüje-de, onuň uýasy-da
enelerini diňlänsoňlar dymdylar. Eneleriniň süňňünden
göterilýän ýylylyk birsalymdan olaryň ikisinem meýmiretdi.
Ol ikinji gezek öz uýasy bilen tirkeşip ýatakdan çykan
mahaly ir ertirki içinden-bagryndan geçip barýan sowuk
şemal indi ýagşy kiparlan ekeni. Töwerekdäki körpeçlerden
180
guzujyklaryň mäleşýän sesleri eşidilýärdi. Ýeriň süňňi
ýylapdyr. Ýene-de bir gowulyk, bu gün hemişe güjüklere
aýratyn bir mähir bilen seredýän çopan daýy hem goşda
galypdyr. Ol ýene-de goýun soýsa, Möngözlüje bilen onuň
uýasyny ganlyja et bilen naharlar... Çopan olarda çaga
täsinlikleri bolany üçin eý görýärdi. Çopana olar özleriniň
tomalanyp ýörüşleri bilen obadaky naşyja agtyjaklaryny,
olaryň oýunlaryny ýatladýardylar. Lakma çopanyň beýle
ýanynda özi üçin ýalak diýlip goýlan bir gulagy uçan çoýun
gazana tumşugyny sokup, bir zatlar tamşanýan ekeni.
Möngözlüje bilen uýasy ony görüp, ibirtde-zibirt bolşup, ýal
iýmäge howlukdylar. Şol arada gapdaldan goňşy alakalaryň
howsalaly sykylygy eşidildi. Olar kürseşip, özlerini hinlerine
başaşak urdular. Möngözlüje ol ýerde näme bolýanyny bilmek
üçin, ýeňsesine öwrülen mahaly, ýokardan äpet bir gara
zadyň özüne ýakynlap gelýänini gördi. Depesinde turan
güýçli pasyrdydan soň, ol özüniň aýagyny ýerden üzüp
göterilip barýanyny, uýasynyň bolsa çyňsap, ala basgy bolup
enesine tarap gaçyp barýanyny, enesiniň bolsa, näderini
bilmän pelesaň urýanyny gördi.
Ýüzugruna tokarja güjüjegi gapan garaguş ganatlaryny
pelpelletdi-de, barha ýokaryk göterildi. Gömme nan edinmek
üçin birýandan ot ýakyp, birýandan hamyr ýugrup oturan
çopan elini hamyrdan sogrup turan mahaly, oljasy oňan
garaguş eýýäm arany esli açypdy. Çopan tüpeňe ýapyşsa-da
onuňam haýry degmedi, garaguş eýýäm allowarradady.
Lakma güjüjegini halas etmek üçin garaguşuň yzyndan
birsalym o ýapydan bu ýapa tüwdürilip ylgansoň, onuň bilen
giden Möngözlüjäni asmanda gözden ýitirip, näderini
bilmän, bir ýapynyň üstünde asmana seredip çyňsap,
jowranyp galdy.
Garaguşuň penjelän ýeri - iki bykyny birneme agyrýardy
diýäýmeseň, uçmak Möngözlüjä ýarady. Häzir ol mönlügi
sebäpli enesinden, özi bilen çitde-mit bolşup oýnaýan
181
uýasyndan, gowy günlerinden aýrylýanyndan bihabardy.
Şeýle-de asmanyň mylaýym şemaly onuň ýüz-gözlerini
sypalap, göwnüni göterýärdi. Bykynyndaky agyra döz
gelmäge kömek edýärdi. Töwerek bolsa owsunyp, al-ýaşyl
meýdan bolup ýatyr. Alaňdyr depeler bir-birine meňzeşip
düňderilişip, düýe ýaly bolşup otyrlar. Bäý, özem olaryň
köpdügini, näçe köplügem bolsaň, her kime aýratynlykda
bir düýe ýetjek. Möngözlüje hatda pikirinde şol depe-düýeleriň
biriniň üstüne münübem gördi. Hemişe uzakdan örküji
agaryp görünýän Garly dag häzir hiç görülmedik bir alabeder
haýwan bolup garşyňdan çykyp golaýlap gelýär.
- Gör, nähili hezillik. Wah, Möngözlüje bu görnüşi
enteklerem näler synlajakdy-la, ýöne bykynyndaky barha
artýan agyry ony öz gününe goýmady.
Eý, wäg-eý! - Möngözlüje başardygyndan ýokarsyna
ýaýbaň ganatlaryny ýelpäp, uçup barýan garaguşa seredip,
nägilelik bildirdi.
