Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 1983
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Alakalaryň ikisi-de hinleriniň agzyndan bir görnen ýaly
etdiler-de, şobada suwa çümen ýaly bolşup, bir wagtyň
özünde gürüm-jürüm boldular.
Möngözlüje olar bilen düşünişibilmän, lapykeç bolup
yzyna dolandy.
- Aýtdym-a, siz itlere ynanarlygy ýokdur diýip. Aç
bolsaň, güm bol-da git, hol kakyň boýunda möjegiň geçen
agşam güjüjekleri bilen iýen keýiginiň esli maslygy ýatyr,
bar-da şony iý. Biziň porsy etimizden saňa ýal bolmaz. Alaka hininde bukulyp oturan ýerinden Möngözlüjäniň
yzyndan gygyrdy.
***
Töwerekdäki gülleriň, ot-çöpleriň ysy bilen goşulyşyp
gelen ýakymly ys Möngözlüjäni ýol üstünde saklady. Bu ys
etiň, onda-da, täzeje etiň, şindi porsap zaýalanmaga
ýetişmedik etiň ysydy. Möngözlüjäniň agzy suwaryp,
sülekeýi akdy. Ir bilen ukyň arasynda enesini çalak-çulak
emenini hasap etmeseň, ol bu gün duz datmandy. Enesiniň
ýanynda goşda bolanlygynda Möngözlüje bu mahala çenli
telim ýola ýalaga tumşugyny sokardy. Heý bolmanda,
çopanyň ýanyna barardy-da, onuň ädigine süýkenerdi,
boýunjygyny burup, guýrujagyny bulaýlap, onuň göwnünden
188
gopmak üçin elinde baryny ederdi. Şeýle bolanda çopan her
gezek bir süýtli geçini tutup sagardy-da, saçakdan alan
gaty-guty nanyny şoňa dograp, Möngözlüje bilen onuň
uýasyny aýratyn bir yhlas bilen naharlardy.
Möngözlüje howany ysyrgap, et ysynyň nireden gelýänligini anyklansoň, şol tarapa howlukdy. Hyýalynda bolsa
süýji et iýmegi arzuwlady. Ol birsalymdan ys yzarlap barşyna
bir oýuň içinde ýatan, çar tarapyndan çekelenen läşiň
üstünden geldi. Bu maslyk hälki, şol hinine gaçyp giren
alakanyň salgy beren keýigidi. Keýigiň kükregi has giň
oýulypdyr. Bu ýerden ene möjegiň özi iýen bolmaly. Beýleki
ýerleriň bolsa çekelenişiniň ugry ýokdy. Möngözlüje onuň
töwereginde aýlanyp, islän ýerinden agyz urup çekeläp iýdi.
Ol doýup aýrylansoň hem esli wagtlap öz öňünde şeýle köp
etiň üýşüp duranyna ynanman, hamala gözüm bir doýsun
diýýän ýaly läşe seredip ýatdy. Soňundan hemişe bolşy ýaly
garny doýansoň, ýene-de onuň ukusy tutup ugrady. Ol bu
ýerde ýatmagyň howpludygyny it duýgurlygy bilen duýdy-da,
oýdan çykdy, gapdala çekildi. Onuň öňünde üsti erez-erez
tolkunly kak suwdan emele gelen köl peýda boldy. Ýaňy aç
mahaly bu köl onuň ýadyna düşmändi. Sebäbi ol wagt munuň
bir arzuwy bardy, o-da aç garnyny otarmakdy, teýlije
lukmady. Ol köle birsalym seredip: «Şol gopbamsyja alakanyň
diýen köli-ow şü, bu alakanyňam hak sözi boljak ekeni» diýip
oýlanansoň, gapdaldaky otuň üstüne süýndi. Iýlen etiň
ýylysy, Günüň mylaýym çogy, ümsümlik onuň pikirini tiz
elinden aldy. Ol birsalymdan özüniň garaguş bilen uçanyny,
enesiniň, uýasynyň bir ýerlerde galanyny, nakysja murtly
alakalary, ähli zady unutdy...
Möngözlüjäniň ýalaň meýdanda çäşerip ýatyşyny ilki bir
ýerlerden bir ýerlere ala wyzzyldy bolup uçup barýan gögeýin
gördi. Gözläp ýöreni et ysly, çyrşaklyja tumşuk bolany üçin,
ol bu ýerden biparh geçip bilmedi. Biraz asmanda agramyny
189
saklap byz-byzlap duransoň, gelip göni Möngözlüjäniň
tumşugyna gondy.
Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
- Diňe biz, ýene biz, biz-biz-biz...
Möngözlüjäniň rahatlygy bozuldy. - Kim bu meniň
tumşugymyň üstünde wyzzyldap ýören?
Ol gözlerini açman, ukyň arasynda burnunyň üstünde
bolýan hereketlere kejikdi. Gögeýiniň her basan ýerinde
galýan ýakymsyz dymyrdyny, seňrigini ýygryp, bu oýnuň
özüne ýaramaýandygyny mälim edip, agzynyň töwereklerini
ýalaşdyrdy. «Ýok bolup gider-le» diýen pikir bilen ilki birki
gezek başyny göterip silkeledi, soňundan bolsa, ýene-de
kellesini ýere goýdy. Gögeýin barybir ýene-de ony öz gününe
goýmady. Möngözlüje gahar bilen ýerinden turdy-da, bu
garagola temmi berme niýeti bilen häzirlendi.
