Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15

Total number of words is 3788
Total number of unique words is 2039
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelýän çal bulutlaryň deňinde iki sany garaguş goşulyşyp
uçup ýördüler.
- Ýok, indi sen ulalypsyň, agralypsyň. Onsoňam şol
uçanyň indi saňa besdir.
- Aý, näme, uçaýmalydyk-da!
16. Sargyt
241
Häzir garaguşuň özüniňem näler uçasy gelýärdi. Ol indi
köpden bäri (şol gezek Möngözlüje bilen uçan gününden bäri)
bir gezegem uçup görmändi. Telim ýyllap özüni bagtly eden
goşa ganat indi deň ygşyldaşyp, garaguşy asmana göterip
bilmeýärdiler. Ol şol günden bäri biçäre bolup, kesekiniň
awundan iýip mydar edýärdi. Şeýle-de bolsa köpi gören guş
ýene-de syr bermezlige, duşmandan syryn gizlemäge çalyşdy.
- Men seni bir ýola uçurdym, indi sen beýlekiler bilen
uç. Olar seni... Weý, näme sokulyp gelýäň?
- Senden et ysy gelýär.
- Çekil, ýogsam, gözüňi çykaryn! - Garaguş howpuň
abananyny syzyp, has-da hüžžerildi.
- Gözümi nädip çykarjak?
- Ah, henizem seniň şol mönlügiň ekeni, senem bir
gorkmany bilsediň.
- Maňa öwredenoklar ahyryn.
- Ah, senjagazmy...
Möngözlüje ýaly bir sebäp bilen öz penjesinden sypan
güjüjekleriň men diýen it, möjek, tilki bolup ýetişensoňlar
hem özünden gorkup gaçgaklap gezýändiklerine garaguş
beletdi.
Garaguşa ýakynlaşdygyça onuň aýagyndan dişlän wagty
agzynda galan tagamly et ysy barha ýüregine düşüp ugrady.
Demir penjeleriň özüni gysan wagtyndaky iki bykynda dörän
agyrynyň ýatlanmagy hem onuň ganlyja et iýmek höwesini
öçürip bilmedi. Möngözlüje alarman bolup, gözi ýok ýaly
dykylyp, ysyrganyp garaguşa golaýlady. Garaguş indi rejäniň
geň däldigini kemsiz aňdy. Ol howatyr bilen iň soňky güýjüni
jemläp, birazam bolsa uçmak üçin yzyna öwrülip gaçmak
bilen boldy.
Barybir, näçe çytraşsa-da ganatlaryny taýlap uçmak oňa
başartmady. Çeýnelen aýak ýene-de agyr geldi. Garaguş uçma
höwesiniň başa barmajagyna göz ýetirip, aýak çekdi-de,
yzyna öwrülip Möngözlüjä gaýtawul bermäge çemelendi.
242
- Golaý gelme, ýogsam, soň ökünersiň, meniň çüňküm
ýitidir, maňlaýyňy jopba deşer!
- Bir buduňdan azajyk iýeýin, men gyzylym aç.
- Saňa akly çaşan samsyjak diýerler!
- Haýyr, diýäý, ýöne men ýaman ajykdym...
Möngözlüje garaguşuň haýsy ýerinden barjagyny
bilmän, birsalym töwerekde çalganaklap aýlanansoň, ahyry
çemini aldy. Ol tilkiniň öwredişi ýaly, ýeňseden baryp,
ussatlyk bilen garaguşuň demligini dişleriniň arasyna aldy,
soňundanam ol tä garaguş pasyrdap, garşylyk görkezmesini
goýýança, agzyny şol bir dişlän ýerinden aýyrmady.
Möngözlüje ganlyja et iýip, garnyny doýurdy, ýöne ol it
bolansoň has bir uly iş edeninden, onda-da abraýly it nesline
mynasyp iş edeninden, duşmandan öz köýen aryny alanyndan
bihabar galdy. Ar almagyň tagamyny bilenliginde ol onda
bu tutluşygyň netijesinden garnyny doýranyndakydan has
uly lezzet alardy. Möngözlüje welin muňa üns bermelidirem
öýtmedi. Ol aw awlanyny hemem garnynyň doýanyny bildi.
Möngözlüje şol günüň ertesi bu ýerleriň (bu ýerler diýlende
ol garaguşlaryň her günki üýşüşip-çaşyşýan ýerlerini, özüniň
häli-şindi gelip suw içýän uly kakyny, (kiçi kaklardan ol aňsat
suw içmezdi, ol ýerlerde suwlar tiz porsap içime ýaramsyz
bolardylar) özüniň tilkiler bilen şatyrdaşyp gezen ýerlerini
bilýärdi) mährinden geçmegi ýüregine düwdi. Onuň başyny
alyp, hüwiň aýdanyny edip, Hindiguş daglaryna tarap gidesi,
ol ýerden enesini tapyp, ýene-de onuň mährine çoýunasy
gelýärdi.
Baýryň depesinde dem-dynç alyp otyrka, onuň bu höwesi
has-da möwjedi. Bu ýerden Möngözlüjäniň elýetmez dagy Hindiguş garly gerşini agardyp, howalanyp görünýärdi.
