Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03

Total number of words is 3845
Total number of unique words is 2200
31.9 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görmegi mahal-mahal ýüregim küýseýärdi. Ony synlasam
bolsa, dünýäm giňäne dönýärdi, özümi keýpihon duýýardym.
Bu ysnyşygyň sebäbini welin anyk bilemokdym. Ýöne öz
ýanymdan edýän ýönekeýje çaklamam ýogam däldi.
Derýam, bizi bir-birimize ysnyşdyran zat, seniň
Murgabyma meňzeşligiň bolsa gerek - diýip oýlanýardym.
Belki-de, şeýledir.
- Şeýle günler köp bolsady... Biraz dymyşlykdan soň
meniň elimden tutup gelýän Tanýa dillendi:
- Diýýäniň bolsa, örän gowy bolardy. Sen maňa ýüzmäni
öwrederdiň...
Biz bir-birimize seredişip, düşünişip ýylgyryşdyk.
36
Asmana seredemde, ak bulutlaryň agraslyk bilen agyşyp-dönüşip ýörenlerini gördüm. Men bu günem bölüme ýetip
gelýärkäm, özümden nägiledim. Sebäbi Tanýanyň ýüregini
bilmek bu gezegem maňa başartmandy.
Meýdanda galynan gije
Öň bellenilişi ýaly, biziň rotamyz bu gezek böküşige
gidilende, iliň öňünden uçara münüp, iliň öňündenem
asmandan indi.
Biz bu gezek meýdanda galyp, özümizden soňky böken
bölümleriň paraşýutlaryny toplamalydyk. Bu işiň kömelek
çöplemek däldigini bilsek-de, biz kimdir birinden nägile
bolduk.
Paraşýut daşap ýören Mişa bolsa, şol gezip ýörşüne
kimdir biri bilen gürleşýärdi:
- Ýoldaş komandir, bizi näme sazbölümiň titijeleridir
öýdýäňizmi. Hemişe iliň yzyny şolar ýygnaýardy-la. Meniň
pikirimçe, ýoldaş komandir, siziň bu edişiňiz hakykata ketje
gelýär. «Buýruk» diýýäňiz-de, gepe nokat goýýaňyz. Goý,
do-re-mi-fa-sol - diýip, paraşýuty muzwzwod çöplesin, bu
olara gelişýän iş...
Bökülip gutarylansoň hem paraşýutlaryň hysyrdysy
ýene-de üç sagada golaý çekdi. Ýöne welin bize paraşýutlary
ýükläp alyp gitmeli, «Tiz barýar» diýlen maşynlar wagty
bilen gara bermediler.
Rota komandirimiz toplanan paraşýutlary anyklap,
depderçesine bellik edişdirdi. Oglanlar bolsa çilim çekmäge
oturdylar. Rota komandirimiz paraşýutly işini tamamlansoň,
maňa öz bölümimizi düzmegi buýurdy.
Men öz ýanymdan, bizi «söweşýän» goşuna kömege
iberjek bolýandyr» diýen oý bilen galkynjakladym. Oglanlary
nyzama düzüp, ikinji bölümiň buýruga taýynlygyny mälim
etdim.
37
- Häzir siz şu ýerde paraşýutlaryň ýanynda galýarsyňyz,
biz bardygymyz, maşynlary bärik ugradarys.
Ýene-de biziň çakymyz çykmady.
Bu ýerde etmeli kem-käs işler edilensoň, bir esgeri
nobatçy goýup, öňňelere rugsat etdim. Oglanlaryň birnäçesi
wagtdan peýdalanyp, kömelek gözlärmen boldular. Mişa bilen
oglanlaryň ýene birki sanysy bolsa selkildäp ýörenlerinden
otlaryň üstünde arkaýyn, ine-gana agynaşyp ýatanlaryny
gowy gördüler.
Tokaý bizden uzakda däldi. Onuň etegindäki dünýäni
tutup owsunyp başyny ýetirip, oraga gelip oturan bugdaýly
meýdan häzir meniň gözüme diýseň owadan bolup göründi.
Tokaý agaçlarynyň arasyndan syzylyp öwüsýän şemal, çüýrän
ýapraklaryň ysyny bugdaýlygyň ýokarsyndan seçeläp
geçýärdi. Olary iki ýana yralap sypalaýardy.
Bir sümmüli alyp, aýama salyp owkalamsoň, pahallary
üfleşdirdim, ine, şundan soň, her birini atyp sanaýmaly
ýalaňaç däneler aýamda togalanyşyp galdylar. Bugdaýly
meýdanda aýlanyp ýörkäm, ýatlamalar meni häli-şindi öz
ugurlaryna alyp gitdiler. Birde okarama salyp datlyja dänik
iýenimi ýatlasam, ýene birde elim sapanly diňe çykyp, bugdaý
goranym ýadyma düşdi.
Men oglanlaryň ýanyna dolanyp gelemde, Gün batypdy.
Tokaýdan oljaly gelen oglanlar ot ýakynyp, çöpe düzen
kömeleklerini bişirinýärdiler. Oda tutulan kömelekleriň
ýakymly ysy meniňem ajyganlygymy ýadyma saldy. Golaý
bir ýerde obaň barlygyny bilsegem, gidip dileg salmagy
gelşiksiz gördük. Ýogsam, oglanlaryň käbiri duzy bahanalap
oba gidip gelmegi meniň ýadyma-da saldylar.
