Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06

Total number of words is 3826
Total number of unique words is 2122
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Şu oglan alan kitaplaryny okaman, suratyny görüp getirýän
bolaýmasyn» diýip, pikir etmegine sebäp bolandygy mälim
boldy.
- Şu ýassyk ýaly kitaby eýýäm okadyňmy?
- Okadym.
Men özümde müýn duýmanym üçin pert jogap berdim.
Göroglyny men enemden erteki hökmünde eşidenlerimi
hasaba almanymda-da, öňem birki gezek okap çykypdym.
Enem aýtmyşlaýyn, atamda onuň latyn elipbiýinde çykan
neşirem bar ekeni. Atam onuň daşyna mata tutduryp,
mollaçar adamlaryň kitap saklaýşy ýaly apalap saklar ekeni.
Gijeler orta kersen düňderilip, onuň üstüne pelteli çyra
çykandan soň, atam ony ýanyna oturmaga gelen adamlara
okap berer ekeni. Ýazyr ýegen bolsa namasyna gezek gelende,
ony özüniň labyzly sesi bilen aýdym edip aýdypdyr. Ýöne uruş
turandan soň, tiz ol kitap biziň öýümizden gürüm-jürüm
bolupdyr. Atam urşa giden günleri kimdir biriniň ol kitaby
sorap, okamaga alany enemiň ýadynda. Ýöne ol adamyň
kimdigini enem asla ýadyna düşürip bilenok. Arnageldi
aganyň gepinden çen tutsaň, ol uruşda Ýazyr ýegen bilen
bile bolanmyş. Ine, şol wagtal-wagtal töweregine türki
kowumlardan bolan esgerleri üýşürip, daşlary sylha-sylha
bolan bir «Göroglyny» okar ekeni.
Ol Kanotop diýen ýerde wepat bolanmyş. Bir üýşmeleňde
şu gürrüňi eşidelim bäri, şol Ýazyr ýegeniň ýanynda göterip
okan «Göroglusy» atamyň kitaby bolsa gerek diýen pikirem
kelläme gelmän duranok. Sebäbi nirede Watan üçin jeň bolsa,
Görogly hem şol ýerde bormuş.
87
- Hany onda, ýigit, birsalym atyşyp içeli. - Taýyr aga
meniň bilen, hamala, gapdaly ýeke çemçeli - bir tabak unaşyň
başyna geçen äheňde gürledi. - Yzyňa bir seret oglum,
kowgular nä halda?
- Ata, ol köp atlar tozana bulaşyp galdy. Ýöne bir al
atlynyň kowşy gaty.
- Reňki al bolsa, ol çakandyr, Günüň aşagyna gaç, oglum,
ol basym yzyňdan galar. Çakan atyň gözi Güne bolmazmyşyn.
- Ol atlam galdy. Indi bir ýyndam gara dor atly kowýar,
ata!
- Gara dor bolsa, jeňňelden-jeňňele, tokaýdan-tokaýa
tutduryber. Beýle reňk, köplenç, ozaly gotur bolan atda
bolýandyr. Onuň ýedi ýylsyz gijisi galmazmyş.
- Ata, indi hälki atlam galdy welin, bir ýyndam boz atly
gaty kowýar.
- Oglum, hany töweregiňe bir seret, heý, şu golaýda
dag barmy?
- Bar, ata.
- Onda daga-daşa tutduryber. Boz atyň toýnagy dagdaşa bolmaz.
- Ata, öňkem galdy welin, ýene-de bir demir gyr atly
gaty kowýar.
- Sap gyr-a däldir, oglum?
- Ýok, ata.
- Halys gyr bolmasa bolýar. Sürüber. Bizi kowup ýetmek
demir gyra ýaraşmaz!
Taýyr aga, Jygaly beg bolup sorag berip, meniň kitaby
okanymy, okamanymy barlady.
Menem oňa öz gezegimde atasyny atyna artlaşdyryp,
Hüňkaryň netinden gaçyryp, Üçgümmez dagyna göçürip alyp
barýan Röwşen-Görogly bolup, onuň soraglaryna jogap
berdim. Şundan soň Taýyr aga bilen meniň aramda beýle
sorag-jogap bolmady. Men muny öz ýanymdan kitaplaryň
88
suratyny görmek üçin almaýanlygymy. Taýyr aga subut eden
hökmünde kabul etdim.
...Penjiräniň önüne barmak hakyndaky pikirime dolanyp
gelen mahalym, düýn ir ertirki bolan waka ýadyma düşüp,
birdenem ýylgyryp goýberdim.
...Ýakynda öýe düşen gelinleriň birisi iki eli bedreli
ýapdan suw alyp dolanyp gelýän ekeni. Atlaz-parça çolanan
gelniň çola köçe bilen sallanyp gelşini synlamak ýakymlydy.
Onuň bolup gelşi ýeri gyratlap uçup gelýän zer-zerbap dolagly
ýabantowugy ýadyňa salýardy. Boýnundaky Güne meňzeş
gülýakasynyň şelpeleri agzybirlik bilen şyňňyrdaýardylar.
