Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10

Total number of words is 3817
Total number of unique words is 2137
32.6 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gartaşan aýal bilen ter gara sakgally ýaşuly içerik girdi. Başy
çabytly ol zenan Halygyň aýaly ekeni.
- Nursoltan... biz-ä ýüzügara bolup geläýendiris - diýip,
Ahmet aga ony gören çagy dostuny ýatlap, damagy dolup
hamsykdy.
Zenanyň aglamakdan ýaňa çişen gözlerinde gözýaş
buldurady. Ol birsalymdan soň özüni dürsäp: «Aý, nätjek-dä,
Ahmet, bu-da bir boljak işdir-dä» diýip, çäresiz adamyň
armany bilen sözlerini gözýaşa garyp gürledi.
- Nätjek, gaýrat et, Nursoltan! Gör, men nämelere sebäp
bolup ýörün... Soňky sözleri aýdan mahaly ýene-de Ahmet
aganyň sesi sandyrady.
- Boljak zada çäre bolmazmyş. Işi gaýdany düýäň
üstünde it ýararmyş. Kysmatydyr-da onuňam. Dostuňy
ýatlap, gözläp gelipsiň, taňryýalkasyn. Ol bende: «Ahmet»
diýip, seni iňňän gowy görerdi. Dostum ýok diýip, bizi
ýadyňdan çykarma, özi bolmasa men bar, çagalary bar, bizi
ýatlap gelip dur! - Zenan bu sözleri howlukman her söze
minnetdarlyk äheňini berip aýtdy.
154
Turup ugrap barýarkak, men oda süsdürilen tüňçeleriň
beýleräginde üç adamyň arasynda aýbogdaşyny gurap, ýarty
petiri bir dyzynyň üstünde goýup tamşanyp oturan adamy
tanadym. Ol şol bize birki günlükde duşan çopandy. Çopan
meni görüp, şol gün meýdanda neşesizlikden azarlap ýörkän
Halyga diýen sözlerini ýatlap utanaýdy öýdýän, ol hamala
men millete ýüzlenip, «Adamlar şüý-ä şol gezek şu sözleri
aýdypdy, tutuň ony» diýäýjegim ýaly müýnürgäp, aşak
bakdy-da, meni görmedik bolup, tä biz atlanyp, ugrap
gaýdýançak başyny ýerden götermän oturdy.
Biz gelen ýolumyz bilen ýene-de yzymyza, Aýnabady
galdyryp gaýdan obamyza dolandyk.
***
Bu kyrk-elli öýlüden köp bolmadyk obajykda galyp, birki
gün dem-dynç alanymyzdan soň, biz ýene ýola düşermen
bolduk...
Üsti ýükli düýeleri Oba şura başlygy inçemikden gelen
uzynak, gyz ýaly ýumşaksy ýigit Tejen şäherine äkidip geldi.
Onuň ýany bilen bizden habar soramaga gelen iki atly gelen
çagy, bizi öz ýanlary bilen şähere äkiderli görünse-de, meniň
ýanyma berlen kagyzlary okaşdyransoň, bir-birleriniň
ýüzlerine seredişip daş çykdylar-da, bizsiz ýerde maslahatlaşyp, maslahaty bişirip geldiler. Resminamalary yzyna
gaýtaryp: «Ýol bolsun!» diýşip gitdiler.
Aýnabat ugramagymyzdan bir gün öň öýüň gapdalynda
oturyp, öý eýesi garryja aýalyň beren gabynda meniň hem
Ahmet aganyň geýim-gejimini ýuwup, soňundanam ýuwlan
geýimleri küdäniň töweregine aýlap serişdirdi. Saçyny
ýuwup darandy. Ýola taýynlandy.
Oba şuranyň ejesi gazak ýüz, bili bükülip ugran,
ýuzünde gasyndan ýaňa barmak basara ýer galmadyk süýji
dilli aýaldy. Iki dyzyny gujaklap oturan wagty ol aýal her
155
gezek birçak ýagyş ýagyp durka, bagda ala gury ýapraklaryň
arasynda gören süllümbaý ezilen biçäre kepderini meniň
ýadyma salýardy. Ol biziň hemmämize «hanym-janym» diýip
ýüzlenerdi. Öýüň asly pukara bora çemeli, onuň içinde
halydyr halyça ýaly zatlaryň düşnügi ýokdy. Ol diňe
birsydyrgyn üsti sürlen keçeler bilen ýetne-ýütne basyrylypdyr. Ortada tegelenip oturan ojak bar. Garry her gije şol
ojaga ilki düýe gumalagyny salýar, ol ýagşy tutaşandan soň
bolsa köz bolar ýaly onuň içine töňňeliräk odunlardan
atyşdyrýar. Gijesine oba şuranyň öýünde Aýnabat bilen
garryja aýal hem Ahmet aga ikimiz dört bolup ýatýarys.
Şura başlygy bolsa, biziň giňişräk ýatmagymyz üçin, gidip
başga bir öýde ýatyp, irden biz bilen çaýlaşmaga gelýär.
Ertir ugrajak günümiziň agşamsydy. Biz irgözinden
ýatyp, ertirem säher-säherler turup göterilmegi niýet edinip
ýorgana giripdik. Ahmet aga ýene-de menden öň uka gitdi.