Möngözlüje ýüzüni daga tutup ýola düşdi. Birsalym
ýöränsoň ol ýene-de bir gezek ýeňsesine öwrüldi. Şonda ol
özüniň torç eden ýerlerini, uly kakyň bir çetini, ýylgynly
kölüň garamtyl ýazgyn suduryny, ýumrulanyşyp oturan
243
baýyrlary ýene-de bir ýola gördi. Möngözlüje birsalym
ýöränsoň, ilki ysyrganyp, şemaldan süriniň habaryny aldy.
Birsalymdan bolsa serkäniň boýnuna dakylan jaňyň: «Men
bärde, men bärde...» diýip owurdyny dolduryp logurdadýanyny eşitdi.
Möngözlüje aýak çekip, umytly nazar bilen töweregine
garandy. Howany ysyrgandy, töwerege gulak salyp, jaň
sesiniň gelýän tarapyny anyklady. Jaň göni gabat garşyda
logurdaýardy. Şundan soň ol «Ejeme, uýama duşaryn...»
diýen begençli pikir bilen şol toýun ysy gelýän tarapa ähli
güýjüni jemläp, ylgap gitdi. Süri görnen çagy bolsa ol
şatlygyna bäs gelip bilmän «jöw-jöw» üýrüp, özüniň gelenini
buşlady.
Aňyrdan agyp-dönüp gelýän süri Möngözlüjä golaýlaşdy.
Süriniň öňüni çekip şahlak teke bäş-üç geçiniň ugratmagynda
kä ýerden bir agyz ot çürtüp, göwünli-göwünsiz gäwüşäp,
öz maýdalyna ýöräp gelýärdi. Tokarja guzujyklaryň mähirli
mälemeleri howany endiredýärdi.
Möngözlüje sürä ýetiberende, bir-birine çalym berip
duran gulaksyz-guýruksyz, ýüzleri hyrsyz iki sany daýaw
it bir ýerlerden çykyşyp, keserişip durdular-da, onuň öňüni
kesdiler.
- Ýeri, gulaklyja, ýaman keýpihon görünýäň-le, nähili
hezilligiň üstünden bardyň? Şagal ýaly ýöne alagoh bolup
gelýäň.
- Men, menmi. - Iki iti görüp, biraz howy basylan
Möngözlüje demi-demine ýetmän durşuna habaryny
berermen boldy.
- Men, neme...
- Görýäs seniň sendigiňi. Ýöne sen kim? Itleriň gözi
gyzyly onuň aljyraňňylygyny halaman hyňrandy.
- Men ejemiň ýanyna geldim.
- Bu ýerde seniň ejeň ýok, güjüjek. Ýöne gözläber, Pendi
baýyrlarynyň arasynda süri kändir. Hol, daglara barynça
244
daş-töweregiň agyn sürüdir. Häzir bolsa git bu ýerden,
süriniň ynjalygyny gaçyrýaň!
Möngözlüje bu iki itiň ýüzüne seredip, özüniň çakynyň
çykmanyna ynanyp bilmän, birsalym mäzerip duransoň,
lapykeç halda yzyna dolandy. Ýogsam, ol iki itiň ýüzi juda
hyrsyz görünýärdi, sähel bahana bolsa, olaryň güpür-tapyr
basyp, dalajagynyň ujy iki däldi. Şeýle-de bolsa, ol sürini
oýtarlap gelip, eşegiň üstünde kitap okap, dünýäden bihabar
oturan çopany ot-çöpe bukulyp, tilkiçeläp ýagşy synlady,
ysyrgandy. Dogrudanam, bu ýerden ol ýadynda galan
çopan-çolugyň ysyny tapmady. Diňe şundan soň ol bu ýeriň
özüniň gelmeli ýeri däldigine ynandy.
***
Pendi baýyrlaryny aýlanyp, gül-gunça, çomuçdyr
pak-paka öwrülip ýören ýazyň şähdi açykdy. Meýdanda her
gün telim bir täze ot peýda bolup, ýazyň ýetnesi bolup, otlar
mähellesine goşulýardylar. Wagtal-wagtal ýaz ol dag
tarapdan bir topar buludy sürüp, şemalyň öňüne salyp
getirerdi-de, baýyrlaryň üstünden, suw-sil edip ýagyp
geçýärdi.
Ýene-de birsalymdan bolsa bulutlaryny syryp, ýaz
özüniň, durumsyzdygyny äşgär edip, Gün bolup ýylgyrardy.
Bu dünýäni baharda ilkinji gezek gören tilkijikler,
güjüjekler we beýleki mör-möjekler şundan soň öz hallary
bilen bolmazdylar; elewreşip, çapyşyp, öz keýpihonlyklaryny
mälim edişip, ýakalaşyp oýnardylar.
Ýazda hiç kimiň jokrama tomus hakda, bu berekedi
depeläp, ýere sokjak gyş hakynda pikir edesi gelmeýärdi.
Hemmeleriň başynda ýaz humary kükeýärdi, ýaz bolup
ýaşasy gelýärdi. Ýöne ýaz näçe gowy-da bolsa, Möngözlüjä
enesini görme höwesini unutdyryp bilmedi.
Ol telim günläp sürüleriň arasyna aýlanyp, enesini
gözledi. Her baran ýerinden ol şol bir: «Biz-ä seniň ýalyny
245
göremzogam, tanamzogam, ejeli bolsaň, ejeňi başga ýerden
gözle!» diýen jogaby eşitdi.
