Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02

Total number of words is 3644
Total number of unique words is 2171
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alyp hoşlaşdym.
Gulagyma ýene-de bölümimiz tarapdan bir perdeden
gopýan ädikli aýaklaryň tarpyldysy eşidilip başlady.
Ýer, Asman, ýer
Rot..a-a, podýom... trewoga!
Bu buýruk sagat üç bilen dördüň aralygynda, ukynyň
bala dönen wagty üç mertebe yzly-yzyna gaýtalandy.
Krowatlaryň pružinleri naýynjar jygyldaşyp başlady.
Oglanlar krowatlardan atylyşyp-atylyşyp turýardylar.
Birnäçeleri odeýallary bilen penjireleri perdelemäge
gyssansa, ýene birnäçeleri gidip barşyna geýnişip, ýarag
saklanylýan jaýa howlugýardylar. Köýnek diýip jalbaryny
19
başyna sokup... öz-özüne käýinýänlerem häzir hiç kimiň
gülküsini tutdurmaýardy.
Komandirimiz kazarmanyň önünde biziň başymyzy
jemlänsoň, paraşýut saklanýan ýere ýetmäge howlukdy.
Garaňkylygy gar süýşüren ýaly, öz yşyklary bilen süýşürip
gelýän ýük maşynlary biziň yzymyz süre hokranyşyp,
ammaryň öňüne üýşüşip ugradylar.
Paraşýutlary maşynlara daşamak işi indi diňe ylgawuna
ýerine ýetirilýärdi. Uky bolsa bireýýämler biziň gözlerimizden düşüp, bizar bolup gidipdi. Onuň deregine gabaklarda
mylaýym der düwmejikleri sandyraklaşýardylar.
Ädik astyndan gopýan tapyrdylar haýsydyr bir
şowhunly, düşnüksiz Afrika sazlaryny ýadyňa düşürýärdi.
Ýüki ýeten maşynlar bu ýerde uzak eglenmän, hokranyşyp,
ýene-de ýola düşmek bilen bolýardylar.
... Daň atmazynyň öňüsyrasy biz eýýäm polkumyzdan
has uzakdadyk. Çyg çeken gyrymsy otlaryň üstünde arkamyz
paraşýutly oturyşymyza uçara münmek nobatymyza
garaşýardyk.
Uzak dymyşlygy halamaýan oglanlar ileri-ileri omzaşyp,
ýene-de burnunyň aşagyndan tüsse goýberip oturan Mişanyň
daşyna tegelenýärdiler.
Häli-şindi «Bilýäňizmi onsoň näme bolanny?» diýip,
gürrüňini süýjetmegi halaýan Anapriýenko, küleje murtlaryny dyrmalap oturyşyna, dosty Mişanyň ejesine ýazmadyk
hatyny ýazdy edip, ýatdan okap, oglanlary gyzyl-gyran
gülüşdirýärdi.
«Eje, ýagyşly ülkede çyg çekip ýatan Mişulýaň saňa köp
salam iberýär. Eje, ilki bilen-ä, saňa aýtjak zadym, her aýlyk
alaňda 10-15 manat iberseň iber-de, posylka zat diýip azarada galjak bolma, aýda birki ýola iberseň, şolam ýeterlik.
Eje, meni hiç gaýgy etme, indi men öz bölümimiziň uly
komandirleriniň biri. Ýakynda maňa ýefreýtor çinini
berdiler. Guwan, eje, guwan öz didäňe!
20
«Generalam bol» diýdiler welin, özüm göwnemedim».
Oglanlar Mişa seredişip, gyzyl-gyran gülüşýärdiler.
Mişa-da olardan kem galarly däldi, kellesini sallap
oturyşyna, gözlerini ýaşardyp, sandyrap gülýärdi. Onuň
tegelekden bereketli ýüzi bir nokada çekilişip, ýemşigräk
burny bir-birlerine golaýlaşan duluklaryň arasyndan çalaja
dürterip görünýärdi.
Mişa bir biziň rotamyza däl, ähli polkumyza belli
oglanlaryň biridi. Onuň käbirleri ýaly degişmä-gülüşmä
çydaman, gyzaryp-bozarmasy bolmazdy.
Ýefreýtor Anapriýenkonyň saýlap-seçip ony gep ýassygy
edinmeginiň sebäbi hem şundan bolsa gerek. Ýogsam, bu iki
esgeriň diňe bir daşky görnüşleri däl, gylyk-häsiýetleri-de
hil-hildi. Mişa geplemäge ýaltansa, Anapriýenko «eňegi
jaňly» diýilýänlerdendi. Boýy uzyn bolansoň, ol mydama
garpyz ýaly togalanyp ýören Mişanyň depesinden seredip
gezerdi. Oglanlar olaryň bile tirkeşip ýörenini görseler,
«Iwan Iwanowiç bilen Iwan Nikiforowiç gelýär» diýşip
gülşerdiler.
Ak guşa meňzeş äpet uçar gelip bizi garnyna salansoň,
ýene-de özüniň howa ýoluna gönügip gitdi.
Biz paraşýutlarymyzyň toýnuga meňzeş ilgençeklerini
halkajyklardan geçirişdirdik. Şundan soň birmeýdan
penjireden bulutlaryň üstündäki ak meýdança seredip
oturdym. Häli-şindi öýümize gidýän pikirlerim ýene-de baryp
bosagamyzdan ätledi.
