Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13

Total number of words is 3881
Total number of unique words is 1960
33.8 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Onda men şol!
- Hä... ä... ä.
- Näme «hä-ä-leşip» üstüme abanyşyp dursuňyz? Meniň
işim-derdim tilki çagalarynyň önünde süýnüp-sarkyp durma
däl. Bilýäňizmi, maňa bir gezek doýmak üçin 360 sany
mör-möjek gerek. Siziň agzyňyza öwelip dursam, men garnymy haçan doýyryn? Ýaňy iýen gurçugym-zadym 164 sany.
205
Hasap edip görüň, ýene-de maňa näçe mör-möjek iýmek
gerek. Boluň, hasaplaň!
- Biz hasap bilemzok.
- Siz tilkilere beletdirin, «bilemzok» diýşip, meni
aldajak bolmaň. Siz tilkileriň hasapsyz zady bolmaz.
Bilmeýän bolsaňyz, baryň, ejeňiziň ýanyna, onuň özi
öwreder.
Zemzeniň könäni dörüp gepledigiçe gahary geldi.
- Siz tilkiler bilen möjekler ýesersiräp, çölüň berekedini
gaçyran siz. Siz hemişe meniň iýýän mör-möjeklerimi
özüňiziň porsy aýagyňyz bilen depeläp gezýäňiz...
Möngözlüje bilen naşyja tilkijik zemzeniň öz-özünden
ýel alyp, boluberşini görüp, ondan çekinişip yza tesdiler. Olar
gelibem öz gören-eşiden zatlaryny gijäniň düşenine özüni
ynandyryp oturan ejelerine gürrüň berdiler.
- Çişdimi? - diýip, tilki göwnübirlik bilen oturyşyny
üýtgetmän sorady.
Tilkijikleriň ikisi iki ýerden «çişdi-de-çişdi» boluşdylar.
- Aý, goý, çişsin. Onuň gaharlansa, hemişe-de
şeýdäýmesi bardyr.
Tilki soňundan könäni ýatlady: «Bizem bir wagtlar
(uýam ikimiz) ejemiziň gözüne güýdüşip gaçardyk-da, gidip
zemzeni tapardyk. Herimiz bir tarapyndan baryp onuň
gaharyny getirerdik. Ol kükregine ýygnabilen howasyny
ýygnap çişerdi. Bizi çemesine getirip bilmeýäni üçin guýrugy
bilen ýeri gamçylardy. Biz ol ýagşy gaharlanyp çişensoň,
ýene-de ylgaşyp yzymyza gaýdardyk. Ýöne onuň gamçysyna
gabat geläýjek bolmaň. Onuň bilen bolýan hezil oýnuň erbet
gutarýanynam men gördüm.
Bir ýola biziň iki bolup duýdansyzja bir ýere gidýänimizi görüp, üçünji doganymyz hem yzymyza düşdi. Ol pakyr,
dogrudanam, galyp-gopanda bizden goýazrakdy. Biz üç
dogan bolup, zemzeniň hezilini görmek üçin üç tarapdan
206
hüjüme geçdik. Zemzen gaharyny içine toplap, ýene-de hum
ýaly çişdi.
- Indi men siz tilkijikleriň oýunjagymydyryn? - diýip,
özüne erk edip bilmän sandyrady.
- Seniň şol kükregine toplanyň hemme gaharyňmy ýa
ýene-de barmy? - diýip, men ony öz ýanynda ýaňsyladym.
- Gahar näme işlesin munda. Pöwhe ýeldir-le - diýip,
uýam hem ýaňsylamakda menden kem oturmady.
Biz gep atyşyp zemzeni çişirip durkak, üçünji doganymyz oňa has golaýlaşan eken. Ol guýrugyny bir bulanda biziň
gözümiziň öňünde doganymyzy ýere ýazdy. Biz ylgaşyp
ejemizi alyp gelýänçäk, zemzen eýýäm içini sowatmaga
ýetişen eken. Şoldur-da-şol, meniň onuň bilen ugrum ýokdur.
Tilki çagalary ejelerini diňläp oturyşlaryna ilkibaşda:
«Bizem ejem dagy ýaly indi ony çişirip oýnarys» diýşip
oýlanan-da bolsalar, gürrüňiň ahyryny diňlänsoňlar, olara
bu oýnuň howpludygy belli boldy.
- Gowusy, onuň ýanyna barmazlykdyr. Öňüňizden
çykaýsa-da oýtarlaň-da geçiberiň. Artyk duşman gazanmaň,
onuň geregem ýokdur. Onsuzam biziň ýagymyz az däldir.
Goý, ol bolsa «Tilkiler menden çekinýäler, olar meni gören
ýerlerinde sowlup, ýol berýäler» diýip, öz göwnüni hoş etsin.
Tilki öz gürrüňini ýene-de ýaşululara mahsus akyl berme
bilen tamamlady.
Pyşbagany bolsa hiç kimden soraman, duşan wagty
Möngözlüjäniň özi tanady. Ol bu pyşbaganyň hut düýnem
şu ýerde ýapa ýarmaşyp ýatanyny biraz daşrakdan görüpdi.
Möngözlüjäniň keýpi kökdi, şonuň üçinem onuň ýeri
diňşirgenip, irkiljiräp ýatan pyşbaga biraz degesi geldi. Onuň
daşyna aýlanan bolup ýesersiredi.
