Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 1909
34.1 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
55.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Men barkam gorkmagyn! Ine, seret, men häzir olardan
seniň aryňy alyp bereýin.
- Nädip?
Gögeýin aýdymyna hiňlenip, asmana göterildi. Birsalymdan sygyrlar guýruklaryny bulaýlaşyp, duran ýerlerinde
şallaklaşyp, biynjalyk bolşup ugradylar. Ýöne gögeýin
munam az gördi. Ol sygyrlary bir ýere üýşürdi-de,
soňundanam olary şatyr-şallak edip kowalap, jülgäniň içi
bilen öňüne salyp gitdi. Möngözlüje gögeýiniň gidenine
begendi. Sebäbi ol gögeýiniň bar ýerinde özüni diýseň
oňaýsyz duýýardy. Ony göreninden görmedigini iki ýarym
esse dagy gowy görerdi.
Ol suw içip ganansoň, bir depäniň üstüne çykyp, ýene-de
asmany synlamaga oturdy. Bu gün asmanda ýekeje-de bulut
ýokdy. Özi-de ýaşyl öwsüp oturan meýdana juda meňzeşdi.
Häzir ol ýerde ençeme garaguş üýşüşip-çaşyşyp, uçuşyp
ýördi. Olar öz aralarynda haýsydyr bir zadyň dawasyny
edýärdiler.
Garaguşlaryň gaýmalaşyp ýören tarapyndan et ysy
gelýäni üçin, Möngözlüje ikirjiňlenmän şol tarapa ugrady.
Golaý baran mahaly ol asmandaky garaguşlaryň dawasyny
aýyl-saýyl eşitdi. Olar öz aralarynda asmanda nobatçylyk
çekmek gezeginiň kimiňkidigini takyklaýardylar.
- Sen nobatçy bolmaly!
- Ýok, sen bolarsyň!
- Men ertir irdenem garawulçylyk çekdim.
- Sen irden ejeňe derek durduň. Häzir bolsa, özüňe derek
durarsyň!
- Men häzir guzy awlap geldim. Bir zat iýmesem
durarlygym ýok.
- Näme-de bolsa, öz deregiňe özüň durmaly bolarsyň.
224
Ýokarda dawalaşyp, belli bir netijä gelşip bilmän ýören
garaguşlardan, aşakda iki diwar bolup oturan baýyrlaryň
oýtumyndaky maslygyň üstündäki garaguşlar has-da kän
ekeni. Ortada, özünden güýçlä gabat gelen bir gulan
güberilip, depe bolup ýatyrdy. Töwerekde etiň, onda-da
täzeje, ganlyja etiň akylyňy çaşyryp barýan ýakymly ysy
bardy.
Garaguşlar gulanyň kellesinde, budunyň üstünde,
boýnunyň üstünde oturyp, onuň gözlerini, gapy açylan
garnyny, boýnunyň ýüzüni özleriniň demir çüňkleri bilen
ýerli-ýerden talaýardylar.
Garynlary dok, gozganmagy kyn görşüp oturan
garaguşlar Möngözlüje görnen çagy oňa ulumsylyk bilen
seredişdiler.
- Ýeri, saňa näme gerek?
- Il iýýä, menem azrak iýäýsem diýýän.
- Ýene birden seniň özüňem şu ýatan gulanyň gününe
düşüp durma. Şu-da ölerin öýdenokdy. Agşam welin iki sany
möjek duýdansyz gelip, ikisi iki ýerden topulyp, ilki depeden
togalap, onuň aýagyny döwdüler. Soňundanam janyny alyp,
garynlaryny doýrup gitdiler...
- Ýok, meniň oňa meňzäsim gelenok. - Möngözlüje rejäň
geň däldigini, bularyň arasyna düşse, oňlulygyň bolmajagyny
pikir edip, ökje ogurlap, yza tesdi.
- Ony häzir köpleşip basalyň, ýogsam, ol sammyjak soňra
bize hezil bermez. Oňa entek gorkmany öwretmändirler.
Garaguşlaryň arasyndan birisi has-da janygyp gepledi.
Emma ses gyryljyk çykany üçin, garaguşlaryň hiç birisi-de
ony hasaba almady.
Möngözlüje bu sesi tanap, biraz ýöränden soň, ýene-de
yzyna döndi. Gulanyň boýnunda oturyp, özüne gahar-gazap
bolup seredýän, bir ganatyna ýaplanybrak oturan garaguşy
ol dessine tanady. Bu şol gezek Möngözlüjäni alyp asmana
15. Sargyt
225
göterilen, ony şu günlere düşüren garaguşdy. Möngözlüje
köne tanşyna duşanyna begendi. Ýöne onuň özüni görenden
tasanyp boluberşine welin geň galdy. Möngözlüjäniň asla
Garaguşa ýamanlyk edesi gelenokdy. Sebäbi ol entek nädip
ýamanlyk etmelidigini bilenokdy. Tersine, özüni özgelerden
saýlap asmana uçurany, guş bagtyny bereni üçin ondan
minnetdardy. Uçmagyň hezilligini bolsa ol görüpdi. Şonuň
üçinem garaguşy gören mahaly ýene-de onuň juda uçasy
geldi. Höwesli dalbynyp garaguşa boýun burup ýalbardy.