...Ir ertir gözlerini eliniň tersi bilen owkalaşdyryp,
ýorgandan çykyp gelýän jigilerim göz öňüme geldiler. Her
hereketi guwanç döredýän Ylýasjygy ýatlamda: «Çök-çök,
towugym, mykga ber, çök, çök, towugym, mykga ber...» diýip
towuklary kowalap-düwdenekläp ýörşi göz öňüme geldi.
Onuň bilen ýakalaşyp, «Kim ýeňýär» oýnasym geldi.
Uçar birmeýdan agyp-dönüp uçansoň, bökülmeli wagtyň
golaýlany belli boldy. «Taýynlanmaly» buýruk eşidilensoň,
21
ilkinji bökmeli biziň hatarymyz ör galdy. Menem ýoldaşlaryma meňzäp, sag elimi paraşýut açyjy halka berkitdim, çep
elimi zapasnoý paraşýutynyň aşagyna ýetirip, birneme
eglibrak durşuma, beriljek buýruga garaşdym.
- Gitdik!
Buýrugyň yzysüre oglanlar patrak seçilen ýaly bolup,
bulutlaryň ýokarsyndan seçelenip ugradylar. Aşak inen
badyma, daşarda howanyň çigreginiň barlygyny duýdum.
Inim tikenekläp gitdi. Sowujak damjalar «şit-de, şit» bolşup,
meniň ýüz-gözüme, tüňňüden uzynak burnuma pitikleşýärdiler. Az wagtdan, onda-munda süýnüşip-sarkyşyp ýören çal
bulutlar, kellämiň ýokarsynda ak öý bolşup, meniň
paraşýutyma gabal-gabal bolşup ugradylar. Gezekli-gezegine
onuň owurdyna girip, çekilişip demre dönen tarlara süýkeşip-süýkenişip gördüler, özleri bilen meni-de nirädir birýana
alyp gitmäge hyýallandylar.
Men ýere gelip düşenimde, başagaýlyk indi bu ýerde
höküm sürýärdi. Özlerini alas-gopas paraşýutlardan
boşadýan oglanlar serkerdeleriniň töweregine ýygnanyşýardylar. Rota «söweşe» geçensoň, ep-esli aralygy
süýşenekläp geçmeli boldy. Waggal-wagtal pilçämizi alyp,
ýatan ýerimizde kelle sokar ýaly çukur gazynmaly bolýardyk,
«duşman küreni» atlandyrylan ýerler granat bilen
keseklenilýärdi. Tüsse derýalary öňümizden çykanda, biz
dessine protiwogazymyzy geýýärdik-de, onuň içinde ýitip
gidýärdik.
Günortan nahary mahalynda her kim ýanyndaky
azygyny goşhaltasyndan çykaryp, gökje otlaryň üstünde
garbanmaga oturdy. Soňundanam, hemişe bolşy ýaly, çilim
çekişlik başlandy.
Bu arada meniň nazarym edil garşymda oturan Petýa
Bobokine düşdi, ol ysytma tutan ýaly galdyraýardy. Ol meniň
ýakynymda oturan bolsa-da, men onuň bir aýagynyň
ädiksizligini diňe häzir görüp galdym.
22
- Petýa, hany ädigiň?
- Men-ä şol ädigiň niredeligini özümem bilemok, ýaňy
asmandan inip gelýärkäm, aýagymdan sypyp, bir ýerig-ä
ýitirim boldy, içigar, gyssag arada gözläre-de wagt bolmady.
- Bä, munyň-a bolmandyr-ow.
- Bolmasa nätjek-dä indi, ýyljak bolar diýip, geýýänimden bir belgi uluragyny alaýypdym-da içigaryň - diýip, Petýa
ýagdaýy duşündirdi.
- Häzir, indi ädigi nireden aljak, zadyňa ygtyýar
etmeseň, şeýle-de bolýandyr - diýip, hol beýlede oturan
Boçkow, biziň hümürdimizi eşidip, ýerliksiz igendi.
Onuň hüňürdisi öňdenem jany ýanyp duran Petýa
ýaramady, ol Boçkowa tarap öwrüldi-de, onuň ýüzüni aldy:
- Öçsene, Baçok, seňki näme-äý, mydy-mydy edip, maňa
akyl berenden, gara çörek gemir, garnyňa peýdasy deger!
Men goşhaltamdaky dolagymy çykardym. Ýeňsesini
tüňňerdip öýkelän ýaly bolup, ýerinden turup giden Boçkow
bir agajyň gabygyny soýup, ony köwşe meňzedip getirdi.
Şundan soň ony Petýanyň aýagynyň aşagyna sarap, «Taýak
gelýänçä ýumruk» diýlenini etdik.
Anapriýenko bolsa gäwüş çalyp oturyşyna, Mişanyň bir
gazetde gören gyzyna ýazan hatyny özünden toslap,
oglanlary gülüşdirýärdi.
«Salam, mähriban Maşa. Men gazetde seniň suratyňy
görüp tapyr-tupur aşyk boldum. Indi şol günden bäri çilim
çekip, suhary gemrip, ýüregimi köşeşdirjek bolsamam
bolmady. Men seni Romeonyň Julýettäni söýşi ýaly,
böwregim bilen söýenime göz ýetirdim. Her gün seniň
gazetdäki suratyňa seredip, ýüzüňi protiwogazymy
süpürişim ýaly mähir bilen sypalaşdyrýaryn.
