Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17

Total number of words is 3778
Total number of unique words is 1975
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çagasyny agzyna dişläp, ýene-de öz ýoluna gitdi. Onuň bilen
pişik ysy hem Möngözlüjeden daşlaşdy.
Lena bilen Ýusup gelip goýunguýruk bolup oturan
depäniň üstünde aýak çekdiler. Depäniň üsti küpürsäp ýatan
çägelikdi, arassady. Her gezek olar gelip depä göterilende
gözýetimiň örüsi giňäp, töwerek özboluşly surata meňzärdi.
Ýusup bilen Lenanyň häli-şindi gelip höwrügen ýeridi. Käte
olar uzak gijäni-de şu depäniň üstünde geçirerdiler. Olar
gelensoň töwerek ýene gowulyga öwrüldi. Lena egin deňläp,
Ýusubyň gapdalynda oturdy. Ýusup gitarasyny eline alyp,
pessaý çalyp başlady. Soňundanam olar ýene-de özleriniň ürç
edip aýdýan deňiz hakdaky aýdymlaryny aýtdylar. Olaryň
aýdymy şeýle bir ýakymlydy welin, Möngözlüjäniň özüniň
hem üçünji ses bolup gapdaldan olara goşulasy gelýärdi.
Şeýtse, ol aýdymyň has-da ýakymly boljagyna ynanardy.
Şeýle pursatda hemişe Ýusup bilen Lena onuň gözi gidýärdi.
Deňiz ýüzmek üçin jadyly gujak,
Islän bilen paýlaşýar ol hyjuwyn.
Ony görseň aşyk bolasyň gelýär,
Ýene köp gowlugy küýseýär göwün.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Deňiz agyn tolkun, kän olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Tolkunyňam juda uçmak isläni.
Olar bu aýdymy asmana seredişip, äpet uly deňzi göz
öňüne getirişip, şol ýerde bir gaýykda özleriniň ikiçäk ýüzüp
275
ýörenlerine ynanyşyp aýdýardylar. Möngözlüje hem bu
aýdymy diňlese hemişe özüniň asmana göterilip, bulutlaryň
arasy bilen uçup barýanyna ynanardy. Şonuň üçinem ol
hemişe Ýusup bilen Lenanyň öz adyny tutup: «Ýör, senem
biziň bilen!» diýerine garaşardy. Bu günem olar gijäň
birwagtyna çenli şol depäniň üstünde şöwür çekişip
oturdylar.
***
Gara gaýyň ganjygy ýatlap ýola çykanda Möngözlüjäniň
niýeti bu gezegem ony uzakdan synlap yzyna dolanyp
gelmekdi. Köp wagtlap çadyrlygyň töwereginde gara
bermese, ol Jepbar ussanyň özüni «Ýolbars nirä ýitirim
boldykan?» diýip, gözlejegini bilýärdi.
Ol baýyrlaryň etegi bilen yzyndan kowgy gelýän ýaly
bolup, howlukmaç ylgap gitdi.
Emma bu gezek oňa öz pikir edişi ýaly gara gaýyňy
daşyndan synlap, ýene-de birsalymdan yzyna dolanyp gelmek
miýesser etmedi. Ýylgynlykda awuna garaşyp bukup ýatan
topar ony özünden öň gördi. Telim gözüň özüne seredip
duranyny ol diňe elli-altmyş ädimlige gelensoň gördi. Garry
köpek onuň gelmegini halamandygyny mälim edip düýrükdi.
Töwerekde ýalmanyşyp oturan gyzylgurtlar garry köpegiň
Möngözlüjäni görkezip: «Basyň, gaňryň» diýerine garaşdylar. Ýöne gara gaýyň ony görüp, ýene-de öz haly bilen
bolmady. Hozanak bolup töwerekde aýlanyp, it-möjek
urşunyň birden alşyp gitmeginden howatyrlandy. «Her kim
öz çakyny bilse ýagşy, ol siziň minnetiňizi çekjek it däl.
Güýçli bilen ýagy bolandan onuň bilen dost bolmak ýagşydyr.
Ony azdyryp, özümize goşup bilsek, garry köpegiň topary
şonça ýene-de il minnetsiz, başy bütinlikde bu öwrede hanlyk
satyp biler... » diýip hüňürdedi. Soňundanam ol hiç zady
hasaba alman, meniň-ä edýänim şu diýýän ýaly, ordany
goýup, Möngözlüjäniň ýanyna gaýtdy.
276
Iki sany möjek ony pälinden gaýtarmak üçin ylgap onuň
yzyndan ýetip, öňüni dolady:
- Sen şol it diýip barýarmyň?
- Indi şol adamlara ýapja bolup ýaşaýan iti bizden özüňe
mynasyp gördüňmi? - diýşip, olar ýerli-ýerden oňa kineli
sorag ýagdyrdylar.
- Asla, onuň gowy boljagy hakynda şübhe edemok. Gara
gaýyň ara düşülmegini halamaýanyny mälim edip, ýüzugra
itleriň jogabyny berdi.
- It itdir, ol saňa mynasyp ýoldaş bolup bilmez!
- Siziň öz ataňyzyň asly it dälmi näme? Bu meselede
özüm sizden az bilemok. Ol geljekde biziň serkerdämiz
bolmaly.
