Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08

Total number of words is 3821
Total number of unique words is 2125
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.7 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Men öýümizi ýaňlandyran soragymyň jogabyna hem
garaşman, dazlap gapydan çykdym.
Uly gelnejemiň yzymdan bir zat diýip gygyranyny
eşitsem-de, onuň näme diýenini seljermedim.
Obadan çykyp ýene biraz ylgamsoň, hol öňden öz
maýdalyna tykyrdap barýan eşegarabany gördüm.
Aý süýt ýaly aýdyň bolansoň, şol arabanyň gelnejemi
alyp barýan arabadygyny seljermek kyn bolmady.
121
- Gelneje, gelneje!..
Men ylgap barşyma, iki gezek zowladyp gygyramsoň,
garaňky tolkunyp giden ýaly boldy, tykyrdy galyp, araba
saklandy. Men olaryň yzyndan ýetip, özümiň näme-nameler
edýänimi hem unudyp, arabanyň yzynda bir gysym bolup
oturan gelnejemiň köwşüne kellämi goýup, ýalbaryp
agladym.
- Gelneje, gitmesene, gelneje... Ynha Döwlet kakamam
geler, Aýlyň daýysam öldi diýlensoň gel-dä, gelneje...
Gelnejem gepläp bilmän, ýüzüni gapdalyndaky düwünçege goýup, içigip-içigip, silkinip aglady.
Arabany sürüp barýan gürzelek sakgally adam arabadan
düşüp geldi-de, köpi görenligini edip, meni köşeşdirmek üçin
göwünlik berdi. Ol maňa tanyş adam. Uruşdan öň häli-şindi
bizinkä gelip, kakam bilen çaýlaşyp giderdi. Men tudumyzyň
aşagyndaky sypada onuň kakam bilen ondan-mundan edýän
gyzykly gürrüňlerini köp eşidipdim. Ojagyň başyndan olaryň
öňüne çaý-nahar daşapdym...
...Ejem bilen gelnejemi gerekläp olaryň öýlerine
sözaýdyjylyga barşymyz, gelnejemi arabaly şatlyk-şowhun
bilen öýümize alyp gelşimiz, bagşynyň aýdym aýdyp toýy
dabaralandyryşy... hemmesi ýadymda.
- Goý, oglum, aglama, agaň geler enşalla, oglum... Ana,
şonda sen bize söýünjilemäge gel, şonda sen gelnejeňi özüň
bilen al-da gaýdyber. Ýa-da arabalyja özüm getirip giderin.
Söýünaly bilen Gaplaň obaň arasy daş ýermi näme?!
Ýene ol maňa: «Sen, oglum, erkek kişi ahyrym, mert
bol!..» diýip, bir zatlar diýişdirdi welin, ýöne meniň birnäçe
minutlap depme ker bolan gulaklarym onuň sonky sözlerini
eşitmedi.
Näderimi bilmän, özümden barha daşlaşyp barýan
arabanyň yzyndan seredip, aglap galdym. Soňundanam bir
tarapa, aýagymyň öz giden tarapyna ylgap gitdim. Tutuksy
dymşyp oturan baýyrlar, süňňüne çakyr tomsy siňdiren
122
meýdan, häzir bularyň hiç birisi meniň ünsümi özüne çekip
bilmedi. Men ýüzin düşüp ýatyşyma, içigip-içigip agladym.
Gelnejemi alyp takyrdap barýan araba, indi meniň
gözümiň içi bilen öz maýdalyna gidip barýar.
Aglap ýüregimi gowzatdym. Şundan soň birhili göwnüm
giňän ýaly boldy.
Men häzir bu barada pikirlenip, aýaklarymyň özümi bu
ýere getirenine begendim. Öýe baraýan bolsam, ýüregime
bu ýitgini sygdyryp bilmän, bozulyp aglardym. Gelnejemiň,
jigilerimiň hem aglaşmaklaryna sebäp bolardym.
Şeýle-de maňa aglamak bolanok ahyryn, men bir öýüň
eýesi, türkmençilikde öý eýesiniň ejizlik etmeginiň, söweşde
serdaryň dyza çökmegi bilen deňeşdirilýänini men bilýän
ahyryn.
Öýdäkiler indi ýatyşan bolsalar gerek diýen netijä gelemsoň, baýyrlaryň etegini ýalap akýan ýaba inip, ýüz-gözümi
ýuwuşdyrdym-da, ýüzümi garaňka tutup, yzyma dolandym.
IX
Pagta ýygymynyň ahyrlarydy. Üsti münder edilip ganar
ýüklenen arabadan ýykylyp aýagymy döwdüremsoň, meniň
örim daraldy. Uzynly gün güýlünip öýde ýatmaly boldum.
Daş-töweregi indi men, köplenç, aýnadan seredip görýärdim.
Hälem meniň bagtyma uly gelnejemiň çagalary bar, indi
bar güýmenjäm şolardy. Olaryň öz dillerinde gepleýişlerini
hezil edip diňleýän. Men bolsa öz gezegimde olara bilýän
ertekilerimi aýdyp berýärin, käte-de öýkeledip, soňundanam
olaryň öýkesini ýazýaryn. Jigilerimiň öýkesini ýazmagyň
meniň ýanymda hiç bir kynçylygy ýok. Olara aýagym
gutulansoň jeňňele gidip şol ýerden şagal çagajygyny tutup
getirjegimi aýtdygym bolany. Olar şonda öýkäni ýatlaryndan
çykarýarlar-da, sorag berşip, şol tutuljak şagal çagajygy
bilen gyzyklanyp ugraýarlar.