Hol gün bolsa men seni düýşümde-de gördüm. Seniň
gataňsyrak saçlaryňy elim bilen öwran-öwran sypadym. Şol
arada - wah, bolmady - kimdir biri burnuma pitikläp,
23
ukudan açdy. Seniň saçyň diýip, ýefreýtor Anapriýenkonyň
murtuny sypalap ýatan bolsam näme?..»
Agaja ýaplanyp, çilim sorup oturan Mişa gözlerini süzüp
oturyşyna, Anapriýenka seredip ýyljyraklaýardy. Süýji
ýatlamalar ýene-de meni öz ugruna alyp gitdi.
Meniň göz öňümde tegelek ýüzli, mylaýym gözlerini
özüme dikip duran gelnim peýda boldy. Ol häzirem iň soňky
gezek wokzalda görenimdäki ýaly gülli ýaglykly, gözleri bolsa
biraz gaýgylydy. Göwnüme bolmasa, onuň pyşyrdap, maňa
bir zat aýdasy gelýän ýalydy.
Birdenem onuň «Senden aýrylanyma 197 gün boldy»
diýip, hatynda ýazan jümlesi gulagymyň agzynda ýaňlanan
ýaly boldy...
Täze tabşyrygy alan biziň bölümimiz nahardan soň
ýene-de ýola düşdi.
Ýoly kesen ses
Ümüş-tamyşlykdan çykan basyk iňňildi howsalalydy. Ol
tokaýyň içi bilen atyşyk meýdançasyna gyssanyp barýan biziň
wzwodymyzy aýak çekip, töweregi diňşirgenmäge mejbur
etdi.
Bu ses sag tarapdan, dub agaçlarynyň arasyndan bir
ýerden gelýärdi. Aram-aram iňňildi kesilýärdi-de, oňa derek
agyr hassyldy eşidilýärdi.
Tizden, yzarlap gelen iňňildimiz bizi batga çümüp barýan
şahlak sygryň üstünden alyp geldi. Sygryň möle gözleri
gorkudan has-da giňelipdi. Ol delmirip, töwerege seredýärdi.
Biz buýruk berlen ýaly, dessine işe girişdik. Birnäçeleri
agaç şahajyklaryny döwüşdirdiler. Mişa bilen oglanlaryň
ýene biri bir uzyn nawy tapyp getirdi. Garalaý bolup batgany
dörüşdirýän Anapriýenko sygryň guýrugyny batgadan
çykaransoň, biziň azabymyz ýerine düşüp ugrady.
24
Şahyndan, guýrugyndan çekilen sygyr az-kem ornundan
gozgandy. Diňe şundan soň uzyn agajy onuň garnynyň
aşagyndan geçirmäge maý boldy. Soňra ony batgadan çekip
almak şeýle bir kynam düşmedi. Çeke-çeke, ahyram onuň
göwresini bir ýana süýräp çykardyk.
Aýaklarynyň batgasyny ýuwup duran leýtenant
sagadyna seredensoň, bizi gyssady:
- Janlyrak, janlyrak hereket ediň, otuz bäş minut eglenç
edildi, meýdançada eýýäm bize garaşýandyrlar, janlyrak...
Oňsuzam ýuwnup duran oglanlaryň öz gyssaglary
özündedi. Geplemese dili gijäp duran Anapriýenko ýene-de
dilini gaşamanyň çemini tapdy:
- Ýoldaş leýtenant, şu gezek Mişany jezalandyrmasaňyz,
men sizden razy däldirin. Ýaňy onuň göle bolup sygry
emenini gördüňiz-ä, görmediklige salmaň, ýoldaş leýtenant,
ony jezalandyryň. Ýaş göläniň hakyny emeni üçin diýip
jezalandyryň. Eger meniň sözüme ynanmaýan bolsaňyz, onuň
dodagyna seredäýiň.
Ol şeý diýdi-de, hemmämizi Mişa tarap seretdirdi.
Dogrudanam, onuň dodagyna bir ýerden-ä palçyk ýokan
ekeni. Oglanlar ony görüp gülüşdiler.
Biziň gyssagly ýola düşenimizi gören sygyr, yzymyzdan
seretdi-seretdi-de, birdenem «mo-o-o» edip, süýndürip
goýberdi. Oglanlar bir-biriniň ýüzüne seredişip, keýpihonluk
bilen ýylgyryşdylar. Gyssanmaç esger ädimleri bizi bu ýerden
tiz daşlaşdyrdy.
On üçünji
Bu gün iki-üç hepde mundan öň taýyn edilip goýlan
paraşýutlary çözläp, täzeden gözden geçirdik. Hemişe şeýle
edilensoň, biz ertede-birigünde ýene-de täze böküşligiň
boljagyny aňladyk.
25
Bu biziň garaşyşymyz ýaly hem boldy. Şol günüň ertesi
ir bilen komandir Tarasowyň münen «Gaz-69» maşyny üsti
desantly, paraşýutly maşynlaryň öňüni çekdi. Ýerde güýzüň
soňky günlerinde düşen gar henizem çaňjaryp ýatyrdy.
