Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21

Total number of words is 3796
Total number of unique words is 2119
32.0 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barmaly ýerlere barmagy, görmeli ýerleri görmegi gowy
görerdi. Bir görseň, ol at bolup seniň tolkunlaryňa sähel
galtaşyp çapyp barýandyr, ýene bir görseňem, tolkunlar bilen
deň segreşip, galyp, gujaklaşyp, süýjeşip ýörendir.
Arzuw-islege eýerilip edilen hereketleriň hemişe ýakymly bolşy ýaly, onuň üçin ikiçäk galyp, sessiz düşünişip
oturmak, seniň zenan näziňi çekip ýaşamak, hemişe
lezzetlidi. Söýgi dogurma höwesli zenan süňňüni öz gününe
goýýarmy näme?
Ilki seniň süňňüň özüňde bir ýakymly agyrlyk syzdy.
Şondan soňam sen: «Bu näme boldugyka, janlarym?» diýip,
oturyp wagtal-wagtal böwrüňi diňlemegi çykardyň. Müdimi
syr bolup galýan zat barmy näme, ine, bir günem öz wagty-sagady gelende, sendäki bu ýagdaýam özüniň syr bolup
345
ýaşamak möwritini ötürdi. Seniň ilkinji perzende, ýaşyl
köýneklije ilkinji emele gelen ösüntgä gözüň düşdi. Şatlyk,
tas ýüregiňi çat açdyrypdy. Muňa şatlanmazlyk hem, muny
kiçi hasap edip, görmedik bolmak hem asla mümkin däldi.
Ol özge ýerde däl-de, hut seniň ýüregiň üstünde ülpüldäp
otyrdy. Bu mahal Şemal asmandaky ala sygyr, gara sygyr
bolşup ýören bulutlary çopan bolup, bir ýerlerik sürläp alyp
barýardy. Sen Şemalyň öňünden çykyp, şatlygyňy onuň bilen
bölüşdiň. Sebäbi ol şatlyk bir özüň şatlanardan juda köpdi.
Üçünji artykmaçlyk etmedi. Gaýta ol hemişe asmana
gidip, ygamlap, kaňkap gelýän Şemaly birneme öýdeçir etdi.
Sen oňa sallançak bolduň. Şemal bat bolup, ony hiňlenip
üwredi...
Ilkinji perzendiňi gujagyňa alan günleriň sen ol perzent
hemişe öz etegiňe ýapyşyp, ýanyňda ýaşar öýdüpdiň. Ýöne
ýalňyşan ekeniň. Ony synlap ugransoň, onuň atasynyň
Şemaldygy, Ene häsiýet bilen deň derejede çaga ataň
häsiýetlerindenem geçjekdigi saňa belli boldy. Şeýle-de onuň
saňa-da, kakasyna-da bagly bolmadyk öz göwresi, şol göwrede
hem öz küýi bardy. Soň-soňlar ol Şemal öýden çykyp
kaňkamaga gidenden «Menem gitjek» diýip, onuň synyna
ýapyşmagy çykardy. Arzuw ol ösüntgijigi öz gününe bir
durkunda goýmady. Bir gün sen onuň janlanyp, ganatly balyk
guýruklyja jandar bolup özüňden bölünip gidenini gördüň.
Şonda ýene-de bir zat, perzendiň geçmişindenem, ene-atadanam gün-günden daşlaşyp gitjekdigini seniň ene ýüregiň
syzdy. Ýöne boljak iş eýýäm bolansoň, indi alajyň näme?!
***
Üç Aý - üç tirkeş bolup gelen çagy seniň şol ösüntgiden
ýaýran çagalaryň eýýäm äpet-äpet jandar bolşup ýetişipdiler.
Olaryň käbiri şeýle bir mähnetdiler welin, onuň aňyrsy-bärsine
seniň öz gözüňem zordan ýeterdi. Özleri-de şeýle bir köpelipdiler, sen parahat mahalyňam endam-janyň agyn müňňüldi
346
bolar durardy. Üç Aý diňe saňa däl, seniň çagalaryňa hem
ýarady. Üç Aý her gün gelip, getiren görk-görmegini, çoguny
seniň çagalaryňa paýlap bererdi. Onuň çogy şeýle bir
ýakymly, şeýle bir ýakymlydy welin, seniň çagalaryň her
gezek üç Aý üç tirkeş bolup gelýän wagtlary olary görüp
begenişerdiler, giden wagtlary bolsa, olaryň yzlarynda
gamgyn bolşup galardylar. Saňa öz çagalaryň görmegeý
bolýanyny, şadyýan bolýanyny görmek hemişe ýakymlydy.
Üç Aýyň hem seniň çagalaryna göwni ýetdi. Olar her gün
seniň çagalaryň bilen goşulyp hezil edişip oýun oýnardylar.