- Turduňmy, it dost? - diýip, gögeýin onuň gözüni
açanyny görüp, töwerekde galgap uçup ýörşüne şadyýanlyk
bilen söz gatdy.
- Turanym bilen, turmanym bilen seniň ne işiň Möngözlüje öýkeli hüňürdedi.
- Seni men turuzdym. Gün arka agansoňam bir ýatmak
bormy?
- Ol öz işim, saňa näme! - Möngözlüje burnuna salyp
hüňürdedi.
- Sen näme, öýländen soň ýatmagyň gowy däldigini
bileňokmy?
- Bilemde näme!
- Bilýän dälsiň, bilseň ýatmazdyň.
- Bolýar, ine, turuzdyňam-da, bar, indi ýoluňa git!
- Möngözlüje ol gitse ýene biraz irkilerin diýen tama
bilen gögeýine haýbat atdy. Emma gögeýin ondan el çekmedi.
Gaýtam, göwnühoşluk bilen wyzyrdap, sanawajyny sanady.
- Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
Diňe biz, ýene biz, biz-biz-biz...
190
Möngözlüjäniň bir eýlesine geçdi, bir beýlesine.
Gögeýiniň bu bolşy Möngözlüjäni kejikdirdi. Ol telim gezek
iki ýanyna duýdansyz towsup, «hap» edip gögeýini azgy bilen
gapmak isledi. Emma köpi gören gögeýin her gezekde onuň
atymyna gelmedi. Soňra Möngözlüje çommalyp, öň
aýaklaryny kelemenledip ugrady. Diňe şundan soň gögeýin
bu oýnuň ele düşäýse oňlulyk bilen gutarmajagyny aňyp,
gitmekçi boldy.
- Seni uklatman diýdimmi, diýdim. Seni ukyňdan
açdymmy, açdym. Indi sen ýatasyň gelse-de, agşamdan bäri
ýatyp bilmersiň. Hoş onda, men-ä gitdim! - Gögeýin
Möngözlüjäniň boýy ýeterden ýokaryk saýlanyp, şol ýerden
şatlyk bilen seslendi.
- Gitseň, ýok bol, görmedigim sen bol. Senjagaz, garagol,
bir penjäme ilseň bor...
Möngözlüje öýkeli hüňürdäp durşuna wyzyrdap özünden
daşlaşyp barýan gögeýini gözi bilen ugratdy.
Möngözlüjäniň indi bireýýämden bäri kimdir birine
duşup, tanşasy, mesaýy gürleşip, tirkeşip, onuň bilen Garly
dagyň duran ýerine çenli gidip oýnasy gelýärdi. Ejesini,
uýasyny, öz eýesi çopany göresi gelýärdi. Ýöne, hany, bu
dymyşmak oýnap oturan baýyrlaryň arasyndan öz göwnüň
bolup biljek beýle dosty nireden aljak?! Arylaryň wagtal-wagtal
gapdaldan ötüp gidýän wyzzyldysy bilen otlaryň arasyna
ýaýran mör-möjekleriň şybyrdysy diýäýmeseň, dünýä
gum-gukluk. It gulakly bolubam hiç zat eşidip bolanok.
Gögeýin bilen dostlaşmakdan bolsa ol ellibizardy. Onuň sesini
eşidenden Möngözlüjäniň endamynda ol burnuna münendäki
ýaly ýakymsyz jümşüldi peýda bolýardy.
Möngözlüje goýunlaryň gatnan ýodasy bilen bir baýryň
ýüzüne dyrmaşyp barýarka, özüniň bir ädim öň ýanynda
gulaklary selkije garaja güjügi gördi. Bada-bat Möngözlüjäniň ýüzünde begenç, pikirinde bolsa «Indi bileje oýnarys,
191
hezillik bolar» diýen tama döredi. Möngözlüje aýak çekip,
şatlyk bilen öň ýanynda duran güjüjege ýüzlendi.
- Sen kim, eý, dost? - Sen nireden çykdyň, güjüjek?
Garaja güjük tumşugyny aşak-ýokaryk edip, gulaklaryny
selkildetse-de, Möngözlüjä jogap gaýtarmady. Möngözlüje
boýnuny süýndürip, garaja güjügi ysgaşdyransoň, gözlerini
tegeläp has-da geňirgendi:
- Seniň özüň-ä güjük welin, ýöne seniň it ysyň ýok-la?
Garaja güjük Möngözlüjä meňzäp boýunjygyny bursa-da,
ondan ýene-de jogap bolmady. Möngözlüje şundan soň ony
kowalap ýetip, oýna goşmakçy boldy. Garaja güjüjegiň
kölegesidiginden, onuň eden hereketlerini sypdyrman özüne
meňzäp gaýtalajakdygyndan bolsa Möngözlüje mönlügi
zerarly entek habarsyzdy. Enesiniň ýanynda wagty bu
güjüjek, onuň ünsi düşen zat däldi. Ol ot-çöplere çolaşyp,
ýykylyp-sürşüp näçe kowalasa-da, onuň ähli hereketlerini
bir-bir gaýtalap barýan garaja güjüjek hem şonça-da gaty
gaçdy. Ýolboýy bolsa onuň gulajyklary selk-selk edip
selkildedi. Möngözlüjäň gara güjügiň yzyndan ýetip, onuň
selkildeýän gulajyklaryndan, uýasynyň gulaklaryny dişleýşi
ýaly dözer-dözmez dişläsi gelýärdi. Ol şol gulaklara agyz
salsa, onuň hem hakyny gidirmezlik üçin özi bilen dikleşip
dişleşjegine, hezil basalaşygyň boljagyna ynanýardy. Ýöne
garaja güjük Möngözlüje näçe çytraşsa-da, oňa el bermedi.
