Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25

Total number of words is 3747
Total number of unique words is 2079
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
55.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ot goýberilen tamdyra öwürdi. Gezmeläp dynç alýan syrkawlary kowalap palatalara saldy. Daşarda diňe iki-üç günlükde
köriçegesi operasiýa edilen ýaş gelin bilen her gün ony
görmäge gelýän ýigit galdy. Olar ýanaşyk oturyp, pyşyrdaşyp
diýen ýaly gürleşýärdiler, haýsydyr bir hezilligi ýatlaşyp
ýylgyrjaklaşýardylar. Ol ýigit ilki iki-üç günlükde özüniň
motosikledini dyzandyryp alagüpürdi bolup gelipdi.
Keselhananyň haýatynyň ýykylan ýerinden giren borly.
Ýogsam, keselhana ýörite hyzmat edip ýören öz ulaglaryndan
başga ulagy howla goýbermeýärdiler.
Motoryň sesini eşidip daşaryk çykan lukmanlar onuň
gelniniň saglygyny sorap beren soragyna hem jogap bermän,
eger aýdylany etmese, ýaňyja operasiýa edilen gelnini hem
öňüne salyp kowup goýberjekdigini aýtdylar, ony yzyna
ugratdylar. Ol şonda ýeňsesini gaşapdy-da, sesini çykarman
«bozdumanyny» keselhanadan saýlanýança gapdaly bilen
idip äkidipdi. Sapar garaýagly bulary synlap guwanyp
ýatyşyna irkildi.
Ony orkestriň sesi oýardy. Bä, bu nä gopgunka diýip,
böwrüni diňledi. Ýöne penjiräniň öňüne baranyna welin, soň
ökündi. Keselhananyň gapdaly bilen geçýän köçeden adamlar
bir bendäni soňky ýoluna alyp barýardylar. Dünýä bilen
hoşlaşan adam harby işgär bolmaga çemeli. Sapar garaýaglynyň gözüne ilen gölegçileriň köpüsi harby geýimdäki
adamlardy.
Ol penjiräniň öňünden bada-bat sowulsa-da, soň wagty
bilen özüne gelip bilmedi. Uruş mahaly, söweşden soň wepat
bolan ýoldaşlaryny jaýlaýyşlary göz öňüne gelip, bokurdagy
doldy. Şundan soň mahal-mahal penjireden görünýän
gonamçylyga seredenini onuň özi-de duýmady.
415
Ertir lukman Sapar garaýaglynyň halyndan habar
almaga gelen wagty onuň bir nokada seredip derçigip
ýatanyny gördi. Gabaklar ýellenipdi, gany gaçan ýüzi ak esgi
bolup agarypdy.
- Ýaşuly, gurşun heläk edýärmi?
- Ýok, inim, ýöne meni günbatar ganatdaky jaýlaryň
birine geçireweri!
- Bolýar, geçiräýeris, ýaşuly...
Lukman ýigit biraz böwrüni diňläp duransoň gezmelän
bolup, penjiräniň öňüne geldi. Onuň sereden ýerinde süňňi
sökülen gadymy şäheri ýatladýan gonamçylyk at gaýtarym
meýdana çenli ýazylyp, göz-gülban bolup, çaşyp ýatyrdy.
***
Sapar garaýagly daňdanlar jaňjagazyň sesini eşidip,
aljyraňňy oýandy. Oýalygynda hem bir gezek täsirli
jyňňyrdyny eşitmek isläp, gözi bilen palatanyň içinden
jaňjagazy gözledi. Onuň soranjaň nazary birnäçe gezek
alagaraňky palatany aýlanyp çykansoň, gelip gapdaldaky
krowatda eglendi. Ol ýerde bir adam ak örtügiň aşagynda
akja depe bolup uklap ýatyrdy. Sapar garaýagly bu adam
bilen düýn tanşypdy. Ol ýagyrnysy giň, çiginlek adamdy.
Gülen wagty gany urup, saryýagyz ýüzi gyzaryp ýanýardy.
Ýakynda ýekegapan awlamaga barýan wagty münüp barýan
motosikletinden ýykylyp, betbagtlyga uçrapdy. Lukmanlar
iki gezek operasiýa edip, onuň çep aýagynyň dyzyndan
aşagyny aýrypdylar.
Sapar garaýaglyny ilki onuň özi tanady hem birwagtlar
serhetde komandirlik eden ýyllary ondan çizel sorap
äkidendigini, serhedi çizellänini ýatlady. Sapar garaýagly
welin Stepan diýip adyny aýdansoň hem, öň bu adamy bir
ýerde görenini ýadyna salyp bilmedi. Ýöne düýn Gün
batmazynyň öňüsyrasynda bu rus adamsy bilen bolan waka
onuň ýüregine leňňer berdi. Oturyp-oturyp sakgaldaşynyň
416
halyna gynandy. Şonda ol baýyrlaryň arkasyna batmaga
barýan Güne seredip otyrdy. Onuň bolup oturyşy gomlaryň
arasynda ýoldaşlaryny galdyryp, bir gudrat bilen kenara
çykan, indem ýene-de kimdir biriniň gara bermegine garaşyp,
dünýäni unudyp deňze seredip oturan adama meňzeýärdi.
