Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16

Total number of words is 3748
Total number of unique words is 1951
34.0 of words are in the 2000 most common words
48.3 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dolandy. Şagallar gahar ugruna: «Seniň bilen soň duşuşarys»
diýişseler-de, gijeden-gije töwerekde üýşüşip: «It nejis, git,
nejis!» diýşip, gohlaşsalar-da, soňundan dolanyp onuň bilen
garpyşmaga milt edip bilmediler.
Geologlar Möngözlüjäni mähriban itligi üçin, onuň düňle
çölüň tukatlygyny özleri bilen bölüşýäni üçin eý görýärdiler.
Hemmelere ýakymly bolşy ýaly, gowy görülýänini duýmak
Möngözlüjä hem ýakymlydy. Hoş söz eşidende ol hem hemişe
ýalmanyp, guýrugyny bulaýlap, öz haly bilen bolmazdy.
Hawa, it bolmak bu ýerde hiç neneň däldi. Az wagtyň içinde
258
Möngözlüje töweregindäki adamlaryň ýüz-gözünden
tanamagy däl, olaryň häsiýetlerine hem belet boldy.
Bu ýeriň geologlary her on bäş günden beýleki bir topar
bilen nobat çalşardylar. Bir topary gidip, onuň ýerine
dem-dynç alan beýleki topar gelerdi. Bu ýagdaý ýyl dowamynda şeýle tertipde gaýtalanardy. Geologlaryň arasynda
wagtal-wagtal Möngözlüje bilen oturyp iç döküşýänler-de
bardy. Kadyr diýlip ady tutulýan geolog bolsa oňa birnäçe
gezek smena gutaransoň, özi bilen şähere gitmäni teklip
edipdi. Ol:
- Gaplaň, sen gowy it. Meniň bilen şähere gidermiň?
Seni görüp, meniň çagalarym begener. Olaryň siz itleri nähili
gowy görýänini sen bir bilsediň. Seni ertsem, çagalar, gör,
nähili begenerler. Gujaklap ogşarlar. Aýalym Marinanyň seni
biraz halamazlygy-da mümkin. «Bir öýe iki it gerek däl,
getiren ýeriňe äkit, nirä üýrmeli bolsa özüm üýrüp bererin»
diýer. Ýöne o-da, umuman, oňuşmazça keýwany däldir.
Arkaýyn bol, arkaňda özüm bilen çagalar bolsa, ahyrda biziň
diýenimiz bolar. Galany özüňe bagly, gören ýeriňde aýlanyp
öýi hapalap ýörmeseň bolany. Aýalym nahary-da örän
tagamly bişirýär. Ol ýaşamak üçinem hiç neneň bike däl.
Gadyr bilýän, özi-de men diýip, çagalar diýip hemişe tozup
ýörendir.
Şeýle gürrüňler hemişe bir smenanyň ahyrlarynda,
beýleki smenanyň bolsa başlanjak uçurlarynda bolardy.
Kadyryň bu bolşy onuň öýüni, aýalyny, çagalaryny küýsäp
ugranlygyndan habar berýärdi. Ýöne dikuçar her gezek
smenany äkitmäge gelende welin, Kadyryň beren sözi ýadyna
düşmezdi. Ol hem beýlekiler ýaly goşlaryny howlukmaç
jemleşdirip, uçmak bilen bolardy.
Käte goşda diňe Dusýa daýza bilen ussa Jepbar galardy.
Olaryň ikisiniň-de şäherde gün sanalyp garaşylýan ýeri
ýokdy. Şonuň üçinem olar giden bilen gidip, gelen bilen
geljegem bolmazdylar. Galyberse-de, ýanynda ýürekdeş
259
ýoldaşyň bolsa çöl ýaşamazça ýer hem däldi. Baýramçylyklar
gabat gelerdi ýa-da ýeneki bir sebäp tapylardy. Bir topar
gitse-de beýleki toparyň gelmedik wagtlary bolardy. Şeýle
günlerde ýanaşyk çadyrlarda ýaşaýan Dusýa daýza bilen ussa
Jepbar goşulyşyp, bir çadyrda ýaşaýardylar.
Möngözlüje, onsuzam olaryň dürli çadyrlarda ýaşasalarda bir-birlerine ýakyn adamdyklaryny bilýärdi. Dusýa daýza
bu günlerde otur-tur bilen baglanyşykly işleri aýratyn bir
yhlas bilen, ussa Jepbaryň göwnünden turmak islegi bilen
edişdirerdi. Bir keçäniň üstünde oturyp, onuň bilen dyz
degşirip çaý içerdi. Gümür-ýamyr edişerdi.
Möngözlüje gijeleriniň köpüsini olaryň bolýan çadyrynyň
töwereginde aýlanyp geçirerdi. Ýatyp, öz uçuşyny ýatlardy...
şonda ol ýene-de uçardy, özi-de öňküsinden has belende
göterilerdi. Ýerden seredende, alys görünýän ýyldyzlaryň
golaýyna barardy.