123
Gelnejem işden gelen wagty olary synlamak has-da hezil.
Her hili soraglar soraşdyryp, olar gelnejemiň ýüregine
düşerdiler. Birisi: «Eje, senem jana bäbek alsana, menem
göterjek, Şekerlerem alypdyr» diýse, beýleki jigim: «Ýok,
men göterjek» diýip, özünden uly uýasy bilen ýok bäbegiň
üstünde basdaşlyk ederdi.
Gelnejem öý işlerini edip ýörşüne, jigilerimiň tükeniksiz
soraglaryna birki gezek «hä», «hawa» diýensoň ýa-ha
dymardy, ýa bolmasa-da «Bar, oýnasaňyzlaň, men-ä
bäbeksizem başymy çaramok» diýip, abyr-zabyr edip
gatyrganardy.
Kä gijeler uzak wagtlap meniň gözlerime uky gelmezdi.
Kakamy, agalarymy göresim gelerdi. Ýatlamada olar bir
ýerlerden gelip, meniň gözümiň öňünde üýşüşerdiler. Men
ýene-de birnäçe minutlap bagtyýar bolardym.
Maňa has agyr degýän ýatlama öz ynanmaýan zadyma
kiçi gelnejemiň ynanmagydy. Barybir, men henizlerem
Döwlet kakamyň gaýdyp gelmejegine ynanamok.
Meniň gijelerine ýatyp bilmeýänimiň ýene bir sebäbi
Mele şeýtan, Sumsar waga ikisi bolsa gerek. Hut, şu iki
ülpetdir. Olary heniz hem şol öňkim ýaly keşdim çekip
baranok. Hatda özümiň ile ryswa bolup ýakalaşan itimem
Mele şeýtan bilen Sumsar wagadan on esse gowy görýärin.
Ýöne näme üçindir, Dostmuhammet başlygy bu ikisi bilen
bir hatarda goýasym gelenok. Dostmuhammet aga birhili
düşnüksiz adam. Emma Mele şeýtan bilen Sumsar waganyň
onuň arkasyndan bolmajysyny bolup ýörmegi welin göwnüme
ýakanok. Ýöne alajym ýetenok, uruş gutaransoň, agalam
gelensoň, bu iki doňzy bir ýüpe çatyp, obaň ortasyna eltip
ýençmek arzuwym-a bar.
Şu gün Sarygyz bilen Nurbibi daýza hem meni ýolugurlaryna sorap geçdiler. - Sen jögülik edýäň, Mele şeýtany
mazalyja ýençmäge güýç toplaýaň - diýşip, degşip gülüşdiler.
Ýarym degişme bilen, obanyň owadan gyzlary hakynda azrak
124
pikir etmegimi, şu ýylyň bol çöpi, köpräk «Waharman»
iýmegi sargap gitdiler.
Ilkagşam kapas bolsa-da, ýarygijeler şemal öwsüp,
töwerege birneme salkyn arap ugrady. Gara çyranyň yşygyna
jigim Ýussujygyň balajygyny ýamap güýmenýän, hemişe
hemmämizden giç ýatyp, ir oýanýan gelnejem hem işini
boldum edip, çyrany üfläp söndürdi-de, ony hemişeki
goýulýan ýerinde, gapydan sowarak ýerde goýdy.
Salkyn düşensoň jigilerimiň yssylap oýan-buýan
togarlanmalary galdy.
Meniň daşaryk, aý aýdyň meýdana çykyp gidesim geldi.
Aýyň aşagynda oturyp kakamy, ejemi, agalarymy, Donly
agany, häzir bir ýerde duşmana zarba urýan Gyzyl Goşuny
ýatlap, tä ukym tutýança oturasym geldi. Soňky döwürde
içimi hümledip oturmak meniň häsiýetime siňipdir. Şu agzan
zatlarym barada bolsa men has köp pikir edýärdim.
Mahal-mahal duşman bilen söweşip ýören obadaşlarym
göz öňüme gelýär. Men şonda öz agalarymy hem şolaryň
arasynda görýärin. Olaryň hersi meniň gözlerimiň öňünde
birnäçe sekunt sakanaklan ýaly edýärler-de, ýene-de
köpçüligiň arasyna goşulyp, gözümden ýitýärler.
Asmana galdygyça kiçelip barýan Aýy göz öňüme getirip
ýatyşyma irkilipdirin. Gijäniň bir mahaly, «Ýazly» diýip
adym tutulan wagty men muny düýşüm hasapladym.
Ol ses ikilenç ýene-de bir gezek gaýtalandy. Ýöne bu
gezek meniň adymyň yzysüre gelnejemiň hem ady tutuldy.
Özi-de birhili gyryljyk, sandyrawuk ses. Göwnüme erbet bir
pikiriň geleni üçin ukym bada-bat gözümden uçdy.