Onuň baýyrlardan aşaklygyna gyzyl pökgi bolup tigirlenip
batmaga barýan Günden gözüni aýrasy gelenokdy. Pyşyrdaýardy:
- Indi men şeýdip, Günüm, senden aýrylmaly bolaýdymmykam, seni, baýyrlary, Marusýanyň guburyny - otuz ýedi
ýyllyk ýatlamalarymy - ähli zadymy galdyryp gidibermeli
bormykam?..
Donesk şäherinde ýaşaýan oglunyň gelip, ýakyn günlerde
özüni bu ýerden göçürip äkitjekdigi barada, bir özüne,
onda-da aýaksyz halyna indi bu ýerde ýaşamagyň kyn
boljakdygy barada ol şu wakanyň öňüsyrasy Sapar garaýagla
gürrüň beripdi.
Ol birnäçe minut öz derdini unudyp, burçda diwara
gysmyljyrap, eýesiniň ukudan oýanaryna garaşyp, söýenişip
duran pişeklere seredip ýatdy.
...Jaňjagazyň nirede jyňňyrdandygy hakydasyna gelen
wagty Sapar garaýagly begendi. Bu sesi oňa düýnki günuzyn
başynda gonup-göçen ýatlamalar getiren bolmaly... Şol gezek
Sapar garaýagly Smolenskiniň eteginde agyr ýaralanypdy.
Ol günler biziň goşunymyz bu şäheri gaýdyp almagyň aladasy
bilen ýaşaýardy. Tyldan bu ýere täze-täze goşun bölümleri
getirilýärdi. Sapar garaýagly hem bu ýere Orta Aziýadan
getirilen şol goşun bölümleriň biri bilen gelipdi.
...Ol gözüni açan mahaly özüniňem birtopar agaçlaryň
arasynda ýatanyny, daş-töwereginde onlarça top okundan
boşan peşeňleriň togalanyşyp garalyp ýatanyny gördi.
Sapar garaýaglynyň ýarasyndan syrygyp akan gan
joýalanyp, iki-üç garyş ýere çenli ýazylyp-ýaýrap akypdy.
Ol jan edip başyny göterse-de, öz isleýşi ýaly süýşenekläp,
27. Sargyt
417
suw gözlegine çykmaga ragbaty çatmaýardy. Suw häzir onuň
ýüregine düşen elýetmez arzuwydy. Ähli oý-pikiri agzyny
suwa basyp, bir ganyp içmekdi. Ýöne barybir aňyrsy birnäçe
minutdan ýarasynyň yzasy ýene-de onuň suw baradaky
pikirinden rüstem gelýärdi. Biraz gozganany üçin bolsa
gerek, ýarasynda ýiti yza döräp, ýene-de ony aldym-berdime
salyp ugraýardy. Ol dişini gysyp, urnup ýatyşyna iňleýärdi,
elleri bilen ýeri penjeläp, haýsydyr bir zatdan ýapyşýan ýaly
hereket edýärdi...
Bir gezek ýagyş ýagyp Sapar garaýaglyny özüne getirdi.
Onuň tebsiräp jaýrylyşan gury dodaklaryny ýumşatdy.
Ilki, jaň sesini eşiden mahaly ol gulaklaryna ynanmady.
Bu, özüniň haýyny alan ýarasynyň turuzýan oýny bolsa gerek
diýip oýlandy.
Ýöne gulaklary ony aldamandy. Ol başyny göteren
mahaly boýny jaňlyja ala geçiniň yzyna iki sany owlagyny
tirkäp gapdaldan geçýän ýodajyk bilen geçip barýanyny
gördi. Begenjini sesine goşup, gygyryp, kimdir birine özüniň
bu ýerde ýatandygyny mälim etdi.
Geçi ürküp, ýoldan hol beýläk bökdi. Soňam tasap yzyňa
gözlemän gaçmak bilen boldy. Onuň boýnundaky jaňjagaz
bolsa şeýle bir jyňňyrdamak jyňňyrdady welin, heý goýaý.
Sapar garaýaglynyň ýarasy ýene-de erbet sanjyp, onuň
erkini elinden aldy. Gygyran mahaly ýokary göterilen kellesi
gülçüldäp ýere düşdi. Ol birnäçe minutdan soň öz ýatan
ýerine bir garryja aýalyň ylgaşlap gelenini hem görmedi.
Bu garryja aýal barada oňa özüni gospitala alyp gaýdan
medsestra gyz ýolda arabanyň üstünde gürrüň beripdi.
Sapar garaýagly jaňjagazyň sesiniň hemişelik öz ýadynda
höwürtge edinip galanyna begendi. Durmuşda şeýle bir
minutlar bolýar, şonda adam kyndan-kyn işleri-de etmäge
ukyply bolýar. Munuň hut şeýle bolmagy üçin bolsa ýürek
nämedir bir zadyň özüne gozgalaň salmagyna mätäç bolýar.
Jaňjagazyň sesi Sapar garaýaglyny ata çykan ýaly etdi. Ol
418
depesindäki giňiş asmany, çagalaryny görjekdigine, ýene-de
baryp öýüniň gulp asylan gapysyny açjakdygyna ynandy.
