Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09

Total number of words is 3883
Total number of unique words is 2078
32.9 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ahmet aganyň gürrüňi göwnüme ýaramasa-da, içimden
«Aýnabada är gerek bolsa, bu ýigit näme är bolup bilmez
öýtdüňmi?» diýip, özümi öňüne tutup, käýinenem bolsam,
ýaşulynyň göwnüni ýykmazlyk üçin, geplämde sypaýyçylygy
elden bermän gepledim.
- Arnageldi aganyň ol sargydyny näderis onda? - diýip,
Pendide bolan gürrüňi onuň ýadyna saldym. Ol bize Hywadan
öz adyna berlen taňryýalkasynlaram-a getirmegi sargapdy.
- Arnageldäm bir täsin adam şi. Taňryýalkasyn hantama.
Ýeri, sen bu maşgalany ekläp-saklapmydyň, zaňňara! Mugt
ýerden taňryýalkasyn hantama - diýip, Ahmet aga gepini
burnuna salyp janykdy.
- Biziň borjumyz komandire «hä» diýmek hem onuň
sargydyny berjaý etmekdir, Ahmet aga! Hywa däl, komandir
138
«Şu gelni Moskwa äkidiň!» diýse-de, biz esger, äkitmeli
bolarys. Men Ahmet aga bu gürrüňi indi şundan aňry äkitmez
diýen niýet bilen sözümi has-da nygtadym.
- Onuňam bir alajy bolar, inim - diýip, Ahmet aga gepi
ýene-de meniň beýlämden aýlady. - Oňa Tejen ussalarynyň
ýasan byçagyndan, ýene-de şuňa meňzeş bir zat alyp bararys.
Meniň atymy çalşyp, başga bir at hem edineris. Barýançag-a
ol bize aýagulagymyz bolar, baranymyzdan soň bolsa «Şuny
saňa gelniň dogan-garyndaşlary berdiler» diýip aýdarys.
Ana, şonda Arnageld-ä at münüp, serpaý ýapynan adam
bolar. Goý, zaňňar: «Hywaly garyndaşlar maňa hormat
baryny eden eken-ow!» diýip, hoş bolup gabarylsyn. Meniň
atymy bolsa ýolda öldi diýeris, wessalam. Iki sakgally bolup
şol bir zady aýtsak, ol ynanar. Onsoňam, inim, tüýs
çekelenilmeli wagty, gül ýaly maşgalany sogap işden goýup,
günäsine galynylmasa ýagşy...
Ahmet aga degerli-degerli gürrüňler tapyp, öz maksadynyň töwereginde näçe janygyp pelesaň ursa-da, ol meni
özi bilen pikirdeş edip bilmedi. Bendäniň diňe dert-azar bolup
telim bir gepiň başyny agyrdany galdy. Ýöne men onuň dostunyňka aýak üstünden baryp gaýtmagyna welin, razy bolman
bilmedim. Ahmet aga şundan soň ýeňil gopup, bizi özüniň
tizden dolanyp geljegine ynandyryp, bezenip-beslendi-de,
atlanyp gyssanmaç ýola düşdi.
Çolaja guýynyň başynda Aýnabat ikimiz ikiçäk galdyk.
Maňa-da geregi şoldy. Men Aýnabadyň yşgyna düşüpdim.
Ýolda-da ondan gözümi aýyrasym dagy gelmeýärdi. Bir amaty bolanda oňa ýüregimi açasym, onuň mähir-muhabbetini
gazanasym gelýärdi. Häzir bolsa meniň şol garaşan pursadym
gelipdi. Ana, indi ak çägäniň üstünde oýkanjyrap oturan
maňyz-maýaly gelin - Aýnabadyň bar. Özüme bir zat diýip
lak atdyrmak üçin men Aýnabadyň gapdalyndan eýläk-beýläk
geçen bolup görýärin. Häzir ol bu çola ýerde töwerekde şaýat
ýok wagty göwün awlaýjak hoşamaý söz aýtman, içden
139
çykmaz bir söz bilen käýäýse-de men razydym. Onuň bir
zat diýip geplemegini isleýärdim. Ol geplese, meniň
göwnüme ähli zat öz isleýşim ýaly bolaýjak ýalydy. Belki, ol
häzir oturan ýerinde meni näletläp otursa-da oturandyr.
Onuň ýüzi bürenjegiň aňyrsynda, maňa görnenok. Şonuň
üçinem hiç zat belli däl. Meniň häzire çenli bu gelniň ýelesi
kaýda, ygy kaýda, aýgyt edip bilmän oturmagymyzyň hem
düýp sebäbi hut şu näbellilik.
Giçden soň meniň pikirim şemalyň üýtgeýşi ýaly bir
tarapdan beýleki bir tarapa üýtgedi. Ahmet aganyň bolsa,
gidişi gidiş bolupdy. Onuň gelerin diýen öýläni ötüp, wagt
eýýäm indi gijä sanyp ugrapdy. Men öz ýanymdan Ahmet
aga geldigi howlukmaç naharlanyp, atlanyp ýola düşmegi
göz öňünde tutup otyrdym. Ol welin ýene-de wagty bilen
gara bermedi. Telim gezek gidip-gidip töwerekdäki alaňlaryň
üstünde oturyp, ýola garap geldim. Jany ýananyň dili uzyn
bolýan eken. Özüme, Ahmet aga käýinip gördüm. Ýöne
munuň bilenem üýtgän zat bolmady. Ýene birde bolsa:
«Eglense eglener-dä, ykmanda basmaça-ýenekä gabat
gelmedik bolsa bolýar, sag-aman gelen ýeri bolýar» diýip,
özümi köşeşdirip oýlandym, Ahyrda bolsa onuň ertiriň bir
ýerinde gara bererine garaşmakdan başga alaç galmady.
