Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2228
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sygyryber, içesi gelmedik wagty sykylygyň onuň suw
içmegine peýdasy ýok. Gury dert-azar bolup, sygyranyň
galýar. Onsoňam näme kän, töwerekde göz kän, atymy ikinji
ýola suwa ýakmaga äkitsem, men kimdir biriniň gözüne-de
iläýýän.
- Eziz, indi niräk ugradyň?
- Atymy Derbent ýapdan suwa ýakyp geljek.
- Hälirägem-ä bir barýan ýalydyň.
- Ýene bir gezek ýakjak.
- Aýlap-öwrüp suwa ýakyp durar ýaly, näme onuň içinde
şaly ekilendir öýtdüňmi?
Gyr atymy münüp, ony her gün bir ýola suwa ýakyp,
aýlap gelmegime hemmeler razy.
Hataryň arasy bilen gidip barýarkam, özümiň häzir enesi
ýok mahaly, ýumurtgadan çykan gedemje jüýjejige
meňzeýänimi çak edýärin. Şeýle jüýjejige men bir ýola
ýumurtgadan çykan wagty sataşypdym. Oglanlar bilen
«gizlenpeçek» oýnap ýördüm. Eşekçiden bukulyp, elemtas
bolup samankümä giren mahalym, pasyrdap daş işige uçup
çykan, ýumurtga basyp oturan kürk towuk daş işikde durup
birsalym: «Şu ýere biri urduryp girdi, indem çykalan gamşyň
arkasynda gizlenip otyr» diýen manyda wakgyldap töwerekde
aýlandy. Şol barmana-da towugyň, indi telim günden bäri
bagryny oýkap basyp oturan ýumurtgasynyň biri çat açdy.
Ýumurtga iki ýarylan wagty, onuň aşaky akja okara meňzeş
böleginde kiçijik jüýjejik peýda boldy. Ýumurtga bölegi ýene
birde akja gaýyjaga, jüýjejik bolsa onuň kapitanyna meňzedi.
54
Özi-de bir ýerlerden ýüzüp gelip, täsin ada duşan kapitana
meňzeş.
Jüýjejik birsalym töweregi hondan bärsi bolmak bilen
synlap duransoň, «Bu ýerde ýaşasa boljak» diýip pikir eden
bolarly, ol akja gaýykdan ýere düşdi.
Gyr atymdan habar almak üçin, onuň ýanyna baran
mahalym, gazygyň boş duranyny görüp, keýpim bozuldy:
Eşekler meni görüp, ýene-de ot-suw tamakin bolşup hynçgyryşdylar. Gün geçdigiçe şah çykaryp, enesine meňzäp
barýan göle-de meni görüp ör galdy. Ol iki öň aýagyny öňe
uzadyp, süýnüp gernen wagty öjügip kimdir birini bat bilen
süserli görüňdi. Ýöne ol beýtmedi-de, agyr ýagdaýa düşen
ýaly, toplap bilen howasyny içine toplap, haşylap dem aldy.
Hemişe özgelerden ileri tutulýan sygryň däl, ýatakdaky
özge mallaryň hem öňünde o ýanyndan, bu ýanyndan, burun
sokulan ot üýşmekleri tümmeklenişip durlar.
Bu eli açyklygyň sebäpkäriniň enemdigi maňa belli.
- Gyşda malyňyzdan ot-iýmiňizi gysganmaň, mal dok
bolsa, oňa sowuk kär etmez - diýip, häli-şindi biziň
gulagymyzdan geçirýänem şol. Diňe sygryň däl, eşegiň
arkasyny tutýanam ýene-de enem.
- Eşegiň bolmasa, eşekçe abraýyň bolmaz, «Özüňde ýok,
älemde ýok» diýipdirler, özüňde bolmasa bir ýerden bir
goltuk ot getirjegem bolsaň, ýüzüňi saraldyp, ilden dilemeli.
Dilegem bir ýagşy, iki ýagşy...
Enem hemişe diýen ýaly giden ýerine eşeklije gidýär.
Öňler menem onuň bilen goňşy obalara, garyndaşlarymyzyň
bäbegini gutlamaga, gelin mübäreklemäge bileje giderdim.
Enem ogul bolan öýe barsa, gundagda gyp-gyzyl bolup ýatan
bäbejigi meniň ýüzüme sylardy. Gelin gutlasagam, ýene-de
iliň owadan gelnine elini uzadyp, onam meniň ýüzüme
sylardy.
- Meň ogluma-da sarpaly-sarmykly, agzy otly, süňňi
botly, Aý gelin nesip etsin! - diýerdi. Enemiň dünýäsine
55
düşünmämsoň, bu yrymlar ulaldygymça, maňa ýokuş degip
utrady. Ahyr bir gezek enem özi bilen toýa äkitjek bolanda,
men oňa gidesim gelmeýändigini aýtdym.
- Söýünem gidýär, oglum. Enem meniň ýaşytdaşlarymyň
biriniň adyny tutup, gapdalymdan göç geçirip gördi.
- Gitjek däl, ýüzüme gelin sylýaň.
Ýeke enemiň däl, enemiň üstünden gelen, enem bilen
işigimizde goşulyşyp toýa gitjek bolşup duran aýallaryňam
meniň sözüm ýüregine düşdi, hemmeler hezil edip gülüşdiler.
