Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22

Total number of words is 3702
Total number of unique words is 2021
30.4 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kölçerip durany üçin, oňa Alabaý diýip at berdiler. Alabaý
ilki horlugy bilen çopanyň lapyny birneme keç eden hem
bolsa, aňyrsy iki-üç aýyň içinde, özüniň şol atly itdigini
mälim edip ugrady. Ýöne goşdaky uly it Sarybaý, nämüçindir,
Alabaýyň gelenini halamady. Barybir, Alabaýyň göwni bir
ýaly, o-da töwerekden özüne güýmenje tapyndy.
Güne çoýunyp meýmireşip oturýan alakalary kowalamak
soňra onuň halaýan oýnuna öwrüldi.
Bir gezek ýetdirmän hinine sümlen alakanyň hinini
tumşugy bilen süsüp awunaly bäri ol alakalary kowalasa-da
kowalaýar welin, ýöne özüniň tumşugynyň hem bardygyny
ýadyndan çykarmazdy.
362
Keýpihon guzujyklar bilen hem böküşip, dänjireşip
oýnamak onuň halaýan oýunlarynyň biri. Käte ol iki yzky
aýagyna agram berip oturýardy-da, owlajyklaryň selkildeşýän gulajyklaryna öz gulaklarynyň ýokdugyna kemsinýän
ýaly mönterilip seredip oturardy.
Alabaý hem güjüjek bolup doglan mahaly, gulaksyz,
guýruksyz bolup dogulmandy. Onuň hem tüýjümek, selkije
gulajyklary bardy.
Ýöne Alabaýyň özi, özüniň şol gulajyklary hakynda hiç
zat bilenok. Ony özüne goýun iti edinmegi arzuwlap getiren
çopan köneden gelýän çopan däbine eýerip, Alabaýy şol
günler - aňsyz güjüjek mahaly gulak-guýrukdan dynç edipdi.
Onuň edermen, jandyndaran ýoldaş bolmagyny arzuwlap,
kesilip gowrulan garaja gulaklaryny hem özüne iýdiripdi.
Garşydaşyň möjek bolsa ykjam bolmalydygyny çopanlar
oňat bilýär.
Çölde itler bilen möjekler çaknyşyp çeýneşen mahalynda,
möjeklere agyz salara amat bolmazy üçin hemişe itleri şeýle
edýärler. Çopandan çekindimi ýa-da ýumruk ýaly güjüjegi
özüne garşydaş hasap edip dalaşyp, basalaşyp ýörmegi özüne
uslyp bilmedimi, nämemi Sarybaý birbada Alabaý bilen
garpyşmady. Ýöne bir gezek uly gazan düýbündäki galyndy
çorba guýlan mahaly Sarybaýyň gahary beýnisine urdy.
Sarybaýyň güjükleri ylgaşyp, ýuwundynyň daşyna
egrilişdiler. Sarybaý bolsa birki ädim beýleräkde ululara
mahsus sabyrlylyk bilen kellesini aýaklarynyň üstüne goýup,
gözlerini süzüp ýatyşyna, bir-birlerinden köp iýjek bolşup
basga düşýän güjüklere seredip ýatyrdy. Alabaý bu wagt hol
beýlede pyşbagany oýna goşjak bolup gara başyna gaýdy.
Ylgap onuň öňüne bir, yzyna bir geçýärdi, tumşugy bilen
ony sähelçe kakyp görýärdi. Her zat etse-de, onuň diýeni
bolmady. Oýun diýlen zadyň nämedigini bilmeýän pyşdyl
ýeriň ýumşakdygyny görüp dursa-da, Alabaý bilen basalaşyp
oýnamady. Ahyrsoňy Alabaýyň özi bu täsirsiz oýundan irdi.
363
Birsalym pyşdyla seredip, näderini bilmän duransoň,
alan-aldy edip çorba içýän güjükleri gördi-de, aňyrdan ylgap
gaýtdy.
Ol Sarybaýyň kellesini göterip dişlerini syrtardanyny
görse-de, soňuny saýmady, gelşine tumşugyny ýalaga sokdy.
Ol ýuwundydan datmaga ýetişse-de ýetişdi welin, ýöne
aňyrsyna bir zat düşürip lezzet almaga welin ýetişmedi. Gany
depesine uran Sarybaý turup, ony gabyrdadyp öz aşagyna
basdy.
Çopan abaý edip taýagyna ýapyşmadyk bolsa, onda bu
turan topalaňyň soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi.
Ady tutulyp, abaý edilensoň Sarybaý seňkildedi-de, ýeňsesini
tüňňerdip öýkeli gitdi. Beýleki güjükler hem ýalagyň
töwereginden dyr-pytrak boldular, diňe arkasy tutulan Alabaý ýalmanyp, çopanyň ýanynda galdy. Ol nahar aladasyny
edip ýören çopana, süriniň ýeňsesinden aýlanyp ýören öýkeli
Sarybaýa, ganňasy garnynyň aşagyna agan, häli-şindi burny
bilen howany ysgap gyjynyp aňňyrýan eşege seredip
duransoň, sähelçe sypjyrylan burnuny ýuwundyly ýalaga
ikilenç sokdy.