Gyş daş-töwerekdäki ýalaňaç agaçlaryň tüňňi-saňňy
ýerlerine gar goýup ýylman ekeni. Ýüwel ýel ýüz-gözüňe
gar seçeläp alada goýýardy, iniňi tikenekledip, gaşlaryňy
çytdyrýardy. Töweregi buzly gysymyna gysan sowuk, awuly
dişleri bilen, gulaklary, burunlary, güjügiň telpek çekeleýşi
ýaly çekeläp oýnaýardy.
Ýetmeli ýerimize ýetilip, uçarlara münülensoň, inimize
birneme ýyly ýöräp, ýaňaklar sowugyň çalan gyrmyzy
reňkinden sabap ugrady. Birhaýukdan zapasnoý paraşýutymyň üstüne goýan elime iki-üç sany damjajyk yzly-yzyna
damdy. Bular meniň murtuma münüp, şol ýerde doňup galan
gar siňejikleriniň ýylynyp, eräp durşy ekeni. Uçar birmeýdan
asmanda ýazylyp-ýaýrap uçansoň, garnyny açyp, biz bilen
hoşlaşmakçy boldy. Onuň içine sowujak howa girip, ýyla
meýmireşip oturan esgerleri gozgalaňa saldy. Biz ýene-de
birsalym ucaryň açyk garnyndan aşakdaky bulutlaryň üstüne
biperwaý seredişip oturdyk.
Tizden «Bökmeli» buýruk hem eşidildi. Men aşak inen
badyma, hekgal taýagyna menzäp birki gezek pyrlandym.
Özümi ýitiren bolsam gerek, paraşýutymyň açyjy halkasyny
wagtyndan ep-esli öň çekipdirin. Bir görsem, aýaklarym
kellämden ýokarda somalyşyp durlar.
Men aýaklarymyň paraşýutyň tanaplaryna çolaşanlygyna
göz ýetirdim. Birnäçe gezek aýaklarymy sypdyrmak üçin
kemerlerden asylyşyp, özümi ýokaryk çekdim, bu bolsa maňa
aýaklarymyň birini çolaşykdan boşatmaga maý berdi. Ikinjini
sypdyrmaga welin indi mende güýjem ýokdy, gaýratam.
Şonuň üçinem hemme synanyşyklarym biderek boldy.
26
Ýer bolsa aşakdan maňa tarap uçup gelýärdi. Şu gelşime
başaşak inäýsem, menden tebibe zat galmajagy ikuçsuz. Şol
arada ýerden güňleç ses eşidildi:
- Aljyrama, gwardiýaçy, pyçagyňy al, kes stropany,
aljyrama, pyçagyň kemeriňde... aljyrama...
Pyçagym ýadyma düşdi. Esger ýaragyna berekella
aýdaýmalydyr-la, pyçak nokadyny basan badyma şarkyldap
açyldy. Şemal kesilen tarlary galgadyp ýokary göterensoň,
ýüregim biraz ýerine gelen ýaly boldy. Kelläm kem-kemden
aýaklarym bilen öz ornuny çalyşdy. Indi men öz paraşýutymyň kemsiz çişen owurdyna, ak kepbäni ýadyma salyp ýere
ýetip barýan beýleki paraşýutlara keýpihon seredýärdim.
Ýer bilen aralyk indi şeýle bir uzagam däl ekeni. Hälki
goltgy beren güňleç ses ýene-de ýaňlandy. Bu gezek ol has-da
güňleçdi:
- Gyssanma... aýaklaryňy jüple... yzky tanaplary ýene-de
birneme çek, şemal gündogardan, şemal gündogardan...
Şemalyň ugruna düşmelidigini unutma... Aşak seredenimde, hümer adamlaryň özüme seredişip duranlaryny görüp
utandym. Olar bilen ara bolsa barha golaýlaşýardy...
50 metr...
30 metr...
10 metr...
... ýer.
Oglanlar ylgaşyp, meniň daşymy galladylar. Göni özüme
tarap gelýän eli ses güýçlendiriji turbaly komandir Tarasowy,
onuň ýanyndaky goja kişini görenimde, olaryň ýüzünden
nämäniň-nämeligini aňlap bilmän, birneme aljyradym.
Içimden bolsa, zor etseň 10 günlük gauptwahta berersiň-dä,
gyş günleri sowukdyr öz-ä, çydamaly bolar-da - diýip
oýlandym. Paraşýutdan özümi boşadyp ýetişmedik-de
bolsam, olar hümerlenişip golaý gelen wagty men aýagymy
jüpläp esgerlerçe dillendim:
27
- Gwardiýa ýefreýtory Nazarow 13-nji böküşigi ýerine
ýetirdi.
Komandir töweregine gözläp, komanda berdi:
- Batalýon, gönel! Asmanda tutanýerli hereket edenligi
üçin, gwardiýa ýefreýtory Nazarowy «Ussat paraşýutçy»
diýen nyşan bilen sylaglamaly.
- Watanyma gulluk edýärin!
Şu sözi aýdamda, boýnumyň dikelip, kükregimiň
birneme öňe çykanyny bilýärin.