Birde altyn çörejige öwrülip, üç Aý üç ýerden tigirlenip seniň
çagalaryňy yzyna düşürse, ýene birde, olar tolkunlaryň
arasynda galgap ýören gaýyga öwrülerdiler-de, seniň
çagalaryňy tä ýadaýançalar töwerege aýlardylar. Üç Aý saňa
bolsa altyn çaýylan, geýseň çykarasyň gelmeýän, içi gor
ýalyjak endama ýakymly sowsany köýnek sowgat etdi. Ol
tizden seniň iň söýgüli köýnekleriň birine öwrüldi. Sen zenan
bolanyň üçin gowy zady, owadan zady halaýardyň, has-da
sowgat almak seniň üçin hemişe ýakymlydy. Şemal welin seni
näçe eý görse-de, saňa sowgat etmezdi. Ol asyl sowgat
etmelidirem öýtmezdi. Onuň özem kakynjyrap, üst-başyna
esewan bolup ýören zat däldi. Şol wagtlar ol bu häsiýetiniň
telim arka aýlanyp, soňra erkek adamlara häsiýet bolup
geçjeginden habarsyzdy. Öňüni görüp gelen barmy?
Bir ýola sen köýnekleriňi tükellän mahalyň altynlaç
öwüsýän köýnegiňi tapmadyň. Şonda Aýyň käte al öwüsýänini ýadyňa düşürip: «Şu alan bolmasyn» diýip göwnüňe
güman getirdiň. Ine, hemme zat hem şu münkürlikden
başlandy...
Tizden seniň kalbyňdaky betgümanlyk seniň çagalaryňa
geçdi. Olaram şundan soň üç Aý bilen alagöz bolşup
ugradylar. Sebäbi olar seniň ýüregiňden, oý-hyýalyňdan
iýmitlenerdiler. Müňkürlik gazap döretdi. Bir gezek seniň
çagalaryň birnäçesi, özleri bilen goşulyşyp aýnamaga gelen
347
üç Aýyň üstüne topuldy. Iki Aý bada-bat rejäniň geň däldigini
aňyp, asmana göterildi. Üçünji has mähirli Aý bolsa galyp,
munuň düşünişmeli zatdygyny seniň müňkürligiňden
gerk-gäbe bolan çagalaryňa düşündirmekçi boldy. Birnäçelerine hä diýdirmek oňa başartdy. Ýöne birnäçeleriniň welin
ynanasy däl, ony diňläsleri-de gelmedi. Ine, onsoň Aýyň
töwereginde Aýyň tarapdarlary bir tarap, müňkürlige uýan
beýleki topar ikinji bir tarap bolşup, üýşüşip ugradylar. Ine,
şeýdibem dawa-jeň doguldy.
Bu söweş ýatar ýerde ýatmady. Güýç güýji ýok etdi. Jan
jany öçürdi. Sen näçe ot-elek bolsaňam, soňra onuň peýdasy
bolmady. Şemalyň hem bu gopan harasady ýatyrmak üçin,
munuň oňluga eltmejegini ýatlap, elewremesi alga alynmady.
Seniň ýüregiňe müňkürlik gelende, ýakyn duran
jandarlar şol ýeke galan Aýy bölek-bölek edip, bölüşdirip
iýdiler. Dünýä gan çaýkaldy. Sen al köýnegiňi egniňe geýdiň.
Beýleki iki Aý şol günden soň aşak, seniň gujagyňa düşmedi.
Ýere düşse, näme boljagyna olaryň gözleri ýetik. Olar seniň
bilen uzakdan gatnaşmagyň kem däldigine düşündiler.
Aýlaryň biri öňki durkuny saklady. Beýleki biri bolsa, öz
çagasynyň düşen gününi görüp, şeýle bir lowurdap ýanmak
ýandy, şeýle bir ýanmak ýandy welin, ýüzüniň telim gat hamy
dökülýänçä ýandy. Sen onuň enedigine bada-bat göz ýetirdiň.
Ol Aý tiz ýol-ýodasyny ýitirdi. Oňa soň-soňlar «Gün» diýip
at berdiler. Ol heniz-henizlerem öz ýitgisine ýanyp-bişip
ýör... Seniň çagalaň sansyz meýitleri telim mahallap gara
meýdan bolşup üstünde ýüzüşip gezdiler. Birdir-ikidir bagty
çüwüp, aman galanlar bolsa soň şol meýitleriň üstüne çykyp
ony özlerine mekan edindiler.
Ençeme wagt geçip, ol meýitler durgunlyk häsiýete
geçensoň, oňa Ýer diýip at berdiler.
Üç Aý bolsa şondan soň bolany-bolmadygy näbelli
rowaýata öwrüldi. Häzirki wagtda Galaktikada diňe şeýle
348
üç sany Aýyň bolandygy hakynda çaklama galdy. Müňkürlik
saňa arzan düşmedi...
***
Seniň welin hemme zat ýadyňda. Dünýäni terslin-oňlyn
aýlanyp çykýan Şemal hem her gün saňa ýene-de birgiden
şum habarlary getirýär. Ol ýerde seniň süňňüňden örňäp
giden perzentleriň tarap-tarap bolşup, ýeriň öz geçmişlerindäki ata-babalarynyň meýitleridigini hem hasaba alman,
biri-birleri bilen heniz-henizlerem öçli uruşlar edip, şol bir
wagtlarky urşy dowam etdirýändikleri hem saňa mälim.