Möngözlüje ylgamakdan halys bolup, ahyry bir ýerde aýak
çekdi-de, has-has edip durşuna özi bilen bir wagtda aýak
çeken garaja gujüge seredip düýrükdi.
- Eý, dost, seniň bolşuň nähili, gaty gaçýaň-la? Gel,
basalaşyp oýnaly. Bilýäňmi, basalaşyp oýnamak nähili hezil
zat! Ýa-da basalaşsam ýeňlerin öýdüp gorkýaňmy? Gel,
ýeňmäýin, ýöne oýnasaň bolýar. Men şoňa-da razy. Möngözlüje garaja güjüge her zatlar diýip, öz bähbidini soňa
goýup ýalbarsa-da, onuň diýeni bolmady.
192
- Eger sen häzir meniň bilen oýnaly diýemde oýnamasaň, menem soň sen oýnaly diýeňde oýnaman.
Garaja güjük ýene-de öňki bolşuny saklady, ol Möngözlüjä ne oýnajak diýdi, ne-de oýnajak däl.
- Onda men-ä gitdim, yzyma düşäýme, ýekelik
gowumyka, hany, onuň bilen senem bir ýeke galyp gör!
Möngözlüje kölegesinden öýkeläp yzyna dolandy.
Gün göni garşydan bolany üçin garaja güjük onuň
öňünden aýryldy. Möngözlüje öwrülip yzyna seretmedi.
Şonuň üçinem ol öz söbügini basyp, gulajyklaryny selkildedip
gelýän garaja güjügi görmedi.
Möngözlüje uzakly gün selkildese-de, ne enesini tapdy,
ne-de uýasyna duşdy. Ne-de bir oňa tirkeşäýer ýaly ýoldaş
tapyldy. Ol uzakly gün selk-selk edip, bir ýerde durman
elewränsoň, halys ýadady. Indi onuň gidip barýarka gözleri
ýumlup gidýärdi, ukusy tutýardy. Ýöne, hany, nirede
ýatmaly, barara bolsa ýekeje-de gapy ýok. Ahyry ol şol ylgap
ýörşüne bir suw köwen köwege gabat geldi. Köwegiň üstüne
arkadaky gaýanyň ep-esli bölegi düýe ýaly abanyp otyrdy.
Şonuň üçinem bu ýer ykyşakdy hem ýalazy meýdana görä
has maýyldy.
Agşam ýagyş maýdalap ýagyp ugran mahaly, ol
meýmiräp, süýji ukuda ýatyrdy. Ýagyş onuň art aýagynyň
penjelerini biraz ezýärdi. Möngözlüje aýaklaryny ýygnansoň
has-da arkaýynlandy. Ýöne ýarym gijeler sag tarapdan
eşidilen iki aýylganç gümmürdi onuň ynjalygyny bozdy. Hut
asman çym-pytrak bolup, tikeleri çar töwerege seçelenip
giden ýaly boldy. Töwerek birden ýagtylyp gündizlige
öwrüldi-de, ýene-de bada-bat gijäniň etegine siňip gizlendi.
Möngözlüje tarsa ýerinden turdy-da, näme-näme bolanyny
bilmek maksady bilen töweregine ýaltaklady. Ýöne ol näçe
ýaltaklasa-da, pikirindäki «Bu näme boldugykan?» diýen
soragyna jogap tapyp bilmedi.
13. Sargyt
193
Asman bolsa şundan soň has-da tiz-tizden gummürdemegi çykardy. Möngözlüjäniň göwnüne bu gümmürdiler
özüne tarap çapyp gelýän demir toýnakly atlaryň toýnak sesi
bolup eşidildi. Onuň gözüniň öňünde bir süri dabyraşyp
gelýän at peýda boldy. Ol atlaryň öňünde bolsa, ol basan
ýerinden ot çykaryp syçrap gelýän gara aty gördi.
Möngözlüjä ol atlar özüni aýak astyna alyp, depeläp giderli
göründi. Gök gürläp, ýyldyrym çakan mahaly Möngözlüje
hiç wagt ýeke galyp görmändi. Onda-da meýdanda. Ol
näderini bilmän, töweregine ýaltaklap, enesini küýsäp
çyňsady. Ene başga wagtam-a gereksiz däldir welin, ýöne
şeýle günde ol juda gerek bolýan ekeni. Oňa bu atlar ýene
biraz dursa, hut özüni depeläp, mynjyradyp geçjek ýaly bolup
duýuldy. Möngözlüje atlaryň öňünden aýrylmak üçin bir
tarapa ylgady, ýöne atlar ol ýerde-de onuň öňünden çykdylar.