Ýatmak üçin öz düşegimi düşän mahalym, geläýse diýen pikir
bilen Ahmet aga üçin hem gapdalymda ýatar ýaly ýer
taýynladym. Näçe dymyp ýatanam bolsam, meniň bu gije
gözüme uky gelmeýärdi. Köw tarapdan wagtal-wagtal hüwiň
sesi eşidilýärdi. Göwnüme bolsa häzir ýyldyzlaryň aşagynda
bir Aýnabat ikimiz galan ýalydyk. Dünýäde bizden başga
janly-jemende bara meňzänok, sereden ýeriň çakyr ümsümlik
bolup dur. Maňa Aýnabadyň gümmezekläp duran sagrysy
görünýär. Ol meniň bäş-on metr beýle ýanymda ýazynan
düşeginiň üstünde kese bakyp, ýanyp ýatyr.
Başymda her hili oý-pikirleri aýlap-bugaryp, boýlap oňa
berlip ýatyşyma, ahyram şeýtanyň alyna ylygdym öýdýän...
140
Ýüregi bire baglap, bagty synap görmek pikiri kelläme
gelýär. Ýöne birbada ýürek edip bilemok. «Zenan, kim onuň
etegine ilki el ursa, şoňkudyr» diýip, tijenip, ýüregi bire
baglamaga özüme dalda etmekçi bolýaryn. Şeýtsem, ol
ygtyýaryny elden berer, zenan maşgalanyň süňňi erkek kişiň
ysyny alsa gowşaýarmyş, Aýnabat bilenem hut şeýle bolar,
süňňünde dörän hyjuw ony maňa tabyn eder, özünde
meýlimiň bardygyny bolsa, men oňa nazarym bilen
ýaňzydypdym diýip oýlanýaryn. Pikirim: «Yza çekilme, hiç
haçanam mundan amatly wagt bolmaz, ýüregiňi diýip gal,
çekilseň, ýene çekilersiň, soň beýtmek seniň endigiňe
öwrüler» diýýär. - Aýnabat! - Men onuň iki-üç ädimliginde
«Näme oglan?» diýip, süýjülik bilen dodaklaryň arasyndan
sozup çykjak jogabyna garaşyp, onuň adyny tutýan hem häzir
onuň özüm hakynda ýakymly pikirler bilen oýlanyp ýatanyny
pikir edýärin. Tolgunmadan ýaňa ýüregim gürsüldäp
süňňüme sarsgyn berýär.
Aýnabat meniň höwese berlip, üstüne abanyp oturanymy
görüp, tisginip ýerinden galyp düýrükdi. Bürenjegi bada-bat
başyna bürenmegi unudany üçin, men onuň ýüzüni gijäniň
çal perdesiniň aňyrsynda ýene bir gezek gördüm. Onýança-da
men heniz aňyrdan aýdaryn diýip belläp-belläp gelen
sozlerimi aýtmaga başlap-başlamankam, Aýnabat syçrap,
garaşylmadyk bir çusluk bilen meniň dulugyma suňşurdy.
- Ýok bol, ýerçeken!.. Ol ýerde galan ärleriň haýsy birisi
senden kemdi?
Ýene bir zat, onuň nazarynyň ot bolup ýalpyldap gideni
ýadymda. Men ot alan ýaly bolup giden dulugymy sypalap,
lapykeç yzyma öwrüldim. Agzym laplap kepipdir. Dilim öl
ýerde bir gataňsy zada süýkenip durana menzeýär. Şu
äm-sämligiň arasy bilen garaşan jogabym bolmasa-da, garaz,
bir jogap alandygym hakyndaky pikir kelläme gelýär.
Şundan soň golaýda durmagy özüme uslyp bilmän,
yraw-daraw ýöräp, düýn giçlik Ahmet aganyň ýoluna sereden
141
alaňyma tarap ugraýan. Men çägäniň üstünde kellesine taýak
degen ýaly saňsar bolup otyryn. Häli-şindi Aýnabadyň
tekrarlap aýdan gazaply gepi meniň gulagymda ýaňlanýardy.
«...Ol ýerde galan ärleriň haýsy birisi senden kemdi?..»
Göz öňümde bolsa henizem, men golaýlan wagtym
tisginip syçrap, elheder alyp, ýüzüme ýüzkessir şarpyk çalan
Aýnabadyň keşbidi.
Asmanyň ýüzi ýyldyzdan dolupdyr. Ol häzir endam-janyna
çapraz bary dakylan görümsiziň donuna meňzeş. Anha
Ýedigen, ol öz görnüşi bilen ýekebara ýyldyzlardan has
täsirli, olaryň häzir hemmesi-de maňa gyjytly seredişýärdiler. Ýyldyzlaryň ýüzünden men «Hä, ýigid-ä iş bitird-ow»
diýen ýaňsyly manyny okaýardym.