Her gün Gün ýokary göteriliberensoň, Möngözlüjäniň
çadyryň töwereginde oturyp mazasy bolmazdy. Kölegelerem
çadyrlara tarap çekilişmek bilen bolardylar. Soňundan olar
barha kiçelip, çadyryň içine ýygnanyp, şol ýerde tä öýläne
çenli gizlenip oturardylar. Çölüň süňňünden howur göterilip
ugraýardy. Gün meýdanda ýatan demirleri, daşda galan
gap-gaçlary, çadyrlaryň depesini, ähli zady şeýle bir
gyzdyrardy welin, onuň derdinden töweregiň howasy endiräp
ugrardy. Şeýle pursatda Möngözlüjäniň hemişe ýadyna depesi
gümmezekläp duran baýryň etegindäki salkyn süren düşerdi.
Bu ýere ol geçen tomus, güne bolmaýan it kellesini nirede
gizlejegini bilmän elewräp ýören günleriniň birinde tapypdy.
Oňa höwrügipdi. Şondan bäri-de süren tomusda onuň
gaçybatalgasydy.
Günüň özi bilenä-hä oňuşmazça-da däldi, ýöne onuň
gögeýindirin diýdi, sakyrtgadyryn diýdi, bir topar ýakymsyz
nökerleri bardy. Olaryň bar ýerinde bolsa Möngözlüje hemişe
özüni oňaýsyz duýardy. Bular onuň kejikmegine, öz-özüni
260
dişleşdirmegine, janyna jaý tapman elewremegine sebäp
bolýardy. Yssyda öwjügýän mör-möjekleriň köpüsi bu sürene
gelmezdiler. Olaryň ýok ýerinde bolsa Möngözlüje özüni
hemişe hiç neneň duýmazdy. Ilkiler ol Gün hakynda bulaşyk
pikirler eden-de bolsa, soňra oňa kemsiz belet bolupdy. Şol
günler ol Günüň şeýdip-şeýdip, soňundanam bu gün erte
ýanyp gutarjagyna ynanýardy. Ol ýanyp tükense, şonda çölde
beýle ýüregedüşgünç yssynyň bolmajakdygy hakynda pikir
edýärdi.
Yssyda ol hemişe süňňüne ýaltalaç agyrlygyň aralaşýanlygyny, dünýä bilen höwesiniň azalýanlygyny, hiç bir zat
bilen gyzyklanasynyň gelmeýändigini syzýardy. Bu
ýagdaýlaryň sebäpkäriniň Gündügini-de bilýärdi. Geçen
güýzde ol, Günüň howrunyň gaýdyşýanyny, täsiriniň
azalýanyny görüp: «Ä-hä, ana boldy, Gün ahyrsoňy
ýanjagyny ýanyp gutardy, şüý-ä tüýs bolaýdy, mundan
dyndym» - diýip oýlanypdy. Sebäbi ol günler Möngözlüje
dört paslyň her ýyl gezekli-gezegine gelýäninden, hersiniňem
öz lybasy, öz häsiýeti bilen bolup gidýäninden habarsyzdy.
Möngözlüje bu gün ýene gelip özüni şol eý görýän ýerine
- salkyn sürene atdy. Jany aram tapyp ymyzgandy. Oýanan
wagty özgäniň ýakymly ysy ýene-de onuň burnuna urdy. Bu
ys oňa indi daşarda, kölegeleriň uzap, salkyn arap, şemal
öwsüp ugranlygyndan habar berdi.
Şundan soň ol çadyrlar obajygyna öwrülip barmaga
wagtyň bolanlygyny ýatlap, turmak bilen boldy.
Möngözlüje wagty bilen öwrülip barmasa, ol ýerde
özüniň ideljegini, «Itimiz niräk ýitirim boldukan?» diýiljegini bilýärdi. Adyny ýolbars diýip, mahabatlandyryp
tutsa-da, ussa Jepbar henizem Möngözlüjäni sadaja güjüjek
hökmünde görýärdi. Töwerekde ony görmese alada galardy.
Özüniň eý görülýänini duýmak hemmeler üçin bolşy ýaly,
Möngözlüje üçin hem ýakymlydy. Ýöne oňa seretmezden,
Möngözlüje öz ýanyndan özüni ýetişen it hasaplap ýördi.
261
Şonuň üçinem ol hemmeleriň özüne güjüjek hökmünde
däl-de, deňli-derejeli it hökmünde seretmeklerini isleýärdi.
Möngözlüje sürenden çykan ýerinde aýaklaryny öňe
uzadyp gerindi. Soňundanam ukudan soňky bolýan gerilmäniň lezzetini duýup, birsalym şol ýerde pallap durdy. Ýöne
ýeňseden golaýlap gelýän möjek ysy ony birden üýşendirdi.
Gaňrylyp ys alan tarapyna sereden mahaly ol jülgäniň içi
bilen bir topar möjegiň ikibir, üçbir, şatyrym-şallak bolşup
ylgaşyp gelýänlerini gördi. Olaryň bolşy nämedir bir zatdan
elheder alnyp gaçylandan habar berýärdi. Bu töwerekde
gyzylgurtlar adyny alan bir möjek ordasy bardy. Orda möjek
bilen it gatnaşyklaryndan emele geleni üçin, ony gyzylgurt
diýip, adaty möjeklerden tapawutlandyrýardylar. Gyzylgurtlar, hakykatdan-da, özleriniň ugurtapyjylyklary bilen,
zalymlyklary bilen, ynsapsyzlyklary bilen adaty möjeklerden
mese-mälim tapawutlanýardylar. Näçe urdumşalyk etselerde, eden ýykgynçylyklary hemişe olara az görünýärdi. Bu
häsiýetleri üçinem adamlar gyzylgurtlary adaty möjeklerden
erbet ýigrenerdiler. Bu zatlar Möngözlüjäniň gyzylgurtlary
görmezden öň olar hakda adamlardan eşiden zatlarydy.