Ol nätjegini bilmän, başga bir tarapa ylgady. Möngözlüje
ondan oňa gaçyp, ahyrsoňy halys ýadady. Şonuň üçinem ol
soňuny saýman, ilki göreninde gözüne gorkunç görnen
sürenleriň birine süsdürilip girdi.
Bu süren tilkiniň sürenidi. Möngözlüje tilkä girelgäniň
agzynda gabat geldi. Tilki göni garşyda ýoly bekläp, keserip
durdy. Möngözlüjäni görüp, ol arkasyny tüňňerdip has-da
hüžžerildi.
- Näme süsdürilip gelýäň, iliň öýüne?
- Men... Men biraz şu ýerde duraýyn-la!
- Bu ýerde seniň geregiň ýok.
- Meni daşarda gara atlar kowalaýar...
- Heý, sammyjak, sen sammyjak...
Şol arada enesiniň garnynyň aşagyndan kiçijik bir
tilkijigiň enaýyja tumşugy göründi. Ol emedekläp, şol ýerden
sümlüp, Möngözlüjä tarap geçjek boldy.
- Eje, ol kim, ol kim, eje?
- Baryň ornuňyza, hemme zat bilen işiňiz bar!
194
Tilki beýlesine öwrülip gatyrgandy. Tilkijikleriň ikisi
enesiniň diýenini etse-de, ilki görnen enaýyja tilkijigiň welin
gidesi gelmedi.
- Eje, ýekeje gözüm bilen göräýin-dä ony?
- Saňa gep ýokmaz, ýeksurun ganjyk. Näme, it
görmediňmi? Çölüň bol çöp-ä şolar...
Tilki gahar bilen çagasyny süreniň törüne, beýleki iki
tilkijigiň gözjagazlaryny balkyldadyp oturan tarapyna
itekläp goýberdi.
- Ana, gör, özüň ýaly çagalar nähili ejelerini diňläp,
akylly bolşup otyrlar!
Ejeleriniň öwgüsini alan tilkijikler şundan soň
boýunjyklaryny sallaşyp, has-da akyllysyradylar.
Möngözlüje bu tomaşany synlap durşuna: «Bulaňňam
ejesi meniň ejem ýaly ekeni, o-da hemişe maňa görelde
hökmünde uýamy öwüp: «Senem şunuň ýaly düşbüje
bolarlar» diýýärdi» diýip oýlandy.
Tilki çagalaryny tertibe salansoň, ýene-de ýeňsesine
öwrüldi.
- Şol duran ýeriňde dur onda. Şondan bäri aýagyňy sekiji
bolma!
- Bolýar. Dursam bolýar...
- Ertir ir bilenem gidersiň.
- Şol atlar gitse, giderin...
- Özüňem tilkini aldaryn öýdüp hiç mönsüremegin, ol
atlaryň nämedigini sen menden gowy bilýänsiň. Mönsüreseň
halaman.
- Bolýar, mönsüremäýin, ýöne biraz dursam bolýar.
Ejeleri öwrülip aralaryna baransoň, tilkiler ýene-de
rahatlanyşyp, onuň töweregine öwrülişip ýatmak bilen
boldular. Tilkileriň ýatan wagtlary bir edähedi bar ekeni.
Olar ýatanlarynda bir-birleriniň guýrugyny gujaklaşyp,
zynjyr bolşup ýatar ekenler. Möngözlüje birsalym olary
synlap duransoň, «Tilkilere gelen tilki bolmalydyr» diýen
195
pikir bilen zynjyryň iň yzynda ýatan tilkiniň guýrugyny
gujaklady. Tilki guýrugynyň ellenýänini duýup, ýatan
ýerinden kellesini galdyrsa-da, oňa gaty-gaýrym zat diýmedi.
Daşarda galan gara atlar bolsa iki ýana çapyşyp, uzyn gijäni
dükürdeşip geçirdiler.
Tilki aslynda gijesine gezmegi, gije bukulyp iş
gaýyrmagy halaýan-da bolsa, ýyldyrym çakyp, gögüň
gürlejegini bileni üçin, bu gijäniň nepinden geçipdi. Şeýle
gün bolanda aljyraňňylyk bolýardy. Aljyraňňylyk bolsa,
hemişe entek aga-gara oňly düşünmeýän gujüjekleriň azaşyp,
ýitmegine sebäp bolýardy. Beýle ýagdaý enelere ýürekden
çykmajak arman getirerdi.
Hemme eneler ýaly, tilki-de öz çagalaryny eý görerdi.
Olaryň aýagyny tikene-de rowa görmezdi. Tilkiniň çagalary
aç bolansoňlar, uzakly gijäni çyňsaşyp çykdylar.
- Eje, men-ä ajygýan!
- Sabyr et, janym, ertire bir çykaly.
- Özüň-ä öňler agşam aw üçin amatly diýen bolýardyň.
- Bu gün ýyldyrym çakýar. Kim süreninden çyksa, ony
daşarda gara atlar depelemek üçin kowalaýar. Gördüňiz-ä
ýaňy güjügem şol ýerden gaçyp geldi.
Tilki uzakly gije şu sözler bilen özüniň çagalaryny
rahatlandyrdy.
Ertir bolsa ol hemmelerden ir turup, süren içinde
aýaklaryny uzadyşdyryp, birki gaýra gerindi.