- Häý, oglum. Senem şu görlen ata-babaňdan üýtgeşik
dälsiň. Güýz geler, bişişersiň, gyz-gelnem süýjär, ana, onsoň
gara saçly mollajygyňy ata-eneden ileri görüp oturan ýigit
borsuň. Görüle-görüle gelinýänsiňiz, gitmeseň gitme, oglum,
ölmesek senem göreris.
Enem şondan soň «Ýör, gitseň» diýip, maňa ýalbarmady.
Jigimi öňüne mündürdi-de, eşejigini dikgirdedip bidir gitdi.
Orta ýolda oňa-muňa gidilende azar bor öýdülip, bir bahana
tapylyp, hemişe öýde galdyrylýan jigim hezil etdi.
Geýindim-de, atymyň gözlegine çykdym. «Şol ýerde-hä
bar bolaýsaň gerek» diýen pikir bilen, ilki gamyşly köwi
baryp gördüm. Öwrenilen endik-dä, ýogsam, gyşyň gününde
bu ýerini suw basyp, gamyşly köwüň üsti ýaldyrap duran
buzly köle öwrülýändigi meniň bilmeýän zadym däldi. Depä
çykdym-da, birmeýdan çalaryp oturan töweregi synlap
durdum. Garly meýdanda üç-dört sany özlerini ýeriň giňine
atan oba itleri kowalaşyp, dänjireşip ýör. Myrat aganyň adaty
oba itlerine meňzemeýän endam-jany agyn buýra-buýra tüý
bolup duran iti Waska meni tanap, golaý geldi-de, hoş söz
tamakin bolup, ýüzüme seretdi.
Derbent ýabyň böwür berip, gamyşly köwüň gaýra
etegine gelip gysmyljyraýan ýerinde bir gara aýlanyp ýör.
Ol bolup bilse, awuň gyzygyna düşenleriň biridir.
Ýabyň boýuny syryp, gyşy başyndan geçirip oturan
gyzgylt ýylgyna meňzeş uzyn ösen buýan tokaýlygynyň arasy
56
bilen birmeýdan ýöredim. Öňde tut agaçlarynyň gabawunda
oturan brigadanyň meýdan düşelgesiniň bassyrmalygy
göründi. Ol ýerem gyşda mal-garanyň ykyş gözläp barýan
ýerleriniň birisi. Gyr atyň şol ýerde bolaýmagy ahmal diýen
pikir bilen gidip barýan, göwnüme bolsa, her hili ýakymsyz
pikirler gelýär. Mahal-mahal obamyzyň ilersindäki
öwlüýälige zyýarata gelip-gidýän ýolbars Gyr atymy
äkidäýdimikän diýip oýlanýaryň. Gyr atam kiçi janawar däl,
ýolbarsam aw awlasa, uly haýwanlary awlarmyş, kiçi
haýwanlary özüne aw sanmagy ol kiçilik bilermiş. Öwlüýäniň
golaýynda ýaşaýan Myrat aga ýakynda onuň sesinem
eşidenmiş. Aman gök bolsa çekenesiniň yzyna düşüp ýörkä,
öwlüýäniň töwereginde, ýolbarsyň yzyny gözi bilen görüpdir.
Yzlap görse, ol yz üç gezek gonamçylygyň üsti gümmezli
gonambaşysynyň guburynyň daşyndan aýlanypdyr. Soňam
Hindiguşy nazarlap, ýene-de yzyna gidipdir. Oba adamlarynyň çakyna görä, birçaklar ýolbarsyň öwlüýä şärikli
bolan bolmagy mümkin. Sebäbi ýolbarslar adamdan
azanmyşyn, şonuň üçinem olar adam ýaly akylly jandarmyş.
...Bir gezek bir adam märeke ýygnap, dabara bilen
özüniň ýekeje ogluny öý-işik edipdir. Onuň bir görip goňşusy
hem bar ekeni. Ol gije gelin bilen ýigide naharly tabak
äberilen mahaly, öý eýesiniň tabagyny ýygnapdyr-da, özüniň
ýörite taýynlan naharyny äberipdir. Ertesi: «Gelin köp ýatdyla» diýip, gelip eňsini serpip görseler, içerde iki sany ýolbars
biri-birine hyňranyşyp ýatanmyşyn. Işik açylansoň, olar
tirkeşip çöle siňip gidenmiş. Ýolbars bolansoňlaram, ýigit
bilen gelin ene-atasynyň ojagyny ýatlap, telim gezek oba
gelenmiş.
Ýolbarslaryň ýene-de könäni ýatlap, dagdan oba inen
bolmaklary mümkin. Ýöne mal ýatagymyzyň töwereginde
şol Aman gögüň göreni ýaly düýäň dabanyndan kiçiräk,
ortasy dyrnaçak yzly alamat meniň nazaryma ilmändi.
57
Gyr atymdan derek tapman, öýe lapykeç dolanyp
geldim. Enem saçak ýazyp, jigimi naharlap oturan ekeni.
Hamala, Gyr at hokranyp ýatagynda duran ýaly, enem gaty
arkaýyn. Gaýta, gözläp gelenim üçin: «Üşäp, gyzyl şugundyr
bolupsyň» diýip, menem ýazgarýar.
- Gel, oglum, çaý-süýt sowamanka, senem iýip-iç, Hana,
kündügi gör, mylaýym suw bolmaly eliňi ýuwsaň.