Bular şol gyzylgurtlar ordasynyň möjekleridi. Orda
çapawulçylykdan gaýdyp gelýärdi. Olar ýap-ýaňyja bir
süriniň üstüne çozupdyrlar, göz açyp-ýumasy salym içinde
goýun-geçileri basyp, kowup, tutup, bütin sürini paýhyn
edipdiler. Çopan goşa tüpeňden ot sowrup ugransoň bolsa
assa gaçan namart edip, gaçmak bilen bolupdylar. Hezillik
entegem dowam etse ederdi welin, ýöne olar tüpeň bilen oýun
etmeli däldigini juda gowy bilýärdiler. Garry gyzylgurtlaryň
oturan-turan ýerlerinde sargydy: «Tüpeňden daşrak boluň,
başarsaňyz görünmäň, bu tilkijikleriňem iň gowy sapalagydyr!» diýip, ýaşlara wagyz ederdiler.
Bosgunyň öňi bolup gelýän iki möjek Möngözlüjäni
gyssagarada ýeňiljek dalap geçdi. Onuň yzy bilen gelýänlerem şol hereketi gaýtaladylar. Eýlesinden-beýlesinden
262
gelnip dişlenýän Möngözlüje birbada näme etjegini bilmän,
duran ýerinde ters öwrülip, tüweleýiň arasyna düşen peşmege
döndi. Yzly-yzyna gelşip duran möjekler şundan soň ne oňa
yza sürene çekilmäge maý berdiler, ne-de başyny alyp
gaçmaga. Birsalymdan üç-dört möjegiň yzynda, maňlaýy
gara ýol belgili itpisint möjek peýda boldy. Möngözlüjäniň
duşuna gelende ol sägindi. Garry diýmeseň aňyrdan gelen
gyzylgurt serkerdesiniň keşbinden onuň dogumlydygy,
ugurtapyjy, paýhaslydygy duýulýardy. Ol Möngözlüjäni
siňňin synlap, öz öňünde aljyraňňylyga düşen, şindi
göwnünde möjeklere bolan ýigrenç döremedik ýaş itiň
durandygyny özi üçin anyklady.
- Sen nireden çykdyň?
- Sürenden - diýip, Möngözlüje ýeňsesini gözledi. It
pisint möjek sürene seretdi, soňam töweregine howlukman
gözüni aýlady.
- Bu sürende birwagt şularyň mamasy bilen menem
ýaşapdym - diýip, gapdalynda gözlerini jel-jelledişip duran
möjekleriň birini nazary bilen görkezdi. Soňundanam:
- Hiç neneň süren däldir - diýip ýatlady.
- Hawa, hiç neneň däl - diýip, Möngözlüje töweregindäkileriň möjekdigini hem unudyp, onuň sözüni
göwünjeň tassyklady.
- Ýaşlykda, güýç-gaýrat barka, erbetlik seniň töweregiňde görünmez eken. Gujur-gaýratyň bar wagtynda sen
hemmä gereksiň. Ýeňişlerem, ähli gowulyklar seniň
töweregiňdedir. Şowsuzlyk senden gaçyp gün görse kaýyldyr.
Bela-beterler özüňden galyp garraňsoň seniň töweregiňe
üýşüşip ugraýarlar. Ana, onsoň, seniň edeniň tersine bolar
durar...
Häzirki pursatda, garry köpegiň göräýmäge gerek
bolmadyk bu gürrüňi etmeginiň öz sebäbi bardy. Ol şowsuz
aw üçin häzir ordanyň özüni näletleýänini çak edip, ýolboýy
müýn çekip gelýärdi. Möngözlüjäniň peýda bolmagy, oňa
263
diýesi gelýän zatlarynyň käbirini töweregi üçin aýtmaga
mümkinçilik berdi. Garry köpegiň pikirinden bihabar
Möngözlüje onuň sözlerini ulynyň ýaşlara berýän akyly
hökmünde kabul etdi. Goja köpegiň öz ýaşlygyna gözüniň
gidenini duýdy. Köpegiň soňky sözleri bolsa Möngözlüjäniň
bilesigelijiligini has-da artdyrdy.
- Men seni tanaýan, ýaş köpek!
- Nireden?
- Hökümim ýöreýän ýerde meniň bilmeýän zadym
bolmaz. Seni garaguş göterip galgadyp barýarka, biz aşakda
saňa syn edip durduk.
- Men-ä sizi görmedim - diýip, Möngözlüje ýüzugra
agzyna gelen sözi aýdyp goýberdi. Soňundanam ol ýeňleslik
edip özünden ulynyň gürrüňini bölenine ökündi. Garry köpek
başyny aşak salyp, esli wagt ýitiren pikirini aňyndan gözläp
oýurganyp durdy.
- Garaguş göterse, soňundan hemişe iş erbetlik bilen
gutarardy. Şol gezek welin... Hawa diňe şol gezek ähli zat
başgaça boldy. Sen onuň awy däl, ol seniň awuň boldy...