- Näme bolanmyş? - Garaguş gyryljyk sesi bilen hondan
bärsi bolup, kinaýa bilen onuň habaryny aldy.
- Gysaňda gaty gysýaň, onsoňam ýüzümi ýelpemäň
näme?
- Häý, sammyjak.
- Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýýärdi.
- Ikisem bir zat.
- Aldama, ejem-ä beý diýmeýärdi. Wäk, ýöne gaty
gysma!
- Gysamda nädersiň?
- Bilmedim.
- Sammyjak, sen sammyjak...
- Hä, ýadyma düşdi, gysma, wäk, gaharym geler.
- Gaharym geler diýsene, ýeri, senjagazyň gahary
gelende näme? - Garaguş ýene-de kinaýaly gepledi. Özi-de
görgülijigi şundan soň öňküdenem gaty gysdy.
182
- Wäk, wä-geý!.. - Möngözlüje agyrysyna çydaman,
çyňsap ýokarsyna gözledi. Barybir ýokardan ýene-de wagty
bilen delalat bolmady.
Ýerde çagalary bilen gezelenç edip ýören şagal Möngözlüjäniň asmanda bolup gelşini görüp howpurgap, bada-bat
öz çagalaryny onda-munda bukmak bilen boldy.
Beýle syýahatyň hemişe näme bilen gutarýanyna belet
ene şagalyň, Möngözlüjäniň bolup barşyny görüp, oňa nebsi
agyrdy. Çaga şagallar eneleriniň raýyny ýykman, çöp-çalama
duwlanyp gizlenseler-de, Möngözlüjeden gözlerini aýyrmadylar. Hemmeleriň oňa gözi gitdi. Olar asmana seredişip
oturyşlaryna, heý bolmanda, bir gezejik Möngözlüjä meňzäp
uçup görmegi öz ýanlaryndan arzuw etdiler.
Enesiniň gapdalynda duran şagaljyk bolsa oglanlyk edip,
bada-bat arzuwyny diline aldy.
- Wah, menem şeýdip bir uçsadym.
- Öç, ýerçeken, agzyňdan alasygyr bassyn!
Ene şagal oňa jabjynanynam az görüp, temmi hökmünde
kükregi bilenem hütledip süsdi.
Uçuldygyça Möngözlüjäniň çep bykyny has beter agyryp
ugrady. Ol awusyna çydaman, ýene-de ýokarsyna seretdi.
- Eý, agyrýar, eý, gaty gysmasana!
- Sammyjak sen, sammyjak.
- Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýerdi diýdim-ä.
- Ikisem bir zat-da oň.
- Goýber, ýogsam sögerin.
- Sögeniň bilen söküp bilmersiň.
- Haý, seniň gözüňi tüsse gapsyn!
- Men it däl, it gözüdir ol tüssä bolmaz.
- Onda seniň ganatyňa gurt düşsün!
- Eý, ganata zada ýetiberme, eý!
- Ýetjek, goýber onda meni!
- Ganata ýetseň, ine, saňa.
183
Buýsanyp ýören ganatyna dil ýetirilen wagty garaguşuň
girre gahary geldi. Gazaby öwrüm alyp süňňi düýrügip gitdi.
Bu guş özüne sarpa goýýan garaguşdy. Şonuň üçinem ol
öz guwanjy - ganatyna sögülmegini gaty gördi. Ol şundan
soň gaharyny çykarmak üçin Möngözlüjäni has-da pugta
gysdy.
- Eý, wäk, gapyrgam-eý...
Möngözlüje näderini bilmän, birsalym çyňsap iki ýana
urnansoň, ahyr gazap bilen garaguşuň öz golaýyndaky çorly
aýaklarynyň birini hatyladyp dişledi. Şundan soň garaguşuň
aýaklary biraz gowşady. Muňa, Möngözlüje, garaguşuň ahyr
özüne nebsi agyrandyr diýip düşündi. Çeýnäp, onuň bir
aýagyny sana geçmez edeninden bolsa ol entek habarsyzdy.
- Heý, şeýt-de gowşat ahyryn senem, ýogsam, janymy
alyp barýaň-la!
Möngözlüje agyz salan ýerinden tumşugyny aýryp, ýene-de
ýokarsyna seretdi.
- Häý, mön bidöwlet, aýagy owradaýdyň öýdýän?!
- Nädip?
- Merez edip.