- Kakam gözlemäge gitdimi?
Saçak başynda kakam bolmansoň, men enemden onuň
nirededigini soradym.
- Kakaň-a häliräk «kontora» diýip çykdy. Gara daň bilen
sazanaklap, özüňi horlap ýörmeseň bolmadymy, oglum. Şol
gaty ýaby gidende niräk gider öýdýän, bir ýerlerde kimdir
biriniň küdesini yklap durandyr-da. Geç, geç indi, bejit köp
aýtdyrman pejiň başyna. Bu sowukda adam idili bolanlygynda, itini meýdana goýberýärmi?!
Iýip-içdim. Gün günorta boldy. Henizem gördüm-bildim
ýok. Kakam obanyň günortasyndaky jeňňeliň töweregine
seretmäge gitdi. Gyr atyň ýiteni onuňam parhyna däl, ol
ýany bilen tüpeňini alyp gitdi! Tüpeňinem äkitdimi, awa
kellesi gyzar, at göni öňünden çykaýmasa, onuň öýden
nämüçin çykany-da ýadyna düşmez. Gyr atyň özüniň bolsa
kakamy tanap: «Meni gözläp ýörmüň?» diýip, onuň öňünden
çykmajagy belli zat. Enem diýmişleýin, kakam bu gün
aýagyndan irýänçä, it kimin ygar.
Şol gün Myrat aganyň Waskasynyň dogran, soňundanam
ysçy bolup ýetişýän güjükleriniň birini saýlap tutmanyma
oturyp-oturyp ökündim. Ysçy itiň bolanlygynda, bu mahal
Gyr aty on ýerde tapsa bolardy.
***
Giçlik, şam düşende, Gyr at gazygyny tapdy. Ony
Şemmet aganyň Çarysy idip getirdi. Gyr atyň köne gazygyny
ýatlap gideni, onuň uzakly gün şol ýerde bolany belli boldy.
58
Öňüne suw goýsam ysgan boldy, ýöne içmedi. Üýşmek
otuňam ýüzüne seretmedi. Onuň uzyn gün, köne ýatagyny
ýatlap, wepalylyk edeni üçin, Şemmet agalardan aýratyn
hezzet-hormat göreni öz-özünden belli boldy.
Her ýyl şeýle bolýar. Mart geldigi, obanyň aladasy iki
esse köpelýär. Ýagyşly ýyl dagy bolsa, bar onsoň! Gowaçanyň
üsti ykjam gapaklar, onsoň oňa barananyňam peýda etmeýän
wagty köp bolýar. Ýere atylan çigitler çüýräp gider. Ana
onsoň, ol ýerleri täzeden sürmelidir, täzeden ekmelidir.
Gyşdaky ýazgynlyk ýazyň ilkinji günlerinden, hemmeleriň
ýadyndan çykar.
Kakam indi her gün irden ümüş-tamyşda işe ugraýar,
onuň çaý içmäge-de wagty ýok, ol indi brigadir, özgelere-de
«ýör, how» etmeli, iliň öňüne düşmeli.
Gyr atymy men indi her gün ekiş ekilýän ýere - kakam
dagynyň işleýän ýerine gidip görýärin. Okuwdan gelip, çaýçöregimi iýip, bir haltany dolap goltugyma alýan. Eneme
bolsa çaýyr çöplemäge gidýänimi aýtsam bolany, onsoň meniň
çar tarapym açyk. «Döwletli çöp ýygnar, bidöwlet gep,
getiriber, oglum, bir zat getirip bilseň, onuň zyýany degmez.
Guruja çaýry sygryň latjasy bilen goşup eýleseň, ojara gaýra
dur diýjek odun bolýar. Özüni salsaňam, onuň tamdyr odun
kemi ýok» diýer.
Bahanam çaýyr bolsa-da, niýetim Gyr atyň golaýragynda
bolmakdyr.
Gözi ildigi bes, Gyr at meni allowarradanam tanaýar.
Ana onsoň, ol tä ýanyna baryp, hoşamaýlyk edip ýalyny,
ýüz-gözlerini sypalaşdyrýançam, meni görendigini mälim
edip, gulaklaryny keýerdip hokranar. Onuň ýanyna
gelenimde, meniňem aňsat elim boş däldir. Elimi kisäme
soksam, iki-üç bölek aşyk ýaly gant çykar. Çaýyr haltama
dolap, ýylyjak tamdyr çöregini getirip, Gyr atym bilen
paýlaşyp iýýän mahalymam az däl. Bu häsiýet maňa enemden
geçen häsiýetleriň biri bolmaly. Enem myhmançylykda bolan
59
mahaly, öňüne del-dül nygmat goýulsa, özi datmasa-da meni
ýatlar, şol zat süýji zat bolsa, onda ol şol zatdan jübüt edip
iki sanysyny «ogluma» diýip, öý eýesine aýdyp alar. Eger
şol zat turşuja bolsa, onda ol göz eder-de, üç sanysyny alar.
Öýümize myhman gelende-de, enem aňsat ony boş çykarmaz.
Ogluňa-gyzyňa radalap ýaglyjak berer, köýnejik berer. Bişip
ýetişen gök-akdan berip goýberer, garaz, öz göwnüne jaý
eder.
