Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01

Total number of words is 3612
Total number of unique words is 2211
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AGAGELDI ALLANAZAROW
AK ÝELKEN
(Powestler we nowellalar)
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2008
1
UOK 894.361
A 47
A 47
A.Allanazarow
Ak ýelken. Powestler we nowellalar. - A.: Türkmen
döwlet neşriýat gullugy, 2008.
Tanymal türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyň «Ak
ýelken» atly kitabyna onuň okyjylar tarapyndan gyzgyn
garşylanan powestleridir nowellalary girizildi.
Şeýle-de ol eserleriň ençemesi dürli döwürlerde daşary
ýurt dilleriniň hem onlarçasyna terjime edilip, öz mynasybetini gazandy.
Agageldi Allanazarowyň kyssa eserleri özüniň pelsepe
örüsiniň giňligi, milliligi, durmuşy, ynsan häsiýetini
dartgynly hadysalaryň üsti bilen açyp görkezýänligi bilen
tapawutlanýar.
TDKP ¹ 25, 2008
KBK 84 Tür 7
© Allanazarow A., 2008.
2
MILLI MERTEBE MUKAMY
Çeper edebiýat näme?
Edebi zehin näme?
Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-şahyrlar
orta çykýar. Her täze zehiniň edebiýat meýdanyna gelmegi bilen,
ýokarky soraglaryň jogaby gitdigiçe aýdyňlaşaýjak ýaly welin,
tersine, ol barha çylşyrymlaşýar. Sebäbi her bir çyn zehin
edebiýata heniz belli bolmadyk öwüşginler, öwrümler, tärler,
keşpler getirýär. Anha, onsoň, ýaňybir çözgüdini tapdym
edeňkirlän sowalyň üstüne täze sowallar münýär.
...Çärýek asyr mundan öň, ýaşajyk talypkak, «Sowet
edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda şol wagtky ýaş ýazyjy
Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne» atly ilkinji powesti çap
edildi. Mugallymlaryň maslahaty bilen, Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda bu eser barada pikir
alyşmagy karar etdik. Maslahata ýazyjynyň özem geldi. Şonda
talyp talabymyz, gögele gömelteýligimiz, jahyl jedelkeşligimiz
bilen, powestiň üstüne topulyşymyz ýadyma düşýär. Ýazyjynyň
bar aýdylanlary ünsli, sabyrly diňläp oturyşam ýadymda...
Şeýle bir hekaýat bar:
Allatagala aty ýaradansoň, beýleki janly-jandarlary ýygnap,
bu işe baha bermeklerini sorapdyr. Şonda düýe birýandan çykyp:
«Bu janawaryň galan ýer-ä bolýar welin, şu boýnunam has egri
eden bolsaň, juda owadan boljak eken» diýipdir. Soňra eşek
aýdypdyr: «Şunuň gulaklaram meniňki ýaly uzyndan salpyrak
edilen bolsa, tüýs gelşigine geljek eken». Öküzem öz gezeginde
bögürip, bu atyň synasynda ýekeje ýetmeziň bardygyny - iki sany
şahyň kemterlik edýändigini ýaňzydypdyr.
3
Biziňkem şol gezek şo «synçylaryňky» ýaly bolaýdy öýdýän.
Eýsem, bizi şol wagt gyjyklan, öjükdiren zatlar nämedi?
Ilkinji nobatda, powestiň şol wagtky edebiýat teoriýasynyň köp
kada-kanunlaryna gabat gelmeýänligidi. Iň bir üşerden zatlaryň
birem - powestiň diliniň ýylmanak, owadan jümlelerden ybarat
däl-de, birhili, büdür-südürräkmi, tikenliräkmi, tokga-tokgarakmy,
aý, garaz, başgaçalygydy...
Indi görüp otursak, şo zatlar «Ýedi dänäniň» kemçiligi
däl-de, eýsem, artykmaçlygy, türkmen edebiýatyndaky başgaça,
üýtgeşik bir kyssanyň başlangyjy eken. Mugallymlarymyz ala-böle
şol poweste biziň ünsümizi çekmäge çalyşmalaram ýöne ýerden
däl eken.
...Ynha, bu gün şol «Ýedi däne» ýene elimde. Bu eser bilen
bir döwürräkde, nusgalyk hökmünde öňe sürlen keşpleriň,
gahrymanlaryň köpüsi möwritini ötürip, döwrebaplygyny ýitirdi.
Emma esger Nazarowyň welin şol juwanlygy, şol garagol
hyýalbentligi, şol açykgöwün sadalygy.
Agageldi Allanazarowyň ýazyş usulam, onuň gahrymanlaram, daşyndan göräýmäge, sadalaç ýaly. Emma olaryň dünýäsine
içgin aralaşdygyňça, şol sadalygyň aňyrsynda nähili çuňlugyň,
nähili öwrümleriň ýatandygyny görüp, haýran galýarsyň. Ynha
goja awçy bilen agtyjagy çöl içinde tirkeşip, hümürdeşip, käte
bir-birlerine sala salşyp, käte-de bir-birini gižželäp gidip
barýarlar. Gojanyň bu gün awy oňanok. Ol muňa öz agtygynyň
ýanynda niçikler müýnürgeýär, öz-özüne käýinýär, agtygyna
beren sözüniň yzynda durup bilmeýänligine örtenýär. Emma...