Meniň bolsa günortan birneme irkilenim üçin häli-bärde
gözüme uky gelmeýärdi. Pikirim Pendini, Hywa ýoluny
köwsarlap aýlandy. Öýleriň töwereginde daňlan sygyrlaryň
agyr hossuldysyny, gümür-ýamyr edişip golaýdan ötýän
adam seslerini eşidip ýatyryn. Haýsy ýoldan gidiläýse,
amatly bolaýarkan diýip, ýatan ýerimde Tejen aýagyndan
çykyp, Daşoguz üstünden inýän ýoly, Ata guýynyň üstünden
geçip, Köneürgenjiň ilatly mülküne aralaşýan ýol bilen
deňeşdirip görýärdim. Biziň ýüzümiz birinji ýola tarapdy.
Men Ata guýynyň üsti bilen gidilende azyndan iki gün ýol
utup bolýandygyny, şindi Pendiden çykyp ugramankam göz
öňünde tutupdym. Ýöne düýnki gürrüňçilikde ýagdaýa belet
adamlar häzir ol töwerekde gazak hem türkmen galtamanlarynyň güýç jemleýändiklerini aýdyp, hemem Ahmet aganyň
atyny münüp gaçan ahmyrly adamyň hem şol ýoldadygyny
ýatlaşyp, bize Ata guýynyň üsti bilen gitmegi goýbolsun edip,
beýleki ýol bilen gitmegi maslahat beripdiler. Bu maslahat
şol wagt meniň göwnüme jaý bolupdy, şeýle-de bolsa, bu
156
adamlaryň arasynda hem biziň maksadymyzy anyk bilmeli
däl adam bar bolaýmasyn diýen pikir bilen: «Aý meniň üçin-ä
parhy ýok, ikisem öz belet ýolum, giňişlige çykylansoň, muny
ýoldaşlarym bilenem maslahatlaşyp göräýerin, giňişligini
almasa, türkmen aga dara-direlikde pikirini jemläp bilýärmi
näme» diýip, oýunlyga salyp, olaryň ýanynda belli bir çöpüň
başyny bogmandym.
Hakykatdanam, beýleki ýoldan gidiläýse, kem bolmajak
ýaly. Bir-ä Aşgabat-Kükürtli aralygyna gatnaýan kerwen
bolmaly, şolara dagy gabatlaşyp, ýoldaş bolup bolsa, ýoluň
köp bölegini köpçülik bilen geçmek mümkindi. Onsoňam
ondan aňyrda näme ýol bar. Takyra düşüp, ulaglary ykjam
durup haýdasaň, birki günde Hywa barýaň.
Gijäniň bir wagty, öý eýesi garry aýal bilen Aýnabat
pyşyrdaşyp gürleşen çagy hem men heniz uklamandym.
- Gyzym, ýatdyňmy? - diýip, garryja aýal gapdalyna Aýnabada tarap öwrülip pyşyrdady.
- Hä?
- Turuzaýdymmy, köşek?
- Näme, ene?
- Oglum, saňa bir zat aýdasym gelip, aýdybilmän ýörün-dä
men...
- Aýdyň, ene!
- Tüweleme, sen bir elli-golly maşgala ekeniň. Saňa
synym oturdy, gyzym. Göwnüňe jaý etseň, sen maňa gelin
bolaýsaň nädýä. Meniň oglumy bolsa sen gördüň, köşek!
Öleniň yzynda ölüp bolýarmy, näme? «Öli arslandan diri
syçan» diýildigem bardyr, dünýäm. Sen ene-ataňa gowuşaňsoň hem, hemişe öýüňizi alyp oturyp bilmersiň. Kimdir
biriniň ojagynyň başyna barmaly bolarsyň.
Garryny diňledigimçe, meniň kejebäm darykmak bilen
boldy. Ýüregimiň urgusy üýtgedi. Özümiň oýadygymy
bildirmezlige çalşyp ýatyşyma, Aýnabat bu kempiriň
hajyk-hujugyna maýyl bolup galaýmabilse ýagşydyr diýip,
157
howsala galdym. Ony öz elim bilen getirip, bu ýerde ojakbaşy
hökmünde galdyryp gitmek, onda özümiňem göwnümiň
bolany üçin, maňa juda ýokuş degjekdi. Aýnabat wagty bilen
garra jogap gaýtarmansoň, men bu gürrüňler ýene-de onuň
ýarasyny täzeländir, ol häzir sessiz gözýaş togalap, geçmişini
ýatlap aglaýandyr diýip oýlandym. Dogrudanam, geplän
wagty onuň sesi sandyrap çykdy.
- Ýok, ene. Men munda galmaýyn... Ol meniň ýeke-täk
görüp-duýup, söýüp-synyp bilmeýän elýetmezimdi...
- Onda özüň bil, gyzym!
Şunuň bilenem maňa birsalym otly köýnek geýdiren
hemem tükeniksizlik bolup görnen gürrüň şu ýerde tükendi.
Ýüregim ýene-de ýerine geldi.
***
Daňyň ümüş-tamşynda biz ýene-de niredesiň Hywa diýip,
ýüzümizi ertire tutup ýola düşdük. Çöl dymýardy.
Biz ýadaman, öz ýapy-ýagdaýymyz bilen göçüp-gonup
gidip barýarys. Obada däri-derman edileni bäri, meniň elimiň
ýarasy indi sorkuldap agyryp, azar bermesini goýupdy.