Üstüne şeker sepilen gatlamany kitirdedip iýseň nähili
gowy! Emma meniň Gyr atym gatlamanyň gadyryny bilýän
janawar däl. Ol gatlamany iýilýän zatdyram öýdenok.
Gatlama getirsem, her gezek onuň hemmesini «Öýkeläniň
paýy süýji» diýip, özüm iýmeli bolýaryn.
Meýdanyňam öz hezili bar. Traktora münüp, plugyň
yzyndan galman, joňkuldaşyp, oýmuldaşyp ýören gargalary
synlaýaryn. Türkmeniň kiçisi bolsaň, her ýerde saňa borluk
ýumşam tapylýar. Her eliňe bir taňkany alyp, ilerki ýapdan
suw daşaýanam sensiň. Ýene birde eliňe arabany bererler,
kolhozçynyň üýşüren çaýyrlaryny äkidip gyra döküp
gelersiň. Kolhozçylaryň günortan çaýyna ýetişseň-ä bu ýerde
mahal-mahal atlar hakyndaky gyzykly gürrüňçilige hem
gabat gelse bolýar. Ýakynda jyns at hakyndaky edilen gürrüň
hem şol gyzykly gürrüňleriň birisi. Ol jyns aty galtamanlar
bilen Garabilde bolan çaknyşykdan iki gün geçeninden soň,
obamyzyň oba Şurasynyň başlygy Bally ele salypdyr.
Mahlasy, ol at ony zordan ilki bir günläp Ballyny-da
töweregine getirmändir. Söweş bolan meýdanda uýanyny
süýräp, ikibaka çapyp gezipdir. Mahal-mahal aýak çekip,
eýesini küýsäp, baýyrlaryň süňňüni sandyradyp kişňäpdir.
Kesekä at bolmany özüne namys bilipdir. Ony üstünden ýylky
sürüsini inderip, al bilen ele salypdyrlar.
Galtamanlar ýazzy maňlaýyndan bir oky bermek üçin
ýolda ýatyp, Ballynyň ötjek ýerini, köp garamlapdyrlar.
Emma jyns atyň betbagtlygy öňünden duýmak häsiýeti bar
60
ekeni. Ol eýesini ýeke gezegem ok-ýaragyň üstünden
getirmändir. Duşmanlar oňa: «Seniň özüň ýeser däl, atyň
ýeser gelen» diýşip, diş gyjaşypdyrlar...
Bu ýerde her gün telim gezek ady agzalýan brigadanyň
öňki brigadiri Şemmet agany menem görüpdim. Ol şampa
telpek, galife jalbar, uzyn gonçly ädik geýip gezerdi. Döwek
döwýän ýaly, günüň köpüsini at üstünde oturyp, brigadanyň
ekin meýdanyny terslin-oňlyn aýlanardy. Edilen işiň hili
göwnüne jaý bolmasa köwejekläp, günuzyn, tä göwni
ýetýänçä, şol işiň başyndan aýrylman erjellik görkezerdi.
Adamlar ol hakda:
- Bäý, muň erjeldigini, munuň guýy ussasy dagy
bolmadygy bähbit bolupdyr. Ýogsam, bi bu bolşy bilen ýeri
deşip, onuň o başyndan çykardy - diýşip gürrüň edýärdiler.
Şemmet aga iş wagty gelin-gyzlaryň ellerini tutuşyp
gürrüňe gyzyşyp oturanlaryny görse-de, olara ýüzüň üstünde
burnuň bar diýmezdi. Oňa derek töwerekde işleşip ýören
çemliräk oglanlaryň birki sanysyny ýanyna çagyryp, şolaryň
üstünden dökülip, ýelini boşadardy.
- Näme, uzynly gün kesege süýkenişip otyrsyňyz, işläň-dä,
işlemäge gelen bolsaňyz. Ýok, gün geçirmäge gelenem
bolsaňyz, onda ondakysyny aýdyň. Ýa-da zähmet günüňizi
kesdirip, ýyl ahyrynda eliňizi burnuňyza sokup, boş
çykasyňyz gelýärmi? Öýüňizden-ä işe diýip oran tutuşyp
gaýdýaňyz. Bu ýere gelip bolsa, kesege gonuşyp otyrsyňyz.
Ol kime abyr-zabyr etse-de, hiç kim onuň ýüzüne gelip,
sözüne söz gaýtarmazdy. Onuň oglanlara käýinen bolup,
«Gyzym, saňa diýýän, gelnim, sen eşit» edýänine hemmeler
düşünýärdi.
Şemmet aga öz deň-duşy, brigadanyň çaýçysy Ogulboldy
eje bilen bolaýmasa, özüni gaýyn saýyp, gelin ugry bilen
ýüzbe-ýüz durup gepleşmezdi. Türkmençilikden çykman,
buýran işini ýaş ýeleňleriň üsti bilen buýruşdyrardy.
1
K o l h o z - daýhan birleşigi.
61
Diňe Ogulboldy eje onuň bilen agyz deňäp, uly goh
bolşardy.
Şemmet brigadir çaýyň gaýnap duranyny görse-de:
«Näme üçin çaý wagtynda gaýnamady?» diýip, Ogulboldy
ejäni gepletmek üçin käýinen bolardy. Ýa-da kimdir birine:
«Ogulboldy ýaly durşuň bilen goh» diýip, Ogulboldy ejä
eşitdirip igenerdi. Ogulboldy eje-de öz gezeginde, Şemmet
brigadirden gep alyp galmazdy.