- Hany, habary nädip alýaň-ow, pyşbaga?
- Näme habaryň bardy, oglum? - diýip pyşbaga gasyn-gasyn
boýnuny arkasyndaky düňderilen gazanyň aşagyndan
çykardy.
207
- Näme tutduň, şol ýere ýapyşyp ýatyrsyň-la?
- Heý, oglum, hiç zat. Bu dünýä hiç kime tutdurýan
däldir!
- Onda näme, sen şol bir ýeri bagyrtlap, goýbermerin
diýip ýatyrsyň?
- Häý, saňa oýun gerek, oglum!
- Ýa sen ýeri diňleýämiň? Hany, aýt onda, ol näme
diýýär?
- Ýermi?.. Şol güjüjege aýt, goý, ol öz ugruna gitsin,
ýogsa-da diýilmejegini diläp alýar. Şeýle-de aýt oňa, garry
pyşbagalary oýnajak bolmak aýypdyr diýýär.
- Onda senem, pyşdyl aga, şol ýerine aýt, hondan bärsi
bolan bolmasyn.
- Dur, dur, oglum! - Pyşbaga elini daldalap, güjüjege
ýeriň adyna erbet söz diýdirmezlik üçin öz goýaz häsiýetini
unudyp howlukdy. - Ýere dil ýetirmeli däldir, oglum, üç
gezek toba etdim diý derrew!
- Diýmesem näme?
- Onda ýer saňa gargyş eder, oglum, onsoň sen
baýnamarsyň. Bol, üç mertebe ýalňyşypdyryn diý!
- Diýesim gelmese näme?
- Häý, samsyk diýsäni. Mukaddes zada-da bir dil
ýetirilermi? Ine, men, men seniň ýedi däl, ýetmiş arkaňy
bilýän ahyry. Seniň it nesliňde ýolbars bilen tutluşany bar,
möjek bilen dalaşyp, ýaradan öleni bar. Guduzlap düze
çykanyň bar. Sesi bilen süriň daşyna gala bolup oturanyň
bar. Olaryň hemmesi-de kyn günlerinde güýji ýerden alypdylar. Ýöne seniň ýaly tilkiniň awuna kaýyl bolup, tilkileriň
derejesine çenli kiçelip ýöreniňizi welin görüp-eşiden
däldirin...
Möngözlüjäniň hakykaty uzak diňläp durmaga takaty
ýetmedi. Ol ýaltaklap yzyna öwrülmek bilen boldy.
- Hä, hakykaty diňlemek ýaramadymy, gaçyber, gaçyber,
ýöne, barybir, ol seni sypdyrmaz.
208
Pyşbaga özüniň gyryljaksy sesi bilen onuň yzyndan
gygyrdy. Ol baýyrlara münüşip, düşüşip, şatyrdaşyp barýan
tilkileriň yzyndan ýeten mahaly naşyja tilkijik ýene-de onuň
gapdalyna gysmyljyrady.
- Niräk ýitdiň-ä?
- Hol, ýapyda bir pyşbaga bar ekeni.
- Haý, şoň bilenem bir gepleşer ýörerlermi? Onuň ne
etini iýip bolýar, ne-de ýagyşdan gaçyp gelýärkäň öýüne girip
gizlenip bolýar.
- Şeýle-de bolsa, ol örän täsin ekeni.
- Ol ýerde düşegiň-ä ýumşady öz-ä.
- Pyşbaga iki ýüz elli ýaşapdyr.
- Nädip?
- Howlukman bolaýmasa...
- Menem üçe çenli sanap bilýän, iki ýüz elli üçden köpmi
ýa az?
- Näme yza galýaňyz? - Ene tilkiniň igenç äheňli sesi
tilkijikleriň ädimini tizledi.
Birsalymdan Aý dogup, Pendi baýyrlary birmeňzeş
süýtreňk ýagty bilen örtündiler.
Tilki bu gün öz çagalaryny taýyn awuň ugruna äkitdi.
Çopan-çoluklar haram ölen mallary sürüden saýlap, bir gorpa
atýardylar-da, üstüne birki pil gum atyp, telli-pelli gömüp
gaýdýardylar. Ýaltarak çopanlar bolsa bu iki pil gumy hem
atman, getiren maslygyny mör-möjegiň üleşigine galdyryp,
yzlaryna dolanardylar. Şeýle taýyn «aw» has-da çölde kiçijik
guzujyklaryň köpelýän wagty, ýazda köp bolardy. Tilkiler
bu «awy» öz ýanlaryndan «taýyn aw» ýa-da häki bir
«garyndoýurma» diýip atlandyrardylar. Ýöne beýle awuň
iýlen wagty, hakyky aw awlanyndaky ýaly, şeýle bir tagamy
bolmazdy. Şeýle-de bolsa garnyňy doýurmak, hut şunuň özem
kiçi alada däldi. Tilkileriň arasynda bu meselede: «Aw eti
bilen taýyn awuň ikisiniňem bitirýän işi bir, ikisem deň
ýokumly, ikisem bize güýç-kuwwat berýär» diýip, gören
14. Sargyt
209
ýerinden tapan zadyny iýmeli diýen pikire uýýanlar-da az
däldi.