Kelläme düşen ýeňil ýara bolsa diňe bitermen bolup gijeýän
wagty meniň ýadyma düşýärdi. Her gezek men töwerekde
syn saklan mahalym, şol bir göterilen ýerinde hemişelik
doňup galan çäge depeleriniň tolkunlarynyň ýolda syrgyna
galan düýelere meňzäp oturandyklaryny görýärdim.
Şeýle-de daş-töwerek häzir ýazyň bir gününi ýadyňa
salýardy. On-onki günlükde yzly-yzyna tapgyr-tapgyr ýagan
ýagyşdan soň meýdana ot örüpdir. Güýz şeýle gelende,
mallaryň ýylynyň gelýändigi meniň ýadyma düşýär.
Goýunlar güýz içe bir gök çaýkaýsa, onsoň gyş onuň
topugyndanam bolmaz diýip oýlanýaryn. Mahal-mahal bolsa
atymy gorduryp, kerwenden saýlanyp gidýän-de, bir alaňa
çykyp, del adam ýokdur-da diýen pikir bilen töweregi
158
synlaýaryn. Soňra bolsa meniň nazarym ýene-de goňurymtyl
ýaşyl öwsüp oturan meýdanyň içi bilen gelýän Aýnabatly
kerweni tapýar. Kerwen şonda her gezek maňa ýeri gyratlap
hatara uçup gelýän guşlary ýatladýar.
Ahmet aganyň indi öňki keýpi ýokdy. Onuň küý-köçesi
dostunyň ölümidi. Ol bu ölüme özüniň sebäp bolanyny ýatlap,
müýn çekýärdi. Düýn ol Halykdan gürrüň çykanda: «Wah,
ol neresse bilen menem öläýen bolsam bolmaýarmy?» diýip
ahmyr etdi. Soňundanam onuň bilen Pendi çölünde goňşy
bolup, mal bakyp gezen ýyllaryny ýatlap oturdy. Ahmet
aganyň Aýnabada bolan gatnaşygy hem göz-görtele üýtgedi.
Indi onuň nazarynda «Wah, şujagazy bir maňa bersediler»
diýen many ýokdy. Indi ol Aýnabada ýüzlenen mahaly, oňa
«Gyzym» diýip ýüzlenýärdi. Hem şol gezek dilini ýuwup,
eden delalaty üçin ondan minnetdar bolýardy. Şeýle-de onuň
dili mese-mälim süýjäpdi. Hamala, Aýnabat şol gezek Ahmet
aganyň ähli gerekmejek sözlerini dilini ýuwan çagy ýuwup
aýrana meňzeýärdi. Ahmet aga her gezek tüňçeleri dolduryp,
ot ýakdygy, oduň başyny Aýnabada berip, özi ýeňsä
çekilýärdi. Çygda oturmazlygy, oturjak ýeriňe çöp-çalam
goýmagy, ýogsa guragyry ýolugyp, köseniljegini ýaşuly
hökmünde bize wagyz edýärdi. Onuň käbir hereketleri bolsa,
beýhuş dermany ysgap, şindi ondanam açylyp ýetişmedik
adamyň hereketlerine meňzeýärdi. Ol diňe dosty Halyk bilen
özi üçin baryp gören gelinligi hakynda gürlän mahaly,
gaýgy-hasraty unudyp, ýene birsalym öňki kaddyna, öňki
Ahmet maýyllygyna öwrülip bilýärdi.
«Halyk ilki söz aýdyp baranda, ol gelin «Ýigidi bir
görsek, gujaga salar ýaly zatmykan ol?» diýipdir. - Ol ilki
beýleräkden başlap, meniň ýanyndan gidibermezligim üçin
gürrüňi gyzykdyrýar. - Öýüne barsam: «Ýör, seni bir şoňa
görkezeýin» diýip äkitdi-dä, neresse. Ha, Halyg-a oguldy-la...
Ine, sürüp barsak, ýekeräk oturan gara öý, päp-päkize içeri.
Suw kädiler diýermiň, ýatylýan ýassyk-düşekleri diýermiň,
159
hut ojaga salynjak odunlara çenli ähli zat öz durmaly ýerinde
saýhal-haýhal bolup dur. Içerini synlap, içimi gepledýärin.
Işiňe-hä ygtyýar ekeniň welin, özüň nähili zatkaň? Her halam
bolsa görmedik maşgalaň-da, böwrüňi diňledýär. Ýamandan
elli bizar, her kime-de ýetdirse, gowy gerek. Hem şol
oturyşyma mykraz-müçenegim bilen murta-sakgala nagdyn
timar berenimi gören keşmerimi gözümiň öňüne getirip
oýlanýaryn. Biz iki sakgally bolup baran mahalymyz gelin
öýde ýok ekeni. Eli kündükli küdäniň arkasyndan owşanaklap
gelýän garryja kempir, biziň habarymyzy ilki, ana, şol aldy.
Onuň indi uzak eglenmän gelmelidigini aýdyp, bize girip
öýde garaşmagy mürähet etdi. Ol goňşy aýallar bilen bir ýere
ogul gutlamaga giden ekeni. Ine, birsalymdan golaýda aýal
sesi eşidildi. Inim çümşüldäp gitdi.
- Bize myhman gelen ýaly-la. - Mylaýym, ýakymly ses.