Çopan gözüniň öňünde bolup geçen şu wakadan soň Alabaýyň enesi kysmy men diýen it bolup ýetişjekdigine has-da
ynandy. Oňa seredip, biraz ýylgyryp oturansoň, gazandaky
gaýnap duran etli süňkleriň birini pyçaga dürtüp aldy-da
ony Alabaýa eçildi.
***
Alabaý süriniň sagyndan öwrüm edensoň, golaýdaky
depeleriň birinde süýndi. Bu ýerden biri-birlerini ýassanyşyp
oturan gyrlar, aşakdan ýokarlygyna ýazylyp gidýän
ýapylardaky gül-günçalar, elleri okaraly dalbynyşyp
bulutlara seredişip duran gelinbaldyr keýigokaralar diýseň
göze ilginç bolup görünýärdiler.
364
Ýazda sähra gülleri ýüregiňi gopdurýar. Gijelerine olar
çyga hasam terlenýärler. Şeýle döwürde asman gümmezekläp
oturan türkmen öýüne, sähranyň gül-gunçalary bolsa şol öýe
düşelen ajaýyp haly-palaslara öwrülýärler.
Ol indi beýleki itlere goşulman ýeke gezmäge öwrenişipdi, ondan-mundan özüni görüp ökje göterýän tilkiler onuň
güýmenjesine öwrülipdi. Badhyz baýyrlarynyň arasynda
beýle-beýle güýmenjeler bolsa ýeterlikdi. Çopan hem indi
itleri naharlanda olara ýaly üleşdirip beräýenini kem
görenokdy.
Özüne tarap akyp gelýän süriniň birdenkä alagüsürdi
bolup yza serpilmegi ýaňy Güne meýmiräp ugran Alabaýy
ýerinden galyp, üşerilmäge mejbur etdi. Ses ýetimlikde
otlugyň içi bilen garagörnümdäki ýylgynlyga tarap tutduryp
barýan, bir nätanyş jandaryň kül reňkli gerşi göründi. Itler
gowurdaşdylar. Çopan taýagyny kellesiniň ýokarsynda
bulaýlap, gopgun turuzdy.
Alabaý käte bir üýrüp, önden öz maýdalyna ylgap barýan
Sarybaýdan ozup geçdi. Sarybaý, togalanyp barýan bujagaz
güjükden galmagy namys bildimi-nämemi, şundan soň o-da
ädimlerini ýygjamlatdy.
Alabaý beýle äpet duşmany henize çenli görmändi. It
gowurdylary özüne golaýlaberende, hälki öňden höltüldäp
barýan jandar hyrra yzyna öwrüldi-de, itleriň üstüne
topuldy.
Alabaý Sarybaýyň edişi ýaly wagtynda bir tarapa
çekilmegiň ýerine, onuň öňünden çykdy. Ol golaý gelende,
yzky iki aýagyna bat berip, onuň üstüne özüni zyňdy. Sarybaý
gaçansoň beýleki güjükler hem hol beýläk serçe pytran ýaly
pytraşyp gidipdiler.
Bu kiçijik çaknyşyk köpi gören Sarybaýa öwrüm edip,
ýagyň yzyndan bökmäge kömek etdi. Ýöne Alabaý çopan
tüpeň atyp, aýagyny ürküzip ýanyna gelýänçä ýerinden galyp
bilmedi. Çaknyşyk mahaly jyzlap giden garny soňra gaty
365
agyryp ugrady. Bu söweş Alabaý üçin ýatda galan söweşleriň
biri boldy. Şol gezek ol özüniň ýekegapan bilen söweşenini
bilmese-de, haýsydyr bir zabun duşman bilen çaknyşandygyny welin syzdy.
Çopan dogtor çagyryp, Alabaýyň ýarylan garnyny
tikdirensoň, ony eşeginiň öňüne alyp, özi bilen oba getirdi.
***
Alabaý obada birnäçe gün kümäniň alagaraňky törüne
atylan ýorgançanyň üstünde hereketsiz diýen ýaly ýatdy.
Islese, öý eýesi aýalyň süýde ezip giden ýally jamyna
tumşugyny sokup, göwünli-göwunsiz tamşandy, ýogsa-da
günüň köpüsini ýatyp oýaly-ukuly, alagarjaw halda ötürdi.
Onuň her gün tanyş ýüz çopany göresi gelýärdi. Çopan
bolsa şol getirip giden gününden bäri bu ýere gara berenokdy.
Alabaý her gezek kümäniň gamyş gapysy syrylyp ugranda,
ýagşy umyt bilen häzir gapyda görünjek adama garaşardy.
Onuň göwnüne tanyş ýüz çopany görse, garnynyň bir
ýerlerindäki käte-käte sanjyp-azarlap agyrýan, ýiti agyry
hem aýrylaýjak ýalydy.
Onuň ýanyna her gün gelip-gidýän şol bir ýal getirýän
aýaldy. O-da getiren zatlaryny goýdugy, yzyna gitmek bilen
bolardy.