ýaňky gojanyň yzyna düşüp gelýän oglanjygyň entek bu dünýäniň
dirileriniň hatarynda ýokdugyny, onuň şindi niçe ýyllar bäri diňe
gojanyň hyýalynda, arzuwynda ýaşap ýörenligini soň-soň aňşyryp
galýarsyň («Goja» hekaýasy).
Şeýle duýdansyz öwrümler, ýönekeý zatlaryň arasynda
gizlenen çuňňur, müdimilik pikirler, pelsepeler ýazyjynyň
eserleriniň islendik döwürde, islendik ýurtda höwes bilen
okalmagyny üpjün edip bilýär.
...Ýazyjynyň eserlerinden çen tutup, ony haçan, näçe ýaşynda
ýazanlygyny anyklamak kyn däl. Sebäbi ýazyjy diňe bir ömrüň
dowamynda ençeme adamyň ömrüni ýaşamaga ýetişýär. Şonuň
4
üçinem ol öz eserinde bir görseň, neresse çaga ýaly, bir görseňem,
köpügören, pähimdar goja ýaly. Şu ýerde häzirki zamanyň iň uly
ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatowyň Agageldi Allanazarowyň
«Şol bir gezek uçan it» atly eserine uly baha berip ýazan
sözbaşysyndaky «Çagalara uly bolup görünmegiň hökman bolşy
ýaly, ululara hem çaga bolup görmek hökman» diýen sözleri
ýadyňa düşýär. Şu sözleri ilkinji nobatda ýazyja degişli hasap
edip, ony şeýleräk düşündirmek mümkin: ýazyja çagaka-ha uly
bolup, uluka-da çaga bolup, hatda, bagyşlaň weli, at ýa-da it,
gurtmudyr guş bolubam görmek hökman.
Eger şeýle bolmasa, «Iner ýüki», «Çat açan menzil», «Gyr
atyň howalasy», «Şol bir gezek uçan it» ýaly powestleri, «Ak
ýelken», «Goja», «Zenan bagty», «Urşa giden adam», «Çabdary»
ýaly hekaýalary nädip ýazjak?
Ynha, «Iner ýüki» uruş döwründe kakasynyň, agalarynyň,
umuman, tutuş «serdarlar» neberesiniň erkekleriniň ornuna
galyp, şolaryň barynyň ýüküni öz ejizje gerdenlerine alan
oglanjyk. Ony okasaňyz, bu eseri ýazan adamyň uruşdan has soň,
1948-nji ýylda doglandygyna ynanmarsyňyzam.
«Çat açan menzil» bolsa sizi ondanam has aňryk - XX asyryň
20-nji ýyllaryna tarap alyp gider.
Ýa-da «Şol bir gezek uçan it» atly erteki-powesti okap: «Bu
adam itleriň, möjekdir tilkileriň ýa-da garaguşlaryň dilini nireden
bilýärkä?» diýip, geňler galmagyňyz gaty ähtimal.
Hawa, hakyky ýazyjy şeýle diýdirip bilýär.
Ýok, ýazyjam asmandan inäýenok. O-da iller ýaly, ýerde
doglup, ilki emedekläp, soň deň-duşlary bilen basalaşyp, kowalaşyp, okap, işläp ulalýar. Ýöne şol ulalmanyň barşynda, ol köp
zatlary başgaça görýär, başgaça eşidýär. Şo-ol bir gezek görlen
wakalar, eşidilen sözler beýlekileriň gözüne-gulagyna ilenem
däldir ýa-da ilen badyna ýatdan çykyp gidendir. Emma o zatlar
geljekki ýazyjynyň welin ömürlik ýüregine ornap, beýnisine
çümüp galýar. Bagty gelibem köp zatlaryň täsiri bilen, şol
görlen-eşidilenlerden täsin-täsin eserler döreýär.
Ýeri gelende, ýazyjy Agageldi Allanazarowyň terjimehaly
hakda-da öz bilýänlerimi aýdyp bereýin. Ol, öňde aýdyşym ýaly,
1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda dünýä
5. Sargyt
5
inýär. Obalaryndaky orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan
dessine-de Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebine okuwa
girýär. Bu ýerde onuň edebiýat älemindäki ilkinji şowly ädimlerine
ýol açylýar. Soňra ol goşun gullugyna çagyrylyp, desantçylaryň
sapynda gulluk borjuny abraý bilen berjaý edýär. Şol wagta çenli
ýazyp ýetişen goşgularydyr kyssa eserleriniň kömegi bilen, harby
gullugyň yzysüre, Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat
institutyna okuwa kabul edilýär. Şol okuwy tamamlaýança-da ol
özüniň özbaşdak döredijilik ýoluny diňe saýgaryp-seljermek däl,
eýsem, şol ýoly ägirt-ägirt halypalar tarapyndan ykrar etdirmäge-de
ýetişýär.