Ol biziň öýümiziň deňine ýetiberende, garşydan pilini öňüne
kese basyp gelýän eşekli adam göründi. Gelin ol gelýäni
tanadymy, nämemi, ýoldan sowuldy-da, bedrelerini ýere
düşürmek bilen boldy. Eşekli gabada gelen mahaly bolsa, ony
özüne gaýyn saýyp, eglip oňa eda bilen salam berdi.
Ol adam gaňňanyň üstünde eýläk-beýläk oýkanjyran
mahaly, onuň gyzyl-çyzyla bolmaýan adamdygy äşgär boldy
oturyberdi. Bu ýerden tizräk ötmek niýeti bilen eşegiň boýny
diýip salýan taýagy hem net eden ýerine degmän, dik depeden
inip, gök eşegi duran ýerinde ters aýlady. Eşekli adamyň
gelni görüp aljyrap, elden-aýakdan galyp, üýtgäp boluberşi
bir rowaýatdaky çopany meniň ýadyma salyp, gülkimi
tutdurdy. Enem maňa at müneniň hemem jübüsi altynly
adamyň ýüreginiň suwly bolýandygy hakynda gürrüň
beripdi.
Gadymy adamlar baran ýerlerinde ýürekleriniň suwly
bolmagy üçin giden ýerlerine at münüp, jübülerine hem bir
bölek altyn atyp, eselip gider ekenler. Çopan hakyndaky
rowaýaty bolsa men oba toýlarynyň birinde eşidipdim.
... Bir ýola bir pukara çopan baýdan hak-heşdegini
soramak üçin onuň ýanyna gelipdir. Baý çopany öýe salyp,
ojak başynda oturdyp, onuň habaryny alypdyr.
89
- Baý aga, biz-ä hiç kime dözmän oturan gujagy gor
bir maşgalaň bar diýip, eşidip geldik. Indi şony berip, ikimizi
maksat-myrada ýetiräýseň diýip geldim!
Şeý diýipdir-de, çopanyň dili onuň pikirindäki dileglerden başga zatlary diläp ugrapdyr. Ýogsam, ol aňyrdan
gelende: «Baýdan un dilärin, çörek dilärin, berse bir laý
geýim-gejim dilärin» diýip, päli peslik bilen muňalyp gelýän
ekeni. Baý öz öýüne belet bolansoň, dessine nämäniň-nämedigine
göz ýetiripdir-de, çopana ojak başyndan biraz beýleräk
çekilip oturmagy maslahat beripdir. Çopan gapdala çekilipdir
welin, ine, onsoň ýaňky «gyz» diýip, «gujak» diýip kükräp
oturan adam «duz» diýip, «biýz» diýip mysapyr gepleri tapyp
otyr diýýär. Soň görlüp oturylsa, çopanyň oturan ýerinde
bir torba altyn gömlen ekeni. Ony galgadyp ýokary perdä
çykaryp, hetdinden aşyryp, gep-sözüni üýtgedip oturanam
şol altyn ekeni.
Penjiräniň öňüne barasym gelse-de, düşekden welin
galasym gelenokdy. Oýalykda ýylyjak ýorgana çümüp, hyýala
berlip, göwün islegiňe ýetip, bagtly bolup ýatmak ýakymlydy.
...Howalasy belent Gyr at ýene-de bir ýerlerden çykyp
gözýetimdäki üsti keçe basyrylgy öýe meňzäp oturan baýryň
depesine göterildi. Baýyr işigi şundan soň ýene-de atly,
dokuzy doly öýe meňzedi...
Onuň bilen ilki haçan duşuşanymy, haçandan bäri oňa
guwanyp ýörenim anyk hakydamda ýok. Ol atyň kitaplar
bilen iç döküşip ugranymdan soň, öz aňymda peýda bolanyny
welin bilýärin. Özi-de ol at meniň jaýyň diwaryna kakyp
goýan, wagtal-wagtal oturyp guwanç bilen synlaýan iki
deňemik bolup duran suratdaky Gyr atyma diýseň meňzeş.
Ol Gyr atlaryň biriniň üstünde egni galkanly, bili düýrme
gylyçly Çardagly Çandybiliň soltany Görogly beg otyr.
Suratlaryň ikinjisini men mundan üç-dört aý öň daýymyň
beren altyn çaýylan peroly awtoruçkasy bilen çalşyp alypdym.
Ol surat marşal Žukowyň Göroglynyň atyna meňzeş Gyr atyň
90
üstünde - 1945-nji ýylda Moskwada Ýeňiş paradyny kabul
edýän pursadydy. Onuň Ýeňiş paradyny türkmen atyna
atlanyp kabul edendigini gazetler ýazypdylar. Şol iki ata
meňzeş üçünji bir Gyr at hakynda bolsa häli-häzire özümden
özge hiç kim zat bilenok. Men ony hemmelerden gizlin saklamagyň pikirinde. Ýogsam näler, ol hakynda eneme gürrüňem
beresim gelýärdi. Ýöne beýtsem, enemiň meni bir derde
ýolugandyr öýdüp, howsala düşübermegi mümkin. Gowusy,
goý, o-da häli-häzire bu barada hiç zat bilmesin. Onsuzam ol
maňa: «Oglum, näme şol gaty alaşa diýip oý-pikire gark bolup
ýörsüň. Münülmedik şol at bolsun!» diýýär. Enem üçünji
Gyr at, meniň öz Gyr atym hakynda bir gün hökman biler.