Dag bolsa entek-entekler uzakdady. Ol elesläp görnüp
dursa-da, oňa ýetäýmek aňsat däl ekeni. Möngözlüjäniň
göwnüne dag ökje ogurlap, barha yza tesýäne meňzedi.
Gündiz tüssä ýörelende bolşy ýaly, hiç bu ýoluň yzy
gelmedi. Bir gezek Möngözlüje käkiligiň sesini eşidip, ony
ýakyndan diňlemegi niýet edinip, seresaplylyk bilen mahalmahal durup, diňirgenip barýarka garaşmadyk bir ahwalata
gabat geldi.
Ilki gowrulan etiň ýakymly ysy onuň sülekeýini akdyrdy.
Giňişlikde ýakylan oduň başynda üç-dört adam bar ekeni.
Olar oda käte bir odun atan bolşup, ýakymly ysy dünýä
ýaýradyp, çişlik bişirýärdiler.
Möngözlüje bular turup gidensoň, şol etlerden galak-gaçagy
bolar diýen niýet bilen bir çöpe bukulyp, öz isleýän pursadyna
garaşyp oturdy.
Ol öz maksadyna ýetse-de ýeterdi, ýöne hüwi, ana, şol
ähli zady bulaşdyrdy. Ol bir ýerden bir ýere uçup barýarka,
Möngözlüjäniň busup ýatyşyny gördi-de ony tanady. Özüni
howada saklap pelpelledi.
- Gidiber, gidiber, güjüjek, şu barşyň dogry, eneňi
ýatdan çykarmankaň, ony tapsaň gowy, seniň entek eneňden
öwrenmeli zadyň kän. Dost-duşmany anyklamasaň, bu çölde
ýaşamak saňa ýeňil düşmez.
- Men golaýlaşdygymça dag aňry gaçýa-la...
- Häý, samsyjak. Dagyň meniňki ýaly ganaty ýokdur,
seniňki ýaly aýaklary-da. Sen ylgap barýarkaň oňa seret, ol
hut saňa tarap, seniň özüň ýaly howlugyp ylgap gelýändir.
- Hawa, gördüm. Ýöne...
- Häý, samsyjak diýsänim, sen...
Hüwi öz çakyr sesini halaman, oduň başynda oturanlaryň
bir zat almak üçin ýeňsesine öwrülenini görüp, ganatlaryna
246
bat berip gaçmak bilen boldy. Şeýle-de bolsa iň soňky diýesi
gelen sözüni diýip gitdi.
- Sen, güjüjek, gultunyp oturan ekeniň. Olardan
süňk-saňk, bir zat galaýmagy-da mümkin. Adamlar itleri
erbedem görmeýärler. Ýöne hemmesi däldir. Onsoňam olar
şol ortada duran çüýşeleri boşadansoňlar, öz hallary bilen
bolýan däldirler.
Gapdalda ýatan omurmany alyp ör turan adam hüwä
sözüni soňlamaga maý bermedi. Tüpeň göçüp, dünýäni
sarsdyrdy.
Maşyndan göterilýän ysdanam ýakymsyz bir ys töwerege
ýaýrady. Möngözlüje gorkudan ýaňa tarsa böküp, özüniň bu
ýerde bukulyp oturanyny duýduranyny hem duýman galdy.
Onýança-da tüpeň ýene bir gezek pöwhüldäp atyldy.
Möngözlüje gaçyp barşyna otyrýerinden kimdir biri hatladyp
yzly-yzyna iki gezek dişleşdirip alan ýaly bolanyny duýdy.
Hüwi çirkin gygyryp, bir ýerlere ýitirim boldy, diňe onuň
iki sany ýelegi howada gaýmalady.
Möngözlüje howp abanan wagty güýçliniň sürenine
girilse-de, haýwanlaryň arasyndaky kanuna görä, azar
berilmeli däldigini ýatlap, şol eňip barşyna çem gelen
sürenleriň birisine kürsäp urdy.
Birsalymdan ol öz oturan süreniniň töwereginde ýaňky
oduň başynda oturan adamlaryň sesini eşitdi.
- Eý, ol it ýaly-la!
- It näme işlesin-laý. Onuň boluberşini görmediňmi, edil
tilki. Gördüň-ä, gaçan mahalam gözi töwereginde.
- Häý, diýseňem-ä...
- Tilkidir. Bada-bat sürene süsdürilendir görseň. It
bolsa, ol gören ýerinden urup geçip giderdi. Sürene girmek,
top ýaly togarlanmak onuň ýadyna düşmezdi.
Ýene-de süreniň agzynda «Şol hakyt tilki» diýip, öz
sözüni häli-şindi serhoş adamlara mahsus irginsizlik bilen
tekrarlaýan gyryljyk ses eşidildi.
247
- Hany, baryň, biriň ýaşkiçilik ediň-de, gidip oduň
başyndaky kükürdi getiriň!
- Aý, hany, gidip keýp çekeliň-le, tilkiden näme boljagaý!
- Ýok, biraz tagapyl et, häzir süreni tüsse bilen doldyrys
welin, şol diýýän tilkim çydaman okdurylyp çykar. Baryň,
odun çöpleşdirip getiriň! Süreniň agzyny özüm saklaryn.