Öz ýanymdan, hemişe bir bahana tapyp, uly gelnejemiň
gözüni-başyny aýlamak üçin geläýjek ýaly bolup ýören Mele
şeýtan bolsa gerek diýip oýlandym.
Töweregimi sermeläp, içe-daşa girip çykan mahalym
söýget edinýän tut taýagymy tapyp aldym. Şol arada hem,
125
kör ýarasyndan basylan ýaly, gelnejem «Heý, waý...» diýip,
syçrap ýerinden turdy.
Garaňky içerde nämedir bir zat şakyrdap, goh turuzdy.
Men emedekläp diýen ýaly işige ýetip, diwary daldalap ör
galdym. Taýagymy çemeledim.
Işik açylan mahaly ilki Aý aýdyň gijäniň bir bölegi ak
meýdan bolup içerik girdi. - Ýazly jan, inim!..
Gapyda hatdara bolan göwre meni gujaklady-da, bagryna
basdy.
Agamyrat kaka... - Men ony tanadym-da, birdenem
näme üçindigini bilemok, onuň däri ysly gimnastýorkasyna
gysylyp, möňňürip aglap goýberdim.
Indi maňa aglamak aýybam däl. Indi meni hiç kim
geňläbem bilmez, meniň öňümde öýümiziň eýesi, dört ýyllap
gözümden uçan agam ýyljyraklap dur.
Öň meniň oňa gaty köp zatlar barada gürrüň beresim
gelýärdi, ýöne häzirki minutda ähli zat ýadymdan çykdy
oturyberdi.
Meniň häzir ýadyma düşen zat diňe şol ýola salan
mahalym özümi düşnüksiz nazary bilen synlap, gözüme
seredip duran agam Nurly boldy. Onuň şol gezekdäki
dikanlap seretmeginiň sebäbini men indi bildim.
Ol bu pikiri maňa dil bilen aýdandan, göreçleri bilen has
täsirli edip aýdan ekeni.
Onuň gözlerini bu gezekki okaýşym öz göwnüme hem
jaý boldy. Nurlynyň gözleri maňa: «Inim, seniň ornuňda
galmak, iner ýüküni götermekdir, sen döz gelip, şol ýüki
göterip biläýseň-ä!?» diýen manyda sereden ekeni.
Şol gije agamyň gelen güni, bu ýük ýene-de meniň
gerdenimden düşdi.
Moskwa-Aşgabat, 1976-1978 ý.
126
ÇAT AÇAN MENZIL
Otuzynjy ýyl bolsa gerek. Şeýledir. Otuz bir äh-ä däldir.
Otuz bir Arnageldi aganyň Iwan Poskrebko bilen pahyr bolan
ýyly bolýar... Öz-ä güýzdi. Hawa, güýzüňem başraklarydy
öýdýän, mizan aýlanyp, çem gelen çöpe öz sapajyklaryny
ilteşdirip ýördi. Men şol ýyllar Arnageldi aganyň otrýadynyň
bir esgeridim. Bir alaşaly, bir tüpeňli, otrýadyň edýän
işlerinden başlap, umumy biş-düşüne çenli deň hilesi bolan
bir esgerdim. Biziň otrýadymyza il içinde Arnageldiniň
otrýady diýilse-de, resminama boýunça «Dobr otrýad»
adymyz bardy. Otrýad biziň Pendimiziň serhetden geçmäge
amatly ýerdigi nazara alnyp, şol ýyllardaky gaçyp-tozup
serhetden aşýanlara, ýeňsede güýç jemläp, çapyp gidýän
toparlara jogap bermek üçin ýörite döredilipdi.
... Bir ýola atymy suwa ýakmak üçin jara inen mahalym,
meni gyssagly ştaba çagyrdylar. Ine, barsam, Arnageldi aga
serhetçileriň komandirleriniň biri Iwan Poskrebko bilen
meniň gelerime garaşyp otyr. Olaryň beýle ýanynda bolsa
başyna bürenjegini çümre bürenen bir zenan maşgala
çugutdyryp otyr.
«Özüň-ä bir ýaş maşgala bolsaň gerek» diýip, men ol
gelniň atynan bürenjeginden çen tutup oýlanýaryn. Ýöne ol
bu ýerde näme üçin beýdip otyrka... Zenan bilen gyzyklanyp
ol barada pikir ýöredip ugranymam şoldy welin, Arnageldi
aga habaryny bermek bilen boldy.
- Näme üçin çagyrylanyňy bilýäňmi, Magsut? - diýdi.
Menem «Sizden bilmäge geldim» diýen manyda onuň ýüzüne
127
seredip: «Ýok, bilemok, Arnageldi aga!» diýýärin. Arnageldi
aga meseläni düşündirip ugran mahaly, men gözümiň gytagy
bilen onuň gapdalynda oturan Iwan Poskrebkonyň
ýuwdunyp, ýakasyndaky ýazan iliklerini ötürişdirýänini
görýärin. Türkmençä oňly düşünmese-de, häzir onuň
Arnageldi agany meniň bilen deň diňläp oturyşy, ähli diýilýän
sözlere düşünip, olary ýekeme-ýeke tirip oturana çalym
edýär. Arnageldi agany biraz diňlämsoň, maňa bu oturan
zenanyň kimdigi belli bolup ugrady. Geçen gezek ilerligine
- Badhyz tarapa giden toparyň serhet ýakasynda bir bölek
atly-ýaragly barýan göç bilen tutluşyp, atyşyp-çapyşyp
alandyklaryny, olardan galan bir ýaş maşgalanyň bolsa bu
ýere otrýada getirilendigini men birki günlükde daş gulakdan
eşidipdim. Häzir bu ýerde oturan zenan hem hut şol maşgala
bolmaly.