Ýene-de begener-de, «Tüweleme, oglum. Sen agynjak ataň
özi. Sen öýümizi ýene-de ata çykardyň» diýer.
...An-ha, meniň Gyr atym ýene-de gözýetimde peýda
boldy.
Ol seleň meýdanlaryň otlaryny göwüsläp, her ýerden bir
basyp çapyp gelýär.
Her gezek Gyr at şeýdip dagy dag, düzi düz yzyna tirkäp
gelýän mahaly, men özümi, soňundanam bütin dünýäni
unudýaryn. Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyň
güpürdisi eşidilýär. Soňundanam şol güpürdä meňzeş
sazlaşykly urgular kem-kemden meniň süňňümi eýeleýär.
Her gezek ýüregim şeýdip at toýňaklarynyň sesi bilen bir
perdeden gopup ugran mahaly, men ýene-de özümi Gyr atyň
üstünde görýärin.
91
INER ÝÜKI
I
Agam Nurlynyň şol gezek ýüzüme seredişi hele-bärde
meniň ýadymdan çykyp gidibermedi. Ol maňa şeýle içgin
hiç mahal seretmedik bolsa gerek, özümiň-ä ýadyma düşenok.
... Şol gün tomsuň ilkinji günleriniň biridi. Bu wagta
çenli biziň maşgalamyz ýurdumyzyň bir ýerlerinde gidip
duran urşuň şatysyndan ýeterlik dadypdy.
Kiçi gelnejem Aýsonanyň adamsy Döwlet kakamyň
patasyny biz geçen ýyl, heniz ejemiň özi aýak üstünde gezip
ýörkä alypdyk. Uly agam Agamyrat urşa giden uçurlary
yzly-yzyna üç-dört hat iberenem bolsa, o-da indi hat ýazmasyny kesipdi. Diňe işçi batalýonyndaky kakam mahal-mahal
hat ýazyp, bize göwünlik berýärdi.
Agam Nurly bolsa biziň öýden «urşa» diýip çykan
dördunji adamdy. Kakam bilen iki agam gideli bäri ol öýüň
kethudasy bolup galypdy.
Gelnejelerimiň ikisi-de ony özleriçe sylardylar, oňa
guwanardylar. Ol guwanjy men gelnejelerimiň göreçlerinde
görerdim. Her bir işde maslahat salyp, öý eýesi hökmünde
onuň pikirini diňlärdiler. Gelnejelerimiň bu akylynyň
aňyrsynda men olaryň öz ojaklaryna bolan hormatyň
ýatanlygyny bilýärdim. Ýogsam, olaryň hersi bir ýaňa
çekäýenlerinde-de, Nurlynyň elinden näme gelerdi.
Nurly hem öz gezeginde hakyky öý eýesi bolmak üçin
çir-çitirdi. Giç ýatyp, ir turardy. Bizi kakamdyr agalarymyň yzynda hor-homsy etmezligiň ýollaryny agtarardy.
92
Käte ol meni özi bilen derýa boýuna äkidip, gizlinje
çeňňek gurnup, balyk tutýan ýerlerini görkezerdi. Bu onuň
kakamdyr agalarym gidensoň, biziň üçin ýörite tapan azyk
çeşmeleriniň biridi.
Çeňňekleriň birine ulurak balyk dagy düşäýse dagy, bar
onsoň, biz hezil edinerdik, bir ýerden ýag tapynyp
gowurynyp, daş-töweregimiz bilen üýşüşip iýerdik. Ýöne,
köplenç, çeňňeklere şapbat ýaly ýa-da ondanam kiçi
balyjaklar düşerdi. Gelnejem, köplenç, olary daşlaryna
palçyk çalyp, közde bişirerdi.
Nurly obadan çykýança ony bir özüm ugratdym.
Gelnejelerimiň bozulyşyp aglaýyşlaryny göresi gelmedik
borly, ol iki gelnejem, jigilerim, Donly aga, goňşy-golamlar
bilen işigimiziň öňünde hoşlaşdy. Şol gezek ol birinji gezek
meniň hakyky adymy hem tutdy, ýogsam bolsa, öýde ýörgünli
adym «Ýazly akga» ýa-da «Ýemşik bedredi». Maňa şeýle jana
degiji lakamlaryň dakylmagyndan ýakyn adamlarymyň her
biri özüçe lezzet alardy. Ejem «Ady kemsidilip tutulan adama
göz degmezmiş» diýen yryma ynanyp, köplenç, meniň
lakamymy gysgaldyp, «Ýemşik» diýip tutardy. Hakyky
adymy tutýan diňe iki adam bardy, o-da kakam bilen uly
gelnejemdi. Kakama käte özüme ýakymsyz lakamlaryň
dakylýanyny aýdyp arz edenimde: «Ýagşy ýigidiň ady köp
bormuş, oglum» diýip, göwünlik bererdi. Ýöne kakam
agalarymy ýanyna çagyrar, käýýär, gerek bolsa olara birki
şarpyk hem çalaýmakdan gaýtmaz, emma gaýdyp olary
meniň lakamymy diline almaz ýaly eder diýen tamam welin
ondanam çykmaýardy.