Ýöne Tarasowyň özüme düşnüksiz nazar bilen seredip
duranyny görüp, birhili müýnürgedim. Öz ýanymdan
komandir «Garpyz ýarsaň içinden çykýanlardan ekeniň-ow,
oň ýerde-hä görneňok!» diýýän bolsa gerek diýip oýlandym.
Şol günden bäri on-on bäş gün geçipdi, men naharhanada
çemçe-çanak ýuwulýan ýerde nobatçydym. Şol arada hat
gatnadyjy esger ýylgyrjaklap içerik girdi.
Ol elindäki gazetleriň birini açyp, «Desantlar üçin 13-nji
böküş hem gorkuly däl» diýen makala barmagyny basyp
görkezdi. Bu makalany komandirlerimiziň biri men hakda
gazete ýazan ekeni.
Iň kelte gije
Saklaw orunlaryna bölüjiniň yzyna düşüp, on-on bäş
minut ýörämsoň, öz durmaly ýerime gelip ýetdim. Bu ýerde
polkumyzyň kartoşka saklaýan ammary ýerleşýärdi. Onuň
ýerleşen ýeriniň çetligine görä bolsa gerek, bu ýer biziň
aramyzda «çet post» ady bilen bellidi. Onuň daş-töweregi
giň, açyk, boşluk meýdandy. Bu meýdanda ýazyň başyndan,
tä güýzüň soňky günlerine çenli ýaşyl gulpakly otlar malah
bolar ýatardylar.
Gündizlerine bu ýeri saklamaga gelsem, men her gezek
şu töwerekde goja tokaýçyny görerdim. Ol sag tarapdaky
agaçlaryň arasyndan çykardy-da, biziň çeken demir
28
çitenegimiziň arkasyndaky ýodajykdan töweregine parhsyz
gözläp geçer giderdi. Käte-de haýsydyr bir düşnüksiz
aýdymjyga hiňlenerdi. Ony ýeňil ganat kebelejikler-de, ýaşyl
otlaryň arasynda saýraşýan bedeneler-de geňirgendirmeýän
ýalydy. Ol bar zada parhsyzdy.
Men bu gün şu ýere gelenimde, tokaý agaçlarynyň
arkasyndan göterilen Aý lummurdap akýan derýanyň içinden
özüne meňzeş ikinji bir süýt reňk Aýy tapan eken. Töweregem
öňküden birneme ýagtylypdy. Indi saç ýaly seçelenen agaç
şahalarynyň arasynda hereket edýän garanyň hem gyz
maşgaladygyny saýgarmak kyn bolmady. Ol mahal-mahal
derýa boýundan uzalyp gidýän ýodajyga eglip seredýärdi.
Aýak çekip, daş-töwerekden eşidilýän çybşyldylara diňşirgenýärdi.
Tizden derýa boýy bilen kimdir biriniň tasap gelýänine
gözüm düşdi. Onuň ýaş adamdygy ylgap gelşindenem bellidi.
Ol gelşine, gyzyň ýanyna ýetmänkä, derýa tarap saga
öwrüldi. Ol ýerde düýbüni suw köwen agaç saçyny derýa
ýuwduryp otyrdy. Ýigit agaja çykdy-da, suw içdi. Soňundanam gyzyň ýanyna gelip ötünç sorady:
- Laýma, bilýäňmi näme, ejem goňşy kolhozda ýaşaýan
aýal doganyňy görüp git diýip peteň etdi, özi ýarawsyz ýatan
ekeni. Myhman bolup barsaň, stoluň başyna geçirmän
goýberýärlermi näme! - diýip, gyzyň elinden tutup durşuna,
gijä galmagynyň sebäbini hetjikläp başlady.
- Gün dogýança-ha garaşjakdym - diýip, gyzam öz
gezeginde mylaýym pyşyrdady.
Ýigit birsellem gyzyň Aý ogşan ak ýüzüne seredip
duransoň, aşak seretdi-de, bir zat diýmäge hyýallandy:
- Laýma... hat ýazarsyň gerek. Ýa-da...
- Hawa, ýazaryn, ýöne ol «ýa-daň» näme? - diýip, gyz
onuň özüne sorag berdi.
- Ýa-da diýýänim, ýüzüm aňry bolansoň, Ýanutäniň
edişi ýaly edäýme diýjek bolýaryn, şeýle boljak bolsa,
häzirden gitmänkäm düwnämi üzseň diýjek bolýan!
29
Oglanyň gödeksiligi gyza ýaramady, ol gaty görüp, ýigidiň ýüzüne çiňerildi:
- Diliň diýenini gulagyň bir eşidýärmi, oglan? Pikir
etme, hemme gyz Ýanute däldir. Ähli ýigidiň göwnüni
görmek, özi gyz bolan gyzyň ýüreginde ýokdur. Azajyk pikir
edip bilýän gyz özüniň Gün däldigini, hemmeleri ýyladyp
bilmejegini bilýändir.
Gyz öýkeläp, beýlesine öwrüldi.
- Laýma, bagyşla, ezizim, men az-kem içgilirägem; ertir
meniň gulluga gidýänimi sen bilýäň ahyry... azajyk içmeli
boldy... sen bagyşla, ýör, azajyk bileje gezmeläli, gör, howa
nähili sergin...
Gyz sessiz razylaşyp, oglanyň gapdaly bilen ýöredi.