- Häzir oba gidip, duz getiräýsedim. Duzlap iýseň,
bilýäňmi, kömelek nähili lezzetli... şuň ýaly - diýip, başam
barmagyny görkezýänler hem bardy.
38
Kömelekler bişensoň, her kim ýetdik hakyny alyp tamşandy. Ýürekse edindi. Maşynlar welin şindem gara
berenokdylar.
Meniň sabyr käsäm doldy. Eýýäm ýatar wagty hem
golaýlap ýördi. Men kim-kimleriň näçeden-näçä çenli
nobatçylyk çekmelidigini aýdyp, özümem bir çetde elimi
ýassanyp gyşardym.
Gijäniň gaýry bir wagty nobatçy meni howsalaly yralady:
- Ýoldaş seržant, maşynlar, maşynlar gelýän ýaly-la,
oglanlary turzaýynmy?
Dogrudanam, sag tarapda gara gijäniň bir ýerlerinden
güwwüldi eşidilýärdi, ýöne ol göwnüme bolmasa, maşyn
sesine meňzemeýänem ýalydy.
- Traktor bolsa gerek - diýip, men öz ýanymdan çak
urdum.
Şol arada, biziň hümürdimize oýanan oglanlaryň biri
dillendi:
- Eý, tank gelýän ýaly-la, eý-ýý!
Tank sözüni eşidip, zöwwe ýerimden galanymy-da
duýman galdym. Şundan soň meniň yzym sozanguýruk boldy.
Tanklar bolsa göni bugdaýlyga tarap süýşüp, kerwen
gurşup gelýärdiler. Meniň yzym bilen bugdaýlyga kürsäp
giren Anapriýenko, özümize tarap müňzeşip gelýän tanklara
seredip, sesiniň eşidilmejegini ýadyna düşürmän, ellerini
göterip talaply gygyrdy.
- Dur! Dur-r-r!
Bizi gören bolsa gerek, hataryň öňünden gelýän tank
kürtdürip saklandy. Onuň yzy bilen bolsa beýleki tanklar
hem togtadylar. Tanklardan çykan komandirler nämäniň
nämedigini tiz anykladylar.
Bir goja komandir bolsa bizi mylaýym nazar bilen
sylaglady. Soňundanam biziň tarymyza kakyp gördi.
- Ýeri desantlar, bugdaý goraýaňyzmy?
39
- Hawa, mukaddes zatlary goramak desantlaryň
borjudyr, ýoldaş komandir.
Şeý diýdi-de, dilewar Anapriýenko ýene-de hemmeden
öň dillendi.
Uly komandir daşyna ýygnanan komandirlerine seresap
bolmagy sargansoň, öwrülip öz tankyna tarap gitdi.
Tanklar ýene-de janlandylar. Biziň öňümizde duran tank
hem hyňrandy, soňundanam duran ýerinde pyrlanyp öwrüldi.
Şu ýerde, hiç kimiň ýadyna-oýuna düşmedik emgek meniň
dünýämi daraltdy duruberdi. Tank öwrülen mahaly zynjyrlarynyň arasyndan zyňlan şapbat ýaly palçyk geldi-de, meniň
tanklary ýola salyp duran gözlerimiň birine palçyldady.
Men, bir «ha-a» diýdim-de, gözümi tutup bugdaýlyga
togalandym. Oglanlaryň gözümi süpüreni-de peýda etmedi.
Olar «agla, agla» diýşip, meniň daşymda elewreşýärdiler.
Men her näme-de bolsa, aglamagy birhili görüp, çydajak
bolýardym. Kä dişlerimi, kä dodaklarymy dişleşdirýärdim.
Anapriýenko bolsa meniň awunmagymy Mişadan görýän
ýaly oňa igenýärdi:
- Mişa, hany aýtsana-ow, indi näderis, bu golaýda
suwam-a ýok. Oba adam iberip, dogtor çagyrsakmyka?
Hany... bir zat diý how, diliňi ýuwutmadyk bolsaň!
- Doktor çagyraýmasak, men näbileýin nätmelidigini.
Belki, seržantyň özi bir zat diýer...
- Suwa gitmeli bolsa, men gideýin - diýip, oglanlaryň
biri öz hyzmatyny ýatlatdy.
- Ýok, Grinýa gitsin. Şol oňat ylgaýar.
Oglanlaryň hersi bir zat diýensoň, olar geler ýerde belli
netijä gelip bilmediler.
Jahan ýagtylyberende uzakdan ýene-de bir gara salgym
göründi.
Bu gelýän ýeke at goşulan arabajyk ekeni. Arabada iki
sany adam bardy, olaryň biri ýaşy 40-45-i töwereklän
arabakeşdi. Öňdäki oturgyçda onuň bir özi joňkaryp otyrdy.
40
Ýolagçylaryň ikinji biri bolsa zenan maşgalady. Ol araba
atylan otuň üstünde aýaklaryny uzyn salyp, çagasyny
gujaklap otyrdy. Aňyrdan tykyrdap gelýän araba biziň
deňimize ýetiberende, gyra sowlubrak saklandy. Arabakeş
meniň gözümi görüp, başyny ýaýkady:
- Göreje zeper ýetmedigem bolsa ýagşy.