Aýnabadyň uklandygyny çak edemsoň, biraz gözümiň
awusyny almak niýeti bilen yzyma dolandym. Gelsem, ol bir
elini kellesiniň aşagyna ýassyk edinip, öňki ýatyşyny
ýatladyp ýatan ekeni. Bolan-goýan zatlar hakynda ýene-de
birsalym oýurganyp ýatamsoň, gijäniň bir wagty menem uka
gidipdirin. Duýdansyz kükregime gütläp degen demir meni
ukudan açdy. Bir görsem, Aýnabat meniň kükregime tüpeň
gezäp, jellat bolup dur.
- Oýan, ýerçeken!
- Aýnabat...
Janam bir süýji zat. Rejäniň geň däldigini bada-bat
syzdym. Elimiň tersi bilen, janhowluna iki aýagymy bir gonja
sokan tüpeňi gapdala kakanymam şoldy welin, tüpeňem
pöwhüldäp, gijäni sarsdyryp göçdi. Urgynyň badyna Aýnabat
yza tesip çaýkandy. Men janhowluma atylyp baryp, onuň
elindäki tüpeňimden ýapyşdym. Ok meniň çep elimiň goltuk
aralykdaky ýumry eti aşyklynyň eti ýaly silkip geçen ekeni.
Aýnabadyň ýaragyny elinden aljak bolup onuň bilen şol
idenekleşip, çekeleşip durkam men göçüp, janyýangynlyk
bilen onuň degnasyna deger diýen sözleri dile alyp
sögünýärdim.
142
- Haram ganjyk diýerler saňa. Hezzet ýaraşmaz heleý,
heý, bir adamy sähelçe zat üçin ataýmak bolarmy. Her bir
«Maňa heleý bol!» diýeniň kükregini garaltjak bolsaň, sen
tizden erkek göbeklä saýhal berersiň... - diýýärdim.
Silterleý-silterleý onuň elindäki ýaragy öz elime alamsoň,
yza çekilip, haklaşmak üçin tüpeňi taýak tutan ýaly edip
tutýaryn.
Ýöne şol arada meniň nazarym garaşylmadyk bir görnüşe
düşdi. Çekeleşik mahaly gelniň ýyrtylan köýneginden onuň
bir taý göwsi sähelçe çykan ekeni. Ine, ujy garaly oýmaga
meňzäp, tözlenip duran şol göwüs meni akylyma aýlady.
Özümiň kim bilen deň bolýanym, kimi duşman saýyp ar
almakçy bolýanym ýadyma düşdi. Ýogsam, meniň ony
duşman hökmünde ýagşy depgiläsim-ä gelýärdi, indi gaýdyp
ýaraga el uzadanda, süňňi saňňyldar derejesine ýetirmekçidim, soňundanam ýüp bilen sarap, tä Ahmet aga gelýänçä,
el-aýagyny güýlüp zyňaýsam diýen pikire gelipdim. Yzysüre
onuň biraz mundan öň janymy bermäge kaýyl bolan
maşgalamdygy, şol iki-üç günden bäri ýere-göge dözmän,
apalap ýören, hyýalymda duşuşyp, telim gezek süýjeşip
oturan maşgalamdygy meniň ýadyma düşürdi.
Gelniň saçlary häzir tar-tar bolup çöşlenip egnine,
ýüzüne dökülipdir. Ol tutuş bedeni bilen elenip saňňyldaýar.
Dil geplemese-de, onuň nazary maňa: «Men-ä şeýtdim, hany,
senem et eliňden gelenini, indi ýarag seň eliňde!» diýýär.
Men oňa birsalym dikanlap seredip duramsoň, hiç zat diýmän
yzyma öwrülip, ýaramy daňmak üçin goşa tarap gaýtdym.
Daş-töwerek ýagtylyp, wagt düýnki gelen wagtymyza
ýakynlap ýören ekeni.
Ahmet agadan welin, henizem derek ýokdy. Aýnabat
birsalym şol bir duran ýerinde sömelip duransoň, aşak
oturyp, içi-içine sygman, eginlerini silkip aglady. Men oňa
edýäniň näme-de diýmedim. Goý, aglap-zat edip, birneme
egsilsin!
143
Başardygymdan ýaramy daňyp, çaý içip, Ahmet aga
ýene-de guşluga çenli garaşdym. Men öz ýanymdan atlary
suwlap, suwdan geregimi edinip turmaly, ýolugra bolsa
Ahmet aganyň giden obasyna degip, ony sorap geçmeli diýen
karara geldim. Suwdan ýagşy ýükümizi tutmak maksady
bilen guýudan suw alan mahalym, ýaraly elim bilen bir özüme
bu işiň ýeňil düşmejegini ýatlap, Aýnabady kömege
çagyrdym.
- Suw almaly welin, biraz kömek et, Aýnabat!
Ol sessiz ornundan turup, meniň ýanyma geldi. Biz iki
bolup düýäniň kömegi bilen suwly gowany guýudan çekip
aldyk. Ilki ýanymyz bilen ýola aljak suw gaplarymyzy suwdan
dolduryşdyrdyk. Soňundanam guýynyň başyna getirip,
meniň atym bilen düýäni suwdan gandyrýarys. Şu halatda
meniň mundan biraz öň bolup geçen harasat ýadyma düşýär.