Ýigit aşak sallanyp barýan Aýa seredip barşyna ýene-de
dillendi:
- Bu gije ýatdan çykmasa gerek, otluda gidip barýarkamam, gulluk etmeli bölümimize baramda-da, bu gije göz
öňüme geler durar...
- A... meni, meni ýatlarmyň? - diýip, öýkeli gyz onuň
ýüzüne seredip boýurgandy. «Sensiz gije-de bir ýatda
galarmy?» Ýigidiň ýürekden syzylan jogaby ýene-de gyzyň
ýüregini awlady. Şundan soň ol birnäçe minut mundan öň
siltenjiräp çekip, alan eli bilen oglanyň elini aldy-da,
«Ýüregimiň urşuny gör» diýýän ýaly, ony kükregine gysdy.
Olar birmeýdan Nemanyň kenarynda oturyp, onuň
lummurdysyna diňşirgenişdiler, ýapraklaryň pysyrdysyna
gulak saldylar. Gije uzak-da bolsa, iki juwan üçin bu gije iň
kelte ýaly bolup duýuldy.
Jahan ýagtylyberende, eli bedreli aýal gelip, güzere indi.
Hoşlaşmaly wagtyň gelendigi belli boldy. Oglan bilen gyz ör
galyp, esli wagtlap bir-birleriniň ýüzüne gep-sözsüz seredişip
durdular. Gyz oglanyň ilki dillenerine garaşdy. Oglan birbada
hiç zat diýmedi-de, öz göwnüne gelenini etdi. Gyzy gujagyna
çekip, pisse dodaklara dodagyny basdy, soňundanam göz
30
açyp-ýumasy salym içinde nätjegini bilmän aljyrap duran
gyzyň maňlaýyndan, her ýaňagyndan, razylyk bilen süzülip
ugran gözlerinden ogşamaga ýetişip, ýene-de dodagy sordy.
Gyz tisginse-de, garşylyk görkezjek bolup durmady.
- Garaşgyn, Laýmam!
- Haty tiz-tizden ýazawer, oglan!
Ýigit jogap ýerine başyny atdy-da, soňundanam «Goý,
meniň şu şekilim görejiňde galsyn» diýýän ýaly, mylaýym
ýylgyrdy.
Gyz öz ýüreginiň üzülip, aşak gaçan ýaly bolanyny syzdy.
Gözüniň okarasynda başga bir «göz» buldurap göründi.
Şu pursatda gyz saçlaryny üfläp sanaýan ýel biziň
polkumyz tarapdan aýdymyň göçgünli sesini getirdi.
... Ne plaçte Wy menýa prowožaýa,
... Uhodit w zapas soldat.1
Oglanyň giden tarapyna seredip, delminip duran gyz
aýdym gulagyna ilen mahaly, hamana, oňa jogap berýän ýaly
öz ýanyndan eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: «Aglamok, aglap
nädeýin. Adam başyny alyp durjak gün ýokdur... ».
Gyz ýene esli wagtlap oglanyň giden tarapyna ses-sedasyz
boýurganyp durdy.
Çogly gün
Tanýadan gelip gowşan soňky hat meni ahyrsoňy öz
gatnaşygymyz barada çynlakaý oýlanmaga mejbur etdi. Onuň
hatyndan käbir setirler häli-şindi ýadyma düşüp, meni
oňaýsyz ýagdaýa saldy.
«Käte-käte şeýle bir sizi göresim gelýär welin, ne oturyp
karar tapýan, ne-de oýlanyp. Ýumruk ýalyjak ýüregim öýe-de
syganok, dünýä-de... Şeýle bolanda men öýden çykýan-da,
gelip siziň gyzyl ýyldyzly ýaşyl derwezäňiziň hol beýle1
Aglamaň Siz meni ugradýan diýip,
Esger öýne gaýdýar, gullugyn dynyp!
31
räginde birsellem gezmeleýärin. Aýak çekip, siziň aýdýan
aýdymlaryňyza gulak salýaryn».
Bu hatyň yzy bolsa «Ah, meniň esgerlerim, gör, men
sizi nähili gowy görýärin» diýen köpmanyly jümle bilen
gutarýardy. Men şundan soň, bu sözler söýginiň diýdirýän
sözleri bolsa gerek diýip, özümçe netije çykarýardym. Az
wagtdanam ýene-de özüm öz pikirime garşy çykýardym.
Ýok, Nury han, sen ýalňyşýan bolaýma, burnuňdan
birneme aňyrraga seredip bir gör, beýle däl bolaýmasyn. Sen
gözüň ýok ýaly patrullardan gaçyp, öýlerine giren günüň
olar seniň harby biletiňi gördüler ahyry. Onda bolsa hemme
zat, tä gelniňiň doglan ýylyna çenli mese-mälim ýazylgy.
Gelnimiň gözüni ýola dikip garaşýanam belli. Tanýa, çakym
çak bolsa, öz bähbidini arajak, özgä kast etjeklerden däl bolsa
gerek.
Ýogsa-da seň ýaly esger gytm-aý, özüňi bal edýäň - diýip,
ýüregimi köşeşdirýärdim. Ýöne, barybir, ýene-de uzak
ynjalyp bilemokdym.