Keltejik arabakeş birbada bize näme maslahat berjegini
bilmedi. Ýanyna suw göteräýmänligini ýatlap gynandy. Şu
ýerde, meniň gözümi görüp ýagdaýa düşünen dolmuş aýal
biziň hemmämizi aňk-taňk etdi. Ol: «Soldatas, eýkişçe!»1 diýip, meni ýanyna çagyryp alansoň, elindäki gundagly
çagasyny emaý bilen gapdalynda otuň üstünde ýatyrdy-da,
meniň aladama berildi. Bir eli bilen meniň gözümi açdy,
beýleki elini bolsa köýneginiň ýakasyndan sokup, ol ýerden
güberip duran ak göwüsleriň birini çykardy. Şundan soň
«çaşyrdap meniň dertli görüme mylaýym, ýakymly süýt
sagylyp başlandy.
Oglanlar bolsa häzir töwerekde bu nurana sary saç aýala
seredip, onuň ediberisini görüp aňk-taňk bolşup durdular.
Ol aýal şeýdip meniň gubar baglan gözümi iki-üç gezek
göwsünden süýt sagyp ýuwansoň, onuň agyrysy azalan ýaly
boldy. Haçanda men ýene bir azdan dogumly zenanyň
egninden üstaşyry aňyrlygyna sereden mahalym, bugdaý
deňziniň tolkun atyp oturanyny gördüm.
Iki hat
Epilog deregine
Geň göräýmeli, gözümiň agyrysy azaldykça, meň
ýüregim gysyp ugrady. Ilki gelenimde, gospitalyň penjirelerinden garap, ýele etegini kakýan agaçlara seretmegi
halanam bolsam, indi olaram meni irizip başladylar.
1
Bäri gel!
41
Häli-şindi rotamyzyň oglanlary ýadyma düşdi durdy.
Birde olaryň paraşýut rejeläp ýörüşleri göz öňüme gelse, ýene
birde nyzam bilen polkumyzyň baýdagynyň öňünden geçip
baryşlaryny görýärdim. Öz içimden, gözümiň sargysyny
aýyrsalar bolany, dessine yzyma goýbermeklerini soraryn,
eger goýbermeselerem, onda-da bir alajy tapylar, oglanlaryň
biri bilen sene-mene ederin, onsoň özlerem çaňymy kakarlar
- diýip oýlanýardym. Bu ýerde meniň bar güýmenjäm
jübimde galan iki hatdy. Olaryň biri gelnim Ýazjemalyň
iberen hatydy. Ony jüýk burun poçtalon bökülişige barýan
wagtymyz maşynyň üstünde otyrkak getirip beripdi. Haty
okap-okap ýat tutan hem bolsam, ony gaýtalap okamak meň
üçin lezzetlidi.
«...Haçanda saňa ýazmaga otursam, seni gapdalda,
ýakyn bir ýerde duran ýaly duýýaryn.
Öý-içler görüp gidişiň ýaly sag-salamatlyk. Kakaň
traktory bilen gymyldap ýör.
Jigileriň şu günler kolhozyň pagta ýygymyna kömek
berýärler. Men bolsa mekdep hysyrdylary bilen başagaý.
- Hysyrdy kän bolsa, men ýada düşýänmi bir diýäýmegiňem mümkin? Seniň göz öňümden gidýän wagtyňam ýok.
Jigileriň poçtalon gelende, «Nury akgamdan hat getirdiňmi?» diýip, ylgaşyp öňünden çyksalar, meniňem ýüregim
olar bilen ylgap, hemmeden öň haty garbaýar.
Ine, şu gün bolsa senden aýrylanyma dos-dogruja
542 gün geçipdir. Nesip bolsa, indi, hä diýmän dolanyp
gelersiň.
Hoş, sag bol. Gezen ýeriňde sag gez. Haty tiz-tizden
ýazaweri, oglan! Hatyňa bir irikgä etme!!! Ýoluňa göz dikip
oturan gelniň Ýazjemal.»
Hatyň ikinji biri, Tanýadan gelen iň soňky hatdy.
«...Bu-ýä dereksiz ýitäýdi» diýýän bolaýmagyň-da
ahmal. Men indi sizden şeýle bir uzakda welin, dolanmaly
42
bolsam, yzymy tapaýjagymam alagümana. Ykbal tüweleýi
meni Pribaltikadan, Uzak Gündogara alyp geldi.
Hol öňräk köne gala gezelenje gidenimiz ýadyňda bolsa
gerek. Sen şonda kukürt almak üçin sumkamy açanyňda,
bir surat görüpdiň. Ol kursant ýigidiň suratydy. Seniň şol
gören kursantyň indi artilleriýanyň leýtenanty. Şol gezek
men saňa onuň bilen joramyň doglan gününde tanyşlyk
açyşymyzy gürruň bermekçidim.
Ol şonda öýlerine kanikula gelen ekeni. Ýöne sen suraty
görseň-de, görmezlige saldyň. Bu barada hiç zat soramadyň.