Ýarasy gutulyşyp ugransoň, ýekelik Alabaýy has hem
basmarlady. Ol näderini bilmän, dört diwaryň arasynda
gezmelemegi çykardy. Her gün kümedäki goş-golamy telim
öwre ysgaşdyryp çykdy. Garnynyň gijeýän tikin ýerini
dişleşdirip, birde tumşugy bilen sypalap güýmendi. Öý eýesi
aýal Alabaýyň kümede gezmeläp ýörenini görensoň, şol
gündenem kümäniň işigini açyp goýdular. Oba Alabaýa ilki
görnüşi ýaly şeýle bir hezilsizem däl ekeni.
Ol daşarda gezmeläp başlansoň tiz özüne dost hem
tapyndy. Onuň dosty iki-üç ýaşlyja oglanjykdy. Ol her gün
süýräp gelýän maşynjygyna süýji-köke salyp gelerdi-de,
366
Alabaýy tapardy. Onuň üstüne atlaýyn münüp, getiren
zatlaryny onuň bilen bölüşip iýerdi. Ýöne bu dostluk ilkinji
duşuşykdan başlanmandy.
Alabaý ilki daş çykan güni güneşde ýatyrka kimdir
biriniň dyrmyşyp üstüne münüp gelýänini görüp gaharlandy.
Gapdala çekilip hebs etdi. Oglanjyk ondan gorkup kemşerdi,
soňam ýarym-ýaş bolup aglady. Alabaý özüniň kimdigine,
niredeligine oglanjygyň agysyny eşidip, öýden çykan adamy
görensoň gözüni ýetirdi.
Ol adam ilki oglanjygy göterip öýe äkitdi, soňundanam
gelip sen-men ýok, ýatan pilsapyny göterip, gaýgyrman
Alabaýdan saldy. Alabaý wagtynda syçrap turup, taýagy agzy
bilen howada gapsa-da, bat bilen depen ädikli aýak ony
dessine ýöwselläp gaçmaga mejbur etdi. Kümä gaçyp girip,
zordan janyny gutardy. Alabaýyň şundan soň bu oglanjyga
bir kest edäýse, dury gün görmejegine gözi ýetdi. Oglanjygyň
bir gowy tarapy irginsizdi, öýke-kinäni ýadynda uzak
saklamazdy. Ilki-ilkiler ulular onuň ite münüp oturanyny
görseler, göterip äkiderdiler-de, eline başga bir güýmenje
bererdiler. Ol bolsa ýene birsalymdan öz çaga dili bilen
«gudul-gudul» bir zatlar gepläp, eline berlen oýunjagy bilen
dolanyp gelerdi. Oýun täzeden başlanardy. Soňabaka
oglanjygyň Alabaý bilen dostlaşandygyna ulular hem
ynandylar. Ony Alabaýyň ýanyndan guş göteren ýaly göterip
äkitmelerini goýdular.
Tomus golaýlady. Indi bu öýdäki ulular ir ertir, giç öýlän
daşdaky agaç tapçana düşek atyp, şol ýerde hem nahar edinip,
çaý içerdiler. It bilen oýnap ýören oglanjyga lak atardylar,
gülşerdiler. Oglanjyk ýa sesini çykarmazdy, ýa-da çytylyp
siltenjirärdi-de, garşylyk görkezerdi. Ululara seredip
dodajygyny çömmerderdi-de, Alabaýa düşnüksiz bolan bir
zatlary jedirdärdi. Alabaýyň käte şunça zadyň bolunda aç
bolýan gezekleri hem bolardy. Munuň şeýle bolmagynyň bir
367
sebäpkäri oglanjyk bolsa, beýleki biri Alabaýyň hut özüdi.
Alabaýyň öňüne üýşen hyýar, pomidordan datmasy bolmazdy.
Oglanjygyň özi bu zatlardan iýip bilenini iýerdi,
özgesinem Alabaý bilen oglanjyk turup gidensoň, ýakyn gelip
bilmän töwerekde käkeläp ýören towuklar «şaram-şark»
bölüşip giderdiler. Özge wagt oglanjygyň öýden alyp çykýan
kesemen-kesemen nanlary oňa hem, töwerekden oýtarlap
ötüp ýören alabeder pişige hem ýeterlik bolardy.
Alabaý soňabaka oglanjyk bilen has hem öwrenişdi. Ol
her gün ertir irden gelerdi-de, gapa seredip, oglanjygyň
çykaryna garaşyp ýatardy. Oglanjyk welin hemmelerden giç
turardy. Käte içerden onuň sesi eşidilse-de, özi häli-bärde
gara bermezdi. Ýene birde ol işigi jarka açardy-da, bosagadan
çykyp-çykman jüllügini tutup dazladyp, ýene dünküldäp
yzyna giderdi. Oglanjyk gün gyzyp ugransoň maşynjygyny
idip, täzeden gelerdi. Alabaýyň hem her Güni şundan soň
başlanardy.
***
Alabaý özüniň bu oglanjyk bilen diýseň ysnyşandygyny
çopan gelip, birki günden soňam boýnuna tanap dakylyp,
tanapyňam bir ujy düýäň howudyna iltelensoň bilip galdy.
Ýüregi ýakymsyz bir zady syzdy. Birsalymdan öýdäkileriň
hemmesi çopany ugratmaga daş çykdylar. Oglanjyk Alabaýyň
alnyp gidilýänini görüp, oňa elini uzadyp aglady. Bir zatlary
jedirdäp, çarbaýlyk etdi.