- Tapypsyň serkerdäni, hany gelsin güýçli bolsa, biz ony
ara alyp tüýt-müýt ederis!
- O-da sizden kem oturasy ýok. Onuň alty dyrnagy bar.
Beýle alamaty bolan itleriň, möjekleriň irde-giçde gaýduwsyz
serkerdä öwrülýänini siz bilýäňiz-ä...
- Biz bilsegem, onuň özi bu gudratyndan bihabar.
Ýatlatmak hem gerek däl. Goý, şol aňkawlygyna ýaşasyn!
- Ol maňa ýoldaş bolsa, men oňa ähli zady düşündirmeli
bolaryn.
- Sen şeýtseň, bu seniň orda dönüklik etdigiň bolar.
- Belki-de, topara eden ýagşylygym bor. Soňra bolsa ol
gazaplanyp yzyna öwrüldi.
- Siz meniň yzymdan galýaňyzmy ýa ýok? - Onuň bu
soragy talapdy. Muňa möjekler düşündiler. Indi galmasalar,
gara gaýyňyň özleri bilen darkaş gurjagyny duýdular. Gara
gaýyňyň pikirinden dänmejegi belli boldy.
Möngözlüje çete saýlanyp birsalym gara gaýyň bilen
ysgaşdy.
- Senmi?
- Mendirin.
- Men seni gözläp geldim.
277
- Geljegiňi bilýädim.
- Hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýär.
- Meniňem...
Şundan soň gara gaýyň öňden ýöredi. Möngözlüje hem
onuň yzyna düşdi. Olar baýyrlygyň ortasyna ýazylyp oturan
giňişlik bilen bagtyýar bolşup ylgaşyp gitdiler.
***
Möngözlüjäniň durmuşynda bolýan özgerişlikler köp
wagt geçmänkä hemmelere mälim boldy. Ýogsam, Möngözlüje duýdurmajak bolup adamlara duşanda hiç zatdan bihabar
bolan bolup mönsüreýärdem. Gidende hem assyrynlyk bilen
duýdansyz gitmäge çalyşýardy. Gaýdyp gelende hem hemişe
ýüzüni garaňka tutup gelerdi. Jepbar ussanyň çadyrynyň
gapdalyndaky ornuna gelip, hiç ýere gitmedik ýaly, hiç bir
zatdan habary ýok ýaly bolup ýatardy. Barybir Möngözlüje
wagtal-wagtal ýitip ugran günleri Jepbar ussa ony haýsydyr
bir heser galtanyny duýupdy. Onuň islegli ýerine gidýänini
çak edeni üçin Möngözlüjäniň ýitip-ýitip gitmegi bilen
ylalaşypdy. Öz ýanyndan: «Ýolbars-a zaluwat ata bolmagyň
höwesine düşüpdir-ow. Ol töwerekdäki çopanlaryň biriniň
ganjyk iti bilen höwrügendir. Eý görşülýän döwür geçer, ana,
onsoň ýene-de öz ornuna gaýdyp geler» diýip, beýleki itlerden
çen tutup, pikir edipdi.
Möngözlüje bu gezek hem geologlar obajygyna güni
batyryp, aýak ýygnanansoň geldi. Ol gelende her gün towuk
ýaly ir ýatýan Dusýa daýza eýýäm ukudady. Gapdalyndaky
çadyrdan onuň myşşyldap parahat demalmasy eşidilýärdi.
Hemmelerden giç ýatýan Jepbar ussa nahar iýilýän stol
başynda özi ýaly ukusy gaçan biri bilen özara mydy-mydy
gürrüň edişip otyrdy. Möngözlüje Ýusubyň çadyrynyň
gapdalyndan geçende ysyrganyp onuň içerde ýoklugyny bildi.
«Lena bilen ol ýene-de şol ýerdedir» diýip, goýunguýruk
depäni ýatlady. Häzir şol ýerde özüniň kemlik edýänini pikir
278
etdi. Olaryň yzyndan gitmegi niýet edindi. Ýöne açdy,
üstesine-de, ýadawdy. Şonuň üçinem ol ilki işdä bilen
ozalagşam özi uçin ýalaga guýlan itýalyň daşyna geçdi.
Onýança-da ýeňseden ýakymly aýal sesi eşidildi. Möngözlüje
gaňrylyp ses gelýän tarapa sereden wagty Lena bilen
Ýusubyň tirkeşip alaňdan düşüp gaýdyp gelýänlerini gördi.
Olar çadyrlygyň gapdalyna gelip, aýrylyşmaly bolanlarynda
boý deňeşdirip, ogşaşyp hoşlaşdylar.
Hemmeler ýatsa-da ýene-de bu gije Möngözlüjäniň
gözüne uky gelmedi. Ol çadyryň gapdalynda Aýyň töwerekde
döreden özboluşly ak agylynyň synçysy bolup otyrdy. Asman
ýyldyzlary barha köpeldi, gözleri ýiteldi. Olar soňra şol
ýerden, aşakda bolýan haýsydyr bir üns çekiji gyzykly oýny
synlap oturan tomaşaça meňzediler.
Möngözlüje töweregi aýlanyp, gije şöwür çekip ýörkä,
aý aýdyňa sürüsini bakyp ýören Ýagmyr çopana gabat geldi.