Sürenden daşaryk çykmak üçin çagalaryny aýak üstüne
galdyransoň bolsa, henizem agşamky giren ýerinde bir
gowuja bolup düýrlenip ýatan Möngözlüjä seredip hyňrandy.
- Häý, it ogly, bu henizem ýatyr. Gidip ýal gözleme
aladasy ýok-da bulaň. Agalary bulaň iýjek ýalyny öňünde
goýýar. Biziňki ýaly bir garny aç, bir garny dok gezjek
gümanlary ýok. Bular diňe eýeleri bilen gijesine düşekde
bile ýatanoklar...
196
Pikirini dördügiçe tilkiniň Möngözlüjä gahary köpeldi.
Ol çagalaryndan öňe düşüp gelip, Möngözlüjäniň üstüne
kükredi.
- Eý, it ogly, tur hany!
- Ýene azajyk ýataýyn-la, eje... - Bar, ýok bol-a, enesi
ýalamadyk, saňa eje bolan bolsun! Men-ä senden bizar...
Tilki ahyr düýrügip, ony tumşugy bilen kakdy.
Möngözlüje guýrugyny ýamzyna gysyp, tilkileriň öňi
bolup daşa çykmakdan başga alaç galmady.
Daşary häzir alaýazlykdy. Ol ýerde ne-hä sowuk nazary
bilen ýüzüňe seredýän gorkunç gije bardy, ne-de güpürdeşip,
depeläp geçjek bolşup ýören gara atlar. Garşydaky baýryň
güneş ýüzüni mesgen edinen akly-gyzylly läleler bolsa agşam
ýagşa ýuwnup, has-da gözilginç bolupdylar.
Ol ýerde häzir arylar başlaryny gülleriň ysyna humarladyşyp, keýpihon wyzzyldaşyp, uçuşyp ýördüler, öz
dillerinde jedirdeşýärdiler.
- Baý, bu öýleriň gowudygyny, girseň çykasyň gelenok.
- Meni şu gülüň ysy heläk edýär, düýn öýe gitmegi hem
unudyp, şu ýerde galsam näme!
- Ýazda käte şeýle-de bolýa-da. Onda sen agşam ýagyşda
nätdiň?
- Men-ä, dogrusy, gülüň ysyna serhoş bolup, şony kän
duýmandyrynam. Uzakly gije gül meni özüniň hoş ysy bilen
bendi etdi. Men onuň gujagyndan çykjagam bolmadym.
- Oňarypsyň, dost, bu öýdäkilerden sypyp bolsa
edäýmelis-ä şodur-la.
- Ýaban ýatmadyk arydanam bir ary bolarmy?
Möngözlüje arylaryň gürrüňini entegem diňlejekdi
welin, tilkijikler eneleriniň yzyna düşüp, eňşip ugransoňlar
onuňam durup mazasy bolmady.
Şol barmana bolsa daşary çykylan bada özi bilen ilki gelip
ysgaşyp, tilkijik ýolugra ony kibti bilen kakyp geçdi.
197
- Sen näme mölerip dursuň?
- Aý, bilemok.
- Ýör, onda, ejem şu gün bize guzy awlap berjek diýýär.
Sen guzyň etini iýip gördüňmi?
- Ýok. - Möngözlüje tilkijigiň gapdaly bilen ylgap
barşyna onuň bilen gürrüňi dowam etdirdi.
- Guzy eti juda süýji bolýar. Biz öňki ýagyş ýagan günem
guzy iýdik - diýip, tilkijik geçeni ýatlap, süýjülik bilen
tamşandy.
Başga-da bir gidere ýeri bolmansoň, Möngözlüjäniň
bulardan galasy gelmedi. Ýöne tilkileriň bolup barşy
bada-bat oňa ýaramady. Olar ogurlyk etmänkäler ogurlyk
eden ýalydylar. Häli-şindi kimdir birine görünmejek bolýan
ýaly bolşup, ýer busuşyp, töweregi diňşirgenýärdiler.
Olaryň ýaltaklap boluberşine bolsa, kelle çydarly däldi.
Tilkileriň ulusynyň-kiçisiniň kellesi asla birsalymam dek
duranokdy. Her eşidilen şygyrdydan many çykarýardylar.
Şygyrdynyň zelelli däldigi anyklanansoň, olar ýene-de
ýollaryny dowam etdirýärdiler.
Bir örüp ugran süriniň alkymyndan gelip çykýançalar,
tilki telim gezek çagalaryny ýatyryp-turzup, ol janawarlara
görgi baryny görkezdi. Şol bir wagtda bolsa ol Möngözlüjänem sylap goýmady. Burnuny tys-tys etdirip, ony hem öz
erkine tabyn etdi.
- Biz bilen boljak bolsaň, senem maňa bir zady iki
diýdirmeli dälsiň!
Geň galaýmaly, sürende wagtlary kiçijikler enelerini
şeýle bir diňläp durmasalar hem meýdanda olar ejeleriniň
bir diýenini iki gaýtalatmaýan ekenler. Onuň her hereketini
çir-çitir bolşup özleriçe gaýtalaýardylar. Ümleriniň
hersinden degerli netije çykarýardylar. Ýat diýlen ýerde
ýatyp, bukul diýlen çöpe bukulýardylar.