...Operasiýa edilýän stolda arkan düşüp, petige seredip
ýatyrka hem jaňjagazyň şadyýan sesi onuň gulagyndan
gitmedi. Häli-şindi jyňňyrdap, Sapar garaýaglynyň süňňüne
gurbat bolup goşulmagyny dowam etdirdi.
Jyňnyr... Jyňňyr... Jyňňyr...
419
KÖL ÝAKASYNDAKY OBA
Aleksandr Bragine
Biz tirkeşip on-on bäş öýli kiçijik obajyga gelip giren
wagtymyz Gün ýaňy ilerik agyp ugrapdy. Sowujak şemal
öwsüp, ýaňy boýugyp ugran otlaryň ýüzüni daraklap
geçýärdi.
Moskwada häzir agaçlar ýaprak ýazmaga ýetişen hem
bolsa ondan ýüzlerçe menzil demirgazykda ýerleşen bu
obajykda ýazyň gozgalaňy ýaňy başlanypdy. Berýozalaryň
ýene-de haýsydyr bir maňa nätanyş bolan agaçlaryň egni
henizem Gyp ýalaňaçdy. Diňe eteklerde ösüp oturan gyrymsy
maýdaja agaçlaryň ýokarsynda solak ýaz ýaglygy ülpüldäp
göze ilýärdi.
Menden on-on iki ädim öňden barýan Saşa bir alaňa
çykansoň aýak çekdi-de, ol ýerde maňa garaşyp durşuna
töweregine garanjaklady:
- Ine, ahyryn obamyza hem ýetdik! Ol şeýle diýdi-de,
ýazgyn meýdanda guýrugyny bulaýlap, öz keýpine otlap
ýören atyň aňyrsyndan görünýän obajyga elini salgap
goýberdi. Ilkinji öýüň öňünde bir aýal ýuwup, egnine atyp
gelen geýimlerini serişdirip ýördi. Ol bizi görüp, şemalyň
birden köýnegini ýokary göterip özüni uýada goýmazlygy
üçin tä, biz duşundan geçýänçäk geriljiräp kir sermesini
goýdy. Biziň bilen saglyk-amanlyk soraşdy hem-de bizden
ýaňky duşundan geçip gaýdan obamyzyň dükanynyň
işleýänini-işlemeýänini sorady.
420
Kursdaşym Saşa meni bu çolaja obajyga öňräk bir
gezekde alyp gaýtmakçy bolupdy. Bu obada onuň garryja
mamasy ýaşaýardy. Ýöne ol sebäp boldy, bu sebäp boldy, tä
maýyň ahyrlaryna çenli biziň gurramyz duşmandy.
Biraz üşänim üçin bolsa gerek, men obanyň gyrasyndan
girip ugran wagtymyz, häzir öýe gireris, ot ýakynyp
ýylynarys, soňundanam birsellem gyşaryp, aýaklaryň demini
bereris diýip oýlanypdym. Häzir Saşanyň mamasynyň bu
ýerde ýokdugyny, onuň indi birnäçe aýdan bäri Çerepowes
şäherinde gyzynyň öýünde ýaşaýandygyny şindi Moskwadan
gaýtmankak eşidipdim.
Jaýa girsegem, biziň ot ýakynyp çaý gaýnadynyp içmek
maksadymyz birbada başa barmady. Ot ýakmazdan öň biz
pejiň tüsseçykaryna taýak sokup, şol ýerde öý edinen
gargalary kowmaly bolduk.
Jaýyň gapysy jygyldap, ses edip açylan mahaly men ýaňy
uka gidipdim. Gapynyň öňünde egni akja plaşly bäş-alty
ýaşlaryndaky gyzjagaz peýda boldy. Ol nämedir bir zada
tolgunypdyr, onuň mähirli çaga gözleri begençli uçganaklaýardy.
- Hemişelik geldiňizmi, indi hiç-hiç gitjek dälmi? Nina
daýza ertirki «Raketada» gelýärmi?. .
Gyzjagaz gele-gelmäne sorag yzyndan sorag berip, soňam
sowallarynyň jogabyny eşitmäge gyssandy. Ol bu zatlary
soraşdyransoň, gelşi ýaly ylgap ýene-de yzyna giderli
göründi.
Soň ol bize şu gün goňşy oba ylgap gidip gelendigini,
daýylarynyň irden balyga gidendigini, özüniň hem mamasy
bilen derýa çeňňek atyp dört sany «karas» balygyny
tutandygyny gürrüň berdi.
Haçanda Saşa pejiň tüsseçykaryndan kowlan gargalary
ýatlan mahaly, gyzjagaz hem bir gargaly gürrüň tapyp, bizi
ýylgyrmaga mejbur etdi. Ol özüniň köne küdäniň ýanyndan
garga ýumurtgasyny tapandygyny, onam getirip pejiň
421
üstünde goýandygyny, ondanam garga çagajygynyň
çykandygyny çaga dili bilen jedirdäp gurrüň berdi.
- Soň ony nätdiň?
Saşa özüniň kim bilen gürleşip oturanyny hem ýadyna
salman ynanmazçylyk etdi.
Şeýle-de bolsa, bu sorag gyzjagazy aljyratmady.