Agageldi Allanazarowyň edebiýat meýdanyna şeýle ynamly
gelip, bada-badam ol ýerde öz ornuny tapmagynyň tötänlik ýa-da
«arkalylyk» däldigini ýazyjynyň soňra yzly-yzyna neşir edilen
«Günüň öýi», «At gaýraty», «A» ýazýan», «Ýedi däne», «Iner
ýüki», «Üç murtlak kapitan», «Çat açan menzil», «Gyr atyň
howalasy» ýaly kitaplary hem-de dünýäniň dürli dillerinde çykan
beýleki köp sanly eserleri subut etdi. Edebiýatda bitiren
hyzmatlary üçin ýazyjy 1983-nji ýylda Türkmenistanyň edebiýat
we sungat boýunça Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Çyn bagşyny sesinden, sazandany kakuwyndan, çyn bedewi
toýnak urşundan tanap bolýar. Eýsem, hakyky ýazyjyny haýsy
alamatlardan tanasa bolar?
Şeýleräk bir ahwalat, belki, size-de tanyşdyr: öň bir ussadyň
elinden çykan gowy goşgynyň ýa-da aýdymyň, hatda kyssa eseriniň käbir setirleri oslagsyz ýagdaýda birden hakydaňa gelýär-de,
hiňleneniňi ýa-da pyşyrdanyňy duýman galýarsyň. Şonda ol
setirler öz kalbyň bir ýerlerinden çogup gelýän ýalam bolaýýar.
Sebäbi olar ýürege şeýle bir ýakyn, şeýle bir mähriban...
Golaýda men Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň tabşyrygy
bilen, Ata Gowşudowyň «Dordepel» kitabyna sözbaşy ýazmak üçin
kelle döwýärkäm, «Dordepel mydama biziň ganymyzda at salyp
ýör» diýlen jümle dilime geldi-de, begenip muny ur-tut kagyza
geçirmekçi boldum. Soňam aýdyma meňzeş bu üýtgeşik jümläniň
şeýle aňsat tapylaýşyna geň galyp, gitdim iňkise. G.Ezizowdyr
H.Kulyýewden başlap, öz eý görýän şahyrlarymyň barynyň
diwanlaryny dörüp çykdym. Iň soňda-da...
6
«Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyň güpürdisi
eşidilýär. Soňundanam şol güpürdä meňzeş sazlaşykly urgular
kem-kemden meniň ýüregimi eýeläp ugraýar. Her gezek ýüregim
at toýnaklarynyň sesi bilen bir perdeden gopup ugran mahaly
Gyr at dabyrdap, meniň ganymda aýlanyp ugraýar...»
Bu setirler asyl Agageldi Allanazarowyň «Gyr atyň howalasy»
atly powestinde öňräkden bäri lowurdap duran bolsa nätjek!
Ýazyjylykda iňňän synçy göz bilen jam ýaly gulak hem duýgur
ýürek örän derwaýysdyr welin, şol gözdür gulagyň hem ýüregiň
tapan zatlaryny beýana salmak üçin gaty jadyly dilem gerek.
Ynha, ýokarda ýatlanan powestden ýene bir parçajyk:
«Gyr at her ýerden bir basyp, göwün imrindirip çapan mahaly,
ony görmäge göz gerek. Agzybir inişip düşýän toýnaklaryň
aşagyndan ot syçraýar. Töweregiň süňňünde maýdaja saňňyldy
peýda bolýar. Gyr at şemala ýazylyp, pasyrdaýar. Ol haýsy menzile
ýetse, bada-bat şol menzil özgermek bilen. Töwerek lowurdap,
öýe täze gelin giren ýaly, göze ýakymly alamata öwrülýär. Gyr at
seleň meýdan bilen otlary göwüsläp gelýän wagty, ol kükregi bilen
tolkunlary öňüne salyp, daş-töweregine suw syçradyp, suwdan
çykyp gelýän suw atyna meňzeýär».
Agageldi Allanazarow näme hakda ýazsa-da, bar zada jan
salyp, bar zady adamlaşdyryp hem-de... türkmenleşdirip bilýär.
Şu ýerde ýaşuly galamdaşlarymyzyň biriniň Agageldi
Allanazarowyň döredijiligi hakda şeýleräk pikir aýdany ýadyma
düşýär: Agageldi ýazan zadyna öz adyny ýazmasa-da, onuň
şonuňkydygyny bir alamatdan - türkmen äheňinden, diňe
türkmene mahsus bolan inçe zatlary tutuşyndan bilse bolýar.
Muny başarmak üçin bolsa, ganyňda mydama Gyr at iki ýana
dabyrap, at salyp ýören bolmaly.
Agageldi Allanazarow, iň bärkisi, «Sallam-sajak bulutlary
döw münen ýaly münüp geljek ýaz ýagmyry» diýip ýazanda-da
göwnüňe, şol döwe meňzeş bulutlaryň gerşinde türkmeniň buýrabuýra silkme telpegi görnüp giden ýaly bolýar. Bu häsiýeti, bu
alamaty «Millilik» diýlen söz bilen düşündirse bolar.