- Gör, nähili gowy gün. Seret, hol-ha Günem uçup
aýlanyp ýör. Ýör, bizem şonuň ýanyna uçaly!
- Ýit-ä dikdüşen sebil! - Garaguş onuň sözüne düýrükdi.
- Garly daga hem indi biz has golaýlandyrys. Ýene bir
uçsak oňa-da ýeteris. Möngöz alysdan seleňläp görünýän
Garly daga gözigidijilikli seredip, ýene-de garaguşa höwesli
ýalbardy.
- Ýit diýdim-ä men saňa. Uçaly... Uçaly, gary görneni
bilenem hany bu ýakynda saňa Garly dag barmy. Şu pursatda
gysga salymam bolsa Möngözlüjäniň höwesine ylyganyny
garaguşuň özem duýman galdy.
- Başyndaky, egnindäki ak gar ýapynjasy oňa diýseň
gowy ýaraşýar. Owadanlygy bolsa gör, men nähili synlamagy
gowy görýärin. Gün çykyp bu gün-ä ol has hem owadan
bolupdyr.
- Indi uçup bolandyrys. - Garaguşuň sesi gussaly
eşidildi.
- Näme üçin?
- Näme üçiniň bormy. Mönsüräp aýag-a owratdyň,
deýýus. Badalgaň, döwük aýak bilen uçup bolýarmy?
Möngözlüje özünde hiç hili müýn duýmaýanlygy üçin,
ýene garaguşa düşünmedi. Gaýta, garaguş bol etden garnyny
doýransoň uçmaga ýaltanýandyr. Garnym doýansoň meniň-ä
ukym tutýardy... diýip alasarmyk oýlandy. Möngözlüje
226
garaguşdan möhüminiň bitmejegine düşünensoň, ýene-de
garnyny otarmagyň ugruna çykdy. Garaguşlaryň arasynda
öz tanşy hem bar bolany üçin, üstüne topularly bolup görnen
guşlardan indi oňa öňküsi ýaly juda bir howply bolup hem
görünmedi. Näme çekinip, köpüň içinde arkaňy alaýjak
garaguş ýaly öz guşuň barkan! Möngözlüje şundan soň yzyna
öwrülip, gapydan kowlan penjireden geler etdi-de, gelip garaguşlaryň arasyndaky bir açygrak ýerden tumşugyny sokdy.
Garynlary dok garaguşlar oňa üns hem bermediler. Diňe
Möngözlüjä belet garaguşuň şundan soň bokurdagyndan zat
ötmedi. Ol Möngözlüje ýakynlaşsa, onuň temmisini bermek
maksady bilen başyny göterip häzirlendi. Ýöne Möngözlüje
welin oňa barmysyňam diýmedi. Tenini gataldyp, gaçarak
durup, garnyny doýransoň, ýene-de yzyna dolandy.
Garaguşlar bilen bu gezekki duşuşyk Möngözlüje üçin
diýseň peýdaly boldy. Ol soňra islän çagy asmany synlap,
garaguşlaryň gaýmalaşýan ýerinden özüne bir garbanarlyk
iýmit tapdy.
***
Möngözlüje garaguşlaryň toýunda bolup garnyny
doýransoň, öz tilki doganlary çapawulçylykdan dolanyp
gelendir diýen pikir bilen ýene-de sürenine dolandy. Ýolda
howlukdy. Ganlyja et iýeninden soň, suwsaýanyny ýatlap,
kaka inip suw içdi diýäýmeseň, ol ýolda hem hiç zada
güýmenmedi.
Ýöne näçe islese-de, onuň tamasy çykmady. Süreniň
töwereginde onuň göresi gelýän doganjyklary ýene-de
ýokdular. Olar ýene birsalymdan, hatda ondan soňragam gara
bermediler. Möngözlüjä doganlarynyň gözlegine çykmadan
başga alaç galmady. Ol ilki taýyn «aw» bolýan ýerleriň
birinjisini, soňundanam aýlanyp, başga-da birki sanagyny
barlaşdyrdy. Dymyljyk etiň ysy gelýän ýapynyň depesinden
227
inen wagty ol bir möjegiň porsan goýnuň töwereginde
timisgenip ýörenini gördi. Ol bu möjegi öň hem tilki enesidir
doganlary bilen gelende şu ýerde birki sapar görüpdi. Her
gezegem eneleri olary möjegiň töweregine eltmän, öz
töwereginde saklardy: «Sabyr ediň! Ol möjekler kimdir
biriniň öz «taýyn aw» edýänini görse utanar. Görmedik boluň
ony!» diýerdi. Soňundan bolsa möjegiň jahyl döwrüni ýatlap,
onuň islän sürüsine darap, awuny gapyp, mes ýaşandygyny,
Gyzyljaryň möjeklerine demini ýöredip gezen serdar
bolandygyny öz könelerinden telim gezek eşidendigini
ýatlardy.
Garry möjek dişiniň basan et böleklerini iýişdirip, ýene-de
assa-ýuwaş ýöräp yzyna dolandy. Ol özünden güýçli tapylan
güni, onuň tabynlygynda ýaşamagy özüne peslik bilip
Gyzyljary terk edip gaýdypdy. Indi ol ölmek isleýärdi, ýöne
ölüp bilenokdy.