- Men ony ýola çykaryp goýdum, gargalar geldiler-de,
tanap onuň ganatlaryndan dişläp, özleri bilen uçuryp
äkitdiler.
Soňundanam «hana, şeýläk» diýýän manyda ýokarsyna
bir ýerlerik seretdi.
Gyzjagaz bize ýene-de ejesiniň hem indi ýakyn günlerde
bu ýere geljekdigini, ony özi bilen Leningrada äkidip,
mekdebe berjekdigini begenip gürrüň berdi.
Ol gidensoň Saşa Lýudajygyň bu obada özünden başga
deň-duşunyň ýokdugyny, onuň bu ýerde diýseň ýekesireýändigini, geçen, tomus bolsa öz gelni Nina bilen jora bolup,
tirkeşendigini gürrüň berdi.
Lýudajyk giden mahaly: «Men ýene-de gelerin» diýen
hem bolsa, bu gün ol gaýdyp gara bermedi.
***
Lýudajygyň mamasy ak saç, dişleri gemrik-gemrik
aýaldy. Ol her gün ir bilen biziň ýaşaýan jaýymyzyň
arkasyndan geçýän ýol bilen gidip goňşy obadan, haýsydyr
bir Kuzminiçnalardan süýt alyp gelerdi.
Ýolda tanyşlarynyň biri duşup, ondan nirä barýanyny
soraýsa boldugydy, onuň ody ölçerilerdi. Häzir özüniň
aýagyny süýräp, ýaramaz janyny ýarydyp, iki owurt süýt
üçin bir obadan başga bir oba gatnamagyna, ýakynda süýtli
sygryny satan bir obadaşynyň günäkärdigini aýdardy.
Oňa goňşular bolubam sygryny satmazlygy maslahat
berendiklerini, onuň bolsa sygryny satyp, öz isleýşi ýaly
edendigini, şol sygyr obalarynda barkan blin bişirinip,
422
gaýmaga batyryp iýmegiň lezzetli bolandygyny birin-birin
ýatlardy.
Gelen günümiziň ertesi ol bizi balyk çorbasyna çagyrdy.
Onuň daşyndanam ýene gowrulan balyk hem hödür etdi.
Bulgurlara guýlan içgi bir gezek göterilensoň öýüň atasy,
mis kelle goja gürrüňi gyzyşdyrdy.
Ol uruş mahaly özüniň, bir söý bilen bombalanan çakyr
zawodyna gabat gelşini, şol ýerden bir boçka çakyry öz
sürýän maşynyna atyp, ýoldaşlarynyň arasyna getirendiklerini, aýazly howada ol şerabyň oglanlara hezil
berendigini gürrüň berdi.
Häzir biziň garşymyzda özümiz ýaly iki degenek bolşup
Lýudajygyň daýylary otyrdy. Olaryň birisi domma Petkady.
Ikinjisi bolsa bir toýda kellesininden pyçaklanan, bir eli bilen
bir aýagy ýarym şel bolup galan äýnekli Andreýdi.
Lýudajyk elini eňegine diräp, edilýän gürrüňleri dykgat
bilen diňläp otyr. Ol şu oturyşyna oturyberen bolsa, belki,
oňa hiç kim üns bermese-de bermezdi.
- Baba, onsoň saňa medal berdilermi?
Ol sorag berip özüniň henizem bu ýerde oturandygyny
mälim etdi.
Şundan soň mamasy oňa pejiň bir ädim beýlesinde ýatan
pişigi görkezip, ony ugratmak bilen boldy:
- Hana, pişigiň bolup ýatyşyna seret! Erte ýene gowy
gün bolar, Günem çykar, häzir bolsa gitdejik ýat!
- Bu daýylaram bizde ýatýarlarmy?
Lýuda sorag berip nazaryny biziň ýüzümizde gezdirdi.
- Özi galam ýaly welin, ähli zat bilen işi bar - diýip,
mamasy ony öňüne salyp diýen ýaly goňşy otaga geçirdi.
Uly adamlar bolsa şu günki ýaly şemallyja gün
bolanlygynda, çeňňeklije balyk tutmagyň amatly bolýandygy
hakynda gürrüň edişip ugrapdylar. Andreý tolkun
bildirgiçleri biraz çörňeşiklige düşürse-de, onuň badyna
çeňňege ötürilen aldawajyň iki ýana hallan atyp, ötegçi
423
balyklara gowy görünýändigi barada beletlik bilen gürrüň
berýärdi.
Men her gezek töweregime gözümi gezdiren mahalym
garşymdaky stoluň üstünde arkasyny pejiň diwaryna berip
oturan bulaşyk saçlyja gyzjagazy görýärdim. Her gezegem
ol Lýudajygy meniň ýadyma düşürerdi.
Petýa birsalym düňderilip geplemän oturansoň, zöwwe
ýerinden turdy-da, başga bir otaga geçdi. Soň ol gaýdyp
gelmedi.
Özüniň bir kohozda agronom bolup işlän günlerini ýatlan
mahaly Andreý has-da gyzdy.
Ol bir gezek kolhoz üçin raýon merkezine iki sany eýer
almak üçin gidenini, eýer alynjak puly hem arabakeş bilen
içenlerini ýatlady. «Hut şuňa gelýänçäk ikimizem içipdiris»
diýip, barmaklarynyň birini bokurdagyna süýkäp görkezdi.