Belki, häzir Aýnabadam bu harasady ýatlaýandyr. Ýöne bu
barada häzir biziň hiç birimiz hem dil ýaramzok. Hamala,
bu harasat gopmadyk ýaly.
Çykalan gamyş bilen guýynyň üstüni ýapyp, öňküsi ýaly
edip pugtalap durkam, Aýnabadyň aşaklyk bilen özümde syn
saklap, seredip duranyny görýärin. Onuň bu düşnüksiz
garaýşy meniň özümi çümmükläp, ýene-de bir gezek janymy
barlap görmegime sebäp bolýar: «Häý, gyrnajyg-a, ýene bir
oýun turuzmagyň kül-külüne düşüpdir-ow» diýip oýlanýaryn. Bäş sany okuň kisämdedigini, özge oklaryň bada-bat
onuň elýeterinden uzakdadygyny ýatlaýaryn. Horjuny bolsa
men indi ikinji gezek ahmal galmazlyk üçin gözümden
salmaýardym, tüpeň ýa-da şuňa meňzeş eline düşen bir zat
bilen özümi urup ýatyrmaga bolsa, aňsat onuň bognunyň
ysmajagyny pikir edýärdim. Biz ýola çykan mahalymyz Hywa
tarapdan süňňüne çöl otlarynyň ysyny siňdiren, şeýle-de
biraz ýalyn gatyşykly sähraýy şemal öwüsýärdi. Gara
garasarlar bölek-bölek bolşup, pasyrdaşyp biziň depämizden
uçuşyp gelýärdiler. Güýz düşeli bäri şöhlesi kemelip, täsiri
144
azalyp ýören Gün lowurdap, şähdaçyklyk bilen biziň
depämizden çöle ser salyp otyrdy.
Aýnabadyň gopduran harasady ýadyma düşýänligi üçin,
bir tötänlik bilen kükregime niýetlenen okuň elimden
degmedik halatynda, özümiň häzir çöli synlamak bagtymdan
hemişelik düwne boljak ekenligimi ýatlaýanym üçin, häzir
maňa çölüň bu görnüşlerini synlamak hem oňa guwanmak
ýakymlydy. Şeýle-de başyň dik mahaly dünýäniň hany-manyna
şärik bolup ýaşamagyň gowudygy hakda, Zelili şahyrdan çen
tutup: «Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr» diýip oýlanýardym.
Takyrdan çykan ýerimizde, bize töweregine sygyrlaryny
pytradyp oturan çopan gabat geldi. Çopan hor ýüzüne neşäň
reňki ornan, ýörän mahaly bir aýagyny agsap alýan, geçi
sakgal adamdy. Ýaşy uly hem bolsa, bizi görüp onuň özi ilki
salam berdi. Soňundanam: «Nasyň-a ýokdur, halypa?» diýip,
çylpykly gözlerini ýumjukladyp, pukara bolup meniň ýüzüme
seretdi.
- Ýok - diýip, men bu bendä delalatymyň degmejegini
ýatlap, kibtimi gysdym.
- Temmäkiň bolsa-da bolar. - Ol bäş barmagyny bir ýere
jemläp, alsamam, ine, şundan kän almaryn diýen äheňde
çümmügini görkezýär. «Ýok» sözi ikinji gezek gaýtalan
mahalym, onuň ýüzüniň has-da agralanyny görýärin.
- Onda tirýegem ýokdur sende?
- Ýok, men bineşe, agam.
- Onda, inim, bolanyna görä şu heleýiňem almaly däl
ekeniň! - diýip, çopan Aýnabada tarap baş atyp, maňa
kejigýär.
- Ýaşuly, siz Halyk sopy diýen birin-ä tanaýan dälsiňiz?
- diýip, men yzyna öwrülip gidibermekçi bolanda, ondan
habar soradym.
- Şol geçen ýyl kesellände it etini iýip açylan Halykmy?
- diýip, çopan bize tarap öwrülýär.
10. Sargyt
145
- Onçasyny biljek däl, ýaşuly!
- Sen bilmeseň, biz bilýäs - diýip, ol meni Halygyň bir
ýakynydyr öýdüp, menden neşe ugrundan zat alyp bilmedigine jany ýanyp, kinaýa bilen onuň üstünden düşüp
ugraýar. - Seniň ol sopujygyň Hudaýnazar balaň sary
köpegini Öwez neşä soýduryp iýdi. Onuň şeýdenini oba bilýär.
Men indi onuň bilen toý-sadakada hem ýoldaş bolamok. Şuny
senem eşidip goý!
Maňa diňe häzir bu bendäniň akylynyň hem biraz kem
kakýandygy mälim boldy. Indi bir ýol bilen munuň göwni
tapylaýmasa, ol maňa «hä» diýmese gerek. Men onuň ýanyna
soraşyp-ideşmek üçin, ýagdaýy bolsa iberip, Halygyň
öýünden habar tutdurmak üçin sowlupdym. Özüm gitmekden
kimdir biriniň üsti bilen habar tutmak meniň üçin has
amatlydy. Gidäýenimde-de Aýnabady hem ýanym bilen alyp
gitmeli boljakdym. Ony bu ýerde galdyryp gitmäge bolsa,
onuň goýan ýerimde garaşyp oturjagyna mende ynam ýokdy.