Gelin men ýok mahalym, sorag soralan wagty ol
serhetden geçip barýan adamlaryň özüniň gaýyn toparydygyny, Hywada bolsa ene-atasynyň bardygyny, bir agasynyň
bolsa şol ýerde oba şura başlygydygyny aýdyşdyran ekeni.
- Magsut, sen şu gelni äkidip, Hywa - dogan-garyndaşlaryna gowşuryp gaýtmaly bolarsyň! Komandiriň diňe şu
sözünden soň, maňa bu ýere näme üçin çagyrylandygym däl,
hatda näme sebäpden hut özümiň çagyrylandygym hem belli
boldy. Arnageldi komandir meniň telim ýyllap söwdagäriň
kerweninde gezip, Hywany, Buharany torç edenimden
habarly adamdy.
- Geliň, ýene-de bir gezek öz adamdygymyzy adamçylyk
bilen subut edeliň!
Arnageldi aga bu jümläni menden jogap sözüni eşitmek
niýeti bilen maňa tarap seredip aýdýar. Menem öz gezegimde
oňa düşünenligimi mälim edip: «Döwletli maslahat,
Arnageldi aga» diýýärin.
- Iwan bilen maslahatlaşyp, bizem hut şu karara geldik
- diýip, Arnageldi aga ýene-de bir gezek öz sözüni nygtady.
128
Iwan Poskrebko hem öz gezeginde Arnageldi agany
makullap, baş atdy.
Çölde ygym-sagym bolşup ýören, garaşmadyk ýeriňde
öňüňden çykýan duşmanlaryň bardygy hasaba alnan bolarly.
Gürleşilen mahaly bir özüm bilen gürleşilen-de bolsa,
Arnageldi aga meni bu gelniň ýany bilen ýola ýeke
goýbermedi. Otrýadyň ýene bir esgeri bolan Ahmet maýyl
ugrajak günümiz biziň ýanymyza üçünji adam bolup goşuldy.
Ahmet aga uzyn boýly, saçlary bireýýäm çalaran, elli ýaşdan
geçeňkirlän daýanykly, gepi nygtap geplemegi gowy görýän
bir adamdy. Ol häzir otrýadyň geýim-gejimini çykaryp, başa
seçelenip duran burmaly silkme telpek, aýagyna bolsa göle
hamyndan tikilen ädigi urupdyr. Egnine dyzyna düşüp duran
düýe ýüňünden dokalan çäkmen geýip, bilini hem guşak bilen
ykjam guşapdyr. Onuň häzirki bolşundan çen tutsaň, göýä
häzir ýumşa däl-de, bir ýerden bir ýere görme-görşe barýana
çalym edýärdi.
Biz bir düýeli, iki atly bolup säher-säherler Tagtabazardan çykdyk. Aramyzda ýaşuly Ahmet maýyl bolsa-da, ýol
kesmeli mendim. Ýolda bolşewigiň atlylaryna gabat gelnende, habar soralan mahaly, olara görkezmeli hat-petekler hem
meniň ýanymdady.
Gelin yzda gelýän düýäniň üstünde leňňer atyp otyr.
Onuň ýüzi häzirem şol gezekkisi ýaly bürenjek bilen örtülen.
Maňa bir onuň adynyň Aýnabatdygy belli, ony-da ugramazymyzyň öň ýanynda Arnageldi agadan sorap bilipdim.
Biziň üç tirkeşik bolup barýan kiçiräk kerwenimiz, güýz gelip
süňňüne tukatlyk aralaşan, egni hyşadyr keýigokaraly,
ýezgen ysly baýyrlaryň arasy bilen ýöräp barýar.
Günortanyň öň ýanlarynda biz gelip, güýzüne bir gulak
suw bolup akýan Guşgy derýajygynyň boýundaky peýwagtyna ösen ýylgynlygyň arasynda, öň düşlenilip, ot ýakylyp
ötülen açyk meýdanda nahar-şor edinmek niýeti bilen goş
düşürdik. Ahmet maýyl, çaý içilende onuň berjek lezzetine
9. Sargyt
129
maýyl bolup, çöpleme çöpläp, ot ýakmak bilen boldy. Ol bir
basyp, iki basyp töwerekde çöpleme çöplemekden, ýalyn
ysyny doldurman çaý gaýnatmakdan lezzet alýan adamdy.
Ahmet aganyň bu işe goşulsaň halamajagyny ýatlap, men
düýedir atlaryň aladasy bilen boluberdim. Aýnabat meniň
dyzyna urup çökeren düýämden düşensoň, uzyn ösen ýylgyn
agaçlaryň arasy bilen derýajygyň jugurdap, ownugrak
daşjagazlary togalap akýan ýerine tarap ýöräp gitdi. Men
işime güýmenip ýörşüme, çaýyň yşgyna düşen Ahmet
maýylyň beýleräginde bir ýerde burnuna salyp sanaýan
sanawajyny diňleýärdim.