Ene tilki hem bu öwräniň: «Hut gören ýeriňden tapan
zadyňy iýmeli» diýen pikire eýerýän tilkileriň birisidi.
Olaryň ilkinji gelen ýerlerinde ýaňyrak ölen guzujygyň
ysy bolsa-da, onuň özi ýokdy. Ony şagalmy, möjek, haýsydyr
biri gabat gelip, süýräp giden borly. Guzujygyň ysy
depesinden düýbi has garaňky bolup görünýän, iki aýyrt
bolup ýatan jülge tarapdan kükeýärdi. Aýaklaryň ol ysyň
yzyna düşesi gelse-de, gözleriň öz görmedik zadyny gidip
gözläsi gelmedi. Galyberse-de, «taýyn aw» her süriniň diýen
ýaly töwereginde bolardy.
Olaryň ikinji baran ýerlerinde üç-dört sany o ýeri-bu
ýeri zaýa bolup, porsap ugran jyrryk ýatan ekeni. Şeýle hem
häzir bu ýer boş däldi. Olaryň öňüsyrasy gelen erkek tilki
bir soky ýaly jyrrygy çete çekip, onuň töwereginde gyr-gyrlap
pelesaň urýardy. Ol ene tilkiniň toparynyň gelenini görüp,
öz awuny gysganyp has-da düýrükdi. Burnuny haýbatly
«tyssyldadyp», maslygyň bir eýlesine geçdi, bir beýlesine,
awuny goramaga häzirlendi.
- Golaýyma gelmäň!
- Seniň bir özüň onça zady nädip iýjek? Jyrrygy onuň
bir özüne köp gören tilkijikleriň birisi oňa gep gatdy:
- Iýerin, iýmänmi, hek ederin. Golaýyma gelmäň!
Birdenem ol üstünde ölüşmäge taýyn awuny goýdy-da,
howany ysyrganyp-ysyrganyp, bar zatdan bizar bolup göterdi
ökjäni. Onuň gaçanyny görüp, «Haýsydyr bir howply duşman
ýetip gelýändir» diýen gorky bilen beýleki duranlar hem
duran-duran ýerlerinden jyrryklardan geçip, gaçmak bilen
boldular.
Howsala birsalymdan ene tilkiniň toparyny ilki gaçan
tilkiniň yzyndan ýetirdi.
- Ýeri, nämeden gaçýas, näme bar? - Ol ilki gaçan tilkä
deňleşen wagty ondan özüniň bilesi gelýän zadyny sorady.
210
- Itiň ysy bar - diýip, ilki gaçan tilki hopukdy.
- Nirede?
- Häzir ol göni yzymyzda, ökjämizi basyp ýetip gelýär.
Ene tilki howany ysgansoň, nämäniň-nämedigine
düşündi-de «Ýak-heý... » diýip, lapykeç halda aýak çekdi.
Bu onuň öz çagalarynyň biri bolup ýören Möngözlüjäniň
ysydy ahyryn.
Ene tilkiniň duranyny görüp, iliň öňi bolup gaçan tilki
hem hol beýleräkde aýak çekdi. Geňirgendi:
- Ýeri, näme durduňyz?
- Ol biziň öz ysymyz ahyryn.
- Seniň akylyň çaşypdyr, kempir, seniň indi ölümiň
golaýlap ugrapdyr. Öljek tilki hemişe «Itleri talap, olary
mugyra getirjek» diýip, samrap ugrarmyş. Bir zady öwran-öwran
gaýtalansoň, ahyrsoňy onuň öz diýen zadyna ynanarmyşyn.
Özüniň tilkidigini, itiň bolsa itdigini unudarmyşyn.
Şeýdibem ol bir gün itiň garşysyna çykyp güýç görkezmekçi
bolarmyş. Itiň öňünden çykanyň bolsa gözüniň näme
görýänini sen mençeräk bilýän bolsaň gerek...
- Sen entek bir dursana! - diýip, ene tilki gepleme gezegi
özüne alyp, ýagdaýy oňa düşündirmekçi boldy.
Ýöne ýüregine howsala dolan tilkiniň hiç kimi diňläsi
gelmedi.
- Dursaň, özüň duruber! Bir porsy guzy diýip, men-ä
derimi serdirip biljek däl. Ýagyň özüňe nesip etsin!
Ýat tilkiniň garasy şundan soň barha daşlaşyp ýitmek
bilen boldy.
Ene tilki yzyna dönüp, çagalaryny ýene-de şol ýat tilkiniň
dow-dowuna düşüp gaçylan ýere getirdi.
Tilkiler garynlaryny otaryşyp, yzlaryna dolanan wagtlary Aý eýýäm al-asmana göterilipdi.
Tilkijikleriň keýpi kökdi, olar şol gelişlerine dänjireşip,
bir-birlerini itekleşýärdiler, ýumak bolşup, otlaryň üstünde
togarlanýardylar, ýakalaşýardylar. Enelerinden yza galyşyp,
211
ýene-de ýüzin salşyp, onuň yzyndan ýetýärdiler. Olar şol
gelişlerine bir baýryň eteginde dörän ikinji bir depäniň
üstünde bölejik bolup dynç alyp ýatan atlaryň üstünden
indiler.