Soňundanam başlykdan utanyp, birnäçe gün onuň
gözüne görnüp bilmänini, bir gün başlygyň özüni gözläp
tapanyny, onuň «Sen kän içýäň» diýip, ilki käýänini, soňam
galanja pula arak getirdip, özi bilen bir brigadir aýalyň
üçeginde içişendigini, brigadir aýalyň bolsa özlerine süýji
blin taýynlap berendigini gürrüň berdi.
Lýudalaryň öýünden çykan mahalym daşardaky sowujak
şemal inimi tikenekletdi. Çep tarapdan ötegçi gäminiň ýoňtar
sesi eşidildi. Men birnäçe minutlap özümi haýsydyr bir äpet
gämide, nirädir bir ýere ýüzüp barýan ýaly duýdum.
***
Biz derýada biraz gezelenç etmek meýlimiziň bardygyny
aýdyp, gaýygyny soran mahalymyz Andreý muňa garşy bolup
durmady, gaýtam, «Gezmäge geldiňizmi, gezmeli-dä» diýip,
kenarda daňylgy duran gaýygyna seredip, biziň pikirimizi
özüçe goldady.
Saşa kürek başyna geçdi, men gaýygyň burnunda
ýerleşdim. Lýuda bolsa mamasynyň sargap goýberişi ýaly
424
ortaky oturgyçda oturyşyna elleri bilen oturgyjyny tutup,
töweregini synlaýardy. Birde asmandaky Güne, birde suwuň
ýüzündäki lowurdaýan Güne seredip, gözlerini ýumjukladýardy.
Haçanda üsti ýolagçyly «Raketa» biziň duşumyzdan
dazlap geçip giden mahaly, Lýuda mamasynyň sargydyny
ýadyndan çykardy. Ol ornundan turdy-da, üşerilip raketany
synlady. Onuň raketada barýan adamlaryň arasyndan kimdir
birini göresi geldi.
«Raketa» iki tarapyna tolkun ýaýradyp biziň duşumyzdan geçdi-de, daşlaşyp gitdi. «Raketa» gözden ýitensoň ol
ejesiniň Leningraddan şunuň ýaly ýyndam «Raketa» bilen
gelip, özüni hem äkitjegini, ol ýerde bolsa özüniň mekdebe
gatnajakdygyny, öňem bize birnäçe gezek gürrüň berenini
unudyp, ýene-de bir gezek ýatlady. Soňam:
- Leningrad daşmy, Moskwa? - diýip, biziň ýüzümize
seretdi.
- Leningrad ýakyn bolsa gerek! - diýip, men öz jogabym
Lýudajygyň göwnünden turar diýen nýet bilen ilki dillendim.
- Menem şeýle pikir edýärdim.
Biz mahal-mahal ornumyzy çalşyp, gaýygy gezekleşip
sürdük. Ýöne, nämüçindir, gaýygy men süren wagtym
daş-töwerege küreklerden suw syçraýardy, gaýyk birhili
çaýkanybrak ýüzýärdi. Men muny özümiň öwrenjeligimden
gördüm. Hem-de gaýyk sürmegiňem kinolardaky ýaly ap-aňsat
zat däldigini öz ýanymdan boýun aldym.
Günortan naharymyzy biz gaýygyň üstünde edindik.
Emma, nämüçindir, Lýudajyk biz bilen naharlanmakdan
çürt-kesik boýun gaçyrdy. Ol «Iýesim gelenok, men dok... »
diýip, birnäçe gezek ýüzüni başga tarapa sowansoň, ahyrsoňy
dogrusyndan geldi.
- Mamam söger-ä.
- Ol nireden bilsin, biz oňa seň özümiz bilen naharlananyňy gürrüňem bermeris.
425
- Ýok, bilýär.
- Nädip?
Saşa geňirgenip onuň ýüzüne seretdi.
- Mamam bilgiç, ol hol gün Serafima mamalardan tort
iýenimi hem bildi. Men öýe bararyn. Hiç zat iýesim gelmez,
o-da biler.
- Sen öýde hem iý - diýip, Saşa oňa seredip ýylgyrdy.
- Onda garnym goçalýar-da.
Lýudajyk çagalygyny edip, köýnegini göterip garnyny
görkezdi.
Biz onuň iýmese goçak gyz bolmajagyny, goçalmasa bolsa
onuň Leningradda okuwa kabul edilmejegini aýdyp
ynandyranymyzdan soň, ol biziň bilen nahar edindi.
Yzymyza gaýdyp gelýärkäk, sag kenarda duran tanyş
aýala gözüm düşdi, men ony Saşa hem görkezdim.
- Belki, goňşymyzam özümiz bilen äkideris?
- Kim ol goňşy?
Saşa meniň ümläp tarapyma seretdi. Ol gelen günümiz
bize ilki duşan kir serip duran aýaldy.