Oduň gowsy jagrama,
Tagam gowsy dograma,
Keýwanyň bilen iýseň,
Bar zat tagamly, diýseň...
Düýäni, atlary örklämsoň işlerimi boldum edip, el-ýüzümi
ýuwmak üçin derýajygyň boýuna gelen mahalym, Aýnabat
şindem bu ýerde ekeni. Ol özüni çolalyga atyp, birneme
erkinlenipdir, ýüzi açyk, bürenjegi gapdaldaky egri ýylgynyň
bilinde ýatyr. Onuň birýan gapdala gözläp, bolup oturyşy
haýsydyr bir zady ýadyna saljak bolýana meňzeýär. Ýuwnan
mahaly tirsege çenli çermelen ýeňler henizem şol çermelgiligine dur.
Ine saňa tegelegrägede ýüzli, çokullary ýeňsesinde
çogum-çogum bolşup duran bir päkize gelin. Gyýarak gözleri
ýeňiljek ümür bilen geriljiräp dur. Aýnabat meni gören çagy
ýaňaklaryna dökülen zülplerini gulagynyň ýeňsesinde
saýhallap, turmak bilen boldy. Bürenjek ýene-de gelniň
täsirini özünde gizledi.
Ahmet aga ikimiz ody orta alyp, çaý içip otyrys. Aýnabat
bizden üç-dört ädim ýeňsede, öýe täzelikde düşen gelne
meňzäp, beýlesine öwrülip iýen-içen bolup otyr. Ahmet agadan gep-söz ýok, häzir onuň bar küý-köçesi okara-käsesine
gowurma atyp edinen çaýçorbasynda.
130
Üçimiz üç ýerden, herimiz bir oý-pikir bilen gümra
bolşup dymşyp otyrys. Ahmet aganyň giňiş maňlaýyny
häli-şindi birsydyrgyn der basýar. Ol mahal-mahal telpeginiň
üstünde duran uly ýaglyk bilen manlaýyny süpürişdirýär.
Onuň aralygy syrylan, hersi ortada emele gelen açyklygyň
bir tarapynda towlanyp galan murtlary häzir ol gäwüşäp
oturan wagtynda, düýrügip-süýrenip bir ýerlerden bir-birlerine
tarap süýşüp gelýän birmeňzeş, üsti tüýjümek, ýaz aýlarynda
baýyrlarda juda köp gabat gelýän meýdan gurçugyna
meňzeýär.
Ahyr beýdişip, ýas ýerine gelen ýaly dymşyp oturmak
meniň ýüregime düşüp ugrady. Kalbymda nähili-de bolsa bir
çykalga tapyp, gürrüňçilige ýol açmak meýli döredi. Şeýdilse,
Aýnabat hem gürrüňçiligi gulaklap, indi telim günden bäri
ýüzüp, daşyna çykyp bilmän ýören pikirlerinden birsalym
aýňalar diýip oýlanýaryn. Ýöne welin, bu pikiriň daşynda
näçe köwejeklesem-de, meniň belli bir gelen netijäm bolmady.
Ahyry hem çaý-suwdan boldum edip, häli gelip, gyzyp
gelenligi göz öňünde tutulyp bada suwa ýakylmadyk atlary
ýatlap, ornumdan turdum.
- Sen niräk atlandyň, inim? - Indi öňküsine görä
birneme haýal gäwüşeýän Ahmet maýyl menden habar
sorady.
- Atlar suwsuz durandyr...
- Hä, boldy. Şolary bir, inim, gowuja et-de sygyryp, bir
suwa ýak!
- Bolýar.
- Onsoňam, inim, nemedişdir-de, eýerlerinem aýraý,
sowajak bolsa, indi bir çen bolandyr. Günem biraz olary öz
elleri bilen sypalaşdyrsyn. Biziň atlaryň süňňüniň gypba
ýarysy gündür, inim!
Ilki atlary yzyma tirkäp äkidip, suwa ýakyp, ýerini
täzeläp örkenledim. Nobat düýä ýeten mahaly, ol meni
131
ýylgyna çolaşany üçin esli wagtlap öz töwereginde itinip
durmaga mejbur etdi.
Gaýdyşyn Aýnabadyň gapdalyndan ötdüm. Ol şol bir
oturan ýerinde bürenjege öwrülip, bir gysym bolup oturan
ekeni.
Ýanaşyk ýöräp gelýän atlaryň ilki birisi başyny göterip,
öňde kimdir biriniň bardygyny mälim edip boýurgandy.
Yzysüre bolsa, ikinji at onuň hereketlerini özüçe gaýtalady.
Biz atlaryň üşerilişen tarapyna sereden mahalymyz,
gözýetimdäki alaňyň üstünde iki sany adamyň özümizi
synlap duranyny gördük. Bu töwerekde Kerim hanyň
atlylarynyň gözegçilik edýäni bize bellidi. Häli-häzire çenli
ol bolşewigiň adamsy bolan bolup ýördi. Şeýle-de öz
komandirimiz Arnageldi aga bilen onuň kellegözüni iýen ýaly
çepdigini, olaryň birek-birege pisindiniň oturmaýandygyny
biz bilýärdik. Ýöne olaryň ikisi-de öz geplerine hä diýdirmegi
oňarýan, göwün çykan adamlardy.