Atlar aýdyň Aýyň ýagtysynda dünýäni unudyşyp
ýatyrdylar. Duran ýerinde uklamagy gowy görýänleri bolsa
biri-birleri bilen kelle degrişip, aýak üstünde irkiljireşip
durdular.
Gylýallaryň on-on bäş ädim beýle ýanyndaky depäniň
üstünde serdar at serini dumanladyp, uzaklara seredip durdy.
Onuň bedeni Aý şöhlesi bilen nurlanyp ýalpyldaýardy. Serdar
birde aýaklarynyň biri bilen ýer peşese, ýene birde
keýerjekläp has-da görmegeý bolýardy.
Atlary görüp, diňe bir bilesigeliji çagalaryň däl, hatda
ýöne-möne zatlarda üns saklamaýan ene tilki hem birsalym
aýak çekdi.
- Eje, şular hol gün gören atlarymyzmy?
- Hawa.
- Onda näme olar bizi kowalanoklar? - diýip, naşyja
tilkijik ýene-de doganlaryndan öňürdip, ejesine yzly-yzyna
sorag berişdirdi.
- Biz ýakyn barsak, olar ýene-de bizi sylap goýmazlar.
- Şol gije meni kowalan atlarmykan şular? - diýip,
Möngözlüje hem özüniň başagaý bolan gününi ýatlady.
- Haý, sammyjak... - Tilki Möngözlüjäniň soragyna
gülensoň, oňa başdansowma jogap berdi. - Ol ýerde şemal
bulutlary toplap çaknyşdyrýar, ýyldyrym çakýar. At küje,
taý küje...
- Eje, biz haçan at bolarys? - Serdar aty synlap, onuň
merdemsiligine gözi giden tilkijikleriň biri ejesiniň pikirini
böldi.
- Hiç haçan.
- Näme üçin hiç haçan, eje? Meniň at bolasym gelýär
ahyryn...
212
- Bes ediň. Öz pikir edip bilmeli zadyňyzy menden
soramaňyz näme?
Möngözlüje bolan gürrüňlerden çen tutup, bu atlaryň
şol gije özüni depeläp ötjek bolan atlar däldigini anyklady.
Alaňyň depesinde öz mertebesini göz edip duran dyzmanç
at töwerekde bir ýakymsyzlygyň barlygyny duýup,
gulaklaryny bir tarapa gönükdirip üşerildi. Şundan soň tilki
ýene-de çagalaryny yzyna tirkäp, ýola düşdi. Möngözlüje
birsalym ylgap yzyna sereden wagty, serdar atyň şol bir
duran ýerinde keýerjekläp, şöwür çekip duranyny gördi.
Ýagyş ýagan gününiň ertesi ýata-ýata halys bolan
Möngözlüje hemmeden öň oýandy. Ol ýaltalaç gerinjiräp
daşaryk çykan mahaly töweregiň çal ümrüň arasynda çala
sudur bolup, bugaryp oturanyny gördi. Howa hoştapdy, onda
säher çygynyň, gülleriň, ot-çöpleriň ýakymly yslary bardy.
Ümrüň bugaryp, göç edip ýörşi gören zadyny düýrläp alyp
giderli görünýärdi. Möngözlüje birsalym dünýäniň synçysy
bolup duransoň, bir zada - özüniňem, doganjyklarynyňam
uçýandygyna, onda-da barha özleriniň ýokary göterilip
barýandygyna ynandy. Sebäbi ol şol gezek uçan güni hem
asmanda öz töwereginde hut şeýle çal-çul zatlaryň sallam-sajak
bolşup, uçuşyp ýörenlerini görüpdi. Uçmak bolsa, gör, nähili
gowy zat! Onda-da öz basdaşja doganjyklaryň, ýyljak süreniň
bilen bileje uçmak diýsene!..
Möngözlüje şatlygyny paýlaşmak üçin keýpihon bökeläp
sürene giren mahaly tilkijikler entegem ymyzganyşyp, halka
atyşyp ýatyrdylar.
- Uçýarys, uçýarys! Biz uçýarys! - diýip, Möngözlüje
sürene giren ýerinde durup, aýratyn bir joşgun bilen seslendi.
- Näme, näme? - Gepi çala eşiden ene tilki howlukman
turup, ýüregini howsalaly bükgüldedip, onuň habaryny aldy.
- Biz uçýas, ene!
213
- Kürsäp girip ýüreg-ä ýardyň - diýip, ene tilki soňundanam ibirtde-zibirt bolşup, turşup gelýän çagalaryna hiç
hili howpuň ýokdugyny aňdyrýan-garaýyş bilen seretdi.
- Senem, menem, hemmämiz uçýas! - diýip, Möngözlüje
şatlygyny kemmän, doganjyklaryna buşlap, ýene bir gezek
seslendi.
- Niräk uçýas? - diýşip, tilkijikler geňirgenişdiler.
- Bilmedim, ýöne özümiz-ä uçýan ekenik, daşaryk
çyksaň bildirýär...
Tilki çagalaryny yzyna tirkäp daş çykan mahaly goýry
ümrüň ähli baýyrlaryň başyna öz possunyny ýapanyny,
dünýäniň daralyp, endam-jany bilen bugaryp oturanyny
gördi. Birsalym ümre syn edişip duransoňlar, tilkijikler hem
Möngözlüjäniň ynanan zadyna - özleriniň uçýandyklaryna
hakykatdanam ynandylar. Sebäbi bu pursatda bütin dünýä
bugaryp, ýokary göterilip barýana meňzeýärdi.