Ol gapysynda biziň gaňtarylgy duran ulaglarymyzy görendir.
Öz ýanymdan ýene-de, sesiň-ä sypalabermeli ekeni, özüňem
sesiňe meňzeş bol-da, Taňrym, diýip dileg edýärin.
Birsalymdan içerik bir ortamyýana, türkmen bugdaýyň nany
ýaly göze ýakymly bir maşgala gelip girdi.
- Sag-gurgun geldiňizmi? - diýip, köpügörenligini edip
ilki Halyga ýüzlendi, gözüniň gytagy bolsa mende.
- Şükür. Özüňem gurgun oturanmysyň, Ogulsapar diýip, Halygam onuň bilen saglyk-amanlyk soraşýar. Ýeri
gelende bolsa, meni tanyşdyrýar.
- Bu bolsa, Ogulsapar, şol meniň gowy görýän dostum
bolmaly.
- Hä-ä... - Ogulsapar uýaljyrap, maňa aşaklyk bilen göz
aýlansoň, ýene-de ýer dyrmalamasyny dowam edýär. Men
şol pursatda näme diýmelidigimi bilmän, ellerimi owkalaşdyrýaryn.
Ahyryn heleýden maňlaý oňjak-how diýip oýlanýan.
Şuny öýe eltip bilsem, öňki iki pahyrdan galan, inimiň
160
öýündäki iki basdaşja ogullarymy, aýal doganymyňkyda
bolýan gyzjagazymy öýe getirip, başbütinlik edip boljagyny,
eger islese, bu zenanyň ýetimjelerimiňem, özümiňem
maňlaýymdan direjegini pikir edýärin. Arzuw kölüniň içinde
başy bitin, içi bäş başlyk bagtly öýüm otyr... Men ortada
ýazylan saçagyň tör tarapynda, her oglumam meniň bir
ýanymda, Ogulsapar bolsa ojak tarapda gyzjagazymyň
ýanynda otyr...
Birsalymdan oýlanyp, pikirini jemlän gelin, başyny
ýerden göterip, Halyga seretdi.
- Özüň bilýäň, Halyk. Görmedik-bilmedik ýeriňe
baraýmak ýeňil zat däl. Ýöne bu aýallaryň maňlaýyna ýazylan
zat, muňa-da akylym gowy çatýar. Ýörite gelen bolsalar
gerekdirin-dä gelendirler. Sen «Ýakyn günlerde geljek»
diýip, öňem aýdypdyň. Ýöne hoş diýmänkäm men size, ine,
şu zady hem aýtmalydyryn. Dostuň menden bala-çaga
umydygär boljak bolsa häzir diýsin, erteki gün bir ýerden
bir ýere barlansoň bu sözi aýtsa, maňa ýokuş deger. Gizläp
oturasy iş ýok. Hudaý çaga dogurmak bagtyny maňa
bermändir.
Onuň bu aýdýan sözleri meniň üçin täzelik däldi. Bu
barada men öň Halykdan hem eşidipdim, onuň bilen
maslahaty bişiripdim. Şeýle-de ol öň dogranam bolsa, indi
aýallaryň dogurmasyz ýaşyna ýeteňkirlän aýal ahyryn.
Özümiň üç çagamyň bardygy, olaryňam başga gapylardadygy bu aýala bellidigini hem men bilýärdim. Bu zatlaryň
hemmesi hakda öz aralarynda gürrüň bolanyny Halyk maňa
aýdypdy. Bu bolsa Ogulsaparyň bu gepi hut meniň öz
gulagymdan geçirip, başgaça gürlän mahalym, ýüzüme
basmak üçin aýdylýan gürrüňdi. Men nä, oglan-oglanjykmy,
bu zatlaryň hemmesine düşünip otyryn-a.
- Eý, Ogulsapar, gowy tanamasam yzyma düşürip, seniň
gapyňdan geljekmi men. Eger zenan garamatyňy irde-giçde
11. Sargyt
161
bir ýere atmakçy bolsaň, şu adam, ine, özüňem görüp
otyrsyň, tüýs seniň diýen taýyň! Sen ol ýere barsaň, ogully-gyzly,
ärli-öýli başbitin bir maşgala bolýaň. Şol ýetimlere eýe
bolsaň, bir bendäniň sönen ojagynda köz bolup bilseň, olaram
gerek wagty seniň gadyryňy bilerler. Köp zat onsoňam, öz
gylygyňa, iniş-çykyşy bilşiňe-de baglydyr.
- Ol diýýäniňem-ä dogry, Halyk. - Oýurganyp, bir
zatlary ýatlap perişan bolup oturan Ogulsapar Halygyň
gepini jaý görüp, ýürekden makullady. - Onda Halyk, siz
bäş-on günden geläýiň. Men ol-bi zatlarymy, aýal doganlarym
bar, olara berişdireýin. Enem-atama-da gitmänkäm bir
sadaka bereýin. Ana, onsoň gelseňiz, men bir düýä urarlyk
goşum bilen siziň öňüňizde taýyn bolup oturaryn. Şu
ýekelikden indi bizaram bolupdyryn, äkitseňiz äkidäýiň meni
- diýip, gözüniň gytagyny ýene-de maňa aýlap goýberdi.