Belki, geregem däldir, ikimiz diňe bir dost ahyryn.
Golaýda bolsa biz toý etdik, indi meni gutlabam bilersiň.
Ýaşaýşymyz häli-häzirä-hä erbet däl, oňat, iki otagly
jaýjagazymyz bar. Şäher bilenem assa-assadan öwrenişýärin.
Boş wagtlarym kitaplara dümtünýärin.
Sen meniň instituta girmek hyýalymyň barlygyny bilýäň
ahyryn. Meniň girmek isleýän institutym şu ýerde-de bar.
Indi bir girmek alajyny edäýmek galdy. Şäherimiziň aýaz-gary
hem ýeterlik, ýöne öýüň üstüňde bolsa ýanynda ýüregiňi
ýylydýan adam bolsa, sowuk kär edýärmi näme?
Men-ä indi hatymy tamamlamakçy, sag-salamat gulluk
et, Nury. Gullugyňy gutaryp, gelniňe gowuşmagyňy arzuw
edýärin. Seni tüýs ýürekden hormatlaýan, Tatýana Iliçenko».
«Oglanjyk gyssanar, tudana wagtynda bişer» diýenleri
boldy. Gözüm oňat bolýança näçe howlugsam-da, doktorlar
meni gospitaldan goýbermediler. Diňe ýigrimi günden soň
maýor lukman mende hirret keseliň ýoklugyna gol çekdi.
Şol günüň ertesi men paty-putymy ýygnap, ýene-de öz
bölümimize tarap ýola düşdüm.
Moskwa, 1972-1973.
43
GYR ATYŇ HOWALASY
Ýigidiň myrady atdyr.
«Görogly».
...Howalasy belent Gyr at ýene-de bir ýerlerden çykyp,
gözýetimdäki öýe meňzäp oturan baýyr depesinde peýda
boldy. Baýyr şundan soň işigi atly, dokuzy doly öýleriň birine
meňzedi.
Gyr at her ýerden bir basyp, göwün imrindirip çapan
mahaly, ony görmäge göz gerek. Agzybir inişip düşýän
toýnaklaryň aşagyndan uçgun syçraýar. Töweregiň süňňünde
maýdaja saňňyldy peýda bolýar. Gyr at şemala ýazylyp,
pasyrdaýar. Ol haýsy menzile ýetse, bada-bat şol menzil
özgermek bilen. Töwerek, lowurdap öýe täze gelin giren ýaly,
göze ýakymly alamata öwrülýär. Gyr at seleň meýdan bilen
otlary göwüsläp gelýän wagty, ol kükregi bilen tolkunlary
öňüne salyp, daş-töweregine suw syçradyp, suwdan çykyp
gelýän suw atyna meňzeýär.
Her gezek Gyr at şeýdip dagy-dag, düzi-düz yzyna tirkäp
gelýän mahaly, men ilki özümi, soňundan bolsa dünýäni
unudyp oturýaryn...
Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyň güpürdisi
eşidilýär. Soňundanam şol güpürdä meňzeş sazlaşykly
urgular kem-kemden meniň ýüregimi eýeläp ugraýar. Her
gezek şeýdip ýüregim at toýnaklarynyň sesi bilen bir
perdeden gopup ugran mahaly, Gyr at dabyrap, meniň
ganymda aýlanyp ugraýar...
44
***
Howada ýeriň ysy bardy, bu gyşyň gutaryp, zeminiň
süňňüniň gowşaşyp ugrandygynyň alamatydy. Şu gar indi
üstümizdäki gyşyň iň soňky gary bolaýsa gerek diýlip
oýlanylýardy. Obada sallam-sajak bulutlary döw münen ýaly
münüp geljek ýaz ýagmyryna garaşylýardy.
Begençli waka bilen bagly bolany üçin, bu gün meniň
ýadymda galypdyr. Şol gün ertir öýden çykyp giden kakam,
giç öýlänler at münüp, eselip geldi. Eli kersenli öýden çykan
enem atyň maňlaýyna urba çalyp, ýagşy niýet etdi. Öňlerem
käte kakamyň öýe atly geläýýän mahaly bolardy. Ol, köplenç,
öz sürýän traktory üçin, haýsydyr bir demir gerek bolanda,
kimdir biriniň atyny münüp, öýde apalap saklaýan
demirleriniň yzyndan gelerdi. Dörünip, gerek demirlerini
tapandan soň atlanardy-da, ýene-de yzyna giderdi. Men näçe
islesem-de, kakamyň münüp giden aty gijara yzyna dolanyp
gelmezdi.
At gelip öýümiziň ata çykmagy bilen bagly ýakymly pikir
meniň göwnümi galkyndyrdy. Şatlyk meni bir ýerde goýmady. Düňküldäp, goňşy gapylaryň hersinden bir çykdym.
Söýünjime berlen süýji-kökeden kiselerimi tümmerdip
geldim. Atlanyp göräýmesem meniň oturyp-turup ynjalygymyň bolmajagyny kakam duýan borly. Ol maňa uzaga
äkitmän, aty birsellem öýüň töwereginde gezdirmäge hem
rugsat etdi.