- Çaýçylygyňy al-da, başyňa ýap, birgat. Hol ilerki ýapdan
suw daşaý-daşaý egnim-ä düşürdim. Uruş biziň-ä haýymyzam alypdyr, waýymyzam. Onsoňam Ogulboldy-sogulboldy
diýip, diliňi goýberip walalaýlaberme, birgat! Birgat bolsaň,
özüňe ötmezegiňi maňa süýkejek bolma. Getir-de, goý öz
heleýiňi, ýyldyza toýnak salyp, taý bolup, oba gezip ýören
mes heleýiň bar. Men seniň minnetiňi çekip iş işlemen.
Eşegimi münerin-de «Sen bolmasaň, Senem jan» diýip başga
brigada gidibirin. Işlejegim iş bolsa, ony her ýerdenem
taparyn.
Brigadiriň öz sözlerini kiçi dilden bärde, Ogulboldy
ejäniň öwrenişilen aladasyny eşitmek üçin aýdýanyny,
Ogulboldy ejäniň hem edil aýdan sözleriniň yzyna düşüp,
iş-aladany başyndan aýlap gidibermejegine hemmeler düşüş.
Gohlaşarlar, töweregi gülüşdirerler, ýene-de görseň, hiç zat
bolmadyk ýalydyr, göwne degenem ýokdur, göwnüne
deglenem. Her kim bu gürrüňlerden öz geregini alar, şonuň
bilenem, wessalam. Şemmet agadan çen tutsaň, kakamyň
bolup ýörşi brigadire-de menzänok. Ol öň traktorçydy, ýene-de
traktorçy ýaly. Ony gözleseň, göni traktorlaryň ýanyna
baraýmalydyr. Traktor döwülse, gollaryny çyzgap, ýaga
bulaşyp, oňaryp durandyr. Ýa-da özi ýer sürüp, barana basyp
işläp ýörendir. Ol kolhozçylaryň ýanynda Şemmet aganyň
traktorçynyň ýanynda görnüşi ýaly käte bir görünýär.
Kolhozçylara «Ony et, muny et» diýip, iş paýlap ýören bolsa
Jumaty zwenowod.
62
Şemmet aganyň traktorlaryň töwereginde köp görünmeýänliginiň sebäbi, öň bir gezekdäki ýaly ile ikilenç gülki
bolmazlyk üçin bolmagy mümkin.
Şol gün Paýzy traktorçynyň dişi erbet agyrypdyr.
Brigadir gelip, traktoryň durmagynyň sebäbini soran wagty
Şemmet aganyň demir-dümürden «gazykdan ýöretmedigini»
ýadyna salyp, ol şeýle jogap gaýtarypdyr:
- Traktoryň-a ýegen, nigroly döwüldi.
- Oňarmaz ýaly erbet döwüldimi?
- Iki omrully-da.
- Häý, bolmandyr-ow. Ýogsa-da, gyt zatmydyr ol?
- Ammarda bolmagy mümkin, ýöne beräýseler.
- Ammarda bolsa alarys ony.
- Beräýseler-ä, ammarçam ýüz görýändir özün-ä.
- Zat onuň atasynyň maly däl. Traktoram döwletiň zady,
işem döwletiňki. Döwlet oňa traktoryny işsiz ýatyrtmaz.
Häzir özüm baraýyn, şol demri berip, başyndan sowsa, zor
boldugy!
- Aý, gör-dä. ýegen, beräýse-hä şony?!
- Bermän tans eder. Sen men gelýänçäm çaý-paý içip
güýmen, onsoň günortany bilen işlemeli borsuň.
- Men onda şeýdäýerin.
- Sen şeýdiber.
Şemmet aga ile gep bolmasa-da bolmazdy. Ýöne ol baryp
ammarça ýüz tutan mahaly, onuňam «Migrol bizde ýok»
diýen jogabyny eşiden mahaly: «Bu bolgusyz ammarçy şol
demri maňa bermän, «ýok» bilen başyndan sowjak bolýar»
diýip, şeýle bir goh turzupdyr. Onuň üstüne: «Sen diňe bir
meniň brigadamyň işine garşy däl, sen hökümede-de garşy
adam, hakyna seretseň, sen bu häsiýetiň bilen Sibirde agaç
kesip ýörmeli adam. Nädersiň eneň ellik iberjek diýip, oba
aýlanyp, ýüň diläp ýörse» diýip, onuň üstüne gygyrypdyr.
Ammarçy ýigidiň nigrolyň demir däl-de, ýangyçdygyny,
ol ýagyňam ammarda ýokdugyny, onuň Myrat aganyň
63
ammarynda näçe diýseň bardygyny aýdasy gelse-de, dyňzap
gahary gelen Şemmet aga oňa geplemäge ýol-nobat
bermändir.
Ahyry bu dawa kontora ýetip, ony başlygyň özi çözmeli
bolupdyr. Şondan soň ol ikilenç şol ýagdaýa düşmezlik üçin,
traktorçylar bilen gürrüň etse, aňsat «arma», «bar boldan»
aňryk geçmändir.