Möngözlüje öz gapdalyndan yraň atyp gelýän garry
möjegi geçirensoň, ýene-de yzyna dolandy. Bir baýryň
jülgesini syryp seňkildeşip barýan tilkileri görende,
Möngözlüje bada-bat özüniň haýsy ýere barýanyny unutdy.
Özüniň gözleýän tilkilerini ýatlap: «Şolar, şolar bolaýmasyn»
diýip oýlandy. Ýüregi galkyjaklap, begençli gürsüldedi. Ol
aýagaldygyna ylgap, tilkileriň yzyndan ýetende, olaryň
özüniňkiler däldigini gördi. Şeýle-de bolsa, onuň bulardan
galasy gelmedi.
Ene tilki bilen ata tilki ony duşman saýyp gaýtargy berme
niýeti bilen yzlaryna öwrülen wagty:
- Menem özüňiz bilen äkidiň! - diýip, Möngözlüje olara
ýalbaryp özelendi.
- Seniň biz bilen işiň ýok.
- Men doganlarymy gözleýän, olaram siz ýaly tilkijiklerdi.
- Ýeri, agzyňy öweldip samahyllaberme. Itden bize
dogan bolmaz.
228
- Beý diýmäýmelidiň-dä. - Möngözlüje tilkilerden
ýakymly söz eşiderin diýen tama bilen ýene-de mylaýym
gürledi.
- Seniň biziň bilen işiň ýok.
- Nämüçin?
- Üçini sen it.
- Bolanymda näme?
- Näme diýýämiň? Nämäniň sebäbi şol: it öz itligi bilen
bolmaly, tilki hem tilkiligi bilen, düşündiňmi?
- Ýok, düşünmedim.
- Ine, düşünmeseň - ata tilki güýjüne daýanyp,
Möngözlüjäni tumşugy bilen hütletdi. Möngözlüje diňe häzir,
awunandan soň, özüniň bulara juda golaý duranyny bildi.
Oňa şundan soň «Eý, bular-a biziňkiler däl ekeni» diýip,
yzyna dolanmakdan başga çäre galmady.
Ýatar wagtyň öň ýanlarynda Möngözlüje süreniň öňünde
doganlaryna garaşyp, olaryň gaçyp gidenlerine ynanyp
bilmän, ýola garap ýatyrdy. Işsizlikden, näbelli bir zada degip
biraz agyran çep aýagyny ýalaşdyrýardy. Asmany, ýyldyzlaryň barha köreýän ýerini synlaýardy. Ýeňsede bir ýerlerden
adam sesine meňzeş ses eşidilip ugran mahaly Möngözlüje
bada-bat bilesigelijilik bilen heserlendi. «Bu näme boldugykan, ol gygyrýan kimkän, adam bolsa gerek, ýene-de
meniň eýäm şol çopan meni gözläp ýören bolmasyn?!»
Möngözlüje tanyş ys bardyr diýen tama bilen howany
ysyrgandy. Howada hiç hili tanyş ys ýokdy. Ol ses birsalymdan ikinji gezek, soňundanam üçünji gezek gaýtalandy.
Telim bir guş sürüsi Möngözlüjäniň üstünden şol ses
gelýän tarapa uçup geçdi. Ol ýerde näme-de bolsa, bir zadyň
bardygy şundan soň Möngözlüjä-de mälim boldy. Ses gelýän
tarapa birsalym seredip duransoň, Möngözlüje ol sesi anyklap
görmegi ýüregine düwdi. Ýylgynlygyň baryp çetinden giren
mahaly, bassyr-bassyr gaýtalanýan bu ses oňa has-da çasly
229
eşidildi. Tizden ol öz öňünde iki sany lowurdap ýanyp duran
gözi gördi. Ol birbada öz gören zadyna ynanyp bilmedi. Onuň
öňünde bir ýylgynyň bilinde hüwi yranyp otyrdy. Adam
sesinde uwlap gygyrýanam şol ekeni. Onuň öňi bolsa agyn
guşdy. Guşlaryň gelim-gidimi henizem dowam edýän ekeni.
Hüwi bolsa erteki otarýardy. Möngözlüje hem başga-da bir
edere işiniň ýoklugyny ýatlap, öz gizlenip oturan ýerinde
çöküp, hüwiniň ertekisini diňlärmen boldy.
- Bilýäňizmi näme? - diýip, hüwi hut ýaňyja aýdyp
gutaran gürrüňine täzeden, hut ilkinji gezek aýdylandaky
ýaly hyjuw bilen başlady. - Bir wagtlar hemmeler uçup bilýän
ekenler. Hatda düýelerem, pillerem, žiraflaram, ähli
haýwanlar uçup bilipdirler. Şonuň üçinem gögüň, ýüzi
hemişe gara-gura bolup duranmyş. Göz öňüne getiriň şol
läheň haýwanlaň arasynda bize uçmagyň nähili kyn bolanyny.
Hut şonuň üçinem biziň ýaly kiçi guşlaryň her gün telimsi
çaknyşyp, heläk bolupdyr. Bu dünýäde kiçi bolana, sada
bolana gün barmy näme! Olaryň kimsini krokodiller, kerkler,
gippopotamlar öz ganatlarynyň ýelgini bilen heläkläpdirler.
Olary tutup, diýmejegini diýmäge mejbur edipdirler.