- Dana serdar! - diýip, Möngözlüje köpegiň adyny
howalandyryp, «dana» diýleni üçin ol minnetdar bolar diýen
pikir bilen söze başlady.
- Goý, bu ýaramsaklygy saňa tilki eneň öwredendir! Möngözlüje öz oýnunyň geçmedigini duýdy. Ýalmanyp
ýöwselledi.
Garry köpek ýoluna ugransoň töweregindäkilerem
şakyrdaşyp, onuň yzyna düşdüler.
Töwerekde gözlerini jel-jelledişip duran möjekler uruş
meýillidiler. Ýöne serdar hiç zat diýmän gapdaldan geçensoň,
olar hem Möngözlüjäni basa düşmäge milt edip bilmediler.
Öwrüldiler-de, Garry köpegiň yzyna düşüberdiler.
Jülge bilen gaçyp gelýän toparyň yzyny ýalmanyp duran,
syratly gara ganjyk jemläp gelýärdi. Ol aňyrdan gele-gelmäne,
264
Möngözlüjäni basa düşdi. Möngözlüje öz ynanjaňlygy bilen
ýene-de ahmal galdy. Ol serdar hiç zat diýmän geçensoň,
yzdan gelýänlerem şeýder, indi bulardan maňa zelel ýok diýip
arkaýynlanypdy.
Gara it Möngözlüjäniň iň agyryly ýerini tapyp, şeýle bir
dişledi welin ol görgüli, duran ýerinde ýöne zowladyberdi.
- Agyrýar-a!
- Siz itlere geregem şol-da.
- Näme günäm bar meniň?
- Seniň günäň - itligiň. Mundan uly dünýäde ýene nähili
günä, nähili erbetlik bolsun! Adamlara ýaramsaklyk edip,
hemişe şolaryň tarapynda.
- Olar gowy ahyryn...
Bu söz agzyndan sypansoň, onuň möjegi has-da
wagşylaşdyrjagy soň ýadyna düşdi, ýöne ýene-de onuň pikir
edişi ýaly bolmady. Gara it dişini aýryp, aýratyn bir yhlas
garaşylmadyk mylaýymlyk bilen ony ysyrganyp ugrady.
- ...Gör, seniň ysyň nähili parym.
- Bolanda näme?
- Sen meniň jynsymy ýadyma saldyň.
- Ilk-ä, hatladyp dişleýär. Çyňsadyp alýar. Soňundanam
mylaýymsyran bolýar. - Möngözlüjäniň sözi öýkeli çykdy.
Ýöne onuň köpek ysyndan beýhuş bolan gara ganjyk bu
sözleri hasaba almady, ysyrganyp lezzet almasyny dowam
etdirdi.
- Ah sen, sadaja köpek. Ah... sen...
Gara it özgeleriň daşlaşýanlygy ýadyna düşüp serpilip,
birden ýeňsä çekildi. Töweregini gözledi.
- Men gitmelidirin, maňa garaşýandyrlar. Ol ilki-üç
ädim ätläp ýene-de yzyna öwrüldi. Şonda Möngözlüje onuň
möjek gözleriniň mylaýym zenan nazary bilen mähirlihyrydar bakyp bulduraýanyny gördi.
- Biz şu golaýda. Tap bizi! - diýip, gara ganjyk ýalmandy.
265
- Hä, ýene-de meni dalamakçymy?
- Öýkäňi äkit ýanyň bilen. Unudarsyň, ana, onsoň geläý.
Seniň ejeň, kakaň ýöne it bolmandygy duýulýar. Bize goşulyp
gezseň, sen has gaýratly, bagtly bolarsyň.
- Meniň möjek bolmak niýetim ýok. Itligim bar, şol
besdir.
Gara gaýyn häzir bu gyssagarada Möngözlüjä gep
düşündirip bilmejegine düşündi. Ol söhbetiniň dowamyny
soň bir gezege goýup, öwrüldi gidiberdi.
Möngözlüje hem şundan soň silkinip, çaňyny kakyp,
ganjaran ýerlerini ýalaşdyryp, geologlar obajygyna dolandy.
Gözýetimde eşejigini dikgirdedip gelýän adam göründi.
Möngözlüje gözi kaklyşandan ony tanady. Ol şu golaýda
goýun bakýan Ýagmyr çopandy, Jepbar ussanyň tanşy. Aýak
üstündenem bolsa ol häli-şindi bu ýere gümür-ýamyra gelip
giderdi. Hol bir gezekki Dusýa daýza bilen bagly degişme
gürrüňleri çyn hasap edensoň, ol bu ýere gelmesini has-da
ýygjamladypdy. Onuň geologlara bolan yhlasy artypdy. Ol
ýaňydan bäri her gezek goýun soýanda gadyr edip bir satan,
ýarym satan et hem getirmäni çykarypdy. Ýagmyr çopan
ýekelikden zeýrenende Jepbar ussa oňa Dusýa daýza ýaly
birine öýlenmegi maslahat beripdi. O-da: «Şular ýaly
etlije-ganlyja biri bolsa men öýlenjek-le» diýip, Dusýa daýza
hyrydar bolupdy.