- Me, ýaşuly, nas alarsyň, ýol ugruna bolsa, Halygyň
öýüne degersiň, onuň öýünde myhmanynyň baryny-ýoguny
bilersiň - diýip, oňa birnäçe pul uzadýaryn. Ýaşuly pullary
alyp, gysymyna gysyp durşuna, oba gidip gelmek üçin maňa
sygyrlaryny tabşyryşdyryp ugraýar.
- Sygyrlara göz-gulak bolmalysyň ýöne! Özüňem oba
taraprakda bolgun. Garnyny doýursa gaçyp-tezeni tapylar.
Suhanyň sygryny bolsa hijem gözden salmagyn. - Ol soňra
elini uzadyp özge sygyrlardan saýlanan bir şahsyz kelek
sygry maňa görkezýär.
- Sygyrlaryňdan nadynç bolma. Olary gaçyryptezdirmen. Bozdumanyň öňünde olaryň gaçyp-sypjak ýeri
bolmaz - diýip, men ony arkaýyn etmek üçin münüp oturan
atymyň boýnuna kakýaryn. Ol meniň sözümi göwnüne jaý
edenson, elindäki kirli düwünçegi ýerde ýatan taýagyň
gapdalyna atyp, sygyrlaryň arasyna goşulyp otlap ýören
eşegini kowalap tutup, howlukmaç ýola düşmek bilen boldy.
146
Gün öýläne sanan uçurlary çopan aňyrdan eşegini
debsiläp geldi. Häzir onuň keýpi kökdi. Onuň neşesizlik
beladan dynandygyny duýmak kyn däldi. Agyr durmuşyň
möhüri galan ýüzi öňküsine görä biraz ýagjaryp täzelenipdir.
Ol maňa nasly agzyny pakgyldadyp durşuna, özüniň ilki bir
neşekeşiňkä baryp, birki baş tüýdük soranyny, soň Halygyň
öýüne barşyny, onuň Sapardurdynyň ganjygyndan bolan
itiniň täzesi çykyp haý-küş edýänçä, özüni öýe golaý
goýbermändigini aýdyp, gerekmejek derejede jikme-jik
maglumat berip ugrady. Maňa diňe birsalymdan soň Ahmet
aganyň Halyklarda düşläňdigi, ondanam atlanyp, Halyk bilen
goňşy obalaryň birine gidendigi belli boldy.
- Haý, ýoldaş-a saýlap beren eken-ow - diýip, men
hyýalymda Arnageldi agadan nägile boldum. Ýa-da
töwekgeliň işini taňry oňar edip, Aýnabady hem alyp,
niredesiň Hywa diýip, Ahmet agany bolsa, nätse-şeýtsine
galdyryp gidibersemmikäm?! Indi, goý, onuň özi bizi gözläp
tapsyn. Ýoly men ilden soramaly däl, bu ýol meniň alty ýyllap
torç edip gatnan ýolum. Pikirim düýeden düşüp, töwerege
aýlanyp, gelip ýene-de düýä münen Aýnabadyň töwereginde
aýlanyp öwrülýär. Maslahat kelte bolmaz ýaly şuňa-da sala
salaýsammykam diýip, özüme geňeşip görýärin. Şol arada
şeýdäýsem, Aýnabadyň: «Hä-ä, indi büý-ä gaçaryny tükedip,
syrtyny çöpe diredi-ow. Garry köpek muň hut hakyndan
çykdy-da» diýip, böwregini bökdürip, oýlanaýmagynyň
ahmaldygy ýadyma düşýär. Soňundanam ýene muňa syr
bildirmezlikden gowusy bolmaz diýen karara gelýärin.
Häzir men keýpihon çopan bilen ondan-mundan gürrüň
edip durşuma, alasarmyk bir pursady başymdan geçirýärdim.
***
Biz gijäniň bir wagtyna çenli ýol ýöräp, ýadap, düňderilip
oturan goýun guýruk depäniň ýeňsesinde, şemaldan sowarak
orny peýläp, birsalym aýaklary uzyn salyp, dem-dynç almak
147
niýeti bilen goşumyzy düşürdik. Bu ýerden oba hem bir
çakrymdan uzak bolmaly däl. Biri-birlerinden beleň alşyp,
üýrýän itleriň gowurdylary kemsiz eşidilýärdi. Eşekler
içigişip-içigişip aňňyrýardylar.
Ir ertir meni Aýnabadyň basyksy sesi oýardy.
- Magsut, tur!
«Haý, bu gyrnajyg-a meni öz günüme goýjak däl-ow».
Aýnabadyň sesini eşidip, meniň ilki kelläme gelen pikir şu
boldy. Onuň kükregime tüpeň çenäp, dyzanyp durşy gözümiň
öňüne geldi. Gözümi açmazdan öň, ýaragymy goýan ýerimi
- ýassygymyň aşagyny ýatlap, indi bir soňa galaýmaýyn
diýen pikir bilen bada-bat şol ýere elimi urdum. Howsala
bilen gözümi açan mahalym Aýnabat beýle ýanymda
bürenjegiň arkasyndan özüme seredip, bir habar bilen meniň
turaryma garaşyp duran ekeni.
- Turuň!