Agageldi Allanazarowyň eserleri dünýäniň haýsy ýurdunda
(Russiýada, Ýewropada, Ýaponiýada, türki dillerde) çap edilse-de,
onuň tutuş döredijiligine mahsus bolan millilik öwüşgini bada-bat
7
göze ilýär. Bu öwüşgin, bu aýratynlyk has-da gowy, aýyl-saýyl
görünýän bolsa gerek.
Agageldi Allanazarowyň eserleriniň Moskwada çykan
ýygyndysyna belli rus edebiýatçysy, terjimeçi W.Orlowyň ýazan
sözbaşysynda şeýle diýilýär: «Hatda kim-de-kim entek
Türkmenistanda bolmadyk-da bolsa, onuň ýurdunyň bol çoguna
çoýunmadyk, ol ýerde ýaşaýan giň göwrümli, mertebeli,
zähmetsöýer halky görmedigem bolsa, Agageldi Allanazarowy
okansoň, ol ýurdy söýüp, sarpalap, hormat goýup ugraýaň. Bu
häsiýet diňe hakyky, milli ýazyjynyň döredijiligine mahsus...»
Millilik - gaty inçe, düşünmesi kyn düşünje. Muňa öň
ýazyjynyň artykmaçlygyny, ussatlygyny aňladýan söz däl-de,
eýsem, onuň garşysyna ulanylýan ullakan aýypnama hökmünde
seredilen wagtlaram boldy. Emma Agageldi Allanazarow ýaly çyn
ýazyjylar şo döwürlerde-de milli bolmaklykdan gorkmadylar.
Muny aňan Kerim Gurbannepesow ýaly ägirt halypalaram: «Bu
zaluwatjyk... türkmen ata çykmaly diýýär, oňa Gyr atyň howalasy
gerek diýýär» diýmekden, ony goldamakdan çekinmändiler.
Eýsem, eseriňe nädip «milli» diýdirip bolýar? Don-telpek
bilenmi? Atdyr düýe bilenmi? Ýa-da pajarly, haýbatly, gabarak
sözler bilenmi?
Ýok. Ýok-la!
Sen müň keren, million gezek «Türkmen! Men - türkmen!!!»
diýip gygyraý, seniň o gykylygyňa pitiwa etjek ýokdur.
Emma eserleriňde ar-namys, abraý üçin, özünden on esse
güýçli adamlar bilen, olaryň aždarha ýaly itleri bilen dikleşmekden
gorkmaýan oglanjygyňam keşbini döredip bilseň («Iner ýüki»),
onda seniňem, ol oglanjygyňam kimdigini soraman bilerler.
Türkmen häsiýetiniň edil Görogly ýaly murtlaryny towlap,
gözlerini alardyp, ör-boýuna galýan pursadyny siz «Çöl kanuny»
atly hekaýada-da görersiňiz. Ol häsiýet bu gezek Jumagylyjyň
we onuň garryja ejesiniň keşbinde jemlenipdir.
Ynha, Jumagylyç öz gandar duşmany - bolşewik esgerbaşysy
Semýony ölümden halas edip, ýaralaryny bejerip, indem ugradyp
barýar. Duşmany ilk-ä oňa müňkürlenýär, soňam nädip
minnetdarlygyny aýan etjegini bilenok. Ine-de, Jumagylyjyň iň
soňky sözleri:
8
«- Ýoluňa git, ýoluňa. Seniň bilen takal okaşyp durara
mende wagt ýok. Sen meni göreňok, menem seni. Onsoňam, men
seni halas edemok, seni türkmen agaň arkama-arka aýlanyp
ýören, ejize eýe çykmak däbi halas etdi.
...Şuny bilip goý! Sen meni nirede görseňem, aýamagyn,
gözümden urgun! Duş geläýseň, mendenem gowulyga garaşma...»
Indiki duşuşykda Jumagylyç Semýonyň esgerleriniň okundan
wepat bolýar. Emma diňe namartlyk däl, eýsem, mertligem
ýokuşagan zat bolara çemeli. Semýon öz hereketi üçin özüne
nämäň garaşýanlygyny bilip dursa-da, Jumagylyjyň jesedini çöl
ýerde gurda-guşa taşlap gaýdybermäge razy däl.
«Näme üçin Jumagylyja meni - gyzyl komandiri ölümden
halas etmek bolýar-da, maňa onuň jesedini adam ýaly jaýlamak
bolmaýarmyş? Oňa çölüň kanunyny ýatlap, ölümiň çukuryna aýak
sallap oturan duşmanyny alyp galyp, ata-babalara hormat etmek
bolýarmyş-da, men näme üçin hiç bir kitaba ýazylmadyk bu
ýagşylygy etmeli dälmişim!? Onsoňam, galyberse-de, menem şu
çölde doguldym ahyryn.»
Agageldi Allanazarowyň gahrymanlarynyň aglabasy, anha,
şol ýazylmadyk, ýowuz, ýöne adyl kanun boýunça hereket
edýärler. Şonuň üçinem, olary öldürip, ýok edip bolýar, emma
ýeňip bolanok.
Ony ýazyjy hiç ýerde gönüläp aýdanok, ony okyjynyň öz-özi,
öz ýanyndan pyşyrdap aýdýar.