Bir günden bir gün kiçi guşlaryň arasynda bir dana guş
tapylypdyr. Ol başynyň tüýi düşen, bürgüdiň ýumurtgasyndan çykan guş ekeni. Hemmeleriň çydam käsesiniň
pürepür bolanyny görüp, bir gün ol kiçi guşlaryň wekillerini
maslahata çagyrypdyr.
Geljekler gelşensoňlar bolsa: «Doganlar, bize indi bu
sütemden dynmaga wagt boldy» diýipdir. Maslahata gelenler
ýerli-ýerden: «Nädip-de, nädip?» bolşup, ýene-de dana guşuň
özüne sala salanmyşlar. Dana guş şonda olara agzybirlik bilen
ýeri öwmegi, şeýdilse, uly guşlaryň göwnüni bölmeginiň
mümkindigini aýdypdyr. «Oturan-turan ýeriňizde siziň
mesgeniňiz ýer, biziňki bolsa asman» diýip gaýtalamagy
maslahat beripdir. Diňe şeýle edilende, asmany eýeläp,
ine-gana uçup boljagyny nygtapdyr.
230
Olar bize: «Ýit, eý, samsyk guşlar!» diýmezmikä? diýşip, käbir guşlar birbada üstünligiň boljagyna ynanmandyrlar.
Birine şol bir zady köp aýtsaň, onsoňam şol bir sözi bir
agyzdan däl-de, köp agyzdan eşitse, ol iru-giç böwrüni diňlär.
Bolmanam bir günde hiç kimi ynandyryp bolmaz. Yzygider
hem erjel hereket etmeli diýipdir. Şundan soň guşlar «hoş»
diýşip, dana guşuň maslahatyny göwünlerine jaý edişip, ýedi
yklyma ýaýranmyşlar.
Oturan-turan ýerlerinde dana guşuň öwreden sözlerini
gaýtalanlary üçin, ilki munuň hut şeýledigine, öz sözleriniň
täsirine berlip, guşlaryň özleri ynanypdyrlar. Özleri öz
diýýän zatlaryna ynanansoň, özgeleri muňa ynandyrmak kiçi
guşlara şeýle bir kynam bolup durmandyr. Kem-kemdenem
bolsa uly guşlaryň ýere bolan ýakynlygy artypdyr. Olar
ömrüniň köp bölegini ýerde geçiripdirler. Uly guşlaryň
soňkurak nesli bolsa uçmagy ýeňlesleriň işi hasap edipdirler.
Şundan soň tebigat öz oňaryp beren ganatlarynyň uly guşlara
gerekmejegini görüp: «Uçmajak bolsaňyz, size ganat nämä
gerek?» diýipdir-de, olary ganatdan mahrum edipdir. Dana
guş şeýdibem mamla bolupdyr.
- Eý, hüwi, aýtsana, meniňem ata-babamyň ganaty
bolanmyşmy? - Möngözlüje gürrüňe berlip, özüniň
görünmän ýatanyny unudyp, ata-babasynyň ganaty bilen
gyzyklandy.
Duýdansyz sese guşlar alabasgy bolşup asmana
göterildiler. Ýüregi sarsyp, iliň biri bolup uçan hüwi asmanda
bu sesiň kimiň sesidigini ýadyna salansoň, hol beýleräkdäki
başga bir ýylgynyň üstüne gondy.
- Şol aldananlaryň arasynda seniňem köneleriň bar
ekeni.
- Gör, nähili gynançly zat.
- Boljak iş bolansoň, soňundan gynananyň peýdasy
bolmazmyş.
231
- Eger ata-babam ganatly bolanlygynda, menem ganatly
bolardym. Hezillik şonda bolardy. Men islän ýerime uçup
ýeterdim. Uçmagyň nähili gowy zatdygyny bolsa indi men
bilýän.
- Hüm, seniň biläýşiňi. - Hüwi süýji arzuwa berlip,
asmanda uçan pursadyny gowy bir zat hökmünde ýatlan
Möngözlüjäni samsyk saýyp ýaňsylady. - Sen bir bagty
getiren ekeniň, seniň ýaly güjüjekleriň telim birisi senden
soňam garaguşlaryň demine düşdi. Senem indi biraz
bolan-goýandan baş çykarmagy oňar. Sen eýýäm tokarja
güjük ahyryn. Seniň deň-duşlaryň eýýäm birgiden zat
bilýärler.
- Menem bilýän.
- Sen bilýänem tanaňok.
- Ýeri, onda men seniňçe nähili bilmeýämişim?
- Hol garly dag tarapda seniň ejeň bilen uýaň bar, sen
heniz şonam bileňok. Ejeň görgüli heniz-henizlerem seni
ýatlap, asmana seredip çyňsaýar. A, sen bolsa... iliň
gürrüňini diňläp, aýlanyp ýörsüň. Ondan-a dag tarapa
git-de eneňi, uýaňy gözle.
Hüwini diňlänsoň, Möngözlüje lapykeç halda yzyna
dolandy. Ol ýolboýy enesini, uýasyny, özüni eý gören çopany
ýatlady hemem bularyň ysyny ýatdan çykarmanyna begendi.
Onuň gelip sürenine girjek bolanam şoldy welin, kepjebaş
ýylan haşlap, onuň öňünde dikeldi.