Biz hoş söz eşidip aýagymyzyň ýeňläni üçin, on-on bäş
güne galyp-galman öwrülip geljegimizi aýdyp, gyssagarada
bişen naharyň duzuny çala-çula dadyp, ýola düşmek bilen
bolýas.
Halygyň yzy bilen gapydan çykyberenimde Ogulsapar:
- Adyňyz näme siziň? - diýip, mana söz gatýar.
- Ahmet, Ahmet maýylam diýýän bar diýip, menem aýak
çekdim. Şeýle bir muň ýaly dara-direlikde pikirimi
jemläbilýänem däldirin welin, şol gezek Ogulsaparyň özüm
bilen ikiçäk birki söz gürleşmekçi bolýanyny aňaýdym.
- Sag-aman gidip geliň onda!
- Dilegiň gowuşsyn, Ogulsapar.
Biz birek-birege mähir duýgusy bar adamlara mahsus
bolan ýakymlylyk bilen gürleşip durýarys.
- Oturan-turan ýeriňizde munda öz ejiziňiziň bardygyny
hem unutmaweriň, Ahmet! - Onuň ejiziň diýende, özüni
gözüniň öňüne getirýäni belli zat.
- Nesip bolsa, seniň huzuryňa indi tiz dolanyp gelermen,
Ogulsapar!
162
- Gözüm ýoluňda bor, Ahmet!
- Ogulsapar, ýa ikimiz häzir gapyny ýapyp, hasyr-husur
töwekgel nika edäýsek nädýä?
Men Halygyň ulaglaryň ýanyna ýetip barýanyny görüp,
inçejik tama bilen Ogulsapara golaýlap gürrüňi çynyrgadýaryn.
- Ýok, ýog-eý, bolmaz, oglan, il-gün näme gep eder! Ogulsapar garaşylmadyk bir wakanyň bolaýmagyndan
çekinip, uýaljyrap, ýeňsä tesýär. Menem mundan artyk bu
ýerde dursam, Ogulsapary özüme erk edip bilmän tutup
gujaklaryn, ajyň aňy bolmaz diýleni bolar öýdüp, howlukmaç
gümürtik hoşlaşyp daş çykýaryn.
Her gezek Ahmet aganyň gürrüňi şu ýere ýetende, onuň
sesi öňküsinden peselip gürrüňiň aýtmasy kyn ýere ýetendigi
belli bolýar. Şundan soň ol Halygyň dolanyp gelýärkäler,
ýolda degşip aýdan sözlerinden özge ähli zady öz gaýgysy
bilen garyp aýtmaga başlaýar:
- Häý, zaluwat, Halyga-da oýun gerek. «Dos, juda
heleýsirän ekeniň-ow. Ol ýumry-ýumşak heleýi tas gözüň
bilen sorupdyň. Yza galyp, ony ogşap-zadam edäýdiň öýdýän!
- diýip degýär.
Soňundan bolsa ol özleriniň aňyrdan gelýänini ilki gören
iki ýaraglynyň duýdansyz gapdalyndan zompa çykyp, ýarag
çeneýşini, atyşyp-çapyşmaga pursadyň bolmandygyny, elleri
baglanyp, bendi bolansoňlar, ter sakgal adamyň müňkür-nekir
bolup özlerinden sorag soranyny, özüniň pendilidigini ter
sakgalyň gepleşilen wagty sözünden aňandygyny, ýol belet
hökmünde ýola gerek bolar diýip özüni alyp kerwene
tirkeýişlerini, Halygyň bolsa artyk şaýat hökmünde ýok
edilişini hesret bilen ýatlaýar.
Yzyndanam «Hälem bagtyma alnymdan siz bar ekeniňiz»
diýip, Aýnabat ikimize alkyş okaýar. Şeýle-de Ahmet aga
özi üçin näçe ýakymly-da bolsa, Ogulsapar ýeňňeli gürrüňi
Aýnabadyň ýanynda diline almagy özüne uslyp bilmeýär. Ol
163
hemişe bu gürrüňi yzdan gelýän Aýnabatly düýeden ýagşy
ara açanymyzdan soň aýdardy.
Ýolagçynyň bar güýmenjesi ýatlamasy bolar ekeni. Men
öz barýan ýolumy hyýalymda öň gören ýolum bilen deňeşdirip
görýärdim. Öňler biziň Hywa gatnaýan döwürlerimiz bu
ýolda üç-dört kerwene duşulan mahallary hem bolardy.
Kerwenleriň hersiniň bir ganatda goş düşürip çilimleşilip,
bazar nyrhy, saglyk-amanlyk soraşylýan wagtlary-da az
bolmazdy. Bir ýola men söwdagärleriň arasynda ady belli
Şöwket söwdagär bilen duşulanda, onuň kejebe bilen
gapdalynda göçürip ýören ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeý
aýalyny hem görüpdim. Ol gelin näz-kereşme bolup,
söwdagäriň göwnüni götererdi. Söwdadan başga-da lezzetli
zadyň - zenan gujagynyň bardygyny onuň ýadyna salardy.