Ony aýtdyrýan - Agageldi Allanazarowyň diňe ynsan-gahrymanlaryna däl, haýwan-gahrymanlaryna-da («Şol bir gezek uçan
itdäki» Möngözlüje, «Çabdarydaky» Çabdary we beýlekiler)
mahsus bolan mertlik, merdanalyk sypaty. Agageldi Allanazarowyň gahrymanlary ykbal çaýkawynyň herjüre oýunlaryna
sezewar bolsalar-da, şol mertlik mertebesini ýitirmän bilýärler.
Şeýle gahrymanlary bolan edebiýaty, şeýle edebiýaty bolan
milleti hiç güýç ýeňip bilmez. Sebäbi bu edebiýatyň, bu mertligiň
aňyrsy gaty düýpden - Oguz handyr Gorkut atadan, Görogludyr
Magtymguludan, Seýdidir N.Saryhanowdan... hem Agageldi
Allanazarow ýaly täze güýçlerden gaýdýar. Türkmende bu güýç
tükenmeýär.
9
Türkmeni täzeden ata çykaran Beýik Galkynyşlar eýýamy
bu gün şeýle güýçlere, şeýle eserlere giň ýol açdy. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly
ilbähbitli tagallalary netijesinde edebiýatyň, sungatyň iň gowy
nusgalaryny goldamaga, olary halk köpçüligine ýetirmäge, ýaş
nesli şol nusgalaryň ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilikler
döredi.
Türkmende «Sen daga dag diýseň, dagam saňa dag diýer»
diýen dana söz bar. Agageldi Allanazarowyňky ýaly gowy eserleri
goldasaň, apalasaň, düşünseň hem düşündirseň, ol eserlerem öz
gezeginde halkyna, Watanyna, döwrüne bimöçber nepini ýetirip,
olaryň abraýyny öňküsindenem artdyryp bilýär.
...Size şu aýdan zatlarymy ýazmak üçin Agageldi
Allanazarowyň eserlerini, gör, näçenji gezek gaýtadan okap
çykdym. Şeýdibem, men bu ajaýyp ýazyjyny özüm üçin ýene-de
bir gezek täzeden açdym. Oňa täzeçe düşündim. Şeýle bagty men,
mähriban okyjylar, size-de arzuw edýärin!
Kömek KULYÝEW,
ýazyjy.
10
Powestler
11
ÝEDI DÄNE
Ilkinji puryja
Ýaz günleriniň birisidi. Men polkumyzyň gyzyl ýyldyzly
ýaşyl derwezesinden çykdym-da, ilerligine dolanyp, şähere
eltýän ýodajyga düşüp gitdim.
Esger kemerini bilime guşanalym bäri, bu meniň ilkinji
gezek rugsada gidip barşymdy. Şähere golaýlaşdygymça,
näme üçindir, aýaklarymyň biri-birinden ýeňil
gopýandygyny syzyp ugradym.
«...Suratyňy iber, oglan, nähili esger bolduňkaň,
göresimiz gelýär!» diýip, her hatynda diýen ýaly sargyt edýän
enemdir gelnime tizden suratymyň gowuşjagy, olary
begendirjegim ýadyma düşüp ýylgyrjaklaýardym.
Gönimden gelsem, öz esger geýimli suratyma özümiňem
seredesim gelmän duranokdy.
Şähere gelip, surata duşülýän jaýa girip çykanymdan
soň, men öz ýanymdan, bu aladamy biten işleriň hasabyna
geçirip arkaýynlandym. Şu aralykda şäheriň naýza boýy
ýokarsynda gaýmalaşyp, bir-birlerine süýkenişip ýören ýalta
bulutlar hem aýalaryny sähelçe açmaga ýetişen ekenler.
Garşymdaky baglara seredenimde, dür guraw akja
damjalaryň ýaňy pyntyk ýaran baglara düşüp, ondanam
aşaklygyna «taýdym-taýdym» oýnaýandyklaryny gördüm.
Köçelerde şäherlilere goşulyp birmeýdan gezmelämson,
büdür-südür kerpiç düşelen ýoda gelip düşdüm. Ýodajyk
şäheriň gündogar etegine, jaýlaryň barha seýrekläp tükenýän
12
ýerine alyp barýardy. Ol ýerden derýanyň ürken aty ýadyňa
salyp, şäheriň daşyndan öwrüm edip akýanyny men
ozaldanam bilýärdim. Şindize çenli kenarda oturyp, derýany
ine-gana synlamadygam bolsam, bireýýämler men ol derýa
bilen dostlaşmaga ýetişipdim. Biz, harbylar, häli-şindi
maşynly onuň üstünden geçerdik. Şonda men edil bir ýakyn
adamymy göräýjek ýaly bolup boýnumy süýndürerdim-de,
oňa hyrydar serederdim. Kenar häzir tomusdaky şadyhorramlygyny birneme ýitiren ekeni. Indi bu ýerde gülşüp,
pažžyldaşyp öwhä atyşýan gyzlaram göze ilmeýärdiler,
derýanyň içinde kebelekleşip ýören gaýyklaram
görnenokdylar. Şeýle-de bolsa, ünsüňi çekäýjek zatlaryň bu
kenarda entegem ýetikdigini, ýalaňaç daşa münüp, az-kem
oturaňsoň duýsa bolýardy.