Maňa dakylan bu lakamlaryň hersiniň kiçijigem bolsa
öz taryhy bardy. «Ýemşik bedre» lakamy burnumyň adaty
burunlardan biraz ýemşik bolany üçin diýilse, «Ýazly akga»
adym, özüm-ä bilemok welin, aýdylyşyna görä, üç-dört ýaşly
oglanjyk mahalym «Näme akgama «akga» diýýäňiz-de, maňa
diýeňzok, menem ullakan adam ahyryn» diýip, aglamjyrap
93
ters dawa tutanmyşym. Hatda ýüzüme seredilen wagty
boýumy uzynrak görkezmek üçin daraklygyma hem
galanmyşym.
Agalarym şeýle wakalary ýatlaşyp, bu lakamlaryň
döremegine meniň hut özümi günäkär ederdiler.
Dogrudanam, şol günler meniň wagtyndan öň uly adam
bolasym gelýärdi. Ýöreýşimi-de, oturyşymy-da, gepleýşimi-de
kakamdyr agalaryma meňzetjek bolup çir-çitirdim.
Obamyzda toý bolsa gazan-gazan palawy hemişe meniň
kakam bişirerdi. Özge obalar-a bilemok welin, on-on bäş
gazanda palaw taýynlap, milleti sowmak biz obada erkek
kişileriň işi hasap edilýär. Kakam eli kepgirli palaw
taýynlaýan mahaly ýaş-ýeleňlere «Ony eýdiň, muny beýdiň»
diýip, gazanlarda ýanýan ýaglara esewan bolup ýörşüne
buýruk berişdirerdi.
Oba ony sylardy, bir diýenini iki gaýtalatmazdylar. Öz
ýanymdan men şeýle abraýly kakamyň barlygyna begenerdim.
Uruş turman, hemme zat öňki-öňkülik bolup duranlygynda näsini aýdýaň, meniň bagtymy görüp, höwes
edýänler kändi. Günüm çaga pişigiň güni ýalydy. Üç agasy,
iki ýeňňesi, ata-enesi üstünde bolan adam, ýogsam, nähili
bolmalymyşyn.
... Ýazly, gol doly maşgala indi saňa galdy, inim.
Jigileriňe, gelnejeleriňe göz-gulak bol. Tüweleme, on üç, on
dört ýaşapsyň, indi senem oglan-oglanjyk däl. «Ýagşy niýet
- ýarym döwlet» diýer ekenler, ýagşy niýetde bolgun! Özüm
öwrülip gelsem-ä ne hop, bu aladany hiç kime ýetirmerin,
ýöne pelek işidir, bilip bolmaz, eger gaýdyp gelmek miýesser
bolmaýan wagtynda, meniň boýnumda duran karzlary seniň
özüň üzmeli bolarsyň. - Ol ýuwdundy-da, uly gelnejemiň
bilezigini, kiçi gelnejemiň sümsülesini, gyz gupbasy bilen
bilezigi - hemmesini bilelikde «kömek fonduna» eltip
tabşyrandygyny aýtdy.
94
Tylla çaýylan şol şaý-sepleriň eýýäm topa-tanka öwrülip,
telim duşmanyň bize tarap gelýän ýoluny kesendigini lezzet
almak bilen ýatlady.
Uruş-galmagal gutaransoň, elim agzyma ýeten mahaly
Mary bazaryna gidip, şol zatlary täzeden satyn alyp,
getiribem eýeli-eýelerine gowşuryp, olary razy etmelidigimi
ýatlatdy. Mary bazarynda tapylmajak zadyň bolmajakdygyny, gerek bolsa ol ýerden guş süýdünem tapyp
bolýandygyny nygtady.
Şaý-sep bilen baglanyşykly soňky sözler diýäýmeseň,
Nurlynyň aýdan köp sözlerini men ozalam bir ýola eşidipdim.
Ol sözleri öň kakam bilen uly agam Agamyratdan bir
ýyl soň urşa giden Döwlet kakam aýdyp gidipdi, Nurly häzir
onuň sözlerini özüçe gaýtalap, ony meniň gulagyma
guýýardy.
Onuň ýene-de bir zatlar aýdasy geldi, ýöne näme üçindir,
dodaklar müňküldeşseler-de, Nurlynyň aýdasy gelen zadyny
geplemedi. Ýogsam, kimdir birinden tälke etdi diýer ýaly
hem däl, häzir orta ýoluň üstünde duran bir biz, aga-ini
ikimizdik.
Ýok, ol maňa aýdasy gelen zadyny aýtdy. Hawa, özi-de
adaty aýdylyşyndan birneme başgaçarak, gözleri bilen
ýüregini meniň gözlerime daşap aýtdy.
Şeýle-de bolsa, men wagty bilen onuň özüme näme
diýenini anyklap bilmedim. Hut şonuň üçin bolsa gerek,
Nurlynyň şol gezekki özüme seredişi meniň wagty bilen
ýadymdan çykyp gidibermedi...
II
Gelnejem, Sarygyz üçimiziň üç bolup suw tutýan ýerimiz
obadan ses ýetimlik meýdandy. Bu ýer ýazyň ahyrlarynda
brigadanyň suwçularynyň arasynda bolan paýlanyşyk mahaly
kiçi gelnejem Aýsonanyň bijesine düşüpdi.