Suwuň azalyp, oňa derek täze-täze ýitgileriň hasabyna ýeriň
giňäp-galňaýandygyndan hem sen habarly. Her gezek Şemal
şeýle şum habar bilen dolanyp gelen mahaly, sen ýüregiňe
bäs edip bilmän, ot-elek bolup güwlemäge başlaýaň. Balasyny
ýitirenleriň säher-säherler «hüw» diýip oýanyp, bagryny
paralap oturmaýany barmy näme? Onsoňam bu ýitgini ene
bolup çekmegi diýsene! Sen segräp-segräp asmana göterilýärsiň, gelibem kenar daşlaryna özüňi urup pytraýaň.
Birmahalky eden ýalňyşlygyňy ýatlap, öz-özüňden ar
alýarsyň. Güwläp-güwläp, ýüregiň gowzap, janyňa aram
giren mahaly, sen saçlaryňy ýaýyp, merhum ogluňyň
başujuny alyp oturan enä öwrülýärsiň.
1981
349
MAŇA MEŇZEŞ MAÝOR
Ol günler men Baltikanyň etegindäki ýerleriň birinde
harby desantçy goşun bölüminde gulluk edýärdim. Çigrekli
güýz günleriniň biridi. Şol gije uçardan böken mahalym,
tokaý agaçlarynyň üstüne düşüp awundym. Bu güne
düşmezdimem welin, muňa-da bir seretseň, hut özüm
günäkär. Tejribesizligiň oýny bolmagy-da mümkin. Menem,
meniň bilen bu ýere gelen oglanlaram entek gulluga ýaňyrak
başlapdylar.
Ak öý bolup depämde gerlen paraşýudyň aşagynda hallan
atyp, aşak inip gelýärdim. Howada ýeliň ugruna akyp ýören
çüýrüntgi ýapraklar bilen goşulyşan batganyň, sosnadyr
ýolka agaçlarynyň süňňünden göterilen ýakymly ys bardy.
Her gezek şeýdip, uçardan towsup, howanyň gujagyna
dolanymdaky bolşy ýaly men häzirem köýpihondym. Ähli
ýerde ürç edip, aýratyn bir guwanç bilen aýdýan desantçy
esgerler hakyndaky aýdymjygymyza hiňlenýärdim.
Güýçli goşun ýokdur ýeriň ýüzünde
Biziň uçup bilýän goşunmyz ýaly...
Belli bir aralygy uçup geçenimden soň, men endik
boýunça şemalyň ugruny anyklap, ýere düşmegiň aladasy
bilen boldum. Ilki göni aşakda, gijäniň çal perdesiniň
aňyrsynda at gaýtarym meýdanyň agaryp oturanyny
gördüm. Men ony öz ýanymdan bu ülkede häli-şindi gabat
gelýän, owsunyp oturan kölleriň biridir diýip, özümçe
takykladym. Ak meýdanyň gutaran ýerinden bolsa, gijelikde
350
uzakdan salgym atýan, gala diwaryny ýatladyp oturan gara
meýdan görünýärdi. Men bu meýdany öz ýanymdan gury
ýer hasaplap, güýzüň çigrek günlerinde suwa düşenden, ol
ýere düşmegiň has amatly boljakdygyny pikir edip, ak
meýdanyň üstünden uçup geçmeli diýen karara geldim,
paraşýutymyň tanaplaryny taýly gezegine çekişdirip, özümi
şemalyň ugruna salyp, öňde garalyp görünýän ýere ýetmäge
çalyşdym. Ýöne ýalňyşan ekenim. Onda-da, gör, nähili
ýalňyşlyk! Gelip göni naýza bolşup, asmana gezelişip duran
agaçlaryň üstünden indim. Gara meýdanyň tokaýdygyny
golaý gelenimden soň duýdumam welin, ýöne indi giçdi...
Aýaklarymy ýygryp, iki elim bilen kellämi goraglap,
ýüz-gözlerimi tutanymy bilýärin. Budumyň bir bölek etini
it dişläp, goparyp alana döndi. Ähli janym kelläme dolup, ol
ýerdenem paýrap, gözümden dökülen ýaly boldy. Görüp
otursam, bir agaç şahasy meniň sag buduma ykjam çümen
ekeni. Suwdur öýden ak meýdanym bolsa küpürsäp ýatan
çägelik bolsa näme! Şol ýere düşäýen bolsam, tüýs jüpüne
düşäýjegem ekeni.
Men çarkandakly ýol bilen golaýdaky gospitallaryň birine
howlukmaç barýan polkumyzyň harby «Tiz kömek»
maşynynyň üstünde özüme geldim.
Itil atly şol başgyrt ýigidi bilen bolsa men gospitala
getirilip, operasiýa edilen günümiň ertesi tanyşdym. Hut
şol operasiýa edilen günüm näme-nämäniň bolany meniň
hakydamda ýok. Diňe ak halatly doktorlaryň gözümiň
öňünde gaýda-gaýmalaşyk bolşup ýörüşleri ýadymda. Olaram
çal ümrüň içindediler. Itil bu ýere üç-dört aýlykda, uçardan
böken mahaly aýagyna şikes ýetirdip düşen ekeni. Ondan
başga-da biziň hassalar otagymyzda ýene iki oglan bardy.
Olaram biz ýaly desantçy goşunda gulluk edýan oglanlar.
Çep tarapymdaky goňşym Grankin, soraşyp-ideşenimizden
soň o-da meniň polkdaşym bolup çykdy. Gerek bolanda ony-muny
alyp berip, köplenç maňa kömek edýän-de şu ikisidi.