Kenardaky tolkun ugruna sähelçe hallan atyp duran
balykçy gaýyklary, onda-munda çeňňekleri bilen başagaý
bolşup ýören gojalardyr şaňňy seslije oglanjyklar, häli-şindi
güzerlere gelip gidýän eli bedreli gyz-gelinler häzir bu kenara
başga bir täsinlik berýärdi.
Garşy kenardaky etegini ýokaryk çeken ýolka agaçlary,
suwdan girip geçmek hyýalyna münen baldyrlak gyzlary
ýadyňa salyp, süýji-süýji hyýallara münmegiňe sebäp
bolýardy.
Men kenardaky yranyşyp duran balykçy gaýyklarynyň
birine giremsoň, ýene-de esli wagtlap töweregimi synlap,
süýji hyýala çümüp oturdym. Käte-de kenardan gysymlap
alan owunjak daşlarym bilen, töweregimdäki tolkunlary
kesekläp, hiç bir maksatsyz dänjiredim.
Ýöne mendäki bu arkaýynlyk uzaga çekmedi.
Jübülerimi sermelän ellerim boş çykmadyk bolsady, onda
meniň entejikler bu kenarda çekenämi ýaýradyp
oturjakdygym çynymdy. Mundan soň içime şetdaly salnana
döndi. Ynjalygym gaçdy. Ellerime ynanman, jübülerimi
13
çöwrüşdiribem seredişdirdim, rugsat kagyzym weli, edil ýer
ýuwdan ýalydy, hiç ýerde-de ýok.
Ine, şeýdibem meniň ir ertir alçy gopan keýpim
günortana ýetip-ýetmänem, tükgerdi ýatyberdi.
Egin-eşigiň-ä barlanma kemi galmady, hany indi deriňi
sypyryp, oň aşaklaryna-da bir seredip gör. Haý-haý, seniň
kelle bolaýşyňy... - diýip, men özüme käýindim.
Şundan soň bu ýerde uzak eglenmäge meniň gurbatym
çatmady. Gaýykdan düşdüm-de, ýeriň pessi bilen yzyma
dolanmak bilen boluberdim. Derýanyň boýuny syryp
birmeýdan ýörämsoň, kenardan başlanýan ýapyýokary
köçeleriň birine düşüp, ýokarlygyna ýöräp gitdim.
Meniň pikir edişime görä, bu köçe patrul dabanlarynyň
örän seýrek, negade bir düşýän çolaja köçeleriň biri
bolmalydy. Çaklama pikirim bilen ylalaşanym üçin bolsa
gerek, töweregime ýaltaklamamy goýup, birneme arkaýynlanypdyryn. Şeýlelik bilen, diňe bir özümiň müýnlüligimi
däl, nireden gelip niräk barýanymy hem unudyberen ekenim.
- Desantçy!.. Gwardiýaçy, aýak çekiň!
Diňe häzir ýeňsämden şu merdemsi sesi eşidip,
hüşgärligiň elden gidenligi hakydama geldi. Aýak çekip,
sesiň çykan tarapyna gaňrylyp seretdim. Ol ýerden bolsa ýany
iki esgerli bir inçemik uzyn serkerde ýeňil-ýeňil ädimläp,
maňa tarap gelýärdi. Häzir olaryň menden ilki bilen rugsat
kagyzymy talap etjekleri ikuçsuzdy.
- Nätsemkäm?..
Göz açyp-ýumasy salym men öz ýüregimiň barha güýçlenýän gürsüldisine diňşirgendim.
Az-kem özümi ýitirenligimi hem duýdum, aýaklarym
sähelçe sandyraklaşýardylar. Ýöne kelläme bu hyýalyň
nireden gelenligi welin belli däl, men birdenkä merdemsilendim-de, «Duran tutular» edip, barýan köçäm bilen atylyp
gitdim.
14
Menden beýle jogaba garaşmadyk patrullar hem
paýyrdaşyp meniň söbügime mündüler. Birhaýukdan yzyma
seredenimde, üçlükden saýlanan leýtenantyň aralygy ep-esli
ýygyrmaga ýetişenligini gördüm. Şundan soň maňa başga
bir çykalga gözlemelidigim anyk boldy. Ýogsam, olaryň
ellerine düşüp, boýnumy sallap, önlerinde gitjegim
ikuçsuzdy.
Öňümde keseren köp gatly äpet jaýa ýetip, men onuň
girelgeleriniň çem gelen birine kürsäp urdum.
Ol ýerde-de ilkibada özümi nirede gizlejegimi bilmän,
iki ýana elewredim. Şol barmana-da gapylary sermeläp
ýörşüme, ahyram bir açyk gapy tapyldy. Itdim. Tasap giren
jaýymyň içinde üç adam nahar stolunyň başynda günortanlyk
edinip oturan ekeni. Olar çagyrylmadyk myhmany
görenlerinde, «Bu kim?... Bu kim..?» diýen manyda
geňirgenişip, bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Ortada
oturan adam stola elini diräp ornundan turanynda, men ony
kimdir bir tanyş adama meňzetdim. Ýöne onuň peşeneli
ýüzüne dikanlap näçe seretsem-de, nirede görenim welin
wagty bilen hakydama gelmedi.