95
Gowaça ösüp, iş köpelip ugransoň Sarygyz bilen meni
hem oňa kömekçi edip bellediler. Sarygyzyň meni mylaýymrak bir çakany bolaýmasa, iş oňat ugrugyp gitdi. Ol ilki
göräýende maňa göwniýetmezçilik edipdi.
- Erkek diýip ýanymyza goşýanam şumuka? Suw çeken
gamşa meňzeşräk diýäýmeseň, bolýar eken-dä...
Günler has tiz geçip ugrady. Suwçynyň hysyrdysy özüne
ýetik bolýar, bir atyzy suwaryp, göwnüme jaýladym etseň,
başga bir atyz suwsap-süllerip oturandyr. Şeýle-de bolsa
suwçulardan boşlagragy bir mendim. Häli-şindi oba gidip
gelýänem, ol ýerden gerek-ýaragymyzy getirýänem,
obamyzyň ortasyndaky garakelle radionyň habarlaryny
diňläp gelýänem ýene-de mendim.
Agşamlaryna biz brigadiriň ýylgyndan oňaryp beren
teläriniň üstüne çykyp, şol ýerde serginläp ýatardyk.
Ýyldyzlary, süýtli okara bolup görünýän Aýy synlap, uka
giderdik.
Ilki-ilkiler meni günüň-güni töwerekdäki köne ýaplaryň
içinde metgi bolşup uwlaşýan şagallar üýşendiren hem bolsa,
soňabaka bu zatlar adaty bir zada öwrüldi ötägitdi.
Bu gün ýene-de oba gidip gelmek meniň paýyma düşdi.
«Diliň süýjäp geläýediň-dä» diýip, erkek kişi deýin dogumly,
zeberdes bolany üçin, ady obada «Diň gyz» diýlip tutulýan
Sarygyz öýe äkitmek üçin ýüpe çykan otumy eşege ýükleşip
durşuna ýagşy niýet etdi.
Men düýn däl, öňňin obada bolup, hoş habar bilen
dolanyp gelipdim. Bu habar hemmeleriň köpden bäri eşidesi
gelip ýören habarydy. Diktor biziň goşunlarymyzyň gitlerçi
basybalyjylary Watanymyzyň çäginden kowup çykarandygyny aýdyp, meni begendiripdi. Menem öz gezegimde
gelip, Aýsona gelnejem bilen Sarygyzy begendirdim.
Diktoryň iň soňky aýdanlaryny bolsa, sesimi onuň sesine
meňzedip, dabara bilen, her sözüme agram berip gaýtaladym.
96
- Türkmen ýigitleri hem dürli frontlarda ýüzlerçe
gahrymançylyk görkezip, bu beýik ýeňşe öz mynasyp
goşantlaryny goşdular...
Gelnejem begenjine bäs gelip bilmän sessiz aglady.
Sarygyz bolsa: «Onda indi soldatlar üçin keşdeli börük
tikibermeli-dä?» diýip, der-çaň siňeň saçlaryny sypalan bolup
durşuna, birhili meniň sözlerime ynanmaýan äheňde
gözlerime seredip ýaňsyly gülümsiredi.
- Eliňden näme gelse ediber, Gitler hanyň-a yzyna
şakyrdyk dakyldy - diýip, men öz sözüme ynamsyzlyk
edilenini halaman, Sarygyzyň soragyna gaharlanybrak jogap
gaýtardym.
- Diliňe guwan, başlyk, agzyňdan Hudaý eşitsin. Sarygyz şeý diýdi-de, bizden beýleräkde güýmenen bolup
aglap ýören gelnejeme seredip, çynlakaý görnüşe geçdi.
Men günortanyň önüsyrasy dolanyp geldim. Gelnejem
teläriň kölegesinde gawun iýip oturan ekeni. Ol meniň
eşekden düşenimi görensoň, dyzyna çenli çyzgalan köýnegini
dabanynyň aşagyna çekdi. Men gele-gelmäne suwuň ýagdaýy
bilen gyzyklandym, ýöne gelnejem soragyma jogap bermäge
gyssanmady, ilki bilen jigilerimiň, uly gelnejemiň saglygyny
soraşdyrdy, obanyň täzelikleri bilen gyzyklandy. Meniň
soragyma bolsa, ol öz sowallaryna kanagatlanarly jogaby
alandan soň dolanyp geldi.
Häliräk Sarygyz bilen dykynyň öňüne birki gujak buýan
atyp suwy birneme azaldandyklaryny, ýogsam, onuň özlerine
eýgerderden artyk bolandygyny aýdyşdyrdy.
Men saýanyň gapdalynda ýatan pilimi aldym-da, saka
gidip, suwy köpeldip gelmekçi boldum. Ýöne gapdalyndaky
gawunlary sypaşdyryp ugran gelnejem, birki dilim gawun
iýip gitmegi meniň ýadyma saldy.
- Öz ekenimizdenmi? - diýip, men horjunyň gözünden
torluja tumşuklaryny görkezip ýatan gawunlara seredip
gyzyklandym. Gelnejem:
7. Sargyt
97
- Özümiziňkiden. Ýaňy bir sowujak zat isledim-de, gidip
kölegede duranraklaryndan bäş-alty sanysyny getirdim diýdi.