Söwdagärleriň birtopary bu bolşy süwümsizlik hasap
etseler-de, Şöwket söwdagär muny özüni oňarýanyň edäýmeli
işi diýip bilerdi. Şöwket söwdagär ýassyga ýaplanyp ýatan
mahaly, yrsarap ýatan syrtlana çalym edýärdi. Onuň
tutum-tutum bolşup duran ösgün gara gaşlary, şol gaşlaryň
aşagyndaky tegelek gök gözler, çekilişip duran duluklar ony
juda gazaply edip görkezýärdi. Şonuň üçinem onuň perizady
kerweniň töweregindäki adamlaryň ýadyna erkek kişidiklerini salsa-da, oňa göwün bölüp seredip bilýän ýokdy. Diňe
bir ýola güýçli harasat gopup, başagaýlyk döräp, kerwen
bölünende bir ýigit kejebeli ýelmaýany bir öwrümde çökerip,
şol gelin bilen iki gije-gündiz harasadyň içinde bir jan, bir
ten bolup ýatanmyş diýen gürrüň bardy.
Biz mahal-mahal öz mallarynyň yzyna düşüp, göçüp-gonup
ýören çarwa obajyklaryna gabat gelýärdik. Ýöne suw, azyk
gerek bolaýmasa, aňsat ol obalarda goş düşürmeýärdik.
Düşäýdigimiz welin, bendeler myhman hatyraňy saklap,
söwüş etmek bilen bolardylar. Nireden gelip niräk
barýanymyzy soraşdyrardylar.
164
- Inimi gelni bilen Hywa gaýynlaryna alyp barýan diýip, Ahmet aga adaty aýtmaly gürrüňleri aýdyşdyryp, olara
gümürtik başdansowma jogaplar berişdirerdi. Ugran
mahalymyz bolsa, çarwalar biziň ýanymyza gatadylan
gaýmak, gowurma, geçi süýdünden taýynlanan sargan
bererdiler. Indi biz bu iki sany süýji suwly guýusy bolan
«Öwrümli» diýilýän obajyga ýetip gelýärdik. Bu obada men
düşlemän, köne tanşymyň saglygyny görmän geçip biljek
däldim. Men onuň bilen indi köpden bäri duşuşmandym.
Kerwende gatnaýan döwrüm bolsa, her gezek diýen ýaly
olaryň öýlerinde düşläp geçerdim. Hywa bazaryndan
gerek-ýarak getirip, meniň ol öýüň ýumşuna ýaran
wagtlarym hem bolupdy. Ugry bir çaý içip, aýaklara dem
berlen wagtlary-da bolardy. Biz atlary düýäň aýagyna sürüp
gelýäris. Kölege eýýäm atlaryň öňüne düşüpdi. Obanyň
ilersindäki keserip oturan gum depesiniň üstüne batarman
Günüň şöhleleri düşüp, gyzgylt öwsüp seleňläp görünýär.
«Öwrümliniň» çetinden giren mahalymyz obanyň töweregindäki şol adaty gören zatlarymy gördüm. Obanyň
töweregine pytran düýeler gözýetimiň bäri ýanynda doňan
ýaly bolşup durlar. Iki-üç bolup duran ýerlerinde, olar hatara
uçup barýan durna çalym edýärdiler.
Bagtymyza, meniň tanşym çölde mal üstünde, bir
ýerlerde däl-de, öýünde ekeni. Barsak ol goýunlar üçin
ojardan edilen agylyň ol-bu ýerini berkleşdirip dur. Ol meni
görüp tanap, «Könäni ýatlapsyň-ow» diýip şatlygyny
ýüzünde mälim edip, pişesini goýup ýylgyryp, ýanymyza
geldi. Onuň gelni hem gapysyndan beýleräkde çöken düýeden
düşen Aýnabady görüp, ýanyna gelip, görşüp, ony özi bilen
öýe alyp girdi. Bizem baryp olaryň giren öýüniň bir ýanynda
ýerleşdik. Aýnabat ejesiniň gapdalynda geň galyp oturan
çagajygy «gel» diýip ýanyna çagyran wagty, ol ýadyrgap
aglady-da, ejesine ýaplandy. Hekimberdiniň gelni ony alyp,
165
«Ýadyrgan bolýandyr bi düňle türkmen» diýip, söýgüli
ýylgyryp, ony äkidip başga bir öýe tabşyryp geldi. Özi bolsa
ýene-de iş etmesini dowam etdirdi. Onuň edenli gelindigini
men öňem bilýärdim. Ol hem iş edýärdi, hem mylaýym
ýylgyryp, Aýnabat bilen mydy-mydy özara aýal gürrüň
edişýärdi. Çak edişimiz ýaly naharam, gyzgynja çöregem bir
wagtda öňe geldi. Nahar iýip otyrkak, ýaňy bir gulagyma
degen ýaly bolup giden agy sesi ikinji gezek ýene-de
gaýtalandy. Bu ses aýal adamyň sesidi. Biz «Bu näme
boldugy?» diýen manyda birek-biregiň ýüzüne seredişýäris.
Ol ýerde näme bolanyny bilmesem-de, ýöne bir bolmasyz işiň
bolanyny welin meniň süňňüm syzdy. Onýança-da men
özümiz bilen bir tabakdan nahar edinip oturan Hekimberdiniň gaşlarynyň çytylyp gidenini gördüm. Ol dişlän
çöregini saçagyň bir gyrasynda goýdy-da: «Men häzir
gelýän» diýip, daşaryk çykdy. Gysgajyk hümürdiden soň,
agy sesi ýatdy. Hekimberdi ýene-de yzyna dolanyp geldi-de,
saçak başyna geçip ornuny eýeledi. Ýöne şundan soň ol
islemese-de, biziň soragly nazarymyzy jogapsyz goýup
bilmedi. Eşidip otursak, onuň öz salgymlaryna durmuşa
çykan aýal dogany dört gün mundan öň çaga üstünden
ýogalan ekeni. Men onuň ýüzünde bir ünjiniň bardygyny
ýaňy gelip atdan düşen mahalymyz hem sähelçe aňypdym.