Ol köne tanşyna duşanyna begendi. Hemişeki eşidýän hoş
sözlerini eşitmek üçin ýalmanyp onuň gapdalyndan çykdy.
Ýagmyr çopanyň yzyna düşüp ýören ýaş it, Möngözlüjäniň habaryny almak üçin ylgap, çaknyşma hyýaly bilen
onuň öňünden çykdy. Söweşiji görnüşe girip, Möngözlüjä
haýbat atdy.
- Nirä gelýäň süssenekläp?
- Sen näme, tanamajak bolduňmy meni? Möngözlüjäni
tanansoň ýaş it düýbünden başga bir garaşylmadyk ite
öwrüldi-de, aýaklaryny ýokary tutup, özüniň döwüniň
pesligini mälim edip, çyňsady ýatyberdi. Şol ýatyşyna-da
ýöwselläp ýallaklady.
- Ýa-heý, senmidiň agasy!
- Tanadyňmy?
- Tanadym. Menem, heý, tanamanmy?
Bu it güjüjek wagtlaram Ýagmyr çopan bilen birki gezek
geologlaryň goşuna gelipdi. Şonda Möngözlüje dalap, onuň
ýagşy gözüniň oduny alypdy. Ýagmyr çopan hem Möngöz279
lüjäni görüp tanady. Galkyjaklap, gyzyklanyp, onuň habaryny sorady:
- Ohow, ýolbars, bu asyl senmidiň? Häý, sen-ä bir gowy
goýun it edinäýmeli häsiýetli it welin, arman, şi gulakguýrugyň bar-da...
Möngözlüje ýene-de özüniň taryplananyna monça boldy.
Minnetdarlyk bilen ýalmandy.
- Hany, onda Dusýadan habar ber! - diýip, Ýagmyr çopan
kök bolup Möngözlüjä baş atdy.
- Ha-haýt, Dusýa-ha gelindir-le. Onuň töweregiňde gaz
bolup maýkyldap ýöreni nämä degenok...
Çopan Dusýa daýza hakyndaky ýakymly pikirlere
berlensoň, Möngözlüjäniň gapdaly bilen gelýänini hem tiz
unutdy. Hyýalynda Dusýa daýza bilen duşuşdy.
- Dusýa gelin, amanlykmy? Soňky döwür görneňogam
diýýänsiň. Wah, maňa galsa-ha günde-de geljek-le. Ýöne her
gün baryp durmaga utanýan. Beýdäýmek üçinem repide ýaly
galyň ýüz gerek. Meniň bolsa düzdeçidigim, adam-gara bilen
az iş salyşýanlygym bes-belli. Obada ýaşap il-halk ýaly aýalgyzlar bilen bileräk işleşen, ýüzüniň perdesi ýyrtylan bolsam
bolmaýarmy, onda menem Dusýa gelniň dilini tapardym...
- Senmi oglan, Ýagmyr?
- Wah, men-le. Seni göresim geldi-de gaýdyberdim.
- Şeýt-de gelip dur...
- Wah, men geljek-le. Sen diýseň ýanyňdan butnajagam
däl.
- Eliňi gowşuryp, ýüzüme seretjek oturyberjekmi?
- Näme oturman. Otuz bäş ýyl kolhoza çopan bolup
berdim. Gyzlary ýerledim. Oglanlar öý-işik boldular. Maňa
garalgy günleri ýok. Meniňem olara. Sag bolsalar bolýar.
Seniň öňüňde oturmaly bolsam, asyl hek ederin. Agzybirje
ýaşasak bolýar.
280
- Men şähere gidip, gyzym-giýewim bilen maslahat edip
geleýin. Bir gowy adam tapdym diýsem, olar hem ýok diýmezler.
- Şeýt-de bir özüň bu zatlaryň ugurlaryny tapaweri,
Dusýa baý!
Ýagmyr çopan gepleşigiň Dusýa daýza degişli bölegine
mylaýymlyk çaýyp gürleýärdi.
Möngözlüje bu pursadyň Ýagmyr çopan üçin gowy
pursatlaryň biriligini birsalym ony diňlänsoň anyklady.
Şundan soň ol özüniň bu ýerde artykmaçlygyna düşündi.
Bir amady gelende öwrüldi-de, pikirinde Dusýa daýza bilen
gürleşip barýan Ýagmyr çopany ikiçäk galdyryp, çadyrlyga
dolandy.
***
Ýazda Hindiguş daglary tarapdan gelýän ýagyş suwlary
Pendi baýyrlarynyň arasy bilen iki-üç aýlap, ýap bolup
akardy. Baýyrlaryň arasynda onda-munda gabat gelýän
ýylgyn tokaýlyklaryny hem hut şol döredipdi. Pendi öwresi
çöl atlandyrylsa-da, ol Garagumuň bir etegi hasap edilse-de,
adaty çölden özüniň tebigaty bilen mese-mälim tapawutlanýardy.
Bu gezek Möngözlüje gözläp gelende garry köpegiň
toparyny ýylgynlygyň içinden tapdy. Topar ýylgyn
tokaýlygynyň arasynda ileri tarapda görünýän açyklygy
garamlap otyrdy. Ol tarapdan ýedi-sekiz gulan dünýäden
bihabar öz maýdalyna otlaşyp, golaýlaşyp gelýärdi.