- Ýeri, kim gerek saňa?
- Bu ýeri meniň öýüm...
- Seniň öýüň bolmaz bu ýerde.
- Bolýar, bolýar, ýalňyşypdyryn, gidäýerin...
Möngözlüje ökje ogurlap yzyna gaçdy. Ýylan bilen iş
salyşmaly däldigi Möngözlüjä ejesiniň ilkinji öwreden
zatlarynyň biridi. Ol «Ýamandan boýuny satyn al» diýleni
232
edip, gözüniň gören tarapyna yzyny gözlemän gaçdy. Onuň
soňra gaýdyp öz gorkan ýerine dolanasy gelmedi.
Gijäniň köpüsini haýsy ýerde ýerlejegini bilmän elewräp
gezen Möngözlüje ertir irden bir baýryň güneş ýapysynda
oýandy. Ibirtde-zibirtlik onuň töwereginde indi bireýýämden
bäri dowam edýärdi. Suwulganlar hasanaklaşyp, onuň kä
eýlesinden geçýärdiler, käte beýlesinden. Beýleräkde durup,
hekgerişip, ony aýratyn bir dymmak bilen synlaýan
suwulganlaram bardy.
Möngözlüje hiç zady hasaba alman, ýene birsalym şol
bir ýatyşyny üýtgetmän, asmanyň garaguş ýaly öwrüm edişip
ýören bulutlaryny synlady.
Garaguşa meňzeş bulutlar garaguş bolýan ýerde iýere
bir zadyň bolýanyny ýatladyp, ýene-de Möngözlüjäniň
agzyny suwartdylar. Şol arada bir suwulgan kürsäp onuň
aşagyna dykyldy. Möngözlüje özüniň äsgerilmändigini görüp
düýrükdi.
- Eý, sen ýylanyň nämesi?
- Hiç zadam däl.
- Özüň-ä meňzeýäň. Ýöne hereketiň bilen gözüň birneme
elek-çelegräk.
- Sen, it, gowusy, agnan bolup ýatma-da, biziň hinimiziň
agzyndan tur. Biz indi bir wagtdan bäri oňa girip bilmän
durus!
Möngözlüje suwulgany diňläp, «Bäý, meniň baran ýerim
gap-çanak bolaýýar-ow» diýdi-de, bir gyra çekilip, olara
geçere ýol berdi.
Şol arada öýüne girip, bir ýerlere gitme maksady bilen
çykan çalasyn suwulgan gapdalyndan geçen mahaly bir
ýoknasyzyny atdy.
- Eý, it, senem beýdip ýörmän, gidip, beýleki itler ýaly
bir sürini saklasaň bolmaýarmy?
233
Özünden kiçiniň bilimsek bolan bolup özüne akyl bermegi
Möngözlüjä ýaramady. Ol iki bökende suwulganyň yzyndan
ýetip, onuň guýrugyny basdy.
- Hany, ýaňkyja diýeniňi ýene-de bir gaýtala!
Dilinden bela galan suwulgan iki ýana urnup, çar tarapa
elewredi. Şol barmana-da suwulgan guýrugyny göwresinden
bölüp galdyrdy-da, öz häsiýeti bilen Möngözlüjäni geň
galdyryp ara açdy.
Möngözlüje öz öňünde düýrülip-ýazylyp ýören, kiçiräjik
ýylany ýatladýan janly guýrujygy görenden geň galyp,
bada-bat öz maksadyny unudyp aýak çekdi. Sebäbi ol suwulganlaryň gaty gyssanan ýerlerinde, guýruklaryny taşlap
gaçýanlaryndan bihabardy.
Ol suwulgan guýrugynyň bölünip galanyndan habarsyzdyr öýdüp onuň yzyndan gygyrdy.
- Eý, eý, balagyň galdy, dur-eý!
Zähresi ýarylan suwulgan esli gaçansoň hekgerip yzyna
gözlese-de, dolanyp guýrugynyň yzyndan gelmedi.
Möngözlüje şol kürtdürip duran ýerinde butnaman
durşuna janly guýrujygy ýene biraz synlansoň, guýruk özüne
niýetlenip galdyrylandyr öýtdi-de:
- Men seniň guýrugyňy başyma ýapaýynmy? - diýip,
öýkeli hüňürdedi.
***
At toýnaklarynyň güpürdisini Möngözlüje ilki eşiden
mahaly uzaklarda bir ýerde gök gübürdeýändir öýtdi. Özüne
eşidilen sesi bolsa ol şol ýerdäki gümmürdiniň bir çeti
hökmünde kabul etdi.
Ýeňseden at toýnaklarynyň güpürdisi eşidilip ugran
mahaly otluga gonan käkiliklere ymsynyp ýören Möngözlüje
aýak çekip diňşirgendi.
Ýeriň süňňünde duýlar-duýulmaz sarsgyn peýda
bolupdyr. Özi-de bu sarsgyn barha güýçlendi. Möngözlüje
234
bilesigelijilik bilen baýryň ýokarsyna çykan mahaly bir süri
atyň jülgäniň arasyny dolduryp özüne tarap çapyp gelýänini
gördi. Süriniň öňüni bir maňlaýy sakar dor at çekip, ol
gerimli ädim urup, her ýerden bir basyp çapyp gelýän ekeni.