- Hä, näme?
- Tejen aýagyndan birki sany atly-düýeli adam göründi.
- Bize tarap gelýärmi?
- Hawa.
Aýnabadyň elini uzadan tarapyna sereden wagtym,
ýapyň ýüzünde besse-besse bolşup özüme tarap inip gelýän
aýak yzlaryny gördüm. Hüşgärligi elden bermeli däldigimi
ýatlap, horjunyň düýbündäki okly düwünçegi ýanyma
alamsoň, Aýnabada gozganman şu ýerde, goşuň ýanynda
bolmagy tabşyryp, özüm awuny çemeleýän awça meňzäp,
ýapa ýarmaşmak bilen boldum.
Üç-dört adamlyk, iki düýeden, üç atlydan ybarat çaklaňja
kerwen ýeriň pesi bilen öz maýdalyna ýöräp gelýän ekeni.
Kerweniň öňünde iki sany atly atlaryny ýanaşyk sürüp
gelýär. Häzir bu ýerden görünmese-de, yzdan gelýän
düýeleriň owsary şol iki atlynyň birisiniň tirseginde bolmaly.
Düýeler atlylaryň inen ýerinden inişip, çykan ýerinden
148
çykyşyp gelýärler. Yzdan kiçijik bölegi jemläp gelýän atlynyň
öň ýanynda ýene-de kimdir biriniň yranyp gelşi gözüme ilýär.
Öňden gelýän iki atlynyň özara hümürdisi barha maňa
golaýlaşýar. Yzdaky atlynyň öňüne düşüp gelýän pyýadanyň
eliniň baglydygyny gören mahalym, maňa onuň bu atlylaryň
jany agyrjak adamsy däldigi, şeýle-de atlylaryň özleriniň hem
oňly adamlar däldigi aýan bolýar.
Güýç deň däl, eger mümkin bolsa, bu adamlara degmeli
däldigim hakynda, özüňden güýçlä duşarsyň diýip, dileg
bilen gapdaldan geçirip goýbermelidigim hakynda,
gapyllykda bir zat edäýmeseň, bir ýapa ýaplanansonlar, üç
adamyň bir adama per bermejegi hakynda oýlanýaryn.
Atyşan bolup Aýnabady elden aldyrsyň diýen pikir kelläme
gelýär. Şu pikirlerden soň men birhowa öz ýanymdan atmaly
däl, görünmelem däl diýen netijä gelýärin. Atlylar tarapa
seretdirip, çemeläp goýan tüpeňimi göräýmesinler diýen
pikir bilen aşak, özüme tarap çekýärin. Birdenem Ahmet
aganyň münen atyny tanap «hih» edip içimi çekenimi
duýman galýaryn. Yzdaky düýäniň tirkegi şol iki bakan
çaýkanyp, ýola sygmaýan ýaly gelýän onuň özi bolsa näme.
Häý, bagtygara, sen mundan çykdyň-ow diýin oýlanýaryn.
Bu bolup gelşini görüp oňa meniň nebsim agyrdy, ýolboýy
eden kinämi hem bada-bat unutdym. Meniň ýaplanyp ýatan
ýapymyň ýüz, ýüz elli ädimliginde şuňa meňzeş ýene-de bir
ýapy bardy. Nyşana almak üçin men öz oturan ýerimden ol
ýeri amat bildim. Süýşenekläp aşak indim-de, sil köwen
çukuryň içi bilen ýöräp, barybam şol depäniň ýeňsesine
ýaplandym.
Tüpeň sesi ümsümligi endiretdi. Zähresi ýarylan atlaryň
hersi segreşip özlerini bir ýana zyňdylar. Atlylardan birisi
bada-bat özüni atdan ýere oklady. Ikinji birisi bolsa atynyň
boýnundan gujaklap, soňundanam sallanyp nirä giderini
bilmän ters aýlanyp duran boz atyň aýak astyna düşdi. Ilkinji
atylan okuň ýerine düşendigi diňe şundan soň mälim boldy.
149
Duran-duran ýerlerinden goranyşa geçen beýleki iki atly
ýerli-ýerden ok atyşyp, meniň bilen garşylykly söweşe
geçdiler. Töweregi yzly-yzyna atylýan tüpeň sesleri eýeledi.
Men öz ýatan ýerimi okuň has köp gelýän ýeri hasap
edenim üçin togarlanyp on-on bäş ädim gapdala göçüm eden
mahalym, goşlaryň ýanynda galan Aýnabadyň meniň
bolşumy görüp, aýak üstüne galyp ýakasyny tutanyny
görýärin. Ol meniň togarlanyp barýanymy görüp, ok
degendir öýtdümi, nämemi, ylgaşlap maňa tarap gaýtdy.
Ornumy üýtgedip juda dogry eden ekenim, bu ýerde ýaňky
öňden gelýän ikinji atlynyň bir egni görünýär. Ol öňi kert
ýalpagrak çukuryň içinde çommalyp oturyşyna, yzly-yzyna
öňki ok çykýan ýeri nyşanalap ok ýagdyrýar.