Bu awlag garry köpege onuň ata-babasyndan miras galan
ýeriň bir bölegidi. Onuň beýleki bölegi başga bir möjek
tohumyndan bolan orda degişlidi. Olar alty-ýedi ýyllykda
bir ýerlerden peýda bolup garry köpegiň ägirt uly awlag
meýdanynyň uly bir bölegini güýç görkezip basyp alypdylar.
Köp söweşlerden we ýitgilerden soň garry köpek alaçsyz öz
ýeriniň bir böleginiň elden gitmegi bilen ylalaşmaly bolupdy.
281
Şol gazaply söweşlerden soň iki tarapyň arasynda şu serhet
döräpdi. Şondan bäri-de her kim özüne tagallyk meýdanda
aw awlardy. Serhet bozulan wagtynda, köplenç, ýene-de iki
topar arasynda gazaply çaknyşyk bolardy.
Gulan topary häzir hiç zatdan habarsyz, möjeklere
degişli ýer bilen öz peýwagtlaryna otlaşyp gelýärdiler. Olaryň
ýüzleri garry köpegiň topary bilen sabyr saklap ýatan
tarapynady.
Gulanlar möjekleriň awlagyndan saýlanyp, atyma geldigi
garry köpek olaryň töweregini gabap, başlaryna gara gün
getirmekçidi. Möngözlüje aňyrdan gelşine garry köpegiň
ýanyna ýetmän hol beýleräkde, özüniň biraz soňrak ideljegine
ynanyp ýatyberdi. Ol awuň keýpine berlip oturan toparyň
ünsüne düşmedi. Gyzylgurtlar ajygypdylar, olaryň garny
doýurmak islegi häzir hemme isleglerinden öňe saýlanypdy.
Olar bireýýäm pikirlerinde awlanmadyk awuň läşiniň
üstünde otyrdylar. Gara gaýyň diňe bir gezek «Görýän»
diýýän manyda onuň oturan tarapyna nazar aýlap goýberdi.
Ýöne ol-da häzir awuň kadasyny bozmaga milt edip bilmedi.
Gulanlar birsalymdan otlaşyp has ýakyn geldiler. Indi ýene
birazdan olaryň üstüne ýerli-ýerden topulmaga amat
boljakdy. Sabry gutaryp barýan güjükleriň birnäçesi
topulanda ilden yza galmazlyk üçin eýýäm aýak üstüne hem
göterilip, garry köpekden rugsat boldugy, okdurylyşyp
gitmäge häzir bolşup durdular.
Gulanlar birazdan ýylgynlygyň tirsek bolup açyklyga
aralaşýan ýerine golaýlaşdylar. Şol arada garaşylmadyk
ýagdaýda gapdaldan bir süri möjek peýda bolup, gulanlaryň
üstüne topuldy. Bular bir goňşuçylykda ýaşaýan ordanyň
möjekleridiler. Gyzylgurtlardan habarsyz olar hem indi
bireýýämden bäri ýylgynlygyň özlerine amatly ýerinde
gulanlara göz dikişip, göwün ýüwürdişip, olaryň atyma
gelerine garaşyşyp otyrdylar. Möjek toparynyň peýda
bolmagy, gulanlary öz ýanlaryndan aňyrlaryna geçen hasap
282
edip oturan gyzylgurtlaryň gaharyny getirdi. Olar şundan
soň duran-duran ýerlerinden atylyşyp-atylyşyp gitdiler.
Bir-birleri bilen öňden hasaply iki ejnebi duşman garpyşansoň, gulanlar ýatdan çykdy.
Goranmak üçin çagalaryny orta alyp halka gurşup
toplanyşyp ugran gulanlar şundan soň amatly pursady elden
bermän, göterilip gaçmak bilen boldular. Ýüreklerine
howsala düşen toparyň şatyrym-şallak bolşup gaçyp
baryşlaryny diňe Möngözlüje synlady.
Iki topar açyklykda, ýylgynlaryň arasynda gaçyşyp-kowşup, garyşyp uruşdylar. Olaryň arasynda näme üçin
çaknyşylýanyny bilmän, urşup ýörenlerem bardy. Bular ýaş
güjüklerdi. Şeýle-de bolsa olar hezil edişip höwes bilen
uruşýardylar. Sebäbi olaryň hem batyr serkerde bolaslary
gelýärdi. Uruşlarda ýaka tanadyp serkerde bolunýanlygyny
olar köp eşidipdiler. Garry köpek: «Basyň, arkaňyzda özüm
bardyryn!» diýip, töweregini söweşe ruhlandyryp, urşup
ýörşüne köne duşmanyna, möjekleriň serkerdesine gabat
geldi. Olar diş gyjaşyp garpyşdylar.
- Sen häzirem dirimi, garry melgun?
- Men entek seniň bokurdagyňy çeýnemän ölmerin.
- Garrylyk seni bireýýäm öldüripdir. Ýöne sen namart
ekeniň. Öleniňi şindem boýun almansyň.
- Häzir men seniň başyňa şeýle bir tomaşa getirin welin,
gaçyp gutulsaň kaýyl bolarsyň.