Bularyň aýratyn bir dabara bilen bu bolup gelişlerine,
olaryň boý-syratyna ýene-de Möngözlüjäniň gözi gitdi. Atlar
pessaýlap kölüň üstünde gonma hyýal bolup uçup ýören ördek
sürüsini ýatladyp, Möngözlüjäniň öňünden geçişip gitdiler.
Möngözlüje birsalym atlaryň yzyndan seredip, olary
nazary bilen ugradyp duransoň, atlaryň otlaýan ýerine barsa,
şonda olary isledikçe görüp-synlap boljagyny ýatlap,
pikirinde şol ýere ýetmäge howlukdy.
Süri baýyrlaryň gabawyndaky ýaşyl öwsüp, köle meňzäp
oturan açyklykda otlap ýören ekeni. Atlaryň aralygynda,
çaga bigamlygy bilen dänjiräp çapyp ýören taýçanak
Möngözlüjäni hemmelerden öň gördi.
- Men ýyndam gerek? - Taýçanak Möngözlüjäniň öňünde
aýak çekip, göçgünli keýpi bilen oňa ýüzlendi.
- Hawa, gowy çapýarsyň - diýip, Möngözlüje hem onuň
öz perdesinden deň gopdy.
- Ejemem maňa şeý diýýär. Häzirden şeýdip, oňat
çapmaga türgen bolsaň, soňundan senem kakaň ýaly süriň
öňbaşçysy - serdar at bolarsyň diýýär. Soňra ol: «Seret, biziň
kakamyz nähili görmegeý!» - diýip, sakar ata tarap guwançly
seretdi.
- Owadan - diýip, Möngözlüje-de ilki gören mahaly
pikirinde dörän soragy ýatlady.
- Men-ä güjük. Seniň ýanyňa oýnamaga geldim.
- Maňa seň bilen oýnamak bolýarmykan?
- Bilemok.
- Onda sen şu ýerde biraz otur. Men dessine gidip
ejemden soraşyp geleýin.
- Bar. Ýöne köp eglenmegin!
235
Taýçanak iki bökende çal baýtal bilen özüne tarap otlap
gelýän gaba garyn enesiniň ýanyna ýetdi.
- Eje, ana, hol ýerde güjük bar, şonuň bilen oýnasam
bolýarmy?
- Itmi? - Jeren baýtal başyny ýerden göterip, Möngözlüjä çiňerildi. - It bilen oýnasaň bolar. Ýöne uzak gitme!
- Bolýar, men şujagaz ýerde golaýjakda oýnaryn.
- Bar, oýnaber oýnasaň.
Taýçanak rugsat alyp, oýna höwesek bolup, Möngözlüjäniň ýanyna öwrülip geldi. Olar ilki sürini oýtarlap
çapyşdylar, soňundan bolsa oýun edişip, «kebelek-kebelek»
oýnaşyp gezdiler.
Süri birsalym otlansoň atlar ikibir, üçbir bolşup dem-dynç
almak üçin onda-munda ýatmak bilen boldular. Birsalymdan
diňe iň owadan sakar dor at aýak üstünde galdy. Ol keýerip,
uzaklara nazar dikip duran mahaly Möngözlüjä has-da
görmegeý bolup göründi.
- Kakaň-a görmegeý ekeni.
- Ol hemem güýçli.
- Duýulýar.
- Hemmelerden ýyndam.
- Bolup biler.
- Ejem-ä, sen onuň garrap ugran wagtyny gördüň, ýaş
wagty dagy ol has görmegeýdi, has kuwwatlydy diýýär. Taýçanak her gezek «has» sözüni aýdanda, ol söze agram
berip, aýratyn bir guwanç bilen gürledi.
Atlar bir ýerlere gitmäge hyýallanyp, örüşip ugran
mahallary garry baýtal hokranyp, Möngözlüje bilen höwür
bolup, dem-dynç alanyndan soň, ýene oýnamaga küýlenip
duran taýçanagy ýanyna çagyrdy.
- Gel-uw, senem indi.
- Eje, ýene birazajyk oýnaýaly?
- Oglanlygyň gutarmasa oýundan doýmarsyň, oňa bolsa
entek ir, gel, gidýäs!
236
- Niräk gidýäs?
- Gäle çeşmä.
- Suw içmägemi?
- Hawa, suwa gidilýär.
- Men-ä onda gitdim. - Taýçanak Möngözlüjä alaçsyzdygyny mälim edip seretdi.
- Menem siz bilen gidäýeýin? - Möngözlüjäniň täze
dostundan galasy gelmedi.
- Ýör diýilýär saňa, höwes etdiň, oýnadyň, bes et indi!
- Özgeleriň toplanyşyp ugranyny gören garry baýtal
ynjalygy gaçyp, ikilenç ýene-de bir gezek boýnuny süýndürip
hokrandy.
- Menem gitsem bolarmyka? - Möngözlüje jogapsyz
galan soragyny ýene-de bir gezek gaýtalady.
- Bilmedim. - Taýçanak towsaklap, ejesiniň ýanyna
ýetmäge howlukdy.