Dogrudanam, Möngözlüje agyrysyna çydaman, agyz
uran aýagyny kemsiz çeýnäpdi. Garaguş öz ömründe köp
guzy alyp görüpdi. Onuň hatda tokly göteren wagtlary-da
bolupdy. Güjüjekler, möjek çagajyklary, şagaldyr temen
burun tilkijiklerem köp gezek onuň girisine düşüpdiler. Ýöne
Möngözlüje ýaly dümele-dürs jandara ol heniz gabat gelip
görmändi. Özi ýaly garaguşlardanam ol beýle hadysanyň
bolanyny eşitmändi. Onuň hemişeki asmana göteren awlary
gorkuşyp, bada-bat özlerini ýitirmek bilen bolardylar. Aman
dileşip mäleşerdiler, çyňsaşardylar. Şeýle bolansoň, olaryň
ähli erki bada-bat garaguşuň eline geçerdi. Onsoň ol islese,
ony asmandan kelemenledip goýbererdi, islese-de, özi bilen
äkidip, garaguşlar meýlisine söwüş ederdi. Bu gezek welin...
Bu gezek ol bela uçrady.
184
Entek enesi Möngözlüjä garaguşlardan gorkmalydygyny
aýtmandy. Belki, aýdan bolmagam mümkin, ýöne ol-da onuň
gulagynyň duşundan geçen zatlarynyň biridir. Enesiniň
möjegiň duşmandygyny aýdany welin onuň ýadyndady.
Garaguş «Bu beladan nätseňem tizräk dynmaly» diýen
pikire geldi... Häzir muny bir ýere zyňyp, çym-pytrak edeýin,
düşen ýerini belläp giderin-de, soňundan neberäm bilen ony
iýmäge gelerin» diýip oýlandy. Ýöne garaguşuň bu niýeti
hem başa barmady. Onuň Möngözlüjäniň tenine çümen
penjeleriniň biri - injikden çeýnelen aýak diýenini etmedi.
Yzly-yzyna edilen synanyşyklaryň hem hemmesi peýdasyz
boldy. Garaguş çeýnelen aýagynyň awusyna çydaman,
aşaklap ugrady.
Gör, nähili masgaraçylyk, edenli garaguş nire, bir
alasamsyk, dikdüşdi güjüjek nire?!
- Eý, pesläp barýas-la! - diýip, Möngözlüje aladaly
dillendi.
- Hawa. - Garaguşuň sesi öýkeli çykdy.
- Uçaýsag-a gowy bordy! Meniň uçasym gelýär!
- Içimi ýakma!
- Näme diýýäň?
- Şu uçanyň saňa besdir diýýän.
- Aý, bes diýmäýmelidiň-dä, uçaýmalydyk-da.
- Häý... - Garaguş ahmyrly dymdy.
- Weý, birhili-leý!
- Näme birhili, ýene näme hokga tapdyň?
- Seniň aýagyňdan meniň halaýan ganlyja etimiň ysy
gelýänem ýaly-la!
Garaguş bu sözi eşidip, hamala Möngözlüje öz etini
çekeläp iýip ugran ýaly ýakymsyz duýgyny başdan geçirdi.
Onyň göwnüňedir! - diýen jogaby ynamsyz hem ýangynly
çykdy. Şeýle-de bolsa garaguş köpügörenligini edip,
syrbermesizlige çalyşdy. Möngözlüje-de töweregi bilen
185
gyzyklanany üçin öz sözüniň yzyna düşmedi. Ýogsam,
garaguşuň aýagynyň gany onuň tumşugynda-da bardy.
Olar uçup öňde lemmerlenişip barýan ak bulutlara ýakyn
gelipdiler. Möngözlüjäniň olaryň sümek-sümek, owadan
bolup baryşlaryna gözi gitdi. Ol öz ýanyndan «Hä, şol ýerde
bir garaguş bilen ýakalaşyp, togarlanyşyp oýnasakdyk»
diýip, dogany bilen ýumşak çägede oýnaýyşlaryny ýatlap
arzuw etdi.
Olar şol gelişlerine-de bir ýapynyň üstüne tüwdürilip
düşdüler. Garaguşdyr Möngözlüjäniň hersi gütläp bir ýana
düşdi. Möngözlüje gorkusyna biraz gaçansoň, nämeler
bolanyny görmek üçin, bilesigelijiligi artyp ýene-de yzyna
dolandy. Garaguş ýapynyň ýüzüni eýeläp, bir ganatyna
agram berip, gahar-gazaba öwrülip otyrdy. Möngözlüje ilki
onuň ýanyna barmakçy boldy, garaguş gysanda erbet
gysýandygyny ýatlansoň bolsa, juda golaýlaşman oňa habar
gatdy:
- Indi geldikmi?