351
Dördünjimiz uzyn boýly, gözi äýnekli okumyş ýigitdi. Ol
uzakly gün diýen ýaly hiç kim bilen gepleşmän, ýarym
ýalaňaç aýaklaryny krowadyndan sallap, eline ilen kitaplary
bir ýanyndan ýapyrylyp okaşdyrýardy.
Bu ýerdäki harby keselhana düşenleriň bir endigi bar
ekeni. Giçlik ýöräp, öz süýegini süýräp bilýänleriniň
hemmesi gidip zalda goýlan telewizoryň töweregine üýşýär.
Käte ähli ýoldaşlarym gidip, palatada meniň diňe bir özüm
galardym. Menem häli-häzire ýaraly aýagym asmandan
asylgy bolany üçin alaçsyzdym. Ýöne juda bir gyzykly kino
bolaýmasa, Itil bilen Grankin meniň palatada ýeke galanymy
ünji edişip, ol ýerde uzak eglenmän, yzlaryna gaýdyp
gelerdiler. Şeýle günlerde biz otagdaşlar bolup urardyk mele
gybaty. Käte ýatar wagtyň bolanyny hem duýman galardyk.
Has-da gyzlar hakynda, olary öz töweregimizde küýseýänimiz üçin köp gürrüň edilerdi. Bir ýola agşamara
otagdaşlar bolup otyrkak, Itiliň bir pursatda özümi synlap,
soňundanam uludan demini alyp, boýurganýanyny duýdum.
Onuň bu garaýşy meniň böwrümi diňlemegime sebäp boldy.
Bu näme boldugykan? Adam, köplenç, başga biri tarapyndan,
keseden özüniň synlanýanyny duýan mahaly böwrüni diňläp,
iňkise gitgiç bolýar. Grankiniň gyzyşyp ugran gürrüňine
göwni üçin wagtal-wagtal «hä» berýän-de bolsam, şundan
soň meniň gürrüň diňläp hezilim bolmady.
«...Bä, bu maňa näme üçin beýle syrly seretdikän?
Ýakymsyz bir gürrüň munuň gulagyna ilmedigem bolsa
ýagşy... Ýa-da lukmanlar: «Onuň şol aýagyny aýyrmaly
bolarys» diýen ýaly bir gep tapaýdylarmykan?!».
Pikirler meniň ýüregime howsala dolmagyna, ellerimiň
sowamagyna sebäp boldy. Özümi şol diýiljek gürrüňe
taýynlap, garaşsam-da, Itil maňa hiç zat diýmedi. Dogrulap,
onuň diýmekçi bolan zadyny sorap bilmäge bolsa, erbet bir
habara garaşýanlygym üçin, meniň gurbatym çatmady. Şol
günüň ertesi gijara Grankin: «Saňa-da ýer bellärin, baryber»
352
diýip, Itile baş atyp, çykyp telewizora seretmäge gideninden
soň, aýagynyň daňysyny düzedişdiren bolup, eglenen Itil
bilen otagda ikiçäk men galdym. Şonda ol maňa öz gulluk
edýän şäherçeleri hakynda, ol ýerde bir depäniň üstünde
ýerleşen doganlyk gonamçylygy hakynda, şol ýerde wepat
bolan ýigrimi iki ýaşly polk komandiri, maýor çinli türkmen
ýigidiniň gubury hakynda öz bilen zatlaryny gürrüň
berişdirdi. Onuň nygtamagyna görä, maýor ýigidiň gubur
daşyna goýlan surat bolsa, edil ekiztaýlar ýaly, maňa juda
meňzeşmişin.
Itil gutulyp, gospitaldan çykyp, öz bölümlerine
gideninden soň hem onuň bu gürrüňi meniň ýadymdan
çykmady.
Soňraklar bolsa ýatlama çümen mahalym onuň ot-ýalnyň
içi bilen ýalaňaç sapançasyny howada galgadyp, esgerlerini
çozuşa göterip barýan keşbi gözümiň öňünde janlandy. Şonda
men onuň at ýüzüni, çytylybrak, gözleriň üstüne abanyp
duran gaşlaryny, göni burnuny aýratyn bir yhlas bilen
synladym. Ony öz keşbim bilen deňeşdirip: «Dogrudanam,
ol maňa meňzeş ekeni» diýen netijä geldim. Ine, şeýlelik
bilenem ýatlamalar meni kem-kemden özüme meňzeş maýor
bilen ysnyşdyrdy. Gutulyp, harby keselhanadan çykyp
bölümimize gelenimden soň, men bu maýor hakyndaky eşiden
gürrüňlerimi ildeş oglanlaryň ýanynda hem telim gezek
ýatladym. Mendäki ýaly, ýoldaşlarymyň hem köpüsinde şu
gürrüňden soň bir mümkinçilik bolaýsa, şol ýere gidip, maýor
ýigit bilen duşuşmak höwesi döredi. Ýöne biz heniz ilkinji
ýyl gulluk edýän esgerler bolanymyz üçin, wagty bilen
komandirimizden ol ýere gitmäge rugsat almagyň ebeteýini
tapmadyk. Garaşylan mümkinçilik ilki meniň paýyma düşdi.