Şol barmana tilki öz yzyndan gelýänlere burnuny iki
gezek eşidiler-eşidilmez «tys-tys» edip, saklanmagy
198
duýdurdy-da, sürüden bäş-üç ädim saýlanyp duran töweregi
üç-dört guzujykly goýunlara ýakynlaşyp ugrady.
Guzujyklaryna jür bolşup duran goýunlar henizem hiç
zatdan habarsyzdy. Goýunlaram, guzujyklaram häli-şindi
gezegine diýen ýaly mäleşýärdiler.
- Mä-ä-je, aý, eje!
- Näme, guzym?
- Eje, meni goýup hiç ýere gitme!
- Bolýar, oglum...
- Bolýar diýip, öňem-ä gitdiň.
- Suw içmäge gitdim-ä, balam.
- Eje, indi suw içmäge-de gitme.
- Bor, guzym...
- Eje, men-ä üşeýän.
- Geç, meniň beýläme, bu tarap yklaw. Ýene-de em
azajyk. Dok bolsaň şemal seni üşedip bilmez. Gaýta, ol
sypalap seniň buýralaryňy ösdürer. Seniňem galyň possunyň
bolar.
- Eje, haçan?
- Sabyr et, balam. Şu otlar gurap, sary saman bolsun.
- Ol haçan bolýar, eje?
- Eýläňe-beýläňe seretmäge ýetişmänkäň...
Tilki duran ýerinden gönümel çykyp, goýunlaryň duran
ýerine ýetmäge howlukmady, pişik basyşyny edip barşyna
sag çignine öwrüm etdi. Ol ýerde geçen ýyldan galan iki düýp
selin gök otlaryň arasynda bölejik gara meýdan bolup otyrdy.
Tilki ýaňy saga öwrülen mahaly hut şu selinlere duwlanmagy
niýet edinipdi. Ol selniň arkasyna gelip, biraz demini
dürsänsoň, edil goýunlaryň bäri gabadyndaky kerte göz
dikdi. Kertiň kert bolubam şeýle bir ugry ýokdy. Şonuň
üçinem ol ilki «Mundan maňa delalat bolmasa gerek» diýip
oýlandy. Daş-töweregini garanjaklady. Ýöne ýene-de şondan
amatlyrak ýere onuň nazary ilmedi. Tilki durup hemişe şeýle
çykgynsyz ýagdaýa düşende ýatlap, özüni ruhlandyrýan
199
sözlerini oýunda aýlady: «Heý, sen tilki ahyryn, seniň
ata-babaň bir eşek tezegine bukulmany başarypdyr, olaryň
nesli boljak bolsaň, senem olardan kem oturmaly dälsiň!»
Ol ulumsylyk bilen süýşenekläp, öňündäki kertiň
alkymyna geldi. Goýunlar bolsa henizem dünýäden bihabar,
öz guzujyklary bilen gürleşip, güýmenişip durdular. Tilkä
indi bir demini dürsäp, guzujyklaryň biriniň üstüne
bökäýmek galdy.
- Haw-haw-eý, sen ol ýerde näme edýäň?
Bu ses tilkä hut bir äpet daş dagdan togarlanyp gaýdan
ýaly güňleç eşidildi. Aýaklarynyň dördüsinde-de bir wagtyň
özünde şol bir meňzeş saňňyldy peýda boldy. Itiň sesi bolsa
barha golaýlaşdy. Ahmyr bilen yza dolanmakdan başga çäre
tapylmady.
Goýunlar ol yzyna öwrülip, gaçyp ugransoň, ony görüp
ürküşip, howsala bilen yzlaryna serpildiler.
Ejeleriniň gaçyp gelýänini görüp, baýryň eteginde
guzujyga garaşyp, tilkiniň öňüne düşüp gaçyp ugradylar.
Iliň gaçanyny görüp, kimden gaçylýanyny bilmese-de,
Möngözlüje-de olaryň yzyna düşdi. Möngözlüje bir gaňrylyp
yzyna sereden mahaly bir sary köpegiň her ýerden bir basyp
arany ýygryp gelýänini gördi.
- Haw-haw, hany, dur, dur diýilýä saňa!. .
Iliň durmaýanyndan çen tutup, Möngözlüje-de «dur»
diýleni bilen durmaly däldigini bildi. Ýöne bu köpegiň
höltüldän bolup gelşinden ol birneme eýmendi. Näçe jan etse-de,
çöpden-çöpe sümlüşip, özünden arany barha açyp barýan
tilkijikler oňa ýetdirmedi. Birsalymdan ýeňseden eşidilen
güňleç ses onuň önüni dolady.
- Haw, sen kim-eý?
- Men tilki...
- Sendenem bir tilki bormy - diýip, Möngözlüjäni doly
diňlemedik köpek onuň üstünden güldi. - Hol-ha, tilkiler,
olar al salşyp, bireýýäm ýurtdan çykyp gitdiler.
200
Sary köpek bu diýen gyjytly sözlerinem az görüp,
sandyraklap: «Nä bolarka, nä goýarka?» diýip, men bolup
duran Möngözlüjäni kükregi bilen hütledip kakdy. Iterginiň
zarbyna Möngözlüje togarlanyp gitdi.