Ýas düşeginde oturanymyz belli bolansoň, biziň iýip-içip,
gep-gürrüň edişibem o diýen mazamyz bolmady. Bir ýola
Hekimberdi daş çykanda, Ahmet aga ýuwaşlyk bilen maňa
sala saldy.
- Inim, ýolagçy ýolda ýagşy diýleni, indi turlaýsa
nädýär?
- Bir gije dagy bolmarysmy näme?
- Bir çemesi gelende rugsat soraýsana!
Biz Hekimberdiniň jigisiniň düşen ýerine baryp el
galdyryp gelýärkäk, ýolda ol meni elimden tutup saklady.
166
- Siz Pendiden ugranyňyzda üçmüdiňiz ýa dörtmüdiňiz?..
Onuň bir zat diýjek bolýanyny syzyp, men Hekimberdini
has içgin synlaýaryn.
- Onuň nämä geregi bardy?
- Gerek-dä. Düýn bize bir atly gelip gitdi. Şol: «Iki erkek
kişili, bir aýally topary görmediňizmi, olar meniň
ýoldaşlarymdy, men olardan azaşdym» diýip soraşdyrdy.
Bada-bat meniň gözümiň öňüne Ahmet aganyň aty bilen
gaçan adam geldi.
- Çal atlymydy?
- Çal atlydy.
- Başga ýene näme diýdi?
- Aý, başga aýdan zady ýok. Iýdi-içdi, meşigini suwdan
doldurybam obadan çykyp gitdi.
Men Hekimberdini ünjüde goýup gitmezlik niýeti bilen,
jogap gaýtarýaryn:
- Hä, şeýlerägem-ä bir ýoldaşymyz bolmalydyr...
- Aý, bolýa-la. Birhili, bolşuna synym oturmady-da
soraýdym.
- Hüm-m - diýýärin, öz ýanymdan bolsa, bizi gözleýär-ow,
zandyýaman. Hany, urup-urnup bir görsün diýip oýlanýaryn.
Başa geleni görmeli bor-da. Şu gürrüňden soň, ýaragy häzir
saklamalydygy, juda hüşgär bolmalydygy anyk boldy. Öňem
onuň bizi toruna saljak bolup töwerekde görnüp-görünmän
pelesaň urýanlygyny ýüregim syzýardy. Hekim-berdi öýüniň
öňünde çagalaryň şowhunyna goşulyp ylgap ýören üç-dört
ýaşlyja bir oglanjygy ýanyna çagyrdy-da:
- Ine, bu bolsa şol biçäräniň oguljygy - diýip, aýratyn
bir mähir bilen öz çakylygyna gelen garagözelejik oglanjygyň
gulpajyklaryny sypalaşdyrdy. Men oglanjygy synlap, onuň
biçäre ejesini - birnäçe ýyl mundan öň gören dogumlyja,
ýeňňesiniň işlerine galyp-gopup kömek edip ýören
garagözelejik gyzjagazy ýatladym. Hekimberdiniň nazaryn167
da ahmyr, ünji, hesret alamatlary garyşypdyr. Men baş atyp
duýgudaşlyk bilen uludan dem alýaryn.
Düýnden bäri çölüň üsti bilen yzgytsyz demirgazyk
şemaly öwüsýärdi. Ol gyşa galan ot-çöpleriň başyna oýun
turuzýardy. Gurap omurylan keýigokaralary, syzadyr sözen
pudaklaryny özi bilen bir ýerlerik äkitmek üçin çekeläp
oýnaýardy. Mahal-mahal peşmek togalap, töweregiň ot-çöpleriniň
gapdalyndan göç geçirip görýärdi. Käbir ýeňles çöpleriň guş
ýelekleri ýaly howada galgaşlap ýörenine hem synyň düşýär.
Töwerek-daşyndan çen tutup: «Ýel yzy ýagyn» diýleni bolsa
gerek» diýip oýlanýarsyň. Ýolboýy ýapylaryň ýüzündäki gök
meýdanlary synlaşyp, mallaryň bagty gelipdir, janawarler
güýzde bir içe gök çaýkansoňlar, bular indi gyşa per
bermezler, «Güýzde gök otdan doýan mallar gyşa berdaşly
bolýar» diýip edilen gürrüňler ýada düşýär. Bu şemal özüniň
asmanda düýrlenişip ýören sowuk ýüzli bulutlary bilen,
ýakymsyz demi bilen mallaryň şol bagtyny elden almaga
gelen aldaja meňzeýär. Günüň ýüzi çaňjaryp onuň sähel
sudury görünýär. Onuň öz ornunda oturanyny isleýärsiň.