Şemmet aga ýok. Ogulboldy ejäniň dili gijeýär. Oňa
gohlaşara adam gerek. Onuň bir gezek: «Bi täze birgat öz
ýüwürjilerimdenem welin, ýöne dogrusyny aýtjak, bi
Şemmetçe ýok, onda-da daş ýok. Munuň bolup ýörşi, birgada
meňzänok. Bu birgat bolany bäri aýtjak-diýjegim içimde
heňläp ýatyr» diýenini öz gulagym bilen eşitdim. Onuň
pikiriçe, brigadir brigadir boljak bolsa, ol Şemmet aga ýaly
tutup-tutup, özgelere göz edip, kimdir biriniň üstüne
gygyrmalymyş.
Oglanlyk edip, bu gürrüňi öýde ýatlan mahalym kakam-a
ýylgyrdy, ejem bir zat diýse diýerdi, ýöne ol jigimiň gohy
bilen gürrüňi anyk eşidip bilmän galdy. Oglunyň adyna bir
zat aýdylsa, enemiň gulagy jam ýalydyr. Meniň getiren
gürrüňim onuň gaharyny getirdi.
- Ogulbolda Şemmediň warsakysyna öwrenişen heleý
diýerler, oňa bimanysyny eşidip, onusyny-munusyny agzadyp
durmasa bolmaz, şeýtmese nanyny gury iýýändir ol heleý.
Birgat bilen ne işiň seniň, başlyk bilen ne işiň. Indi akýal
heleý bolupsyň, işde ne körüň bar, otur-da öýüňde,
agtyklaryňy daşyňa üýşürip.
Enemiň bu gepleri maňa pent boldy. Şundan soň gaýdyp,
meýdanda eşiden gürrüňlerimiň birinem öýe gelip dilime
almadym.
64
***
Güýzüň gelmegi bilen obanyň aladasy has-da köpeldi.
Diňe bir kolhozçylar däl, bu aladadan çagalar bilen sandan
galan garrylar-da öz ýetdik paýlaryny aldylar.
Pagta ýygymynyň şüweleňi günsaýyn artdy. Ýygym
döwri kolhozçylaryň hem arzy göz-görtele artýar. Hemişe
zähmet hakyň ujundan çaý puly sorap baranyňda, salamyňy
zordan alýan kassir indi puluňy üstüňe getirip berýär.
Kolhozyň okalga müdiri Taýyr aga-da birtopar edebi
kitaby araba ýükläp getirip, brigadirden alan köne
ganarlarynyň üstünde al-elwan edişdirip goýdy.
Kitaplaryň beýdip durşy, ganarlara pagta dykýan
adamlaryň käbiriniň gaharyny getirýär.
«Il ne günde, sen ne günde, heý, şu gyssag dara-direlikde-de
bir kitap okap bormy. Bu kitaplaryň-a nämemiş, il şu mahal
«Göroglyny» getirseňem, şoňa-da gyzyklanyp biljek däl.
Gyşa çenli sen äkit-de, bularyňy ile görkezmän goý. Eller
boşaşar. Gyşyň uzyn gijelerinde oglanlar onsoň bu
kitaplaryňy şerek iýen ýaly eder. Häzir bolsa delalat etjegiň
çynyň bolsa, onda atyza bar-da, birki partyk pagta ýyg»
diýýänler-de tapylýardy.
Taýyr aga bir hepde geçip-geçmänkä, bazçylaryň
igenjinden dynmagyň ugruny tapdy. Ol kitaplaryň ýany bilen
daşy mahmal dolagly dutaryny getirip ugrady. Şeýdibem, ol
özgeleriň ýanynda özüniň arzyny artdyrdy.
Günortan arakesmede, daýhan çaýa çykyp, guşagyny
çözüp, aýagyny uzyn salyp, bir salym dynç alan mahaly,
Taýyr aganyň derçigip, dert-azar bolup çalýan sazlaryny
diňläp meýmirärdi. Saza şeýle bir ähmiýet bermeýän, şeýle
bir düşünibem barmaýan oglanlar bolan biz öz aramyzda
gatyrak gepleşibersek, ulular ýerli-ýerden lal bilen gepleşýän
ýaly, sessiz ellerini bulaýlaşyp, üm bilen bizi başga bir kölegä
kowardylar. Otursaňam burnuň deşilen ýaly, sulhup
oturmalysyň.
65
Brigadamyz pagta tabşyrmak planyny ýarpydan
agdaransoň, onuň ösüp ugry bolmady. Ilki-ilkiler biz kolhoz
boýunça oňat netijeler görkezip, öň hatarda barýan brigadalaryň biridik, pagtanyň ilkinji ýüzi ýyglyp-ýygylmanka,
ýokardan ortagürpde barýan brigadalaryň derejesine çenli
peseldik. Bu ýerden bolsa indi yzdaky - halanmaýan
orunlaram uzakda däldi.
Suwçy Haky aga bilen ýene-de birki adam brigadamyzyň depgininiň gowşamagyny kakamyň başarnyksyzlygyndan görýärdiler.
«Biziň brigadymyz ýüzsüz, polady ýumşak oglan. Munuň
pagtasy köp, ýöne häzir diýseň el güýji gerek. Şemmet ýaly
ýüzi gatan bolmasaň, brigadirlik aňsat kär däldir, kyn kär.