- Ine, saňa, tilki bolsaň, haý, sammyjak, men tilkidirin
diýen bolýar-a. Heý-de, tilki tutulsa, men tilkidirin diýermi?!
Ol, gaýta, ýalym-ýulum edip: «Biziň ata-babamyz bir wagtlar
siz bilen garyndaş ekeni, soň siz özüňize dost tapynyp
gidipsiňiz, biz bolsa munda galypdyrys. Şol günler siz
adamlar bilen dostlaşyp gowy edipsiňiz. Ýabany bolsaň bu
ýerde rysgaly henizem ylgap almaly. Aý, şu gün elimiňem
boş güni, şol ata-babalarymy ýatlamaga geldim. Mazaly,
görüşmek nesibämem bar ekeni, saňa-da duşaýdym» diýip,
ýumşaklyk bilen ejiz damaryny sypalap ugrar... Bir gezek
ol bizem oňaryp aldady, şonda ýoldaşym Gaplaň pahyrdy.
Biz iki bolup bir ogurlyga gelen tilkini ogurlygynyň üstünde
tutduk. Gaplaň bende juda bilesigelijidi. Ol tilkini dalap sana
geçmez etmegiň deregine, oňa sorag berdi.
- Şu ýazda näçe guzy ogurladyň? Ýöne göniňi aýt,
ýogsam...
- San bilemok, it aga, ýöne görkez diýseňiz, ýere çyzyp
görkezeýin, özüňiz sanaýyň.
Biz «Hany görkez-de, görkez» bolşup, ony orta alşyp
durduk. Tilki çägäň üstüne ilki bir guzynyň suratyny çekdi.
Yzyndan ýene-de birini çekdi. Biz bolsa synlaşyp durus.
Birden ol: «Ine, şuň ýalagam birini ogurladym» diýdi-de,
süýnmek çyzyk çyzan bolup, meniň ol çyzylan zatlar bilen
gyzyklananymy görüp, garnymyň astyndan geçdi-de, göterdi
ökjäni...
It Möngözlüjäniň töweregine aýlanyp ysgap, ýene-de bir
gezek onuň itdigini anyklansoň dalamady.
- Bar, tilki bolsaň, ýok bol şu ýerden.
201
Möngözlüje gelende, tilki çagalaryny daşyna toplap,
töweregi synlap otyrdy. Ol oturyşyny üýtgetmän, Möngözlüjäniň habaryny aldy.
- Hany, agaň ýanynda galmadyňmy?
- Ýok, galmadym.
- Näme, seni tanamadymy?
- Bilmedim.
- Ýogsa-da, sen bu ýerlere nireden düşüp ýörsüň,
azaşdyňmy näme?
- Asmandan indim.
- Asmandan? - diýip, tilki geňirgendi. Asmany synlap,
soňundanam: «Asmandan nähili inip bor?» diýen manyda
kibtini gysdy.
- Men garaguş bilen uçdum.
«Hih-de-hih» bolşup, tilkijikleriň hemmesi birbada,
hamala, garaguşuň penjesine özleri ilen ýaly, gözlerini
ýumşup, gorkuşyp içlerini çekdiler.
Ejeleri olara garaguş bilen uçanyň nä güne düşýändigini
öň bolşy ýaly, gorkunç edip gürrüň beripdi.
Töweregindäkileriň gyzyklanýanyny görüp, Möngözlüje
bolan wakany ýene bir gezek başdan-aýak ýatlap gürrüň
berdi. Tilki ony diňläp otyrka, düýn suw içmäge kaka
baranda, ýuwnup kenarda Güne guranyp oturan iki serçäniň
gürrüňini eşidenini ýatlady. Olar bir uçan güjük hakynda
gürleşýärdiler.
- Bu şol bolup çykdy-ow - diýip, tilki Möngözlüjä
seretdi.
Dem-dynç alnansoň, Möngözlüje täze ejesi bilen
doganlaryny düýnki maslyk çekelän ýerine, galan-gaçan
süňk-saňky çöplemäge alyp gitdi.
***
Gije düşüp, daş-töwerek garaňkyrap, gözýetim barha
daralyp ugran çagy tilki süreniniň agzynda oturyp, howany
202
ysyrganyp, dünýäniň habaryny alansoň, çagalaryna baş
bolup, daşaryk çykdy. Ol hemişe edişi ýaly sürenden atylyp
çykyp, şol bady bilen hem garşydaky baýryň üstüne
ýarmaşdy-da, hemmeden öň baryp, onuň çür depesinde
joňkaryp oturdy. Töweregi synlap, hiç hili howpuň
ýokdugyna ýene-de bir gezek göz ýetirýänçä, tilkijikler hem
idirtde-midirt bolşup onuň ýanyna gelişdiler.
Kiçijikleriň iň tokarjasy bu howlukmaçlygyň nämüçindigini biljek bolman, gele-gelmäne nadyl bolup, ejesine
igendi:
- Eje, näme durşaňzogam-a, men ýetişemok ahyry.
- Men köp aýtdygymça sen az eşidýäň, çagam...
- Nämäni az eşidýän?
- Öýde siz meniň çagamsyňyz, meýdana çykylansoň, iliň
birisiňiz diýip düşündirmedimmi näme?!