Birsalymdan Möngözlüjäniň oturan süreniniň içinde ajy
tüsse göç edip ugrady. Onuň dem almasy şundan soň barha
kynlaşdy. Möngözlüje süreniň içinde näderini bilmän,
elewräp, tüssä boglup ýörşüne janygyp çyňsady. Ol çyňsap
ýörşüne ahyr bir arassa howa gelýän, alaka gazan deşigi
tapdy. Şundan soň onuň biraz göwni aram tapdy. Tilkiniň
yşgyna düşen adamlar onuň çykaryna garaşyp-garaşyp
ýadansoňlar, süreniň agzyny tüsse çykmaz ýaly gum bilen
gömüp «Tilki nalaç bolup, gelip süreniň agzynda süýner,
onsoň birsalymdan gelip, öli tilkini ondan süýräp çykaraýmaly bolar» diýen pikir bilen şu ýerden gitdiler.
Möngözlüje töwerekde adam-garanyň ýoklugyny
syzansoň, bar güýjüni jemläp, süreniň agzyny köwüp ugrady.
Ol soňky deminde süýrenip, ýagty-ýalança çykan mahaly
ýeňsede, bir ýerde ýaňky dörtleriň gülküsi dik asmana
göterilýärdi. Ýeriň pesi bilen Möngözlüje bu ýerden barha
daşlaşdy. Indi onuň şol seçme giren artky aýaklarynyň birisi
düýbünden diýen ýaly diýen etmeýärdi, şeýle-de bolsa, gorky
ony bu jelegaýda goýmady. Häzir onuň bar maksady, nädibem
bolsa, adamlardan uzaklaşmakdy.
Mes adamlaryň ýüzi, olaryň göçgünli gülküleri soň-soňlaram
wagty bilen Möngözlüjäniň ýadyndan çykmady.
***
Süňňüne ýara düşensoň Möngözlüje üçin geçmesi kyn
külpetli günler başlandy. Ýek ýigrendigi siňeklerdir gögeýin
indi onuň ýarasynyň töweregini bazar edişip ugrapdylar. Olar
248
her gün gün gyzyberende gelip, gün gijigiberende hem
agzybirlik bilen bir ýerlere sumat bolardylar. Uçuşyp-gonuşyp,
Möngözlüjäniň ýüregine düşerdiler, ýöne onuň bu ýürege
düşgünçleri tutmak üçin agyrysyna döz gelip edýän
synanyşyklary hemişe şowsuz gutarardy. Şonuň üçinem ol
bialaç bu bolýan zatlara diş gysmaly bolýardy.
Käte bolsa: «Git, gelme ýakyna, hatladyp dişlärin» diýip,
gögeýine öçli seredip, gözleri bilen ele düşäýse, oň
bolmajagyny duýduryp, abaý-syýasat ederdi.
Gögeýin bolsa oňa: «Sen häzir meni dişlemersiň, sen,
gowusy, ýat-da derdiňi çek, indi seniň bu dertden
gutulaýaryňam gümana, çydajak bol, menem biraz ganyňa
bulaşyp, ýaraňy depeläp, hezil edeýin» diýip, oňa içýakgynç
jogap gaýtarardy.
Möngözlüje her gezek bulardan täzelikde tapan köne
sürenine girip janyny gutarardy. Gijelerini bolsa ol
agyrysyna çydaman, janagyryly çyňsap, ukusyz geçirerdi.
Howa çygsyz bolan güni ol her gije daşaryk, süreniň öňüne
süýrenip çykardy. Ol bi ýere gidip, taýyn aw gözläp, özüni
naharlardy. Dolanyp gelensoň bolsa şemal deger ýerde ýatyp,
ot-çöpleriň ysyna, gijäniň ümsümligine maýyl bolup,
birsalym ýarasyny unudyp gözüniň awusyny alardy.
Ilki-ilkiler oňa kinaýa bilen sereden pyşdyldyr kirpi-de
indi onuň bilen goňşularça hoşamaý sözleşýärdiler. Pyşdyl
her duşanda säginip: «Çydajak bol, güjüjek, seniň ata-babaň
mundanam erbet dertlere döz gelipdiler. Sabyr et. Sabyr bir
gowy zatdyr. Ol seni bejerer» diýip göwünlik berýärdi.
Kirpi bolsa duşsa: «Uklajak bol, ukyny almasaň,
iýip-içmeseň gutulmarsyň. Ana, hol uçudyň etegine barsaň,
ahmallykda uçan gulan çagasynyň jesedi ýatyr» diýip bir
täzelik aýdyp geçerdi.
Olaryň ikisi-de köpügören, öz berýän göwünlikleriniň
dertli üçin uly zatdygyny bilýärdiler.
249
Bir gezek töwerekde ygyp ýören bir möjegiň ýoly
Möngözlüjäniň üstünden düşdi. Ol Möngözlüjäniň töwereginden birki gezek aýlanansoň, onuň dertlidigini aňdy.
- Näme, garyňy ýassanyp ýatyrsyň, ýaralandyňmy?
- Ýaralandym.
- Kim ýaralady?
- Adamlar.