***
Tilki ümürli gün bolanda hemişe çagalaryny äkidip, olara
alaka ýa-da bedene awlamagy öwrederdi. Ümre duwlanylyp
edilen aw diýseň gyzykly hemem şowly bolardy.
Alaka hakykatda welin tilkiniň eý görýän iýmitleriniň,
hiç birisi hem däldi. Ony iýse, agzynyň ýuwa çeýnäniň agzy
ýaly, iki-üç günläp porsap-aňkap durjagyndan hem
habarlydy. Bu aw tilki üçin ölmez ödi - kyn günüň «allasy»
diýilýänidi. Tilki bolsaň, hany, saňa goýun eti, keýik
owlajygy ýa-da towşan eti, islän wagtyň ýetdirip durmy
näme? Şeýle gurak günlerde ol alaka etini tapsa, bal etjekdi.
Tilki alaka hinlerinden ýaňa endam-jany eleme-deşik
bolup oturan bir baýryň öňüne gelip aýak çekdi. Çagalary
gelşip, daşyna üýşüşenlerinden soň bolsa: «Öň öwredişim
ýaly, gaty hüşgär hereket etmelisiňiz» diýip, özüni üns bilen
diňläp duran çagalaryna ýene-de bir gezek ene ynjalyksyzlygy
bilen sargady. Tilkijikler awuň öňüsyrasynda bolmalysy ýaly
214
bolşup hüşgärlendiler. Soňundan bolsa olaryň hersi bir hini
nazarlap, şeýle bir ussatlyk bilen çem gelen zatlara bukuldylar welin, Möngözlüje olary soňra boýlanyp-boýlanybam
görüp bilmedi. Oňa dünýäden bihabar atyşma gürrüň edişip
oturan alakalary diňlemekden özge alaç galmady.
- Goňşy, öýüňe giräýdiňmi?
- Ýok, bardyryn.
- Hemişe bolmagyňy ir ertir, giç agşam dileg edip
ýörendirin.
- Sag boluň. Biziňem dilegimiz şol bir zat, il-günüň
gowulygy.
- Çagalar gülüp-oýnaşyp ýörlermi?
- Agşam kiçimiziň-ä biraz endamy ýylady. Düýn täze
çykan dadranyň kökünden köpräk iýäýipdir öýdýän...
- Hä, dadran gaty güýçli zatdyr ol. Ony düýe iýse-de
gulagynyň etegi çygjararmyş ahyryn. Ony çakyňy bilip
iýmelidir, gardaş...
- Bu çagalaryň bir zada agyzlary degse, onsoň onuň
düýbüni deşmän goýýarlarmy näme?
- Çaga-da.
- Bizem-ä çaga bolup görüpdik.
- Ýatlasaň, bizem şulardan öwerlik bolan däldiris.
- Hä-hä-hä. Seniňkem ugrunda bar, goňşy... Ýöne,
göwnüme, ylla şular ýalag-a bolmadygym ýaly.
- Gün görnenok welin, bu ümür onam togarlap äkiden
borly.
- Sabyr edeli, ol hemişekisi ýaly niräk äkidilse-de, öýlän
ýene-de geler, onsoň...
- ... Waý-eý-ý... gaç...
Möngözlüje bu sözüň yzysüre özüniň on-on bäş ädim
gapdalynda howlukmaç tapyrdy eşitdi. Şol tapyrdynyň
yzysüre bolsa ol baýryň birki ýerinden tilkijikleriň göçgünli
seslerini eşitdi.
- Tutdum.
215
- Menem tutdum, eje!
Aw awlan tilkijikleriň keýpleri kökdi. Olar öz şatlyklaryny bölüşmek üçin, agyzlary alakaly eneleriniň ýanyna
uçup diýen ýaly geldiler. Agzy boş, lapykeç bolup gelýän
tokarja tilki Möngözlüjäniň yzyndan ýeten wagty onuňam
boş gelýänini gördi.
- Senem zat tutmadyňmy?
- Ýok, men...
- Ýör, häzir bulaň awlan awlaryny bölüşip iýeris. Ejem
bizi aç goýmaz.
Tokarja tilkijik enesiniň ýanyna gele-gelmäne öz
doganlaryndan närazy boldy.
- Eje, bular «tutdum-da-tutdum» bolşup, meniň çemäme
getiren awumy gaçyrtdylar.
- Olar juda begendi, oglum - diýip, ene tilki oňa bu
gezeklikçe doganlaryny bagyşlamalydygyny aňdyrdy. - Siz
bolsa indikide bu ýalňyşlygy gaýtalamaly dälsiňiz.
- Wah, ojagaşjany çemäme-de getiripdim-le... - diýip,
tokarja tilkijik ýene bir gezek janygdy.
Tilkijikleriň enesi, tokarjanyň nägileligini hasaba alman,
aw awlan çagalaryny iş bitiren hökmünde taryplady.
Alakalar iýmit hökmünde öňe alnansoň, häliden bäri
gultunyp duran Möngözlüje hem beýlekilerden kem
oturmady. Möngözlüjäniň bir alakany tutuşlygy bilen öňüne
çekenini gören tilkijiklerden birisi onuň bilen bu ýumry
bölegi paýlaşmagy niýet edinip gapdalyna geldi.