- Möjek garry köpegi basa düşmäge, ony tüýt-müýt
etmäge howlukmady. Garry süňküň tiz ýadaýanyny ýatlap,
ony ýadadyp, soňundan ýeňmek üçin oýnap uruşdy. Ol özüniň
güýçli kükregi bilen aňyrdan gelip batly uran mahaly garry
köpek entirekläp yza çekildi.
- Meniň häzir seni pişigiň ele salan syçanyny oýnaýşy
ýaly oýnasym gelýär. Şeýtsem, meniň senden köp ýamanlyk
gören ata-babamyň ruhy şat bolar - diýip, möjek has-da
öjükdi.
283
- Sen, gowusy, öz janyňyň aladasyny et.
Möjek ikinji gezek gelip uranda garry köpek onuň
öňünde durup bilmän serrelip arkan ýykyldy.
Möjek uzak çekeleşip durman garry köpek bilen bellisini
etmek üçin ony gabyrdadyp basyp garysynyň aşagyna alan
wagty, haýsydyr bir garaşylmadyk güýç ony ýeňsesinden
dişläp silkdi.
Hiç bir güýje garaşmadyk möjek birbada näme-nämeleriň bolýanyna düşünmän urnup, janagyryly çyňsady.
- Aýryl-ow, öläýse nätjek?
Möjek bu söze şeýle bir haýran galdy welin, ol esli
wagtlap öz ýeňsesinde özüne zat degmän duranyň itligine
hem ynanyp bilmedi.
- Sen, kim? - diýip, ol geň galyp sorady.
- Aý, men ýolbars-laý - diýip, Möngözlüje bu tanyşmak
isleýändir öýdüp, göwünjeňlik bilen, özüniň dostlaşmaga
taýynlygyny mälim edip ysyrgandy. Ýöne onuň eden çaky
çykmady. Möjegiň sözi soňra has-da teýeneli boldy.
- Sendenem bir ýolbars bolarmy? Sen - it. Biz size
ýuwundyçy diýýäris.
- Diýeňde näme? Ýuwundy hem ajygsaň iýmezçe ýal däl.
- Ohow, üstesine sen samsygam ýaly-la - diýip, öz
kemsidiji gürrüňlerine Möngözlüjäniň gaharlanmaýanyny
görüp, has-da geň galdy. Soňundanam «Bu aňkaw bilen
sene-mene edişip durman, bokurdagyny çeýnäýin diýip, onuň
üstüne zyňdy. Möngözlüje keýpine onuň bilen dikleşdi. Öňem
ýakalaşýanlara onuň gözi gidip durdy. Möjege dessine
garşydaşynyň güýçlüdigi, bir ýol bilen nädibem bolsa onuň
deminden sypmalydygy anyk boldy. Möngözlüje uzak
çekeleşip durman, ony gaňryp basdy. Möjek özüniň ölümini
boýnuna alyp, onuň aşagynda ýatan ýerinde çyňsady. Şol
arada Möngözlüjäniň zerur işi ýadyna düşdi. Ol sen-men ýok
möjegiň üstünden turup gitdi-de, baryp bir çöpüň
gapdalynda art aýagynyň birini göterip, yzgar sepeledi.
284
Möjek onuň bolşuny synlap, hiç zada düşünip bilmedi. Şundan soň ol has-da geň galdy. Pursatdan peýdalanyp, gaçmak
bilen boldy.
Serdaryň ökje göterenini görüp, töwerekde urşup duran
beýleki möjekler hem onuň yzyna düşdüler.
Möjek ýagşy ara açansoň, aýak çekip yzyna seretdi. Öz
asgynlygyny duýdurmazlyk üçin soňam şol ýerde durup tarp
atdy:
- Ýuwundyçy, bir çolarakda sen ýene-de meniň elime
düşersiň. Şonda men seniň külüňi çykaryn!
- Duşsak nä, ondakysyny şonda görübermeli bor-da diýip, Möngözlüje çommalyp oturyşyna möjegiň dişleşdiren
ýerlerini ýalaşdyryp, äwmezlik bilen jogap gaýtardy.
Gaçjak gaçyp, galjak galyp, töwerekde apyla-sapyla
sowlansoň, meýdanda ýatan bäş jansyz göwräniň söweş
pidasy bolandygy anyk boldy. Bäşiň üçüsi garry köpegiň
toparynyň itleridi. Gara gaýyň ölenleriň arasynda aýlanyp,
«Belki, oýanar» diýen inçe tama bilen janagyryly çyňsady.
Söweşden çykan itler häzir hersi bir ýerde ol-bu ýerlerini
ýalaşdyryp, iňdiki boljak maslahata garaşyp otyrdylar.
Göwni biten garry köpek birsalym oturyp, demini dürsänsoň,
iki-ýeke basyp, bir çetde ýatsyrap oturan Möngözlüjäniň
ýanyna geldi. Möngözlüje ör turup ony hormatlady.
Iki it ysgaşyp bir-birlerine mylakatly sözler aýdyşdylar.
- Hiç neneň uruşmadyň.
- Şeýtmek-de gerekdi-dä.
- Bu başlangyjydyr. Seniň hakyky söweşleriň entek
öňdedir.
- Näme bolsa görübermeli bolar-da.
- Ine, munyň dogry. Ertire pal atmanyň hökmanlygy
ýok - diýip garry köpek eşiden jogabyndan hoş bolup, ony
ýürekden makullady. Sebäbi bu jogap soňuny saýmaz
batyrlaryň beräýýän jogabydy.