- Hä, şeý diýsene, şol-a tüýs bolaýypdyr. Ýene-de siz
olara wepaly hyzmat ediň! Olar gerek wagty sizi naharlaýarlar, ulanýarlar, gerekmejek wagtyňyz bolsa hemişe sizi
şu güne salýarlar. Hälem olar seni çukur gazyp gömmändirler, şoňa şukür et. Olaryň käte güjüjeklerden geregini
alyp, özgelerini şeýdäýmeleri-de bardyr...
- Möjek daýy...
- Ýegen, men saňa düşünýän, hiç zat diýme-de. Gorkma,
men ol degene-de, degmedige-de degip ýören, siz itlerden
azan, möjegiň adyna ysnat getirip ýören gyzyl gurt däl, men
çyn möjek. Çyn möjegiň mert bolýanyny bilmeseňem
ejeň-kakaňdan eşidensiň, olar bilýändirler.
Möjek şeý diýip, ahmyr ýelini boşadansoň ýene-de
gidiberdi.
Möngözlüje suwa barýarka ýa-da şemallap ýatyrka, köne
tanyşlarynyň käte birine, käte bolsa birbada iki-üçüsine
gabat gelip, hal-ahwal soraşyp durýardy. Köp duşýanlarynyň
biri-de serçedi, ol gelip çagalaryny töwerekde sykylygyna
laýyklykda bökdürip-düşürip oýnadardy.
- Bökdük, uçduk, mündük-düşdük - diýip, jandan
syzdyryp jedirdärdi.
Howada asyl-asyl bolup, çagalarynyň ertirki gününiň
aladasyny edip, olary hakyky guşluga taýynlaýardy.
***
Gijöýlänler suw içme meýli bilen çykyp giden Möngözlüje bu gije sürenine dolanyp gelmedi. Ýaraly aýagy diýenini
250
etmäni üçin, ol ýene-de ýolda galmaly boldy. Bu derde uçraly
bäri beýle ýagdaý indi onuň bilen häli-şindi bolýan zatlaryň
biridi. Öňem ol telim gezek ýaban ýatyp, ertiriň bir ýerlerinde
dolanyp gelip görüpdi. Bu günem hut şeýle, şol ýolda şöwür
çekilmeli günleriň birisi boldy. Onuň ýatan ýeriniň
beýleräginde ösen bir porsy otuň ysy dem almasyny
kynlaşdyryp, Möngözlüjäni birsalym ynjalykdan gaçyrdy.
Şeýle-de bolsa, ol turup, bu ysdan daşlaşmagyň ýeňil
düşmejegini ýatlap, gitmegi goýbolsun etdi. Ýogsam, onuň
näler turup, ýol ýöräp, ýamandan arany açasy gelýärdi.
Möngözlüje daş-töwerek bilen raýlaşyp, ahyrsoňy uka
gitdi. Şeýle-de ol ukynyň köp zatlary hasaba almaýan
häsiýetiniň barlygyna belet bolansoň uklasa, bu ysyň özüne
azar bermejegine-de ynandy.
Möngözlüje gijäniň bir wagty töwereginde dörän goha
tisginip oýandy. Onuň bäş-on ädimliginde bir it bilen möjek
darkaş gurşup, urşup durdular. Möjegiň gözleri gazap bilen
ýanyp, dişleri şakyrdaýardy. Ol itiň hüjümini mertlik bilen
yzyna gaýtaryp, onuň bilen deň sermenekleşip uruşýardy.
Iki duşman ýakalaşyp, bogalaşyp, biri-biriniň gowşak
taraplaryna aralaşyp, başagaý boluşýardylar.
Möngözlüje aýak astynda galmazlyk üçin turup,
gapdaldaky kerte dykyldy. Arkasy kerte direlensoň, ol
mundan artyk gaçybam bilmedi. Şeýle-de ol soňabaka bu
söweşe gyzykdy. Özüniň kimdigini unudyp, bir hezil oýny
gapdaldan synlaýan janköýere öwrüldi. Bu söweş ýene-de
dowam etse-de ederdi welin, ýöne Möngözlüje şol arada
duýdansyz özüniňem bu ýerde bardygyny mälim etdi
oturyberdi.
- Haw, haw. Bu nä boluş?..
Bu ses möjege: «Ine, menem kömege geldim» diýlen, ite
ýüzlenip aýdylan ses bolup eşidildi. Onuň ýeňsesinden ahmal
galmazlyk üçin ses çykan taýa öwrülenem şoldy welin, läheň
251
it ony güpürdedip, garysynyň aşagyna düýrläp aldy. Möjegiň
şundan soň janhowluna edişdiren hereketleriniň hemmesi
biderek boldy. It onuň bilen bellisini edip turansoň, gapdalda
duran Möngözlüjä geňirgenme bilen seretdi.
- Senmi şol?
- Haýsy? - diýip, Möngözlüje näme diýjegini bilmän
ýuwdundy.
- Şol üýren. Men kömege geldim diýen.
- Hawa, men...
- Berekella, onda saňa. Sen maňa uly kömek etdiň!
Möngözlüje näme kömek edenine göz ýetirip bilmän,
mölerilip, kibtini gysdy.
- Sen üýreňsoň möjek indi bular köpeldiler, meni tüýt-müýt
ederler - diýip pikir etdi. Süňňi gowşady.