Gelnejem gürrüň arasynda, bu ýyl gawunyň başyna
görendigini, isrip etmän ýygnap bolsa, onuň kak edere-de,
sök edere-de, goňşulara paýlara hem ýetjekdigini aýtdy.
Indiki oba giden wagtym äkidip, jigilerime hem dadyrmagy
ýatladyp goýdy.
Ol käseläp iýip oturan gawunynyň suwuny gyryp,
gyssanybrak içensoň, elindäki tygyny maňa uzatdy.
- Hol-ha, horjuny al, düýnki zagara nandanam el ýalysy
bardyr. Meniň-ä işdäm almady. Sowujak bir zat bolaýmasa,
agzyma zat ýaranok. Wiý... Ýogsa-da... - Bir zady ýadyna
duşürip, gelnejem töweregine garanjaklady:
- Ýazly, şäher tarapa seret hany, Sarygyz-a görünýän
däldir, alla. Oňa-da gyz, şol ala iş bolaýdy. Görünýän bolsa
telpegiňi bulap goýber, birki dilim gawun iýsin, ertirkije
içen bir owurt süýdüdir oň.
Men iki-üç gezek telpegimi bulaýlamsoň, hol allowarrada
löňňüldäp suwa esewan bolup ýören Sarygyz saýa tarap
öwrülip, pilini ýokarsyna göterdi. Bu onuň «Gördüm, ine,
barýan» diýdigidi.
Gawun dilimläp iýip oturyşyma pikirim ýene-de
gelnejemde saklandy. Onuň günäli guş ýaly muňtaryp
oturyşyny görüp birhili boldum. Keýpim bozuldy. Agamyň
patasyny alan günümizden bäri gelnejem tanalmaz ýaly
üýtgäpdi. Onuň al öwsen ýaňaklary çekilişipdi. Balkyldaýan
mylaýym gözleri hem mese-mälim goçalypdy. Nazary
öçügsidi. Göwnüme, gelnejem eräp-eräp gutaryp barýan
ýalydy. Mahal-mahal ol edýän işini ýadyndan çykaryp, bir
nokada serederdi-de, öweler oturardy. Men onuň Saparguly
düýeçiň aýaly ýaly agyr ýitgini ýüregine sygdyryp bilmän,
birden bir zyýan tapynaýmagyndan, aýakýalaň-başaçyk,
obany aýlanyp, it bolup üýrüp gezmeginden howatyr
98
edýärdim: «Derdi-belaňy dep edeweri» diýip, ejemiň ürç
edip gaýtalan sözlerini gaýtalaýardym. Ýüregim bilen kimdir
biriniň kömegini soraýardym...
Gowaçalaryň arasy bilen her ýerden bir ätläp gelýän
Sarygyz meniň pikirimi böldi. Ol maňa seredip gülümsiredi:
- Başlyk, gelibildiňmi?
- Hawa, geldim. Arma-da!
- Öwsüp otur, başlyk!
Bu Sarygyzyň «Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden
habar ber!» diýdigidi. Ol hernä öz pikirini adaty aýdylyşdan
biraz başgaçarak edip aýtmany kem görmezdi. «Başlyk» bolsa
maňa ýakynda dakylan täze lakamdy. Meniň bu lakamy
alşyma öz brigadamyzyň adamlar-a beletdir.
Lakamy maňa gelnejem, Sarygyz üçimiz şu meýdana suw
tutup ugran günümiz Dostmuhammet başlyk dakypdy. Ol
köpçüligiň arasynda meni bu iki suwça başlyk belläp, indi
şulara bir zat bolaýsa, başym bilen jogap bermeli boljagymy
nygtap, meni oglansyratdy. Eger biziň suw tutan kartamyzdan köp hasyl alynsa, ýyl ahyrda meni hem Moskwa,
medala ýazylýanlaryň arasyna goşjakdygyny aýdyp beleň
berdi. Şunuň ýaly kesä çekere gep tapsa, Sarygyza başga zat
gerekmi näme?! Şol günden bäri onuň dilinde meniň ýörgünli
adym «Başlyk».
Sarygyz suwly salmadan ýüzüni ýuwansoň, aňyrsyna
öwrülip, etegi bilen ýüzüni süpürdi. Gelibem, erkek
adamlaryň oturyşy ýaly, aýbogdaşyny gurup, meniň
garşymda oturdy. Gülümsiräp, lak atdy:
- Başlyk, ýaňy biziň öýüň duşundan geçip gelýärkäň,
gazygymyzda del eşeg-ä gören dälsiň?!
- Aý, ýok. - Men ýeňsämi gaşap, olaryň duşundan geçip
gelýärkäm gören zadymy ýadyma saljak boldum.
Gelnejem Sarygyzyň näme diýjek bolýanyna bada-bat
düşünen borly, ol barmaklary bilen saçynyň bir bölegini
sanaýan ýaly, bölüp-bölüp oturyşyna: «Oglan bolýaň-a»
99
diýýän manyda meniň ýüzüme seredip goýberdi. Sarygyzyň
gürrüňinde bir aýlawyň bardygyny çak etsem-de, bada-bat
hiç zady aňşyryp bilmedim. Birde gelnejemiň ýüzüne
seretdim, ýene birde Sarygyzyň ýüzünden bir zatlar aňjak
boldum.