Has dogrusy, meniň özüme meňzeş maýora bolan yhlasym
ýerine gowuşdy.
Bir gezek bizi seržant Mihalino maşk öwrenilýän
meýdançada, gezekli-gezegine turnige towusdyryp durdy. Bu
23. Sargyt
353
oýunlar on gezek turnikde öz agramyňy çekmekden hem-de
bir aýagyňy turnigiň kese demriniň daşyndan geçirip, ýumak
bolup aýlanmakdan ybaratdy. Biziň şol gezekdäki turnikde
edýän oýunlarymyz gapdalymyzdan geçip barýan batalýon
komandirimiz maýor Oleýnigiň hem gözüne ilen ekeni. Ol
birsalym çilim çekip, bizi gapdaldan synlap durupdyr.
Baglaryň arkasynda durany üçin bolsa biz wagty bilen ony
görmändiris. Oglanlaryň turnikde görkezen oýunlary
komandiriň göwnünden turan bolmaga çemeli. Ol aňyrdan
gele-gelmäne, öz gelýänini görüp, wzwoda komanda berip,
doklad etmek üçin öňünden çykan seržantyň göwnüni göterip
gürledi. «Seržant, seniň oglanlaryň maňa sirk artistlerini
ýatlatdy...». Soňundan bolsa ol öz öňünde hatara bolup,
petekelerini ýokaryk göterişip duran esgerlerini synlap, olara
minnetdarlyk yglan etdi. Seržant Mihalino, ýefreýtor Bugaw
üçimizi hataryň öňüne çykaryp, üçimize hem nobatsyz şähere
çykmaga ygtyýar etdi. Ýöne, ine, şu ýerde garaşylmadyk
bir ýagdaý boldy-da, meniň arzuwymyň aňsatlyk bilen hasyl
bolmagyna sebäp boldy oturyberdi. Seržant Mihalino maýor
Oleýnik sözüni tamamlaryna mähetdel, rugsat sorap, onuň
özüne ýüzlendi. Rugsat alansoň bolsa ol meniň köpden bäri
komandirleriň birisine ýüzlenip aýdasym gelýän, şol wagtda
bolsa kime ýüzlenjegimi, nähili ýüzlenjegimi aýgyt edip
bilmän ýören zadymy, burnuna salybrak özüniň myňňyldyly
äheňi bilen ýekeme-ýeke aýdyşdyrdy. Sözüniň ahyrynda bolsa
ol goňşy etraba, şol maýor ýigidiň guburyna zyýarata gidip
gelmek üçin komandirden maňa iki günlük rugsat sorady.
Özüme meňzeş maýor barada beren gürrüňim kimdir biriniň
gulagynda galyp, ondan bir wagt şeýle netije bolar diýen
pikir welin meniň kelläme-de gelmändi. On-on iki günden
men Itiliň salgy beren şäherçesini, şol şäherçäniň çetinde
oturan doganlyk gonamçylygy gözläp ýola düşdüm. Münen
awtobusym meni Gün egnini iki deňlän uçurlary, çaklaň354
rajyk, öň bir wagt etrap merkezi bolan şäherçä getirip
düşürdi. Öňümden çykan ýerli adamlardan gonamçylygyň
salgysyny alyp, men ol şäherçeden çykyp gaýralygyna
on-ýigrimi minut ýörämson, ýaýbaň depäniň üstünde
ýerleşen, uzakdan bir bölejik tokaý bolup görnen ýere ýetdim.
Ine, meniň sorag salyp gelen ýat illerde mazar bolup
galan agamyň gubury. Ol söweşip, duşmanyň elinden alan
belentlikleriniň birini özüne hemişelik ýurt edinip ýatyr.
Mazar daşynyň ýüzüne «Polk komandiri, gwardiýa maýory
Bazar Hudaýberdiýew, 1922-1944 ý.» diýlip ýazylypdyr. Men
ony gonamçylygyň orta gurpünden tapdym. Ýok, ony meniň
yhlasym tapdy. Daşyň ýüzünden onuň suraty maňa seredýär,
meniň bolsa gözüm onda. Birdenem haýsydyr bir goşgy
setirleri aňymda peýda bolýar:
Ýazda bar zat dünýä inýär täzeden,
Ýene bir bahary, Ýeňişiň, ine!
Çygly garymlarda galan ýigitler
Ýyldyz bolup çykdy ýeriň ýüzüne.
Ýene birde bolsa, meniň gelenim oňa aýan bolandyr, ol
häzir: «Biziň inilerden biri bu ýere geläýen ýaly-la!» diýip,
tirsegine galandyr diýip oýlanýaryn...
Şäherçä dolanyp, bu gijäni şu ýerde galyp, dem-dynç
almak üçin, myhmanhana gözläp aýlananym biderek boldy.
Myhmanhana bir wagtlar şäherçe merkezi döwründe bolanda bolsa, iki şäherçe goşulyşanyndan soň, merkez göçüp, oda tiz ýapylypdyr.