Bu duýdansyz öwgä Möngözlüje monça boldy. Sebäbi ol
üýren çagy bu pikir bilen, beýle ýagdaý bolar diýip üýrmändi.
Şonuň üçinem garaşylmadyk şatlyk ony ilki juda begendirdi.
Daýaw it ýene biraz ýeňijilerçe - ýeňen möjeginiň maslygyna
özüne göwnüýetijilik bilen seredip duransoň, gapdalyna
öwrülip, Möngözlüjä minnetdarlyk bilen hoşamaýlyk etdi.
- Bolýar onda, güjüjek. Kömegiň üçinem sag bol. Bilip
bolmaz, öz giňliginiň töwereginden öwrüm edip aýlanyp
duran çöldir bi. Belki, menem bir öwrümde, kyn günüňde
saňa kömek ederin!
Wah, daýaw it öz ýeňşine azrak buýsanyp, biraz ünsli
bolan bolsady, onda ol-da Möngözlüjäniň ýaralydygyny,
halynyň teňligini görse-de görerdi. Şol köpegiň agzynda aş
gatykladyp berermen bolan nesýe kömegi oňa soň bir gezekde
däl-de, hut häziriň özünde gerekdi. Kömek soramaga bolsa,
nämüçindir, Möngözlüje utandy. Türkmeniň bir özi däl, onuň
item dürtmeseň duýmaýar ahyryn. Hana gitdi köpek
ýagşyzadasyrap, hondan bärsi bolup.
252
***
Möngözlüje näçe islese-de goňşularyň niýetine görä
ýarasy gutulyp ötägitmedi. Gaýta siňekleriň depeşek eden
ýerlerinde gurtlar döreşip, müňňüldeşip ugradylar. Soňabaka
bu müňňüldiler bilen agyry onuň halys ýüregine düşdi. Ol
hiç ýerde janyna jaý tapman kösendi. Sorkuldyly, azaply
agyrydan gözüniň öňi garaňkyrap, başy aýlanmagy çykardy.
Ahyry ol bir gün köpden bäri pikir edip, ýürek edip
bilmän ýören zadyna göwün togalady.
Ol geologlaryň depäň üstünde guran wyşkasyny suwa
geçende görüp, telim gezek synlap durupdy. Gijede ol
töwerekde oduň başynda adamlaryň gaýmalaşýanlaryny
görse bolýardy.
Möngözlüje bulary şol özüni atan adamlardyr diýip
çaklaýardy. Ol ýere barsa, olaryň ýene-de tüpeňi ele
aljaklaryna ynanýardy. Ýöne ol indi ölümden birjigem
gorkmaýardy. Sebäbi nähili ýol bilenem bolsa, ol bir ýol bilen
bu agyryny syzmaz ýaly bolsa kaýyldy.
Ol bir gün ahyr ýüregini bire baglap, gije birkemsiz öz
ornuny eýelänsoň, iň soňky güýjüni jemläp, sürenden çykdy.
Ýöne onuň maýyp aýak bilen ýol öndürişiniň ugry bolmady.
Ody görse-de, wagty bilen oňa ýetip, maksadyna ýetip
bilmedi.
Möngözlüje süýrenip, ot ýanan beýigiň etegine ýeten
çagy eýýäm daň saz berip, töwerek ýagtylyp ugrapdy. Bu
mahal oduň töwereginde gurlan çadyrlardaky adamlaryň
hemmesi süýji ukuda ýatyrdylar.
Birsalymdan çadyrdan ilki bolup dolmuş garry aýal
saçlaryny düzedişdirip çykdy, ol çepine öwrülip, alaňyň
ýeňsesine öwrüm edip gelensoň, gapdalda basylyp goýlan
ojardan alyp ot ýakmak bilen boldy. Ikinji bolup iň çetki
çadyrdan bir daýanykly adam penjegini ýelbegeý alyp çykdy-da,
birnäçe sekunt çadyryň agzynda, çykan ýerinde aýak çekip,
253
çilim otlandy, soňundanam assa-ýuwaş ýöräp, alaňdan aşak
indi. Ol göni Möngözlüjä tarap tüsseläp gelýärdi, özi-de
golaýlaşdygyça oňa boý çekip, in ýazyp ulalýan ýaly bolup
göründi.
Gorkudan Möngözlüjäniň süňňi saňňyldady, ol adamlara
düşünse-de, adamlar welin aňsat olaryň dillerine düşünmezdiler.
- Oh-how, görýän welin, sen, dost, ýaralanypsyň öýdýän!
- Ädikli adamyň sesi Möngözlüjä ýakymly eşidildi. Ol başyny
göterende, saçyna çal sepen, agyz bilen burun aralygy agyn
murt bolup duran ýüzi bereketli, parahat nazarly adamy
gördi.
Ädikli adam onuň ýarasyna seredip, ýene-de lak atdy.
Möjek bilen garpyşaýma ýeňil däldir görseň. Zeleli ýok,
sen entek ýaş görünýäň, aryň köýesi ýok. Urulman urýan
ýokdur. Sen bize kömek sorap geldiňmi, gowy edipsiň, ýöne
öňräk gelmeli ekeniň. Ýarany birneme köneldipsiň, dost...