Ahyram ýakyn günleriň birinde ýene-de şähere rugsada
gidip, Tanýa bilen ymykly düşünişip gelmegi öz göwnüme
jaýladym. Şeýle etsem, bu oýlardan sabaryn diýen pikirim
bardy. Ýöne, nämüçindir, men onuň bilen duşuşýanymy hem
hiç neneň görmeýärdim. Aslynda, näme üçin ýigrenmelimişim? Açyk ýüz berip, mylaýym garşylaýany üçinmi ýa
esgerler, men sizi gowy görýärin diýýäni üçinmi?
Şundan soň men rugsat hatyny ele salmagyň ugrunda
boldum. Rota komandirimizden rugsat sorasam, «Ýoldaş
ýefreýtor, siz geçen aýyň soňky günleriniň birinde rugsatda
bolduňyz ahyryn, rotada bir özüňiz däldigiňiz-ä gözüňiz
ýetýän bolsa gerek, entek size nobat ýetenok, nobatyňyz
geler, gidersiňiz» diýip, jogap berjegi ikuçsuzdy.
Biraz oýlanamsoň, birneme gelşiksizrägem bolsa, bu
haýyş bilen kombata ýüzlenmegi ýüregime düwdüm.
Munuňam özüne ýeterlik kiçijik sebäpleri bardy.
32
Birinjiden-ä, bu hili haýyş bilen oňa, gaty bir zerurlygy
çykaýmasa, ýüzlenibem durmazdylar. Bu meseläni, köplenç,
batalýonyň ştab başlygy çözerdi. Ikinji sebäbi bolsa, bu meniň
bir özüme degişli sebäpdi. Golaýda atyşyk meýdançada geçen
barlag wagty kombat meniň üstünligimiň şaýady bolupdy.
Şondan bäri ol meni has oňat tanaýar diýäýsem, ýalňyşmasam
gerek.
Öz ýanymdan şu pikirimi ýerlikli hasap edemsoň, onuň
bilen duşuşmagyň ugruna çykdym. Şol günüň ertesi men
ony kazarmanyň öňündäki gülleri suwaryp ýören esgerleriň
arasynda gördüm. Ol gülleri ýazyň başynda kombatyň özi
biz bilen ekipdi.
Men esger kadasyny saklap, bärden aýagymy tarpyldadyp-urup bardym-da, ýüzlenmäge rugsat soradym:
- Ýoldaş maýor, ýüzlenmäge rugsat ediň!
- Hany, näme diýerkän, eşideli! - diýip, kombat degişmä
saldy. Onuň keýpiniňem hiç neneň däldigi belli boldy. Maňa-da
geregi şol.
- Ýoldaş maýor, siz meni öňümizdäki dynç alyş güni
şähere goýberip bilmersiňizmi? - diýip, soňundanam onuň:
«Jogap size nämüçin gerek boldy?» diýen adaty soragyna
garaşdym. Amatly jogap gözledim.
Ýöne kombat düýbünden garaşylmadyk del habar aýdyp,
meni geňirgendirdi:
- Ýoldaş ýefreýtor, men sizi gysga wagtlaýyn kiçi komandirleri taýynlaýan kursa ýollamakçy, ondan soň ýene-de öz
rotaňyza gaýdyp gelersiňiz, seržant Koritkonyň ýerine
bölüme komandirlik edersiňiz - diýip, golaýda gulluk
möhletini dolduryp, öýlerine gaýdan seržantyň adyny tutdy.
Duýdansyz habar meni birneme aljyratdy. Birbada näme
jogap berjegimi-de bilmedim. Jogap gözläp, ýere seretdim.
- Dymmak razylygyň alamaty diýýärler. Gepiň gysga
ýeri, siz gitmeli bolarsyňyz, ýoldaş ýefreýtor. Bu bir. Dynç
alyş güni irden ştaba geliň, size rugsat hatyny ýazyp bererler.
3. Sargyt
33
Maňa taýynlygymy mälim edip, beretkamyň etegine
elimi ýetirmekden başga alaç galmady.
Dynç alyş güni men ýene-de şähere çykdym. Mazaly,
gyssagly ugradan hatym Tanýa baryp gowşan ekeni. Şäheriň
seýil bagyna gelemsoň, ony köp gözlemeli bolmadym. Ol bu
ýerdäki suw çüwdürimleriniň golaýyndaky ýaşyl oturgyçlaryň birinde kitaba güýmenip oturan ekeni.
Biz az-kem gürleşip oturanymyzdan soň, bu günki
gezelenjimizi tokaýdan başlamakçy bolduk. Tirkeşip çolaja
ýodajyga duşüp gitdik. Agaçlaryň arasynda öwrüm edip
ýören ýodajyk bizi birmeýdan, ümsümligiň agyr daşyny
boýnundan asyp oturan gül ysly tokaýa aýlady, Bize bir
öwrümde başagaý belkajyklar duşsa, ýene bir öwrümde
agaçlaryň arasynda şatyrdaşyp ýören sarç sugunlar gabat
gelýärdiler. Birhaýukdan ýodajyk bizi aýlag ýasap akýan
mele suwly derýanyň kenaryna aýlap getirdi.
Derýanyň içinde kiçiräk balykçy gaýyklary gaýmalaşýardylar. Birnäçe oglan-gyzlar şadyýan gygyryşyp, haýsydyr
suwda oýnalýan oýunlaryň birini oýnaýardylar.