Bu günler ýazyň soňky, tomsy alkymlap gelen günleriniň biri bolany üçin, daş-töwerek gurugançylykdy. Ot-çöpleriň
tebigatdan rugsadyny alyp, günlerini sanaşyp, şüweleňli
ösýän pursadydy. Ýazyň hut şu ýagdaýyny göz öňünde tutup,
galyberse-de, kimdir biriniň gapysyna baryp ýene birini azara
goýmazlyk üçin, men gijäni gonamçylykda, şol maýor ýigit
bilen onuň esgerleriniň töwereginde geçirmegi niýet edindim.
355
Gonamçylykda agyn pür-pudak bolşup ösüp oturan sosna
agaçlary üns çekijidi. Ýel-ýagmyr tändiren pür-pudaklar
bolsa sarymtyl-goňras düşekçe bolup, şol agaçlaryň aşagyna
düşelipdir.
Yzyma - gonamçylyga öwrülip gelen mahalym men bu
ýerde uzyn boýly, agajet, maňlaý saçlary düşen ýaşulynyň
gubur ýazgylarynyň arasynda aýlanyp ýörenini gördüm. Ol
käte eglip, gözlerini süzüp ýüzi ýazgyly tagtajyklaryň, keserdilip goýlan mazar daşlaryň ýüzündäki Güne, ýagyn-gara
solugyşan ýazgylary okaşdyrýardy.
Birsalym ony synlap duranymdan soň gojanyň bu bolşy,
meniň haýsydyr bir akyldaryň kitabyndan okan: «...Mazar
daşlaryny okamak köplenç halatda roman okandanam
gyzyklydyr» diýen jümlesini ýadyma saldy.
Meniň mazarystanlykdan çykyp gidibermäge howlukmaýanlygym, galyberse-de, Günüňem indi aşaklap, gijigip
batyp barýany gojanyň gözüne ilen bolsa gerek. Ol menden
habar almak üçin ýanyma geldi:
- Esgerim, sen näme, arkaýyn görünýäň-le?
- Howlugýan ýerim ýok.
- Gijä galyp barsaň, bölümiňde käýäýmeseler?
- Meniň bölümim bu ýerden uzakda, atam.
Bu sözüň nähili agzymdan sypanyny duýman galdym.
Soňundanam öz sep beren sözümi ýuwmarlamak üçin, bu
gün howanyň oňat bolandygyny, aram-aram ösýän ýeliňem
sowuk demirgazyk ýeli däl-de, gündogar şemalydygyny, onuň
mylaýymdygyny, gijäniň hem gowy gije boljagyny aýdyşdyrdym.
Barybir, goja meniň ýönelige bu ýerde däldigimi aňdy.
Mazarystana näme üçin gelenligimi oňa gürrüň beräýmekden
başga alaç galmady. Men öz gürrüňimiň gürrüňdeşime täsir
edendigini, onuň gürrüň aralygynda hasasyz eli bilen ýüzüni
sypalan ýaly edip myjaşdyryp-myjaşdyryp goýberişinden
aňdym.
356
- Belki, meniň bilen gidersiň, esgerim?
- Sizi azara goýasym gelenok, atam...
- Gideli, saňa-da gijäni geçiräýmäge bir ýer tapylar.
Meniň öýüm bu ýerden şeýle bir uzakda däl. Käliň boýy bilen
birsellem ýöredigimiz bardygymyz.
Kimdir birine alada bolmagy kyn görýän-de bolsam, ýöne
başga-da bir barara ýerimiň ýoklugyny hem ýatlap, men
gojanyň çakylygyny kabul etdim. Biz gonamçylykdan çykyp,
arka tarapdan görünýän şäherçä tarap tirkeşip gitdik. Şam
garaňkysy düşüp ugranlygy üçin şäherçäniň at gaýtarym
günbatar-demirgazygyndaky tokaýlyk indi äpet bir bölek
bulut ummany bolup görünýärdi.
Öýüne gelenimizden soň goja meni ilki gapyny açan
otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky çepiksije, kelte boýly gyz bilen
tanyşdyrdy, soňundan bolsa men babasynyň sesini eşidip,
oýnap oturan maşyny bilen goňşy otagdan ylgap çykan, taýpy
burunlyja, sary saçly oglanjyk bilen tanyşdym. Ol öýlerinde
esger görenine juda begendi, menden desantçy beretkamy
geýip görmegi haýyş etdi. Soňundan bolsa ol goňşy otaga
gidip, birtopar nyşany döşüne dakyp geldi-de, esgerlerçe
tarp-tarp ýöräp, aýnanyň öňüne bardy, elini beretkanyň
etegine ýetirip, öz-özüne ças berip, aýnada özüni gördi. Biraz
peltegräk çaga dili bilen jedirdedi.
Nahar wagtynyň öňüsyrasy eli ol-bi salnan torly, gojanyň
özüne çalym berip duran süňkbaşy iri ýüpek saçlary egnine
dökülen kiçi gyzy gelip girdi. Biz bäş bolup stol başyna
geçdik. Öýdäki goşlaryň biraz bitertipliginden, öýüň hak
eýesi-enäniň ýoklugy duýulsa-da, gelinleriň ýönekeýligi,
şähdaçyklygy köp zatlary ýuwmarlaýardy.