Ýöne ol, nämüçindir, biziň ýolumyzdan sowlup, özüne
tarap yzyna ýüzüp ugranymyzy gördi-de, hol beýlede oturan
ýeke jaýa tarap öwrülip, ýöräp ugrady. Biz birbada hiç zada
düşünmedik:
- Tonýa, eşidýäňmi, ýör, biziň bilen gitseň! Tonýa
Saşanyň sesini tanap aýak çekdi-de, gaňrylybrak bize tarap
seretdi. Şeýle-de bolsa, ol gaýykda oturanlary birin-birin
synlaýança ses bermedi.
Gaýyk ilerki kenara - allowarradan sähelçe görünýän
oba tarap ýüzüp ugran mahaly, Tonýa bizden gaçmagynyň
sebäbini düşündirdi. Gaýyk Andreýiňki bolansoň, ol bizi
Andreýdir öýdüpdir.
Ol Andreý bilen aýal bolup bir gaýykda ýüzmegiň
mümkin däldigini aýtdy. Bir ýola onuň özüni ogşajak bolup,
gaýygy düňderenini aýdyp güldi.
426
Biz gaýyk doly adam bolup, kökleri damar-damar bolşup
duran agajyň ýanyna gelen wagtymyz, kenarda balykçylaryň
has köpelendigini gördük.
Lýudajygyň mamasy, babasy, daýylary Andreýdir Petka
hem derýa dört ýerden çeňňek gurýan ekenler.
***
Ir bilen meniň eýläk-beýläk gezmeläp ýörenimi gören
Andreý ýanyma geldi.
- Student, irki maşklary ýerine ýetiresiň gelýärmi?
Ol sorag berdi-de, boýnuny gyşardybrak seredip durşuna
gülümsiredi.
- Näme hyzmat?
- Sen-ä gaýygy sür, menem çeňňeklerimi barlaýyn.
Gaýyk sürşümiň ýagdaýlydygy ýadyma düşse-de, men onuň
bilen razylaşdym. Derýa gurlan gurnama çeňňekleriň uzyn
sim-tanap kenardaky töňňeden başlanýan ekeni.
Bize her iki ädimden bir çeňňek gabat gelýärdi. Her
çeňňekdenem barmak ýaly ululykdaky bir balyjak asylyp
durdy. Bu uly balyklary aldawa salmak üçin gurlan hiledi.
Telim çeňňegi özüne birikdirýän ýogyn sim, kenardan
sesýetim daşlaşyp, köne labyra birigip gutarýan ekeni. Biz
çeňňeklere düşen balyklary alyp, kenara dolanyp gelen
mahalymyz, oba aýak üstündedi. Ähli jaýlaryň diýen ýaly
gapysy açylypdy. Meýdana ýaýran towuklar ak nokat bolşup
göze ilýärdiler.
Gapysy gyzyl reňk bilen reňklenen agaç jaýyň öňündäki
oturgyçda oturan iki kempir kellelerini bir-birine degräýjek
bolşup, nämedir bir zadyň gürrüňine gyzyşypdylar.
Gapdalym bilen agsaklabrak gelýän Andreý meniň töweregimi synlaýanymy görüp düşnüksiz ýylgyrdy.
- Biz obada gözüň dokunara zenan ýokdur, dost jan.
Bularyň hemmesi sübse ýaly süýrenişip ýören kempirlerdir.
Gyş golaýlap, howa hem bir sowap ugrasyn, bu garry-gurrularam
427
bu ýerde görmersiň, hemmesi şäherlere siňer. Bu ýerde hol
kolhozyň hasapçysy bilen men galaryn...
Ol soňundanam gyşda bu ýeriň lyža sürmäge amatly
bolýanyny, özüniň mahal-mahal hasapçy gelin bilen lyža
sürüp gezelenç edýänini, doňan derýanyň üstünde oturyp,
balyk tutýanyny aýtdy.
Men Andreýi işikleriniň öňünde galdyryp, pes boýluja
alma agaçlarynyň arasyndan gönüläp, indi köpden bäri
ertirlik edinmän özüme garaşyp oturan Saşanyň ýanyna
ýetmäge gyssandym.
Men Andreýiň yzyna düşüp giden mahalym Saşa
dünýäden bihabar ukusyny alyp ýatyrdy...
Ýöne öň ýanymda oýnap oturan Lýudajygy gören
mahalym, bu ýerde biraz eglenç etmeli boldum.
Ol babasynyň özi üçin ýörite oňaran agaç tagtynda
oturyp, saçlary çaşyk gurjajyga akyl berýärdi.
Öz aýdasy gelen sözlerini birnäçe gezek gaýtalaýardy:
- Men indi tiz Leningrada giderin. Leningrad uzak däl,
ol Moskwadan ýakyn. Sen bolsa bu ýerde galmaly borsuň,
ýöne aglama, Nataşa! Mamamyň aglak gyzlary gowy
görmeýänini sen bilýäň-ä. Men gidemsoň mamamyň iň gowy
görýän gyzy sen bolarsyň. Sen ulalaňsoň, ejem geler-de,
senem «Raketa» bilen Leningrada, öz ýanyna äkider. Senem
onsoň meniň bilen mekdebe gatnarsyň. Seniňem köp suratly
kitabyň bor, ejem galamam alyp berer. Suratam çekersiň.