285
Gara gaýyň birsalymdan olaryň duran ýerine gaýdyp
geldi.
- Seniň gelip bize goşulanyň gowy boldy - diýip, ol
Möngözlüjä özüçe minnetdarlyk bildirdi. Bu sözleri ol
ýogsam, biz has uly betbagtlygyň üstünden barardyk diýen
manyda aýtdy. Soňra öwrülip nazaryny garry köpekde
saklady.
- Aýtmadymmy men? Bu mön görünse-de soňundan
üýtgeşik it bolar diýip. Onuň aýaklarynyň birisi alty
barmakly. Şol bolsa onuň geljekde serkerde boljagynyň
alamaty. Töwerekden toplanyşyp ugran gyzylgurtlar
Möngözlüjäniň aýagyna sereden wagtlary çetki art aýagyň
penjeden dört barmak ýokarsynda şol diýilýän altynjy
barmagy gördüler. Şondan soň olar öň eşiden zatlaryna
ynanýandyklaryny mälim edişip, kaýyllyk bilen başlaryny
aşak salladylar. Möjek kanuny boýunça orda serdarlygy
darkaş gurup, güýç görkezilip eýelenilýän derejedi, ýöne bu
gezek şol adaty kada bozuldy. Şu söweşden soň garry köpek
nädip özüniň serdarlykdan çetleşenini hem duýman galdy.
Hiç kim beýle bolar öýtmeýärdi. Hemmeler serdarlyk üçin
juda gazaply söweşiň bu gün bolmasa erte boljagyna ynanýardy. Ata-babadan arkama-arka aşyp gelýän kada-kanun
şeýledi. Meseläniň şeýle parahatlyk bilen çözülmegine, köp
gowy ýatlamalary garry köpegiň gaýratly wagty bilen bagly
bolan gara gaýyň has-da begendi. Sebäbi ol garry köpegiň öz
töwereginde bolmagyny, onuň diňe bir özüne däl, orda hem
köpi gören maslahatçy hökmünde entekler gerekligini
duýýardy.
Möngözlüje şeýlelik bilen nädip özüniň bu topara
goşulanyny hem duýman galdy.
Onuň üçin adaty bolmadyk, şol bir wagtda bolsa öňki
durmuşyndan has gyzykly bolan başga bir durmuş başlandy.
Indi onuň ýaşaýşy adamlaryň arkasyndan taýyn iýip ýören
itiň ýaşaýşyndan düýbünden başgaçady. Gyzylgurtlara
286
mahsus bolşy ýaly, indi ol-da öz rysgalyny gözläp
tapmalylaryň biridi. Bu bolsa öz gezeginde hereketi,
ugurtapyjylygy talap edýärdi. Emma Möngözlüjäniň munuň
tersine sadadan gelen geleňsiz häsiýeti bardy. Gyzylgurt
toparynyň arasynda ilkinji ýaşap ugran günlerinden onuň
gerekmejek it häsiýetleri sep açyp, şu kemçiligi duýduryp
ugrady. Onuň bu bolşy topardaky özüne göwni ýetýän
gyzylgurtlaryň lapyny keç etdi. Möngözlüjäniň ertirki gün
deňli-derejeli serkerde bolup ýetişjegine şübhe döretdi.
Gyzylgurt serdarynyň borjy orda baş bolup, ony gazaply
söweşlere, ganly awlara äkitmekdi. Her gezek aw awlananda,
indiki awlaryň häzirkidenem ganly boljagyna töwerekdäkilerde ynam döretmekdi. Möngözlüje welin bu zatlar
hakynda pikirem etmeýärdi. Ýogsam, gara gaýyň oňa her
ýagdaýda nähiliräk bolmalydygyny häli-şindi ýeri gelende
aýdyşdyrýardy. Ýöne Möngözlüje onuň bu aýdanlarynyň
hemmesini adaty samralýan aýal gepi hökmünde üns bermän
gulagynyň duşundan geçirýärdi. Serdarlyga mynasyp zady
onuň diňe gara güýjüdi. Serdarlyk derejesi bolsa oňa gara
gaýyň «Meniň serdarym!» diýip ýüzlenen wagty ýadyna
düşýärdi. Ordany özüne tabyn edýän-de, serdaryň adyndan
awa alyp gidýän-de gara gaýyňyň özüdi. Gara gaýyňyň
serdarlyk edere mümkinçiligi bardy. Ol garry köpek bilen
ýaşan iki-üç ýylynyň içinde ondan köp zatlar öwrenipdi.
Häzir ordanyň başyny bozman saklaýan hem gara gaýyňyň
serdara mahsus bolan şol hereketleridi.