Şol barmana-da, olaryň öýüniň golaýynda gören zadym
hakydama geldi.
- Ýogsa-da, Körje maman-a gördüm, ol arkasy bir goltuk
buýanly geçip barýan ekeni.
Sarygyz meni diňläp, ilki ýylgyrdy, soňundanam perişan
bolup, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady.
- Görýän welin, şu Torly keliň gyzy ikimiziň maňlaýymyza erkek geýimini ýuwmak ýazylmadyk borly...
Çöl bol-a, çöl bolmuş.
Ol şeý diýdi-de, birdenem oýunlyk bilen başlanan
gürrüňiň çyna ýazyp gidenini duýup, gülümsiredi-de, ýene
bälçiredi:
- Ýazly jan, seniň bar ýeriň bolýar, şu günlerde erkek
adamyň ysyny alyp ýöreniň nämä degenok.
Soňundanam ol «Şeýle dälmi?» diýýän manyda gelnejemiň ýüzüne seretdi. Gelnejem özüniň utanandygyny
ýüzünde alamatlandyryp aşak seretdi.
Men gawundan boldum etdim-de, pilimi egnime atyp,
suwa aýlanmak bilen boldum. Sarygyzyň perişan keşbi hem
meniň bile gaýtdy.
III
Gözýetimden salgym bolup görnen üç atlyny men bada-bat
tanadym. Ýogsamam, bu üç atlyny biz obada tanamaýan bir
barmydy? Öňden gelýän çal atly Dostmuhammet başlyk
bolmaly. Ol her gün, Gün ýeri mazaly gyzdyrandan soň ata
çykyp, pagtalaryň üstünden aýlanýar. Bu onuň endigi. Men
Dostmuhammet aganyň gowaçanyň üstüne salkynda
aýlanman, günortanyň jokramasyny saýlap almagynyň
100
sebäbini biraz soňrak, özüm suwçulyk edip ugramsoň bilip
galdym. Yssyda suwsan gowaçalar reňkini öçürip, «Ine, men»
diýşip oturýanyna indi men belet.
Atlylaryň ikinjisi bolup bilse, Mele şeýtanyň hut özüdir.
Ol obada tebigaty agras Dostmuhammet başlygyň ugruny
tapýan, gerek ýerinde ony öz isleýşi ýaly hereket etdirmegi
başarýan iki adamyň biri hasap edilýär.
Üçünji atly repide ýüz, Sumsar wagadyr. Men bu iki
ülpetiň adamsy urşa giden ýeňlesräk gelinler bilen ara
sazlaýandygyny telim ýola eşidipdim. Olaryň çola ýerde
goçmyratlyk edip ýörüşleri göwnüme ýaramasa-da, alaçsyz,
bilmediksirän bolup ýörenleriň menem biridim.
Her gezek olary görenimde ýadyma düşýän bir waka
häzir ýene-de meniň ýylgyrmagyma sebäp boldy.
Bu waka kolhozymyzyň gurlan ilkinji ýyllarynyň birinde
bolanmyşyn. Ony men bir gürrüňçilikden eşidipdim. Bir gün,
niredendir bir ýerden, obada bir agaç oturgyç peýda
bolupdyr. Şol güne çenli beýle oturgyçda oturyp gören-ä
beýlede dursun, hatda şeýle oturgyjy gören adam hem az-az
eken.
Her gezek ýygnak bolanda, oturgyçda hondanbärsi bolup,
başlygyň özi oturypdyr. Şundan soň özüni ýap gazyp, ekin
ekip ýören daýhanlardan bir gez ýokary saýýan Sumsar waga
hem ýygnaklarda suwkädiniň üstünde oturmany çykarypdyr...
Atlylar ýakynyma gelen mahaly, ýaşkiçidigimi ýadyma
salyp, olara salam berdim.
- Saglykmy? Arma-da, başlyk! - Meniň salamymy
Dostmuhammet aganyň bir özi aldy. Hany, başlyk, beýleki
işgärleriň nirede?
- Olar-a, ana, hol çiginden aňyrdadyr. Öýlänki suw aljak
ýerimize çil çekip ýörendirler.
Men sagyma öwrülip, gelnejem bilen Sarygyzyň hars
urup işleşip ýören tarapyna elimi uzatdym hemem
101
Dostmuhammet aganyň yssyda julk der bolup derlän dyzmaç
atyny höwes bilen synladym.
- Sen näme köwejekläp ýörsüň, baryp çil çekiberseň
bolmadymy, ýa bu gün sähet dälmi?
Repide ýüz Sumsar waga, waga-waga gepläp, meniň
üstümden döküldi:
- Başlyk, muny ýok edip, gelnejesiniň ýanyndan
aýyrmagymyz gerek. Muň mysalasy jan gynap işlejek adama
meňzänok.
Jel-jelleýän düşnüksiz nazary bilen meni synlap duran
Mele şeýtan hem Sumsar wagany mamla tapyp, maý bolanda
onuň gepine gep goşdy.
Müýnsüz wagtym, özi-de ýetişiksiz günde ser-sepil bolup
hars urýan wagtym bu sözleri eşitmek maňa agyr degdi.