Munuň ýaly hezil edere amatly zat tapsa göhi gelýän,
pursady elden bermeýän Jepbar ussa: «Şundan sorap göreýin,
durmuşa çykjak däl-ä diýýä, şu bir başy boş heleý» diýip,
Dusýa daýzany görkezip, çopan görgüliniň ýüregini gul-gula
salypdy. Bir amaty gelende onuň bilen gepleşip bermegi söz
beripdi. Oýna düşünmedik bende şol gezek diýseň hoş bolup,
aýagy ýeňläp, hyýal guşuny uçuryp gidipdi.
Geologlaryň arasynda Ýagmyr çopanyň lakamy Tahyr
begdi. Onuň gelýänini gördükleri olar: «Tahyr beg-ä
Zöhresini gözläp ata çykypdyr» diýşip, ony aşyk-magşuklara
266
meňzedip gülşerdiler. Bu gezegem ony gören geologlaryň
ýüzünde ýylgyrma alamatlary peýda boldy.
Dusýa daýza bu mahal gazan ataryp, çanak-çemçeleri
töweregine jemläp, günortanlyk taýynlap durdy.
Ýagmyr çopan golaý gelen wagty Möngözlüje guýrugyny
bulaýlap onuň öňünden çykdy. Çopan güler ýüz bilen
garşylany üçin ondan minnetdar boldy.
- Gaplaň, berekella! Tanadyňmy, zaluwat. Sen gowy it,
Gaplaň, ýöne arman, şi, gulak-guýrugyň bar-da...
Eşeginden düşüp, gaňňadaky horjuny eline alansoň ol
gowadaň ýöräp, Dusýa daýzanyň ýanyna ýöneldi.
- Dusýa gelin, amanlykmy!
- Şükürdir.
- Al, şujagazy...
Soň ol elindäki horjuny mazamlap oňa uzatdy.
Möngözlüje ol ýerden täzeje etiň ysyny aldy.
- Hany biziň dost görnenok-la? - diýip, ol soň başga-da
bir diýäýmäge söz tapman töweregine gözledi.
- Dostuňam bardyr. Işlemese-de işleýänleriň töwereginde
garaýaga bulaşyp ýörendir.
Jepbar ussa geologlaryň beýleräginde ertirden bäri
sürüji ýigit bilen bir kem tapynan maşynyň motorynyň
daşynda köwejekleýärdi. Ol Ýagmyr çopanyň gelip eşekden
düşenini görensoň, ýylgyryp şofýor ýigide birzatlar diýdi-de,
elini esgä süpürip, goşa tarap gaýtdy.
- Biziň dost gelen ýaly-la!
- Hä, aý bir halyndan habar alaýaýyn diýdim.
- Gowy edipsiň. Dusýa bilenem düýn soňky günler
Ýagmyr görnenok, oba dagy gitdimikä diýip, ýatlaşyp
otyrdyk.
Görşüp salamlaşansoň Jepbar ussa ony depesine çadyr
gerlen nahar stoluň başyna alyp bardy. Dusýa daýza derrew
iki sany käse bilen bir çäýnek çaý getirdi. «Çaý içiň, naharam,
ine, bolup barýar» diýdi. Bu sözleri Dusýa daýza özüne
267
seredip aýdany üçin Ýagmyr çopan eselip monça boldy. Çaý
başynda gürrüňi dowam etdirip, ol ýene-de çyny bilen
ýekelikden zeýrendi.
- Bäş gelniň, bäş ogluň bolsa-da, dost, bir heleýçe boljak
däl eken. O pakyr bar wagty oba gidesim geler durardy diýip, aýalyny ýatlady.
- Aý, näme-de bolsa oba-da aýlanmaly.
- Çagalary görüp gaýdýaň. Ýöne, dost, sen şuň bir
bellisini bilseň!
Ol hyrydarlyk bilen, nahar bulap duran Dusýa daýza
tarap göz gytagyny aýlap goýberdi.
- Menem-ä ugrunda öz-ä - diýip, Jepbar ussa burnuna
salyp ynamsyz myňyrdady.
- Hä, dost, özüň-ä, ýöne soňy gelenok. Şuň ýaljak birini
tapsam, men goýny zyňyp obada, ýakynynda-da boluberjek.
- Ýa, senem-ä, dost, ol näme iş tapman şu ýere gelendir
öýdýäňmi. Ol bu ýerde çölüň howasy diýip gezýär. Seniň
obaňy başyna ýapsynmy?
- Onda näme çopan-çoluk bolşup, bu ýerde bileje
bolubermeli bor-da.
- Ine, munyň başga gürrüň. Şeýdip döwletli gürrüň
tapaweri.
- Şeýderis ony. Bile bolsak, nirede bolsagam men razy.
Wah, bir karara geläýedi-dä.
- Geler, howlukma. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar»
diýipdirler.
Möngözlüje iki dost gürrüňleşýän mahaly, köplenç,
nahar stolunyň aşagynda ýatardy. Her gezegem ol Jepbar
ussa bilen Ýagmyr çopanyň arasynda bolýan şuňa meňzeş
Dusýa daýza bilen baglanyşykly gürrüňleri eşiderdi.
- Sered-ä oňa, seni görse öz haly bilen bolanok-how ol,
saçyny düzedip, başyndaky ýaglygyny çözüp daňyberýär.