Garaşylmadyk ýerden çykan ok ony çykgynsyz bir güne
goýdy. Ýaragy elinden gaçdy. Soňundanam içinden bir zat
tutýan ýaly elleri bilen garnyny gujaklap gark bolup
barýanyň sesi bilen gygyryp, çukuryň içinde birsalym iki
bakan togarlandy. Bu ýagdaý üçünji atlynyň hem salyny
gowşadyp, gonjuna gor guýany belli boldy. Ol ok atmasyny
kiparlatman süýşenekläp, gorkuşyp bir-birleriniň daşyna
aýlanyşyp, basga düşüşip duran düýeleriň aňyrsyna çekildi.
Garşydan atylan şol oklaryň birisi meniň sähelçe görnen
kellämiň depesini, gulpak ýerimiň birini ýalap ötdi. Men yza
çekilip ýüzüme inen gany süpürip, tüpeňiň gundagyna
ikilenç ýaplanan wagtym, şol Ahmet maýyly süýrekläp alyp
gelýän atlylaryň birisiniň howlukmaç atyny debsiläp ara
açyp, gaçyp barýanyny gördüm. Soňra meniň çemelenip-çemelenip atan oklarymyň hijisem onuň yzyndan ýetip
bilmedi.
Düýeleriň ýanynda atlaryň diňe birisi, eýerine düýäň
owsarynyň bir ujy berkidilen at galdy. Atlaryň beýlekileri
bolsa şol gaçan atlynyň yzy bilen ümdüzine tutduryp gaçyp
gitdiler. Apyla-sapyla sowlansoň, men düýeleriň bäri ýanynda
uzalyp ýatan Ahmet aganyň halyndan habar almaga geldim.
150
Beýlerägimde çägäni dyzanaklap oturan Aýnabat hem
şundan soň ör turup, meniň yzyma düşdi. Ahmet aga ýolda
görgi baryny gören bolmaly, onuň ýüz-gözünde gan-pet
galmandyr. Süýri uzyn tüýi düşüp ugran kelläniň telim ýeri
güberip çişipdir. Ol özüni bilýän-de bolsa, wagty bilen agyzdile gelip bilmän ýatdy. Onuň suwsuzlykdan çişen dili
owurdyna sygman agzyndan çykara gelen ekeni. Men
suwsuzlykdan diliň çişýänini eşitsem-de, bu güne çenli beýle
waka bilen ýüzbe-ýüz bolup görmändim.
Ahmet agany getirip, düşekde ýatyranymyzdan soň,
Aýnabat bir esgini ölläp, onuň çaňsyran dilini, ýüz-gözlerini
süpürişdirdi. Men haýal etmän, aýak üstünde bolanlygynda
Ahmet aganyň bu işi özüme ynanmajagyny ýatlap, oňa çaý
bermek niýeti bilen tüňçeleriň aşagyna ot ýakdym.
Tüňçeleriň gyzaryna mähetdel Aýnabat olaryň birini alyp,
ellerini çyzgady-da, Ahmet aganyň çişen dilini ýuwmaga
oturdy...
Sowaşdygym saýy meniň tenimdäki ýaralarymyň ikisi
iki ýerden agyryp ýüregime düşüp ugrady. Bir çökemsoň,
wagty bilen ýerimden galasym gelmedi. Ony getirip, muny
äkidip Aýnabada kömek edesim gelse-de, soňra meniň hiç
zada gurbum çatmady. Aýnabat hem meniň bu halymdan
habarly ýaly ýumuş bilen ýüzlenmedi. Ähli işleri galyp-gopup
özi edişdiriberdi.
Ahmet aganyň dili ikinji tüňçe boşaberende kem-kemden
öz kaddyna gelip ugrady. Ol birki owurt gyzgyn çaý owurtlap,
bazzyk-buzzuk ol-bi sözüň başyny çatyp ugran mahaly,
töweregi Günüň tomusdaky ýaly ýiti şöhleleri eýeläpdi,
meniň ýaralaryma bolsa diňe şundan soň Aýnabadyň eli ýetdi.
Ol meniň kellämi gan köp gitmezligi üçin ot goýup saran
wagty mana ýene bir gezek onuň ak boýnuny, şol uzyn boýnuň
töwereginde bulaşan çokul saçlary görmäge, saçlaryň
arasyndan göterilýän ýakymly ysy ysgamaga maý boldy.
151
Ahmet aga çaý içip, biraz agyz-dile gelensoň, özüniň nädip
bu adamlara gabat gelip ýörşüni ýatlady.
Birki aýlykda dosty Halyk oňa: «Gelip git, bu ýerde bir
sen tap dul maşgala bar, bizem heleý bilen onuň ýanynda
seniň tarypyňy ýetirdik, ol özümem bir görüp, şonuň bilen
gepleşip sözleşip göräýsem diýýär» diýip habar eden ekeni.
Ol biziň ýanymyzdan gidip, göni şol dostunyňka barypdyr.