Arnageldi aga bir ýola Kerim hanyň ogurlyk etmese güni
geçmeýän adamlary iliň malyny sürüp barýarka yzyndan
ýetip, hezerki-sugtyny1 daşyna üýşürip, olary suwasalma
ýençdiripdi. Soňundanam: «Baryň, agaňyza habar beriň!»
diýip, kowup goýberipdi. Ol tutulyp, ýenjilen ogrularyň
arasynda Kerim hanyň ýakyn garyndaşlarynyň hem birki
sanagy bar ekeni. Şol gezek han onuň mergenligine belet
bolansoň, Arnageldi aga bilen ýapy saýlaşyp atyşmaga milt
edip bilmändir. Ýöne indi köpden bäri diýeni bolup, göwni
çykyp ýören Kerim hanyň Arnageldi aganyň atyma gelerini
peýleýäninden habarlydyk.
Alaňyň üstünde ekizler ýaly bir-birlerine çalym berip
duran iki sany ak balak, ak köýnek, başlary araba tekeri
ýaly selleli, gözleri juda ala iki adam duran ekeni. Olaryň
1
Taýpa allary.
132
çep gabatda eli ýaragly durany biz ýakyn gelen mahalymyz
abşarylyp durşuna habar sorady:
- Haýsy ýerden gelýänsiňiz, haýsy ýere barýansyňyz?
- Biz Pendidendiris.
- Onda Han ýanyna barmalydyr!
- Bizem bolşewigiň adamsydyrys.
- Ony men bilmen, han biler.
- Ýör, han bilse!
Kerim hanyň atlylary bir giňişlikde düşläp, dem-dynç
alşyp oturan ekenler. Ortarada bir çadyr gurlupdyr. Kerim
hanyň özi şol çadyrda ekeni. Biziň habarymyzy almak üçin
çadyrdan çykan başy papakly, egni gaýyş keltekçeli
saryýagyz adamy men bada-bat tanadym, ol komissar
Şkilterdi. Men ony öň hem otrýadlar güýç birikdirip,
basmaçylara garşy söweşen mahallary ençeme gezek
görüpdim. Ýaňy ýolda gelýärkäm hem, onuň bu ýerde
bardygyny çak edýärdim. Hökümet yrga Kerim han düşüner,
düzeler diýen tama bilen bu belli bolşewigi oňa komissar
belläpdi. Komissar meniň özüne uzadan kagyzlarymy alyp,
meniň bilen bilelikde içerik girdi. Kerim han törde özi üçin
ýörite tikilen körpeçäniň üstünde öňünde üýşüp duran pissä
güýmenen bolup oturan ekeni.
- Salawmaleýkim.
- Näme hyzmat. Çaparmysyň?
- Ýok, ötegçi.
- Bu adamlar Hywa barýar. - Komissar kagyzlara
seredip durşuna biziň habarymyzy berdi.
- Arnageldiniň atlylarymy?
- Hawa.
- Ýeri, siziň Hywada ne körüňiz barmyş?
- Biz ýeke däl, ýanymyzda bir zenan maşgalamyz hem
bar, şony alyp barýas.
- Heleýiňmi? - Kerim han pisse çeýnemesini goýup,
başyny göterip, meniň ýüzüme seretdi.
133
- Ýok. Bäş-alty günlükdäki çaknyşykda bir gelin ele
düşdi, ana, şol. Şony dogan-garyndaşlaryna gowşurmaga
äkidip barýarys.
- Näme, siziň ilde erkek ýokmudy? - Hanyň ala gözleri
ýesersiredi. - Gelni bizde goý-da, gidiberiň. Sizde ýogam
bolsa, oňa hötde geljek ýigit Kerim handa kän!
- Biz ony size goýup gitmek üçin bu ýere getiremizok,
han aga!
- Özüňizde erkek ýok bolsa, dagy nädersiňiz? Zenan diňe
şeýle ýagdaýda «taňryýalkasyn» bilen yzyna eltilýändir...
Kerim hanyň içi güjükli sözleri meniň çetime ýagşy
degdi. Onuň ýagdaý tapsa, Arnageldi aganyň at-abraýyna
garaşilliň atjagy olaryň gatnaşyklaryndan habarly bolanym
üçin maňa mälimdi. Şonuň üçinem men aňyrdan, munuň
adamlarynyň yzyna düşüp gelýärkäm, işiň bähbidi üçin giň
bolmagy özüme sargap gelýärdim. Şeýle-de bolsa, häzir maňa
bu sözlerden soň, soňuny saýmak başartmady. Ondan gep
alyp galasym gelmedi:
- Siziň bu soragyňyzyň jogabyny Arnageldi aga ýene
bir gezek köprüde duşulanda berer, han aga...
Bir ýola Kerim han özüniň on-onki atlysy bilen
Murgabyň Ýolötendäki köprüsinde özünden öň köprä atyny
salan Arnageldini yza döndermek üçin, il içinde: «Arnageldi
Kerim handan terpendi, oňa ýol berdi» diýen gepi ýaýratmak
üçin, onuň öňünden çykypdy. Ýöne Kerim hanyň nä maksat
bilen ýoluny tutanyny Arnageldi aga hem bada-bat aňypdyr.