Çopan düýesi lapbyldap ýöräp ugransoň, oglanjygyň
agysy has-da artdy. Oňy göterip öýe alyp gitdiler.
Ilki öý, soňam oba yza galdy, ýene-de alakaly, tomzakly
sary çöl başlandy.
Gün özüne seredeni gynjyr edip gözüni süzgenekletmäge
mejbur edýärdi. Küpürsäp, aýak astynda ýatan çäge
mylaýym bolupdy, şeýle-de bolsa henizem baýyrlaryň
depesinden sowujak şemal öwüsýärdi.
368
Obadan ýagşy saýlanansoňlar çopan Alabaýy tanapdan
boşadyp, ony öz keýpine goýberdi. Telim wagtlap gözünden
uçan baýyrlary görmek häzir Alabaýa diýseň hoş ýakdy.
Giden wagty gök pürçük bolup oturan meýdan indi sary sygra
meňzäp saralypdy. Töwerekdäki samanly ýapylara Gün
şöhleleri düşüp lowurdaýardylar. Seretseň gözüňi gamaşdyrýardy.
Kesesinden Alabaý häzir mamasy bilen goňşy oba bir
ýere toýa barýan oglanjyga meňzeýärdi. Ylgap, towsaklap
iki ýana geçýärdi. Durup-durup, telpek atym ýokarda
janserek bolup saýrap duran mollatorgaýy geňirgeýärdi.
Öňünden ýerden çykan ýaly duýdansyz hatdara bolan
Sarybaýy görende, Alabaý öz gözlerine ynanmajak boldy.
Aýak çekip, ony täzeden synlady. Sarybaý ýoluň ortarasynda
keserip durdy.
Alabaý näçe içgin seretse-de, birbada onuň maksadyna
düşünmedi, soňundan ahmal galaýmazlyk üçin gözi bilen
Sarybaýyň hereketlerini sypdyrman yzarlady. Bu duşuşyk
garaşylmadyk mähirli duşuşyk boldy. Sarybaý gelip ony
ysgaşdyrdy, Alabaý hem öz gezeginde köpi gören ýaşulusyny
özüne meňzäp ysgaşdyrdy. Birsalymdan olar tirkeşip, jaň
sesiniň eşidilýän tarapyna at salşyp gitdiler.
Itleri çetden synlan çopan ilki gaşlaryny çytyp, abaý-syýasat
bilen olary aralarman boldy. Soňundanam bu garaşylmadyk
hereketlerden özüçe many çykardy. Ol Sarybaýy kuwwaty
gaçan, ilki öz çakyny bilmedik, diňe häzir birnäçe wagtdan
soň düşünen garry pälwana meňzetse, Alabaýy ýaňy ýeňşiň
bir çetinden giren, mertebesini aýak astyna rowa görmeýän
jahyl pälwana meňzedip guwandy.
***
Bu gezek ýaz düşende Alabaý eýýäm men diýen it bolup
ýetişipdi. Süriniň baş iti indi onuň özüdi. Gijeler töweregi
24. Sargyt
369
gorap, çirim etmän geçirerdi. Seňkildäp ikiýana gatnardy,
üýrüp, özüniň bardygyny aýan ederdi.
Bir gije ol golaýda möjegiň ysyny aldy. Hemişe şeýle
bolan mahaly ol üýrüp, beýleki itlere hem duýdurardy-da,
duşman bilen çaknyşmaga giderdi. Bu gezek welin hemme
zat başgaça boldy. Alabaýa bu ys şeýle bir ýarady welin, ol
şol pursatda dünýäsini unutdy oturyberdi. Özüniň itdigi,
bu gelýäniň möjekdigi hem onuň hakydasyna gelmedi. Ysy
halap, öwran-öwran şemaly ysgady. Ysgadygyça hem ol
endamy gowşap, süňňüne süýji bir ysgynsyzlygyň aralaşýanyny syzdy. Soňundanam seňk-senk etdi-de, şol ysyň
gelýän tarapyna gitdi. Birsalymdan ol öňünde möjegiň öz
ýoluna seredip, gulaklaryny hekgerdip höwesli ýalmanyp
duranyny gördi.
Bu möjek iki-üç aýlykda Alabaý bilen Gaplaňa öz taýyny
aldyryp, ýeke galan möjekdi. Onuň şu golaýda ýaşap,
awlap-suwlaýany hem bellidi. Çopanlar onuň it yzyna meňzeş
yzyny häli-şindi çägesöw ýerlerde, güzerleriň golaýynda
görerdiler. Möjek yzlarynyň bir tapawudy, o-da dyrnaklarynyň uzyndan ýitiligidi.
Alabaý birmeýdan möjek bilen kowalaşyp, ysgaşyp
oýnady.
Olar Gün dogup gelýärkä tirkeşip, möjegiň sürenine
gelip girdiler. Şol günden soň Alabaý üçin täze bir durmuş
başlandy. Alabaýyň ilki-ilkiler möjege meňzäp, sürülere
çapawulçylyk etmäge it ynsaby çatmady. Ýöne açlyk oňa hem
tiz öz diýenini etdirdi. Ol garnyny doýurýança ölenini-öçenini
bilmän aw gözläp düwledi. Olar gündizlerini, köplenç, salkyn
sürende ýatyp geçirerdiler. Diňe garaňky gatlyşansoň,
ýüzlerini garaňka tutup, tirkeşip giderdiler. Bir sürä
çapawulçylyk edip, garynlaryny otarardylar. Ýöne haçanda
Alabaýyň güjüklemeli wagty golaý gelende, ol sürenden
uzaga gidip bilmedi. Indi awa gidýän möjegiň bir özüdi.