Ahmet aganyň öz aýtmagyna görä, ol bu gelinli habary
Arnageldi aga hem aýdypdyr. Ol bolsa Ahmet aga: «Beýle
bähbidiň bolsa onda ondan galma, ýolugra ondanam habar
alyn geçäýerler» diýip, ony meniň ýanyma goşupdyr. Hem:
«Indi, zaluwat, heleý alsaň, berkrägini al, özüňi öldürmän,
ölmez ýalysy bolsun!» diýip degşipdir. Dosty Halyk: «Ejiziňi
bir görüp geç!» diýip, onuň göwnüni bölmedik bolanlygynda,
Ahmet aga ol gelni näçe göresi gelse-de, sabyrlylyk etmegi,
onuň ýanyna Hywadan geliş ugrumyza barmagy, eger şol
durmuşa çykjak zenan özi bilen gitme hyýaly bolsa şonda
ony alyp gidibermäge-de amat boljagyny göz öňünde tutan
ekeni. Elbetde, ol bu pikire ýapyda oturyp men bilen eden
maslahatyndan soň gelipdir. Eger şol gezek men sähel gowşak
duraýan bolanlygymda, onuň maksady Aýnabady şu ýerde
kimdir birine çatyp, soňam başa gelenini görüberdik-dä
diýip, öz gerek daşyny gola salansoň, meni yryp, yzyna
dolanyp gaýdybermekde ekeni. Entek belli bir zadyň ýoklugy
üçin, şeýle-de ol zenan «Maňa munuň ýaly är gerek däl»
diýäýen ýagdaýynda, şaýat hökmünde meni görende,
soňundan utanmazlyk üçin, tä bu hyýaldaky pikirler
hakykata ýakynlaşýança, Ahmet aga bu matlabyny menden
syr hökmünde gizlemegi niýet edinen ekeni. Diňe şu
gurrüňlerden soň, onuň ýolboýy kakynyp-silkinip, ýigitsiräp
gelmeginiň sebäbi maňa düşnükli boldy. Men bolsa onuň
eselip boluberşini synlap, «Garry oýnasa gaý turar» diýenleri
bold-ow büý-ä» diýip, onuň, pikirleriniň Aýnabadyň
152
töwereginde pelesaň urýanyny çak edip, öz ýanymdan oňa
müňkür bolup gelýärdim.
Ahmet maýyl bilen onuň dosty Halyk öz saparlarynyň,
ýerine düşendigini ýatlaşyp, hoş bolşup yzlaryna dolanyp
gelýärkäler, duýdansyz gamyşlyda iki sany adam olaryň gapdalyndan çykyp ýarag çenäpdir. Ahmet aga okuna-ýaragyna
ýetmäge pursat bolmandyr. Habar soralan mahaly, Ahmet
aganyň Pendilidigi onuň gepinden-sözünden mälim bolupdyr.
Olar öz ugurlarynyň hem şol tarapadygyny ýatlaşyp: «Bir
öwrümde ýol kesmäne gerek bolaýmagy mümkin» diýen pikir
bilen onuň elini baglap kerwene tirkäp, özleri bilen alyp
ugrapdyrlar. Halygy bolsa şol ýerde artyk şaýat hökmünde
urup, janyny öçüripdirler-de, eltibem gamyşlyga süsdüripdirler. Men onuň gürrüňini diňläp otyrkam: «Ýaşuly, häli
bize gabat gelmedik bolanlygyňda, Pendä bizden öň
irgözinden dolanyp baraýjagam ekeniň» diýip, onuň çetine
degesim geldi. Ýöne onuň şuglasy öçüşen gözleri, gany gaçyp
solugyşan ýüzi juda armanlydy hem naýynjardy.
Ahmet aganyň tapsyzlygyny, özümiň hem argynlykdan
ýaňa gaçaryny aldyran möjege meňzeýändigimi, şeýle-de
ýanymyzda eýesiz galan, ýola gerek bolmajak üsti ýükli
düýeleriň hem bardygyny ýatlap, ýoly wagtlaýynça dowam
etdirmegi goýbolsun edip, ýakyndaky - çem gelen obalaryň
birine birki günlük dem-dynç almak üçin sowulmagy ýürege
düwdüm.
***
Baran obamyzyň Oba şura başlygy bilen duşuşanymyzdan soň, onuňkyda goş ýazdyryp, biz şol günüň özünde
Ahmet aganyň dosty Halygyň gözlegine çykdyk. Oba şura
başlygy öz ýanyna alan adamlaryndan başga-da iki sany
aksakaly, tap bilen hökmünde ata çykaryp, bu şum habary
ýetirmek üçin Halygyň obasyna ýollady. Ýöne Halyk şol gezekdäki
153
iki adamyň eltip gamşa süsdüren ýerinde ýok ekeni.
Golaýdaky obadan habar tutulanda, onuň kimdir biri
tarapyndan görlüp oba eltilendigi, ol ýerde hem onuň
kimdigi tanalyp, dogan-garyndaşlaryna: «Biz şeýle adam
tapdyk» diýip habar edilendigi, şeýle-de ony äkitmäge
gelenleriň arasyndan bir ter gara sakgal adamyň: «Olar iki
bolmalydylar, beýlekisiniňem jesedi şu golaýda bolaýmasyn
diýip, ýany bilen getiren adamlaryna gamyşlygy gözledendigi, hiç derek tapmanam: «Gören-eşiden bolsa, habar
beriň, özümiz eýesidiris!» diýip, sargap gideni belli boldy.
Biz bärden bir süri atly bolup baran mahalymyz, oba
bir gije öýüne myhman bolan Halyk pahyry eýýäm öwlüýäde
ýer-jaý edip gelen ekeni.
Hana-da biz ýagdaýymyzy aýdyp, Halygyň ýas düşeginden turmakçy bolan mahalymyz, başy köne çabytly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.