- Menem iýeýin-le!
- Özüm iýjek.
- Bir özüň-ä iýdirmerin.
- Iýerin, gelme ýanyma...
- Ine, iýseň! - Tilkijik Möngözlüjäni gapdala sowmak
üçin itekledi.
Möngözlüje muňa girre gaharlandy-da, özüniň gara
güýjüne buýsanyp, tilkijigi çyňsadyp basdy.
216
- Ine, degseň.
Ene tilki öz çagasynyň düşen gününi görüp, bu ýagdaýy
arkaýyn synlap durup bilmedi. Ol çakganlyk bilen gelip,
özüni ýeňiji hasap edip, tilkijigi bagyrdadyp basyp ýatan
Möngözlüjäniň böwrüne hütletdi.
- Näme, indi seniň it damaryň işläp, özüňiň kimdigiň
ýadyňa düşüp ugradymy? Tur hany, tiz!
Möngözlüjäniň böwri erbet agyrdy. Şundan soň ol çete
çekildi-de, tilkiniň bu edenine gahary gelenini mälim edip,
närazy halda hyňrandy.
- Eý, wäg-eý, ýarama näme üçin degýäň?
- Saňa o-da azdyr.
Möngözlüje sese tarap öwrülen mahaly, baýryň orta
bilinde bir tilkiniň bu tomaşany synlap duranyny gördi.
Bu uzyndan juda owadan guýrukly tilkini Möngözlüje
heniz bir gezegem görmändi. Ony görenden ene tilki bada-bat
üýtgedi. Boýurgandy, özüne bu duşuşygyň diýseň ýarandygyny mälim edip, guýrugyny bulaýlady, ýalmandy. Ol
golaý gelen mahaly bolsa ysyrganyşyp, aýratyn bir mähir
bilen onuň endamyna süýkendi.
Sen nireden çykdyň, meniň begzadam?
- Men Üstýurduň üstünde iki-üç ýyl ygdym. Bu ýere
bolsa ýaňyrak geldim. Eşidensiň, men özümiň mylaýym
gelinligimden jyda düşdüm. Ony öňki ýazda, çaga garaşyp
ýören günlerimiz keýikleriň kastyna çykan lökge maşynly
adamlar atyp öldürdiler.
- Sen ýeke bolsaň, isleseň bize goşulyp bilersiň. Maňa
öz golaýymda seniň bardygyňy duýmak diýseň ýakymly.
- Hawa, men seniňem ýekedigiňi eşitdim.
- Onda goşul bize, meniň seni şu çagalaryň atasy
hökmünde göresim gelýär - diýip, ene tilki owadan guýrukly
tilki öz ýanynda galar diýen inçejik tama bilen gysmyljyrap
ysgaşdy.
217
- Görerin-dä! - Nätanyş tilki gedemlik bilen şeý diýdide, äm-säm bolup duran Möngözlüjä tarap öwrülip çytyldy.
- Munyň näme?
- It.
- Ýok edip kowup goýberseň bolmadymy? Näme, ony
gökden gaçandyr öýtdüňmi?
- Hawa, ol gökden gaçdy - diýip, ene tilki nätanyş
begzadany has-da geňirgendirdi.
- Nädip? - diýip, ol ene tilki özüni oýnajak bolýandyr
diýen pikir bilen gazaplanyp, sesine saldam berip sorady.
Ene tilki oňa Möngözlüje bilen bolan wakany birin-birin
gürrüň berdi. Nätanyş tilkiniň öýkesi ýazylyşsa-da, ol özüniň
şol bir pikirinden dänmedi:
- Sen şonda-da mundan dynmaly. Ýaňy onuň çagaňy
nädiberenini gördüňmi? Ulaldygyça-da munuň iti çykar.
Güýçlener. Ana, onsoň dat günüňe.
- Men ony öz geregime ulanmak üçin saklap ýörün diýip, özüne düşüniler diýen maksat bilen ene tilki syryny
açdy. - Itiň azgynynyň gyzyl gurt bolýanyny men gowy
bilýärin. Olar bolsa möjekden has zalym möjek bolup
döreýärler. Möjegiň sürä girse öz awuny alýanyna, gyzyl
möjegiň bolsa gören malyny parçalap, gyzyl ýaýyrt edip
gaýdýanyna sen beletsiň.
- Itiň ulalsa, gyzyl gurt çykjagyna sen onda ynanýaň-da?
Onsoň bize muny öňe salyp, awuna şärik bolup ýörmek
galýar.
- Häý, näbileýin - diýip, nätanyş tilki Möngözlüjäniň
ýalmanyp, ot-çöpleri ysgaşdyran bolup ýörşüni synlap,
müňkürlik etdi. - Bu samsyjak juda bilesigeliji görünýär.
Ol ýumagy çözleý-çözleý, bir gün ahyr özüniň itdiginem, it
wezipesinem biler. Bizi hem tanar.
- Ýa şeýle bolaýarmykan? - diýen wagty ene tilkiniň
sesinde müýn duýuldy.
218
Nätanyş tilki ugramazynyň öň ýanynda ýene-de bir
gezek nazaryny Möngözlüjede egledi.