- Ejem meýdana çykylansoň, öz başyňy çaramaly diýýär
- diýip, doganynyň öýkesini ýerliksiz hasap eden tilkijik
eneleriniň arkasyny çaldy.
- Seňki näm-aý - diýip, uýasynyň gapdaldan gep
goşmagyny halamadyk tulparja tilkijik seňrigini ýygryp
gaharlandy.
Möngözlüje bu taýa it arkaýynlygy bilen islän ýerinde
durup, islän zadyny ysgap, iň sonundan geldi.
Garaňky barha goýalýardy. Tilkiler uly şatlyk bilen
Günüň gidip, soňundan gara bermedik tarapyna seredişip,
gijäniň baýyr yzyndan baýyr ýuwduşyny, otlaryň reňkiniň
garalyp, soňundanam olaryň ýitip gidýänini synlaşyp, hoş
bolşup otyrdylar...
Eneleriniň şeýle pursatda aýtmagy gowy görýän
aýdymyny ýatlan naşyja tilki şol aýdymy ýene-de bir gezek
eşitmek isläp enesine ýüzlendi:
- Eje, şol aýdymyňy ýene-de bir aýdyp bersene?
- Aýdymmy? - Tilki sakyndy-da, pikirini jemläp
aýdymyny ýatlady.
203
Ýene gara gije çykypdyr düze,
Gelýär assa-assa biziň öýmüze.
Gündiziň etegni az-azdan gädip,
Gelýär ol alaňlaň üstünden ädip.
Ýitdi oň içinde towşanyň hini,
Köpelýär gark bolýan sürenleň sany.
Ot-çöpi ýuwutdy ýeke-ýekeden,
Guşlar kömre dömüp, gaçdy depeden.
Biziň töweregem gabady tümlük,
Indi ukym tutýar, gözlerim ýumluk.
Aýlanar köp ýeri ol ýene şeýdip,
Gündizlik Gün bilen gelýänçä gaýdyp.
Hemmeleriň nazary Günüň batan ýerindedi. Garaňky
gijäniň arkadanam şol bir tizlikde ýetip gelýäninden, bu
Günüň batanyna begenişip, döwre gurşup, aýdym diňleşip
oturan tilkiler habarsyzdy.
Gije gelip, olaryň oturan baýryny hem ýuwdansoň,
tilkileriň gözleri birnäçe çyrajyga meňzäp, köräp ýandy.
Gündize seredeniňde gije has hezillik ekeni. Ýöne bu
hezillik henize çenli Möngözlüjäniň ünsüni çekmändi. Şonuň
üçinem ol bu hezilligi özi üçin täzelik hökmünde kabul etdi.
Daş-töwerekde tanyş-u-nätanyş haýwanlaryň, mör-möjekleriň
garaňkynyň deňzine goşulan ysy owsun atýardy. Telim bir
ys oňa golaýlaşsa, ençeme yslar ondan daşlaşmak bilen
bolýardylar. Şeýle-de ol tiz öz gözleriniň gijelikde gündizki
görşünden artyk görmese kem görmeýänini anyklady. Ol
özüni gündizki ýagdaýy bilen deňeşdirende gije has ýeňil
hem ynjalykly duýdy. Gündizine ony Gün heläk ederdi. Gün
jyzyran günleri ol alakjap öz haly bilen bolmazdy. Gündizine
siňek diýdi, gögeýin diýdi, sakyrtgadyryn diýdi, onuň
Günden başga-da ýagysy az däldi. Ol şeýle günlerde özüni
204
sowuk sürene atyp, tilkijiklere meňzäp, ýok ýaly bolup
ýatardy.
Tilkileriň köp gylyklary Möngözlüjä ýaramasa-da, olaryň
gündizlerine daş bolşup ýatmak gylygy oňa ýarady. Juda
bir zerur bolaýmasa, aňsat olar gündize gara bermezdiler.
Ene tilki oturan-turan ýerinde özleri üçin iň gowy pursadyň
gijedigini, gije gelende goýun-guzynyň eýesi adamlaryň kör
bolýandygyny, şeýle bolanda hut gijä duwlanyp baryp olaryň
alkymynda-da iş goparyp bolýandygyny sakyrardy. Soňundan
bolsa her goşda özlerinden artyk görmese, kem görmeýän
itleriň üç-dördüsiniň bardygyny, olardan gaty howatyr
etmelidigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirerdi. «Itler» diýen
wagty ol hemişe öz gepini öz çagalarynyň biri ýaly bolup
diňläp oturan Möngözlüjä tarap gyýa gözleriniň birini aýlap
goýbererdi.
Bir gezek Möngözlüje bilen naşyja tilkijik ikisiniň
yzarlap barýan ysy olary alkymynyň gasynyny köpeldip
oturan zemzeniň üstünden getirdi. Ol serginde awa çykypdy,
gözi gören mör-möjejiklerini ussatlyk bilen tutup, özüniň
doýmaz-dolmaz bokurdagyndan geçirýärdi. Zemzen özüni
görüp kürtdürişip aýak çeken güjüjeklere öňünden
çykylanyny halamandygyny mälim edip, birsalym aw
awlamasyny goýdy-da, alkymyna gasyn atdyryp haşlady.
- Näme, mön bolşup dursuňyz? Ömrüňizde zemzen
görmediňizmi?
- Ýok, göremzok.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.