Häzir Şemmet bolanlygynda, ol başlyk bolsun, raýkom
bolsun, hijisini gününe goýmazdy. Şäheriň ähli uly-kiçisini
topladyp, gyzyl mataň ýüzüne hat ýazdyryp, «Subbotnik»
diýdirip, ýerden ýöränini öz brigadasyna sürdüräýse
nädersiň. Hany her düýp gowaça bir adam goý, göreýin
onsoň, prosentiň ösmäbilşinde-de bir ösmesin. Ösme diýibem
bir gör onsoň.
«Sag sagynýança, däli ogluny iki öýär» diýenleri, holha
Soltan köre seret, gözüniň çorbasyny akdyryp, bela ýaly.
Ondan-mundan gelen ähli kömek şoň brigadasyna diýip,
gapdalyňdan geçip durandyr».
Haky aganyň bu meselede mamla bolaýmagy-da mümkin.
Mümkin ol brigadada pagta biziňkiden köpräkdir. Nähilem
bolsa, kakama igenýänligi üçinmi, nämemi, meniň-ä Haky
aga «hä» beresim gelenok. Bu geplerini ol kakama duşan
mahalam bir tapaýsady. Içiňden indi aýdar, şindi aýdar diýersiň welin, tamaň çykmaz. Halalyň bolsun, gaýta, başga-başga
gepler tapar-da, salam-helik, arma-bar bol alşyp, gowusyran
bolup durandyr.
Üç tuduň oýunda pagta ýygyp ýörkäk goňşy brigadanyň
oglanlary bilen bolan çaknyşyga hem hut pagtaly-planly
brigadalaryň arasyndaky bäsdeşlik sebäp boldy.
66
... Del sykylyga baş göteren mahalym, üç tuduň oýuny
iki bölüp akýan ýabyň ilerki raýşynda üýşüşip, gohlaşyp
duran birentek oglan göründi. Gyzlar şunuň ýaly ýerlerde
hemişe akylly bolup galýarlar. Ýogsam, hemişe pagtany köp
ýygýanam şolar. Köp oglanlar özleriniň az ýygýanyny
brigadire bildirmezlik üçin, hemişe diýen ýaly ýygan
pagtalaryny uýalary bilen goşup çekdirýärler. Goňşy
brigadanyň gyjalatynyň bir bölegi şulara-da degýän ýalamdyr
welin, olar oglanlaryň gohuna ünsem bermediler.
Goňşy brigadanyň plan hasaby iki-üç günlükde biziň
brigadamyzyňkydan ozup geçipdi. Raýyşda duran oglanlar
partyklaryny kelleleriniň ýokarsynda bulaýlaşyp, telpekdir
papaklaryny ýokaryk-ýokaryk zyňyşýardylar.
- Ozup geçen brigadanyň zähmetsöýer, edermen
daýhanlarynyň tarapyndan, liçna öz adymdan, yzagalak
brigadanyň işýakmaz çlenlerine, kölegesöýer brigadire, onuň
attutary Jumaty hülügene ýalkymly...
Söz şu ýere ýetende, bu sözleri gelşirip sanap duran oglan
sözüne dyngy beren ýaly etdi.
- Salam!!! - Bu sözi oglanlar köpçülik bolup, birbada
zarp bilen aýdýarlar.
- Yzagalak brigadanyň gyzlaryna, ýeňen brigadanyň
oglanlarynyň tarapyndan gyzgyn...
- Salam!
Gyzlaryň ady agzalansoň, biziň brigadamyzyň oglanlary
mundan artyk saklanyp bilmediler. Geçirimliligiň çäginden
çykyldy. Her kim duran-duran ýerinde partygyny zyňyp öňe
okduryldy. «Komandirimiz» Saparyň yzynda uly ýygyn
peýda boldy. Töwerekdäki aýallaryň «haý-küşi-de» häzir hiç
kimiň gulagyna ilmedi.
- Goý, gitsin, bir salym ýakalaşyp, göwün-solpudan
çyksynlar, üç-dört partyk pagta ýygylman eken-dä.
Ýakalaşyp, idenekleşip ýagşy ýadansoňlar, aralamaga
soňundan bararys.
67
Şunuň ýaly zat bolsa, Jumaty zwenowodyň gözi ýitelýär.
Oglanlaryň dilini tapyp, olara «hä» diýdirmegi oňarýan
adam. Özi-de hemişe bize harby okuwy gutaryp, komandir
bolmagy wagyz edýär. Esger bolup gulluk edýän ýyllarynda,
komandirleriniň bir gezek özüne-de: «Sen harby uçilişä git,
özümiz ýerleşmegiňe kömek ederis, sende komandir bolmaga
ukyp bar» diýlenini ýatlaýar. Şol wagt özüniň oba oglany
bolup, çekinjeňlik edip gitmändigine indi ökünýär. Ýogsam,
bu mahala çenli goşunda gulluk edip ýörenliginde, özüniň
uly komandirleriň biri bolaýmalydygyny ahmyrly ýatlaýar.
Maý tapylsa, oglanlary biri-birleri bilen göreşe öjükdirip,
hezilini görýär. Töwerekde gowadaklap ýörşüne «eýt-beýt»
diýişdirip, oglanlara emel öwredişdirýär. Bu gezegem
Jumaty aga ýüreginde biziň hereketimizi goldapdyr. Kadyr
Çörliň bizden galyp, bukulyp pagta ýygyp ýören nebisjeň
ogluny gören mahaly, oňa:
- Eý, bihepbe, sen näme güýmenen bolup ýörsüň,
ýigitleri ol ýere iberip, özüň nä munda tohumlyk galaryn
öýtdüňmi? Haý seniň, bir ýygan pagtaň bilen... - diýip, oňa
ite diýmezini diýipdir.