Ol şonda töwekgeliň işini taňry oňar edipdir-de, gylyjyny
syryp, köprini tutup duranlaryň üstüne «hä» diýip at
goýupdyr. Şol gezek Kerim hanyň ürken aty aýny wagtynda
gapdala, derýa bökäýmedik bolsa, Arnageldi aga ony
gaýgyryp goýjak däl ekeni.
Han meniň haýsy depäni çaňadýanymy aňdy, şundan soň
onuň saryýagdyr garagurum goşulyp sypalanana meňzeş
ýagjymak ýüzi has-da mojady. Maňa ol ýene-de bir söz
134
aýtsam, jöwher bolup, üstüme süýnerli göründi. Onuň
gözlerinden: «Häý, it ogly!.. Seniň-ä boljagyň-a bar welin,
arman, bolşewige boýun synyp, namart bolan wagtymda...
Ýogsam, bujagaz heleýjigiňi gözüň alnynda togalap
oýnamazmydy Kerim han» diýen ahmyrly many okadym.
Komissar Şkilter meniň bu ýerde uzak durmaly däldigimi
aňan borly, ol okaşdyran kagyzlaryny gaýtaryp yzyna berdi-de,
bizi ýola salmak bilen boldy.
***
Gördüm, taň etdim. Görsemem-ä gören ekenim welin,
ýöne bela-da galan ekenim. Şondan soň ol gelniň derdi maňa
gysyr emgek bolup ýapyşdy. Tötänlikde açylan etek ýaly ol
otursam-tursam, gözümiň öňünden gitmedi.
Ýoly menzil-menzil çaýlap-suwlap geçip barýas. Meniň
pikirim yzdan gelýän düýede. Ahmet aga bilen gürleşýän
halatlarymam, ol meniň gözümiň öňünden gitmeýär. Men
onuň bürenjegiň arkasyndan özümi ogryn synlaýanyny, şol
ýerde oturyp, oturyp-turşuma baha kesýänini çak edýärin.
Tizden men gaýa-gopuz ýok ýerinden bu gelni özümiňki
diýip aňryma geçirenimden soňky boljak zatlary hem
süýjülik bilen ýatlamagy çykardym.
... Bir ýerlerde gelip, öýümiziň beýleräginde atdan
düşýärin, öýüň eňsisi serpilipdir, ol ýerde Aýnabat ojak
başynda hamyr ýugrup otyr. Ol meniň gelip, atdan düşenimi
görüp, begençli ýylgyrýar. Onýança-da, içeriden iki sany
çaga, bir oglanjyk, bir gyzjagaz ylgaşyp çykyp, «kaka-da,
kaka» bolşup maňa tarap gaýdýarlar. Men olaryň hersini bir
gujagyma alyp, ardynjyrap Aýnabadyň oturan öýüne
girýärin.
Aýnabadyň welin biziň bilen şol bir bolşudy. Wagtyň,
heniz biziň haýrymyza eden işi ýok. Diňe meniň Aýnabatly
ýatlamalarymyň, süýjäp örüsi giňelýär. Ony gürrüňe goşma
niýeti bilen edilen synanyşyklaryň bolsa, hemmesi şowsuz
135
gutardy. Bir gezek Ahmet aga ikimiz ikiçäk otyrkak, ol:
«Saçy kesilen, geplemän alaýýar, bir gepläýsedi, onda bir
alajy tapyljak welin» diýip, Aýnabadyň bize per bererlikli
däldigini boýun aldy. Ony gürrüňe goşmaga synanyşýanlaryň
biri özüm bolsam-da, gelniň gürrüňe goşulmaýanyny bir
tarapdan unaman hem duramokdym. Göwnüme bolmasa,
Ahmet agany hem onuň ýelgini galgadyp ýörene meňzeýär.
Wagt tapsa, ol horjunyndaky mykraz-müçegini alyp murtuny
timarlamaga oturýar. Silkmesini eline alyp, häli-şindi onuň
burmalaryna mahabat berýär. Özi-de juda çaýsyraýmasa,
hemişe keýplije. At üstünde barýarkan hem nazaryny
uzaklara dikýär-de, haýsydyr bir aýdyma hiňleniberýär. Men
ol aýdym aýdýan mahaly «Häzir onuň hyýalynda öz ýanymdan anryma geçirip ýören Aýnabadym uz sallanyp ýörendir,
ol bu çal bedibagta mähirli ýylgyryp seredýändir diýip,
gabanjaňlyk bilen oýlanýardym. Ahmet maýyl: «Nädýä,
aýdym göwnüňe ýaraýarmy?» diýip, ýüzüme sereden mahaly
bolsa, göwni üçin makullap baş atýanam bolsam, Aýnabady
ilden gizläp gabanýanym üçin onuň gyz-gelinleriň töwereginde aýlanyp-öwrülýän aýdymlary maňa juda bir ýarabam
barmaýardy. Şeýle-de bolsa, syr bermezlik gerekdi.