Möngözlüje öz eýesiniň goşunda gören sähel-mähel zada
gaharlanmaýan düýedir salpy gulak eşegi ýatlap, atlaryň hem
hut şolar ýaly uludygyny, özüne zelellikli zadyň edilmejegini
ýatlap, taýçanagyň yzy bilen ylgady. Bu babatda göwreden
çen tutup, özüniň ýalňyşandygyna ol tiz göz ýetirdi.
Onuň aýaga çolaşyp ugranyny gören bir baýtalça
halamazlyk bilen gulaklaryny gaýçylap düýrükdi-de, toýnagy
bilen ony sähelçe kakdy. Möngözlüje içigip aşak oturdy. Esli
salym onuň demi-de gelmedi. Diňe agzy giňden açylyp
sülekeýi akdy.
Atlar gupürdeşip, baýyrlaryň süňňüne sarsgyn berşip,
çapyşyp gitdiler.
***
Şol günüň ertesi Möngözlüje ýene-de düýnki köle meňzeş
ýere atlaryň otlamaga gelýänini ýatlap, serkerde sakar ata
meňzeş keýpihonja taýçanak bilen duşuşaryn tama bilen şol
ýere ugrady. Soňunyň birhiliräk bolanyna seretmezden, ol
237
düýnki gününden, taýçanak bilen oýnan oýunlaryndan
hoşaldy. Hüşgärligi elden bermeli däldigini, has-da şol depen
gyňyr ýaş baýtala ýakyn durmaly däldigini ugramazdan öň
Möngözlüje özüne ýene-de bir gezek ýatlatdy.
- Mä-ä-ä... mä-ä-ä... - Eje-e, ej-je...
Möngözlüje aýak çekip, ses gelen tarapa seretse, ýaňyja
aýaklanan bir guzujygyň ot-çöpleriň arasynda ýykylyp-sürşüp
ýörenini gördi.
Guzujyk enesini gözleýärdi. Ýöne häzir töwerekde ne
onuň enesi görünýärdi, ne-de özge bir gara. Guzujygyň bu
töwerekde diňe bir özüdi. Möngözlüje biçäre guzujygyň
gapdalyndan parhsyz ötüp bilmedi. Sebäbi ol onuň ýazyň
başynda, enesini emip ýören bagtly günleri özi bilen böküşip
oýnan buýra tüýlüje guzujyklaryna diýseň meňzeşdi.
- Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? - Möngözlüje
guzujygyň garşysyna gelip, ondan habar aldy.
- Men ejemi gözleýän, ol ýap-ýaňyja-da bardy, uklap
tursam bolsa ýok... - diýip, guzujyk üzlem-saplam gepläp,
Möngözlüjä ýagdaýy düşündirdi.
Depgilenen otuň üstünde indi biraz könelişip ugran
goýun ysy hemem süriň yzyny salgy berýän çörler bardy.
Möngözlüjäniň taýçanak bilen oýnamaga gidesi gelip,
içi byjyklap dursa-da, täze tanşyny ýeke galdyrmaly däldigini
ganyna guýlan it häsiýeti bilen aňdy.
- Ýör, onda men saňa ejeňi tapmaga kömek edeýin!
- Nirede ol? - Guzujyk enesine ýetmäge howlugyp,
howany ysgap, töweregini garanjaklap gyssandy.
- Ýöräber, gözläris...
Guzujyk kaýyllyk bilen Möngözlüjäniň gapdaly bilen
ýöräp ugrady. Otlar gür bolansoň guzujyk Möngözlüjäniň
aýagyna eýerjek bolup, häli-şindi ýykylýardy. Birsalym
ýörelensoň bolsa, ol halys durdy. It aýagyna eýermek oňa
barha kyn boldy. Guzujyk ahyry çydaman dillendi:
- Maňa-da garaşsana!
238
- Hä, näme? - Möngözlüje yzyna gaňrylyp, guzujygyň
ýüzüne alaryldy.
- Men seniň aýaklaryňa eýeremok ahyryn. Mytdyl-mytdyl
ýöräbersek bolmaýarmy?
Möngözlüje guzujygyň gapdaly bilen bialaç onuň
maýdalyna ýöremeli boldy.
Geçilen ýol uzak bolmasa-da, birsellem ýörelensoň
guzujyk ýene-de halys ýadady. Olar şundan soň iki dost bolup
bir baýryň eteginde dynç almaga oturdylar.
Guzujygyň pyşdyl ýörişi soňabakan Möngözlüjäniň halys
ýüregine düşdi. Onuň ýüzin salyp ylgasy, çagalyga mahsus
keýpihonlyk bilen ýapylara ýarmaşyp, şol ýerdenem ýene
aşaklygyna togarlanyp, peşmek bolup ýaýnasy gelýärdi. Ahyr
ol öz hyjuwyna bäs gelip bilmedi. Guzujyga: «Sen şu ýerde
biraz otur, men häzir» diýdi-de, jülgä düşüp, Günüň jokrap
äpet gyzyl nan bolup duran ýerine tarap ylgap gitdi.
Aýaklarynyň ýelini alyp, yzyna dolanyp gelen mahaly
ol ýadaw guzujygyň myşylap süýji ukuda ýatanyny gördi.
Möngözlüje onuň gapdalynda dyzyny epip, gowuja bolup
ýatanyny synlap: «Men özüme osup bujagazy halys
ýadadaýdym-da...» diýip oýlanyp oturdy. Ol birsalymdan öz
süňňüne-de birhili ýakymly agyrlygyň peýda bolup ugranyny
syzdy...