Möjek, köplenç, yzyna boş gelmezdi. Bir gezek haýsydyr bir
370
semiz goýnuň gulagyndan möjek emeli bilen dişläp, ýany
bilen ylgadyp getirse, ýene bir gezekde baryp bir sürä kürsäp
urardy-da, iýip bilen guýruk ýagyny iýerdi, soňundanam
sürene gelip gägirerdi-de, iýen zatlarynyň eslisini agzyndan
dökerdi. Ene möjegi naharlaýşy ýaly, dert edip Alabaýy
naharlardy.
Möjek awa giden mahaly, süreniň agzyna baryp, onuň
giden tarapyna seredip oturmak Alabaýa endik boldy. Käte
ol şol oturan ýerinde irkilip, haýsydyr bir mal-gara geçip
ýa-da möjegiň özi basga düşüp bir ýerlerden tasap geläýmese,
şol ýerde ertire çenli uklap galardy.
***
Tomsuň başlarynda Alabaý oturyp-oturyp tukat günleriniň aňyrsyna çykdy. Üç sany güjük dogurdy, özüne
güýmenje tapyndy. Her gün aýagyna çolaşyp ýören güjükleri
bilen tut-da-bas bolup ýakalaşyp oýnady. Güjükler bir-birlerinden
kem oturmajak, haklaryny gidermejek bolşup çir-çitirdiler,
gören hereketlerini özleriçe gaýtalap barha taplanýardylar.
Alabaýy ýekesiremäge goýmaýardylar.
Güjükler ers-mers bolşup ugransoňlar, olaryň garagolluklary köpeldi, birini dişläp, indi has daryşgan bolup
ugran süreniň törüne zyňdym etse, ýene beýlekisi daşaryk,
açyk meýdana ylgardy.
Güjükleriň yzyna eýerjegine gözi ýetensoň, möjek olary
öz gününe goýmady. Yzyna düşürip, ikiýana at salyp
elewredi. Maslyga gonan bürgütleri kowalap oýnady.
Haçanda sürä çozulan mahaly hemişe Alabaý öňe düşerdi.
Onuň möjekler ýaly kürsäp sürä urmasy, guýruk parçalap
iýmäge gyssanmasy bolmazdy. Ordany çopanyň garaşmadyk
ýerinden çykaryp, «ýurdy belet çapar» ederdi. Birde sürini
bölüp, mal tazykdyrsa, ýene birde göni goşuň üstünden inip,
çopanyň zähresini ýarardy.
371
Häli-şindi sürä çozup, urdumşalyk edip ugransoňlar
möjekleriň meýlisi uzaga çekmedi. Obadan üç-dört mergen
gelip, olaň ugruna ymykly çykdylar, yz çalyp töwerege gözleg
saldylar. Yzlar kelek gyryň aşak etegindäki sürene ýetip
tükendi. Ýöne Gün batyp, töwerek ýagşy garaňkyraýança
görnen zat bolmady. Şemal ugruny üýtgedensoň, awçylar
yga ötüp, ýene-de pursat peýläp ýatdylar. Ilki bilen süreniň
töründen emedekläp diýen ýaly gelen daş-töweregi ünsli
synlap diňşirgenen köpek möjegiň özi boldy. Ol hiç zat
aňmasa-da, meýdana çykyp gidibermäge gyssanmady.
Özgeler hem onuň hereketlerini özleriçe gaýtalap, esli salym
ysyrganyşyp, garaňkylyga seredişip durdular. Diňe
birhaýukdan tirkeş-tirkeş bolşup meýdana ýöneldiler.
Duýdansyz yzly-yzyna çykan tüpeň seslerinden soň
möjekler birnäçe sekuntlap okuň nireden gelýänini
duýýançalar, sandyraklaşyp durdular. Zähresi ýarylan
Alabaý ok degen çagalarynyň çyňsamasyny eşitse-de,
birmeýdan yzyna gözlemän gaçdy. Ok-tüpeňden saýlanyp,
yzyna göz aýlan mahaly ol özüniň ýekedigine göz ýetirdi.
Birmeýdan näderini bilmän ikiýana elewräp alňasady. Sesini
süýkdürip, uzyn-uzyn uwlap gördi. Ir ertire çenli garaşsa-da,
Alabaýyň yzyndan gelen zat bolmady, dolanyp yzyna - sürene
barmaga bolsa onuň bogny ysmady. Ol seçme degen ýerleriniň
ganyny ýalap, guran otuň üstünde birmeýdan ýaralaryň
barha syrkyrap agyrýanyny syzyp ýatdy. Süňňüni nähilidir
bir agyrlyk basmarlady, ýerinden turup gidere rowgaty
ýetmedi, dikelip-dikelmänkä aýaklary diýenini etmän, agyp
gitdi.