268
- Ýak, Jepbar, senem-ä, oýun etmesene, dost - diýip,
Ýagmyr çopan, biraz oýnalýanyny çak etse-de, hoş bolup
jykyrdap gülýär. Göz astyndan bolsa Dusýa daýza seredýär.
Ony törüne geçirse, bagtly günleriň başlanjagyny ýatlap,
göwün ýüwürdýär.
Geologlar birlän-ikilän nahar stolunyň başyna gelşip
ugransoňlar, Ýagmyr çopan aladasyny bahanalap turmak
bilen boldy. Dusýa daýza onuň pekarnýada bişen çöregi
halaýanyny ýatlap, düýnki getirilen çörekden iki sanysyny
onuň horjunyna salyp uzatdy. Ýagmyr çopan gidende Dusýa
daýzanyň özüni ýakymly zenan nazary bilen ugradanyna hoş
bolup gitdi.
Tomus günlerinde garaňkyň gatlyşmagy, gijäniň gelip
töweregi eýelemegi çöle serginligiň aralaşmagydy. Her gün
giçden soň aşyrym-aşyrym depeleriň üstünden aşyp gelýän
agşam şemaly öwsüp ugraýardy. Töwerekde ot-çöpleriň
süňňünden göterilen ýakymly ys peýda bolýardy. Kükregiňi
dolduryp arkaýyn dem almaga mümkinçilik döredýärdi. Bu
gije hem şeýle gijeleriň birisidi. Her gün garaňky gatlyşansoň, gijäniň serginliginden peýdalanyp bir meýdan işleýän
geologlar hem bu günlükçe işlerini boldum edişip, gaýdyp
gelipdiler. Çöle birsydyrgyn ümsümlik aralaşypdy. Iş
gutarýança ala-goh bolup işlän, töweregi çyra bolup ýagtyldan dwijok häzir bir gapdalda çommalyp ite çalym edip
otyrdy. Töweregiň dünýäsine rahatlyk aralaşsa-da, kalby
ünjüli Möngözlüje bu gün rahatlanyp bilmedi. Ol gorsawyň
üstünde gezmeleýän ýaly zowzuldap, bir çadyrlyga abanyp
duran depäniň üstüne göterilse, ýene birde şagallaryň
ogryn-dogryn gelip gidýän, ol-bi galyndy atylýan ýerde peýda
boldy. Kellesini howada gezdirip ysyrgandy. Howada tanyş
ys bardy. Ony şemal bir ýerlerden öňüne salyp bu ýere
getiripdi. Ol ys şol gara ganjygyň, Möngözlüjäniň ýadynda
galan ýakymly ysydy. Möngözlüje töwerege aýlanyp ýörşüne
hyýalynda onuň bilen duşuşyp, ýene-de telim gezek ysgaşdy.
269
...Her gezekde-de ol şol gezekdäki ýaly öwrülip ýoluna
ugran wagty Möngözlüjäni täsirli synlady. Bu garaýyş
Möngözlüjäniň ýüregini gopdurdy. Gara ganjygyň mähir
bilen aýdan sözleri gulagynda ýaňlandy:
«Bizi gözle. Taparsyň. Biz şu töwerekde bardyrys...»
Gara ganjygy görmek höwesi soňabaka Möngözlüjäniň
has-da ýüregine düşdi.
Beýle ýagdaý onuň durmuşynda hiç mahal bolan zat
däldi. Şonuň üçinem ol birbada tebigatyň özi bilen nähili
oýun oýnaýanyna düşünip bilmedi. Birsalymdan bolsa ol
höwesiniň öňüne düşenini-de, onuň özüni bir ýerlere alyp
barýanyny hem duýmady. Diňe birsalym ýöränsoň yzda özüne
ynanylan goşuň galany ýadyna düşdi. Möngözlüje çadyrly
obajygy görmek üçin aýak çekip ýeňsesine seretdi. Çadyrlyk
ýokdy. Ol iki-üç alaň arkada, gijäniň içinde galypdy. Goşy
taşlap gitmegiň gelşikli däldigini onuň it duýgusy ýatlatsa-da,
bu gezek Möngözlüje beýtmezligi özünden talap edip bilmedi.
Gara ganjyga ilki «Seni başyma ýapaýynmy?» diýse-de, häzir
ony hatda göz gytagy bilen bolsa-da göresi gelip, ýüregi
özelenýärdi.
Bu höwesi Möngözlüjäni gijäniň içi bilen ýene-de
aňyrlygyna äkitdi.
- Eý, ykmanda, bu senmäý? - Möngözlüjäni gapdaldan
eşidilen gyryljyk ses saklady. Bu hüwüdi. Ol ýylgynyň
üstünde, ýaýjykly stolda oturan ýaly hallan atyp otyrdy.
- Hä-ä, bu senmi petre-ýaňra! - Möngözlüje ony tanap
aýak çekdi.
- Ýol bolsun, ýüzi garaňka tutupsyň, ýa-da şol şagallaryň diýýäni ugrunda barmy?
- Aýt hany, şagallar näme gybat edýäler? - diýip,
Möngözlüje özi hakynda edilýän gybat-gürrüňler bilen
gyzyklandy.
- Aý, özüňem eşidensiň-le, gürrüň öňräkden bäri bar.
Gara gaýyňyň saňa syny oturanmyş. Indi ol oturan--turan
270
ýerinde seni ýatlaýarmyş. «Şoň ýaly ýoldaşyň bolaýsa»
diýýämiş.