- Ugra şu ýerden!
- Nämä gaharyň gelýär? - Möngözlüje garaguşuň nämä
gaharlanýandygyny bilmän, onuň ýüzüne mölerilip seretdi.
Soňundanam hol beýleräk çekildi-de, it oturyşyny edip,
çommaldy oturyberdi. Howany ysyrgady. Özüni dürsedi. Ol
gapdaldan alakanyň tanyş sykylygyny eşiden mahaly «Ejem
bilen uýam hem şu golaýda bir ýerdedir» diýen pikir bilen
begendi. Bu alakany ol öz goşlarynyň golaýyndaky her gün
görüp ýören goňşularydyr öýtdi. Gör, gowulyk bolsa nähili
golaýda ekeni, ol hemişe şeýdip duýdansyz gelýär. Onuň häzir
özüniň uçuşy barada kimdir birine diýseň gürrüň beresi
gelýärdi. Alaka iki öň aýagy bilen mahal-mahal ýüz-gözüni
sypalaşdyrýardy. Özi-de sykylyk atýar. Güne seredip hondan
bärsi bolup, ulumsylyk bilen pors atýar. Alaka häzir Güni
synlap: «Gün her gün doganda meniň üçin dogýar, meniň öz
ellerim bilen gazan hinimi görüp haýran galmak üçin gelýär»
186
diýip oýlanýardy. Özüne tarap tasap gelýän Möngözlüjäni
görenem şoldy welin, ol duýdansyz gapdalyna gütläp daş
düşen ýaly alňasap, hinine girip gizlenmek bilen boldy.
Möngözlüje: «Alaka ýene birsalymdan çykar, ol meni
tanan däldir, ýogsam, beýtmezdi, men ondan ejem bilen
uýamy soraryn» diýen tama bilen birsalym alakanyň hininiň
beýleräginde çommaldy. Alakanyň welin gaçyşy-gaçyşy boldy,
ol wagty bilen dolanyp gara bermedi. Möngözlüje onuň
töwereginden öz isleýän ejesidir uýasyny tapmady.
Birsalymdan ol ýapydan aşak düşüp barýarka hälki alakanyň
gök parç bolup oturan ot-çöpleriň arasynda garalyp görünýän
geçen ýylky ýezgeniň gapdalyndaky hiniň öňünde duran
başga bir alaka bilen sykylyk atyşyp, gepleşýänini gördi.
- Eý, jüp-jüp sykylykçy! - diýip, Möngözlüje golaý barman, ýakynlaşsa, alakanyň bada-bat gürüm-jürüm boljagyny
ýatlap, oňa habar gatdy:
- Ötübersene! - diýip, alaka-da ulumsylyk bilen onuň
ýüzüne-de seretmän, gürrüňiň arasyna goşulany üçin, ondan
nägile boldy: - Ýa-da iki alaka gepleşip durka olaryň ýaşynyň
uludygyny nazara alman, orta sokulmak siz itleriň
häsiýetimi?
- Bilmedim. Ýöne men bir zat sorajakdym.
- Mönsüreme, şeýdip hile bilen meni ele salaryn
öýdýäňmi? Men size beletdirin. Geçen ýyl seň garyndaşlaň
biri meniň oglumy tutup, oýnap-oýnap keýpden çykdy.
Sizimi...
- Sen meniň ejemi görmediňmi?
- Ejeňi men näbileýin.
- Siz biziň goňşymyz ahyry. Belki, görensiň?
- Meniň-ä siz ýaly goňşym ýok...
- Men Lakmaň güjügi, hol, ýörände agsabrak ýöreýän
ganjygyň...
Möngözlüje alakanyň ýadyna düşer diýen tama bilen
ýene-de jan edip ejesiniň salgysyny aýdyşdyrdy:
187
- Tanamok diýdim, tanamok, - Alaka ernini gyşardyp,
ýüzüni turşatdy.
Dogrudanam, bu alaka Möngözlüjäniň ejesini-de,
uýasyny-da tanamaýardy. Bu düýbünden başga ýerde, başga
bir ýapyda ýaşaýan, hemem özüniň keşmeri bilen beýleki
ýapylaryň ýüzündäki alakalara meňzeş alakady. Mundan
bihabar Möngözlüje öz ýanyndan: «Bu temegi murtluja,
gopbamja alaka ejemiň nirededigini bilibem, ony menden
gizlän bolýar, meniň bilen ýeňsesi bilen gepleşýär» diýip
göwün etdi.
Möngözlüje gazaplanyp, alakalaryň üstüne topuldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.