Atly bolmak, at münmek höwesi mende heniz emedekläp
ýören wagtym hem bar ekeni. Öýümiziň gapdalyndan geçýän
ýolda atly adam görsem, men ganatymy kakyp-owsunyp, öz
halym bilen bolmaz ekenim. Şonda enem elinde göterip, ýola
çykyp, atly ötegçiden meni biraz ýere çenli atyna mündürmegini sorar ekeni. «Kakasyna, ejesine çeken ogul däl bi,
atasynyň agynjak özi. Şo-da ili atly etjek bolup, dert-azar
bolup ötdi bende» diýip, enem meni atama meňzedýärdi.
45
Aýallar üýşüşip gürrüň eden mahallarynda, adatça,
çagalaryndan söz açylsa, olary öz erkek doganlaryna
menzedip taryplamagy halaýarlar. Emma bu meselede enem
ol aýallara meňzemeýär. Ol meniň göwnebatnykly hereketlerimiň hemmesinde hemişe atamy ýatladýan alamatlary
görýärdi.
Atam uruşdan dolanyp gelenden soň, telim ýyllap
kolhozyň ýylky sürüsini bakypdyr. Dört ýyllyk uruş onuň
üçin iki ýylda gutarypdyr. Top okunyň oskolka-tikesi
topugyny owradansoň, ony «Ikinji derejeli maýyp» diýip,
goşun hataryndan çykarypdyrlar. Ol ýörän mahaly ýaýkanyp,
bir aýagy bilen az-kem ýer sürpäp ýöreýän eken. Ýöne ata
münen çagy onuň maýyplygy hiç kimiň gözüne ilmändir.
Atam on-on iki ýyllykda, men ýedi-sekiz aýlyk çaga
wagtym, öz kömekçisi bilen sürüden bölünen bölejigi
derekläp ýörkä, çölde suwsuz galyp heläk bolupdyr. Gözlege
çykan garyndaşlary bir aýdan soň onuň galyndysynyň
üstünden barypdyrlar. Ol ýerde eýere kellesini goýup ýatan
adam meniň atam ekeni. Ony özi bilen uruşdan getiren,
hemişe bilinden aýyrman guşanyp gezen ýasy teletin-esger
kemerinden tanapdyrlar.
Enem ilki-ilkiler, atam ýaňy çopançylyk edip ugran
günleri onuň öýderäk bolmagyny isläp, çemesi gelende, oňa
töwella hem edipdir. «Kakasy, senem il-halk ýaly ertir gidip,
agşam gelmeliräk bir işe geçäýseň nädýä, özüňem ýarty
adam, öýderäk bolsaň, men borun, çagalar bar, otur-turuňa
ýarardyk» diýipdir. Atam hemişe enem bir zat diýse ýok
diýmez ekeni. «Bir amaty gelende, başlyga aýdyp işi
çalşyraýaryn, sen biraz tagapyl et» diýer eken. Söz bersed-ä
berer ekeni welin, ýöne ol hemişe iş edende, öz pikirinde
galar ekeni.
Men her gün irden turup çaý-çörek iýdigim gaýramyzdaky gamyşly köwüň boýuna ýetmäge howlugýardym.
46
Çaý-çörek datman gitsemem giderdim, ýöne iýip-içmesem
enem halanok.
- Oglum, seniň gaçgynyň öý-le, näme bu ýerde seniň
arkaňa duz ýükleýän barmy? - diýip nägile bolýar. Enem
oýurganyp gamlanyberse, bu maňa ýakanok. Şonuň üçin
enem ýüzüme sereden çagy, men öňüme goýlan zatlary has-da
işdämen iýen bolardym.
- Iýeňde şeýdip, güpüledip iýseň, ana, onsoň hele-bärde
ajygmarsyň, oglum - diýip, enemem monça bolýar.
Öýümizde meniň ertir irden turmagymy halamaýan bir
adam bar, o-da ejem. Onuň pikiriçe, ir turmak çaga mahsus
häsiýet bolmaly däl. Özüne galsa, ol meni her gün towuklar
bilen ýatyrjak, ertirem günortanyň öň ýanlarynda palladyp,
geriljiredip turuzjak.
- Ýat-da, Gün ileri agýança, näme seniň kolhoz işiň galýarmy - diýip, käte-käte ejem maňa janygybam hüňürdeýär.
Özüne meniň aladasyz ýaşymy arzuw edip, şonda gözüniň
tä özi çyzylýança ýatyp hezil etjekdigini aýdýar.
Ejem kiçijik gyzjagaz wagty örän köp ýatar eken. Bir
gezek ejemiň säher turup işe giden kakasy günortan ara
öýüne çaý içmäge gelse, ejem şonda-da şol ýatan ýerinde daş
düşen ýaly ýatanmyş. Babam göwnüne ýakymsyz güman
getirip howatyrlanypdyr.
- Bar, heleý, gyzyňy gör, demi bir barmy oň? - diýip,
mamamy ylgadypdyr.
Meniň gamyşly köw diýýänim öýümiziň gabat gaýrajygy.
Öýden çykyp, taý bolup bir bökdügim, men eýýäm şol ýerde.