Tomus gelende kanikul bolar. Kanikul okuwçylara daýylaryna-daýzalaryna, özge ýurtlara gezelenç edip gelmek üçin
berilýän uzak rugsatmyş. Onsoň ikimiz hol ýerdäki, derýanyňam aňyrsyndaky, tokaýyňam aňyrsyndaky Türkmenistana
gideris. Ol ýer şeýle bir yssymyş, şeýle bir yssymyş. Sebäbi
ol ýeriň Güni hemme obalardaky günlerdenem ulumyşyn.
Ol ýerde Güne gowrulan düýeler, bişen sygyrlar iki ýana
ylgaşyp ýörenmişler. Kim ajygsa şol bişen düýeleriň etinden
azajyk iýse doýaýýamyş. Ynanaý, Nataşa. Hut şeýlemişin.
428
Men muny Saşa daýy bilen gezelenje gelen gara daýydan
eşitdim. O-da şol Türkmenistandanmyş.
Men Lýudajygyň gürrüňinden, onuň Garagum hakyndaky menden eşiden gürrüňlerinden özüçe netije çykaranyny
bildim. Ýöne Garagum hakyndaky öňki gürrüňimi gaýtalap,
Lýudany öz häzirki ýaşap oturan dünýäsinden äkidesim
gelmedi. Ol häzir meniň gürrüňim esasynda dörän täsin
Türkmenistanda ýaşap otyrdy.
Men oňa görünmän, jaýyň daşy bilen öwrüm edip
gaýtdym.
***
Men bu gün hemişeki turşumdan has ir turdum. Belkem,
bu gün bu obadaky adamlaryň hemmesinden ir turandyryn.
Hemmelerden ir turýan mis kelle goja hem içde-daşda
görnenok. Belki, meni ugramazymyzdan öň ýene-de bir gezek
bu obajygy synlamak höwesim oýarandyr.
Golaýdaky depäniň üstünde durup sanadym-da, bu
obajykda bary-ýogy on alty öýüň oturandygyny anykladym.
Töwerekde torgaýlar jürküldeşýärdiler. Düýnki sürlen
ýerlerde gargalar joňkuldaşyp gohlaşyp ýördüler.
Mahal-mahal serçeleriň hem gatyraw guraksy sesleri
eşidilýärdi. Gün çog-gyzyl bolup uzakdan görnen wagty
asmanyň gümmezinde birnäçe reňkli halkalar emele geldi.
Halkalaryň ýer tarapkysy tutuksy kül reňkdedi. Ol baryp
özüniň ýokarsyndaky gyzylymtyl guşaga goşulyşyp ýitýärdi.
Bu iki reňkden ýokardan bolsa gögümtil öwsüp asman
gümmeziniň özi başlanýardy.
Gün birsalymdan meniň garşymdaky agajyň şahalarynyň
arasyna düşüp, tora atylan pökgä meňzedi.
Bu ýerden ýene-de depesinden taýak çykyp duran ot
üýşmeklerini, ýalpyldap öwşün atýan köli, birsalym görnen
ýaly bolup gözden ýitýän äpet gämileri synlasa bolýardy.
Tirkeş-tirkeş bolşup barýan balykçy gaýyklary bir süri it
429
goşulan sanýalary ýadyňa salýardy. Kölüň aňyrsyndaky tokaý
ertir irden äpet haýata meňzese, töwerek durlanansoň
berýoza, ýel, dub agaçlary gar-göjele bolşup görünýärdi. Men
dolanyp gelen mahalym Saşa içerde gezmeläp ýanymyz bilen
ýola aljak goş-golamlarymyzy ýygnaşdyryp ýördi.
Çaý içip otyrkak, düýn bizi öz gaýygy bilen ol kenara,
«Raketanyň» gelýän ýerine äkitmegi wada beren mis kelle
goja işigi kakdy.
Sagadyna seredip, bizi gyssady. Derýa ýakyn gelen
wagtymyz meniň gözüm Lýuda düşdi. Ol çözülmedik gaýygyň
üstünde bize garaşyp otyrdy. Men onuň gelenine begendim.
Eger ony görmän gitsem, dogrudanam, gynanjakdym. Ýaňy
öýleriniň duşundan geçip gelýärkäk, men Lýudajyga häzir
süýjüje uklap ýatandyr - diýip oýlanypdym.
- Sen näme beýle irläpsiň, entejik ýatyp ukyňy alsaň
bolmaýarmy?
Saşa Lýuda dözmezlik bilen dillendi.
- Men sizi ugratjak. Men düýn bildim-ä, siz şu gün
gidýäňiz. Men düýn ir ýatdym, ine, irdenem turdum.
- Gör, sen nähili akyllyja - diýip, Saşa ýüksüz eli bilen
onuň egninden gujaklady.
Goja bizi o kenara geçirensoň hem «Raketa» gelip, biz
ugrap gidýänçäk gapdalda garaşdy.
Biziň «Raketada» ugranymyzy görensoň o-da Lýudany
alyp, ol kenara, biziň yzymyzdan seredip duran obajyga tarap
ýüzüp ugrady.
Lýudajyk häzir gaýygyň üstünde dik durdy hem bize ak
ýol arzuw edip goluny bulaýlaýardy.