- Bu näme boldugy?
- Bu häzir seni gijäniň içinde çölde öňüne salyp kowalap
ýören güýç-dä.
- Bilemok ol güýjüň nähili güýçlügin-ä welin, ýöne maňa
bir zad-a bolýar, petre han - diýip, ugrap barşyna Möngözlüje
ilkinji gezek özi bilen bir zatlaryň bolýanyny boýun aldy.
Birazdan howada ýiti çör ysy bilen ýüňüň ajymtyk-dymyljyk
ysy peýda boldy. Möngözlüje aýak çekip, ysyň habaryny aldy.
Özi görünmese-de, garşydan bir bölek goýnuň ýetip gelýäni
belli boldy. Birsalymdan gözýetimde süriniň özi-de peýda
boldy. Ol keseribräk ýanyn duran baýryň ýüzi bilen çabrap
gelýärdi. Süri häzir häli-şindi ýaz günleri dag eteklerinde
peýda bolýan ümür toplumyna meňzeýärdi.
Möngözlüje sürini synlap, ony ümre meňzedensoň, ýene
birazdan ol ümrüň baýryň depesine göterilip, ondanam
aňyrlygyna - togalanyp asmana galyp barşyny göz öňüne
getirdi. Onuň ümre gözi gitdi. Şol uçan gününden bäri
Möngözlüjäniň uçup bilýänleriň hemmesine gözi gidýärdi.
Ol hyýalynda sürini uçuryp, birsalym onuň yzyndan
gözügidijilik bilen seredip durdy.
Diňe birsalymdan golaýlap gelýän iki köpegiň ysy
Möngözlüjäni özüne getirdi. Ol bulara duşmaly däldigine,
eger duşsa, özüniň bet niýet bilen sürä aralaşmakçy bolýan
garakçy hökmünde dalanjagyna gözi ýetdi. Tilki enesiniň
akly şeýle pursatlarda häli-şindi onuň gulagynda eşidilerdi.
Ol: «It görmesinem, üýrmesinem» diýip, wagyz ederdi.
Möngözlüje süriniň gapdalyndan sowlup geçmek üçin duran
ýerinden aşak indi.
Gyzylgurtlar ordasy aşagy uçut kert, ýokarsy ýazgyn
depäniň üstünde şöwür çekişip ýatan ekenler. Möngözlüje
beýleräkde silkme telpege meňzäp oturan ketgeniň
ýeňsesinde ornaşdy. Bu ýerden depäniň üsti elin aýasynda
271
ýaly görünýärdi. Möngözlüjä geregi-de şoldy. Ol depäniň
üstüni birlaý gözden geçirensoň, nazaryny gara gaýyňda
saklady. Gara gaýyň çommalyp oturyşyna bir zadyň pikirine
berlip, ordanyň üstaşyry uzaklara seredip otyrdy. Onuň
gapdalynda garry köpek kiçiräk depe bolup güberçekläp
ýatyrdy. Garry köpegiň bu bolup ýatyşy onuň garrylyga halys
eňkini aldyranlygynyň alamatydy. Ýogsam, häzir möjek
kanunyna görä, hüşgärligi gara gaýyň däl-de, onuň özi
çekmelidi. Aňyrdan - ata-babadan gelýän däp şeýledi.
Möngözlüje gara gaýyňyň boý-syraty bilen, öz göwün
galybyny dolduryp synlap ugransoň, diňe bir özüniň
niredeligini däl, asmandyr ýeriň hem barlygyny, ýyldyzlaryň
ýokardan özüni synlaýanyny, gaýdan ýeriniň alysda
galanyny, hemme zady unutdy. Ol synlap-synlap gara
gaýyňyň bu çölde ýeke-täk itdigine, ondan syratly, ondan
ýakymly ysy bolan itiň ýoklugyna ynandy. Höwesi ony telim
gezek «ýör» - diýip, gara gaýyňyň ýanyna çagyrdy.
- Gideli, onuň ýanynda bolsaň, sen bagtly bolarsyň.
Süriň guwanjy bolarsyň!
- Gerek däl, hiç bir halatda kelläni ýitirmeli däldir diýip, başga bir pikir häli-şindi akyl berip, onuň tanapyndan
çekdi. Howada bolsa şol aňyny alyp barýan ýakymly ys bardy.
Möngözlüje aňynda gara gaýyň bilen duşuşyp, şol bir
belendiň üstünde onuň bilen bagtly bolup oturdy. Ol
çadyrlygy ýatlap yzyna öwrülen wagty daň saz berip ugrapdy.
Gara gaýyňy daşdanam bolsa göreni üçin, Möngözlüjäniň
ýüregine biraz arkaýynlyk aralaşypdy. Täsin, şeýle-de
düşnüksiz bir derde uçranyny Möngözlüjäniň özi hem syzdy.
***
- Ýolbars!
- Ýolbars!
Erkek adamyň ýognas sesiniň yzysüre ýakymly aýal sesi
Möngözlüjäniň adyny tutdy. Möngözlüje bu mahal iki çadyr
272
aralygyndaky boşlukda töweregini diňşirgenip, öňe uzadan
aýaklaryny ýassyk edinip ýatyrdy.