Gamyşly köw obanyň mal-garasyny getirip kowýan otluk
meýdany. Tomsuna bu ýere suwçular artan-süýşen suwuny
gaçyryp kowardy. Suwy ýetik bolansoň, gamyşly köwüň gür
çöpi güýzüň soňky günlerine çenli egsilmezdi. Daşyndan
seredene, bu meýdan mal jelladyň saraýyna meňzeýärdi.
(Mal-garany gören ýeriňden toplap äkidip, «Pagta girdi»
47
diýen bahana bilen telim günläp ot-suwsuz gabap saklaýan
adamlara biziň obamyzda «mal jellady» diýýärler.
Gamyşly köwe gelseň, bu ýerde çölden dynç almaga gelen
çopanyň garagulak düýesiniňem ýüpüniň örüsini aýlanyp
otlap ýörenini görersiň. Eýesine al salyp gaçan üsti gaňňaly
eşeklerem bardyr. Bölejik bolup ýören goýun sürüleri bolsa
bol çöpüň içinde çala görünişip, suwda ýüzüp ýören ördek
sürüsini ýadyňa salýar. Ýöne ot-çöpi dökün bolansoň, bu
ýerde mal jellatlaryň ýatagyndaky ýaly, garnyny gapjyk ýaly
edişip, gözlerini çylpykladyp, tezegine timisgenip duran
maly görmersiň.
Meni her gün gamyşly köwe getirýän zat, bu ýerde
örklenilýän atlardy. Irden, heniz daýhanlar işine ugramanka
bu ýere gelseň, bir aty däl, telim aty hem birbada görse
bolýardy. Sähel gijä galsaň, her kim atly atyna atlanyp gider,
gamyşly köwde diňe Hommat aganyň çal aty galar. Meniň
ilkinji dostlaşan atym hem hut şu çal atdy.
Käte men ol atyň ýanyna baryp, enemden ogryn jübime
salan gandym bilen onuň agzyny süýjüderdim.
Ata gant berjek diýsem, enemiň gyrjyny. «Ata-ite iýdire
meň öýümde hasapsyz gant ýok. Kesek-daş däl, ol köpüge-pula
berilýän zat. Görüp ýörsüň, puly bolsa kakaň gije-gündiz
traktory bilen ýakalaşyp, sowuk demri gysymlap, nä günlük
bilen gazanýar. Iýseň-ä, otur-da işdäň alanyny iý, ýogsa-da,
kakaň daban azaby bilen hanlyk satjak bolma. Ata-ite gant
oklap duranyňy görsem, örän gaty degerin» diýip käýinýärdi.
Aýama goýup uzadan gandymy çal at özüniň salpy
dodaklary bilen süpläp alýar. Şonda maňa ol gant bilen
elimem süpläp alaýjak ýaly bolup duýulýar. Ýere bir zat
atsaň, ony almaga itler ökde, çal at bolsa öňüne gant atsaň,
göwnüň üçin onuň ýüzüne-de seretmez. Egilse oňurgasy
ýazaýjak ýalydyr. Oňa gant berseň, hökman aýaňa göterip
bermeli. Goýup gitseň, şol goýan gandyň haçan gelseň, şol
48
goýan ýeriňde mör-möjege ýal bolup ýatandyr. Ýa-da çyg
çekip, pide-pide bolup, ota-çöpe goşulyp gider.
Hommat daýy frontçy, özi-de bir aýagy agaç adam. Ol
hemişe giden ýerine at münüp gidýär. Uruşda hem ol atly
goşunda gulluk edipdir.
Köplenç, gamyşly köwden onuň atyny inileri Gök bilen
Asman gelip äkidýär. Olaryň haýsy birisi gelse-de, ýüpi çözüp
toplap bildikleri depýäler atyň böwrüne. Çal at sürlen ýeriň
içi bilen oba tarap düwdenekläp, atylyp gidýär. Obanyň
çetinden giriberenlerinde, olar aty hökman saklaýarlar,
aňyrlygyna ony gyssaman, öz maýdalyna ýöredip äkidýärler.
Bärden alagüpürdi bolup barsa, olaryň Hommat daýydan
almytyny aljagy belli. Hommat daýy heý bolmanda: «Näme
yzyňdan ýagy gelýärmi, deýýus!» diýip azgyrylýar.
Inileriniň öýde ýok wagty köwe, atynyň yzyndan
Hommat daýynyň özi gelýär. Men ony garagörnümden
tanaýaryn. Ol ýörän mahaly sag aýagyna agsap ýöreýär.
Gapdalyndan çykyp oňa salam berýän. Hommat daýy aýak
çekýär.
- Ýegen, saglykmy? - diýip, açyk ýüz bilen aleýik alýar.
Atlar çolaşman durlarmy?
- Hawa, çolaşmandyr.
Hommat daýynyň «Atlar çolaşman durlarmy?» diýmeginiňem sebäbi bar. Öňräk daýysy gezmäne gelende, Gara onuň
münüp gelen atyny getirip köwde örkläpdi. Gara nä
gondybagy salyp bilýärmi. Mal daňanda, onuň eli ýaglykly
ýalydyr. Iki gezek çigen bolup gidipdir. Ol atam boşanyp,
gelibem Hommat daýynyň Gyr aty bilen harçaňlaşyp,
segreşip çolaşypdyr. Ertir irden güýlünip heläk bolup ýatan
aty ilki men gördüm. Öýden münüp gelen çybyk atymy yzyna
öwrüp, «Niredesiň Hommat daýylar» diýip, basdym «ata»
gamçyny.