- Bu saýry ýanymda boljak bolsa, seniň günüňe şärik
bolup bilmerin.
Şu gürrüňden soň ýolda ene tilki ilkinji gezek öz pikirine
müňkürlik edip, böwrüni diňledi...
***
Möngözlüje ukudan turup, töweregine sereden mahaly
öz gözüne ynanmady. Görüp otursa, tilki ysly sürende onuň
bir özi galan ekeni. Onuň alakjap, töweregi aýlanyp eden
gözlegi-de netije bermedi. Möngözlüjä it häsiýetini ýatlap,
garysyny ýassanyp garaşmadan başga alaç galmady. Ol-da:
«Siz öýüňize gelmän oňsaňyz, menem sizi görmän oňaryn»
diýdi-de, olaryň bir ýerden gara berjeklerine ynanyp, süreniň
agzyny aldy-da ýatyberdi.
Ýöne tilkijikler ne şol gün gara berdiler, ne-de şol günüň
ertesi. Olaryň ähli zatdan geçip, Möngözlüjeden gutulmak
üçin gaçyp gidenleri çyn boldy. Öwrenişen ýoldaşlaryndan
aýrylyşmak Möngözlüjä aňsat düşmedi, hut şonuň üçinem
ol tilkijikleriň hemişelik gidenine wagty bilen ynanmady.
Göwnüne, olar ýene bir ýerden ýaltaklaşyp, şatyrym-şallak
bolşup geläýjekler ýaly boldy durdy.
Bir ýola ol süreniň agzynda garaşyp, töweregi diňşirgenip otyrka, ötüp barýan bir kirpi oňa gabat geldi.
- Güneşleýäňmi, goňşy?
- Hä, sen kim? - diýip, Möngözlüje heserlenip, öz
öňünde agyn tiken bolup duran kirpijikden sorady.
- Men-ä kirpi...
- Onda men seni tanamok-la.
- Men şu töwerekde hemişe bardym, ýöne sen üns beren
dälsiň. Onsoňam biz itler bilen, tilkiler bilen şeýle bir
gatnaşyp-gatyşyp ýörenem däldiris.
219
- Öň gatnaşmadygam bolsaňyz, indi gatnaşmaly
borsuňyz. - Möngözlüje özüne oýnara ýoldaş tapylanyna
begenjinden ýeňil gopup, ýerinden galdy.
Kirpiniň öňüne geçip, gulaklaryny selkildedip,
guýrugyny bulaýlap, özüniň oýnamaga, gatnaşyk açmaga
taýyndygyny mälim etdi.
- Men oýun oýnamagy halamaýaryn. - Kirpi Möngözlüjäniň özüni görüp, boluberşini synlap, onuň bu ýeňles
hereketlerini halamaýandygyny aňdyrdy.
- Oýnaly, oýnaberseň soň halarsyň...
- Gerek däl. - Kirpi onuň gapdalyndan ötüp gidibermekçi boldy.
- Jan, kirpi, gel, oýnaly-la, häzir kimdir biri bilen meniň
şeýle bir oýnasym gelýär.
Möngözlüje ýene-de erjellik görkezip, özüniň höwesini
mälim etdi.
- Men oýun bilemok diýdim-ä saňa!
- Men öwrederin.
- Maňa seniň oýun öwretjek bolan dogan-garyndaşlaryň
öň näme gördi.
- Bilemok.
- Hany, onda senem maňa oýun öwretjek bol bakaly! Kirpi öýke bilen ýagyrnysyny tüňňerdip düýrükdi.
Möngözlüje towsaklap, kirpiniň bir eýlesine, bir
beýlesine geçdi.
- Bol, ine, senem şeýdip bökeläber - diýip, ony tumşugy
bilen sähelçe kakdy. Ýöne şol bada-da çyňsap, gapdala çekildi.
Ganjaran tumşugyny ýalap, öýkeli hüňürdedi.
- Eý, kirpi, bu näme etdigiň?
- Ine, seniň dogan-garyndaşlaryň hem meni oýna goşjak
bolup eden synanyşyklary şeýle gutarypdy - diýip, kirpi oňa
ýaňsyly jogap gaýtardy.
220
- Hä, sen ýalyny tanap goýmagam bir bähbit - diýip,
Möngözlüje awunan tumşugyny ýalap durşuna öýkeli
hüňürdedi.
Kirpi şundan soň sesini çykarmady-da, gyrmyldap öz
yzarlap gelýän ýolunyň yzyna düşme bilen boldy. Möngözlüje
tumşugynyň awusy ýiten dessine bu duşuşygy unudyp, ýenede ene tilkini göresi gelip, doganlaryny ýatlady.
Möngözlüjäniň keýpsiz torsarylyp oturanyny görüp,
çagalaryna öz bilýän zatlaryny öwredip ýören serçe oňa habar
gatdy.
- Jik-jik, näme müzzerip otyrsyň?
- Näme diýjek bolýaň? - diýip, Möngözlüje serçäniň
sözüni öz üstünden gülünme hasap edip, gözüniň agyny
köpeldip düýrükdi.
- Sen kirpiden gaty görme diýjek bolýan. Ol şeýleräkdir,
aňsat özüne degdirmez. Özem başarsa, goňşularyna kömek
eder.
- Ol kime kömek edenmiş?