Biz uzakly gije at üstünde şöwür çekip, jahan ýagtylyberende, Örme guýusyna ýetdik. Gije durlanyp, çöl ýaňy öz
kaddyna gelip ugrapdy. Üç-dört günlükde bu ýerde bir
çopanyň çaýlap-suwlap gideni belli bolup dur. Guýynyň
töweregindäki ürgün çägäniň üsti çörüň derdinden ýere gurt
düşene meňzeýär. Ot ýakylan ýeriň gapdalynda iki-üç bölek
ojar oduny hem çakyr süňke çalym edip ýatyr. Bagtymyza
guýynyň tanapdyr gowasy özünde ekeni, şonuň üçinem biz
bu gezek guýudan suw alnanda, öňki gezekdäki ýaly
ýanymyzda bar bolap tanaplary biri-birlerine ülňeşdirip uzaldyp, at torba sallap azara galmaly bolmadyk.
Men atlary yzyma tirkäp äkidip, örkenläp gelen
mahalym, Ahmet aga guýudan düýe bilen çekip çykaran göle
136
derisinden edilen gowanyň suwuny dökän-saçan edişdirip,
boş gaplara guýuşdyrýardy. Oňa gapdaldan kömek berýän
Aýnabat bolsa hol beýlede Ahmet aganyň sakla diýen ýerinde,
rugsada garaşyp, düýäni butnatman owsarlap durdy.
Biz suwdan geregimizi edinip, tüňçeleri oda goýýançak,
daş-töwerek kemsiz ýagtyldy. Şapak gyzaryp ýanyp, Günüň
dogar ýerindäki hereketsiz duran bulutlar harsaň-harsaň
bolşup ýatan altyn böleklerine öwrüldiler.
Nahar-şordan soň, Ahmet aga meniň bilen ikiçäk hymy-symy
gürrüňiniň bardygyny aýdyp, meni töwerekdäki alaňlaryň
biriniň üstüne alyp çykdy. Agşam bu alaňyň üstünde iki-üç
sany tilki ýakalaşyp oýnan borly, aýak yzlary çägäniň üstüni
torç edip basgylapdyr. Guýa seredeniňde, bu ýeri has beýik,
hem hol öňdäki barlygy belli bolan şoruň ortasynda şora
goşulman özbaşyna ada bolup oturan depäniň arkasy
görünýär.
Ahmet aga nas atansoň, biz birsalym kimdir biriniň
yzymyzdan ýeterine garaşýan ýaly bolşup, gelen yzymyza
seredişip, dymşyp oturdyk.
Ahmet aga nasyny tüýkürensoň: «Inim, bu ýerden
yzymyza dolanaýsak nähili bolarka?!» diýip, maňa maslahat
saldy. Belli guýulardan çen tutulanda, biz häzir Tejen
obalarynyň duşundadyk. Özi-de biz gum içindäki basmaçylar
bilen gulakdaş adamlaryň bardygyny göz öňünde tutup,
«Gezegen aýak poh basar» diýen pikir bilen gabat gelýän
obalaryň, çopan-çoluklaryň töwereginden aýlanyp geçerdik.
Göni gelnip duşulanda, nalaç hal-ahwal soraşardyk. Şonda
Ahmet aganyň dilinde Aýnabat ikimiz är-heleýe, Ahmet
aganyň özi bolsa, bizi gudasynyňka alyp barýan ýakyn bir
garyndaşa öwrülerdi.
Ahmet aganyň bu gepi meniň biraz nebsagyryjylyk
bilen: «Ýol, bu bendäniň ýüregine düşen bolsa gerek» diýip
oýlanmagyma sebäp boldy. Hemem bile bir ýerik ýola
düşülende, ýaşuly adamlaryň: «Ýol azaby, gör azaby»
137
diýişýändikleri ýadyma düşdi. Öz jahyllygyma osup, Ahmet
agany gyssap, heläklän bolaýmaýyn diýip müýnürgedim.
Ýöne bu ýerdäki gep meniň pikir edişim ýaly däl ekeni.
- Biz, Ahmet aga, Pendiden Tejene diýip däl, Hywa diýip
gaýdypdyk ahyryn. - Men gürrüňiň anygyna ýetmek üçin,
Ahmet aganyň maksady bilen gyzyklandym.
- Seň diýýäniň hak, inim, ýöne sen bir agaňy diňle! Sen
şu gysyr gyrnagyň pikirini edýänsiň. Ony pikir etme, inim!
Şu golaý obalaryň birinde meniň bir ýagşy dostum bar. Ady
Halyk. Ýigidiň gowusydyr. Myhman dagy bolup barsaň,
begenip, iki bolup bilmez, aýaly Nursoltanam süýji dilli
zenandyr. Ana, şolar bu gyrnajygy bir elinje ýere ýerleşdirer,
inim. Ondan bize gep gelmez. Arnageldä bolsa baryp, «Ol
gyrnajygyň juda ärsirän ekeni, Tejende garamatyny birine
atdy» diýeris. Şeý diýsek, ol bize näme diýip biler? Onuň
şondan Tejene gelip ýagdaýy anyklap gitmejeg-ä hak.
Geläýende hem gelne är bolan kişi ony Arnageldi bu jelegaýa
gelýänçä, Arap Reýhana Görogly begiň Gülendam ýeňnesiniň
aýdyşy ýaly: «Indi meni ornumdan gozgamaň!» diýer
derejesine ýetirer, inim».
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.