Hommat daýy meni diňläp, bada-bat inileriniň ikisinem
aýaga göterdi. Özi bolsa maýdalyna ýöräp, soňundan geldi.
4. Sargyt
49
- Berekella, ýegen. - Hommat daýy gele-gelmäne maňa
hoşamaýlyk etdi, soňundanam goltuk jübüsinden gapjygyny
çykaryp, bir onlugy maňa uzatdy.
- Bu seniň baýragyň, ýegen!
- Hä-ä, gerek däl.
- A-al, al, ýegen, kino gidersiň, onsoňam göwünden
çykarylyp berlen zady almalydyr.
- Aý, gerek däl - men başymy silkip, yza çekildim kino gidemde, enem pul berýär-ä.
- Onda, onda... - diýip, Hommat daýy puly yzyna,
gapjygyna salyp durka oýlandy.
- Gök, bar aty mün-de, ýegenem syrtyňa mündür, ony
äkit-de, waratadan bäri aýlap gel.
Hommat daýynyň bu sözi meniň göwnümden turdy.
Ýolda Gök maňa igendi. «Puly alsaň bolmadymy, hezillik,
ana, onsoň bordy, men magazine gidip, bir gowy zat alardym,
ikijigimiz bölüşip iýerdik, indi Hommat akgam pul berse
algyn, ol juda eçiläýmese, aňsat adam ogluna pul berýän
däldir» diýdi.
Men welin pul alman, dokmädelik edenime birjigem
gynanamok, gaýtam, begenýän. Puly alan bolsam, at
mündürip aýlamak Hommat daýynyň ýadyna düşermidi
näme?!
Bir gezek bolsa, Hommat daýy meniň özüme Gyr aty
münüp aýlanmaga ygtyýar berdi. Gyr at meni şüdügär ýeriň
içindäki sygyrlaryň gatnap ýasan ýodajygy bilen ýorgalap
oba getirdi. At münüp bilýänimi deň-duşlarymyň görmegi,
töweregiň özüme gözügidýänini duýmak maňa diýseň
ýakymly bolupdy.
...Enemiň gözüniň okarasy bulduraýar. Bu onuň bar
begenip bilşi. Men bir zady bilýärin. Enem indi köpden bäri
özi üçin begenmeýär. Ol begenen begenjini meniň üçin,
kakam üçin, jigim üçin begenýär. Enemi diňleseň, bu aty
biziň öýümize meniň atama çeken, bedew atlara bolan
50
yhlasym getirenmiş. Öz diýýän sözüne bolsa enem hemişe
kemsiz ynanýar.
Enem häzir biziň öýümiziň ýene-de ata çykany üçin
begenýär.
Gije kem-kemden daş-töweregi ümsümligiň törüne
geçirip ugrady. Atyň bedeni sowaşandyr hasap edensoň,
kakam onuň eýerini arkasyndan aýyrdy. Eýeri eltip, gyş
günleri odun saklanýan kümämize saldy. Kakamdan galyp,
oňa häzir barýan diýsemem, meniň atymyň ýanyndan
aýrylasym gelmedi. Ikinji gezekde, enem meni derekläp,
eýwana çykyp çagyrdy.
- Gel, gel-uw indi. Gel, at ýatakda ýatmajak bolsaň!
- Häzir, ine, barýan.
Wagty bilen gara bermämsoň, on-on bäş minutdan enem
ikilenç eýwana çykdy.
- Eger sen şeýdip, şol atyň ýanyny alyp dikilgazyk bolup
durjak bolsaň, onda men kakaňa aýdyp, aty gije atýataga
eltip tabşyrar ýaly etdirerin. Ýogsamam onuň sygyr üçin
toplanja otumyzyňam soňuna çykmagy ahmal - diýip,
göwnüme ünji salyp, meni içerik ýygnady.
Agşamlyk çaý başynda, enem soralmasa-da, ýüregini
diline aldy.
- Boýnuňa dakylan birgat deregi dargandyr özi-hä, olar
seň ýaly ýumry-ýumşak oglany heläk eder, olara Şemmet
ýaly demi zagara bişirýän zabun birgat gerek. Şol bende olaň
hakyndan çykýan ekeni, indi ol kölegesini ýygnaly bäri, şol
birgadyň kolhozçylarynyň hersi bir kelle. Birki ýyldan bäri
her ýyl birini saýlap gelýärler, peýdasy ýok. Agzalalyk bar
ýerine-de bir, heý, oňatlyk saýasyny salarmy.
- Göreris-dä. - Kakam tirsekläp çaý içip ýatyşyna,
göwnübirlik bilen jogap gaýtardy.
- Oglum-a atyň gelenini görüp, begenip, iki bolup
bilmedi...
51
Enem gürrüňi meniň üstümden getirdi. Ýöne birinji
gezek suw dilände arzy diňlenmedik jigim aglap, gep-üýne
gezek bermedi. Şeýdibem, bu gürrüň şu ýerde galdy. Çaý
içişlikden soň, her kim öz otagyna ýatmaga gitdi. Enem
ikimizem öz otagymyzda galdyk. Ýatmak üçin çyrany öçürip,
ýerime girsemem, at meniň gözümiň öňünden gitmedi.