- Olmy, köplere. Meselem, meniň özüme-de, eger ol
bolmadyk bolsa... - diýip, serçe özi bilen baglanyşykly bir
wakany ýatlady. - Biz onda hol ilerki ýapynyň ýüzünde bir
hinde ýaşaýardyk. Bir gün men guşlaryň howsalaly
jürküldilerini eşidip, ketegimizden boýnumy çykardym.
Görsem, bir ýylan guş höwürtgeleriniň töwereginde
ýalpyldap aýlanyp ýör. Ony görüp, menem bada-bat özümi
ýitirsem näme. Daş-töwerek bolsa agyn jürküldi...
- Hiç kim gaçmadymy? - Enesiniň: «Ýylan görseň,
sowlup gaçgyn!» diýen akylyny ýatlap, Möngözlüje serçäniň
gürrüňiniň soňuna howlukdy.
- Heý, ol owadan-jadyly gözleriň öňünden gaçyp
bolýarmy näme. Hemmeler ol gözleri görenden eräp-akyp
özüniň kimdigini unudýar ahyryn. Ine, şol barmana-da ýaňky
ýylan birden gazap bilen yzyna - guýrugyna tarap serpildi.
221
Bir görsem, häli-şindi gybyrdyklap, öýümiziň töwereginde
görünýän kirpi onuň guýrugyna salypdyr agzy. Şundan soň
ýylan iki ýana urnup, janyna jaý tapaýsa nädersiň. Ol
kirpiniň tikenine urlup-urlup, birsalymdan endam-janyny
gara gan etdi. Bizem ýylan gözleriniň şöhlesi öçerine
mähetdel kürseşip keteklerimize girdik.
- A soň nätdi?
- Kirpi guýruga bir agyz salansoň, ony sypdyrýarmy
näme.
Serçe gürrüňini tamamlansoň, ýene-de çagalarynyň
okuwyny dowam etdirdi.
- Bökmeli, bök!
Çokmaly, çok!
Düşmeli, düş!..
Möngözlüje suwsap ugran çagy öz golaýlarynda kak
suwundan emele gelen kölüň bardygyny ýatlady. Ol ýere
barmak Möngözlüje üçin hemişe ýakymlydy. Möngözlüje bu
ýere gelse, heý, bolmanda bir, ýogsa-da, üç-dört sany
garaguşuň şol töwerekde uçup ýörenini görerdi. Olar bolsa
hemişe Möngözlüjä onuň şol bir gezekdäki uçuşyny
ýatladardylar. «Irde-giçde uçmasam, men ejem bilen uýamy
tapyp bilmerin» diýen pikire bolsa ol öňräk gelipdi. Hut
şonuň üçinem onuň uçýanlara gözi giderdi, özüne-de bu bagty
arzuw ederdi.
Möngözlüje bol otuň arasyndan tapan ýodajygyny
yzarlap barýarka, ol ýolda henize - bu güne çenli görmedik
äpet bir haýwanyna gabat geldi. Möngözlüje oňa ýetmän,
on-on bir ädimlikde saklandy-da, «Bu kim boldugykan?»
diýen pikir bilen öz garşysynda duran jandary synlady.
...Okara gözler, iki ýerden naýza bolup gezelişip duran
egri şahlar synladygyça Möngözlüjä gorkunç bolup göründi.
- Hass... näme ýolumda dursuň? - Nätanyş başyny aşak
egip, gaharly haslady.
222
- Sen kim? - Möngözlüje ýüzugra geçibermegem birhili
görüp, ol haýwandan habar sorady.
- Men sygyr.
- Bolaňda näme, ýaryp bilýärmiň?
- Ýok, süsüp bilýärin. Hass...
- Gaty süsýärmiň?
- Sowul ýoldan, seniň bilen sarmaklaşyp durara mende
wagt ýok.
- Näme, ýol seniňkimi? Özüň aýryl, ony hol otlukdan
özüm tapdym.
Sygryň şahlaryny taýynlap boluberşini görüp,
Möngözlüje bir tarapa çekildi-de, oňa ýol berdi.
- Geç onda.
- Hass...
- Häý, bularyň hersiniň bir halta ýeli bar-haw... - diýip,
Möngözlüje sygyr şalkyldap gapdalyndan geçensoň öýkeli
hüňürdedi.
Möngözlüje kölüň başyna gelen çagy ýaňky ýolda duşan
sygra meňzeş birnäçe haýbatly sygryň kölüň içine girip, suw
içişip duranyny, birnäçesiniň bolsa kenarda güberişip
ýatanyny gördi. Durup, olary synlansoň heder etme bilen,
ýaňky sygra sowlup ýol berenini ýatlap, öz eden hereketini
dogry tapdy. «Ýogsam, bular köplenişip, meniň işimi
görerdiler» diýip oýlandy.
Güzere inip, suw içip durka bir tanyş ses onuň gulagyna
eşidildi.
Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
Dünýäde iň güýçli biz...
- Eý, güjüjek, goçak bolýarmyň?
- Saňa näme?
- Sygyrdanam gorkduňmy, ha-ha-ha...
- Nämä gülýäň?
- Seniň sygyrdan gorkanyňa gülýän.
223
- Onuň gorkunç gözleri hem şahy bar ahyry, birden
süsäýse nätjek?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.