Şeýle-de bolsa biraz mahaldan Möngözlüjäniň serdarlygyna göwni ýetmeýän, onuň erteki gün hem mynasyp
serkerde boljagyna ynanmaýan gyzylgurtlaryň iki sanysy
topary taşlap gitdi. Möngözlüje olaryň gitmegine ähmiýet
hem bermedi. Sebäbi oňa bu ýerde gara gaýyňdan, onuň
jadyly zenan mährinden başga hiç zat gerek däldi. Onuň
özüni-de bu ýerde saklaýan şol gara gaýyňyň yhlasydy. Ol
yhlasy bolsa Möngözlüje her ädimde duýýardy. Onuň
287
göwnüne gara gaýyň ony özündenem eý görýän ýalydy. Bu,
hakykatdanam, şeýledi. Gijelerine Möngözlüje sährada onuň
bilen çapyşyp, oýnaşyp gezerdi. Dünýäni unudardy. Ne
ýaltanardy, ne-de ýadardy. Gijäniň içinde özüniň Gara gaýyň
bilen ikiçäkligine başga dünýäde hiç bir zadyň ýoklugyna
ynanardy. Bar-da bolsa bu pursatda başga hiç zat onuň
gözüne ilmezdi. Sährany öňe alşyp, çapyşyp barýan wagtlary
ol ýene biraz ylgawy güýçlendirseler, özleriniň aýaklaryny
ýerden üzüp uçup gidiberjeklerine hem ynanýardy.
Möngözlüjäniň uçanda asmandan öz gören zatlaryny
gara gaýyňa hem diýseň görkezesi gelýärdi. Asmanda bulut
bar güni bolsa ol hyýalynda gara gaýyň bilen uçup, buludyň
üstüne barardy. Şol ýerden olar iki bolup ýeri synlap
oturardylar...
Şol günleriň birinde ordany duýdansyzlykda taşlap
gürüm-jürüm bolanlaryň biri-de garry köpek boldy. Duýlup
yzy yzarlanan mahalynda onuň daga tarap gidenligi belli
boldy. Garry serdaryň ikinji derejeli serdar bolup ýaşamagy
ýüregine sygdyryp bilmän gidenligi belli boldy.
***
Yzynda geologlar obajygynda bir bolmasy işiň bolanyny
topar bilen gezip ýören ýerinde Möngözlüjäniň süňňi syzdy.
Onuň gelip orda bilen gezip ýörenine eýýäm birnäçe gün
geçipdi. Erbetligi syzansoň, onuň oturyp-turup mazasy
bolmady. Ol bir öwrümde yzyny ýatlap gara gaýyňy, onuň
gyzylgurt toparyny galdyryp goşa dolandy. Möngözlüjäniň
şol süňňi syzan wakasy geçen agşam il ýatyşansoň bolupdy.
Çetdäki çadyrda ýaşaýan geologlaryň birisi gijäniň bir wagty
aýagujunda hereket duýup oýandy. Ol bu aýaguçdaky
gymyldyny goňşy krowatda ýatan ýoldaşynyň uky arasynda
uzan eli hasaplany üçin, aýaklarynyň birini biraz ýeňsä
itermekçi boldy. Şol arada nämedir bir zat onuň başam
barmaklarynyň birine hatladyp agyz saldy. Aýaga awuly
288
tiken çümen ýaly bolup, jaslap gitdi. Ol hopugyp, ýalpa
gözlerini açdy. Şonda ol aý aýdyňa çalasynlyk bilen işini
bitiren ýylanyň krowatlaryň arasyndaky açyklyk bilen
ýaýkanyp, çadyryň çykalgasyna ýetip barýanyny gördi.
Geolog ýigidiň aljyraňňy sesi sanlyja minutyň içinde
töweregi som-saýak etdi. Ähli zatda ýaşululyk edýän Jepbar
ussa ýene-de dessine bu ýere geldi, ýylan zäherini göwrä
tarap goýbermezlik üçin onuň aýagyny üç ýerinden pugta
bogdurdy. Gyzyl nokat bolup, bildirip duran diş yzlarynyň
ýerini tyg bilen dilişdirdi. Ilkinji berilmeli kömek berlensoň
geologlar rasiýa üsti bilen gepleşip dikuçar çagyryp, ony
golaýdaky lukman bar bolan, merkezi çopan goşlarynyň
birine getirdiler.
Adamlaryň ýüzleri agyrdy, olar bu wakanyň bolmagyna
belli bir derejede özlerini günäkär hasaplaýana meňzeýärdiler. Bu ýüzler Möngözlüjä ýene bir gezek şol gezip
ýören ýerinde syzan betbagtçylygynyň bolanlygyny nygtady.
Ol töwerekde aýlanan bolup, keýpsiz bir gapdalda işiň
gidişine syn edip, çilim çekip oturan Jepbar ussanyň ýanyna
geldi. Ussa biraz açylyşyp onuň kellesinden, ýagyrnysyndan,
ýüzünden birki ýola sypalaşdyrdy. Ýakymsyz çilim ysy-da
häzir ony hemişekiler ýaly Jepbar ussanyň ýanyndan kowup
bilmedi. Galyberse-de, Jepbar ussa golaý bolmak onuň
çagalyk endigidi. Öňler, kiçijik güjüjek wagtlary Jepbar ussa
ony çaga ýaly edip gujagyna götererdi. Ýüz-gözüni sypalap,
onuň çaga hereketlerine guwanardy.