- Mä-ä, mä-ä-ä... Ej-e-e, eje-e...
Möngözlüje guzujygyň sesine gözüni açan mahaly,
özüniňem ukusy tutup, uklap galanyna düşündi. Gün bolsa
eýýäm ýeňsä aýlanyp ugrapdyr. Günortadan bolsa gül ysly
pessaýja şemal ösýär. Bu şemal mylaýym el bolup guzujygyňam, Möngözlüjäniňem ýüz-gözlerini sypalaşdyrýardy.
Hut öz eýesidigine ynanýanlygy üçin, ol guzujyk özüni
«ýör-ýör, ana, ýetdik, ine, bardyk» bilen alyp barýan
Möngözlüjä, goşda güjüjekler bilen bökjekleşip oýnaýan
tokarja güjüjegi göz öňüne getirip, oňa sorag berdi:
239
- Sen başga guzujyklar bilen-ä bökeleşip oýnaýaň, goşa
ýetsek, meň bilenem oýnarsyň gerek?
- Eýsem näme! - diýip, söz içinde «oýun» sözi hem
bolany üçin, Möngözlüje oýun bolsa hezilligiň boljagyny
ýatlap guzujyga ýüzugra jogap berip, arkaýyn etdi. Ýogsa-da,
bu çölde onuň ýeke-täk oýnap doýup bilmeýän zady oýun
dälmidi näme?!
Soňabaka Möngözlüjäniň özi-de başga bir ýere däl-de,
hut şol ýere - çopandyr enesiniň ýanyna barýanyna ynandy.
Özüniň gowy görülýän ýerine gowuşjakdygyny ýatlap
begendi. Sebäbi ýekelik onuň halys ýüregine düşüpdi.
Olar guzujyk bilen tirkeşip, süri yzyny yzarlap, ýene-de
birsalym ýörediler.
Möngözlüje bir baýryň üstüne çykan mahaly hol beýlede
bir itiň özlerine tarap, otlap gelýän süriň öňi bilen gelýänini
gördi. Guzujykdyr Möngözlüjä gözi düşen wagty ol biraz
sakanaklan ýaly etdi-de, soňundanam öwrülip, göni bulara
tarap gaýtdy.
Guzujyk öz howandaryny, onuň aňyrsyndan görünýän
sürini görüp begendi. Onuň göreçleri bolsa guzujygyň
bagtlydygyny alamatlandyryp buldurady.
- Ana, ana, biziňkiler...
- Hawa, siziňkiler.
- Ýör, howlugaly.
- Sen howlukmaly...
It golaýlaşdygyça Möngözlüjäniň sözi ysgynsyz eşidildi.
It bolsa Möngözlüjä ýakynlaşdygyça ulaldy hem hyrsyzlandy.
Şeýle-de ol itde ýat itiň, onuň ejesiniň ysyna meňzemeýän
ys bardy. Şol arada ýat bilen duşuşanda nähili bolýany, öňki
gezekde dalanany onuň ýadyna düşdi. Ýat itiň girisine düşüp,
onuň ikinji gezek ýene-de awunasy gelmedi. Ökje ogurlap,
yza tesdi.
- Onda men-ä gitdim, guzujyk!
- Nirä? - diýip, hiç zatdan habarsyz guzujyk geňirgendi.
240
- Yzyma, gelen ýerime.
- Gitmesene! Ine, indi geldik ahyry!
- Ýok, bu ýer meniň gelmeli ýerim däl ekeni.
Möngözlüje tä ses ýetimdäki başga bir baýryň depesine
çykýança, läheň itiň howsalasyndan dowul alyp, yzyny
gözlemän gaçdy. Diňe şol ýere ýetenden soň, ol yzdan gelýän
kowgynyň ýoklugyny görüp arkaýynlandy.
Süri bolsa öz maýdalyna otlap, läheň it bilen guzujygyň
duran ýerine hasam golaýlaşan ekeni.
***
Bu gezek Möngözlüje garaguşlaryň meýlis edýän
ýerlerine gelende, ol ýerde bary-ýogy iki sany garaguş oturan
ekeni. Olaryň birisi Möngözlüjäniň bolup gelşinden tebil
alyp, bada-bat ganatlaryny pasyrdadyp, howlukmaçlyk bilen
asmana göterilmek bilen boldy. Garaguşlaryň ikinjisi bolsa
ony görüp, bir ganatyna agramyny atyp, hüžžerildi-de, oňa
gaýtawul bermäge häzirlendi.
Bu garaguşuň öz-özünden howsala tapyp boluberşi
Möngözlüjäniň bilesigelijiliginiň artmagyna, aýak çekip, öz
garşysynda duran guşy synlamagyna sebäp boldy.
- Senmi bi? - Möngözlüje köne tanşyny tanap begendi.
Enesini emýän guzujyga meňzäp, boýunjygyny burup,
guýrugyny oýnaklatdy. Her gezek garaguşa duşanda bolşy
ýaly onuň ýene-de uçasy geldi.
- Ýene-de uçarysmy?..
- Ýene-de uçarysmy? - Möngözlüje asmana seretdi, ol
ýerde öz maýdalyna Hindiguş daglaryndan bärligine ýüzüp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.