Nahar stolunyň töwereginde şowhun başlanypdy. Ol
ýerde Dusýa daýzanyň tagamly bişiren naharyndan soň demdynç alýan geologlar gyzygyşyp domino oýnaýardylar.
Domino bu ýerde iň ýörgünli oýundy. Ony geologlar her dynç
alyşda höwes bilen, uly gyzyklanma bilen oýnardylar.
Möngözlüje-de wagtal-wagtal baryp olary gapdaldan synlap,
durup-durup gaýdardy. Ýöne adamlaryň ellerindäki domino
kerpiçjiklerine seredip, nämüçin olary yzly-yzyna patdapatda stola goýuşlaryna düşünip bilmezdi. Jepbar ussa hem
gyzygyp, bu oýny höwes bilen oýnardy.
Möngözlüje başyny göteren wagty sary saçly Lena bilen
Ýusubyň bäş-alty ädimlikde özüne seredişip duranlaryny
gördi. Ýusubyň elinde gitarasy bardy, ol penjegini egnine
ýelbegeý alypdyr. Lena bolsa bili bogdakly özüne gelişýän
gögüş köýnegini geýipdir.
- Ýör, senem biziň bilen. Gezelenç ederis!
Möngözlüje gezelenje barylýanyna düşündi-de, höwes
bilen turup öňe düşdi.
Ýusup bilen Lena hem bu ýerde domino oýny bilen
gyzyklanmaýan az sanly topara degişlidiler. Olar domino
oýnanlaryndan töwerekde aýlanyp gezenlerini, çeträge çykyp
gürleşip oturanlaryny kem görmeýärdiler. Şeýle-de olar
gezelenje gidenlerinde Möngözlüjäniň hem hemişe öz
ýanlarynda bolmagyny isleýärdiler. Her gezek tirkeşip
ugramakçy bolanlarynda ony ýatlap töwerekden gözleýärdiler.
Özüniň uzyn aýaklary bilen her ýerden bir basyp barýan
Möngözlüje birsalymdan tanyş pişigiň yzyndan ýetdi. Bu
pişik hem geologlaryň töwereginde ýaşaýan jandarlaryň
biridi. Möngözlüje ondan habarlydy. Uzakdanam bolsa,
birküç ýola ony görüpdi. Has ýakyndan tanyşmaga-da
18. Sargyt
273
mümkinçilik bolupdy, ýöne her gezek tanşaýmaly bolanda
pişik ýeňsä çekilip ondan gaçypdy.
Birki günlükde Möngözlüje gyzylgurtlaryň ýanyndan
gelende özi bilen töwerege howsala getiripdi. Onuň gara
gaýyňyň yşgyna ymykly düşeni belli bolupdy. Bu gowulygyň
alamaty däldi. Söýgi däliligiň bir görnüşidi. Ol kime ýoluksa,
şonuň häsiýetini mese-mälim üýtgedýärdi. Bu bolsa ýerde
gezýäniňi köplenç unudyp, aýaklarynyň käte bir ýere
galtaşýanyny duýup, asmanda gezýäniňe ynanmak diýmekdi.
Pişik «Çagalarymyň biri ýene-de bu başyny ýitireniň
eline düşäýmäwersin» diýen gorky bilen ýurt salyp göçüp
ýördi. Häzir onuň agzynda ýaňyrak dünýä inen çagajygy
bardy. Ol çagalary bilen bir bolmasy işiň bolaýmagyndan
howatyr edipdi. Eger şu howp bolmadyk bolanlygynda,
geologlaryň töweregi ýaşamak üçin hiç neneň däldi.
Ýuwundy dökülýän ýere gelseň, hemişe garyn talaby uly
bolmadyk pişikler üçin garbanmaga bir zat tapylardy.
Möngözlüje-de ony onda-munda görse kowalap ýörmeýärdi.
Sebäbi heniz uçmanka «Itde-pişiklik kadasy» hakda ol
ejesinden hiç zat eşitmändi. Şonuň üçinem ol pişiklere
ata-baba duşmany hökmünde däl-de, adaty goňşularyň birisi
hökmünde serederdi.
- Goňşy, nirä ugradyň?
Pişik ogurlykda tutulan ýaly, ýeňseden gelen duýdansyz sesi eşidip ziňk etdi. «Bu meniň çagamy almak üçin
yzymdan gelýändir» diýip pikir etdi. Pişik agzyndaky näzijek
sesi bilen wagtal-wagtal mawlaýan çagasyny ýerde goýdy-da,
ony öň aýaklarynyň arasynda saklady. Özüniň güýçsüzligini
unudyp, çagasyny goramak üçin gazaplanyp, Möngözlüje
bilen garpyşmaga häzirlendi.
- Tss... näme, meni dalajak bolýarmyň?
- Aý, ýok.
- Onda näme, yzymy çalyp gelýäň?
274
- Aý, goýa, men-ä seniň yzyňam çalamok. Şular bilen
gezelenç etmäge barýan. - Möngözlüje yzyna seretdi. Pişik
hol yzdan degşip-gülşüp gelýän Ýusup bilen Lenany
görensoň, Möngözlüjäniň öz yzyndan gelmeýänine ynanyp,
biraz arkaýynlandy.
- Şeýlemidi ýa? Onda, ýol bolsun!
Pişik şundan soň öň aýaklarynyň arasynda gapjap duran
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.