Günüň ornuny özünden özge tutup biläýjegem töwerekde
görnenok. Gidip barýarsyň, göwnüňe Gün bu ýerden ýeňsede
başga bir göwrümi giň, asmany açyk menzilde saňa garaşyp,
nur saçyp oturan ýaly bir düşnüksiz duýgyny başdan
geçirýärsiň. Men ýagşa galyp ezilmänkäk, süýji guýuly takyr
- ol ýerdäki obajyga ýeteris diýen pikirdedim. Ol ýere ýetip
bolsa ýagşyň deminden aman sypyp, ojak başynda oturyp,
onuň daşarda turuzýan oýunlaryny göwnübirlik bilen
diňirgenip otursa boljakdy.
Aralygy çöl ösümlikleriniň ysy bilen köwsar urup duran
jülgä gelip giren mahalymyz, şemal biraz kiparlan ýaly boldy.
Ahmet aga birsalym jülgäniň iki gapdaldaky diwarlaryny
synlansoň, tebigatyň bu görnüşine joşup, burnuna salyp
aýdymyna hiňlenip ugrady. Onuň nazary bolsa serhoşlyk
bilen asmandaky bulutlaryň arasyna dikilipdir:
168
Daglar başy duman-duman,
Ýel gelýär-ä, Bibijan!
Aç gujagňy, bas bagryňa,
Sowuk alýar-a, Bibijan!
Men bu görnüşiň Ahmet aganyň ýadyna Pendi baýyrlaryny düşürendigini çak etdim.
Mundan gitseň Hywa ýoly
Daş bolýar-a, Bibijan.
Aglaý-aglaý, gara gözler
Ýaş bolýar-a, Bibijan.
Aýdym söýgi baradady. Ahmet maýylyň Bibijan atly gyz
dilinde bolsa-da, ol hem ähli söýgi aýdymyny aýdýanlar ýaly
bu aýdymyň öz natuwany Ogulsapar bilen baglydygyna
ynanýardy. Häzir pikirinde ak çägäni basgylap inişden inip
gelýänem, ýokardan bulutlaryň arasyndan näz-kerişme bolup
seredýänem, bularyň barysy hem Ogulsapardy.
Onuň häzir indi aýdymda daş diýilýän Hywanyň uzak
däldigi, köp eglenmän, yza dolanyp, Ogulsapar ýeňňäniň
huzuryna gelmek boljakdygy hakynda aýdym arasy bilen
pikir edýän bolmagy hem ahmal. Hyýalynda onuň häzir
Ogulsapar ýeňňäni atyna artlaşdyryp, Pendä barýan
bolmagy-da mümkin...
Duýdansyz çykan tüpeň sesi jülgäniň dulugyna
nagdanlap, şarpyk ýelmedi. Gözümiň alnynda menden biraz
öňde arzuw-hyýala berlip, aýdym aýdyp barýan Ahmet aga
«Ha-üm-f» edip, üzeňňä galyp, eýer üstünden turjak ýaly
etdi-de, iňläp, atynyň boýnuny gujaklady. Ikinji maňa diýlip
atylan ok, meniň tüpeň sesini eşidip başyny göterip,
keýerjeklän atymyň kellesinden degen ekeni. Özümi ýere
zyňanymam şoldy welin, at janawar hem gülçüldäp meniň
gapdalyma ýykylyp, aýaklaryny kakyp jan berdi. Diňe
şundan soň maňa okuň göni garşydan däl-de, sag gabatdan
atylýandygy belli boldy. Hekimberdi bilen bolan gürrüň
169
güpbe ýadyma düşdi. «Ah, wenezzyna, ahyr bizi atymyna
getird-ow» diýip, Tejen töwereginde atyşylanda oka
ýetdirmän, Ahmet aganyň atyny münüp gaçan adamy
ýatlaýaryn. Ol ýerden ok atýan bir adamdy. Bu bolup bilse,
hut şol bolmalydy. Aýnabady özi üçin aýan borly, oklar diňe
maňa tarap ýagýardylar. Birki gezek jogap hökmünde
tark-turk atamsoň, öz ýanymda üç okuň galandygy, özge
oklaryň bolsa atyň syrtyna bökderilen horjunyň düýbündedigi ýadyma düşýär. Amat peýlemelidigini, meseläni diňe
şu galan üç ok bilen çözmelidigini özüme ýatladýaryn.
Ýagyş bolsa indi birki günläp diňmejegini asmanyň
ýüzünde mälim edip maýdalap ugrapdy. Jülgedäki ýakymly
ys has-da goýalypdy. Gögüň ýüzi birsydyrgyn gara ýapynja
bilen örtülip çygjaryp durdy.
Birdenem ok atylýan tarapdan garaşylmadyk owaz
eşidildi.
- Gelin, ol deýýus gymyldaýarmy, ölen bolsa sen çykaý,
saňa zat degmerin!
Maňa garşydaşymyň öz atan oklarynyň biriniň nyşana
degendigini çak edýändigi belli boldy.
Aýnabatdan hiç hili jogap ýok, ol düýeden sabyrly düşen
ýerinde ýüzin düşüp ýatyr.
- Gelin, saňa diýilýär, tur, saňa ok degenok, men
bilýärin. Bar-da, şony depip gör, ölen bolsa ýaragyny al-da
gapdala, görner ýere taşla!
Ses ikinji gezek gaýtalanansoň, Aýnabat gelip sesiň diýşi
ýaly meni depdi-de, soňundanam ýaragymy aýryp, beýläk
atmagyň ýerine meniň gapdalymda oturyp ýüzüni tutup, ulili
bilen möňňürip aglamaga oturdy. Aýnabadyň agysyny eşidip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.