Men nahar başynda özümiň bu ýere gelmegimiň sebäbini
aýallaryň soraglaryna jogap hökmünde ýene-de bir gezek
ýatlamaly boldum. Öý eýesi goja bolsa üzlem-saplamrak
gepläp, uruşda öz başyndan geçen wakalaryň käbir ýadyna
düşenlerini ýatlaşdyrdy.
357
Gyzlarynyň özüni parhsyz diňleýändikleri üçinmi ýada bu wakalary öň hem bu öýde özüniň az ýatlamandygy
ýadyna düşýändigi üçinmi, goja gürrüňlerine juda bir içgin
girişip bilmedi. Şonuň üçinem onuň ýatlamalary ýalan
gürrüň ýaly, tagaşyksyz hem ýasama bolup eşidildi. Şeýlede bolsa, gojanyň wagtal-wagtal süňňi bilen sarsyp dowamly
üsgürmesine seretmezden, biz stol başynda şüweleňli
oturdyk.
Ýatar wagty bolanda, gojanyň gyzlary maňa kiçiräk bir
otagda düşek ýazyp berdiler.
Uky erkimi alýança men özümiň bu ýere düşüşimi, yzyma
baryp ýoldaşlaryma özüme meňzeş maýory nähili tapyşymy
gürrüň berjegim hakynda, goja duşup, bu öýe gelşimi, onuň
hoşgylaw gyzlary bilen birhili sowuklyk duýulýan öýünde,
bu sowuklygy hasaba alman, olar bilen birek-birege düşünişip
oturyşymyzy aňymda aýlap, oýlanyp ýatdym.
Gijäniň bir mahaly bihaýalyk bilen kakylýan gapynyň
düňküldisi meni aýak üstüne galdyrdy. Çykyp gapyny açmak
pikiri bilen ädigimi gözleýän mahalym gelinleriň biriniň aýak
sesi düňküldäp, gapa tarap howlukmaç geçdi.
- Näme wagty bilen açaňzok? Hemmäňiz birden ölen-ä
dälsiňiz?
Gapy açylaryna mähetdel kimdir biriniň nadaralygy, gep
saluwyndan duýlup duran bihaýa sesi içerik girdi.
- Ýuwaş bolsana, Aleks...
Ýalbaryş äheňli bu ses gojanyň uly gyzy, çepiksije gelniň
sesidi.
- Entek sagat iki hem bolanok, heleý gije heleýligini
etmän ýatmalymydyr eýsem?
- Alik, ýuwaşrak bolsana, başyňa döneýin? Bizde
myhmanam bar ahyryn. - Ýene-de gojanyň uly gyzynyň
ýaýaplaýjy ýalbarýan sesi eşidildi.
- Myhman? - Ol garaşmadyk sözüni eşidip, düwnügen
bolsa gerek, ara birsalym ümsümlik düşdi.
358
- Ol nähili myhmanmyşyn? - Onuň ýene-de öňki
hörpünde agzyny-burnuny towlap ugrany belli boldy.
- Biziň şäherimize daýysynyň guburyny görmäge gelen
bir esger.
Ol ýerde gerek bolaýmaýyn diýen pikir bilen men gapyny
açyp, alynky harasat gopýan otaga çykdym. Jaýda bedre
kelle, aýy sypat bir adam gojanyň gyzyny bihaýalyk bilen
gujaklap, kellesini kükregine ýaplap, onuň bedenini sypaňsermeň edip ugran ekeni.
Ol meni görüp, çepiksi maşgalany bir gapdala eliniň tersi
bilen gujagyndan sowdy.
- Sen nähili bolup bu öýe düşüp ýörsüň, Watan
goragçysy? - Onuň gep saluwyndan aňylan ýaňsy meniň
mertebe duýgymy oýardy.
- Seniň ne işiň!
Biz birek-biregiň garşysynda, nazarymyzy çaknyşdyryp,
birden salşyp gidiberjek itdir möjege meňzeşip hyňranyşyp
durduk.
Galmagaly eşidip, içki geýimde öz otagyndan çykan goja
biziň bolup durşumyzy görüp, «Urşup ugraýmasynlar» diýen
alada bilen howpurganyp, ýagdaýy düşündirmäge durdy.
- Ony öýe men çagyrdym, Algis, ol meniň ýanyma gelen
adam - diýip ýaýaplady.
Öý eýeleriniň gep saluwlaryndan maňa bu aýy sypat
adamyň, bu öýde az bolmaýandygy, onda gojanyň uly gyzyna
dahylynyň bardygy mälim boldy.
Biz birsalym ses-üýnsüz bir-birege çiňerilişip seredişenimizden soň, ol özüniň gödensiz etlek elini maňa uzadyp, el
gysyşdy.
- Arak içeris. - Şol bada-da ol yzyna öwrüldi-de, gapa
ýöneldi.