Kenardakylar bolsa ýazylan düşekleriniň üstünde
agynaşyp, tenlerini Güne çoýýardylar. Tanýa birmeýdan
daş-töweregi lezzet almak bilen synlap duransoň, maňa öz
hyýalyny aýtdy.
- Desantçy, şu gün-ä suwa düşüläýse-de, kem bolmasa
gerek, gör, nähili oňat gün, ylla şu Gün ýörite dogaýan ýaly.
Dogrudanam, bu ýagyşly ülkede Günüň gülüp durmagy
seýrek hadysady. Menem ony synlap, içimden Garagumuň
çogly güni azaşyp geläýen bolmasyn diýip oýlanýardym.
Uzak dymmagymdan özüçe netije çykaran Tanýa meni
utandyrmazlyga çalyşdy:
- Düşesiň gelmeýän bolsa haýyr, sen kenardan seret-de
oturyber, men siziň ülkäňizde suwuň azlygyny bilýän
ahyryn... özüm birki gezek çümer-de çykaýaryn!
34
Men ony diňläp: «Ýüzüp bilmeýän eken» diýen netijä
gelenini aňdym-da, oňa seredip ýylgyrdym.
Soňundanam, «Aksam halas edeweri, Tanýuşa!» diýip,
suwa düşermen boldum. Tanýa maňa garşy bolmady. Ýöne
boý berýänräk ýerlerde bolmagymy ýüreginden syzdyryp
haýyş etdi. Suwa giremsoňam, ol «Şundan aňry gitme»
diýýän ýaly, meniň derýadan tarapymy gabalap ýüzdi. Men
suwuň aşagyna çümdüm-de, Tanýanyň hol beýleräginden
çykyp, o kenara tarap pažžyldap ýüzüp gitdim.
Öwrülip onuň seredip galan kenaryna ýüzüp gelem-de,
az-kem kineli Tanýa biraz menden öýkeli şadyýan dillendi:
- Bor-a şuň ýaly aldamak, ýüzüp bilýänem diýenok-da
bu oglan, men bolsa gark bolaýmasyn diýip, uly aladada...
Suw bilen gujaklaşansoň, Tanýanyň düýbünden özgerendigini men häzir bilip galdym. Oňa seredip doýup bolar ýaly
däldi. Gülende sähel owsunjyraýan gar reňk ak beden,
gümmezekläp duran mämeler häzir ony meniň gözüme
ertekilerdäki göreni beýhuş edýän perilere meňzedip
görkezýärdi. Biz birmeýdan suwda ýüzüp, soň kenara
çykdyk.
Tanýanyň sumkasyndan çykaran düşegini aşagymyza
ýazynyp, tenleri güne gorsamakçy bolduk. Men şu güne çenli
suwa düşüp, soňundan Güne ýanmagyň lezzeti barada
oýlanmadyk bolsam gerek, öz ýadyma-ha düşenok, ýöne
şeýtmegiňem özüniň aýratyn bir lezzeti bar ekeni. Meniň
soňabakan Günüň aşagyndan turasym gelmedi. Ukym tutup,
endamyma agyr ýaltalyk aralaşdy. Häli-şindi uludan dem
alyp, süýji-süýji tamşandym. Şu arada Tanýanyň ýene-de
suwa düşesi gelen bolsa gerek, ol meniň Günden goranmak
üçin başyma ildiren beretkamy kakyp aldy-da, «Tut, ýyndam
bolsaň!» diýýän ýaly, yzyna gözläp, meniň öňümden gaçdy.
Men onuň hyýalyna düşündim-de, yzyndan ylgadym. Ol
ýuwaşja ylgaýardy, özem şo barşyna keýpihon gülýärdi.
35
Meniň göwnüme bolsa, ol häzir öz bogazyndan çykýan
mylaýym gülküsini kowalap barýan ýaly bolup duýuldy.
Onuň çözlenip goýberilen saçlary ýalaňaç endamy
gujaklap, düşnüksiz sandyraklaşýardylar. Maňa onuň
gülküsi diýseň hoş ýakýardy. Ony gyssanman kowalap,
köpräk güldüresim gelýär. Şonuň üçinem baldyrlara zor
salman ylgaýardym. Şeýle-de bolsa men ahyr onuň yzyndan
ýetip, golundan tutdum. Ol haslap durşuna, gözüni ýumdy-da,
meniň kükregime ýaplandy. Bedenimde nämedir bir zat
owsunyp giden ýaly boldy. Onuň saçlarynyň arasyndan
kükeýän hoşboý ys meni humar etdi.
- Sizi nähili eý görýän, meniň eziz esgerlerim...
Tanýa şu sözleri meniň has güýçli urmaga başlan
ýüregimiň ýanynda pyşyrdady.
Tokaý agaçlary bolsa häzir bize düşnüksiz seredişip,
başlaryny yralaşyp durdular...
Sagat günüň ikinji ýarymyndan ýöräp ugransoň, biz
tirkeşip yza dolandyk. Kenaryň märekesi welin barha
köpelýärdi. Menin entegem bu ýerde bolmak, kenardan
derýanyň ustündäki örküç-örküç tolkunjyklary synlap
oturmak niýetim ýok däldi. Bu derýany häli-şindi görýänem
bolsam, ony synlamak meni asla irizmeýärdi. Gaýta, ony
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.