Synanyşyklaryň peýdasyzdygyna göz ýetiren bolsa gerek,
ol özüne tarap gelýän adamlary görse-de, baş alyp bir tarapa
gaçjak bolmady. Kellesini göterip, özüne tarap gelýänleri
synlady. Öz gezmelän ýerlerinde gan tegmillerini gördi.
Ýaragly adamlaryň biri göni Alabaýyň üstünden geldi. Ol
ilk-ä geňirgendi, soňundanam nämedir bir zady ýatlap,
372
gaşlaryny çytyp gaharlandy. Töweregine seretdi-de, elini
bulap beýleden barýan iki ýoldaşyny hem ýanyna çagyrdy.
Düşnüksiz bir zatlary hüňürdäp, Alabaýa sögündi.
Çakylyga gelen adamlaryň biri Alabaýy tanady. Alabaý
bolsa bu adamy hol beýleden gelýärkä tanapdy. Bu adam şol
çopandy. Eger ol tüpeň çenän ýoldaşyna «saklan» diýen
yşaraty etmedik bolsa, tüpeň ýene birnäçe sekuntdan
pöwhüldäp göçäýmelidi.
Çopan Alabaýy özi bilen goşa getirdi. Ony goýun güýlen
ýaly pugta güýlüp, agzyny sarady-da, pyçagynyň ujy bilen
onuň endamynda sümlüp galan seçmeleri köwleşdirip aldy.
Otda demir gyzdyryp ýaralary daglaşdyrdy. Şundan soň
Alabaý sagalsa-da sagaldy welin, onuň bir aýagy biraz agsady.
***
Bu gün eşek öldüren aldajy gün boldy. Günüň ýüzi
lowurdap duran hem bolsa, howa sowukdy. Telim günden
bäri ýatan garyň üstündäki ýylpyldylar bu gün has-da
ýitileşipdiler. Asmandaky onda-munda görünýän bulutlarda
hereket ýokdy, olar şol ýerde müdimilik doňup galana
meňzeýärdiler.
Giçlik welin aram şemal öwsüp, howanyň gylygy üýtgäp
ugrady. Doňup duran bulutlara jan girdi. Birsalymdan Gün
hem bir tarapa ýitirim boldy.
Asman buluda öwrülip, tutuşlygyna aşak inip gelýäne
döndi.
Alabaý bir belanyň gopjagyny duýup, eşegiň üstünde
tüýli possuna çolanyp, irkiljiräp oturan çolugyň töwereginde
çyňsap aýlanyp başlady.
Çoluk Alabaýyň birahat hereketlerinden hiç zat
aňşyrmady, gaýta, azgyrylyp ony ýanyndan kowdy. Alabaý
häzir bu ýerde çopanyň özi bolanlygynda hemme işiň başgaça
boljakdygyny, onuň sürini gyssagly toplap, ýataga
sürjekdigini ýatlady. Çoluk welin howany synlamaga,
373
Alabaýyň, Gaplaňyň howpy duýup çyňsamasyndan, elewräp
ýörmeginden netije çykarmaga gyssanmady. Gaýta, barha
possuna çümüldi.
Çopan oba gidipdi. Alabaý düýn ol düýeli barýarka onuň
yzyndan ýetip, birki gyr ugradypdy. Diňe çopan düýeden
düşüp, adyny tutup ýüz-gözlerini sypaşdyransoň, goşa tarap
elini uzadyp, bir zatlar diýensoň, ol yzyna öwrülip gelipdi.
Ol hemişe çopan oba giden mahaly ony şeýdip ugradardy.
Garyň ysy gelýän harasat güýjedigiçe, çolugyň kejebesi
daralyp ugrady. Süňňüne sowuk aralaşyp, süri bir ýerde uzak
saklanmady. Çolugyň garaşmadyk ýerinden böwsülip,
aşaklygyna indi-de, tutuş süri şemalyň ugruna tarap
eňiberdi. Çoluk bilen Alabaý soňra näçe elewräp ylgasa-da,
peýdasy degmedi.
Tizden çoluk hem bir ýerlere ýitirim boldy. Indi süriniň
yzynda Alabaýyň bir özi galdy. Alabaý gapdallap ylgap
süriniň öňüne geçdi, öňden gelýän boýny jaňly serkäniň
üstüne üýrüp, ony saklajak boldy. Hemişe öňüne geçip bir
üýrdügi, serpilip yzyna gaýdýan süri bu gezek oňa
üýrýämiňem diýmedi. Ol zordan sil ýaly akyp gelýän süriniň
öňünden sowulmaga ýetişdi.
«Men bärde» diýýän ýaly, birki gezek üýrüp gördi, emma
onuň dadyna ýetişen adam bolmady. Indi Alabaýa süri niräk
gitse gidip, niräk sowulsa sowlup, olaryň başyny jem saklap
ýörmekden başga alaç galmady. Gara daňdanlar şemal
kiparlap, dünýä öz katdyna gelip ugrady. Ikiýana selpäp,
halys surnugan Alabaýa şundan soň sürini saklajak bolmak
hem gerek bolmady. Süriniň özi aýak çekdi. Töwerege
ümsümlik aralaşdy.
Gün dogansoň töwerek has-da açyldy.
Goýunlar günortana çenli ýerlerinden gozganmady.