- Gaplaň, bir bolmasy işä-hä boldy özün-ä... Gije ýatyrka
bir ýylan gelip ol biziň ýoldaşy çakyp gidipdir. Ýylan degmedige-hä degýän-ä däldir özün-ä welin, ýöne şu gezeg-ä şol
kada bozuldy... Belki-de, ol oglanlaryň bäş-alty günlükde
ýolda maşyn basdyran ýylanynyň taýydyr. Ony diýseňem,
ýylany depgileden biri, onuň çakýany bolsa başga biri. Ol
neresse şol gezek kemteresinden maşynyň töwereginde hem
ýokdy ahyry. - Möngözlüjäniň Jepbar ussany diňledigiçe
19. Sargyt
289
ýylanyň batyrlygyna gahary geldi. Jepbar ussa ýene biraz
sesini çykarman oturansoň, çiliminiň galyndysyny ýere
taşlap, ädiginiň burny bilen ony gaharly basyp mynjyratdyda: - Belki, Gaplaň, sen bolan bolsaň bu waka bolmazdy.
Seniň soňky döwürlerde bir ýerlerde-hä düşegiň ýumşady! diýip, gepiň gerdişine görä, ýüzugra oňa hem biraz igendi.
Jepbar ussanyň bu sözleri aýtmagynyň öz sebäbi bardy.
Ol ýaşlykda «Ýaşajak ýeri çöl bolsa, muňa gerek bolar» diýip,
Möngözlüjä ýylan tutmany öwredipdi. Zähersiz ýylanlary
getirip, oňa tutluşylan mahaly nireden dişlemelidigini, nähili
goranmalydygyny, göwünjeň geologlar bilen bilelikde ürç
edip öwredipdi. Soň birsalym Möngözlüjäniň ýylanlar bilen
keýpine tutluşan döwürleri hem bolupdy. Olar göz
görensoňlar şagallar ýaly, käte bir ýollary düşende aýlanyp
gidýän ýerleri bolan geologlaryň töwereginden aýak çekmäge
mejbur bolupdylar. Jepbar ussanyň sözünden şeýle bir igenç
duýulmaýan-da bolsa, Möngözlüje şundan soň öz ynsabynyň
öňünde birhili müýnürgedi. Oturyp, töwerekde ýaşaýan
ýylanlary ýatlaşdyrdy. «Bu iş olaryň haýsy birisiniň işikän?»
diýip, jogaby şol ýerden eşitjek bolýan ýaly, böwrüne diň
saldy. Töwerekde ýaşaýan ýylanlaryň hemmesine, öň iş
salşany üçin Möngözlüje beletdi. Olar sanlyja maşgaladan
ybaratdy. Iki-üç kilometrlikdäki taşlanan guýynyň içinde
alty-ýedi sany kepjebaş ýaşaýardy. Beýleki topar gökýalta
neberesidi. Olar bäş-dört kilometrlikdäki alanda ýaşaýardylar. Özleri-de hemişe gum ýorganyň aşagynda biri-birleri
bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatardylar. Tötänden gabat gelip
üstünden basaýmasaň, aňsat adam-gara erişmezdiler.
Möngözlüje gijara ýalagyna guýlan nahary iýip garnyny
doýransoň, çapawulçylyk edip giden ýylanyň ugruna çykdy.
Ol köne guýa golaý baranda dört sany serginlige çykan
kepjebaşyň gaz bolşup, töwerekde ýaýkanyşyp ýörenlerini
gördi. Ol öz bilýän ýylanly ýerleriniň bir-bir habaryny almagy
290
niýet edinipdi. Möngözlüjäni görüp olar boýunlaryny
gaýşanakladyşyp, ýerli-ýerden haşlaşdylar.
- Bu ýerde biz bar!
- Nirä gelýäň süssenekläp?
Yzrakda duran garry kepjebaş ony tanap, toparyň öňüne
geçdi.
- Goňşy, bu asyl senmi? Soňky döwürde ýitdiň öz-ä! diýip, ol köpi görenligini edip mylaýym gürledi.
- Kepje han, men senden bir zat sorajak, jogap ber!
- Bilýän sorajak zadyňy.
- Aýt, ol kimiň işi?
- Bilmedim. Ýöne biziňkileriň-ä işi däldigini anyk
bilýärin.
- Onda Gökýaltalardan biridir-dä?
- Anyg-a, biljek däl, ýöne olaram däl bolsa gerek. Biz
seniň bilen öň birek-birege zelel etmezligi wadalaşdyk
ahyryn.
Möngözlüje kepjebaşyň gurrüňinden ol aýtmasa-da bu
öwrede başga bir maşgalasynyň peýda bolanyny aňdy.
- Hümm, boldy... - Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, täze
goňşularyň ugruna çykdy. Birsalymdan ýat ýylan yzy çopan
taýagyna meňzäp, onuň ýoluny kesdi. Möngözlüje ol yzy
yzarlap, kert depäniň alkymyndaky köne hinleriň öňüne
geldi. Ysyrganyp hinde häzir gözleg salyp gelen ýylanlarynyň
ýoklugyny anyklansoň, ol ýeňseräge çekildi-de: «Öýüňe-hä
birwagt dolanarsyň» diýip, buky ýerde garaşdy ýatyberdi.
Uzakly gije aw awlaşyp, çölüň şöwrüni çekişip, gezen
ýylanlar daňyň öňüsyrasynda öz maýdallaryna gaýkyjaklaşyp, hinleriň öňüne gaýdyp geldiler. Olar ýalmanyşyp
duran iki sany garagaýçak ekeni. Möngözlüje ilki olary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.