Saşa «Raketanyň» gyraky ýaplangyjyna tirsegini goýup,
Lýudajygy alyp, özümizden daşlaşyp barýan gaýygyň
yzyndan seredip, biraz oýurganyp duransoň, hasylap uludan
hasratly dem aldy. Soňundanam ol maňa hamala öz hasratyny
düşündirýäne meňzäp, Leningrada giderin, okuwa gatnaryn... diýip arzuw edip, gylkyldap ýören Lýudajygyň ol ýerde
430
hiç kiminiň ýoklugyny, adamsyndan aýrylan ejesiniň üçdört ýyllykda ýogalyp, onuň syrdam ýetim galandygyny,
barara ýeriniň, batara kölüniň ýoklugyny, şonuň üçinem
onuň bu çagasyz, mekdepsiz, doktorsyz ömrüni paýawlap
barýan obada özüniň ömrüniň soňky günlerini ýaşaýan garrygurrular bilen ýaşamaga alaçsyzdygyny ýatlady...
Ara ýene biraz açylansoň Lýudajygy alyp, bizden
daşlaşyp barýan gaýyk, haýsydyr bir ýeri gyratlap suwuň
üsti bilen ganat ýaýyp göterilip barýan guşa meňzedi.
Ol guşam ümürläp ugran gözýetime goşulyp, ýene bir
meýdan öz maýdalyna ganat ýaýyp uçansoň, asman bilen
goşulyşyp ýitip gitdi.
Wologda - Aşgabat, 1975-1978
431
ZENAN BAGTY
Aýbölek her gezek adamsy sapara gidende bu pursady
başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap
ýatyransoň, ertir irden okuwa gitjekleriniň geýimlerini alyp,
goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy geýimi ütüklese,
gylygy-häsiýeti bilen şol çagasy onuň göz öňüne geldi.
Çagalarynyň geýimlerini ütükleşdirip bolansoň, ol
adamsynyň ýuwulgy geýimlerini ýatlady-da: «Gelip işe
gidende gerek bolar...» diýip, olary hem duran ýerinden alyp
ütükleşdirdi.
Aýbölek halymsyraýan gelinlerden däldi, hemişe öz
işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat
etmekden lezzet almagy başarýan gelinleriň birisidi. Adamsy
öýde günleri «Getir, kömekleşeli» diýende hem ol juda bir
işi başyndan agdyk bolaýmasa, elinden işini bermezdi.
Aýbölek ütüklik işlerini boldum edensoň, ýatmak üçin
ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna
geçdi.
Düşekde bir gowuja bolup ýatan oglanjygy synlap,
höwesine bäs gelip bilmän, onuň çyrşaklyja ýaňagyndan
ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup,
düýrügip gozganjyrady.
Aýbölegiň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek
Akmyrat gaýdyp geler uçurlary ol birnäçe günläp oňly uklap
bilmezdi. Häzirem ol hut şol pursady başdan geçirýärdi.
Moskwa giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde
gara bermelidi. Gije jemlendigiçe, töwerek suslanýardy. Ol
432
birsalym Akmyrat bilen geçiren hoş günlerini ýatlap, onuň
boý-syratyny göz öňüne getirip, melul bolup oýurganyp
ýatdy.
Hatda pikirinde onuň eli diplomatly, plaşyny eliniň
egremçesine atyp, uçardan düşüp gelşini-de gördi. Ony
aeroportdan özüne golaý, gapynyň öňüne getirdi.
Ýüregimi elime alýan bolaýmaýyn diýip, öz bolşy
hakynda oýlanansoň bolsa ol uýalyp, öz-özüne käýindi.
- Ýaş gelin bolsaň käşgä... Şu ýüregiň gizlin ýerde bolup,
görünmeýänem bir gowy zat, ýogsam, men ýalylar tüýs ile
masgara bolaýmaly-da...
Garaşmak, garşy almak Aýbölek üçin täzelik däldi. Ol
ýaş gelin mahaly goş goşanlaryna bir ýyl geçip-geçmänkä,
Akmyrat gulluga alnypdy. Gaýyn ene, gaýyn ata, ýüwürjileridir baldyzlarynyň arasynda bolup, ol üç ýyl ýola gözläp,
adamsyna garaşypdy. Bir ýola ol ýazan hatlarynyň birisinde:
«Ol-bi oglanlar rugsada gelýär, sen haçan geljek?» diýip
ýazypdy. Akmyrat bolsa oňa: «Men, Aýbölek, il ýaly ýarym-ýalta
gulluk edip gidip-gelip ýörjek däl, başladymmy, şu badym
bilenem gutaryp barjak» diýip ýarym oýun bilen oňa jogap
beripdi.
Aýbölek şol gezek alan hatyny adamsynyň uçardan böken
mahaly döwlen aýagyny bejerdip, harby gospitalda ýatan
ýerinden iberenini, soň onuň özi dolanyp geleninde eşidipdi.
Harby gullukdan öwrülip gelensoň hem Akmyrat obada
Aýbölekli örüde uzak eglenmedi. «Meniň iberen işlerim
konkursdan geçipdir...» diýdi-de, Moskwa okamaga gitdi.
Şeýlelik bilenem, Aýbölek ýene-de bäş ýyllap çülpeje
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.