Öýlänler töwerekdäki çöpleriň arasyna ýaýrap, şol ýerde
biraz tamşandylar.
374
Alabaý nätanyş gürrüldini eşidip, alaňa çykan mahaly
iki sany del adamyň özüne tarap gelýändigini gördi. Olar it
üýrüp, ot-elek bolup daş-töwereklerinden aýlanyp ugransoň,
Alabaýyň rejesiniň geň däldigini duýup aýak çekdiler. Öz
aralarynda bir zat bir zatlar diýişdiler. Soň olaryň biri
aldyrany bar ýaly, maşynyny sürüp yzyna gitdi, beýlekisi
bolsa şol ýerde elini arkasyna tutup gezmelemäge başlady.
Birsalymdan Alabaý hälki giden maşynyň ýene yzyna
göni özüne tarap gelýänini gördi. Maşyn gelip duransoň
ondan ýene-de iki adam düşdi, Alabaý olaryň birini hol
aralykdan tanap begendi. O-da «Alabaý» diýip, onuň adyny
tutup gygyrdy. Alabaý bilen çopan biri-birlerine tarap
okduryldylar.
***
Bir ýola Alabaý sürä golaýlap gaçan şagaly kowalap,
ýurtdan çykaryp, esli eglenip gelende çopan oňa bir zatlar
diýip erbet sögündi. Alabaý çopanyň näme diýenine
düşünmese-de, onuň hereketlerini synlap, bir bolmasy işiň
bolanyny syzdy, hakykatdanam, it duýgusy ony aldamandy.
Çopan damagy çeýnelen goýnuň ilki birini, soňundanam
başga birini süýräp onuň öňüne getirdi.
Alabaý möjegiň işini dessine tanady, kimdir birinden
gorkan ýaly kiçelip, aşak egildi. Halallamaga ýetişen
malynyň derisini sypyryp duran çopan, birsalymdan
gaňrylyp seredende, Alabaýyň gözünde buldurap duran ýaş
damjalaryny gördi. Alabaý birsalym töweregi synlap
duransoň, süriniň daşyndan öwrülibräk geçdi-de, möjek
yzlarynyň giden tarapyna gitdi.
Alabaý yzyndan gelen mahaly möjek olja düşen goýnuň
soňky süňklerini gemrip durdy. Ol ýapydan inip gelýän
Alabaýy görüp işdäsini kemdi, eserdeňlik edip gaýtargy
bermäge taýynlandy. Aňyrdan gazap bilen gelen Alabaý özüni
düýrmegi bilen möjegiň üstüne zyňdy. Möjek hem çarpaýa
375
galyp, ondan kem galmady, çem gelen ýerden agyz saldy.
Birsalym ýakalaşykdan soň Alabaý güýjüň deň däldigine göz
ýetiren bolsa gerek, yza - ýapa tarap çekilip arkasyny kerte
diredi. Pursat peýledi. Ýakalaşylan ýerden kiçijik çal tozan
ody tutaşyp ugran tamdyr tüssesine meňzäp ýokarlygyna
göterildi. Garpyşyk ýene dowam etdi. Birden möjek aýylganç
çyňsap, özüniň ejizlänini mälim etdi, nirädir bir ýere gaçjak
boldy. Emma indi giçdi, onuň bokurdagy Alabaýyň dişiniň
astyna düşüpdi. Köpi gören Alabaý indi ony ýagdaý bilen
dişläp, erniniň iki tarapyndan dem alýardy, möjegiň
bokurdagyndan pürkülýän ýyly gan onuň ýüz-gözüni ölmyžžyk edipdi. Alabaý etjegini edip, içini sowadansoň bir
çete çekilip, möjegi arkaýyn ölmäge goýdy. Ýene birsalymdan
ol ganyny tasadyp ýatan möjegiň özüne birhili naýynjar
nazar bilen seredýänini, kellesini göterip bir zatlar aňdyryp,
çyňsajak bolýandygyny gördi. Alabaýyň it gözleriniň bir
zatlar aňanlygy belli boldy, birazdan ol ot-elek boldy-da
çyňsap, möjegiň töwereginde aýlanyp ugrady. Häliden
gözlerinde ot bolup ýanan gazap ýitirim boldy.
Aýaklaryndan, ýüzünden akýan ganlaryny unudyp,
möjegi ysgaşdyrdy. Onuň öz dogran güjükleriniň biridigini
tanady...
Şol günden birki gün geçensoň, onuň yzyny yzarlap,
gözleg salyp gelen çopan uruş bolan ýerden Alabaýyň
maslygyny tapdy. Onuň ýanynda bolsa bir it pisint,
bokurdagy çeýnelen peç kelle möjek hem dişine çaň syradyp
ýatyrdy...
1975
376
GOJA
Gurban mergen eşegini sürüp obadan çykanda, şindi
jahan ýagtylmaga ýetişmändi. Diňe arka tarapdan, gijäniň
etegi az-kem çyzgalyp, bir dilkaw açyk meýdan akjaryp
görünýärdi. Mergen tanyş jülge bilen ýene biraz gidensoň,
ukusyndan açylyp, süňňüniň ýeňläp ugranyny duýdy, donuny
düzedişdirip, guşagyny dartyşdyrdy.