Taraplaýyn gysga wagtlyk kesekleşmeden soň iki
«goşun» garpyşyp, jalka-da-jalka girdi. Maňa öz klasymyzda
okaýan Agaberdi gabat geldi. Ýok, ony «Şuny-ha ýeňäýsem
gerek» diýen niýet bilen özüm çemäme getirdim. Sebäbi
mekdepde billeşsek, köplenç, men ondan rüstem gelerdim.
Ozan brigadanyň baş pälwany Aba biziň oglanlaryň
ikisiniň ýakasyndan tutup, özüni ýakynda görlen kinodaky
Kotowskiý saýyp, kelle çakyşdyryp, öz güýjüni göz eden
bolýardy.
Oňa Saparyňam gözi düşen ekeni, ol idenekleşip duran
garşydaşyny syrta çekip, ýere ýazdy-da, gazap bilen Aba
pälwanyň üstüne topuldy. Mekdepde bularyň gara güýji deň
hasap edilýärdi. Ýöne häzir Saparyň Abany ýeňjegine men
ynanýan. Üstünden gülnen mahaly, adamyň ýüregi çişýär.
68
Ar almak höwesi onuň süňňüne güýç-gaýrat bolup goşulýar.
Adamyň mümkinçiliginden has uly gahrymançylyk görkezmegine sebäp bolýar. Ýaka tutuşlyk başlanyşy ýaly hem
duýdansyz gutardy. Oglanlar birden ortalaryna ary kökesi
düşen ýaly, duran-duran ýerlerinden dyr-pytrak bolup
gaçmak bilen boldular. Biziň ile ryswa bolup, garpyşyp
duranymyzy görüp, ilerki brigadanyň Jumaty ýaly
kolhozçylara setir paýlap berýän zwenowody Anyş aga
aňyrdan ýalaňaç ýabyny çapdyryp gelen ekeni. Ol «Bir süri
iş ýakmaz itler...» diýip, käýinip ýörşüne elindäki çybygy
bilen gaýgyrman çem geleni saýgylaýardy.
- Hany göreýin, agşam gapan başyna öňkiňizden az
ýygyp bir geliň, onsoň gözüňiz näme görýärkä - diýip, eýýäm
uruş-gykylygy unudyşyp, gowaçalyga siňişip barýan
oglanlaryň yzyndan elini bulaýlap gygyrýardy. Anyş agany
ýabyň boýunda görüp, Jumaty zwenowodam bilindäki käte
bir hana salyp ýören partygyny çözüp, ýabyň o başyndan
geldi.
Ulular ilki özleriniň ýaş tapawutlaryny ýatlaşyp,
biri-birleri bilen salam-helik alyşdylar.
- Sen ýakynrakda ekeniň, bulary aralaýsaň bolmadymy,
Jumaberdi! - Anyş aga atdan düşüp durşuna, Jumaty
zwenowoda igendi.
- Ýa senem-ä, Anyş, oglandyr-da, goý, birsalym
geýdirilişsin, hezil etsinler.
- Häý, Jumaberdi, seň henizem şol «etsem-petsemiň»
bar-ow. Hany onda bir nas ber!
Anyş aga bilen Jumaty aga ýaby orta alyp, hersi onuň
bir tarapyndan çommalyşyp oturdy.
Jumaty aga jalbarynyň jübüsinden çykaran nas
gutusyny dyzyna kakyp, ony Anyş aga oklansoň, depesi güne
agaryp ugran telpegini çykaryp, çep dyzyna geýdirdi.
Taýparyp ugran çal kellesini sypalaşdyrdy. Iki zwenowod
ýeriň giňinde öz oglanlykda eden garagolluklaryny ýatlaşyp,
69
gürrüňe gyzyşdylar. Görüp otursam, olaram biz ýaly ýakalaşaýakalaşa ulalan ekenler. Olar gürrüň arasynda oglan
uruşlaryna käte uly adamlaryň hem goşulyp, ol urşuň hatar
bilen hataryň aralygyndaky çaknyşyk bolmagyna sebäp bolan
wagtlaryny hem ýatlaşdylar. Ýöne şeýle özara çaknyşyklar
bolan mahalynda, namysa agram berýän iş ýüze çykaýmasa,
aňsat ele sowuk ýarag alynmaz ekeni. Türkmen geçirimli
halk bolsa-da, özara çaknyşyklarda sowuk ýarag ulanan
adamyň günäsini geçmändir. Şonuň üçinem beýle
çaknyşyklaryň agyr ýaragy gamçydyr çybyk bolupdyr.
Şol barmana, Jumaty aganyň meniň bir gapdalda
balagymyň ýyrtylan ýerine güýmenen bolup, gep dinläp
oturanyma gözi düşdi. Ol:
- Eý, beýtmesene, dost, bar, senem indi mugt gürrüň
diňläp oturma-da, gysym-penje ýygjak bol. Ýara düşen bolsa,
agşam ýyldyz göreňde gutular. Göroglynyň jigidisiň.
Kakam her gün giçlik ýygymçylaryň ýygyp getiren
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.