Möngözlüje ädikli adamyň sözüni tassyklap, ondan
delalat isläp çyňsady. Şeýle-de ol özüni bu adamyň möjek
bilen çaknyşan gahryman hasap edenine ekezlenip, monça
boldy.
Möngözlüje it synçylygy bilen töweregine üýşüşen
adamlaryň ýüz-gözlerini synlansoň, olardan özüne garaw
bolmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gaýta her synlan ýüzünde
mähriň, özüne bolan nebsagyryjylygyň alamatlaryny gördi.
Ilki olaryň ýanyna iki sany, ädikli adamdan ep-esli ýaş
görünýän ýigit geldi. Olar ädikli adamyň kimdir biri bilen
gürrüňleşýänini görüp, aňyrdan ýylgyrjaklaşyp geldiler.
- Ussa Jepbar, näme tapdyň? Tapan zadyňa bizem şärik!
- It tapdym, ýigitler! - Murtlaryny aýasy bilen
sypalansoň ädikli adam sözüniň üstüni ýetirdi.
- Has dogrusy, ol bizden delalat gözläp, ýarasyny
bejertmäge gelipdir.
254
- Akylly janawardygyny munuň.
- At bilen it nirede bolsalaram, hemişe bizi küýsärmişler.
Soňundan bolsa ol bu gelen iki ýigide: «Şärik boljagyňyz
çynyňyz bolsa, äkidiň çadyrlyga, dişläýmesin, süňňi
yzalydyr, biriň agzyny tutuň, biriň bolsa elini aşagyndan
geçirip, guzy göterilişini ediň!» diýdi.
Ýigitler ussa Jepbaryň diýşi ýaly göterip, Möngözlüjäni
goşa getirensoňlar, onuň töwereginiň märekesi has-da artdy.
Olar ertir hemmelerden ir turan aýal jama salyp, nahar
getirensoň, onuň töwereginden gitdiler. Şol gün Möngözlüje
özüni tapana köpçüligiň ussa Jepbar diýýänini, bu ýüzi gasyn
atyp ugran aýala bolsa Dusýa daýza diýilýänini özi üçin açyş
etdi. Ol beýlekilerem tanasa tanardy welin, ýöne ony doktora
görkezmegiň kül-külüne düşen ussa Jepbar bu ýerde uzak
galdyrmady.
Möngözlüje özgeler bilen tanyşmagy soňa goýmaly boldy.
Şol günüň ertesi asmandan ala pasyrdy bolup uçup gelen
dikuçar ýere gonanyna mähetdel ussa Jepbar işini
kömekçilerine ynanyp, Möngözlüjäni ýola taýynlama bilen
boldy.
Oňa burnuny kertmez ýaly inli esgiden iki gatlap nogta
ýasady. Dymyljap gurtlap ugran ýarasyna ýod döküp, ýag
ysly esgi bilen synmaz ýaly edip ykjam saraşdyrdy.
Dikuçara münensoň Möngözlüje özüniň ala güpürdiň
arasy bilen uçýandygyny duýup, gorkup ýuman gözlerini
açdy. Şeýle-de bolsa ol gapdalynda ussa Jepbaryň bardygyny
duýup durmak üçin onuň egnine has-da gysmyljyrady. Diňe
şundan soň ol öz gabadyndaky aýnadan ussa Jepbaryň seredip
oturan tarapyna seretdi. Möngözlüje ol ýerde şol gezek
garaguş bilen uçanda gören bir-birleriniň töweregine
öwrülişip duran ýaşyl donly baýyrlary, gözýetimden özüne
tarap süýşüp akyp gelýän lemmer-lemmer çal bulutlary
gördi.
255
Şundan soň ol özüniň uçýanyna-da, dag tarapa, enesidir
uýasynyň bar ýerine barýanyna-da, olaryň özüni görüp şatlyk
bilen bökjekleşjekdiklerine-de ynandy.
Ol ussa Jepbaryň özüni orta guýa, mal doktoryna
görkezmäge alyp barýanyndan habarsyzdy. Uçýanyny bilmek
Möngözlüjä diýseň hoş ýakdy. Ol bu güni, gör, näçeler arzuw
edip gezipdi. Ine, ahyr ol günem geldi. Möngözlüje şuny,
özüniň ýene-de bir gezejik uçup bilse bagtly boljagyny
bilýärdi. Onuň şol bir sereden ýerinden wagty bilen gözüni
aýrasy gelmedi...
II
Pendi baýyrlarynyň arkasyndan göterilen gyzyl Gün,
şemalyň öňüne düşen şara meňzäp asmana göterilip barýar.
Asmanda bolsa bölejik-bölejik bulut atyzjyklary ak meýdan
bolşup ýüzüşip ýörler. Gün ol ak adajyklary synlap, olaryň
özge bir zat däl-de, hut üsti üýşmek-üýşmek garly meýdandygyna ynandy. Gar, gör, nähili oňatlyk. Onda-da tüp yssylar
bolýan häzirki tomus günlerinde. Ol ýere ýetip tokgalap gar
oýnamagyň keýpine düşen Gün şundan soň has-da höwesli
ýöräp ugrady.
Gün ol ak bulutlary gar hasap etmese, edenem däldir.