Indi oňa oba sarsgyn berip aňňyrýan eşekleriň sesi,
bisaýhal üýrýän itleriň gowurdysy, horazlaryň inçeden ýiti
sesleri sähelçe eşidilýärdi. Soňabaka bu sesler hem gök eşegiň
aýaklaryna eýgermediler.
Ýezgeniň tanyş ysy haplap burnuna uran mahaly, şindi
daş-töwerek görünmese-de, mergen özüniň ýezgenlä gelip
girendigini andy. Ulagyny saklap, gojalara mahsus goýazylyk
bilen töweregini synlap birmeýdan durdy. Özüniň çöli diýseň
küýsändigini syzdy.
Ol çöle mundan öň, birki ýyllykda dolanmakçydy, ony
eglän, hemişe aňynda gezip ýören, ak köýneklije, başy
tahýalyja oglanjyk boldy. Ol mergene hernä şu sypatda, şu
geýimde görnerdi.
Oglanjyk kämahal uzynly gün onuň ýanyndan aýrylman,
tirkeşer ýörerdi.
Mergen bujagaz oglanyň dünýä inerine köp garaşypdy.
Öz pikir edişine görä, oglanjyk ata-babadan bäri nesilden-nesle
geçip gelýän hyrly tüpeňe hem mirasdüşerlik etmelidi,
çerkezli-çetili, özünden öňküleriň süňňi goşulan çölde oýnap
ösmelidi.
377
Goja käte özüniň çagalyk küýüne getiren oý-pikirlerini
ýatlap, oglanjygy hem hut şol oý-pikirler bilen oýlandyrardy.
Şundanam özüçe lezzet alardy. Häzirem ol oglanjygyň:
«Kimdir biri çölüň aşagynda ot ýakýandyr, şonuň üçinem
çölüň üsti gyzgyn bolýandyr» diýip, bir mahalky öz pikiri
bilen pikirlenýändigine birjik-de şübhe edenokdy.
Mergen öýden çykan mahaly salkynda birneme ýol
geçmegi ýüregine düwen hem bolsa, ýezgenliden gidip,
awuny agtarmaga howlukmady. Onun hiç mahal «Pylan
derede-hä aw kändir» diýip, ýelesar ýere selpäp, özüni
heläklemesi bolmazdy. Hernä, awuň ugruna çykmazdan öň,
durup howanyň öwzaýyny synlardy, haýsy pasylda duranyny
hakydasyna getirerdi, awlanjak haýwanyň hüý-häsiýetini
ýadyna salardy. Ol diňe şu zatlary ýatlap, ölçerip-dökenden
soň, awuň ugruna çykardy. Onuň pikir edişine görä beletlik
her awça mahsus bolaýmaly esasy zatlaryň biridi.
Goja birsellem könelişen gözleri bilen äpet gämä meňzäp
gijelikden saýlanyp gelýän göre-gündizi synlansoň, ýene oýa
batdy. Hemişe çöl bilen ikiçäk galanda bolşy ýaly, ýene-de
onuň ýadyna çölüň bereketli döwri düşdi. Sürlenişip
ýapylaryň ýüzüni tutup ýören keýikler göz öňüne geldi...
Hakykatynda welin iş düýbünden başgaçady, soňky
ýyllarda aw awlamak has rykgatlaşypdy. Ýyndam ulaglardan,
atgyr ýaraglardan zähresi ýarylan keýikler adam aýagynyň
az sekýän ýerlerine ymykly çekilip, ýat bolupdylar.
Köp wagt geçen hem bolsa şol ýaz güni, özüniň ilkinji
ýola awa giden gezegi Gurban mergeniň heniz hem
ýadyndady.
Ejesi oňa şol gezek ýat oba, daýylaryna gidende
geýdirilýän ak köýnegi sandykdan çykaryp beripdi. Aýagyna
çokaý, kellesine kakasynyň tahýasyny sokdular.
Mergen ol mahal on-on iki ýaşly ýigdekçedi.
Iki-üç awçynyň telim bir keýigi atyp, maslykdan küdam
edenini hem, keýik kelleleriniň onda-munda pytraşyp
378
ýatanyny hem ol şol gün ilkinji gezek görüpdi. Şonda
kakasynyň çytylyp awçylara närazylyk bildirip diýen sözleri
hem onuň ýadyndady: «Bu nähili pälazanlyk-how, adamlar!
Bir-ikini atyp, nebis diýlen zada, haý diýläýse-de bordy
ahyryn... Hasapsyz zat bolmazmyşyn özün-ä».
Şol gezek Gurban bu urdumşalygy ýürek bilen ýigrenipdi. Ýöne birnäçe ýyl geçensoň «Ýylanyň ýigrenen çöpi
narpyz, olam hininiň agzynda gögärmiş» diýleni boldy.
Uruş ýyllarynda kolhoz ony ýörite keýik atyp, et
taýynlaýan awçylar brigadasyna ýolbaşçy edip belledi.
Şol günler her gün näçe keýik atýanyny, köplenç, onuň
özi-de ýatdan çykarardy, atan keýigini ýykylan ýerinde siňek
basmazlygy üçin çägä duwlansoň, bellik edip, başga bir awuň
ugruna çykardy.
Bu zatlaryň hemmesi hakykat bolsa-da, indi onuň üçin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.