Sag tarapda oturan çit köýnekli dolmuş aýal äm-säm
bolup henizem meniň ýüzüme seredýärdi. Örülmedik zire
saçlaryny bir gujak edip, ýaýyp ýeňsä goýberen gyz jaýda
oturanlaryň üçünji biridi. Ol agzyna salmak üçin ýabaga
mündüren kolbasa bölejigini hem unudyp oturyşyna,
mylaýym gözleri bilen meni geňirgeýärdi.
Häzir men özüme dikilen bu gözleriň garşysynda eräp
duran buz tümmegi ýaly bir zatdym.
Bedenimden çeşmeleýän der düwmejikleri aýamy zol-zol
maňlaýyma ýetirmäge mejbur edýärdi.
- Bagyşlaweriň... mümkin bolsa, men şu ýerde üç-dört
minut duraýyn... - diýip, gapynyň agzynda haslap durşuma,
ahyry dillendim.
15
Ornundan turan dogumly adam meni kimleriň kowalaýanyny aňan bolsa gerek, ol ýakyn bir howandaryma meňzäp,
eýemsiräp käýindi:
- Sizem birwagt akylly-başly adam bolarmykaňyz? Öz
bolup ýörşüňize özüňiz bir düşünsediňiz...
Dolmuş aýal azajyk gobsunansoň, adamsyna seredip,
meniň tarapymy çaldy.
- Kolýa! Gerek däl... gerek däl-le.
Elini arkasyna tutup, jaýyň içinde dähedem-dessemläp
başlan dogumly adam, näme üçindir, şundan soň bir sözem
diýmedi. Onuň ýene-de bir zat diýmäge hyýallanan küti
dodaklary diňe müňküldeşmek bilen oňaýdylar.
Tizden gapa golaýlaýan aýak sesleri eşidilip ugrady. Olar
gelişlerine, gapylary gezekli gezegine kakyp, meni
soraýardylar. Soňundanam ötünç soraşyp, başga bir gapa
ýönelýärdiler. Men şindizem işigiň agzynda ädigimiň
burnuna seredip durun. Käte-de stoluň aşagyndaky kepderi
topuk zenan aýajyklaryna hem gözümiň gytagyny aýlanymy
duýman galýaryn.
Suw içim salym geçip-geçmänkä, kakylma nobaty meniň
duran jaýymyň gapysyna ýetdi. Häliden bäri meniň bu ýerde
peýda bolmagymy düýş hasaplap oturan gyz ejesiniň
ümlänini görüp, dessine onuň näme diýjek bolýanyny aňdy.
Ýeňillik bilen ornundan turup, goňşy otagyň gapysyny iterdi:
- Giriň!
Men mürähede ýakyn bolamsoň, bu sözi iki gaýtalatmadym. Gyz maňa oturara orun görkezip, güýmener ýaly
gazet-žurnallary hem öňüme suýşürişdirdi. Şundan soň onuň
özi-de «Ogonýok» žurnalyndan birini alyp, meniň garşymdaky oturgyja geçip oturdy.
Men bu giňiş, tämiz jaýda az-kem oturamsoň ynjaldym.
Açyk penjireden jaýyň içine girýän sergin şemal, bu gyzyň
saçlarynyň arasyndan süzülip geçýärdi-de, haýsydyr bir
ajaýyp gülüň burk urýan ysyny meniň burnuma getirýärdi.
16
Ýöne gulagym gapyda bolansoň, meniň gazet okabam,
surat görübem şeýle bir wejim bolmady.
Içeri gezip ýören gözlerim bolsa, meni ýene-de oňaýsyz
ýagdaýa saldy. Gapynyň çep tarapynda duran asajy görüp,
men özümiň oýunda utulanymy boýun almaly boldum. Ol
ýerde täzeje serkerde lybasy asylgy durdy. Bu öýüň öz
komandirlerimiziň biri maýor Tarasowyň öýüdigi maňa diňe
häzir mälim boldy. Ýaňy gaçyp gelip, tasap öýe girenimde-de,
men ony bir tanyş ýüze meňzedipdim-le, ýöne beýle oňaýsyz
ýagdaýa düşerin diýen oý welin, kelläme-de gelmändi.
Egninde harby geýimi bolaýan bolsa, men ony dessine
tanaýjagam ekenim.
Ýeri gelende, eneli-gyz ikileşip, meniň bu günki
«towşan» bolmagymyň sebäbini hem soraşdylar. Eden işim
ýatlanylanda, birneme utanan hem bolsam, meniň bu
hoşgylaw adamlardan syr saklasym gelmedi. Bolan wakany
«a-syndan başlap ýa-syna» çenli bolşy-bolşy ýaly edip
aýtmaga çalyşdym.
Eneli-gyz meniň gürrüňimi diňläp oturyşlaryna bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, keýpihonluk bilen ýylgyrjaklaşýardylar. Daşky jaýda bolsa, ýeke galan komandir, haýsydyr
bir nätanyş aýdymjygy burnuna salyp hiňlenýärdi.