Ussa Gurbandurda äkidip, onuň toýnagyny nallatmak
hakynda oýlandym. Körük basyşsam, onuň ýok diýmejegi
belli.
Enemiň sazlaşykly dem almagy eşidilip, uka gidenligi
belli boldy. Men pişik basyşyny edip ýerimden turdum-da,
aýaguçdan aýlanyp penjiräniň öňüne geldim.
Daşary gum-gukluk. Ähli zady gije öz süňňüne
siňdiripdir. Mal ýatagyň gapdalynda depe bolup oturan ot
küdesi häzir gamyş kepbä meňzäpdir. Sapar aganyň çyrasy
bolsa gerek, çep gabatdaky penjireleriň birinde henizem
ýagty bar. Meniň atym ümsümlige goşulyp, dört aýagynyň
üstünde ukusyny alyp duran eken.
***
Bu ata Gyr at diýip at goýdum. Sebäbi men öz ýanymdan,
at iň gowy at boljak bolsa, onda onuň ady Gyr at bolmaly
diýen pikirdedim. Eneme aýtsam, o-da: «Bolupdyr, oglum,
atyň adyna mynasyp bolsun!» diýdi. Enemiň beýle diýdigi,
atyň Göroglynyň Gyraty ýaly özüňe wepaly bolsun, guş ýaly
ýyndam, ynsan ýaly düşbi bolsun diýdigidi.
Kakam hemişe her gün ir bilen ertirlik edinmezinden
öň, ýatakdaky mallaryň halyndan habar alardy, olaryň otuna-suwuna seredişdirerdi. Gyr at öýümize gelensoň, bu işler
hem öz-özünden meniň pişäme öwrüldi. Oýanybildigim, mal
ýatagynyň arkasyndaky aşagy ýaýbaň, ýokarsy aýlaw,
çüreldip basylan ot küdesiniň ýanyna gelýärin.
Her gezek küdeden sogran otumy Gyr atyma radalap
sogurýanam bolsam, ol her gezek gök eşek bilen onuň özüne
52
meňzemeýän ak kürresiniň nesibesi bolardy. Otuň şytyrdysyny eşitdikleri ýaňky eşekleriň ikisi iki ýerden hynçgyryşyp,
düşerdiler bir gara güne. Ana onsoň, bu nadaralary sem etjek
bolup, gysym-çaňňal ilki küdeden sogranja otuňy şolaryň
önüne atmaly bolýardy.
Enemiň bolsa ähli aladasy, doýrubilmezi äwmezek gara
sygry. Un elener. Elekde galan kepegi gara sygyr iýer. Gawun
iýler, garpyz iýler, jam-jam gök paçak ýene-de sygryň
hakydyr. Men öýden çykyp, mallara ot dökmäge ugrasam,
enem ýene-de bada-bat gara sygryň bardygyny meniň ýadyma
salar:
- Oglum, sygryňa oty köpräk bergin. Atyňdan, haram
eşekden bize peýda azdyr.
Mekdepde wagtymam Gyr atym häli-şindi meniň ýadyma
düşerdi. Öýümizde Gyr atyň bardygyny ýatlamak meniň üçin
hemişe ýakymlydy. Onuň gazygynyň töwereginde gezmeläp
ýörşi gözümiň önüne gelerdi.
Hyýalymda ony men segredip, terslin-oňlyn obanyň
içinden geçerdim.
Bir ýola «Türkmen dili» sapagynda mugallymymyz
meniň tagta ýazan üç sözlemimi okap igendi.
- Seniň Gyr atsyz kelläňe gelýän sözlem barmy ýa-da şu
bar bolup bilşiňmi?
Ikilenç synp tagtasyna seredip, men ol ýerden öz
ýalňyşymy gözledim.
«Gyr atym meniň - ganatym meniň». «Pereňden Gyr
atyň owazy geldi».
Ýazan üç sözlemimiň ikisini bozdum. Täze sözlem
tapmaly. Ýöne ony bada-bat nireden aljak, içinde Gyr atyň
ady agzalmaýan sözlem-ä asla-da ýadyma düşenok. «Meniň
kakam kolhozda traktor sürýär» diýen sözlem kelläme gelýär.
Bu-da meniň öň ençeme gezek synp tagtasyna ýazyp derňän
sözlemlerimiň birisi. Ikinjidenem, indi kakam brigadir. Tagta
«Meniň kakam brigadir» diýip ýazmak - bu-da birhili
53
süwümsizlik. «Kakasy brigadir saýlanany üçin hondan bärsi
bolýar, gomalýar» diýiljek.
Atymy münüp, her gün bir sapar suwa ýakyp, aýagyny
ýazyp gelýärin. Onuň men okuwdan gelýänçäm durup-durup
peteň bolýany belli zat. Maňa galsa, ony günde telim gezegem
suwa ýakjak-la, ýöne Gyr at meniň göwnüm bolup bilenok.
Gün içinde ol bary-ýogy ýeke gezek suw içýär. Näçe sygyrsaň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.