Ýöne ony bu pikirler bilen, çadyryň gapdalynda, synçy bolup
oturan Möngözlüje pikirlendirdi. Möngözlüje şol gezek ussa
Jepbar bilen dikuçarda uçup gidensoň, biraz şäherde bolup,
ýarasy gutulansoň, ýene-de gaýdyp gelipdi. Indi ol şol günden
bäri Pendi çölünde gözleg işlerini geçirip ýören geologlaryň
arasynda ýaşaýardy.
Bu çadyrlardan ybarat obajygyň ýaşaýjylarynyň
hemmesi geologlardan ybaratdy. Olar her gün ürç edip, ýörite
gurallaryň kömegi bilen ýer burawlap, barlag işlerini alyp
barýardylar. Möngözlüje çadyrlyga gaýdyp gelensoň telim
günläp, töwereginde aýlanyp, geologlaryň hereketlerini
256
synlady. Möngözlüjäniň adamlaryň näme edýänine göz
ýetiresi gelýärdi. Häli-şindi ýere girip ol ýerden toprak alyp
çykýan burawyň hereketi, guýa gaçan bedräni almak üçin
sallanan syrygy ýatladýardy. Bir gyz bolsa burawyň her gezek
aşak çümüp, soňundan ýokary göterilende çykarýan
topragyndan barlag üçin alyp, olary aýratyn sellofan
haltajyklara salyşdyryp bellik edişdirýärdi. Irginsiz gaýtalanýan şol birmeňzeş hereketler, soňabaka öz düşnüksizligi
bilen Möngözlüjäni irizdi. Bu bolsa onuň geologlaryň pişesinden sowaşmagyna, ýene-de öňki it aladalary bilen gümra
bolmagyna sebäp boldy. Az wagtyň içinde ol özüniň bu ýerdäki wezipesini anyklady. Esasy işiniň çadyrlygy azyp-ýazyp
gelýän çöl haýwanlaryndan, beýleki bela-beterlerden goramalydygyna düşündi. Biraz tukadrak hem birsydyrgynrak
iş diýmeseň, Möngözlüjäniň wezipesi hiç neneň däldi. Ýöne
şu etrapda ýaşaýan şagallar welin, onuň bu ýerde peýda
bolmagyny halamadylar. Olaryň wagtal-wagtal çadyrlyga
golaý gelip, gapdala dökülen galyndy naharlary, ýeneki
ol-bi zatlary iýip gidäýmek endikleri bardy. Möngözlüje
gaýdyp gelensoň, şagallar indi bu ýerde özlerine hemişeki
ýazylganlygyň bolmajagyna düşündiler. Şeýle-de bolsa,
olaryň birbada agzy maza tapan ýerlerinden tamalaryny
üzesleri gelmedi. Şagallar şol gowy günlerini ýene-de dolap
getirmek üçin, Möngözlüjeden dynmagyň ugruna çykdylar.
Olar her gün töwerekde üýşüşip, Möngözlüjäniň peýda
bolmagyna öz nägileliklerini mälim edişip, gohlaşyp, topalaň
turuzyşyp ugradylar. «It, ýok bol, git, ýok bol!» diýşip, ses
goşuşyp gykylyklaşdylar. «Şeýtsek, Möngözlüje gelen ýerine
gider» diýşip tama etdiler.
Ýene bir gezek-de bolsa bir şagal ýakyn gelip, ony
ýekme-ýek urşa çagyrdy.
- Çyk meýdana namysyň bolsa, syrtyňy adamlaryň
ýorganyna sokup ýatma-da! - diýip, tarp urdy.
17. Sargyt
257
- Çyk, diýseň çykaýmaly bor-da! - diýip Möngözlüje ol
şagalyň garşylygyny höwes bilen kabul etdi. Sebäbi şagallar
öz gohlary bilen indi onuň ýüregine düşüp, halys degnasyna
degip ugrapdylar. Onda hem mümkinçilik bolsa, bulara bir
göz görkezip, gaýdyp adyny tutmaz ýaly etmek pikiri
döräpdi. Ony çakylyga gelen şagalyň yzyna düşüp ýapydan
inen ýerinde, bukuda ýatan şagallar güpbasdy etdiler.
Möngözlüje ynanjaňlygy bilen ýene-de özüniň aldawa
düşendigini bildi. Indi howlukman hereket edip çykalga
tapmalydygyna düşündi. Şeýle ýagdaý bolanda aljyraman
hereket etmegi oňa, tilkijikler bilen ýaşan döwründe ene tilki
köp sakyrypdy.
Möngözlüje ilki gabat gelen şagaly basyp, gazap bilen
onuň bokurdagyndan agyz saldy. Girä düşen biçäre
janhowluna öz sesine meňzemeýän eýmenç ses bilen şeýle
bir gygyrdy welin, beýleki şagallar duran-duran ýerlerinde
bada-bat dyr-pytrak boldular. Olar guýruklaryny ýamyzlaryna gysyşyp, çem gelen tarapa gaçyşyp gitdiler. Şol
baryşlaryna-da:
- Sen, ýene gabat gelersiň!
- Biz seniň bilen haklaşarys! - diýşip, haýbat atyşyp
gohlaşdylar.
- Ondakysyny onda görüberis - diýip, Möngözlüje öz
bokurdagyny owan şagalyny arkaýyn ölmäge goýup, yzyna
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.