Ýatan keseklerden alakgetdin Sumsar waganyň ýazzy
maňlaýyna beräýesim geldi. Ýöne kakamyň, agalarymyň
obada ýoklugy ýadyma düşüp çekindim. Olar bar bolanlygynda, kimdir birinden çekinmek, kimdir biriniň minnetini
çekmek meniň ýadyma hem düşmezdi. Meniň aýlan kesegim
Sumsar waganyň maňlaýynda ýa-da ýüzüniň bir ýerinde
pytrardy.
Bu etmişim üçin mamladygymy düşündirip bilsem,
agalarym mana «şeýdipsiňem» diýmezdiler. Yrsarap
geleniňem jogabyny özleri maňa ýetirmän nagt bererdiler.
Ýogsa-da, men näme üçin bolsady ekip otyryn-a, olar
bolanlygynda häzir men palçyga bulanyp, bir garnym aç,
bir garnym dok suw tutup ýörermidim?
Dostmuhammet aga meniň ynjap düýrügenimi gördi-de,
elindäki jylawy eýeriň gaşyna taşlap, at üstünden töweregi
parahat synlap oturyşyna, Mele şeýtan bilen Sumsar waganyň
sözüni hasaba alman gepledi.
- Başlyk, hol-ha suwsan bölejik-bölejik ýerleri
görýäňmi? Ana, indi haýal etmän şol ýerlere suw almaly.
102
Güýjüňizi şol ýere jemläň, çiginden ýokarlygyna bolsa erte
öýländen soň hem suw alsaňyz bolar.
Ol eýeriň üstüne biraz eglibräk oturyşyna gamçysyny
uzadyp, suwsan ýerleri salgy berdi. Ýolugra brigadirimizi
gyssap geçjegini, bize kömege ýene iki adam iberjegini hem
aýtdy.
Men bulary tizräk başymdan sowmak üçin başlygyň her
sözüne göwünjeňlik bilen «hoş» diýýän hem bolsam, pikirim
Mele şeýtan bilen Sumsar wagadady. Elimdäki pilimi olaryň
güpesinden inderäýesim-inderäýesim gelýärdi.
- Bu ýeriň ýandagy ne guran? - diýip, henizem töweregi
synlamagyny dowam etdirýän Dostmuhammet aga meniň
palçykly aýaklarymda nazaryny egledi. - Başlyk, agşam bar-da
ysgylatça aýt, maňa bir jüp çaryk bersin diýdi diý! Hyk-çok
edäýdigem, kontora gel-de, maňa aýt!
Gelnejem bilen Sarygyz hem, şol barmana, onuň ýadyna
düşen bolsa gerek. «Üç çaryk diý» diýip, Dostmuhammet
aga ýüzugra öz sözüne düzediş girizdi.
- Düşnüklimi?
- Düşnükli.
Şol gezek birbada üç çarykly boljagymyza az begenmedim. Täze çarykly bolanymdan soňra, köne çarygymy suw
tutan mahalym geýmegi, täze çarygymy bolsa apalap, oňamuňa giden mahalym geýmelidigim hakynda hem oýlandym.
Ýöne bular gidensoň hem Mele şeýtan bilen Sumsar waga
beýnimden gitmedi, ganym gyzyp hereketlerim üýtgedi.
Giç öýlänler, her gün biziň ýanymyzdan bir eşek ýüki ot
äkidýän Donly aga gelip gidensoň, meniň gazabym has-da
artdy. Ol maňa mekdepden gelýän uly gelnejemi Mele
şeýtanyň oglunyň helabas berip itine ýardyranyny aýdyp,
gonjuma gor guýup gitdi.
- Senjagaz sokudaşy, ekinimize giren Oraz agsagyň
eşegini ýenjişim ýaly, öl çybyk bilen ýenjip, içimi
103
sowatmasam bolmaz - diýip, men işläp ýörşüme Mele
şeýtanyň ogluny ýatlap gyjyndym.
- Nätmeli? - diýip, özüme sorag berip, öwran-öwran
böwrümi diňledim. Gözümiň öňünde Nurlynyň keşbi peýda
boldy. Ol ýene-de şol gezekdäki ýaly düşnüksiz nazary bilen
meniň ýüzüme seredip dur. Gözleri bilen ýüregindäki
pikirlerini meniň gözlerime daşaýar...
- Gaýrat et, inim, öýümiziň eýesi bolup galandygyňy
unutma, gaýrat et...
Ikinji bir gezekde ol gözler maňa «Eden tamamyz-a
çykmady, inim, sendenem bir öý eýesi bolarmy?..» diýip,
gyjalatly seretdi. Onuň bu garaýşy meni ýene-de heýjana
getirdi.
- Agam, seniň gözleriň näme diýýär, türkülesene,
menem bir bileýin-le?! - diýip, oňa ýalbarasym geldi.
Agşama çenli Nurlynyň şol garaýşy meniň bilen ýene-de
birnäçe gezek ýüzbe-ýüz boldy.
IV
Iki-üç gün geçse-de, Donly aga bilen bolan gürrüň
gulagymdan gitmedi. «Bu doňuzlar wagtyndan peýdalanyp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.