Harby biletimi sorap alan eneli-gyz goňşy jaýa ötensoň,
ümsümlik ýene-de meniň depämde agramyny saldamlady.
Boýnumy uzadyp, açyk penjireden sereden mahalym, meniň
bir ýerden gara bererime garaşyp, peteň bolan harbylaryň
parahat ädimleşip dolanyp barýanlaryny gördüm.
Goňşy jaýdan dolanyp gelen aýalyň elinde öz ýitiren
kagyzymy göreminde, ilki geňirgenenem bolsam, soňundan
utandym. Şol bada-da ony nirede gizlänim ýadyma düşdi.
Men ony ýitiräýmekden çekinip, harby biletimiň arkasyna
salyp gizläpdim ahyryn. Şundan soň biziň gürrüňimiz
has-da gyzyşdy. Çit köýnekli dolmuş aýal meniň öňümde
kitap sahypalaryna meňzäp açyldy. Ol özleriniňem adamsy
2. Sargyt
17
Tarasowyň leýtenant ýyllary, meniň dogduk mekanym
Guşguda iki ýyllap ýaşandyklaryny aýtdy.
Badhyzyň, onuň üsti çigildemli baýyrlarynyň
ýatlanmagy meniň bu maşgala bilen has-da içgin
ysnyşmagyma sebäp boldy. Bu aýala Nina Ýewstigneýewa
diýilýänligini, gyzyň adynyň Tanýadygyny men diňe häzir
bildim. Birhaýukdan, öý aladalary ýadyna düşen bolsa gerek,
Nina Ýewstigneýewa bizi jaýda ikiçäk galdyryp, aşhana
geçdi. Az-kem gürleşemsoň, men Tanýanyňam özüm ýaly
kitaphon-jedelkeş ekenligini syzyp ugradym. Eger sagat
bölüme köwlenmeli wagtymyň ýetip gelýänini habar
bermedik bolsady, onda men entekler Tanýa bilen köp
gürrüňiň başyny agyrtmakçydym.
Men öý eýelerine eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk
bildiremsoň, hoşlaşyp öz ýoluma gaýtdym. Geýmäge
gyssanan plaşyny eline alan Tanýa köçä çykyp barýarkam,
ylgap meniň yzymdan ýetdi.
- Meniňem ugrum siz tarapa...
- Örän gowy, ýörüň, birden iki ýagşy diýipdirler.
- Joram siziň golaýyňyzda ýaşaýar, üstüňden gelerin,
bile kino gideris diýipdim.
Ýagyş köljagazlarynyň üsti bilen öwüsýän mylaýymja
şemal töwerekdäki hemme zatlary göwünjeňlik bilen
sypalaýardy. Tanýanyň saçlaryny bulaşdyryp oýnaýardy.
- Men soňky döwürde bir zatlar, bir zatlar ýazyp-bozmany
çykarypdyryn - diýip, gürrüňimiziň kesilmegini halamadyk
Tanýa täzeden dillendi.
- Näme, edebi eser dagy ýazýaňyzmy, ýazyp gutarsaňyz
bize-de okadaweriň! - diýip, men degişmä saldym.
- Ýo-ok, ýok-la, mendenem bir eser ýazan bolarmy, men
ýöne gyzyklanyp obalaryň, şäherleriň döreýşi hakynda öz
görüp-eşiden gürrüňlerimi ýazyşdyran bolýaryn. Depderimiň
ep-esli bölegini bolsa gyz atlarynyň gelip çykyşy tutýar.
18
Tanýa bu zatlary çöpleýşi barada aýdansoň, gürrüňini
öwrüp öz sorasy gelýän soragynyň üstünden getirdi. Ol meniň
diňe bir diňleýji bolman, geplemegimi hem islän bolsa gerek,
maňa garaşmadyk soragymy berdi.
- Siziň pikiriňizçe, haýsy at gyz atlarynyň iň oňady?
- Ýazjemal - diýip, men berlen soraga bada-bat ilki öz
gelnimiň adyny tutup jogap berenimi-de duýman galdym.
Tanýa nobatdaky soragy bermegiň deregine, aşak seredip,
köpmanyly ýylgyrdy. Ýene-de ümsümlik Tanýa ikimiziň
aralygymyzda hiňňildik guranyp uçdy.
Gyzyl ýyldyzly ýaşyl derweze öňümizi kesensoň, Tanýa
ikimiz aýak çekdik. Birsalym biziň bölümimiz tarapdan
gelýän aýdym seslerine diňşirgenişip durduk.
- Rugsat alsaňyz, bize gelersiňiz-ä, ind-ä näme, ejem,
kakam bilenem ildeş bolup çykdyňyz?
- Nesip bolsa! - Men ynamsyz dillendim.
- Eger gelmeseňiz görüň-dä, gaty görjegimiz-ä hakdyr
ýa-da ine, şu adrese hatjagaz ýazaýyň, rugsada çyksaňyz,
özüm sizi gözläp tapaýaryn.
Men Tanýanyň öý adresini ýazyp uzadan kagyz bölejigini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.