Gapynyň öňünde, yşygyň az düşýän ýerinde ýene-de bir
nätanşyň duranyny men diňe häzir gördüm. Algis ellerini
uzadanyna mähetdel ol yzda duran jübülerinden sogrup,
359
onuň her aýasyna bir çüýşe aragy tutdurdy. Gijäniň bir
wagtynda gelen iki myhmanyň islegine görä öýdäki uly
adamlaryň hemmesi ýene-de stol başyna geçdiler. Iýlip-içilip
ýaňyrak ýygnalan duzly kelem, gaýnadylan kartoşka ýanalyp
iýlen duza ýatyrylan şor balygyň galany, sarymsak ysly
ykyrdap, ýag bolup duran doňuz salosy, almadyr çörek bilen
ýene-de stoluň üstüne geldi. Bulgurlara guýlan araklar
yzly-yzyna iki gezek başa çekilenden soň, täze gelen
myhmanlar humarlanyşyp zenan söýgüsini küýseşip, goja
bilen meniň hem bu ýerde oturanymy hasaba alman, içki
ýatyş köýnekli, eginlerine žaketlerini alşyp gelen, ukudan
açylyşyp, stol başynda gözlerini oýnakladyşyp oturan
gelinlere höwesli gysmyljyraşyp ugradylar. Meniň bir adam
beýle ýanymda oturan ýüzi künjüli, eňegi taýpy, ady Arkaşa
diýip tutulýan bolsa içgilerden soň özüniň nirededigini
unudyp, has-da wejera boldy. Ol ümezli gözlerini süzüp,
gojanyň, meniň bilen aralykda oturan kiçi gyzyny öz
golaýyna çekip aldy-da, onuň göwsüniň üstüne ýüzüni goýup,
ysyrganyp, ogşap ugrady. Gujagynda gaýkyjaklap oturan
gelniň indem ol bir sagrysyny sypaýardy, bir göwsüni, ýene
birde sypyrmak üçin onuň öýde geýen ýatyş balagynyň
rezininden ýapyşýardy. Şundan soň ýok ýaly bolup oturmaga
meniň kararym ýetmedi. Arkaşanyň gelniň biline aýlanan
elini çekip aldym-da, ony gapdala gaňyrdym. Ol eliniň
agyrysyna özüne gelip, entirekläp, gözlerini gaharly
ýaldyradyp, stol başyndan turmaga mejbur boldy.
- Goýber eli... Döwdüň!
- Dek otur nahar başynda!. .
Şu arada garaşylmadyk ýagdaýda syçrap diýen ýaly,
gaharly, tüýsüni üýtgedip ýerinden galan gelin ara düşüp,
Arkaşa derek gepläp, meniň al-petimden aldy:
- Size näme, meniň zenanlygymam, öýümem özümiňki...
Men öz hereketimi makulladyp, arkamy aldyrmak üçin,
garşymda eli arak guýlan bulguryny ýere goýmaga Algisden
360
çekinibräk içgi içesi gelmän sandyraklap oturan gojanyň
ýüzüne seretdim. Ol meniň nazarymyň öňünde janserek
bolup, näderini bilmän elendi. Maňa gojanyň öýünde hasaba
alynmaýandygy mälim boldy. Onuň naýynjar nazaryndan
men: «Ähli zady özüň görüp otyrsyň, oglum. Şu-da, bularyň
bar bolup bilişleri. Meniň ahwalatym indi günde-günaşa
şeýle...» diýen manyny okadym.
Erkek kişiniň ejizlänini görmek meniň üçin agyr boldy.
Şundan soň onuň bu halyna şaýat bolup, meniň bu ýerde
uzak durasym gelmedi. Yzyma öwrülip, kiçijik otagdaky
özüme tagallyk zatlary alyşdyrdym-da, hiç kimiň ýüzüne
seretmän: «Sag bol, atam!» diýip, öýden çykyp gaýtdym.
Daşarynyň arassa howasyna özümi atanymdan soň, men
erbet bir düýş görüp ýatyrkam oýanan ýaly, süňňümde
ýakymly bir ýeňillik duýdum.
Meniň töwregimde bolsa dünýä henizem gijäniň
birsydyrgyn basyrgysynyň astynda alasarmyk ukuda ýatyr.
Maňa meňzeş maýoryň ýigitlerini yzyna düşürip, ot-ýalňyň
içi bilen duşman üstüne eňip barýan gaýduwsyz keşbi salgym
bolup ýene meniň gözümiň öňünden geçdi.
Birsalym ýöränimden soň bolsa men özümiň şol
şäherçäniň çetindäki özüme meňzeş maýoryň, onuň
dünýäden bihabar ukuda ýatan esgerleriniň ýanyna gonamçylyga barýanymy bildim.
361
ALABAÝ
Çopan Alabaýy özüniň üç-dört itiniň bardygyna
seretmän, şindi alaka çagasy ýaly kiçijik wagty, goňşy
çopanlaryň birinden, telim gün gatnap edilen dilegden soň
bir öweç bilen çalşyp aldy. Onuň enesi özüniň batyrlygy bilen
bu etrabyň çopanlaryna ýakasyny tanadan itdi. Çopanlar
hemişe şol itiň gürrüňini ederdiler. Çopany aradan çykyp,
eýesiz galan sürini onuň birnäçe gün gurda-guşa aldyrman
bakyp gezendigini, adam ýaly düşbi itdigini ýatlatdylar.
Ýaňyrak çopançylyga başlan çoluk sürä möjek daran
mahaly, garaňkyda ýalňyşyp ol iti tüpeňläp öldürensoň, onuň
iň soňky dogran üç sany güjüginiň hyrydary has köp bolupdy.
Alabaý hem şol güjükleriň biridi.
Çep bykynynda şapbat ýaly ak ýer iň del ýama meňzäp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.